Iýun
1-nji iýun, sişenbe
(Peninna) Hannany... hemişe kemsidýärdi (1 Şam. 1:6).
Şamuweliň ejesi Hannanyň derdi başyndan agdykdy. Onuň çagasy bolmaýardy (1 Şam. 1:2). Ysraýylda çagasy bolmaýan aýal gargyş siňen hasaplanýardy. Hanna çagasynyň bolmaýandygy üçin gaty kemsinýärdi (1 Mus. 30:1, 2). Üstesine-de, ýoldaşynyň Peninna atly ýene bir aýaly bardy. Peninnanyň çagalary bolansoň, Hanna gün bermeýärdi. Hanna bu kynçylygyna döz gelmek kyn düşýärdi. Şol sebäpli «ol aglap, çöregem iýmeýärdi» we «gaýgy-hasrat» çekýärdi (1 Şam. 1:7, 10). Hanna nädip göwünlik tapdy? Ol doga edip, Ýehowa ähli duýgularyny açyk aýdýar. Doga edensoň, ol Aly ruhana ýagdaýyny gürrüň berýär. Aly ruhany oňa: «Bolýar, arkaýyn gidiber. Goý, Ysraýyl Hudaýy dilegiňi eşitsin» diýýär. Şonda Hanna özüni nähili duýandyr öýdýärsiňiz? Ol «gidip, iýip içdi. Şondan soň gamgyn bolmady» (1 Şam. 1:17, 18). Hudaýa doga edip, Hanna janyna aram tapdy. w20.02 sah. 21, abz. 4, 5
2-nji iýun, çarşenbe
Duzuň nahary tagamly edişi ýaly, siziň hem sözleriňiz ýakymly bolsun. Şonda her kime nädip jogap bermelidigini bilersiňiz (Kol. 4:6).
Tizden Ýehowa zalym dünýäni ýok eder, emma «ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlary» halas eder (Res. 13:48). Biz dogan-garyndaşlarymyzyň hem Ýehowa gulluk etmegini isleýäris. Söýgüden doly Ýehowa Atamyz «hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Pet. 3:9). Gutulyş habaryny hem dogry, hem nädogry usul bilen wagyz edip bolýar. Biz nätanyş adamlar bilen sylaşykly gepleşýändiris, ýöne dogan-garyndaşlarymyz bilen mähirli bolmagy unutmagymyz mümkin. Biziň köpimiz dogan-garyndaşlarymyza birinji sapar nädip wagyz edenimizi ýatlap: «Beýdip aýtmaly däl ekenim» diýip gynanýandyrys. Bizem dogan-garyndaşlarymyza wagyz edenimizde, Pawlus resulyň şu günki aýatdaky maslahatyna eýersek gowy bolar, ýogsam ýüreklerine täsir etmegiň deregine, göwnüne degip bileris. w19.08 sah. 14, 15, abz. 3—5
3-nji iýun, penşenbe
Mesih... yzyna gyşarnyksyz eýermegiňiz üçin görelde galdyrdy (1 Pet. 2:21).
Ogul barada bilen hakykatlaryňyz size nähili täsir etdi? Isa älem-jahanda Hudaýdan soň iň güýçli şahsyýet. Ol biziň üçin janyny gurban edip töleg töledi. Onuň töleg gurbanyna iman etsek, günälerimiz geçiler, Hudaý bilen dostlaşarys we ebedi ýaşaýşa eýe bolarys (Ýah. 3:16). Isa biziň baş ruhanymyz. Ol töleg gurbany arkaly Ýehowa bilen dostlaşmagymyzy isleýär (Ýew. 4:15; 7:24, 25). Isa Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy. Ýehowa Isa arkaly adyny mukaddes eder, erbetligi ýok eder we Jennetde adamlara ebedi bereket berer (Mat. 6:9, 10; Ylh. 11:15). Isa biziň üçin ajaýyp nusga boldy. Ol bütin ömrüne Hudaýyň islegini ýerine ýetirip, bize görelde galdyrdy (Ýah. 4:34). Eger siz Mukaddes Kitapda Isa hakda aýdylýan zatlara iman etseňiz, Hudaýyň gowy görýän Ogluny söýersiňiz. Şonda Isadan görelde alyp, bütin ömrüňize Hudaýyň islegi boýunça ýaşamagy ýüregiňize düwersiňiz. w20.03 sah. 10, abz. 12, 13
4-nji iýun, anna
Hemişe doga-dileg ediň (1 Sel. 5:17).
Isa ýerdäki ömrüniň soňky gijesi birnäçe gezek doga etdi. Meselem, ol Ýatlama agşamyny girizende, çörek bilen şeraby şägirtlerine bermezden öň, Ýehowa doga edipdi (1 Kor. 11:23—25). Soňra Pasha baýramyny bellän ýerlerinden gitmezden öň, şägirtleri bilen ýene-de doga etdi (Ýah. 17:1—26). Şol gije şägirtleri bilen Zeýtun dagyna çykanda hem Isa gaýta-gaýta doga etdi (Mat. 26:36—39, 42, 44). Jan bermezden öň aýdan iň soňky sözlerini hem Isa doga hökmünde aýdypdy (Luka 23:46). Isa öldürilmeli gijesi doga edip, Ýehowa ähli zady açyk aýtdy. Görgi görende çydamly bolmaga Isa näme kömek etdikä? Ol doga edip, Atasyna hemişe bil baglaýardy. Isadan tapawutlylykda, resullar şol gün erjellik bilen doga etmediler. Netijede, synaga düşenlerinde, olar batyrgaý hereket edip bilmediler (Mat. 26:40, 41, 43, 45, 56). Eger biz Isanyň göreldesine eýerip «hemişe doga-dileg etsek», synaglarda Hudaýa wepaly galyp bileris. w19.04 sah. 8, 9, abz. 4, 5
5-nji iýun, şenbe
Men — Ýehowa. Men üýtgeýän däldirin (Mel. 3:6).
Ýehowa jadygöýligi ýigrenýär. Ol ysraýyllara şeýle diýdi: «Hiç kim ogul-gyzyny otda ýakyp gurban bermesin ýa-da palçylyk, jadygöýlik, täleýe garamak, porhançylyk bilen meşgullanmasyn. Araňyzda adamlary dogalaýan, jadygöýe ýa bilgije ýüz tutýan, ölüleri çagyrýan adam hem bolmasyn. Ýehowa şeýle işleri edýän adamy ýigrenýändir» (5 Mus. 18:10—12). Elbetde, mesihçiler Ýehowanyň ysraýyl halkyna beren Kanunyna görä ýaşamaýar. Emma biz Hudaýyň jadygöýlige bolan garaýşynyň üýtgemändigine düşünýäris. Ýehowa bize jadygöýlik bilen meşgullanmagyň howpludygyny duýdurýar. Sebäbi ol Şeýtanyň jadygöýlik arkaly adamlary aldaýandygyny bilýär. Şeýtan jadygöýligi ulanyp ýalan zatlary, şol sanda adam ölensoň, başga bir ýerde ýaşamagyny dowam edýär diýen ýalan düşünjäni ýaýradýar (Nes. 9:5). Ol muny adamlary gorkuda saklamak we Ýehowadan daşlaşdyrmak üçin ulanýar. Şeýtanyň maksady jadygöýlik bilen meşgullanýan adamlary Ýehowa däl-de, zalym ruhlara bil baglamaga itermek. w19.04 sah. 21, abz. 5, 6
6-njy iýun, ýekşenbe
Erbetlik etseňiz, olardan gorkuň (Rim. 13:4).
Çaga azdyrmaklyk agyr günä hasaplanýar. Çaga azdyrýan adam oňa gaty erbet zyýan ýetirýär. Meselem, zorlanan çaga gorkak bolýar we hiç kime ynanyp bilmeýär. Biz çagalary şeýle zalymlykdan goramaly. Zorlugyň pidasy bolanlar tesellä hem-de kömege mätäç bolýar (1 Sel. 5:14). Ýygnagyň agzasy bolup, çaga zorlaýan adam ýygnagyň abraýyna uly zyýan ýetirýär (Mat. 5:16; 1 Pet. 2:12). Biz ýygnagyň abraýyna ysnat getirýän we toba etmeýän adamyň günäsine göz ýummaýarys. Ýygnakda kimdir biri çaga azdyrmak ýaly jenaýat işine baş goşsa, hökümete garşy günä edýär (Resullar 25:8-i deňeşdiriň). Ýaşulularyň günäkäre ýaşaýan ýurdunyň kanuny esasynda jeza bermäge ygtyýary bolmasa-da, olar günä eden adamy hökümetiň jezasyndan goramaýarlar. w19.05 sah. 9, abz. 4—7
7-nji iýun, duşenbe
Dünýäniň akyldarlygy Hudaý üçin akmaklykdyr (1 Kor. 3:19).
Biz islendik kynçylygyň hötdesinden gelip bilýäris. Sebäbi bize Beýik Mugallym Ýehowa görkezme berýär (Işa. 30:20, 21). Onuň Sözi bizi «ähli zada ukyply edýär, ýagşy işleri etmäge birkemsiz taýýarlaýar» (2 Tim. 3:17). Biz Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna görä ýaşanymyzda, şu «dünýäniň akyldarlygyna» eýerýän adamlardan tapawutlylykda, paýhasly hereket edýäris (Zeb. 119:97—100). Gynansak-da, şu dünýäniň akyldarlygy adamlary köplenç özüňi bilmeklige we ten höweslerini kanagatlandyrmaga iterýär. Şol sebäpli bize dünýädäki adamlaryň garaýşyna we edýän işlerine eýermezlik kyn bolup biler. Mukaddes Kitapda şeýle duýduryş berilýär: «Seresap boluň, hiç kim sizi... boş zatlar, ýagny dünýäniň düşünjeleri, akyldarlygy we däp-dessurlary bilen aldap, ýesir edäýmesin» (Kol. 2:8). Mukaddes Kitapda pygamberlik edilişi ýaly, soňky günlerde «keýpi-sapany söýýän» adamlar hasam köpeldi (2 Tim. 3:4). Şu günler SPID ýaly ýokanç keseller hasam köpeldi. Bu bolsa dünýäniň akyldarlygyna eýerip ýaşamagyň akmaklykdygyny ýene bir gezek subut edýär (2 Pet. 2:19). w19.05 sah. 21, abz. 1, 2; sah. 22, abz. 4, 5
8-nji iýun, sişenbe
Iblisiň hilelerine garşy duruň (Efes. 6:11).
Şeýtan mekirlik bilen ysraýyllary öz bähbitleri üçin butparaz halklaryň ynanýan zatlaryna eýermäge iterdi. Şol halklar taňrylarynyň ýagyn ýagdyrmagy üçin käbir däp-dessurlary etmelidigine ynanypdyr. Ýehowa bolan imany gowşan ysraýyllar soňabaka gurakçylykdan diňe şol zatlar halas edip bilýär diýip pikir edipdir. Şol sebäpli olar Bagal taňrysy üçin her hili däp-dessurlary edip başladylar. Şeýtan olarda günäli höwesleri oýardy. Butparaz halklar diňe bir ýalan taňrylara sežde etmän, eýsem aýallar hem, erkekler hem buthanada ahlaksyzlyk edýärdi. Olar gomoseksuallyga we ahlaksyzlygyň başga-da görnüşlerine bolaýmaly zat ýaly garaýardy (5 Mus. 23:17, 18; 1 Pat. 14:24). Şeýle däp-dessurlary berjaý edip, olar taňrylarynyň göwnünden turýandyklaryna we bol hasyl alýandyklaryna ynanýardy. Bu zatlar ysraýyllaryň köpüsiniň gözüne ýakymly bolup göründi. Şol sebäpli olar ýalan taňrylara sežde edip başladylar. Şeýdip, Şeýtan olaryň pikirini «ýesir» aldy. w19.06 sah. 2, abz. 3; sah. 4, abz. 7, 8
9-njy iýun, çarşenbe
Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir (Ýew. 6:10).
Müňlerçe beýtelçiler we uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalar gullugyny goýmaly boldy. Olara gowy görýän gullugyny goýmak aňsat düşen däldir. Şeýle ýagdaýda siz näme edersiňiz? Ýehowa ýakynlaşmak üçin Mukaddes Kitaby her gün okaň we oýlanyň. Baran ýygnagyňyzda yhlasly wagyz ediň. Öňkiňiz ýaly köp işleri edip bilmeseňiz-de, Ýehowa siziň ýaly wepaly gullukçylaryny hiç haçan unutmaýar. Sada ýaşaň. Şeýtanyň dünýäsiniň aladalary ruhy işlerden eliňizi sowatmasyn (Mat. 13:22). Hudaýa gulluk etmeýän adamlar ýa-da dost-ýarlaryňyz, dogan-garyndaşlaryňyz ýagşy niýet bilen baý bolmaga höweslendirseler, olaryň täsirine düşmäň (1 Ýah. 2:15—17). Ýehowa bil baglaň, sebäbi ol aladaňyzy edip, ruhy we duýgy taýdan goldamagy, öz wagtynda gerekli zatlar bilen üpjün etmegi wada berýär (Ýew. 4:16; 13:5, 6). w19.08 sah. 20, abz. 4; sah. 21, 22, abz. 7, 8
10-njy iýun, penşenbe
Gaýgy-aladaňy Ýehowa tabşyr, ol seniň arkadaýanjyň bolar (Zeb. 55:22).
Mümkin, siz hem kyn günleri başdan geçirýänsiňiz. Onda Ýehowanyň ýagdaýymyza düşünýändigini bilmek, bize güýç berer. Ýehowa pikirlerimize we duýgularymyza gowy düşünýär (Zeb. 103:14; 139:3, 4). Eger oňa bil baglasak, kyn güne düşenimizde, hökman kömek eder. Käte göwnüçökgünlige düşüp: «Bar zat gutardy» diýýändiris. Şeýle ýagdaýda Ýehowanyň kömek etjekdigini unutmalyň. Ýöne ol bize nädip kömek edýär? Ýehowa bizi ýüregimizi dökmäge çagyrýar. Ol biziň dady-perýadymyza hökman jogap berer (Zeb. 5:3; 1 Pet. 5:7). Şonuň üçin gaýgy-aladalarymyzy dogada Ýehowa aýdyp bileris. Biz göni manyda Hudaýyň sesini eşitmesek-de, ol Sözi we guramasy arkaly bize jogap berýär. Mukaddes Kitapdaky wakalar bize teselli hem umyt berýär. Imandaşlarymyz hem bizi ruhlandyrýar (Rim. 15:4; Ýew. 10:24, 25). w19.06 sah. 16, abz. 7, 8
11-nji iýun, anna
Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener (Mat. 24:9).
Yzarlamalarda Ýehowa «ýüregiňizi döküň» we söýgüden doly Ataňyza gorkyňyz hem alada edýän zatlaryňyz hakda aýdyň (Agy 2:19). Ýehowa näçe köp ýüregiňizi dökseňiz, şonça-da oňa ýakynlaşarsyňyz (Rim. 8:38, 39). Hudaýyň Patyşalygynyň berjek bereketlerine ynamyňyzy berkidiň (4 Mus. 23:19). Eger Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine ynamyňyz berk bolmasa, Şeýtana we onuň ýaranlaryna sizi gorkuzmak aňsat bolar (Nak. 24:10; Ýew. 2:15). Şahsy okuwynda, esasanam, Hudaýyň Patyşalygy bilen bagly wadalar hakda oýlanyň we olaryň ýerine ýetjekdigine näme üçin ynanýandygyňyza göz ýetirjek boluň. Munuň nähili peýdasy bar? Imany üçin 7 ýyl türmede oturan Stenli Jonz dogan bilen bolan waka seredeliň. Hudaýa wepaly galmaga oňa näme kömek etdikä? Ol şeýle diýdi: «Men Hudaýyň Patyşalygynyň bardygyna asla şübhelenmeýärdim. Şonuň üçin hiç kim meni Ýehowadan dänderip bilmedi». Eger sizem Hudaýyň wadalaryna ynamyňyzy berkitseňiz gorkmarsyňyz (Nak. 3:25, 26). w19.07 sah. 2, abz. 1; sah. 3, abz. 6, 7
12-nji iýun, şenbe
Haýsy şähere ýa oba barsaňyz, mynasyp adamlary gözläp tapyň, gaýdýançaňyz olaryň ýanynda boluň (Mat. 10:11).
Şägirt taýýarlamak näme üçin örän wajyp? Sebäbi diňe Isanyň şägirtleri Hudaý bilen dostlaşyp bilýär. Isadan görelde alýan adamlar häzirden durmuşyny gowulandyrýar we olaryň gelejekde ebedi ýaşamaga umydy bolýar (Ýah. 14:6; 17:3). Elbetde, Isa bize örän jogapkärli işi tabşyrdy, ýöne ony ýeke özümiz ýerine ýetirmeýäris. Pawlus resul özi we başga mesihçiler barada şeýle diýdi: «Biz Hudaýyň işdeşleri» (1 Kor. 3:9). Bikämil bolsak-da, Ýehowa bilen Isa bize, gör, nähili hormatly işi ynandy! Şeýle-de biz şägirt taýýarlap, köp şatlyk tapýarys. Şägirt taýýarlamak üçin, ilki bilen, Ýehowa barada öwrenmek isleýän adamlary gözlemeli. Adamlara Ýehowa hakda gürrüň berip, hakykatdanam, onuň Şaýadydygymyzy subut edýäris. Isanyň tabşyrygyny berjaý edip, onuň şägirdidigimizi görkezýäris. w19.07 sah. 14, 15, abz. 3—5
13-nji iýun, ýekşenbe
Pul köp ýagdaýlarda gorag bolýar, şonuň ýaly akyldarlyk hem adamy goraýar. Emma akyldarlyk we bilim has gowudyr, sebäbi adamyň janyny aman saklaýar (Nes. 7:12).
Köp adamlar Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň örän peýdalydygyny bilende, geň galýar. Nýu-Ýorkda hytaý dilinde gepleýän adamlara wagyz edýän bir uýamyz şeýle diýýär: «Men olar bilen ýürekden gyzyklanyp, ünsli diňlemäge çalyşýaryn. Eger olar bu ýere ýakynda gelen bolsa, şeýle diýýärin: «Bu ýeri haladyňyzmy? Iş tapyp bildiňizmi? Hiç kim göwnüňize degenokmy?» Käwagt şeýle soraglar uýamyza Mukaddes Kitap esasynda gürrüňe başlamaga kömek edýär. Eger ýerlikli bolsa, uýamyz şeýle diýýär: «Başgalar bilen oňşukly ýaşamaga näme kömek edýär? Mümkin bolsa, size şu aýady okap berjekdim: „Uruş tursa, derýanyň bendi açylan ýalydyr, dawa-jenjel turmanka, ol ýerden gaýt“» (Nak. 17:14). Şeýle usullar ruhy zatlar hakda gürrüňdeş bolmak isleýän adamlary tapmaga kömek edýär. w19.07 sah. 23, abz. 13
14-nji iýun, duşenbe
Kömek edere ýoldaşy bolmadyk ýykylsa, oňa näme bolar? (Nes. 4:10).
Göçüp gelenler ýüregiňiz awap däl-de, ýagdaýyna düşünip goldaýandygyňyzy duýsunlar. Belki, olaryň özi ýa-da dogan-garyndaşlary keselländir, ýa-da ýakyny aradan çykandygy üçin hasrat çekýändir. Käbirleri bolsa bildirmejek bolsalar-da, öňki dostlaryny küýsäp gamlanýandyr. Şeýle düşnüksiz duýgulary ýeňmek üçin, olara wagt gerek. Dogan-uýalar göçüp gelen ýerine öwrenişer ýaly, olary ruhlandyrmaly we wagza çykmaly. Daşary ýurtda ençeme ýyl gulluk eden uýa şeýle diýýär: «Öň men her gün adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçerdim. Häzirki gulluk edýän ýerimde bolsa aýat okamak ýa-da wideo görkezmek kyn bolýar. Ýöne ýerli wagyzçylar maňa kömek etdiler. Olar meniň bilen gaýtadan ideg etmäge ýa-da Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge gitdiler. Şeýdip, men ýerli halk bilen gürrüňdeş bolmagy öwrendim. Indi men şatlyk bilen gulluk edýärin». w19.08 sah. 22, abz. 10; sah. 23, 24, abz. 13, 14
15-nji iýun, sişenbe
Ewodiýa bilen Sintihiýa Hudaýa gulluk edip, bir pikirde bolmagy ündeýärin (Flp. 4:2).
Ewodiýa bilen Sintihiýa ýaly, dogan-uýalaryň diňe ýalňyşlyklaryna üns bersek, olary ýürekden söýmek kyn bolar. Bizem her gün ýalňyşýarys. Başgalaryň diňe ýalňyşlyklaryny görsek, söýgimiziň sowamagy mümkin. Meselem, dogan Ýygnak jaýyny arassalamaga kömekleşmegi ýadyndan çykarsa, gaharlanmagymyz mümkin. Eger onuň öňki ýalňyşlary hakda hem oýlanyp başlasak, gahar-gazapdan dolup, söýgimiz sowar. Siziň bilenem şeýle ýagdaý bolupdymy? Onda Ýehowanyň siziňem, doganyňam ýalňyşlyklaryny görýändigini unutmaň. Muňa garamazdan, Hudaý sizi-de, dogany-da söýýär. Şol sebäpli Ýehowadan görelde alyp, dogan-uýalaryň gowy häsiýetlerini görmäge jan etmeli. Eger elimizde baryny etsek, söýgimiz artyp, agzybir ýaşarys (Flp. 2:1, 2). w19.08 sah. 9, abz. 7, 8
16-njy iýun, çarşenbe
Ýehowa... pesgöwünlilere seredýär (Zeb. 138:6).
Ýehowa pesgöwünli adamlary gowy görýär. Diňe pesgöwünli adamlar onuň bilen dost bolup bilýär. Alla tekepbirleri halamaýandygy üçin, olary «golaýyna-da getirmeýär». Biz Ýehowany begendirmek we dosty bolmak isleýäris. Munuň üçin pesgöwünli bolmaly. Pesgöwünli adam özüni beýlekilerden ýokary tutmaýar. Ol tekepbir ýa-da ulumsy bolmaýar. Mukaddes Kitapda pesgöwünli adamyň Ýehowanyň juda beýikdigine we her bir adamyň öz ornunyň bardygyna düşünýändigi aýdylýar. Pesgöwünli adam başgalaryň güýçli taraplarynyň bardygyny boýun alýar (Flp. 2:3, 4). Käbir adamlar pesgöwünli ýaly görünýär. Belki, olar utanjaňdyr, çekinjeňdir ýa-da alan terbiýesi we medeniýeti sebäpli mähirli hem sylaşyklydyr. Aslynda bolsa, olar örän tekepbir bolmagy mümkin. Ýöne iru-giç olaryň nähili adamdygy bilner (Luka 6:45). w19.09 sah. 2, abz. 1, 3, 4
17-nji iýun, penşenbe
Halypamyz Isa baradaky hoş habara gulak asmaýanlara... jeza berip ar alar (2 Sel. 1:8).
«Halypamyz Isa baradaky hoş habara» onuň öwreden ähli hakykaty degişli. Eger Isanyň öwredişi ýaly ýaşasak, Patyşalyk işlerini birinji ýerde goýsak, Hudaýyň adalatly talaplaryna tabyn bolsak we Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etsek, «hoş habara gulak asýandygymyzy» görkezeris (Mat. 6:33; 24:14). Şeýle-de biz saýlanan mesihçileri goldap, hoş habary wagyz etmeli we şägirt taýýarlamak işine gatnaşmaly (Mat. 25:31—40). Olar tizden «başga goýunlaryň» eden ýagşylygynyň öwezini dolarlar (Ýah. 10:16). Nädip? Armageddon söweşi başlamanka, ýer ýüzünde ýaşaýan saýlanan mesihçiler ruhy şahsyýet bolup göge galar. Şeýdip, 144 000 saýlanan mesihçileriň ählisi gökdäki goşunyň bir bölegi bolar we Äjidi ýok edip, «uly märekäni», ýagny Hudaýyň halkyny halas eder (Ylh. 2:26, 27; 7:9, 10). «Uly märeke» saýlanan mesihçileri goldandygyna örän begener. w19.09 sah. 12, 13, abz. 16—18
18-nji iýun, anna
Janyňyz rahatlyk tapar (Mat. 11:29).
Isanyň tabşyran işi näme üçin rahatlyk berýär? Biziň iň gowy gözegçilerimiz bar. Ýehowa Beýik Gözegçi bolsa-da, gadyrbilmez we zalym däl. Ol biziň edýän işlerimiziň gadyryny bilýär (Ýew. 6:10). Şeýle-de tabşyran işini ýerine ýetirmäge güýç berýär (2 Kor. 4:7; Gal. 6:5). Patyşamyz Isa ýolbaşçylyk etmekde ajaýyp görelde görkezýär (Ýah. 13:15). Ýaşulular hem «beýik çopan» Isanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalaryň aladasyny edýär (Ýew. 13:20; 1 Pet. 5:2). Olar bizi batyrgaýlyk bilen goraýarlar we mähir bilen ruhlandyryp tälim berýärler. Biziň gowy, mähirli dostlarymyz we şatlyk berýän işimiz bar. Oýlanyp görüň, biz ýokary ahlak kadalaryna eýerýän we kiçigöwünli adamlar bilen eginme-egin işleşýäris. Dogan-uýalar diňe bir işdeşlerimiz däl-de, jana-jan dostlarymyz. Olar bizi şeýle güýçli söýýär welin, janlaryny bermäge-de taýyn. w19.09 sah. 20, abz. 1; sah. 23, abz. 12—14
19-njy iýun, şenbe
Ol gün ogry kimin üstüňize duýdansyz geler ýaly, siz garaňkylykda dälsiňiz (1 Sel. 5:4).
Pawlus resul «Ýehowanyň güni» hakda belläp geçýär (1 Sel. 5:1—6). Ýehowanyň güni «Beýik Wawilona», ýagny ýalan dinlere ediljek hüjüm bilen başlanar we Armageddon söweşi bilen tamamlanar (Ylh. 16:14, 16; 17:5). Pawlus resulyň aýdanlary «Ýehowanyň gününe» taýýar bolmaga kömek edýär. Biz «başga adamlar ýaly uklaman», hemişe oýa bolmaly. Meselem, biz bitarap bolup, syýasy işlere goşulmaly däl, ýogsam dünýä degişli adam bolarys (Ýah. 15:19). Biz parahatlygy diňe Hudaýyň Patyşalygynyň dikeltjekdigini bilýäris. Şonuň üçin başgalara hem oýa bolmaga kömek etmeli. Mukaddes Kitapdaky gelejek barada aýdylan zatlary adamlara gürrüň bermeli. Muny soňa goýmaly däl, sebäbi uly betbagtçylyk başlanda, adamlara Ýehowanyň halkyna goşulmak örän giç bolar. Şonuň üçinem wagyz etmegiň wajypdygyny unutmalyň! w19.10 sah. 8, abz. 3; sah. 9, abz. 5, 6
20-nji iýun, ýekşenbe
Bir golýazma al... Ysraýyla, Ýahuda we ähli milletlere garşy aýdan sözlerimi ýaz (Ýer. 36:2).
Ýermeýa bilen Baruk Hudaýyň habaryny golýazma ýazyp bolansoň, pygamber öz dostuna habary halka aýtmagy tabşyrdy (Ýer. 36:5, 6). Baruk mertlik bilen howply ýumşy ýerine ýetirdi. Ol ybadathana baryp, halkyň öňünde Ýehowanyň sözlerini okap berende, Ýermeýa dostuna örän buýsanan bolsa gerek! (Ýer. 36:8—10). Ýahudanyň han-begleri Barugyň eden işini eşidende, oňa golýazmany sesli okamagy buýurdylar (Ýer. 36:14, 15). Han-begler Ýermeýanyň sözlerini Ýehoýakym patyşa habar bermeli diýen karara geldiler. Ýehoýakym patyşa Ýermeýanyň ýazan sözlerini eşidende, gahar-gazaba münüp, golýazmany oda ýakdy we Ýermeýa bilen Barugy tutmagy buýurdy. Emma Ýermeýa başga bir golýazmany aldy-da, Baruga berdi. Ýermeýa Ýehowanyň habaryny, «Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ýakan birinji golýazmasyndaky sözleri» Baruga täzeden ýazdyrtdy (Ýer. 36:26—28, 32). w19.11 sah. 3, 4, abz. 4—6
21-nji iýun, duşenbe
Hudaý... ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer (Flp. 2:13).
Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin kim bolaýyn diýse bolup bilýär. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ençeme titullary hakda aýdylýar. Meselem, oňa Mugallym, Göwünlik beriji, Hoş habarçy diýilýär (Işa. 48:17; 2 Kor. 7:6; Gal. 3:8). Ýöne Hudaý niýetini amala aşyrmak üçin köplenç adamlary ulanýar (Mat. 24:14; 28:19, 20; 2 Kor. 1:3, 4). Ýehowa bize akyldarlyk we güýç berip, niýetini amala aşyrmagymyz üçin halaýan adamy bolmaga kömek edýär. Köp alymlar Ýehowanyň adynyň manysy barada şeýle pikir edýär: «Ýehowa kim bolaýyn diýse bolup bilýär, başgalary hem kim edeýin diýse edip bilýär». Biziň ählimiz Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolmak isleýäris. Emma käbirleri garrylyk, mümkinçiliginiň we ukyplarynyň çäklidigi sebäpli Ýehowa üçin köp zat edip bilmerin öýdýärler. Başgalar bolsa Ýehowa üçin edýän işini ýeterlik hasaplap, ruhy taýdan ösüş etmeýärler. w19.10 sah. 20, abz. 1, 2
22-nji iýun, sişenbe
Bar belanyň körügi pul söýgüsidir (1 Tim. 6:10).
Baýlygyň yşgyna düşsek, imanymyz gowşar we öňkimiz ýaly Ýehowa yhlasly gulluk edip bilmeris. Pawlus resul şeýle diýdi: «Esger söwda-satyk işlerine baş goşýan däldir, ony esgerlige alan adamyň göwnünden turjak bolýandyr» (2 Tim. 2:4). Rim esgerlerine söwda-satyk etmäge rugsat berilmeýärdi. Söweşe taýýar esgerler ýaly, biziň hem esasy maksadymyz Serkerdebaşy Ýehowany we Isa Mesihi razy etmek. Muny bolsa Şeýtanyň hödürleýän islendik zadyndan wajyp hasaplaýarys. Biz ýeterlikli wagt hem güýç sarp edip, Ýehowa gulluk etmeli, iman galkanymyzy we beýleki ruhy ýaraglarymyzy abatlamaly, hemişe ünsli bolmaly. Pawlus resul: «Baýajak bolýanlaryň... imany gowşar» diýip duýdurdy (1 Tim. 6:9, 10). w19.11 sah. 17, abz. 12, 14, 15
23-nji iýun, çarşenbe
Olaryň üstlerine şol bada betbagtçylyk iner (1 Sel. 5:3).
«Ýehowanyň güni» başlamazdan öň «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan ediler (1 Sel. 5:1—6). 1 Selanikliler 5:2-däki «Ýehowanyň güni» diýen jümle «uly betbagtçylygy» aňladýar (Ylh. 7:14). «Uly betbagtçylyk» haçan başlar? Mukaddes Kitapda üýtgeşik habaryň yglan ediljekdigi aýdylýar. Şol habar uly betbagtçylygyň tizden boljakdygyny mälim eder. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, gelejekde «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan ediler. Şu meselä dini ýolbaşçylar hem goşulmagy mümkin. Näme bolaýanda-da, bu ýalan habary jynlar yglan etdirer. Ýöne olaryň ýalan habary has-da howpludyr, sebäbi adamzat taryhynda boljak uly betbagtçylygyň öň ýanynda adamlar ýalana ynanyp, howpsuz ýaşaýarys öýderler. Emma Mukaddes Kitapda: «Göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy kimin, olaryň üstlerine şol bada betbagtçylyk iner» diýilýär. Ýehowanyň wepaly bendelerine näme bolar? Belki-de, olar üçin hem Ýehowanyň güni duýdansyz geler, ýöne olar taýýar durar. w19.09 sah. 9, abz. 7, 8
24-nji iýun, penşenbe
Her zadyň öz wagty bar... Agtarmagyň öz wagty bar, ýitirmegiň öz wagty (Nes. 3:1, 6).
Karara geleniňizde anyk maksatlary goýuň. Anyk maksat goýsak, oňa aňsatlyk bilen ýetip bileris. Aýdaly, siz Mukaddes Kitaby her gün okamagy maksat edinýärsiňiz. Emma siziň meýilnamaňyz bolmasa, maksadyňyza ýetip bilmersiňiz. Ýa-da ýaşulular ýygnakdaky wagyzçylaryň aladasyny etmek üçin ýygy-ýygydan çopançylyk idegini etmek kararyna gelýärler. Ýöne birnäçe wagt geçse-de, üýtgän zat bolmasa näme? Olar maksadyna ýetmek üçin özlerine şeýle sorag berip biler: «Ilki kimlere çopançylyk idegini etmeli? Olar bilen görüşmek üçin belli bir güni belledikmi?» Islän zadymyzy etmäge hiç birimiziň wagtymyzam, güýjümizem, mümkinçiligimizem ýok. Şol sebäpli paýhasly boluň we özüňizden köp zada garaşmaň. Eger kararyňyzy ýerine ýetirip bilmeýän bolsaňyz, ony üýtgetmäge taýýar boluň. w19.11 sah. 29, abz. 11, 12
25-nji iýun, anna
Olar uly betbagtçylykdan geçenler, olar eşiklerini Guzynyň gany bilen ýuwup, ap-ak etdiler (Ylh. 7:14).
Mukaddes Kitapda ýer ýüzünde boljak eşretli durmuş barada ajaýyp pygamberlik bar (Işa. 65:21—23). Şol döwür biz ýalta bolman, yhlasly zähmet çekeris. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, edýän her bir işimizden hoşal bolup, şatlyk taparys. Biz Müňýyllyk hökümdarlygyň ahyrynda «ýaradylan zatlaryň çüýreme gulçulygyndan azat bolup, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowuşjakdygyna» doly ynamly bolup bileris (Rim. 8:21). Ýehowa ysraýyllara zähmet çekmeklige we dynç almaklyga dogry garaýyşda bolmagy öwretdi. Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda hem şeýle bolar. Şol döwür biz köp wagtymyzy ruhy işlere berip bileris. Şu günler bagtly bolmak üçin, esasan, Hudaýa sežde etmeli. Täze dünýäde biz Ýehowa arkaýyn sežde ederis. Biz Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda adamlaryň durmuşdan lezzet alyp ýaşajak wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şonda halaýan işimizi etmekden we ruhy işlere gatnaşmakdan köp şatlyk taparys. w19.12 sah. 12, abz. 15; sah. 13, abz. 17, 18
26-njy iýun, şenbe
Tabşyrjak zatlarymy... çagalaryňyzyň hem aňyna, ýüregine guýuň (5 Mus. 6:6, 7).
Çagalaryňyzy kiçilikden terbiýeläň. Geliň, Pawlus resul bilen wagyz syýahatyna giden Timoteos hakda gürrüň edeliň. «Guýmak» diýen söz öwretmegi hem-de gaýta-gaýta tälim bermegi aňladýar. Elbetde, muny etmek üçin ene-atalar kiçijik çagalaryna köp wagtyny bermeli bolýar. Çagalara şol bir zady gaýta-gaýta öwretmek käte ene-atalary gaharlandyryp hem biler. Ýöne paýhasly ene-atalar şeýtmek bilen, çagalaryna Hudaýyň Sözüne düşünmägi hem-de şol boýunça ýaşamagy öwredip bilýärler. Çagalaryňyzy gowy tanaň. Zebur 127-nji bapda çagalar ýaýçynyň elindäki ok bilen deňeşdirilýär (Zeb. 127:4). Oklaryň her dürli zatlardan ýasalyp, uzynlygynyň hem görnüşiniň bir-birinden tapawutlanyşy ýaly, bir maşgaladaky çagalar hem birmeňzeş bolmaýar. Şol sebäpli ene-atalar çagalarynyň her birine aýratynlykda nähili terbiýe bermelidigini bilmeli. Bir är-aýal iki çagasyny Ýehowanyň gullukçysy edip ýetişdirmäge nämäniň kömek edendigi barada şeýle diýýär: «Biz çagalarymyzyň hersi bilen aýratynlykda okuw geçdik». Elbetde, her bir maşgalabaşy çagalarynyň hersi bilen aýratynlykda okuw geçmelidigini ýa-da däldigini özi çözýär. w19.12 sah. 26, abz. 18—20
27-nji iýun, ýekşenbe
Adamlaryň size näme etmegini isleýän bolsaňyz, sizem olara şeýle ediň (Mat. 7:12).
Kyn güne düşenimizde, kimdir biri öz kömegini teklip etse, biz muny gymmat saýýarys. Betbagtçylyk sebäpli kakasy duýdansyz aradan çykan Raýan dogan şeýle diýýär: «Hasrat çekeniňde, her günki edýän işleriňem agyr ýük ýaly bolup görünýär. Şol wagt seniň üçin kiçijik bir zat etselerem, uly kömek bolýar». Kiçi bolsun ýa uly bolsun, başgalara edýän kömegimiziň olary gaty berkidýändigini hiç haçan unutmalyň. I asyrda ýaşan Markus şägirt Ýehowa üçin köp işleri edýärdi. Emma ol şonda-da Pawlus resula teselli bermek üçin wagt tapdy. Şonuň üçin Pawlus Markusdan kömek soramaga çekinmeýärdi. Anžela uýamyzyň mamasyny zalymlyk bilen öldürýärler. Anžela özüne göwünlik beren dogan-uýalaryň kömegini gymmat saýýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Dost-ýarlaryň saňa çyndanam kömek etmek islände, munuň ugruny tapýarlar. Olar haýal-ýagallyk etmeýärler ýa-da soňa goýmaýarlar». Biz özümize şeýle sorag berip bileris: «Men imandaşlaryma höwes bilen goldaw berýärinmi?» w20.01 sah. 11, 12, abz. 14—16
28-nji iýun, duşenbe
Kim mynasyp bolman, Halypamyzyň çöreginden iýse ýa-da käsesinden içse... günä edýändir (1 Kor. 11:27).
Mesihçi çörekden hem şerapdan datmaga nädip «mynasyp bolman» biler? Ol çörekden we şerapdan datsa-da, Ýehowanyň adyl kada-kanunlary boýunça ýaşamasa, mynasyp bolmaýar (Ýew. 6:4—6; 10:26—29). Saýlananlar «Hudaýyň Isa Mesih arkaly berjek sylagyny» almak üçin soňuna çenli wepaly galmalydygyna düşünýär (Flp. 3:13—16). Ýehowanyň mukaddes ruhy gullukçylaryna ulumsy däl-de, pesgöwünli bolmaga kömek edýär (Efes. 4:1—3; Kol. 3:10, 12). Ine, şol sebäpli saýlananlar özlerini başgalardan ýokary tutmaýar. Olar Ýehowanyň beýleki gullukçylaryna garanyňda, özlerine has köp mukaddes ruh berilýändir öýtmeýär. Ýa-da Mukaddes Kitapdaky hakykatlara başgalardan has çuňňur düşünýändirin öýtmeýär. Şeýle-de olar hiç kime özüniň saýlanandygyny we nyşanlardan dadýandygyny aýtmaýar. Gaýtam adamy gökde ýaşamak üçin diňe Ýehowanyň saýlaýandygyny pesgöwünlilik bilen boýun alýar. w20.01 sah. 27, 28, abz. 4, 5
29-njy iýun, sişenbe
Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar (Ýak. 4:8).
Ýehowa biziň özi bilen dostlaşmagymyzy we gürleşmegimizi isleýär. Ol bizi «hemişe doga etmäge» çagyrýar we her bir dogamyzy diňleýär (Rim. 12:12). Ýehowa bizi diňlemäge hemişe wagt tapýar we diňlemekden ýadamaýar. Mukaddes Kitaby we oňa esaslanan edebiýatlary okanymyzda, biz hem ony diňleýäris. Şeýle-de duşuşyklarda ünsli bolsak, ony diňläp bilýäris. Ýehowa bilen ýakyndan dost bolmak üçin onuň bilen yzygiderli gürleşmeli. Ýehowa doga edenimizde, oňa ýüregimizi dökmegimizi isleýär (Zeb. 62:8). Şol sebäpli özümize şeýle sorag berip bileris: «Edýän dogalarym ýüzleý ýazylan hata meňzeýärmi ýa-da ýürekden ýazylan hata?» Elbetde, biziň barymyz Ýehowany janymyz-tenimiz bilen söýmäge we onuň bilen dostlugymyzy berk saklamaga jan edýäris. Şonuň üçinem doga-dileg etmegimizi dowam etmeli. Oňa ýüregimiziň töründe saklaýan zatlarymyzy aýtmaly. Onuň bilen şatlygymyzy hem gaýgymyzy paýlaşmaly. Hudaýdan kömek soramaga çekinmeli däl. w20.02 sah. 8, 9, abz. 4, 5
30-njy iýun, çarşenbe
Size ynanylan Hudaýyň sürüsini bakyň (1 Pet. 5:2).
Ýehowa ýaşululara wajyp borç, ýagny halkynyň aladasyny etmegi tabşyrdy. Ýaşulular Nehemýanyň halky goldaýşyndan köp zat öwrenip biler. Ýahudanyň häkimi Nehemýanyň uly ygtyýary bardy (Neh. 1:11; 2:7, 8; 5:14). Geliň, Nehemýanyň duş gelen käbir kynçylyklary hakda bileliň. Ol halkyň ybadathanany haram edýändigini, kanuny äsgermän, lewileriň paýyny bermeýändigini, Sabat güni baradaky kanuny berjaý etmeýändigini we başga milletli gyzlara öýlenýändigini görýär. Nehemýa häkim şu ýagdaýlary düzetmelidi (Neh. 13:4—30). Nehemýa ygtyýaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, Hudaýyň halkynyň üstünden agalyk etmedi. Gaýtam Ýehowa ýürekden doga edip, görkezme sorady we halka Ýehowanyň kanunlaryny öwretdi (Neh. 1:4—10; 13:1—3). Şeýle-de ýehudylar bilen eginme-egin işleşip, Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmäge kömek etdi (Neh. 4:15). w19.09 sah. 15, 16, abz. 9, 10