Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es20 sah. 108—118
  • Noýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Noýabr
  • Her günki aýady okalyň — 2020
  • Sözbaşylar
  • 1-nji noýabr, ýekşenbe
  • 2-nji noýabr, duşenbe
  • 3-nji noýabr, sişenbe
  • 4-nji noýabr, çarşenbe
  • 5-nji noýabr, penşenbe
  • 6-njy noýabr, anna
  • 7-nji noýabr, şenbe
  • 8-nji noýabr, ýekşenbe
  • 9-njy noýabr, duşenbe
  • 10-njy noýabr, sişenbe
  • 11-nji noýabr, çarşenbe
  • 12-nji noýabr, penşenbe
  • 13-nji noýabr, anna
  • 14-nji noýabr, şenbe
  • 15-nji noýabr, ýekşenbe
  • 16-njy noýabr, duşenbe
  • 17-nji noýabr, sişenbe
  • 18-nji noýabr, çarşenbe
  • 19-njy noýabr, penşenbe
  • 20-nji noýabr, anna
  • 21-nji noýabr, şenbe
  • 22-nji noýabr, ýekşenbe
  • 23-nji noýabr, duşenbe
  • 24-nji noýabr, sişenbe
  • 25-nji noýabr, çarşenbe
  • 26-njy noýabr, penşenbe
  • 27-nji noýabr, anna
  • 28-nji noýabr, şenbe
  • 29-njy noýabr, ýekşenbe
  • 30-njy noýabr, duşenbe
Her günki aýady okalyň — 2020
es20 sah. 108—118

Noýabr

1-nji noýabr, ýekşenbe

Şu çöregi iýen adam bolsa ebedi ýaşar (Ýah. 6:58).

Ýehowa gulluk edenimizde, nähili bereketleri alýandygymyz hakda oýlanyp göreliň. Ýehowa Adam ata bilen How enäniň ýitiren eşretli hem-de ebedi ýaşaýşyny gaýtaryp berer. Adam ata bilen How ene Ýehowa bolan söýgüsini ösdürmändigi üçin, Oňa gulluk etmegi bes etdiler. Ýehowa olara çagalaryny dünýä indirip, öz kadalary boýunça terbiýelemäge ýeterlik wagt berdi. Adam ata bilen How ene Ýehowadan ýüz öwrüp, özbaşdak ýaşaýşy saýladylar. Emma biraz wagtdan olaryň nädogry ýoly saýlandygy mese-mälim boldy. Olaryň uly ogly günäsiz doganyny öldürdi; wagtyň geçmegi bilen, adamzat maşgalasynda zalymlyk hem-de özüňi bilmeklik höküm sürüp başlady (1 Mus. 4:8; 6:11—13). Emma Ýehowa şonda-da özüne gulluk etmek isleýän Adam ata bilen How enäniň neslinden bolan adamlary halas etmegiň ugruna çykdy (Ýah. 6:38—40, 57). Siz Ýehowanyň sabyrlylygy we söýgüsi barada näçe köp öwrenseňiz, şonça-da oňa bolan söýgiňiz artar. Şonda siz Adam ata bilen How enäniň saýlan ýolundan ýöremän, gaýtam, özüňizi Ýehowa bagyş edip bilersiňiz. w19.03 sah. 2, abz. 3; sah. 4, abz. 9

2-nji noýabr, duşenbe

Ähliňiz... duýgudaş... boluň (1 Pet. 3:8).

Duýgudaş bolmak üçin maşgala agzalarymyzyň we imandaşlarymyzyň ýagdaýyna düşünjek bolmaly. Şeýle-de ýygnagymyzdaky ýaşlar, ýarawsyz ýa gartaşan we ýakynyny ýitiren dogan-uýalar bilen ýürekden gyzyklanyp bilersiňiz. Meselem, olaryň hal-ýagdaýyny soraň. Soňra olary sabyrly hem ünsli diňläň. Olaryň ýagdaýyna düşünýändigiňizi görkeziň. Eger mümkinçiligiňiz bolsa, kömegiňizi teklip ediň. Şeýle edenimizde, imandaşlarymyzy ýürekden söýýändigimizi görkezýäris (1 Ýah. 3:18). Biz başgalara kömek edenimizde, ünsli bolmaly. Näme üçin? Sebäbi adamlar berýän kömegimizi her dürli kabul edip biler. Meselem, käbirleri kynçylyklary barada açyk aýtsa, başgalar bu barada dil ýarmak islemeýär. Şol sebäpli kömegimizi teklip etsek-de, adamy utandyrjak ýa-da oňaýsyz ýagdaýa saljak soraglary bermekden gaça durmaly (1 Sel. 4:11). Hatda başgalar bize ýüregini dökäýende-de, käte olara nädip teselli berjegimizi bilmezligimiz mümkin. Ýöne biz olaryň nähili duýgulary başdan geçirýändigine gowy düşünýäris. Şol sebäpli diňlemäge taýyn, geplemäge howlukmaýan bolmaly (Mat. 7:1; Ýak. 1:19). w19.03 sah. 19, abz. 18, 19

3-nji noýabr, sişenbe

Muny eşidip, gaty gorkdum (Neh. 2:2).

Ýygnakda jogap bermäge çekinýärsiňizmi? Nehemýa bilen bolan wakany ýadymyza salalyň. Ol patyşanyň köşgünde gulluk edýärdi. Nehemýa Iýerusalimiň diwarlarynyň ýumrulyp, şäheriň harabaçylyga öwrülendigini eşidende, gaty gynandy (Neh. 1:1—4). Patyşa ondan näme üçin ýüzüniň salykdygyny soranda, onuň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň. Nehemýa şol bada Hudaýa doga edýär we soňra patyşa gynanjynyň sebäbini düşündirýär. Şonda patyşa Hudaýyň halky üçin köp zatlar edýär (Neh. 2:1—8). Indi bolsa, Ýunus pygamber barada oýlanyp görüň. Ýehowa Ýunusa Ninewäniň ýaşaýjylaryna çykaran hökümini aýtmagy tabşyrýar. Emma ol şeýle bir gorkýar welin, başga ýere gaçyp gidýär (Ýun. 1:1—3). Ýöne Ýehowanyň kömegi bilen, Ýunus Onuň tabşyrygyny berjaý edip bildi. Şeýle-de Ýunusyň aýdan sözlerine Ninewäniň ýaşaýjylary gowy seslendi (Ýun. 3:5—10). Nehemýa bilen bolan waka bize jogap bermezden öň, doga etmegiň wajypdygyny ýatladýar. Ýunus pygamber bilen bolan wakadan gorkymyz näçe güýçli bolsa-da, Ýehowanyň bize kömek etjekdigini öwrenýäris. w19.01 sah. 11, abz. 12

4-nji noýabr, çarşenbe

Meniň hatyram üçin, hoş habaryň hatyrasy üçin öýüni... taşlan adam... 100 esse köp öýleri... gelejekde bolsa ebedi ýaşaýşa gowşar (Mar. 10:29, 30).

Biz Mukaddes Kitapdaky hakykat boýunça ýaşap başlanymyzda, bu dost-ýarlarymyz we dogan-garyndaşlarymyz bilen gatnaşygymyza täsir edip biler. Näme üçin? Isa şägirtleri barada şeýle doga edipdi: «Olary sözüň arkaly mukaddes et, sebäbi seniň sözüň hakykat» (Ýah. 17:17). «Mukaddes et» diýen sözler «aýryp goý» diýmegi hem aňladýar. Biz hakykaty kabul edenimizde, dünýäden aýry bolýarys. Sebäbi indi onuň işlerine goşulmaýarys. Gymmat saýýan zatlarymyzyň üýtgändigi üçin adamlar bize başgaça garap başlaýar. Biz Mukaddes Kitabyň kadalary boýunça ýaşaýarys. Elbetde, biz aramyzda bölünişigiň bolmagyny islemeýäris. Ýöne käbir dost-ýarlarymyzyň we maşgala agzalarymyzyň bizden çetleşmegi, hatda imanymyz üçin garşy çykmagy hem mümkin. Biz muňa geň galmaýarys, sebäbi Isa: «Adamyň duşmany öý-içerisindäkileri bolar» diýip duýdurdy (Mat. 10:36). Şeýle-de ol hakykaty satyn almak üçin geçýän islendik zadymyzyň ýüz esse sylaglanjakdygyna ynandyrdy. w18.11 sah. 6, abz. 11

5-nji noýabr, penşenbe

Başga milletli ýygnaklaryň ählisi-de minnetdarlyk aýdýarlar (Rim. 16:4).

Pawlus hem imandaşlarynyň gadyryny bilýärdi we olar hakda ýagşy zatlary aýdýardy. Ol dogalarynda olar üçin Hudaýa elmydama minnetdarlyk aýdýardy. Şeýle-de olara ýazan hatlarynda minnetdarlygyny bildirýärdi. Rimlilere ýazan hatynyň 16-njy babynyň ilkinji 15 aýadynda Pawlus resul 27 sany dogan-uýanyň adyny agzaýar. Ol «janyny howp astyna salan» Priska bilen Akilanyň we köp doganlary, şol sanda Pawlusy goran Fibiýanyň adyny aýratyn agzap geçýär. Pawlus bu janaýamaz dogan-uýalary ýürekden öwýär (Rim. 16:1—15). Pawlus resul dogan-uýalaryň bikämildigini bilse-de, rimlilere ýazan hatynda olaryň gowy häsiýetlerine aýratyn üns berýär. Göz öňüne getiriň, Pawlusyň ýazan şol öwgüli sözlerini ýygnakda okap berenlerinde, şol dogan-uýalaryň begenjinden ýaňa başy asmana ýetendir! Elbetde, şondan soň olaryň Pawlus bilen dostlugy hasam berkändir. Sizem ýygnagyňyzdaky dogan-uýalara aýdýan we edýän ýagşy zatlary üçin wagtal-wagtal sagbolsun aýdýarsyňyzmy? w19.02 sah. 16, abz. 8, 9

6-njy noýabr, anna

Wepaly bolaryn! (Eýp. 27:5).

Wepaly bolmak üçin kämil bolmalymy? Elbetde, biz köp ýalňyşýarys, şonuň üçin özümize abat däl-de, bir ýeri çat açan zat ýaly garap bileris. Ýöne biz şeýle pikir etmeli däl. Sebäbi Ýehowa biziň kem taraplarymyza seretmeýär. Onuň Sözünde şeýle diýilýär: «Ýah, sen günämizi sanan bolsadyň, huzuryňda kim durup bilerdi, eý Ýehowa?» (Zeb. 130:3). Hawa, Ýehowa biziň bikämil we günälidigimizi gowy bilýär. Şonuň üçin ýalňyşanymyzda, bizi jomartlyk bilen bagyşlaýar (Zeb. 86:5). Şeýle-de ol biziň mümkinçiligimiziň çäklidigine düşünýär we güýjümizden artyk zada garaşmaýar (Zeb. 103:12—14). Ýehowanyň gullukçylarynyň wepaly galmagynyň esasy sebäbi — söýgi. Biziň gökdäki Atamyza bolan söýgimiz we wepalylygymyz doly, birkemsiz we bitewi bolmaly. Synaga düşenimizde-de, Ýehowa bolan söýgimiz güýçli bolsa, aýypsyzlygymyzy saklap bileris (1 Tar. 28:9; Mat. 22:37). Biz Ýehowanyň dogry kada-kanunlaryny bilýäris we ünsümizi gökdäki Atamyza ýaranmaga gönükdirýäris. Biz Hudaýy söýýändigimiz üçin, her bir gelýän kararymyzda Ýehowanyň islegini birinji ýerde goýýarys we wepaly bolýandygymyzy iş ýüzünde görkezýäris. w19.02 sah. 3, abz. 4, 5

7-nji noýabr, şenbe

Ýüregiňi gora (Nak. 4:23).

Her gezek dogry işleri etmegiň berýän peýdasyny görenimizde, imanymyz has-da berkeýär (Ýak. 1:2, 3). Şeýle-de özümizi gowy duýýarys. Sebäbi Ýehowanyň adyny buýsanç bilen göterýäris. Bu bolsa, oňa ýaraýan işleri etmek islegimizi has-da artdyrýar (Nak. 27:11). Her gezek synaga düşenimizde, muňa aladaçyl Atamyz Ýehowa ýarty däl-de, bütin ýüregimiz bilen gulluk edýändigimizi görkezmäge mümkinçilik hökmünde garalyň (Zeb. 119:113). Dogrudan-da, biz Ýehowany bütin ýüregimiz bilen söýýäris. Şonuň üçin onuň tabşyryklaryna gulak asyp, islegini höwes bilen ýerine ýetirýäris (1 Pat. 8:61). Elbetde, biz bikämil bolandygymyz üçin ýalňyşýarys. Eger ýykylan bolsak, Hizkiýa patyşa bilen bolan wakany ýada salalyň. Olam birnäçe gezek ýalňyşypdy. Emma ol toba etdi we Ýehowa «bütin ýüregi» bilen gulluk etmegini dowam etdi (Işa. 38:3—6; 2 Tar. 29:1, 2; 32:25, 26). Şol sebäpli, geliň, Şeýtanyň öz pikirine eýertmek üçin, ulanýan hilelerinden gaça duralyň. Ýehowadan «pespäl ýürek» bermegini diläliň we soňuna çenli wepaly galalyň (1 Pat. 3:9; Zeb. 139:23, 24). w19.01 sah. 18, 19, abz. 17, 18

8-nji noýabr, ýekşenbe

Geliň, Isa arkaly Hudaýa elmydama öwgi gurbanlaryny bereliň, ýagny onuň adyny hemmelere dilimiz bilen wagyz edeliň (Ýew. 13:15).

Ýygnakda jogap berenimizde özümize peýda getirýär (Işa. 48:17). Nädip? Birinjiden, eger biz jogap bermegi maksat edinsek, onda ýygnaga gowy taýýarlanmaga höwesimiz artar. Gowy taýýarlananymyzda bolsa, Hudaýyň Sözüne has aýdyň düşünýäris. Düşünjämiz aýdyňlaşanda hem öwrenen zatlarymyza has gowy eýerip başlaýarys. Ikinjiden, ýygnakda jogap berip, köp şatlyk tapýarys. Üçünjiden, jogap bermek üçin köp tagalla edenimizde, şol pikirler gowy ýadymyzda galyp, hatda ýygnakdan soň birnäçe wagt geçse-de, beren jogabymyzdaky pikirler ýadymyzdan çykmaz. Şeýle-de biz Ýehowany begendirýäris. Ýygnakda jogap berenimizde, Ýehowanyň bizi diňleýändigine we edýän tagallamyzy gymmat saýýandygyna ynanyp bileris (Mel. 3:16). Biz Hudaýy begendirmek üçin elimizde baryny edenimizde, ol bizi patalaýar (Mel. 3:10). Dogrudan-da, ýygnakda jogap bermäge bizde degerli sebäpler bar. w19.01 sah. 8, abz. 3; sah. 9, 10, abz. 7—9

9-njy noýabr, duşenbe

Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň (Rim. 12:9).

Ýehowa gullukçylary bilen özüni örän paýhasly alyp barýar. Ol yzy üzülmeýän kanunlary bermegiň deregine, sabyrlylyk bilen bize söýgi kanunyna eýerip ýaşamagy öwredýär. Ýehowa biziň prinsiplerine eýerip ýaşamagymyzy we erbetligi ýigrenmegimizi isleýär. Isa Dagdaky wagzynda erbet pikirleriň adamyň ýüreginde kök urýandygy barada öwredipdi (Mat. 5:27, 28). Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy hökmünde ol bize täze dünýäde dogrulyga hem-de kanunsyzlyga öz garaýşy ýaly garamagy öwretmegini dowam eder (Ýew. 1:9). Şeýle-de ol bize beden we pikir taýdan kämil bolmaga ýardam eder. Göz öňüne getiriň, indi siz günäniň ajy miwesini ýa-da onuň erbet netijesini datmaly bolmarsyňyz. Şonda siz Ýehowanyň gullukçylaryna wada berýän «şöhratly azatlygyndan» ebedi lezzet alyp ýaşarsyňyz (Rim. 8:21). Elbetde, biziň azatlygymyzyň çägi bar. Diňe Hudaýyň söýgüsinden görelde alanymyzda, biz azatlygymyzy dogry ulandygymyz bolýar (1 Ýah. 4:7, 8). w18.12 sah. 23, abz. 19, 20

10-njy noýabr, sişenbe

Aýalyna talak hatyny ýazyp bersin-de, öýünden çykaryp goýbersin (5 Mus. 24:1).

Ysraýyl halkyndan bir adam aýalynyň «erbet häsiýetini görse» onuň bilen aýrylyşyp bilýärdi. Kanunda «erbet häsiýet» diýlende, nämeleri aňladýandygy hakda hiç zat aýdylmaýar. Ähtimal, bu ýerde ujypsyzja ýalňyşlyklar däl-de, nähilidir bir nejis iş ýa-da gaty çynlakaý ýagdaýlar göz öňünde tutulýan bolmaly (5 Mus. 23:14). Gynansagam, Isanyň günlerinde ýehudylaryň köpüsi «islendik zat üçin» aýaly bilen aýrylyşýardylar (Mat. 19:3). Biz şeýle garaýyşdan seresap bolmaly. Melek pygamberiň kitabynda Hudaýyň aýrylyşmaklyga nähili garaýandygy hasam aýdyň düşündirilýär. Şol döwürler erkek adamlar ýaşrak, esasanam, başga milletden bolan gelin-gyzlara öýlenmek üçin, «ýaşlykda öýlenen aýalyna» ikilik edýärdiler. Şonuň üçin Melek pygamber Hudaýyň aýrylyşmaga nähili garaýandygy hakda şeýle ýazdy: «Sebäbi men maşgalasyny bozýany ýigrenýärin» (Mel. 2:14—16). Bu Hudaýyň ilkinji nikany döredende: «Erkek adam... aýaly bilen biriger we olar bir beden bolar» diýen sözlerine gabat gelýär (1 Mus. 2:24). Isa hem Atasynyň nika bolan garaýşyny nygtap: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýdi (Mat. 19:6). w18.12 sah. 11, abz. 7, 8

11-nji noýabr, çarşenbe

Hasyl bol, ýöne işçi az (Mat. 9:37).

Käbir dogan-uýalaryň kömek gerek ýerlere göçmäge mümkinçiligi bar. Olar Işaýa pygamberiňki ýaly garaýyşda bolmaga çalyşýarlar. Haçan-da Ýehowa: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýende, Işaýa pygamber: «Men giderin! Meni iber» diýdi (Işa. 6:8). Sizde-de şeýle isleg barmy? Guramamyza kömek gerek bolsa, muňa seslenip bilersiňizmi? Isa wagyz we şägirt taýýarlamak işini göz öňünde tutup: «Hasyl ýygnamaga işçi iberer ýaly, hasyl Eýesine ýalbaryň» diýdi (Mat. 9:38). Siz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edip bilersiňizmi? Belki, dogan-uýalardan birine şeýle ädimi ätmäge kömek edersiňiz. Köp dogan-uýalar pioner ýa-da wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmegiň Ýehowa hem-de ýakynyňa bolan söýgiňi görkezmegiň iň gowy usulydygyny aýdýarlar. Eger siz janaýamazlyk ruhuny görkezseňiz, gullukdan köp şatlyk taparsyňyz. Eýsem, siz köpräk gulluk etmek üçin ýene näme edip bilersiňiz? w18.08 sah. 27, abz. 14, 15

12-nji noýabr, penşenbe

Durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň, bar zadyňyza kaýyl boluň (Ýew. 13:5).

Dört Hoş habarda Ýehowanyň maddy zatlara nähili garaýandygy açyk aýdylýar. Hudaý öz Ogluny terbiýeläp ýetişdirmek üçin, garyp maşgaladan bolan Ýusup bilen Merýemi saýlady (3 Mus. 12:8; Luka 2:24). Isa doglanda, Merýem ony «ahyrda ýatyrdy, sebäbi myhmanhanada ýer ýokdy» (Luka 2:7). Eger Ýehowa Oglunyň has hormatlanýan ýerde dünýä inmegini islän bolsa, muny şeýle edip hem bilerdi. Emma ol Isanyň ruhy zatlary ileri tutýan maşgalada doglup, terbiýelenmeginiň aladasyny etdi. Mukaddes Kitapdaky Isanyň dogluşy bilen bagly bu waka bize Ýehowanyň maddy zatlara bolan garaýşyna düşünmäge kömek edýär. Käbir ene-atalar çagalarynyň maddy we ruhy taýdan aladasyny etmek üçin elinde baryny edýärler. Ýehowa ene-atalaryň çagalaryna ruhy zatlary öwretmek üçin edýän tagallasyny gymmat saýýar. Eýsem, siz Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenýärsiňizmi? Siziň edýän işleriňiz nämäni görkezýär? w18.11 sah. 24, abz. 7, 8

13-nji noýabr, anna

Hudaýy Ýehowa bolan halk bagtlydyr! (Zeb. 144:15).

Ýehowa hakyky bagtyň Gözbaşy; ol biziň bagtly bolmagymyzy isleýär we munuň üçin ähli gerekli zatlary berýär (5 Mus. 12:7; Nes. 3:12, 13). Ýöne şu günler bagtly bolmak kyn bolup biler. Näme üçin? Maşgala agzalaryň biriniň aradan çykmagy, ýygnak gatnaşygyndan kesilmegi, nikanyň bozulmagy ýa-da işiňi ýitirmek ýaly lapykeç edýän ýagdaýlar bagtly bolmaga päsgel berip biler. Şeýle-de maşgalada bolýan dawa-jenjel, işdeşleriň ýa-da klasdaşlaryň üstüňden gülmegi, yzarlama, tussag edilmek, saglygyň erbetleşmegi, agyr kesele uçramak ýa göwnüçökgünlige düşmek ýaly zatlar şatlygymyzy alyp biler. Muňa garamazdan, «bagtly we kuwwatly Hojaýynymyz» Isa Mesih adamlara teselli bermek hem-de olary bagtly etmek isleýär (1 Tim. 6:15; Mat. 11:28—30). Ol Dagdaky wagzynda Şeýtanyň dünýäsindäki kynçylyklara garamazdan, bagtly bolmaga kömek edýän zatlar barada agzap geçdi. w18.09 sah. 17, 18, abz. 1—3

14-nji noýabr, şenbe

Merhum üçin endamyňyzy kesmäň, gaşyňyzy syrmaň (5 Mus. 14:1).

Hakykaty satyn almak üçin Mukaddes Kitaba esaslanmadyk däp-dessurlardan we işlerden el çekmek has-da kyn bolup biler (Nak. 23:23). Käbir adamlar Mukaddes Kitaby öwrenip, şeýle işlerden derrew el çekseler-de, başgalar maşgala agzalarynyň, işdeşleriniň we ýakyn dost-ýarlarynyň göwnüni ýykmajak bolup, şol zatlary taşlap bilmeýärler. Esasan-da, aradan çykan dogan-garyndaşlarymyza hormat goýýandygyňy görkezmek üçin edilýän däp-dessurlardan el çekmek kyn bolup biler Emma başgalaryň batyrgaýlyk babatda görkezýän göreldesi bize gerekli özgerişleri etmäge kömek eder. Efes şäherindäki ýaňy hakykata gelen mesihçiler Mukaddes Kitaba esaslanmadyk jadygöýlik bilen bagly işlerini goýup, hakykaty satyn almak üçin näme etdiler? Mukaddes Kitapda şeýle düşündirilýär: «(Olar) kitaplaryny üýşürip, hemmeleriň öňünde ýakdylar. Olaryň bahasyny hasaplanlarynda 50 000 kümüş pula deň boldy» (Res. 19:19, 20). Bu wepaly mesihçiler hakykaty satyn almak üçin köp zatdan geçdiler we munuň üçin köp bereket aldylar. w18.11 sah. 7, abz. 15, 16

15-nji noýabr, ýekşenbe

Şeýdip, halkyň ähli erkekleri sünnetlendi. Olar aýaga galýança, düşelgede boldular (Ýuşa 5:8).

Ysraýyllaryň Iordan derýasyndan geçenine biraz wagt bolanda, Ýuşa Ýerihonyň golaýynda eli gylyçly bir adama duşýar. Ol Hudaýyň halkyny goramak üçin iberilen «Ýehowanyň goşunynyň serkerdesidi» (Ýuşa 5:13—15). Ýehowanyň perişdesi Ýuşa Ýerihon şäherini basyp almak babatda aýdyň görkezmeleri berýär. Ilkibaşda, berlen görkezmeler harby taýdan gorag bermejek ýaly bolup görünýärdi. Meselem, Ýehowa ähli erkek adamlaryň sünnetlenmelidigini tabşyrýar. Şonda olar birnäçe günläp söweşe gidip bilmezdiler. Eýsem, häzir söweşe ýaramly erkekleri sünnetlemegiň wagtydymy? (1 Mus. 34:24, 25; Ýuşa 5:2). Ysraýyl esgerleri muny bilende, juda geň galan bolmaly. Eger duşmanyň goşuny üstlerine çozsa, olar maşgalasyny nädip gorap biler? Ýöne ýagdaý birden üýtgeýär. Şol wagt olar «ysraýyllardan gorkup, Ýerihonyň derwezelerini berk gulplapdy» diýen habary eşidýärler (Ýuşa 6:1). Bu täzelik ysraýyllary Hudaýa has-da bil baglamaga we görkezmesine eýermäge höweslendirýär. w18.10 sah. 23, abz. 5—7

16-njy noýabr, duşenbe

Edýäniňiz näme? Bizem siziň ýaly adam ahyryn (Res. 14:15).

Biz Pawlusyň pesgöwünliliginden nädip görelde alyp bileris? Birinjiden, biz şöhratparazlygyň duzagyna düşmekden ýa-da adamlardan öwgä garaşmakdan ägä bolmaly. Sebäbi biz edýän zatlarymyzy Ýehowanyň berýän güýji arkaly başarýarys. Ikinjiden, her birimiz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Men wagyz edýän adamlaryma nähili garaýaryn? Men hemme adamlary deň görýärinmi ýa-da olaryň käbirini ala tutýarynmy?» Bütin dünýäde Ýehowanyň Şaýatlary hoş habara seslenjek adamlary tapmak üçin elinde baryny edýärler. Bu öwgä mynasyp! Emma käte olar ýerli halkyň dilini we medeniýetini öwrenmeli bolýarlar. Ýöne Ýehowanyň hiç bir Şaýady özüni başgalardan ýokary tutmaýar, gaýtam, Patyşalyk habaryny adamlaryň ýüregine ýetirmek üçin olaryň her biriniň ýagdaýyna düşünmäge jan edýär. w18.09 sah. 5, abz. 9, 11

17-nji noýabr, sişenbe

Ýahuda atly jelileli peýda boldy, ony hem goldan adamlar boldy (Res. 5:37).

Rimliler Ýahudany jezalandyrýarlar. Käbir ýehudylar we zalym adamlar öz maksatlaryna ýetmek üçin, adamlara zalymlyk bilen daraşypdyrlar. Emma olardan tapawutlylykda, sada adamlar Mesihiň gelmegine ýürekden garaşýardy. Olar Mesih gelende, ýehudylara şöhrat getirjekdigine we Rimiň süteminden azat etjekdigine umyt edýärdi (Luka 2:38; 3:15). Köp adamlar Mesihiň Ysraýyl üçin Patyşalygyny ýer ýüzünde dikeltjekdigine ynanýardy. Şonda dünýäniň dürli künjegine ýaýran ýehudylar öz watanyna dolanyp bilerdi. Ýadymyzda bolsa, bir gezek suwa çümdürýän Ýahýa hem Isadan: «Gelmeli Mesih senmi ýa başga birine garaşmalymy?» diýip soraýar (Mat. 11:2, 3). Belki-de, Ýahýa ýehudylaryň islegini berjaý etmek üçin başga biri gelmelimikä diýip pikir edendir. Isa direlensoň, Emmawusa barýan ýolda iki şägirdine görünýär. Olaryň hem Mesih barada eden tamasy çykmandy (Luka 24:21). Şondan biraz wagt geçensoň, resullar Isadan: «Mugallym, Ysraýylda patyşalygy häzir dikeltjekmi?» diýip soraýarlar (Res. 1:6). w18.06 sah. 4, abz. 3, 4

18-nji noýabr, çarşenbe

Sada adam her söze ynanýar (Nak. 14:15).

Biz, esasan-da, Ýehowanyň halky barada aýdylýan zatlara ünsli bolmaly. Geliň, Şeýtanyň Hudaýyň wepaly gullukçylaryny hemişe aýyplaýandygyny hiç haçan unutmalyň (Ylh. 12:10). Isa-da duşmanlaryň bize garşy «her hili ýalan we erbet sözleri aýtjakdygyny» duýdurdy (Mat. 5:11). Eger biz bu duýduryşa çynlakaý garasak, onda Ýehowanyň gullukçylary barada erbet zatlary eşidenimizde geň galmarys. Siz dost-ýarlaryňyz we tanyş-bilişleriňiz bilen internet ýa-da SMS arkaly habarlaşmagy halaýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, siziň täzeliklerde ýa-da kimdir birinden eşiden gyzykly zatlaryňyzy olar bilen paýlaşasyňyz gelmegi mümkin. Emma başgalar bilen şeýle maglumatlary paýlaşmazdan öň, özüňize şu soraglary beriň: «Bu maglumatyň dogrudygyna doly ynamym barmy? Onuň dogrudygyny tassyklaýan subutnamalar barmy?» Eger muňa doly ynamyňyz bolman, olary paýlaşsaňyz, imandaşlaryňyza tötänden ýalan maglumatlary ýaýratdygyňyz bolar. Şol sebäpli ony başgalara ugratman, gaýtam, öçürip aýyrsaňyz gowy bolar. w18.08 sah. 3, abz. 3; sah. 4, abz. 6, 7

19-njy noýabr, penşenbe

Beriň, şonda size-de bererler (Luka 6:38).

Ýehowa ýaly Isa-da biziň jomartlyk bilen berip, bagtly bolmagymyzy isleýär. Biziň jomartlygymyz köp adamlara gowy täsir edýär. Elbetde, hemme adamlar biziň jomartlygymyza gowy seslenmezligi mümkin. Emma siziň jomartlygyňyz olary hem jomart bolmaga höweslendirip biler. Şonuň üçin adamlar edýän zatlaryňyzyň gadyryny bilse-de, bilmese-de, jomart bolmagyňyzy dowam ediň. Siz ýekeje gezek görkezen jomartlygyňyzyň nähili gowy netije berjekdigini asla göz öňüne-de getirip bilmersiňiz! Hakykatdan jomart adam yzyna almak maksady bilen bermeýär. Isa bu babatda şeýle diýdi: «Toý-meýlis gurnanyňda, garyplary, maýyplary, agsaklary we körleri çagyr. Şonda özüňi bagtly duýarsyň, sebäbi olar saňa gaýtaryp bilmezler» (Luka 14:13, 14). Şeýle-de Mukaddes Kitapda: «Jomart adamyň berekedi artýar» diýilýär. Başga bir aýatda bolsa: «Ejizleri goldaýan adam bagtlydyr» diýilýär (Nak. 22:9; Zeb. 41:1). Dogrudan-da, biz jomart bolmaly. Sebäbi başgalara kömek edip, biz özümizi hakykatdan bagtly duýýarys. w18.08 sah. 21, 22, abz. 15, 16

20-nji noýabr, anna

Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla, düşünjäňe daýanma. Her ädimiňde Hudaýdan maslahat sora, Şonda ähli işleriňde üstünlik gazanarsyň (Nak. 3:5, 6).

Şu günler görýän we eşidýän zatlarymyzyň köpüsi oýlap tapylan ýa ýoýlandygy, olaryň diňe belli bir bölegi hakykat bolandygy hem-de bikämilligimiz sebäpli, bize dogry netijä gelmek kyn bolýar. Munuň hötdesinden gelmäge bize näme kömek eder? Biz Mukaddes Kitapdaky prinsipleri öwrenip, olary durmuşymyzda ulanmaly. Şeýle prinsipleriň biri aýdylýan zady diňläniňde, onuň dogrudygyna doly göz ýetirmeli. Ýogsam «diňlemän», ýagny anygyna ýetmän jogap bermek akmaklyk hem utanç bolar (Nak. 18:13). Mukaddes Kitapdaky başga bir prinsipde bolsa her bir söze ynanmaly däldigi aýdylýar (Nak. 14:15). Şeýle-de näçe ýyldan bäri hakykatda bolsak-da, öz düşünjämize daýanmakdan ägä bolmaly. Eger biz dogry netijä we paýhasly kararlara gelmek üçin görýän hem-de eşidýän zatlarymyzyň dogrudygyna göz ýetirsek, onda Mukaddes Kitapdaky prinsipler bizi gorar. w18.08 sah. 7, abz. 19

21-nji noýabr, şenbe

Gökdäki Atamyza gulak asmaly... dälmi näme? (Ýew. 12:9).

Suwa çümdürilip, biz hemmelere özümiziň Ýehowa degişlidigimizi we Oňa höwes bilen tabyn bolmak isleýändigimizi aýan edýäris. Isa-da suwa çümdürilende şeýle edipdi. Aslynda, ol: «Eý Hudaýym, islegiňi berjaý edip şatlanýaryn» diýen ýalydy (Zeb. 40:7, 8). Ýehowa Isanyň özüni bagyş edendigine nähili garady? Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Isa suwa çümdürilip çykan badyna gök açyldy. Görse, Hudaýyň ruhy kepderi kimin Isanyň üstüne inip gelýär. Şonda gökden: „Ine söýgüli Oglum, men ondan razy“ diýen ses eşidildi» (Mat. 3:16, 17). Isa gökdäki Atasyna degişli bolsa-da, Ýehowa Oglunyň islegini höwes bilen berjaý etmäge taýyndygyny görende, örän begendi. Şonuň ýaly bizem özümizi Ýehowa bagyş edenimizde, ol diýseň begenýär we bizi patalaýar (Zeb. 149:4). w18.07 sah. 23, abz. 4, 5

22-nji noýabr, ýekşenbe

Biz indi size şu gaýadan suw çykarmalymy? (4 Mus. 20:10).

Musa «biz» diýende, özi bilen Haruny göz öňünde tutan bolmaly. Nähili bolaýanda-da, onuň sözleri Ýehowa hormat goýmaýandygyny görkezýär. Sebäbi gudraty aslynda Ýehowa görkezýär. Munuň şeýledigini Zebur 106:32, 33-nji aýatlardaky şu sözler hem subut edýär: «Olar Meribada Allanyň gaharyny getirdiler, olar sebäpli Musa temmi berildi. Halk Musanyň gaharyny getirdi, ol hem oýlanman gepledi» (4 Mus. 27:14). Hawa, Musa pygamber Ýehowa hormat goýmady. Şol sebäpli Ýehowa Musa bilen Haruna: «Ikiňiz... beren buýrugyma gulak asmadyňyz» diýdi (4 Mus. 20:24). Dogrudan-da, bu agyr günädi! Pitne turzandyklary üçin, Ýehowa öň tutuş halkyň Wada edilen ýurda girmejekdigini aýdypdy (4 Mus. 14:26—30, 34). Şol sebäpli Musa pygambere hem goýberen ýalňyşlygy üçin Ýehowanyň jeza bermegi ýerliklidi. Musa Wada edilen ýurda girmedi. w18.07 sah. 14, abz. 9, 12; sah. 15, abz. 13

23-nji noýabr, duşenbe

Eger doganyň büdreýän bolsa, et iýmedigiň, şerap içmedigiň ýa-da başga zatlary etmedigiň gowudyr (Rim. 14:21).

Spirtli içgileri içmäge hakymyz bolsa-da, käbir dogan-uýalaryň muňa ynsaby çatmaýan bolsa, biz öz islegimizden geçmäge taýyn bolmaly. Käbir dogan-uýalar hakykata gelmänkä, spirtli içgileri çendenaşa köp içýärdiler. Emma olar indi ony asla içmezligi ýüregine düwdüler. Biziň hiç birimiz dogan-uýalaryň öňki endigine dolanyp, özlerine uly zyýan ýetirmegine sebäp bolmak islemeýäris (1 Kor. 6:9, 10). Şonuň üçin içmekden saklanýan dogana spirtli içgileri hödür etsek, oňa söýgimizi görkezdigimiz bolarmy? Elbetde, ýok. Timoteos 20 ýaşlaryndaka, ýehudylara büdreme bolmazlyk üçin we olara wagyz edip biler ýaly, kyn bolsa-da sünnetlenýär. Timoteos hem Pawlus ýaly başgalary büdretmek islemeýärdi (Res. 16:3; 1 Kor. 9:19—23). Sizem başgalara ýagşylyk etmek üçin islegleriňizden geçmäge taýynmy? w18.06 sah. 18, 19, abz. 12, 13

24-nji noýabr, sişenbe

Men milletleriň dilini üýtgedip, Olara arassa dilde geplemegi öwrederin (Sep. 3:9).

Ýehowa akýürekli adamlara hakyky seždä goşulmaga we ruhy maşgalasynyň agzasy bolmaga mümkinçilik berýär (Ýah. 6:44). Siz ilkinji sapar hakykaty bilmeýän adama duşanyňyzda, ol barada gaty az zat bilýärsiňiz. Mümkin, siz onuň adyny we daş keşbi bilen bagly käbir zatlary bilensiňiz. Emma Ýehowany tanaýan we ony söýýän adam babatda beýle diýip bolmaýar. Siz ony ilkinji sapar görseňiz-de we onuň ýaşaýan ýurdy, tire-taýpasy, medeniýeti tapawutlansa-da, ol hakda eýýäm köp zatlary bilýärsiňiz. Ol hem siz barada köp zady bilýär. Mysal üçin, siz biri-biriňizi göreniňizde, hakykatyň «arassa dilinde» gepleýändigiňize derrew göz ýetirýärsiňiz. Netijede, siz bir-biriňiziň ýöne bir adyňyzy bilmän, eýsem, ynanýan zatlaryňyzyň hem birmeňzeşdigine düşünýärsiňiz. Ol hem siz ýaly bir Hudaýa ynanýar, onuň ahlak kadalary boýunça ýaşaýar we şol bir gelejege umyt edýär. Kimdir birini ýakyndan tanamak üçin şu zatlary bilmek örän wajyp. Sebäbi olar seniň şol adama bolan ynamyňy artdyrýar we oňa bil baglamaga kömek edýär. Şeýle-de bu berk dostlukly gatnaşyga ýol açýar. w18.12 sah. 21, abz. 9, 10

25-nji noýabr, çarşenbe

Sünnetlenmeseňiz, halas bolup bilmersiňiz (Res. 15:1).

Ýolbaşçylyk maslahaty Mesihiň ýolbaşçylygynda ýehudy bolmadyk mesihçilere sünnetlenmegiň zerur däldigini aýan edýär (Res. 15:19, 20). Emma şondan ençeme ýyl geçen soň hem ýehudylaryň köpüsi çagalaryny sünnetlemegini dowam edýärdi. Mümkin, siz: «Isa ölenden soň Musanyň Kanuny ýatyrylan bolsa, onda näme üçin ol bu meseläniň uzaga çekmegine ýol berdikä?» diýýänsiňiz (Kol. 2:13, 14). Käbirlerine özgerişligi kabul etmek kyn bolýar. I asyrdaky ýehudy mesihçilere-de garaýşyny özgertmek üçin wagt gerekdi (Ýah. 16:12). Olaryň käbiri Hudaý bilen aýratyn dostlukly gatnaşygyň nyşany bolan sünnetlenmegiň indi gerek däldigini asla göz öňüne getirip bilmeýärdi (1 Mus. 17:9—12). Başgalar bolsa yzarlamadan gorkup, nalaç ýehudy imandaşlarynyň tarapyny tutan bolmaly (Gal. 6:12). Emma wagtyň geçmegi bilen, Isa Pawlus resulyň ýazan hatlarynyň üsti bilen bu babatda has aýdyň görkezme berýär (Rim. 2:28, 29; Gal. 3:23—25). w18.10 sah. 24, 25, abz. 10—12

26-njy noýabr, penşenbe

Ýehudylara halk üçin bir adamyň öleni gowudyr diýip maslahat beren hem Kaýafady (Ýah. 18:14).

Kaýafa gijäniň ýary esgerleri ýollap, Isany tussag edýär. Isa özüniň masgaralanyp öldüriljekdigini bilýärdi. Şol sebäpli resullary bilen soňky gezek agşamlyk naharyny edinen mahaly, olara ýanlaryna gylyç almagy tabşyrýar. Dogrudanam, olaryň wajyp sapak edinmekleri üçin iki gylyç ýeterlikdi (Luka 22:36—38). Biraz soňra şol gije Petrus resul Isany tutmaga gelenleriň birine gylyjyny alyp topulýar. Gijäniň içinde Isa garşy adalatsyzlyk edilýändigini görende, Petrusyň juda gahary gelen bolmaly (Ýah. 18:10). Emma Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal, sebäbi gylyç göteren gylyçdan hem öler» diýýär (Mat. 26:52, 53). Resullar mundan wajyp sapak edinmelidi. Sebäbi şondan biraz öň, Isa şägirtleriniň dünýäden däldigi barada doga edipdi (Ýah. 17:16). Dogrudan-da, diňe Hudaýyň adalaty dikeltmäge haky bar. Biz parahatlygy we agzybirligi saklaýarys. Ýehowa ýer ýüzüne syn edende, bölünişigiň bardygyny görse-de, biziň agzybirligi saklaýandygymyza örän begenýär (Sep. 3:17). w18.06 sah. 6, 7, abz. 13, 14; sah. 7, abz. 16

27-nji noýabr, anna

Aždarha aýala gaharlanyp, onuň galan nesli... bilen söweşmäge gitdi (Ylh. 12:17).

Şeýtan dürli hileleri gurmakdan başga-da, Ýehowa wepalylygymyzy gowşatmak üçin, bizi gorkuzjak bolýar. Meselem, ol wagyz işimizi gadagan etdirjek bolup, hökümetleri ulanyp biler. Ýa-da Mukaddes Kitapdaky ahlak kadalary boýunça ýaşamak islegimizi gowşatmak üçin işdeşlerimizi ýa-da klasdaşlarymyzy üstümizden gülmäge iterip biler (1 Pet. 4:4). Şeýle-de ol ýagşy niýet bilen ýygnak duşuşyklaryndan galmaga yrjak bolýan maşgala agzalarymyzy ulanyp biler (Mat. 10:36). Biz muňa nädip hötde gelip bileris? Ilki bilen, Şeýtanyň bize garşy söweşýändigine we şeýle hüjümi ulanjakdygyna düşünmeli (Ylh. 2:10). Soňra ünsümizi adam Ýehowa diňe amatly wagty gulluk edýär diýip töhmet atýan Şeýtanyň has uly aýyplamasyna gönükdirmeli. Aslynda, Şeýtan synaga düşenimizde, Hudaýdan ýüz öwreris diýjek bolýar (Eýp. 1:9—11; 2:4, 5). Şeýle-de synagda berk durup biler ýaly, Ýehowa bil baglamaly. Şuny unutmaň: Ol bizi hiç haçan terk etmez (Ýew. 13:5). w18.05 sah. 26, abz. 14

28-nji noýabr, şenbe

Haýsysynyň gögerjegini bilýän dälsiň (Nes. 11:6).

Adamlar Patyşalyk habaryna seslenmeýän ýaly bolup görünse-de, biz hakykat tohumyny ekmegimizi bes etmeli däl. Dogrudan-da, adamlaryň köpüsi diňlemese-de, olar bize syn edýär. Adamlar biziň salykatly geýnişimize, gowy edim-gylymymyza we mähirli ýylgyryşymyza üns berýärler. Mümkin, özümizi alyp barşymyz olara biz baradaky nädogry garaýşyny düzetmäge kömek eder. Pioner bolup gulluk edýän Sergo bilen Olinda şeýle diýýär: «Ýarawsyzlyk sebäpli, biz birnäçe wagtlap wagza çykyp bilmedik. Bir gezek ýolagçylar bize: „Görünmediňiz-le? Sizi gaty göresimiz geldi“ diýdiler». Dogrudan-da, Patyşalyk tohumyny ekenimizde elimizi sowatmasak, «ähli milletlere wagyz etmäge» ajaýyp mümkinçiligimiz bolar (Mat. 24:14). Iň wajyby bolsa, bu işe gatnaşyp, Ýehowany begendirýäris we köp şatlyk tapýarys. Sebäbi Ýehowa «kynçylyklara çydap hasyl berýänleri» söýýär! (Luka 8:15). w18.05 sah. 16, abz. 16—18

29-njy noýabr, ýekşenbe

Hudaýymyza... şöhrat bolsun! Hudaý ähli kynçylyklarda göwünlik berýär (2 Kor. 1:3, 4).

Adamlar günä edip, bikämil bolanyndan bäri Ýehowa Hudaý ruhlandyrmak babatda görelde görkezip gelýär. Erem bagynda pitne turan badyna, ol Adam atanyň nesillerini ruhlandyrjak habary aýdýar. Hawa, ynsan maşgalasy çykalgasyz ýagdaýda däldi. 1 Musa 3:15-däki pygamberlige çuňňur düşünmeklik adamlara «köne ýylan» diýilýän Şeýtan Iblisiň we onuň ähli zalym işleriniň ahyrsoňy ýok ediljekdigine umyt berýär (Ylh. 12:9; 1 Ýah. 3:8). Ýehowanyň gullukçysy Nuh pygamber hudaýsyz adamlaryň arasynda ýaşaýardy we şol wagt Ýehowa diňe onuň maşgala agzalary sežde edýärdi. Şol döwürde zalymlygyň we ahlaksyzlygyň möwç urýandygy üçin, Nuh pygamberiň ruhdan düşmegi mümkindi (1 Mus. 6:4, 5, 9, 11; Ýahd. 6). Ýöne Ýehowa Nuh pygambere zalym dünýäni ýok etjekdigini we maşgalasynyň halas bolmagy üçin näme etmelidigini aýdýar (1 Mus. 6:13—18). Şeýdip, Ýehowa ony ruhlandyrýar. w18.04 sah. 15, abz. 1, 2

30-njy noýabr, duşenbe

Häzir edişiňiz ýaly, mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň, birek-biregi berkidiň (1 Sel. 5:11).

Biz: «Men dile çeper däl, şonuň üçin başgalary ruhlandyryp bilmeýärin» diýip pikir etsek, nädogry bolardy. Aslynda, birini ruhlandyrmak üçin köp zat gerek däl. Munuň üçin mähirli ýylgyryp salamlaşmak hem ýeterlik bolýar. Eger adam ýylgyrman, ýöne bir başyny atyp salamlaşsa, onda ony bir zat biynjalyk edýän bolmagy ähtimal. Şol sebäpli ony ýöne diňlesegem, teselli berip bileris (Ýak. 1:19). Biz tesellä mätäç dogany ýa uýany ruhlandyryp bileris. Süleýman patyşa: «Wagtynda berlen maslahat janyňa hoş ýakýar. Hoş habar süňke kuwwat berýär» diýdi (Nak. 15:23, 30). Pawlus resul bile Patyşalyk aýdymlaryny aýtmagyň hem ruhlandyrýandygyny belläp geçdi (Res. 16:25; Kol. 3:16). Ýehowanyň gününiň «golaýlaşdygyça», biz bir-birimizi ruhlandyrmagyň has-da wajypdygyna düşünýäris (Ýew. 10:25). w18.04 sah. 23, abz. 16; sah. 24, abz. 18, 19

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş