Dekabr
1-nji dekabr, çarşenbe
Dymmagyň öz wagty bar (Nes. 3:7).
Dilimizi saklamasak, köp zyýan ýetirip bileris. Aýdaly, wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýan dogan ýa-da uýa bilen tanyşýarsyňyz. Şonda siz nädip wagyz edilýändigi barada jikme-jik sorarsyňyzmy? Elbetde, siziň niýetiňiz gowudyr. Şol ýurtda ýaşaýan dogan-uýalary gowy görýänsiňiz we olaryň ýagdaýy hakda bilesiňiz gelýändir. Şeýle-de olaryň duş gelýän kynçylyklaryny ýekän-ýekän sanap, Hudaýa doga-dileg edesiňiz gelýändir. Emma şonda geplemeli däldigine düşünmeli. Eger biz syr saklaýan dogany ýa-da uýany soraga tutup ýüregine düşsek, hem olary, hem şol ýurtda ýaşaýan dogan-uýalary söýmeýändigimizi görkezeris. Sebäbi olar hakda maglumatlaryň ýaýramagy howply ýagdaýa salyp biler. Elbetde, biziň hiç birimiz wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýan dogan-uýalary kyn ýagdaýa salmak islemeýäris. Olaryň özleri-de nädip wagyz edilýändigi, ýygnak duşuşyklarynyň ýa-da beýleki ruhy çäreleriň nähili geçirilýändigi hakda jikme-jik gürrüň bermek islemeýärler. w20.03 sah. 21, 22, abz. 11, 12
2-nji dekabr, penşenbe
Ýok, ýok, ölmersiňiz (1 Mus. 3:4).
Hudaý adamlaryň ölmegini islemeýärdi. Emma ebedi ýaşamak üçin Adam ata bilen How ene Ýehowa we onuň «ýagşy-ýamany saýgaryş agajynyň miwesinden iýme, ondan iýen günüň hökman ölersiň» diýen ýönekeýje tabşyrygyna gulak asmalydy (1 Mus. 2:16, 17). Soňra Şeýtan olary aldady. Ol ýylany ulanyp, How enä şu günki aýatdaky sözleri aýtdy. Gynansak-da, How ene bu ýalana ynanyp, miweden iýdi. Soňra adamsyna hem berdi (1 Mus. 3:6). Şeýdip, ähli adamlara günä we ölüm geçdi (Rim. 5:12). Hudaýyň aýdyşy ýaly, Adam ata bilen How ene öldi. Emma Şeýtan ölüm barada ýalan zatlary ýaýratmagyny bes etmedi. Biraz wagtdan ol ölüm bilen bagly başga-da ýalan zatlary ýaýradyp başlady. Şeýtanyň ýalan öwretmeleriniň biri, adam ölensoň, onuň ruhy ýaşamagyny dowam edýär. Bu ýalana häzire çenli sansyz-sajaksyz adamlar aldanyp gelýär (1 Tim. 4:1). w19.04 sah. 14, 15, abz. 3, 4
3-nji dekabr, anna
Men çagakam, çaga ýaly gepleýärdim, çaga ýaly pikirlenýärdim, çaga ýaly oýlanýardym (1 Kor. 13:11).
Çagalar howpy görüp we ondan gaçyp bilmeýär. Sebäbi olar uly adamlar ýaly pikirlenip bilmeýärler. Çaga zorlaýan adam mundan peýdalanyp, olary aňsatlyk bilen aldaýar. Olar bolan zatlara çaganyň özüniň günäkärdigini, muny hiç kime aýtmaly däldigini, eger zorlanandygyny aýtsa, ony hiç kimiň diňlemejekdigini we ynanmajakdygyny ýa-da uly adam bilen çaganyň arasyndaky jynsy gatnaşygyň bolaýmaly zatdygyny aýdyp, çagalary aldaýarlar. Olaryň aýdýan ýalan zatlary çaganyň pikirini zaýalaýar we şol zatlaryň ýalandygyna düşünmek üçin çaga ençeme ýyl gerek bolýar. Şol sebäpli zorlanan çaga özüni hapa, söýülmeýän we hiç kime gerek däl ýaly duýýar. Çagaka zorlanan adamlaryň bolan zatlary näme üçin şeýle köp wagtlap ýadyndan çykaryp bilmeýändigi geň galdyrmaýar. Biz soňky günlerde, ýagny «dogan-garyndaşlaryny söýmeýän... zalym» we «erbet işleri etmekde ökdeleşýän» adamlaryň arasynda ýaşaýarys (2 Tim. 3:1—5, 13). w19.05 sah. 15, abz. 7, 8
4-nji dekabr, şenbe
Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny berjaý edersiňiz (Gal. 6:2).
Isa adamlara nädip öwredýärdi? Birinjiden, ol aýdýan sözleri bilen olara köp zatlary öwredýärdi. Isanyň aýdýan sözleri adamlara güýçli täsir edýärdi. Sebäbi ol Hudaý barada hakykaty, durmuşyň manysy we Hudaýyň Patyşalygynyň adamzadyň ähli kynçylyklaryny çözjekdigini gürrüň berýärdi (Luka 24:19). Ikinjiden, Isa öz göreldesi bilen öwredýärdi. Ol şägirtlerine nädip ýaşamalydygyny öz durmuşynda görkezdi (Ýah. 13:15). Isa adamlara haçan öwretdi? Ol ýer ýüzünde ýaşanda adamlara köp zatlary öwretdi (Mat. 4:23). Isa direlenden soň hem şägirtlerine öwretmegini dowam edýärdi. Bir gezek ol 500-den gowrak şägirdine görnüp, olara «şägirt taýýarlamagy» tabşyrdy (Mat. 28:19, 20; 1 Kor. 15:6). Ýygnagyň başy hökmünde Isa göge dolanandan soň hem şägirtlerine görkezme bermegini dowam edýärdi. Takmynan b. e. 96-njy ýylynda Isa Ýahýa resula saýlanan mesihçileri ruhlandyryp, maslahat bermegi tabşyrdy (Kol. 1:18; Ylh. 1:1). w19.05 sah. 3, abz. 4, 5
5-nji dekabr, ýekşenbe
Iň wajyp zatlara düşünmegiňizi dileýärin (Flp. 1:10).
Şu soňky günlerde maşgalamyzy eklemek üçin köp tagalla etmeli bolýarys. Dogan-uýalaryň köpüsi maşgalasyny hatda iň gerekli zatlar bilen üpjün etmek üçin uzakly gün işlemeli bolýar. Başgalaryň bolsa işleýän ýeri uzak bolansoň, ýoluna köp wagty gidýär. Köp dogan-uýalar maşgalasyny eklemek üçin agyr zähmet çekýärler we işden soň, özlerini gaty ýadaw duýýarlar. Şol sebäpli olaryň Hudaýyň Sözüni öwrenmäge-de güýji galmaýar. Näçe kyn hem bolsa, Hudaýyň Sözüni we edebiýatlarymyzy öwrenmäge wagt tapmaly. Sebäbi Ýehowa bilen dostlugymyz we ebedi ýaşamagymyz şoňa bagly (1 Tim. 4:15, 16). Käbir dogan-uýalar Mukaddes Kitaby ir bilen okaýar. Sebäbi agşam dynjyny alansoň, irden özüni gowy duýýar we olaryň känbir ünsi bölünmeýär. Başgalar bolsa agşam ýatmazyndan öň, okap oýlanmagy gowy görýär. w19.05 sah. 26, abz. 1, 2
6-njy dekabr, duşenbe
Mundan beýläk şu dünýäniň täsirine düşmäň... pikiriňizi... üýtgediň (Rim. 12:2).
Şeýle özgerişler birsalymyň içinde we öz-özünden bolmaýar. Pikirimizi we garaýşymyzy özgertmek üçin «bar güýjümiz» bilen tagalla etmeli (2 Pet. 1:5). Munuň üçin bize ençeme ýyl gerek bolmagy mümkin. Şonuň üçin pikirimizi özgertmäge jan etmeli. Birinjiden, doga etmeli. Mezmurçy bu babatda bize gowy görelde galdyrdy. Ol: «Ýa Allam, maňa päk ýürek ber, aň-düşünjämi täzele, berk duraýyn» diýip doga etdi (Zeb. 51:10). Biz Ýehowanyň kömegi bolmasa, pikirimizi we garaýşymyzy özgerdip bilmejekdigimize düşünmeli. Ikinjiden, oýlanmaly. Biz her gün Mukaddes Kitaby okanymyzda, pikirimizi we häsiýetlerimizi özgertmek üçin oýlanmaga wagt sarp etmeli (Zeb. 119:59; Ýew. 4:12; Ýak. 1:25). Biz dünýäniň pikirimize we garaýşymyza täsir edýändigini ýa-da etmeýändigini barlap durmaly. Şeýle-de gowşak taraplarymyzyň bardygyny boýun alyp, olary düzetmek üçin elimizde baryny etmeli. w19.06 sah. 8, abz. 1; sah. 10, abz. 10; sah. 12, abz. 11, 12
7-nji dekabr, sişenbe
Wagtyňyzy paýhasly ulanyň (Efes. 5:16).
Gelen kararyňyzy ýerine ýetirmek üçin belli bir möhlet belläp, ony uzaga çekdirmäň. Amatly wagta garaşmaň, sebäbi şeýle wagtyň gelmezligi mümkin (Nes. 11:4). Wagtyňyzy we güýjüňizi ähmiýetsiz däl-de, wajyp zatlary etmäge sarp ediň (Flp. 1:10). Hiç kimiň päsgel bermejek wagtyny saýlaň. Mümkin bolsa, başgalardan päsgel bermezligi haýyş ediň. Şeýle-de el telefonyňyzy öçüriň, elektron poçtaňyzy we sosial ulgamlaryny soňrak açyň. Gelen kararyňyzyň netijesini pellehana ýetmek bilen deňeşdirse bolar. Eger siz pellehana ýetmegi ýüregiňize düwseňiz, islendik böwetden geçip, maksadyňyza ýetip bilersiňiz. Şonuň ýaly gelen kararyňyzyň netijesi barada oýlansaňyz, kynçylyklara garamazdan, dürli ýollar bilen maksadyňyza ýetip bilersiňiz (Gal. 6:9). w19.11 sah. 30, abz. 17, 18
8-nji dekabr, çarşenbe
Hudaýyň sözi... adamyň ýüregindäki pikirlerini we niýetini bilýär (Ýew. 4:12).
Suwa çümdürilmäge, esasan, näme höweslendirmeli? Siz Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenip, Ýehowanyň häsiýetlerini we edýän işlerini bildiňiz. Siziň öwrenen zatlaryňyz ýüregiňize täsir edip, Hudaýa bolan söýgiňizi artdyrdy. Siziň Hudaýa bolan söýgiňiz suwa çümdürilmäge höweslendirmeli. Siziň Mukaddes Kitapdan öwrenen we iman eden hakykatlaryňyz hem suwa çümdürilmäge höweslendirýär. Geliň, Isanyň şägirt taýýarlamak babatda tabşyryk berende näme diýendigini bileliň (Mat. 28:19, 20). Isanyň aýtmagyna görä, şägirt bolmak isleýän adam «Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilmeli». Isa nämäni göz öňünde tutduka? Siz Mukaddes Kitapda aýdylýan Ýehowa Hudaý, Ogly Isa pygamber we mukaddes ruh baradaky hakykatlara iman etmeli. Şol hakykatlar siziň ýüregiňize güýçli täsir eder. w20.03 sah. 9, abz. 8, 9
9-njy dekabr, penşenbe
Tertip-düzgüni bozýanlara duýduryş bermegiňizi... ejizleri goldamagyňyzy we hemmelere sabyrly bolmagyňyzy ündeýäris (1 Sel. 5:14).
Ýehowa perişdelerini Lutuň ýanyna diňe bir howp barada duýdurmak üçin däl-de, şäheriň üstüne injek betbagtçylykdan halas bolmaga kömek etmek üçin iberipdi (1 Mus. 19:12—14, 17). Şonuň ýaly biz hem dogan ýa-da uýa kynçylyga eltjek nädogry karara gelende, munuň nämä eltjekdigini duýdurmaly. Hatda imandaşymyz Mukaddes Kitabyň esasynda berýän maslahatymyza birbada seslenmese-de, sabyrlylyk bilen oňa kömek etmeli. Oňa kömek etmek üçin edýän tagallaňyz biderekdir öýtmäň we oňa düzelmejek adam hökmünde garamaň. Perişdeleriň Luta nädip kömek edendigini ýadyňyza salyň (1 Ýah. 3:18). Imandaşyňyzyň göçme manyda elinden tutup, Hudaýyň Sözündäki duýduryşa seslenmäge kömek ediň. Ýehowa Lutuň kemçiliklerine üns berip bilerdi. Emma ol beýle etmedi, gaýtam Petrus resuly Luty dogry adam hökmünde agzap geçmäge höweslendirdi (Zeb. 130:3). Ýehowanyň Luta bolan garaýşyndan nädip görelde alyp bileris? Dogan-uýalaryň gowy häsiýetlerine üns bersek, sabyrly bolmak aňsat bolar. Olara bolsa, berýän kömegimizi kabul etmek ýeňil düşer. w19.06 sah. 21, abz. 6, 7
10-njy dekabr, anna
Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir (Gal. 6:5).
Eger ýaşaýan ýeriňizde hökümetler wagyz işimizi gadagan eden bolsa, Ýehowa arkaýyn gulluk edip biler ýaly, başga ýurda göçäýsemmikäm diýýänsiňiz. Bu meselede hiç kim size derek karara gelip bilmeýär. Käbirleri I asyrda yzarlamalara duçar bolan mesihçiler ýaly hereket etmegi dogry hasaplap biler. Iýerusalimdäki mesihçiler tutuş Ýahuda, Samariýa, Finikiýa, Kipre we Antakyýa dargadylar (Mat. 10:23; Res. 8:1; 11:19). Ýöne başgalar duşmanlar tarapyndan garşylyga duçar bolsa-da, ol ýerden gitmedik Pawlus resulyň göreldesine eýerip biler (Res. 14:19—23). Biz bu wakalardan näme öwrenýäris? Her bir maşgalabaşy maşgala agzalaryna nämäniň peýdaly boljakdygyny çözüp biler. Ýöne bir karara gelmezden öň, Ýehowa doga etmeli, maşgalasyndaky ähli ýagdaýlary we daşary ýurda göçmeginiň gowy hem erbet taraplaryny göz öňünde tutmaly. Biz hiç kimi gelen karary üçin ýazgarmaly däl. w19.07 sah. 10, abz. 8, 9
11-nji dekabr, şenbe
Ebedi ýaşaýşy almak üçin, olar sen, ýagny ýeke-täk hak Hudaý we seniň ibereniň Isa Mesih hakda bilim almaly (Ýah. 17:3).
Isa bize: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýip tabşyrdy (Mat. 28:19). Şeýle-de olara Isanyň öz şägirtlerinden diňe bir nämä garaşýandygyny däl-de, onuň taglymatlaryna nädip eýermelidigini düşündirmeli. Okuw geçýän adama Mukaddes Kitapdaky prinsiplere nädip eýermelidigini öwretmek üçin sabyrly bolmaly. Käbirlerine endiklerini, garaýşyny üýtgetmek üçin birnäçe aý ýeterlik bolsa, başgalara has köpräk wagt gerek bolýar. Peruda missioner bolup gulluk eden bir dogan bilen bolan waka sabyrly bolmagyň sylaglanýandygyny görkezýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Men Raul atly bir adam bilen okuw geçýärdim. Ol iki kitaby hem öň geçip gutarypdyr. Ýöne henizem durmuşynda üýtgetmeli zatlary bardy. Ol hapa sögünýärdi, maşgalasynda-da kynçylyklar bardy, çagalary hem ony asla äsgermeýärdi. Raul ýygnak duşuşyklaryna galman gatnaýandygy üçin, men wagtal-wagtal ony we maşgalasyny idäp, olara kömek etmäge çalyşýardym. Raul bilen ilkinji sapar tanşan günümden, ol suwa çümdürilýänçä, üç ýyldan gowrak wagt gerek boldy». w19.07 sah. 14, abz. 3; sah. 19, abz. 15—17
12-nji dekabr, ýekşenbe
Jan ediň (Luka 13:24).
Pawlus Rimde öý tussaglygyndady. Ol başga ýere gidip wagyz edip bilmese-de, öýüne gelen adamlara hoş habary gürrüň berýärdi we ýygnaklara hat ýazýardy. Ol Isa ýaly ömrüniň ahyryna çenli jan etmelidigini bilýärdi. Pawlus mesihçileri türgen bilen deňeşdirdi (1 Kor. 9:24—27). Ýaryşa gatnaşýan türgen näme maksat bilen ylgaýandygyny bilýär we hiç zada üns bermän ylgaýar. Aýdaly, şäherde ylgaw ýaryşy geçirilýär. Türgen ýoluň ugrundaky dükanlara ýa-da başga zatlara seredip dursa, ýeňiş gazanarmy? Ýok! Bizem ylgaw ýolunda ünsümizi başga zatlara sowmaly däl. Eger biz Pawlus ýaly Ýehowa yhlasly gulluk etsek, aljak sylagymyz barada oýlansak, hökman pellehana ýeteris. w19.08 sah. 3, abz. 4; sah. 4, abz. 7
13-nji dekabr, duşenbe
Özüňi alyp barşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol. Şeýle etseň, hem özüňi, hem saňa gulak asýanlary halas edersiň (1 Tim. 4:16).
Biz Allanyň kada-kanunlary boýunça ýaşap, durmuşymyzda köp zatlary üýtgetdik. Biz dini baýramçylyklary bellemeýäris, syýasata gatnaşmaýarys. Şonda dogan-garyndaşlarymyzyň bize gaharlanmaklary mümkin (Mat. 10:35, 36). Ýöne biz dogan-garyndaşlarymyz hakykata gelmez öýdüp, umydymyzy üzmeli däl. Barybir diňlemeýär diýip, wagyz etmesek, olary ebedi ýaşaýşa mynasyp görmän höküm ederis. Ýöne Ýehowa höküm etmek ygtyýaryny bize däl-de, Isa pygambere berdi (Ýah. 5:22). Eger biz sabyrly bolsak, dogan-garyndaşlarymyz hoş habary kabul ederler. Biz nähili kynçylyklara duş gelsek-de, tutanýerli we mähirli bolmaly (1 Kor. 4:12b). Dogan-garyndaşlarymyz biziň näme üçin Ýehowa gulluk edýändigimize düşünýänçäler wagt gerek bolýar. w19.08 sah. 17, abz. 10, 13; sah. 18, abz. 14
14-nji dekabr, sişenbe
Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir (Flp. 4:13).
Biziň köpümiz duş gelen kynçylyklarymyz hakda oýlanyp: «Öz güýjüm bilen döz gelip bilmezdim» diýendiris. Belki, siz agyr kesele uçransyňyz ýa-da dogan-garyndaşlaryňyz aradan çykandyr. Häzir bolsa yzyňyza ser salyp, şol kynçylyklara «öz güýjüňiz bilen däl-de, Hudaýyň güýji bilen» döz gelendigiňize düşünýänsiňiz (2 Kor. 4:7—9). Biz mukaddes ruhuň kömegine mätäç, sebäbi zalym dünýäniň täsirine garşy durmaly bolýarys (1 Ýah. 5:19). Şeýle-de «zalym ruhlar» bilen hem göreşýäris (Efes. 6:12). Ýehowanyň mukaddes ruhy bize güýç berýär we kynçylyklara garamazdan borjumyzy ýerine ýetirmäge kömek edýär. Pawlus resul Mesihiň güýç berjekdigine ynanýandygy üçin, ruhdan düşmän Hudaýa wepaly gulluk etdi (2 Kor. 12:9). w19.11 sah. 8, abz. 1—3
15-nji dekabr, çarşenbe
Meni gören Atany-da görendir (Ýah. 14:9).
Mukaddes Kitap — Isanyň biziň üçin nämeler edendigi hakda anyk maglumatlary berýän ýeke-täk kitapdyr. Isa pygamberi gowy görseňiz, Ýehowa bolan söýgiňiz artar. Näme üçin? Sebäbi Isa Atasynyň ajaýyp häsiýetlerine kämil derejede eýerýärdi. Siz Isa pygamber barada näçe köp bilseňiz, şonça-da Ýehowanyň pikirine, garaýşyna düşünersiňiz we Ony ýürekden söýersiňiz. Isanyň garyp, syrkaw, ejiz we äsgerilmeýän adamlara rehimdarlyk edişi hakda oýlanyp görüň. Sizem Isanyň maslahatlaryna eýerip, has-da bagtly ýaşaýandygyňyza göz ýetirensiňiz (Mat. 5:1—11; 7:24—27). Siziň günäleriňiz üçin, Isanyň beren töleg gurbanyny gymmat saýsaňyz, oňa bolan söýgiňiz has-da artar (Mat. 20:28). Isanyň meýletinlik bilen şirin janyny siziň üçin gurban berendigine düşünseňiz, toba edip, günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin Ýehowa doga edersiňiz (Res. 3:19, 20; 1 Ýah. 1:9). Siz Isany we Ýehowany ýürekden söýseňiz, olary söýýän adamlar bilen dostlaşmak islärsiňiz. w20.03 sah. 5, 6, abz. 10—12
16-njy dekabr, penşenbe
Ýehowa göklerde, ýöne pesgöwünlilere seredýär (Zeb. 138:6).
Mesihçi dogan: «Şol borjy men has gowy ýerine ýetirerdim» diýip, pikir etmegi mümkin. Ýa-da uýa: «Ärim şol işi ol dogandan has gowy ederdi» diýmegi mümkin. Eger biz pesgöwünli bolsak, ýüregimizden tekepbirligi köki bilen sogrup taşlarys. Geliň, başgalara jogapkärçilik berlende Musa pygamberiň özüni nähili alyp barandygyny bileliň. Ol ysraýyllara ýolbaşçylyk etmegi uly hormat hasaplaýardy. Ýöne Ýehowa Musanyň edýän işleriniň käbirini başgalara tabşyranda, ol göriplik etmedi (4 Mus. 11:24—29). Şeýle-de Musa pesgöwünli bolansoň, başgalaryň hem halka kazylyk etmegine ýol berdi (2 Mus. 18:13—24). Kazylaryň köp bolmagy halk üçin gowy boldy, indi olar çykaryljak höküm üçin köp garaşmaly däldiler. Musa öz jogapkärli borjy barada däl-de, halka nädip kömek edip boljakdygy hakda oýlanýardy. Gör, nähili ajaýyp görelde! Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolar ýaly, biziň ukyplarymyz däl-de, pesgöwünli bolmagymyz wajyp. w19.09 sah. 5, 6, abz. 13, 14
17-nji dekabr, anna
Ýehowa wepaly gullaryny goraýar (Zeb. 31:23).
Biz halklaryň näme sebäpden Beýik Wawilona hüjüm etjekdigini bilmeýäris. Belki-de, olar: «Dinler parahatlygy bozýar we hemişe syýasata goşulýar» diýerler. Ýa-da dini guramalar köp baýlyk topladylar diýip pikir ederler (Ylh. 18:3, 7). Elbetde, ýalan dine hüjüm edilende, onuň ähli agzasy ýok edilmez. Halklar diňe dini guramalary ýok eder. Şonda onuň agzalary dini ýolbaşçylaryň aldawyna düşendigine göz ýetirerler we uýýan dininden dänerler. Biz Beýik Wawilonyň gysga wagtyň içinde ýok ediljekdigini bilýäris (Ylh. 18:10, 21). «Saýlanan» mesihçiler we hakyky din ýok edilmez ýaly, Ýehowa uly betbagtçylygyň «günlerini gysgaltjakdygyny» wada berdi (Mar. 13:19, 20). w19.10 sah. 15, abz. 4, 5
18-nji dekabr, şenbe
Gelin-gyzlara... çagalaryny söýmegi maslahat beriň (Tit. 2:4).
Ejeler, belki-de, siziň ene-ataňyz gödek we gaharjaňdyr. Şonuň üçin sizem çagalaryňyz bilen gödek gepleşýänsiňiz. Ýehowanyň kanunlaryny bileniňizden soňam, rahat we sabyrly bolmak kyn düşýändir. Esasanam, ýadap geleniňizde çagalaryňyz betlik etse, özüňize erk etmek has-da kyn bolýandyr (Efes. 4:31). Şeýle ýagdaýda Ýehowadan kömek sorap ýalbarmak wajypdyr (Zeb. 37:5). Käbir ejelere çagalaryna söýýärin diýmek kyn bolýar. Belki, olaryň ene-atasy mährini we söýgüsini bildiren däldir. Eger siz hem şeýle maşgalada önüp-ösen bolsaňyz, ene-ataňyzyň ýalňyşyny gaýtalamaň. Ýehowa tabyn bolýan ejeler çagalaryna söýýändigini aýtmagy öwrenmeli. Belki, bu size aňsat düşmez. Ýöne siz muny başararsyňyz! Şonda siziň özüňizem, maşgalaňyzam bagtly bolar. w19.09 sah. 18, abz. 19, 20
19-njy dekabr, ýekşenbe
Hiç kim iki hojaýynyň hyzmatkäri bolup bilmez (Mat. 6:24).
Ýehowa gulluk edýän adam köp wagtyny we güýjüni baýlyk toplamaga sarp etse, iki hojaýyna gulluk eder. Şeýle adam Ýehowa ýürekden wepaly bolup bilmez. I asyryň ahyrlarynda Laodikiýadaky ýygnagyň agzalary: «Men baý, baýlyk topladym, hiç zada mätäç däl» diýip öwünýärdiler. Emma olar Ýehowanyň we Isanyň gözünde gözgyny, betbagt, garyp, kör hem-de ýalaňaçdy. Isa olara baýdygy üçin däl-de, puly söýüp, Ýehowa bilen dostlugyna zyýan ýetirendigi üçin maslahat berdi (Ylh. 3:14—17). Eger pula gyzýandygymyzy duýsak derrew garaýşymyzy düzetmeli (1 Tim. 6:7, 8). Ýogsam biz baýlygyň yzynda hars urup başlarys, Ýehowa hem edýän seždämizi kabul etmez. Sebäbi ol «ýürekden wepaly bolmagy talap edýän Hudaý» (5 Mus. 4:24). w19.10 sah. 27, abz. 5, 6
20-nji dekabr, duşenbe
Adamlar... Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen pygamberlik edýärdiler (2 Pet. 1:21).
«Pygamberlik etmek» diýip terjime edilen grek sözi «äkidilmek» diýmegi aňladýar. Luka Resullar kitabyny ýazanda gäminiň ýeliň ugruna ýüzýändigini düşündirmek üçin, şol grek sözüni ulandy (Res. 27:15). Mukaddes Kitaby öwrenýän alymyň aýtmagyna görä, Petrus resulyň Mukaddes Kitaby ýazan adamlar barada ulanan «äkidilmek» diýen sözi gaýykda ýüzmegi ýadyňa salýar. Petrus resul gaýygyň şemalyň ugruna ýüzüşi ýaly, pygamberleriň hem mukaddes ruhuň kömegi bilen Hudaýyň sözüni ýazandygyny aýtdy. Ýokarda agzalan alym şeýle diýýär: «Pygamberler ýelkenlerini galdyryp, welilik etdiler». Ýehowa öz etmeli işini etdi: ol «şemaly», ýagny mukaddes ruhy berdi. Pygamberler hem öz etmeli işini etdiler: olar mukaddes ruhuň görkezmesine eýerdiler. Şemalyň ugruna ýüzýän gaýyk apy-tupandan çykyp bilýär. Şonuň ýaly mukaddes ruh hem täze dünýä çenli synaglarda berk durmaga kömek edýär. w19.11 sah. 9, abz. 7—9
21-nji dekabr, sişenbe
Kyn günüňde ruhdan düşseň, göreşmäge güýjüň bolmaz (Nak. 24:10).
Biz ruhdan düşsek-de, kynçylyklaryň pikirimizi ýesir almagyna ýol bermeli däl. Eger ýol bersek, Ýehowanyň beren ajaýyp wadalaryny unudyp bileris (Ylh. 21:3, 4). Biz göwnüçökgünlige düşsek, güýç-kuwwatdan gaçyp, hatda Ýehowa gulluk etmegimizi bes etmegimiz mümkin Geliň, ABŞ-da ýaşaýan uýamyzyň imanyny nädip berkidendigini bileliň. Ol agyr keselden ejir çekýän äriniň aladasyny edýärdi. Uýa şeýle ýazdy: «Käte ruhdan düşürýän kyn ýagdaýlara duş gelýäris, ýöne biziň berk umydymyz bar. Imanymyzy berkitmek we ruhlandyrmak üçin Ýehowanyň berýän ähli zatlaryna minnetdar. Biz şeýle maslahatlara we ruhlandyryjy sözlere örän mätäç. Bular gullugymyzy dowam etmäge güýç berýär». Uýanyň sözlerinden görnüşi ýaly, biz hem göwnüçökgünligi ýeňip bileris. Nädip? Başymyza inýän kynçylyklara Şeýtanyň synagy hökmünde garalyň, Ýehowanyň berýän ruhy iýmitleriniň gadyryny bileliň we Onuň teselli berýän Hudaýdygyny unutmalyň. w19.11 sah. 16, abz. 9, 10
22-nji dekabr, çarşenbe
Ynamdar adam syr saklaýar (Nak. 11:13).
Ýaşulular syr saklamak meselesinde şu maslahata eýermeli. Ýaşulular ýygnakdaky dogan-uýalaryň syryny aýalyna gürrüň bermeli däl. Eger ol gürrüň berse, dogan-uýalaryň ynamyndan gaçar we abraýdan düşer. Ýygnagyň aladasyny etmäge bellenen gözegçi doganlar «iki sözli» bolmaly däl (1 Tim. 3:8, çykgyt). Ol mekir ýa-da gybatçy bolmaly däl. Eger ýaşuly aýalyny söýýän bolsa, bilinmeli däl zatlary gürrüň berip, aýalynyň egnine agyr ýük atmaz. Ärini abraýdan düşürmek islemeýän aýal bilmeli däl zatlary hakda gaýta-gaýta sorap durmaz. Şu maslahata eýerýän aýal diňe bir ärini goldaman, syryny aýdan dogan-uýalara-da hormat goýar. Esasanam, ol ýygnakda parahatlygyň we agzybirligiň bolmagyna goşandyny goşup, Ýehowany begendirer (Rim. 14:19). w20.03 sah. 22, abz. 13, 14
23-nji dekabr, penşenbe
Ýehowa size şöhratyny görkezer (3 Mus. 9:4).
B. e. öň 1512-nji ýylda Sinaý dagynyň eteginde mukaddes çadyr guruldy. Musa pygamber Harun bilen ogullaryny ruhanylyga bellemek dabarasyny geçirdi (2 Mus. 40:17; 3 Mus. 9:1—5). Ýehowa täze bellenen ruhanylardan razydygyny nädip görkezdi? Musa bilen Harun halka ak pata berenden soň, gökden ot gelip, gurbanlyk ojagyndaky gurbanlyklary ýakyp kül etdi (3 Mus. 9:23, 24). Baş ruhany bellenende gökden inen ot nämäni görkezýär? Ýehowa Harun bilen ogullaryny ruhanylyga belläp, olary goldaýandygyny görkezdi. Ysraýyl halky muny görende, ruhanylary goldamalydygyna düşündi. Munuň bize nähili degişli ýeri bar? Ysraýyl ruhanylary has beýik ruhanylaryň kölegesidi. Ol Mesih bilen gökde höküm sürjek 144 000 saýlananlary aňladýar (Ýew. 4:14; 8:3—5; 10:1). Dogrudan-da, şu günler Ýehowa guramasyny goldaýar we görkezme berýär. w19.11 sah. 23, abz. 13; sah. 24, abz. 14, 16
24-nji dekabr, anna
Hiç biriňize ýük bolmajak bolup, gije-gündiz der döküp zähmet çekipdik (2 Sel. 3:8).
Pawlus Korinf şäherinde imandaşlary Akila we Priskillanyň ýanynda galyp, «bile çadyr tikýärdi». Pawlusyň «gije-gündiz... zähmet çekipdim» diýen sözleri onuň dynman işländigini aňlatmaýar. Meselem, ol Sabat günleri çadyr tikmän, ýehudylara wagyz edýärdi. Sebäbi olar şol günler işlemeýärdi (Res. 13:14—16, 42—44; 16:13; 18:1—4). Pawlus resul hem işleýärdi, hem «mukaddes işi ýerine ýetirmäge» yzygider gatnaşýardy (Rim. 15:16; 2 Kor. 11:23). Pawlus başgalary hem yzyny üzmän wagyz etmäge höweslendirýärdi. Meselem, Akila bilen Priskilla Pawlusyň «Mesihe hyzmat edýän işdeşleridi» (Rim. 12:11; 16:3). Pawlus resul Korinfdäki mesihçilere-de Halypamyz üçin «ýagşy işleri etmegi» ündedi (1 Kor. 15:58; 2 Kor. 9:8). Ol Ýehowanyň ylhamy bilen: «Kim zähmet çekmek islemese, çörek hem iýmesin» diýip ýazdy (2 Sel. 3:10). w19.12 sah. 5, abz. 12, 13
25-nji dekabr, şenbe
Çagalar Ýehowanyň beren mirasydyr (Zeb. 127:3, çykgyt).
Ýehowa ilkinji maşgalany çaga edinmek islegi bilen ýaratdy. Emma çaga edinmelidigini we haçan edinmelidigini kim çözmeli? Käbir ýurtlarda täze durmuş guran maşgalalardan tizräk çaga edinmegine garaşýarlar. Dogan-garyndaşlary ýa-da başga adamlar olary çaga edinmäge itermegi mümkin. Aziýada ýaşaýan Ýetro dogan: «Ýygnagymyzda käbir çagaly dogan-uýalar durmuş guranlary çaga edinmäge höweslendirýär» diýýär. Jefri dogan bolsa şeýle diýýär: «Käbir dogan-uýalar çagasyz är-aýallara garranyňyzda kim aladaňyzy eder diýýärler». Ýöne çaga edinmelidigini ýa-da edinmeli däldigini her bir maşgalanyň özi çözýär. Bu är-aýalyň öz jogapkärçiligi (Gal. 6:5). Elbetde, durmuş guranlaryň dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary olaryň çaga edinip, bagtly bolmagyny isleýärler. Emma olar çaga edinmek meselesinde är-aýalyň özüniň karara gelmelidigini unutmaly däl (1 Sel. 4:11). w19.12 sah. 22, abz. 1—3
26-njy dekabr, ýekşenbe
Siz şeýle doga ediň: «Eý gökdäki Atamyz» (Mat. 6:9).
Hudaýa Ataňyz hökmünde garamak kyn düşýärmi? Ýehowanyň beýik Hudaýdygy üçin käbirleri özlerini onuň ýanynda gaty ujypsyz we ähmiýetsiz hasaplaýar. Olar Gudratygüýçli Hudaýyň her birimiziň aladamyzy edýändigine şübhelenýär. Ýöne söýgüden doly Atamyz biziň şeýle garaýyşda bolmagymyzy islemeýär. Ol bize ýaşaýşy berdi we özi bilen dostlaşmagymyzy isleýär. Şu wajyp hakykaty aýdansoň, Pawlus resul afinalylara Ýehowa «hiç kimden uzakda däldir» diýdi (Res. 17:24—29). Çaganyň söýýän we aladaçyl atasynyň ýanynda özüni arkaýyn duýşy ýaly, Hudaý hem her birimiziň özi bilen şeýle gürleşmegimizi isleýär. Başgalara bolsa öz kakasy az ýa-da asla söýgi hem mähir bildirmändigi üçin Ýehowa Atasy hökmünde ýüzlenmek kyn düşýär. Bir uýamyz şeýle diýýär: «Meniň kakam gaty gödek adamdy. Şonuň üçin Mukaddes Kitaby öwrenip başlanymda, özümi gökdäki Atamyza ýakyn duýmak gaty kyn düşdi». Sizde-de şeýle duýgular bolýarmy? Eger şeýle bolsa, onda Ýehowany Ataňyz hökmünde kabul edip biljekdigiňize ynamly bolup bilersiňiz. w20.02 sah. 3, abz. 4, 5
27-nji dekabr, duşenbe
Güýç-gurbatym gaçanda, menden ýüz öwürme (Zeb. 71:9).
Isa ukyp-başarnygymyz bolmasa-da ýa-da garrap Ýehowa üçin az zat etsek-de, Hudaýyň bizi gymmat saýýandygyny öwretdi (Zeb. 92:12—15; Luka 21:2—4). Şonuň üçin ünsüňizi edip bilýän zatlaryňyza gönükdiriň. Meselem, adamlara Ýehowa hakda gürrüň beriň, dogan-uýalar üçin doga ediň we başgalary Hudaýa wepaly galmaga höweslendiriň. Ýehowa bizi näçeräk iş başarýandygymyz üçin däl-de, oňa gulak asmaga taýyndygymyz üçin öz işdeşi hasaplaýar (1 Kor. 3:5—9). Ýehowa Hudaýymyzyň edýän gullugymyzyň gadyryny bilýändigi ýüregimize giňlik berýär! Ol bizi öz islegini ýerine ýetirmegimiz üçin ýaratdy. Şol sebäpli hak Hudaýa gulluk etmek durmuşymyzy has-da manyly edýär (Ylh. 4:11). Adamlar bizi dereksiz hasaplasa-da, Ýehowa bize gaty buýsanýar (Ýew. 11:16, 38). Keselçilik, işsizlik ýa-da garrylyk sebäpli halys tapdan düşsek-de, bir wajyp zady ýatdan çykarmalyň: mähir-muhabbete ýugrulan Hudaýymyzyň «söýgüsinden (bizi) hiç zat aýra salyp bilmez» (Rim. 8:38, 39). w20.01 sah. 18, abz. 16; sah. 19, abz. 18, 19
28-nji dekabr, sişenbe
Ýa Allam, maňa päk ýürek ber, aň-düşünjämi täzele, berk duraýyn (Zeb. 51:10).
Pesgöwünli we barymyza kaýyl bolsak, göriplikden üstün çykyp bileris. Eger ýüregimizde şeýle häsiýetler bolsa, göriplige ösmäge ýer galmaz. Pesgöwünlilik özümiz hakda aşa köp pikirlenmezlige kömek edýär. Pesgöwünli adam özüni başgalardan has köp zada mynasyp hasaplamaýar (Gal. 6:3, 4). Bar zadyna kaýyl bolýan adam bolsa, özüni başgalar bilen deňeşdirmeýär (1 Tim. 6:7, 8). Pesgöwünli we baryna kaýyl bolýan adam başga biri gowy zada ýetende, onuň begenjini deň paýlaşýar. Göriplik häsiýetine garşy durup, pesgöwünli we baryňa kaýyl bolmak üçin, bize mukaddes ruhuň kömegi gerek (Gal. 5:16; Flp. 2:3, 4). Ýehowanyň mukaddes ruhy bize pikirlerimizi we isleglerimizi barlamaga kömek edip bilýär. Hudaýyň kömegi bilen, biz erbet pikirlerimizi we duýgularymyzy aýryp bileris (Zeb. 26:2). w20.02 sah. 15, abz. 8, 9
29-njy dekabr, çarşenbe
Özüňi alyp barşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol (1 Tim. 4:16).
Özüňi bagyş etmegiň wada bermegi aňladýandygyny we Ýehowanyň beren sözüňizde durmagyňyza garaşýandygyny ýatdan çykarmaň. Şonuň üçin dogan-uýalar bilen dostlaşyň. Ýygnakdaky dogan-uýalar siziň maşgalaňyz. Ýygnaklara yzygiderli gatnaşsaňyz dogan-uýalar bilen dostlugyňyz has-da berkär. Şeýle-de Hudaýyň Sözüni her gün okap oýlanyň (Zeb. 1:1, 2). Okan zatlaryňyz hakda çuňňur oýlanmak üçin wagt sarp ediň. Şonda bilen zatlaryňyz ýüregiňize güýçli täsir eder. «Dyngysyz doga ediň» (Mat. 26:41). Ýürekden edýän dogalaryňyz sizi Ýehowa has-da ýakynlaşdyrar. «Hudaýyň Patyşalygyny... hemişe birinji orunda goýuň» (Mat. 6:33). Munuň üçin yhlasly wagyz ediň. Şonda siziň imanyňyz berkär. Siz käbir zatlardan geçip, kynçylyklara döz gelmeli bolarsyňyz. Ýöne olaryň «wagtlaýyn hem ýeňildigini» unutmaň (2 Kor. 4:17). Suwa çümdürilmek häzirden bagtly edýär we «hakyky ýaşaýşa» eltýär (1 Tim. 6:19). w20.03 sah. 13, abz. 19—21
30-njy dekabr, penşenbe
Az wagt galdy (1 Kor. 7:29).
Okuw geçýäniňiz köp wagtdan bäri hiç hili ösüş etmeýän bolsa: «Okuw geçmegimi goýmalymy?» diýip pikirlenip başlamagyňyz mümkin. Şonuň üçin özüňize şeýle soraglary beriň: «Okuw geçýänim gerekli özgerişleri edýärmi? Öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanýarmy?» (Mat. 28:20). Gynansak-da, käbir okuw geçýänlerimiz Hyzkyl pygamberiň döwründäki ysraýyllara meňzeýär. Ýehowanyň Hyzkyl pygambere olar barada näme diýendigine üns beriň: «Sen olar üçin kirişli saz guralyny çalýan sazanda we söýgi aýdymyny aýdýan mahmal owazly bagşy ýalysyň. Olar sözüňi diňlärler, emma berjaý etmezler» (Hyz. 33:32). Bize ösüş etmeýän adam bilen okuw geçmegi goýýandygymyzy aýtmak kyn bolup biler. Emma «az wagtyň galandygyny» unutmalyň. Şonuň üçin wagtymyzy ruhy taýdan ösüş etmeýän adamlara däl-de, «ebedi ýaşamak isleýän adamlara» bermek isleýäris (Res. 13:48). w20.01 sah. 6, abz. 17; sah. 7, abz. 20
31-nji dekabr, anna
Patyşalygyň gelsin, gökde bolşy ýaly, ýerde-de islegiň amala aşsyn! (Mat. 6:10).
Mukaddes Kitapda Hudaýa gulak asýan adamlaryň ýer ýüzünde ebedi ýaşajakdygy hakda açyk-aýdyň aýdylýar. Ýöne hristian dininiň ýolbaşçylary beýle öwretmeýär (2 Kor. 4:3, 4). Olar gowy adamlar ölenden soň gökde ýaşaýar diýýärler. XIX asyryň ahyrlarynda «Garawul diňi» žurnalyny neşir edip başlan kiçi topar, ýagny Mukaddes Kitaby öwrenýänler düýbünden başga pikir edýärdiler. Olar Jennetiň ýer ýüzünde boljakdygyna we Hudaýa gulak asýan millionlarça adamlaryň gökde däl-de, ýerde ýaşajakdygyna düşünýärdiler. Emma Hudaýa gulak asýan adamlaryň kimlerdigi mälim bolýança wagt gerek boldy. Elbetde, Mukaddes Kitaby öwrenýänler Isa bilen gökde höküm sürmek üçin birnäçe adamyň «ýerden satyn alynjakdygyna» düşünýärdiler (Ylh. 14:3). Şol topar ýer ýüzünde ýaşanda özüni Hudaýa bagyş edip, yhlasly gulluk eden 144 000 sany wepaly mesihçilerden ybarat bolmalydy. w19.09 sah. 27, abz. 4, 5