Mart
1-nji mart, sişenbe
Adamlar sizi ýigrenende... bagtlysyňyz (Luka 6:22).
Aslynda, biz adamlaryň ýigrenmegini we yzarlamagyny islemeýäris. Onda näme üçin aýatda siz bagtlysyňyz diýilýär? Geliň, munuň üç sebäbini bileliň. Birinjiden, yzarlamalara döz gelsek, Hudaýy razy edýäris (1 Pet. 4:13, 14). Ikinjiden, synaglar imanymyzy berkidýär (1 Pet. 1:7). Üçünjiden, kynçylyklarda soňuna çenli çydasak, ebedi ýaşarys (Rim. 2:6, 7). Isa pygamberiň aýdyşy ýaly, adamlar şägirtleri ýigrenseler-de, olar bagtly bolup bildiler. Şägirtleri gamçyladylar, wagyz etmezligi tabşyrdylar, emma olar gorkmadylar. Sebäbi «Isanyň ady üçin masgara bolandyklaryna begenýärdiler» (Res. 5:40—42). Olar Isa pygamberi şeýle bir gowy görýärdiler welin, duşmanlardan gorkmadylar, gaýratyny gowşatman yhlasly wagyz etdiler. Şu günler hem dogan-uýalar kynçylyklara garamazdan, Ýehowa wepaly gulluk edýärler. Olar çeken zähmetini we wepalylygyny Ýehowanyň unutmajakdygyny bilýärler. w21.03 sah. 25, abz. 18, 19
2-nji mart, çarşenbe
Ol... ynsanyň kalbyna ebedi ýaşamak islegini guýdy (Nes. 3:11).
Saýlanan mesihçiler gökde ýaşamak umydy bilen dogulmaýar. Şeýle umydy Hudaý olaryň kalbyna guýýar. Olar umydy hakda oýlanýarlar, doga edýärler we gökdäki sylagyny almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Saýlanan mesihçiler ruhy bedeniniň nähili boljakdygyny bilmeýärler (Flp. 3:20, 21; 1 Ýah. 3:2). Ýöne olar gökdäki Patyşalykda höküm sürjek gününe umyt edip garaşýarlar. Başga goýunlara degişli adamlar bolsa ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. Sebäbi Allatagala «ynsanyň kalbyna ebedi ýaşamak islegini guýdy». Başga goýunlar tutuş ýer ýüzüniň Jennete öwrülmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar özleri üçin jaýlary gurmagy, bag-bakjalary ekmegi, sagdyn çagalary kemala getirmegi arzuw edýärler (Işa. 65:21—23). Olar Jennetde adam aýagy sekmedik daglara, deňizlere, tokaýlara aýlanyp, Ýehowanyň ajaýyp tebigatyny öwrenerler. Iň esasy zat bolsa, Ýehowa bilen ýakyn dost bolarlar. w21.01 sah. 18, 19, abz. 17, 18
3-nji mart, penşenbe
Hak Hudaýyň öýüni otlap... gymmatbaha zatlary ýok etdi (2 Tar. 36:19).
Wawilonlylar şäheri derbi-dagyn edenlerinden soň, ötegçiler: «Ýurt haraba öwrüldi, ol ýerde adam-da ýok, haýwan-da. Ol haldeýleriň eline berildi» diýdiler (Ýer. 32:43). Ýoweliň pygamberliginden 200 ýyl geçenden soňra, Ýehowa Ýermeýa pygamber arkaly duşmanyň hüjüm etjekdigini aýtdy. Ol duşmanlaryň elinden hiç bir zalym adamyň sypmajakdygyny aýtdy: «Ýehowa şeýle diýýär: „Köp balykçylary çagyraryn, halkymy balyk ýaly tutarlar. Soňra köp awçylary çagyraryn, her dagda, her depede, her gaýanyň gowaklarynda halkymy awlarlar. Men ýalňyşlary we günäleri üçin doly jeza bererin“». Toba etmeýän ysraýyllary wawilonlylardan ne deňizler, ne-de tokaýlar halas edip bildi (Ýer. 16:16, 18). w20.04 sah. 5, abz. 12, 13
4-nji mart, anna
Lut eglendi (1 Mus. 19:16).
Lut kyn günleri başdan geçirse-de, Ýehowanyň görkezmesine derrew eýermedi. Belki, biz Luty biperwaý we gulak asmaýan adam hasaplaýandyrys, ýöne Ýehowa Lutdan ýüz öwürmedi. «Ýehowa Luta rehim etdi» we perişdeler Lutuň, aýalynyň hem-de iki gyzynyň elinden tutup, şäherden çykardylar (1 Mus. 19:15, 16). Ýehowa köp ýagdaýlary göz öňünde tutup, Luta rehim etdi. Lut şäheriň daş-töweregindäki adamlardan gorkandygy üçin eglenen bolmaly. Mundan başga-da howply ýagdaýlar bardy. Lut Sodomyň golaýyndaky jülgede gara şepbikli çukurlaryň köpdügini bilýärdi we iki hanyň esgerleri bilen şol çukurlara gaçandygyny hem eşidipdi (1 Mus. 14:8—12). Lut maşgalabaşy hökmünde aýalynyň we gyzlarynyň aladasyny eden bolmaly. Şeýle-de ol baý bolansoň, Sodomdaky kaşaň öýüni goýup gaýdasy gelen däldir (1 Mus. 13:5, 6). Ýöne Lut Ýehowa derrew gulak asmandygy üçin, şu zatlary bahana etmeli däldi. Ýehowa Lutuň ýalňyşandygyna garamazdan, ony «dogruçyl adam» hasaplady (2 Pet. 2:7, 8). w20.04 sah. 18, abz. 13, 14
5-nji mart, şenbe
Goç ýigitler... säher bilen ýere düşen çyg deý bolar (Zeb. 110:3).
Ýaş doganlar, sizi çagalykdan tanaýan dogan-uýalaryň ynamyny gazanmak üçin wagt gerek bolar. Ýöne Ýehowa siziň daş keşbiňize seredip baha bermeýär. Ol size ynanýar we köp işleri başarjakdygyňyzy bilýär (1 Şam. 16:7). Şonuň üçin Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkidiň. Dawudam ýaradylan zatlara syn edip Ýehowa bilen dostlugyny berkidipdi. Ol gök asmana, aý-ýyldyzlara syn edip Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda oýlanýardy (Zeb. 8:3, 4; 139:14; Rim. 1:20). Şeýle-de kyn ýagdaýa düşeniňizde, Dawut ýaly Ýehowadan güýç soraň. Belki, klasdaşlaryňyz Ýehowanyň Şaýadydygyňyz üçin üstüňizden gülýändir. Şonda Ýehowa doga edip kömek soraň. Hudaýyň Sözündäki, edebiýatlardaky we wideolardaky maslahatlara eýeriň. Kynçylyklarda Ýehowanyň kömek edýändigini göreniňizde, imanyňyz berkär. Ýehowa bil baglaýandygyňyzy görüp, dogan-uýalaryň hem size ynamy artar. w21.03 sah. 3, abz. 7
6-njy mart, ýekşenbe
Dogruçylyň dogasy oňa (Ýehowa) ýakymlydyr (Nak. 15:8).
Jana-jan dostlar bir-birine içini dökmegi, gürrüň etmegi halaýar. Ýehowa hem edil şeýle dost. Ol Mukaddes Kitap arkaly öz pikirini, duýgularyny açyk aýdýar. Bizem oňa doga edip, ýüregimiziň töründäki zatlary we hiç kime aýtmaýan syrlarymyzy aýdýarys. Mähirden doly Dostumyz Ýehowa dogalarymyzy diňe bir diňlemän, eýsem olara jogap hem berýär. Käbir dogalarymyza tiz jogap alýarys. Käte bolsa belli bir mesele babatda köpräk doga etmeli bolýarys. Nähili bolaýanda-da, biz bir zada ynamly bolup bilýäris: Ýehowa dogalarymyza öz wagtynda hem iň gowy ýol bilen jogap berer. Käwagt Hudaý biziň isleýşimiz ýaly jogap bermezligi hem mümkin. Meselem, synaglary aýyrmagyň deregine Hudaý bize «çydap biler ýaly» akyldarlyk hem güýç berýär (1 Kor. 10:13). Biz doga etmek sowgady üçin minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? Munuň üçin Mukaddes Kitapdaky «hemişe doga-dileg ediň» diýen maslahata eýermeli (1 Sel. 5:17). w20.05 sah. 27, 28, abz. 7, 8
7-nji mart, duşenbe
Soňuna çenli çydan halas bolar (Mat. 24:13).
Uzak aralyga ylgaýan türgenler büdremez ýaly öňüne seredýärler. Olar ýykylsa-da ýerinden galyp, ylgamagyny dowam edýärler, sebäbi ýykylandygyna üns bermän, pellehana ýetip, sylag almak hakda oýlanýarlar. Biz hem sözde we işde ýalňyşlyk goýberip, ylgaw ýolunda ençeme gezek büdremegimiz mümkin. Ýa-da ýaryşa gatnaşýan adamlaryň ýalňyşlyklary zyýan ýetirip biler. Biz muňa geň galmaýarys, sebäbi ählimiz bikämil we ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan ylgaýarys. Şonuň üçin kimdir biriniň bizi «kakyp» geçmegi mümkin. Şonda biri-birimizden öýkeläp bileris (Kol. 3:13). Geliň, büdreden adam hakda däl-de, aljak sylagymyz hakda oýlanalyň, ylgamagymyzy dowam edeliň. Biz gaharlanyp, ýykylan ýerimizden galmasak, pellehana ýetmeris we sylag alyp bilmeris. Şeýle-de ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan ylgaýanlary büdredýän daş bolarys. w20.04 sah. 26, abz. 1; sah. 27, 28, abz. 8, 9
8-nji mart, sişenbe
Patyşalyk... ähli patyşalyklary ýok eder (Dan. 2:44).
Danyýar pygamber Hudaýyň halkyna täsir etjek ynsan hökümetleri hakda aýtdy. Olar ägirt uly demir heýkeliň her dürli bölekleri hökmünde suratlandyrylýar. Heýkeliň demir we toýun gatyşykly aýagy Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny aňladýar. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Hudaýyň Patyşalygy ähli hökümetleri derbi-dagyn edip başlanda, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy bolar. Ýahýa resul hem Ýehowanyň halkyna täsir etjek dünýä imperiýalaryny suratlandyrdy. Ol şol imperiýalary ýedi kelleli wagşy haýwana meňzetdi. Wagşy haýwanyň ýedinji kellesi Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny aňladýar. Muny bilmek örän wajyp, sebäbi ondan soň wagşy haýwanyň başga kellesiniň dörejekdigi aýdylmaýar. Diýmek, ýedinji kelle Isa Mesih gökdäki goşuny bilen wagşy haýwany ýok etjek wagty höküm sürer (Ylh. 13:1, 2; 17:13, 14). w20.05 sah. 14, abz. 11, 12
9-njy mart, çarşenbe
Hudaý söýgüdir (1 Ýah. 4:8).
Şu ýönekeýje sözler bize wajyp hakykaty ýatladýar. Hudaý ýaşaýşyň gözbaşy bolşy ýaly, söýginiň hem gözbaşy. Ýehowa bizi söýýär. Hudaýyň söýgüsi bizi goraýar, bagtly edýär we wepaly bolmaga höweslendirýär. Mesihçiler islesem söýerin, islemesem söýmerin diýip bilmeýär. Sebäbi Mukaddes Kitapda Hudaýy we dogan-uýalary söýmelidigi aýdylýar (Mat. 22:37—40). Biz Ýehowany näçe gowy tanasak, ony ýürekden söýeris. Şeýle-de Ýehowa kämil Hudaý, ol biziň ýagdaýymyza düşünýär we mähir bilen aladamyzy edýär. Ýöne käte dogan-uýalary söýmek kyn bolup biler. Sebäbi olar aýdýan sözleri we özüni alyp barşy bilen göwnümize degmekleri mümkin. Ýehowa biziň şeýle kynçylyklara duş geljekdigimizi bilýär. Şonuň üçin Ýahýa resul ýaly hudaýhon adamlar Ýehowanyň mukaddes ruhy bilen Mukaddes Kitaba söýgi hakda öwüt-ündewleri ýazdylar (1 Ýah. 3:11, 12). w21.01 sah. 8, abz. 1, 2
10-njy mart, penşenbe
Şeýtanyň duzagyna düşmäň (2 Kor. 2:11).
Biz Ýehowa ýaňy-ýakynda ýa-da köp ýyldan bäri gulluk edýän bolsak-da, özümize şu soragy bermeli: «Şeýtanyň ýüregimi bölmek üçin edýän hüjümlerine garşy durýarynmy?» Meselem, telewizorda ýa-da Internetde azgyn höwesleri oýarýan suratlara gözümiz düşse näme ederis? Belki, pornografiýa göremok diýip, özümizi aklarys. Ýöne Şeýtan şu ýagdaýdan peýdalanyp ýüregimizi bölmek üçin hüjüm edýän bolmagy mümkin. Şol suratlary ussanyň töňňäni bölmek üçin ulanýan paltasyna meňzetse bolar. Ussa paltany birinji gezek uranda töňňe bölünmän biler, ýöne ol gaýta-gaýta ursa, töňňe bölüner. Edil şonuň ýaly azgyn höwesleri oýarýan suratlaryň erbet täsiri birbada görünmän biler. Ýöne wagtyň geçmegi bilen adam günä edip, ýüreginiň bölünmegine ýol berip biler. Şonuň üçin ýüregiňizde erbet pikirleriň döremegine ýol bermäň! Bütin kalbyňyz bilen Ýehowanyň adyndan gorkmak üçin jan ediň. w20.06 sah. 11, 12, abz. 14, 15
11-nji mart, anna
Ejizleriň ejizliklerini götermeli (Rim. 15:1).
Ýygnakdan daşlaşan dogan-uýalary tapanymyzdan soň, olary yzygiderli goldap durmaly. Ýiten ogul mysalyndan görnüşi ýaly, şeýle dogan-uýalaryň ynsaby ezýet berip biler (Luka 15:17—24). Olar Şeýtanyň dünýäsine goşulyp gidendigi üçin ruhy taýdan gowşan bolmaklary mümkin. Şonuň üçin olara Ýehowa imanyny berkitmäge kömek etmeli. Isa ýiten goýun mysalynda çopanyň guzujygyny göterip, sürä getirendigini aýdýar. Çopan guzujygy gözlemek üçin köp wagtyny, güýjüni sarp eden hem bolsa, guzujygyň öz güýjüne sürä dolanyp bilmejekdigine düşünýär we ony göterip gaýdýar (Luka 15:4, 5). Wagyz etmeýän wagyzçylara ejizliklerini ýeňmäge kömek etmek üçin wagtymyzy we güýjümizi gaýgyrmaly däl. Biz mukaddes ruhuň, Hudaýyň Sözüniň we edebiýatlarymyzyň kömegi bilen olara Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmäge kömek edip bileris. Şonuň üçin ýaşulular sizden şeýle dogan-uýalar bilen okuw geçmegi haýyş etseler, muny uly hormat hasaplaň. w20.06 sah. 28, abz. 14, 15
12-nji mart, şenbe
Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler (Ýah. 13:35).
Biziň hemmämiz bir-birimizi söýmeli, sebäbi söýgi mesihçileriň esasy häsiýetidir. Şeýle-de biz «dogry bilim» almaly we oňa «doly düşünmeli» (Flp. 1:9). Ýogsam «ýalan taglymatlara, adamlaryň hilesine... aldanarys» we imandan dänenleriň duzagyna düşüp bileris (Efes. 4:14). I asyrda ýaşan şägirtleriň köpüsi Isadan ýüz öwürdiler. Emma Petrus resul ynam bilen Isa pygambere şeýle diýdi: «Seniň öwredýän zatlaryň ebedi ýaşaýşa eltýär» (Ýah. 6:67, 68). Petrus resul Isanyň öwredýän zatlarynyň ählisine doly düşünmese-de, oňa wepaly galdy. Sebäbi ol Isanyň wada edilen Mesihdigine iman edýärdi. Siz hem Mukaddes Kitapdaky hakykata ynansaňyz, agyr synaglarda-da Hudaýa imanyňyz gowşamaz. Şonda siz dogan-uýalara-da imanda berk durmaga kömek edersiňiz (2 Ýah. 1, 2). w20.07 sah. 8, abz. 2; sah. 13, abz. 18
13-nji mart, ýekşenbe
Balalarym, biz diňe sözde we dilde däl-de, iş ýüzünde hem-de hakykatdan söýmelidiris (1 Ýah. 3:18).
Dogan-uýalara hakykat ýolundan ýöremäge kömek etmek üçin duýgudaş bolmaly (1 Ýah. 3:10, 11, 16, 17). Biz dogan-uýalary ýagşy günde-de, ýaman günde-de söýmeli. Aýdaly, doganyň ýa uýanyň dogan-garyndaşlaryndan biri aradan çykýar. Siz oňa kömek edersiňizmi ýa-da göwünlik berip bilersiňizmi? Diýeli, siz tebigy betbagtçylyga uçran dogan-uýalar hakda eşitdiňiz. Siz olaryň Ýygnak jaýlaryny we öýlerini dikeltmäge kömek edip bilersiňizmi? Hawa, diňe bir dilde söýýärin diýmän, söýýändigiňi iş ýüzünde görkezmeli! Biz dogan-uýalary söýsek, gökdäki Atamyzdan görelde alýarys (1 Ýah. 4:7, 8). Biz biri-birimizi söýsek ýürekden bagyşlarys. Aýdaly, biri göwnümize degdi. Eger ony bagyşlasak we öýke-kine saklamasak söýýändigimizi görkezeris (Kol. 3:13). w20.07 sah. 24, abz. 14, 15
14-nji mart, duşenbe
Dogruçyllar hem-de erbetler direler (Res. 24:15).
Şu günler biz adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçişimiz ýaly, gelejekde-de her bir adama aýratynlykda okuw geçerismi? Direlen adamlar ýygnaklara bararlarmy? Olar özünden soň direljek adamlara okuw geçmek üçin ýörite tälim alarlarmy? Sabyrly bolsak ähli zady öz gözümiz bilen göreris. Biz Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda «ýer ýüzüniň Ýehowa hakdaky bilimden doljakdygyny» anyk bilýäris (Işa. 11:9). Müň ýylyň dowamynda köp işleri ederis, çeken zähmetimiziň hözirini göreris! Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda ähli adamlar Ýehowany razy etmek üçin öz üstünde işlemeli bolarlar. Şonda olar ölümden direlen adamlaryň ýagdaýyna düşünip, günäli höweslerini ýeňmäge we Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga kömek ederler (1 Pet. 3:8). Direlen adamlar Ýehowanyň halkynyň «halas bolmak üçin» pesgöwünlilik bilen öz üstünde işleýändigini görerler we olar bilen bilelikde Ýehowa sežde etmek islärler (Flp. 2:12). w20.08 sah. 15, 16, abz. 6, 7
15-nji mart, sişenbe
Goý, her kes öz işini barlasyn, emma başgalaryňky bilen deňeşdirmesin (Gal. 6:4).
Biz Pawlus resulyň maslahatyna eýerip, öz işimizi barlasak, ajaýyp ukyplarymyzyň bardygyna göz ýetireris. Meselem, ýaşuly dogan dile çeper däldir, ýöne ol şägirt taýýarlamaga ökdedir. Ýa-da beýleki ýaşulular ýaly guramaçy däldir, ýöne ol mähirli çopandyr, gowy maslahatlary berýändir. Dogan-uýalar hem ondan arkaýyn maslahat soraýandyrlar. Ýa-da ol myhmansöýerdir (Ýew. 13:2, 16). Eger öz ukybymyzy görüp bilsek, ýygnagyň işlerine goşant goşup biljekdigimize düşüneris. Başarjaň dogan-uýalara-da göriplik etmeris. Biziň her birimiz ökdelik bilen wagyz edip, mugallymçylyk ukybymyzy ösdürip bileris. w20.08 sah. 23, 24, abz. 16—18
16-njy mart, çarşenbe
Hiç kimiň sanap bilmedik uly märekesini gördüm (Ylh. 7:9).
1935-nji ýylda Waşington şäherinde geçirilen welaýat kongresinde J. F. Ruterford dogan «Uly märeke» diýen nutuk bilen çykyş edýär. Ol nutugynda Ylham 7:9-da aýdylýan «uly märekäniň» kimdigini düşündirdi. Şol wagta çenli Mukaddes Kitaby öwrenýänler «uly märeke» hem göge gider diýip çaklaýardylar we olar Hudaýa gulak asmaýan adamlardan ybarat bolar diýip pikir edýärdiler. Ruterford dogan «uly märekäniň» gökde ýaşamajakdygyny Mukaddes Kitap esasynda düşündirdi. Ol «uly märekäniň» Isa Mesihiň aýdan «başga goýunlaryna» degişlidigini, olaryň uly betbagtçylykdan diri geçip, ýer ýüzünde ebedi ýaşajakdygyny aýtdy (Ylh. 7:14). Isa pygamber şeýle diýipdi: «Meniň şu agyldaky goýunlarymdan başga goýunlarym hem bar. Men olary hem getirmeli. Olar sesimi eşidip, maňa gulak asarlar. Şonda bir süri, bir çopan bolar» (Ýah. 10:16). «Başga goýunlar» diýlende, Ýehowanyň wepaly Şaýatlary göz öňünde tutulýar. Olar ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşarlar (Mat. 25:31—33, 46). w21.01 sah. 14, abz. 1, 2
17-nji mart, penşenbe
Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener. Emma soňuna çenli çydan halas bolar (Mat. 10:22).
Biz tutanýerli bolsak, dünýäniň soňuna çenli çydarys we batyrgaýlyk bilen wagyz ederis (Mat. 28:19, 20). Adam tutanýerlilik häsiýeti bilen dünýä inmeýär. Biz her bir zadyň aňsat ýoluny gözleýäris. Emma tutanýerli bolmak üçin özüňe erk etmeli. Şol sebäpli kyn görýän zatlarymyzy eder ýaly kimdir biriniň kömegine mätäç bolýarys. Şeýle kömegi Ýehowa mukaddes ruhy arkaly berýär (Gal. 5:22, 23). Pawlus tutanýerli resul bolsa-da, ýagşy işleri etmek üçin «bedenini jylawlaýandygyny» aýdýar (1 Kor. 9:25—27). Ol mesihçilere hem tutanýerli bolup, «ähli zady edepli we tertip-düzgün boýunça» etmegi maslahat berýär (1 Kor. 14:40). Biz Ýehowa sežde etmek bilen bagly işlere gatnaşmak üçin, ýagny wagyz etmek we şägirt taýýarlamak üçin tutanýerli bolmaly (Res. 2:46). w20.09 sah. 6, 7, abz. 15—17
18-nji mart, anna
Patyşalyk baradaky hoş habar ähli milletlere wagyz ediler (Mar. 13:10).
Şu günler köp ýurtlarda wagyz işine päsgelçilik berilmeýär. Eger siz hem şeýle ýurtlaryň birinde ýaşaýan bolsaňyz, özüňizden: «Men erkinlikden doly peýdalanýarynmy?» diýip soraň. Soňky günlerde Ýehowanyň guramasy wagyz we şägirt taýýarlamak işini bütin dünýäde güýçli depginde alyp barýar. Şol sebäpli Ýehowanyň halkynyň wagyz etmäge köp mümkinçilikleri bar. Siz parahatlyk döwründen nädip peýdalanýarsyňyz? (2 Tim. 4:2). Meselem, siz ýa-da maşgalaňyzdan biri köpräk wagyz etmek üçin, ýa-da pioner bolmak üçin nämeleri özgerdip bilersiňiz? Şu günler baýamagyň, mal-mülk ýygnamagyň wagty däl, sebäbi hiç bir zat bizi uly betbagtçylykdan halas edip bilmez (Nak. 11:4; Mat. 6:31—33; 1 Ýah. 2:15—17). Dogan-uýalar köp adamlara Ýehowany tanatmak üçin daşary ýurt dilini öwrenýärler. Hudaýyň guramasy şeýle wagyzçylary goldamak üçin Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary 1 000-den gowrak dilde çykardy. w20.09 sah. 16, abz. 9—11
19-njy mart, şenbe
Batyrgaý söweşiň (1 Tim. 1:18).
Esger goşunyna, serkerdesine wepaly bolmaly. Ol söýýän we hormatlaýan adamlaryny goramak üçin janyny gurban etmäge taýyn bolmaly. Pawlus hem Timoteosa Hudaýa wepaly galmagy öwüt-ündew etdi (1 Tim. 4:7). Biz Hudaýy ýürekden söýsek, özümize ynanylan zatlary gymmat saýarys (1 Tim. 4:8—10; 6:6). Şeýle-de esger söweşe taýyn bolmak üçin hemişe türgenleşmeli. Timoteos ruhy taýdan berkdi. Sebäbi ol Pawlusyň maslahatyna eýerip, erbet islegleri bilen göreşdi we Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürdi, dogan-uýalar bilen dostlaşdy (2 Tim. 2:22). Munuň üçin ol türgenleşmelidi. Biz hem günäli höweslerimiz bilen göreşmek üçin türgenleşmeli (Rim. 7:21—25). Şeýle-de erbet häsiýetlerimizi taşlap, ýagşy adam bolar ýaly öz üstümizde işlemeli (Efes. 4:22, 24). Meselem, biz uzakly gün işläp, ýadawlykdan ýaňa ýygnaga gidesimiz gelmez. Şonda öz-özümizi mejburlap ýygnaga gitmeli (Ýew. 10:24, 25). w20.09 sah. 28, abz. 9—11
20-nji mart, ýekşenbe
Men ömrümiň ahyryna çenli, kanunlaryňa eýermegi ýüregime düwdüm (Zeb. 119:112).
Biz okuw geçýän adama özüni Hudaýa bagyş edip, Isanyň şägirdi bolmaga kömek edenimizde sabyrly bolmaly. Emma onuň Ýehowa gulluk etmek isleýändigini ýa islemeýändigini anyklamaly. Ol Isa Mesihiň tabşyryklaryna gulak asmaga jan edýärmi? Ýa-da diňe Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi halaýar? Okuw geçýän adamyň ruhy taýdan ösýändigini bilmek üçin özüňize şeýle soraglary beriň: ol Ýehowa doga edýärmi? Hudaýa aladasyny aýdýarmy? (Zeb. 116:1, 2). Mukaddes Kitaby okamagy halaýarmy? (Zeb. 119:97). Ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli barýarmy? (Zeb. 22:22). Hudaýyň kada-kanunlaryna görä ýaşaýarmy? Dogan-garyndaşlaryna, dost-ýarlaryna Ýehowa barada gürrüň berýärmi? (Zeb. 9:1). Aslynda, ol Ýehowanyň Şaýady bolmak isleýärmi? (Zeb. 40:8). Eger okuw geçýän adam şulary etmeýän bolsa, onda sebäbini anyklaň we onuň bilen açyk hem mähirli gepleşiň. w20.10 sah. 18, abz. 14, 15
21-nji mart, duşenbe
Meni Iberen meniň bilendir. Ol meni ýeke goýmaýar, men hemişe onuň halaýan işlerini edýärin (Ýah. 8:29).
Isanyň gökdäki Atasy Ýehowa hemişe dogry karara gelýär. Onuň ýerdäki ene-atasy Ýusup bilen Merýem hem paýhasly karara gelýärdiler. Ýöne Isa ulalanda özi karara gelmelidi (Gal. 6:5). Allatagalanyň ähli adamlara erkinlik berişi ýaly, Isada-da şeýle erkinlik bardy, nähili ýaşamalydygy babatda özi karara gelip bilýärdi. Emma ol öz bähbidine çapman, Ýehowa gulluk etmegi saýlady. Isa Ýehowanyň niýetinde özüniň wajyp orun tutýandygyna göz ýetirende, Atasynyň islegini berjaý etdi (Ýah. 6:38). Ol özüni köp adamlaryň ýigrenjekdigini bilýärdi we ýüregi gam-gussadan dolandyr. Emma ol hemişe Ýehowa tabyn bolýardy. Isa b. e. 29-njy ýylynda suwa çümdürilenden soň, Ýehowanyň tabşyrygyny ýerine ýetirip başlady (Ýew. 10:5—7). Isa jebir pürsünde iň soňky demine çenli wepaly bolup, gökdäki Atasyny razy edip bildi (Ýah. 19:30). w20.10 sah. 29, abz. 12; sah. 30, abz. 15
22-nji mart, sişenbe
Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn (Ýew. 13:5).
Siz ýygnagyňyzda keselçilikden ýa-da başga kynçylykdan kösenýän dogan-uýalary tanaýarsyňyzmy? Ýa-da dogan-garyndaşlary aradan çykan dogan-uýalary bilýärsiňizmi? Olara göwünlik berip, ýagşylyk eder ýaly Ýehowadan kömek soraň. Şonda olaryň ýaraly ýüregine şypa berersiňiz (1 Pet. 4:10). Biz kynçylyklardan gorkmaýarys, sebäbi Ýehowa biziň bilen. Ol Isa we perişdeleri arkaly goldaýar. Şeýle-de Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin erk-ygtyýarly adamlaryň ýüregini ýumşadyp, halkyna kömek edýär. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly dogan-uýalary biri-birine kömek etmäge höweslendirýär. Şol sebäpli biz hem Pawlus resul ýaly ynam bilen şeýle diýip bileris: «Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn. Ynsan maňa näme edip biler?» (Ýew. 13:6). w20.11 sah. 16, 17, abz. 19, 20
23-nji mart, çarşenbe
Maňa bil baglap, howsala düşmeseňiz güýjüňiz artar (Işa. 30:15).
Ýehowanyň resullary goldaýandygy mese-mälimdi, sebäbi olar Hudaýyň güýji bilen gudrat görkezýärdiler (Res. 5:12—16; 6:8). Şu günler biz gudrat görkezip bilmeýäris. Ýöne Ýehowa öz Sözi arkaly: «Dogruçyl bolanyňyz üçin görgi görýän bolsaňyz bagtlysyňyz» diýýär. Şeýle-de Ýehowa bizden razy bolup, mukaddes ruhy bilen goldaýar (1 Pet. 3:14; 4:14). Şol sebäpli gelejekde boljak synaglar hakda aşa köp oýlanmagyň deregine, halasgär Hudaýymyza imanymyzy berkideliň. Isanyň şu wadasyna berk ynanalyň: «Men size akyldarlyk bererin, näme diýmelidigini öwrederin. Şonda duşmanlaryňyz size ne garşy durup biler, ne-de zat diýip biler... Siz çydamly bolup, janyňyzy halas edersiňiz» (Luka 21:12—19). Ýehowa aradan çykan wepaly gullukçylaryny we olaryň gylyk-häsiýetlerini hiç haçan unutmaýar. Gelejekde bolsa olary hökman direlder. w21.01 sah. 4, abz. 12
24-nji mart, penşenbe
Men Hudaýyň dogruçyllary hem-de erbetleri direltmegine sabyrly garaşýaryn (Res. 24:15).
Direlişe bolan umyt hakda ilkinji bolup Pawlus resul aýtmandy. Gadymy döwürde ýaşan Eýýup pygamber hem direliş hakda aýdypdy. Ol Ýehowanyň ýada saljakdygyna we ony direltjekdigine ynanýardy (Eýp. 14:7—10, 12—15). «Ölen adamlaryň direlmegi» mesihçileriň ynanýan «esasy taglymatlarynyň» biridir (Ýew. 6:1, 2). Pawlus korinflilere ýazan birinji hatynyň 15-nji babynda direliş hakda gürrüň berýär. Onuň ýazan haty I asyrdaky mesihçileriň imanyny berkidipdi. Şol hat biziň hem imanymyzy berkidýär we gelejekde direlişiň boljakdygyna ynamymyzy artdyrmaga kömek edýär. Isa pygamberiň direlmegi aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzyň direljekdigine ynandyrýar. Pawlus resul korinflilere ýazan hatynda Isanyň direlişi hakdaky «hoş habary» aýdypdy (1 Kor. 15:1, 2). Pawlusyň aýdyşy ýaly, eger mesihçi direlişiň boljakdygyna ynanmasa, onda onuň Hudaýa «iman etmegi biderekdir» (1 Kor. 15:17). w20.12 sah. 2, abz. 2—4
25-nji mart, anna
Şonda Isanyň... sözleri Petrusyň ýadyna düşdi. Ol daşaryk çykyp, möňňürip aglady (Mat. 26:75).
Petrus resula göwnüçökgünligi ýeňmäge näme kömek etdi? Ol Isanyň ölmezinden öň aýdan şu sözlerini ýatlady: «Imanyň gowşamaz ýaly, men Alla ýalbaryp kömek soradym». Ýehowa hem Oglunyň ýürekden eden dogasyna jogap berdi. Isa direlenden soň Petrusyň ýanyna bardy we ony ruhlandyrdy (Luka 22:32; 24:33, 34; 1 Kor. 15:5). Isanyň resullarynyň birnäçesi balyk tutmak üçin bütin gije zähmet çekdiler. Emma bir balygam tutup bilmediler, halys ýadapdylar. Şonda Isa resullaryň ýanyna geldi. Ol Petrusyň söýgüsiniň sowamandygyny bilmek üçin: «Sen meni gowy görýärmiň?» diýip sorady. Isa gowy görýän dostuny bagyşlady we köp işleri ynandy (Ýah. 21:15—17). Isa pygamber gökdäki Atasy Ýehowa ýaly rehimdardy, şol sebäpli Petrusy ýürekden bagyşlady. Biz hem ýalňyşlyk goýberenimizde, öz-özümizi ýazgarman, Ýehowanyň bizi bagyşlaýandygyny unutmaly däl. Şeýtan bolsa biziň öz-özümizi günäkärläp, göwnüçökgünlige düşmegimizi isleýär. Geliň, biz hem rehimdar Atamyzyň göreldesine eýerip, özümizi we göwnümize degen adamlary bagyşlamagy öwreneliň (Zeb. 103:13, 14). w20.12 sah. 20, 21, abz. 17—19
26-njy mart, şenbe
Hudaýa bil baglaryn (Zeb. 27:3).
Biz Ýehowa bil baglamadyk adamlaryň ýalňyşyndan sapak edinsek, olar ýaly howsala düşmeris. Meselem, Asa höküm sürüp başlanda Ýehowa bil baglaýardy. Emma birnäçe wagtdan soň Hudaýdan kömek soramagyň deregine, kynçylygy özi çözjek boldy (2 Tar. 16:1—3, 12). Ol Siriýa patyşasyndan kömek sorap, ýeňiş gazanaryn öýtdi. Belki, Asa patyşa paýhasly karara gelen ýaly bolup görünýändir, ýöne onuň maksady başa barmady. Ýehowa oňa pygamberi arkaly şeýle diýdi: «Sen Ýehowa Hudaýa däl-de, Siriýa patyşasyna bil bagladyň... akmaklyk etdiň» (2 Tar. 16:7). Biz öz düşünjämize daýanyp, Hudaýyň Sözündäki maslahatlara sowuk-sala garamakdan seresap bolmaly. Biz gyssagly karara gelmeli bolsagam, howsala düşmän Ýehowa bil baglasak, ol kömek eder. w21.01 sah. 6, abz. 13—15
27-nji mart, ýekşenbe
Olar indi hiç haçan ajykmaz (Ylh. 7:16).
Şu günler dogan-uýalaryň käbiri ykdysadyýetiň pese düşmegi, işsizlik we uruşlar sebäpli iýere zat tapman kösenýärler. Käbirleri bolsa Hudaýa iman edýändigi üçin türmede otyrlar. Emma olar şonda-da özüni bagtly duýýar. Sebäbi olar zalym dünýä ýok edilende halas boljakdygyny, zada zar bolman ýaşajakdygyny, Ýehowanyň görkezme berip aladasyny etjekdigini bilýärler. Ýehowa milletleriň üstüne «gazap oduny» inderip, Şeýtanyň dünýäsini ýok eder we uly märekäni halas eder. Soňra Isa olary «ýaşaýyş suwunyň» gözbaşyna elter (Ylh. 7:17). Dogrudanam, uly märekä ajaýyp gelejek garaşýar. Ýer ýüzünde direljek milliardlarça adamlardan tapawutlylykda, olar ölmän ýaşap biler (Ýah. 11:26). Başga goýunlaryň ajaýyp umydy bar. Olar Ýehowa we Isa Mesihe ýürekden minnetdar bolýarlar. w21.01 sah. 16, 17, abz. 11, 12
28-nji mart, duşenbe
Halypamyz wepalydyr, ol sizi berkider we Şeýtandan gorar (2 Sel. 3:3).
Isa pygamberiň ýerdäki ömrüniň soňky gijesidi. Ol resullarynyň köp kynçylyklara duş geljegini bilýärdi we alada edýärdi. Isa Ýehowa doga edip: «Olary... Şeýtandan goramagyňy haýyş edýärin» diýdi (Ýah. 17:14, 15). Isa göge gidensoň, Hudaýa gulluk edýän adamlara Şeýtanyň hüjüm etjekdigini bilýärdi. Şol sebäpli hudaýhon adamlar Ýehowanyň goragyna mätäçdi. Biz şu günler Hudaýyň kömegine has-da mätäç. Sebäbi Şeýtan gökden ýere zyňyldy we «güýçli gahar-gazap bilen» Hudaýyň halkyna hüjüm edýär (Ylh. 12:12). Käbir adamlar özüni dindar hasaplap, Ýehowanyň halkyny yzarlaýarlar (Ýah. 16:2). Hudaýyň bardygyna ynanmaýan adamlar bolsa, dünýäniň işlerine goşulmaýandygymyz üçin garşy çykýarlar. Emma biz gorkmaly däl. Sebäbi şu günki aýatda aýdylyşy ýaly, Ýehowa bizi goraýar. w21.03 sah. 26, abz. 1, 3
29-njy mart, sişenbe
Halypamyz Isa Mesih arkaly Hudaýyň söýgüsinden hiç zat aýra salyp bilmez (Rim. 8:39).
Ýehowa Hudaý ähli zady söýgi bilen edýär. Ol biziň aladamyzy edýär. Hatda günälerimiz üçin töleg gurbanyny berdi. Isa hem şirin janyny biziň üçin gurban etdi (Ýah. 3:16; 15:13). Hawa, Ýehowa Hudaýyň we Isa pygamberiň hudaýhon adamlara bolan söýgüsini hiç zat sowadyp bilmez (Ýah. 13:1; Rim. 8:35). Şonuň ýaly maşgalabaşylar hem ähli zady söýgi bilen etmeli. Ýahýa resul şeýle diýdi: «Gözi bilen görýän doganyny (ýa-da maşgalasyny) söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez» (1 Ýah. 4:11, 20). Ýehowanyň we Isa pygamberiň göreldesine eýerýän maşgalabaşylar aýalyna, çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmeli. Olary ruhlandyrmaly we eklemeli (1 Tim. 5:8). Maşgalabaşylar çagalaryny söýgi bilen terbiýeläp, öwüt-ündew bermeli. Olar maşgalasynyň bähbidi üçin karara gelip, Ýehowany şöhratlandyrmaly. w21.02 sah. 5, abz. 12, 13
30-njy mart, çarşenbe
Gaýgy-aladaňy Ýehowa tabşyr, ol seniň arkadaýanjyň bolar (Zeb. 55:22).
Mähirden doly Ýehowa adamlaryň özüne bolan ynamsyzlygyna düşünýär we çekýän dertlerini bilýär. Şeýle-de Ýehowa bizi özümizden hem gowy tanaýar, hatda kalbymyzdaky ýagşy zatlary görýär (1 Ýah. 3:19, 20). Adam ganyna siňen erbet endiklerini ýeňip bilmese, göwnüçökgünlige düşýär. Elbetde, adamyň eden ýalňyşlygy üçin özüni günäkärlemegi adaty zat (2 Kor. 7:10). Ýöne biz özümizi çendenaşa ýazgaryp: «Men hiç haçan düzelmerin. Ýehowa meni hiç wagt bagyşlamaz» diýmeli däl. Eger şeýle pikir etsek, hakykat ýolundan sowlup, Ýehowa bilen dostlaşyp bilmeris. Şol sebäpli biz Ýehowadan rehimdarlyk sorap, doga-dileg etmeli we ýakyndan dostlaşmaly (Işa. 1:18). Ýehowa biziň ýürekden toba edýändigimizi görüp bagyşlar. Biz ýaşululardan hem kömek soramaly. Olar bize sabyrlylyk bilen aýaga galmaga kömek ederler (Ýak. 5:14, 15). w20.12 sah. 23, abz. 5, 6
31-nji mart, penşenbe
Ýaşy uly aýallara ejeň ýaly, ýaşy kiçilere bolsa uýaň ýaly gara (1 Tim. 5:2).
Isa pygamber gelin-gyzlary sylaýardy. Ýöne fariseýler aýallary kemsidýärdiler, adamlaryň arasynda olar bilen gepleşmeýärdiler we Hudaý barada gürrüň bermeýärdiler. Isa pygamber bolsa gelin-gyzlara Hudaý barada höwes bilen gürrüň berýärdi (Luka 10:38, 39, 42). Isa aýallar bilen bile wagyz edýärdi (Luka 8:1—3). Ol ölümden direlensoň, ilki bilen aýallara göründi we özüniň direlendigini şägirtlerine habar bermegi tabşyrdy (Ýah. 20:16—18). Pawlus resul Timoteosa uýalara hormat goýmagy ündedi. Ol Timoteosyň ýaş kalbyna Hudaýa bolan söýgini ejesiniň we mamasynyň guýandygyny bilýärdi (2 Tim. 1:5; 3:14, 15). Pawlus rimlilere hat ýazanda, uýalary atma-at agzap salam ýollady. Şeýle-de arman-ýadaman zähmet çekýän we yhlasly wagyz edýän uýalara minnetdarlyk aýtdy (Rim. 16:1—4, 6, 12; Flp. 4:3). w21.02 sah. 15, abz. 5, 6