Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es22 sah. 47—57
  • Maý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maý
  • Her günki aýady okalyň — 2022
  • Sözbaşylar
  • 1-nji maý, ýekşenbe
  • 2-nji maý, duşenbe
  • 3-nji maý, sişenbe
  • 4-nji maý, çarşenbe
  • 5-nji maý, penşenbe
  • 6-njy maý, anna
  • 7-nji maý, şenbe
  • 8-nji maý, ýekşenbe
  • 9-njy maý, duşenbe
  • 10-njy maý, sişenbe
  • 11-nji maý, çarşenbe
  • 12-nji maý, penşenbe
  • 13-nji maý, anna
  • 14-nji maý, şenbe
  • 15-nji maý, ýekşenbe
  • 16-njy maý, duşenbe
  • 17-nji maý, sişenbe
  • 18-nji maý, çarşenbe
  • 19-njy maý, penşenbe
  • 20-nji maý, anna
  • 21-nji maý, şenbe
  • 22-nji maý, ýekşenbe
  • 23-nji maý, duşenbe
  • 24-nji maý, sişenbe
  • 25-nji maý, çarşenbe
  • 26-njy maý, penşenbe
  • 27-nji maý, anna
  • 28-nji maý, şenbe
  • 29-njy maý, ýekşenbe
  • 30-njy maý, duşenbe
  • 31-nji maý, sişenbe
Her günki aýady okalyň — 2022
es22 sah. 47—57

Maý

1-nji maý, ýekşenbe

Isa ene-atasynyň... aýdan-diýeninden çykmady (Luka 2:51).

Isa ene-atasyna gulak asýan akyllyja çagady. Ol özüni köp bilýän, düşünjeli hasaplamady we ene-atasynyň berýän öwüt-ündewini äsgermezçilik etmedi. Isa çagalaryň iň ulusy bolansoň, maşgalasynyň aladasyny etmelidigine düşünýärdi. Ol kakasy Ýusupdan ussaçylygy öwrenmek üçin köp zähmet çeken bolmaly. Indi Isa ejesiniň, jigileriniň aladasyny edip bilýärdi. Merýem bilen Ýusup Isanyň gudrat bilen dünýä inendigini we perişdeleriň aýdan sözlerini gürrüň beren bolmaly (Luka 2:8—19, 25—38). Emma Isa munuň bilen çäklenmän, Töwrady okaýar we çuňňur özleşdirýär. Biz muny nireden bilýäris? Isa 12 ýaşynda Iýerusalime baranda, ybadathanadaky mugallymlar onuň «düşünjesine we berýän jogaplaryna haýran galdylar» (Luka 2:46, 47). Isa eýýäm çagalygyndan Mukaddes Kitabyň esasynda öz Atasynyň Ýehowadygyny bildi (Luka 2:42, 43, 49). w20.10 sah. 29, 30, abz. 13, 14

2-nji maý, duşenbe

Mesih direldi (1 Kor. 15:12).

Direlişe berk umyt etmek üçin Isanyň direlendigine iman etmeli. Pawlus resul hatynda direliş barada üç hakykaty belläp geçdi: Isa Mesih biziň «günälerimiz üçin öldi», ol «jaýlandy» we pygamberlik edilişi ýaly «üçünji gün direldi» (1 Kor. 15:3, 4). Biz Isa pygamberiň ölümi, jaýlanmagy we direlmegi hakda näme üçin bilmeli? Işaýa pygamber Isa Mesihiň «ýagty jahandan ýok ediljekdigini» we «oňa erbetleriň ýanynda gabyr gazyljakdygyny» aýtdy. Mundan başga-da, ol Isa Mesihiň «köp adamlaryň günäsini öz boýnuna aljakdygyny» pygamberlik etdi. Şol sebäpli Isa şirin janyny gurban etdi (Işa. 53:8, 9, 12; Mat. 20:28; Rim. 5:8). Ol bizi günäden hem ölümden azat etdi we ölen dogan-garyndaşlarymyz bilen görüşmäge umyt berdi. w20.12 sah. 2, 3, abz. 4—6; sah. 5, abz. 11

3-nji maý, sişenbe

Ynsan bedenine buýsanmaly bolsam, men buýsanmaly. Eger biri bedenine buýsanmaga haky bardyr öýtse, onda meniň hakym has köpdür (Flp. 3:4).

Pawlus resul köplenç ýehudylaryň sinagogasynda wagyz edýärdi. Meselem, ol Selanik şäheriniň sinagogasynda «üç hepdeläp Sabat güni (ýehudylar bilen) mukaddes kitaplar barada söhbetdeş boldy» (Res. 17:1, 2). Pawlus sinagogada arkaýyn wagyz edýärdi, sebäbi ol ýehudydy (Res. 26:4, 5). Ol ýehudylaryň ýagdaýyna düşünip, ynam bilen gürrüň bererdi (Flp. 3:5). Pawlus güýçli yzarlamalar sebäpli Selanige, soňra Weriýa gaçyp gidýär. Şeýlelikde, ol Afina baryp, ýene-de «sinagogadaky ýehudylar we Hudaýa sežde edýän beýleki adamlar bilen söhbetdeş bolýar» (Res. 17:17). Pawlus bazardaky adamlara-da wagyz edýär. Ony diňleýänleriň arasynda filosoflar we başga milletli adamlar bardy. Olaryň garaýşy Pawlusyň sinagogada wagyz eden adamlarynyňkydan düýbünden tapawutlanýardy. Pawlusyň aýdýan habaryny olar öň eşitmändiler, şonuň üçin: «Sen geň-taň zatlary gürrüň berýäň» diýýärler (Res. 17:18—20). w20.04 sah. 9, abz. 5, 6

4-nji maý, çarşenbe

Dogry zat etjek bolanymda, erbetlik peýda bolýar (Rim. 7:21).

Erbet endikleriňiz bilen göreşeniňizde özüňizi çendenaşa günäkärlemeli däl. Hawa, biziň ählimiz ýalňyşlyk goýberýäris we hiç haçan öz güýjümiz bilen dogruçyl adam bolup bilmeýäris. Ýöne Ýehowanyň beren töleg gurbanyna iman etsek, dogruçyl adam bolup bileris (Efes. 1:7; 1 Ýah. 4:10). Dogan-uýalardan hem kömek soraň. Eger biz gaýgy-aladalarymyzy dogan-uýalara aýtsak, olar bizi diňlärler we ýagşy sözler aýdyp göwünlik bererler (Nak. 12:25; 1 Sel. 5:14). Nigeriýada ýaşaýan Joý uýa göwnüçökgünlikden ýaňa ejir çekýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalar bolmasa nämeler ederdim! Ýehowa dogan-uýalar arkaly meniň dogalaryma jogap berýär. Men olardan göwnüçökgünlige düşen dogan-uýalary goldamagy öwrendim». Eger dogan-uýalara gaýgy-aladamyzy, derdimizi aýtmasak, olar ýagdaýymyzy nädip bilsin?! Nädip kömek etsin?! Şol sebäpli imany berk dogan-uýalara derdimizi aýtmaly we olardan kömek soramaly. w20.12 sah. 23, 24, abz. 7, 8

5-nji maý, penşenbe

Men size dostlarym diýýärin (Ýah. 15:15).

Biri bilen dost bolmak üçin, onuň bilen köp wagtyňy bile geçirmeli. Siz biri-biriňize pikiriňizi we duýgyňyzy aýtsaňyz, ýakyn dost bolarsyňyz. Ýöne Isa bilen dostlaşmak kyn bolup biler. Sebäbi biz Isany görmedik. I asyrda ýaşan köp mesihçiler hem Isany görmändiler. Muňa garamazdan, Petrus resul: «Siz Mesihi hiç haçan görmeseňiz-de, ony söýýärsiňiz. Siz ony häzirem görmeýärsiňiz, ýöne oňa iman edýärsiňiz» diýdi (1 Pet. 1:8). Diýmek, Isany görmesek-de, onuň bilen dostlaşyp bileris. Şeýle-de biz Isa bilen gürrüňdeş bolup bilmeýäris. Biz doga arkaly Ýehowa bilen gepleşýäris. Hawa, biz Isanyň ady bilen doga edýäris, ýöne Isa ýüzlenmeýäris. Isanyň özi hem muny islemeýär. Näme üçin? Sebäbi doga seždäniň bir bölegi hasaplanýar we diňe Ýehowa sežde etmeli (Mat. 4:10). Ýöne şonda-da Isa pygamberi söýüp bileris. w20.04 sah. 20, abz. 1—3

6-njy maý, anna

Hudaý sizi... berkider, güýç berer (1 Pet. 5:10).

Gadymy Gresiýada ylgaw ýaryşyna gatnaşýan türgenler ýadasalar-da, agyry-ynjy duýsalar-da çydamly ylgaýardylar. Munuň üçin olar köp türgenleşýärdiler we öz güýjüne bil baglaýardylar. Biz hem şol türgenler ýaly, ýaşaýyş ýolundan nädip ylgamalydygyny öwrenýäris. Ýöne biziň olardan tapawudymyz bar. Bize çäksiz güýjüň eýesi Ýehowa Hudaý güýç berýär. Hawa, Ýehowa bil baglasak, ol bize diňe bir tälim bermän, eýsem güýç berjegini söz berýär. Pawlus resul ençeme kynçylyklary başdan geçirdi. Pawlusyň üstünden gülüp kemsitdiler, yzarladylar. Şeýle-de ol ejizliklerine-de, ýagny «bedenindäki tikene» döz gelmeli bolýardy (2 Kor. 12:7). Pawlus kyn ýagdaýda ýan bermegiň deregine, Ýehowa bil baglady (2 Kor. 12:9, 10). Pawlus şeýle garaýyşda bolandygy üçin, Ýehowa oňa kynçylyklaryna döz gelmäge kömek etdi. w20.04 sah. 29, abz. 13, 14

7-nji maý, şenbe

Atam getirmese, hiç kim meniň ýanyma gelip bilmez (Ýah. 6:44).

Ýehowa we onuň guramasynyň gökdäki bölegi bilen işleşmek göze görünmeýän sowgatlarynyň biri (2 Kor. 6:1). Biz şägirt taýýarlamak işine gatnaşanymyzda Ýehowa, Isa we perişdeler bilen işleşýäris. Pawlus resul özi barada we bu işe gatnaşýanlar hakda şeýle diýdi: «Biz Hudaýyň işdeşleri» (1 Kor. 3:9). Wagyz işine gatnaşanymyzda, Isa bilen işleşmäge mümkinçiligimiz bolýar. Isa şägirtlerine «ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýen tabşyrygyny berende: «Men... siziň bilen bolaryn» diýdi (Mat. 28:19, 20). Perişdeler bu işi ýerine ýetirmekde uly orun tutýar. Perişdeleriň «ýerde ýaşaýanlaryň ählisine... ebedi hoş habary yglan etmekde» berýän kömegi, gör, nähili uly bereket! (Ylh. 14:6). Biz Patyşalyk tohumyny ekenimizde, olaryň käbiri mes topraga düşüp ösüp başlaýar (Mat. 13:18, 23). Isa şu günki aýatda aýdyşy ýaly, Ýehowa adamyň ýüregine ekilen hakykat tohumyny ösdürýär we miwe berer ýaly edýär. w20.05 sah. 30, abz. 14, 15

8-nji maý, ýekşenbe

Mundan beýläk şu dünýäniň täsirine düşmäň (Rim. 12:2).

Şu günler söýginiň sowandygy üçin millionlarça maşgala ojagy dargaýar. Çagalar ene-atasynyň söýgüsine zar bolýarlar. Käbir är-aýallar aýrylyşmasalar-da, özlerini keseki ýaly alyp barýarlar. Bir psiholog şeýle diýýär: «Ejeler, kakalar we çagalar biri-biri bilen gürleşmegiň deregine, köp wagtyny kompýutere, planşete, telefona ýa-da wideo oýunlaryna güýmenip geçirýärler. Olar bir öýde ýaşasalar-da biri-birini gowy tanamaýarlar». Biz Şeýtanyň dünýäsindäki biri-birini söýmeýän adamlaryň täsirine düşmeli däl. Biz diňe bir dogan-garyndaşlarymyzy söýmek bilen çäklenmän, imandaşlarymyza hem doganlyk söýgüsini bildirmeli (Rim. 12:10). «Doganlyk söýgi» diýlende, dogan-garyndaşlaryň arasyndaky mähirli we dostlukly gatnaşyk göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin biz imandaşlarymyzy öz süýtdeş doganymyz ýaly söýmeli. Eger şeýle etsek, Hudaýyň halkynyň arasynda agzybirligiň bolmagyna goşant goşarys (Mik. 2:12). w21.01 sah. 20, abz. 1, 2

9-njy maý, duşenbe

Bütin kalbym bilen senden gorkaýyn (Zeb. 86:11).

Sport toparynyň agzalary agzybir bolsa köp üstünlik gazanyp biler. Ýüregiňiziň agzybir topar ýaly bolmagyny isleseňiz bar pikiriňiz, islegiňiz we duýgularyňyz bilen Ýehowa gulluk ediň. Şeýtanyň ýüregiňizi bölmek isleýändigini unutmaň. Ol siziň Ýehowanyň kanunlaryna däl-de, öz pikiriňize, islegiňize we duýgularyňyza eýermegiňizi isleýär. Ýöne Ýehowa bölünmedik ýürek bilen gulluk etmeli (Mat. 22:36—38). Şonuň üçin Şeýtana ýüregiňizi bölmäge hiç haçan ýol bermäň! Dawut ýaly, Ýehowa şeýle doga ediň: «Bütin kalbym bilen adyňdan gorkaýyn». Eden dogaňyza görä ýaşamak üçin jan ediň. Uly bolsun, kiçi bolsun, her gün gelýän kararlaryňyzdan Ýehowanyň mukaddes adyna çuňňur hormat goýýandygyňyz görünsin. Şonda Ýehowanyň Şaýatlary hökmünde onuň adyny şöhratlandyrarys (Nak. 27:11). Biziň ählimiz Mikaý pygamberiň aýdan şu sözlerine goşularys: «Biz bolsa elmydama we ebedilik Hudaýymyz Ýehowanyň ady bilen ýöräris» (Mik. 4:5). w20.06 sah. 13, abz. 17, 18

10-njy maý, sişenbe

Ol köp adamlary gyryp, ýoguna çykmak üçin gahar-gazaba müner (Dan. 11:44).

Demirgazyk patyşasy bilen beýleki hökümetler Hudaýyň halkyna topulanda, Gudratygüýçli Hudaýyň gahary geler we Armageddon urşy başlar (Ylh. 16:14, 16). Şol wagt demirgazyk patyşasy we «Mäjit ýurdundaky Äjidiň» bir bölegi bolan beýleki patyşalar heläk ediler. Şonda olaryň «dadyna ýetişjek bolmaz» (Dan. 11:45). Danyýar 12:1-de demirgazyk patyşasynyň we onuň tarapdarlarynyň soňuna çykyljakdygy we biziň nädip halas boljakdygymyz barada jikme-jik beýan edilýär. Bu aýatdaky sözler nämäni aňladýar? Patyşamyz Isa Mesihe Mikaýyl hem diýilýär. Ol 1914-nji ýylda gökde Hudaýyň Patyşalygy berkarar edilenden bäri, Ýehowanyň gullukçylary üçin «aýaga galýar». Tizden ol Armageddon söweşinde ýene-de aýaga galar, ýagny duşmanlary ýok etmek üçin aýgytly hereket eder. Şol söweş barada Danyýar pygamber: «Şonda halklar döräli bäri, görlüp-eşidilmedik agyr döwür bolar» diýdi (Ylh. 6:2; 7:14). w20.05 sah. 15, 16, abz. 15—17

11-nji maý, çarşenbe

Ýusuby Müsüre eltdiler (1 Mus. 39:1).

Ýusup gul bolanda-da, türmede oturanda-da, islän zadyny edip ýa-da islän ýerine gidip bilmeýärdi. Ýusuba göwnüçökgünlige düşmezlige näme kömek etdi? Ol başarmajak zadyny däl-de, özüne tabşyrylan işleri etdi. Ol Ýehowany Arkadagy hasaplady we ýürekden bil baglady. Ýehowa hem ony hemişe goldady we bereket berdi (1 Mus. 39:21—23). Ýusubyň döwründe bolşy ýaly, biz hem zalym we adalatsyz adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Hatda dogan-uýalar hem göwnümize degip, ýüregimize ýara salyp bilerler. Emma biz Ýehowany Galamyz, Arkadygymyz, Penamyz hasaplasak, göwnüçökgünlige düşmeris we Ýehowa wepaly bolarys (Zeb. 62:6, 7; 1 Pet. 5:10). Ýadyňyzda bolsa, Ýusup 17 ýaşlarynda pygamberlik düýşlerini görýär. Ýehowa şu günlerem ýaşlara hormatly işleri tabşyrýar. Ýusup ýaly ýaş oglan-gyzlar Ýehowa iman edýärler. Olaryň käbirini türmä bassalar-da, Ýehowa wepaly galýarlar (Zeb. 110:3). w20.12 sah. 16, abz. 3; sah. 17, abz. 5, 7

12-nji maý, penşenbe

Resullary çagyryp, gamçylap urdular we Isanyň ady hakda wagyz etmezligi tabşyrdylar (Res. 5:40).

Petrus bilen Ýahýany Isanyň şägirdi bolandyklary üçin yzarlaýardylar. Emma olar Isa hakda wagyz edýändigine utanmaýardylar (Res. 4:18—21; 5:27—29, 41, 42). Sebäbi Isanyň şägirtleri utanar ýaly hiç hili erbet iş etmediler. Aslynda, olar özlerini yzarlan duşmanlaryna garanyňda, adamlara köp ýagşy işleri etdiler. Meselem, şägirtleriň käbiri Hudaýyň ylhamy bilen Injili ýazdylar. Şol kitap şu günlere çenli millionlarça adamlara maslahat berip, gelejege umyt döretdi. Olaryň wagyz eden Patyşalygy gökde berkarar edildi we tizden bütin ýer ýüzünde höküm sürüp başlar (Mat. 24:14). Mesihçileri yzarlan adamlar, hökümetler ýok bolup gitdi. Isa Mesihe wepaly mesihçiler bolsa häzir gökde Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürýärler. Olaryň duşmanlary gara topraga siňip gitdi. Hudaý olary direlden ýagdaýynda-da, olar öň ýigrenýän adamlarynyň Patyşalygyna tabyn bolmaly bolarlar (Ylh. 5:10). w20.07 sah. 15, abz. 4

13-nji maý, anna

Ybraýym pygamber... Hudaýyň gurjak we döretjek berk binýatly şäherine garaşýardy (Ýew. 11:10).

Ybraýym Ýehowanyň beren wadasyna berk iman edýärdi. Ol Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy boljak Mesihi öz gözi bilen gören ýalydy. Şol sebäpli Isa ýehudylara: «Ybraýym ataňyz meniň geljek günüme sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Ol şol güni göz öňüne getirip begendi» diýdi (Ýah. 8:56). Hawa, Ybraýym Ýehowanyň Patyşalygynda öz nesliniň hökümdarlyk etjekdigini bilýärdi. Ol Ýehowanyň wadasynyň ýerine ýetmegine sabyrly garaşdy. Ybraýym «şähere», ýagny Hudaýyň berkarar eden Patyşalygyna garaşýandygyny nädip görkezdi? Ol hiç bir patyşalygyň raýaty bolmady. Ybraýym pygamber çarwa bolup ýaşady, bir ýerde mesgen tutmady, hiç bir halka goşulmady we öz patyşalygyny gurjak bolmady. Gaýtam ol Ýehowa gulak asyp, onuň wadasynyň ýerine ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Şeýdip, Ybraýym Ýehowa berk iman edýändigini subut etdi. w20.08 sah. 3, abz. 4, 5

14-nji maý, şenbe

Ölen adam günäden azat bolýar (Rim. 6:7).

Ýehowa Isa Mesihiň hökümdarlyk etjek döwründe hiç bir adamyň kesellemejekdigini wada berýär (Işa. 33:24). Şol sebäpli direljek adamlaryň ählisi tut ýaly sagdyn bolarlar. Ýöne olar direlen badyna kämil bolar diýip pikir etmeli däl. Ýogsa olary dogan-garyndaşlary tanap bilmez. Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda ähli adamlar ýuwaş-ýuwaşdan kämil bolarlar. Isa özüne tabşyrylan işi doly ýerine ýetirip, bütin adamzady kämillige ýetirer. Müňýyllygyň soňunda Isa Patyşalygy Atasyna tabşyrar (1 Kor. 15:24—28; Ylh. 20:1—3). Göz öňüne getiriň, ölen dogan-garyndaşlaryňyz direlende, olary gujak açyp garşy alýarsyňyz. Şonda siz begenjiňizden ýaňa gülersiňizmi ýa-da aglarsyňyz? Ýa-da ýüregiňiz joşup, Ýehowany şöhratlandyryp aýdym aýdarsyňyzmy? Ölen dogan-garyndaşlarymyzy direldendigi üçin söýgüden doly, aladaçyl Atamyza we janyny gaýgyrmadyk Ogluna çäksiz minnetdar bolarys. w20.08 sah. 16, abz. 9, 10

15-nji maý, ýekşenbe

Her kimiň Hudaýdan alan ukyby bar: käbiri maşgala gursa, beýlekileri gurmaýar (1 Kor. 7:7).

Pawlus resul mesihçileri maşgala gurman Ýehowa köpräk gulluk etmäge höweslendirýär (1 Kor. 7:8, 9). Elbetde, ol durmuş gurmadyklary äsgermezçilik etmeýär. Gaýtam ol öýlenmedik ýaş Timoteosa jogapkärli borçlary ynanýar (Flp. 2:19—22). Doganlaryň öýlenendigine ýa-da sallahdygyna seredip, ýygnakda jogapkärli borjy ýerine ýetirip biler ýa-da bilmez diýip pikir etmek nädogry bolar (1 Kor. 7:32—35, 38). Isa pygamber-de, Pawlus resul-da mesihçiler hökman durmuş gurmaly ýa-da durmuş gurmaly däl diýmedi. «Garawul diňiniň» 2012-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda çykan sanynda şeýle diýilýär: «Biz durmuş gurmaklyga we sallahlyga Allanyň berýän sowgady hökmünde garamaly... Ýehowa durmuş gurmaýanlaryň utanmagyny ýa-da özüni bagtsyz duýmagyny islemeýär». Şonuň üçin biz hem ýygnakdaky durmuş gurmadyk uýalara we sallah doganlara uly hormat goýmaly. w20.08 sah. 28, abz. 8, 9

16-njy maý, duşenbe

Şol güni we sagady hiç kim... bilýän däldir, diňe Ata bilýändir (Mat. 24:36).

Käbir ýurtlarda adamlar Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary höwes bilen diňleýärler. Olar şeýle hoş habara bütin ömrüne garaşandyrlar! Emma käbir ýurtlarda adamlar Hudaý ýa-da Mukaddes Kitap hakda onçakly gyzyklanmaýarlar. Siziň ýurduňyzda adamlar hoş habary diňleýärmi? Adamlar hoş habara nähili seslenseler-de, Ýehowa iş tamamlandy diýýänçä, Ol biziň yhlasly wagyz etmegimizi isleýär. Ýehowanyň bellän wagtynda wagyz işi tamamlanar, «soňra dünýäniň soňy geler» (Mat. 24:14). Isa pygamber soňky günlerde nähili wakalaryň we ýagdaýlaryň boljakdygyny aýtdy. Ol şol zatlaryň şägirtleriniň ünsüni wagyz işinden sowjakdygyny bilýärdi we olara «oýa bolmagy» duýdurdy (Mat. 24:42). Şu günler Nuh pygamberiň döwrüne meňzeýär, sebäbi adamlar onuň aýdan habaryna gulak asman, durmuşyň gaýgy-aladasy bilen ýaşadylar. Biz hem şeýle ýagdaýdan seresap bolmaly (Mat. 24:37—39; 2 Pet. 2:5). Geliň, Ýehowanyň tabşyran wajyp işini unutmaz ýaly jan edeliň. w20.09 sah. 8, abz. 1, 2, 4

17-nji maý, sişenbe

Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisi yzarlanar (2 Tim. 3:12).

Şeýtan Hudaýyň halkyna «güýçli gahar-gazap bilen» topulýar. Şol sebäpli: «Şeýtan maňa zyýan ýetirip bilmez» diýsek, öz-özümizi aldaýarys (Ylh. 12:12). Gelejekde biziň her birimiziň Hudaýa wepalylygymyz synalar. Tizden «şeýle bir uly betbagtçylyk bolar, ol dünýä döräli bäri şu güne çenli» hiç haçan bolan däldir (Mat. 24:21). Belki, şol döwür maşgala agzalarymyz bize garşy çykar ýa-da wagyz işimiz gadagan ediler (Mat. 10:35, 36). Şonda biz Asa patyşa ýaly Ýehowa bil baglarysmy? Onuň kömek etjekdigine we goldajakdygyna ynanarysmy? (2 Tar. 14:11). Ýehowa biziň imanymyzy berkidip, parahatlygyň tamamlanjak döwrüne taýýarlaýar. Munuň üçin ol «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny» berýär (Mat. 24:45). Emma biziň özümiz hem sarsmaz imanymyz bolar ýaly elimizde baryny etmeli (Ýew. 10:38, 39). w20.09 sah. 18, abz. 16—18

18-nji maý, çarşenbe

Patyşanyň ýüregi Ýehowanyň elinde akar suw ýalydyr, ony islän ugruna akdyrýandyr (Nak. 21:1).

Ýehowa mukaddes ruhy arkaly ygtyýarly adamlara Öz niýetini amala aşyrmaga höweslendirýär. Adamlar suwy gerekli ýere akdyrmak üçin ýaplar gazýarlar. Edil şonuň ýaly, Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin mukaddes ruhy arkaly hökümdarlaryň ýüregini ýumşadyp, öz halkynyň bähbidi üçin karar çykardýar (Hydyr 7:21, 25, 26-njy aýatlary deňeşdiriň). Biz näme edip bileris? Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň durmuşyna täsir etjek kararlary çykarýan «patyşalar we ýokary wezipeli adamlar» üçin doga etmeli (1 Tim. 2:1, 2; Neh. 1:11). I asyrdaky mesihçiler ýaly, biz türmede oturan dogan-uýalar üçin hemişe Ýehowa ýalbarmaly (Res. 12:5; Ýew. 13:3). w20.11 sah. 15, abz. 13, 14

19-njy maý, penşenbe

Ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary... suwa çümdüriň (Mat. 28:19).

Mukaddes Kitapdan okuw geçýäniňiz suwa çümdürilende, begenjiňizden ýaňa guş bolup uçaýjak bolansyňyz. Oňa diňe okuw geçen wagyzçy däl, ýygnakdaky ähli dogan-uýalar «buýsanýar we guwanýar» (1 Sel. 2:19, 20). Soňky dört ýylyň dowamynda bütin dünýäde her aý on milliona golaý adam Mukaddes Kitapdan okuw geçdi. Şol ýyllaryň dowamynda her ýyl 280 000-den gowrak adam suwa çümdürilip, Isa Mesihiň şägirdi boldular. Biz Mukaddes Kitapdan okuw geçýän millionlarça adamlara Ýehowanyň Şaýady bolmaga nädip kömek edip bileris? Ýehowanyň sabyrly garaşýandygy üçin her bir adamyň Isa Mesihiň şägirdi bolmaga mümkinçiligi bar. Biz okuw geçýänlerimize suwa çümdürilmäge kömek etmek üçin jan etmeli. Sebäbi az wagt galdy (1 Kor. 7:29a; 1 Pet. 4:7). w20.10 sah. 6, abz. 1, 2

20-nji maý, anna

Hudaý tekepbirlere garşy çykýar, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýär (Ýak. 4:6).

Şawul patyşa Ýehowa gulak asmaýar. Şamuwel pygamber Şawula eden günäsini ýüzüne aýdanda, ol özüni aklap, goýberen ýalňyşyny boýun almaýar we günäsini başgalaryň üstüne atýar (1 Şam. 15:13—24). Patyşa öň hem bir sapar Hudaýa gulak asmaýar (1 Şam. 13:10—14). Gynansak-da, patyşa ýüreginde tekepbirligiň kök urmagyna ýol berdi. Ol nädogry pikirini düzetmedi, Ýehowa hem gaharlanyp, ondan ýüz öwürdi. Biz Şawul ýaly tekepbir bolmazlyk üçin özümize şeýle soraglary bermeli: «Men Hudaýyň Sözündäki maslahatlary okanymda, nädogry garaýşymy aklaýarynmy? Ýalňyşlyk goýberenimde, günä etmedim diýip öz-özümi köşeşdirýärinmi? Eden ýalňyşlygymy başgalaryň üstüne atýarynmy?» Eger siz şu soraglaryň ýekejesine «hawa» diýip jogap berýän bolsaňyz, onda pikiriňizi we garaýşyňyzy düzediň. Ýogsam tekepbirlik ýüregiňizde kök urar, Ýehowa hem siziň bilen dost bolmaz. w20.11 sah. 20, abz. 4, 5

21-nji maý, şenbe

Heniz agyr günleriň gelmänkä, «durmuşyň mazasy gaçdy» diýjek ýyllaryň gelmänkä... Ýaradany ýatla (Nes. 12:1, 2).

Ýaşlar, kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň. Siziň özüňiz Ýehowanyň hak Hudaýdygyna göz ýetirmeli, niýetlerine we sizden näme isleýändigine düşünmeli (Rim. 12:2). Şonda siz durmuşda iň wajyp karara gelip, Ýehowa gulluk etmegi saýlarsyňyz (Ýuşa 24:15). Mukaddes Kitaby her gün okasaňyz we şahsy okuw geçirseňiz, imanyňyz berk bolar, Ýehowa bolan söýgiňiz sowamaz. Ýehowa gulluk etmegi birinji ýerde goýuň. Şeýtanyň dünýäsi ukybyňy öz bähbidiň üçin ulansaň, bagtly bolarsyň diýen pikiri öňe sürýär. Aslynda, baýamak isleýän adamlar «köp görgi görýärler» (1 Tim. 6:9, 10). Eger siz Ýehowa gulak assaňyz we oňa gulluk etmegi birinji ýerde goýsaňyz, paýhasly karara gelersiňiz, bagtly ýaşarsyňyz (Ýuşa 1:8). w20.10 sah. 30, 31, abz. 17, 18

22-nji maý, ýekşenbe

Men Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary... wagyz etmeli, sebäbi men şonuň üçin geldim (Luka 4:43).

I asyrda Isa pygamberiň wagyz eden hoş habary ähli adamzada ýagty gelejege umyt berýärdi. Ol şägirtlerine özüniň başlan işini dowam etmegi we «bütin ýer ýüzünde... wagyz etmegi» tabşyrdy (Res. 1:8). Elbetde, olar öz güýji bilen şeýle işi başaryp bilmezdiler. Olar Isanyň wada beren «kömekçisini», ýagny mukaddes ruhy aldylar (Ýah. 14:26; Zek. 4:6). Isanyň şägirtleri b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost baýramynda wada berlen mukaddes ruhy aldylar. Olar mukaddes ruhuň kömegi bilen wagyz edip başladylar we az wagtyň içinde müňlerçe adamlar hoş habara seslendiler (Res. 2:41; 4:4). Şägirtler yzarlansalar-da gorkmadylar, gaýtam Hudaýdan kömek soradylar. Olar Ýehowa doga edip: «Bize sözüňi batyrgaý wagyz etmäge kömek et» diýip ýalbardylar. Soňra olaryň «ählisi mukaddes ruhdan dolup, Hudaýyň sözüni batyrgaý wagyz edip başladylar» (Res. 4:18—20, 29, 31). w20.10 sah. 21, abz. 4, 5

23-nji maý, duşenbe

Mukaddes kitaplarda aýdylyşy ýaly, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi. Soňra... direldi (1 Kor. 15:3, 4).

Biz näme üçin Ýehowanyň Isany direldendigine ynanmaly? Isanyň direlendigini gözi bilen gören adamlar bardy (1 Kor. 15:5—7). Pawlus resulyň ýazan hatyndan görnüşi ýaly, Isa ilki bilen Petrusa (Kifa) göründi. Isanyň Petrusa görnendigini beýleki şägirtler hem tassykladylar (Luka 24:33, 34). Isa ilki resullaryna, soňra «bir wagtda 500-den gowrak doganlara göründi». Belki-de, Pawlus şu sözleri Matta 28:16—20-nji aýatlara salgylanyp aýdandyr. Şeýle-de Isa inisi Ýakuba hem görünýär. Ýakup Isa iman etmeýärdi, ýöne onuň direlendigini görende iman edýär (Ýah. 7:5). Pawlus şu hatyny takmynan b. e. 55-nji ýylynda ýazan bolmaly. Şol wagt Isany gören şägirtleriň köpüsi heniz diridi. Hawa, Isanyň direlendigine hiç hili şübhe ýokdy! w20.12 sah. 3, abz. 5, 7, 8

24-nji maý, sişenbe

Syrkawlanda Ýehowa goldar (Zeb. 41:3).

Köp ýyldan bäri agyr keselden ejir çekýän adamlar derrew göwnüçökgünlige düşýärler. Şu günler Ýehowa adamlary keselinden sagaltmaýar, ýöne döz geler ýaly güýç hem göwünlik berýär (Zeb. 94:19). Meselem, Ýehowa dogan-uýalary öýümiziň işlerine kömekleşmäge ýa-da biziň bilen doga-dileg etmäge höweslendirer. Şeýle-de Ýehowa Mukaddes Kitapdan teselli beriji aýatlary ýadymyza salar we keselsiz, kynçylyksyz täze dünýäde ýaşajakdygymyzy ýatladar (Rim. 15:4). Käte biz köpräk wagyz edip bilmeýändigimiz üçin ruhdan düşýäris. Meselem, Lorel uýa dem almak üçin demir apparatyň içinde 37 ýyllap ýatmaly boldy. Onuň rak hem deri keseli bardy we birnäçe agyr operasiýalary geçirdi. Uýa agyr keseline garamazdan, adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etdi. Öýüne gelen lukmanlara, şepagat uýalaryna wagyz edýärdi. Uýa 17-ä golaý adama Ýehowanyň Şaýady bolmaga kömek etdi. w20.12 sah. 24, abz. 9; sah. 25, abz. 12

25-nji maý, çarşenbe

Ýehowa meniň tarapymda, men gorkmaryn. Ynsan maňa näme edip biler? (Zeb. 118:6).

Pawlus resulyň janyna howp abanýardy. Takmynan b. e. 56-njy ýylynda Pawlus Iýerusalimdäki ybadathana barýar. Şonda uly märeke Pawlusyň daşyna üýşüp, ony ybadathanadan süýräp çykarýarlar we öldürjek bolýarlar. Ertesi gün Pawlusy Mejlise getirýärler. Duşmanlar ony tüýt-müýt etmäge taýyndylar (Res. 21:30—32; 22:30; 23:6—10). Belki-de, ol: «Men mundan artyk çydap bilerinmi?» diýip oýlanandyr. Pawlusa nädip kömek etdiler? Pawlus tussag edilen güni gije Isany gördi. Isa onuň ýanyna baryp: «Mert bol! Iýerusalimde men hakda birkemsiz wagyz edişiň ýaly, Rimde-de wagyz etmelisiň» diýdi (Res. 23:11). Isa wagtynda kömege geldi! Ol Pawlusy Iýerusalimde yhlasly wagyz edendigi üçin öwdi. Şeýle-de Isa onuň Rime sag-aman barjakdygyny we ol ýerde-de wagyz etjekdigini aýtdy. Pawlus teselli beriji sözleri eşidende, kakasynyň gujagynda oturan çaga ýaly özüni rahat duýandyr. w20.11 sah. 12, abz. 1, 3; sah. 13, abz. 4

26-njy maý, penşenbe

Şol umyt... janymyzy berk hem ynamly saklaýandyr (Ýew. 6:19).

Gelejege bolan umydymyz «labyr kimin janymyzy berk... saklar» we howsala düşmezlige kömek eder. Ýehowanyň beren wadalary hakda oýlansak, erbet pikirlerimiz zym-zyýat bolar (Işa. 65:17). Şonuň üçin özümizi parahatlygyň mekany bolan Jennetde, gaýgy-aladanyň ýok ýerinde göz öňüne getireliň (Mik. 4:4). Hudaýyň wadalary hakda wagyz etsek hem umydymyzy berk saklap bileris. Şol sebäpli wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşalyň. «Şonda umydymyzy soňuna çenli saklap bileris» (Ýew. 6:11). Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, bizi alada goýjak zatlar hasam köpeler. Biz öz güýjümize däl-de, Ýehowa bil baglasak, howsala düşmeris. Geliň, Ýehowanyň: «Maňa bil baglap, howsala düşmeseňiz güýjüňiz artar» diýen wadasyna berk iman edeliň! (Işa. 30:15). w21.01 sah. 6, 7, abz. 17, 18

27-nji maý, anna

Ýehowa örän mähirli (Ýak. 5:11).

Ýakup 5:11-de Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygy barada hem aýdylýar. Muny bilmek bizi mähriban Hudaýymyza has-da ýakynlaşdyrýar (2 Mus. 34:6). Ýehowa rehimdar Hudaý bolandygy üçin günälerimizi ýürekden bagyşlaýar (Zeb. 51:1). Ýöne Mukaddes Kitaba görä, rehimdarlyk birini bagyşlamakdan has köp zady aňladýar. Rehimdar adam kynçylyk çekýän adama haýpy gelip, ýürekden kömek edesi gelýär. Ýehowanyň bize kömek etmek islegi enäniň balasyna bolan söýgüsinden hem güýçli (Işa. 49:15). Biz kyn güne düşsek, rehimdar Atamyz Ýehowa derrew dadymyza ýetişýär (Zeb. 37:39; 1 Kor. 10:13). Käte dogan-uýalar göwnümize degip biler. Şonda olary ýürekden bagyşlasak, rehimdardygymyzy görkezip bileris (Efes. 4:32). Rehimdar bolsak kyn ýagdaýa düşen dogan-uýalara kömek etmäge taýyn bolarys. Şonda biz mähriban Hudaýymyzyň göreldesine eýerip bileris (Efes. 5:1). w21.01 sah. 21, abz. 5

28-nji maý, şenbe

Mesih... yzyna gyşarnyksyz eýermegiňiz üçin görelde galdyrdy (1 Pet. 2:21).

Maşgalabaşy aşa köp işlemeli däl, ýogsam maşgalasyny ruhlandyrmaga we imanyny berkitmäge, öwüt-ündew bermäge wagty bolmaz. Ýehowa bizi söýýändigi üçin terbiýeleýär we öwüt-ündew berýär (Ýew. 12:7—9). Isa pygamber hem hudaýhon adamlara söýgi bilen görkezme berýär (Ýah. 15:14, 15). Ol düzediş berende hem gödek gürleşmeýär (Mat. 20:24—28). Isa biziň bikämildigimizi we köp ýalňyşýandygymyzy bilýär (Mat. 26:41). Ýehowa bilen Isadan görelde alýan maşgalabaşylar aýalynyň we çagalarynyň bikämildigine düşünýärler. Olar özüni gödek alyp barmaýarlar (Kol. 3:19). Maşgalabaşylar aýaly we çagalary ýalňyşlyk goýberende, «ýumşaklyk bilen düzedýärler» we özleriniň hem ýalňyşýandygyny unutmaýarlar (Gal. 6:1). Ärler Isa ýaly öz göreldesi bilen öwüt-ündew berýärler. w21.02 sah. 6, abz. 16—18

29-njy maý, ýekşenbe

Ähli ynsanlar Ýaha alkyş aýtsyn! (Zeb. 150:6).

Ýehowa ýeke-täk Ogluny gurban edip, dogan-uýalar üçin töleg töledi (Mar. 10:45; Res. 20:28; 1 Kor. 15:21, 22). Ýehowa Isany ýygnagyň başy edip belledi, sebäbi Ýehowa Oglunyň dogan-uýalaryň gowy aladasyny etjegini bilýärdi. Isanyň ýygnaklar hem maşgalalar üçin kanunlary çykarmaga we olary berjaý etmegi talap etmäge haky bar (Gal. 6:2). Isa dogan-uýalary gowy görýär we olaryň ýürekden aladasyny edýär (Efes. 5:29). Uýalar ärine we ýaşululara gulak asyp, Isa Mesihe tabyn bolýandyklaryny görkezýärler. Doganlar uýalaryň gadyryny bilse we hormat goýsa, Ýehowanyň baştutanlary näme üçin belländigine düşünýändiklerini görkezerler. Dogan-uýalar, Ýehowanyň baştutanlary näme üçin belländigine düşünseňiz we olara hormat goýsaňyz, ýygnakda parahatlyk höküm sürer. Şeýle-de gökdäki söýgüden doly Atamyz Ýehowany şöhratlandyrarsyňyz. w21.02 sah. 18, 19, abz. 14—17

30-njy maý, duşenbe

Dawut Ýehowadan... sorady (1 Şam. 30:8).

Bir gezek Dawut esgerleri bilen söweşe gidýär. Şonda duşmanlar olaryň obasyna çozup, aýallaryny we çagalaryny ýesir äkidýärler. Dawut edermen serkerdedi. Ol ýesirleri aňsatlyk bilen azat edip bilerdi. Ýöne Dawut öz güýjüne däl-de, Ýehowa bil baglady. Ol Hudaýdan: «Talaňçylaryň yzyndan gideýinmi?» diýip soraýar. Ýehowa: «Gidiber, olaryň yzyndan ýetip, ýesirleri azat edersiň» diýip jogap berýär (1 Şam. 30:7—10). Ýaş doganlar, Dawudyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz? Karara gelmezden öň, ene-ataňyz bilen maslahatlaşyň. Ýaşuly doganlardan hem maslahat sorasaňyz gowy bolar. Ýehowa ýaşululara ynanýar, sizem ynanyp bilersiňiz. Ýehowa ýaşululary ýygnaga bereket hökmünde berdi (Efes. 4:8). Olaryň imanyndan görelde alsaňyz, berýän maslahatyna eýerseňiz, köp peýda alarsyňyz. w21.03 sah. 4, abz. 10, 11

31-nji maý, sişenbe

Hudaýyň söýgüsinden hiç zat aýra salyp bilmez (Rim. 8:38, 39).

Isa pygamber okan zatlaryny durmuşynda ulanmaýan her kesi öýüni çägäniň üstünde guran adama meňzedýär. Onuň çeken zähmeti biderek bolýar, sebäbi ýel turup, sil gelse, öý ýer bilen ýegsan bolar (Mat. 7:24—27). Biz hem Mukaddes Kitapdan bilen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmasak, ähli tagallamyz biderek bolar. Sebäbi başymyza kynçylyk düşende ýa-da yzarlanlarynda, Ýehowa wepaly bolup bilmeris. Emma okan zatlarymyzy durmuşymyzda ulansak, kyn ýagdaýlarda paýhasly karara geleris we kalbymyz rahat, imanymyz berk bolar (Işa. 48:17, 18). Biz synaglara döz gelmek üçin Ýehowa bil baglamaly, doga-dileg etmeli, Mukaddes Kitaby her gün okamaly we Ýehowany hemişe şöhratlandyrmagy ýüregimize düwmeli. Unutmaň, Ýehowa bizi hiç haçan taşlamaz, onuň söýgüsinden bizi hiç kim we hiç zat aýra salyp bilmez (Ýew. 13:5, 6). w21.03 sah. 15, abz. 6; sah. 18, abz. 20

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş