Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es22 sah. 37—46
  • Aprel

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Aprel
  • Her günki aýady okalyň — 2022
  • Sözbaşylar
  • 1-nji aprel, anna
  • 2-nji aprel, şenbe
  • 3-nji aprel, ýekşenbe
  • 4-nji aprel, duşenbe
  • 5-nji aprel, sişenbe
  • 6-njy aprel, çarşenbe
  • 7-nji aprel, penşenbe
  • 8-nji aprel, anna
  • 9-njy aprel, şenbe
  • 10-njy aprel, ýekşenbe
  • 11-nji aprel, duşenbe
  • 12-nji aprel, sişenbe
  • 13-nji aprel, çarşenbe
  • 14-nji aprel, penşenbe
  • ÝATLAMA AGŞAMY
    Gün ýaşandan soň başlanýar
    15-nji aprel, anna
  • 16-njy aprel, şenbe
  • 17-nji aprel, ýekşenbe
  • 18-nji aprel, duşenbe
  • 19-njy aprel, sişenbe
  • 20-nji aprel, çarşenbe
  • 21-nji aprel, penşenbe
  • 22-nji aprel, anna
  • 23-nji aprel, şenbe
  • 24-nji aprel, ýekşenbe
  • 25-nji aprel, duşenbe
  • 26-njy aprel, sişenbe
  • 27-nji aprel, çarşenbe
  • 28-nji aprel, penşenbe
  • 29-njy aprel, anna
  • 30-njy aprel, şenbe
Her günki aýady okalyň — 2022
es22 sah. 37—46

Aprel

1-nji aprel, anna

Öňki ýazylan zatlar hem öwüt-nesihat bermek üçin ýazyldy (Rim. 15:4).

Biz her gün kynçylyklara döz gelmeli bolýarys. Belki, dogan-uýalar göwnümize degýändir (Ýak. 3:2). Klasdaşlarymyz, işdeşlerimiz Ýehowanyň Şaýady bolandygymyz üçin üstümizden gülýändir (1 Pet. 4:3, 4). Ýehowa iman etmeýän maşgala agzalarymyz ýygnaga we wagza ibermejek bolýandyr (Mat. 10:35, 36). Şeýle ýagdaýlarda ruhdan düşsek hakykat ýolundan sowulmagymyz mümkin. Emma Ýehowa bil baglasak, ol akyldarlyk we güýç-kuwwat berip, ähli kynçylyklara döz gelmäge kömek eder. Ýehowa Mukaddes Kitaba bikämil adamlaryň döz gelen kynçylyklary barada jikme-jik ýazdyrdy. Sebäbi Ýehowa şol wakalardan biziň sapak edinmegimizi isleýär. Pawlus resul hem Hudaýyň ylhamy bilen Mukaddes Kitapdaky wakalaryň öwüt-nesihat bermek üçin ýazylandygyny aýdypdy. Olar bize göwünlik we gelejege umyt berýär. Ýöne Mukaddes Kitapdaky wakalary ýüzleý däl-de, aňymyza we ýüregimize täsir eder ýaly okamaly. w21.03 sah. 14, abz. 1, 2

2-nji aprel, şenbe

Ekin meýdanyna serediň, hasyl eýýäm ýetişipdir (Ýah. 4:35).

Siz wagyz edýän adamlaryňyza «ýetişen hasyl» hökmünde garaýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, birinjiden, siz wagyz işini gaýragoýulmasyz hasaplarsyňyz. Hasyl döwri uzak dowam etmez, şol sebäpli wagt ýitirmäliň. Ikinjiden, adamlaryň hoş habara seslenýändigini görüp, siz örän begenersiňiz. Mukaddes Kitapda: «Hasyl ýygnaýan daýhanlar... begenýärler» diýilýär (Işa. 9:3). Üçünjiden, siz wagyz edýän adamlaryňyza geljekki dogan ýa-da uýa hökmünde garap, olaryň ýüregine täsir emek üçin jan edersiňiz. Isanyň yzyna eýerýänleriň käbiri samariýalylar şägirt bolmaz öýdýärdiler. Emma Isa beýle pikir etmän, samariýalylary geljekki şägirdi hasaplaýardy. Biz hem wagyz edýän adamlarymyza Isanyň geljekki şägirtleri hökmünde garamaly. Pawlus resul bize gowy görelde galdyrdy. Ol adamlaryň dini ynançlaryna görä wagyz edýärdi, gyzyklanýan zatlaryny göz öňünde tutýardy we olary Isanyň geljekki şägirdi hasaplaýardy. w20.04 sah. 8, abz. 3, 4

3-nji aprel, ýekşenbe

Mazar we heläkçilik mekany Ýehowanyň öňünde açykdyr, ynsanyň ýüregi⁠-⁠de eliniň aýasyndadyr (Nak. 15:11).

Dogan-uýalaryň eden işlerine höküm çykarmaz ýaly, olaryň ýagdaýyna düşünjek bolmaly. Adamlaryň ýagdaýyna diňe Ýehowa doly düşünip bilýär. Şol sebäpli Ýehowanyň göreldesine eýerip, adamlaryň ýagdaýyna düşünmek we duýgudaş bolmak üçin doga ediň. Biz diňe käbir dogan-uýalara duýgudaş bolmalydyrys öýtmeli däl. Beýleki dogan-uýalaram biziň duýgudaş bolmagymyza mynasyp. Belki, olar Ýunus, Ylýas, Hajar we Lut ýaly ýalňyşlyk goýberip, kynçylyga uçrandyrlar. Bizem käte ýalňyşyp, kynçylyga uçraýarys. Şol sebäpli biri-birimiziň ýagdaýymyza düşüner ýaly Ýehowadan kömek soralyň (1 Pet. 3:8). Biz Ýehowa tabyn bolsak, bütindünýä maşgalamyzyň agzybirligini has-da berkideris. Geliň, biri-birimizi ünsli diňläp, gowy tanalyň we duýgudaş bolalyň! w20.04 sah. 18, 19, abz. 15—17

4-nji aprel, duşenbe

Mesih hem siziň üçin horluk çekip, yzyna gyşarnyksyz eýermegiňiz üçin görelde galdyrdy (1 Pet. 2:21).

Isa pygamber Ýehowa gulak asmakda gowy görelde galdyrdy. Biz Isa pygamberiň göreldesine eýermäge jan etsek, Ýehowa gulak asyp bileris (Ýah. 8:29). Hakykat ýolundan sowulmaz ýaly, Ýehowanyň hak Hudaýdygyna, Mukaddes Kitapda ýazylan ähli zatlaryň dogrudygyna we Isanyň wada edilen Mesihdigine ynanmaly. Şu günler köp adamlar Isanyň Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasydygyna ynanmaýarlar. Ýahýa resul hatynda «aldawçy adamlaryň dünýäde köpelendigini» ýazdy. Eger adam Ýehowa we Isa pygambere ýürekden iman etmese, aňsatlyk bilen olaryň duzagyna düşüp biler (2 Ýah. 7—11). Ýahýa: «Isanyň Mesihdigini inkär edýän adam ýalançy dälmi?» diýdi (1 Ýah. 2:22). Biz Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrensek, Ýehowa bilen Isany gowy tanarys we şeýle duzaga düşmeris (Ýah. 17:3). Şonda hakykat ýolundan ýöreýändigimize ynamly bolup bileris. w20.07 sah. 21, abz. 4, 5

5-nji aprel, sişenbe

Doganymyzyň öňünde büdredýän daş... bolmalyň (Rim. 14:13).

Biziň bilen ylgap barýan adamlaryň öňünde «büdredýän daş» bolmaz ýaly, öz pikirimizi gögertjek bolman, eglişik etmäge jan etmeli (Rim. 14:19—21; 1 Kor. 8:9, 13). Biz käbir ýagdaýlarda ýaryşa gatnaşýan türgenlerden tapawutlanýarys. Olar sylag almak üçin diňe öz peýdasyny gözleýärler. Şol sebäpli olar öňe geçmek üçin biri-birini itekleýärler. Emma biz biri-birimiz bilen bäsleşmeýäris (Gal. 5:26; 6:4). Biz köp adamlaryň pellehana ýetip, ebedi ýaşaýyş sylagyny almak üçin elimizde baryny edýäris. Biz «diňe öz peýdaňyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözläň» diýen maslahata eýerýäris (Flp. 2:4). Eger biz pellehana çenli ylgasak, Ýehowa gökde ýa-da ýer ýüzünde ebedi ýaşaýşy sylag berjegini wada berýär. w20.04 sah. 28, abz. 10; sah. 29, abz. 12

6-njy aprel, çarşenbe

Olar uly betbagtçylykdan geçenler (Ylh. 7:14).

Hudaýa wepaly millionlarça mesihçiler täze dünýäde ýaşarlar. Olar asyrlaryň dowamynda ölen milliardlarça adamlaryň direlişini gözleri bilen görerler. Adamlar Allatagala alkyş aýdarlar! (Res. 24:15). Ýehowa wepaly galanlar Adam atadan miras geçen ölümiň üstünden ýeňiş gazanarlar. Indi olar ebedi ýaşarlar. Pawlus resulyň direliş baradaky göwünlik beriji sözlerine örän minnetdar! Ol: «Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekeliň» diýýär. Şu maslahata eýermäge bizde köp mümkinçilik bar (1 Kor. 15:58). Eger biz muňa ýürekden gulak assak, täze dünýäde eşretli durmuşda ýaşarys. Hawa, «Halypamyz üçin çekýän zähmetimiz biderek däldir». Sebäbi bize bagtly durmuş we ebedi ýaşaýyş garaşýar. w20.12 sah. 13, abz. 16, 17

7-nji aprel, penşenbe

Olar atyň üstünde oturan we onuň goşuny bilen söweşmek üçin ýygnanyşypdylar (Ylh. 19:19).

Hyzkyl 38:10—23; Danyýar 2:43—45; 11:44—12:1; Ylham 16:13—16, 21-nji aýatlarda şol bir waka hakda pygamberlik edilýän bolmaly. Eger şeýle bolsa, onda indiki gürrüň ediljek wakalara garaşmaga bizde esas bar. Uly betbagtçylyk başlandan biraz wagt geçensoň, «ýer ýüzüniň patyşalary» ýygnanyşar, şeýdip, milletleriň üýşmegi dörär (Ylh. 16:13, 14). Mukaddes Kitapda milletleriň üýşmegine «Mäjit ýurdundaky Äjit» diýilýär (Hyz. 38:2). Ol Hudaýyň halkyna soňky gezek hüjüm eder. Ýahýa resul şol döwür bilen bagly görnüş görýär. Ol Hudaýyň duşmanlarynyň üstüne uly buzuň ýagandygyny görýär. Buz göçme manyda Ýehowanyň halkynyň aýtjak höküm habaryny aňladýar. Höküm habary yglan edilende, Mäjit ýurdundaky Äjit Hudaýyň halkyny ýer ýüzünden ýok etmek maksady bilen olara topular (Ylh. 16:21). w20.05 sah. 14, 15, abz. 13, 14

8-nji aprel, anna

Eger siz erbet adam bolup, çagalaryňyza gowy zatlary berýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz dileýänlere mukaddes ruhuny bermezmi näme? (Luka 11:13).

Biz Ýehowanyň mukaddes ruhuny gymmat saýmaly. Mukaddes ruhuň şu günler edýän işleri barada oýlanyp, minnetdarlygymyzy artdyryp bilýäris. Isa göge galmazyndan öň şägirtlerine şeýle diýdi: «Siziň üstüňize mukaddes ruh inende, güýjüňize güýç goşulyp... bütin ýer ýüzünde men hakda wagyz edersiňiz» (Res. 1:8). Mukaddes ruhuň kömegi bilen, şu günler ýeriň dört künjeginde takmynan 8 ýarym million adam Ýehowa sežde edýär. Biz ruhy jennetde ýaşaýarys, sebäbi Hudaýyň mukaddes ruhy bize söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, gowulyk, iman, ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik ýaly ajaýyp häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär. Bu häsiýetlere «ruhuň miwesi» diýilýär (Gal. 5:22, 23). Dogrudanam, mukaddes ruh Hudaýyň gymmatly sowgady! w20.05 sah. 28, abz. 10; sah. 29, abz. 13

9-njy aprel, şenbe

Bir adam arkaly ölüm peýda bolan bolsa, bir adam arkaly hem direliş bolar (1 Kor. 15:21).

Belki-de, biz direljek dogan-garyndaşlarymyzy tanamarys diýip alada edýändiris. Geliň, gadymy döwürde Allatagalanyň direlden adamlary hakda gürrüň edeliň. Ýehowa olaryň daş-keşbini, gepleýşini we pikirlenişini özgertmän direldipdi. Ýadyňyzda bolsa, Isa ölümi uky bilen, direlişi ukudan oýanmak bilen deňeşdiripdi (Mat. 9:18, 24; Ýah. 11:11—13). Adam ukudan oýananda, onuň daş-keşbi, sesi üýtgemeýär, hiç zady unutmaýar. Indi bolsa Lazaryň direlişini ýatlalyň. Onuň ölenine dört gün bolupdy we jesedi porsap başlapdy. Isa Lazary direldensoň Marta bilen Merýem doganyny tanapdylar. Lazar hem olary tanady (Ýah. 11:38—44; 12:1, 2). w20.08 sah. 14, abz. 3; sah. 16, abz. 8

10-njy aprel, ýekşenbe

Biz halas bolandygymyz üçin, tagtda oturan Hudaýa we Guza borçly (Ylh. 7:10).

Hudaý saýlanan mesihçileri-de, başga goýunlary-da söýýär. Ol iki toparyň hem gadyryny bilýär. Ýehowa ýeke-täk Ogluny gurban berip, olaryň ikisi üçin hem töleg töledi. Saýlanan mesihçiler bilen başga goýunlaryň umydy tapawutlanýar, ýöne iki topar hem Hudaýa we Isa Mesihe wepaly bolmaly (Zeb. 31:23). Hudaýyň saýlanan mesihçilere-de, başga goýunlara-da mukaddes ruhuny berip goldaýandygyny ýatdan çykarmalyň. Ýehowa özüni bagyş eden her bir adam ýagty gelejege umyt edýär (Ýer. 29:11). Ýehowa bilen Isa Mesih ebedi ýaşaýşa ýol açdy. Şonuň üçin her birimiz Ýatlama agşamyna baryp, olary şöhratlandyrmaly. Hudaýhon adamlar her ýyl Ýatlama agşamyna barmagy örän wajyp hasaplaýarlar. w21.01 sah. 18, abz. 16; sah. 19, abz. 19

11-nji aprel, duşenbe

Muny berjaý ediň (1 Kor. 11:25).

Ýatlama agşamyna gelýänleriň köpüsi ýerde ýaşamaga umyt edýärler. Onda olar Ýatlama agşamyna näme üçin gatnaşýarlar? Olary dostunyň toýuna barýanlar bilen deňeşdirse bolýar. Olar ýaş juwanlary gowy görýärler we goldamak üçin toýuna barýarlar. Edil şonuň ýaly, başga goýunlar hem Isany, saýlanan mesihçileri goldaýandyklary, söýýändikleri üçin we töleg gurbanyna minnetdardyklary üçin Ýatlama agşamyna barýarlar. Olar töleg gurbanynyň ebedi ýaşaýşa umyt berýändigine düşünýärler. Başga goýunlar Ýatlama agşamyna baryp, Isanyň tabşyrygyna gulak asýandygyny hem görkezýärler. Isa wepaly resullary bilen ilkinji Ýatlama agşamyny bellände: «Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi (1 Kor. 11:23—26). Şonuň üçin başga goýunlar saýlanan mesihçileriň ählisi ýerden alynýança, Ýatlama agşamyny bellärler. w21.01 sah. 17, 18, abz. 13, 14

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (9-njy nisanda bolan wakalar) Ýahýa 12:12—19; Markus 11:1—11

12-nji aprel, sişenbe

Hudaýyň söýgüsini şundan bilýäris: Hudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberip, ol arkaly ýaşaýşa ýol açdy (1 Ýah. 4:9).

Hakyky söýgi iş ýüzünde görkezilýär (Ýakup 2:17, 26-njy aýatlary deňeşdiriň). Meselem, Ýehowa bizi söýýär (1 Ýah. 4:19). Ol bizi söýýändigini täsirli sözler arkaly Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Zeb. 25:10; Rim. 8:38, 39). Ýöne Hudaý bizi söýýändigini iş ýüzünde hem görkezýär. Ýehowa biziň üçin söwer oglunyň ejir çekip ölmegine ýol berdi (Ýah. 3:16). Hawa, Ýehowanyň bizi söýýändigine asla şübhelenmän bileris. Biz Ýehowa bilen Isa pygambere gulak assak, olary söýýändigimizi görkezeris (Ýah. 14:15; 1 Ýah. 5:3). Isa: «Biri-biriňizi söýüň» diýip tabşyrdy (Ýah. 13:34, 35). Biz dogan-uýalary diňe bir sözde däl-de, iş ýüzünde hem söýmeli (1 Ýah. 3:18). w21.01 sah. 9, abz. 6; sah. 10, abz. 8

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (10-njy nisanda bolan wakalar) Ýahýa 12:20—50

13-nji aprel, çarşenbe

Men size dostlarym diýýärin (Ýah. 15:15).

Mukaddes ruh arkaly saýlanan mesihçiler Hudaýyň Patyşalygynda Isa bilen ebedilik höküm sürerler. Hakykatdan-da, olar Mesihiň ýanynda bolup, ony görerler, gepleşerler we bile wagt geçirerler (Ýah. 14:2, 3). Isa ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlaryň hem söýgi bilen aladasyny eder. Olar Isany görmeseler-de, onuň bilen ýakyn dost bolarlar. Sebäbi Ýehowa bilen Isa olara ebedi ýaşaýşy sylag berer (Işa. 9:6, 7). Biz Isanyň çakylygyny kabul edip, onuň bilen dostlaşsak, ençeme bereketleri alarys. Meselem, Isa bizi söýýär, goldaýar we ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär. Esasanam, biz Isa bilen dostlaşsak, iň gymmatly hazyna eýe bolýarys, ýagny Isanyň Atasy Ýehowa bilen dostlaşýarys. Isanyň dosty bolmak, gör, nähili uly hormat! w20.04 sah. 25, abz. 15, 16

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (11-nji nisanda bolan wakalar) Luka 21:1—36

14-nji aprel, penşenbe

Mesih arkaly hemmeler ýaşarlar (1 Kor. 15:22).

Pawlus resul: «Mesih arkaly-da hemmeler ýaşar» diýdi (1 Kor. 15:22). Pawlus şu haty Korinfdäki gökde ýaşamak üçin saýlanan mesihçilere ýazypdy. Olar «Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde mukaddes edildi». Şeýle-de Pawlus «Mesihiň şägirtleri hökmünde ölüm ukusyna gidenleri» hem agzap geçdi (1 Kor. 1:2; 15:18; 2 Kor. 5:17). Pawlus başga bir hatynda: «Biz onuň (Isanyň) ölşi ýaly ölen bolsak, onuň direlişi ýaly-da direlip, onuň bilen birleşeris» diýdi (Rim. 6:3—5). Isa ruhy şahsyýet bolup direldi we soň göge galdy. Diýmek, Isa Mesihiň şägirtleri, ýagny saýlanan mesihçileriň hemmesi Isa ýaly ruhy şahsyýet bolup direler we göge galarlar. Pawlus Isa Mesihiň «ölüm ukusyna gidenleriň arasyndan ilkinji miwe bolup direlendigini» aýtdy (1 Kor. 15:20). Isa ruhy şahsyýet bolup direlen we ebedi ýaşaýyş sylagyny alan ilkinji ynsandy. w20.12 sah. 5, 6, abz. 15, 16

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (12-nji nisanda bolan wakalar) Matta 26:1—5, 14—16; Luka 22:1—6

ÝATLAMA AGŞAMY
Gün ýaşandan soň başlanýar
15-nji aprel, anna

Biz hemişe Halypamyzyň ýanynda bolarys (1 Sel. 4:17).

Şu günler saýlanan mesihçiler aradan çykyp, ýerdäki ýaşaýşyny tamamlan badyna göge galýarlar. Muny Pawlus resulyň 1 Korinfliler 15:51, 52-nji aýatlarda aýdan sözleri tassyklaýar. Isa Mesihiň doganlary direlip, gökde ýaşap başlanlarynda ýürekden şatlanarlar. Saýlanan mesihçiler gökde nähili işleri ederler? Isa pygamber olara şeýle tabşyryk berer: «Söweşde ýeňene we tabşyrygymy berjaý edýäne halklaryň üstünden höküm sürmäge ygtyýar bererin. Ol çopan kimin demir hasasy bilen adamlary bakar. Şonda olar toýun gaplar kimin çym-pytrak bolar, sebäbi Atam maňa-da şeýle ygtyýar berdi» (Ylh. 2:26, 27). w20.12 sah. 12, abz. 14, 15

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (13-nji nisanda bolan wakalar) Matta 26:17—19; Markus 14:12—16; Luka 22:7—13 (14-nji nisanda Gün batandan soň bolan wakalar) Ýahýa 13:1—5; 14:1—3

16-njy aprel, şenbe

Mesih... ölüm ukusyna gidenleriň arasyndan... direldi (1 Kor. 15:20).

Pawlus resul Isa «ilkinji miwe» diýmek bilen, gökde ýaşamak üçin direljek başga-da adamlaryň bardygyny aýtdy (1 Kor. 15:18). Resullar we beýleki saýlanan mesihçiler Isa ýaly gökde ýaşamak üçin direlmelidiler. Pawlus korinflilere birinji hatyny ýazan döwri gökdäki ýaşaýyş üçin direliş heniz başlanmandy. Pawlus gelejekde boljak direliş hakda ýazypdy. Ol: «Her kim öz nobatynda direler: ilkinji miwe hökmünde Mesih, soňra Mesih gelende, oňa degişli bolanlar direler» diýdi (1 Kor. 15:23; 1 Sel. 4:15, 16). Şu günler biz Isa Mesihiň gelen döwründe ýaşaýarys. Ýöne resullar we saýlanan mesihçiler gökdäki sylagyny almak üçin, Isa gelýänçä garaşmaly boldy. Olar wagty gelende «Isanyň direlişi ýaly direlip, onuň bilen birleşmelidi» (Rim. 6:5). w20.12 sah. 5, abz. 12; sah. 6, abz. 16, 17

Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (14-nji nisanda bolan wakalar) Ýahýa 19:1—42

17-nji aprel, ýekşenbe

Olar çüýreýän bedende ekilip, çüýremeýän bedende direlýändir (1 Kor. 15:42).

Pawlus resul Allatagalanyň gökde ýaşamak üçin «ruhy bedende» direltjek adamlary barada aýdypdy (1 Kor. 15:43, 44). Isa ýer ýüzünde ynsan bedeninde ýaşady. Ol ölümden direlensoň göge galdy we «ýaşaýyş berýän ruh» boldy. Edil şonuň ýaly, saýlanan mesihçilerem gökde ýaşamak üçin «ruhy bedende» direlerler. Pawlus resul şeýle düşündirdi: «Toprakdan ýaradylan ynsanyň keşbine meňzeş bolşumyz ýaly, gökden geleniň keşbine-de meňzäris» (1 Kor. 15:45—49). Ol Isanyň ynsan bedeninde direlmändigini nygtap geçdi. Pawlus: «Bedenden we gandan bolan adam Hudaýyň Patyşalygyny miras alyp bilmez» diýdi (1 Kor. 15:50). Şol sebäpli resullar we beýleki saýlanan mesihçiler gökde ýaşamak üçin ynsan bedeninde direlmeýärler. w20.12 sah. 11, abz. 10—12

Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (15-nji nisanda bolan wakalar) Matta 27:62—66 (16-njy nisanda Gün batandan soň bolan wakalar) Ýahýa 20:1

18-nji aprel, duşenbe

Eý ölüm, hany seniň güýjüň? Eý ölüm, hany seniň zäheriň? (1 Kor. 15:55).

I asyrda ýaşan Isa pygamberiň käbir şägirtleri Ýehowanyň ylhamy bilen gökdäki ýaşaýyş barada ýazdylar. Ýahýa resul şeýle ýazdy: «Biz häzir Hudaýyň çagalary, emma gelejekde nähili boljakdygymyz heniz äşgär bolmady. Ýöne ol äşgär bolanda, bizem onuň ýaly bolarys» (1 Ýah. 3:2). Diýmek, saýlanan mesihçiler gökde ýaşamak üçin nädip ruhy şahsyýet bolup direljekdigine düşünmeýärler. Emma olar gökdäki sylagyny alansoň, Ýehowany görerler. Mukaddes Kitapda gökdäki ýaşaýyş hakda käbir zatlar aýdylýar. Isa «ähli hökümetleri, häkimiýetleri we güýçleri» hem-de «soňky duşman ölümi» ýok edende, saýlanan mesihçiler hem onuň ýanynda bolarlar. Şeýlelikde, Isa ähli zady Ýehowa tabşyrar. Soňra hem özi, hem saýlananlar Ýehowa tabyn bolarlar (1 Kor. 15:24—28). Gör, nähili ajaýyp durmuş garaşýar! w20.12 sah. 8, abz. 2

Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (16-njy nisanda bolan wakalar) Ýahýa 20:2—18

19-njy aprel, sişenbe

Men Hudaýyň dogruçyllary hem⁠-⁠de erbetleri direltmegine sabyrly garaşýaryn (Res. 24:15).

Mukaddes Kitapda «ilkinjileriň hatarynda» Pawlus resul we saýlanan mesihçileriň direljekdigi aýdylýar (Flp. 3:11). Onda olardan başga adamlar direlmezmi näme?! Elbetde, direlerler! Eýýup pygamber hem gelejekde direlişiň boljakdygyna iman edýärdi (Eýp. 14:15). Isa «ähli hökümetleri, häkimiýetleri we güýçleri ýok edende» saýlanan mesihçiler hem onuň ýanynda bolarlar. «Soňky duşman ölüm hem ýok ediler». Gökde ýaşamak üçin direlenler indi hiç haçan ölmez (1 Kor. 15:23—26). Ýerde ebedi ýaşajaklar hem Pawlusyň şu günki aýatdaky sözlerine ýürekden ynanýarlar. Elbetde, erbetler göge gidip bilmez. Diýmek, Pawlusyň aýdan sözleri ýer ýüzünde direlişiň boljakdygyny görkezýär. w20.12 sah. 6, 7, abz. 18, 19

20-nji aprel, çarşenbe

Mesih... meni söýüp, meniň üçin janyny gurban etdi (Gal. 2:20).

Belki-de, siz: «Ýehowanyň bagyşlandygyny nädip bilmeli?» diýýänsiňiz. Eger şeýle soragy berýän bolsaňyz, onuň jogabyny-da taparsyňyz. 1954-nji ýylda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle ýazylypdy: «Biz käte şol bir ýalňyşymyzy gaýtalaýarys. Sebäbi Hudaýa gulluk edip başlamankak, erbet endikler aňymyza we ýüregimize şeýle bir siňipdir welin, olary aňsat-aňsat aýryp bolmaýar... Hudaý meni asla bagyşlamaz diýip pikir etmäň. Şeýle pikir etseňiz, onda Şeýtanyň duzagyna düşersiňiz. Günäleriňize ökünseňiz, diýmek, siz gowy adam bolmak isleýärsiňiz. Hudaýdan ötünç soraň, arassa ynsap diläň we pesgöwünlilik bilen kömek soraň». Pawlus resul hem mesihçi bolmazyndan öň agyr günäleri edipdi. Elbetde, Pawlus eden günälerini unutmady (1 Tim. 1:12—15). Ýöne ol Isanyň töleg gurbanyny Hudaýyň beren sowgady hasaplaýardy. Şol sebäpli Pawlus özüni çendenaşa günäkärlemän, bar güýji bilen Ýehowa gulluk etmäge jan etdi. w20.11 sah. 27, abz. 14; sah. 29, abz. 17

21-nji aprel, penşenbe

Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin, oňa berler, sebäbi Hudaý igenmän, hemmelere jomartlyk bilen berýär (Ýak. 1:5).

Şeýtan bizi synaga salmak üçin her dürli usullary ulanýar. Synaga düşsek näme ederis? Elbetde, özüňi aklamak üçin birnäçe bahana tapsa bolar. Meselem: «Edýän işim agyr günä däl, meni ýygnak gatnaşygyndan kesmezler» diýmegimiz mümkin. Ýöne beýle pikir etmek örän nädogry. Özümize şu soraglary berip oýlansak gowy bolar: «Belki, Şeýtan meniň ýüregimi böljek bolýandyr. Eger men erbet pikirlere ýol bersem Ýehowanyň adyna ysnat getirmerinmi? Şu etjek işim Ýehowa bilen dostlugymy berkidermi ýa-da zyýan ýetirer?» Özüňizi aklaman, soraglara dogry jogap berer ýaly Ýehowa doga edip akyldarlyk soraň. Muny etmek size gorag bolar we synaga düşeniňizde berk durup, Isa ýaly: «Ýanymdan aýryl, Şeýtan!» diýip bilersiňiz (Mat. 4:10). Bölünen ýüregiň hiç hili bahasy bolmaýar. w20.06 sah. 12, 13, abz. 16, 17

22-nji aprel, anna

Özüňize ýokary baha bermäň. Gaýtam sagdyn düşünjeli boluň (Rim. 12:3).

Biz pesgöwünlilik bilen Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerýäris. Sebäbi Ýehowa bize hemişe ýagşylyk etmek isleýär (Efes. 4:22—24). Pesgöwünlilik häsiýeti Ýehowanyň islegini birinji orunda goýmaga we özümizi ýokary saýmazlyga kömek edýär. Şonda biz Ýehowa we dogan-uýalar bilen dost bolup bileris (Flp. 2:3). Seresap bolmasak, özüni bilýän we ulumsy adamlaryň garaýşyna eýereris. I asyrda ýaşan mesihçileriň käbiri şeýle duzaga düşüpdiler. Pawlus resul rimlilere: «Özüňize ýokary baha bermäň. Gaýtam sagdyn düşünjeli boluň» diýdi. Pawlus özüňe hormat goýmaly däl diýjek bolmady. Ýöne pesgöwünli bolsak, dogry garaýyşda bolup, özümizi ýokary tutmarys. w20.07 sah. 2, abz. 1, 2

23-nji aprel, şenbe

Şol ýyllar hiç kim Asa garşy çykyp bilmedi (2 Tar. 14:6).

Asa patyşanyň hökümdarlygynda parahatlyk döwri tamamlandy. Efiopiýanyň bir milliondan gowrak batyr esgerleri Ýahudanyň üstüne hüjüm etdi. Olaryň serkerdebaşysy Zera ýeňiş gazanjakdygyna ynanýardy. Emma Asa goşunyna däl-de, Ýehowa bil baglaýardy. Patyşa Hudaýa ýalbaryp: «Ýehowa, saňa bil baglaýarys, bize kömek et. Seniň adyň bilen şeýle uly goşuna garşy çykdyk» diýdi (2 Tar. 14:11). Efiopiýanyň esgerleriniň sany ýahudalardan iki esse köpdi. Emma Asa patyşa Gudratygüýçli Ýehowanyň öz halkyna kömek etjekdigine ynanýardy. Ýehowa onuň ynamyny ödedi, ýagny Efiopiýanyň goşuny masgara bolup ýeňildi (2 Tar. 14:8—13). Biz başymyza nämeleriň injekdigini bilmeýäris, ýöne bir zady anyk bilýäris: Ýehowanyň halky hemişe parahatlyk döwürde wagyz etmez. Sebäbi Isa pygamber soňky günlerde «şägirtlerini... hemmeleriň... ýigrenjekdigini» aýdypdy (Mat. 24:9). w20.09 sah. 17, 18, abz. 14—16

24-nji aprel, ýekşenbe

Kemsidenlerinde... begenerin (2 Kor. 12:10).

Adamlar kemsidende kim begener? Elbetde, hiç kim. Eger biz duşmanlaryň kemsitmelerini ýüregimize alsak ruhdan düşeris (Nak. 24:10). Onda kemsidenlerinde näme etmeli? Pawlus resul ýaly «kemsidenlerinde... begenmeli». Näme üçin? Sebäbi adamlaryň garşy çykmagy we sögmegi, biziň Isanyň şägirtleridigimizi subut edýär (1 Pet. 4:14). Isa pygamber şägirtleriniň yzarlanjakdygyny aýdypdy (Ýah. 15:18—20). I asyrda ýaşan mesihçiler hem köp synaglara duşdular. Şol döwürde grek medeniýetiniň täsiri güýçli bolansoň, mesihçilere sowatsyz hem gowşak adamlar hökmünde garaýardylar. Ýehudylar Petrus we Ýahýa resuly «sada we bilimsiz» hasaplaýardylar, Isanyň şägirtlerine-de şeýle garaýardylar (Res. 4:13). Mesihçiler ne syýasy işlere goşulýardylar, ne-de harby işlere gatnaşýardylar, şol sebäpli olary ejiz, ile-güne goşulmaýan adamlar hasaplaýardylar. I asyrdaky mesihçiler özüni ýigrenýän adamlardan gorkdularmy? Ýok. w20.07 sah. 14, 15, abz. 3, 4

25-nji aprel, duşenbe

Mundan beýläk⁠-⁠de birek-biregi söýeliň! Sebäbi söýgi Hudaýdandyr. Söýýän adam Hudaýyň çagasydyr we Hudaýy tanaýandyr (1 Ýah. 4:7).

Ýahýa resulyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan hatlaryny okanymyzda, onuň dogan-uýalary söýendigini we imanlaryny berkitmek isländigini bilýäris. Ýahýa resul ýaly berk imanly adamlaryň gökde Isa Mesih bilen höküm sürjekdigine örän begenýäris! (1 Ýah. 2:27). Geliň, Ýahýa resulyň beren maslahatlaryna sowuk-sala garamalyň, hakykat ýolunda ýöräliň we her bir ýagdaýda Ýehowa gulak asyp ýaşalyň. Hudaýyň Sözüni okap, ýazylan zatlaryň hakykatdygyna ynamly bolalyň. Isa pygambere iman edeliň. Dünýäniň akyldarlygyndan we imandan dänenleriň taglymatlaryndan seresap bolalyň. Ikiýüzli ýaşamalyň we günäli işlere baş goşmalyň. Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşalyň. Göwnümize degen dogan-uýalary ýürekden bagyşlalyň we mätäçleri goldap, hakykat ýolunda ýöremäge kömek edeliň. Şonda nähili kynçylyk bolsa-da, hakykat ýolundan hiç haçan sowulmarys. w20.07 sah. 24, 25, abz. 15—17

26-njy aprel, sişenbe

Hudaý bedeniň her bir agzasyny isleýşi ýaly ýerleşdirdi (1 Kor. 12:18).

Biziň söýgüden doly Ýehowa Hudaýymyz her bir wepaly dogan-uýa ýygnakda uly orun berýär. Biz dürli-dürli borçlary ýerine ýetirsek-de, Hudaý hemmämiziň gadyrymyzy bilýär. Şol sebäpli bizem bir-birimize hormat goýmaly. Pawlus resul Ýehowanyň halkynyň biri-birine hormat goýmalydygyny nygtap geçdi. Biz dogan-uýalara: «Siz maňa gerek däl» diýmekden seresap bolmaly (1 Kor. 12:21). Eger ýygnakda asudalygyň bolmagyny islesek, dogan-uýalaryň gadyryny bileris we olar bilen agzybirlikde işleşeris (Efes. 4:16). Şonda dogan-uýalaryň arasynda söýgi höküm sürer. Ýygnakdaky ähli ýaşulular Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly bellenilýär. Emma olaryň ukyby we ýagdaýy dürli-dürli bolýar (1 Kor. 12:17). Olaryň käbiri ýaňy-ýakynda ýaşuly bellenendir, tejribesi köp däldir. Belki-de, käbir ýaşulularyň saglyk ýagdaýy ýa-da garrylyk sebäpli gujur-gaýraty ýokdur. Ýöne olaryň biri-birine: «Siz maňa gerek däl» diýmäge haky ýokdur. Gaýtam olar Pawlusyň Rimliler 12:10-njy aýatda ýazan maslahatyna gulak asmaly. w20.08 sah. 26, abz. 1, 2; 27, abz. 4

27-nji aprel, çarşenbe

Dünýäniň ýagdaýy üýtgäp durýandyr (1 Kor. 7:31).

Biz Ýehowanyň guramasynyň görkezmesi bilen ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöreýäris. Biz Mukaddes Kitaba esaslanan taglymatlaryň we Hudaýyň kada-kanunlarynyň täzeçe düşündirişini höwes bilen kabul edýäris. Emma guramanyň başga özgerişiklerine nähili garaýarys? Meselem, barýan Ýygnak jaýyňyz satylsa näme? Biz Ýehowa we onuň ýolbaşçylyk edýän guramasy üçin zähmet çekýändigimizi unutmasak, köp şatlyk taparys (Kol. 3:23, 24). Dawut patyşa sadaka bermekde görelde galdyrdy. Ol ybadathananyň gurluşygy üçin öz gaznasyndan pul berip, şeýle diýdi: «Hudaýa sadaka berer ýaly, men kim, halkym kim? Ähli zady sen berýäň ahyryn. Biz saňa öz beren zatlaryňy gaýtaryp berýäris» (1 Tar. 29:14). Aslynda, biz guramanyň işini goldamak üçin sadaka berenimizde, Ýehowanyň beren zatlaryny yzyna gaýtarýarys. Ýehowa biziň berýän wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi gymmat saýýar (2 Kor. 9:7). w20.11 sah. 22, 23, abz. 14—16

28-nji aprel, penşenbe

Buluda seredýän hasyl ormaz (Nes. 11:4).

Biz köp adama Ýehowanyň Şaýady bolmaga kömek etsek-de, «ökde balykçy» bolmaýarys (Luka 8:11—15). Biz hoş habary yhlasly wagyz etsek we adamlara tälim bersek, Ýehowany razy edýäris. Sebäbi gökdäki Atamyza we Ogluna gulak asýarys (Mar. 13:10; Res. 5:28, 29). Biz yhlasly wagyz edýäris, sebäbi soňky günleriň soňky sagatlarynda ýaşaýarys. Adamlary halas etmek işi tamamlanyp barýar! Şonuň üçin şeýle wajyp işi soňa goýmaň, wagyz etmek üçin amatly ýagdaýa garaşmaň. Siz häzirden yhlasly, ökde, batyrgaý we tutanýerli wagyz etmek üçin eliňizde baryny ediň. Siz hem sekiz milliondan gowrak «adam tutýan balykçylaryň» hataryna goşulyň we Ýehowanyň berýän şatlygyny duýuň (Neh. 8:10; Luka 5:10). Ýehowanyň bellän wagtyna çenli yhlasly wagyz ediň. w20.09 sah. 7, abz. 18—20

29-njy aprel, anna

Saňa ynanylan zatlary gorap sakla (1 Tim. 6:20).

Biz baýlyga göz gyzdyrmaly däl. Eger «baýlygyň yşkyna düşsek», Ýehowa bolan söýgümiz sowar, Hudaýyň Sözüniň gymmatyny gaçyrarys we wagyz etmäge islegimiz bolmaz (Mat. 13:22). Biz Ýehowanyň ynanan zatlaryny goraýan bolsak, howply ýagdaýy gören badymyza çalt hereket ederis. Biz filmde, telegepleşikde ýa-da internetde ahlaksyz, zalym we imandan dänenleriň ýaýradýan zatlaryna gözümiz ilende näme etjekdigimizi öňünden oýlanmaly. Eger biz şeýle ýagdaýa taýyn bolsak, derrew hereket ederis we Ýehowa bilen dostlugymyzy bozmarys, ahlak taýdan arassa galarys (Zeb. 101:3; 1 Tim. 4:12). Biz Ýehowanyň ynanan gymmatly zatlaryny, ýagny hakykat bilimini we ony adamlara öwretmegi gymmat saýmaly. Şonda ynsabymyz arassa, durmuşymyz manyly bolar we adamlara Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edip, ýüregimiz şatlykdan dolar. w20.09 sah. 29, 30, abz. 16—19

30-njy aprel, şenbe

Siz Beýik Mugallymy gözüňiz bilen görersiňiz (Işa. 30:20).

Suwa çümdürilen her bir dogan-uýa bütin märekäniň öňünde Ýehowa iman edýändigini we halky bilen oňa gulluk etmek isleýändigini görkezýär. Ýehowa guramasyna ýolbaşçylyk edýär. Biz onuň edýän işlerinden häsiýetlerini, niýetlerini we kada-kanunlaryny görýäris. Ýehowanyň üç häsiýeti hakda oýlanyň. Birinjiden, Ýehowa hiç kimi ala tutmaýan Hudaýdyr (Res. 10:34). Allatagala adamlary söýýändigi üçin Ogluny «töleg hökmünde» gurban berdi (1 Tim. 2:6; Ýah. 3:16). Ýehowa halkyna ähli adamlara wagyz etmegi tabşyrýar. Şeýlelikde, ol hoş habary diňleýän we töleg gurbana iman edýän adamlara halas bolmaga mümkinçilik berýär. Ikinjiden, Ýehowa tertip-düzgüni we parahatlygy halaýan Hudaýdyr (1 Kor. 14:33, 40). Şonuň üçin onuň halkynyň arasynda tertip-düzgün we agzybirlik höküm sürýär. Üçünjiden, Ýehowa Beýik Mugallymdyr (Işa. 30:21). Şol sebäpli ol guramasy arkaly bize bilim berýär, wagyz etmäge kömek edýär. w20.10 sah. 20, abz. 1—3

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş