Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 14
  • Hudaýa nädip sežde etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýa nädip sežde etmeli?
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Ýehowa sežde etmek şatlygyňa şatlyk goşýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklaryna barmagyň nähili peýdasy bar?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Hudaý kimiň seždesini kabul edýär?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Ýygnak üçin kömegiňi gaýgyrma!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 14
14-nji sapak. Ýehowanyň Şaýatlary we ýygnaga gelenler aýdym aýdýar.

14-NJI SAPAK

Hudaýa nädip sežde etmeli?

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Geçen sapakdan bilşimiz ýaly, Hudaýa ýaramaýan dinler köp. Ýöne biz dogry sežde etsek, Hudaýy begendirip bilýäris. Nädip sežde etmeli? (Ýakup 1:27). Geliň, Mukaddes Kitapdan bileliň.

1. Hudaýa sežde etmegi nireden öwrenmeli?

Muny Mukaddes Kitapdan öwrenip bolýar. Isa pygamber Hudaýyň «sözüniň hakykatdygyny» aýtdy (Ýahýa 17:17). Käbir dini ýolbaşçylar Mukaddes Kitapda ýazylan sözlere eýermeýärler. Olar Hudaý barada özleriçe öwredip, gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerýärler. Ýöne Ýehowa Hudaý «tabşyrygyny bozýan» adamlary halamaýar (Matta 15:3-i oka). Biz Mukaddes Kitapda ýazylan kada-kanunlary öwrenip, olary berjaý etsek, Hudaýy begendirip bileris.

2. Ýehowa nädip sežde etmeli?

Biz Ýaradyjymyza bütin ýürekden wepaly bolmaly (Ylham 4:11). Diýmek, biz diňe Ýehowany söýmeli, diňe oňa sežde etmeli. Şonuň üçin doga-tumarlary ulanmaly däl, şekillere, suratlara sežde etmeli däl (Işaýa 42:8-i oka).

Ýehowa edýän seždämiz «mukaddes» bolmaly we «Hudaýa ýaramaly» (Rimliler 12:1). Munuň üçin Hudaýyň tabşyryklaryna gulak asmaly. Mysal üçin, Ýehowany söýýän adam maşgalasyny hem söýýär, ýanýoldaşyna ikilik etmeýär. Şeýle-de ol çilim, neşe çekmeýär, baglylyk döredýän dermanlary atmaýar we spirtli içgileri çendenaşa içmeýära.

3. Ýehowa näme üçin dogan-uýalar bilen sežde etmeli?

Biz her hepde ýygnaklarda «Ýehowany wasp edip» bilýäris (Zebur 111:1, 2). Aýdym aýdyp, Hudaýy şöhratlandyrýarys (Zebur 104:33-i oka). Ýehowa ýygnaklara gatnaşmagymyzy isleýär, sebäbi ýygnaklarda häzirden bagtly ýaşamagy öwrenýäris. Şeýle-de ýygnaklarda birek-biregiň göwnüni göterip, ruhlandyrýarys.

SÖHBETDEŞLIK

Şekillere sežde etsek, Ýehowa halamaýar. Hudaýy şöhratlandyrmagy öwreneliň.

4. Doga-tumarlary, şekilleri ulanmaly däl

Sežde edenimizde şu zatlary ulansak, Hudaýy gynandyrýarys. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Şekillere sygynsa bolýarmy?» (3:26)

Suratlar: 1) Bir adam gök-önüm goýlan heýkeliň öňünde baş egip, doga edýär. 2) Bir adam Bibimerýemiň heýkeliniň öňünde tesbi sanap, doga edýär.
  • Geçmişde şekillere sežde eden adamlara näme boldy?

Käbir adamlar Hudaýa ýakynlaşjak bolup, şekillere sežde edýärler. Ýöne olar şeýdip Hudaýa ýakynlaşyp bilýärlermi? 2 Musa 20:4—6 we Zebur 106:35, 36-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şu günler adamlar sežde edende nämeleri ulanýarlar?

  • Ýehowa doga-tumarlara, şekillere, suratlara sežde etmeklige nähili garaýar?

  • Şol zatlara sen nähili garaýarsyň?

5. Ýalan däp-dessurlary berjaý etmeris

Ýehowanyň isleýşi ýaly sežde etsek, ýalan däp-dessurlary berjaý etjek bolup, kösenip ýörmeris. WIDEONY görüň.

WIDEO: «Men indi erkinlige çykdym» (5:16)

Zebur 91:14-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Diňe Ýehowa sežde etseň, ol saňa näme wada berýär?

6. Ýygnakda Hudaýa sežde edýäris

Ýygnaklarda joşup aýdym aýtsak, jogap bersek, Ýehowany şöhratlandyrarys we birek-biregi ruhlandyrarys. Zebur 22:22-ni okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýygnakda dogan-uýalaryň berýän jogaplaryny halaýarsyňmy?

  • Seniň hem jogap beresiň gelýärmi?

Suratlar: bir gyz Hudaýy nädip razy etmelidigini öwrenýär. 1) Ol ýygnakda aýdym aýdýar. 2) Ýygnak jogap berýär. 3) Bir aýala we gyzyna wideo görkezýär.

7. Hudaý barada gürrüň bersek, ol begenýär

Biz Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymyzy adamlara gürrüň berip bilýäris. Zebur 9:1 we 34:1-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Seniň näme hakda gürrüň beresiň gelýär?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Hudaýa nähili sežde etseňem bolýar, esasy zat, ýüregiň arassa bolsun».

  • Sen nähili pikir edýärsiň?

ESASY PIKIRLER

Diňe Allatagala sežde etsek, ýygnaklarda ony şöhratlandyrsak we öwrenen zatlarymyzy gürrüň bersek, Hudaýy begendireris.

Gaýtalamak

  • Hudaýa sežde etmegi nireden öwrenmeli?

  • Näme üçin diňe Ýehowa sežde etmeli?

  • Näme üçin Ýehowany begendirýän adamlar bilen sežde etmeli?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Bir aýal indi butlara sežde etmeýändigine begenýär.

«Indi butlara sežde etmeýärin» («Garawul diňi» 1 iýul, 2011)

Ýygnaklarda jogap bermäge kömek edýän maslahatlar.

«Ýygnakda Ýehowany şöhratlandyryň» («Garawul diňi» ýanwar, 2019)

Bir ýaş oglan ýygnaklara yzygider baryp ruhlanýar.

«Ýehowa aladamy etdi» (3:07)

Hristian dinine uýýan adamlar haça çokunýarlar. Biz haça çokunmalymy?

«Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin haça çokunmaýar?» (Internet makala)

a Şular hakda indiki sapaklarda aýdylýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş