Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es22 sah. 17—26
  • Fewral

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Fewral
  • Her günki aýady okalyň — 2022
  • Sözbaşylar
  • 1-nji fewral, sişenbe
  • 2-nji fewral, çarşenbe
  • 3-nji fewral, penşenbe
  • 4-nji fewral, anna
  • 5-nji fewral, şenbe
  • 6-njy fewral, ýekşenbe
  • 7-nji fewral, duşenbe
  • 8-nji fewral, sişenbe
  • 9-njy fewral, çarşenbe
  • 10-njy fewral, penşenbe
  • 11-nji fewral, anna
  • 12-nji fewral, şenbe
  • 13-nji fewral, ýekşenbe
  • 14-nji fewral, duşenbe
  • 15-nji fewral, sişenbe
  • 16-njy fewral, çarşenbe
  • 17-nji fewral, penşenbe
  • 18-nji fewral, anna
  • 19-njy fewral, şenbe
  • 20-nji fewral, ýekşenbe
  • 21-nji fewral, duşenbe
  • 22-nji fewral, sişenbe
  • 23-nji fewral, çarşenbe
  • 24-nji fewral, penşenbe
  • 25-nji fewral, anna
  • 26-njy fewral, şenbe
  • 27-nji fewral, ýekşenbe
  • 28-nji fewral, duşenbe
Her günki aýady okalyň — 2022
es22 sah. 17—26

Fewral

1-nji fewral, sişenbe

Pesgöwünli boluň, başgalary özüňizden ýokary saýyň (Flp. 2:3).

Biz dogan-uýalaryň ýagdaýyna düşünip, birek-birege kömek etsek, Ýehowanyň göreldesine eýereris. Dogan-uýalary ýakyndan tanaň. Olar bilen ýygnakdan öň ýa-da soň gürrüňdeş boluň, bile wagyz ediň, ýagdaýyňyz bolsa myhmançylyga çagyryň. Şonda siz ýüzi agyr uýanyň utanjaňdygyny, baýdyr öýdýän doganyňyzyň, baý däl-de, jomartdygyny, ýygnaga gijä galyp gelýän uýanyň äriniň garşy çykýandygyny bilersiňiz (Eýp. 6:29). Elbetde, biz «başgalaryň işine goşulmaly» däl (1 Tim. 5:13). Ýöne dogan-uýalary ýakyndan tanasak we kyn günleri başdan geçirendigini bilsek gowy bolar. Belki, dogan-uýalaryň özüni alyp barşy gaharyňyzy getirýändir. Eger olary gowy tanasaňyz duýgudaş bolup bilersiňiz. Elbetde, dogan-uýalary gowy tanamak üçin tagalla etmeli. Biz Mukaddes Kitapdaky «ýüregiňizi giňden açyň» diýen masalahata eýersek, «ähli adamlary» söýýän Ýehowadan görelde alarys (1 Tim. 2:3, 4; 2 Kor. 6:11—13). w20.04 sah. 16, 17, abz. 10—12

2-nji fewral, çarşenbe

Dostlary üçin janyny gurban edýän adamyň söýgüsinden güýçli söýgi ýokdur (Ýah. 15:13).

Isa ölüminiň öň ýanyndaky gijesi şägirtlerine: «Biri-biriňizi söýüň» diýip tabşyrdy. Sebäbi Isa şeýle söýginiň ýigrençden doly dünýäde agzybir ýaşamaga kömek etjekdigini bilýärdi. Meselem, Selanik şäherinde ýygnak dörän badyna, dogan-uýalary zalymlyk bilen yzarladylar. Emma olar biri-birini ýürekden söýdüler we Ýehowa wepaly boldular (1 Sel. 1:3, 6, 7). Pawlus olara biri-biriňizi «öňküdenem has köp söýüň» diýip ündedi (1 Sel. 4:9, 10). Şonda olar göwnüçökgünlere göwünlik berip, ejizleri goldap bilýärdiler (1 Sel. 5:14). Olar Pawlusyň maslahatyna ýürekden eýerdiler. Pawlus resul bir ýyldan soň ikinji hatyny ýazýar. Şonda Pawlus: «Bir-biriňize söýgiňiz artýar» diýip, olary öwýär (2 Sel. 1:3—5). Olaryň bir-birine bolan söýgüsi ýowuz yzarlamalara döz gelmäge kömek etdi. w21.03 sah. 22, abz. 11

3-nji fewral, penşenbe

Öňümizdäki ýolda çydamly ylgalyň (Ýew. 12:1).

Biz ebedi ýaşaýyş sylagyny almak üçin, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýermeli (Res. 20:24; 1 Pet. 2:21). Emma Şeýtan we onuň golastyndaky adamlar başga ýoly saýlamagymyzy, ýagny «azgyn işlerine gatnaşmagymyzy» isleýärler (1 Pet. 4:4). Olar biziň üstümizden gülýärler, öz ýollaryny azatlyga eltýän ýol hasaplaýarlar. Ýöne olar juda ýalňyşýarlar (2 Pet. 2:19). Dogry ýoly saýlamak örän wajyp! Şeýtan biziň «ebedi ýaşaýşa eltýän» insiz ýoldan däl-de, inli ýoldan ylgamagymyzy isleýär. Inli ýoldan ylgamak aňsat, şol sebäpli köp adamlar ondan barýarlar. Emma ol ýol «heläkçilige eltýär» (Mat. 7:13, 14). Biz dogry ýoldan sowulmaz ýaly, Ýehowa bil baglamaly we oňa gulak asmaly. w20.04 sah. 26, abz. 1, 5; sah. 27, abz. 7

4-nji fewral, anna

Hudaýa ýalbarmagyňyzy, doga-dileg we haýyş etmegiňizi... ündeýärin... Şonda biz parahat we asuda ýaşap, Hudaýa wepaly bolarys (1 Tim. 2:1, 2).

Soňky birnäçe ýylyň içinde Russiýa we onuň tarapdarlary «Owadan ýurda» çozdy (Dan. 11:41). Nädip? 2017-nji ýylda «demirgazyk patyşasy» Ýehowanyň Şaýatlarynyň işini gadagan etdi we birnäçe dogan-uýalary türmä basdy. Şeýle-de edebiýatlarymyzy, şol sanda «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesini» hem gadagan etdi. Mundan başga-da Russiýadaky filialy, Ýygnak jaýlaryny we Kongresler köşklerini döwletiň haýryna geçirdi. Şu hereketlerden soň, 2018-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty Russiýanyň we onuň tarapdarlarynyň «demirgazyk patyşasydygyny» aýtdy. Emma Ýehowanyň halky birnäçe gezek zalymlyk bilen yzarlansa-da, hökümetiň garşysyna gitmedi ýa-da oňa garşy gozgalaň turuzmady. Gaýtam olar Mukaddes Kitapdaky «ýokary wezipeli adamlar üçin... doga ediň» diýen maslahata eýerdi. Olar, esasan-da, häkimiýetler Hudaýa edýän seždämizi gadagan etmekçi bolanda, has-da köp doga etdiler. w20.05 sah. 14, abz. 9

5-nji fewral, şenbe

Özüňi alyp barşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol (1 Tim. 4:16).

Ene-atalar, çagalaryňyz Mukaddes Kitapdaky hakykata ynanar ýaly, Ýehowa bilen dostlaşmaly we hakykat bilimine iman etmeli. Olaryň Hudaý baradaky hakykat bilimini ýürekden kabul etmegini isleseňiz, onda özüňiz Mukaddes Kitaby okap, gowy görelde bolmaly. Okan zatlaryňyz hakda çuňňur oýlanmak üçin wagt tapyň. Şonda çagalaryňyzam sizden görelde alar. Okuw geçýänlere öwredişiňiz ýaly, çagalaryňyza-da Mukaddes Kitaby öwrenmek üçin niýetlenen esbaplardan peýdalanmaga kömek ediň. Şeýtseňiz, olara Ýehowany söýmegi, «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly berýän ruhy iýmitiniň gadyryny bilmegi öwredersiňiz (Mat. 24:45—47). Çagalaryňyza Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny öwretmek bilen çäklenmäň! Olaryň ýaşyny we ukybyny göz öňünde tutup, «Hudaýyň çäksiz akyldarlygyna» düşünmäge kömek ediň. Şonda olaryň imany berk bolar (1 Kor. 2:10). w20.07 sah. 10, abz. 10; sah. 11, abz. 12, 13

6-njy fewral, ýekşenbe

Ýehowa mekirleri ýigrenýär, dogruçyllar bolsa onuň dostudyr (Nak. 3:32).

Şu günler millionlarça bikämil adamlar Ýehowa bilen dostlaşmakdan şatlyk tapýarlar. Olar Isanyň töleg gurbanyna iman edip, şeýle dostlugy gazanyp bilýärler. Başgaça aýdanyňda, olar özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilýärler. Şeýdip, töleg gurbany esasynda Ýehowa olary mähir bilen özüne çekýär. Biz şu ädimleri ädenimizde, özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilen millionlarça mesihçilere goşulýarys we älemde iň beýik Şahsyýet Ýehowanyň dosty bolýarys! Biz Ýehowa bilen dostlaşmak hormatyny gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris? Ýüz ýyldanam gowrak Hudaýa wepaly galan Ybraýym we Eýýup pygamber ýaly, bizem Ýehowa näçe ýyl gulluk etsegem, oňa soňuna çenli wepaly bolmaly. Danyýar pygamber ýaly, Ýehowa bilen dostlugymyzy janymyzdan hem gymmat hasaplamaly (Dan. 6:7, 10, 16, 22). Ýehowanyň kömegi bilen, biz dürli synaglara çydap, onuň bilen dostlugymyzy gorap bilýäris (Flp. 4:13). w20.05 sah. 27, abz. 5, 6

7-nji fewral, duşenbe

Bütin kalbym bilen senden gorkaýyn (Zeb. 86:11).

Bir gün Dawut öýüniň üçeginde aýlanyp ýörkä, bir gelniň suwa düşüp durandygyny görýär. Ol Ýehowanyň: «Biriniň... aýalyna... göz gyzdyrma» diýip tabşyrandygyny bilýärdi (2 Mus. 20:17). Ýöne Dawut gözüni aýyrman, seredip duran bolmaly. Şonda onuň ýüregi ikä bölündi, ýüreginiň ýarysy Batşebany almak isledi, galan ýarysy bolsa, Ýehowany begendirmek isledi. Dawut Ýehowany söýse-de, ondan gorksa-da, erbet höwesiniň ýesiri boldy. Şeýdip, ol günä etdi. Dawut Ýehowanyň adyna ysnat getirdi we bigünä adamlara, şol sanda öz maşgalasyna köp zyýan ýetirdi (2 Şam. 11:1—5, 14—17; 12:7—12). Ýehowa Dawuda temmi berse-de, ol Hudaý bilen dostlugyny dikeldip bildi (2 Şam. 12:13; Zeb. 51:2—4, 17). Dawut ýüreginiň ikä bölünmegine ýol berendigi üçin köp ejir çekdi we eden işi ömürboýy sapak boldy. Zebur 86:11-däki Dawudyň sözlerini: «Maňa bölünmedik ýürek ber» diýip terjime etse-de bolýar. Ýehowa Dawuda ýüregini bölmän, bütewi saklamaga kömek etdimi? Elbetde, sebäbi Mukaddes Kitapda Dawudyň Ýehowa «bütin ýüregi bilen» gulluk edendigi aýdylýar (1 Pat. 11:4; 15:3). w20.06 sah. 11, abz. 12, 13

8-nji fewral, sişenbe

Söýgi ýüpleri bilen golundan tutup ýöretdim (Hoş. 11:4, çykgyt).

Ýehowanyň halkyna bolan söýgüsini halas etmek üçin ulanylýan ýüpe meňzetse bolar. Göz öňüne getiriň, siz çukura gaçdyňyz we çykyp bilmeýärsiňiz. Çukurdan çykmagyň ýeke-täk ýoly, biri size ýüp oklap, çekip çykarmaly. Şu günki aýatda aýdylyşy ýaly, Ýehowa hem özünden daşlaşan ysraýyl halkyny söýgi bilen özüne çekipdi. Hudaý şu günlerem ýygnakdan daşlaşan we gaýgy-aladanyň içine çümüp barýan gullukçylaryny söýgi bilen özüne çekýär. Ýehowa olary söýýär we özüne ýakynlaşdyrmak isleýär. Ýehowa muny siz arkaly etmek isleýär. Ýygnaga gelmegini bes eden dogan-uýalara Ýehowanyň olary söýýändigini aýtmaly we bizem olary gowy görýändigimizi görkezmeli. w20.06 sah. 27, abz. 12, 13

9-njy fewral, çarşenbe

Synaga çydaýan adam bagtlydyr (Ýak. 1:12).

Iýerusalimde ýaşaýan mesihçiler Stefanusyň öldürilendigini eşidip, Ýahuda, Samariýa, Kipre we Antakyýa gaçyp gitdiler (Res. 7:58—8:1; 11:19). Dogrudan-da, I asyrdaky mesihçileriň göreni görgi boldy. Ýöne olar nirä barsalar-da, hoş habary yhlasly wagyz edýärdiler. Şeýlelikde, Rim imperiýasynyň ähli ýerlerinde ýygnaklar döredi (1 Pet. 1:1). Ýöne kynçylyklar olaryň üstüne gara bulut kimin abanýardy. Meselem, b. e. 50-nji ýylynda imperator Klawdiý ähli ýehudylara Rimden çykmagy buýurýar. Şonda Isanyň şägirdi bolan ýehudylar hem Rimdäki öýüni taşlap gaýtmaly bolýar (Res. 18:1—3). B. e. 61-nji ýyllarynda Pawlus resul ýewreýlere ýazan hatynda mesihçileriň halkyň öňünde masgaralanýandygyny, türmä basylýandygyny we emläginiň talanylýandygyny aýdypdy (Ýew. 10:32—34). Şeýle-de olaryň käbiri garypdy, keselden ejir çekýärdi (Rim. 15:26; Flp. 2:25—27). w21.02 sah. 26, 27, abz. 2—4

10-njy fewral, penşenbe

Iblis wagtynyň az galandygyny bilip, güýçli gahar-gazap bilen siziň ýanyňyza bardy (Ylh. 12:12).

Biz Hudaýa ýürekden ynansak, Şeýtan we onuň ýaranlary imanymyzy sarsdyryp bilmezler (2 Ýah. 8, 9). Şu dünýäniň adamlarynyň bizi ýigrenýändigine geň galmaýarys (1 Ýah. 3:13). Ýahýa resul: «Bütin dünýä... Şeýtanyň golastynda» diýip ýazdy (1 Ýah. 5:19). Zalym dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, Şeýtan gahar-gazaba münýär. Ol mekirlik bilen bizi ahlaksyzlyk ýa-da imandan dänenleriň taglymatlary arkaly duzaga düşürjek bolýar. Şeýle-de ol Ýehowanyň halkyna açyk-aýdyň hüjüm edýär. Şeýtan wagtynyň az galandygyny bilip, wagyz işini togtatmak we imanymyzy gowşatmak isleýär. Şol sebäpli birnäçe ýurtlarda wagyz işiniň gadagan edilýändigine we çäklendirilýändigine geň galmaýarys. Emma şol ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalar her bir zada döz gelip, Ýehowa gulluk edýärler. Şeýtan zalymlyk bilen hüjüm etse-de, olar Hudaýa wepaly galyp bolýandygyny subut edýärler. w20.07 sah. 24, abz. 12, 13

11-nji fewral, anna

Hudaý Halypamyz Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýşy berýändir (Rim. 6:23).

Ýehowa adamlaryň edebi ýaşamagy üçin owadan ýer ýüzüni ýaratdy. Emma Adam ata bilen How ene mähirli Atasyna garşy gitdiler. Soňra ölüm we günä gara bulut kimin bütin dünýäni örtdi (Rim. 5:12). Indi Ýehowa näme eder? Ol şol bada Adam atanyň neslini nädip halas etjekdigini aýtdy (1 Mus. 3:15). Ýehowa olary ölümden we günäden gutarmak üçin töleg gurbanyny berjekdigini wada berdi. Şeýlelikde, Ýehowa özüne gulluk etmek isleýän her bir adama edebi ýaşaýşa ýol açdy (Ýah. 3:16; 1 Kor. 15:21, 22). Ýehowa Ogly Isa Mesih arkaly millionlarça ölen adamlaryň ählisini bir wagtda direltmez. Näme üçin? Sebäbi şonça adam bir wagtda direlse, ýer ýüzünde tertip-düzgün bolmaz. Ýehowa şeýle zatlara asla ýol bermez. Ol adamlaryň parahat ýaşamagy üçin tertip-düzgüniň gerekdigini bilýär (1 Kor. 14:33). w20.08 sah. 14, abz. 3; sah. 15, abz. 5

12-nji fewral, şenbe

Özüňi alyp barşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol (1 Tim. 4:16).

Mukaddes Kitapdan okuw geçýän Ýehowanyň Şaýady bolmagyň wajypdygyna düşünmeli. Ol suwa çümdürilmek üçin nähili aýgytly ädimleri ätmeli? Ilki bilen, okuw geçýän Ýehowany tanamaly, söýmeli we oňa iman etmeli (Ýah. 3:16; 17:3). Ol Ýehowa we dogan-uýalar bilen dostlaşmaly (Ýew. 10:24, 25; Ýak. 4:8). Eden günälerine toba edip, erbet endiklerini goýmaly (Res. 3:19). Şeýle-de ol iman edýän zatlary hakda adamlara gürrüň bermeli (2 Kor. 4:13). Şu ädimleri ädensoň, ol özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilýär (1 Pet. 3:21; 4:2). Şol gün ählimiz üçin iň şatlykly gün bolýar. Okuw geçýäniňiz maksadyna ýetmek üçin ädimler ädende, ony ýürekden öwüň we ruhy taýdan ösmäge höweslendiriň. w20.10 sah. 17, 18, abz. 12, 13

13-nji fewral, ýekşenbe

Eger aýak: «Men el däl, şonuň üçin bedeniň agzasy däl» diýse, onuň bedene degişli däldigini aňlatmaýar (1 Kor. 12:15).

Siz özüňizi dogan-uýalar bilen deňeşdirip başlasaňyz: «Men bir dereksiz adam» diýmegiňiz mümkin. Belki-de, siz ýygnakda ökde mugallymlary, guramaçy doganlary we aladaçyl çopanlary göreniňizde, özüňize kembaha garaýansyňyz. Eger şeýle bolsa, siz pesgöwünli adamsyňyz (Flp. 2:3). Emma seresap bolmasaňyz, ukyply dogan-uýalar bilen özüňizi deňeşdirip, ruhdan düşersiňiz we özüňizi dereksiz adam saýarsyňyz. Hatda: «Ýygnakda meniň ornum bardyr öýdemok» diýmegiňiz mümkin. Ýehowa I asyrda ýaşan mesihçileriň käbirine mukaddes ruhy arkaly gudratly işleri etmäge ukyp berdi. Olaryň ählisine birmeňzeş ukyp berilmedi (1 Kor. 12:4—11). Ýöne Ýehowa her bir dogan-uýany gymmat saýýardy. Elbetde, biz şu günler gudratly işleri edip bilmeýäris. Ýöne bir zady unutmaly däl: ukybymyz birmeňzeş bolmasa-da, Ýehowa her birimizi gymmat saýýar. w20.08 sah. 22, 23, abz. 13—15

14-nji fewral, duşenbe

Ýehowa meniň tarapymda, men gorkmaryn (Zeb. 118:6).

Batyrgaý bolmak üçin Ýehowadan kömek soraň. Ýehowa dogaňyza hökman jogap berer we hiç haçan sizi terk etmez (Res. 4:29, 31). Ol sizi goldamak üçin hemişe ýanyňyzda bolar. Ýehowanyň size kynçylyklara döz gelmäge kömek edendigini we durmuşyňyzy üýtgetmäge güýç berendigini ýatlaň. Hudaý halkyny Gyzyl deňizden geçirip halas eden bolsa, size-de Mesihiň şägirdi bolmaga kömek eder (2 Mus. 14:13). Şu günki aýatdaky sözleri aýdan mezmurçy ýaly, geliň, biz hem Ýehowanyň hemişe goldajakdygyna iman edeliň. Ýehowa ýaňy-ýakynda wagyz edip başlanlara hem batyrgaý bolmaga kömek edýär. Tamaýa uýa bilen bolan waka hakda oýlanyň. Ol bir güni öýden-öýe wagyz etmäge gidýär. Tamaýa birinji öýüň gapysyny kakanda, bir aýal çykyp: «Ýene-de Ýehowanyň Şaýatlarymy?! Siziň bilen gepleşesim gelenok» diýip, gapysyny batly ýapýar. Tamaýa gorkmady we ýanyndaky uýa: «Näme diýenini eşitdiňmi? Heniz agzymy açmankam, Ýehowanyň Şaýadydygymy biläýdi. Gowudygyny!» diýdi. Häzir Tamaýa pioner bolup gulluk edýär. w20.09 sah. 6, abz. 13, 14

15-nji fewral, sişenbe

Asa Ýehowa Hudaýyň öňünde dogry we ýagşy işleri etdi (2 Tar. 14:2).

Asa halka «daş-töweregindäki duşmanlardan» Ýehowanyň gorandygyny aýdýar (2 Tar. 14:6, 7). Emma Asa parahatlyk döwri dynç almagyň wagty diýip pikir etmeýär. Ol «beýik diwarly, diňli, derwezeli we gulply şäherleri gurýar». Ol Ýahuda halkyna: «Ýehowa... ýurdy elimize berdi» diýýär. Asa nämäni göz öňüne tutýar? Ol Hudaýyň beren ýurdunda adamlaryň asuda ýaşajakdygyny we duşmanlaryň olara barmagyny-da batyryp bilmejekdigini aýdýar. Şonuň üçin halk näme guraýyn diýse gurup bilýärdi. Asa patyşa halky parahatlyk döwründen doly peýdalanmaga höweslendirýär. Asa patyşa parahatlyk döwründe harby goşunyny hem güýçlendirýär (2 Tar. 14:8). Patyşanyň şeýle etmegi Ýehowa bil baglamaýandygyny görkezýärmi? Elbetde, ýok. Asa patyşalara tabşyrylan borjy ýerine ýetirýär, ýagny halky kynçylyklara döz gelmäge taýýarlaýar. Asa ýurtda hemişe parahatlygyň bolmajakdygyny bilýärdi. Şeýle-de boldy. w20.09 sah. 15, abz. 4, 5

16-njy fewral, çarşenbe

Ýazylan zatlaryň çäginden çykmaň (1 Kor. 4:6).

Käte ýaşulular ýagşy niýet bilen ýygnakda dogan-uýalary erbetlikden goramak maksady bilen düzgünleri goýmagy mümkin. Ýöne ýygnak ýaşululary bilen maşgalabaşylaryň arasynda tapawut bar. Ýehowa ýaşululara ýygnakda kazylyk etmek ygtyýaryny berdi. Meselem, eden günäsine toba etmeýänleri ýaşulular ýygnak gatnaşygyndan kesip bilýärler (1 Kor. 5:11—13). Ýaşululardan tapawutlylykda, maşgalabaşylar aýaly we çagalary üçin düzgünler goýup, ýerine ýetirilmegini talap edip bilýärler (Rim. 7:2). Meselem, kakalar çagalaryndan agşam öýe wagtynda gelmegi talap edip biler. Eger çagalar gulak asmasa, temmi hem berip biler (Efes. 6:1). Är aýaly bilen maslahatlaşyp, maşgalasy üçin belli bir düzgüni goýmaly, sebäbi är-aýal «iki däl, bir bedendir» (Mat. 19:6). w21.02 sah. 16—18, abz. 10—13

17-nji fewral, penşenbe

(Akyldarlyk) merjenden has gymmatly, hiç bir arzyly zat oňa taý gelmez (Nak. 3:15).

Hudaýyň Sözündäki hakykaty näme üçin gymmat saýmaly? Ýehowa ony pesgöwünli we «ebedi ýaşamak isleýän» adamlara açýar (Res. 13:48). Olar Hudaýyň «wepaly hem paýhasly hyzmatkäriniň» öwredýän taglymatlaryna ýürekden ynanýarlar (Mat. 11:25; 24:45). Hakykat bilimini Hudaý açmasa, biz öz-özümizden akyl ýetirip bilmeýäris. Şol sebäpli Hudaýyň berýän bilimini gymmat saýmaly (Nak. 3:13). Ýehowa bize özi baradaky hakykaty we niýetini adamlara öwretmegi ynandy (Mat. 24:14). Biziň aýdýan hoş habarymyz örän gymmatly. Sebäbi ol Ýehowanyň maşgalasyna goşulmaga kömek edýär we ebedi ýaşamaga ýol açýar (1 Tim. 4:16). Şu günler biz hiç haçan gaýtalanmajak wagyz işine — az bolsa-da, köp bolsa-da — öz goşandymyzy goşup bilýäris (1 Tim. 2:3, 4). Hawa, «Hudaýyň işdeşleri» bolmak uly hormat! (1 Kor. 3:9). w20.09 sah. 26, 27, abz. 4, 5

18-nji fewral, anna

Biz doganlar bilen görüşdik. Olar bizden... myhman bolmagy haýyş etdiler (Res. 28:14).

Pawlus resul Rime barýarka, Ýehowa oňa dogan-uýalar arkaly ençeme sapar kömek etdi. Meselem, Pawlusyň Aristarhus we Luka atly wepaly dostlary, onuň bilen Rime gidýärler. Isa Pawlusa wada berişi ýaly, olaryň hem Rime sag-aman barjakdyklary hakda aýtmandy. Ýöne olar Pawlus üçin janyny gurban etmäge taýyndylar. Gämide barýarkalar, birdenkä apy-tupan turýar, şonda Pawlus olaryň diri galjakdyklaryny aýdýar. Sidon şäherindäki gämi duralgada düşlänlerinde, Ýuliý ýüzbaşy Pawlusa dostlary bilen görüşmäge rugsat berdi (Res. 27:1—3). Soňra Putol şäherine baranlarynda, Pawlus bilen ýoldaşlary «doganlar bilen görüşdiler... olar ýedi gün myhman bolmagy haýyş etdiler». Şol ýerdäki dogan-uýalar Pawlus bilen ýoldaşlarynyň aladasyny edýärdiler, gerekli kömegi berýärdiler. Olar hem dogan-uýalara ruhlandyryjy wakalary gürrüň berendirler (Resullar 15:2, 3-nji aýatlary deňeşdiriň). w20.11 sah. 15, 16, abz. 15—17

19-njy fewral, şenbe

Hudaýa wepaly bolsak, häzirki hem gelejekki ýaşaýyşda bereket alarys (1 Tim. 4:8).

Ene-atalar, Ýehowany ýürekden söýýändigiňizi hem sözde, hem iş ýüzünde görkeziň. Çagalaryňyzyň kalbynda Ýehowa bolan söýgini ösdürseňiz, olara iň gymmatly mirasy sowgat berersiňiz. Şeýle-de olara Mukaddes Kitaby her gün okamagy, Hudaýa doga etmegi, ýygnak duşuşyklaryna yzygider gatnaşmagy we wagyz etmegi öwrediň (1 Tim. 6:6). Elbetde, siz çagalaryňyzy iýdirip-geýdirip, aladasyny edýärsiňiz (1 Tim. 5:8). Emma zalym dünýäniň soňy gelende çagalaryňyzy ne pul, ne-de baýlyk halas eder. Unutmaň, olar Ýehowa bilen dost bolsalar, aman galarlar we täze dünýäde ebedi ýaşarlar (Hyz. 7:19). Biz paýhasly kararlara gelýän hudaýhon ene-atalary görüp örän begenýäris! Şeýle maşgalada önüp-ösen çagalar edim-gylymly bolup, ene-atasynyň beren terbiýesine minnetdar bolýarlar (Nak. 10:22). w20.10 sah. 28, 29, abz. 10, 11

20-nji fewral, ýekşenbe

Beýle zat bolmasyn (Mat. 16:22).

Petrus resul aýtmasyz zady aýdandygyna we etmesiz işi edendigine ökünip ýörärdi. Bir gezek Isa resullaryna özüniň gynalyp öldüriljekdigini aýdanda, Petrus oňa şu günki aýatdaky sözleri aýdyp, garşy çykdy (Mat. 16:21—23). Isany tussag etmäge gelenlerinde bolsa, Petrus oýlanman çalasynlyk bilen baş ruhanynyň hyzmatkäriniň gulagyny kesdi (Ýah. 18:10, 11). Şondan öňem Petrus özüne çendenaşa göwni ýetip, Isa: «Hemmeler senden ýüz öwürse-de, men hiç haçan ýüz öwürmerin!» diýýär (Mat. 26:33). Petrus özüne bil baglap, men-menlik etdi. Emma ol adamlardan gorkup, Halypasyndan üç gezek ýüz öwürdi. Soňra eden işine ökünip, «möňňürip aglady» (Mat. 26:69—75). Ol Isa indi hiç haçan bagyşlamaz öýdendir. Emma Petrus göwnüçökgünlige düşüp, gol gowşuryp oturmady. Ol beýleki resullar bilen görüşdi we olary ruhlandyrdy (Ýah. 21:1—3; Res. 1:15, 16). w20.12 sah. 20, abz. 17, 18

21-nji fewral, duşenbe

Ärler... paýhasly bolup, aýalyňyzyň ýagdaýyna düşünjek boluň. Olara ejiz gap ýaly garap, hormat goýuň (1 Pet. 3:7).

Ärler ähli ýagdaýda pesgöwünli bolmaly. Gowy maşgalabaşy aýalynyň we çagalarynyň başarmajak zadyny talap etmeýär. Ol öz diýenini gögertjek bolman, aýalynyň hem çagalarynyň pikirini diňleýär we hormat goýýar. Käbir ýurtlarda öýüň işlerini diňe aýallar etmeli diýen düşünje bar. Ýöne pesgöwünli är öýüň işlerini etmegi kiçilik bilmeýär. Reýçel uýa şeýle gürrüň berýär: «Eger erkek adam gap-gaçlary ýuwup, öýi syryp-süpürse, dogan-garyndaşlar we goňşy-golamlar oňa: „Heleý guly! Aýalynyň gepinden çykyp bilenok“ diýip, üstünden gülýärler». Eger siziň ýaşaýan ýeriňizde-de öýüň işlerini etmek kiçilik hasaplanýan bolsa, ýatdan çykarmaň, Isa pygamber şägirtleriň aýagyny ýuwup, hyzmatkäriň işini etdi. Gowy maşgalabaşylar ile görünjek bolman, aýalyny we çagalaryny bagtly etmek üçin jan edýär. w21.02 sah. 2, abz. 3; sah. 4, abz. 11

22-nji fewral, sişenbe

Bir zady anyk bilýärin: yzda galan zatlary unudyp, öňdäki zatlary almaga jan edýärin (Flp. 3:13, 14).

Gowy ýatlamalar — Ýehowanyň sowgady. Emma nähili gowy ýaşan hem bolsak, täze dünýäde has gowy ýaşarys. Göwnümize degenlerinde, öýke-kine saklamasak, Ýehowa ýürekden gulluk ederis. Özümizi çendenaşa günäkärlesek, Ýehowa şatlyk bilen gulluk edip bilmeris. Emma Pawlus resulyň göreldesine eýersek, Ýehowanyň bizi bagyşlaýandygyna ynanarys (1 Tim. 1:12—15). Ýehowa täze dünýäde geçmişi ýatlaman, ebedi ýaşajakdygymyzy wada berdi. Mukaddes Kitapda: «Öňki zatlar ýada düşmez» diýilýär (Işa. 65:17). Ýehowa bütin ömrüni bagyş eden garry dogan-uýalar hem täze dünýäde ýaşlyk ýyllaryna dolanarlar (Eýp. 33:25). Geliň, geçmişi ýatlap ýaşamalyň! Öňe, gelejege seredeliň! Täze dünýäde ýaşamak üçin elimizde baryny edeliň! w20.11 sah. 24, abz. 4; sah. 29, abz. 18, 19

23-nji fewral, çarşenbe

Uly märekäni gördüm... Olar batly ses bilen: «Biz halas bolandygymyz üçin... Hudaýa we Guza borçly» diýýärdiler (Ylh. 7:9, 10).

Bize nämeler garaşýar? Uly betbagtçylyk ýetip gelýär. Dünýäniň patyşalary Beýik Wawilony, ýagny ýalan dinleriň dünýä imperiýasyny ýok edende, Ýehowa wepaly bendelerini gorar (Ylh. 17:16—18; 18:2, 4). Soňra Ýehowa Armageddon söweşinde Şeýtanyň dünýäsini ýok eder, öz halkyny bolsa halas eder (Ylh. 16:14, 16). Biz Ýehowa bil baglasak, Şeýtan bize düzedip bolmajak zyýan ýetirip bilmez. Aslynda, onuň özi ebedilik ýok ediler (Rim. 16:20). Şol sebäpli Ýehowanyň söweş üçin berýän ýaraglaryny dakynyň we olary hiç haçan taşlamaň. Ýeke özüňiz söweşjek bolmaň! Dogan-uýalary goldaň we Ýehowanyň berýän görkezmesine eýeriň. Şonda gökdäki söýgüden doly Atamyz Ýehowa güýç-kuwwat berer we gorar (Işa. 41:10). w21.03 sah. 30, abz. 16, 17

24-nji fewral, penşenbe

Maňa bil baglap, howsala düşmeseňiz güýjüňiz artar (Işa. 30:15).

Biz Ýehowanyň görkezmesine eýerip, oňa bil baglaýandygymyzy görkezeris. Mukaddes Kitapda Ýehowa bil baglap, howsala düşmedik adamlaryň mysallary ýazylan. Hudaýyň Sözüni okanyňyzda olara howsala düşmezlige näme kömek edendigi barada oýlanyň. Meselem, ýehudylaryň Mejlisi resullara wagyz etmegi gadagan edende, olar batyrgaýlyk bilen: «Biz adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly» diýdiler (Res. 5:29). Resullary gamçyladylar, emma gorkmadylar, howsala düşmediler. Näme üçin? Sebäbi olar Ýehowanyň goldaýandygyny we razydygyny bilýärdiler. Şonuň üçin wagyz etmegini bes etmediler (Res. 5:40—42). Stefanus hem ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanda howsala düşmedi. Ol şeýle bir rahatdy welin, «ýüzi perişdäniň ýüzi ýalydy» (Res. 6:12—15). Sebäbi Ýehowanyň razydygyny bilýärdi. w21.01 sah. 4, abz. 10, 11

25-nji fewral, anna

Olar eşiklerini Guzynyň gany bilen ýuwup, ap-ak etdiler (Ylh. 7:14).

Uly märekäniň «eşiklerini guzynyň gany bilen ýuwup, ap-ak etmegi» ynsabynyň arassadygyny we Ýehowanyň öňünde dogruçyldygyny görkezýär (Işa. 1:18). Olar özlerini Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürildiler we Isanyň töleg gurbanyna iman edip, Hudaýyň dosty boldular (Ýah. 3:36; 1 Pet. 3:21). Alla olardan razy. Şonuň üçin uly märeke Hudaýyň ybadathanasynyň ýerdäki howlularynda «gije-gündiz mukaddes gullugy» berjaý edýär (Ylh. 7:15). Olar wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşyp, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýarlar (Mat. 6:33; 24:14; 28:19, 20). Uly betbagtçylykda halas bolan uly märeke Ýehowanyň aladasyny etjekdigine ynamly bolup biler. «Tagtda oturan Hudaý olaryň üstüne çadyryny diker». Şonda «başga goýunlaryň» sabyrsyzlyk bilen garaşýan günleri geler. «Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer» (Ylh. 21:3, 4). w21.01 sah. 16, abz. 9, 10

26-njy fewral, şenbe

Her bir adamyň üstüne ruhumy dökerin. Ogul-gyzlaryňyz pygamberlik ederler (Res. 2:17).

Hudaýyň agzybir halky özüni bagtly duýýar. Sebäbi olar Ýehowanyň bellän baştutanlaryna uly hormat goýýarlar. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň gelin-gyzlara hormat goýup, erkeklerden peseltmeýändigi aýdylýar. I asyrda Ýehowa hem erkeklere, hem aýallara mukaddes ruhuny berdi. Şonda olar Hudaýyň gudraty bilen dürli dillerde hoş habary wagyz edip başladylar (Res. 2:1—4, 15—18). Şeýle-de gökde Isa Mesih bilen bile aýallar hem höküm sürer (Gal. 3:26—29). Ýer ýüzündäki Jennetde diňe bir erkekler däl, aýallar hem ýaşar (Ylh. 7:9, 10, 13—15). Gelin-gyzlar şatlyk bilen hoş habary yhlasly wagyz edýärler (Mat. 28:19, 20). Resullar kitabynda Priskilla uýa hakda aýdylýar. Ol äri Akila bilen dilewar adam Apollosa Hudaýyň Sözüni has dogry düşündirýär (Res. 18:24—26). w21.02 sah. 14, abz. 1, 4

27-nji fewral, ýekşenbe

Özüňize ünsli boluň, tutuş sürä göz-gulak boluň (Res. 20:28).

Ýaşulular, dogan-uýalara ökdelik bilen wagyz etmegi we Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi öwretmek siziň borjuňyzdyr. Eger dogan-uýalar siziň ýanyňyzda okuw geçirmäge çekinýän bolsa, özüňiziň geçirip biljekdigiňizi aýdyp bilersiňiz. Ýaşulular, siz Mukaddes Kitapdan okuw geçirýän wagyzçylary ruhlandyryp durýarsyňyzmy? (1 Sel. 5:11). Biz Mukaddes Kitapdan okuw geçirmesek-de, gyzyklanýanlara suwa çümdürilmäge kömek edip bilýäris. Munuň üçin wagyzçylaryň sapagyna gatnaşanymyzda köp geplemän, taýýarlan ruhlandyryjy pikirlerimizi paýlaşmaly. Okuw geçýänler ýygnaga gelende, olar bilen dostlaşmaly we görelde bolmaly. Ýaşulular okuw geçýänler bilen ýürekden gyzyklanmaly, wagyzçylara tälim bermeli we ruhlandyrmaly. Dogrudanam, bir adama özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmäge kömek etmekden uly bagt ýok bolsa gerek! w21.03 sah. 13, abz. 18, 19

28-nji fewral, duşenbe

Ýehowa hudaýhonlar bilen dost bolar (Zeb. 25:14).

Dawut ynamdar oglandy, yhlaslydy we tabşyrylan işe jogapkärli garaýardy. Ol kakasynyň goýunlaryny bakýardy. Goýun bakmak aňsat iş däldi. Dawut Şawul patyşa şeýle diýipdi: «Patyşahym, kakamyň sürüsini bakyp ýörkäm, bir gezeg-ä ýolbars, bir gezegem aýy gelip, goýnumy äkitdi. Men yzyndan ýetip, ony pylçap urdum-da, goýnumy agzyndan aldym» (1 Şam. 17:34, 35). Dawut goýunlarynyň ýekejesini-de ýitirmek islemeýärdi. Ýaş doganlar, sizem özüňize tabşyrylan islendik işe yhlasly ýapyşsaňyz, Dawutdan görelde alyp bilersiňiz. Dawut Ýehowa bilen dostlugyny gün-günden berkidýärdi. Elbetde, ol batyrgaýdy, ökde sazandady, ýöne Ýehowa bilen dostlugyny ähli zatdan ileri tutýardy. Dawut Ýehowany diňe bir Hudaýy däl-de, ýakyn dosty hasaplaýardy. Ýaşlar, sizem Ýehowa bilen dostlugyňyzy ähli zatdan ileri tutuň. w21.03 sah. 3, abz. 4, 5

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş