Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es21 sah. 67—77
  • Iýul

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iýul
  • Her günki aýady okalyň — 2021
  • Sözbaşylar
  • 1-nji iýul, penşenbe
  • 2-nji iýul, anna
  • 3-nji iýul, şenbe
  • 4-nji iýul, ýekşenbe
  • 5-nji iýul, duşenbe
  • 6-njy iýul, sişenbe
  • 7-nji iýul, çarşenbe
  • 8-nji iýul, penşenbe
  • 9-njy iýul, anna
  • 10-njy iýul, şenbe
  • 11-nji iýul, ýekşenbe
  • 12-nji iýul, duşenbe
  • 13-nji iýul, sişenbe
  • 14-nji iýul, çarşenbe
  • 15-nji iýul, penşenbe
  • 16-njy iýul, anna
  • 17-nji iýul, şenbe
  • 18-nji iýul, ýekşenbe
  • 19-njy iýul, duşenbe
  • 20-nji iýul, sişenbe
  • 21-nji iýul, çarşenbe
  • 22-nji iýul, penşenbe
  • 23-nji iýul, anna
  • 24-nji iýul, şenbe
  • 25-nji iýul, ýekşenbe
  • 26-njy iýul, duşenbe
  • 27-nji iýul, sişenbe
  • 28-nji iýul, çarşenbe
  • 29-njy iýul, penşenbe
  • 30-njy iýul, anna
  • 31-nji iýul, şenbe
Her günki aýady okalyň — 2021
es21 sah. 67—77

Iýul

1-nji iýul, penşenbe

Hudaýdan kömek sorap doga ediň (Flp. 4:6).

Biziň bilen gödek gürleşenlerinde ýa-da sylaşyksyz alyp baranlarynda, gaýgylanmagymyz mümkin. Esasanam, jana-jan dostumyz, joramyz ýa garyndaşymyz şeýle edende, hasam agyr degýär. Şeýle ýagdaýda Peninnanyň kemsitmelerine çydan Hannanyň göreldesi bizi ruhlandyrýar (1 Şam. 1:12). Bizem Hanna ýaly Ýehowa doga edip, alada etdirýän, gorka salýan zatlar hakda aýdyp bileris. Dogamyzda hökman şahyrana sözleri aýtmaly ýa-da ýalňyşsyz geplemeli diýip pikir etmeli däl. Hatda doga edenimizde, hasratdan ýaňa oýlanyşyksyz sözlerem aýtmagymyz mümkin. Ýöne Ýehowa dogalarymyzy diňlemekden hiç haçan ýadamaýar. Şeýle-de biz kynçylyklarymyz hakda doga edenimizde, Filipililer 4:6, 7-nji aýatlardaky sözleri ýatdan çykarmaly däl. Pawlus resul biziň minnetdarlyk bilen doga etmelidigimizi belläp geçdi. Ýehowa minnetdarlyk aýtmaga bizde ençeme sebäpler bar. Biz oňa ýaşaýyş hem-de ajaýyp umyt berendigi we ýaradan zatlary üçin minnetdar bolup bileris. w20.02 sah. 20, abz. 3; sah. 21, abz. 6

2-nji iýul, anna

Geplemegiň öz wagty (bar) (Nes. 3:7).

Ýehowa geplemek ukybyny sowgat berdi (2 Mus. 4:10, 11; Ylh. 4:11). Hudaý Sözi arkaly beren sowgadyny dogry ulanmagy öwredýär. Biz Ýehowa we onuň Patyşalygy hakda gürrüň bermäge hemişe taýyn bolmaly (Mat. 24:14; Rim. 10:14). Şonda Isa pygamberiň göreldesine eýereris. Ol Atasy barada hakykaty aýtmak üçin ýer ýüzüne geldi (Ýah. 18:37). Şeýle-de biz nähili äheňde aýdýandygymyza hem üns bermeli. Şol sebäpli Ýehowa barada «ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen» gürrüň bermeli; adamlaryň duýgusyny, ynanýan zatlaryny göz öňünde tutmaly (1 Pet. 3:15). Şonda diňe bir geplemek bilen çäklenmän, adamlara Alla hakda öwredip bileris, belki, ýüregine-de täsir ederis. Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara maslahat gerek bolanda dymmaly däl. Elbetde, dogan-uýalar oňaýsyz ýagdaýa düşmez ýaly, ýaşulular amatly wagty saýlamaly. w20.03 sah. 18, abz. 2—4

3-nji iýul, şenbe

Dyngysyz doga ediň (Mat. 26:41).

Biz näme barada doga edip bileris? Biz Ýehowa «imanymyzy berkit» diýip doga edip bileris (Luka 17:5; Ýah. 14:1). Biz imanymyzy berkidip durmaly. Sebäbi Şeýtan Isanyň yzyna eýerýänleriň ählisiniň imanyny synaýar (Luka 22:31). Ýehowa bolan imanymyz nädip kömek eder? Eger biz kynçylyklarymyzy ýeňmek üçin elimizde baryny etsek, ýöne ýagdaý şonda-da gowulanmasa, Ýehowa bolan iman gaýgy-aladalarymyzy onuň üstüne atmaga höweslendirer. Sebäbi Ýehowanyň ähli zady bizden has gowy çözjekdigine ynanýarys. Bu bolsa pikirimizde we ýüregimizde parahatlygy saklamaga kömek edýär (1 Pet. 5:6, 7). Ýehowa hemişe doga etsek, durmuşda nähili kynçylyk bolsa-da, kalbymyzda rahatlygy saklamaga kömek eder. Geliň, 80 ýaşlaryndaky Robert atly ýaşuly dogan bilen bolan waka seredeliň. Ol şeýle diýýär: «Filipililer 4:6, 7-nji aýatlardaky sözler kynçylyklaryma döz gelmäge kömek etdi. Men köp kynçylyklary başdan geçirdim. Pulsuzlykdan kösenýärdim. Ýaşuly bolup gulluk etmek borjundan biraz wagtlyk aýryldym». Şol kyn döwürde Robert dogana kalbynda rahatlygy saklamaga näme kömek etdikä? Ol şeýle diýýär: «Men özümi erbet duýup başlan badyma doga edýärin. Näçe köp we gyzgyn doga etsem, şonça-da özümi rahat duýýandygyma göz ýetirdim». w19.04 sah. 9, 10, abz. 5—7

4-nji iýul, ýekşenbe

Saňa, diňe saňa garşy günä etdim (Zeb. 51:4).

Çaga zorlaýan adam Hudaýa garşy günä edýär. Adamlar biri-birine garşy günä edende, Ýehowa garşy hem günä edýärler. Geliň, Hudaýyň ysraýyl halkyna beren Kanunyna seredeliň. Kanunda goňşusynyň zadyny ogurlan ýa-da hilegärlik bilen alan adamyň «Ýehowa biwepalyk» edýändigi aýdylýar (3 Mus. 6:2—4). Ýygnagyň agzasy bolup, çaga azdyrýan adam hem Hudaýa biwepalyk edýär we Ýehowanyň adyna ysnat getirýär. Mundan başga-da ol çaganyň ynamyna girip, ony zorlaýar. Zorlanan çagalar hiç kime ynanyp bilmeýär. Çaga zorlamak Hudaýa garşy agyr günä bolandygy üçin, biz şeýle hereketleri ýazgarýarys. «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryndaky makalalarda zorlugyň pidasy bolanlara erbet duýgularyny ýeňmek üçin näme etmelidigi, başgalaryň olara nädip kömek edip hem-de ruhlandyryp biljekdigi, şeýle-de ene-atalaryň çagalaryny nädip gorap biljekdigi hakda aýdylýar. Ýehowa guramasy arkaly ýaşululara çaga azdyran günäkäriň işine seretmek bilen bagly anyk görkezmeleri berýär. Şol görkezmeler babatda täze özgerişlikler edilen bolsa, onda ýygnaklara habar berilýär. w19.05 sah. 9, 10, abz. 8, 9

5-nji iýul, duşenbe

Diriler hakda ölülerden soralarmy? (Işa. 8:19).

Hudaýyň Sözi edil ýiti gylyç ýaly Şeýtanyň ýaýradýan ýalan taglymatlaryny kesip taşlaýar (Efes. 6:17). Meselem, Hudaýyň Sözünde ölen adamlaryň diriler bilen hiç hili gatnaşyk saklamaýandygy aýdylýar (Zeb. 146:4). Şeýle-de ol bize gelejegi diňe Ýehowanyň bilýändigini ýatladýar (Işa. 45:21; 46:10). Eger Hudaýyň Sözüni her gün okap oýlansak, zalym ruhlaryň bizi aldawa salmak üçin ýaýradýan ýalan zatlaryny ýigrenip we olara garşy durup bileris. Şonuň üçin jadygöýlik bilen bagly islendik zatdan gaça duruň. Biz hiç haçan jadygöýlik bilen meşgullanmaýarys. Mysal üçin, ruhlary çagyrýan adamlardan kömek soramaýarys ýa-da ölen adamlar bilen gürleşmek üçin başga usullary gözlemeýäris. Ölüm bilen bagly däp-dessurlardan, ýagny adam ölende başga ýerde ýaşaýar diýen dini ynançlardan gaça durýarys. Gelejegi bilmek üçin täleýnama ulanmaýarys we pal atdyrmaýarys. Biz bu zatlaryň ählisi bilen meşgullanmagyň howpludygyny we bularyň Şeýtan we jynlar bilen gös-göni gatnaşyk saklamaga iterýändigini bilýäris. w19.04 sah. 21, 22, abz. 8, 9

6-njy iýul, sişenbe

Hudaý hem olara azgyn höweslerine görä ýaşamaga ýol berdi (Rim. 1:24).

Şu dünýäniň akyldarlygyna eýerip ýaşaýan adamlar Hudaýyň beren ahlak kadalaryny äsgermezlik edýär. Olar: «Hudaý bizi jynsy höwes bilen ýaradan bolsa, onda näme üçin jynsy gatnaşyk etmeli däl?» diýýärler. Şeýle pikir edýän adamlar göwnüniň islän zadyny etmelidir öýdýärler. Emma Mukaddes Kitapda nädogry höwesimize garşy göreşmelidigi aýdylýar (Kol. 3:5). Nika Ýehowanyň adamlara beren gymmatly sowgady. Bu sowgat bizi ahlaksyzlyk etmek ýaly günäli işlerden goraýar (1 Kor. 7:8, 9). Dünýäniň akyldarlygyndan tapawutlylykda, Mukaddes Kitapda ahlak kadalaryna dogry garaýyşda bolmak ündelýär. Onda jynsy gatnaşygyň är-aýala lezzet bermelidigi aýdylýar (Nak. 5:18, 19). Emma Mukaddes Kitapda şeýle duýduryş berilýär: «Siz mukaddes bolup, özüňize nädip erk etmelidigini we Hudaýy razy edip ýaşamalydygyny bilmelisiňiz... açgözlük edip, ahlaksyz islegleriňizi kanagatlandyrjak bolmaň» (1 Sel. 4:4, 5). w19.05 sah. 22, 23, abz. 7—9

7-nji iýul, çarşenbe

Sen halklaryň we goşunlaryň bilen olaryň üstüne tüweleý kimin çozarsyň (Hyz. 38:9).

Hudaý halkyny milletleriň ýok etmegine ýol bermez. Hudaýyň halky Ýehowanyň adyny buýsanç bilen göterýär we Beýik Wawilondan çykyň diýen tabşyrygyna gulak asýar (Res. 15:16, 17; Ylh. 18:4). Olar başga adamlara ýalan dinden çykmaga kömek etmek üçin güýjüni gaýgyrmaýar. Şol sebäpli Ýehowanyň halky ahlaksyz aýalyň «başyna injek belalara uçramaz», ýöne olaryň imany synalar (Hyz. 38:2, 8). Ýalan dinler ýok edilenden soň, Ýehowanyň halky apy-tupanda ýykylman galan ýekeje agaja meňzär. Şonda Şeýtan gahar-gazaba müner. Ol gaharyny jynlaryň «ylhamly haram sözleri» arkaly pürker we milletleriň üýşmegini Ýehowanyň halkynyň üstüne küşgürer (Ylh. 16:13, 14). Milletleriň üýşmegine «Mäjit ýurdundaky Äjit» diýilýär. Milletler Hudaýyň halkyna hüjüm etmek bilen, göçme manyda Armageddon diýen ýere ýygnanar (Ylh. 16:16). w19.09 sah. 11, abz. 12, 13

8-nji iýul, penşenbe

Akyldarlaryň oý-pikiriniň biderekdigini bilýär (1 Kor. 3:20).

Şeýtan adamlaryň günäli höweslerini oýarýar. Geçmişde Hudaýyň halkyny ahlaksyzlyk etmäge itermek üçin, Şeýtan ýalan dini ulandy. Şu günler hem ol şeýle usul ulanýar. Ýalan din ahlaksyzlyga diňe bir göz ýumman, hatda ony goldaýar. Netijede, häzir köp adamlar Hudaýa gulluk edýän diýse-de, Onuň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamaýar. Pawlus resul rimlilere ýazan hatynda munuň nämä eltýändigini aýtdy (Rim. 1:28—31). Pawlusyň agzap geçen «azgynlygyna» ahlaksyzlygyň ähli görnüşi, şol sanda gomoseksuallyk hem degişli (Rim. 1:24—27, 32; Ylh. 2:20). Hudaýyň gullukçylary hökmünde biz Mukaddes Kitabyň taglymatlary boýunça ýaşamagy örän wajyp hasaplaýarys. Ynsan akyldarlygy Ýehowanyň adyl kadalaryny inkär edýär we Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesini ösdürmäge däl-de, «ten işlerine» eýermäge höweslendirýär (Gal. 5:19—23). Bu bolsa adamlary tekepbir bolmaga we «özüni bilmäge» iterýär (2 Tim. 3:2—4). Şeýle häsiýetler Hudaýyň öz gullukçylarynda görmek isleýän ýumşaklyk we pesgöwünlilik ýaly häsiýetlerine düýbünden garşy gelýär (2 Şam. 22:28). w19.06 sah. 5, 6, abz. 12—14

9-njy iýul, anna

Hak dost elmydama söýýär, ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr (Nak. 17:17).

Ylýas pygamber Ýehowa gulluk eden döwri agyr synaglara duçar bolýar. Ýehowa Ylýas pygambere käbir borçlaryny Alyşa bermegi tabşyryp, oňa kyn gününde goldajak dost tapmaga kömek etdi. Şonuň ýaly biz hem kyn günümizde dostumyza ýüregimizi döksek, ýükümiz ýeňlär (2 Pat. 2:2). Eger ýüregiňizi kime dökjegiňizi bilmeseňiz, Ýehowadan ruhy taýdan ýetişen dost tapmaga kömek etmegini diläň. Ýehowa Ylýas pygambere kyn gününde baş alyp çykmaga we köp ýyllap wepaly gulluk etmäge kömek etdi. Ylýas pygamber bilen bolan waka bize güýç berýär. Käte biz gaýgy-aladadan ýaňa halys tapdan düşýäris. Eger Ýehowa bil baglasak, gullugymyzy dowam edip biler ýaly, ol bize güýç-kuwwat berer (Işa. 40:28, 29). w19.06 sah. 15, abz. 4; sah. 16, abz. 9, 10

10-njy iýul, şenbe

Adamdan gorksaň, duzaga düşersiň, Ýehowa bil baglasaň, pena taparsyň (Nak. 29:25).

Häzirden batyrgaý bolmagy öwrenmek üçin, biz Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmeli. Sebäbi her gezek hoş habary wagyz edenimizde, biz Ýehowa bil baglamagy we adamdan gorkyny ýeňmegi öwrenýäris. Meselem, beden maşkyny edende, adamyň bedeni berkeýär. Şonuň ýaly bizem öýden-öýe, köpçülik ýa iş ýerlerinde we her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edenimizde, has-da batyrgaý bolmagy öwrenýäris. Eger häzirden batyrgaý bolmagy öwrensek, wagyz işimiz gadagan edilende hem wagyz etmegimizi bes etmeris (1 Sel. 2:1, 2). Biz batyrgaýlygyny görkezen wepaly uýamyzdan köp zatlary öwrenip bileris. Nensi Ýuen uýanyň boýy bary-ýogy 1,5 metr bolsa-da, ol gaty batyrgaýdy. Oňa Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmegi gadagan etseler-de, ol wagyz etmegini goýmaýar. Şol sebäpli ol 20 ýyl töweregi Hytaýyň türmesinde oturýar. Ony soraga tutan adamlar «tutuş ýurtda şunuň ýaly kesir adam ýok» diýýärler. w19.07 sah. 5, abz. 13, 14

11-nji iýul, ýekşenbe

Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň (Mat. 28:19).

Käbir adamlar Mukaddes Kitapdaky hakykatlary öwrenmäge höwes bilen razylaşsa, başgalar birbada ruhy zatlar bilen onçakly gyzyklanmaýar. Şeýle ýagdaýda olaryň islegini artdyrmak üçin tagalla etmeli bolýar. Wagzymyz netijeli bolar ýaly, biz öňünden gowy taýýarlyk görmeli. Munuň üçin adamlary gyzyklandyrýan temalary saýlaň. Soňra olar bilen nädip gürrüňe başlap biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Mysal üçin, siz adama şeýle diýip bilersiňiz: «Bütin dünýäde adamlar şol bir kynçylyklara uçraýarlar. Siziň pikiriňizçe, ýer ýüzündäki hökümetler adamlaryň kynçylyklaryny çözüp bilermikä?» Soňra Danyýar 2-nji babyň 44-nji aýadyna esaslanyp, gürrüňdeş bolup bilersiňiz. Ýa-da şeýle diýip bilersiňiz: «Çagalarymyza gowy terbiýe bermäge näme kömek ederkä?» Soňra 5 Musa 6-njy babyň 6, 7-nji aýatlary esasynda gürrüňi dowam edip bilersiňiz. Dogrudanam, kimdir birine Isanyň şägirdi bolmaga kömek etmek köp şatlyk berýär. w19.07 sah. 15, abz. 4, 6, 7

12-nji iýul, duşenbe

Heý-de, adam öz eli bilen taňry ýasap bilermi? Eger ýasaýsa-da, olar taňry däldir (Ýer. 16:20).

Hudaýa ynanmaýan adamlar bilen nädip gürrüňdeş bolup bileris? Gündogar ýurtlaryň birinde gulluk edýän bir dogan şeýle diýýär: «Adam „men Hudaýa ynanmaýaryn“ diýende, ol beýleki adamlaryň sežde edýän taňrylaryna ynanmaýandygyny göz öňünde tutýar. Şonuň üçin onuň bilen razylaşýandygymy we şol taňrylaryň hakyky däldigini, olary adamlaryň özleriniň oýlap tapandygyny hem-de öz elleri bilen ýasandygyny aýdýaryn. Köplenç men oňa Ýermeýa 16:20-däki sözleri okap berýärin. Soňra: „Adamlaryň ýasan zady hakyky Hudaý bolup bilermi?“ diýip soraýaryn. Onuň beren jogabyny ünsli diňlänimden soň, Işaýa 41:23-i okap berýärin. Ol ýerde: „Bize gelejegi aýdyp beriň, şonda siziň taňrydygyňyzy bileris“ diýilýär. Soňra oňa Ýehowanyň gelejek barada aýdan pygamberlikleri hakda gürrüň berýärin». Bir dogan bolsa şeýle gürrüň berýär: «Men olara Mukaddes Kitapdan peýdaly maslahatlary, ýerine ýeten pygamberlikleri we fiziki kanunlary mysal getirýärin. Soňra Ýaradyjynyň bardygy we onuň täsin akyldarlygy barada delilleri getirýärin. Adam Hudaýyň bardygy hakda oýlanyp başlanda, Mukaddes Kitapda Ýehowa barada näme diýilýändigini görkezýärin». w19.07 sah. 23, 24, abz. 14, 15

13-nji iýul, sişenbe

Iň wajyp zatlara düşüniň (Flp. 1:10).

Iň wajyp zatlara Ýehowanyň adynyň aklanmagy, niýetiniň amala aşmagy, ýygnakda parahatlygyň we agzybirligiň bolmagy degişli (Mat. 6:9, 10; Ýah. 13:35). Şu zatlary wajyp hasaplasak, Ýehowany ýürekden söýeris. Pawlus resul bize «päk» bolmak barada hem maslahat berdi. Päk bolmak kämil bolmagy aňlatmaýar. Biz ýürekden söýmek we iň wajyp zatlara göz ýetirmek üçin tagalla etsek, Ýehowa bizi päk hasaplar. Ýürekden söýmegiň bir usuly: dogan-uýalary büdretmezlik. Dogan-uýalary büdretmekden seresap bolmaly. Olary näme büdredip biler? Meselem, dynç alşymyz, egin-eşigimiz, hatda işimiz hem büdredip biler. Aslynda, saýlan zatlarymyz erbet bolmazlygy mümkin. Emma imandaşlarymyzyň ynsabyna erbet täsir edip, olary büdretse, muňa sowuk-sala garamaly däl (Mat. 18:6). w19.08 sah. 10, abz. 9—11

14-nji iýul, çarşenbe

Olar uly betbagtçylykdan geçenler, olar eşiklerini Guzynyň gany bilen ýuwup, ap-ak etdiler (Ylh. 7:14).

1935-nji ýylda Ýahýanyň görnüşindäki uly märekäniň kimdigi mälim bolansoň, Ýehowanyň Şaýatlary olaryň ýer ýüzünde ebedi ýaşajak wepaly mesihçilerdigine düşünýärler (Ylh. 7:9, 10). Olar uly betbagtçylykda halas bolmak üçin Müňýyllyk hökümdarlyk başlamanka, ýagny häzirden Ýehowanyň kanunlaryny öwrenip, oňa sežde etmeli. Olar «boljak zatlardan gaçyp gutular» ýaly, Mesihiň Müňýyllyk Patyşalygyndan öň imanyny berkitmeli (Luka 21:34—36). Uly märeke ajaýyp umydynyň bardygyna begenýär. Olar wepaly adamlaryň gökde ýa-da ýerde gulluk etjekdigini Ýehowanyň çözýändigine düşünýärler. Saýlanan mesihçiler we uly märeke diňe Ýehowanyň ýagşylygy bilen, ýagny töleg gurbany arkaly sylaga eýe bolandygyny bilýärler (Rim. 3:24). w19.09 sah. 28, abz. 10; sah. 29, abz. 12, 13

15-nji iýul, penşenbe

Ýehowanyň berýän şatlygy güýjüňize güýç goşar (Neh. 8:10).

Size täze borç berlen bolsa, oňa ukybyňyzy ösdürmäge mümkinçilik hökmünde garaň. Üýtgeşmeler siziň ýalňyşlyk goýberendigiňizi ýa-da bir ädim yza ädendigiňizi aňlatmaýar. Ýehowanyň sizi häzirem goldaýandygyny duýjak boluň we yhlasly wagyz ediň. I asyrdaky wepaly mesihçileriň göreldesine eýeriň. Olar nirä gitseler-de, «hoş habary wagyz edýärdiler» (Res. 8:1, 4). Sizem yhlasly wagyz etseňiz, köp bereketleri alarsyňyz. Meselem, pionerleri gulluk edýän ýurdundan kowanlarynda başga ýurda göçdüler. Şol ýerde olaryň dilinde gepleýän köp adamlar hoş habary eşitmändi. Netijede, birnäçe aýyň içinde günsaýyn ösýän täze topar döredi. Biz Ýehowa bilen dostlugymyzdan şatlyk tapmaly. Ýehowa has-da ýakynlaşyň, ondan akyldarlyk, görkezme we kömek soraň. Siz adamlara ýürekden kömek etmek isländigiňiz üçin öňki borjuňyzy gowy görüpdiňiz. Eger täze borjuňyzy ýürekden ýerine ýetirmäge jan etseňiz, Ýehowa size edýän işiňizi gowy görmäge kömek eder (Nes. 7:10). w19.08 sah. 24, 25, abz. 15, 16

16-njy iýul, anna

Gökdäki Atamyza gulak asyp, has-da köp hormat goýmaly dälmi näme? (Ýew. 12:9).

Bizi Ýehowa Hudaý ýaratdy, şol sebäpli oňa tabyn bolmaly. Hudaý öz ýaradanlary üçin kanun çykaryp, näme etmeli we näme etmeli däldigini aýtmaga haklydyr (Ylh. 4:11). Ýöne Hudaýa tabyn bolmagyň başga bir sebäbi bar: Ol iň gowy Hökümdar. Adamzat taryhynyň dowamynda ençeme hökümdarlar bolupdy. Ýöne olaryň hiç biri Hökümdarymyz Ýehowa taý gelip bilmez, sebäbi ol akyldar, söýgüden doly, rehimdar we giň göwünli Hudaý (2 Mus. 34:6; Rim. 16:27; 1 Ýah. 4:8). Ýehowa tabyn bolmak üçin näme etmeli? Biz öz düşünjämize daýanman, Hudaýa ýürekden gulak asmaly (Nak. 3:5). Eger Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini bilsek, tabyn bolmak aňsat bolar. Hudaýyň edýän işlerinden ajaýyp häsiýetlerini görse bolýar (Zeb. 145:9). Biz Ýehowany näçe gowy tanasak, şonça-da ony söýeris. Eger ony söýsek, näme etmeli we näme etmeli däldigi barada birtopar düzgünler gerek bolmaz. w19.09 sah. 14, abz. 1, 3

17-nji iýul, şenbe

Meniň boýuntyrygym ýumşak, ýüküm ýeňildir (Mat. 11:30).

Şeýtan adamlaryň egnine agyr ýük goýup, olary ezýär. Ol Ýehowanyň günämizi bagyşlamaýandygyna we bizi söýmeýändigine ynandyrjak bolýar. Gör, nähili elhenç ýalan we agyr ýük! Aslynda, Isanyň çakylygyny kabul etsek, günämiz bagyşlanýar (Mat. 11:28). Ýehowa hem her birimizi ýürekden söýýär (Rim. 8:32, 38, 39). Isanyň bize götermegi tabşyran ýüki başga ýüklerden tapawutlanýar. Meselem, adamlar uzakly gün işläp, öýüne ýadap gelýärler, özlerini bagtsyz duýýarlar. Emma biz Ýehowa we Isa gulluk edip, özümizi bagtly saýýarys. Belki, biz ýygnaga barmak üçin özümize zor salmaly bolýandyrys. Ýöne ýygnakdan gaýdanymyzda köplenç ruhlanyp, güýç-kuwwat alýarys. Adamlara wagyz edenimizde we Mukaddes Kitaby okanymyzda hem güýjümiz artýar. Elbetde, munuň üçin köp tagalla etmeli bolýarys, ýöne ençeme bereketleri hem alýarys. w19.09 sah. 20, abz. 1; sah. 23, 24, abz. 15, 16

18-nji iýul, ýekşenbe

Ýehowanyň güni ogrynyň gije gelşi ýaly geler (1 Sel. 5:2).

«Ýehowanyň gününiň» başlamagyna az wagt galdy. Ol biziň yhlasly wagyz etmegimizi isleýär. Şol sebäpli özümizden: «Halypamyzyň işinde hemişe köp zähmet çekýärinmi?» diýip soramaly (1 Kor. 15:58). Isa soňky günlerde boljak wakalar hakda pygamberlik edende: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler» hem diýdi (Mar. 13:4, 8, 10; Mat. 24:14). Oýlanyp görüň, siz her gezek wagyz edeniňizde Mukaddes Kitapdaky pygamberligiň ýerine ýetmegine goşant goşýarsyňyz. Wagyz işi güýçli depginde alnyp barylýar. Her ýyl ençeme adam Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary eşidýär. Soňky günler başlany bäri bütin dünýäde wagyzçylaryň sany gitdigiçe köpelýär. 1914-nji ýylda 43 ýurtda 5 155 wagyzçy bardy. Şu günler bolsa 240 ýurtda 8,5 million wagyzçy bar. Ýöne wagyz işimiz entek tamamlanmady. Biz adamlaryň kynçylygyny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjekdigini gürrüň bermeli (Zeb. 145:11—13). w19.10 sah. 8, abz. 3; sah. 9, 10, abz. 7, 8

19-njy iýul, duşenbe

Siz her ýagdaýda jomart bolar ýaly, Hudaý berekedini bolluk bilen berýär. Siziň yhlasyňyz adamlary Hudaýa minnetdar bolmaga höweslendirýär (2 Kor. 9:11).

Ýehowa Barzylla arkaly Dawut patyşa kömek etdi. Dawut esgerleri bilen ogly Abselimden gaçyp ýördi. Olar «aç-suwsuz ysgyndan gaçypdy». Barzyllanyň ýaşy birçene ýetenem bolsa, janyny howp astyna salyp, beýlekiler bilen birlikde Dawuda we esgerlerine kömek etdi. Barzylla garrandygy üçin Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bilmerin diýip pikir etmedi. Gaýtam ol jomartlyk bilen Hudaýyň gullaryna iýer-içer ýaly zat berdi (2 Şam. 17:27—29). Biz mundan näme öwrenýäris? Ýaşymyz näçe bolsa-da, Ýehowa bizi ulanyp öz ýurdumyzdaky ýa-da daşary ýurtdaky dogan-uýalara gerekli kömegi berýär (Nak. 3:27, 28; 19:17). Biz dogan-uýalaryň her birine aýratynlykda kömek edip bilmesek-de, bütindünýä wagyz işi üçin sadaka berip bileris. Guramamyz berilýän sadakalary kömege mätäç dogan-uýalar üçin ulanýar (2 Kor. 8:14, 15). w19.10 sah. 21, abz. 6

20-nji iýul, sişenbe

Dostlar bardyr, bir-birini iýmäge taýyndyr, dostlar bardyr, dogandan hem ýakyndyr (Nak. 18:24).

Belki-de, kimdir biriniň göwnümize degendigi üçin ýüregimizi dökmek aňsat däldir (Nak. 18:19). Ýa-da ýakyndan dostlaşmak üçin wagtymyz hem güýjümiz ýok diýýändiris. Ýöne biz bahana etmeli däl. Synaga düşenimizde goldaw berilmegini isleýän bolsak, dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşmaly. Munuň üçin olara ýüregimizi dökmegi öwrenmeli (1 Pet. 1:22). Isa dostlaryna ynanýardy, olardan hiç zady gizlemeýärdi (Ýah. 15:15). Bizem dostlarymyz bilen şatlygymyzy, gaýgy-aladamyzy paýlaşsak, Isanyň göreldesine eýereris. Sizem dostuňyzy ünsli diňleseňiz, onuň bilen pikiriňiziň, duýgyňyzyň we maksadyňyzyň meňzeşdigine göz ýetirersiňiz. Mähirli we ýürekden gürrüňdeş bolmak üçin jan etseňiz, dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşyp bilersiňiz (Nak. 27:9). w19.11 sah. 4, abz. 8, 9

21-nji iýul, çarşenbe

Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar (Hyz. 2:4).

Belki, biz uly betbagtçylyk başlanda, başga habary aýdarys. Şu günler biz Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýäris we şägirt taýýarlamaga jan edýäris. Ýöne uly betbagtçylyk döwri hoş habary däl-de, ajy habary yglan ederis. Mukaddes Kitapda şol habar buza meňzedilýär (Ylh. 16:21). Belki, Şeýtanyň dünýäsiniň ýok boljakdygyny yglan ederis. Şonda häzirki ýaly wagyz ederismi ýa-da başga usullar bilen? Biz muny wagty gelende bileris. Nähili bolaýanda-da, şeýle hormatly işi ýerine ýetirmek üçin batyrgaýlyk gerek bolar (Hyz. 2:3—5). Ähtimal, aýdýan habarymyz zerarly bütin halklar bize hüjüm edip, ýok etjek bolar. Şonda biz häzirki ýaly, Ýehowanyň berýän güýjüne bil baglamaly bolarys. Biz Ýehowanyň güýjümize güýç goşjakdygyna doly ynamly bolup bileris (Mik. 3:8). w19.10 sah. 16, abz. 8, 9

22-nji iýul, penşenbe

Käbirleri... imanyny gowşatdylar (1 Tim. 6:10).

Şu sözler ähmiýetsiz zatlaryň yzynda hars ursak, «imanymyzyň gowşajakdygyny» görkezýär. Netijede, biz «akylsyz we erbet höwesleriň toruna düşeris» (1 Tim. 6:9). Biz ýüregimizde erbet höwesleriň döremegine ýol bermeli däl we şeýle höwesleriň Şeýtanyň ulanýan ýaraglarydygyna düşünmeli. Aýdaly, biziň köp zatlary satyn almaga pulumyz bar. Gowy görýän, ýöne zerur bolmadyk zatlary satyn almak nädogrumy? Ýok. Ýöne şu soraglar hakda oýlanyň: biziň satyn almaga ýagdaýymyz bolsa-da, ony ulanmaga we abat saklamaga ýeterlik wagtymyz we güýjümiz barmy? Satyn alan zadymyzy çendenaşa gowy görýärismi? Biz Isanyň Hudaýa köpräk gulluk etmek çakylygyny kabul etmedik ýaş ýigidiň ýalňyşyny gaýtalarysmy? (Mar. 10:17—22). Ýehowanyň islegini berjaý etmek üçin güýjümizi we wagtymyzy sarp etmekden, sada ýaşamakdan gowy zat ýokdur. w19.11 sah. 17, 18, abz. 15, 16

23-nji iýul, anna

Işeňňiriň maksady amala aşýar (Nak. 21:5).

Hudaý size kararyňyzy ýerine ýetirmäge «güýç» berer (Flp. 2:13). Şol sebäpli Ýehowadan güýç sorap, mukaddes ruhuny diläň. Dogaňyz jogapsyz galýan ýaly bolsa-da, dileg etmegiňizi goýmaň. Isa: «Diläň, size (mukaddes ruh) berler» diýdi (Luka 11:9, 13). Şeýle-de etjek işleriňiziň meýilnamasyny düzüň. Bir işe başlanmanka, ilki meýilnama düzülýär. Soňra meýilnama görä hereket edilýär. Şonuň ýaly gelen kararyňyzy ýerine ýetirmek üçin nähili ädimleri ätmelidigini anyklaň we bellik ediň. Uly işleri kiçi işlere bölseňiz, goýan maksadyňyza aňsatlyk bilen ýetip, üstünlik gazanyp bilersiňiz. Pawlus resul hem Korinfdäki mesihçilere özi barýança garaşyp oturmagyň deregine, «her hepdäniň birinji güni» pul süýşürmegi maslahat beripdi (1 Kor. 16:2). Uly işleri kiçi işlere bölseňiz, özüňizi hiç zat «başarmaýan» adam ýaly duýmarsyňyz. w19.11 sah. 29, abz. 13, 14

24-nji iýul, şenbe

Adyňy bilýänler saňa bil baglar, eý Ýehowa, özüňi agtarýanlary terk etmersiň (Zeb. 9:10).

Ýehowany tanamak üçin adyny we aýdan ýa eden işleri hakda käbir zatlary bilmek ýeterlik däl. Biz Ýehowa we onuň ajaýyp häsiýetleri barada öwrenmäge wagt sarp etmeli. Şonda onuň käbir ýagdaýlarda näme üçin şeýle hereket edendigine we diýendigine düşünip bilýäris. Bu bize pikirlerimiziň, gelýän kararlarymyzyň we edýän işlerimiziň Ýehowa ýaraýandygyny ýa ýaramaýandygyny bilmäge kömek eder. Ýehowanyň bizden nämä garaşýandygyna düşünenimizde bolsa, oňa ýaraýan zatlary etmäge jan etmeli. Ýehowa gulluk etmek isleýändigimiz üçin, käbir adamlar üstümizden gülmekleri, hatda onuň halkyna goşulýandygymyzy görüp, bize garşy çykmaklary hem mümkin. Emma Ýehowa bil baglasak, ol bizi hiç haçan taşlamaz. Häzirden Ýehowany gowy tanamak üçin tagalla etsek, onuň bilen dostlugymyz ebedi dowam eder. Biz Ýehowany has gowy tanap bilerismi? Elbetde! w19.12 sah. 16, 17, abz. 3, 4

25-nji iýul, ýekşenbe

Çagalar Ýehowanyň beren mirasydyr (Zeb. 127:3, çykgyt).

Käte ene-atalara çagalaryny terbiýelemek kyn bolup biler. Emma çagalaryň Ýehowadan sowgatdygyny unutmaň. Ol size hemişe kömek etmäge taýyn. Ýehowa ene-atalaryň edýän dileglerini ünsli diňleýär we Sözi, edebiýatlarymyz hem-de ýygnakdaky ruhy taýdan ösen beýleki ene-atalaryň üsti bilen dogalaryna jogap berýär. Käbir adamlar çagalary ulaltmak üçin azyndan 20 ýyl gerek bolýar diýýärler. Ýöne çagalar näçe ýaşasa-da, ene-atasynyň gözünde barybir çaga ýaly bolýar. Ene-atalaryň gyzgyn söýgüsi, wagty we Mukaddes Kitaba esaslanyp beren terbiýesi çagalaryna berip biljek iň gowy zatlarynyň biridir. Elbetde, berilýän terbiýä her çaga her hili seslenýär. Emma Ýehowany söýýän ene-atanyň elinde ulalan çagalaryň köpüsi özlerini Aziýada ýaşaýan Joanna Maýe uýa ýaly duýýarlar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ene-atamyň Ýehowany ýürekden söýmegi öwredendigine minnetdarlygymyň çägi bolmaýar. Olar meni ýöne bir dünýä indermän, manyly durmuşy sowgat berdiler» (Nak. 23:24, 25). Millionlarça dogan-uýalar hem Maýe uýanyň aýdan sözlerine goşulýarlar. w19.12 sah. 27, abz. 21, 22

26-njy iýul, duşenbe

Hudaýyň göwünlik berişi ýaly, dürli kynçylyklara duçar bolanlara göwünlik berip bilýäris (2 Kor. 1:4).

Ýygnagymyzdaky kömege mätäç imandaşlarymyzy goldamak üçin kän zat gerek däl. Biz başgalara ilkinji bolup ýardam etmäge çekinmeli däl. Belki-de, biz başyna kyn gün düşen dogan-uýalarymyza näme diýsem ýa-da näme etsem gowy bolarka diýip alada edýändiris. Emma biz dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny etsek, olara göwünlik bereris. Şu zalym dünýäniň soňy ýetip gelýändigi üçin ýagdaý gitdigiçe erbetleşip, durmuş öňküsindenem beter kynlaşýar (2 Tim. 3:13). Miras alan bikämilligimiz we öz ýalňyşlyklarymyz sebäpli hem köp kynçylyklara uçraýarys. Şonuň üçin biz göwünlik berilmegine mätäç bolýarys. Pawlus resul imandaşlarynyň teselli bermegi bilen ömrüniň ahyryna çenli Hudaýa wepaly galyp bildi. Geliň, bizem dogan-uýalara imanda berk durmaga kömek edeliň (1 Sel. 3:2, 3). w20.01 sah. 12, 13, abz. 17—19

27-nji iýul, sişenbe

Özüne resul diýýänleri... synaýarsyň (Ylh. 2:2).

Saýlanan mesihçiler özüne aýratyn hormat goýmaklaryna garaşmaýarlar (Flp. 2:2, 3). Ýehowa olary saýlanda, muny başgalara aýan etmeýändigine düşünýärler. Şol sebäpli saýlanan mesihçi kimdir biri onuň saýlanandygyna ynanmasa, geň galmaýar. Sebäbi Mukaddes Kitapda Hudaýdan üýtgeşik sylag alandygyny aýdýan adama derrew ynanmaly däldigi aýdylýar. Saýlanan mesihçiler özlerine köp üns berilmegini islemeýär. Olar özüniň saýlanandygyny hemmelere aýdyp, öwnüp ýörmeýär (1 Kor. 4:7, 8). Saýlananlar diňe göge gitmäge umydy bar mesihçileri tapyp, şol hakda gürrüň etmek üçin aýratyn duşuşyk geçirmeýär (Gal. 1:15—17). Eger saýlananlar şeýdip aýratyn topar döredip ýörseler, ýygnakda agzybirlik bolmazdy. Bu olaryň Hudaýyň halkyna agzybirlik hem parahatlyk berýän mukaddes ruhuna garşy günä etdigi bolardy (Rim. 16:17, 18). w20.01 sah. 28, abz. 6, 7

28-nji iýul, çarşenbe

Şu zatlar ýerine ýetip başlanda, dikeliň, başyňyzy galdyryň, sebäbi gutulyşyňyz golaýlandyr (Luka 21:28).

Şol döwür adamlar öz dininiň ýok edilendigini, Ýehowanyň Şaýatlarynyň bolsa Hudaýa sežde edýändigini görüp, gahar-gazaba müner. Belki, olar närazylygyny bildirip, teleýaýlymda çykyş eder. Syýasy ýolbaşçylar we olaryň hökümdary Şeýtan diňe biziň dinimiziň ýok edilmändigini görüp gaharlanar. Olar ýer ýüzündäki dinleri ýok etmek bilen, öz maksadyna ýetmändigine düşüner. Şonuň üçin olaryň bar ünsi bizde bolar. Milletler i aňladýan Mäjit ýurdundaky Äjit Ýehowanyň halkyna hüjüm eder (Hyz. 38:2, 14—16). Uly betbagtçylykda boljak wakalary anyk bilmeýändigimiz üçin aladalanmagymyz mümkin. Ýöne biz bir zady anyk bilýäris: uly betbagtçylyk döwri gorkmaly däl. Ýehowa bize halas bolmagymyz üçin gerekli görkezmeleri berer (Zeb. 34:19). w19.10 sah. 16, abz. 10, 11

29-njy iýul, penşenbe

Eý Ýehowa Hudaýym! Gudratly işleriň köpdür, bize eden ajaýyp işleriň, niýetleriň sanardan köpdür (Zeb. 40:5).

Biz ýöne bir minnetdar bolmak bilen çäklenmeli däl. Edýän işlerimiz we aýdýan sözlerimiz bilen Ýehowa minnetdarlygymyzy görkezmeli. Munuň üçin dünýädäki adamlardan tapawutlanmaly. Dünýäniň adamlary Hudaýyň olar üçin eden zatlaryna minnetdar bolmaýar. Adamlaryň gadyrbilmez bolmagy «soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy görkezýär (2 Tim. 3:1, 2). Biz şeýle adamlar ýaly bolmak islemeýäris. Ýehowa çagalarynyň agzybir bolmagyny isleýär. Bir-birimize bolan söýgimiz Isanyň şägirtleridigimizi subut edýär (Ýah. 13:35). Mezmurçy hem şeýle ýazdy: «Agzybir ýaşaýan doganlary görmek, nähili gowy, nähili ýakymly!» (Zeb. 133:1). Dogan-uýalarymyzy söýenimizde, Ýehowany söýýändigimizi subut edýäris (1 Ýah. 4:20). Bir-birine «mähirli bolýan we rehim-şepagat edýän» dogan-uýalardan ybarat maşgalanyň agzasy bolmak nähili ajaýyp! (Efes. 4:32). w20.02 sah. 9, abz. 6, 7

30-njy iýul, anna

Ýehowa Hanna nazar saldy (1 Şam. 2:21).

Elbetde, Hannanyň gaýgy-aladasy şol bada gutarmady. Ol gündeşi Peninna bilen bir öýde ýaşady. Mukaddes Kitapda hem Peninnanyň özüni alyp barşynyň üýtgändigi hakda hiç zat aýdylmaýar. Hanna Peninnanyň awuly sözlerine çydap ýaşan bolmaly. Emma ol kalbynda rahatlygy saklap bildi. Derdini Ýehowa aýdansoň, ol gamgyn bolup ýörmedi. Ol Ýehowanyň göwünligini we kömegini kabul etdi. Biraz wagtdan Hudaý Hannany bereketledi; onuň ogly boldy! (1 Şam. 1:2, 6, 7, 17—20). Bizem kynçylyklara dogry garaýyşda bolalyň. Hatda erjellik bilen doga etsek-de, ýygnaklara yzygider gatnaşsak-da, käbir kynçylyklarymyzyň aýrylmazlygy mümkin. Emma Hanna bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, biziň ýaraly ýüregimize teselli bermekden Ýehowany hiç zat saklap bilmeýär. Ýehowa bizi hiç haçan terk etmez; ol biziň wepalylygymyzy hökman sylaglar (Ýew. 11:6). w20.02 sah. 22, abz. 9, 10

31-nji iýul, şenbe

Akylly adama öwüt-ündew ber, has-da akylly bolar (Nak. 9:9).

Ýaşulular Mukaddes Kitap arkaly maslahat bermäge çekinmeýärler. Sebäbi şeýle maslahatlar dogan-uýalara paýhasly bolmaga kömek edýär. Näme üçin zerur wagty batyrgaý geplemeli? Geliň, baş ruhany Alynyň mysalyna seredeliň. Onuň eý görýän iki ogly bardy, olar Ýehowany äsgermeýärdiler. Olar hormatly borjy ýerine ýetirýärdiler, ýagny çadyrda ruhany bolup gulluk edýärdiler. Ýöne olar ygtyýaryny öz bähbitleri üçin ulanyp, Ýehowa berilýän gurbanlyklary hiç zatça-da görmediler, göz-görtele ahlaksyzlyk etdiler (1 Şam. 2:12—17, 22). Musanyň kanunyna görä, Alynyň iki ogluna ölüm jezasy berilmelidi. Emma Aly ogullaryna geçirimlilik edip, ýöne bir käýedi-de, çadyrda gulluk etmeklerine rugsat berdi (5 Mus. 21:18—21). Ýehowa Aly ruhanynyň eden işine nähili garady? Ol: «Ogullaryňy näme üçin menden has gowy görýäň?» diýdi. Ýehowa Alynyň zalym ogullaryna ölüm jezasyny bermegi ýüregine düwdi (1 Şam. 2:29, 34). w20.03 sah. 18, 19, abz. 4, 5

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş