Fewral
1-nji fewral, duşenbe
Ýehowa... adalaty söýýär (Zeb. 33:5).
Mukaddes Kitapda agzalýan «adalatlylyk» diýen söz Hudaýyň dogry hasaplaýan zatlaryny etmegi we hiç kimi ala tutmazlygy aňladýar. Isanyň özüni alyp barşy onuň adalatlylyga bolan garaýşyny aýan edýär. Isanyň ýerde ýaşan döwri ýehudy dini ýolbaşçylary özge milletden bolan adamlary ýigrenýärdiler we aýallara hormat goýmaýardylar. Emma Isa hemmelere deň garaýardy we adalatly hereket edýärdi. Ol özüne iman edýän özge milletden bolan adamlary hem kabul edýärdi (Mat. 8:5—10, 13). Isa baý ýa garyp diýmän, hemme adamlara wagyz edýärdi (Mat. 11:5; Luka 19:2, 9). Ol aýallar bilen özüni gödek alyp barmaýardy we olary kemsitmeýärdi. Gaýtam olara hormat goýýardy we başgalar ýigrenç bilen garasa-da, olar bilen özüni mähirli alyp barýardy (Luka 7:37—39, 44—50). Biziň üçin sapak: Isanyň göreldesine eýerip, hemme adamlara deň garamaly we baý ýa garypdygyna, haýsy dine uýýandygyna garamazdan, olara hoş habary wagyz etmeli. Doganlar Isanyň göreldesine eýerip, gelin-gyzlara hormat goýmaly. w19.05 sah. 2, abz. 1; sah. 5, abz. 15—17
2-nji fewral, sişenbe
Siziň bilen mähirli bolup, çagasyny emdirýän ene ýaly söýgi bilen aladaňyzy etdik (1 Sel. 2:7).
Şu günler hem ýaşulular mähirli ene ýaly, tesellä mätäç dogan-uýalara ýumşaklyk hem mähir bilen Mukaddes Kitap arkaly göwünlik berýärler. Zorlanan adamlara diňe ýaşulular teselli bermelimi? Elbetde, ýok. Biziň ählimiz «bir-birimize göwünlik bermäge» borçly (1 Sel. 4:18). Esasanam, ruhy taýdan ösen uýalar tesellä mätäç uýalary ruhlandyryp biler. Ýehowa özüni çagasyna teselli berýän ene bilen deňeşdirýär. Bu örän ýerlikli (Işa. 66:13). Mukaddes Kitapda betbagtçylyga uçranlara aýallaryň hem teselli berendigi aýdylýar (Eýp. 42:11). Duýgy taýdan ejir çekýän imandaşlaryna kömek berýän uýalary görende, Ýehowanyň nähili begenýändigini göz öňüne getiriň! Käbir ýagdaýlarda ýaşulular ruhy taýdan ýetişen uýadan ejir çekýän uýa kömek etmegi haýyş edip biler. Biz zorluga sezewar bolan imandaşymyza kömek edenimizde, onuň aýtmak islemeýän zadyny zor bilen aýtdyrjak bolmaly däl (1 Sel. 4:11). w19.05 sah. 16, abz. 10—12
3-nji fewral, çarşenbe
Her bir mesele iki ýa üç şaýadyň sözi bilen tassyklanýandyr (Mat. 18:16).
Ýaşulular düzediş komitetini düzmezden öň, bolan işi näme üçin azyndan iki şaýat tarapyndan tassyklamaly? Sebäbi bu Mukaddes Kitapda talap edilýär. Hudaýyň Sözünde adalatlylyk kadalaryna ýokary baha berilýär. Eger günäkär eden etmişini boýun almasa, azyndan iki şaýat ýaşululara bolan zatlary jikme-jik gürrüň bermeli. Şonda olar düzediş komitetini düzüp biler (5 Mus. 19:15; 1 Tim. 5:19). Eger aýyplanýan adam günäsini boýun almasa, ýaşulular şol ýagdaýdan habary bolan şaýatlary diňleýärler. Eger azyndan iki adam (şaýatlaryň biri zorlugyň pidasy bolan adamyň özi hem bolup biler) onuň günäkärdigini tassyklasa onda düzediş komiteti düzülýär. Emma ikinji şaýat ýok bolsa, bu aýyplanýan adamyň günäsizdigini aňlatmaýar. Hatda onuň günälidigini iki şaýat arkaly tassyklap bolmasa-da, ýaşulular agyr günä edildi diýen netijä gelip biler. Ýaşulular bolan ýagdaý sebäpli ejir çekýänlere teselli hem goldaw berýärler. Mundan başga-da olar ýygnagy şeýle howply ýagdaýlardan goramak üçin seresap bolýarlar (Res. 20:28). w19.05 sah. 11, abz. 15, 16
4-nji fewral, penşenbe
Şol zatlar hakda oýlan... şonda hemmeler seniň ruhy taýdan ösüşiňi görerler (1 Tim. 4:15).
Çagalara Mukaddes Kitaby we edebiýatlary nädip öwrenmelidigini görkezmek örän wajyp. Çagalar ýygnaklara nädip taýýarlanmalydygyny ýa-da mekdepde döreýän kynçylyklara öňünden taýýar bolmak üçin gözleg geçirmegi öwrenmeli (Ýew. 5:14). Eger çagalar öýde Mukaddes Kitaby öwrenmek üçin wagt sarp etseler, onda ýygnakda we etrap hem-de welaýat kongreslerinde aýdylýan zatlara düşünmek olara aňsat bolar. Elbetde, maşgala okuwyny çaganyň ýaşyna we ýagdaýyna görä geçirse bolýar. Okuw geçýänlerimize hem Mukaddes Kitaby nädip çuňňur öwrenmelidigini görkezmek örän wajyp. Täze okuw geçip başlan adamlarymyzyň ýygnakda we okuw geçenimizde berýän ýönekeýje jogaplaryny eşidip, örän begenýäris. Emma biz olara nädip gözleg geçirmelidigini we öwrenýän zadyny durmuşynda nädip ulanmalydygyny hem öwretmeli. Şonda olar durmuşynda kynçylyk ýüze çykanda, edebiýatlarymyzdan gözleg geçirip, özbaşdak karara gelmegi öwrener. w19.05 sah. 26, abz. 2; sah. 28, abz. 10, 11
5-nji fewral, anna
Biz ýalan düşünjeleri ýeňýäris, Hudaý hakdaky bilime böwet bolýan zatlary ýumurýarys (2 Kor. 10:5).
Şeýtan aň-düşünjämizi üýtgetmek üçin elinde baryny edýär. Ol Hudaýyň Sözündäki hakykatyň bize täsir etmegine päsgel bermek üçin her hili usullary ulanýar. Şeýtan Erem bagynda How enä aýdyşy ýaly, bize-de: «Dogrudanam, Hudaý size... diýdimi?» diýen soragy berýär (1 Mus. 3:1). Biz Şeýtanyň golastyndaky dünýäde köplenç ynanýan zatlarymyza şübhe döredýän şeýle sözleri eşidýäris: «Dogrudanam, Hudaý size köp aýal almaň diýdimi? Dogrudanam, Hudaý size baýramçylyk we doglan gün bellemäň diýdimi? Dogrudanam, Hudaý size gan goýbertmäň diýdimi? Dogrudanam, söýgüden doly Hudaý size ýygnak gatnaşygyndan kesilen dogan-garyndaşlaryňyz ýa-da dostlaryňyz bilen gatnaşmaň diýdimi?» Eger biz imanymyzy gowşadýan soraglary jogapsyz goýsak, wagtyň geçmegi bilen ynanýan zatlarymyzyň dogrudygyna şübhelenip başlarys. Netijede, pikirimiz zäherlenip, hatda imandan hem dänip bileris. w19.06 sah. 12, 13, abz. 15—17
6-njy fewral, şenbe
Ähliňiz bir pikirde, duýgudaş, rehimdar, pesgöwünli boluň, biri-biriňizi doganyňyz kimin söýüň (1 Pet. 3:8).
Ýehowa bizi gaty güýçli söýýär (Ýah. 3:16). Biz gökdäki söýgüden doly Atamyzyň göreldesine eýermek isleýäris. Şol sebäpli «hemme adamlara, esasan-da, imandaşlarymyza» duýgudaş, rehimdar bolmaga we doganlyk söýgüsini bildirmäge çalyşýarys (Gal. 6:10). Dogan-uýalar kyn güne düşende hem olara kömek etmek isleýäris. Biz ýakynyny ýitiren dogan-uýalara nädip kömek edip bileris? Ilki bilen, özüňizi oňaýsyz duýsaňyz-da ýa-da näme diýjekdigiňizi bilmeseňiz-de, olar bilen gepleşjek boluň. Adamsy tarpa-taýyn ýogalan Paula uýa şeýle diýýär: «Adamlar köplenç ýakyny aýrylan adama teselli bermek üçin näme diýjegini bilmeýärler. Olar aýtmasyz bir zat aýdaýmaýyn diýip gorkýarlar. Ýöne göwünlik bermäge gelen adam dymyp oturanyndan, bir zatlar diýse gowy bolýar». Hasrat çekýän adam bizden üýtgeşik bir zat aýtmagymyza garaşmaýar. Paula sözüni şeýle dowam edýär: «Maňa dost-ýarlarymyň „eşidip, gaty gynanaýdym“ diýen sözleri hem ýeterlikdi». w19.06 sah. 20, abz. 1; sah. 23, abz. 14
7-nji fewral, ýekşenbe
Eý Ýehowa, olaryň haýbat atyşyna seret, bize sözüňi batyrgaý wagyz etmäge kömek et (Res. 4:29).
Wagyz işimiz gadagan edilse-de, ýaşulular ýygnak duşuşyklaryny gurnanda, göze-başa düşmez ýaly aladasyny eder. Mümkin, olar size kiçiräk topar bolup ýygnanyşmagy tabşyrar we duşuşyklaryň geçýän ýerini hem-de wagtyny üýtgedip durar. Biz nädip wagyz ederis? Bu ýerli ýagdaýa bagly bolar. Ýöne nähili bolaýanda-da, biz wagyz etmegimizi asla bes etmeris. Sebäbi biz Ýehowany ýürekden söýýäris we Onuň Patyşalygy barada adamlara gürrüň bermek isleýäris (Luka 8:1). Emili Beran atly bir taryhçy Sowet Soýuzy döwründe ýaşan Ýehowanyň Şaýatlary barada şeýle diýdi: «Hökümet ýolbaşçylary wagyz etmegi gadagan edende, Şaýatlar öwrenen zatlaryny goňşularyna, işdeşlerine we dost-ýarlaryna gürrüň berýärdi. Wagyz edýändigi üçin konslagerlere ugradanlarynda bolsa, olar ýanyndaky tussaglara wagyz edýärdi». Dogrudan-da, wagyz işiniň gadagan edilmegi şol imandaşlarymyzy hoş habary wagyz etmekden saklap bilmedi. Sizem olaryň galdyran göreldesine eýeriň. w19.07 sah. 11, abz. 12, 13
8-nji fewral, duşenbe
Ähli halklardan şägirt taýýarlaň (Mat. 28:19).
Biz hiç bir dine uýmaýan adamlara Hudaýy söýmäge we Isanyň şägirdi bolmaga nädip kömek edip bileris? Ilki bilen, adamyň aýdýan habarymyza seslenjekdigi ýa-da seslenmejekdigi onuň nirede önüp-ösendigine bagly bolýandygyny unutmaly däl. Mysal üçin, Ýewropada önüp-ösen adam bilen Aziýa ýurtlarynda ulalan adamyň aýdýan zatlarymyza seslenişi tapawutlanyp biler. Näme üçin? Ýewropa ýurtlarynda köp adamlar Mukaddes Kitap we Ýaradyjy barada azda-kände bilýärler. Emma Aziýa ýurtlarynda adamlaryň köpüsi Mukaddes Kitap barada hiç zat bilmeýär we Ýaradyjynyň bardygyna ynanmaýar. Şonuň üçin umydyňyzy üzmäň. Her ýyl öň hiç bir dine uýmadyk köp adamlar Ýehowanyň Şaýady bolýar. Olaryň köpüsi hakykaty bilmänkä hem ahlak taýdan arassa ýaşaýardy. Ýöne dini ýolbaşçylaryň ikiýüzlüligi sebäpli, olar Hudaýa ynanmaýardy. Başgalaryň bolsa ahlak kadalara bolan garaýşy gaty pesdi we Hudaýa ýaramaýan endikleri bardy. Görşümiz ýaly, Ýehowanyň kömegi bilen, «ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlary» tapyp bolýar (Res. 13:48; 1 Tim. 2:3, 4). w19.07 sah. 21, abz. 3, 4
9-njy fewral, sişenbe
Ruhdan düşmeýäris (2 Kor. 4:16).
Gökde ýa-da ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýän mesihçileriň ählisi sylag almak üçin ylgamaly. Şol sebäpli Ýehowa gulluk etmek üçin ýüz öwren zatlarymyza gynanmalyň we Hudaýa yhlasly gulluk etmäge hiç zada päsgel berdirmäliň (Flp. 3:16). Belki, biz Ýehowanyň beren wadasynyň ýerine ýetmegine köp ýyldan bäri garaşýandyrys. Ýa-da Ýehowa öňkimiz ýaly gulluk etmäge güýjümiz ýokdur. Megerem, yzy üzülmeýän kynçylyklara we yzarlamalara döz gelýändiris. Näme bolaýanda-da, «hiç zadyň aladasyny etmäň», Hudaýa dileg ediň, ýalbaryň. Ol size ynsan düşünjesinden ýokary bolan parahatlygy berer (Flp. 4:6, 7). Türgen pellehana ýetmek üçin bar güýji bilen ylgaýar, edil şonuň ýaly bizem ebedi ýaşaýşa ýetmek üçin ünsümizi başga zatlara sowman, aljak sylagymyz hakda oýlanalyň. Geliň, ýagdaýymyz çäkli bolsa-da, elimizde baryny edip, Jennete çenli ylgalyň! w19.08 sah. 6, 7, abz. 16, 17
10-njy fewral, çarşenbe
Aglaýanlar bilen aglaň (Rim. 12:15).
Käte hasrat çekýän adamy köşeşdirmek üçin näme diýjegimizi bilmeýäris. Emma gözýaşlarymyz aýdýan sözlerimizden has güýçli täsir edýär. Isanyň ýakyn dosty Lazar aradan çykanda, onuň aýal doganlary Merýem bilen Marta we beýleki adamlar gynanyp agladylar. Dört günden soň, şol ýere Isa-da bardy. Ol Lazary direltjekdigini bilse-de, aglady (Ýah. 11:17, 33—35). Onuň gözýaşlary Atasynyň duýgularyny aýan edýärdi. Şeýle-de bu Isanyň şol maşgalany ýürekden söýýändigini görkezýärdi. Bu bolsa Merýem bilen Martany gürrüňsiz berkidendir. Şonuň ýaly bizem dogan-uýalara ýürekden söýgimizi bildirenimizde we aladasyny edenimizde, olar özleriniň ýeke däl-de, ýanynda aladaçyl hem-de hemişe goldamaga taýyn dostlarynyň bardygyny duýýarlar. Käte olary ünsli diňlemeli. Imandaşyňyza ýüregini dökmäge ýol beriň we «oýlanman gepländigi» üçin ony ýazgarmaň (Eýp. 6:2, 3). Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlarynyň garşylyklary sebäpli olar duýgy taýdan ejir çekmegi mümkin. Şol sebäpli olar bilen bile doga ediň. Olary berkidip, dury pikirlenmäge kömek etmegi üçin «dogalary eşidýän» Hudaýa ýalbaryň (Zeb. 65:2). w19.04 sah. 18, 19, abz. 18, 19
11-nji fewral, penşenbe
Oňa ýüregiňizi döküň (Zeb. 62:8).
Biz Beýtelde ýa-da uzak wagtly gullugyň başga görnüşinde gulluk etsek-de, adamlary hem-de gulluk edýän ýerimizi gowy görýäris. Şol sebäpli aýralyk ýüregimize ýara salýar. Esasanam, yzarlamalar sebäpli başga ýere göçen bolsak, dostlarymyzy küýsäp, olar hakda biynjalyk bolýarys (Mat. 10:23; 2 Kor. 11:28, 29). Täze borç berilse ýa-da öýümize gaýtmaly bolsak, täze medeniýete öwrenişmek kyn bolýar. Käbir dogan-uýalar uzak wagtly gullugyny goýanda, pulsuzlykdan kösenmegi, özüni alaçsyz we ýeke duýmagy, ruhdan düşmegi mümkin. Olara näme kömek eder? Ýehowa ýakynlaşyň (Ýak. 4:8). Nädip? «Dogalary eşidýän Hudaýa» bil baglaň (Zeb. 65:2). Sebäbi Ýehowa «dileýän we düşünýän zatlarymyzdan-da has köp zatlary edip bilýär» (Efes. 3:20). Hudaý diňe bir dileýän zadymyzy bermek bilen çäklenmän, eýsem kynçylyklary garaşmaýan wagtymyz we pikir etmeýän ýollarymyz bilen çözýär. w19.08 sah. 21, abz. 5, 6
12-nji fewral, anna
Armageddon diýen ýere ýygnadylar (Ylh. 16:16).
Käbir adamlar ýadro urşy ýa-da tebigatyň zaýalanmagy sebäpli ýer ýüzi ýok bolar öýdýärler. Mukaddes Kitapda bolsa tizden boljak söweş barada aýdylýar. Oňa Armageddon söweşi diýilýär. Mukaddes Kitaba görä, Armageddon şatlykly habar, sebäbi ol adamlary bagtly eder (Ylh. 1:3). Armageddon söweşi adamlary ýok etmän, gaýtam halas eder. Nädip? Hökümetler ýykylar, erbet adamlar ýok ediler, dogruçyllar aman galar. Ýer ýüzüni dargadýanlar hem ýok ediler (Ylh. 11:18). Mukaddes Kitapda «Armageddon» sözi bir gezek duş gelýär. Armageddon ýewreýçe «Megiddo dagy» diýmegi aňladýar (Ylh. 16:16, çykgyt). Megiddo şäheri gadymy Ysraýylda ýerleşýärdi (Ýuşa 17:11). Ýöne «Armageddon» sözi belli bir ýeri däl-de, «bütin ýer ýüzüniň patyşalarynyň» Ýehowa bilen söweşmek üçin ýygnanyşmagyny aňladýar (Ylh. 16:14). w19.09 sah. 8, abz. 1—3
13-nji fewral, şenbe
Ol hiç zatdan haýyr tapmandy (Luka 8:43).
Agyr keselden ejir çekýän aýal çäresizdi. Ol şypa tapmak üçin ençeme tebipleriň ýanyna bardy. Ol 12 ýyldan bäri ejir çekse-de, hiç kim derdine derman tapyp bilmedi. Kanuna görä, ol hapa hasaplanýardy (3 Mus. 15:25). Bir gün ol Isanyň syrkawlary sagaldýandygyny eşidýär we sorag-ideg edip, ony tapýar. Aýal Isanyň donunyň etegine elini degirýär welin, şol bada sagalýar. Isa aýaly sagaldanda, mertebesini peseltmän, sylaşykly gepleşýär. Meselem, Isa aýala hormat goýup, mähir bilen «gyzym» diýýär. Isanyň sözleri aýaly ruhlandyryp, güýjüne güýç goşandyr (Luka 8:44—48). Üns beren bolsaňyz, aýal Isany tapmak üçin köp tagalla etdi. Şonuň ýaly bizem Isanyň «ýanyna barmak» üçin jan etmeli. Häzir Isa syrkaw adamlary gudrat bilen sagaltmaýar. Emma ol: «Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn» diýýär (Mat. 11:28). w19.09 sah. 20, abz. 2, 3
14-nji fewral, ýekşenbe
Ähli milletden, taýpadan, halkdan we dilden bolan... uly märekäni gördüm (Ylh. 7:9).
Zekerýa hem şuňa meňzeş pygamberlik edipdi. Ol şeýle diýdi: «Şol günler ähli halklardan we dillerden on adam geler. Olar ýehudynyň donundan ýapyşyp, berk ýapyşyp, şeýle diýer: „Biz siziň bilen gitjek, sebäbi Hudaýyň siziň bilendigini eşitdik“» (Zek. 8:23). Ýehowanyň Şaýatlary «ähli dilden» adamlaryň ýygnanmalydygyna düşünip, hoş habary ähli dile wagyz edýärler. Häzir taryhda iň uly terjime işi alnyp barylýar we edebiýatlarymyz 900-den gowrak dile terjime edilýär. Dogrudan-da, Ýehowa ähli milletden uly märekäni ýygnamak üçin gudrat görkezýär. Edebiýatlarymyzyň köp dillere terjime edilýändigi üçin her halkdan bolan adamlar Ýehowa agzybir sežde edýärler. Hoş habary yhlasly wagyz edýän we dogan-uýalaryny ýürekden söýýän Ýehowanyň Şaýatlary bütin dünýäde tanalýar. Muny bilmek imanymyzy berkitmeýärmi näme?! (Mat. 24:14; Ýah. 13:35). w19.09 sah. 30, abz. 16, 17
15-nji fewral, duşenbe
Şonda şeýle bir uly betbagtçylyk bolar, ol dünýä döräli bäri şu güne çenli ne bolandyr, ne-de bolar (Mat. 24:21).
Köp adamlar syýasy we söwda-satyk guramalary hiç haçan ýok edilmez diýip pikir edýärler. Emma uly betbagtçylykda olaryň ýok edilýändigini görüp, aljyraňňy ýagdaýa düşerler. Hawa, adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik «zulum» güni başlar. Şonda adamlar elhenç ölümiň penjesine düşendigini görüp perýat ederler (Sep. 1:14, 15). Belki, Ýehowanyň halky hem kösener we dünýäden däldikleri üçin dürli kynçylyklara duçar bolar. Şonda iň zerur zatlarymyzyň hem bolmazlygy mümkin. «Wepaly hem paýhasly hyzmatkär» uly betbagtçylykda Hudaýa wepaly bolar ýaly bizi taýýarlaýar (Mat. 24:45). Wepaly hyzmatkär bize dürli ýollar bilen kömek edýär. Meselem, 2016—2018-nji ýyllaryň dowamynda geçirilen welaýat kongreslerinde tüýs wagtynda maslahatlar berildi. Şol kongresler Ýehowanyň gününiň öň ýanynda gerek bolan häsiýetleri ösdürmäge höweslendirdi. w19.10 sah. 14, abz. 2; sah. 16, abz. 10; sah. 17, abz. 12
16-njy fewral, sişenbe
Hem «Ýehowanyň saçagyndan», hem jynlaryň saçagyndan iýip bilmersiňiz (1 Kor. 10:21).
Biz agzymyza haýsy iýmiti saljakdygymyzy saýlap bilsek-de, ýuwudanymyzdan soň, hiç zady üýtgedip bilmeýäris, sebäbi iýen zatlarymyz bedenimize siňip başlaýar. Ýokumly iýmitler sagdyn bolmaga kömek edýär, zyýanly iýmitler bolsa saglygymyza erbet täsir edýär. Munuň netijesi bir günde görünmese-de, birnäçe wagtdan soň bildirer. Edil şonuň ýaly, biz göwün açmak üçin görýän, ýagny aňymyza siňdirýän zatlarymyzy saýlap bilýäris. Soňra bolsa gören zatlarymyz aňymyza we ýüregimize täsir edip başlaýar. Gowy zatlary görmek şatlygymyzy artdyrýar, erbet zatlar bolsa bize zyýan ýetirýär (Ýak. 1:14, 15). Erbet zatlary görsek, onuň täsiri birbada bildirmese-de, wagtyň geçmegi bilen ýüze çykar. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda şeýle duýduryş berilýär: «Adam näme ekse, şony-da orar. Sebäbi ten höweslerine ekýän adam teninden ölüm orar, mukaddes ruha ekýän adam ruhdan ebedi ýaşaýyş orar» (Gal. 6:7, 8). Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryny söýmäge höweslendirýän islendik zatdan ýüz öwürmek örän wajyp (Zeb. 97:10). w19.10 sah. 29, 30, abz. 12—14
17-nji fewral, çarşenbe
Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň... Biri-biriňizi söýüň (Efes. 5:1, 2).
Ýehowa söýgüli Ogluny töleg hökmünde berip, bizi güýçli söýýändigini görkezdi (Ýah. 3:16). Biz Ýehowanyň söýgüsinden nädip görelde alyp bileris? Biz dogan-uýalarymyzyň her birine gymmatly hazyna hökmünde garamaly we Ýehowa dolanan «ýiten goýunlary» höwes bilen kabul etmeli (Zeb. 119:176; Luka 15:7, 10). Dogan-uýalara kömek etmek üçin wagtymyzy gaýgyrmasak, olary söýýändigimizi subut ederis (1 Ýah. 3:17). Isa şägirtlerine biri-birini janaýamaz söýgi bilen söýmegi tabşyrdy (Ýah. 13:34, 35). Isanyň bu tabşyrygyna täze tabşyryk diýilýär. Sebäbi ol Hudaýyň ysraýyl halkyna beren Kanunyna esaslanmaýar. Mesihçiler biri-birini Isanyň olary söýşi ýaly söýmeli. Bu bolsa janaýamaz söýgini talap edýär. Biz dogan-uýalary özümizdenem köp söýýäris. Isa ýaly bizem olar üçin hatda janymyzy bermäge-de taýyn bolmaly. w19.05 sah. 4, abz. 11—13
18-nji fewral, penşenbe
Gaýta-gaýta diläň, size berler, hemişe agtaryň, taparsyňyz, gapyny gaýta-gaýta kakyň, size açylar (Luka 11:9).
Mukaddes ruhuň kömek etmegi üçin, ony gaýta-gaýta soramaly (Luka 11:13). Isanyň Luka 11:5—9-njy aýatlarda gürrüň beren mysaly Ýehowanyň bize näme üçin mukaddes ruhuny berýändigine düşünmäge kömek edýär. Mysaldaky adam ýarygije gelen myhmany gowy garşylap, öňünde çaý-çörek goýmak isleýär, ýöne çöregi bolmansoň goňşusynyň öýüne gidýär. Isanyň sözünden görnüşi ýaly, ol gaýta-gaýta diländen soň, goňşusy çörek berýär. Isa bize näme öwretmek isledi? Eger bikämil adam gaýta-gaýta soraýan goňşusyna kömek edýän bolsa, onda söýgüden doly gökdäki Atamyz gaýta-gaýta dileýän adamlara mukaddes ruhuny bermezmi näme?! Şonuň üçin Ýehowadan mukaddes ruhuny dilänimizde, dogamyza hökman jogap berjekdigine ynamly bolup bileris (Zeb. 10:17; 66:19). Şeýtan näçe hüjüm etse-de, biz ýeňiş gazanjakdygymyza ynamly bolup bileris. w19.11 sah. 13, abz. 17—19
19-njy fewral, anna
Ýörüň, çola ýere gidip, biraz dynç alalyň (Mar. 6:31).
Isa özüniň hem-de resullarynyň aram-aram dynç almalydygyna düşünýärdi. Ýöne şol döwürdäki we biziň günlerimizdäki köp adamlar dynç almaga Isanyň mysalyndaky baý adam ýaly nädogry garaýarlar. Şol baý adam özüne: «Hezil edip iýip içeýin» diýýärdi (Luka 12:19; 2 Tim. 3:4). Onuň ýüreginde dynç almak hem-de hezil edip ýaşamak esasy orun eýeleýärdi. Emma ondan tapawutlylykda, Isa bilen resullary dynç almagy durmuşynda esasy zat hasaplamaýardy. Şu günler biz hem Isadan görelde alyp, işden boş wagtymyzy ýöne bir dynç alyp geçirmän, eýsem wagyz edýäris we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýarys. Biz şägirt taýýarlamak hem-de ýygnaklara yzygider gatnaşmak üçin jan edýäris. Sebäbi bulary wajyp hasaplaýarys (Ýew. 10:24, 25). Hatda bir ýere dynç alşa gidenimizde-de, ýygnaklara gatnaşýarys hem-de her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýäris (2 Tim. 4:2). w19.12 sah. 7, abz. 16, 17
20-nji fewral, şenbe
Başlan zadyňyzy soňuna çenli tamamlaň (2 Kor. 8:11).
Ýehowa bize erkinlik berdi. Biz nähili ýaşamalydygymyzy özümiz saýlap bilýäris. Hudaý bize dogry karara gelmegi öwredýär. Onuň göwnünden turýan karara gelsek, şoňa görä ýaşamaga kömek edýär (Zeb. 119:173). Hudaýyň Sözündäki paýhasly maslahatlara näçe köp eýersek, şonça-da dogry kararlara gelip bileris (Ýew. 5:14). Dogry karara gelsek-de, bize başlan işimizi soňuna çenli tamamlamak kyn bolup biler. Geliň, käbir ýagdaýlar hakda gürrüň edeliň. Ýaş dogan Mukaddes Kitaby tutuşlygyna okap çykmagy maksat edinýär. Ol birnäçe hepdeläp yzygiderli okaýar, ýöne soň okamagyny goýýar. Uýa pioner bolup gulluk etmegi ýüregine düwenem bolsa, arzany doldurmagy soňa goýýar. Ýaşulular masalahaty çopançylyk idegini ýygy-ýygydan etmeli diýip biragyzdan karara gelýärler, emma birnäçe aý geçse-de hiç kimi idemeýärler. Şu wakalar biri-birinden tapawutlanýar, ýöne bir meňzeşligi bar: dogan-uýalar karara geldiler, emma başlan işini soňuna çenli tamamlap bilmediler. w19.11 sah. 26, abz. 1, 2
21-nji fewral, ýekşenbe
Işeňňiriň maksady amala aşýar (Nak. 21:5).
Isa biziň günlerimizi «Nuhuň günleri» bilen deňeşdirdi. Dogrudan-da, biz «juda kyn döwürde» ýaşaýarys (Mat. 24:37; 2 Tim. 3:1). Şonuň üçin käbir är-aýallar köpräk wagyz edip biler ýaly, asla çaga edinmezligi ýa-da soň edinmegi ýüregine düwýärler. Paýhasly är-aýallar çaga edinmelidigi we näçe çaga edinmelidigi barada öňünden oýlanyp, «çykdajysyny hasaplaýar» (Luka 14:28, 29). Tejribeli ene-atalar çagalary ösdürip-ýetişdirmek üçin diňe bir puluň däl-de, güýjüň hem wagtyň gerekdigine düşünýär. Şonuň üçin är-aýallar şu soraglar hakda oýlanmaly: «Maşgalamyzy eklemek üçin ikimiz hem işlemeli bolarysmy? Maşgalamyza gerekli boljak zatlar hakda pikirimiz deň gelýärmi? Eger ikimiz hem işlemeli bolsak çagalara kim sereder? Olar nähili adam bolup ýetişer?» Är-aýallar şu soraglar hakda oýlananda, şu günki aýada eýerip biler. w19.12 sah. 23, abz. 6, 7
22-nji fewral, duşenbe
Şu doganlar Hudaýyň Patyşalygy hakda meniň bilen wagyz edip, eginme-egin işleşdiler. Olar maňa köp göwünlik berdiler (Kol. 4:11).
Pawlus resul hem yzly-yzyna köp kynçylyklary başyndan geçirdi (2 Kor. 11:23—28). Şeýle-de ol «bedenindäki tiken», ýagny ýarawsyzlyk bilen göreşen bolmaly (2 Kor. 12:7). Mundan başga-da işdeşi «Dimas dünýäni söýüp, (Pawlusy) taşlap» gidende, ol özüni hasam erbet duýdy (2 Tim. 4:10). Pawlus batyrgaý we başgalar üçin jany bermäge taýyn dogandy. Emma ol hem käwagt tapdan düşýärdi (Rim. 9:1, 2). Pawlus gerekli kömegi we tesellini aldy. Nädip? Ýehowa mukaddes ruhy arkaly ony berkitdi (2 Kor. 4:7; Flp. 4:13). Şeýle-de ol imandaşlarynyň üsti bilen oňa teselli berýärdi. Pawlus özüni goldan käbir imandaşlary hakda şeýle diýdi: «Olar maňa köp göwünlik berdiler» (Kol. 4:11). Olaryň arasynda Aristarhus, Tihikus we Markus bardy. Hudaýyň bu üç wepaly gullukçysy Pawlusy berkidip, çydamly bolmaga kömek etdiler. w20.01 sah. 8, abz. 2, 3
23-nji fewral, sişenbe
Ol siziň ýüregiňiziň gözüni açdy (Efes. 1:18).
Isa hem saýlanmadyk adamyň «täzeden doglan» ýa-da «mukaddes ruhdan doglan» mesihçiniň ýagdaýyna we duýgularyna düşünip bilmeýändigini aýdypdy (Ýah. 3:3—8). Mesihçi saýlananda nädip başgaça pikirlenip başlaýar? Ýehowa saýlamanka, olar ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. Olar Ýehowanyň ýeri ähli erbetlikden arassalap, Jennete öwürjek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Mümkin, olar aradan çykan maşgala agzalarynyň ýa-da dost-ýarlarynyň direlişini görmegi arzuw edýändir. Emma olar saýlanansoň başgaça pikirlenip başlaýar. Nädip? Olar indi ýerde ýaşamaga umyt etmeýär. Elbetde, olar ýer ýüzündäki ýaşaýyşdan ýa-da kynçylyklardan ýadandygy üçin şeýle pikir etmeýär. Ýa-da ýer ýüzünde ebedi ýaşamak içgysgynç bolar öýtmeýär. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly olaryň pikirini hem umydyny üýtgedýär. w20.01 sah. 22, abz. 9—11
24-nji fewral, çarşenbe
Her bir adam ýokary häkimiýetlere tabyn bolmaly (Rim. 13:1).
Musanyň kanunyna eýeren kazylar we ýaşulular diňe bir ruhy däl-de, jenaýatçylyk hem-de adam hukuklary bilen bagly meselelere hem seredýärdi. Emma «Mesihiň kanuny» boýunça ýaşaýan ýaşulular diňe ruhy, ýagny Ýehowa edýän seždämiz bilen bagly meselelere garaýarlar (Gal. 6:2). Olar jenaýatçylyk hem-de adam hukuklary bilen bagly meselelere seretmäge hökümet ýolbaşçylarynyň jogapkärdigine düşünýärler. Sebäbi Hudaý olaryň höküm sürmegine ýol berdi. Olaryň tertip-düzgüni bozýan raýatlaryna jerime salmaga we tussag etmäge ygtyýary bar (Rim. 13:2—4). Ýygnakda biri agyr günä etse, ýaşulular näme etmeli? Olar Mukaddes Kitap esasynda bolan ýagdaýy derňäp, soňra karara gelmeli. Ýaşulular Mesihiň kanunynyň söýgä esaslanýandygyny unutmaly däl. Şeýle söýgi olary şu soragyň üstünde oýlanmaga höweslendirer: «Agyr günä eden adamyň etmişi zerarly ejir çekýän dogan-uýalara nädip kömek etse bolar?» Şeýle-de agyr günä eden adamyň işine seredenlerinde, söýgi ýaşululary şu soraglaryň üstünde oýlanmaga höweslendirer: «Ol toba edýärmi? Oňa ruhy saglygyny dikeltmäge nädip kömek etse bolar?» w19.05 sah. 6, 7, abz. 23, 24
25-nji fewral, penşenbe
Atam... maňa ýaşaýyş berdi (Ýah. 6:57).
Şu günki aýatda Isa Ýehowanyň ýaşaýşyň Gözbaşydygyny we ol arkaly ýaşaýandygyny aýtdy. Isa Atasyna doly bil baglaýardy; Ýehowa oňa ýaşaýyş üçin zerur bolan ähli zatlary berdi. Has wajybam, onuň ruhy taýdan aladasyny edýärdi (Mat. 4:4). Ýehowa biziň hem ruhy taýdan sagdyn bolmagymyzyň aladasyny edýär. Ol Mukaddes Kitap arkaly özi baradaky hakykaty, niýetlerini, durmuşyň manysyny hem-de gelejegimiziň nähili boljakdygyny açýar. Biz hakykaty bilenimizde, Ýehowa ene-atamyz ýa-da bize okuw geçen dogan-uýalaryň üsti bilen aýratyn üns berýändigini görkezdi. Şeýle-de biz ýygnak ýaşulularynyň hem-de ruhy taýdan ösen dogan-uýalaryň mähirli goldawyny duýýarys. Mundan başga-da Ýehowa ýygnak duşuşyklarynda imandaşlarymyza, şol sanda bize-de tälim berýär. Şeýle ýollar arkaly Ýehowa her birimiziň söýgi bilen aladamyzy edýändigini görkezýär (Zeb. 32:8). w20.02 sah. 3, abz. 8; sah. 5, abz. 13
26-njy fewral, anna
Parahat ýaşamak hem-de birek-biregi ruhy taýdan berkitmek üçin elimizde baryny edeliň (Rim. 14:19).
Göriplik parahatlygy bozýar. Şol sebäpli biz ony ýüregimizden köki bilen sogrup aýyrmaly we başgalarda-da bu häsiýeti oýarmakdan gaça durmaly. Başgalara göriplik bilen göreşmäge nädip kömek edip bileris? Parahatlygyň bolmagyna nädip goşandymyzy goşup bileris? Biziň garaýşymyz we edýän işlerimiz başgalara güýçli täsir edýär. Bu dünýä bizde «zadyňa öwünmeklik» ruhuny ösdürjek bolýar (1 Ýah. 2:16). Emma şeýle garaýyş göripligiň döremegine getirýär. Eger biz bar zatlarymyz ýa-da satyn almak isleýän zatlarymyz hakda başgalara hemişe gürrüň berip ýörsek, olarda göriplik häsiýetini oýararys. Başgalarda göripligi döretmekden gaça durmagyň ýene bir usuly ýygnakdaky hormatly borçlarymyzy ýerine ýetirenimizde, pesgöwünli bolmak. Eger biz şol borçlarymyza çendenaşa köp üns bersek, onda başgalarda göriplik häsiýetiniň ösmegine sebäp bolarys. Tersine, başgalar bilen ýürekden gyzyklanyp, olaryň edýän ýagşy işlerine köpräk üns bersek, olara baryna kaýyl bolmaga kömek ederis. Şeýle-de ýygnakda agzybirligiň we parahatlygyň höküm sürmegine goşant goşarys. w20.02 sah. 18, abz. 15, 16
27-nji fewral, şenbe
Hudaý göze görünmese-de, ýaradan zatlaryndan gudratly güýjüni we häsiýetlerini görüp bolýar (Rim. 1:20).
Ýehowany ýaradan zatlaryndan tanaň (Ylh. 4:11). Ýehowanyň ýaradan ösümlikleri we haýwanlary barada oýlanyň. Ýaradylan zatlar Hudaýyň örän akyldardygyny subut edýär. Täsin ýaradylan ynsan bedeni barada oýlanyp görüň (Zeb. 139:14). Ýehowa Günüň içine ägirt uly güýji jemledi. Ýöne oýlanyp görüň, älem-jahanda Gün ýaly milliardlarça ýyldyzlar bar (Işa. 40:26). Ýaradylan zatlar hakda oýlansaňyz, Ýehowa has-da hormat goýarsyňyz. Ýehowanyň akyldar we gudratly Hudaýdygyny bilmeklik, onuň bilen dostlaşmagyň başlangyjydyr. Ýehowany ýürekden söýmek üçin, ony has gowy tanamaly. Ýehowa siziň her biriňiziň aladaňyzy edýär. Eger ony «agtarsaňyz, hökman tapyp» bilersiňiz (1 Tar. 28:9). Ýehowa sizi «kabul etdim» diýýär (Ýer. 31:3). Ýehowanyň siziň üçin eden ýagşylyklarynyň gadyryny näçe köp bilseňiz, şonça-da oňa bolan söýgiňiz artar. w20.03 sah. 4, abz. 6, 7
28-nji fewral, ýekşenbe
Şeýle gullugy ynanandygy üçin elimizi gowşatmaýarys (2 Kor. 4:1).
Pawlus resul wagyz işini durmuşynda birinji orunda goýmakda görelde galdyrdy. Ikinji wagyz syýahatynda Korinf şäherine baranda, puly az bolansoň, ol çadyr ýasap işlemeli bolýar. Ol wagyz edýän habary üçin korinflilerden «hiç zat almak» islemeýärdi. Şonuň üçin özüni ekläp, gullugyny dowam edip biler ýaly zähmet çekýärdi (2 Kor. 11:7). Pawlus resul özüni eklemek üçin işlese-de, wagyz işini durmuşynda birinji orunda goýýardy we her Sabat güni adamlara hoş habary wagyz edýärdi. Emma mümkinçilik dörände «Pawlus ýehudylara Isanyň Mesihdigi hakda wagyz edip, Hudaýyň sözüni yhlasly öwredip başlady» (Res. 18:3—5; 2 Kor. 11:9). Rimde iki ýyl öý tussaglygynda bolanda hem ýanyna gelýän adamlara wagyz edýärdi we ýygnaklara hat ýazdy (Res. 28:16, 30, 31). Pawlus resul wagyz işini birinji orunda goýmaga hiç bir zada päsgel berdirmeýärdi. w19.04 sah. 4, abz. 9