Sentýabr
1-nji sentýabr, çarşenbe
Atam henize çenli işläp ýör, men hem işleýärin (Ýah. 5:17).
Ýehowa bilen Isanyň zähmet çekmekde görkezýän göreldesi biziň asla dynç almaly däldigimizi görkezýärmi? Elbetde, ýok. Ýehowa hiç haçan ýadamaýar, şonuň üçin oňa dynç almak gerek däl. Ýöne Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ýeri-gögi ýaradansoň, «dynç alyp, eden işlerine begenendigi» aýdylýar (2 Mus. 31:17). Hawa, Ýehowa ýaradan zatlaryny synlap, hoşal boldy. Isa-da ýer ýüzünde ýaşanda, agyr zähmet çekýärdi. Ýöne dynç almak we dost-ýarlary bilen iýip-içmek üçin hem wagt tapýardy (Mat. 14:13; Luka 7:34). Mukaddes Kitapda Hudaýyň halkynyň zähmetsöýer bolmalydygy hakda aýdylýar. Ýehowanyň gullukçylary ýalta bolman, işeňňir bolmaga jan etmeli (Nak. 15:19). Mümkin, siziň käbiriňiz maşgalaňyzy eklemek üçin köp işlemeli bolýansyňyz. Mundan başga-da Mesihiň ähli şägirtleri hoş habary wagyz etmäge jogapkärli garaýar. Elbetde, biziň barymyz wagtal-wagtal dynç almaly hem bolýarys. w19.12 sah. 2, abz. 2; sah. 3, abz. 4, 5
2-nji sentýabr, penşenbe
Mesih hem siziň üçin horluk çekip, yzyna gyşarnyksyz eýermegiňiz üçin görelde galdyrdy (1 Pet. 2:21).
Jynlar baradaky hekaýalary gürrüň bermekden gaça duruň. Bu babatda Isa bize gowy görelde galdyrdy. Ýere gelmezden öň, Isa gökde ýaşaýardy we Şeýtan hem-de jynlar barada köp zatlary bilýärdi. Emma ol zalym ruhlaryň edýän işleri barada gürrüň berip ýörmeýärdi. Isa Şeýtan barada däl-de, Ýehowa hakda şaýatlyk etmek isleýärdi. Bizem Isanyň göreldesine eýerip, jynlar barada gürrüň etmekden gaça durýarys we «ýüregimizden ýagşy sözler joşup çykýandygyny», ýagny hakykaty sözleýändigimizi görkezýäris (Zeb. 45:1). Zalym ruhlardan gorkmaň. Şu günler dünýäde köp erbet zatlar bolup geçýär. Bu bize-de täsir edip biler. Betbagtçylyk, keselçilik ýa-da ölüm-ýitim duýdansyz üstümize abanyp biler. Ýöne bulara göze görünmeýän ruhlar günäkärdir öýtmeli däl. Mukaddes Kitapda her kimiň «garaşylmadyk ýagdaýa tötänden duçar bolýandygy» aýdylýar (Nes. 9:11). Onsoňam, Ýehowa jynlardan has güýçli. w19.04 sah. 24, abz. 13, 14
3-nji sentýabr, anna
Häkimiýetleriň... höküm sürmegine Hudaý rugsat berendir (Rim. 13:1).
Ýaşulular çagany zorlamakda aýyplanýan adam hakda hökümet işgärlerine habar bermek baradaky kanuna eýerýärmi? Hawa. Şeýle kanunyň bar ýerlerinde ýaşulular oňa eýerip, hökümet işgärlerine habar berýärler. Sebäbi şol kanunlar Hudaýyň kanunyna garşy gelmeýär (Res. 5:28, 29). Diýmek, ýaşulular aýyplanýan adamyň işine seredende, ýerli kanuna görä bolan ýagdaýy degişli edaralara nädip habar etmelidigi barada derrew filialdan görkezme soraýarlar. Ýaşulular zorlugyň pidasy bolan çagalara, olaryň ene-atasyna we şu ýagdaýdan habarly adamlara bolan zatlary hökümet işgärlerine aýtmaga hakynyň bardygyny düşündirýärler. Aýyplanýan adam ýygnagyň agzasy bolsa we bu ýagdaý barada soň köpçülik bilse näme? Şeýle meseläni hökümet işgärlerine habar beren mesihçi özüni Ýehowanyň adyna ysnat getirýän ýaly duýmalymy? Ýok. Aslynda, çaga azdyran adam Hudaýyň adyny masgaralaýar. w19.05 sah. 10, 11, abz. 13, 14
4-nji sentýabr, şenbe
Dünýäniň akyldarlygy Hudaý üçin akmaklykdyr (1 Kor. 3:19).
Hudaýyň Sözünde är-aýalyň biri-birine hormat goýmalydygy we beren wadasyna wepaly bolmalydygy aýdylýar. Onda är-aýal gatnaşygy barada şeýle diýilýär: «Erkek adam ene-atasyny goýup, aýaly bilen biriger we olar bir beden bolar» (1 Mus. 2:24). Emma dünýäniň akyldarlygyna eýerip ýaşaýan adamlar düýbünden başgaça pikir edýär. Olar ilki öz aladaňy etmeli diýýärler. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Käbir medeniýetlerde durmuş guran adamlar biri-birine „ölýänçäm wepaly bolaryn“ diýip wada berýärdi. Häzir bolsa „biri-birimize bolan söýgimiz sowaşýança, wepaly bolaryn“ diýýärler». Şeýle wadalar maşgalalaryň bozulmagyna we är-aýalyň duýgy taýdan ejir çekmegine getirýär. Görşümiz ýaly, şu dünýäniň nika bolan garaýşyna eýermek, dogrudanam, akylsyzlyk. w19.05 sah. 24, abz. 12
5-nji sentýabr, ýekşenbe
Mundan beýläk şu dünýäniň täsirine düşmäň (Rim. 12:2).
Pawlus Şeýtanyň dünýäsinde giňden ýaýran garaýyşlaryň hem-de düşünjeleriň käbir mesihçilere erbet täsir edendigine biynjalyk bolan bolmaly (Efes. 4:17—19). Biz hem şeýle erbet täsire düşüp bileris. Şu dünýäniň taňrysy Şeýtan bizi Ýehowadan daşlaşdyrmak üçin her hili usullary ulanýar. Mysal üçin, ol bizi diňe özüňi bilmäge we hemmäniň ünsüni özüňe çekmäge iterýär. Şeýle-de ol bizi öz tarapyna geçirmek üçin durmuşymyzda bolan zatlary, medeniýetimizi we bilimimizi ulanyp bilýär. Eýsem aňymyzda kök uran nädogry garaýyşlary doly aýryp bilerismi? (2 Kor. 10:4). Pawlusyň bu babatda näme diýendigine üns beriň: «Biz ýalan düşünjeleri we Hudaý hakdaky bilime böwet bolýan zatlary ýumurýarys. Her bir pikiri ýesir edip, Mesihe tabyn edýäris» (2 Kor. 10:5). Hawa, Ýehowanyň kömegi bilen, biz islendik nädogry garaýşymyzy aýryp bilýäris. w19.06 sah. 8, abz. 1—3
6-njy sentýabr, duşenbe
Men... Hudaý bilen dostlaşmagy saýladym. Älemiň Hökümdary Ýehowany pena edindim (Zeb. 73:28).
Hanna, Dawut we bir mezmurçy agyr günleri başdan geçirenlerinde, Ýehowadan kömek soradylar. Olar gyzgyn doga edip, Hudaýa ýüregini dökdüler; näme üçin hasrat çekýändiklerini açyk aýtdylar. Şeýle-de olar Ýehowanyň öýüne barmagyny bes etmediler (1 Şam. 1:9, 10; Zeb. 55:22; 73:17; 122:1). Ýehowa olaryň her birine duýgudaşlyk bildirdi. Hanna kalbynda rahatlyk duýdy (1 Şam. 1:18). Dawut patyşa: «Dogruçylyň derdi köpdür, emma Ýehowa ähli derdinden gutarýar» diýip ýazdy (Zeb. 34:19). Mezmurçy bolsa, hatda nädogry garaýşyny düzedende hem Ýehowanyň onuň sag elinden tutýandygyny duýýardy (Zeb. 73:23, 24). Biz olardan näme öwrenip bileris? Käte biz hem halys tapdan düşürýän ýagdaýlara duçar bolmagymyz mümkin. Eger Ýehowa gyzgyn doga etsek, oňa gulak assak we onuň başgalara nädip kömek edendigi hakda oýlansak, islendik kynçylyga döz gelip bileris (Zeb. 143:1, 4—8). w19.06 sah. 17, abz. 14, 15
7-nji sentýabr, sişenbe
Dogruçyl bolanyňyz üçin görgi görýän bolsaňyz bagtlysyňyz (1 Pet. 3:14).
Adamlar näme diýse-de, näme etse-de, Ýehowanyň Şaýadydygyňyza hiç haçan utanmaň (Mik. 4:5). Isanyň ölüminden soň, Iýerusalimde resullaryň näme edendigi hakda oýlanalyň. Resullar dini ýolbaşçylaryň olary gaty ýigrenýändigini bilýärdi (Res. 5:17, 18, 27, 28). Emma olar şonda-da her gün ybadathana barýardy we hoş habary wagyz edip, özleriniň Isanyň şägirdidigini gizlemeýärdi (Res. 5:42). Dogrudan-da, olar gorkup, wagyz etmegini bes etmeýärdiler. Eger bizem işdeşlerimize, klasdaşlarymyza we goňşularymyza özümiziň Ýehowanyň Şaýadydygymyzy açyk aýtsak, adamdan gorkyny ýeňip bileris (Res. 4:29; Rim. 1:16). Adamlar ýigrense-de, resullar şatlygyny ýitirmedi. Olar adamlaryň özlerini näme üçin ýigrenýändigini bilýärdi we Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýändigi üçin görgi görmegi hormat hasaplaýardy (Luka 6:23; Res. 5:41; 1 Pet. 2:19—21). Bizi hem dogrulyk edýändigimiz üçin ýigrenýärler. Ýöne adamlar bizi näçe ýigrense-de, Ýehowa gulluk etmegimizi bes etmeris. w19.07 sah. 7, abz. 19, 20
8-nji sentýabr, çarşenbe
Sabat güni ýagşylyk etseň, kanuny bozmaýarsyň (Mat. 12:12).
Isa we onuň yzyna eýeren ýehudylar Musanyň kanuny boýunça ýaşandygy üçin, Sabat gününi belleýärdiler. Emma Isa Sabat gününde ýagşylyk we kömek etmegiň hiç hili erbetliginiň ýokdugyny sözleri hem-de işleri bilen görkezdi. Ol bu hakda: «Sabat güni ýagşylyk etseň, kanuny bozmaýarsyň» diýdi (Mat. 12:9—11). Isa Sabat güni adamlara ýagşylyk we kömek etmegiň nädogry däldigine düşünýärdi. Isanyň hereketleri Sabat gününiň asyl maksadyna düşünmäge kömek edýär. Sebäbi Hudaýyň halky şol gün agyr zähmetden dynç alýardy we ünsüni ruhy işlere gönükdirip bilýärdi. Isa Sabat güni ruhy işler bilen meşgullanýan maşgalada ulalypdy. Muny Isanyň önüp-ösen ýeri Nazaret şäherinde bolan wakadan görse bolýar. Injilde: «Ol hemişekisi ýaly Sabat güni sinagoga baryp, Hudaýyň sözüni okamak üçin ýerinden turdy» diýilýär (Luka 4:15—19). Isanyň şägirtleri hem Sabat güni baradaky kanuna berk eýerýärdi. Şol sebäpli Sabat güni geçýänçä, olar Isanyň jesedini ýaglamak üçin gerek bolan zatlary taýýarlamagy soňa goýdular (Luka 23:55, 56). w19.12 sah. 4, abz. 10
9-njy sentýabr, penşenbe
Siz... umytsyz ýaşaýardyňyz (Efes. 2:12).
Her bir mesihçi akýürekli adamlary tapmak işine gatnaşýar. Muny ýiten çagany gözlemek bilen deňeşdirse bolýar. Geliň, bir bolan waka seredeliň. Bir gezek üç ýaşly oglanjyk ýitende, 500 töweregi adam onuň gözlegine çykýar. 20 sagatlap gözlänlerinden soň, olaryň biri çagany mekgejöwenli meýdandan tapýar. Emma ol çagany ýeke özüm tapdym diýip pikir etmeýär. Şol sebäpli ol: «Ony biziň hemmämiz bile tapdyk» diýýär. Şu günler köp adamlar şol ýiten çaga meňzeýär. Olar özüni umytsyz duýýar, ýöne kömek edilmegini hem isleýär. Akýürekli adamlary gözlemek işine şu günler 8 milliondan gowrak adam gatnaşýar. Mümkin, siz heniz Mukaddes Kitaby öwrenmek isleýän adamy tapan dälsiňiz. Ýöne ýaşaýan ýeriňizdäki başga wagyzçylar tapandyr. Haçan-da bir dogan ýa-da uýa Isanyň şägirdi bolmak isleýän adamy tapanda, ählimiz bilelikde şatlanýarys. Sebäbi muňa her birimiz öz goşandymyzy goşýarys. w19.07 sah. 16, abz. 9, 10
10-njy sentýabr, anna
Sylag... almak üçin ylgaýaryn (Flp. 3:14).
Pawlus resul Filipidäki mesihçilere çydamly ylgamalydygyny ýatlatdy. Sebäbi ol ýerde yzarlamalaryň yzy üzülmeýärdi. Yzarlamalar b. e. 50-nji ýylynda başlandy. Şol ýyl Pawlus görnüş görýär we Silas bilen Makedoniýanyň Filipi şäherine wagyz etmäge gidýär (Res. 16:9). Lidiýa atly aýal olary «ünsli diňleýär, sebäbi Ýehowa onuň ýüregini açypdy» (Res. 16:14). Şeýlelikde, Lidiýa maşgalasy bilen suwa çümdürilýär. Emma Şeýtan hem goluny gowşuryp oturmaýar. Adamlar Pawlus bilen Silasy süýräp, şäher häkimleriniň öňüne getirýärler we olara töhmet atýarlar. Pawlus bilen Silasy ýenjip, türmä basýarlar, soňra şäherden gitmegi buýurýarlar (Res. 16:16—40). Emma Pawlus bilen Silas ruhdan düşmeýär. Filipidäki täze dörän ýygnagyň agzalary hem ruhdan düşmeýär. Sebäbi Pawlus bilen Silas gowy görelde galdyryp, olary ruhlandyrýar. w19.08 sah. 2, abz. 1, 2
11-nji sentýabr, şenbe
Has köp ýagşy işleri ediň (Flp. 1:11).
«Ýagşy işlere» Ýehowany we halkyny söýmek, Isa iman etmek, gelejege bolan umydymyz hakda adamlara gürrüň bermek degişli. Eger biz wagyz işine yhlasly gatnaşyp, şägirt taýýarlasak, ýagşy işleri edip bileris (Mat. 28:18—20). Biz islendik ýagdaýda «nur kimin ýagty saçyp» bileris. Käbir ýagdaýlar wagyz etmäge päsgel berýän ýaly görünmegi mümkin, ýöne şeýle ýagdaýlarda wagyz etmäge mümkinçilik döreýär. Meselem, Pawlus resul filipililere hat ýazanda, Rimde öý tussaglygynda otyrdy. Ol zynjyrlara baglanan bolsa-da, garawullara we gelen adamlara wagyz etdi. Şeýle kyn ýagdaýlara garamazdan, Pawlus yhlasly wagyz etdi. Onuň göreldesine eýerip, dogan-uýalar «Hudaýyň sözüni gorkman», batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler (Flp. 1:12—14; 4:22). w19.08 sah. 11, 12, abz. 15, 16
12-nji sentýabr, ýekşenbe
Hudaýyň güýçli gollarynyň astynda pesgöwünli boluň, ol hem sizi öz wagtynda beýgelder (1 Pet. 5:6).
Pesgöwünli bolmagyň wajyp sebäbi — diňe pesgöwünli adamlar Ýehowany razy edip bilýär. Munuň şeýledigini Petrus resul şu günki aýatda belläp geçdi. «Meniň şägirdim bol» (rus.) diýen kitabyň 3 babynyň 23-nji abzasynda şeýle diýilýär: «Tekepbirlik edil zäher ýaly. Ol adamy heläkçilige eltýär. Ulumsy adam örän ukyply bolsa-da, Hudaý üçin dereksiz bolýar. Pesgöwünlilik bolsa ýönekeý adamy Ýehowanyň öňünde beýgeldýär... Hudaý pesgöwünli adamlary höwes bilen sylaglar». Pesgöwünli bolsak, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys (Nak. 23:15). Şeýdip, diňe bir Ýehowany begendirmän, özümiz hem köp peýda alarys. Şeýle-de köp adamlar biziň bilen dostlaşmak islär. Muňa düşünmek üçin özümizi başgalaryň ýerine goýup görmeli (Mat. 7:12). w19.09 sah. 4, abz. 8, 9
13-nji sentýabr, duşenbe
Ýehowa tekepbiri ýigrenýär (Nak. 16:5).
Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara güýjüni gaýgyrman kömek edýärler. Olar tekepbirlik etmän, dogan-uýalaryň söýgi bilen aladasyny edýärler (1 Sel. 2:7, 8). Olaryň aýdýan sözlerinden pesgöwünliligi we çuňňur söýgüsi görünýär. Andreý atly tejribeli ýaşuly şeýle diýýär: «Ýaşulular mähirli bolsa we dogan-uýalar bilen ýürekden gepleşse, olara güýçli täsir edýän eken. Şonda olar ýaşulular bilen işleşmäge taýýar bolýarlar». Ençeme ýyl bäri ýaşuly bolup gulluk edýän Tony şeýle gürrüň berýär: «Men Filipililer 2:3-däki maslahata eýerip, dogan-uýalary özümden ýokary saýmaga jan edýärin we olaryň üstünden agalyk etmeýärin». Ýaşulular pesgöwünli bolmaly, sebäbi Ýehowa pesgöwünli Hudaý. Ýehowa Älemiň Hökümdary bolsa-da, «mätäji toprakdan... galdyrmak» üçin aşak egilýär (Zeb. 18:35; 113:6, 7). Ol tekepbir we ulumsy adamlary ýigrenýär. w19.09 sah. 16, abz. 11, 12
14-nji sentýabr, sişenbe
Meniň boýuntyrygymy dakynyň (Mat. 11:29).
Isanyň boýuntyrygyny dakynyp, hemişe rahatlyk tapmak üçin Ýehowanyň işine dogry garaýyşda bolmaly. Biz Ýehowanyň tabşyran işini ýerine ýetirýäris, şonuň üçin onuň isleýşi ýaly etmeli. Ýehowa biziň Hojaýynymyz, biz bolsa işçiler (Luka 17:10). Eger tabşyrylan işi öz pikirimizçe etsek, ýagdaýymyzy has-da kynlaşdyrarys. Ýöne Ýehowanyň görkezmesine eýersek, başarmajak zadymyz bolmaz we islendik kynçylygy ýeňeris. Unutmaň, hiç kim Ýehowanyň isleginiň amala aşmagyna päsgel berip bilmez (Rim. 8:31; 1 Ýah. 4:4). Biz aladaçyl Atamyz Ýehowany şöhratlandyrmak isleýäris. I asyrda açgöz adamlar peýdasy üçin Isanyň yzyna eýerdiler. Emma tizden olaryň tamasy puja çykyp, Isanyň boýuntyrygyndan ýüz öwürdiler (Ýah. 6:25—27, 51, 60, 66; Flp. 3:18, 19). Ýöne Hudaýy we adamlary ýürekden söýýän janaýamaz mesihçiler boýuntyrygy şatlyk bilen dakynýardylar. Olar Isa bilen gökde höküm sürmegi umyt edýärdiler. Şonuň ýaly bizem Isanyň boýuntyrygyny dogry niýet bilen dakynsak, bagtly bolarys. w19.09 sah. 20, abz. 1; sah. 24, 25, abz. 19, 20
15-nji sentýabr, çarşenbe
Hakykaty bilersiňiz, hakykat hem sizi azat eder (Ýah. 8:32).
Mukaddes Kitaba esaslanmaýan dini ynançlardan azat bolup, durmuşyňyzyň nähili aňsatlaşandygy hakda oýlanyp görüň. Eýsem, şundan gowy azatlyk barmy näme?! Ýöne biz has gowy azatlyga garaşýarys. Tizden Isa ýalan dinleri we parahor hökümetleri köki bilen ýok eder. Şonda Hudaý özüne gulluk edýän «uly märekäni» gorap, ýer ýüzünde boljak eşretli durmuşa ýetirer (Ylh. 7:9, 14). Millionlarça ölen adamlar direler we Adam atadan geçen günäniň gulçulygyndan doly azat bolar (Res. 24:15). Isa Müňýyllyk hökümdarlygynda saýlananlar bilen bilelikde adamlary beden we ruhy taýdan sagaldar. Şonda edil Ysraýyldaky Azatlyk ýyly ýaly dikeldiş we azatlyk döwri bolar. Ýehowa wepaly gulluk edýän adamlar günäden doly azat edilip, kämillige ýeter. w19.12 sah. 12, 13, abz. 14—16
16-njy sentýabr, penşenbe
Barnabas Sawula kömek etdi (Res. 9:27).
B. e. I asyrynda Ýusup (oňa Barnabas hem diýilýär) atly jomart adam Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolmaga taýýardy (Res. 4:36, 37). Sawul mesihçi bolandan soňra köpler onuň ýanyna barmaga gorkýardy, sebäbi ol mesihçiler ýygnagyny yzarlapdy. Emma mähirli dogan Barnabas Sawuly goldaýar (Res. 9:21, 26—28). Birnäçe wagtdan soň Iýerusalimdäki ýaşulular Siriýanyň Antakyýa şäherindäki dogan-uýalaryň tesellä mätäçdigini bilýärler. Ýaşulular olary ruhlandyrmak üçin kimi iberdiler? Elbetde, Barnabasy! Ol doganlaryň tamasyny ödedi. Barnabas Antakyýadaky dogan-uýalary «hemişe Halypamyza ýürekden wepaly bolmaga höweslendirdi» (Res. 11:22—24). Şu günlerem Ýehowa biziň her birimize «göwünlik ogly» bolmaga kömek edýär. Meselem, Ýehowa bizi ulanyp, ýakyny aradan çykan dogan-uýalara göwünlik berip bilýär. Şeýle-de kesellän, göwnüçökgünlige düşen dogan-uýalaryň ýanyna baryp ýa-da jaň edip, teselli beriji sözleri aýtmaga höweslendirýär. Siz hem Barnabas ýaly, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolarsyňyzmy? (1 Sel. 5:14). w19.10 sah. 22, abz. 8
17-nji sentýabr, anna
Günäni bagyşlaýan adam söýýär, ony aýdyp ýörýän jana-jan dostlary aýra salýar (Nak. 17:9).
Käte biz dostlarymyz bilen eginme-egin işleşenimizde, olaryň diňe gowy häsiýetlerini däl-de, ýalňyşlyklaryny hem görýäris. Şeýle ýagdaýda bize näme kömek eder? Biz dogan-uýalar bilen dostlaşanymyzdan soň, dostlugymyzy berkitmäge jan etmeli we olardan kämillige garaşmaly däl. Şonuň üçin dostumyz ýalňyşlyk goýberse, biz Hudaýyň Sözüne esaslanyp, mähir bilen, ýöne berk maslahat bermeli (Zeb. 141:5). Dostumyz göwnümize degse bagyşlamaly, ýöne dostumyzyň ýalňyşyny özüne-de, başgalara-da aýdyp ýörmeli däl. Biz kyn günlerde ýaşaýarys, şonuň üçin dogan-uýalaryň ýalňyşlaryna däl-de, gowy häsiýetlerine üns bermeli. Şonda biz olar bilen ýakyndan dost bolarys. Häzir şu maslahata eýermek örän wajyp, sebäbi uly betbagtçylykda dostlarymyzyň kömegine mätäç bolarys. w19.11 sah. 6, abz. 13, 16
18-nji sentýabr, şenbe
Ähli halklardan şägirt taýýarlaň... olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň (Mat. 28:19, 20).
Biz adamlar bilen okuw geçenimizde, şägirt taýýarlamaga, Isanyň «ähli tabşyryklaryny berjaý etmegi öwretmäge» jan etmeli. Biz adama Ýehowanyň halkyna goşulmagyň we Patyşalygyny goldamagyň wajypdygyna düşünmäge kömek etmeli. Munuň üçin adamy öwrenen zatlaryna görä ýaşamaga, özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmäge höweslendirmeli. Şonda ol Ýehowanyň güni gelende halas bolup biler (1 Pet. 3:21). Dünýäniň soňunyň gelmegine örän az wagt galdy. Şol sebäpli Isanyň şägirdi bolmak islemeýän adamlar bilen okuw geçmek üçin wagtymyzy gidirmeli däl (1 Kor. 9:26). Wagyz işimiziň tamamlanmagyna az wagt galdy! Heniz giç bolmanka, köp adamlara Patyşalyk habaryny wagyz etmeli. w19.10 sah. 11, 12, abz. 14, 15
19-njy sentýabr, ýekşenbe
Ýehowanyň huzuryna baryp, tütetgini közüň üstüne guýsun (3 Mus. 16:13).
Her ýyl Günä geçilýän güni ysraýyl halky bir ýere ýygnanardy we baş ruhany gurbanlyk bererdi. Şol gurbanlyklar ysraýyl halkyna günälidigini we bagyşlanmaga mätäçdigini ýatladardy. Şol gün baş ruhany tütetgini közüň üstüne guýanda mukaddes otagyň içi hoşboý ysdan dolýardy. Baş ruhanynyň tütetgi ýakmagyndan näme öwrenýäris? Mukaddes Kitapda Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň dogasy tütetgi bilen deňeşdirilýär (Zeb. 141:2; Ylh. 5:8). Baş ruhany Ýehowanyň huzurynda tütetgi ýakmagy uly hormat hasaplaýardy. Şonuň ýaly biz hem Ýehowa çuňňur hormat goýup, doga edýäris. Biz Ýehowa örän minnetdar, sebäbi ol mähirli ata kimin özüne ýüzlenmäge we ýakynlaşmaga rugsat berýär (Ýak. 4:8). Alla bizi dosty hasaplaýar (Zeb. 25:14). Biz muny şeýle gymmat saýýarys welin, Ony asla gynandyrmak islemeýäris. w19.11 sah. 20, 21, abz. 3—5
20-nji sentýabr, duşenbe
Eý Ýehowa, seniň işleriň köpdür! Ähli zady akyldarlyk bilen ýaratdyň, ýer ýüzi elleriň işlerinden doludyr (Zeb. 104:24).
Ýaşaýan ýeriňizde adamlaryň köpüsi zähmet çekmeklige nähili garaýar? Köp ýurtlarda adamlar gara zähmet bilen başagaý bolup, daň atandan Gün batýança işleýär. Işe köp wagtyny sarp edýän adamlaryň köplenç dynç almaga, maşgalasy bilen wagtyny geçirmäge ýa-da ruhy işleri etmäge wagty bolmaýar (Nes. 2:23). Käbir adamlar bolsa asla işläsi gelmeýär we munuň üçin her dürli bahana gözleýär (Nak. 26:13, 14). Zähmete nädogry garaýan adamlardan tapawutlylykda, Ýehowa bilen Isa zähmet çekmeklige dogry garaýar. Elbetde, zähmet çekmekde iň gowy göreldäni Ýehowa görkezýär. Isa pygamber şeýle diýdi: «Atam henize çenli işläp ýör, men hem işleýärin» (Ýah. 5:17). Meselem, Hudaýyň ýaradan sansyz-sajaksyz perişdeleri we ägirt uly älem-jahan hakda oýlanyp görüň. Ýehowa olary ýaratmak üçin köp zähmet çekdi. Şeýle-de biz owadan Ýer şaryny synlanymyzda, Hudaýyň nähili gudratly işleri edendigini görýäris. w19.12 sah. 2, abz. 1, 2
21-nji sentýabr, sişenbe
Dawut göwnüme ýaraýan adam (Res. 13:22).
Dawut Ýehowa bilen nädip dostlaşdy? Ol ýaradylan zatlardan Ýehowa barada köp zatlary öwrendi. Dawut ýaşka, kakasynyň goýunlaryny bakyp, köp wagtyny daşarda geçirýärdi. Belki, ol şonda Ýehowanyň ýaradan zatlary hakda oýlanyp başlandyr. Mysal üçin, Dawut agşam asmany synlanda, diňe bir ýyldyzlary görmeýärdi. Ol ýyldyzlary ýaradan Hudaýyň ajaýyp häsiýetleri hakda pikirlenýärdi (Zeb. 19:1, 2). Dawut adamlaryň gaty täsin ýaradylandygy barada oýlananda, Ýehowanyň ajaýyp akyldarlygyna göz ýetirýärdi (Zeb. 139:14). Ol Ýehowanyň gudratly işleri hakda näçe köp oýlandygyça, şonça-da özüniň gaty ähmiýetsizdigine düşünýärdi (Zeb. 139:6). Dawutdan näme öwrenýärsiňiz? Her gün daş-töweregiňizdäki gözellikleri, ýagny ösümlikleri, haýwanlary we adamlary synlanyňyzda, Ýehowa barada köp zat öwrenersiňiz. Söýgüli Ataňyz barada her gün bir zat öwrenjek boluň (Rim. 1:20). Şonda siz Ýehowa bolan söýgiňiziň günsaýyn güýçlenýändigini duýarsyňyz. w19.12 sah. 19, 20, abz. 15—17
22-nji sentýabr, çarşenbe
Musa iman edendigi üçin ulalanda, faraonyň agtygy hökmünde tanalmak islemedi (Ýew. 11:24).
Musa pygamber öwrenen zatlary boýunça hereket edýärdi. Ol 40 ýaşlaryndaka, «faraonyň agtygy» diýip tanalmakdan ýüz öwrüp, Hudaýyň halkyna goşulmagy saýlady. Musa abraýly wezipeden geçdi. Ol Müsürde gul bolan ýewreýleriň tarapyny tutsa, hudaý hasaplanýan faraonyň gahar-gazabyna uçrajakdygyny bilýärdi, ýöne şonda-da güýçli hökümdardan gorkman, Ýehowa doly bil baglady. Şeýdip, ol imanynyň berkdigini görkezdi! Şeýle iman onuň Hudaý bilen hemişelik dostlugynyň düýp özeni bolup durýardy (Nak. 3:5). Biz mundan näme öwrenýäris? Musa ýaly her birimiz iru-giç belli bir ýoly saýlamaly bolýarys. Biz Hudaýa gulluk etmegi we halkyna goşulmagy saýlarysmy? Hudaýa gulluk etmek üçin, biz käbir zatlardan geçmeli bolýarys. Şeýle-de Ýehowany tanamaýan adamlaryň garşylyklaryna çydamaly bolýarys. Emma gökdäki Atamyz Ýehowa bil baglasak, onuň goldajakdygyna ynamly bolup bileris. w19.12 sah. 17, abz. 5, 6
23-nji sentýabr, penşenbe
Ýehowa Hudaý toprakdan ynsan ýaradyp, burnuna ýaşaýyş demini üfledi (1 Mus. 2:7).
Biz toprakdan ýaradylsak-da, bahamyzyň bir gysym toprakdan has gymmatdygyny bilýäris. Geliň, Ýehowanyň gadyrymyzy bilýändiginiň käbir sebäbine seredeliň. Ol bizi öz häsiýetlerinden görelde almak ukyby bilen ýaratdy (1 Mus. 1:27). Ýer ýüzündäki janly-jandarlardan tapawutlykda, Hudaý bizi has täsin edip ýaratdy. Ol ynsana ýeriň we haýwanlaryň üstünden agalyk etmek ygtyýaryny berdi (Zeb. 8:4—8). Adam ata günä edenden soň hem Ýehowa adamlary gymmat saýýandygyny görkezdi. Ol adamlaryň günäsi üçin özüniň ýekeje Ogluny töleg hökmünde berdi (1 Ýah. 4:9, 10). Ýehowa töleg gurbanyň esasynda Adam atanyň günäsi sebäpli aradan çykan «dogruçyl hem-de erbet» adamlary hem direlder (Res. 24:15). Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, biz kesel, garyp ýa-da garry bolaly, tapawudy ýok, Hudaýyň gözünde birjigem gadyrymyz gaçmaýar (Res. 10:34, 35). w20.01 sah. 15, abz. 5, 6
24-nji sentýabr, anna
Başgalaryň işine goşulmaň (1 Sel. 4:11).
Gökde ýaşamak umydy adama maşgalasy tarapyndan däl-de, Hudaý tarapyn berilýär (1 Sel. 2:12). Şonuň üçin biz adamyň ýüregini agyrtjak soraglary bermeýäris. Meselem, saýlanan doganyň aýalyndan gelejekde ýer ýüzünde ýanýoldaşy bolmasa, durmuşyny nähili göz öňüne getirýändigi hakda soramaýarys. Biz täze dünýäde Ýehowanyň «her bir adamyň» isleg-arzuwyny ýerine ýetirjekdigine ynamly bolup bileris (Zeb. 145:16). Eger biz saýlananlara çendenaşa köp hormat goýmakdan gaça dursak, özümizi hem köp kynçylykdan gorarys. Nädip? Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, saýlananlaryň käbiri wepaly galmazlygy mümkin (Mat. 25:10—12; 2 Pet. 2:20, 21). Eger biz «başgalara ýaranjaňlyk etmesek», hatda saýlananlaryň, guramada uly abraýy bolan ýa-da Ýehowa ençeme ýyl bäri gulluk edýän dogan-uýalaryň hiç wagt yzyna eýermeris (Ýahd. 16). Olar Hudaýa wepaly galman, ýygnakdan gidäýen ýagdaýynda-da, biz Ýehowa bolan ynamymyzy ýitirip, oňa gulluk etmegimizi bes etmeris. w20.01 sah. 29, abz. 9, 10
25-nji sentýabr, şenbe
Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň (Efes. 5:1).
«Söýgüli çagalar kimin» Hudaýdan görelde almak üçin jan etmeli. Biz başgalara söýgi, mähir bildirsek, bagyşlamaga taýyn bolsak, onuň göreldesine eýereris. Hudaýy tanamaýan adamlar gowy häsiýetlerimizi görse, belki-de, Ýehowa hakda öwrenmek islär (1 Pet. 2:12). Ene-atalar Ýehowadan görelde alyp, çagalary bilen özüni mähirli alyp barmaly. Şonda çagalaryna gökdäki Atasy Ýehowa ýakynlaşmak hasam aňsat bolar. Biz gökdäki Atamyz Ýehowa barada adamlara gürrüň bermegi uly hormat hasaplaýarys. Dawut patyşanyň: «Ýehowa joşup alkyş aýdaryn» diýen sözleri biziňem ýüregimizde joşup durmaly (Zeb. 34:2). Ýöne Ýehowa hakda aýtmaga çekinýän bolsak, nädip batyrgaý bolup bileris? Adamlara Ýehowany tanamaga kömek edenimizde, Onuň özüni bagtly duýjakdygy we ol hakda bilim alan adamlaryň durmuşynyň nähili gowy boljakdygy barada oýlansak, asla gorkmarys. Ýehowa I asyrdaky mesihçilere batyrgaý bolmaga kömek edişi ýaly, bize-de batyrgaýlyk berer (1 Sel. 2:2). w20.02 sah. 11, abz. 12, 13
26-njy sentýabr, ýekşenbe
Gidiň-de... şägirt taýýarlaň. Olary... suwa çümdüriň (Mat. 28:19).
Okuw geçýän adamlaryň köpüsi ruhy taýdan ösüş edip, suwa çümdürilýär. Emma käbir adamlar yzygider okuw geçse-de, Mesihiň şägirdi bolmaga gorkýar. Olar okuw geçmegi halasalar-da, ruhy taýdan ösüş etmeýärler. Eger siziň hem okuw geçýäniňiz bar bolsa, oňa öwrenen zatlary boýunça ýaşamaga we Mesihiň şägirdi bolmaga kömek etmek isleýänsiňiz. Ýehowa adamlaryň söýgi bilen gulluk etmegini isleýär. Şonuň üçin biz okuw geçýänlerimize Ýehowanyň olaryň her biriniň aýratynlykda aladasyny edýändigine we güýçli söýýändigine düşünmäge kömek etmegi maksat edinmeli. Biz olara Ýehowanyň «ýetimleriň atasy, dul aýallaryň hossarydygyny» bilmäge kömek etmeli (Zeb. 68:5). Okuw geçýänler Hudaýyň olary nähili güýçli söýýändigini bilende, ýürekleri joşup, Oňa bolan söýgüsi we hormaty hasam artýar. Söýgüden doly Hudaýyň olaryň ebedi ýaşamagyny isleýändigini we oňa ýetmek üçin kömek etjekdigini düşündiriň. w20.01 sah. 3, abz. 7, 8
27-nji sentýabr, duşenbe
Seniň söýgiň hakda eşidip, ýürekden begendim, göwünlik tapdym (Flm. 7).
Pawlus resul pesgöwünlidi, şonuň üçin ol dost-ýarlaryndan kömek soraýardy. Ol dogan-uýalaryň kömegini kabul etse, başgalar ony ejiz hasaplar diýip aladalanmaýardy (Kol. 4:7—11). Bizem tesellä mätäçdigimizi pesgöwünlilik bilen boýun alsak, dogan-uýalara bize gerekli kömegi bermek aňsat bolar. Pawlus resul Hudaýyň Sözünden teselli tapyp biljekdigine düşünýärdi (Rim. 15:4). Ol Hudaýyň Sözüni okap, islendik kynçylyga döz gelip biler ýaly, paýhasly bolmagy öwrendi (2 Tim. 3:15, 16). Rimde ikinji gezek tussag edilende, Pawlus tizden öldüriljekdigini bilýärdi. Pawlus Timoteosdan ýanyna çaltrak gelmegi we «golýazmalary» getirmegi haýyş edýär (2 Tim. 4:6, 7, 9, 13). Näme üçin? Şol golýazmalar Töwradyň bir bölegi bolan bolmaly. Pawlus olary okamak isleýärdi. Eger bizem Pawlus resul ýaly Mukaddes Kitaby her gün okap öwrensek, nähili kynçylyga uçrasak-da, Ýehowa öz Sözi arkaly janymyza aram tapmaga kömek eder. w20.02 sah. 23, abz. 14, 15
28-nji sentýabr, sişenbe
Adamlary ýazgarmaň, şonda sizi-de ýazgarmazlar (Mat. 7:1).
Alypaz, Bildat we Sapar Eýýuba teselli bermek üçin däl-de, onuň günä edendigini subut etmek üçin oýlanyp oturypdyrlar. Olaryň käbir sözleri dogry bolsa-da, Eýýup bilen Ýehowa barada köp nädogry we gödek zatlary aýtdylar. Olar Eýýuby günäkärläp, erbet adam hasapladylar (Eýp. 32:1—3). Ýehowa olara nähili jogap berdi? Hudaýyň olara gahary geldi we olary akmak hasaplap, şeýle tabşyryk berdi: olar Eýýubyň ýanyna baryp, özleri üçin Hudaýa dileg etmegini haýyş etmelidiler (Eýp. 42:7—9). Alypazyň, Bildatyň we Saparyň goýberen ýalňyşlygyndan ençeme sapak edinip bileris. Birinjiden, dogan-uýalary ýazgarmaly däl (Mat. 7:2—5). Biz maslahat bermezden öň, olary ünsli diňlemeli. Şonda olaryň ýagdaýyna düşünip bileris (1 Pet. 3:8). Ikinjiden, mähirli gepleýändigimize we dogry zatlary aýdýandygymyza göz ýetirmeli (Efes. 4:25). Üçünjiden, Ýehowa biziň biri-birimize aýdýan sözlerimize üns berýär. w20.03 sah. 22, 23, abz. 15, 16
29-njy sentýabr, çarşenbe
Her ýagdaýda her hili doga-dileg... ediň (Efes. 6:18).
Başgalara Ýehowa barada öwredenimizde, özümiz hem ony has gowy tanap bilýäris. Meselem, wagyzda akýürekli adamlara duşanymyzda, Ýehowanyň duýgudaş Hudaýdygyna göz ýetirýäris (Ýah. 6:44; Res. 13:48). Şeýle-de okuw geçýän adamlarymyzyň erbet endiklerini taşlap, gowy häsiýetleri ösdürýändigini görenimizde, Hudaýyň Sözüniň örän güýçlüdigini görýäris (Kol. 3:9, 10). Mundan başga-da ýaşaýan ýerimizdäki adamlara Hudaýyň özüni tanamaga we halas bolmaga köp mümkinçilik bermeginden Onuň juda sabyrlydygy görünýär (Rim. 10:13—15). Biz Ýehowa näçe ýyldan bäri gulluk etsek-de, hiç haçan onuň bilen dostlugymyzyň gymmatyny gaçyrmaly däl. Hudaýa doga etsek, onuň bilen dostlugymyzyň gadyryny bilýändigimizi subut ederis. Jana-jan dost bolmak üçin iň gerekli zatlaryň biri näme? Gowy gürrüňdeşlik. Şol sebäpli Hudaýa köpräk doga edip, ýüregiňiziň töründäki syrlaryňyzy aýtmaga çekinmäň. w19.12 sah. 19, abz. 11, 13, 14
30-njy sentýabr, penşenbe
Hudaý... günäleriňizi bagyşlady (1 Ýah. 2:12).
Allanyň günälerimizi bagyşlaýandygyny bilmek göwnümizi göterýär. Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde Isa Şeýtanyň we onuň dünýäsiniň bize ýetirýän ähli zyýanyny tizden ýok eder (Işa. 65:17; 1 Ýah. 3:8; Ylh. 21:3, 4). Eýsem, bu umyt bizi ruhlandyrmaýarmy näme?! Isa bize ýeňil bolmadyk ýumşy tabşyrsa-da, ol dünýäniň ahyryna çenli elmydama biziň bilen bolar (Mat. 28:19, 20). Bu bizi mundan beýläk hem batyrgaý bolmaga höweslendirýär. Kalbymyzdaky rahatlyk, gelejege bolan umyt we batyrgaýlyk pikirimizde parahatlygy saklamaga kömek edýär. Dürli kynçylyklar sebäpli biynjalyk bolanymyzda, pikirimizde rahatlygy saklamaga näme kömek eder? Şeýle ýagdaýda biz Isanyň göreldesine eýerip bileris. Birinjiden, nähili ýagdaý bolaýanda-da hemişe doga ediň. Ikinjiden, Ýehowa gulak asyň we kyn ýagdaýlarda hem yhlasly wagyz ediň. Üçünjiden, dostlaryňyzyň berýän kömegini kabul ediň. Şonda Hudaýyň parahatlygy pikiriňizi we ýüregiňizi gorar (Flp. 4:6, 7). Isa ýaly sizem islendik synagy ýeňip bilersiňiz (Ýah. 16:33). w19.04 sah. 13, abz. 16, 17