Maý
1-nji maý, şenbe
Çaga nädip terbiýe bermelidigini öwret (Ser. 13:8).
Ene-atalar çagalaryna Ýehowany söýmegi nädip öwredip biler? Manowa ýaly, Ýehowadan kömek soraň. Şeýle-de göreldäňiz bilen öwrediň. Siziň aýdýan sözleriňiz wajyp, ýöne edýän hereketleriňiz çagaňyza hasam güýçli täsir edip biler. Ýusup bilen Merýem Isany hem-de beýleki çagalaryny terbiýeläp, iň gowy görelde galdyrdy. Ýusup uly maşgalasyny eklemek üçin agyr zähmet çekýärdi. Üstesine, ol öýündäkilere ruhy zatlary gymmat saýmagy öwretdi (5 Mus. 4:9, 10). Ýusup Pasha baýramyny bellemek üçin maşgalasyny «her ýyl» Iýerusalime alyp gidýärdi (Luka 2:41, 42). Şol döwürdäki käbir maşgalabaşylar şeýle uzak ýola gitmegi oňaýsyz hasaplap, köp wagtyňy alýar we gymmada düşýär diýip pikir edendir. Ýöne Ýusup Hudaýa sežde etmek bilen bagly işleri gymmat saýýardy we çagalaryna-da şeýle garaýyşda bolmagy öwretdi. Merýem hem Mukaddes Kitaby gowy bilýändigi üçin, çagalaryna sözleri hem hereketleri bilen Hudaýyň Sözüne hormat goýmagy öwredip bildi. w19.12 sah. 24, 25, abz. 9—12
2-nji maý, ýekşenbe
Men... bikämildirin, günäniň gulçulygyna satylandyryn (Rim. 7:14).
Adam ata günä edensoň, Ýehowanyň näme edendigini bilenimizde, onuň bizi nähili güýçli söýýändigine göz ýetirýäris. Adam ata gökdäki Atasyna gulak asman, Ýehowanyň bagtly maşgalasyndan kowuldy; ol nesilleriniň hem bagtyny ýatyrdy (Rim. 5:12). Ýöne Ýehowa Adam atanyň nesillerine kömek etmek üçin bir zat etdi. Ýehowa Adam ata jeza berse-de, onuň heniz dünýä inmedik nesline umyt berdi. Ol gulak asýan adamlaryň Hudaýyň maşgalasyna ýene-de goşuljakdygyny şol bada aýtdy (1 Mus. 3:15; Rim. 8:20, 21). Ýehowa bu wadasyny söýgüli Ogly Isanyň töleg gurbany arkaly ýerine ýetirdi. Ogluny günälerimiz üçin gurban bermegi Ýehowanyň bizi eý görýändigini görkezýär (Ýah. 3:16). Ol iň gowy Ata. Ol dogalarymyzy eşidýär we gerekli zatlarymyzy ýetirip durýar; ruhy taýdanam sagdyn bolmagymyzyň aladasyny edýär; bize tälim berýär we kynçylyklarda goldaýar. Ol gelejekde göz öňüne getirişimizden hem has köp bereketleri berer. Gökdäki Atamyzyň bizi söýgüsi bilen gurşap alýandygyny bilmek göwnümizi galkyndyrýar! w20.02 sah. 6, abz. 16, 17; sah. 7, abz. 20
3-nji maý, duşenbe
Meni gaýgy-alada basanda, sen göwünlik berdiň, janym aram tapdy (Zeb. 94:19).
Siz haçanam bolsa bir zat üçin güýçli gaýgy-alada edipdiňizmi? Mümkin, kimdir biriniň aýdan sözi ýa eden hereketi sebäpli gaýgy-gama batansyňyz. Ýa-da öz sözüňiz ýa hereketiňiz üçin alada galansyňyz. Meselem, siz günä edip, Ýehowa meni hiç wagt bagyşlamaz diýip agyr dert içinde bolansyňyz. Siz bu barada çendenaşa alada edýändigiňiz üçin, özüňizi imany gowşak we ýaramaz adam hasaplaýansyňyz. Geliň, Mukaddes Kitapdan birnäçe mysallara seredeliň. Şamuweliň ejesi Hannanyň imany berkdi. Muňa garamazdan, maşgalasyndakylaryň biri oňa erbet daraşanda ol gaýgy-alada batdy (1 Şam. 1:7). Pawlus resulyň imany berk bolsa-da, ýygnaklar hakda aladalanýardy (2 Kor. 11:28). Dawut patyşada hem şeýle iman bardy we Ýehowa ony söýýärdi (Res. 13:22). Emma ol ýalňyşlyk goýberendigi üçin ynjalykdan gaçdy (Zeb. 38:4). Ýehowa olaryň her birine göwünlik berdi we rahatlyk tapmaga kömek etdi. w20.02 sah. 20, abz. 1, 2
4-nji maý, sişenbe
Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin (Mat. 16:24).
Özüňizi Ýehowa bagyş edeniňizde, ýürekden doga ediň we ebedilik gulluk etjekdigiňizi aýdyň. Siz Hudaýa özüňizi bagyş edeniňizde «özüňizden geçýärsiňiz». Indi siz uly hormata eýe bolup, Ýehowanyňky bolýarsyňyz (Rim. 14:8). Siz öz islegiňize görä ýaşaman, Hudaýa gulluk etjekdigiňizi aýdýarsyňyz. Özüňi bagyş etmek Hudaýa wada bermegi aňladýar. Elbetde, Ýehowa bizi mejbur etmeýär. Ýöne beren wadamyzy berjaý etmegimizi isleýär (Zeb. 116:12, 14). Siziň özüňizi Ýehowa bagyş edeniňizi hiç kim bilmeýär. Ýöne suwa çümdürileniňizi hemmeler görýär, sebäbi köplenç kongreslerde suwa çümdürýärler. Siz suwa çümdürilmek bilen özüňizi Ýehowa bagyş edendigiňizi hemmelere görkezýärsiňiz. Şeýlelikde, siz Ýehowa Hudaýy bütin ýüregiňiz, janyňyz, aň-düşünjäňiz we güýjüňiz bilen söýýändigiňizi hem-de Oňa ebedilik gulluk etmek isleýändigiňizi subut edýärsiňiz (Mar. 12:30). w20.03 sah. 9, abz. 4, 5
5-nji maý, çarşenbe
Sizi hiç kim aldaýmasyn (2 Sel. 2:3).
Şeýtan adamlaryň Ýehowa bolan garaýşyny ýoýýar. Isanyň resullary aradan çykansoň, özüni mesihçi hasaplaýan käbir adamlar ýalan taglymatlary ýaýradyp başladylar (Res. 20:29, 30). Şol imandan dänen adamlar ýeke-täk hak Hudaý baradaky hakykaty ýoýdular. Mysal üçin, olar Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinden Hudaýyň adyny aýyrdylar we ýerine «Reb» diýen ýaly titullary ulandylar. Bu bolsa Mukaddes Kitaby okaýan adamlara Ýehowanyň ýalan taňrylardan nähili tapawutlanýandygyny bilmäge päsgel berdi (1 Kor. 8:5). Olar Ýehowa-da, Isa-da «Reb» diýip ýüzlenýärdi. Şol sebäpli adamlar Ýehowanyň we Isanyň aýratyn şahsyýetdigine düşünmeýär (Ýah. 17:3). Şeýdip, Mukaddes Kitapda asla agzalmaýan üç ýüzli taňry diýen ýalan taglymat döredi. Netijede, häzir köp adamlar Hudaý uzakda we Oňa asla ýakynlaşyp bolmaýar diýip pikir edýär. Görşümiz ýaly, Şeýtan göz-görtele ýalan sözleýär (Res. 17:27). w19.06 sah. 5, abz. 11
6-njy maý, penşenbe
Birkemsiz gulluk et (2 Tim. 4:5).
Gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmegiň bir usuly wagyz işinde ukyplarymyzy ösdürmek (Nak. 1:5; 1 Tim. 4:13, 15). Ýehowanyň «işdeşleri» bolmak biziň üçin uly hormat (1 Kor. 3:9). «Iň wajyp zatlara düşünip», ünsümizi wagza gönükdirsek, Ýehowa «begenip gulluk ederis» (Flp. 1:10; Zeb. 100:2). Durmuşyňyzda nähili kynçylyk ýüze çyksa-da ýa-da ýagdaýyňyz nähili bolsa-da, gullugyňyzy birkemsiz ýerine ýetirip biler ýaly, Ýehowanyň size gerekli güýji berjekdigine doly ynamly bolup bilersiňiz (2 Kor. 4:1, 7; 6:4). Şonuň üçin az ýa-da köp bolsun, tapawudy ýok, wagyz işine ýürekden gatnaşsaňyz, öz «edýän işleriňizden şatlyk taparsyňyz» (Gal. 6:4). Gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirip, biz Ýehowany we ýakynymyzy söýýändigimizi görkezýäris. Şeýle etsek, «hem özümizi, hem bize gulak asýanlary halas ederis» (1 Tim. 4:16). w19.04 sah. 6, abz. 15; sah. 7, abz. 17
7-nji maý, anna
Şeýtan... bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýar (Ylh. 12:9).
Şeýtan we zalym ruhlar adamlary, esasan, jadygöýlik arkaly aldaýar. Jadygöýlik bilen meşgullanýan adamlar başga adamlaryň bilmeýän ýa-da başarmaýan zatlaryny bilýändigine we başarýandygyna ynanýarlar. Meselem, käbir adamlar pal atyp ýa-da täleýnama arkaly gelejegi bilýändigini aýdýarlar. Başgalar ölen adamlar bilen gepleşýändigine ynandyrjak bolýarlar. Käbirleri bolsa jadygöýlik we gözbagçylyk bilen meşgullanyp, beýleki adamlary dogalaýarlar. Ýöne bu zatlar Hudaýdan däl. Geçirilen barlaglara görä, Latyn Amerikanyň 18 ýurdunda we Karib adalarynda ýaşaýan adamlaryň üçden biri gözbagçylyk, palçylyk we jadygöýlik bilen meşgullanýar. Şonça adam hem ruhlar bilen aragatnaşyk saklap bolýandygyna ynanýar. Afrikanyň 18 ýurdunda geçirilen başga bir barlaga görä bolsa, ortaça ilatyň ýarysyndan köpüsi palçylyga ynanýar. Biz nirede ýaşasak-da, jadygöýlikden gaça durmaly. w19.04 sah. 20, 21, abz. 3, 4
8-nji maý, şenbe
Araňyzda ahlaksyzlyk edýän... bolmasyn (Ýew. 12:16).
Ýehowa Hudaý erbetligiň ähli görnüşini ýigrenýär (Zeb. 5:4—6). Ol, esasanam, çaga azdyrmaklygy ýigrenji zat hasaplaýar. Ýehowanyň Şaýatlary bolandygymyz üçin bizem muny ýigrenýäris. Şonuň üçin ýygnakda şeýle zalymlyga asla ýol berilmeýär we oňa baş goşýanlara berk çäre görülýär (Rim. 12:9). Çaga azdyrmaklygyň islendik görnüşi «Mesihiň kanunyna» düýbünden garşy gelýär (Gal. 6:2). Isanyň sözleri we göreldesi bilen öwreden ähli zatlary söýgä we adalatlylyga esaslanýar. Bu kanuna eýerýän mesihçiler çagalary ýürekden söýýärler we olary erbetlikden goramaga çalyşýarlar. Emma çagany azdyrýan adam diňe özüni bilýär we çagalaryň özüni goragsyz hem söýülmeýän ýaly duýmagyna sebäp bolýar. Gynansak-da, bu mesihçilere-de täsir edýär. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi «zalym we ýalançy adamlar» gitdigiçe köpelýär; olaryň käbiri ýygnagyň içine-de girjek bolýar (2 Tim. 3:13). Olar özleriniň ýygnagyň agzasydygyny aýtsalar-da, azgyn ten höweslerine eýerip, çagalary ahlak taýdan azdyrýar. w19.05 sah. 8, abz. 1—3
9-njy maý, ýekşenbe
Dogruçyl adamyň dilegi güýçli täsir edýär (Ýak. 5:16).
Göwnüçökgünlige düşen adam özüni Ýehowa doga etmäge-de mynasyp däl ýaly duýmagy mümkin. Şonuň üçin oňa bile doga etmegi teklip edip bileris. Doga edenimizde, onuň adyny tutsak gowy bolar. Şeýle-de dogamyzda özümiziň hem-de ýygnagymyzdaky dogan-uýalaryň ony ýürekden söýýändigini aýdyp bileris. Mundan başga-da Ýehowadan ony köşeşdirip, teselli bermegini diläp bileris. Şeýle dogalar göwnüçökgün adama, hakykatdan-da, teselli berýär. Adama bir zat aýtmazdan öň oýlanyň. Oýlanyşyksyz sözler adamyň ýüregine ýara salýar. Mähirli sözler bolsa ruhlandyrýar (Nak. 12:18). Şol sebäpli mähirli, teselli beriji we göwnüňi göteriji sözleri aýtmak üçin doga edip, Ýehowadan kömek soraň. Biz iň gowy teselli beriji sözleri Mukaddes Kitapdan tapyp bileris (Ýew. 4:12). Biz dogan-uýalara teselli berenimizde, Ýehowanyň olary söýýändigini ýatladýarys. Emma Ýehowanyň adalaty söýýän Hudaýdygyny hem unutmaly däl. Zorluk edýän adamlar eden etmişini Ýehowadan gizläp bilmez. Ol ähli zady görýär we toba etmeýän adamlara hökman jeza berer (4 Mus. 14:18). w19.05 sah. 18, abz. 18; sah. 19, abz. 19, 21
10-njy maý, duşenbe
Seresap boluň, hiç kim sizi... dünýäniň düşünjeleri, akyldarlygy we däp-dessurlary bilen aldap, ýesir edäýmesin (Kol. 2:8).
Şeýtan biziň Ýehowadan ýüz öwürmegimizi isleýär. Ol maksadyna ýetmek üçin pikirimizi «ýesir» alyp, ony özüne tabyn etdirjek bolýar. Ol bizi aldap, öz yzyna eýertjek bolýar. Şeýtan bizi nädip aldap bolýandygyny gowy bilýär. Ol bizi aldamak üçin adaty isleglerimizi we höweslerimizi ulanýar (Kol. 2:4). Şeýtan bizi dogrudan hem aldap bilýärmi? Hawa. Pawlus Koloslylar 2:8-däki sözleri Hudaýa gulluk etmeýän adamlara däl-de, mukaddes ruh arkaly saýlanan mesihçilere ýüzlenip aýdypdy (Kol. 1:2, 5). Sebäbi şol wagt olar her hili zatlar bilen aldanyp bilýärdi. Şu günler şeýle howp has-da güýçlendi (1 Kor. 10:12). Sebäbi Şeýtan ýer ýüzüne zyňyldy; ol Hudaýyň gullukçylaryny aldajak bolup elinde baryny edýär (Ylh. 12:9, 12, 17). Üstesine-de, biz soňky günlerde, ýagny adamlaryň «erbet işleri etmekde ökdeleşen» döwründe ýaşaýarys (2 Tim. 3:1, 13). w19.06 sah. 2, abz. 1, 2
11-nji maý, sişenbe
Indi besdir! Ýehowa, janymy al (1 Pat. 19:4).
Izebel Ylýasy öldürmegi ýüregine düwende, ol gaty gorkýar we Beýerşeba gaçyp gidýär. Ylýas pygamber şeýle bir göwnüçökgünlige düşýär welin, hatda «ölümini dileýär». Ol näme üçin öz ölümini diledikä? Mukaddes Kitapda: «Onuň biziňki ýaly duýgulary bardy» diýilýär (Ýak. 5:17, çykgyt). Mümkin, ol kynçylykdan ýaňa tapdan düşüp, özüni gaty erbet duýandyr. Ylýas pygamber halka Ýehowa dolanmaga kömek etmek üçin eden tagallasy biderek boldy, ysraýyllylar gowy tarapa üýtgemedi, diňe men Ýehowa arassa sežde edýän diýip pikir eden bolmaly (1 Pat. 18:3, 4, 13; 19:10, 14). Ýehowa Ylýas pygamberiň nähili duýgulary başdan geçirýändigine gowy düşünýärdi we aýdan sözleri üçin ony ýazgarmady. Gaýtam ony güýçlendirip berkitdi (1 Pat. 19:5—7). Soňra täsin güýjüni görkezip, oňa nädogry garaýşyny düzetmäge kömek etdi. Ýehowa oňa Bagala sežde etmedik ýene 7 müň sany gullukçysynyň bardygyny aýtdy (1 Pat. 19:11—18). Şeýdip, Ýehowa Ylýasy gaty güýçli söýýändigine ynandyrdy. w19.06 sah. 15, 16, abz. 5, 6
12-nji maý, çarşenbe
Ululara tabyn boluň... Pesgöwünli boluň, sebäbi Hudaý tekepbirlere garşy çykýar, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýär (1 Pet. 5:5).
Özdiýenli bolmaň. Eger jogapkär doganlaryň berýän görkezmesine eýersek, köp kynçylygyň öňüni alarys. Geliň, wagyz işimiziň gadagan edilen ýurdunda bolan bir waka seredeliň. Jogapkär doganlar wagyzçylara wagyz edýän adamlaryna edebiýat bermezligi tabşyrýar. Ýöne bir pioner özbaşdak hereket edip, öňküsi ýaly edebiýat paýlamagyny dowam edýär. Soňra näme bolýar? Bir gezek ol käbir dogan-uýalar bilen wagyz edip ýörkä, polisiýa işgärleri saklap, soraga tutýarlar. Olar wagyzçylary yzarlan bolmaly, sebäbi ellerinde wagyzçylaryň paýlan edebiýaty bardy. Biz bu wakadan näme öwrenýäris? Biz jogapkär doganlaryň berýän ähli görkezmesine gyşarnyksyz eýermeli we özbaşdak hereket etmekden gaça durmaly. Ýehowa guramasynda ýolbaşçylyk etmek üçin bellän adamlaryna gulak asanymyzda, hemişe pata berýär (Ýew. 13:7, 17). w19.07 sah. 12, abz. 17
13-nji maý, penşenbe
Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisi yzarlanar (2 Tim. 3:12).
Ölüminiň öň ýanyndaky gije Isa Ýehowa doga edende, öz şägirdi bolmak isleýän adamlaryň ýigreniljekdigini aýdypdy (Ýah. 17:14). Şondan bäri hakykatyň duşmanlary Hudaýyň gullukçylaryny yzarlamagyny dowam edýär. Şeýtanyň dünýäsiniň soňy golaýlaşdygyça, duşmanlar bize has-da güýçli topular (Mat. 24:9). Yzarlamalara nädip häzirden taýýarlanyp bileris? Elbetde, biz bolup biläýjek zatlaryň ählisini göz öňüne getirip oturmaly däl. Ýogsam gorkmagymyz we çendenaşa alada etmegimiz mümkin. Erbet zatlary göz öňüne getirip otursak, synag başlamanka, hatda Ýehowa gulluk etmegimizi bes etmegimiz ahmal (Nak. 12:25; 17:22). Gorky «duşmanymyz Iblisiň» bize garşy ulanýan güýçli ýaragy (1 Pet. 5:8, 9). Şonuň üçin Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmeli we muny soňa goýmaly däl. w19.07 sah. 2, abz. 1—3
14-nji maý, anna
Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň (Mat. 28:19).
Dagyň eteginde ýygnanan resullar gaty alada eden bolmaly. Şol ýere barmagy olara ölümden direlen Isa tabşyrypdy (Mat. 28:16). Şonda Isa «bir wagtda 500-den gowrak doganlara görnen» bolmaly (1 Kor. 15:6). Isa şägirtlerini ol ýere näme üçin ýygnadyka? Isa olara wajyp tabşyryk berýär. Ol: «Şonuň üçin gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýdi (Mat. 28:18—20). Isanyň bu sözlerini eşiden şägirtler I asyrdaky mesihçiler ýygnagynyň agzasy boldular. Mesihçiler ýygnagynyň esasy maksatlarynyň biri adamlara Isanyň şägirdi bolmaga kömek etmekdi. Şu günler bütin ýer ýüzünde on müňlerçe mesihçiler ýygnagy bar we olaryň maksady hem üýtgemedi. w19.07 sah. 14, abz. 1, 2
15-nji maý, şenbe
Ýer ebedi durar (Nes. 1:4).
Norwegiýada gulluk edýän bir etrap gözegçisi adamlaryň köplenç Hudaý barada däl-de, dünýäniň ýagdaýy hakda höwes bilen gürrüňdeş bolýandygyna üns berýär. Ol saglyk-amanlyk soraşansoň, adama şeýle diýýär: «Nähili pikir edýärsiňiz, durmuşymyz haçanam bolsa gowulaşarmyka? Ony syýasy ýolbaşçylar ýa alymlar gowulandyrarmyka ýa-da başga biri?» Adamyň berýän jogabyny ünsli diňläninden soň, ol ajaýyp gelejek barada aýdylýan aýatlaryň birini okap berýär ýa-da ýatdan aýdýar. Käbir adamlar Mukaddes Kitapda Ýer şarynyň hemişelik durjakdygy we onda gowy adamlaryň ebedi ýaşajakdygy hakda wada berilýändigini bilende haýran galýar (Zeb. 37:29). Wagyzda dürli usullary ulansak gowy bolar. Näme üçin? Sebäbi bir adamy gyzyklandyrýan zat, beýleki adamy asla gyzyklandyrman biler. Biri Hudaý we Kitap barada asla gürrüňdeş bolmak islemese, başga biri bilen arkaýyn gürrüňe başlap bolýar. Nähili bolaýanda-da, biz ähli adamlar bilen gürrüňdeş bolmaga jan etmeli (Rim. 1:14—16). Dogrulygy söýýän adamlaryň ýüregine ekilen hakykat tohumyny Ýehowanyň özi ösdürýär (1 Kor. 3:6, 7). w19.07 sah. 22, 23, abz. 10, 11
16-njy maý, ýekşenbe
Eger Hudaý bizi şeýle söýýän bolsa, onda biz hem bir-birimizi söýmäge borçly (1 Ýah. 4:11).
Hudaý bizi söýýär, şonuň üçin biz hem dogan-uýalary söýmeli (1 Ýah. 4:20, 21). Belki-de, dogan-uýalary söýmek kyn däl diýmegimiz mümkin. Sebäbi Ýehowa gulluk edip, göreldesine eýerýäris. Şeýle-de bizi janyndan eý gören Isa Mesihden görelde alýarys. Ýöne käte «bir-biriňizi söýüň» diýen tabşyrygy ýerine ýetirmek aňsat bolmaýar. Ewodiýa bilen Sintihiýa Pawlus resul bilen «eginme-egin» işleşen yhlasly uýalardy. Emma olaryň häsiýeti tapawutlanýandygy üçin aralarynda düşünişmezlik dörän bolmaly. Pawlus Filipidäki ýygnaga hat ýazanda, şol uýalaryň atlaryny agzap, olara «bir pikirde bolmagy» ündeýär (Flp. 4:2, 3). Pawlus tutuş ýygnaga: «Hiç zady igenip ýa-da dawa-jenjel bilen etmäň» diýip maslahat berdi (Flp. 2:14). w19.08 sah. 9, abz. 6, 7
17-nji maý, duşenbe
Biri-biriňiziň ýüküňizi göteriň (Gal. 6:2).
Mesihçiler uzak wagtly gullugyny dowam eder ýaly, ýygnaklar we käbir dogan-uýalar olary goldap, elinden gelen kömegi berýärler. Meselem, olary ruhlandyrýarlar, pul kömegini ýa-da gerekli zatlaryny berýärler, uzakda ýaşaýan ene-atasynyň aladasyny edýärler. Öň uzak wagtly gulluk eden dogan-uýalar siziň ýygnagyňyzda gulluk edip başlan bolsa, olar etmeli işini başaran däldir ýa-da ýalňyşlyk goýberendir öýtmäň. Gaýtam ýygnagyňyza öwrenişer ýaly kömek ediň, güler ýüz bilen garşylaň. Ýarawsyzdygyna garamazdan, yhlasly gulluk edýändigi üçin öwüň. Olar bilen dostlaşyň. Olaryň baý tejribesinden we biliminden öwreniň. Uzak wagtly gullugyny bes eden dogan-uýalara kömek gerek bolýar. Meselem, olara jaý, iş, ulag tapmaga we başga-da durmuşda zerur bolan zatlary almaga kömek edip bileris. w19.08 sah. 23, abz. 12, 13
18-nji maý, sişenbe
Eý Äjit... sen arkaly halklara mukaddes Hudaýdygymy görkezerin (Hyz. 38:16).
Tizden Äjit «ynsan güýjüne», ýagny harby güýçlerine bil baglar (2 Tar. 32:8). Biz bolsa Ýehowa bil baglarys, muny milletler akmaklyk hasaplar. Sebäbi güýç-kuwwatly Beýik Wawilony taňrylary «wagşy haýwandan» we «on şahdan» halas edip bilmez (Ylh. 17:16). Şonuň üçin Äjit bizi hem aňsatlyk bilen ýeňerin öýder. Ol buludyň ýurdy büreýşi ýaly, Ýehowanyň halkyna hüjüm eder. Ýöne Äjit öz aýagy bilen duzaga düşendigini bilip galar. Gyzyl deňzinde faraonyň Ýehowa bilen söweşendigine düşünişi ýaly, Äjit hem kim bilen söweşýändigine düşüner (2 Mus. 14:1—4; Hyz. 38:3, 4, 18, 21—23). Isa Mesih we onuň gökdäki goşuny Hudaýyň halkyny gorar, Äjidiň goşunyny derbi-dagyn eder (Ylh. 19:11, 14, 15). Şeýtan milletleri aldap, Armageddon söweşinde Hudaýyň halkyna garşy hüjüm etdirer. Ýehowanyň esasy duşmany Şeýtana näme bolar? Isa Şeýtany we jynlaryny düýpsüz çuňluga zyňyp, 1 000 ýyllyk baglar (Ylh. 20:1—3). w19.09 sah. 11, 12, abz. 14, 15
19-njy maý, çarşenbe
Oňa garaş! Sebäbi ol hökman geler (Hab. 2:3).
Biz Ýehowanyň wadalaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Biziň tamamyz puja çykýan ýaly görünse, badymyz gowşar, hatda ruhdan düşeris (Nak. 13:12). XX asyryň başlarynda käbir dogan-uýalar hem şeýle ýagdaýa düşüpdi. Şol döwürde saýlanan mesihçiler 1914-nji ýylda gökdäki sylagyny alarys öýdýärdiler. Ýöne ýagdaý olaryň garaşyşy ýaly bolmady. Şonda wepaly mesihçiler näme etdiler? Olar Allanyň wada beren sylagyny däl-de, onuň islegini berjaý etmegi wajyp hasaplap, çydamlylyk bilen ylgamagy ýüregine düwdüler. Belki, sizem Ýehowanyň adyny aklap, adalatly Hökümdardygyny subut etjek we wadalaryny ýerine ýetirjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýansyňyz. Ýehowa bellän wagtynda niýetini hökman amala aşyrar. Şonuň üçin tamamyz puja çyksa-da, ruhdan düşmäliň, yhlasly wagyz edeliň. w19.08 sah. 4, abz. 9, 10
20-nji maý, penşenbe
Men ýumşak we pesgöwünlidirin (Mat. 11:29).
Şu soraglar hakda oýlanyň: meni pesgöwünli we ýumşak adam hasaplaýarlarmy? Adamlara hyzmat etmek üçin hormatsyz hasaplanýan işleri edýärinmi? Men mähirlimi? Adamlar özüni Isanyň ýanynda rahat duýýardy. Isa hem bile işleşýän adamlaryny dosty hasaplaýardy we tälim bermegi gowy görýärdi (Luka 10:1, 19—21). Şägirtleri Isa sorag bermäge çekinmeýärdiler, Isa-da olaryň pikirini bilmek isleýärdi (Mat. 16:13—16). Gülhanada gülleriň pajarlap ösüşi ýaly, şägirtler hem ruhy taýdan ösýärdi. Olar Isadan höwes bilen öwrenýärdiler we ýagşy işleri edip miwe berýärdiler. Siziň hem ygtyýarly borjuňyz barmy? Onda şu soraglar hakda oýlanyň: işde ýa-da öýde başgalar bilen özümi nähili alyp barýaryn? Parahatlygy saklaýarynmy? Başgalar maňa arkaýyn sorag berýärmi? Olaryň pikirini höwes bilen diňleýärinmi? Elbetde, hiç birimiz fariseýlere meňzemek islemeýäris. Olara sorag berseler, gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýardylar we aýdanlaryna garşy çykan adamlara ýowuz daraşýardylar (Mar. 3:1—6; Ýah. 9:29—34). w19.09 sah. 20, abz. 1; sah. 23, abz. 9—11
21-nji maý, anna
Adamlar: «Parahatlyk we howpsuzlyk!» diýende... olaryň üstlerine şol bada betbagtçylyk iner (1 Sel. 5:3).
Şu günler syýasy ýolbaşçylar halklaryň arasynda asudalygy dikeltmek üçin şeýle şygarlary ulanýarlar. Ýöne Mukaddes Kitapda aýdylýan «parahatlyk we howpsuzlyk» habary yglan edilende ähli zat başgaça bolar. Näme üçin? Sebäbi adamlaryň köpüsi: «Syýasy ýolbaşçylar parahatlygy dikeltdi, indi howpsuz ýaşarys» diýip pikir eder. Emma şol bada «uly betbagtçylyk» başlar (Mat. 24:21). Biz şol habaryň nämäniň esasynda we nädip yglan ediljegini bilmeýäris. Şeýle-de habaryň bir ýa-da birnäçe gezek jar ediljekdigini bilmeýäris. Ýöne bir zady anyk bilýäris: syýasy ýolbaşçylar dünýäde parahatlygy dikeldip bilmez. Şol sebäpli olara ynanyp, öz-özümizi aldamaly däl. Gaýtam «Ýehowanyň gününiň» örän tizden geljekdigine düşünmeli (1 Sel. 5:2). w19.10 sah. 8, 9, abz. 3, 4
22-nji maý, şenbe
Seniň halkyň... halas bolar (Dan. 12:1).
Armageddon söweşinde Şeýtanyň dünýäsi ýok ediler. Ýöne biz hiç zatdan gorkmaly däl, sebäbi Armageddonda biz däl-de, Hudaý söweşer (Nak. 1:33; Hyz. 38:18—20; Zek. 14:3). Ýehowanyň görkezmesi bilen, Isa gökdäki goşuna ýolbaşçylyk eder. Isa saýlanan mesihçiler we milliardlarça perişdeler bilen Şeýtana, jynlaryna hem-de ýer ýüzündäki goşunyna garşy söweşer (Ylh. 6:2; 17:14). Ýehowa bize: «Saňa garşy ýasalan ýarag derde ýaramaz» diýip wada berdi (Işa. 54:17). Ýehowanyň wepaly gullukçylary uly betbagtçylykda diri galyp, sag-aman täze dünýä geçerler. Olar Hudaýyň öňünde mukaddes gullugy berjaý ederler (Ylh. 7:9, 13—17). Mukaddes Kitapda biziň halas boljakdygymyz barada ençeme wadalar ýazylan. Biz Ýehowanyň wepaly gullaryny goraýandygyna bütin ýüregimiz bilen ynanýarys (Zeb. 31:23). Ýehowany söýüp, alkyş aýdýan adamlar Onuň mukaddes adynyň aklanandygyna begenerler (Hyz. 38:23). w19.10 sah. 18, 19, abz. 17, 18
23-nji maý, ýekşenbe
Hak dost elmydama söýýär (Nak. 17:17).
«Soňky günleriň» ahyry golaýlaşdygyça, has kyn ýagdaýlara duşmagymyz mümkin (2 Tim. 3:1). Meselem, Afrikanyň günorta tarapyndaky bir ýurtda saýlaw geçirilýär, şondan soň eden-etdilik we zorluk-sütem höküm sürüp başlaýar. Ýurduň içinde uruş turandygy üçin dogan-uýalar ýarym ýyldan gowrak howp astynda ýaşadylar. Olar şeýle ýagdaýa nädip döz geldiler? Dogan-uýalaryň käbiri ýurduň howpsuz ýerinde ýaşaýan imandaşlarynyň öýünde boldular. Bir dogan şeýle diýýär: «Şol döwür dostlarymyň ýanynda bolandygyma örän begenýärin. Biz biri-birimizi ruhlandyrdyk». «Uly betbagtçylyk» başlanda, ýürekden söýýän dostlarymyzyň bardygyna örän begeneris (Ylh. 7:14). Şonuň üçin dogan-uýalar bilen häzirden ýakyn dost bolmak örän wajyp (1 Pet. 4:7, 8). Sebäbi duşmanlar ýalan-ýaşryk gürrüňler arkaly agzalalyk döredip, aramyza çöp atjak bolýarlar. Ýöne olaryň tagallasy puç bolar. Olar biziň söýgimizi hiç haçan sowadyp bilmez. w19.11 sah. 2, abz. 1, 2; sah. 7, abz. 19
24-nji maý, duşenbe
Duşmanyň ähli otly oklaryny öçürip bilersiňiz (Efes. 6:16).
Şeýtan «ýalanyň atasy». Ol golastyndaky adamlar arkaly Ýehowa Hudaý we dogan-uýalar barada ýalan gürrüňleri ýaýradýar (Ýah. 8:44). Meselem, imandan dänen adamlar internetiň, telewizoryň we beýleki habar beriş serişdeleriň üsti bilen hakykaty ýoýup, Ýehowanyň guramasy barada ýalan zatlary aýdýarlar. Şu zatlar Şeýtanyň «otly oklaryna» degişli. Eger guramamyz hakda ýalan zatlary gürrüň berseler näme ederis? Olary diňlemeris! Näme üçin? Sebäbi Ýehowa iman edýäris we doganlara ynanýarys. Biz imandan dänenler bilen hiç hili gatnaşyk saklamarys. Imandan dänenleriň gürrüňini diňlemäge hiç kime we hiç zada, hatda öz bilesigelijiligimize-de ýol berdirmeris. Imandan dänenleriň ýaýradýan ýalan gürrüňlerini diňlediňizmi ýa-da olar bilen gepleşdiňizmi? Eger şu soraglara «ýok» diýip jogap berýän bolsaňyz, onda siziň imanyňyz berk. Emma biz seresap bolmaly, sebäbi Şeýtanyň ulanýan başga-da ýaraglary bar. w19.11 sah. 15, abz. 8; sah. 16, abz. 11
25-nji maý, sişenbe
Ýehowa... ýüregiň niýetlerini barlaýar (Nak. 16:2).
Karara geleniňizde niýetiňizi barlaň. Ýehowa biziň ähli zatda dogruçyl bolmagymyzy isleýär. Şol sebäpli karara gelenimizde hem özümiz, hem başgalar bilen dogruçyl bolmaly. Eger dogruçyl bolsak, gelen kararymyzy ýerine ýetirmek aňsat bolar. Meselem, ýaş dogan pioner bolup gulluk etmek kararyna gelýär. Ol birnäçe wagt pioner bolup gulluk edýär, emma soňra sagat sanyny dolup bilmän, şatlygyny ýitirýär. Belki-de, ol Ýehowanyň göwnünden turmak üçin pioner gullugyna başladym diýip pikir edendir. Ýöne ol ene-atasyny ýa-da sylag-hormat goýýan adamlaryny begendirmek niýeti bilen pioner bolup gulluk eden bolmaly. Geliň, Mukaddes Kitapdan okuw geçýän bir adam bilen bolan waka hakda gürrüň edeliň. Ol çilimi taşlamagy ýüregine düwýär we bir-iki hepde çilim çekmeýär. Soňra özüne erk edip bilmän, ýene-de çilim çekip başlaýar. Emma ahyry çilim çekmegini goýýar. Ol Ýehowany söýýändigi we razy etmek isleýändigi üçin erbet endigini taşlamagy başardy (Kol. 1:10; 3:23). w19.11 sah. 27, abz. 9; sah. 29, abz. 10
26-njy maý, çarşenbe
Mesih baradaky hoş habaryň raýatlary hökmünde ýaşaň (Flp. 1:27, çykgyt).
Pawlus resul pellehana ýetip, sylag aljakdygyna ynamlydy. Ol «Hudaýyň... berjek sylagyny, ýagny gökdäki ýaşaýşy» aljak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardy, ýöne munuň üçin jan etmelidigine düşünýärdi (Flp. 3:14). Pawlus Filipidäki mesihçilere sylag hakda oýlanmagyň wajypdygyny mysal arkaly düşündirdi. Ol Filipidäki dogan-uýalara: «Biz gögüň raýaty» diýip ýatlatdy (Flp. 3:20). Näme üçin? Şol döwürde Rimiň raýaty bolmak uly hormat hasaplanýardy. Ýöne saýlanan mesihçiler has uly hormata eýe bolup, ýokary hökümetiň raýaty boldular. Olaryň aljak berekedi bilen deňeşdireniňde, Rimiň raýaty bolmak hiç zat bolup galýardy. Şu günlerem saýlanan mesihçiler gökdäki sylagyny almak üçin yhlasly gulluk edýärler. w19.08 sah. 6, abz. 14, 15
27-nji maý, penşenbe
Ogul sizi azat etse, hakyky azatlyga çykarsyňyz (Ýah. 8:36).
Elbetde, bu azatlyk ysraýyllara Azatlyk ýyly berilýän erkinlikden müň esse gowudy! (3 Mus. 25:8—12). Sebäbi Azatlyk ýyly gulçulykdan erkinlige çykan adam ýene-de gul bolup bilýärdi, iň soňunda bolsa, aradan çykýardy. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Ýehowa resullary hem-de başga-da wepaly aýal-erkekleri mukaddes ruhy arkaly saýlady. Hudaýyň «ogullyga kabul eden» bu wepaly gullukçylary bellenen wagtda Isa bilen gökde höküm sürmek üçin direldilmelidi (Rim. 8:2, 15—17). Olar Isanyň sinagogada okan pygamberligindäki azatlykdan peýdalanan ilkinji ynsanlardy (Luka 4:16—19, 21). Şondan bäri olar ýehudylaryň ýalan öwretmeleriniň hem-de Mukaddes Kitaba esaslanmadyk däp-dessurlaryň gulçulygyndan azat boldular. Şeýle-de Hudaý olary ölüme eltýän günäden azat etdi. B. e. 33-nji ýylynda Mesihiň şägirtleri mukaddes ruh bilen saýlandy. Şonda göçme manydaky Azatlyk ýyly başlandy. Bu Azatlyk ýyly Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygy tamamlananda gutarar. w19.12 sah. 11, abz. 11, 12
28-nji maý, anna
Erbetler bilen gatnaşmak gowy häsiýetleri bozýandyr (1 Kor. 15:33).
Çagalaryňyza gowy dost-ýarlary tapmaga kömek ediň. Ene-atalaryň ikisi-de çagalarynyň kim bilen gatnaşýandygyny we näme edýändiklerini bilmeli. Meselem, olar çagalarynyň Internet hem-de telefon arkaly kim bilen gürleşýändiginden habarly bolmaly. Sebäbi çagalaryň gatnaşýan adamlary olaryň pikirine we özüni alyp barşyna täsir edýär. Köp ene-atalar çagalarynyň göreldeli dogan-uýalar bilen gatnaşyp bilmegi üçin mümkinçilik döredýärler. Mysal üçin, Kot-d’Iwuarda ýaşaýan Deni bilen Bomina atly är-aýal köplenç etrap gözegçisini öýüne myhman alýardy. Deni şeýle gürrüň berýär: «Etrap gözegçisiniň öýümizde bolmagy oglumyza gowy täsir etdi. Ol pioner gullugyna başlady, häzirem etrap gözegçisiniň kömekçisi bolup gulluk edýär». Çaga näçe ir öwredip başlasaň, şonça-da gowy bolýar. Siz hem çagalaryňyz üçin şeýle mümkinçilik döredip bilýärsiňizmi? Timoteosyň ejesi Ewnika we mamasy Loýis ony «bäbeklikden» terbiýeläp başlapdy (2 Tim. 1:5; 3:15). w19.12 sah. 25, abz. 14; sah. 26, abz. 16, 17
29-njy maý, şenbe
Dostlar bardyr, dogandan hem ýakyndyr (Nak. 18:24).
Biz hem Tihikusdan görelde alyp, ynamdar dost bolasymyz gelýär. Meselem, biz imandaşlarymyza kyn günüňde ýanyňda bolaryn diýip ýöne bir dilden aýtman, olara gerekli kömegi berip bileris (Mat. 5:37; Luka 16:10). Kömege mätäç dogan-uýalar agyr gününde biziň taşlamajakdygymyzy bilende, özüni arkaýyn duýar. Bir uýa bu babatda şeýle diýýär: «Biri saňa kömek etjek diýende, ol beren sözünde durarmy ýa durmazmy diýip känbir alada etmeýärsiň». Adam kynçylyga ýa-da göwnüçökgünlige düşende, esasan-da, ýanynda ynamdar dostunyň bolmagyny isleýär. Wepaly hem ynamdar dost bolmak üçin sabyrlylyk gerek. Žanna uýamyzyň adamsy taşlap gidende, oňa ýakyn dostlary göwünlik berdi. Ol şeýle diýýär: «Men şol bir aýdan zadymy gaýta-gaýta aýtsam-da, olar meni sabyrly diňleýärdiler». Başgalary sabyrly diňlemegi başarsaňyz, siz hem gowy dost bolup bilersiňiz. w20.01 sah. 10, 11, abz. 9—11
30-njy maý, ýekşenbe
Çaga dünýä inmänkä Hudaý oňa mukaddes ruhuny berer (Luka 1:15).
Mukaddes Kitapda Hudaýyň mukaddes ruhuny alan imany berk adamlar hakda aýdylýar. Ýöne olar gökde ýaşamaga umyt etmeýärdi. Meselem, Hudaýyň mukaddes ruhy Dawuda ýol görkezýärdi (1 Şam. 16:13). Mukaddes ruh oňa Ýehowa hakda çuňňur zatlara düşünmäge kömek etdi we Mukaddes Kitabyň käbir parçalaryny ýazmaga ylham berdi (Mar. 12:36). Emma Petrus resul Dawudyň «göge galmandygyny» aýtdy (Res. 2:34). Ýehowa suwa çümdürýän Ýahýa hem «mukaddes ruhuny beripdi» (Luka 1:13—16). Isa: «Adamlaryň arasynda... Ýahýadan beýigi bolan däldir. Emma gökdäki Patyşalykda iň pesi ondan beýikdir» diýipdi (Mat. 11:10, 11). Ýehowa bu gullukçylaryna gudratly işleri etmek üçin mukaddes ruhuny berse-de, olary gökde ýaşamak üçin saýlamady. Eýsem, olaryň imany berk dälmi?! Elbetde, olaryň imany gaýa ýaly berkdi! Emma Ýehowa olary ýer ýüzünde boljak Jennetde ýaşatmak isleýär (Ýah. 5:28, 29; Res. 24:15). w20.01 sah. 25, abz. 15
31-nji maý, duşenbe
Ilki bilen Hudaý söýdi, şonuň üçin biz hem söýýäris (1 Ýah. 4:19).
Ýehowa bizi ruhy maşgalasyna goşulyp, özüne sežde etmäge çagyrdy. Ruhy maşgalamyz özüni Hudaýa bagyş eden we Oglunyň töleg gurbanyna iman edýän adamlardan ybarat. Biz bagtly maşgala. Biz häzirden manyly durmuşda ýaşaýarys. Gökde ýa ýerde ýaşamaga bolan umydymyz hem bize şatlyk berýär. Ýehowa bizi güýçli söýýändigi üçin maşgalasyna goşulmaga mümkinçilik berdi (Ýah. 3:16). Hudaý biziň üçin gymmatly «töleg töledi» (1 Kor. 6:20). Töleg gurbany arkaly Ýehowa bize özi bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga ýol açdy. Biz älem-jahanda iň beýik şahsyýete «Atamyz» diýip ýüzlenmek hormatyna eýe bolduk. Ýehowa iň gowy Ata. Mukaddes Kitaby ýazan bir adam ýaly, bizem: «Ýehowanyň maňa eden ähli ýagşylyklaryny nädip gaýtaryp bilerin?» diýýändiris (Zeb. 116:12). Biz hiç haçan Ýehowanyň ýagşylygynyň öwezini dolup bilmeris. Ýöne Ýehowanyň bize bolan söýgüsi ony söýmäge höweslendirýär. w20.02 sah. 8, abz. 1—3