Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es20 sah. 118—128
  • Dekabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dekabr
  • Her günki aýady okalyň — 2020
  • Sözbaşylar
  • 1-nji dekabr, sişenbe
  • 2-nji dekabr, çarşenbe
  • 3-nji dekabr, penşenbe
  • 4-nji dekabr, anna
  • 5-nji dekabr, şenbe
  • 6-njy dekabr, ýekşenbe
  • 7-nji dekabr, duşenbe
  • 8-nji dekabr, sişenbe
  • 9-njy dekabr, çarşenbe
  • 10-njy dekabr, penşenbe
  • 11-nji dekabr, anna
  • 12-nji dekabr, şenbe
  • 13-nji dekabr, ýekşenbe
  • 14-nji dekabr, duşenbe
  • 15-nji dekabr, sişenbe
  • 16-njy dekabr, çarşenbe
  • 17-nji dekabr, penşenbe
  • 18-nji dekabr, anna
  • 19-njy dekabr, şenbe
  • 20-nji dekabr, ýekşenbe
  • 21-nji dekabr, duşenbe
  • 22-nji dekabr, sişenbe
  • 23-nji dekabr, çarşenbe
  • 24-nji dekabr, penşenbe
  • 25-nji dekabr, anna
  • 26-njy dekabr, şenbe
  • 27-nji dekabr, ýekşenbe
  • 28-nji dekabr, duşenbe
  • 29-njy dekabr, sişenbe
  • 30-njy dekabr, çarşenbe
  • 31-nji dekabr, penşenbe
Her günki aýady okalyň — 2020
es20 sah. 118—128

Dekabr

1-nji dekabr, sişenbe

Isanyň... ýüregi awady (Mar. 6:34).

Isa bikämil adamlaryň duşýan kynçylyklaryna gowy düşünýär. Bu onuň ajaýyp häsiýetleriniň biri hasaplanýar. Ol ýer ýüzünde ýaşanda, «şatlanýanlar bilen şatlanyp, aglaýanlar bilen aglaýardy» (Rim. 12:15). Mysal üçin, 70 şägirdi wagyzdan soň şatlyk bilen yzyna dolanyp gelende, «Isa örän şatlandy we mukaddes ruhdan doldy» (Luka 10:17—21). Başga tarapdan bolsa, dosty Lazaryň ölümi sebäpli ýakynlarynyň hasrat çekýändigini görende, Isa «gynandy, ýüregi para-para boldy» (Ýah. 11:33). Eýsem kämil adama günäli adamlar bilen özüni şeýle mähirli we duýgudaş alyp barmaga näme kömek etdikä? Munuň esasy sebäbi, Isa adamlary ýürekden söýýärdi we «adam ogullaryny görüp, göwni has-da göterilerdi» (Nak. 8:31). Isanyň adamlara bolan söýgüsi olaryň ýagdaýyna düşünmäge kömek edýärdi. Bu barada Ýahýa resul: «Isa hemmeleriň ýüregini görýärdi» diýdi (Ýah. 2:25). w19.03 sah. 20, abz. 1, 2

2-nji dekabr, çarşenbe

Ähli zadyny alyp gör hany, ol saňa aç-açan gargamazmy? (Eýp. 1:11).

Şeýtan Eýýubyň mal-mülküni elinden aldy, jan-saglygyna zyýan ýetirdi, gullaryny öldürdi we onuň abraýyny depeledi. Mundan başga-da ol Eýýubyň 10 sany eý görýän çagasyny öldürip, maşgalasyna zyýan ýetirdi. Soňra Şeýtan Eýýuby depesinden dabanyna çenli agyr kesele sezewar etdi. Eýýubyň aýaly-da gaýgy-hasratdan ýaňa ruhdan düşüp, näme aýdyp, näme goýýandygyny bilmeýärdi; ol ýanýoldaşyna «Hudaýa garga-da, öl» diýýär. Eýýubyň özi hem ölümini diläpdi, ýöne ol şonda-da aýypsyzlygyndan el çekmek islemeýärdi. Soňra Şeýtan başga bir usuly ulanýar. Ol Eýýubyň üç dostuny ulanyp, oňa topulýar. Olar Eýýubyň ýanynda birnäçe gün bolup, teselli bermäge derek, onuň ýüregini ýaralaýan sözleri aýdýarlar we onuň özüni günäkärleýärler. Şeýle-de olar onuň başyna inen bela-beterleriň Hudaýdandygyny we onuň aýypsyz galmagynyň hiç hili peýdasynyň ýokdugyny hem-de erbet adam bolandygy üçin, onuň başyna şeýle horluklaryň inendigini aýdýarlar (Eýp. 1:13—22; 2:7—11; 15:4, 5; 22:3—6; 25:4—6). w19.02 sah. 4, abz. 7, 8

3-nji dekabr, penşenbe

Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr (Zeb. 111:10).

Belli bir derejede gorkmak bu onçakly bir zyýanlam däl. Meselem, biz Ýehowany ynjytmajak bolup gorkýarys. Bu gorky gaty peýdaly. Adam ata bilen How enede-de şeýle gorky hemişe bolan bolsa, onda olar Ýehowa garşy çykmazdylar. Gynansagam, olar bilgeşleýin Hudaýyň garşysyna çykdylar. Olar günä edensoň, gözleri açylyp, günä edendiklerine doly göz ýetirdiler. Indi olar çagalaryna ölümden hem günäden başga hiç zat miras galdyryp bilmeýärdi. Hawa, olaryň «gözleri açyldy», ýagny eden günäsi sebäpli nähili ýagdaýa düşendiklerine düşündiler we ýalaňaçlygyndan utanyp, özlerine ýapynja edindiler (1 Mus. 3:7, 21). Biz Ýehowany gynandyrmakdan gorksak-da, ölümden gorkmaly däl. Sebäbi Ýehowa bize ebedi ýaşaýşa ýol açdy. Şol sebäpli agyr günä etsek-de, ýöne ýürekden toba etsek, Ýehowa Oglunyň töleg gurbany esasynda günämizi bagyşlaýar. Ýöne munuň üçin biz Isanyň dökülen ganyna iman etmeli. Biz muny özümizi Hudaýa bagyş edip we suwa çümdürilip görkezip bileris (1 Pet. 3:21). w19.03 sah. 5, 6, abz. 12, 13

4-nji dekabr, anna

Olardan diňe Ýepunnanyň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýuşa diri galypdy (4 Mus. 26:65).

Ysraýyllaryň Ýehowa minnetdar bolmaga gaty köp sebäbi bardy. Ýehowa Müsür ýurduna on jeza berensoň, olary gulçulykdan azat etdi. Soňra Hudaý Gyzyl deňzinde müsürlileriň güýçli goşunyny derbi-dagyn edip, halkyny olaryň elinden halas etdi. Ysraýyllar minnetdarlykdan ýaňa Ýehowany şöhratlandyryp, ýeňiş aýdymyny aýtdylar. Ýöne olaryň minnetdarlygy uzaga çekmedi. Ysraýyllar täze kynçylyklara duşanda, Ýehowanyň özleri üçin eden ähli zatlaryny derrew ýatdan çykardylar. Şeýdip, olar özleriniň gadyr bilmezdiklerini görkezdiler (Zeb. 106:7). Mukaddes Kitapda: «Ysraýyl jemagaty Musa bilen Haruna igenip başlady» diýilýär. Aslynda, olar Ýehowa igendiler (2 Mus. 16:2, 8). Ýehowa halkynyň gadyr bilmez bolandygyny görende, gaty gynandy. Soňra Ýuşa bilen Kalepdan başga olaryň ählisiniň çölde heläk boljakdygyny we wada berlen ýurda girmejekdigini aýtdy (4 Mus. 14:22—24). w19.02 sah. 17, abz. 12, 13

5-nji dekabr, şenbe

Men ýumşak we pesgöwünlidirin (Mat. 11:29).

Isa ölüminiň Ýatlama agşamyny uly dabara bilen bellemedi, sebäbi ol özüne köp üns çekmek islemeýärdi. Gaýtam, ol muny ýönekeý edip geçirdi we şägirtlerine ony her ýyl bellemegi tabşyrdy (Ýah. 13:15; 1 Kor. 11:23—25). Bu ýönekeý, ýöne wajyp agşam Isanyň ulumsy adam bolmandygyny görkezýär. Gökdäki Patyşamyzyň pesgöwünlilik ýaly ajaýyp häsiýetleriniň bardygy bizi diýseň begendirýär! (Flp. 2:5—8). Biz Isanyň pesgöwünliliginden nädip görelde alyp bileris? Munuň üçin başgalaryň bähbidini özümiziňkiden ýokary tutmaly (Flp. 2:3, 4). Geliň, ýene-de Isanyň ýerdäki ömrüniň soňky gijesi näme edendigine seredeliň. Ol tizden ejir çekip öldüriljekdigini bilse-de, öz ölümi sebäpli hasrat çekjek wepaly resullarynyň ýürekden aladasyny etdi. Isa şol gije olara tälim berdi we ruhlandyryp, berkitdi (Ýah. 14:25—31). Ol özüniň däl-de, başgalaryň aladasyny edip, hasam pesgöwünlidigini görkezdi. Bu biziň üçin, gör, nähili ajaýyp görelde! w19.01 sah. 21, abz. 5, 6

6-njy dekabr, ýekşenbe

Eý Ýehowa... alkyş sözlerim ýüregiňi şatlandyrsyn (Zeb. 119:108).

Siz ýygnakda jogap bermeg-ä beýlede dursun, eliňizi galdyrmaga hem ýaýdanýarsyňyzmy? Şeýle duýgular diňe özüňizde bolýandyr öýtmäň. Aslynda, jogap berenimizde, biziň hemmämiz biraz gorkýarys. Şeýle gorkular gowulygyň alamaty. Bu siziň kiçigöwünli adamdygyňyzy we başgalary özüňizden ýokary tutýandygyňyzy görkezýär. Ýehowa pesgöwünli adamlary gowy görýär (Zeb. 138:6; Flp. 2:3). Emma ol siziň ýygnakda berýän jogaplaryňyz bilen imandaşlaryňyzy ruhlandyrmagyňyzy we Özüni şöhratlandyrmagyňyzy isleýär (1 Sel. 5:11). Ýehowa sizi juda söýýär we ýygnakda jogap berip biler ýaly, size batyrgaýlyk berer. Geliň, Mukaddes Kitapdan käbir prinsiplere seredeliň. Mukaddes Kitapda biziň ählimiziň geplänimizde, köplenç ýalňyşýandygymyz aýdylýar (Ýak. 3:2). Ýehowa-da, dogan-uýalaram bizden kämillige garaşmaýar (Zeb. 103:12—14). Olar biziň ruhy maşgalamyz we bizi juda söýýärler (Mar. 10:29, 30; Ýah. 13:35). Şeýle-de olar biziň käwagt nädogry jogap berýändigimize düşünýärler. w19.01 sah. 8, abz. 3; sah. 10, 11, abz. 10, 11

7-nji dekabr, duşenbe

Ýaşlyk günleriňde Beýik Ýaradany ýatla (Nes. 12:1).

Şu günler bu aňsat bolmasa-da, siz muny başararsyňyz. Ýehowa siziň üstünlik gazanmagyňyzy we durmuşdan lezzet alyp ýaşamagyňyzy isleýär. Hudaýyň kömegi bilen, siz diňe bir ýaşlyk döwrüňizde däl, eýsem, bütin ömrüňizde-de üstünlik gazanyp bilersiňiz. Ysraýyllaryň Hudaýyň wada beren ýurduna girmänkä, bolan wakadan näme öwrenip bilýändigimize seredeliň. Olar wada berlen ýurduň bosagasynda durdylar. Şonda Hudaý olara söweş tälimlerini has-da kämilleşdirmegi ýa-da ukyplaryny artdyrmagy tabşyrmady (5 Mus. 28:1, 2). Gaýtam, olary tabşyryklaryna gulak asmaga we Özüne bil baglamaga çagyrdy (Ýuşa 1:7—9). Adam gözi bilen seredeniňde, şeýle maslahat akylsyz ýaly bolup görünýärdi. Emma bu iň gowy maslahatdy. Sebäbi Ýehowa öz halkyna duşmanlaryň üstünden ýeňiş gazanmaga kömek etdi (Ýuşa 24:11—13). Hawa, Hudaýa gulak asmak üçin berk iman gerek. Şeýle iman hemişe üstünlik getirýär. Bu hakykat wagtyň geçmegi bilen üýtgemedi. Bu häzirem şeýle. w18.12 sah. 25, abz. 3, 4

8-nji dekabr, sişenbe

Halypam, biz nirä gideli? Seniň öwredýän zatlaryň ebedi ýaşaýşa eltýär ahyryn (Ýah. 6:68).

Şu günler käbirler Mukaddes Kitapdaky aýatlaryň täzeçe düşündirilişine büdreýärler. Başgalar bolsa imandan dänenleriň we dini ynançlarymyza garşy çykýan adamlaryň tarapyna geçýärler. Netijede, olaryň käbiri Ýehowadan we ýygnakdan «daşlaşdylar» (Ýew. 3:12—14). Petrus resul ýaly olar hem imanyny berkidip, Isanyň yzyna eýermegini dowam eden bolsalar, has gowy bolardy. Başgalar bolsa kem-kemden hakykatdan daşlaşdylar. Hatda muny olaryň özlerem duýmadylar. Kem-kemden hakykatdan daşlaşýan adamy ýuwaş-ýuwaşdan kenardan uzaklaşýan gaýyga meňzetse bolýar. Mukaddes Kitapda bu «azaşmak» bilen deňeşdirilýär (Ýew. 2:1). Bilgeşleýin hakykaty goýýan adamdan tapawutlylykda, hakykat ýolundan azaşýan adam muny bilmän etse-de, ol Ýehowa bilen dostlugyny howp astyna salýar, hatda ony ýitirip hem biler. w18.11 sah. 9, abz. 5, 6

9-njy dekabr, çarşenbe

Halkyň höwes bilen geler (Zeb. 110:3).

Mukaddes gulluga has köpräk gatnaşyp biler ýaly, tälim almaga islegiňiz barmy? Eger bar bolsa, onda «Hoş habarçylar mekdebinde» okamagy maksat edinip bilersiňiz. Bu mekdepde ruhy taýdan ösen we uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalara wagyzda has-da ökdeleşmek babatda tälim berilýär. Mekdebe çagyrylan dogan-uýalar ony tamamlanlaryndan soň, islendik ýerde gulluk etmäge taýyn bolmaly. Eýsem, siz Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin şeýle mümkinçiliklerden peýdalanarsyňyzmy? (1 Kor. 9:23). Biz Ýehowanyň gullukçylary hökmünde bir-birimize her gün jomartlyk bilen söýgimizi we mährimizi bildirmeli hem-de ýagşylyk etmeli. Eger şeýtsek, köp şatlyk taparys, aramyzda parahatlyk bolar we özümizi bagtly duýarys (Gal. 5:22, 23). Ýagdaýymyz nähili bolaýanda-da, Ýehowanyň jomartlygyndan görelde alsak we onuň bilen işleşmek hormatyny gymmat saýsak, ençeme bereketleriň eýesi bolarys (Nak. 3:9, 10). w18.08 sah. 27, abz. 16—18

10-njy dekabr, penşenbe

Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn (Mat. 19:6).

Megerem, käbir adamlar: «Ýehowanyň Şaýatlaryna aýrylyşyp, gaýtadan durmuş gurmaga degerli sebäp barmy?» diýip soraýandyr. Isa aýrylyşmak barada şeýle diýdi: «Biri aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, aýalyna garşy zyna edýändir. Eger aýal hem äri bilen aýrylyşyp, başga birine durmuşa çyksa, zyna edýändir» (Mar. 10:11, 12; Luka 16:18). Isanyň bu sözlerinden onuň nika hormat goýandygy we başgalaryň hem şeýle etmegini isländigi görünýär. Äri ýa-da aýaly biwepalyk etmedik ýanýoldaşy bilen bahana edip aýrylyşsa we başga biri bilen durmuş gursa, zyna edýär. Är-aýalyň haýsam bolsa biri aýrylyşmak kararyna gelse-de, entek olaryň nikasy bozuldy diýip bolmaz. Hudaýyň öňünde olaryň ikisi henizem «bir beden» hasaplanýar. Ýöne Isa erkek adam biwepalyk etmedik aýaly bilen aýrylyşsa, ýanýoldaşynyň zyna etmegine sebäp bolýandygyny düşündirdi. Nädip? Aýdaly, äri bilen aýrylyşan aýal özüni eklemek üçin gaýtadan durmuş gurmaga mejbur bolup biler. Şeýle ýagdaýda ol zyna edýär. w18.12 sah. 11, abz. 8, 9

11-nji dekabr, anna

Garawul diňinde garaşaryn (Hab. 2:1).

Habakugyň Ýehowa bilen gürrüňdeşligi onuň kalbyna rahatlyk berdi. Şol sebäpli ol Ýehowa garaşmagy ýüregine düwdi. Bu az salymlyk hereket däldi. Sebäbi ol gaýta-gaýta: «Men heläkçilik gününe sabyrly garaşaryn» diýip, Hudaýa doly bil baglaýandygyny görkezdi (Hab. 3:16). Habakuk pygamberiň garaýşyndan biz näme öwrenýäris? Birinjiden, nähili synag bolsa-da, biz Ýehowa doga etmegimizi hiç haçan bes etmeli däl. Ikinjiden, Ýehowanyň Sözi we guramasy arkaly aýdýan zatlaryny diňlemeli. Üçünjiden, Ýehowa sabyrly garaşmaly we onuň öz wagtynda kynçylyklarymyzy aýyrjakdygyna doly ynanmaly. Eger biz Ýehowa ýüregimizi dökmegi dowam etsek we Habakuk pygamber ýaly ony sabyrlylyk bilen diňlesek, ýüregimiz aram tapar. Bu bolsa bize kynçylyklarda çydamly bolmaga kömek eder. Umyt bize sabyrly bolmaga we kynçylyklara garamazdan, Hudaýa şatlyk bilen gulluk etmäge ýardam berýär. Şeýle-de umyt gökdäki Atamyzyň öz wagtynda hereket etjekdigine ynamymyzy berkidýär (Rim. 12:12). w18.11 sah. 15, 16, abz. 11, 12

12-nji dekabr, şenbe

Gelin-gyzlar özüni... gelşikli, salykatly egin-eşik geýip, sagdyn düşünje bilen bezesinler (1 Tim. 2:9).

Hudaý başgalaryň büdremegine sebäp bolmaklyga nähili garaýar? Isa: «Kim maňa iman edýän pesgöwünli adamlardan biriniň imanyny gowşatsa, onda boýnuna degirmen daşyny asyp, deňizde gark bolany has gowy bolardy» diýdi (Mar. 9:42). Isa başgalary büdretmezlige örän çynlakaý garaýardy. Ol Atasynyň häsiýetlerini kämil derejede görkezýärdi, şonuň üçin biz Isanyň şägirtleriniň biriniň büdremegine sebäp bolýan adama Ýehowanyň hem şeýle garaýandygyna doly ynanyp bileris (Ýah. 14:9). Biz Ýehowa bilen Isanyň garaýşyny kabul edýärismi? Olaryň pikirlenişi ýaly pikirlenýärismi? Edýän işlerimiz nämäni aýan edýär? Meselem, biz haýsydyr bir egin-eşigi geýmegi ýa-da özümize timar bermegi halaýandyrys. Ýöne bu ýygnakdaky dogan-uýalaryň käbirini büdredýän bolsa ýa-da olarda erbet pikirleri döredýän bolsa näme?! Eýsem, imandaşlarymyza bolan söýgi öz islegimizden geçmäge höweslendirmeýärmi? w18.11 sah. 25, abz. 9, 10

13-nji dekabr, ýekşenbe

Şeýtan Ýehowa şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýarmy? Emma eliňi uzadyp, ähli zadyny alyp gör hany, ol saňa aç-açan gargamazmy?» (Eýp. 1:9, 11).

Biziň ählimiz näme üçin aýypsyzlykda galmaly? Munuň bir sebäbi, Şeýtan Ýehowa we bize töhmet atdy. Ol Erem bagynda Hudaýa garşy pitne turzup, Ýehowa erbet, özüni bilýän we aldawçy Hökümdar diýip, Onuň adyna gara ýöňkedi. Gynansak-da, Adam ata bilen How ene Şeýtanyň tarapyna geçip, Ýehowa garşy pitne turuzdy (1 Mus. 3:1—6). Erem bagynda olaryň Ýehowa bolan söýgüsini berkitmäge köp mümkinçilikleri bardy. Emma Şeýtanyň tarapyny tutandyklary üçin, olaryň söýgüsi sowap başlady. Indi olar Ýehowa doly, birkemsiz ýa-da bitewi gulluk etmeýärdi. Ýöne başga bir sorag ýüze çykýar: «Heý-de, Ýehowany ýürekden söýüp, oňa wepaly galjak adam bolarmy? Başgaça aýdanyňda, adam aýypsyz galyp bilermi?» Eýýup pygamber bilen bolan waka muňa jogap berýär (Eýp. 1:8—11). Ol hem edil biziň ýaly bikämil adamdy we köp ýalňyşýardy. Emma Ýehowa Eýýuby aýypsyzlygy üçin juda gowy görýärdi. w19.02 sah. 3, 4, abz. 6, 7

14-nji dekabr, duşenbe

Ol... bar zadyny satyp, ony satyn alýar (Mat. 13:46).

Isa Hudaýyň Patyşalygy baradaky hakykaty bilen adamlaryň onuň gymmatyna düşünýändigini görkezmek üçin «merjen monjuklary gözleýän» we bir «gymmatbaha merjeni tapan» söwdagär barada gürrüň berdi. Mysaldaky söwdagäriň tapan dürdänesi şeýle bir gymmatdy welin, ol «bar zadyny satyp, ony satyn alýar» (Mat. 13:45, 46). Şonuň ýaly bizem hakykaty tapanymyzda, ýagny Hudaýyň Patyşalygy we Mukaddes Kitapdaky beýleki gymmatly hakykatlary bilenimizde, olaryň gymmatyna düşünip, bar zadymyzdan geçdik. Biz hakykaty gymmat saýýandygymyz üçin ony «asla satmak» islemeýäris (Nak. 23:23). Gynansak-da, Hudaýyň käbir gullukçylary hakykatyň gymmatyny ünsden düşürip, ony satdylar. Geliň, hiç haçan olaryň ýalňyşlygyny gaýtalamalyň. Biz hakykaty gymmat saýýandygymyzy we ony hiç haçan satmak islemeýändigimizi görkezmek üçin, Mukaddes Kitapdaky: «Hakykata... görä ýaşaň» diýen tabşyryga eýereliň (3 Ýah. 2—4). Hakykat ýolunda ýöremek üçin, biz ony durmuşymyzda birinji orunda goýmaly we şol boýunça ýaşamaly. w18.11 sah. 8, abz. 3

15-nji dekabr, sişenbe

Hudaýyň halky iman edendigi üçin Ýerihonyň daşyndan ýedi günläp aýlandy. Şonda şäheriň diwarlary ýumruldy (Ýew. 11:30).

Ysraýyllar Ýerihon şäherine hüjüm etmän, gaýtam, alty günläp günde bir gezek, ýedinji gün bolsa ýedi gezek şäheriň daşyndan aýlanmalydygy barada tabşyryk alýar. Esgerleriň käbiri: «Bu-la biderek wagtyňy we güýjüňi ýitirmek» diýip pikir edendir. Emma ysraýyllaryň göze görünmeýän Ýolbaşçysy näme edýändigini gaty gowy bilýärdi. Ysraýyllar Ýolbaşçysynyň görkezmesine eýerendigi üçin Ýerihon şäherini söweşsiz basyp alýar. Şeýdip, olar berlen görkezmä eýermegiň paýhaslydygyna göz ýetirýär we imanlary berkeýär (Ýuşa 6:2—5). Biz bu wakadan näme öwrenýäris? Käte biz guramamyzda edilýän özgerişlikleriň sebäbine doly düşünmezligimiz mümkin. Meselem, şahsy okuwyny geçirenimizde, wagyzda we ýygnak duşuşyklarynda elektron enjamlaryny ulanmak bilen bagly görkezme berlende, biz birbada düşünen däldiris. Ýöne häzir olary ulanmagyň peýdalydygyny görýäris. Dogrudan-da, şeýle özgerişlikleriň peýda berýändigini görenimizde, imanymyz we dogan-uýalar bilen gatnaşygymyz has-da berkeýär. w18.10 sah. 23, 24, abz. 8, 9

16-njy dekabr, çarşenbe

Mugallym, Ysraýylda patyşalygy häzir dikeltjekmi? (Res. 1:6).

Mesihiň gelmegine umyt edýändikleri üçin, Isanyň şägirtlerini goldaýanlar we Jeliläniň halky Isany patyşa etjek bolýar. Olar Isa gowy patyşa bolar diýip pikir eden bolmaly. Sebäbi Isa ökde mugallymdy, syrkawlary sagaldyp bilýärdi, hatda aç adamlary hem doýurýardy. Isa 5 000 töweregi adamy doýrandan soň, halkyň şatlanandygyny görýär. Adamlar Isany patyşa etjek bolanlarynda, ol daga çykyp gitdi (Ýah. 6:10—15). Ertesi gün Jelile deňziniň beýleki kenarynda Isa adamlaryň biraz köşeşendigini görüp, olara ýer ýüzüne näme maksat bilen gelendigini düşündirýär. Ol adamlara maddy däl-de, ruhy taýdan kömek etmäge gelendigini aýdyp: «Zaýalanýan çöregi däl, zaýalanmaýan, ýagny ebedi ýaşaýyş berýän çöregi almaga jan ediň» diýýär (Ýah. 6:25—27). w18.06 sah. 4, abz. 4, 5

17-nji dekabr, penşenbe

Ol epilen gamşy döwmez, sönüp barýan peltäni öçürmez (Işa. 42:3).

Isa göçme manyda ýenjilen gamşa we tüteýän peltä meňzeş adamlaryň duýgularyny göz öňünde tutýardy. Bu bolsa ony adamlaryň aladasyny etmäge, olara mähirli garamaga we sabyrly bolmaga höweslendirýärdi. Hatda çagalaram Isanyň ýanyna arkaýyn baryp bilýärdi (Mar. 10:14). Elbetde, biziň Isanyňky ýaly adamlaryň ýagdaýyna doly düşünmek we tälim bermek ukybymyz ýok. Emma biz wagyz edýän adamlarymyzyň aladasyny edip bileris. Biz muny nädip, haçan we näçeräk gepleýändigimiz bilen görkezip bileris. Şu günler parahor we doňýürek söwdagärler, syýasy hem-de dini ýolbaşçylar zerarly millionlarça adamlar «alaçsyz we pytraňňy» ýagdaýda (Mat. 9:36). Köp adamlar umytsyz ýaşaýar we hiç kime ynanmaýar. Şol sebäpli şeýle adamlara wagyz edenimizde, mähirli we duýgudaş bolmaly. Şeýle-de aýdýan sözlerimize we äheňimize ünsli bolmak örän wajyp. Aslynda, köp adamlar biziň diňe bir Mukaddes Kitapdan bilimimiziň bolandygy ýa-da gowy gürrüňdeş bolýandygymyz üçin däl-de, olar bilen ýürekden gyzyklanýandygymyz we olara hormat goýýandygymyz üçin aýdýan habarymyza seslenýärler. w18.09 sah. 31, 32, abz. 13, 14

18-nji dekabr, anna

Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr (Mat. 5:3).

Biz şeýle zerurlygymyzyň bardygyna düşünýändigimizi nädip görkezip bileris? Ruhy taýdan yzygider iýmitlenip dursak, ruhy zatlary gymmat saýsak we bagtly Hudaý Ýehowa sežde etmekligi durmuşymyzda birinji orunda goýsak, muňa düşünýändigimizi görkezeris. Şonda özümizi hasam bagtly duýarys. Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine imanymyz berkär (Tit. 2:13). Hemişe bagtly bolmak üçin Ýehowa bilen dostlugyňy berkitmek örän wajyp. Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen: «Hudaýa hemişe şatlyk bilen gulluk ediň. Hawa, ýene-de aýdýaryn, şatlanyň!» diýip ýazdy (Flp. 4:4). Şeýle gymmatly dostlukdan lezzet alyp biler ýaly, bize Hudaýyň berýän akyldarlygy gerek (Nak. 3:13, 18). Hemişe bagtly bolmak üçin Hudaýyň Sözüni ýöne bir okamak ýeterlik däl. Biz okan zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmaly. Isa öwrenýän zatlarymyzy durmuşda ulanmagyň wajypdygyny nygtap: «Siz muňa düşünip, ýerine ýetirseňiz, bagtly bolarsyňyz» diýdi (Ýah. 13:17; Ýak. 1:25). Bu ruhy zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmak we hemişe bagtly bolmak üçin örän wajyp. w18.09 sah. 18, abz. 4—6

19-njy dekabr, şenbe

Epafras siziň üçin hemişe yhlasly doga edýär (Kol. 4:12).

Epafras imandaşlarynyň her birini gowy tanaýardy we olaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Emma Epafras Pawlus bilen «tussaglykda» bolsa-da, ünsüni öz kynçylyklaryna däl-de, dogan-uýalaryň ruhy zerurlyklaryna gönükdirdi (Flm. 23). Hawa, ol el gowşuryp oturman, başgalar üçin doga edýärdi. Eýsem, bu onuň janaýamazlyk ruhunyň bolandygyny görkezmeýärmi? Bizem Ýehowa wepaly gulluk edýän imandaşlarymyz barada, aýratynam olaryň adyny tutup doga edip bileris. Sebäbi şeýle dogalar örän güýçli (2 Kor. 1:11; Ýak. 5:16). Bizem kimleriň adyny tutup doga edip biljekdigimiz barada oýlanyp bileris. Epafras ýaly köp dogan-uýalar ýygnagyndaky, uly jogapkärçiligi bolan, agyr kynçylyklara ýa-da synaglara uçraýan imandaşlary barada doga edýärler. Biz ýakynyny ýitiren, betbagtçylyga uçran, uruş ýa-da ykdysady kynçylyklar sebäpli ejir çekýän imandaşlarymyz barada doga etsek, olary unutmaýandygymyzy görkezeris. Dogrudan-da, biziň dogalarymyza we kömegimize mätäç dogan-uýalar gaty köp. w18.09 sah. 5, 6, abz. 12, 13

20-nji dekabr, ýekşenbe

Bermek almakdan has bagtly edýändir (Res. 20:35).

Pawlus resul başgalar bilen diňe bir maddy zatlaryňy paýlaşman, eýsem, olary ruhlandyrmagy, maslahat bermegi we mätäçleri goldamalydygyny göz öňünde tutdy (Res. 20:31—35). Pawlus resul sözleri we göreldesi bilen bize başgalaryň peýdasy üçin wagtymyzy, güýjümizi sarp etmelidigini, olaryň aladasyny etmelidigini we söýgimizi bildirmelidigini öwretdi. Adamyň gurluşyny öwrenýän alymlar hem bermegiň has bagtly edýändigini belläp geçýärler. Bir makalada şeýle diýilýär: «Adamlar başgalara ýagşylyk edenlerinde, özlerini has-da bagtly duýýandyklaryny aýdýarlar». Alymlaryň aýtmagyna görä, başgalara kömek etmek bilen, durmuşda «belli bir maksadymyz bolýar we ony manyly edýäris. Sebäbi bu adamyň esasy zerurlyklarynyň biri hasaplanýar». Şonuň üçin olar köplenç adamlary saglygyny gowulandyrmak we bagtly bolmak üçin haýyr-sahawat işlerine gatnaşmaga höweslendirýär. Bu biziň üçin geň däl. Sebäbi biz Mukaddes Kitaby adamzada söýgi bilen ýol görkezýän Ýehowanyň Sözi hökmünde kabul edýäris (2 Tim. 3:16, 17). w18.08 sah. 22, abz. 17, 18

21-nji dekabr, duşenbe

Adamyň daş keşbine seredip höküm çykarmaň, adalatly höküm çykaryň (Ýah. 7:24).

Işaýa pygamberiň Halypamyz Isa Mesih barada aýdan ähli welilik sözleri biziň ýüregimizi galkyndyryp, umyt berýär! Ol Isanyň «gözüniň görenine görä höküm çykarmajakdygyny, gulagynyň eşidenine görä käýinç bermejekdigini» pygamberlik etdi. Hawa, Isa «adalatly kazylyk eder» (Işa. 11:3, 4). Bu sözler bizi näme üçin ruhlandyrýar? Sebäbi biz agzala we başgalary ala tutýan adamlardan doly dünýäde ýaşaýarys. Biziň ählimiz kämil Kaza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ol bize hiç haçan daş keşbimize laýyk höküm çykarmaz. Biz her gün adamlara baha bermeli bolýarys. Emma bikämil bolandygymyz üçin, biz adamlara Isa ýaly adalatly höküm çykaryp bilmeýäris. Sebäbi biz köplenç görýän zadymyza ynanýarys. Isa ýerde ýaşanda, adamyň daş keşbine seredip däl-de, «adalatly höküm çykarmagy» maslahat berdi. Dogrudan-da, Isa biziň özünden görelde alyp, adamlaryň daş keşbine görä höküm çykarmazlygymyzy isleýär. w18.08 sah. 8, abz. 1, 2

22-nji dekabr, sişenbe

Yzyňyzdan: «Ine ýol! Şu ýoldan ýöräň!» diýen sesi eşidersiňiz (Işa. 30:21).

Biz gökden Hudaýyň sesini eşitmeýäris. Emma ol öz Sözi bolan Mukaddes Kitap arkaly görkezme berýär. Mundan başga-da Ýehowa mukaddes ruhy arkaly «wepaly... iş dolandyryja» görkezme berip, gullukçylaryny ruhy iýmit bilen üpjün edýär (Luka 12:42). Dogrudan-da, çap edilen edebiýatlar ýa-da internet, wideolar we audioýazgylar arkaly alýan ruhy iýmitimiziň sany-sajagy ýok. Goý, Mukaddes Kitapdaky Hudaýyň sözleri Ýehowanyň ähli zada gözegçilik edýändigine we Onuň tizden Şeýtanyň hem-de onuň zalym dünýäsiniň ýetiren islendik zyýanyny aýyrjakdygyna ynamymyzy has-da berkitsin. Geliň, Ýehowanyň sesine elmydama ünsli bolmagy berk ýüregimize düweliň. Eger şeýtsek, durmuşymyzda nähili kynçylyk bolaýanda-da, oňa çydamlylyk bilen döz gelip bileris. Mukaddes Kitapda: «Hudaýyň islegini berjaý edeniňizden soň, onuň wada eden zadyny alar ýaly, çydamly boluň» diýilýär (Ýew. 10:36). w19.03 sah. 13, abz. 17, 18

23-nji dekabr, çarşenbe

Ýehowa... Ýuşa şeýle diýdi: «Gulum Musa aradan çykdy. Indi sen halk bilen ýola düş. Iordandan geçiň-de, ysraýyllara berjek ýurduma gidiň (Ýuşa 1:1, 2).

Musa pygamber köp ýyllap ysraýyl halkynyň ýolbaşçysy boldy. Şonuň üçin Ýuşa halkyň onuň ýolbaşçy bolmagyna nähili seslenjekdigine biynjalyk bolan bolmaly (5 Mus. 34:8, 10—12). Mukaddes Kitabyň bir sözlüginde Ýuşa 1:1, 2-nji aýatlardaky sözler babatda şeýle diýilýär: «Ýolbaşçylaryň çalyşmagy geçmişde-de, häzirem döwletiň asudalygy üçin iň kyn döwürleriň biri hasaplanýar». Elbetde, Ýuşanyň gorkmagy ýerliklidi, ýöne ol biraz wagtdan aýgytly hereket edýär (Ýuşa 1:9—11). Sebäbi ol Hudaýa bil baglaýardy. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň Ýuşa hem-de ysraýyl halkyna perişdesi arkaly görkezme berendigi aýdylýar. Şol perişde «Söz», ýagny Hudaýyň ilkinji doglan Ogly diýip pikir etsek, nädogry bolmaz (2 Mus. 23:20—23; Ýah. 1:1). Musanyň ýerine Ýuşa ýolbaşçy bellenende, halk Ýehowanyň kömegi bilen onuň ýolbaşçylygyny kabul etdi. w18.10 sah. 22, 23, abz. 1—4

24-nji dekabr, penşenbe

Ýehowadan gorkýanlar... üçin Hudaýyň öňünde ýatlama kitaby ýazyldy (Mel. 3:16).

Ýehowa özüne ýürekden gulluk edýän adamlary tanaýar we olaryň atlaryny «ýatlama kitabyna ýazýar». Eger biz Ýehowanyň «ýatlama kitabynda» adymyzyň galmagyny islesek, onda käbir zatlary etmeli. Melek pygamber biziň Ýehowadan gorkup, ady hakda oýlanmalydygymyzy aýtdy. Diýmek, Hudaýdan başga birine ýa-da islendik zada sežde etsek, Ýehowanyň «ýaşaýyş kitabyndan» adymyz öçürilip biler (2 Mus. 32:33; Zeb. 69:28). Özüňi Ýehowa bagyş etmek Onuň islegini berjaý etjekdigiňi söz bermekden we ýöne bir suwa çümdürilmekden has köp zady aňladýar. Sebäbi biz bu ädimleri diňe bir gezek ädýäris we olar geçip gidýär. Şonuň üçin biz Ýehowanyň saýlan halky hökmünde elmydama, ýagny tä ölýänçäk, her gün Onuň tarapyndadygymyzy görkezmeli (1 Pet. 4:1, 2). w18.07 sah. 23, 24, abz. 7—9

25-nji dekabr, anna

Mesih hakdaky esasy taglymatlary öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem ruhy taýdan ösmäge jan edeliň (Ýew. 6:1).

Bu öz-özünden bolmaýar. Biz ruhy taýdan ýetişen adam bolmaga «jan etmeli». Biz köp ýyldan bäri hakykatda bolsak-da, ruhy taýdan öz-özümizden ösmeýäris. Şonuň üçin Mukaddes Kitaby yzygider we her gün okamaly (Zeb. 1:1—3). Siz muny maksat edinip bilermisiňiz? Eger şeýle etseňiz, Ýehowanyň kanunlaryna we prinsiplerine has gowy düşünip, Hudaýyň Sözüne bolan düşünjäňiz artar. Söýgi baradaky kanun mesihçiler üçin iň wajyp kanunlaryň biri hasaplanýar. Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýah. 13:35). Isanyň dogany Ýakup söýgini «patyşa kanuny» diýip atlandyrdy (Ýak. 2:8). Pawlus resul bolsa: «Kanun söýmegi talap edýändir» diýdi (Rim. 13:10). Söýgi häsiýetiniň şeýle nygtalmagy bizi geň galdyrmaýar. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Hudaý söýgüdir» diýilýär (1 Ýah. 4:8). w18.06 sah. 19, abz. 14, 15

26-njy dekabr, şenbe

Halk Musanyň gaharyny getirdi, ol hem oýlanman gepledi (Zeb. 106:33).

Ysraýyllar Ýehowanyň gaharyny getirseler-de, bu Musa-da erbet täsir etdi. Ol özüne erk edip bilmän, oýlanyşyksyz hereket etdi we netijesi barada pikirlenmedi. Musa pygamber başgalaryň hereketi sebäpli gözüniň Ýehowadan sowulmagyna ýol berdi. Birinji ýagdaýda ol dogry hereket edipdi (2 Mus. 7:6). Emma köp ýyllaryň dowamynda pitneçi ysraýyllara çydap bilmän ýadap, gaharyna ýol beren bolmaly. Ýöne Musa pygamber öz duýgulary barada däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmak barada oýlanyp bilerdi. Eger Hudaýyň wepaly pygamberi Musa başgalaryň hereketi sebäpli büdrän bolsa, onda bizem şeýle ýagdaýa düşüp bileris. Musa ýaly bizem Ýehowanyň wada berýän täze dünýäsine girmäge umyt edýäris (2 Pet. 3:13). Elbetde, hiç birimiz şeýle ajaýyp sylagy ýitirmek islemeýäris. Şonuň üçin biz gözümizi Ýehowa dikip, hemişe oňa gulak asmaly (1 Ýah. 2:17). w18.07 sah. 15, abz. 14—16

27-nji dekabr, ýekşenbe

Şeýtany ýeňdiňiz (1 Ýah. 2:14).

Şeýtan adamlary öz islegine garşy gitmäge mejbur edip bilmeýär (Ýak. 1:14). Köp adamlar Şeýtanyň islegine laýyk gelýän işleri edýändiklerini hatda özleri hem bilmeýärler. Emma hakykaty bilenden soň, her bir adam kime gulluk etjekdigini özi saýlaýar (Res. 3:17; 17:30). Eger Hudaýyň islegini berjaý etmegi ýüregimize düwsek, onda Şeýtan Ýehowa wepaly galmaga asla päsgel berip bilmez (Eýp. 2:3; 27:5). Şeýtan we onuň jynlarynyň güýji çäkli. Mysal üçin, Mukaddes Kitabyň hiç ýerinde olaryň pikirimizi we ýüregimizi görüp bilýändigi aýdylmaýar. Şeýle ukyp diňe Ýehowa bilen Isada bar (1 Şam. 16:7; Mar. 2:8). Eger biz Ýehowa bilen gepleşmek üçin elimizde baryny edip, Onuň islegine görä hereket etsek, Iblisiň düzedip bolmajak zyýan ýetirmegine Hudaýyň ýol bermejekdigine ynanyp bileris (Zeb. 34:7). Biz duşmanymyzy gowy tanamaly, ýöne ondan gorkmaly däl. Ýehowanyň kömegi bilen, hatda bikämil adamlaram Şeýtandan üstün çykyp bilýär. Eger biz Iblise garşy dursak, ol bizden gaçar (Ýak. 4:7; 1 Pet. 5:9). w18.05 sah. 26, abz. 15—17

28-nji dekabr, duşenbe

Her işde Ýehowa bil bagla, Ol maksadyňa ýetirer (Nak. 16:3).

Aýdaly, sen wajyp iş bilen başga bir şähere gitmekçi bolýarsyň. Munuň üçin sen uzak aralyga gatnaýan awtobusa münmeli. Duralga baranyňda, ol ýeriň ýolagçylardan we awtobusdan doludygyny görýärsiň. Şeýle ýagdaýda maksadyňy, ýagny haýsy awtobusa münüp, nirä gitmekçidigiňi unutmasaň, gowy bolardy. Eýsem, awtobusyň gitmeli ugruny anyklaman, oňa münseň, dogry bolarmy? Häzirki ýaşlary ýolagçylara meňzetse bolýar. Ýöne olar awtobusda däl-de, ýaşaýyş ýolunda syýahat edýärler. Dürli mümkinçilikleriň döreýändigi we her hili kararlara gelmeli bolýandyklary sebäpli, ýaşlar wagtal-wagtal aljyramaklary mümkin. Ýaşlar, siz durmuşda gitjek ýoluňyzy dogry saýlamagy başarsaňyz, ýaşaýşyňyz has-da aňsatlaşar. Ýaşlara ünsüni Ýehowanyň göwnünden turmak üçin saýlan ýoluna gönükdirmäge näme kömek eder? Munuň üçin olar durmuşyň ähli ýagdaýynda, ýagny bilim, iş we maşgala borçlary ýaly meselelerde Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutmaly. Bu size ruhy maksatlaryňyza ýetmäge kömek eder. Ünsüni Ýehowa gulluk etmäge gönükdiren ýaşlar durmuşda üstünlik gazanyp, Onuň bereket berjekdigine ynanyp bilerler. w18.04 sah. 25, abz. 1—3

29-njy dekabr, sişenbe

Wah, gyzym! Meniň ýüregime hanjar urduň. Balamy öz elim bilen bermeli boldum (Ser. 11:35).

Ýeftah Hudaýa beren sözünde durup, durmuşa çykmadyk gyzyny ömrüniň ahyryna çenli Şilodaky çadyrda gulluk etmäge iberýär (Ser. 11:30—35). Ýeftaha gelen kararyny ýerine ýetirmek nähili kyn bolaýanda-da, bu onuň gyzy üçin has-da kyndy (Ser. 11:36, 37). Sebäbi ol durmuşa çykmak, çaga dogurmak, maşgalasynyň adynyň ýitmän, nesil galdyrmak mümkinçiliginden mahrum bolmalydy. Hawa, ol tesellä we ruhlandyryjy sözlere diýseň mätäçdi. Bu babatda Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ysraýylda şeýle adat bardy: ysraýyl gyzlary gileadly Ýeftahyň gyzyny ruhlandyrmak üçin, her ýyl dört günläp ýanynda bolardylar» (Ser. 11:39, 40). Eýsem, «Halypamyzy razy etmek üçin jan edýän» durmuşa çykmadyk uýalar hem öwgüli we ruhlandyryjy sözlere mynasyp dälmi näme?! (1 Kor. 7:32—35). w18.04 sah. 17, abz. 10, 11

30-njy dekabr, çarşenbe

Öz ornunda durmadyk we mekanyny goýup gaýdan perişdeler (Ýahd. 6).

Şeýtan pitneçi perişdeleriň belli bir bölegini goly astynda saklaýar. Tupandan öň, Iblis olaryň käbirini ynsan gyzlary bilen ahlaksyzlyk etmäge iterdi. Mukaddes Kitapda göçme manydaky aždarhanyň «gökdäki ýyldyzlaryň üçden bir bölegini alyp» gidendigi aýdylýar (1 Mus. 6:1—4; Ylh. 12:3, 4). Şol perişdeler Ýehowanyň maşgalasyndan kowlanda, Şeýtan olaryň üstünden agalyk edip başlady. Emma bu pitneçi perişdeler ýöne bir tertip-düzgüni bozmadylar. Şeýtan Hudaýyň Patyşalyk edişinden nusga alyp, özüni patyşa ýaly alyp barýar; ol jynlara häkimiýet hem ygtyýar berip, olara dünýäniň üstünden höküm sürmäge ýol berýär (Efes. 6:12). Şeýtan ruhy şahsyýetlerden ybarat bolan guramasy arkaly ähli ynsan hökümetlerine täsir edýär. w18.05 sah. 23, abz. 5, 6

31-nji dekabr, penşenbe

Ýehowa alkyş aýdaryn, sebäbi öwüt-nesihat berýär. Men gijelerine oýlanyp, sapak edinerin (Zeb. 16:7).

Hudaý bize söýgi bilen düzediş berýär. Dawut Ýehowanyň maslahatyny höwes bilen kabul edýärdi. Dawut Hudaýyň pikirleri barada oýlanýardy, ähli zada onuň garaýşy ýaly garamaga çalyşýardy we özüni terbiýelemäge ýol berýärdi. Eger sizem şeýle etseňiz, Hudaýa bolan söýgiňiz we oňa gulak asmak islegiňiz artar. Şeýle-de ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolmaga kömek eder. Kristina atly uýamyz şeýle diýýär: «Men gözleg geçirip, okan zatlarym hakda oýlananymda, Ýehowa has-da ýakynlaşýandygymy duýýaryn». Mundan başga-da, ruhy garaýyşda bolsaňyz, dünýädäki zatlara we gelejege Hudaýyň garaýşy ýaly garamaga ýardam eder. Şeýle-de bilimiňiz artar we düşünje gazanarsyňyz. Eýsem, Hudaý näme üçin siziň dogry bilim almagyňyzy we düşünje gazanmagyňyzy isleýär? Sebäbi ol siziň durmuşda üstünlik gazanmagyňyzy, paýhasly kararlara gelmegiňizi we gelejege ynamly garamagyňyzy isleýär (Işa. 26:3). w18.12 sah. 26, abz. 9, 10

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş