Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es21 sah. 77—87
  • Awgust

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Awgust
  • Her günki aýady okalyň — 2021
  • Sözbaşylar
  • 1-nji awgust, ýekşenbe
  • 2-nji awgust, duşenbe
  • 3-nji awgust, sişenbe
  • 4-nji awgust, çarşenbe
  • 5-nji awgust, penşenbe
  • 6-njy awgust, anna
  • 7-nji awgust, şenbe
  • 8-nji awgust, ýekşenbe
  • 9-njy awgust, duşenbe
  • 10-njy awgust, sişenbe
  • 11-nji awgust, çarşenbe
  • 12-nji awgust, penşenbe
  • 13-nji awgust, anna
  • 14-nji awgust, şenbe
  • 15-nji awgust, ýekşenbe
  • 16-njy awgust, duşenbe
  • 17-nji awgust, sişenbe
  • 18-nji awgust, çarşenbe
  • 19-njy awgust, penşenbe
  • 20-nji awgust, anna
  • 21-nji awgust, şenbe
  • 22-nji awgust, ýekşenbe
  • 23-nji awgust, duşenbe
  • 24-nji awgust, sişenbe
  • 25-nji awgust, çarşenbe
  • 26-njy awgust, penşenbe
  • 27-nji awgust, anna
  • 28-nji awgust, şenbe
  • 29-njy awgust, ýekşenbe
  • 30-njy awgust, duşenbe
  • 31-nji awgust, sişenbe
Her günki aýady okalyň — 2021
es21 sah. 77—87

Awgust

1-nji awgust, ýekşenbe

Meni Iberen meniň bilendir. Ol meni ýeke goýmaýar (Ýah. 8:29).

Isa yzarlamalara uçranda hem kalbynda rahatlygy saklaýardy. Sebäbi ol şeýle etmek bilen Atasynyň ýüregini şatlandyrýandygyna düşünýärdi. Isa hatda kyn ýagdaýlarda-da Oňa gulak asýardy. Ol Atasyny ýürekden söýýärdi we oňa gulluk etmegi durmuşynda iň wajyp zatlaryň biri hasaplaýardy. Ýer ýüzüne gelmezinden öň, Isa Hudaýyň ýanynda «ökde ussa kimin» zähmet çekýärdi (Nak. 8:30). Ýer ýüzünde ýaşanda bolsa, Atasy barada adamlara yhlas bilen öwredýärdi (Mat. 6:9; Ýah. 5:17). Bu iş Isa köp şatlyk berýärdi (Ýah. 4:34—36). Biz Ýehowa gulak asyp we «Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekip», Isanyň göreldesine eýerýäris (1 Kor. 15:58). Hoş habary yhlasly wagyz edenimizde, kynçylyklarymyza döz gelmek has-da aňsat bolýar (Res. 18:5). Meselem, biz wagyzda köplenç biziňkiden has agyr kynçylyklary başdan geçirýän adamlara duş gelýäris. Emma olar Ýehowany tanap, onuň berýän maslahatlaryna eýerende, durmuşy gowulanýar we özlerini has bagtly duýýarlar. Her gezek şeýle zatlary görenimizde, Ýehowanyň aladamyzy edýändigine bolan ynamymyz hasam berkeýär. w19.04 sah. 10, 11, abz. 8, 9

2-nji awgust, duşenbe

Jadygöýlik edýän adamlaryň köpüsi kitaplaryny üýşürip, hemmeleriň öňünde ýakdylar (Res. 19:19).

I asyrdaky mesihçiler zalym ruhlara garşy durmagyň wajypdygyna düşünýärdiler. Olaryň jadygöýlik bilen bagly kitaplary gaty köp pula durýardy. Emma şol kitaplary satmagyň ýa-da başgalara bermegiň deregine, olary ýok etdiler. Kitaplaryň bahasy näçe gymmat bolsa-da, olar Ýehowany razy etmek isleýändigi üçin olardan geçdiler. Biz olardan nädip görelde alyp bileris? Jadygöýlik bilen bagly zatlaryň ählisini ýok etsek, paýhasly bolar. Muňa alaja, gözmonjuk, doga-tumar we zalym ruhlardan goranmak üçin dakynylýan ýa-da öýüňde saklanylýan zatlar degişli (1 Kor. 10:21). Dynç almak üçin saýlaýan zatlaryňyza ünsli boluň. Özümize şu soragy berip bileris: Dynç almak üçin saýlaýan zatlarymda jadygöýlik bilen bagly zatlar barmy? Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryndan gaça durmagy berk ýüregiňize düwüň. Biz «Hudaýyň... öňünde päk ynsaply bolmak» üçin elimizde baryny edesimiz gelýär (Res. 24:16). w19.04 sah. 22, 23, abz. 10—12

3-nji awgust, sişenbe

Ýygnak ýaşulularyny çagyrsyn (Ýak. 5:14).

Ýygnak ýaşululary günäkäriň etmişi bilen bagly zatlary ünsli öwrenmeli bolýarlar. Şeýle ýagdaýda olar, esasan, Hudaýyň adynyň aklanmagyna üns bermeli (3 Mus. 22:31, 32; Mat. 6:9). Şeýle-de ýaşulular dogan-uýalaryň ruhy saglygynyň aladasyny edýärler we zorlugyň pidasy bolanlara kömek etmek isleýärler. Mundan başga-da günä eden adam ýygnagyň agzasy bolsa, ýaşulular, mümkin boldugyndan, oňa Ýehowa bilen gatnaşygyny dikeltmäge kömek edýärler (Ýak. 5:14, 15). Erbet höweslerini kanagatlandyrmak üçin agyr günä eden mesihçi ruhy taýdan syrkawlap, Ýehowa bilen dostlugyna zyýan ýetirýär. Ýygnak ýaşulularyny lukmana meňzetse bolýar. Olar «syrkawy (günä eden adamy) sagaltmak» üçin elinde baryny edýärler. Ýaşulularyň Mukaddes Kitap esasynda berýän maslahaty günäkäre Hudaý bilen dostlugyny dikeltmäge kömek edýär. Ýöne munuň üçin günä eden adam ýürekden toba etmeli (Res. 3:19; 2 Kor. 2:5—10). w19.05 sah. 10, abz. 10, 11

4-nji awgust, çarşenbe

Hudaý... ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer (Flp. 2:13).

Ýehowa niýetini ýerine ýetirer ýaly ýüregimizde isleg döredýär. Aýdaly, biz dogana ýa-da uýa kömek gerekdigini görýäris. Şonda özümize şeýle sorag berip bileris: «Men nädip kömek edip bilerin?» Ýa-da bize kyn ýumuş tabşyrylanda: «Muny başararmykam?» diýip oýlanýandyrys. Belki-de, Mukaddes Kitaby okanymyzda: «Şu aýat arkaly başgalara nädip kömek edip bilerin?» diýýändiris. Ýehowa biziň kömek etmek barada oýlanýandygymyzy görende, niýetini ýerine ýetirer ýaly ýüregimizde isleg döredýär. Ýehowa niýetini ýerine ýetirer ýaly bize güýç berýär (Işa. 40:29). Ol mukaddes ruh arkaly ukyplarymyzy ösdürmäge kömek edýär (2 Mus. 35:30—35). Şeýle-de guramasy arkaly aýratyn ýumuşlary ýerine ýetirmegi öwredýär. Eger siz tabşyrylan işi nädip etmelidigini bilmeseňiz, kömek soramaga çekinmäň. Şeýle-de jomart Atamyzdan güýç sorap, doga ediň (2 Kor. 4:7; Luka 11:13). w19.10 sah. 21, abz. 3, 4

5-nji awgust, penşenbe

Adamlar özüni bilýän... bolar (2 Tim. 3:2).

Dünýädäki adamlaryň özüni bilýär. Bir kitapda şeýle diýilýär: «1970-nji ýyllarda nädip ýaşamalydygyny öwredýän kitaplar has-da köpeldi. Käbir kitaplar okyjylary özlerini gowy tanap, baha bermäge höweslendirýärdi». Mysal üçin, şol kitaplaryň birinde şeýle sözler bar: «Goý, dünýäde senden owadan, meşhur we köp söýülýän adam bolmasyn». Şeýle-de şol kitapda «adamyň ynsabyna we medeniýetine görä, özüne baha berýändigi» aýdylýar. Siz hem öň şeýle zatlary eşidip görüpdiňizmi? Şeýtan How enäni hut şeýle etmäge höweslendiripdi. Ol How enä «ýagşy-ýamany saýgaryp, Hudaý ýaly boljakdygyny» aýtdy (1 Mus. 3:5). Şu günler köp adamlar özlerine ýokary baha berip, nämäniň ýagşy ýa ýamandygyny özleri çözýärler. Olar hatda Hudaýy hem äsgermeýärler. Muny, esasanam, adamlaryň nika bolan garaýşyndan aýdyň görse bolýar. w19.05 sah. 23, abz. 10, 11

6-njy awgust, anna

Gaýgy-aladadan ýaňa bilim bükülýär, uzakly gün ýüregim hasrat çekýär (Zeb. 38:6).

Dawut patyşa hasratly günleri başdan geçiripdi. Onuň nähili kynçylyklara uçrandygyny ýadymyza salalyň. Eden günäleri sebäpli Dawudyň ynsaby ezýet berýärdi (Zeb. 40:12). Eý görýän ogly Abselim oňa garşy pitne turuzdy, soňra aradan çykdy (2 Şam. 15:13, 14; 18:33). Şeýle-de ýakyn dosty oňa haýynlyk etdi (2 Şam. 16:23—17:2; Zeb. 55:12—14). Dawut ýazan mezmurlarynyň köpüsinde gaýgy-hasratyny we Ýehowa doly bil baglandygyny beýan edýär (Zeb. 38:5—10; 94:17—19). Bir mezmurçy (ol lewi taýpasyndan bolan Asafyň neslinden bolmaly) hem erbet adamlaryň ýaşaýşyna höwes edip başlaýar. Ol mukaddes çadyrda gulluk edýärdi. Emma erbet pikirler sebäpli ol şatlygyny ýitirýär we ýaşaýşyndan nägile bolup başlaýar. Ol hatda Hudaýa gulluk edip alýan bereketlerini hem ünsden düşürýär (Zeb. 73:2—5, 7, 12—14, 16, 17, 21). w19.06 sah. 17, abz. 12, 13

7-nji awgust, şenbe

Şeýtanyň... her dürli ýollar bilen duzaga salýandygyny bilýäris (2 Kor. 2:11).

Şeýtan adamlaryň adaty islegini ulanýar. Elbetde, özüňi hem-de maşgalaňy gerek zatlar bilen üpjün etmek üçin bilim almak we hünär öwrenmek nädogry däl (1 Tim. 5:8). Köplenç biz mekdepde gowy okap, şol zatlary öwrenýäris. Ýöne seresap bolmaly. Köp ýurtlarda okuwçylar mekdepde diňe bir zehinini artdyrman, şu dünýäniň akyldarlygyny hem öwrenýärler. Mysal üçin, olara mekdepde ewolýusiýa taglymaty öwredilýär. Netijede, olar Hudaýyň bardygyna we Mukaddes Kitabyň ynama mynasypdygyna şübhelenýärler (Rim. 1:21—23). Emma bu Hudaýyň akyldarlygyna düýbünden garşy gelýär (1 Kor. 1:19—21; 3:18—20). «Boş zatlar, ýagny dünýäniň düşünjeleri» arkaly Şeýtanyň sizi aldamagyna hiç haçan ýol bermäň (Kol. 2:8). Onuň ulanýan hilelerine garşy durmagyňyzy dowam ediň (1 Kor. 3:18). Şeýtanyň Ýehowa bolan garaýşyňyzy ýoýmagyna hiç haçan ýol bermäň. Hudaýyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaň we Ýehowanyň berýän maslahatlaryny hiç haçan äsgermezçilik etmäň. w19.06 sah. 5, abz. 13; sah. 7, abz. 17

8-nji awgust, ýekşenbe

Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň (Mat. 28:20).

Nähili temany saýlasaňyz-da, wagyz etjek adamlaryňyz hakda oýlanyň. Mukaddes Kitapdan öwrenjek zatlarynyň olara nähili peýda berjekdigi hakda pikirleniň. Adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, olary ünsli diňläň we garaýşyna hormat goýuň. Şonda olaryň ýagdaýyna düşünmek aňsat bolar. Olar hem aýdýan zatlaryňyzy höwes bilen diňlär. Adam okuw geçmäge razylaşýança, käwagt köpräk wagt gerek bolýar we ony gaýta-gaýta idemeli bolýar. Näme üçin? Sebäbi adamlary köplenç öýünde tapmak kyn bolýar. Şeýle-de adam size öwrenişýänçä we okuw geçmäge razylaşýança, ony birnäçe gezek idemeli bolýar. Ösümligiň ösmegi üçin, ony wagtly-wagtynda suwaryp durmaly. Edil şonuň ýaly adamyň Ýehowa we Isa bolan söýgüsini ösdürmek üçin, onuň bilen Mukaddes Kitap esasynda yzygider gürrüňdeş bolmaly. w19.07 sah. 14, abz. 1; sah. 15, 16, abz. 7, 8

9-njy awgust, duşenbe

Ynsan ogluna iman edýändigiňiz üçin adamlar sizi ýigrenende, yzarlanda, sögende we töhmet atanda bagtlysyňyz (Luka 6:22).

Isa nämäni göz öňünde tutduka? Ol adamlar bizi ýigrenende, begenmeli diýjek bolmady. Isa bize nämäniň garaşýandygyny duýdurdy. Mesihçiler bu «dünýäden däl». Biz Isanyň öwreden taglymatlaryna eýerip ýaşaýarys we onuň göreldesine eýerip, hoş habary wagyz edýäris. Ine şonuň üçin dünýädäki adamlar bizi ýigrenýär (Ýah. 15:18—21). Biz Ýehowanyň ýüregini şatlandyryp ýaşamagy wajyp hasaplaýarys. Şol sebäpli gökdäki Atamyzy söýýändigimiz üçin adamlar bizi ýigrense, ruhdan düşmeýäris. Özümize adamlaryň hormat goýşuna görä baha bersek nädogry bolardy. Adamlaryň bizi haçan güýçli yzarlajakdygyny ýa-da häkimiýetleriň Ýehowa sežde etmegi haçan düýbünden gadagan etjekdigini bilmeýäris. Ýöne bir zada düşünýäris: Biz synaglara häzirden taýýarlanmaly. Munuň üçin Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmeli, batyrgaý bolmagy öwrenmeli we adamlar bizi ýigrense-de, şatlygymyzy ýitirmeli däl. Şeýtsek, synaglara taýyn bolarys. w19.07 sah. 6, abz. 17, 18; sah. 7, abz. 21

10-njy awgust, sişenbe

Hudaýa ýakynlaşýan adam onuň bardygyna... iman etmeli (Ýew. 11:6).

Hiç bir dine uýmaýan adamlar bilen okuw geçip başlanyňyzda, olara Hudaýa bolan imanyny berkitmäge kömek edip durmaly. Şeýle-de olara Mukaddes Kitapdaky hakykata ynamyny berkitmäge kömek etmeli. Şonuň üçin, mümkin, käbir temalary birnäçe gezek gaýtalap geçmeli bolar. Her temany öwreneniňizde, olara Mukaddes Kitabyň Hudaýyň Sözüdigini düşündiriň. Mukaddes Kitapdaky ýerine ýeten pygamberlikler, onuň ylmy taýdan dogrudygy, taryhy wakalar ýa-da peýdaly maslahatlar hakda pikir alşyň. Adam haýsy dine uýsa-da ýa hiç bir dine uýmasa-da, oňa söýgimizi bildirsek, Mesihiň şägirdi bolmaga kömek ederis (1 Kor. 13:1). Adam bilen okuw geçenimizde, oňa Hudaýyň bizi söýýändigini we biziň hem Ony söýmegimizi isleýändigini görkezmeli. Her ýyl öň hiç bir dine uýmadyk müňlerçe adamlar Hudaýa bolan söýgüsini ösdürip, suwa çümdürilýär. Şonuň üçin umydyňyzy üzmäň, her bir adama söýgiňizi bildiriň we ýürekden gürrüňdeş boluň. Adamy ünsli diňläň. Ýagdaýyna düşünjek boluň. Şeýdip, siz öz göreldäňiz bilen olara Mesihiň şägirdi bolmaga kömek edersiňiz. w19.07 sah. 24, abz. 16, 17

11-nji awgust, çarşenbe

Ýagşylyk etmegi we başgalar bilen zadyňyzy paýlaşmagy unutmaň, sebäbi Hudaý şeýle sadakalary halaýandyr (Ýew. 13:16).

Ýehowa Iýerusalimiň diwaryny dikeltmek üçin köp adamlary ulandy, olaryň arasynda Şalumyň gyzlary hem bardy (Neh. 2:20; 3:12). Kakasy han bolsa-da, olar agyr we howply işi höwes bilen ýerine ýetirdiler (Neh. 4:15—18). Şu günlerem uýalar ýörite gullugy berjaý edýärler. Olar Ýehowa bagyş edilýän binalaryň gurluşyk we abatlaýyş işlerine höwes bilen gatnaşýarlar. Ukyply, yhlasly we wepaly uýalaryň tagallasy bilen edýän işimizde köp üstünlik gazanyp bileris. Ýehowa Tawitany «köp ýagşylyk etmäge» we dul aýallary goldamaga höweslendirdi (Res. 9:36). Ol örän jomartdy we köp ýagşylyk edýärdi. Şonuň üçin Tawita aradan çykanda köpler ýas tutdy. Emma Petrus resul ony direldende, dogan-uýalaryň nähili begenendigini göz öňüne getiriň! (Res. 9:39—41). Biz Tawitadan näme öwrenip bileris? Biz ýaş, garry, erkek ýa-da aýal bolsak-da, dogan-uýalardan elimizden gelen ýagşylygy gaýgyrmaly däl. w19.10 sah. 23, abz. 11, 12

12-nji awgust, penşenbe

Hiç kimi büdretmez ýaly, iň wajyp zatlara düşünmegiňizi dileýärin (Flp. 1:10).

Dogan-uýalaryň büdremegine nädip sebäp bolup bileris? Aýdaly, bir adam Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar we ençeme ýyldan soň, spirtli içgini içmegini goýýar. Ol indi içgini agzyna almazlygy ýüregine düwýär, ruhy taýdan ösüp, suwa çümdürilýär. Birnäçe wagtdan soňra ony bir dogan oturylyşyga çagyrýar we spirtli içgini içmegi teklip edýär. Dogan ýagşy niýet bilen oňa şeýle diýýär: «Eger özüňe erk edip bilseň, çeniňi bilip içersiň». Ol teklibi kabul etse, soňunyň näme bilen gutarjakdygyny göz öňüne getiriň. Ýygnak duşuşyklary bize şu günki aýatdaky maslahata eýermäge kömek edýär. Ýygnakda Ýehowanyň wajyp hasaplaýan zatlaryna düşünip, päk bolmak üçin okan zatlarymyzy durmuşymyzda nädip ulanmalydygyny öwrenýäris. Dogan-uýalar bizi ruhlandyrdygy saýyn, Hudaýy we dogan-uýalary ýürekden söýeris, hiç kimi büdretmezlik üçin elimizde baryny ederis. w19.08 sah. 10, abz. 9, 13; sah. 11, abz. 14

13-nji awgust, anna

Men resullaryň iň kiçisi we resul adyny götermäge-de mynasyp däldirin. Sebäbi men Hudaýyň ýygnagyny yzarlapdym (1 Kor. 15:9).

Özüne göwni ýetýän we gönümel adamlara hem tekepbir diýip bolmaýar (Ýah. 1:46, 47). Ýöne biz utanjaň ýa-da gönümel bolsak-da, pesgöwünliligi ösdürmek üçin tagalla etmeli. Geliň, Pawlus resul hakda gürrüň edeliň. Ýehowa köp şäherlerde Pawlus arkaly ýygnaklary döretdi. Ol Isanyň resullaryndan köp wagyz edenem bolsa, tekepbirlik etmeýärdi. Pawlus resul Ýehowa bilen dostlugynyň öz gowy häsiýetlerine we eden işlerine däl-de, Hudaýyň bildiren ýagşylygyna baglydygyna düşünýärdi (1 Kor. 15:10). Korinfdäki mesihçileriň käbiri özlerini Pawlusdan ýokary tutýardy. Ýöne Pawlus öwünmegiň deregine, olara pesgöwünlilik bilen hat ýazdy. Nähili gowy görelde! (2 Kor. 10:10). w19.09 sah. 3, abz. 5, 6

14-nji awgust, şenbe

Gökdäki Atamyza gulak asyp, has-da köp hormat goýmaly dälmi näme? (Ýew. 12:9).

Ýehowa tabyn bolmak näme üçin hemişe aňsat däl? Munuň bir sebäbi: biz günäni we bikämilligi miras aldyk. Boýun egmezlik biziň ganymyza siňipdir. Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asman, gadagan edilen miweden iýende, ýagşy-ýamanyň nämedigini özleri çözmek islediler (1 Mus. 3:22). Şondan bäri köp adamlar Ýehowanyň kada-kanunlaryny äsgermezçilik edip, nämäniň dogrudygyny we nämäniň nädogrudygyny özleri çözmek isleýärler. Ýehowany tanaýan we söýýän adamlara-da tabyn bolmaklyk hemişe aňsat bolmaýar. Pawlus resul hem şeýle ýagdaýa duş gelipdi (Rim. 7:21—23). Bizem Pawlus ýaly Ýehowanyň dogry hasaplaýan işlerini etmek isleýäris. Emma erbet işleri etmezlik üçin hem öz-özümiz bilen göreşmeli. Ýehowa tabyn bolmaga päsgel berýän ýene bir zat: aňymyza siňen terbiýe. Şu günler köpleriň garaýşy Ýehowanyň islegine garşy gelýär, şonuň üçin olaryň täsirine düşmez ýaly köp tagalla etmeli. w19.09 sah. 15, abz. 4—6

15-nji awgust, ýekşenbe

Bar, ähli zadyňy sat-da, garyplara paýla... Soňra gel-de, şägirdim bol (Mar. 10:21).

Biz özümize dogry baha bermeli. Sebäbi her birimiziň güýjümiz çäkli. Şonuň üçin güýjümizi nämä sarp edýändigimiz barada oýlanmaly. Ýogsam baýlyk toplamak üçin köp güýç sarp etmegimiz mümkin. Bir ýigit Isanyň ýanyna gelip: «Ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip soraýar. Ol gowy adamdy, sebäbi Markus Isanyň şol ýigide «mähirli seredendigini» ýazýar. Isa ýigide: «Şägirdim bol» diýýär. Ol Isanyň şägirdi bolmak isleýärdi, ýöne mal-mülkünden geçip bilmeýär (Mar. 10:17—22). Ýigit Isanyň teklip eden boýuntyrygyny dakynman, «baýlygyň guly» bolup galdy (Mat. 6:24). Siz haýsyny saýlardyňyz? Biz nämäni birinji orunda goýýandygymyz hakda wagtal-wagtal oýlanmaly. Şonda biz güýjümizi nämä sarp edýändigimize göz ýetireris. w19.09 sah. 24, abz. 17, 18

16-njy awgust, duşenbe

Ilki bilen Patyşalyk baradaky hoş habar ähli milletlere wagyz ediler (Mar. 13:10).

Biz Ýehowa: «Boldy!» diýýänçä, wagyz ederis. Adamlaryň Ýehowa Hudaýy we Isa Mesihi tanamaga näçeräk wagty barka? (Ýah. 17:3). Biz muny bilmeýäris. Ýöne bir zady anyk bilýäris: uly betbagtçylyk başlanýança «ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlaryň» hoş habary kabul edip, Ýehowa sežde etmäge mümkinçiligi bar (Res. 13:48). Heniz wagt barka adamlara nädip kömek etmeli? Adamlara hakykaty öwreder ýaly, Ýehowa guramasy arkaly ähli gerekli zatlary berýär. Meselem, her hepde geçirilýän «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygynda tälim alýarys. Şol duşuşykda ilkinji gürrüňdeşlikde we gaýtadan idegde nädip wagyz etmelidigini, Mukaddes Kitap esasynda nädip okuw geçmelidigini öwrenýäris. Şonuň üçin gyzyklanan adam bilen gürrüňdeş bolanyňyzdan soň, oňa kitapça ýa-da žurnal berip bilersiňiz. Şonda indiki sapar görüşýänçäňiz, ony okap biler. Biz her aý yhlasly wagyz etmäge jogapkärdiris. w19.10 sah. 9, abz. 7; sah. 10, abz. 9, 10

17-nji awgust, sişenbe

Ýagşylyk etmegi we başgalar bilen zadyňyzy paýlaşmagy unutmaň, sebäbi Hudaý şeýle sadakalary halaýandyr (Ýew. 13:16).

Goja Şimgon Iýerusalimde ýaşaýardy. Ýehowa oňa ölmänkä Mesihi görjekdigini wada beripdi. Şimgon Mesihe köp wagtdan bäri garaşýardy. Şonuň üçin Ýehowanyň wadasyny eşidip, ol örän ruhlanan bolmaly. Ýehowa Şimgony berk imany we çydamlylygy üçin sylaglady. Bir gün ol «mukaddes ruhuň täsiri bilen ybadathana geldi» we bäbek Isany gördi. Ýehowa Şimgona şol çaganyň geljekki Mesihdigi barada pygamberlik etdirdi (Luka 2:25—35). Isa ýerdäki gullugyna başlamanka, Şimgon aradan çykan bolmaly, ýöne ol Ýehowanyň ynanan hormatyna örän minnetdardy. Gelejekde bolsa wepaly Şimgon Isanyň hökümdarlygynyň astynda ähli halklaryň bereket alandygyny görer (1 Mus. 22:18). Bizem Şimgon ýaly Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bilýändigimize örän begenýäris. w19.10 sah. 22, abz. 7; sah. 23, abz. 12

18-nji awgust, çarşenbe

Ähli zatdan öňürti ýüregiňi gora (Nak. 4:23).

Biz baý bolsak-da, garyp bolsak-da ýüregimizi goramaly. Munuň üçin puly söýmekden gaça durmaly. Işiňiziň Ýehowa edýän gullugyňyzdan öňe geçmegine ýol bermäň. Özüňizi barlamak üçin şu soraglaryň üstünde oýlanyň: «Ýygnak duşuşyklarynda ýa-da wagyzda köplenç işim hakda pikirlenýärinmi? Ýeterlik pulum bolarmyka diýip, ertirki günüň aladasyny edýärinmi? Ýanýoldaşym bilen aramda puluň üstünde dawa turýarmy? Men Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin başgalaryň pes hasaplaýan işinde işlemäge taýýarmy?» (1 Tim. 6:9—12). Şu soraglar hakda oýlananyňyzda, Ýehowanyň sizi söýýändigini we wepaly bendelerine şeýle wada berendigini unutmaň: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn». Şonuň üçin Pawlus resul: «Durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň» diýdi (Ýew. 13:5, 6). w19.10 sah. 29, abz. 10

19-njy awgust, penşenbe

Demir demri ýiteldýär, adam hem dostuna gowy täsir edýär (Nak. 27:17).

Dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşsek, olaryň ajaýyp häsiýetlerini göreris, köp zatlary öwreneris we ýakyndan dostlaşarys. Belki, siz dogan-uýalaryň imany hakda batyrgaýlyk bilen wagyz edişini görensiňiz ýa-da Ýehowa we onuň niýeti barada adamlara ýürekden gürrüň berşini eşidensiňiz. Şonda özüňizi nähili duýduňyz? Elbetde, olara bolan hormatyňyz has-da artandyr. 23 ýaşly Adelina jorasy Kandise wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine gitmegi teklip edýär. Adelina: «Biz yhlasly wagyz edip, şatlyk tapmak isleýärdik. Ýöne munuň üçin ruhy taýdan goldaw gerekdi» diýýär. Olar eginme-egin işleşip nähili peýda aldylar? Adelina gürrüňini şeýle dowam edýär: «Her gün agşam biz alýan şatlygymyzy, wagyzda bolan gyzykly gürrüňdeşligi we Ýehowanyň goldaw berşini biri-birimize gürrüň berip ruhlanýardyk. Edýän gürrüňlerimiz ikimiziňem göwnümizi galkyndyryp, biri-birimizi has-da gowy tanamaga kömek etdi». w19.11 sah. 5, abz. 10, 11

20-nji awgust, anna

Eliňize uly iman galkanyny... alyň (Efes. 6:16).

Gadymy döwürde söweşde galkanyny taşlap gaýdan esgerleri kemsidip, üstünden gülüpdirler. Rim taryhçysy Tasit şeýle ýazýar: «Söweşde galkanyňy taşlap gaýtmak uly masgaraçylyk hasaplanypdyr». Şonuň üçin esgerler söweşde galkanyny berk tutmaga jan edipdirler. Biz ýygnaklara yzygiderli baryp, adamlara Ýehowanyň ady we Patyşalygy barada gürrüň berip, iman galkanymyzy berk tutup bileris (Ýew. 10:23—25). Şeýle-de biz her gün doga edip, Hudaýyň Sözüni okamaly we maslahatlaryna eýerip ýaşamaly (2 Tim. 3:16, 17). Şonda Şeýtanyň hiç bir ýaragy düzedip bolmajak zyýan ýetirip bilmez (Işa. 54:17). «Uly iman galkanymyz» bizi gorar. Eger dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşsek, söweşde berk durarys, her gün ýeňiş gazanarys we imanymyzy berkideris. Iň esasy zat bolsa, Isa Şeýtanyň we jynlarynyň üstünden doly ýeňiş gazananda, biz onuň tarapynda bolarys (Ylh. 17:14; 20:10). w19.11 sah. 19, abz. 18, 19

21-nji awgust, şenbe

Men... howany ýumruklaýan ýaly, boş ýere urmaýaryn (1 Kor. 9:26).

Etjek işleriňizi ýazsaňyz, ýerine ýetirmek aňsat bolar (1 Kor. 14:40). Ýaşulular maslahatyna şeýle görkezme berlipdi: ýaşululardan biri diňe bir gelnen kararlary däl-de, ony kimiň we haçana çenli ýerine ýetirmelidigini hem ýazyp almaly. Şu görkezmä eýerýän ýaşululara gelnen karary ýerine ýetirmek aňsat bolar. Sizem gündelik durmuşda şu maslahata eýerip bilersiňiz. Meselem, her gün etmeli işleriňiziň meýilnamasyny düzüň we iň wajyplaryndan ýerine ýetirip başlaň. Şonda siz diňe bir başlan işiňizi tamamlaman, az wagtyň içinde köp işleri edip bilersiňiz. Ýöne meýilnama görä hereket edip, başlan işiňi tamamlamak üçin güýjüňi gaýgyrmaly däl (Rim. 12:11). Pawlus resul Timoteosa gowy mugallym bolmak üçin «hemişe» tagalla etmelidigini ýazdy. Pawlusyň maslahaty beýleki ruhy maksatlara-da ýetmäge kömek edýär (1 Tim. 4:13, 16). w19.11 sah. 29, 30, abz. 15, 16

22-nji awgust, ýekşenbe

Ýehowa Musa bilen iki adamyň gepleşişi ýaly, ýüzbe-ýüz gepleşerdi (2 Mus. 33:11).

Hudaý Musa pygambere ysraýyl halkyny gulçulykdan çykarmagy tabşyranda, ol özüni ynamsyz duýup, elinden hiç zat gelmeýändigini Ýehowa gaýta-gaýta aýdýar. Emma Hudaý Musa pygambere duýgudaşlyk bildirip, ony goldajakdygyny aýtdy (2 Mus. 4:10—16). Şeýdip, Musa faraona Hudaýyň çykaran hökümlerini ýetirip bildi. Ýehowa Gyzyl deňzinde faraony goşuny bilen ýok edip, ysraýyllary halas edende, Musa Hudaýyň gudratly güýjüni gördi (2 Mus. 14:26—31; Zeb. 136:15). Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykansoň, halk yzyny üzmän hüňürdäp başlady. Şonda Musa Ýehowanyň gulçulykdan azatlyga çykaran halky bilen özüni juda sabyrly alyp barandygyny gördi (Zeb. 78:40—43). Şeýle-de ol halky ýok etmezligi haýyş edende, Ýehowanyň pikirini üýtgedendiginden Onuň gaty pesgöwünlidigini bildi (2 Mus. 32:9—14). Müsürden çykansoňlar, Musanyň Ýehowa bilen dostlugy hasam berkedi. Ol gökdäki Atasyny hamala gözi bilen görýän ýalydy (Ýew. 11:27). w19.12 sah. 17, abz. 7, 8; sah. 19, abz. 9

23-nji awgust, duşenbe

Ol sizden öň Jelilä barar, şonda görşersiňiz (Mat. 28:7).

Isanyň şägirtleriniň köpüsi Jeliledendi. Şol sebäpli Isa olary Iýerusalimdäki bir öýe däl-de, Jeliledäki daga çagyrýar. Şeýle-de ol direlensoň, Iýerusalimdäki bir öýde 11 resuly bilen eýýäm görşüpdi. Eger Isa wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işini diňe resullaryna tabşyrmak islän bolsa, onda muny Iýerusalimdekä edip bilerdi. Munuň üçin olary we beýleki şägirtlerini Jelilä çagyrmak gerek bolmazdy (Luka 24:33, 36). Isa şägirt taýýarlamak işini diňe I asyrdaky mesihçilere tabşyrmandy. Biz muny nireden bilýäris? Isa şägirtlerine tabşyryk berensoň: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýip sözüni jemledi (Mat. 28:19, 20). Şu günler şägirt taýýarlamak işi uly depginde alnyp barylýar. Her ýyl 300 müňe golaý adam Ýehowanyň Şaýady hökmünde suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolýar. Şeýle hasabatlar bizi diýseň ruhlandyrýar! w20.01 sah. 2, abz. 1; sah. 3, abz. 5, 6

24-nji awgust, sişenbe

Ol biziň ruhdan düşendigimizi gördi (Zeb. 136:23).

Ýaş dogan agyr kesele duçar bolýar; orta ýaşlaryndaky dogan iş tapyp bilmeýär; wepaly gartaşan uýa bolsa, Ýehowa öňküsi ýaly köp gulluk edip bilmeýär. Eger sizde-de şeýle ýagdaýlar bolan bolsa, özüňizi derde ýaramaýan adam ýaly duýansyňyz. Dogrudanam, şeýle kynçylyklardan ýaňa şatlygyňy ýitirýärsiň, özüňe bolan ynamyň gaçýar we başgalar bilen araň gowy bolmaýar. Şu dünýäde Şeýtanyň garaýşy görünýär. Ol adamlary hemişe özüni dereksiz duýar ýaly edýär. Şeýtan How enäniň Hudaýa gulak asmasa, öljekdigini gowy bilýärdi. Emma şonda-da zalymlyk bilen ony aldady. Şeýtan dünýäniň üstünden agalyk edýär. Şol sebäpli häzirki ýolbaşçylaryň adamlaryň durmuşy bilen gyzyklanmaýandygy we aladasyny etmeýändigi bizi geň galdyrmaýar. Şeýtan her näme etse-de, Ýehowa biziň bagtly bolmagymyzy isleýär. Şol sebäpli özümizi dereksiz duýýan wagtlarymyz hem ol kömege ýetişýär (Rim. 12:3). w20.01 sah. 14, abz. 1—4

25-nji awgust, çarşenbe

Ýehowanyň adyndan pygamberlik etme, ýogsam biziň elimizden ölersiň (Ýer. 11:21).

Ýermeýa pygamber Hudaýa biwepalyk eden halkyň arasynda 40 ýyl töweregi ýaşady. Belki-de, pygamberiň dogduk mekany bolan Anatotyň ilaty we dogan-garyndaşlary hem gozgalaňçy halky goldandyr (Ýer. 12:6). Emma Ýermeýa ähli zady içine salyp, hiç kim bilen gepleşmän ýörmedi. Ol wepaly kätibi Baruga, şol sanda bize-de ähli gaýgy-aladasyny gürrüň berdi. Biz pygamberiň özüni nähili duýandygy barada Mukaddes Kitapdan okap bilýäris (Ýer. 8:21; 9:1; 20:14—18; 45:1). Baruk Ýermeýanyň başdan geçirenlerini golýazma ýazan döwri, olar jana-jan dost bolup, biri-birine has köp hormat goýan bolsalar gerek (Ýer. 20:1, 2; 26:7—11). Ýermeýa batyrgaýlyk bilen Iýerusalime näme boljakdygy hakda ençeme ýyllap ysraýyl halkyna duýdurdy (Ýer. 25:3). Ýehowa halkynyň toba etmegi üçin ýene-de duýduryp, Ýermeýa pygambere Öz sözlerini ýazmagy tabşyrdy (Ýer. 36:1—4). Ýermeýa bilen Baruk Ýehowanyň tabşyran işini birnäçe aýlap bilelikde ýerine ýetirdiler. Şonda olar biri-biriniň imanyny berkidýän gürrüňleri eden bolmaly. w19.11 sah. 2, 3, abz. 3, 4

26-njy awgust, penşenbe

Özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler (Mat. 23:12).

Biz saýlanan dogana ýa uýa nähili garamaly? Hatda imandaşymyz Mesihiň doganlarynyň biri bolsa-da, ony gereginden artyk öwüp, arşa çykarmak nädogry bolardy (Mat. 23:8—11). Mysal üçin, Mukaddes Kitapda ýygnak ýaşululary hakda aýdylanda, olaryň «imanyndan görelde almalydygymyz» ündelýär. Ýöne beýle diýildigi ynsany baştutanymyz ýa serdarymyz hasaplamalydygyny aňlatmaýar (Ýew. 13:7). Elbetde, Hudaýyň Sözünde bu doganlaryň «iki esse hormata» mynasypdygy hakda aýdylýar. Emma olar saýlanandygy üçin däl-de, «gowy gözegçilik edip... Hudaýyň sözüni aýdyp we öwredip, köp zähmet çekýändigi» üçin şeýle sylag-hormata mynasypdyrlar (1 Tim. 5:17). Eger biz saýlananlary çendenaşa öwüp, köp üns bersek, olary utandyryp, oňaýsyz ýagdaýa salarys. Ýa-da olaryň tekepbir bolmagyna sebäp bolarys (Rim. 12:3). Şonuň üçin biz Mesihiň doganlarynyň hiç biriniň şunuň ýaly uly ýalňyşlyk goýbermegine sebäpkär bolmak islemeýäris (Luka 17:2). w20.01 sah. 28, abz. 8

27-nji awgust, anna

Ýygnaklaryň aladasyny... egnim bilen çekmeli bolýardym (2 Kor. 11:28).

Pawlus resul köp zatlar hakda aladalanýardy. Ol janyndan eý görýän imandaşlarynyň kynçylyklary hakda gije-gündiz pikir edýärdi (2 Kor. 2:4). Duşmanlar ony urup, türmä basýardy. Şeýle-de ol «mätäçlikde... ýaşap», gerek zatlary hakda alada edendir (Flp. 4:12). Üç gezek gämi heläkçiligine uçrandygy üçinem köp gaýgy-alada edişini göz öňüne getiriň (2 Kor. 11:23—27). Pawlusa başyna düşen kynçylyklara çydamaga näme kömek etdikä? Pawlus dogan-uýalaryň kynçylyklary hakda aladalansa-da, olaryň baryny özi çözjek bolmaýardy. Ol güýjüniň çäklidigini boýun alýardy. Şol sebäpli başgalardan kömek soraýar. Timoteos we Titus ýaly ynamdar doganlar Pawlusa gaýgy-aladasyny ýeňletmäge kömek edendir (Flp. 2:19, 20; Tit. 1:1, 4, 5). w20.02 sah. 22, 23, abz. 11, 12

28-nji awgust, şenbe

Çagalar... ene-ataňyza gulak asyň (Efes. 6:1).

Ýehowa biziňem özüne gulak asmagymyza garaşýar. Ýehowa biziň gulak asmagymyza mynasyp, sebäbi ol biziň Ýaradyjymyz, ol bize ýaşaýyş berdi. Ýehowa islendik ene-atadan hem akyldar. Emma Ýehowa gulak asmagymyzyň esasy sebäbi: biz ony söýýäris (1 Ýah. 5:3). Ýehowa gulak asmaga ençeme sebäpler bolsa-da, ol bizi muny etmäge mejbur etmeýär. Ol bize erkinligi sowgat berdi, şol sebäpli oňa söýgi bilen gulak asanymyzda, ol juda begenýär. Ene-atalar çagalaryny goramak isleýär. Şonuň üçin düzgünleri goýýarlar. Çagalar şol görkezmelere gulak asanda, ene-atasyna bil baglaýandygyny we hormat goýýandygyny görkezýär. Gökdäki Atamyzyň kada-kanunlaryny bilmek we şolar boýunça ýaşamak has wajyp. Şonda biz Ýehowany söýýändigimizi, oňa hormat goýýandygymyzy görkezýäris we peýda alýarys (Işa. 48:17, 18). Ýöne Ýehowadan we onuň kada-kanunlaryndan ýüz öwren adam özüne uly zyýan ýetirýär (Gal. 6:7, 8). w20.02 sah. 9, 10, abz. 8, 9

29-njy awgust, ýekşenbe

Iki agyz sözüm bar, rugsat berseň, aýdaýyn (1 Şam. 25:24).

Kimdir biriniň ýalňyşýandygyny görenimizde, Abygaýyl ýaly batyrgaýlyk bilen geplemegi başarmaly (Zeb. 141:5). Biz hormat bilen geplemeli, ýöne şol bir wagtyň özünde batyrgaý hem bolmaly. Biz gerekli maslahaty mähir bilen aýdanymyzda, hak dostdugymyzy subut edýäris (Nak. 27:17). Ýygnak ýaşululary, esasanam, ýalňyş ädim ädýän dogan-uýalar bilen gepleşmek üçin batyrgaý bolmaly (Gal. 6:1). Ýaşulular pesgöwünlilik bilen bikämildigini boýun alyp, käte özleriniň hem maslahata mätäç bolýandygyna düşünýärler. Emma zerur wagty dogan-uýalara käýinç, temmi bermekden çekinmeli däl (2 Tim. 4:2; Tit. 1:9). Ýaşulular maslahat berende sabyrly bolup, geplemek ukybyny dogry ulanmaga jan edýärler. Olar dogan-uýalary ýürekden söýýärler, şol sebäpli kömek etmek isleýärler (Nak. 13:24). Ýöne olaryň esasy maksady: Ýehowa hormat goýmak, kada-kanunlaryny berjaý etmek we ýygnakdaky dogan-uýalary erbet täsirden goramak bolmaly (Res. 20:28). w20.03 sah. 20, abz. 8, 9

30-njy awgust, duşenbe

Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir (Flp. 4:13).

Ýehowa Musa pygamber arkaly ysraýyl halkyny halas etdi. Hudaý halkyny halas etmegi Musa pygambere haçan tabşyrdy? Musa «müsürlileriň iň gowy bilimini alyp», özüni taýýar hasaplandamy? (Res. 7:22—25). Ýok! Ýehowa ilki bilen Musa ýumşak we pesgöwünli adam bolmaga kömek etdi. Soňra oňa halkyny halas etmegi tabşyrdy (Res. 7:30, 34—36). Ýehowa Musa batyrgaýlyk berip, Müsüriň güýçli hökümdarynyň öňünde durmaga kömek etdi (2 Mus. 9:13—19). Eger gowy häsiýetleri ösdürip, Hudaýyň güýjüne bil baglasak, Ol bizi hem ulanar. Taryhyň dowamynda wepaly adamlar Ýehowanyň elinde her dürli gural boldular. Siz Ýehowanyň elinde nähili gural bolup bilersiňiz? Bu siziň näçeräk tagalla edýändigiňize bagly (Kol. 1:29). Eger Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolmaga taýýar bolsaňyz, Ol sizi yhlasly wagyzçy, ökde mugallym, göwünlik beriji, başarjaň ussa, ýakyn dost ýa-da niýetini amala aşyrmak üçin islendik adam edip biler. w19.10 sah. 21, abz. 5; sah. 25, abz. 14

31-nji awgust, sişenbe

Men size dostlarym diýýärin (Ýah. 15:15).

Gowy dostlar bize Ýehowa wepaly bolmaga kömek edýär. Şeýle dostlary tapmagyň gowy usuly, özüň gowy dost bolmaly (Mat. 7:12). Meselem, Mukaddes Kitap wagtymyzy hem güýjümizi başgalara, esasan-da, «mätäçlere» kömek etmek üçin sarp etmäge höweslendirýär (Efes. 4:28). Eger mätäçlere kömek etsek, özümizi hasam bagtly duýarys (Res. 20:35). Synaga uçranymyzda şol dostlarymyz bizi goldap, kalbymyzda rahatlygy saklamaga kömek edip biler. Eýýup pygamber synaga uçranda, Alyhuw ony ünsli diňläpdi. Şonuň ýaly bizem ýüregimizi dökenimizde, dostlarymyz sabyrly diňläp goldaýarlar (Eýp. 32:4). Ýöne dostlarymyz bize derek karara geler öýtmeli däl. Biz olaryň Mukaddes Kitaba esaslanan maslahatlaryny kabul edip bileris (Nak. 15:22). Dawut patyşanyň dostlarynyň kömegini pesgöwünlilik bilen kabul edişi ýaly, bizem dostlarymyz gerekli maslahaty berende, ondan ýüz öwürmeli däl (2 Şam. 17:27—29). Dogrudan-da, gowy dostlar Ýehowanyň bize berýän gymmatly sowgady (Ýak. 1:17). w19.04 sah. 11, abz. 12; sah. 12, abz. 14, 15

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş