Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es21 sah. 108—118
  • Noýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Noýabr
  • Her günki aýady okalyň — 2021
  • Sözbaşylar
  • 1-nji noýabr, duşenbe
  • 2-nji noýabr, sişenbe
  • 3-nji noýabr, çarşenbe
  • 4-nji noýabr, penşenbe
  • 5-nji noýabr, anna
  • 6-njy noýabr, şenbe
  • 7-nji noýabr, ýekşenbe
  • 8-nji noýabr, duşenbe
  • 9-njy noýabr, sişenbe
  • 10-njy noýabr, çarşenbe
  • 11-nji noýabr, penşenbe
  • 12-nji noýabr, anna
  • 13-nji noýabr, şenbe
  • 14-nji noýabr, ýekşenbe
  • 15-nji noýabr, duşenbe
  • 16-njy noýabr, sişenbe
  • 17-nji noýabr, çarşenbe
  • 18-nji noýabr, penşenbe
  • 19-njy noýabr, anna
  • 20-nji noýabr, şenbe
  • 21-nji noýabr, ýekşenbe
  • 22-nji noýabr, duşenbe
  • 23-nji noýabr, sişenbe
  • 24-nji noýabr, çarşenbe
  • 25-nji noýabr, penşenbe
  • 26-njy noýabr, anna
  • 27-nji noýabr, şenbe
  • 28-nji noýabr, ýekşenbe
  • 29-njy noýabr, duşenbe
  • 30-njy noýabr, sişenbe
Her günki aýady okalyň — 2021
es21 sah. 108—118

Noýabr

1-nji noýabr, duşenbe

Başgalary özüňizden ýokary saýyň (Flp. 2:3).

Şu günler köp adamlar özüňe dogry garaýyşda bolmak babatda Mukaddes Kitapda berilýän maslahaty äsgermezlik edýärler. Olar başgalary özüňden ýokary tutsaň, depäňde tans oýnaýarlar diýýärler. Emma siziň pikiriňizçe, Şeýtanyň dünýäsindäki özüňi bilmeklik ruhuna eýermek gowy netije berýärmi? Özüni bilýän adamlar bagtlymy? Olar maşgalasy bilen bagtly ýaşaýarmy? Hakyky dostlary barmy? Hudaý bilen ýakyn gatnaşygy barmy? Daş-töwerekdäki adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutsak, şu dünýäniň akyldarlygyna eýermek gowy netije berýärmi ýa-da Hudaýyň Sözündäki akyldarlyga eýermek? (1 Kor. 3:19). Dünýäniň akyldarlygyna eýerýänlerden maslahat soraýan adamlar özleri ýaly azaşan syýahatçydan ýol soraýan adama meňzeýär. Isa özlerini akyldar saýýan adamlar babatda şeýle diýdi: «Olar kör ýolbaşçylardyr. Eger kör köri idip ýol görkezse, ikisi-de çukura gaçar» (Mat. 15:14). Dogrudan-da, dünýäniň akyldarlygyna eýermek akylsyzlyk! w19.05 sah. 24, 25, abz. 14—16

2-nji noýabr, sişenbe

Perişdeler... saýlananlary ýygnarlar (Mat. 24:31).

Köp ýyllaryň dowamynda Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlaryň sany barha köpelýär. Biz muňa biynjalyk bolmalymy? Elbetde, ýok. «Ýehowa saýlanlaryny bilýändir» (2 Tim. 2:19). Ýehowadan tapawutlykda, Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlaryň sanyny hasaplaýan doganlar kimiň hakykatdan saýlanandygyny anyk bilmeýär. Şol sebäpli saýlanan diýip pikir edýän adamlarymyz, aslynda, saýlanmadyk bolmagy mümkin. Meselem, käbir mesihçiler soňabaka nyşandan datmagyny bes edýär. Başgalar bolsa, pikir ýa-da duýgy taýdan kesel bolandygy üçin, Mesih bilen gökde höküm sürjekdigine ynanýarlar. Dogrudan-da, biz ýer ýüzünde näçe sany saýlanan mesihçiniň galandygyny bilmeýäris. Saýlananlar «ýeriň dört künjeginden, asmanyň bir ujundan beýleki ujuna çenli... ýygnalar». Mukaddes Kitapda soňky günlerde ýer ýüzünde az sanly saýlananlaryň boljakdygy aýdylýar (Ylh. 12:17). Emma uly betbagtçylyk başlanda, anyk näçe sany saýlanan mesihçiniň boljakdygy aýdylmaýar. w20.01 sah. 29, 30, abz. 11—13

3-nji noýabr, çarşenbe

Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi (Ýah. 3:16).

Isanyň ýiten ogul hakdaky mysalyndan Ýehowanyň öz çagalaryny nähili güýçli söýýändigi görünýär (Luka 15:11—32). Mysaldaky ata oglunyň yzyna dolanjakdygyna ynanýardy; şol sebäpli gözi onuň ýolundady. Ogly gaýdyp gelende, kakasy ony gujak açyp garşy alýar. Ýehowadan daşlaşyp, ýöne toba eden bolsak, söýgüden doly Atamyzyň bizi mähir bilen kabul etjekdigine ynanyp bileris. Gökdäki Atamyz Ýehowa Adam atanyň ýetiren ähli zyýanyny aýrar. Erem bagyndaky pitneden soň, Ýehowa Ogly bilen gökde patyşalar hem ruhanylar boljak 144 müň adamy saýlamagy ýüregine düwdi. Isa bilen ýanyndaky hökümdarlar täze dünýäde adamlary kämil ýaşaýşa ýetirerler. Iň soňky synagda gulak asan adamlara bolsa Hudaý ebedi ýaşaýşy sowgat berer. Atamyz ýer ýüzüniň kämil ogul-gyzlaryndan doludygyny görende, ýüregi şatlykdan dolar. Şonda, gör, nähili ajaýyp durmuş bolar! w20.02 sah. 6, 7, abz. 17—19

4-nji noýabr, penşenbe

Pikiriňizi hemişe täzeläp duruň (Efes. 4:23).

Özümize şeýle sorag berip bileris: «Men özgerişlik etmäge ýüzleý garaýarynmy ýa-da çynlakaý?» Bu soragyň jogabyny bilmek örän wajyp. Isa munuň üçin näme etmelidigini düşündirdi (Mat. 12:43—45). Biz Isanyň sözlerinden wajyp sapak edinýäris: Erbet pikirleri ýöne bir aýyrman, onuň ýerini Hudaýa ýaraýan pikirler bilen doldurmaly. Pikirimizi we garaýşymyzy düýpgöter üýtgedip bilerismi? Hudaýyň Sözünde bu barada şeýle diýilýär: «Şeýle-de Hudaýyň islegine görä ýaradylan hakyky dogruçyllyga we wepadarlyga esaslanan täze häsiýetleri geýiň» (Efes. 4:24). Görşümiz ýaly, biz garaýşymyzy üýtgedip bilýäris, ýöne muny etmek aňsat däl. Diňe bir erbet höweslerimize erk etmek we erbet işlerden el çekmek ýeterlikli däl. Biz «pikirimizi we garaýşymyzy» hem özgertmeli. Şeýle-de islegimizi, niýetimizi we özümizi alyp barşymyzy üýtgetmeli. Munuň üçin hemişe tagalla etmeli. w19.06 sah. 9, 10, abz. 6, 7

5-nji noýabr, anna

Biz şäheri weýran etjek bolýarys (1 Mus. 19:13).

Ýehowa Luta rehimdarlyk bildirip, ony we maşgalasyny halas etmek üçin perişdelerini iberdi. Emma Lut haýal-ýagallyk edýär. Şonda perişdeler onuň we maşgala agzalarynyň elinden tutup, şäherden alyp çykýarlar (1 Mus. 19:15, 16). Soňra perişdeler Luta daga gaçmagy tabşyrýarlar. Ýöne ol bu gezek hem Ýehowa gulak asmagyň deregine, ondan golaýdaky şähere gaçmagy haýyş edýär (1 Mus. 19:17—20). Ýehowa Luty sabyrlylyk bilen diňläp, soran şäherine gitmäge rugsat berýär. Soňra Lut baran şäherinde ýaşamaga gorkup, Ýehowanyň başda aýdan daglyk ýerine gidýär (1 Mus. 19:30). Ýehowa Luta çäksiz sabyrlylygyny bildirdi. Şu günler hem Lut ýaly käbir mesihçiler gelen nädogry karary sebäpli köp kynçylyklara uçrap biler. Şeýle ýagdaýda biz näme ederis? Biz: «Adam näme ekse, şony hem orýar-da» diýmegimiz mümkin (Gal. 6:7). Belki, biziň aýdýanymyzyň jany bardyr. Ýöne şeýle ýagdaýda Ýehowanyň Luta kömek edişi ýaly, imandaşymyza kömek etsek, gowy bolar. w19.06 sah. 21, abz. 4, 5

6-njy noýabr, şenbe

Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn (Ýew. 13:6).

Duşmanlar wagyz işimizi gadagan edende, biz gorkup, Ýehowa gulluk etmegimizi bes ederis öýdýärler. Munuň üçin olar biz barada ýalan zatlary ýaýradyp bilýär. Öýümizi dökmek üçin polisiýa işgärlerini ugradýar, jenaýat işini gozgap, hatda türmä-de basyp bilýär. Olar birini türmä bassak, galanlary gorkudan ýaňa Hudaýa gulluk etmegini bes eder diýip pikir edýär. Emma biz gorksak, onda öz-özümize Ýehowa sežde etmegi gadagan eden ýaly bolýarys. Biz 3 Musa 26:36, 37-nji aýatlarda agzalýan adamlara meňzäsimiz gelmeýär. Gorkynyň yhlasymyzy gowşatmagyna we Hudaýa gulluk etmegimizi bes etdirmegine ýol bermäliň. Biz Ýehowa doly bil baglaýarys we gorkup, howsala düşmeýäris (Işa. 28:16). Geliň, Ýehowadan görkezme sorap, doga etmegimizi dowam edeliň. Biz bir zada berk ynanýarys: Eger Ýehowa bilen bolsak, onda hatda iň güýçli hökümdaram bizi oňa wepaly gulluk etmekden saklap bilmez. Yzarlamalar belli bir derejede bizi gorka we aljyraňňylyga salsa-da, Ýehowa has-da yhlasly gulluk etmäge iterýär. w19.07 sah. 9, 10, abz. 6, 7

7-nji noýabr, ýekşenbe

Hudaýyň sözüni wagyz et (2 Tim. 4:2).

Eger gullugyňyz hiç hili netije bermeýän ýaly bolup görünse, ruhdan düşmäň we Isanyň şägirdi bolmak isleýän adamlary gözlemegiňizi dowam ediň. Isa şägirt taýýarlamaklygy balyk tutmak bilen deňeşdirdi. Käwagt balykçylar toruna balyk düşýänçä, sagatlap garaşmaly bolýar. Olar köplenç ýarygijä çenli işlemeli ýa-da daň bilen turmaly bolýar. Käte bolsa kenardan has uzaga ýüzmeli bolýarlar (Luka 5:5). Şonuň ýaly, şägirt taýýarlamak işine gatnaşýan käbir wagyzçylar dürli wagtda we dürli ýerde wagyz edip, ençeme sagatlap sabyrlylyk bilen «balyk tutýarlar». Olar näme üçin şeýle edýärkäler? Sebäbi şeýdip köpräk adama wagyz etse bolýar. Köpräk tagalla edýän dogan-uýalar köplenç hakykat bilen gyzyklanýan adamlary tapýarlar. Şol sebäpli adamlaryň öýünde bolaýjak wagty barsak ýa-da adamlaryň köpräk ýerinde wagyz etsek gowy bolar. Mukaddes Kitap okuwyny geçirenimizde hem sabyrly bolmaly. Näme üçin? Munuň bir sebäbi, biz okuw geçýän adama diňe bir Mukaddes Kitapdaky hakykatlary bilmäge we gymmat saýmaga däl-de, onuň awtory Ýehowany söýmäge kömek etmek isleýäris. w19.07 sah. 18, 19, abz. 14, 15

8-nji noýabr, duşenbe

Yzda galan zatlary unudýaryn (Flp. 3:13).

Käbirimiz eden günälerimizi ýatlap ruhdan düşýändiris. Eger şeýle bolsa, Mesihiň töleg gurbany hakdaky makalalary köpräk okasak gowy bolar. Töleg gurbany barada okasak, oýlansak we doga etsek, kalbymyzda rahatlyk duýarys. Ýehowanyň bagyşlandygyna düşünip, özümizi günäkärlemeris. Pawlusdan ýene näme öwrenip bileris? Käbirimiz Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin ýokary wezipeden ýüz öwrendiris. Eger biz öňki durmuşymyz hakda oýlanyp, geçen zatlarymyza ökünsek, yzda galan zatlary unudyp bilmeris (4 Mus. 11:4—6; Nes. 7:10). Şeýle-de «yzda galan zatlara» öň Ýehowa gulluk edip, gazanan üstünliklerimiz ýa-da synaglarda berk durup, Hudaýa wepaly galanymyz hem degişli. Elbetde, Ýehowanyň şol günler beren goldawy we bereketleri barada oýlansak, Onuň bilen dostlugymyz berkidip bileris. Emma Ýehowa üçin köp işleri etdim, indi dynç alsamam bolar diýip yhlasyňy gowşatmaly däl (1 Kor. 15:58). w19.08 sah. 3, abz. 5, 6

9-njy noýabr, sişenbe

Hemişe doga-dileg ediň (1 Sel. 5:17).

Biz islendik ýerde we islendik wagtda Hudaýa doga edip bilýäris. Doga edenimizde, Hudaý işli ýa-da maňa ünsem berýän däldir diýip pikir etmeli däl. Ol bizi hemişe diňlemäge taýyn. Ýehowanyň dogalarymyzy diňleýändigini bilmek ony has güýçli söýmäge höweslendirýär. Mezmurçy: «Men Ýehowany söýýärin, ol dogamy diňleýär» diýdi (Zeb. 116:1). Gökdäki Atamyz dogalarymyzy ýöne bir diňlemän, olara jogap hem berýär. Ýahýa resul ynam bilen: «Islegine görä näme dilesek, ol hökman eşider» diýdi (1 Ýah. 5:14, 15). Elbetde, Ýehowa biziň garaşyşymyz ýaly jogap bermän biler. Ol biziň üçin nämäniň gowy boljakdygyny bilensoň, käte haýyşlarymyza ýok ýa-da garaş diýmegi mümkin (2 Kor. 12:7—9). Ýehowa gerekli zatlarymyzy berýär. Ýehowa maşgalabaşylardan talap edýän zadyny özi hem ýerine ýetirýär (1 Tim. 5:8). Ol çagalaryna gerekli zatlaryny berip, aladasyny edýär. Şol sebäpli Hudaý biziň iýjek-içjegimiz, egin-eşigimiz ýa-da ýaşajak ýerimiz hakda çendenaşa alada etmegimizi islemeýär (Mat. 6:32, 33; 7:11). Söýgüli Ata hökmünde gelejekde ähli isleg-arzuwlarymyzy ýerine ýetirer. w20.02 sah. 5, abz. 10—12

10-njy noýabr, çarşenbe

Bir süri, bir çopan bolar (Ýah. 10:16).

Gökde ýaşamaga umyt edýänleriň ählisi «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» däl (Mat. 24:45—47). I asyrdaky ýaly, şu günler hem Ýehowa bilen Isa az sanly doganlaryň üsti bilen halkyna ruhy iýmit paýlap, tälim berýär. I asyrda hem saýlanan mesihçileriň bary-ýogy birnäçesi Injiliň kitaplaryny ýazdylar. Biziň günlerimizde-de saýlananlaryň diňe käbirine Hudaýyň gullukçylaryna «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek» jogapkärçiligi ynanyldy. Ýehowa halkynyň köp bölegine ýerde ebedi ýaşaýşy, birnäçesine bolsa Isa bilen höküm sürer ýaly gökdäki ýaşaýşy peşgeş berer. «Ýehudy» ýa «on adam» bolsun, Ýehowa hemme gullukçylaryny sylaglar (Zek. 8:23). Ýöne munuň üçin Hudaýyň kada-kanunlaryna gulak asmaly we oňa wepaly galmaly. Şeýle-de biziň ählimiz pesgöwünli bolmaly we Ýehowa agzybir gulluk etmeli. Mundan başga-da ählimiz ýygnakda parahatlygy saklamak üçin elimizde baryny etmeli. Şu dünýäniň soňunyň ýetip gelýändigi üçin, geliň, Ýehowa ýürekden gulluk etmegi we «bir süri» hökmünde Mesihiň yzyna eýermegimizi dowam edeliň! w20.01 sah. 31, abz. 15, 16

11-nji noýabr, penşenbe

Hudaýyň sözüni diňlemeýänler... aýdýan sözleriňize däl-de, edim-gylymyňyza seredip iman eder (1 Pet. 3:1, 2).

Biz mejburlyk bilen dogan-garyndaşlarymyza hoş habary kabul etdirip bilmeris, ýöne Mukaddes Kitapdaky habara düşünmäge kömek edip bileris (2 Tim. 3:14, 15). Sözüňiz däl-de, edim-gylymyňyz şaýatlyk etsin. Köplenç biziň aýdýan sözlerimiz däl-de, edýän işlerimiz dogan-garyndaşlarymyza güýçli täsir edýär. Olara kömek etmek üçin eliňizde baryny ediň. Biz Ýehowanyň göreldesine eýermeli. Ol adamlara hoş habary «gaýta-gaýta» eşitdirip, ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär (Ýer. 44:4). Pawlus resul Timoteosa janyny gaýgyrman adamlara kömek etmelidigini aýtdy. Şonda Timoteos hem özüni, hem oňa gulak asýanlary halas edip bilerdi (1 Tim. 4:16). Bizem dogan-garyndaşlarymyzy gowy görýäris we Hudaýyň Sözündäki hakykaty bilmeklerini isleýäris. w19.08 sah. 14, abz. 2; sah. 16, 17, abz. 8, 9

12-nji noýabr, anna

Gizlin saklanan söýgüden, ýüzüňe aýdylan käýinç ýagşydyr (Nak. 27:5).

Biz her gün pesgöwünli bolmaly. Geliň, maslahat berlende nädip pesgöwünli bolmalydygyna seredeliň. Biri maslahat berýän bolsa, onda ýalňyşlyk goýberendiris. Belki, ýalňyşandygymyzy özümiz bilýänem däldiris. Şonda maslahaty kabul etmek kyn bolup biler. Mümkin, biz maslahat beren adamy ýa-da onuň nädip maslahat berendigini ýazgaryp başlaýandyrys. Ýöne pesgöwünli bolsak maslahaty kabul ederis. Pesgöwünli adam berlen maslahat üçin minnetdar bolýar. Aýdaly, siz Ýygnak jaýynda dogan-uýalar bilen gepleşip dursuňyz. Bir dogan sizi gyra çekip, dişiňizde etiň galandygyny aýdýar. Şonda utanjyňyzdan ýaňa ýüzüňiz gyzarsa gerek. Ýöne siz dogana örän minnetdar bolardyňyz we öňräk aýdan bolsa, has gowy bolardy diýerdiňiz. Diýmek, biz pesgöwünli bolmaly we gerek wagty çekinmän maslahat berýän dogan-uýalara minnetdarlyk aýtmaly. Biz olary duşmanymyz däl-de, dostumyz hasaplamaly (Nak. 27:6; Gal. 4:16). w19.09 sah. 5, abz. 11, 12

13-nji noýabr, şenbe

Oglum, ataň tabşyryklaryny berjaý et, eneň öwüt-ündewini unutma (Nak. 6:20).

Ejeleriň ygtyýary çäkli bolsa-da, Ýehowa olara hormatly borç ynandy we çagalaryna terbiýe bermegi tabşyrdy. Ejesiniň öwüt-ündewi we göreldesi çagalaryna dogry ýoly saýlamaga kömek edýär (Nak. 22:6). Aýallar Isanyň ejesi Merýemden näme öwrenip biler? Merýem Mukaddes Kitaby gowy bilýärdi. Ol Ýehowa hormat goýup, onuň bilen dostlugyny berkidýärdi. Merýem Ýehowanyň görkezmesine tabyn bolup, durmuşyny düýpgöter özgertmäge taýyndy (Luka 1:35—38, 46—55). Mähriban ejeler, siz Merýemden näme öwrenip bilersiňiz? Birinjiden, Mukaddes Kitaby okaň we hemişe doga edip, Ýehowa bilen dostlaşyň. Ikinjiden, Ýehowany begendirmek üçin durmuşyňyzy özgertmäge taýýar boluň. w19.09 sah. 18, abz. 17—19

14-nji noýabr, ýekşenbe

Uly märekäni gördüm (Ylh. 7:9).

Hudaý Ýahýa resula gelejek barada ajaýyp görnüş görkezýär. Görnüşde dört perişdä tabşyryk berilýär. Olar Hudaýyň gullarynyň maňlaýyna möhür basylýança, uly betbagtçylygy getirjek ýeli saklamalydy (Ylh. 7:1—3). Maňlaýyna möhür basylmaly adamlar Isa bilen gökde höküm sürjek 144 000 saýlanan mesihçiler (Luka 12:32; Ylh. 7:4). Soňra Ýahýa başga adamlar barada gürrüň berýär. Olar şeýle bir köpdi welin, Ýahýa haýran galyp şeýle diýýär: «Şondan soň seretsem, ine, ähli milletden, taýpadan, halkdan we dilden bolan hiç kimiň sanap bilmedik uly märekesini gördüm. Olar tagtyň we Guzynyň öňünde... durdylar» (Ylh. 7:9—14). Ýahýa resul gelejekde köp adamlaryň Hudaýa ak ýürekden sežde etjekdigini bilip, diýseň begenendir. Hudaýyň görkezen görnüşi Ýahýanyň imanyny berkitdi. Şol görnüş biziň hem imanymyzy berkidýär. Sebäbi biz şol görnüşiň ýerine ýetýän döwri ýaşaýarys. Biz millionlarça adamyň Ýehowanyň halkyna goşulýandygyny gözümiz bilen görýäris! Olar uly betbagtçylykdan aman galyp, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. w19.09 sah. 26, abz. 2, 3

15-nji noýabr, duşenbe

Üstlerine şol bada betbagtçylyk iner. Olar gaçyp gutulyp bilmezler (1 Sel. 5:3).

Göz öňüne getiriň, syýasy ýolbaşçylar ahyry «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan edýär. Belki, olar ýer ýüzünde şeýle parahatlyk bolmandy diýip öwünerler. Syýasy ýolbaşçylar ähli kynçylygy çözüp bilýändiklerine ynandyrmak islärler. Emma olar şondan soňra boljak wakanyň öňüni alyp bilmezler. «Beýik Wawilon» ýok ediler! Hudaý olaryň ýüregine öz pikirini guýar (Ylh. 17:5, 15—18). Şonda ýalan dinler, şol sanda hristian dünýäsi ýok ediler. Hudaý niýetini amala aşyrmagy «on şahyň» we «gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň» ýüregine guýar. «Wagşy haýwan» Birleşen Milletler Guramasyny, «on şah» bolsa ony goldaýan ähli hökümetleri aňladýar (Ylh. 17:3, 11—13; 18:8). Olar ýalan dine hüjüm edende, uly betbagtçylyk başlar. Şonda dünýäni sarsdyrjak betbagtçylyk bolar. w19.10 sah. 14, abz. 1, 3

16-njy noýabr, sişenbe

Hojaýynsyraýan Diýotref bize hormat goýmaýar, sözümize gulak asmaýar (3 Ýah. 9).

I asyrda ýaşan Diýotref ýygnakda ýolbaşçylyk edýän doganlara göriplik edýärdi. Ol ýygnakda «agalyk etmek» isleýär, şonuň üçin Ýahýa resul we beýleki jogapkär doganlar hakda ýaramaz gürrüňleri ýaýradyp başlaýar (3 Ýah. 10). Elbetde, biz Diýotrefiňki ýaly edýän däldiris. Ýöne arzuw edip ýören borjumyz başga birine berlende, ol borjy men has gowy ýerine ýetirerdim diýip, şol dogana göriplik etmegimiz mümkin. Göriplik häsiýeti edil zäherli haşal ot ýalydyr. Ýüregimizde göriplik kök uran bolsa, ony aýyrmak aňsat bolmaýar. Adam görip bolsa, soňabaka gabanjaň, tekepbir hem-de diňe özüni bilip başlaýar. Haşal otuň gülüň ösmegine päsgel berişi ýaly, göriplik hem söýgi, duýgudaşlyk we mähribanlyk häsiýetleriň bolmagyna päsgel berýär. Göriplik döräp başlandygyny bilen badymyza, ony ýüregimizden köki bilen sogrup taşlamaly. w20.02 sah. 15, abz. 6, 7

17-nji noýabr, çarşenbe

Bedenimde tiken bar (2 Kor. 12:7).

Pawlus resul «bedenimde tiken bar» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Eger aýagyňyza tiken batan bolsa, onuň nähili agyryly bolýandygyny bilýänsiňiz. Pawlus kynçylygynyň tiken ýaly agyrylydygyny aýdýar. Ol kynçylygyny «şarpyk çalýan» (çykgyt) Şeýtanyň perişdesi diýip atlandyrdy. Belki, Pawlus Şeýtan we onuň jynlary sebäpli kynçylyga uçran däldir. Ýöne zalym ruhlar «tikeni» has-da çümdürip, Pawlusyň agyrysyny artdyrmak isländirler. Şonda Pawlus näme etdikä? Başda Pawlus «tikenden» dynmak isledi. Ol «Hudaýa üç gezek ýalbaryp, tikeni aýyrmagy haýyş edýär». Emma Pawlus näçe ýalbarsa-da, tiken aýrylmady. Ýehowa onuň dogasyna jogap bermedimi näme? Ýok, jogap berdi. Ol «tikeni», ýagny kynçylygy aýyrmasa-da, Pawlusa döz gelmäge güýç berdi. Ýehowa: «Ejizlikleriň arkaly meniň güýjüm has gowy görünýär» diýdi (2 Kor. 12:8, 9). Hudaýyň kömegi bilen Pawlus şatlygyny we parahatlygyny saklap bildi (Flp. 4:4—7). w19.11 sah. 9, abz. 4, 5

18-nji noýabr, penşenbe

Ýehowa Hudaý ýürekden wepaly bolmagy talap edýär (Nah. 1:2).

Ýehowa biziň ýürekden wepaly bolmagymyza mynasyp, sebäbi ol bizi ýaratdy we ýaşaýyş berdi (Ylh. 4:11). Ýöne bir howply ýagdaý bar. Ýehowany söýüp, oňa hormat goýsak-da, başga zatlar durmuşymyzda wajyp orun eýeläp, Ýehowa ýürekden wepaly bolmaga päsgel berip biler. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, Hudaýa wepaly bolmak üçin ony ýürekden söýmeli. Biz ýürekden wepaly bolsak, diňe Ýehowa gulluk ederis. Biz hiç kime ýa-da hiç zada ýüregimizde Ýehowanyň ornuny eýelemäge ýol bermeris (2 Mus. 34:14). Biz Ýehowa köre-körlük bilen gulluk etmeýäris. Sebäbi biziň wepalylygymyz Ýehowa hakda öwrenen zatlarymyza esaslanýar. Biz Hudaýyň ajaýyp häsiýetleri barada öwrenip örän begenýäris. Hudaýyň halaýan we ýigrenýän zatlaryny bilip, şoňa görä ýaşaýarys. Biz Hudaýyň adamzat babatdaky niýetine düşünýäris we onuň kada-kanunlaryny ýerine ýetirýäris. Ol bize dosty bolmaga mümkinçilik berdi, muny uly hormat hasaplaýarys (Zeb. 25:14). Ýaradyjymyz hakda öwrenýän her bir zadymyz oňa ýakynlaşmaga kömek edýär (Ýak. 4:8). w19.10 sah. 26, abz. 1—3

19-njy noýabr, anna

Hak dost elmydama söýýär, ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr (Nak. 17:17).

Şu günler dogan-uýalar dürli kynçylyklara uçraýarlar. Olaryň köpüsi tebigy betbagtçylykdan we uruşlardan ejir çekýär. Biz şeýle kyn ýagdaýlary başdan geçirýän dogan-uýalar üçin öýümiziň gapysyny giňden açyp bileris. Ýa-da olara pul kömegini berip bileris. Şeýle-de olar üçin Ýehowa doga edip bileris. Käte dogan-uýalaryň ruhdan düşendigini eşidenimizde, näme diýjegimizi we näme etjegimizi bilmeýäris. Ýöne biziň ählimizde kömek etmäge mümkinçilik bar. Meselem, biz dostlarymyz üçin wagt sarp edip bileris. Olar ýüregini dökende ünsli diňläp, gowy görýän aýadymyzy okap, teselli berip bileris (Işa. 50:4). Dostlarymyza kömek etmegiň iň gowy usuly kyn gününde olaryň ýanynda bolmakdyr. Geliň, dogan-uýalar bilen ýakyndan tanşyp, olar bilen dost bolmagy ýüregimize düweliň. Biziň dostlugymyz diňe bir dünýäniň ahyryna çenli däl-de, ebedi dowam eder. w19.11 sah. 7, abz. 18, 19

20-nji noýabr, şenbe

Parahatlyk gurbanlygyny Ýehowa şeýdip bermelidir (3 Mus. 7:11).

Ysraýyllar Ýehowa Hudaýy söýýändikleri üçin, göwnünden çykaran gurbanlygyny hödürleýärdiler. Olar beren gurbanlygynyň etini maşgalasy we ruhanylar bilen iýýärdiler. Ýöne gurbanlyk berlen malyň käbir bölekleri diňe Ýehowa hödürlenýärdi. Olar haýsylar? Ýehowa malyň ýagyny iň gowy bölegi hasaplaýardy. Şeýle-de malyň böwregini we başga-da käbir böleklerini Ýehowa hödürlemelidi (3 Mus. 3:6, 12, 14—16). Ysraýyllar malyň ýagyny we böwregini meýletinlik bilen hödürlände, Ýehowa örän begenýärdi. Şeýle gurbanlygy berýän adam Hudaýa iň gowy zadyny bermek isleýändigini görkezýärdi. Şonuň ýaly Isa hem bütin ýüregi bilen Ýehowany söýýändigi üçin, elinde baryny edip gulluk edýärdi (Ýah. 14:31). Isa Hudaýyň islegini ýerine ýetirip şatlanýardy (Zeb. 40:8). Isanyň höwes bilen gulluk edýändigini görüp, Ýehowa örän begenendir. w19.11 sah. 22, 23, abz. 9, 10

21-nji noýabr, ýekşenbe

Ýedinji gün doly dynç alyň. Ol Ýehowa bagyşlanan mukaddes gündür (2 Mus. 31:15).

Mukaddes Kitapda Hudaýyň ähli zady ýaradyp, «ýedinji gün» dynç alandygy hakda aýdylýar (1 Mus. 2:2). Ýöne Ýehowa zähmet çekmegi gowy görýär, şonuň üçin ol «henize çenli işläp ýör» (Ýah. 5:17). Ýehowanyň her hepde Sabat gününi bellemek barada beren tabşyrygyndan dynç almaklyga dogry garaýandygy görünýär. Sabat güni Hudaýyň ysraýyl halky bilen baglaşan ähtiniň alamatydy (2 Mus. 31:12—14). Bu kanuna görä, hemme adamlar, hatda çagalar, gul-gyrnaklar we mal-garalar hem işlemeli däldi (2 Mus. 20:10). Şol gün adamlar ruhy işlere has köp üns berip bilýärdi. Isanyň günlerinde dini ýolbaşçylar gerekmejek düzgünleri girizip, Sabat gününi agyr ýüke öwürdiler. Olaryň öwretmegine görä, Sabat güni hatda bugdaý başlaryny ýolmak ýa-da syrkaw adamy sagaltmak hem bolmaýardy (Mar. 2:23—27; 3:2—5). Ýöne bu zatlar Hudaýyň garaýşyna ters gelýärdi. Şonuň üçin Isa adamlara öwredende, dini ýolbaşçylaryň şeýle öwretmeleriniň nädogrudygyny aýdypdy. w19.12 sah. 3, 4, abz. 8, 9

22-nji noýabr, duşenbe

Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň (Efes. 5:1).

Ýehowanyň häsiýetleri hakda näçe köp öwrensek, şonça-da onuň göreldesine eýeresimiz geler. Dawut gökdäki Atasyny gowy tanaýardy, şonuň üçin ol başgalara Hudaýyň garaýşy ýaly garaýardy. Dawudyň Ýehowa bilen dostlugy berk bolandygy üçin, ol Ysraýylda iň gowy patyşalaryň biri boldy we Hudaý ony başga patyşalara görelde hökmünde agzaýardy (1 Pat. 15:11; 2 Pat. 14:1—3). Mundan näme öwrenýäris? Biz «Hudaýdan görelde almaly». Hudaýyň häsiýetlerinden öwrensek, onuň çagalarydygymyzy subut ederis (Efes. 4:24). Biz Ýehowa barada öwrenmegimizi ebedi dowam ederis (Nes. 3:11). Biziň ol barada näçeräk bilýändigimiz däl-de, alan bilimimize görä ýaşamagymyz has wajyp. Eger biz öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanyp, gökdäki söýgüden doly Atamyzyň göreldesine eýersek, oňa has-da ýakynlaşarys (Ýak. 4:8). Ýehowa öz Sözi arkaly bizi hiç haçan taşlamajakdygyna ynandyrýar. w19.12 sah. 20, abz. 20; sah. 21, abz. 21, 23

23-nji noýabr, sişenbe

Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegär (Ýer. 17:9).

Ýakup pygamber ogullarynyň hemmesini söýýärdi, ýöne 17 ýaşly ogly Ýusuby has gowy görýärdi. Ýusubyň doganlary muňa nähili garady? Olar Ýusuby gulçulyga satýarlar we ýyrtyjy haýwan öldüripdir diýip, kakalaryna ýalan sözleýärler. Göriplik sebäpli olar maşgalasynyň parahatlygyny ýumurdylar we kakalarynyň ýüregine ýara saldylar (1 Mus. 37:3, 4, 27—34). Göriplik ölüme eltýän ten işleriniň arasynda agzalýar. Şeýle häsiýetli adamlar Hudaýyň Patyşalygyna girmez (Gal. 5:19—21). Göriplik köplenç duşmançylyk, agzalalyk we gahar-gazap ýaly erbet häsiýetleriň ösmegine sebäp bolýar. Ýusubyň doganlary bilen bolan wakadan göripligiň maşgala gatnaşyklaryna nähili täsir edýändigini we nädip parahatlygy ýok edýändigini bilse bolýar. Biz Ýusubyň doganlary ýaly hereket etmesek-de, ählimiz bikämil we ýüregimiz aldawçy. Şonuň üçin käwagt başgalara göriplik etmegimiz mümkin. w20.02 sah. 14, abz. 1—3

24-nji noýabr, çarşenbe

Pesgöwünli boluň, başgalary özüňizden ýokary saýyň (Flp. 2:3).

Bir gezek Ýehowa Musadaky mukaddes ruhdan alyp, ýygnak çadyrynyň töwereginde duran ysraýyl ýaşulularyna berýär. Biraz wagtdan Musa ýygnak çadyrynyň ýanyna gelmedik iki ýaşulynyň hem mukaddes ruhy alyp, pygamberlik edýändigini eşidýär. Ýuşa Musa pygamberiň abraýyny alada edip, olary saklasana diýende, ol näme etdi? Musa Ýehowadan mukaddes ruh alan iki adama göriplik etmedi. Gaýtam pesgöwünlik bildirdi we olaryň alan jogapkärçiligine begendi (4 Mus. 11:24—29). Biz Musadan näme öwrenip bileris? Eger siz ýygnak ýaşulusy bolsaňyz, gowy görýän borjuňyzy başga birine öwretmegi haýyş edipdilermi? Musa ýaly pesgöwünli bolardyňyzmy ýa göriplik ederdiňiz? Elbetde, siz şol dogana şatlyk bilen kömek ederdiňiz. w20.02 sah. 15, abz. 9; sah. 17, abz. 10, 11

25-nji noýabr, penşenbe

Gaýgy-alada ynsany çökerýär, hoş söz köňli galkyndyrýar (Nak. 12:25).

Keselçilik bizi duýgy taýdan gaty ejizledip bilýär. Başgalar ýagdaýymyzyň çäklidigine üns berende ýa-da olaryň kömegine mätäç bolanymyzda, özümizi has-da oňaýsyz duýmagymyz mümkin. Olar hatda keselimiziň bardygyny bilmese-de, ýagdaýymyzyň çäklidigine utanmagymyz mümkin. Şeýle kyn ýagdaýlarda Ýehowa bizi has-da goldaýar. Nädip? Hatda kesel bolsak-da, biziň örän gymmatlydygymyzy we gadyrymyzy bilýändigini Ýehowa öz Sözünde ýazdyrtdy (Zeb. 31:19; 41:3). Ol Sözi arkaly keselçilik sebäpli döreýän erbet duýgularymyzy ýeňip geçmäge kömek eder. Ýehowanyň ýagdaýyňyza gaty gowy düşünýändigine ynamly boluň. Dogry garaýşy saklap biler ýaly, Ýehowadan kömek soraň. Soňra Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň teselli beriji sözlerini okaň. Onuň öz gullukçylaryny näderejede gymmat saýýandygyna üns beriň. Şeýtseňiz, Ýehowanyň öz wepaly gullukçylaryndan «ýagşylygyny gaýgyrmaýandygyna» göz ýetirersiňiz (Zeb. 84:11). w20.01 sah. 15, abz. 9, 10; sah. 16, abz. 12

26-njy noýabr, anna

Ýamanlyk däl-de, ýagşylyk et (3 Ýah. 11).

Yshak baý adamdy, onuň köp mal-mülki bardy. Şonuň üçin piliştliler oňa göriplik edip başlaýar (1 Mus. 26:12—14). Olar hatda Yshagyň mallaryny suwa ýakýan guýularyny hem gömýärler (1 Mus. 26:15, 16, 27). Piliştliler ýaly şu günlerem käbir adamlar özünden baýa göriplik edýärler. Olar başgalaryň zadyna ýöne bir göz gyzdyrman, eýsem, olary şol zatdan mahrum etmek isleýärler. Köp adamlaryň Isany sylaýandygy üçin, ýehudy dini ýolbaşçylary oňa göriplik edýärdi (Mat. 7:28, 29). Isa Hudaýyň wekilidi we hakykaty öwredýärdi. Ýehudy dini ýolbaşçylary Isany abraýdan düşürjek bolup, ol hakda ýalan zatlary ýaýradýardy we töhmet atýardy (Mar. 15:10; Ýah. 11:47, 48; 12:12, 13, 19). Bu wakadan näme sapak edinip bileris? Käbirleriniň ýagşy häsiýetleri bolandygy üçin dogan-uýalar olary has gowy görýändir. Şol dogana ýa uýa göriplik etmäge iterýän islendik pikire garşy göreşmeli we olaryň ajaýyp häsiýetlerinden görelde almaly (1 Kor. 11:1). w20.02 sah. 15, abz. 4, 5

27-nji noýabr, şenbe

Patyşanyň içki howlusyna çakylyksyz gelen... öldürilmeli (Est. 4:11).

Göz öňüne getir, sen 2 500 ýyl mundan öň Pars ýurdunda ýaşaýarsyň. Sen patyşa bilen gürleşmek isleýärsiň. Ýöne munuň üçin ilki onuň rugsadyny almaly. Eger patyşanyň ýanyna rugsatsyz barsaň, ölmegiň hem mümkin. Biz Ýehowanyň Pars patyşasy ýaly däldigine örän begenýäris. Biz oňa arkaýyn ýüzlenip bilýäris. Ýehowa özi bilen arkaýyn gürleşmegimizi isleýär. Meselem, Ýehowanyň Beýik Ýaradyjy, Gudratygüýçli we Älemiň Hökümdary ýaly titullary bar. Bu onuň gaty beýikdigini görkezýär. Ýöne ol özüne «Ata» diýip ýüzlenmegimizi isleýär (Mat. 6:9). Ýehowanyň biziň özi bilen arkaýyn gepleşmegimizi isleýändigini bilmek göwnümizi göterýär. Ýehowa ýaşaýşymyzyň Gözbaşy bolandygy üçin, oňa «Atamyz» diýip bilýäris (Zeb. 36:9). Atamyz bolandygy üçin, oňa gulak asmak jogapkärçiligimiz bar. Onuň bizden talap edýän zatlaryny etsek, ajaýyp bereketleri alarys (Ýew. 12:9). Şol bereketlere ýerde ýa gökde ebedi ýaşaýyş sylagy degişli. w20.02 sah. 2, abz. 1—3

28-nji noýabr, ýekşenbe

Şägirt taýýarlaň (Mat. 28:19).

Biziň esasy maksadymyz okuw geçýänimize ruhy taýdan ösmäge ýardam etmek bolmaly (Efes. 4:13). Adam Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanda, esasanam, özüne nähili peýda getirjekdigi hakda pikirlenmegi mümkin. Ýöne onuň Ýehowa bolan söýgüsi artdygyça, ruhy taýdan ösüp, başgalara, aýratynam, dogan-uýalara kömek edesi geler (Mat. 22:37—39). Wagty gelende, guramamyzyň işine goşant goşar ýaly, pul sadakalaryny hem berip bilýändigini aýdyň. Kynçylyklaryny ýeňip geçmegi öwrediň. Aýdaly, okuw geçýäniňiz suwa çümdürilmedik wagyzçy bolýar. Ol size bir dogandan ýa-da uýadan gaty görendigini aýdýar. Şonda siz hiç kimiň tarapyny tutman, Mukaddes Kitap boýunça şeýle ýagdaýda näme etmelidigini düşündirip bilersiňiz. Oňa ýa-ha bolan zady unudyp, göwnüne degen adamy bagyşlap bilýändigini, ýa-da oňa «dogry ýola dolanmaga» kömek edip, bolan ýagdaýy özara sylag-hormat bilen çözmelidigini aýdyň (Matta 18:15-i deňeşdiriň). Okuw geçýäniňize aýtjak sözlerini öňünden taýýarlamaga kömek ediň. w20.01 sah. 5, abz. 14, 15

29-njy noýabr, duşenbe

Günälerimi boýun aldym, olaryň hiç birini gizlemedim... Sen hem ähli günälerimi bagyşladyň (Zeb. 32:5).

Biz Ýehowa ýürekden doga edip, düzedişini kabul edenimizde we şol bir ýalňyşymyzy gaýtalamazlyga jan edenimizde, Ýehowanyň geçirimliligini gymmat saýýandygymyzy görkezýäris. Eger biz şu zatlary etsek, kalbymyz rahat bolar. Dogrudanam, «Ýehowanyň ýüregi ýaraly adama ýakyndygyny, göwnüçökgünleri halas edýändigini» bilmek gaty ruhlandyrýar (Zeb. 34:18). Dünýäniň soňy golaýladygyça, gaýgy-aladamyz has-da artyp biler. Eger sizem gaýgy-alada basýan bolsa, haýal etmän Ýehowadan kömek soraň. Mukaddes Kitaby erjellik bilen öwreniň. Hannanyň, Pawlus resulyň we Dawut patyşanyň galdyran göreldesi hakda oýlanyň. Gökdäki Ataňyzdan näme sebäpden gaýgy-alada edýändigiňizi bilmek üçin kömek soraň (Zeb. 139:23). Ähli ýüküňizi, esasanam, çözüp bilmeýän ýa-da güýjüňiziň ýetmeýän kynçylyklaryňyzy Ýehowanyň üstüne atyň. Şonda mezmurçy ýaly sizem: «Meni gaýgy-alada basanda, sen göwünlik berdiň, janym aram tapdy» diýip bilersiňiz (Zeb. 94:19). w20.02 sah. 24, abz. 17; sah. 25, abz. 20, 21

30-njy noýabr, sişenbe

Mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy (2 Tim. 3:16).

«Hudaýyň ylhamy» diýen grek sözüni sözme-söz terjime edeniňde, «Hudaý üfledi» diýmegi aňladýar. Hudaý mukaddes ruhuny «üfläp», pygamberleriň aňyna Öz pikirini guýdy. Biz Mukaddes Kitaby okap, oýlananymyzda, Hudaýyň görkezmeleri aňymyza hem ýüregimize täsir edýär. Şol ylhamlanan pikirler durmuşymyzy üýtgedip, Hudaýyň islegine görä ýaşamaga kömek edýär (Ýew. 4:12). Mukaddes ruh bize has köp ýardam berer ýaly, Hudaýyň Sözüni yzygiderli öwrenmeli. Şeýle-de okan zatlarymyz barada oýlanmaly. Şonda Mukaddes Kitapdaky maslahatlar sözlerimize we işlerimize täsir eder. Onsoňam, agzybirlikde Hudaýa sežde etmeli (Zeb. 22:22). Ýygnakda Ýehowanyň mukaddes ruhy bar (Ylh. 2:29). Dogan-uýalar bilen Hudaýa sežde edenimizde, mukaddes ruhy sorap doga edýäris, Hudaýyň Sözüne esaslanan aýdymlary aýdýarys we mukaddes ruh bilen bellenen doganlaryň taýýarlan nutuklaryny diňleýäris. Mukaddes ruhuň has köp ýardam bermegi üçin ýygnaklara taýýarlanmaly we jogap bermeli. w19.11 sah. 11, abz. 13, 14

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş