Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es21 sah. 26—36
  • Mart

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mart
  • Her günki aýady okalyň — 2021
  • Sözbaşylar
  • 1-nji mart, duşenbe
  • 2-nji mart, sişenbe
  • 3-nji mart, çarşenbe
  • 4-nji mart, penşenbe
  • 5-nji mart, anna
  • 6-njy mart, şenbe
  • 7-nji mart, ýekşenbe
  • 8-nji mart, duşenbe
  • 9-njy mart, sişenbe
  • 10-njy mart, çarşenbe
  • 11-nji mart, penşenbe
  • 12-nji mart, anna
  • 13-nji mart, şenbe
  • 14-nji mart, ýekşenbe
  • 15-nji mart, duşenbe
  • 16-njy mart, sişenbe
  • 17-nji mart, çarşenbe
  • 18-nji mart, penşenbe
  • 19-njy mart, anna
  • 20-nji mart, şenbe
  • 21-nji mart, ýekşenbe
  • 22-nji mart, duşenbe
  • 23-nji mart, sişenbe
  • 24-nji mart, çarşenbe
  • 25-nji mart, penşenbe
  • 26-njy mart, anna
  • Ýatlama agşamy
    Gün ýaşandan soň başlanýar
    27-nji mart, şenbe
  • 28-nji mart, ýekşenbe
  • 29-njy mart, duşenbe
  • 30-njy mart, sişenbe
  • 31-nji mart, çarşenbe
Her günki aýady okalyň — 2021
es21 sah. 26—36

Mart

1-nji mart, duşenbe

Ýehowa şeýle diýýär: «Olardan aýrylyň. Haram zada el degirmäň» (2 Kor. 6:17).

Dogan-garyndaşlarymyz ýa-da dost-ýarlarymyz Mukaddes Kitaba esaslanmaýan dini däp-dessurlara gatnaşdyrjak bolanlarynda, Hudaýa we onuň Sözüne bolan söýgümiz Ýehowa gulak asmaga güýç berer. Olar bize «siz bizi söýmeýärsiňiz, sylamaýarsyňyz» ýa-da «özüňizi alyp barşyňyz bilen merhumyň ýagdaýyny hasam kynlaşdyrýarsyňyz» diýmegi mümkin. Karib adalarynda ýaşaýan adamlaryň köpüsi adam ölensoň «ruhunyň» ýaşaýandygyna we gaharyny getirýän adamlary jezalandyrýandygyna ynanýarlar. Bir kitapda ölen adamyň «ruhunyň» «köpçülige zyýan ýetirip» bilýändigi aýdylýar. Afrikanyň käbir ýerlerinde bolsa, ölen adam aýnada özüni görmesin diýip, öýdäki ýüz görülýän aýnalaryň ýüzüni ýapýarlar we ölen adamyň suratlaryny tersine öwrüp goýýarlar. Ýehowanyň gullukçylary hökmünde biz şeýle zatlara ynanmaýarys we Şeýtanyň ýaýradýan ýalan zatlary esasynda dörän dini däp-dessurlara asla goşulmaýarys (1 Kor. 10:21, 22). w19.04 sah. 16, abz. 11, 12

2-nji mart, sişenbe

Adamlaryň size näme etmegini isleýän bolsaňyz, sizem olara şeýle ediň (Mat. 7:12).

Isa şägirtlerine başgalar bilen özüni adalatly alyp barmaga kömek edýän prinsipleri berdi. Mysal üçin, altyn düzgün barada oýlanyp göreliň. Biziň ählimiz özümize adalatly garamaklaryny isleýäris. Şol sebäpli bizem başgalara adalatly bolmaly. Şeýtsek, olaram biziň bilen özüni adalatly alyp barar. Ýöne biz adalatsyzlyga uçran bolsak näme? Isa şägirtlerine Ýehowanyň «gije-gündiz perýat edýänler... üçin adalaty dikeltjekdigine» bil baglamagy öwretdi (Luka 18:6, 7). Bu bolsa Hudaýyň şu soňky günlerde biziň uçraýan kynçylyklarymyzy bilýändigine we öz wagtynda adalatly hereket etjekdigine ynamymyzy berkidýär (2 Sel. 1:6). Biz Isanyň öwreden prinsiplerine eýersek, başgalar bilen özümizi adalatly alyp bararys. Şeýtanyň dünýäsindäki adalatsyzlykdan ejir çeksek-de, Ýehowanyň öz wagtynda biziň üçin adalaty dikeltjekdigini bilmek teselli berýär. w19.05 sah. 5, abz. 18, 19

3-nji mart, çarşenbe

Umydyňyz hakda sorana jogap bermäge hemişe taýyn boluň, ýöne muny ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen aýdyň (1 Pet. 3:15).

Aýdaly, sen mekdepde okaýarsyň. Klasdaşlaryň hemmesi ewolýusiýa taglymatyna ynanýar. Sen Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlaryňy olara düşündiresiň gelýär, ýöne muny başarmaryn öýdýärsiň. Şonda sen gowy taýýarlyk görmeli bolýarsyň. Seniň iki maksadyň bar: 1) ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna ynamyňy berkitmek we 2) ynanýan zatlaryňy has gowy düşündirmegi öwrenmek (Rim. 1:20). Başda özüňe şeýle sorag berip bilersiň: «Klasdaşlarym ewolýusiýa taglymatyna näme üçin ynanýar?» Soňra edebiýatlarymyzdan çuňňur gözleg geçir. Şonda ynanýan zatlaryň barada düşündirmek aňsat bolar. Ýaşlaryň köpüsi hormat goýýan adamlary ewolýusiýa taglymatynyň hakykatdygyny aýdýandygy üçin, oňa ynanýarlar. Eger sen bu babatda Mukaddes Kitapdan birki subutnama tapsaň, hakykaty öwrenmek isleýän adama gürrüň bermek kyn bolmaz (Kol. 4:6). w19.05 sah. 29, abz. 13

4-nji mart, penşenbe

Ejesiniň ogluny köşeşdirişi ýaly, Menem size göwünlik bererin (Işa. 66:13).

Bir gezek Ylýas pygamber janyny halas etmek üçin gaçmaly bolýar. Sebäbi ony öldürjek bolýardylar. Ylýas pygamber ruhdan düşüp, öz ölümini dileýär. Şonda Ýehowa göwnüçökgün pygamberiniň ýanyna perişdesini iberýär. Perişde oňa öz wagtynda gerekli kömegi berýär. Ol Ylýas pygambere iýmäge zat berýär (1 Pat. 19:5—8). Bu wakadan bir wajyp zady öwrenýäris. Käte ýönekeýje ýagşylyk hem adama gaty uly kömek bolýar. Mysal üçin, nahar, ýönekeýje sowgat ýa-da ruhlandyryjy hatjagaz göwnüçökgün dogana ýa-da uýa güýçli täsir edip biler. Bu olara söýgimizi hem-de aladamyzy duýmaga kömek eder. Eger zorluga sezewar bolan imandaşymyz bilen başyna düşen zatlar hakda gepleşmäge ýaýdanýan bolsak, oňa el kömegini berip bileris. Ýehowa gudrat bilen, Ylýasa Horep dagyna barmak üçin uzak ýoly geçmäge kömek etdi. Indi ol janyny aljak bolýan adamlardan uzakdady. Biz mundan näme öwrenýäris? Eger biz zorlanan imandaşymyza kömek etmek islesek, ilki bilen, oňa özüni rahat duýar ýaly ýagdaý döretmeli. Käbirleri öýünde, käbirleri bolsa Ýygnak jaýynda özüni has rahat duýmagy mümkin. w19.05 sah. 16, abz. 11; sah. 17, abz. 13, 14

5-nji mart, anna

Tutuş ýurt ahy-nala çeker... Natan öýi aýry... aglar (Zek. 12:12, 14).

Aýdaly, siz Zekerýa kitabynyň 12-nji babyny okaýarsyňyz. Ol ýerde Mesihiň ölümi barada pygamberlik edilýär (Zek. 12:10). 12-nji aýadyna ýeteniňizde, «Natanyň kowumynyň» Mesihiň ölümi üçin ýas tutjakdygy barada okaýarsyňyz. Şeýle jikme-jikligi ýöne bir okap geçmän, biraz säginip özüňize şeýle soraglary beriň: «Natanyň kowumy bilen Mesihiň arasynda nähili baglanyşyk bar?» Munuň üçin biraz gözleg geçiriň. Mysal üçin, onuň parallel aýatlaryny, ýagny 2 Şamuwel 5:13, 14-nji aýatlaryny okap bilersiňiz. Şonda Natanyň Dawut patyşanyň ogly bolandygyna göz ýetirersiňiz. Ikinji parallel aýatlarda, ýagny Luka 3:23, 31-nji aýatlarda bolsa, Isanyň Natanyň neslinden bolandygy aýdylýar. Indi siz hasam gyzyklanyp başlan bolsaňyz gerek. Aýdaly, siz Isanyň Dawudyň neslinden geljekdigi baradaky pygamberligi bilýärsiňiz (Mat. 22:42). Ýöne Dawudyň 20-den gowrak ogly bolupdyr. Eýsem, Zekerýanyň Isanyň ölümi üçin ýas tutan Natanyň kowumy barada agzap geçmegi haýran galdyrmaýarmy?! w19.05 sah. 30, abz. 17

6-njy mart, şenbe

Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünip, pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň (Rim. 12:2).

Munuň üçin näme etmeli? Hudaýyň Sözüni we oňa esaslanan edebiýatlary yzygider öwrenmeli. Şeýtsek, ondaky hakykatlaryň dogrudygyna göz ýetireris we Ýehowanyň kadalarynyň adalatlydygyna ynamymyz artar. Şonda köki berk agaç ýaly, biziň hem imanymyz berk bolar (Kol. 2:6, 7). Ýadyňyzda bolsun, hiç kim bize derek imanymyzy berkidip bilmez. Şonuň üçin garaýşyňyzy elmydama täzeläp duruň. Dyngysyz doga ediň; Ýehowadan mukaddes ruhuny diläň. Çuňňur oýlanyň; islegleriňizi we maksatlaryňyzy barlaň. Gowy dostlary tutunyň; pikiriňizi gowy tarapa özgertmäge kömek etjek adamlar bilen dostlaşyň. Şonda Şeýtanyň zäher ýaly güýçli täsir edýän «ýalan düşünjelerini ýeňersiňiz, Hudaý hakdaky bilime böwet bolýan zatlary ýumrarsyňyz» (2 Kor. 10:5). w19.06 sah. 13, abz. 17, 18

7-nji mart, ýekşenbe

Atamyzyň we Hudaýymyzyň öňünde arassa, päk sežde etmek üçin, ýetimleri we dul aýallary kyn gününde goldamaly (Ýak. 1:27).

Rutuň Nagomyny elmydama goldaýşy ýaly, bizem ýakynyny ýitiren dogan-uýalary goldap durmaly (Rut 1:16, 17). Paula şeýle diýýär: «Ýoldaşym aradan çykanda, dogan-uýalaryň hemmesi ýanyma gelip, maňa teselli berýärdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, her kim öz işi bilen gümra bolup başlady. Meniň bolsa, hiç zada elim barmaýardy. Ýakynyň aýrylanda, sen bir aý ýa-da bir ýyl däl-de, ençeme ýyllap tesellä mätäç bolýan ekeniň. Başgalar hem muňa düşünse gowy bolardy». Elbetde, hemmeleriň ýagdaýy birmeňzeş bolmaýar. Käbirleri bolan zatlary derrew ýadyndan çykarsa, başgalar muny uzak wagtlap ýatdan çykaryp bilmeýär. Ýakynynyň ölümi her kime her hili täsir edýär. Ýehowanyň bize ýanýoldaşyny ýitiren adamlar hakda alada etmegi tabşyrandygyny unutmalyň. Bu uly hormat we jogapkärçilik. w19.06 sah. 24, abz. 16

8-nji mart, duşenbe

Bolgusyz adamyň ýanynda dilimi saklaryn (Zeb. 39:1).

Wagyz işimiz gadagan edilende, «dymmagyň öz wagtynyň bardygyny» ýatdan çykarmaň (Nes. 3:7). Biz dogan-uýalaryň atlary, ýygnagyň haçan we nirede bolýandygy, nädip wagyz edilýändigi hem-de ruhy iýmiti nädip alýandygymyz barada syr saklamaly bolarys. Biz şeýle maglumatlary hökümet işgärlerine, hatda dost-ýarlarymyza, ýaşaýan ýerimizdäki ýa-da daşary ýurtdaky dogan-garyndaşlarymyza-da aýtmarys. Eger şeýle meselelerde syr saklamasak, imandaşlarymyzyň janyny howp astyna salarys. Ujypsyz zatlar üçin agzybirligiňizi ýumurmaň. Şeýtan «maşgalada agzalalyk bolsa, maşgalanyň dargajakdygyny» gowy bilýär (Mar. 3:24, 25). Şonuň üçin ol aramyzda agzalalyk döretmek üçin elinde baryny edýär. Bu ganym duşman biziň özi bilen däl-de, bir-birimiz bilen söweşmegimizi isleýär. Hatda ruhy taýdan berk mesihçilerem Şeýtanyň bu duzagyna düşmekden seresap bolmaly. Eger bizem dogan-uýalar bilen aramyzda döreýän düşünişmezligi çözmek üçin elimizde baryny etsek, Şeýtana agzybirligimizi bozmak asla başartmaz (Kol. 3:13, 14). w19.07 sah. 11, 12, abz. 14—16

9-njy mart, sişenbe

Hudaýyň guly... hemmeler bilen ýumşak, öwretmäge ukyply (bolmaly) (2 Tim. 2:24).

Köplenç adamyň hoş habara seslenmegi näme aýdýandygymyza däl-de, nädip aýdýandygymyza bagly bolýar. Adamlar bilen sypaýy, mähirli we ýürekden gürrüňdeş bolanymyzda, olara gowy täsir edýär. Biz olara öz pikirimizi mejburlyk bilen kabul etdirjek bolmaýarys. Gaýtam olaryň dine nähili garaýandygyny we näme üçin şeýle pikir edýändigini bilmäge çalyşýarys. Pawlus resul hem ýehudylar bilen gürrüňdeş bolanda, Mukaddes Kitaba esaslanyp öwredýärdi. Emma Ares depesinde grek filosoflaryna ýüzlenende, Mukaddes Kitabyň göni özüne salgylanmady (Res. 17:2, 3, 22—31). Biz mundan näme öwrenýäris? Eger wagyzda Mukaddes Kitaby könelişen ýa üýtgedilen diýip pikir edýän adama duşsak, onda göni Mukaddes Kitabyň özünden okamasak gowy bolar. Eger siz Mukaddes Kitapdan bir aýady okajak bolsaňyz, ýöne adam başgalar göräýmesin diýip, özüni oňaýsyz duýýan bolsa, telefondan ýa planşetden okap bilersiňiz. w19.07 sah. 21, abz. 5, 6

10-njy mart, çarşenbe

Ýüregiňiz aldawa düşmez ýaly seresap boluň, ýoldan çykyp, başga taňrylara... sežde etmäň (5 Mus. 11:16).

Şeýtan ysraýyllaryň başyny-gözüni aýlap, olary butparazlyga iterdi. Ol ysraýyllara iýmitiň gerekdigini bilýärdi, şonuň üçin mundan peýdalandy. Ysraýyllar Wada edilen ýurda girende, ekerançylyk bilen meşgullanmagyň täze usulyny öwrenmeli boldular. Olar Müsürdekä ekin meýdanlary Nil derýasy arkaly suwarylýardy, Wada edilen ýurtda bolsa, ekini suwarmak üçin şeýle uly suw bulaklary ýokdy. Şol sebäpli daýhanlar ýagnyň ýagmagyna garaşmaly bolýardy (5 Mus. 11:10—15; Işa. 18:4, 5). Ýehowa ekerançylyk barada aýdanda, näme üçin ysraýyllara ýalan hudaýlara sežde etmek bilen bagly duýduryş berdi? Ol ysraýyllaryň ekin-dikin bilen bagly meselelerde goňşy halklardan kömek sorajakdygyny bilýärdi, ýöne munuň howply tarapy hem bardy. Kenganlar Bagal taňrysyna sežde edýärdi (4 Mus. 25:3, 5; Ser. 2:13; 1 Pat. 18:18). w19.06 sah. 3, 4, abz. 4—6

11-nji mart, penşenbe

Doga edip, söýgiňiziň artmagyny... dileýärin (Flp. 1:9).

Pawlus resul, Silas, Luka we Timoteos Rimiň golastyndaky Filipi şäherine gelenlerinde, Patyşalyk baradaky hoş habary eşitmek isleýän adamlaryň köpdügini gördüler. Dört sany janaýamaz doganlaryň kömegi bilen şol şäherde ýygnak döredi. Täze dörän ýygnakdaky dogan-uýalar Hudaýa sežde etmek üçin Lidiýa atly myhmansöýer uýanyň öýünde ýygnanyşan bolmaly (Res. 16:40). Täze dörän ýygnak kynçylyklara duçar bolýar. Şeýtan hakykatyň duşmanlary arkaly wepaly mesihçilere gahar-gazap bilen hüjüm edýär. Pawlus bilen Silasy tussag edip, ýençýärler we türmä basýarlar. Olar türmeden boşanlaryndan soň, täze dörän ýygnakdaky dogan-uýalary ruhlandyrýarlar. Soňra Pawlus, Silas we Timoteos Filipi şäherinden gaýdýarlar, Luka bolsa şol ýerde galan bolmaly. Täze dörän ýygnakdaky dogan-uýalar näme etdiler? Ýehowanyň mukaddes ruhy olara yhlasly wagyz etmäge kömek etdi (Flp. 2:12). Pawlus olara örän buýsanýardy! w19.08 sah. 8, abz. 1, 2

12-nji mart, anna

Bergili algydaryň guludyr (Nak. 22:7).

Başga ýere göçeniňizde, pul gerek bolup, karza batmagyňyz mümkin. Köp bergi etmez ýaly näme etmeli? «Ýorganyňyza görä aýak uzadyň», ýagny zerur bolmadyk zatlary satyn almaň (Nak. 22:3). Çykgynsyz ýagdaýda (meselem, dogan-garyndaşlaryňyz kesellände) näçeräk karz aljakdygyňyzy bilmän aljyramagyňyz ahmal. Şonda Hudaýa «dileg edip, ýalbarsaňyz», paýhasly karara gelip bilersiňiz. Ýehowa doga-dilegleriňizi eşidip, «ýürekleriňize we pikirleriňize» parahatlyk berer, sagdyn pikirlenmäge kömek eder (Flp. 4:6, 7; 1 Pet. 5:7). Dostlugyňyzy berkidiň. Siz ýakyn dostlaryňyza, esasan-da, siziňki ýaly ýagdaýlary başdan geçiren dogan-uýalara kynçylyklaryňyzy we duýgularyňyzy gürrüň beriň. Şeýle gürrüňdeşlik güýjüňize güýç goşar (Nes. 4:9, 10). Öňki dostlaryňyz jana-jan dostlaryňyz bolup galýar. w19.08 sah. 22, abz. 9, 10

13-nji mart, şenbe

Armageddon diýen ýere ýygnadylar (Ylh. 16:16).

Ýehowa näme üçin soňky Beýik söweşi Megiddo bilen baglanyşdyrdy? Megiddonyň we Ýizregel jülgesiniň töwereginde ençeme söweşler boldy. Ýehowa şol söweşlerde halkyna ýeňiş gazanmaga kömek edýärdi. Meselem, Hudaý «Megiddo suwlarynyň» golaýynda bolan söweşde ysraýyllaryň serdary Baragy goldady. Barak kenganlaryň goşunbaşysy Siseranyň goşunyny derbi-dagyn edipdi. Barak bilen pygamber aýal Debora Ýehowanyň gudrat bilen ýeňiş gazanmaga kömek edendigi üçin, şeýle alkyş aýtdylar: «Asman ýyldyzlary... Sisera hüjüm etdi. Ýehowa, goý, duşmanlaryň heläk bolsun, seni söýýänler Gün kimin nur saçsyn!» (Ser. 5:19—21, 31). Edil şonuň ýaly, Armageddon söweşinde Hudaýyň duşmanlary ýok ediler, Hudaýy söýýänler bolsa aman galar. Ýöne iki söweşiň arasynda bir tapawut bar. Armageddonda Hudaýyň halky söweşmez, eline ýarag hem almaz. Olar howsala düşmezler, Ýehowa we gökdäki goşuna bil baglap, güýç toplarlar (Işa. 30:15; Ylh. 19:11—15). w19.09 sah. 9, abz. 4, 5

14-nji mart, ýekşenbe

Meniň ýanyma geliň (Mat. 11:28).

Isanyň çakylygyny kabul etmek üçin, mümkin boldugyndan, onuň aýdanlaryndan we eden işlerinden öwrenmeli (Luka 1:1—4). Isa hakda öwrenmek biziň borjumyz, muny bize derek hiç kim edip bilmez. Eger biz suwa çümdürilmek kararyna gelsek we Isanyň şägirdi bolsak, onuň çakylygyny kabul ederis. Şeýle-de biz kömege mätäç wagtymyz ýygnak ýaşulularyna ýüz tutsak, Isanyň çakylygyny kabul ederis. Isa «bereket hökmünde berlen» ýaşulular arkaly dogan-uýalaryň aladasyny edýär (Efes. 4:7, 8, 11; Ýah. 21:16; 1 Pet. 5:1—3). Ýaşululardan kömek soramaga çekinmeli däl. Sebäbi olar biziň näme pikir edýändigimizi we nämä mätäçdigimizi bilmeýärler. Julýan dogan şeýle gürrüň berýär: «Men ýaşululara ýüz tutdum, olaryň goldawy meniň üçin iň gymmatly sowgat boldy». Edil şonuň ýaly, Hudaýa wepaly ýaşulular bize «Mesihiň pikir edişi ýaly pikir etmäge», ýagny onuň pikirine düşünmäge we eýermäge kömek edýärler (1 Kor. 2:16; 1 Pet. 2:21). Ýaşulularyň berýän kömegi biziň üçin gymmatly sowgat. w19.09 sah. 21, abz. 4, 5

15-nji mart, duşenbe

Meniň şu agyldaky goýunlarymdan başga goýunlarym hem bar (Ýah. 10:16).

Hudaýyň Sözünde mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça ýaşan Hudaýa wepaly erkekler we aýallar hakda aýdylýar. Ýöne olar 144 000 saýlanan mesihçileriň arasynda däl. Meselem, suwa çümdürýän Ýahýa (Mat. 11:11); Dawut pygamber (Res. 2:34). Bulardan başga-da ýer ýüzünde boljak Jennetde sansyz-sajaksyz adamlar direler. Uly märeke bilen deň hatarda olaryň ählisine Ýehowa wepaly bolup, hökümdarlygyny goldamaga mümkinçilik berler. Adamzat taryhynda Hudaý ilkinji gezek millionlarça adamlary ýygnaýar. Biz gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän bolsagam, «başga goýunlara», ýagny uly märekä köp adam goşular ýaly, elimizde baryny edip wagyz etmeli. Tizden uly betbagtçylyk başlar, şonda Ýehowa adamlary ezen hökümetleri we dini guramalary ýok eder. Uly märeke ýer ýüzünde Ýehowa ebedi gulluk eder. Gör, nähili uly hormat! (Ylh. 7:14). w19.09 sah. 31, abz. 18, 19

16-njy mart, sişenbe

Soňky günlerde ýaňsylaýjy adamlar dörär (2 Pet. 3:3).

Şeýtanyň dünýäsiniň ýok edilmeli wagtynyň golaýladygyça, bize Hudaýa we Patyşalygyna wepaly bolmak has-da kyn bolar. Belki, köpler biziň üstümizden gülerler. Sebäbi Şeýtanyň dünýäsini goldamaýarys. Hawa, uly betbagtçylykda Hudaýa wepaly bolar ýaly, häzirden wepalylygymyzy berkitmeli. Uly betbagtçylykda Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk edýän doganlar bilen bagly käbir özgerişlikler bolar. Saýlanan mesihçileriň ählisi Armageddon söweşine gatnaşmak üçin göge alnar (Mat. 24:31; Ylh. 2:26, 27). Diýmek, şol döwür Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary aramyzda bolmaz. Emma uly märeke guramaçylykly hereket eder. Olara tejribeli doganlar ýolbaşçylyk eder. Biz doganlary goldap we olaryň Hudaýdan alan görkezmesine eýerip, wepaly bolup bileris. Hawa, doganlara gulak assak halas bolarys! w19.10 sah. 17, abz. 13, 14

17-nji mart, çarşenbe

Siz nirä gitseňiz, menem yzyňyzdan giderin... Siz nirede ölseňiz, menem şol ýerde ölerin (Rut 1:16, 17).

Nagomy Ýehowa wepaly gulluk edýärdi we ony ýürekden söýýärdi. Emma ýanýoldaşy we iki ogly aradan çykanda, ol: «Maňa Nagomy diýmäň, Mara diýiň» diýýär. «Mara» ajy diýmegi aňladýar (Rut 1:3, 5, 20, çykgyt, 21). Nagomynyň gelni Rut ähli kynçylyklarynda oňa goldaw bolupdy. Rut gaýynenesine diňe bir kömek etmän, sözleri bilen teselli hem berýärdi. Rutuň ýönekeýje, ýöne ýürekden aýdýan sözleri Nagoma güýçli täsir etdi we gelniniň ony söýýändigine hem-de hiç haçan taşlamajakdygyna ynamyny berkitdi. Imandaşlarymyzyň biri ýanýoldaşyny ýitirende, biziň kömegimize has-da mätäç bolýar. Är-aýaly bir ýerde ösüp duran iki sany agaja meňzetse bolýar. Ýyllar geçdigi saýyn, şol agaçlaryň kökleri biri-birine çyrmaşyp başlaýar. Eger olaryň biri gurasa, beýlekisine-de güýçli zyýan ýetýär. Şonuň ýaly, ýanýoldaşy aradan çykan adam hem uzak wagtlap ejir çekmegi mümkin. w19.06 sah. 23, abz. 12, 13

18-nji mart, penşenbe

Her kim öz höwesine gyzygyp, aldanan mahaly synalýar (Ýak. 1:14).

Biz diňe göwün açmak üçin nähili zatlary görýändigimize däl-de, näçe wagt sarp edýändigimize-de ünsli bolmaly. Ýogsam köp wagtymyzy Ýehowa gulluk etmäge däl-de, göwün açmaga sarp etmegimiz mümkin. Şonuň üçin oňa näçe wagt sarp edýändigiňizi anyklaň. Bir hepdäniň dowamynda telewizora, internete, wideo oýunlaryna näçe wagtyňyzyň gidýändigini ýazyň. Eger aşa köp wagt sarp edýändigiňizi bilseňiz, gün tertibini düzüň. Ilki bilen, wagtyňyzy has wajyp işlere sarp ediň, galan wagtda bolsa göwün açyp bilersiňiz. Soňra gün tertibiňize eýerip biler ýaly Ýehowadan kömek soraň. Şonda Mukaddes Kitaby okamaga, maşgala okuwyny geçirmäge, ýygnaklara barmaga, wagza gitmäge we şägirt taýýarlamak işine gatnaşmaga ýeterlik wagtyňyz hem-de güýjüňiz bolar. Şeýle-de göwün açmaga aşa köp wagt sarp etmeýändigiňiz üçin begenersiňiz. w19.10 sah. 30, abz. 14, 16; 31, abz. 17

19-njy mart, anna

Gowy zat edesim gelýär, ýöne edip bilmeýärin (Rim. 7:18).

Takmynan b. e. 55-nji ýylynda Korinf şäherinde ýaşaýan mesihçiler wajyp karara geldiler. Olar pul ýygnap, Iýerusalimdäki we Ýahudadaky mätäç mesihçilere kömek etmek islediler (1 Kor. 16:1; 2 Kor. 8:6). Emma birnäçe aý geçenden soň Pawlus olaryň gelen kararyny berjaý etmändiklerini eşitdi. Netijede, olar beýleki ýygnakdaky dogan-uýalar ýaly Iýerusalimdäki imandaşlaryna öz wagtynda kömek edip bilmezdiler (2 Kor. 9:4, 5). Korinfliler dogry karara geldiler, Pawlus hem olaryň berk imany we jomartlyk bildirmek isleýändikleri üçin öwdi. Şeýle-de olary başlan işlerini soňuna çenli tamamlamaga höweslendirdi (2 Kor. 8:7, 10, 11). Şu wakadan görnüşi ýaly, hatda Hudaýa wepaly mesihçiler hem dogry karara gelseler-de, ony ýerine ýetirip bilmeýärler. Näme üçin? Biz bikämillik sebäpli işimizi soňa goýmagy endik edinendiris. Şeýle-de garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli gelen kararymyzy ýerine ýetirip bilýän däldiris (Nes. 9:11). w19.11 sah. 26, 27, abz. 3—5

20-nji mart, şenbe

Eliňize uly iman galkanyny... alyň (Efes. 6:16).

Uly galkanyň esgeriň tutuş bedenini goraýşy ýaly, iman hem bizi azgyn dünýäniň ahlaksyz we zalym işlerinden hem-de Hudaýyň talaplaryna garşy gelýän täsirinden goraýar. Biz ruhy söweşi alyp barýarys, duşmanlarymyz bolsa zalym ruhlar (Efes. 6:10—12). Biz synagda ýykylmaz ýaly, iman galkanymyzyň berkdigini nädip anyklap bileris? Ilki bilen, Hudaýdan kömek sorap doga etmeli. Soňra Mukaddes Kitaby okap, Hudaýyň isleýşi ýaly iman edýändigimizi barlamaly (Ýew. 4:12). Mukaddes Kitapda: «Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla, düşünjäňe daýanma» diýilýär (Nak. 3:5, 6). Ýaňy-ýakynda durmuşyňyzda bolan waka hakda oýlanyp görüň. Belki, siz pulsuzlykdan kösenensiňiz. Şonda Ýehowanyň Ýewreýler 13:5-däki: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn» diýen wadasy ýadyňyza düşdümi? Şu aýat Ýehowanyň size kömek etjekdigine ynamyňyzy berkitdimi? Eger şeýle bolsa, siziň iman galkanyňyz berk diýse bolar. w19.11 sah. 14, abz. 1, 4

21-nji mart, ýekşenbe

Çagalar Ýehowanyň beren mirasydyr (Zeb. 127:3, çykgyt).

Ene-atalaryň ikisi hem çagasyna wagtyny we güýjüni bermeli bolýar. Eger maşgalada çaga köp bolsa, olaryň her birine üns bermek ene-ata kyn bolup biler. Birnäçe kiçijik çagalary bolan är-aýallar gaty ýadaýandyklaryny aýdýarlar. Esasan-da, aýallar beden we duýgy taýdan özlerini hemişe ýadaw duýýarlar. Şol sebäpli olara şahsy okuwyny geçirmek, doga etmek hem-de wagza yzygider gatnaşmak kyn bolup bilýär. Ondan başga-da, ýygnakda ünsüni jemläp, doly peýda almak kyn bolýar. Elbetde, maşgalasyny söýýän är ýygnak duşuşyklarynda we öýünde çagalaryna seretmäge aýalyna kömekleşer. Meselem, ol öý işlerine kömek edip biler. Ol maşgala okuwyny yzygiderli geçirip, maşgalasynyň doly peýda almagy üçin elinde baryny etmeli. Şeýle-de aýalyny we çagalaryny yzygider wagza alyp çykmaly. w19.12 sah. 24, abz. 8

22-nji mart, duşenbe

Siziň üçin 50-nji ýyl Azatlyk ýyly bolsun (3 Mus. 25:11).

Azatlyk ýylynyň nähili peýdasy bardy? Aýdaly, bir ysraýylly uly bergä batýar we karzyny üzmek üçin mellek ýerini satmaly bolýar. Ýöne Azatlyk ýylynda ol «mülküni gaýdyp alyp» bilýärdi. Şeýlelikde, şol adamyň çagalaryna miras galmaly ýeri elinden gitmeýärdi. Ýa-da adam agyr güne düşüp, bergisini berip bilmändigi üçin özüni ýa çagalaryndan birini gul edip satmaly bolýardy. Emma Azatlyk ýylynda gullar «hojalygyna dolanyp baryp» bilýärdi (3 Mus. 25:10). Şeýdip, gul-gyrnaklaryň erkinlige çykmaga umydy bolýardy. Ýehowa bu hakda şeýle diýdi: «Ysraýyl doganlaryňyz garyp düşmesin. Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurdunda Ýehowa rysgal-döwletiňizi artdyrar» (5 Mus. 15:4). Bu kanun häzirki dünýäniň ýagdaýyndan, gör, nähili tapawutlanýar! Şu günler baý adamlar hasam baýap, garyplar bolsa gitdigiçe garyp düşýär. w19.12 sah. 8, 9, abz. 3, 4

23-nji mart, sişenbe

Oglum, paýhasly bol, ýüregimi şatlandyr (Nak. 27:11).

Isa kyn ýagdaýlarda Ýehowa «ahy-nala we gözýaşlar bilen» dileg etdi (Ýew. 5:7). Isanyň ýürekden eden dogalary Ýehowa wepalydygyny we gulak asmak isleýändigini görkezýärdi. Isanyň doga-dilegleri Ýehowa üçin hoşboý ysly tütetgi ýalydy. Isa ömrüniň ahyryna çenli Ýehowany razy etdi we Onuň hökümdarlygyny aklady. Ýehowa gulak asyp, wepaly bolmak we kanunlaryny berjaý etmek üçin elimizde baryny etsek, Isanyň göreldesine eýereris. Biz Hudaýy razy etmek isleýäris, şonuň üçin synaga uçranymyzda Ýehowadan kömek sorap, doga-dileg edýäris. Biz Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etsek, ol dogalarymyzy diňlemez, halaýan işlerini etsek, ýürekden edýän dogalarymyz hoşboý ysly tütetgi kimin ýakymly bolar. Gökdäki Atamyza wepaly bolsak we gulak assak, ýüregini şatlandyryp bileris. w19.11 sah. 21, 22, abz. 7, 8

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (9-njy nisanda bolan wakalar) Luka 19:29—44

24-nji mart, çarşenbe

Wepaly hem paýhasly hyzmatkäri kim? (Mat. 24:45).

1919-njy ýylda Isa kiçi topardan ybarat bolan saýlanan doganlary «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» edip belledi. Wepaly hyzmatkär wagyz işine ýolbaşçylyk edýär we Isanyň şägirtlerine «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny berýär». Şeýtan we onuň tarapdarlary wepaly hyzmatkäriň işini togtatmak üçin elinde baryny edýär. Eger Ýehowanyň goldawy bolmasa, wepaly hyzmatkär şeýle işleri başarmazdy. Ýer ýüzünde iki sany jahan urşy boldy we ykdysadyýetiň pese düşmegi sebäpli köpler ejir çekýär. Şeýle-de Hudaýyň halky adalatsyzlyk bilen yzarlanýar. Muňa garamazdan, wepaly hem paýhasly hyzmatkär Isanyň şägirtlerine ruhy iýmit berýär. Häzir edebiýatlarymyz 900-den gowrak dilde terjime edilýär we edebiýatlar üçin pul alynmaýar. Bu zatlar Hudaýyň wepaly hyzmatkäri goldaýandygyny subut edýär. Hoş habaryň «bütin ýer ýüzünde» wagyz edilmegi hem Ýehowanyň guramasyny goldaýandygyny görkezýär (Mat. 24:14). w19.11 sah. 24, abz. 15, 16

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (10-njy nisanda bolan wakalar) Luka 19:45—48; Matta 21:18, 19; 21:12, 13

25-nji mart, penşenbe

Mesihiň... dilegi kabul boldy, sebäbi ol Hudaýdan gorkýardy (Ýew. 5:7).

Günä geçilýän güni baş ruhany gurbanlyk bermezden öň tütetgini ýakmalydy. Şonda ol ilki Ýehowany razy edýärdi, soňra gurbanlygy hödürleýärdi. Isa ýer ýüzünde ýaşanda, örän ähmiýetli iş etmelidi. Bu iş adamlary halas etmek üçin Isanyň janyny gurban bermeginden has wajypdy. Isa näme etmelidi? Onuň gurbanlygy kabul bolar ýaly, Isa ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly bolup, gulak asmalydy. Şonda Isa Ýehowanyň isleýşi ýaly ýaşamagyň iň dogry ýoldugyny, Atasynyň höküm sürmäge haklydygyny we Ýehowanyň adalatly hökümdardygyny subut ederdi. Isa ömrüniň ahyryna çenli Ýehowanyň adyl talaplaryna kämil derejede tabyn boldy. Ol synaga düşse-de, kynçylyk çekse-de, Atasynyň adalatly hökümdardygyny subut etmegi ýüregine düwüpdi (Flp. 2:8). w19.11 sah. 21, abz. 6, 7

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (11-nji nisanda bolan wakalar) Luka 20:1—47

26-njy mart, anna

Kynçylyga uçranymda ýanymda bolduňyz (Luka 22:28).

Isa ýer ýüzünde gulluk edende, wepaly resullary onuň üçin hakyky goldaw boldular. Şeýdip, olar hakyky dostdugyny görkezdiler (Nak. 18:24). Isa şol dostlarynyň gadyryny bilýärdi. Ýer ýüzünde gulluk edende, Isanyň süýtdeş doganlary oňa iman etmändi (Ýah. 7:3—5). Hatda bir gezek dogan-garyndaşlary oňa «akylyndan azaşypdyr» diýdiler (Mar. 3:21). Emma Isanyň wepaly resullary olardan tapawutlanýardy. Şol sebäpli Isa ölüminiň öň ýanyndaky gije olara şu günki aýatdaky sözleri aýtdy. Resullar Isany birnäçe gezek gynandyrsalar-da, ol olaryň ýalňyşlyklaryna däl-de, imanyna üns berýärdi (Mat. 26:40; Mar. 10:13, 14; Ýah. 6:66—69). Pürse çüýlenmeginiň öň ýanyndaky gije Isa wepaly resullaryna: «Men size dostlarym diýýärin, sebäbi Atamdan eşidenlerimiň ählisini size aýtdym» diýdi (Ýah. 15:15). Dogrudan-da, Isanyň dostlary onuň üçin hakyky teselli boldy. w19.04 sah. 11, abz. 11, 12

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (12-nji nisanda bolan wakalar) Luka 22:1—6; Markus 14:1, 2, 10, 11

Ýatlama agşamy
Gün ýaşandan soň başlanýar
27-nji mart, şenbe

Mukaddes ruh ýüregimizde Hudaýyň perzendidigimize ynam döredýär (Rim. 8:16).

Dogan ýa-da uýa özüniň göge çagyrylandygyny nädip bilmeli? Munuň jogabyny Pawlus resulyň Rimdäki «mukaddes bolmaga çagyrylanlara» aýdan sözlerinden bilse bolýar. Ol şu günki aýatdaky sözleri aýtmazdan öň şeýle diýdi: «Hudaýyň ruhy gorkuzyp, gul edýän däldir. Ol bizi ruhy arkaly ogullyga kabul etdi, şol ruh arkaly: „Atam jan!“ diýip çagyrýarys» (Rim. 1:7; 8:15). Hudaý mesihçini gökde ýaşamak üçin saýlandygyny mukaddes ruhy arkaly aýan edýär (1 Sel. 2:12). Ýehowa gökde ýaşamaga çagyrylanlaryň ýüreginde hem aňynda birjik-de şübhe galdyrmaýar (1 Ýah. 2:20, 27). Göge çagyrylandygyna olary başga biriniň ynandyrmagy gerek däl. w20.01 sah. 22, abz. 7, 8

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (13-nji nisanda bolan wakalar) Luka 22:7—13; Markus 14:12—16 (14-nji nisanda gün batandan soň bolan wakalar) Luka 22:14—65

28-nji mart, ýekşenbe

Dostlary üçin janyny gurban edýän adamyň söýgüsinden güýçli söýgi ýokdur (Ýah. 15:13).

«Mesihiň kanuny» iň berk zada, ýagny söýgä esaslanýar (Gal. 6:2). Isanyň her bir edýän işinde söýgüsi görünýärdi. Kimdir birine ýüregiň awamak ýa-da duýgudaşlyk bildirmek hem ony söýýändigiňi görkezýär. Isa-da adamlara ýüregi awandygy üçin, olara köp zatlary öwredýärdi, keselleri sagaldýardy, açlary doýurýardy we ölen adamlary direldýärdi (Mat. 14:14; 15:32—38; Mar. 6:34; Luka 7:11—15). Ol başgalaryň bähbidini özüniňkiden ileri tutýardy. Ýöne, esasan, Isa janyny gurban berip, adamlary güýçli söýýändigini görkezdi. Biz adamlaryň bähbidini özümiziňkiden ýokary tutmakda Isadan görelde alyp bileris. Şeýle-de ondan görelde alyp, wagyz edýän adamlarymyza duýgudaşlyk bildirip bileris. Adamlara duýgudaşlyk bilen hoş habary wagyz edenimizde we öwredenimizde, Mesihiň kanunyna gulak asýandygymyzy görkezýäris. w19.05 sah. 4, abz. 8—10

Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (14-nji nisanda bolan wakalar) Luka 22:66—71

29-njy mart, duşenbe

(Ýehowa) ýesirlere azat boljagyny wagyz etmäge... ezilenleri erkinlige çykarmaga... iberdi (Luka 4:18, 19).

Isa adamlara ýehudy dini ýolbaşçylarynyň ýalan öwretmelerinden azat bolmaga kömek edýärdi. Şol döwür ýehudylaryň köpüsi ynsan däp-dessurlarynyň hem-de ýalan öwretmeleriň gulçulygynda ýaşaýardy (Mat. 5:31—37; 15:1—11). Ikiýüzli dindarlar başgalara dogry ýola düşmäge kömek edýäris diýselerem, özleri göçme manyda kördi. Olar wada edilen Mesihden we onuň öwredýän hakykatyndan ýüz öwrende, ruhy tümlükdedigi hem-de günäniň gulçulygyndadygy hasam aýdyň boldy (Ýah. 9:1, 14—16, 35—41). Olardan tapawutlylykda, Isa sözleri we göreldesi bilen pesgöwünli adamlara ruhy azatlyga çykmaga kömek etdi (Mar. 1:22; 2:23—3:5). Isa adamlary günäniň gulçulygyndan azatlyga çykardy. Ol munuň üçin öz janyny gurban berdi. Hudaý Oglunyň töleg gurbanyna iman edýän adamlaryň günälerini geçýär (Ýew. 10:12—18). w19.12 sah. 10, abz. 8; sah. 11, abz. 10, 11

Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (15-nji nisanda bolan wakalar) Matta 27:62—66

30-njy mart, sişenbe

Hudaýyň... mukaddes ruhy bilen möhürlendiňiz. Mukaddes ruh Hudaýyň wada beren zadyny aljakdygymyza kepil geçýändir (Efes. 1:13, 14).

Ýehowa mukaddes ruhy arkaly saýlananlarda gökde ýaşamak üçin bellenendigine doly ynam döredýär. Şeýlelikde, olara Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly «möhür basylýar» we ýer ýüzünde däl-de, gökde ýaşajakdygyna ynam döreýär (2 Kor. 1:21, 22). Eger mesihçi saýlansa, şol bada gökde ýaşamak sylagyny alýarmy? Elbetde, ýok. Ol özüniň göge çagyrylandygyna ynamly bolsa-da, şu wajyp duýduryşy ýatdan çykarmaly däl: «Doganlar, Hudaýyň çagyranlary we saýlanlary hökmünde wepaly bolmaga jan ediň. Eger mundan beýläk-de şol häsiýetlere görä ýaşasaňyz, hiç haçan ýykylmarsyňyz» (2 Pet. 1:10). Diýmek, mesihçi gökde ýaşamak üçin saýlansa-da, bu sylag oňa soňuna çenli wepaly galsa berler (Flp. 3:12—14; Ýew. 3:1; Ylh. 2:10). w20.01 sah. 21, 22, abz. 5, 6

Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (16-njy nisanda bolan wakalar) Luka 24:1—12

31-nji mart, çarşenbe

Oýlanman aýdylan söz gylyç kimin ýara salýandyr, paýhasly adamyň dili derde dermandyr (Nak. 12:18).

Dosty hasaplap ýören adamlary Eýýuba duýgudaşlyk bildirmediler. Munuň bir sebäbi, olar Eýýubyň ýagdaýyna düşünmeýärdiler. Şol sebäpli derrew nädogry netijä gelip, Eýýuby ýazgardylar. Eýýubyň üç dostunyň ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly näme edip bileris? Kyn güne düşen adamyň ýagdaýyna diňe Ýehowanyň doly düşünýändigini unutmaň. Şonuň üçin ondan görelde alyp, imandaşyňyzy sabyrlylyk bilen diňläň. Onuň duýgularyna düşünjek boluň. Şonda siz kyn güne düşen imandaşyňyza ýürekden duýgudaşlyk bildirip bilersiňiz. Duýgudaş bolsak, imandaşymyzyň kynçylygy barada başgalara gürrüň berip, gybat etmeris. Sebäbi gybat agzybirligimizi berkitmän, gaýtam ony ýumurýar (Nak. 20:19; Rim. 14:19). Gybat edýän adam kynçylykdan ejir çekýän imandaşynyň ýarasynyň üstüne duz sepýär (Efes. 4:31, 32). Geliň, dogan-uýalaryň gowy häsiýetlerine üns bereliň we olara kyn gününde kömek etmek üçin elimizde baryny edeliň! w19.06 sah. 21, 22, abz. 8, 9

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş