Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es22 sah. 7—17
  • Ýanwar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýanwar
  • Her günki aýady okalyň — 2022
  • Sözbaşylar
  • 1-nji ýanwar, şenbe
  • 2-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 3-nji ýanwar, duşenbe
  • 4-nji ýanwar, sişenbe
  • 5-nji ýanwar, çarşenbe
  • 6-njy ýanwar, penşenbe
  • 7-nji ýanwar, anna
  • 8-nji ýanwar, şenbe
  • 9-njy ýanwar, ýekşenbe
  • 10-njy ýanwar, duşenbe
  • 11-nji ýanwar, sişenbe
  • 12-nji ýanwar, çarşenbe
  • 13-nji ýanwar, penşenbe
  • 14-nji ýanwar, anna
  • 15-nji ýanwar, şenbe
  • 16-njy ýanwar, ýekşenbe
  • 17-nji ýanwar, duşenbe
  • 18-nji ýanwar, sişenbe
  • 19-njy ýanwar, çarşenbe
  • 20-nji ýanwar, penşenbe
  • 21-nji ýanwar, anna
  • 22-nji ýanwar, şenbe
  • 23-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 24-nji ýanwar, duşenbe
  • 25-nji ýanwar, sişenbe
  • 26-njy ýanwar, çarşenbe
  • 27-nji ýanwar, penşenbe
  • 28-nji ýanwar, anna
  • 29-njy ýanwar, şenbe
  • 30-njy ýanwar, ýekşenbe
  • 31-nji ýanwar, duşenbe
Her günki aýady okalyň — 2022
es22 sah. 7—17

Ýanwar

1-nji ýanwar, şenbe

Sen mukaddes kitaplary bäbeklikden bäri bilýärsiň. Olar seni Isa Mesihe iman etmegiň we halas bolmagyň üçin akyldar edýär (2 Tim. 3:15).

Timoteosyň imany Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek eden hakykat bilimine esaslanýardy. Siz hem Mukaddes Kitaby okap, Ýehowa baradaky hakykatlary özleşdiriň. Ilki bilen, siz üç hakykatyň dogrudygyna göz ýetirmeli. Birinjiden, ähli zady Ýehowa Hudaýyň ýaradandygyna ynanmaly (2 Mus. 3:14, 15; Ýew. 3:4; Ylh. 4:11). Ikinjiden, Mukaddes Kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna göz ýetirmeli (2 Tim. 3:16, 17). Üçünjiden, Ýehowanyň Şaýatlarynyň Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda Ýehowa Hudaýa guramaçylykly gulluk edýändigine düşünmeli (Işa. 43:10—12; Ýah. 14:6; Res. 15:14). Munuň üçin Mukaddes Kitaby başdan-aýak ýat tutmak gerek däl. Siz «akyl-paýhasly bolup», hakykat bilimine düşünmegi maksat ediniň (Rim. 12:1). w20.07 sah. 10, abz. 8, 9

2-nji ýanwar, ýekşenbe

Çekirtgelere... adamlary öldürmän, bäş aýlap gynamak ygtyýary berildi (Ylh. 9:5).

Pygamberlikde çekirtgeleriň ýüzüniň ynsanyňka meňzeýändigi we «kellesinde altyn täje meňzeş bir zadyň bardygy» aýdylýar (Ylh. 9:7). Olar «maňlaýynda Hudaýyň möhüri basylmadyk adamlara», ýagny Hudaýyň duşmanlaryna bäş aýlap (çekirtgeler takmynan bäş aý ýaşaýarlar) zyýan ýetirmelidiler (Ylh. 9:4). Ylham kitabyndaky çekirtgeler Ýehowanyň saýlan gullukçylaryny aňladýar. Olar Hudaýyň zalym dünýä çykaran hökümini batyrgaýlyk bilen yglan edýärler. Olaryň aýdýan höküm habary dünýäni goldaýan adamlary «gynaýar». Diýmek, Ýowel 2:7—9-njy aýatlarda we Ylham kitabynda aýdylýan çekirtgeleriň hersi aýry-aýry zatlary aňladýar. Mukaddes Kitapda aýdylan bir söz gürrüň edilýän waka görä dürli-dürli manylarda ulanylýar. Meselem, Ylham 5:5-de Isa pygambere «ýahuda taýpasynyň Ýolbarsy» diýilýär. 1 Petrus 5:8-de bolsa Şeýtana «arlaýjy arslan» diýilýär. w20.04 sah. 3, abz. 8; sah. 5, abz. 10

3-nji ýanwar, duşenbe

Ýehowa ähli zady görýär, ýamana⁠-⁠da, ýagşa⁠-⁠da syn edýär (Nak. 15:3).

Saranyň gyrnagy Hajar Ybraýymyň aýaly bolýar. Soňra Hajar akmaklyk edip, bikesi Sarany önelgesizdigi üçin äsgermän başlaýar. Şonda Sara Hajary kemsidýär, ol hem gaçyp gidýär (1 Mus. 16:4—6). Biz bikämil bolandygymyz üçin, Hajary gopbamsy aýal hasaplap, «eli bilen edenini egni bilen çekdi» diýmegimiz mümkin. Ýöne Ýehowa Hajar barada erbet pikir etmedi. Ol perişdesini iberdi. Perişde Hajary tapyp, nädogry garaýşyny düzetmäge kömek etdi we Hudaýyň Hajara bereket berjekdigini aýtdy. Şonda Hajar alkyş aýdyp: «Maňa nazar salan Hudaýy gördüm... Sen ähli zady görýän Hudaýsyň!» diýdi (1 Mus. 16:7—13). Ýehowa Hajara näme üçin kömek etdi? Ol Hajaryň geçmişini we kyn günleri başdan geçirendigini bilýärdi. Ýehowa Hajaryň bikesini äsgermän, ýalňyşlyk goýberendigini hem bilýärdi. Ýöne ol Hajaryň duýgusyny we ýagdaýyny göz öňünde tutup, ýagşylyk etdi. w20.04 sah. 16, abz. 8, 9

4-nji ýanwar, sişenbe

Ýaryşyň soňuna çenli ylgadym (2 Tim. 4:7).

Pawlus resul ähli mesihçileriň ýaşaýyş ýolunda ylgamalydygyny aýtdy (Ýew. 12:1). Mesihçiler ýaş ýa garry, güýçli ýa ýadaw bolsa-da, Ýehowanyň berjek sylagyny almak üçin soňuna çenli ylgamaly (Mat. 24:13). Pawlus «ýaryşyň soňuna çenli ylgansoň» ynam bilen maslahat berdi (2 Tim. 4:7, 8). Ýöne ol «ýaryş» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Pawlus käte wajyp sapak bermek üçin gadymy Gresiýada geçirilýän ýaryşlary mysal hökmünde ulanýardy (1 Kor. 9:25—27; 2 Tim. 2:5). Ol köplenç mesihçileriň ýaşaýyş ýoluny ylgaw ýoluna meňzedýärdi (1 Kor. 9:24; Gal. 2:2; Flp. 2:16). Özüni Ýehowa bagyş eden adam suwa çümdürilenden soň «ýaryşa» gatnaşyp başlaýar (1 Pet. 3:21). Ýehowa oňa ebedi ýaşaýşy sowgat berende, pellehana ýetýär (Mat. 25:31—34, 46; 2 Tim. 4:8). w20.04 sah. 26, abz. 1—3

5-nji ýanwar, çarşenbe

Hudaýyň berýän ähli söweş ýaraglaryny dakynyň (Efes. 6:13).

Mukaddes Kitapda: «Halypamyz wepalydyr, ol sizi berkider we Şeýtandan gorar» diýilýär (2 Sel. 3:3). Ýehowa bizi nädip goraýar? Ol Şeýtanyň hüjümlerinden goramak üçin söweş ýaraglaryny berýär (Efes. 6:13—17). Ýehowanyň berýän ýaraglary berk, ýiti hem kesgirdir! Emma Şeýtanyň hüjümlerine garşy durmak üçin ýaraglaryň ählisini ökdelik bilen ulanmagy başarmaly. Meselem, hakykat guşagy — Mukaddes Kitapdaky hakykatlary aňladýar. Biz näme üçin hakykat guşagyny daňmaly? Sebäbi Şeýtan «ýalanyň atasy» (Ýah. 8:44). Ol müňlerçe ýyldan bäri ýalan sözläp, «bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary» ökdelik bilen aldaýar (Ylh. 12:9). Mukaddes Kitapdaky hakykatlar bizi Şeýtanyň ýaýradýan ýalanlaryndan goraýar. Biz hakykat guşagyny daňmak üçin näme etmeli? Ýehowa barada bilim almaly, oňa «ruhda we hakykatda sežde etmeli», ähli zatda dogruçyl bolmaly (Ýah. 4:24; Efes. 4:25; Ýew. 13:18). w21.03 sah. 26, 27, abz. 3—5

6-njy ýanwar, penşenbe

Ol Owadan ýurda çozar (Dan. 11:41).

Ysraýyla owadan ýurt diýilmeginiň esasy sebäbi, ol ýerde adamlar Ýehowa sežde edýärdi. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden bäri göni manyda bir ýere «Owadan ýurt» diýip bolmaýar. Sebäbi Ýehowanyň halky ýer ýüzüniň ähli künjegine ýaýrap başlady. «Owadan ýurt» şu günler Ýehowanyň halkynyň edýän işlerini aňladýar. Muňa ýygnak duşuşyklary we wagyz gullugy ýaly işler degişli. Soňky günlerde demirgazyk patyşasy gaýta-gaýta «Owadan ýurda» çozdy. Meselem, II Jahan urşy döwri Germaniýa demirgazyk patyşasy hökmünde hereket edip, Hudaýyň halkyny zalymlyk bilen yzarlanda we käbirini öldürende, «Owadan ýurda» çozýan ýaly boldy. II Jahan urşundan soň, Sowet Soýuzy täze demirgazyk patyşasy bolup, «Owadan ýurda» çozdy, ýagny Hudaýyň gullukçylaryna topulyp, olary sürgün etdi. w20.05 sah. 13, abz. 7, 8

7-nji ýanwar, anna

Ýehowa hudaýhonlar bilen dost bolar. Olara ähtini öwreder (Zeb. 25:14).

Geliň, geçmişde Hudaý bilen dostlaşan käbir adamlar hakda gürrüň edeliň. Ybraýym pygamber berk imanly adamdy. Onuň ölümine müň ýyldan köpräk wagt geçensoňam, Ýehowa oňa «dostum» diýdi (Işa. 41:8). Hawa, Ýehowanyň dostlaryny ölüm hem Ondan aýra salyp bilmeýär. Ybraýym Ýehowa üçin henizem diri (Luka 20:37, 38). Eýýup pygamber hem Ýehowanyň dostudy. Bir gezek gökde perişdeler Hudaýyň huzuryna baranda, Ýehowa Eýýup hakda ynam bilen şeýle diýdi: «Ýer ýüzünde Eýýup ýaly halal, Hudaýa wepaly, Alladan gorkýan we erbetlikden gaça durýan adam ýokdur» (Eýp. 1:6—8). Ýalan taňrylara sežde edýän adamlaryň arasynda 80 ýyllap wepaly gulluk eden Danyýara Ýehowa nähili garaýardy? Hudaýyň perişdesi ýaşy bir çene ýeten Danyýar pygambere üç gezek: «Hudaý seni gowy görýär» diýdi (Dan. 9:23; 10:11, 19). Biz Ýehowanyň aradan çykan dostlaryny direltjek wagtyna Özüniň hem sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyna ynamly bolup bileris (Eýp. 14:15). w20.05 sah. 26, 27, abz. 3, 4

8-nji ýanwar, şenbe

Maňa kanunlaryňy öwret (Zeb. 119:68).

Okuw geçýän adam Hudaýyň kanunlaryny öwrenmegi, hatda olaryň peýdalydygy bilen razylaşmagy mümkin. Ýöne ol Ýehowany ýürekden söýýändigi üçin gulak asarmy? How ene Hudaýyň kanunyny bilýärdi, ýöne kanuny beren Hudaýy ýürekden söýmeýärdi. Adam ata hakda hem şeýle diýse bolar (1 Mus. 3:1—6). Şol sebäpli adamlara Hudaýyň kanunlaryny we düzgünlerini öwretmek bilen çäklenmeli däl. Ýehowanyň tabşyryklary we kanunlary bize hemişe peýda berýär (Zeb. 119:97, 111, 112). Ýöne Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adam muňa birbada düşünmezligi mümkin. Şol sebäpli oňa Ýehowanyň bizi söýýändigi üçin şeýle kanunlary berendigini düşündirmeli. Oňa şeýle soraglary berip bileris: «Näme üçin Ýehowa şuny etmegi tabşyrdy ýa-da gadagan etdi? Şu tabşyrykdan Ýehowa barada näme bilýäris?» Eger biz Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adama Ýehowa hakda oýlanmaga we şöhratly adyna hormat goýmaga kömek etsek, onuň ýüregine täsir edip bileris. Şonda ol diňe bir Mukaddes Kitapdaky kanunlary däl-de, şolary beren Hudaýy söýer. Onuň imany gün-günden berkär we agyr synaglarda hem wepaly bolup biler (1 Kor. 3:12—15). w20.06 sah. 10, abz. 10, 11

9-njy ýanwar, ýekşenbe

Her bir adam diňlemäge taýyn bolmaly, geplemäge howlukmaly däl (Ýak. 1:19).

Adamyň ruhy taýdan dikelmegi üçin wagt gerek bolýar. Şol sebäpli biz sabyrly bolmaly. Öň wagyz etmeýän wagyzçy bolan dogan-uýalaryň aýtmagyna görä, ýygnaga dolanmaga kömek etmek üçin ýaşulular we beýleki dogan-uýalar olary gaýta-gaýta idediler. Günorta-gündogar Aziýada ýaşaýan Nensi uýa şeýle ýazýar: «Ýygnakdaky ýakyn joram maňa köp kömek etdi. Ol meni süýtdeş dogany ýaly görýärdi. Ol maňa bile geçiren şatlykly günlerimizi ýatlatdy. Duýgularymy aýdanymda meni ünsli diňlärdi, gerek wagty çekinmän maslahat hem bererdi. Ol islendik wagt kömege ýetişýän dostdugyny görkezdi». Duýgudaşlyk melhem ýaly, ýürek ýaralaryny bitirýär. Käbirleri wagyz etmegini we ýygnaga gelmegini bes etdiler, sebäbi ençeme ýyl mundan ozal dogan-uýalaryň biri olaryň göwnüne degdi we olar häzirem öýkeläp ýörler. Şonuň üçin Ýehowa dolanyp bilmeýärler. Olar özlerine adalatsyzlyk edilen ýaly duýýarlar. Olary diňläp, ýagdaýyna düşünip biljek dogan-uýalar gerek. w20.06 sah. 26, abz. 10, 11

10-njy ýanwar, duşenbe

Siz... Şeýtany ýeňdiňiz (1 Ýah. 2:14).

Eger siz bir synagda berk durup bilseňiz, soňky synaglarda-da ýykylmarsyňyz. Azgynçylygyň Şeýtandandygyny unutmaň! Ýehowanyň ahlak kadalaryna eýerseňiz, «Şeýtany ýeňdigiňiz» bolar. Diňe Ýehowa nämäniň günädigini we nämäniň günä däldigini aýtmaga haklydyr. Biz günäli işe baş goşmajak bolup jan etmeli. Emma birden günä edäýsek, toba edip, Ýehowa ýalbarmaly (1 Ýah. 1:9). Biz agyr günä edenimizde, Ýehowanyň bellän aladaçyl ýaşulularyndan kömek soramaly (Ýak. 5:14—16). Ýöne öňki eden ýalňyşlyklarymyzy ýatlap, özümizi günäkärläp ýörmeli däl. Näme üçin? Sebäbi gökdäki söýgüden doly Ýehowa biziň günälerimizi bagyşlamak üçin Ogluny gurban berdi. Biz toba etsek, ol hökman bagyşlar. Şonda sözünde durýan Hudaýa arassa ynsap bilen gulluk edip bilýäris (1 Ýah. 2:1, 2, 12; 3:19, 20). w20.07 sah. 22, 23, abz. 9, 10

11-nji ýanwar, sişenbe

Ýaşaýşyň Gözbaşy sensiň (Zeb. 36:9).

Owal-başdan Ýehowanyň ýeke özüdi, emma ol özüni ýalňyz duýmady. Ýehowa hiç kime mätäç däl. Muňa garamazdan, Allatagala perişdelere we adamlara ýaşaýyş bermek isledi. Şol sebäpli söýgüden doly Ýehowa älem-jahany ýaradyp başlady (1 Ýah. 4:19). Ilki bilen, Ýehowa özüne kömekçi, ýagny Ogluny ýaratdy. Soňra Hudaý Ogly bilen bilelikde millionlarça perişdeleri, «ähli zatlary» ýaratdy (Kol. 1:16). Isa Atasy bilen işleşip, köp şatlyk tapýardy (Nak. 8:30). Perişdeler hem şatlanýardy. Sebäbi olar Ýehowa bilen «ökde ussa» Isanyň gögi we ýeri ýaradyşyna ünsli syn edýärdiler. Şonda perişdeler näme etdiler? Olar «joşup alkyş aýtdylar». Elbetde, perişdeler Ýehowanyň elleriniň işini tarypladylar, esasanam, ynsany ýaradanda öwüp arşa çykardylar (Eýp. 38:7; Nak. 8:31). Hawa, Ýehowanyň her bir ýaradan zadyndan söýgüsini we akyldarlygyny görse bolýar (Zeb. 104:24; Rim. 1:20). w20.08 sah. 14, abz. 1, 2

12-nji ýanwar, çarşenbe

Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener (Mat. 24:9).

Ýehowa adamlary söýmek we söýülmek duýgusy bilen ýaratdy. Şol sebäpli bizi ýigrenseler özümizi erbet duýýarys we gorkuda ýaşaýarys. Bir dogan şeýle diýýär: «Esgerler meni Ýehowanyň Şaýady bolandygym üçin kemsitdiler, urdular, sögdüler we haýbat atdylar. Men şonda gaty gorkdum». Hawa, adamlar bizi ýigrenenlerinde hiç birimiz begenmesek gerek! Emma biz muňa geň galmaýarys, sebäbi Isa pygamber adamlaryň bizi ýigrenjekdigini öňünden aýdypdy. Olar bizi näme üçin ýigrenýär? Isa şägirtlerine: «Siz dünýäden dälsiňiz» diýdi (Ýah. 15:17—19). Biz döwlet işgärlerine hormat goýýarys, ýöne syýasata goşulmaýarys, kasam aýtmaýarys, baýdaga tagzym etmeýäris. Sebäbi biz diňe Ýehowa ýürekden wepaly bolýarys. Ýehowanyň adamzadyň üstünden gowy hökümdar boljakdygyna ynanýarys, ýöne Şeýtan we onuň tarapdarlary munuň bilen razylaşmaýar (1 Mus. 3:1—5, 15). Biz Hudaýyň Patyşalygynyň ähli kynçylyklary aýyrjakdygy hakda wagyz edýäris (Dan. 2:44; Ylh. 19:19—21). Biziň habarymyz akýürekli adamlaryň derdine melhem bolýar, doňýürek adamlaryň derdine dert goşýar. w21.03 sah. 20, abz. 1, 2

13-nji ýanwar, penşenbe

Biz Hudaýyň tarapynda (1 Ýah. 5:19).

Ýehowa uýalara ýygnakda hormatly orun berýär. Olar Ýehowa wepaly, berk imanly, akyl-paýhasly, erjel, mert, jomart bolýarlar we ýagşylyk edýärler (Luka 8:2, 3; Res. 16:14, 15; Rim. 16:3, 6; Flp. 4:3; Ýew. 11:11, 31, 35). Biz Ýehowanyň guramasynda uly ýaşly dogan-uýalaryň bardygyna begenýäris. Emma olaryň köpüsi diýen ýaly gujur-gaýratdan gaçyp, garrylyk sebäpli ejir çekýärler. Muňa garamazdan, olar güýjüni gaýgyrman wagyz edýärler, ruhlandyrýarlar we adamlara tälim berýärler. Biz olaryň baý tejribesinden köp zatlary öwrenýäris. Olar Ýehowa üçinem, biziň üçinem owadan «täç» ýalydyr (Nak. 16:31). Biz ýaş dogan-uýalara guwanýarys. Olar Şeýtan Iblisiň täsiri astyndaky dünýäde önüp-ösdüler we köp synaglara duşýarlar. Muňa garamazdan, olaryň ýygnak duşuşyklarynda berýän jogaplaryny, wagyz edişini we batyrgaýlyk bilen imany hakda gürrüň berişlerini eşidenimizde, begenjimizden ýaňa başymyz göge ýetýär. Ýaşlar, Ýehowa size-de ýygnakda uly orun berdi! (Zeb. 8:2). w20.08 sah. 21, 22, abz. 9—11

14-nji ýanwar, anna

Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin iberýärin (Mat. 10:16).

Biz dogan-garyndaşlarymyza, dost-ýarlarymyza wagyz edenimizde we Ýehowanyň Şaýady bolandygymyzy aýdanymyzda «apy-tupan» turýar, ýagny olar garşy çykýarlar, üstümizden gülýärler, hoş habary diňlemeýärler. Siz nädip batyrgaý bolup bilersiňiz? Birinjiden, Isa Mesihiň gökden wagyz işine ýolbaşçylyk edýändigine ýürekden ynanyň (Ýah. 16:33; Ylh. 14:14—16). Ikinjiden, Ýehowanyň siziň aladaňyzy etjekdigine iman ediň (Mat. 6:32—34). Biz Ýehowa berk iman etsek, has-da batyrgaýlyk bilen wagyz ederis. Sizem dogan-garyndaşlaryňyza, dost-ýarlaryňyza Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçýändigiňizi we ýygnak duşuşyklaryna barýandygyňyzy aýdyp, Hudaýa berk iman edýändigiňizi subut etdiňiz. Belki-de, siz Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak üçin gylyk-häsiýetleriňizi we durmuşyňyzy düýpgöter özgerdensiňiz. Elbetde, şeýle etmek üçin iman we batyrgaýlyk gerek. Eger siz batyrgaýlyk bilen wagyz etmegiňizi dowam etseňiz, şu sözleriň hakdygyna göz ýetirersiňiz: «Nirä gitseň-de, Ýehowa Hudaýyň seni goldar» (Ýuşa 1:7—9). w20.09 sah. 5, abz. 11, 12

15-nji ýanwar, şenbe

Ýehowa oňa parahatlyk beripdi (2 Tar. 14:6).

Asa patyşa Ýehowa bil baglap, paýhasly hereket etmekde gowy görelde galdyrdy. Ol Ýehowa diňe kynçylyk döwri däl-de, parahatlyk döwri hem sežde edýärdi. Mukaddes Kitapda Asanyň «bütin ömrüne Ýehowa ýürekden gulluk edendigi» aýdylýar (1 Pat. 15:14). Meselem, Asa patyşa Ýahudada ýalan dini ýok edip, Ýehowa wepalylygyny görkezdi. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ol ýalan taňrylaryň gurbanlyk ojaklaryny we seždegählerini aýyrdy, keramatly sütünleri çym-pytrak edip, keramatly pürsleri çapdy» (2 Tar. 14:3, 5). Asa hatda mamasy Magagy «şa aýalyň wezipesinden aýyrdy». Näme üçin? Sebäbi mamasy halky butlara sežde etdirýärdi (1 Pat. 15:11—13). Asa diňe ýalan dini ýok etmän, Ýahudanyň halkyna Ýehowa dolanmaga kömek etdi. Ýehowa Asa we ysraýyllara parahatlyk berdi. Asanyň «höküm süren döwri ýurtda on ýyl parahatlyk boldy» (2 Tar. 14:1, 4, 6). w20.09 sah. 14, abz. 2, 3

16-njy ýanwar, ýekşenbe

Eý Timoteos, saňa ynanylan zatlary gorap sakla (1 Tim. 6:20).

Biz gymmatbaha zatlarymyzy gorap saklar ýaly ynamdar adamlara berýäris. Meselem, biz pulumyzy döwlet bankyna goýýarys. Sebäbi onuň goraljakdygyny we ýitmejekdigini bilýäris. Pawlus resul Timoteosa gymmatly zadyň, ýagny Hudaýyň niýeti baradaky hakykat biliminiň we «hoş habary wagyz etmek» işiniň ynanylandygyny ýatlatdy (2 Tim. 4:2, 5). Pawlus oňa Hudaýyň ynanan zatlaryny gorap saklamagy ündedi. Ýehowa Mukaddes Kitaby arkaly bize gyzyldan gymmatly hakykatyny açdy. Hakykat bilimi bize Ýehowa bilen dostlaşmaga we hakyky bagta ýetmäge kömek edýär. Eger biz Hudaýyň Sözündäki hakykata iman etsek, ýalan dinden azat bolarys we günäli işlere baş goşmarys (1 Kor. 6:9—11). w20.09 sah. 26, abz. 1—3

17-nji ýanwar, duşenbe

Size kömek etmek üçin nämeler edendigimizi özüňiz hem bilýänsiňiz (1 Sel. 1:5).

Okuw geçýäniňiz siziň özüňiziň Mukaddes Kitapdaky hakykata ýürekden ynanýandygyňyzy görmeli. Şonda ol hakykat biliminiň gadyryny biler. Mukaddes Kitabyň kada-kanunlarynyň size nähili peýda berýändigi hakda gürrüň beriň. Şeýle etseňiz, okuw geçýäniňiz Hudaýyň Sözündäki maslahatlaryň özüne-de peýdaly boljakdygyna düşüner. Sapak geçýän wagtyňyz gyzyklanýanyň başyndan geçirýän kynçylyklaryna meňzeş wakalary gürrüň beriň. Ýa-da şeýle kynçylyklara döz gelen dogan-uýalary okuwa çagyryň. Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna gulak asmagyň peýdalydygyna düşünmäge kömek ediň. Okuw geçýäniňiz maşgala guranmy? Ýanýoldaşy hem okuw geçýärmi? Eger geçmeýän bolsa, ýanýoldaşyna sapagy diňlemegi teklip ediň. Okuw geçýäni bilen zatlaryny dogan-garyndaşlaryna we dost-ýarlaryna gürrüň bermäge höweslendiriň (Ýah. 1:40—45). w20.10 sah. 16, abz. 7—9

18-nji ýanwar, sişenbe

Tabşyrjak zatlarymy... çagalaryňyzyň hem aňyna, ýüregine guýuň (5 Mus. 6:6, 7).

Ýusup bilen Merýem Isany hudaýhon adam edip ýetişdirdiler. Munuň üçin olar Ýehowanyň ene-atalara beren öwüt-nesihatlaryna eýerdiler (5 Mus. 6:6, 7). Olar Ýehowany ýürekden söýýärdiler we çagalarynyň aňyna hem ýüregine Ýehowa bolan söýgini guýup bildiler. Ýusup bilen Merýem çagalary bilen Ýehowa sežde etmegi ähli zatdan ileri tutýardylar. Olar her hepde Nazaretdäki sinagoga barýardylar we her ýyl Iýerusalime Pasha baýramyny bellemäge gidýärdiler (Luka 2:41; 4:16). Belki-de, olar ýolda barýarkalar, Mukaddes Kitapda agzalýan ýerlerden, şäherleriň üstünden geçendirler. Şonda olar çagalaryna Ýehowanyň halkynyň taryhy barada gürrüň berendirler. Emma Ýusup bilen Merýeme Ýehowa sežde etmek hemişe aňsat düşen däldir, sebäbi olaryň maşgalasy ýyl-ýyldan ulalýardy. Elbetde, olaryň eden tagallasy ýerine düşdi! Olar Ýehowa sežde etmegi birinji ýerde goýdular we çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etdiler. w20.10 sah. 28, abz. 8, 9

19-njy ýanwar, çarşenbe

Hydyr Ýehowanyň kanunyny çuňňur öwrenip... Hudaýyň düzgünlerini... öwretmegi ýüregine düwüpdi (Hyd. 7:10).

Eger wagyzçy sizi Mukaddes Kitap okuwyna çagyrsa, sapaga öňünden taýýarlansaňyz gowy bolar. Ýörite pioner bolup gulluk edýän Dorin dogan şeýle diýýär: «Dogan-uýalar sapaga öňünden taýýarlansa, ruhlandyryjy pikirleri paýlaşyp bilýärler. Şonda sapak hasam gyzykly geçýär». Okuw geçýän adam ikiňiziň hem taýýarlanandygyňyzy görse, sizden görelde almak islär. Sapaga gowy taýýarlanyp ýetişmeseňiz hem, iň bolmanda, esasy pikirleri gözden geçirmek üçin azajyk wagt sarp etseňiz gowy bolar. Wagyzçy sizden doga etmegi haýyş edip biler. Hudaýa ýürekden edilýän doga-dileg okuw geçýäne güýçli täsir edýär. Şonuň üçin etjek dogaňyz hakda öňünden oýlanyň (Zeb. 141:2). Ýaponiýada ýaşaýan Hanna uýa şeýle gürrüň berýär: «Mukaddes Kitapdan okuw geçýärkäm, bir uýanyň eden dogasy maňa güýçli täsir etdi. Meniň bilen okuw geçýän uýa ony sapaga çagyrypdy. Ol şeýle bir doga etdi welin, menem Ýehowa bilen ýakyn dost bolasym geldi. Şeýle-de uýa dogasynda adymy agzanda, men hakda ýürekden alada edýändigini duýdum». w21.03 sah. 9, 10, abz. 7, 8

20-nji ýanwar, penşenbe

Mert bol! ...Rimde⁠-⁠de wagyz etmelisiň (Res. 23:11).

Isa Pawlus resulyň Rime sag-aman barjakdygyny wada beripdi. Emma käbir ýehudylar Pawlusy öldürmek üçin dil düwüşdiler. Rim serkerdebaşysy Klawdiý Lisiý dildüwşük barada eşidende, Pawlusa kömek edýär. Klawdiý derrew ony Iýerusalimden Kaýsariýa iberýär. Ol Pawlusy goramak üçin ençeme esgerleri-de iberýär. Olar Kaýsariýa gelenlerinde, Feliks hökümdar Pawlusy «Hirodesiň köşgünde saklamagy tabşyrýar». Şeýlelikde, Pawlusyň duşmanlarynyň dildüwşügi başa barmaýar (Res. 23:12—35). Feliksiň ýerine geçen Fest hökümdar «ýehudylara ýaranjaňlyk edip», Pawlusa: «Iýerusalime gidesiň gelýärmi? Seniň işiňe seredenlerinde, menem şol ýerde bolaryn» diýýär. Pawlus özüniň Iýerusalimde öldüriljekdigini bilen bolmaly. Şonuň üçin ol: «Sezara arz edýärin!» diýdi. Fest Pawlusa: «Sezara arz edýän bolsaň, Sezaryň ýanyna-da gidersiň» diýýär. Biraz wagtdan Pawlus Rime barýar we ganym duşmanlaryndan gaçyp gutulýar (Res. 25:6—12). w20.11 sah. 13, abz. 4; sah. 14, abz. 8—10

21-nji ýanwar, anna

Ýüregimiz bizi ýazgarýar (1 Ýah. 3:20).

Biziň hemmämiz käte özümizi günäkär duýýarys. Käbir dogan-uýalar Ýehowany tanamanka eden günäleri üçin özlerini günäkärleýärler. Käbirleri bolsa suwa çümdürilenden soň ýalňyşlyk goýberendigi üçin özlerini ýazgaryp ýöreýärler (Rim. 3:23). Biziň ählimiz Hudaýyň öňünde dogry işleri etmek isleýäris, emma «köp ýalňyşýarys» (Ýak. 3:2; Rim. 7:21—23). Adam özüni günäkärlemegi halamasa-da, onuň peýdaly tarapy hem bar. Özüňizi günäkär hasaplasaňyz, düzelmek islärsiňiz we ýalňyşyňyzy gaýtalamazlygy ýüregiňize düwersiňiz (Ýew. 12:12, 13). Biz toba edip, Ýehowanyň bagyşlandygyny bilenimizden soňam özümizi çendenaşa günäkärläp ýöresek, öz aýagymyza özümiz palta urýarys (Zeb. 31:10; 38:3, 4). Biz öz-özümizi çendenaşa günäkärlesek, Şeýtany begendireris. Ýehowa bizi bagyşlaýan bolsa, onda öz-özümizi günäkärlemäliň! (2 Korinfliler 2:5—7, 11-nji aýatlary deňeşdiriň). w20.11 sah. 27, abz. 12, 13

22-nji ýanwar, şenbe

Men biderek ýere päk ýürekli bolupdyryn, elimi arassa saklapdyryn (Zeb. 73:13).

73-nji mezmury ýazan lewi zalym, tekepbir adamlaryň gün-günden baýap, bolelin hem eşretli durmuşda ýaşaýandygyna gözi gidýär we olara göriplik edip başlaýar (Zeb. 73:2—9, 11—14). Ol ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garap, ýüregindäki göripligi köki bilen sogurýar. Soňra ol rahatlyk hem şatlyk tapyp, durmuşyndan razy bolup ýaşaýar. Ol: «Ýehowa ýanymda bolsa, başga hiç zat gerek däl» diýýär (Zeb. 73:25). Biziňem baý we lezzetli durmuşda ýaşaýan adamlara gözümiz gitmeli däl. Olaryň bagtly ýaşaýşy wagtlaýyndyr (Nes. 8:12, 13). Eger biz hem olaryň ýaşaýşyna höwes edip başlasak, göwnüçökgünlige düşüp, imanymyz gowşar. Baý adamlaryň ýaşaýşyna göz gyzdyryp başlan bolsak, onda 73-nji Zebury ýazan lewi ýaly aýgytly ädim ätmeli. Ýehowanyň maslahatyna gulak asmaly we onuň islegini berjaý edýänler bilen gatnaşmaly. Eger biz Ýehowany ýürekden söýsek, bagtly bolarys we «hakyky ýaşaýyş» ýolundan sowulmarys (1 Tim. 6:19). w20.12 sah. 19, abz. 14—16

23-nji ýanwar, ýekşenbe

Käte biz näme hakda doga etmelidigimizi bilmeýäris. Şonda iňňildäp, hiç bir söz aýdyp bilmesek⁠-⁠de, mukaddes ruh biziň üçin Hudaýa ýalbarýar (Rim. 8:26).

Ýehowa Hudaýa gaýgy-aladalaryňyz barada doga edeniňizde minnetdarlyk aýtmagy hem unutmaň. Kyn ýagdaýa düşeniňizde alan bereketleriňiz hakda oýlansaňyz gowy bolar. Käte siz duýgularyňyzy nädip beýan etjegiňizi bilýän dälsiňiz. Şonda: «Ýehowa, kömek et!» diýip, doga etmek ýeterlik bolar (2 Tar. 18:31). Öz düşünjäňize däl-de, Ýehowanyň akyldarlygyna bil baglaň. B. e. öň VIII asyrda Ýahuda halkyna assiriýalylar hüjüm etjek bolýar. Şonda ýahudalar Müsürden kömek soraýarlar (Işa. 30:1, 2). Ýehowa olaryň Müsüre bil baglandyklary üçin betbagtçylyk inderjekdigini aýdýar (Işa. 30:7, 12, 13). Ýöne olar asuda ýaşamak isleseler, Ýehowa dolanmalydylar, sebäbi Ýehowa Işaýa pygamber arkaly: «Maňa bil baglap, howsala düşmeseňiz güýjüňiz artar» diýdi (Işa. 30:15b). w21.01 sah. 3, abz. 8, 9

24-nji ýanwar, duşenbe

Men 144 000 adamyň möhürlenendigini eşitdim (Ylh. 7:4).

Saýlanan mesihçiler wepaly bolsalar, gökde Isa Mesih bilen patyşalar we ruhanylar bolup höküm sürerler (Ylh. 20:6). Ýehowa, Isa Mesih we perişdeler 144 000 saýlanan mesihçileriň gökdäki sylagyny aljak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ýahýa resul saýlanan mesihçileriň gökde patyşalar we ruhanylar bolandygyny görenden soň, Armageddondan diri geçen «uly märekäni» görýär. Saýlanan mesihçilerden tapawutlylykda, uly märeke sansyz-sajaksyzdy (Ylh. 7:9, 10). Olar «uzyn ak eşik» geýnendi. Uzyn ak eşik Şeýtanyň dünýäsiniň «haram ýoluna» goşulman, Ýehowa we Isa Mesihe wepaly bolmagy aňladýar (Ýak. 1:27). Olar halas bolandyklary üçin, Ýehowa we Hudaýyň Guzusy Isa alkyş aýdýardylar. Olaryň ellerinde hurma agajynyň şahalarynyň bolmagy Isany Ýehowanyň bellän Patyşasy hökmünde kabul edendiklerini görkezýärdi (Ýahýa 12:12, 13-nji aýatlary deňeşdiriň). w21.01 sah. 15, 16, abz. 6, 7

25-nji ýanwar, sişenbe

Sen pesgöwünlisiň, meni beýgeldýärsiň (2 Şam. 22:36).

Ýehowa Hudaý bilen Isa pygamber söýgi we pesgöwünlik bilen hökümdarlyk edýär. Ärler olaryň göreldesine eýerseler, gowy maşgalabaşy bolup bilerler. Ýehowa hemmelerden akyldar bolsa-da, hudaýhon adamlaryň pikirini diňleýär (1 Mus. 18:23, 24, 32). Ýehowa Gudratygüýçli Hudaý, emma adamlardan başarmajak zadyny talap etmeýär, gaýtam olara güýç berip goldaýar (Zeb. 113:6, 7). Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «hemaýatkär» Hudaýdygy barada ýazylan (Zeb. 27:9; Ýew. 13:6). Dawut patyşa pesgöwünli Hudaýyň kömegi bilen köp ýeňişleri gazanandygyny aýdýar. Geliň, Isa pygamber hakda gürrüň edeliň. Ol şägirtleriniň halypasy we mugallymy bolsa-da, olaryň aýagyny ýuwdy. Isanyň özi-de: «Men size görelde görkezdim. Men näme eden bolsam, sizem şeýle etmeli» diýdi (Ýah. 13:12—17). Isa beýik pygamber bolsa-da, adamlaryň özüne hyzmat etmegine garaşman, özi hyzmat etdi (Mat. 20:28). w21.02 sah. 3, 4, abz. 8—10

26-njy ýanwar, çarşenbe

Güýç-kuwwat ýaşlaryň şöhratydyr (Nak. 20:29).

Güýç-kuwwatly ýaş doganlar ýygnakda köp işleri edip biler. Olar dogan-uýalar üçin hem uly goldaw bolup biler. Ýaşlar, belki, siz hyzmatçy boljak günüňize sabyrsyzlyk bilen garaşýansyňyz. Ýöne dogan-uýalar sizi ýaş we tejribesiz hasaplar diýip alada edýänsiňiz. Eger häzirden dogan-uýalara kömek etseňiz, olaryň ynamyny gazanyp bilersiňiz. Ýaş doganlar, sizem Dawutdan görelde alyp dogan-uýalara kömek edip bilersiňiz. Meselem, siz elektron enjamlaryndan gowy baş çykarýarsyňyz. Bilýän zatlaryňyzy garry dogan-uýalara öwretseňiz gowy bolar. Olar siziň kömek edýändigiňizi görüp örän begener we ýygnakda ýa-da şahsy okuwyny geçirende planşetini hezil edip ulanar. Ýaşlar, ýagşy işleri etseňiz, gökdäki Atamyz size guwanar. w21.03 sah. 2, abz. 1, 3; sah. 7, abz. 18

27-nji ýanwar, penşenbe

Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir (Gal. 6:5).

Belki-de, aýal ärine garanda has düşünjeli we sowatlydyr, ýöne Ýehowa maşgala okuwyny geçirmegi äre tabşyrdy (Efes. 6:4). Aýal ähli ýagdaýlarda ärine tabyn bolsa-da, Ýehowa berk iman etmek üçin özi-de tagalla etmeli. Ol Mukaddes Kitaby okamak, oýlanmak we şahsy okuwyny geçirmek üçin wagt tapmaly. Şonda aýal Ýehowany ýürekden söýer, hormat goýar we ärine höwes bilen tabyn bolar. Ýehowany söýýän we baştutanlyk kanunyna eýerýän aýallar özlerini bagtly duýýarlar. Olar täze maşgala guranlara-da gowy görelde bolýarlar. Olar diňe bir maşgalasynda däl, eýsem ýygnakda-da parahatlygyň bolmagyna goşant goşýarlar (Tit. 2:3—5). Şu günler Ýehowanyň Şaýatlarynyň aglabasy aýallardyr (Zeb. 68:11). w21.02 sah. 12, 13, abz. 21—23

28-nji ýanwar, anna

Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar (Ýak. 4:8).

Pawlus resul synaglara mertlik bilen döz gelip gowy görelde galdyrdy. Käte ol özüni ejiz duýýardy, ýöne hemişe Ýehowa bil baglaýardy we Allanyň berýän güýji bilen kynçylyklara döz gelip bilýärdi (2 Kor. 12:8—10; Flp. 4:13). Bizem pesgöwünlilik bilen Ýehowadan güýç sorasak, ol kynçylyklara döz gelmäge kömek eder (Ýak. 4:10). Başymyza agyr günler düşende: «Allasyz çöp başy gymyldamaz» diýip, synaglary onuň jezasy hasaplamalyň. Sebäbi Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Synaga düşende hiç kim: „Hudaý meni synaýar“ diýmesin, sebäbi Hudaýy erbetlik bilen synap bolmaýar, Hudaý hem hiç kimi synamaýar» (Ýak. 1:13). Eger biz Hudaýyň synamaýandygyna ynansak, ol biziň Atamyz bolar, bizem onuň perzentleri bolarys. Ýehowa Hudaý «üýtgäp durmaýar» (Ýak. 1:17). Allatagala I asyrdaky mesihçilere synaglara döz gelmäge kömek edişi ýaly, bize-de kömek eder. Geliň, Ýehowadan akyldarlyk, iman we mertlik diläliň! Ol doga-dileglerimize hökman jogap berer. w21.02 sah. 31, abz. 19—21

29-njy ýanwar, şenbe

Demir demri ýiteldýär, adam hem dostuna gowy täsir edýär (Nak. 27:17).

Okuw geçýän ýygnaga gelende hal-ýagdaýyny sorap, ruhlandyryň (Flp. 2:4). Onuň durmuşy barada içgin gyzyklanmasyňyz-da, Mukaddes Kitapdan öwrenýän zatlary, maşgalasy we işi hakda soraň. Edýän ösüşleri üçin öwüň. Şeýle gürrüňdeşlik size dost bolmaga kömek eder. Eger dost bolsaňyz, suwa çümdürilmäge höweslendirip bilersiňiz. Okuw geçýänler ýygnaga gelip başlanda, özüni öýüne gelen ýaly duýmaga kömek ediň. Olary myhmançylyga çagyryň (Ýew. 13:2). Okuw geçýänler wagyzçy bolsa, olar bilen wagza çykyň. Braziliýaly Diýego dogan şeýle diýýär: «Doganlar meni wagza çagyrýardy. Şonda olar bilen ýakyndan tanyşýardym we köp zatlary öwrenýärdim. Şeýdip, Ýehowa we Isa pygamber bilen dostlugym hasam berkedi». w21.03 sah. 12, abz. 15, 16

30-njy ýanwar, ýekşenbe

Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň (Rim. 12:17).

Isa şägirtlerine duşmanlaryňyzy hem söýüň diýip tabşyrdy (Mat. 5:44, 45). Elbetde, duşmanyňy söýmek aňsat däl! Emma biz Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen muny başararys. Mukaddes ruh söýgi, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýumşaklyk we özüňe erk etmeklik ýaly häsiýetleri ösdürýär (Gal. 5:22, 23). Adamlar bizi ýigrenseler-de, şu häsiýetler Hudaýa wepaly bolmaga kömek edýär. Dogan-uýalaryň şeýle häsiýetleri äriniň, aýalynyň, çagalarynyň we goňşularynyň ýüreklerini ýumşatdy. Hatda olaryň köpüsi Ýehowa iman etdiler we dogan-uýalarymyz boldular. Ýehowa gulluk edýändigiňiz üçin sizi ýigrenýän adamlary söýmek kyn bolsa, Hudaýa doga edip, mukaddes ruhuny soraň (Luka 11:13). Ýehowa gulak assaňyz, hiç haçan ökünmersiňiz! (Nak. 3:5—7). Ýigrenç adamyň ýüregine ýara salýar, ýöne söýgi ähli ýaralara melhem bolýar. Söýgi doňan ýürekleri eredýär we Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýar. Adamlar bizi ýigrenseler-de, barybir bagtly bolup bileris. w21.03 sah. 23, abz. 13; sah. 24, abz. 15; sah. 25, abz. 17

31-nji ýanwar, duşenbe

Ýurduma güýçli, sansyz-sajaksyz halk geldi (Ýow. 1:6).

Ýowel Ysraýyla goşunyň çozjakdygyny pygamberlik edýär (Ýow. 1:6; 2:1, 8, 11). Gulak asmaýan ysraýyllara jeza bermek üçin, Ýehowa «uly goşunyny» (wawilonlylary) iberjekdigini aýdýar (Ýow. 2:25). Pygamberlikde şol goşun «demirgazykdan gelenler» diýlip atlandyrylýar, sebäbi wawilonlylar Ysraýyla demirgazykdan çozmalydy (Ýow. 2:20). Goşun nyzama düzülen çekirtgelere meňzedilýär. Ýowel şeýle diýýär: «Olaryň (esgerleriň) her biri nyzam bilen ýöreýärler... Olar şähere çozýarlar. Öýlere dyrmaşyp çykyp, penjireden ogry kimin girýärler» (Ýow. 2:8, 9). Göz öňüňize geldimi?! Esgerler daş-töweregi gabapdy, gizlenere ýer ýokdy, wawilonlylaryň gylyjyndan hiç kim gaçyp gutulyp bilmedi. B. e. öň 607-nji ýylda wawilonlylar (haldeýler) çekirtge ýaly çozup, Iýerusalimi basyp alýarlar. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Haldeý patyşasy... oglana-gyza, garra ýa ejize rehim etmedi» (2 Tar. 36:17). w20.04 sah. 5, abz. 11, 12

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş