Oktýabr
1-nji oktýabr, anna
Ýehowa özüne ýürekden wepaly adamlara kömek etmek üçin ýer ýüzüne syn edýär (2 Tar. 16:9).
Şu günler Ýehowa bizi dürli ýollar bilen goraýar. Meselem, biz dünýäniň ähli ýerinde hakykaty wagyz edýäris we öwredýäris (Mat. 28:19, 20). Şeýdip, Iblisiň işlerini paş edýäris. Dogrudan-da, Şeýtanyň elinde bolsa, ol biziň ähli edýän işlerimizi togtadardy, ýöne ol muny başarmaýar. Ine, şonuň üçinem biz zalym ruhlardan gorkmaly däl. Ýehowa wepaly bolsak, jynlar bize zyýan ýetirip bilmez. Emma biz zalym ruhlara garşy durmaly we Ýehowa bil baglamaly. Şeýtsek, köp bereketleriň eýesi bolarys we Şeýtanyň täsirine düşmeris. Şeýle-de jynlardan gorkup ýaşamarys. Iň esasy zat bolsa, Ýehowa bilen dostlugymyzy berkideris. Ýakup şägirt: «Iblise garşy duruň, şonda ol sizden gaçar. Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýip ýazdy (Ýak. 4:7, 8). w19.04 sah. 24, abz. 15; sah. 25, abz. 18
2-nji oktýabr, şenbe
Perzent Allanyň beren sylagydyr (Zeb. 127:3).
Çagalaryňyzyň «Ýehowanyň beren mirasydygyny», ýagny sowgadydygyny unutmaň. Siz çagalaryňyzy erbetlikden goramaga jogapkär. Siz olary nädip gorap bilersiňiz? Birinjiden, zorluk edýän adamlardan çagany nädip goramalydygyny biliň. Çagalary, adatça, nähili adamlaryň zorlaýandygyny we munuň üçin olaryň nähili usullary ulanýandygyny öwreniň. Howply ýagdaýlary görjek boluň (Nak. 22:3; 24:3). Köp ýagdaýlarda çagany öňden bäri tanaýan we onuň ynamyna giren adamlaryň şeýle işleri edýändigini unutmaň. Ikinjiden, çagalaryňyz bilen açyk gürrüňdeşlik ediň (5 Mus. 6:6, 7; Ýak. 1:19). Zorlugyň pidasy bolan çagalar köplenç bolan zatlary aýtmaga gorkýarlar. Olar özlerine ynanmazlar öýdýärler ýa-da zorluk eden adamdan gorkup, bolan zatlary hiç kime aýtmaýarlar. Çagaňyza bir zat bolandyr öýtseňiz, ýumşaklyk bilen sorag beriň we aýdýan zatlaryny ünsli diňläň. Üçünjiden, çagalaryňyza öwrediň. Kimdir biri onuň jyns agzalaryna ýa-da başga bir ýerine degjek bolanda, näme diýmelidigini öwrediň. w19.05 sah. 13, abz. 19—22
3-nji oktýabr, ýekşenbe
Ýehowa ýüregi tekepbiri ýigrenýär (Nak. 16:5, çykgyt).
Ýehowa näme üçin tekepbir adamy ýigrenýärkä? Munuň bir sebäbi, şeýle adamlar özüni bilip, Şeýtan ýaly tekepbirdigini görkezýär. Göz öňüne getiriň, Şeýtan tekepbirlige ýüz urup, hatda Ýehowa ähli zady ýaratmaga kömek eden Isany hem özüne sežde etdirjek boldy (Mat. 4:8, 9; Kol. 1:15, 16). Şeýle garaýyş «dünýäniň akyldarlygynyň» Hudaý üçin akmaklykdygyny görkezýär (1 Kor. 3:19). Mukaddes Kitabyň maslahatlary özümize dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Onda özüňi ýerlikli söýmegiň nädogry däldigi aýdylýar. Mysal üçin, Isanyň: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen sözleri özümiz barada belli bir derejede alada etmelidigimizi görkezýär (Mat. 19:19). Emma Mukaddes Kitapda özümizi başgalardan ýokary tutmazlyk barada şeýle diýilýär: «Hiç zady dawa-jenjel ýa-da ulumsylyk bilen etmäň, gaýtam pesgöwünli boluň, başgalary özüňizden ýokary saýyň» (Flp. 2:3; Rim. 12:3). w19.05 sah. 24, abz. 13, 14
4-nji oktýabr, duşenbe
Mundan beýläk şu dünýäniň täsirine düşmäň... pikiriňizi... üýtgediň (Rim. 12:2).
Hudaýyň Sözündäki hakykaty ilkinji sapar eşidip, Ýehowa gulluk etmegi ýüregiňize düweniňizde, durmuşyňyzda käbir özgerişleri edendigiňiz ýadyňyza düşýändir. Biziň köpümiz durmuşymyzy düýbünden üýtgetdik (1 Kor. 6:9—11). Günäli ýoldan el çekmäge kömek edendigi üçin, biz Ýehowa ýürekden minnetdar. Biz özgerişlik etmegimizi dowam etmeli. Hudaýa özümizi bagyş edenimizden soň, agyr günäleri etmesek-de, Ýehowa ýaramaýan işleri etmäge iterýän islendik zatdan gaça durmak üçin elimizde baryny etmeli. Bizden iki zat talap edilýär. Birinjiden, «dünýäniň täsirine düşmeli däl», ýagny erbet täsirinden gaça durmaly. Ikinjiden, «pikirimizi... üýtgetmeli». «Ütgetmek» diýlende, ýöne bir daş keşbiňi däl-de, içki dünýäňi üýtgetmek göz öňünde tutulýar. Biz pikirimizi, garaýşymyzy, häsiýetlerimizi, endiklerimizi üýtgetmeli. w19.06 sah. 9, abz. 4—6
5-nji oktýabr, sişenbe
Ýehowa, sen hemaýatkärim hem dertdeşim! (Zeb. 86:17).
Göwnüçökgünlige düşenimizde, ýygnak duşuşyklary güýjümize güýç goşup biler. Ýygnaga baranymyzda, Ýehowa aladamyzy etmäge we teselli bermäge has-da köp mümkinçilik berýäris. Ýygnakda Ýehowa bizi mukaddes ruhy, Sözi we halky arkaly berkidýär. Biz ýygnakda biri-birimizi ruhlandyrýarys (Rim. 1:11, 12). Sofiýa uýamyz şeýle diýýär: «Ýehowa hem-de dogan-uýalar maňa kynçylyklarymyň hötdesinden gelmäge kömek etdiler. Bu babatda hasam ýygnak duşuşyklary kömek etdi. Men köpräk wagza çyksam we ýygnaga yzygider gatnaşsam, şonça-da kynçylyklaryma hem-de gaýgy-aladalaryma döz gelip bilýändigime göz ýetirdim». Eger sizem kyn güne düşen bolsaňyz, onda bir zady unutmaň: Ýehowa diňe bir gelejekde kynçylyklarymyzy doly aýyrjakdygyny wada bermän, eýsem häzir hem olara döz gelmäge güýç berýär. Ol göwnüçökgünlik we lapykeçlik ýaly duýgular bilen göreşmek üçin, «isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer» (Flp. 2:13). w19.06 sah. 19, abz. 17, 18
6-njy oktýabr, çarşenbe
Gorkmaň! Baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä barsynlar. Olar bilen şol ýerde görşerin (Mat. 28:10).
Isa şägirtlerine bir wajyp tabşyryk bermekçidi. Şonuň üçin ol direlenden soň, şägirtleri bilen görüşmek isledi. Isa şägirtleri bilen görşende, olara wajyp bir iş tabşyrdy. I asyrda başlan bu iş häzire çenli hem dowam edýär. Isa: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň... Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň» diýdi (Mat. 28:19, 20). Isa şägirtleriniň ählisiniň wagyz etmegini isledi. Ol bu tabşyrygyny diňe 11 wepaly resulyna bermändi. Biz muny nireden bilýäris? Isa Jelilede şägirt taýýarlamak baradaky tabşyrygy berende, ýanynda diňe resullary bardymy? Ýadyňyzda bolsa, perişde aýallara: «(Jelilede) görşersiňiz» diýipdi (Mat. 28:7). Görşümiz ýaly, şol ýere wepaly aýallar hem baran bolmaly. w20.01 sah. 2, abz. 1—4
7-nji oktýabr, penşenbe
Indi siz dünýäden däl, sebäbi men sizi dünýäden saýlap aldym. Şonuň üçin dünýä sizi ýigrenýär (Ýah. 15:19).
Isa yzarlamalara duçar bolanymyzda näme üçin geň galmaly däldigini düşündirdi. Biz dünýäden bolmandygymyz üçin, dünýä bizi ýigrenýär. Yzarlamalar Ýehowanyň bize öz patasyny bermegini bes edendigini aňlatmaýar. Gaýtam bu biziň dogry ýoldan ýöreýändigimizi subut edýär. Adamlar bizi Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa gulluk etmekden saklap bilmeýär. Köp adamlar öň şeýle etjek boldular, ýöne başarmadylar. Meselem, Ikinji jahan urşy döwründe näme bolandygyna seredeliň. Uruş döwri häkimiýetler Ýehowanyň Şaýatlaryny zalymlyk bilen yzarlaýardy. Şol döwürler wagyz işimiz diňe bir Germaniýada däl, Awstraliýada, Kanadada we başga ýurtlarda hem gadagan edilipdi. Ýöne bir zada üns beriň. 1939-njy ýylda uruş başlanda, bütin dünýä boýunça 72 müň 475 wagyzçy bardy. 1945-nji ýylda urşuň ahyrynda, olaryň sany 156 müň 299-a ýetdi. Hawa, Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany iki esseden hem köpeldi. Elbetde, bu diňe Ýehowanyň kömegi bilen şeýle boldy. w19.07 sah. 9, abz. 4, 5
8-nji oktýabr, anna
Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler (Ýah. 13:35).
Siz Mukaddes Kitap okuwyny geçirmeseňiz-de, şägirt taýýarlamak işine öz goşandyňyzy goşup bilýärsiňiz. Meselem, ýygnaga täze gelýänleri mähirli garşylap, olary goldap bilersiňiz. Şonda olar aramyzdaky doganlyk söýgini görüp, Isanyň hakyky şägirtleridigimize göz ýetirer. Şeýle-de ýygnakda gysgajyk jogaplary berip, olara ynanýan zatlary hakda ýürekden we hormat bilen aýtmagy öwredip bilersiňiz. Mundan başga-da täze wagyzçy bilen wagza çykyp bilersiňiz, adamlar bilen gürrüňdeş bolanda, aýatlary nädip ulanmalydygyny öwredip bilersiňiz. Şeýdip, siz olara Isanyň göreldesine eýermäge kömek edersiňiz (Luka 10:25—28). Mesihçileriň köpüsi dürli borçlary ýerine ýetirýär. Emma olar şonda-da adamlar bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçirmek üçin wagtyny sarp edýär we mundan köp şatlyk tapýar. w19.07 sah. 17, abz. 11, 13
9-njy oktýabr, şenbe
Yzda galan zatlary unudyp, öňdäki zatlary almaga jan edýärin... ýaşaýşy almak üçin ylgaýaryn (Flp. 3:13, 14).
Pawlus öňki gazanan üstünlikleri ýa-da eden günäleri sebäpli ylgaw ýolunda badyny gowşatmady. Ol yzda galan zatlary unudar ýaly, öňdäki zatlary almaga jan etmegiň we pellehana çenli ylgamagyň wajypdygyny aýtdy. Pawlusyň badyny näme gowşadyp bilerdi? Birinjiden, Pawlusyň at-abraýy. Ol ýehudy dininiň hormatlanýan adamy bolsa-da, ähli zady «zir-zibil hasaplady» (Flp. 3:3—8). Ikinjiden, Pawlusyň eden günäleri. Ol mesihçileri yzarlandygy üçin özüni günäkär duýup, göwnüçökgünlige düşmedi. Üçünjiden, Pawlusyň Ýehowa üçin eden işleri. Ol Ýehowa üçin köp işleri etdim, indi dynç alaýyn diýmedi. Pawlus türmede otursa-da, urulsa-da, daşlansa-da, gämi heläkçiligine uçrasa-da, aç-suwsuz we ýarym-ýalaňaç bolsa-da, yhlasly wagyz etdi (2 Kor. 11:23—27). Pawlus Ýehowa üçin köp işleri etse-de, ejir çekse-de, badyny gowşatman ylgamalydygyna düşünýärdi. Bizem onuň göreldesine eýermeli. w19.08 sah. 3, abz. 5
10-njy oktýabr, ýekşenbe
Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin iberýärin (Mat. 10:16).
Dogan-uýalaryň köpüsi ýaşaýan ýurdunda aç-açan ýa-da öýden-öýe wagyz etmek gadagan edilse-de, başga usullar bilen wagyz edýärler (Mat. 10:17—20). Şol ýurtlaryň birinde etrap gözegçisi wagyzçylara dogan-garyndaşlarynyň, klasdaşlarynyň, işdeşleriniň we tanyş-bilişleriniň öýlerini meýdançasy hasaplap, olara wagyz etmegi maslahat berdi. Iki ýylyň içinde şol ýerdäki ýygnaklaryň sany öňküsinden artdy. Belki-de, biziň ýaşaýan ýerimizde wagyz işi gadagan edilen däldir. Emma biz ugurtapyjy dogan-uýalardan köp zady öwrenip bileris. Biz her mümkinçilikden peýdalanyp, wagyz etmek üçin elimizde baryny etsek, Ýehowanyň islendik kynçylygy ýeňip geçmäge güýç berjegine ynamly bolup bileris (Flp. 2:13). Geliň, iň wajyp zatlara göz ýetirmäge, päk bolmaga, hiç kimi büdretmezlige we ýagşy işleri etmäge jan edeliň. Şonda söýgimiz artyp, aladaçyl Atamyz Ýehowany şöhratlandyrarys. w19.08 sah. 12, 13, abz. 17, 18
11-nji oktýabr, duşenbe
At üstünde oturan gullary, gul kimin pyýada barýan şazadalary gördüm (Nes. 10:7).
Biz diňe öz pikirini öňe sürýän, başgalaryň teklibini kabul etmeýän adamlaryň ýanynda bolasymyz gelmeýär. Gaýtam dogan-uýalar «duýgudaş, rehimdar, pesgöwünli bolsa», olaryň ýanynda özümizi rahat duýýarys (1 Pet. 3:8). Biz pesgöwünli adamlar bilen dostlaşmak isleýäris. Şonuň ýaly bizem pesgöwünli bolsak, olaram biziň bilen dostlaşmak islär. Pesgöwünli adama kynçylyga döz gelmek aňsat bolýar. Köplenç biz adalatsyzlyk edilýändigini görýäris ýa-da özümiz adalatsyzlyga uçraýarys. Käte başarjaň we zehinli adamlaryň gadyryny bilmeýärler, ýöne ukypsyz adamlary öwüp arşa çykarýarlar. Süleýman patyşa hem adalatsyzlyk sebäpli nägile bolup ýörmän, ýagdaýy bolşy ýaly kabul etmegiň paýhaslydygyna düşünýärdi (Nes. 6:9). Eger pesgöwünli bolsak, ýagdaýy öz isleýşimiz ýaly üýtgetjek bolman, bolşy ýaly kabul ederis. w19.09 sah. 4, abz. 9, 10
12-nji oktýabr, sişenbe
Atalar, çagalaryňyzy... Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň (Efes. 6:4).
Ygtyýary bolan adamlar başgalara kömek edip bilerler. Meselem, Ýehowa erkek adamlary maşgalabaşy edip belledi we çagalaryna terbiýe hem öwüt-ündew bermegi tabşyrdy (1 Kor. 11:3). Ýöne olaryň ygtyýary çäklidir, sebäbi maşgalany döreden Ýehowanyň öňünde jogap bermeli (Efes. 3:14, 15). Atalar Ýehowa nädip tabyn bolup bilerler? Olar borçlaryny Hudaýyň isleýşi ýaly ýerine ýetirmeli. Ýehowanyň beren ygtyýaryny nädogry ulanmaň. Ýalňyşyňyzy boýun alyp, Mukaddes Kitabyň esasynda berlen maslahaty kabul ediň. Şonda aýalyňyz we çagalaryňyz pesgöwünlidigiňizi görüp, size hormat goýarlar. Olar bilen doga edeniňizde, Ýehowa ýüregiňizi döküň. Goý, olar siziň Ýehowanyň kömegine mätäçdigiňizi duýsunlar. Esasan-da, Ýehowa gulluk etmegi ähli zatdan ileri tutýandygyňyzy bilsinler (5 Mus. 6:6—9). Maşgalaňyz üçin iň gymmatly sowgat siziň göreldäňizdir. w19.09 sah. 15, abz. 8; sah. 17, abz. 14, 16
13-nji oktýabr, çarşenbe
Eger ol (Markus) barsa, gowy garşylamagy... haýyş edipdim (Kol. 4:10).
Markus hemişe adamlaryň aladasyny edýärdi. Ol resullara hem hyzmat edýärdi; Pawlus bilen Petrus resul borçlaryny ýerine ýetirýärkäler, Markus olara gerek zatlaryny ýetirip durýardy (Res. 13:2—5; 1 Pet. 5:13). Şol sebäpli Pawlus Markusyň «Hudaýyň Patyşalygy hakda (özi) bilen wagyz edip», ony berkidendigini aýdýar (Kol. 4:11). Markus Pawlusyň jana-jan dostlarynyň biridi. Mysal üçin, takmynan b. e. 65-nji ýylynda Pawlus Rimde soňky sapar türmede oturanda, Timoteosa ikinji hatyny ýazypdy. Şonda ol hatynda Timoteosdan ýany bilen Markusy hem alyp gaýtmagy haýyş edýär (2 Tim. 4:11). Elbetde, Pawlus Markusyň wepaly gullugyny gymmat saýýardy, şonuň üçin kyn gününde Markusyň öz ýanynda bolmagyny isleýärdi. Markus Pawlusa dürli ýollar bilen kömek edýärdi. Mümkin, ol Pawlusa iýmit we hatlaryny ýazmak üçin gerek-ýarak zatlary getirip berendir. Markusyň göwünlik hem goldaw bermegi Pawlusa ölüminiň öň ýanyndaky günlerde çydamly bolmaga kömek etdi. w20.01 sah. 11, abz. 12, 13
14-nji oktýabr, penşenbe
Meniň ýanyma geliň (Mat. 11:28).
Biziň saýlan ýolumyz janaýamazlygy we ýürekden zähmet çekmegi talap edýär. Isa biziň yzarlanjakdygymyzy aýdypdy. Ýöne Ýehowa bize islendik synaga döz gelmäge güýç berer. Synaglarda näçe çydamly bolsak, şonça-da imanymyz berkär (Ýak. 1:2—4). Şeýle-de Ýehowanyň gerekli zatlary berjekdigine, Isanyň goldajakdygyna we dogan-uýalaryň ruhlandyrjakdygyna ynamly bolup bileris (Mat. 6:31—33; Ýah. 10:14; 1 Sel. 5:11). Isanyň «gan akma keselinden» sagaldan aýaly şol günüň özünde rahatlyk tapdy (Luka 8:43—48). Emma ol hemişelik rahatlyk tapmak üçin Isanyň wepaly şägirdi bolmalydy. Aýal Isanyň şägirdi boldumyka? Eger ol Isanyň boýuntyrygyny dakynan bolsa, gökde gulluk etmek hormatyna eýe bolandyr we alan bereketleri Isanyň yzyna eýermek üçin geçen islendik zadyna degýändir. Bizem gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt etsek-de, Isanyň: «Meniň ýanyma geliň» diýen çakylygyny kabul edenimize diýseň begenýäris. w19.09 sah. 25, abz. 21, 22
15-nji oktýabr, anna
Öý akyldarlyk bilen gurulýar, parasatlylyk bilen düýbi tutulýar (Nak. 24:3).
Dawudyň esgerleri kömege mätäçdi. Olar baý adam Nabaldan iýer ýaly zat soradylar. Olar çölde Nabalyň sürülerini gorandyklary üçin gerekli zatlary arkaýyn alyp bileris öýtdüler. Emma gadyrbilmez Nabal olara hiç zat bermedi. Şonda Dawut gahar atyna atlanyp, Nabal we onuň hojalygyndaky ähli erkek göbeklileri gyryp taşlamakçy boldy (1 Şam. 25:3—13, 22). Emma Nabalyň owadan aýaly Abygaýyl örän düşünjelidi. Ol batyrgaýlyk bilen Dawudyň öňünden çykýar we dyza çöküp, gan dökmekden hem-de ar almakdan saklanmagy haýyş edýär. Şeýle-de Abygaýyl ýumşaklyk bilen Ýehowanyň kömegine bil baglamagy maslahat berýär. Abygaýylyň pesgöwünlilik bilen aýdan sözleri we paýhaslylyk bilen eden işleri Dawudyň ýüregine güýçli täsir edýär. Şonda ol Abygaýyly Ýehowanyň iberendigine düşünýär (1 Şam. 25:23—28, 32—34). Abygaýyl Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolar ýaly gowy häsiýetleri ösdüripdi. Şu günler Abygaýylyň göreldesine eýerýän düşünjeli uýalar sypaýyçylyk bilen gerekli maslahatlary berip, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolýarlar we maşgala agzalaryny hem-de dogan-uýalary berkidýärler (Tit. 2:3—5). w19.10 sah. 23, abz. 10
16-njy oktýabr, şenbe
Eý halkym, onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, başyna injek belalara uçramaz ýaly, ol ýerden çykyň! (Ylh. 18:4).
Mesihçiler Beýik Wawilony, ýagny ýalan dini hiç hili goldamaýandygyna göz ýetirmeli. Belki-de, Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adam öň ýalan dine uýandyr. Ol däp-dessurlary berjaý edip, dini çärelere gatnaşandyr ýa-da pul sadakasyny berip goldandyr. Adam suwa çümdürilmedik wagyzçy bolmazdan öň, ýalan dinden doly çykmaly. Ol Beýik Wawilona degişli guramalara, buthana ýa metjide indi barmajakdygyny görkezýän hat ýazmaly, ýa-da başga usullar bilen aýtmaly. Mesihçi saýlan işiniň Beýik Wawilon, ýagny ýalan din bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyna göz ýetirmeli (2 Kor. 6:14—17). Näme üçin şu meselede aýgytly hereket etmeli? Biz dini guramalaryň edýän günäli işlerine goşulmak islemeýäris, sebäbi Hudaý olary haram hasaplaýar (Işa. 52:11). w19.10 sah. 12, abz. 16, 17
17-nji oktýabr, ýekşenbe
Ýehowa rehimdar, mähirli... Ol günäleriňi ýatladyp durmaz, gahar-gazaby hemişe tutaşyp durmaz (Zeb. 103:8, 9).
Ýermeýa pygamber öz adyny göterýän kitaby ýazýar. Şeýle-de ol 1 we 2 Patyşalar kitabyny hem ýazan bolmaly. Şonda ol Ýehowanyň bikämil adamlara rehimdarlyk edýändigine göz ýetiren bolmaly. Meselem, Ahap patyşa toba edendigi üçin, Ýehowa onuň döwründe maşgalasyna betbagtçylyk indermändi (1 Pat. 21:27—29). Şeýle-de Manaşa patyşa Ahapdan-da köp günä eden hem bolsa, Ýehowa ony toba edendigi üçin bagyşlady (2 Pat. 21:16, 17; 2 Tar. 33:10—13). Şu wakalar Ýermeýa pygambere rehimdar we sabyrly Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýermäge kömek etdi Baruk biraz wagt Hudaýyň tabşyran ýumşy bilen däl-de, başga işler bilen meşgullanýar. Ýöne Ýermeýa umydyny üzmeýär we Ýehowanyň berk duýduryşyny mähir bilen aýdyp, Baruga kömek edýär (Ýer. 45:1—5). w19.11 sah. 6, abz. 14, 15
18-nji oktýabr, duşenbe
Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir (Ýew. 6:10).
Musa pygamberiň üçünji kitabynda ysraýyllaryň parahatlyk gurbanlygyny «minnetdarlyk hökmünde berendikleri» aýdylýar (3 Mus. 7:11—13, 16—18). Olar borçly bolandyklary üçin däl-de, isleýändikleri üçin gurbanlyk berýärdiler. Ýehowa Hudaýa meýletinlik bilen edýän gullugymyzy parahatlyk gurbanlygy bilen deňeşdirse bolýar. Şeýdip, biz Ýehowany güýçli söýýändigimizi görkezýäris. Biz Ýehowany ýürekden söýýändigimiz üçin, oňa iň gowy zadymyzy bermek isleýäris. Ýehowa millionlarça adamlaryň söýgi we höwes bilen gulluk edýändigini görüp örän begenýär. Ýehowanyň diňe bir edýän işimizi däl, eýsem niýetimizi hem gymmat saýýar. Eger siz garrylyk sebäpli öňkiňiz ýaly köp işleri edip bilmeýän bolsaňyz, Ýehowanyň ýagdaýyňyza düşünýändigini unutmaň. Belki, siz berýän «gurbanlygyňyzy» ujypsyzja hasaplaýansyňyz, ýöne Ýehowa siziň eliňizde baryny edip, söýgi bilen edýän işleriňizi görýär. Ol ýürekden berýän «gurbanlygyňyzy» höwes bilen kabul edýär. w19.11 sah. 22, abz. 9; sah. 23, abz. 11, 12
19-njy oktýabr, sişenbe
Ýörüň, çola ýere gidip, biraz dynç alalyň (Mar. 6:31).
Zähmete dogry garaýyşda bolmak örän wajyp. Süleýman patyşa: «Her bir işiň öz wagty bar» diýip ýazdy. Ol bu sözleri aýdanda, ekmek, dikmek, aglamak, gülmek, tans etmek we başga-da işler hakda belläp geçdi (Nes. 3:1—8). Dogrudan-da, zähmet çekmek we dynç almak adamyň durmuşynda esasy zatlaryň biri bolup durýar. Isa hem zähmet çekmeklige we dynç almaklyga dogry garaýardy. Bir gezek resullar adamlara öwretmek bilen şeýle bir başagaýdy welin, hatda «nahar iýmäge-de wagtlary ýokdy». Şonda Isa olara şu günki aýatdaky sözleri aýtdy (Mar. 6:30—34). Elbetde, Isa bilen şägirtleri hemişe dynç alyp ýörmeýärdi. Ýöne Isa dynç almagyň wajypdygyna düşünýärdi. Bizem wagtal-wagtal dynç almaly. Belki-de, munuň üçin gün tertibimizi hem üýtgetmeli bolarys. Hudaýyň geçmişde halkyna her hepde Sabat gününi bellemek barada beren tabşyrygy dynç almagyň wajypdygyny görkezýär. Elbetde, biz Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýarys. Ýöne Sabat güni barada berlen kanundan köp zat öwrenip bilýäris. w19.12 sah. 3, abz. 6, 7
20-nji oktýabr, çarşenbe
Hiç haçan alada etmäň (Mat. 6:31).
Ýehowa öz Sözi arkaly wepaly gullukçylarynyň mähir bilen aladasyny etjekdigine ynandyrýar we muny etmäge özüni borçly hasaplaýar (Zeb. 31:1—3). Ol biziň we maşgalamyzyň hemmetaraplaýyn aladasyny etjekdigini wada berýär. Allatagala wadasyny ýerine ýetirmäge hiç kim we hiç zat päsgel berip bilmez! (Mat. 6:30—33; 24:45). Ýehowanyň beren sözünde durýandygyny ýadymyzda saklasak, pul bilen bagly kynçylyklara döz geleris. Geliň, I asyrda bolan bir waka hakda biraz gürrüň edeliň. Iýerusalimdäki ýygnagy güýçli yzarlap başlanlarynda, «resullardan başga şägirtler» gaçyp gitdiler (Res. 8:1). Göz öňüne getiriň, şonda mesihçileriň ahwaly nähili bolandyr! Kynçylyk üstüne kynçylyk. Olar öýlerini we işini taşlap gaýtmaly bolandyr. Ýöne Ýehowa olary taşlamady; şol sebäpli olar şeýle kyn döwürde-de şatlygyny ýitiren däldir (Res. 8:4; Ýew. 13:5, 6; Ýak. 1:2, 3). Ýehowa şol wepaly mesihçileri goldan bolsa, bizi hem goldajakdygyna şübhelenmän bileris (Zeb. 37:18, 19). w20.01 sah. 17, abz. 14, 15
21-nji oktýabr, penşenbe
Ýehowa... pesgöwünlilere seredýär (Zeb. 138:6).
Dawut kakasynyň goýunlaryny ýolbarsdan hem aýydan goranda, şol wagşy haýwanlary ýeňmäge Ýehowanyň güýç berendigine düşünýärdi. Şeýle-de ol äpet Jalut pälwanyň garşysyna çykanda, Ýehowanyň ony goldandygyny gördi (1 Şam. 17:37). Göripçilik eden Şawul patyşadan gaçyp ýören wagtlary hem Dawut Ýehowanyň ony öz penasynda gorap saklandygyny bilýärdi (Zeb. 18, sözbaşy). Eger Dawut tekepbir bolan bolsa, ol ähli zatlaryň hötdesine özüm döz geldim diýerdi. Emma ol kiçigöwünli bolandygy üçin, Ýehowanyň ony bir ömür eliniň aýasynda göterendigini boýun alýardy (Zeb. 138:6). Biz mundan näme öwrenýäris? Elbetde, biz Ýehowadan kömek soramakdan başga-da käbir zatlary etmeli. Biz Ýehowanyň haçan we nädip kömek edýändigine düşünjek bolmaly. Eger biz kiçigöwünli bolsak, edýän işlerimiziň ählisini Ýehowanyň kömegi bilen başarýandygymyza düşüneris. Her gezek Ýehowanyň goldawyny görenimizde, onuň bilen dostlugymyz hasam berkär. w19.12 sah. 20, abz. 18, 19
22-nji oktýabr, anna
Ata gowy görýän ogluny terbiýeleýär, Ýehowa-da söýýänine temmi berýär (Nak. 3:12).
Ýehowanyň bizi gymmat saýýandygyny, Onuň bize özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berişinden we hoş habara seslenmäge kömek edişinden bilse bolýar (Ýah. 6:44). Biz Ýehowa näçe köp ýakynlaşsak, ol hem bize şonça köp ýakynlaşar (Ýak. 4:8). Şeýle-de Ýehowa bize öwretmek üçin wagtyny hem güýjüni gaýgyrmaýar. Bu-da Onuň bizi gymmat saýýandygynyň ýene bir subutnamasy. Mundan başga-da ol biziň nähili adamdygymyzy we gowy tarapa üýtgeýändigimizi görýär. Ol bizi söýýändigi üçin terbiýeleýär. Şu zatlar biziň Ýehowa üçin gymmatlydygymyzy subut edýär. Dawut patyşany-da käbirleri dereksiz adam hasaplaýardy, ýöne Ýehowa ony gowy görüp, elmydama goldaýardy. Elbetde, başgalaryň ýaramaz gep-gürrüňleri Dawut patyşanyň özüne bolan ynamyny gaçyrandyr (2 Şam. 16:5—7). Biziň hem özümize bolan ynamymyz gaçanda ýa-da kynçylyk bolanda, Ýehowa şol ýagdaýa başgaça seretmäge hem-de dag ýaly kynçylyklardan üstün çykmaga kömek edip bilýär (Zeb. 18:27—29). Eger Ýehowa bizi goldasa, oňa şatlyk bilen gulluk etmäge hiç zat päsgel bermez (Rim. 8:31). w20.01 sah. 15, abz. 7, 8
23-nji oktýabr, şenbe
Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň (Mat. 28:20).
Mukaddes Kitap okuwyny geçjek bolanyňyzda, her gezek doga ediň. Adatça, okuw geçip başlanyňyza birnäçe hepde geçende, her sapagyň başynda hem soňunda doga etseňiz gowy bolar. Elbetde, näçe öň başlasaňyz, şonça-da gowy bolýar. Biz okuw geçýänlerimize Hudaýyň Sözüne düşünmek üçin, onuň mukaddes ruhunyň gerekdigini düşündirmeli. Käbir wagyzçylar okuw geçýänine doga etmegiň wajypdygyny düşündirende, Ýakup 1:5-däki: «Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin» diýen sözleri okap berýär. Soňra ondan: «Biz nädip Hudaýdan akyldarlyk alyp bileris?» diýip soraýar. Şonda okuw geçýän adam Hudaýa doga etmegiň wajypdygyna düşünýär. Nädip doga etmelidigini öwrediň. Ýehowanyň ýürekden edilýän dogalary diňleýändigini okuw geçýänleriňize düşündiriň. Şeýle-de Ýehowa ýüregimizi döküp, hiç kime aýdyp bilmeýän zatlarymyzy hem Oňa aýdyp bilýändigimizi aýdyň. Sebäbi Ýehowa içki dünýämizde nämeleriň bolup geçýändigini gowy bilýär (Zeb. 139:2—4). w20.01 sah. 2, abz. 3; sah. 5, abz. 11, 12
24-nji oktýabr, ýekşenbe
Hudaýyň saýlamagy adamyň islegine ýa-da tagallasyna däl-de, rehimdar Hudaýa bagly (Rim. 9:16).
Adamy haçan saýlamalydygyny Ýehowanyň özi çözýär (Rim. 8:28—30). Ýehowa Ogly Isany direldensoň, mesihçileri saýlap başlady. I asyrda ýaşan mesihçileriň ählisi gökde ýaşamak üçin saýlanan bolmaly. Ondan soňky asyrlarda özüne mesihçi diýýänler, aslynda, Mesihiň yzyna eýermeýärdi. Emma şol döwür hem Ýehowa käbir mesihçileri saýlapdy. Olar Isanyň mysalyndaky haşal otlaryň arasynda ekilen bugdaýlara meňzeýär (Mat. 13:24—30). Ýehowa soňky günlerde hem 144 müňlere degişli adamlary saýlaýardy. Diýmek, Hudaý ahyrzamanyň öňüsyrasynda-da birini saýlasa, onuň akyldarlygynyň çäksizdigini ýatdan çykarmaly däl (Rim. 9:11). Biz Isanyň mysalyndaky işçiler ýaly görip bolmakdan seresap bolmaly. Olar hojaýynyň bir sagat işlänlere hem deň hak töländigine nägile boldular (Mat. 20:8—15). w20.01 sah. 30, abz. 14
25-nji oktýabr, duşenbe
Gullarym... joşup aýdym aýdarlar (Işa. 65:14).
Ýehowa söýgüden doly ata hökmünde maşgalasynyň bagtly bolmagyny isleýär. Şonuň üçin kynçylyklara duşsak-da, häzirden bagtly bolmaga bizde köp sebäpler bar. Meselem, gökdäki Atamyzyň bizi güýçli söýýändigini bilýäris. Mukaddes Kitapdan dogry bilim alýarys (Ýer. 15:16). Ýehowany, kada-kanunlaryny we biri-birini söýýän agzybir ruhy maşgalamyz bar (Zeb. 106:4, 5). Dogrudan-da, biz özümizi bagtly duýýarys, sebäbi gelejekde has gowy ýaşaýşyň boljakdygyna umyt edýäris. Biz tizden Ýehowanyň ähli erbetligi aýyrjakdygyny we Patyşalygynyň saýasynda ýer ýüzünde Jenneti dikeltjekdigini bilýäris. Şeýle-de ölen adamlaryň direlip, ýakynlaryna, maşgalasyna gowuşjakdygyna umyt edýäris (Ýah. 5:28, 29). Şonda hemmeler şatlanar. Esasy zat bolsa, biz adamlaryň hem perişdeleriň bilelikde söýgüden doly Atamyza öwgi, alkyş aýdyp, sežde etjek döwrüne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys, sebäbi Ýehowa muňa mynasyp! w20.02 sah. 13, abz. 15, 16
26-njy oktýabr, sişenbe
Saňa, diňe saňa garşy günä etdim (Zeb. 51:4).
Eger siz agyr günä eden bolsaňyz, etmişiňizi gizlemäň. Gaýtam Ýehowanyň öňünde açyk boýun alyň. Şonda ynsabyňyz arassa bolar, derdiňiz hem ýeňlär. Emma Ýehowa bilen dostlugyňyzy ýene-de dikeltmek isleseňiz, doga-dilegden başga-da käbir zatlary etmeli. Hudaýyň düzedişini kabul ediň. Ýehowa Natan pygamberi Dawudyň Batşeba bilen eden günäsini aýtmak üçin iberende, Dawut özüni aklap ýa-da eden günäsiniň onçakly agyr däldigini aýtmady. Ol diňe bir Batşebanyň ýanýoldaşyna garşy däl-de, Ýehowa garşy günä edendigini şol bada boýun aldy. Dawut Ýehowanyň düzedişini kabul etdi, Hudaýam ony bagyşlady (2 Şam. 12:10—14). Bizem agyr günä eden bolsak, Ýehowanyň bellän çopanlaryna aýtmaly (Ýak. 5:14, 15). Şeýle ýagdaýda biz öz-özümizi aklamaly däl. Düzedişi näçe çalt kabul etsek, şonça-da kalbymyzda şatlyk hem rahatlyk tiz ornaşar. w20.02 sah. 24, abz. 17, 18
27-nji oktýabr, çarşenbe
Ähli halklardan we dillerden on adam... ýehudynyň donundan... berk ýapyşyp, şeýle diýer: «Biz siziň bilen gitjek, sebäbi Hudaýyň siziň bilendigini eşitdik» (Zek. 8:23).
«On adam» ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýänleri aňladýar. Olar Ýehowanyň «ýehudyny», ýagny saýlanan mesihçileri ýalkaýandygyna düşünýärler we olar bilen Hudaýa bilelikde sežde etmegi uly hormat hasaplaýarlar. Şu günler ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler saýlananlaryň ählisiniň adyny bilmese-de, olar bilen «gidip bilýärler». Nädip? Üns beren bolsaňyz, şu günki aýatda bir ýehudy agzalýar. Emma aýatdaky «siz» we «siziň bilen» diýen sözler bir däl-de, köpräk adam hakda gürrüň edilýändigini görkezýär. Diýmek, ýehudy bir adamy däl-de, saýlananlaryň toparyny aňladýar. Saýlanmadyk mesihçiler saýlananlar bilen bilelikde Ýehowa agzybir gulluk edýärler. Emma olar saýlananlara baştutan ýaly garamaýarlar; sebäbi olar diňe Isanyň ýolbaşçy bolmaga doly hakynyň bardygyna düşünýärler (Mat. 23:10). w20.01 sah. 26, abz. 1, 2
28-nji oktýabr, penşenbe
Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler (Ýah. 13:35).
Isa hemmeleriň şägirtlerini tanajakdygyny aýdypdy. Munuň üçin şägirtler Isanyň göreldesine eýerip, ýürekden söýmelidiler. Isanyň aýdan sözleri I asyrda-da, şu günler hem ýerine ýetýär. Hawa, nähili kynçylyk bolsa-da, birek-biregi söýmek örän wajyp. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Kynçylyklara garamazdan, biri-birini söýýän dogan-uýalardan näme öwrenip bilerin?» Adamzat nesline miras geçen bikämillik sebäpli birek-biregi ýürekden söýmek kyn bolmagy ahmal. Muňa garamazdan, biz Isa Mesihiň göreldesine eýermeli. Isa göwnümize degen dogan ýa-da uýa bilen ýaraşmagyň örän wajypdygyny aýtdy (Mat. 5:23, 24). Ol Hudaýyň göwnünden turmak islesek, hemmeler bilen gowy gatnaşykda bolmalydygymyzy nygtap geçdi. Biz dogan-uýalar bilen ýaraşmak üçin jan etsek, Ýehowa örän begenýär. Ýöne biz öýke-kine saklap, ýaraşmak üçin tagalla etmesek, Alla seždämizi kabul etmez (1 Ýah. 4:20). w20.03 sah. 24, abz. 1—4
29-njy oktýabr, anna
Biz... ylhamly sözüň hakykatdygyny ýa-da ýalandygyny tapawutlandyrýarys (1 Ýah. 4:6).
Şeýtan «ýalanyň atasy»; adamzat ýaradylany bäri, ol adamlary aldap gelýär (Ýah. 8:44). Onuň ýaýradýan ýalan öwretmeleriniň arasynda ölüm we ölümden soňky ýaşaýyş diýen düşünjeler hem bar. Şol ýalan taglymatlar giňden ýaýran ençeme däp-dessurlaryň döremegine getirdi. Näme üçin şeýle köp adam Şeýtanyň aldawyna düşýärkä? Sebäbi Şeýtan ölümiň bize nähili täsir edýändigini bilýär we muny bizi aldamak üçin ulanýar. Biz ebedi ýaşamak üçin ýaradyldyk, şol sebäpli hiç birimiziň ölesimiz gelmeýär (Nes. 3:11). Ine, şonuň üçinem ölüme duşmanymyz hökmünde garaýarys (1 Kor. 15:26). Şeýtan adamlary aldamak üçin näçe jan etse-de, ölüm baradaky hakykat gizlin galmady. Häzir köp adamlar Mukaddes Kitapdaky hakykaty, ýagny ölen adamlaryň nähili ýagdaýdadygyny we olar üçin nähili umydyň bardygyny bilýär hem-de bu hakda wagyz edýär (Nes. 9:5, 10; Res. 24:15). Şeýle hakykatlar bize teselli berýär we ölüm gorkusyny ýeňmäge kömek edýär. w19.04 sah. 14, abz. 1; sah. 15, abz. 5, 6
30-njy oktýabr, şenbe
Biri-biriňiziň ýüküňizi göteriň. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny berjaý edersiňiz (Gal. 6:2).
Ýehowa gullukçylaryny gaty gowy görýär. Ol häzirem olary söýýär, gelejekde-de söýmegini dowam eder. Şeýle-de Ýehowa adalaty söýýär (Zeb. 33:5). Şol sebäpli biz 1) gullukçylary adalatsyz hereket edende, Ýehowanyň gaty gynanýandygyna, 2) onuň öz wagtynda adalaty dikeltjekdigine doly ynamly bolup bileris. Hudaýyň Musa pygamber arkaly ysraýyl halkyna beren Kanuny söýgä esaslanýar. Kanunda hemmelere, esasan-da, ejizlere adalatly bolmak talap edilýärdi (5 Mus. 10:18). Musanyň kanuny Ýehowanyň öz gullukçylarynyň ýürekden aladasyny edýändigini görkezýär. B. e. 33-nji ýylynda mesihçiler ýygnagy dörände, Musanyň kanuny güýjüni ýitirdi. Eýsem mesihçileriň söýgä esaslanan we adalatly bolmagy talap edýän kanuny bolmazmy? Elbetde, bolar! Mesihçiler täze kanuna, ýagny «Mesihiň kanunyna» eýerip ýaşaýar. Isa şägirtlerine ýazmaça kanun däl-de, görkezmeleri, tabşyryklary we prinsipleri berdi. «Mesihiň kanuny» Isanyň öwreden ähli zatlaryny öz içine alýar. w19.05 sah. 2, 3, abz. 1—3
31-nji oktýabr, ýekşenbe
Hudaý ähli kynçylyklarda göwünlik berýär (2 Kor. 1:4).
Adamlar köplenç tesellä mätäç bolýar we olaryň biri-birine teselli bermek ukyby bar. Mysal üçin, çaga oýnap ýörkä ýykylyp, dyzyny sypjyrsa, derrew ejesiniň ýa kakasynyň ýanyna ylgaýar. Ene-atasy onuň ýarasyny bejerip bilmese-de, ony köşeşdirýär. Olar çagasyndan näme bolandygyny sorap, gözýaşyny süpürýärler, ony gujaklap, teselli beriji sözleri aýdýarlar. Şeýle-de ýarasyny daňýarlar. Biraz wagtdan çaga aglamasyny goýýar-da, ýene-de oýnap başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen, ýarasam bitýär. Ýöne käwagt çagalar gaty erbet şikes alýar. Käbir çagalar zorlanýar. Çaga bir gezek ýa-da ýyllaryň dowamynda yzygider zorlanmagy mümkin. Nähili bolaýanda-da, zorlanan çagalar özüni gaty erbet duýýarlar. Käbir ýagdaýlarda günäkärleri tutup, jeza alsalar-da, käte olar jezadan gaçýarlar. Hatda olara jeza berselerem, bolan zatlar zorlanan çaganyň ulalanda-da ýadyndan çykmaýar. w19.05 sah. 14, abz. 1, 2