Ýanwar
1-nji ýanwar, anna
Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň (Mat. 28:19).
Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň ählisi bu tabşyrygy «birkemsiz» ýerine ýetirmek isleýär (2 Tim. 4:5). Sebäbi bu iş islendik işden has wajyp we gaýragoýulmasyz. Emma bize wagyz gullugyna isleýşimiz ýaly köpräk gatnaşmak käte kyn bolup biler. Biziň wagtymyzy we güýjümizi alýan başga-da wajyp işler bar. Meselem, biz özümizi we maşgala agzalarymyzy eklemek üçin her gün köp işlemeli bolýarys. Ýa-da biz beýleki maşgala borçlarymyz, keselçilik, göwnüçökgünlik we garrylyk bilen bagly kynçylyklar bilen göreşýändiris. Ýagdaýymyzyň çäklidigi üçin Ýehowa köpräk gulluk edip bilmesek, ruhdan düşmäliň. Isa biziň birmeňzeş Patyşalyk tohumyny getirip bilmejekdigimizi bilýärdi (Mat. 13:23). Ýehowa biziň oňa iň gowy zadymyzy bermek üçin ýürekden edýän her bir tagallamyzy örän gymmat saýýar (Ýew. 6:10—12). w19.04 sah. 2, abz. 1—3
2-nji ýanwar, şenbe
Iblis... ýalançy we ýalanyň atasy (Ýah. 8:44).
Şeýtanyň ölüm baradaky ýalan öwretmeleri Ýehowanyň adyna ysnat getirýär. Şol ýalan öwretmelere ölen adamlaryň dowzah odunda gynalýandygy baradaky taglymat hem degişli. Şeýle ýalan öwretmeler Hudaýyň adyna ysnat getirýär. Nädip? Şol taglymatlar söýgüden doly Hudaýy Şeýtan Iblis ýaly zalym edip görkezýär (1 Ýah. 4:8). Eýsem, şeýle ýalan zatlar size nähili täsir edýär? Iň esasy zat, bu Ýehowa nähili täsir edýär? Aslynda, Ýehowa zalymlygyň islendik görnüşini ýigrenýär (Ýer. 19:5). Şeýtan bolsa adamlaryň töleg gurbanyna mätäç däldigine ynandyrjak bolýar (Mat. 20:28). Onuň ýaýradýan ýalan zatlarynyň ýene biri, ölmeýän jan baradaky taglymat. Eger bu taglymat hakykat bolsa, onda hemme adamlar baky ýaşardy we Mesihe biziň üçin janyny töleg hökmünde bermek hem gerek bolmazdy. Ýöne Mesihiň töleg gurbanynyň adamzat maşgalasyna görkezilen iň güýçli söýgüdigini unutmalyň (Ýah. 3:16; 15:13). Şeýle gymmatly sowgadyň gerek däldigi barada eşidende, Ýehowa bilen Isanyň özüni nähili duýýandygyny göz öňüne getiriň! w19.04 sah. 14, abz. 1; sah. 16, abz. 8, 9
3-nji ýanwar, ýekşenbe
Ýehowa maslahat berer ýaly, onuň pikirini bilýän barmy?.. Biz bolsa Mesihiň pikir edişi ýaly pikir edýäris (1 Kor. 2:16).
Isanyň öwreden zatlary nirede ýazylan? Dört Hoş habarda Isanyň ýer ýüzünde ýaşan döwri eden işleri we aýdan zatlary gürrüň berilýär. Injiliň beýleki kitaplaryny bolsa, mukaddes ruhuň kömegi bilen özünde «Mesihiň pikiri» bolan adamlar ýazdy. Şol hatlar bize Isanyň pikirine has aýdyň düşünmäge kömek edýär. Isanyň öwreden zatlary durmuşymyza hemmetaraplaýyn peýda berýär. «Mesihiň kanuny» öýde, işde ýa-da mekdepde, şeýle-de ýygnakda hemme edýän işlerimize täsir edýär (Gal. 6:2). Injili okap oýlansak, Mesihiň kanunyna has gowy düşüneris. Ondaky görkezmelere, tabşyryklara we prinsiplere eýerenimizde bolsa, şol kanuna gulak asýandygymyzy görkezýäris. Aslynda, Mesihiň kanunyna gulak asanymyzda, Isanyň ähli öwreden zatlarynyň Gözbaşy bolan söýgüden doly Ýehowa Hudaýa gulak asýarys (Ýah. 8:28). w19.05 sah. 3, abz. 6, 7
4-nji ýanwar, duşenbe
Zalym we ýalançy adamlar erbet işleri etmekde ökdeleşerler (2 Tim. 3:13).
Şeýtan adamlaryň edýän erbet işlerini görende, gaty begenýär. Emma Ýehowa Şeýtanyň nähili usullary ulanýandygyny gaty gowy bilýär. Biz horluk çekenimizde, Ýehowa ýagdaýymyza düşünýär we bize teselli berýär. Biz «her dürli ýagdaýda göwünlik berýän Hudaýa» gulluk edýändigimize begenýäris. Sebäbi «Hudaý ähli kynçylyklarda göwünlik berýär. Biz hem Hudaýyň göwünlik berişi ýaly, dürli kynçylyklara duçar bolanlara göwünlik berip bilýäris» (2 Kor. 1:3, 4). Esasanam, ene-atasy taşlan ýa-da ýakynlary tarapyndan zorlanan adamlar hasam tesellä mätäç bolýar. Mezmurçy Dawut Ýehowanyň hemişe bize teselli berjekdigine ynanýardy (Zeb. 27:10). Ol Ýehowanyň maşgalasy tarapyndan taşlanan adamlaryň aladasyny etjekdigine iman edýärdi. Nädip? Ýehowa wepaly gullukçylary arkaly olara teselli berýär. Ýygnakdaky dogan-uýalar biziň ruhy maşgalamyz. Bir gezek Isa hem: «Gökdäki Atamyň islegini berjaý edýän adam meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi (Mat. 12:48—50). w19.05 sah. 15, abz. 8, 9
5-nji ýanwar, sişenbe
Iň wajyp zatlara düşünmegiňizi dileýärin (Flp. 1:10).
Biz ilki bilen nämäni öwrenmeli? Biz her gün Hudaýyň Sözüni öwrenmek üçin wagt sarp etmeli bolýarys. Ýygnakda her hepde okalýan baplaryň azaldylmagy okan zatlarymyz barada oýlanmaga we gözleg geçirmäge mümkinçilik berýär. Biz şol baplary ýöne bir okap geçmän, okan zatlarymyzyň ýüregimize täsir etmegine ýol bermeli. Şonda Ýehowa has-da ýakynlaşarys (Zeb. 19:14). «Garawul diňi» duşuşygy Hudaýyň Sözüne has gowy düşünmäge kömek edýär. Şonuň üçin makalada getirilen, esasan-da, «okaň» diýip görkezilen aýatlara ünsli boluň. Aýatdaky esasy sözleriň we jümleleriň abzasdaky pikir bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna üns beriň. Şeýle-de aýatlary okanyňyzda, oýlanmaga wagt sarp ediň we durmuşyňyzda nädip ulanyp biljekdigiňiz hakda pikirleniň (Ýuşa 1:8). w19.05 sah. 27, abz. 5, 9
6-njy ýanwar, çarşenbe
Meniň çöregim meni ibereniň islegini we tabşyrygyny soňuna çenli berjaý etmekdir (Ýah. 4:34).
Isa wagyz işini birinji orunda goýmakda ajaýyp görelde galdyrdy. Ol ýer ýüzünde ýaşanda, bar ünsüni Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň bermäge gönükdirýärdi. Ol köpräk adamlara wagyz etmek üçin pyýada ýüzlerçe kilometr ýol sökýärdi. Isa her bir mümkinçilikden peýdalanyp, köpçülik ýerlerinde we adamlaryň öýlerinde olar bilen gürrüňdeş bolýardy. Dogrudan-da, ol wagyz işini durmuşynda birinji orunda goýýardy. Biz hem Isadan görelde alyp, nirede bolsak-da, adamlara hoş habary wagyz etmäge mümkinçilik gözleýäris. Wagyz işine köpräk gatnaşmak üçin öz isleglerimizden höwes bilen geçýäris (Mar. 6:31—34; 1 Pet. 2:21). Käbir dogan-uýalar ýörite pioner, pioner ýa-da kömekçi pioner bolup gulluk edýär. Başgalar bolsa täze dil öwrenýär ýa-da wagyzçylaryň az ýerine göçýär. Emma wagyz işiniň köp bölegi, esasan, hoş habary wagyz etmek üçin elinde baryny edýän wagyzçylar arkaly amala aşyrylýar. Ýagdaýymyz nähili bolaýanda-da, Ýehowa güýjümizden artyk zady talap etmeýär. w19.04 sah. 4, abz. 7, 8
7-nji ýanwar, penşenbe
Aýdýan sözlerim, oý-pikirim göwnüňden tursun (Zeb. 19:14).
Biz özümize şeýle soraglary berip bileris: Tekepbirligi ýa-da göripligi ýüregimden doly aýyrdymmy? (1 Pet. 2:1). Alan terbiýäme, bilimime ýa-da maddy zatlaryma buýsanýarynmy? (Nak. 16:5). Başgalara göwnüýetmezçilik edýärinmi ýa-da ala tutýarynmy? (Ýak. 2:2—4). Şeýtanyň dünýäsi meni özüne çekýärmi? (1 Ýah. 2:15—17). Ahlaksyz we zorlukly göwün açmalary halaýarynmy? (Zeb. 97:10; 101:3; Amos 5:15). Şu soraglar hakda oýlansaňyz, nämäniň üstünde işlemelidigini bilersiňiz. Dostlarymyz bize güýçli täsir edýär (Nak. 13:20). Biz her gün işde ýa-da mekdepde Ýehowanyň pikirine eýermeýän adamlar bilen iş salyşmaly bolýarys. Emma mesihçiler ýygnagynda özümize gowy täsir edýän dostlary tapyp bileris. Olar bizi «birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirip» biler (Ýew. 10:24, 25). w19.06 sah. 12, abz. 13, 14
8-nji ýanwar, anna
Günäni geçmek onuň şöhratydyr (Nak. 19:11).
Ýehowa bizi kynçylyk hem görgi görmek üçin ýaratmady. Ine, şonuň üçin hem Ýehowanyň wepaly gullukçylary hem käte oýlanyşyksyz sözleri aýdýar. Olar hatda Ýehowa ýa-da bize garşy oýlanyşyksyz zatlary aýdyp biler (Eýp. 6:2, 3). Şeýle ýagdaýda gaharlanmalyň ýa-da aýdýan sözleri üçin olary ýazgarmalyň. Käwagt kynçylyga düşen adam maslahata ýa-da düzedişe mätäç bolýar (Gal. 6:1). Şeýle ýagdaýda ýaşulular nädip kömek edip biler? Olar Eýýuby ünsli diňläp, oňa duýgudaşlyk bildiren Alyhuwdan görelde alyp biler (Eýp. 33:6, 7). Alyhuw Eýýubyň garaýşyna doly düşünenden soň, oňa maslahat berdi. Ýaşulular hem Alyhuwyň göreldesine eýerip, dogan-uýalary ünsli diňlemeli we olaryň ýagdaýyna düşünjek bolmaly. Şonda olaryň berýän maslahaty imandaşlarynyň ýüregine täsir eder. w19.06 sah. 22, 23, abz. 10, 11
9-njy ýanwar, şenbe
Biz adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly (Res. 5:29).
Wagyz işimiz gadagan edilse, Ýehowa gulluk etmegimizi nädip dowam edip bileris? Filial ýygnak ýaşulularyna görkezmeleri we maslahatlary berer. Eger filial ýaşulular bilen habarlaşyp bilmese, ýygnak ýaşulularynyň özi ýygnakdaky dogan-uýalar Ýehowa gulluk etmegini dowam edip biler ýaly aladasyny eder. Ýaşulular Mukaddes Kitap we edebiýatlarymyz esasynda size görkezme berer (Mat. 28:19, 20; Ýew. 10:24, 25). Ýehowa gullukçylarynyň ruhy taýdan bolluk bilen iýmitlenjekdigini wada berdi (Işa. 65:13, 14; Luka 12:42—44). Şol sebäpli guramamyzyň Hudaýa wepaly galmagyňyz üçin elinde baryny etjekdigine doly ynanyp bilersiňiz. Ýöne siz öz tarapyňyzdan näme edip bilersiňiz? Wagyz işimiz gadagan edilse, Mukaddes Kitabyňyzy we edebiýatlaryňyzy el ýüzünde goýmaň. Çap edilen ýa elektron görnüşi bolsun, olary aňsatlyk bilen tapyp bolaýjak ýerde goýmaň. Her birimiz ruhy taýdan berk bolmak üçin elimizde baryny etmeli. w19.07 sah. 10, abz. 10, 11
10-njy ýanwar, ýekşenbe
Iň bolmanda, käbir adamlary halas etmek üçin, her kese her zat boldum (1 Kor. 9:22).
Müňlerçe ýylyň dowamynda hemme adamlar diýen ýaly haýsy bolsa-da bir dine uýýardy. Ýöne şu günler Hudaýa ynanmaýan we hiç bir dine uýmaýan adamlar gitdigiçe köpelýär. Käbir ýurtlarda köp adamlar hiç bir dine uýmaýandygyny aýdýarlar (Mat. 24:12). Näme üçin? Munuň birnäçe sebäbi bar. Käbirleri durmuşyň gaýgy-aladalary bilen başagaý, başgalar bolsa wagtyny keýpi-sapada geçirýär (Luka 8:14). Käbir adamlar bolsa Hudaýa asla ynanmaýar. Başgalar Hudaýa ynansa-da, dine könelişen we ylma hem-de ynsan düşünjesine laýyk gelmeýän zat hökmünde garaýar. Mümkin, olar dost-ýarlaryndan, mugallymlaryndan ýa-da başga adamlardan ýer ýüzündäki ähli zatlaryň ewolýusiýa arkaly dörändigini eşidendir. Emma olar Hudaýyň bardygyny subut edýän deliller hakda eşitmedik bolmaga çemeli. Käbir adamlary bolsa parahor hem-de wezipä kowalaşýan dini ýolbaşçylaryň özüni alyp barşy hasam biynjalyk edýär. Üstesine-de, käbir ýurtlarda dine uýmak kanun taýdan gadagan edilýär. w19.07 sah. 20, abz. 1, 2
11-nji ýanwar, duşenbe
Berk we tutanýerli boluň. Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekiň. Bilip goýuň, Halypamyz üçin çekýän zähmetiňiz biderek däldir (1 Kor. 15:58).
Biz tut ýaly sagdyn bolmasak-da, ruhy taýdan berkäp bilýäris. Käbirleri ýarawsyz bolsa-da, elinde baryny edip, yhlasly gulluk edýärler (2 Kor. 4:16). Belki, siz Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk edýänsiňiz. Indi bolsa garrylyk, keselçilik sebäpli öňkiňiz ýaly wagyz edip bilýän dälsiňiz. Ruhdan düşmäň! Ýehowanyň siziň wepaly gullugyňyzy ýatlap begenýändigini unutmaň (Ýew. 6:10). Ýehowa siziň wepalylygyňyzy wagyz sagatlaryňyz bilen kesgitlemeýär. Eger biz dogry garaýyşda bolsak, elimizde baryny edip wagyz etsek, Allany söýýändigimizi görkezeris (Kol. 3:23). Ýehowa mümkinçiligimiziň çäklidigini bilýär, güýjümizden artyk zady talap etmeýär (Mar. 12:43, 44). w19.08 sah. 3, abz. 6; sah. 5, abz. 11, 12
12-nji ýanwar, sişenbe
Yşygyňyz adamlara şeýle nur saçsyn welin, ýagşy işleriňizi görsünler (Mat. 5:16).
Ýehowa ýygnakdaky dogan-uýalaryň edýän «ýagşy işleri» arkaly adamlary Özüne ýakynlaşdyrýar (Mat. 5:14, 15; 1 Pet. 2:12). Eger ýanýoldaşyňyz Ýehowanyň Şaýady bolmasa, ony dogan-uýalar bilen tanyşdyryň, ýygnaklara çagyryň (1 Kor. 14:24, 25). Biz ähli dogan-garyndaşlarymyzyň Ýehowa sežde etmegini isleýäris. Ýöne näçe jan etsek-de, olaryň hakykata gelmezligi mümkin. Eger şeýle bolsa, özüňizi günäkärlemäň, sebäbi hiç kimi mejburlap, dinimizi kabul etdirip bilmeris. Goý, dogan-garyndaşlaryňyz siziň şatlyk bilen Ýehowa gulluk edýändigiňizi görsünler. Şonda olar hoş habara biparh garamazlar. Olar üçin doga ediň, mähirli gepleşiň we kömek etmek üçin eliňizde baryny ediň (Res. 20:20). Şonda Ýehowa siziň tagallaňyzy sylaglar. Eger dogan-garyndaşlaryňyz hoş habary diňlese, Hudaý olary halas eder. w19.08 sah. 18, 19, abz. 15—17
13-nji ýanwar, çarşenbe
Bedeniň çyrasy gözdür. Eger gözüň sada bolsa, bütin bedeniň hem ýagty bolar (Mat. 6:22).
Isa nämäni göz öňünde tutduka? Ol biziň sada ýaşamalydygymyzy ýa-da ünsümizi diňe bir zada gönükdirip, Hudaýa bökdençsiz gulluk etmelidigimizi göz öňünde tutdy. Isa ünsüni wagyz işine gönükdirip, bize gowy görelde galdyrdy. Ol şägirtlerine hem Ýehowa gulluk etmegi we onuň Patyşalygyny ileri tutmagy öwretdi. Biz «Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny hemişe birinji orunda goýanymyzda», Isanyň göreldesine eýerýäris (Mat. 6:33). Ünsümizi wagyz işine gönükdirmegiň bir usuly, sada ýaşamak. Durmuşymyzy sadalaşdyrsak, adamlara Ýehowany tanamaga we oňa bolan söýgüsini artdyrmaga kömek edip bileris. Meselem, hepdäniň dowamynda köpräk wagyz edip biler ýaly, iş sagadymyzy azaldyp bileris. Ýa-da köp wagtymyzy alýan dynç alşyň käbir görnüşlerinden geçmeli bolarys. w19.04 sah. 5, 6, abz. 12, 13
14-nji ýanwar, penşenbe
Men beýik we mukaddes ýerde ýaşaýaryn. Ejizleriň we ezilenleriň ýanynda bolaryn (Işa. 57:15).
Soňky ýyllarda köp dogan-uýalaryň ýerine ýetirýän borjy üýtgedi. Olara özgerişlikleri kabul etmek aňsat düşen däldir. Olar borjuny köp ýyldan bäri ýerine ýetirýändigi üçin, edýän işlerini örän gowy görýärdiler. Dogan-uýalaryň käbirine täze ýagdaýa öwrenişmek has-da kyn düşdi, ýöne wagtyň geçmegi bilen öwrenişdiler. Olar ähli zatdan öňürti Ýehowany söýýärler we ömrüni haýsydyr bir işe ýa-da jogapkärli borja däl-de, Ýehowa bagyş etdiler (Kol. 3:23). Olar islendik ýerde pesgöwünlilik bilen Ýehowa gulluk etmäge taýýar we Hudaýyň hemişe goldaw berjekdigine ynanyp, ähli gaýgy-aladasyny onuň üstüne atýar (1 Pet. 5:6, 7). Pesgöwünlilik biziň özümize-de, başgalar-da köp peýda berýär we durmuşda bolýan kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Iň esasy zat bolsa, Ýehowa bilen dostlugymyz berkeýär. w19.09 sah. 6, 7, abz. 15—17
15-nji ýanwar, anna
Ýehowanyň buýruklary adalatly, ýüregi şatlandyrýar... Kanunlaryny berjaý edýän uly sylag alýar (Zeb. 19:8, 11).
Ýehowa Dawudy diňe bir maşgalabaşy däl-de, bütin ysraýyl halkynyň baştutany edip belledi. Dawut patyşanyň uly ygtyýary bardy. Ol käte ygtyýaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, agyr günäleri etdi (2 Şam. 11:14, 15). Ýöne ol Ýehowa tabyn bolup, beren temmisini kabul etdi. Dawut patyşa Ýehowa doga edip, ýüregini dökýärdi. Ol Ýehowanyň maslahatyna eýermek üçin elinde baryny edýärdi (Zeb. 51:1—4). Şeýle-de ol pesgöwünli bolansoň, diňe bir erkek kişileriň däl, aýallaryň hem maslahatyny kabul edýärdi (1 Şam. 19:11, 12; 25:32, 33). Dawut goýberen ýalňyşlyklaryndan sapak edinýärdi we Ýehowa gulluk etmegi örän wajyp hasaplaýardy. Ol Ýehowa gulak asmagyň peýdalydygyna düşünýärdi. Ýehowa tabyn bolýanlar bilen tabyn bolmaýanlaryň arasynda uly tapawut bar. Ýehowa tabyn bolýan adamlar «ýürekden şatlanyp, joşup aýdym aýdýarlar» (Işa. 65:13, 14). w19.09 sah. 17, abz. 15; sah. 19, abz. 21
16-njy ýanwar, şenbe
Uly märekäni gördüm. Olar tagtyň we Guzynyň öňünde... durdylar (Ylh. 7:9).
1935-nji ýylda Ýehowanyň Şaýatlary uly märekäniň gökde «tagtyň we Guzynyň öňünde» göni manyda däl-de, göçme manyda durjakdygyna düşündi. Uly märeke ýer ýüzünde ýaşasa-da, Ýehowanyň Älemiň hökümdarydygyna düşünip we Oňa tabyn bolup, «tagtyň öňünde» durýarlar (Işa. 66:1). Olar Isanyň töleg gurbanyna iman edip Guzynyň öňünde durýarlar. Şeýle-de Matta 25:31, 32-nji aýatlarda ähli halklaryň, hatda erbet adamlaryň hem şöhratly tagtynda oturan Isanyň «öňüne ýygnanjakdygy» aýdylýar. Elbetde, ähli halklar gökde däl-de, ýer ýüzünde ýygnanar. Şeýle düşündiriş örän ýerlikli. Indi biz Mukaddes Kitapda uly märekäniň göge alynjakdygy barada näme üçin hiç zadyň aýdylmaýandygyna düşünýäris. Diňe bir topar gökde ebedi ýaşar. Ol topar Isa bilen birlikde patyşalar bolup «ýeriň üstünden höküm sürjek» 144 000 saýlanan mesihçilerdir (Ylh. 5:10). w19.09 sah. 28, abz. 9
17-nji ýanwar, ýekşenbe
Eý Allanyň wepaly bendeleri, Ýehowany söýüň! (Zeb. 31:23).
Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Ýehowa gullukçylarynyň Beýik Wawilondan doly çykmagyny isleýär. Biz ýalan dine degişli zatlardan gaça durmak bilen çäklenmeli däl. Biz hakyky dini goldamaly, ýagny Ýehowa edýän seždämiz arassa bolmaly. Geliň, muny etmegiň iki ýoluny bileliň. Birinjiden, Ýehowanyň ahlak kadalaryna berk eýermeli. Biz şu dünýäniň biderek düşünjesine eýermeli däl. Meselem, ahlaksyzlygyň islendik görnüşini, bir jynsdaky adamlaryň nikasyny we beçebazlyga degişli başga-da zatlary goldamaly däl (Mat. 19:4, 5; Rim. 1:26, 27). Ikinjiden, imandaşlarymyz bilen bilelikde sežde etmeli. Biz Ýygnak jaýynda, öýlerde, hatda gizlin ýerlerde Hudaýa sežde edýäris. Nähili ýagdaý bolaýanda-da, ýygnaklara hökman barmaly. Dogrudan-da, «ol günüň golaýlaşýandygyny görýändigimiz» üçin bilelikde ýygnanyşmagymyzy bes etmeli däl (Ýew. 10:24, 25). w19.10 sah. 15, 16, abz. 6, 7
18-nji ýanwar, duşenbe
Ýehowa ýürekden wepaly bolmagy talap edýändir (2 Mus. 34:14).
Ýehowa biziň şatlanyp ýaşamagymyzy isleýär. Göwün açmak şatlygymyza şatlyk goşýar. Hudaýyň Sözünde: «Adam üçin iýip-içmekden, zähmetiniň hözirini görmekden gowy zat ýokdur» diýilýär (Nes. 2:24). Ýöne dünýäniň göwün açmak üçin hödürleýän zatlarynyň köpüsi bize erbet täsir edýär. Olarda ahlak kadalary depelenýär we Hudaýyň Sözünde ýazgarylýan işlere adaty zat ýaly garamaga, hatda söýmäge höweslendirilýär. Biz Ýehowa ýürekden wepaly bolmak isleýäris. Şonuň üçin «hem „Ýehowanyň saçagyndan“, hem jynlaryň saçagyndan» iýip bilmeris (1 Kor. 10:21, 22). Köplenç bir saçakdan iýip-içmek dostlugyň alamaty hasaplanýar. Eger biz göwün açmak üçin zorluk, jadygöýlik, ahlaksyzlyk bilen bagly we erbet höwesi, garaýşy oýarýan zatlary görsek, Hudaýyň duşmanynyň saçagyndan iýip içeris. Netijede, biz diňe özümize däl-de, Ýehowa bilen dostlugymyza-da zyýan ýetireris. w19.10 sah. 26, abz. 2; sah. 29, abz. 11, 12
19-njy ýanwar, sişenbe
Adamlar... Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen pygamberlik edýärdiler (2 Pet. 1:21).
Ýeliň ugruna ýüzmek üçin deňizçi iki zat etmeli: birinjiden, ol gaýygyny ýeliň öwüsýän ýerine eltmeli. Eger ol gaýygyny açyk deňze çykarman, kenarda goýsa, ýeliň ugruna ýüzüp bilmez. Ikinjiden, deňizçi ähli ýelkenlerini açmaly. Gaýygyň öňe ýüzmegi üçin diňe şemalyň öwüsmegi ýeterlikli däl, deňizçi gaýygyň ýelkenlerini açyp, ýelden doldurmaly. Şonuň ýaly, bizem diňe mukaddes ruhuň kömegi bilen Ýehowa wepaly gulluk edip bileris. Mukaddes ruh bize ýardam berer ýaly, biz iki ädim ätmeli. Birinjiden, Hudaýyň ruhunyň täsir edýän ýerinde bolmaly, ýagny ruhy işler bilen meşgullanmaly. Ikinjiden, biz «ýelkenlerimizi açmaly», ýagny elimizde baryny edip ruhy işlere gatnaşmaly (Zeb. 119:32). Biz ruhy işler bilen meşgullansak, güýçli tolkun ýaly synaglar we garşylyklar bolsa-da, Hudaýa wepaly bolarys. w19.11 sah. 9, abz. 8; sah. 10, abz. 11
20-nji ýanwar, çarşenbe
Size... parahatlygymy berýärin (Ýah. 14:27).
Ýer ýüzündäki ömrüniň soňky gijesi Isa juda hasrat çekýärdi. Tizden ol erbet adamlaryň elinden görgi görüp, ýowuz ölüme sezewar bolmalydy. Emma Isany öz ölümindenem has biynjalyk edýän bir zat bardy. Ol gökdäki Atasyny çuňňur söýýärdi we ony razy etmek isleýärdi. Isa synagda wepalylygyny saklasa, Ýehowanyň adyny aklap biljekdigine düşünýärdi. Şeýle-de ol adamlary söýýärdi we ölýänçä Ýehowa wepaly bolsa, bize ebedi ýaşaýşa ýol açjakdygyny bilýärdi. Emma iň agyr synagda-da Isa kalbynda rahatlygyny saklady. Isada «Hudaýyň parahatlygy» bardy. Şeýle parahatlyk Ýehowa bilen gymmatly dostlukly gatnaşygy bolan adamyň kalbyna rahatlyk berip, özüni parahat alyp barmaga kömek edýär. Hudaýyň berýän parahatlygy Isanyň pikirini we ýüregini gaýgy-aladalardan gorady (Flp. 4:6, 7). Biziň hiç birimiz Isanyň gören görgülerini başymyzdan geçirmedik. Emma Isanyň yzyna eýerýändigimiz üçin ählimiz dürli synaglara duçar bolýarys (Mat. 16:24, 25; Ýah. 15:20). Bizem Isa ýaly käte hasrat çekip bileris. w19.04 sah. 8, abz. 1—3
21-nji ýanwar, penşenbe
Içiňizde lowlaýan mukaddes ruhuň oduny söndürmäň (1 Sel. 5:19).
Biziň her birimiz: «Men Ýehowanyň guramasynyň agzasydygyma begenýärinmi?» diýen sorag hakda oýlansak gowy bolar. Ýehowa şu günler guramasyny goldaýandygyny mese-mälim subut edýär. Biz muňa örän minnetdar (1 Sel. 5:18). Ýehowanyň guramasyny goldaýandygymyzy nädip görkezip bileris? Munuň üçin edebiýatlarymyzda, ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde Mukaddes Kitaba esaslanyp berilýän görkezmelere eýermeli. Şeýle-de wagyz we tälim bermek işine yhlasly gatnaşmaly (1 Kor. 15:58). Ýehowa gurbanlygymyzy kabul eder ýaly, Onuň razylygyny gazanalyň. Ýehowa minnetdar bolup, gulluk edeliň. Ony çyn ýürekden söýýändigimiz üçin iň gowy zadymyzy bereliň. Şeýle-de Ýehowanyň ak pata berýän guramasyny höwes bilen goldalyň. Şonda biz Ýehowanyň Şaýady bolmak hormatyny gymmat saýýandygymyzy görkezeris. w19.11 sah. 25, abz. 17, 18
22-nji ýanwar, anna
Maňa iman edýän... bulardan hem köp işleri eder (Ýah. 14:12).
Isa biziň edil özi ýaly gudrat görkezjekdigimizi aýtjak bolmady. Ol şägirtleriniň has köp ýerlerde, köp adamlara we köp wagtlap wagyz etjekdigini hem-de tälim berjekdigini göz öňünde tutdy. Eger siz maşgalaňyzy ýa özüňizi eklemek üçin işleýän bolsaňyz, şu soraglar hakda oýlanyň: «Işimde meni zähmetsöýer adam hökmünde tanaýarlarmy? Özüme tabşyrylan işi wagtynda hem-de gowy etmek üçin jan edýärinmi?» Eger şu soraglara arkaýyn «hawa» diýip jogap berseňiz, başlygyňyzyň ynamyny gazanarsyňyz. Mundan başga-da özüňizi synlaýan adamlara hakykata gelmäge kömek edersiňiz. Wagyz we şägirt taýýarlamak işi bilen bagly özüňize şeýle soraglary berip bilersiňiz: «Meni yhlasly wagyzçy diýip tanaýarlarmy? Gaýtadan ideglere gowy taýýarlanýarynmy? Gyzyklanan adamlardan derrew habar alýarynmy? Wagzyň her dürli görnüşine yzyny üzmän gatnaşýarynmy?» Eger şu soraglara «hawa» diýip jogap berseňiz, gullugyňyzdan köp şatlyk taparsyňyz. w19.12 sah. 5, abz. 14, 15
23-nji ýanwar, şenbe
Her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärine çuňňur hormat goýsun (Efes. 5:33).
Çaga edinmek isleýän är-aýallar esasan şu iki wajyp sorag hakda çynlakaý oýlanmaly: «Birinjiden, haçan çaga edinmeli? Ikinjiden, näçe çaga edinmeli?» Ýöne bu barada haçan gürleşmeli? Bu soraglar hakda oýlanmak näme üçin wajyp? Köplenç çaga edinmek meselesi barada durmuş gurmazdan öň gürleşilse paýhasly bolýar. Näme üçin? Sebäbi oglan bilen gyz bu meselede bir pikirde bolmaly. Şeýle-de olar bu jogapkärçilige taýyndygy ýa-da däldigi hakda oýlanmaly. Käbir ýaşlar durmuş gurandan soň, azyndan birki ýyl çaga edinmeýär. Sebäbi ene-ata köp wagtyny we güýjüni çagasyna bermeli bolýar. Ine, şonuň üçinem käbir är-aýallar birnäçe wagtlap çaga edinmeýärler. Bu olara maşgala durmuşyna öwrenişmäge we biri-birine has-da ysnyşmaga kömek edýär. w19.12 sah. 23, abz. 4, 5
24-nji ýanwar, ýekşenbe
Hak dost... aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr (Nak. 17:17).
Şu günler dogan-uýalaryň köpüsi köp kynçylyklary başyndan geçirýär. Käbir dogan-uýalar keselçilik bilen göreşse, käbiri ýakynynyň ölüminden ýaňa hasrat çekýär. Başgalar bolsa maşgala agzalarynyň ýa-da ýakyn dostunyň hakykaty taşlandygyna ýüregi gyýym-gyýym bolýar. Käbir dogan-uýalar bolsa tebigy betbagtçylyk sebäpli köp görgüleri görýär. Hawa, şol dogan-uýalaryň ählisi tesellä mätäç. Biz olary nädip goldap bileris? Olaryň halyndan habar alyň. Wepaly dostlar imandaşlary üçin wagtyny hem güýjüni gaýgyrmaýar. Meselem, Piter dogana lukman agyr keseliniň tiz güýjeýändigini we az wagtynyň galandygyny aýdýar. Doganymyzyň aýaly Katrin şeýle diýýär: «Ýygnagymyzdaky bir är-aýal Piteriň ýaramaýandygyny bilende, bizi hassahana äkitdi. Olar asla ýanymyzdan aýrylmaýardy we gerek-ýarak zatlarymyzy getirip berýärdi». Dogrudanam, şeýle wepaly dostlaryň berýän kömegi kynçylyklarda çydamly bolmaga kömek edýär. w20.01 sah. 8, abz. 1; sah. 9, abz. 5, 6
25-nji ýanwar, duşenbe
Olaryň hemmesi mukaddes ruhdan dolup... dürli dillerde gepläp başladylar (Res. 2:4).
B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni şägirtler bir jaýyň ýokarky otagynda ýygnanyşýar. Eger siz hem olaryň arasynda bolan bolsaňyz, özüňiziň gökdäki ýaşaýyş üçin saýlanandygyňyza birjik-de şübhelenmezdiňiz (Res. 2:5—12). Ýöne gökde höküm sürjekleriň ählisi gudrat bilen we şol bir wagtda saýlanýarmy? Ýok. Geliň, käbir mesihçileriň haçan saýlanandygyny bileliň. Pentikost güni 120 şägirtden başga-da mukaddes ruh arkaly saýlanan mesihçiler bardy. Şol gün 3 müňe golaý adam suwa çümdürilip, mukaddes ruh sylagyny aldy (Res. 2:37, 38, 41). Ýöne şondan soňky ýyllar mesihçileriň hemmesi suwa çümdürilende saýlanmady. Meselem, samariýalylar suwa çümdürilenine biraz wagt geçensoň saýlandy (Res. 8:14—17). Korneliý bilen onuň öý-içerisindäkiler bolsa suwa çümdürilmezinden öň mukaddes ruh arkaly saýlanypdy (Res. 10:44—48). w20.01 sah. 20, 21, abz. 2—4
26-njy ýanwar, sişenbe
Men olara adyňy tanatdym (Ýah. 17:26).
Diňe dört Hoş habarda Isa Ýehowa 165 gezek «Ata» diýip ýüzlenýär. Isa näme üçin Ýehowa hakda şeýle köp gürrüň berdikä? Munuň bir sebäbi ol adamlaryň Ýehowa söýgüden doly Atasy hökmünde garamagyny isleýärdi (Ýah. 17:25). Ýehowanyň Ogly Isa bilen özüni alyp barşyndan näme öwrenýäris? Ýehowa hemişe Isanyň dogalaryny diňleýärdi. Diňe bir diňlemän, eýsem jogap hem berýärdi (Ýah. 11:41, 42). Nähili synaga duşsa-da, Isa Atasynyň söýgüsini hem goldawyny duýýardy (Luka 22:42, 43). Ýehowanyň ýaşaýşyň Gözbaşydygyny we ol arkaly ýaşaýandygyny göz öňünde tutdy. Ýehowa söýgüden doly Ata hökmünde Isany hemişe goldajakdygyna ynandyrýardy (Mat. 26:53; Ýah. 8:16). Elbetde, Ýehowa Isany ähli kynçylyklardan goramady. Ýöne oňa synaglarda çydamly bolmagy üçin güýç berdi. Isa çekýän horluklarynyň wagtlaýyndygyny bilýärdi (Ýew. 12:2). Ýehowa Isany diňläp, gerekli zatlary berip, öwredip we goldap, aladasyny etdi (Ýah. 5:20; 8:28). w20.02 sah. 3, abz. 6, 7, 9
27-nji ýanwar, çarşenbe
Ählisini Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň... Ýygnagyň büdremegine sebäp bolmaň (1 Kor. 10:31, 32).
Haýsydyr bir däp-dessura gatnaşmakçy bolanymyzda, gelýän kararymyzyň başgalara, esasan-da, imandaşlarymyza nähili täsir etjekdigi barada oýlansak gowy bolar. Biz hiç kimiň büdremegine sebäp bolmak islemeýäris (Mar. 9:42). Şeýle-de Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlaryň göwnüne degmekden gaça durýarys. Adamlara bolan söýgi olar bilen gepleşenimizde, garaýşyna hormat goýmaga höweslendirýär. Bu bolsa Ýehowa şöhrat getirer. Söýgi bildirmegiň adamlara güýçli täsir edýändigini unutmalyň! Eger şeýtsek, hatda bize garşy çykýan adamlaryň hem ýüregini ýumşadyp bileris. Ýehowanyň Şaýadydygyňyzy asla gizlemäň (Işa. 43:10). Dogan-garyndaşlaryňyz we goňşularyňyz Ýehowa Hudaýa sežde edýändigiňizi bilseler, kynçylyga uçranyňyzda, olara döz gelmek aňsat bolar. Hakykatyň tarapyny tutýandygymyza biz hiç haçan utanmarys (Rim. 1:16). w19.04 sah. 17, 18, abz. 14—16
28-nji ýanwar, penşenbe
Men resullaryň iň kiçisi we resul adyny götermäge-de mynasyp däldirin (1 Kor. 15:9).
Pawlus resul Isanyň yzyna eýeren 12 resulyň arasynda ýokdy; sebäbi ol Isa direlensoň mesihçi bolupdy. Pawlus «başga halklara iberilen resul» bolsa-da, 12 resulyň arasynda bolmak ýaly uly hormaty aljak bolmaýardy (Rim. 11:13; Res. 1:21—26). Ol Isanyň 12 resulyna göriplik etmän, özüne berlen hormatly borçlaryna begenýärdi. Eger biz barymyza kaýyl bolup, pesgöwünli bolsak, Pawlus resul ýaly Ýehowanyň ygtyýar beren adamlaryna hormat goýarys (Res. 21:20—26). Ýehowa mesihçiler ýygnagynda ýolbaşçylyk etjek adamlary belledi. Olar bikämil bolsa-da, Ýehowa olara «bereket hökmünde» garaýar (Efes. 4:8, 11). Jogapkär doganlara hormat goýup, olaryň berýän görkezmesine pesgöwünlilik bilen eýerenimizde, Ýehowa has-da ýakynlaşýarys we imandaşlarymyzyň arasynda parahatlygyň bolmagyna ýardam edýäris. w20.02 sah. 17, abz. 13, 14
29-njy ýanwar, anna
Ilki bilen Hudaý söýdi, şonuň üçin biz hem söýýäris (1 Ýah. 4:19).
Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlamankaňyz, Alla we onuň edýän ýagşylyklary hakda diňlemegi gowy görensiňiz. Indi siz Ýehowanyň Şaýatlaryny tanaýarsyňyz we olar bilen gürrüňdeş bolmagy halaýarsyňyz. Ýöne özüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmek üçin, şeýle zatlary gowy görmek ýeterlikli däl. Suwa çümdürilmäge, esasanam, Ýehowa Hudaýa bolan söýgi höweslendirmeli. Eger Ýehowany ähli zatdan köp söýseňiz, siz hiç kime we hiç zada Hudaýa gulluk etmäge päsgel berdirmersiňiz. Siziň Ýehowa bolan söýgiňiz suwa çümdürilmäge we soňuna çenli wepaly galmaga kömek eder. Isa Ýehowany bütin ýüregimiz, janymyz, aň-düşünjämiz we güýjümiz bilen söýmelidigimizi aýtdy (Mar. 12:30). Ýehowany ýürekden söýmek we hormat goýmak üçin näme etmeli? Ýehowanyň bizi söýýändigi barada oýlansak, biziň hem oňa bolan söýgimiz artar. w20.03 sah. 4, abz. 4, 5
30-njy ýanwar, şenbe
Birkemsiz gulluk et (2 Tim. 4:5).
Birkemsiz gulluk etmek nämäni aňladýar? Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmek üçin wagyz etmek we tälim bermek işine mümkin boldugyndan köpräk gatnaşmaly. Emma bu wagza ýöne bir wagtyňy sarp etmekden has köp zady aňladýar. Ýehowa biziň nähili niýet bilen gulluk edýändigimize üns berýär. Biz Ýehowany we ýakynymyzy söýýäris. Şol sebäpli Hudaýyň tabşyran wagyz işine ýürekden gatnaşýarys (Mar. 12:30, 31; Kol. 3:23). Hudaýa bütin ýüregiň bilen gulluk etmek oňa iň gowy zadyňy bermegi aňladýar. Munuň üçin güýjümizi we ukyplarymyzy dogry ulanmaly. Eger biz hoş habary wagyz etmek hormatyny gymmat saýsak, mümkin boldugyndan, köpräk adamlara wagyz etmäge jan ederis. Mümkin, biziň wagyz etmek üçin wagtymyz çäklidir. Ýöne biz bu işi gymmat saýýarys. Hoş habar adamlaryň ýüregine täsir eder ýaly, ökdelik bilen wagyz etmäge jan edýäris. Şeýdip, wagyz işini birinji orunda goýýarys. w19.04 sah. 2, abz. 3; sah. 3, abz. 4, 6
31-nji ýanwar, ýekşenbe
Onda hakykat ýokdur (Ýah. 8:44).
Şeýtanyň ýaýradýan ýalanlary adamlaryň gaýgy-hasratyny we jebir-jepasyny artdyrýar. Käbir adamlar çagasynyň ölümi sebäpli hasrat çekýän ene-atalara: «Hudaý çagaňyzy gökde perişde gerek bolandygy üçin öz ýanyna aldy» diýýärler. Şeýtanyň bu ýalany adamyň derdini ýeňledýärmi ýa-da onuň derdine dert goşýar? Öňler dowzah ody baradaky ýalan taglymata esaslanyp, buthananyň öwretmelerine garşy çykýan adamlary gynaýardylar, käte bolsa otda ýakýardylar. Ispanlaryň bir kitabyna görä, şeýle zalymlyga jogapkär adamlar jezalandyrylýanlara ölmezden öň toba edip, dowzah odundan gutulyp biler ýaly, olara «dowzah odunyň tagamyny datmaga» mümkinçilik berýäris diýip ynanýardylar. Häzirem köp ýurtlarda adamlar ölen ata-babalaryna sežde edýärler, olara hormat bilen garap, ak pata dileýärler. Başgalar bolsa ata-babalarynyň ruhuny razy etjek bolup, hepdäniň belli bir günleri zat bişirip paýlaýarlar. Gynansak-da, Şeýtanyň ýalanlaryna esaslanan şeýle dini ynançlar adamlara hakyky tesellini bermeýär. Gaýtam olaryň derdini hasam köpeldip, gorkuda ýaşamaga iterýär. w19.04 sah. 14, abz. 1; sah. 16, abz. 10