Aprel
1-nji aprel, penşenbe
Hak dost elmydama söýýär (Nak. 17:17).
Aristarhus Makedoniýanyň Selanik şäherinde ýaşaýardy. Ol Pawlus resula wepaly dostdugyny birnäçe gezek subut edipdi. Pawlus resul üçünji wagyz syýahatynda Efes şäherine baranda, halk gahardan ýaňa Aristarhusa topulypdy. Mukaddes Kitapda bu mesihçi barada ilkinji sapar şu waka agzalanda aýdylýar (Res. 19:29). Ol tussaglykdan boşandansoň hem, janyna howp abansa-da, Pawlusyň ýanynda galdy. Şeýdip, ol wepalydygyny görkezdi. Şondan birnäçe aý geçensoň, Gresiýada duşmanlar Pawlusy öldürjek bolanda hem Aristarhus onuň ýanyndady (Res. 20:2—4). Takmynan b. e. 58-nji ýylynda Pawlusy tussag edip, Rime ugradanlarynda, Aristarhus hem ýany bilen gidipdi. Olar ýolda gämi heläkçiligine uçrapdylar (Res. 27:1, 2, 41). Rime baranlaryndan soň, Aristarhus Pawlus bilen birnäçe wagt tussaglykda oturan bolmaly (Kol. 4:10). Elbetde, ýanynda şeýle wepaly hem jana-jan dostunyň bardygyna Pawlus örän ruhlanandyr! Aristarhus ýaly, biz hem wepaly bolup, dogan-uýalaryň diňe bir ýagşy gününde däl, eýsem ýaman gününde-de ýanlarynda bolmak isleýäris. w20.01 sah. 9, abz. 4, 5
2-nji aprel, anna
Birinji direlişde direljekler bagtlydyr we mukaddesdir (Ylh. 20:6).
Käbir saýlanan mesihçiler beýle hormata özüni mynasyp görmän biler. Ýöne Ýehowanyň olary gökde ýaşamak üçin saýlandygyna hijem şübhelenmeýärler. Saýlananlar göge galjakdygy hakda oýlananda, ýüregi şatlykdan dolup, minnetdar bolýarlar (1 Pet. 1:3, 4). Saýlanan mesihçiler göge gitmäge howlugýarmy? Munuň jogabyny Pawlus resulyň aýdan sözlerinden bilse bolýar. Ol saýlananlaryň bedenini çadyr bilen deňeşdirip: «Biz häzirki ýaşaýan çadyrymyzda gaýgy-aladadan ýaňa ahy-nala çekýäris. Häzirki çadyrdan çykmaga howlukmasak-da, başgasyna gowuşmak isleýäris. Şonda ölmän baky ýaşarys» diýdi (2 Kor. 5:4). Elbetde, bu sözler saýlananlaryň ýerdäki ýaşaýşa bolan höwesiniň gaçandygy üçin, çaltrak ölmek isleýändigini aňlatmaýar. Gaýtam olar her bir gününi maşgalasy we dost-ýarlary bilen bilelikde Ýehowa gulluk edip, şadyýan geçirmek isleýär. Her näme bolaýanda-da, olar gökde ýaşamaga bolan ajaýyp umydyny hemişe ýadynda saklaýar (1 Kor. 15:53; 2 Pet. 1:4; 1 Ýah. 3:2, 3). w20.01 sah. 23, abz. 12, 13
3-nji aprel, şenbe
Ýehowa söýýänini terbiýeleýär (Ýew. 12:6).
Söýgüden doly Atamyz käte bize düzediş berýär. Ýehowa bizi dürli ýollar bilen terbiýeleýär. Meselem, Mukaddes Kitaby okanymyzda ýa-da ýygnak duşuşyklarynda özümize degişli pikiri eşidenimizde, onuň terbiýesini alýarys. Käte bolsa ol bize ýygnak ýaşululary arkaly tälim berýär. Ýehowa bize nädip terbiýe berse-de, muny hemişe söýgi bilen edýär (Ýer. 30:11). Kynçylyklarda goldaýar. Çagalary kyn güne düşende, atasy olaryň ýanyndan aýrylmaýar. Şonuň ýaly gökdäki Atamyzam kynçylyklarda ýanymyzda bolup, bizi goldaýar. Ol mukaddes ruhy arkaly bizi ruhy howpdan goraýar (Luka 11:13). Şeýle-de ol bizi duýgy taýdan goraýar. Meselem, ol bize gelejege umyt bilen garamaga kömek edýär. Şol ajaýyp umyt kynçylyklarda çydamly bolmaga ýardam edýär. Dogrudanam, başymyza nähili agyr gün düşse-de, söýgüden doly Atamyz onuň ýetiren islendik zyýanyny aýryp bilýär. Biz nähili kynçylyga duçar bolsagam, olar wagtlaýyn. Ýehowanyň berekedi bolsa ebedilik (2 Kor. 4:16—18). w20.02 sah. 5, abz. 14, 15
4-nji aprel, ýekşenbe
Içimizde mesgen tutan göriplik elmydama bir zatlar isleýär (Ýak. 4:5).
Hawa, biz göriplikden üstün çykyp bilýäris. Ýusubyň doganlary bilen bolan wakany ýadymyza salalyň. Ýusuby gulçulyga satanlaryndan birnäçe ýyl geçensoň, olar Müsürde Ýusup bilen görüşýärler. Ýusup özüni tanatmazdan öň, doganlarynyň garaýşynyň üýtgändigini bilmek üçin olary synap görýär. Saçak başynda otyrkalar, ol inisi Benýamine agalarynyňkydan «bäş esse köp» nahar berýär (1 Mus. 43:33, 34). Mukaddes Kitapda doganlarynyň Benýamine göriplik edendigi hakda hiç zat aýdylmaýar. Gaýtam olar inisi Benýamin hem-de kakalary Ýakup hakda çyn ýürekden alada edýändigini görkezdiler (1 Mus. 44:30—34). Hawa, Ýusubyň agalarynyň göripligini ýeňmegi maşgalasynda parahatlygyň bolmagyna getirdi (1 Mus. 45:4, 15). Bizem göriplik häsiýetini doly aýryp bilsek, maşgalamyzda we ýygnakda parahatlyk höküm sürer. Ýehowa biziň göriplik häsiýetini aýryp, hemmeler bilen parahat ýaşamagymyzy isleýär. Biz pesgöwünli, barymyza kaýyl we minnetdar bolsak, ýüregimizde göriplige ýer galmaz. w20.02 sah. 19, abz. 17, 18
5-nji aprel, duşenbe
Men Ýehowany söýýärin, Ol dogamy diňleýär, perýadyma jogap berýär (Zeb. 116:1).
Ýehowanyň söýgüsine jogap bermegiň bir usuly: doga edip, onuň bilen gepleşmek. Haçanda siz Hudaýa doga edip ýüregiňizi dökseňiz we size edýän ýagşylyklary üçin minnetdar bolsaňyz, oňa bolan söýgiňiz artar. Allanyň doga-dilegiňize jogap berýändigini görseňiz, oňa hasam ýakynlaşarsyňyz. Ýehowanyň size düşünýändigine göz ýetirersiňiz. Ýöne Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmak üçin, onuň söýýän we ýigrenýän zatlaryny bilmeli. Şeýle-de onuň sizden nämä garaşýandygyna düşünmeli. Muny etmegiň iň gowy ýoly, Ýehowanyň Sözi bolan Mukaddes Kitaby öwrenmekdir. Şonuň üçin ony gymmat saýyň. Diňe Mukaddes Kitapda Ýehowa barada hakykat ýazylan. Şeýle-de onda Hudaýyň siz babatdaky niýeti hem bar. Siz Hudaýyň Sözüni her gün okap, Mukaddes Kitapdan geçýän okuwyňyza gowy taýýarlanyp, öwrenen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulansaňyz, Hudaýyň Sözüni gymmat saýýandygyňyzy görkezersiňiz (Zeb. 119:97, 99; Ýah. 17:17). Mukaddes Kitaby okamak üçin gün tertibini düzdüňizmi? Mukaddes Kitaby gün tertibiňize görä okaýarsyňyzmy? w20.03 sah. 5, abz. 8, 9
6-njy aprel, sişenbe
Ol her gün... duşýan adamlar bilen gürrüňdeş bolýardy (Res. 17:17).
Eger köp ýöräp bilmeýän bolsaňyz, onda köpçülik ýerlerinde oturyp, deňiňizden geçýän adamlara wagyz edip bilersiňiz. Ýa-da her bir mümkinçilikden peýdalanyp, hat ýa-da telefon arkaly wagyz edip bilersiňiz. Wagyzçylaryň köpüsi mümkinçiligi çäkli bolsa-da, gullugyň bu görnüşlerine gatnaşyp, köp şatlyk hem kanagat tapýar. Saglygymyz gowy bolmasa-da, gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirip bileris. Pawlus: «Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zady etmäge güýjüm ýetýändir» diýdi (Flp. 4:13). Wagyz syýahatynyň birinde Pawlus resul hem keselläp, Hudaýyň berýän güýjüne mätäç bolupdy. Ol galatýalylara ýazan hatynda: «Bilýänsiňiz, size başda hoş habary wagyz etmegime ýarawsyzlygym sebäp bolupdy» diýdi (Gal. 4:13). Sizem ýarawsyzlyk sebäpli hoş habary köpräk wagyz edip bilmeýän bolsaňyz, onda Pawlus resuldan görelde alyp, lukmanlara, şepagat uýalaryna, aladaňyzy edýän beýleki adamlara we ýanyňyzdaky syrkawlara wagyz edip bilersiňiz. Sebäbi wagyzçylar öýden-öýe wagyz edenlerinde, şol adamlar işde bolup biler. w19.04 sah. 4, 5, abz. 10, 11
7-nji aprel, çarşenbe
Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisi yzarlanar (2 Tim. 3:12).
2018-nji ýylda wagyz işimiziň gadagan edilen ýa-da çäklendirilen ýurtlarynda wagyzçylaryň sany 223 müňden hem geçdi. Häkimiýetleriň Hudaýyň halkyny yzarlamagy bizi geň galdyrmaýar. Sebäbi bizi näme üçin yzarlaýandyklaryny gowy bilýäris (2 Tim. 3:12). Nirede ýaşasak-da, häkimiýetler söýgüden doly Hudaýymyz Ýehowa edýän seždämizi duýdansyz gadagan edip biler. Häkimiýetler wagyz işimizi gadagan etse, Hudaý bizden razy dälmikä diýip pikir etmegimiz mümkin. Ýöne yzarlamalar Ýehowanyň bizden närazydygyny aňlatmaýar. Pawlus resul bilen bolan wakany ýadymyza salalyň. Ýehowa oňa çäksiz merhemetini bildiripdi. Pawlus Injiliň 14 hatyny ýazmak hormatyna eýe boldy we özge milletleriň resuly hökmünde saýlandy. Muňa garamazdan, ol ýowuz yzarlamalara duçar boldy (2 Kor. 11:23—27). Pawlus bilen bolan waka Ýehowanyň öz wepaly gullukçylarynyň yzarlanmagyna käwagt ýol berýändigini görkezýär. w19.07 sah. 8, abz. 1, 3
8-nji aprel, penşenbe
Biziň söweşimiz... gökdäki zalym ruhlara... garşydyr (Efes. 6:12).
Ýehowa gullukçylarynyň söýgi bilen aladasyny edýär. Meselem, ol bize duşmanlarymyza garşy durmaga kömek edýär. Şeýtan we zalym ruhlar biziň esasy duşmanymyz. Ýehowa bu duşmanlaryň nädip hüjüm edýändigini duýdurýar we olardan nädip goranmalydygyny öwredýär (Efes. 6:10—13). Eger biz Ýehowanyň kömegini kabul edip, Oňa doly bil baglasak, Şeýtana garşy söweşde ýeňiş gazanyp bileris. Bizem özümizi «Hudaý biziň tarapymyzda bolsa, kim bize garşy çykyp biler?» diýen Pawlus resul ýaly ynamly duýup bileris (Rim. 8:31). Biz, mesihçiler Şeýtanyň we jynlaryň edýän işlerine känbir üns bermeýäris. Gaýtam bar ünsümizi jemläp, Ýehowany ýakyndan tanamaga we oňa gulluk etmäge jan edýäris (Zeb. 25:5). Ýöne biz Şeýtanyň gurýan duzagyna düşmez ýaly, onuň ulanýan esasy usullaryny bilmeli (2 Kor. 2:11). w19.04 sah. 20, abz. 1, 2
9-njy aprel, anna
Her bir adam diňlemäge taýyn bolmaly, geplemäge howlukmaly däl (Ýak. 1:19).
Göwnüçökgün adama kömek edenimizde ünsli diňleýärismi? Gowy diňleýji bolmak üçin hiç zat diýmän, adamyň ýöne bir ýüzüne seredip oturmak ýeterlik däl. Biz göwnüçökgün imandaşymyzy diňlänimizde, aladasyny edýändigimizi we duýgudaşlyk bildirýändigimizi görkezip bileris. Käwagt ýürekden aýdylan birki agyz söz hem duýgularymyzy gowy beýan edýär. Mysal üçin, biz şeýle diýip bileris: «Muny eşidip, gaty gynandym». Ýa-da göwnüçökgün imandaşymyzyň aýdýan zatlaryna has gowy düşünmek üçin oňa birki sorag berip bileris. Meselem: «Sen nämäni göz öňünde tutýandygyňy aýdyp bilermiň?» ýa-da «Seniň aýdanlaryňa şeýleräk düşündim... Men dogry düşündimmikäm?» diýip bileris. Söýgi bilen aýdylan şeýle sözler göwnüçökgün adamyň ýagdaýyna düşünýändigiňizi we ony ünsli diňleýändigiňizi duýmaga kömek eder (1 Kor. 13:4, 7). Adamy diňläniňizde, «geplemäge howlukmaň». Imandaşyňyza derrew maslahat berjek bolmaň ýa-da onuň garaýşyny düzetjek bolmaň. Gaýtam ony sabyrly diňläň. Olaryň kynçylyklaryny çözjek bolman, gaýtam duýgudaşlyk bildirip, mähir bilen aladasyny edip bileris (1 Pet. 3:8). w19.05 sah. 17, 18, abz. 15—17
10-njy aprel, şenbe
Mesihiň ýygnagy söýüp, janyny gurban berişi ýaly, ärler, siz hem aýalyňyzy elmydama söýüň! (Efes. 5:25).
Maşgalada ärler aýalyny «Mesihiň ýygnagy söýşi» ýaly söýmeli (Efes. 5:28, 29). Olar Isanyň janaýamazlyk söýgüsinden görelde alyp, aýalynyň islegini we zerurlyklaryny özüniňkiden ileri tutmaly. Käbir erkek adamlaryň önüp-ösen maşgalasynda söýgi we adalatlylyk bolmandygy üçin, olara söýgisini görkezmek kyn bolup biler. Şeýle-de olara erbet endiklerini taşlamak kyn bolup biler. Emma olar Mesihiň kanunyna eýerip ýaşamak isleseler, onda durmuşyny hökman özgertmeli. Janaýamaz söýgini bildirýän maşgalabaşy aýalynyň hormatyny gazanýar. Çagalaryny ýürekden söýýän ata bolsa, hiç haçan olara gaty-gaýrym zat diýmeýär we zalymlyk etmeýär (Efes. 4:31). Gaýtam çagalary özlerini howpsuz ýa-da aladasynyň edilýändigini duýar ýaly, söýgi bildirýär we olary öwýär. Şeýle edýän atalar çagalarynyň söýgüsini we ynamyny gazanýar. w19.05 sah. 6, abz. 21
11-nji aprel, ýekşenbe
Ýehowa Hudaý oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň nesline ebedi patyşa bolar (Luka 1:32, 33).
Jebraýyl perişdäniň sözleri Merýeme nähili täsir etdi? Merýem doguljak çaga Hirodes patyşanyň ýerine geçer ýa-da onuň nesliniň mirasdüşeri bolar diýip pikir etdimi? Eger Isa patyşa bolmaly bolsa, onda Merýem hem ýokary wezipäni eýelärdi we onuň maşgalasy şa köşgünde ýaşardy. Emma Merýemiň Patyşalykda ýokary wezipäni eýelemek barada sorandygyny okamaýarys (Mat. 20:20—23). Merýem örän pesgöwünli gyzdy. Hudaýyň Sözüni we edebiýatlarymyzy öwrenenimizde, esasy maksadymyzyň Ýehowa ýakynlaşmakdygyny unutmalyň. Şeýle-de biz özümiziň nähili adamdygymyza we Ýehowany razy etmek üçin nähili özgerişlikleri etmelidigimize köpräk üns bermek isleýäris (Ýak. 1:22—25; 4:8). Şol sebäpli her gezek Mukaddes Kitaby ýa-da edebiýatlarymyzy öwrenip başlamazdan öň, Ýehowadan mukaddes ruhuny diläp bileris. Şeýle-de okajak zadymyzdan doly peýda almaga we gerekli özgerişlikleri etmäge kömek etmegini sorap bileris. w19.05 sah. 30, 31, abz. 18, 19
12-nji aprel, duşenbe
Meniň başym agyr dertli (1 Şam. 1:15).
Käte kynçylyklar üsti-üstüne bolýar. Geliň, käbir wakalara seredeliň. Ýaýran skleroz (merkezi nerw sistemasynyň bozulmaklygy) keseline uçran Jon doganymyzy 19 ýyl bile ýaşan aýaly taşlap gidýär. Soňra onuň iki gyzy hem Ýehowa gulluk etmegini bes edýär. Bob bilen Linda atly är-aýal bolsa, başga kynçylyklara duçar bolýar. Olar işini ýitirýär, soňra öýüni hem ýitirýär. Mundan başga-da Linda ölüm howply ýüregagyry keseline uçraýar. Üstesine-de, uýamyzda agyr artrit (bogunlaryň sowuklamasy) keselini tapýarlar. Ýaradyjymyz hem-de söýgüden doly Atamyz Ýehowa ýagdaýymyza gowy düşünýär. Ol başymyza düşýän kynçylyklaryň bize nähili täsir edýändigini bilýär. Şonuň üçin onuň bize kömek etjekdigine ynamly bolup bileris (Flp. 4:6, 7). Mukaddes Kitapda Hudaýyň geçmişdäki gullukçylarynyň nähili kynçylyklara uçrandygy we Ýehowanyň olara kyn gününde nädip kömek edendigi gürrüň berilýär. w19.06 sah. 14, abz. 2, 3
13-nji aprel, sişenbe
Hak dost elmydama söýýär, ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr (Nak. 17:17).
Ýanýoldaşyny ýitiren dogan-uýalara hatda ujypsyz bolsa-da ýagşylyk etsek, söýgimizi duýmaga kömek ederis. Olar hasam teselli berjek dosta mätäç bolýar. Biz olar üçin nädip gowy dost bolup bileris? Mysal üçin, olary nahara, bir ýerik dynç almaga, wagza ýa-da maşgala okuwyna çagyryp bileris. Şeýtsek, Ýehowany hem begendireris, sebäbi Ol «ýüregi ýaraly adama ýakyndyr» we «dul aýallaryň» aladasyny edýär (Zeb. 34:18; 68:5). Tizden Hudaýyň Patyşalygy bütin ýeriň üstünden höküm sürer. Şonda häzirki «gaýgy-aladalarymyzyň» bary hemişelik unudylar. Biz «öňki zatlaryň ýada düşmejek» wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Işa. 65:16, 17). Şol döwür gelýänçä, geliň, birek-biregi goldamagymyzy dowam edeliň. Sözlerimiz we işlerimiz bilen bir-birimiziň ýürekden aladamyzy edeliň (1 Pet. 3:8). w19.06 sah. 25, abz. 18, 19
14-nji aprel, çarşenbe
Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn (Ýew. 13:6).
Ençeme ýyl mundan öň «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýlipdi: «Hudaýy gowy tanaýan adam ýowuz yzarlamalara duş gelende, oňa doly bil baglaýar». Bu sözler örän ýerlikli. Dogrudan-da, yzarlamalara duçar bolanymyzda berk durmak üçin, biz Ýehowany söýmeli, oňa doly bil baglamaly (Mat. 22:36—38; Ýak. 5:11). Mukaddes Kitaby her gün okaň we Ýehowa ýakynlaşmagy maksat ediniň (Ýak. 4:8). Hudaýyň Sözüni okanyňyzda, Ýehowanyň söýgi, rehimdarlyk we mähribanlyk ýaly häsiýetlerine üns beriň. Şeýle-de Hudaýyň aýdan sözleri we eden işleri hakynda oýlanyň; onuň söýgüsini we aladasyny duýjak boluň (2 Mus. 34:6). Käbir adamlara hiç haçan söýgi bildirilmändigi üçin, Hudaýyň olary söýýändigine ynanmak kyn bolýar. Eger sizem şeýle duýgulary başdan geçirýän bolsaňyz, Ýehowanyň size nädip rehimdarlyk hem ýagşylyk edendigini her gün belläp alyň (Zeb. 78:38, 39; Rim. 8:32). Başyňyzdan geçiren zatlaryňyzy Mukaddes Kitapdan okan zatlaryňyz bilen deňeşdirip görüň. Şonda Ýehowanyň size köp ýagşylyklary edendigine göz ýetirersiňiz. Ýehowanyň berýän bereketleri hakda näçe köp oýlansaňyz, onuň bilen dostlugyňyz şonça-da berk bolar (Zeb. 116:1, 2). w19.07 sah. 2, 3, abz. 4, 5
15-nji aprel, penşenbe
Biz siziň imanyňyzyň üstünden agalyk etjek bolmaýarys, sebäbi siz imanda berk dursuňyz. Biz siziň işdeşleriňiz, Hudaýa şatlanyp gulluk etmegiňizi isleýäris (2 Kor. 1:24).
Ýehowa bize başgalara derek karara gelmäge ygtyýar bermedi. Gerekmejek düzgünleri oýlap tapýan adamlar dogan-uýalary kynçylykdan goraman, gaýtam «imanlarynyň üstünden agalyk edýär». Şeýtan Iblis Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny yzarlamagyny dowam eder (1 Pet. 5:8; Ylh. 2:10). Şeýtan we onuň tarapdarlary Ýehowa sežde etmegi gadagan etdirmek üçin elinde baryny eder. Emma biz käte gorksak-da, Ýehowa gulluk etmegimizi hiç haçan bes etmeris (5 Mus. 7:21). Sebäbi Ýehowa biziň arkamyzda; wagyz işimiz gadagan edilse-de, ol bizi hemişe goldar (2 Tar. 32:7, 8). Geliň, ygtyýarly adamlara: «Oýlanyp görüň, Hudaýa gulak asmak dogrumy ýa-da size? Biz gören-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýen I asyrdaky doganlardan görelde alalyň (Res. 4:19, 20). w19.07 sah. 12, 13, abz. 18—20
16-njy aprel, anna
Ynsanyň oý-pikiri çuň guýy ýalydyr, parasatly adam çekip çykarýar (Nak. 20:5).
Biz wagyz edýän adamlarymyzyň garaýşyna nämäniň täsir edendigine düşünjek bolmaly. Pawlus resul ýehudylaryň arasynda önüp-ösüpdi. Şol sebäpli özge milletli adamlara wagyz etmek üçin olaryň garaýşyny göz öňünde tutmalydy. Sebäbi olar Ýehowa we Mukaddes Kitap hakda kän bilmeýärdi. Eger biz ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň ýagdaýyna düşünmek islesek, onda olar barada köpräk bilmeli (1 Kor. 9:20—23). Biz «mynasyp adamlary» gözlemeli (Mat. 10:11). Munuň üçin olara öz pikirini aýtmaga mümkinçilik bermeli we olary ünsli diňlemeli. Angliýada ýaşaýan bir dogan adamlara maşgalany bagtly etmek, çagalary terbiýelemek ýa-da adalatsyzlyga döz gelmek babatda soraglary berýär. Adamyň berýän jogabyny diňländen soň, ol şeýle diýýär: «Nähili pikir edýärsiňiz, 2 müň ýyl mundan öň ýazylan şu maslahatyň peýdasy barmyka?» Soňra Mukaddes Kitap barada agzaman, telefonyndan şoňa degişli aýatlary görkezýär. w19.07 sah. 21, 22, abz. 7, 8
17-nji aprel, şenbe
Biz entek günälikäk, Mesih biziň üçin öldi. Şeýdip, Hudaý söýgüsini görkezdi (Rim. 5:8).
Biz Hudaýy nädip söýmeli? Muny Isanyň fariseýe aýdan sözlerinden bilse bolýar: «Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý» (Mat. 22:36, 37). Hawa, biz Hudaýy bütin ýüregimiz bilen söýmeli. Şeýle-de Hudaýa bolan söýgimiz günsaýyn artmaly. Hudaýy söýmek üçin, ony gowy tanamaly. Mukaddes Kitapda: «Söýmeýän adam Hudaýy tanan däldir, sebäbi Hudaý söýgüdir» diýilýär (1 Ýah. 4:8). Pawlus resul Hudaý hakda «dogry bilim» alyp, «islegine doly düşünsek», Oňa bolan söýgimiziň artjakdygyny aýtdy (Flp. 1:9). Biz Mukaddes Kitaby öwrenip başlanymyzda, Ýehowa barada köp zatlary bilmeýärdik. Ýöne Ýehowany gowy tanadygymyzça, oňa bolan söýgimiz gün-günden artdy. Şol sebäpli Hudaýyň Sözüni yzygiderli okamak we oýlanmak örän wajyp (Flp. 2:16). w19.08 sah. 9, abz. 4, 5
18-nji aprel, ýekşenbe
Ýeke bolanyňdan, iki bolanyň ýagşydyr (Nes. 4:9).
Başga ýerde gulluk edip başlasaňyz, size täze dostlar gerek. Dogan-uýalara Ýehowanyň beren bereketleri barada gürrüň beriň. Goý, olar siziň Ýehowa gulluk edip alan şatlygyňyzy duýsunlar. Ýanýoldaşyňyzyň keselländigi üçin gullugyňyzy goýan bolsaňyz, ony günäkärlemäň. Ýa-da özüňiz kesellän bolsaňyz, ýanýoldaşyňyzyň tamasyny puja çykardym diýip, özüňizi günäkärlemäň. Unutmaň, siz «bir bedensiňiz» we bir-biriňiziň aladaňyzy etjekdigiňizi Ýehowanyň öňünde söz berdiňiz (Mat. 19:5, 6). Eger aýalyňyz garaşylmadyk ýagdaýda göwreli bolup, gullugyňyzy goýan bolsaňyz, onda çagaňyzy günäkärlemäň, gaýtam ony gullugyňyzdan hem gowy görýändigiňizi we Ýehowanyň beren sowgadydygyny aýdyň (Zeb. 127:3—5). Şeýle-de çagaňyza uzak wagtly gullugyň beren bereketleri hakda gürrüň beriň. Şonda olam siziň göreldäňize eýerip, Ýehowa şatlyk bilen gulluk eder. w19.08 sah. 22, abz. 10, 11
19-njy aprel, duşenbe
Ady belli ahlaksyz aýala çykaryljak hökümi görkezeýin (Ylh. 17:1).
Ýalan diniň dünýä imperiýasy Beýik Wawilon Hudaý hakda ýalan zatlary öwredip, Ýehowanyň adyny garalaýar. Ol ýer ýüzüniň hökümdarlaryny goldap, Hudaýa biwepalyk edýär we erk-ygtyýaryndan peýdalanyp, yzyna eýerýänleri ezýär. Ol bigünä adamlaryň, hatda Hudaýa gulluk edýänleriň hem ganyna galdy (Ylh. 18:24; 19:2). Ýehowa «on şahly» «gyrmyzy reňkli wagşy haýwan» arkaly «ady belli ahlaksyz aýaly» ýok eder. «Gyrmyzy reňkli wagşy haýwan» Birleşen Milletler Guramasyny, «on şah» bolsa ony goldaýan döwletleri aňladýar. Hudaýyň bellän wagtynda syýasy ýolbaşçylar Beýik Wawilona hüjüm ederler. Ony «talarlar hem-de ýalaňaçlarlar», ýagny onuň baýlygyny elinden alyp, erbet işlerini paş ederler (Ylh. 17:3, 16). Onuň başyna heläkçilik «bir günüň içinde» diýen ýaly tiz geler we ony goldanlar aňk-taňk bolarlar. Sebäbi «ahlaksyz aýal» köp öwnüp: «Men şa aýaly kimin höküm sürýärin, dul däldirin, hiç haçan hasrat çekmerin» diýipdi (Ylh. 18:7, 8). w19.09 sah. 10, abz. 10, 11
20-nji aprel, sişenbe
Meniň boýuntyrygymy dakynyň, menden görelde alyň (Mat. 11:29).
Isa ähli adamlary çagyrýar. Ol Hudaýa gulluk etmek isleýän akýürekli adamlaryň hiç birini «kowmaýar» (Ýah. 6:37, 38). Ýehowa Isa pygambere hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy. Bizem Isanyň şägirtleri bolanymyz üçin hoş habary wagyz etmegi uly hormat hasaplaýarys. Biziň her birimizi Isanyň goldajagyna ynamly bolup bileris (Mat. 28:18—20). Pesgöwünli adamlar Isanyň ýanyna barýardy (Mat. 19:13, 14; Luka 7:37, 38). Näme üçin? Geliň, Isa bilen fariseýleriň arasyndaky tapawudy bileliň. Fariseýler doňýürek we tekepbirdi (Mat. 12:9—14). Isa bolsa mähirli we pesgöwünlidi. Fariseýler şöhratparazdy we wezipesine buýsanýardy. Emma Isa olary ýazgarýardy, şägirtlerine bolsa pesgöwünli bolmagy we adamlara hyzmat etmegi öwredýärdi (Mat. 23:2, 6—11). Fariseýler adamlary gorkuzyp, olaryň üstünden agalyk edýärdi (Ýah. 9:13, 22). Isa bolsa adamlaryň söýgi bilen aladasyny edip, mähirli gepleşerdi. Siz hem Isanyň göreldesine eýerýärsiňizmi? w19.09 sah. 20, abz. 1; sah. 21, abz. 7, 8; 23, abz. 9
21-nji aprel, çarşenbe
Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar (Ýak. 4:8).
Ýygnaklara yzygiderli gatnaşyň. Ýygnaklar Ýehowa has-da ýakynlaşmaga kömek edýär. Biziň ýygnaklara bolan garaýşymyz yzarlamalarda wepaly galjakdygymyzy ýa-da galmajakdygymyzy görkezýär (Ýew. 10:24, 25). Eger biz häzir ýygnakdan sebäpsiz galýan bolsak, onda gelejekde dogan-uýalar bilen ýygnanyşmak howply bolanda näme ederis? Emma ýygnaklara häzirden yzygiderli gatnaşsak, duşmanlaryň dogan-uýalar bilen ýygnanyşmagymyza päsgel bermegine ýol bermeris. Häzir ýygnak duşuşyklaryna söýgimizi ösdürmegiň tüýs wagty. Eger şeýtsek, hatda wagyz işimiz kanun taýdan gadagan edilse-de, hiç kim bizi Hudaýyň Sözündäki şu prinsipi bozmaga mejbur edip bilmez: «Biz adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly» (Res. 5:29). Gowy görýän aýatlaryňyzy ýat tutuň (Mat. 13:52). Hatda ýatkeşligiňiz gowy bolmasa-da, Ýehowa mukaddes ruhy arkaly olary ýadyňyza salmaga kömek eder (Ýah. 14:26). Şol aýatlar barada oýlansaňyz, Ýehowa bilen dostlugyňyzy ýitirmezlige we oňa wepaly galmaga kömek eder. w19.07 sah. 3, abz. 5; sah. 4, abz. 8, 9
22-nji aprel, penşenbe
Bilip goý, soňky günlerde juda kyn döwür bolar (2 Tim. 3:1).
Siz 1914-nji ýyldan soň dünýä inen bolsaňyz, «soňky günlerde» ýaşaýarsyňyz. Biz Isanyň pygamberlikleriniň ýerine ýetýändigini görýäris. Şu günler uruşlar, açlyk, ýer titremeler, gyrgynçylyk bolýar, kanunsyzlyk gitdigiçe köpelýär we Ýehowanyň halkyny güýçli yzarlaýarlar (Mat. 24:3, 7—9, 12; Luka 21:10—12). Şeýle-de Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, soňky günlerde adamlaryň gylyk-häsiýetleriniň has-da erbetleşýändigini görýäris. Hawa, «soňky günlerde» ýaşaýandygymyza hiç hili şek-şübhe ýok (Mik. 4:1). 1914-nji ýyldan bäri köp wagtyň geçendigi üçin «soňky günleriň» ahyrynda ýaşaýarys diýip ynamly aýdyp bileris. Dünýäniň soňy ýetip gelýär! Şol sebäpli şu wajyp soraglaryň jogabyny bilmeli: «soňky günleriň» ahyrynda nähili wakalar bolar? Şol döwre garaşýan wagtymyz Ýehowa näme etmegimizi isleýär? w19.10 sah. 8, abz. 1, 2
23-nji aprel, anna
Soňuna çenli çydan halas bolar (Mat. 24:13).
Biz diňe amatly şertlerde däl-de, kyn ýagdaýda hem çydamly bolup bileris. Çydamly bolmak üçin biz Ýehowa doly bil baglamaly (Rim. 12:12). Isanyň şu günki aýatdaky sözlerine görä, biz kynçylyga garamazdan, Hudaýa wepaly bolmaly. Eger biz häzir her bir synagda çydamly bolsak, uly betbagtçylyga taýýar bolarys. Ýehowanyň kömegi bilen çydamly bolşumyz ýaly, batyrgaý bolmak üçin hem oňa bil baglamaly. Ýehowa has köp bil baglar ýaly näme etmeli? Ýehowanyň Sözüni her gün okamaly we geçmişde halkyny nädip halas edendigi hakda oýlanmaly (Zeb. 68:20; 2 Pet. 2:9). Uly betbagtçylykda milletler bize topulanda, batyrgaý bolup, Ýehowa has köp bil baglamaly bolarys (Zeb. 112:7, 8; Ýew. 13:6). Häzirden Ýehowa bil baglasak, Äjit hüjüm edende batyrgaýlyk bilen berk durarys. Ýehowanyň hem bizi gorajakdygyna ynamly bolup bileris. w19.10 sah. 18, abz. 15, 16
24-nji aprel, şenbe
Bütin dünýä... Şeýtanyň golastynda (1 Ýah. 5:19).
Şeýtan dünýäniň üstünden agalyk edýär. Ol dünýä arkaly bizde adaty islegleri we günäli höwesleri oýarýar (Efes. 2:1—3). Ol biziň Ýehowa bolan söýgimizi sowatmak üçin başga zatlary söýmegimizi isleýär. Petrus resul Şeýtanyň dünýäsiniň ahyry we ýetip gelýän täze dünýä barada ýazansoň şeýle diýdi: «Eziz doganlarym, şol wadalara garaşyp, Hudaýyň öňünde päk, ýazyksyz bolup, parahatlygy saklamaga jan ediň» (2 Pet. 3:14). Şu maslahata eýersek, ahlak we ruhy taýdan arassa bolsak, Ýehowa ýürekden wepaly bolýandygymyzy görkezeris. Şeýtan we onuň dünýäsi Ýehowany däl-de, başga zatlary birinji orunda goýmaga iterýär (Luka 4:13). Ýöne biz nähili kynçylyga duşsak-da, hiç kimiň we hiç zadyň ýüregimizdäki Ýehowanyň ornuny eýelemegine ýol bermeris. Biz diňe Ýehowa ýürekden wepaly bolmagy ýüregimize düwdük, sebäbi diňe ol muňa mynasyp! w19.10 sah. 27, abz. 4; sah. 31, abz. 18, 19
25-nji aprel, ýekşenbe
Ýazygym sebäpli bagrym dilim-dilim boldy (Zeb. 38:18).
Käbir ýagdaýlarda alada etmek peýdaly. Meselem, biz Ýehowany we Isany razy etmek üçin aladalanýarys (1 Kor. 7:32). Eger biz agyr günä etsek, Ýehowa bilen dostlugymyzy dikeltmek üçin hem alada edýäris. Biz ýanýoldaşymyzyň, maşgala agzalarymyzyň we imandaşlarymyzyň hem aladasyny edýäris (1 Kor. 7:33; 2 Kor. 11:28). Ýöne çendenaşa biynjalyk bolsak, näme iýeris, näme geýeris diýip, hemişe aladalanyp ýörmegimiz mümkin (Mat. 6:31, 32). Netijede, biz köp zat edinmek hakda pikirlenip başlamagymyz ahmal. Eger biz şeýle zatlara ýol bersek, Ýehowa bolan imanymyz gowşar we dostlugymyza zyýan ýeter (Mar. 4:19; 1 Tim. 6:10). Şeýle-de adamlaryň biz hakda näme pikir edýändigi barada aşa köp oýlansak, üstümizden gülerler ýa-da yzarlarlar öýdüp, Ýehowadan däl-de, adamdan gorkup bileris. Şeýle duzaga düşmez ýaly, iman we batyrgaýlyk sorap, Ýehowa dileg etmeli (Nak. 29:25; Luka 17:5). w19.11 sah. 15, abz. 6, 7
26-njy aprel, duşenbe
Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin, oňa berler, sebäbi Hudaý... hemmelere jomartlyk bilen berýär (Ýak. 1:5).
Biz käbir wajyp kararlarymyzy hiç haçan üýtgetmeris. Meselem, Ýehowa we ýanýoldaşymyza wepaly boljakdygymyz barada beren wadamyzdan asla dänmeris (Mat. 16:24; 19:6). Ýöne käbir kararlara täzeden seretmeli bolýar. Näme üçin? Sebäbi durmuş üýtgäp durýar. Şeýle ýagdaýda haýsy maslahatlar dogry karara gelmäge kömek eder? Akyldarlyk sorap doga ediň. Käbir ýagdaýlarda biziň her birimize «akyldarlyk ýetmeýär». Şol sebäpli biz karara gelenimizde we ony üýtgetmeli bolanymyzda, Ýehowa bil baglamaly. Şonda Ýehowa paýhasly karara gelmäge kömek eder. Gowy gözleg geçiriň. Mukaddes Kitaby we Ýehowanyň guramasynyň çykarýan edebiýatlaryny okaň hem-de dostlaryňyzdan maslahat soraň (Nak. 20:18). Belki, siz: «Başga işe geçsemmikäm? Başga ýere göçsemmikäm? Gün-güzeranymy görmäge we gullugymy dowam etmäge kömek etjek haýsy käri öwrensemkäm?» diýip oýlanýansyňyz. Belli bir karara gelmänkäk gowy gözleg geçirmek örän wajyp. w19.11 sah. 27, abz. 6—8
27-nji aprel, sişenbe
Men bir biçäre adam! Kim meni ölüme eltýän bedenden halas eder? (Rim. 7:24).
Hudaý bizi günäniň gulçulygyndan azat etmegiň aladasyny etdi. Bizi azatlyga çykarmakda Isa esasy orun eýeleýär. B. e. öň VIII asyrda Işaýa pygamber ysraýyllara Azatlyk ýylynda berlen erkinlikden has uly hem gowy azatlygyň beriljekdigi hakda pygamberlik etdi. Ol şeýle diýdi: «Maňa Älemiň Hökümdary Ýehowanyň ruhy indi, Ýehowa maňa ýumşaklara hoş habary aýtmagy tabşyrdy. Hasrat çekýänlere göwünlik bermäge, ýesirlere azat boljagyny... aýtmaga iberdi» (Işa. 61:1). Bu pygamberlik kime degişli? Azatlyk baradaky pygamberlik Isa ýer ýüzündäki gullugyna başlansoň, ýerine ýetip başlady. Ol Nazaret şäherindäki sinagoga baryp, ýehudylara Işaýa pygamberiň Mesih hakda aýdan sözlerini okap berdi (Luka 4:16—19). w19.12 sah. 9, 10, abz. 6—8
28-nji aprel, çarşenbe
Ençeme garşylyklara garamazdan, Hudaýyň kömegi bilen size hoş habary batyrgaý wagyz etdik (1 Sel. 2:2).
Garşylyga duş gelenimizde, bize batyrgaýlyk gerek bolýar. Ýöne size batyrgaý bolmak kyn bolsa näme edip bilersiňiz? Hakyky batyrgaýlygyň adamyň boýuna, ukybyna ýa-da güýjüne bagly däldigini unutmaň. Äpet Jalut pälwan bilen söweşen ýaşajyk Dawut hakda oýlanyp görüň. Jalut bilen deňeşdireniňde, Dawut kiçijik hem ejizdi we söweşe doly taýyn däldi. Onuň hatda gylyjy hem ýokdy. Emma Dawut gaty batyrgaýdy. Ol mertlik bilen özdiýenli äpet pälwanyň garşysyna çykdy. Ýöne Dawut näme üçin özüni şeýle batyrgaý alyp bardyka? Ol Ýehowa doly bil baglaýardy (1 Şam. 17:37, 45—47). Dawut Jalutyň ýanynda özüniň nähili kiçidigi hakda däl-de, Ýehowanyň ýanynda Jalutyň iňňäniň ujy ýaly gaty ujypsyzjadygy hakda oýlandy. Biz mundan näme öwrenýäris? Eger bizem Ýehowanyň hemişe ýanymyzdadygy we Onuň duşmanlarymyzdan gaty güýçlüdigi hakda oýlansak, batyrgaý hereket ederis (2 Tar. 20:15; Zeb. 16:8). w19.07 sah. 4, 5, abz. 11—13
29-njy aprel, penşenbe
Doganlar... maňa köp göwünlik berdiler (Kol. 4:11).
Tihikus Pawlus resula örän uly kömek boldy (Res. 20:4). Takmynan b. e. 55-nji ýylynda Pawlus resul Ýahudadaky imandaşlaryna maddy taýdan kömek etmek üçin pul sadakalaryny ýygnamagyň aladasyny edýär we bu wajyp işi Tihikusa tabşyrýar (2 Kor. 8:18—20). Soňra Pawlus Rimde ilkinji sapar tussag edilende, Tihikus oňa ýene kömek edýär. Ol Pawlusyň ýazan hatlaryny we ruhlandyryjy sözlerini Aziýadaky ýygnaklara ýetirmäge ýardam edýär (Kol. 4:7—9). Tihikus Pawlusyň ynamdar dostudy (Tit. 3:12). Şol wagt mesihçileriň hemmesi Tihikus ýaly ynamdar däldi. Takmynan b. e. 65-nji ýylynda Pawlus ikinji gezek tussag edilende, hatlarynyň birinde Aziýadaky köp mesihçileriň garşylyklardan gorkup, onuň ýanyna barmandyklaryny ýazýar (2 Tim. 1:15). Emma ol Tihikusa berk ynanýandygyny we oňa başga bir wajyp ýumuş tabşyrandygyny aýdýar (2 Tim. 4:12). Tihikus ýaly şeýle ynamdar dostunyň bardygyna Pawlus resul çäksiz begenendir! w20.01 sah. 10, abz. 7, 8
30-njy aprel, anna
Bize Hudaýyň ruhy şol zatlary düşündirdi (1 Kor. 2:10).
Belki-de, siz mukaddes ruh bilen saýlandymmykam diýip oýlanýansyňyz. Eger şeýle bolsa şu wajyp soraglar hakda oýlanyň: Men Ýehowanyň islegini janym-tenim bilen berjaý edýärinmi? Wagyz işine yhlasly gatnaşýarynmy? «Hudaýyň çäksiz akyldarlygyna düşünmek» üçin Mukaddes Kitaby erjellik bilen öwrenýärinmi? Wagyz gullugymy Ýehowanyň üýtgeşik ýollar bilen patalaýandygyny görýärinmi? Başgalara ruhy taýdan ösmäge kömek etmäge özümi has-da jogapkärli hasaplaýarynmy? Ýehowanyň durmuşymyň her bir ýagdaýynda goldandygyny duýýarynmy? Eger şu soraglara «hawa» diýip jogap berseňiz, bu siziň gökde ýaşamak üçin saýlanandygyňyzy aňladýarmy? Elbetde, ýok. Sebäbi Ýehowanyň gullukçylarynyň ählisi şeýle duýgulary başdan geçirýär. Eger siz saýlandymmy ýa saýlanmadym diýip şübhelenýän bolsaňyz, munuň özi siziň saýlanmandygyňyzy görkezýär. Gökde ýaşamak üçin çagyrylan adamyň ýüreginde hiç wagt şübhe döremeýär. w20.01 sah. 23, abz. 14