Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 60
  • Hudaý bilen dostlugyňy has-da berkit!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý bilen dostlugyňy has-da berkit!
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Ruhy maksatlaryňa nädip ýetmeli?
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Ýaradyjyny şöhratlandyrýan maksatlary goýuň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2004
  • Ýaşlar, ömrüňizi nämä bagyş edersiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • 12. Maksat goýmak
    Oýanyň! — 2018
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 60
60-njy sapak. Bir aýal balkonda oturyp Mukaddes Kitaby okaýar. Stolunda «Ýehowa ýakynlaşyň» diýen kitap dur.

60-NJY SAPAK

Hudaý bilen dostlugyňy has-da berkit!

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Sapak geçip başlanyň bäri, Ýehowa barada köp zatlary öwrenensiň. Şol bilim Hudaýa söýgiňi artdyrandyr, ömrüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmäge höweslendirendir. Eger entek suwa çümdürilmedik bolsaň, belki, şol hakda oýlanýansyň. Ýöne suwa çümdürileniňden soňam ruhy taýdan ösmegiňi dowam etmeli. Hudaý bilen ebedi dostlaşmaly. Nädip?

1. Ýehowa bilen dostlugyňy näme üçin berkidip durmaly?

Biz Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmek üçin hemişe tagalla etmeli. Şonda «Biribardan daşlaşmarys» (Ýewreýler 3:12). Ýehowa nädip wepaly gulluk edip bileris? Biz hoş habary wagyz etmeli we Hudaýa köpräk gulluk etmegi maksat goýmaly (Filipililer 3:16-ny oka). Dogrudanam, durmuşda Ýehowa gulluk etmekden gowy zat ýok! (Zebur 84:10).

2. Ýehowa bilen dostlugyňy berkitmek üçin ýene näme etmeli?

Şu gün sen «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň iň soňky sapagyny geçýärsiň. Ýöne Hudaý bilen dostlugyň ebedi dowam edýändir. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, «täze häsiýetleri geýmegi» dowam et (Efesliler 4:23, 24). Mundan beýlägem, Hudaýyň Sözüni öwrenseň we ýygnaklara barsaň, Ýehowa barada ýene köp zatlary öwrenersiň, Hudaýy has gowy tanarsyň. Ýehowanyň her bir häsiýetine eýerip, ondan görelde almaga jan et. Häsiýetleriňi üýtgedip näçe Ýehowa meňzeseň, ol şonça-da begener.

3. Ýehowa nädip kömek eder?

Mukaddes Kitapda: «Hudaý size doly tälim berer, berkider, güýç berer we çydamly eder» diýilýär (1 Petrus 5:10). Ýehowa bilen dostlugyňyzy gowşatjak ýagdaýlar bolup durar. Ýöne Ýehowa şol ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek eder (Zebur 139:23, 24). Ýehowa saňa wepaly gulluk etmegiň üçin isleg we güýç berer (Filipililer 2:13-i oka).

SÖHBETDEŞLIK

Hudaý bilen dostlaşyp, hakykat ýolundan ýöremegi dowam edeliň. Şonda Hudaýdan egsilmejek bereket alarsyňyz.

4. Iň gowy Dostuňy ýatdan çykarma

Sen doga edip we Mukaddes Kitaby okap, Ýehowa bilen dostlaşdyň. Şu zatlar mundan beýlägem has ýakyndan dostlaşmaga nädip kömek eder?

Zebur 62:8-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýakyn dostuň bilen gepleşýän ýaly, Ýehowa nädip doga edip bilersiň?

Zebur 1:2-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Iň gowy dostuň Ýehowany ünsli diňlemek üçin Mukaddes Kitaby nädip okap bilersiň?

Şahsy okuwy has gowy geçirer ýaly näme edip bilersiň? Munuň üçin WIDEONY görüň. Soňra aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Şahsy okuwyny has gowy edip geçiriň» (5:22)

  • Sen haýsy maslahatlara eýermek isleýärsiň?

  • Nämeler barada şahsy okuwyny geçiresiň gelýär?

5. Ýehowa köpräk gulluk etmegi maksat goýuň

Ýehowa köpräk gulluk etmegi maksat goýsaň, bir ýerde durmarsyň, ruhy taýdan ösersiň. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Iň gowy ýol» (3:31)

  • Uýa ruhy maksatlary goýup nähili bereketleri aldy?

Elbetde, Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin hemmeler daşary ýurda göçüp bilmez. Ýöne köpräk gulluk etmek üçin başga maksatlary hem goýup bolýar. Nakyllar 21:5-i okaň. Soňra... nähili ruhy maksatlary goýup bolýandygy hakda gürrüňdeş boluň.

  • ýygnakda...

  • wagyzda...

Şu prinsip ruhy maksatlaryňa ýetmäge nädip kömek eder?

Käbir maksatlar

  • Hudaýa has gowy doga etmegi öwrenmeli.

  • Mukaddes Kitaby doly okap çykmaly.

  • Ýygnakdaky dogan-uýalar bilen tanyşmaly.

  • Mukaddes Kitapdan sapak geçmek isleýän adamy tapmaly.

  • Kömekçi pioner ýa-da pioner bolup gulluk etmeli.

  • Hyzmatçy bolmagy maksat goýmaly.

6. Ebedi ýaşaň!

Zebur 22:26-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Häzir hem ebedi bagtly ýaşamak üçin näme etmeli?

Adamlar ýer ýüzünde Jennetde ýaşaýarlar.

ESASY PIKIRLER

Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkidiň we ruhy maksatlary goýuň. Şonda häzir hem ebedi bagtly ýaşarsyňyz.

Gaýtalamak

  • Ýehowa saňa wepaly gulluk etmäge nädip kömek eder?

  • Ýehowa bilen dostlugyňy nädip hasam berkidip bilersiň?

  • Ruhy maksatlar nädip ruhy taýdan ösmäge kömek eder?

Birýyllyk maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Ýehowa biziň bütin ömrümize wepaly bolmagymyzy isleýär.

«Ybraýym ýaly wepaly boluň» (9:20)

Käte Ýehowanyň wepaly gullukçylary hem ruhdan düşüp biler. Şeýle ýagdaýda nämäniň kömek etjekdigini biliň.

«Şatlygyňy ýitirmez ýaly oka we oýlan» (5:25)

Nähili ruhy maksatlary goýmaly we nädip ýetmeli?

«Ýaradyjyny şöhratlandyrýan maksatlary goýuň» («Garawul diňi» 15 iýul, 2004)

Mundan beýlägem ruhy taýdan ösmek üçin näme etmelidigini biliň.

«Ruhy taýdan berkäň — „Ýehowanyň güni ýakyndyr“» («Garawul diňi» 15 maý, 2009)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş