Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es22 sah. 57—67
  • Iýun

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iýun
  • Her günki aýady okalyň — 2022
  • Sözbaşylar
  • 1-nji iýun, çarşenbe
  • 2-nji iýun, penşenbe
  • 3-nji iýun, anna
  • 4-nji iýun, şenbe
  • 5-nji iýun, ýekşenbe
  • 6-njy iýun, duşenbe
  • 7-nji iýun, sişenbe
  • 8-nji iýun, çarşenbe
  • 9-njy iýun, penşenbe
  • 10-njy iýun, anna
  • 11-nji iýun, şenbe
  • 12-nji iýun, ýekşenbe
  • 13-nji iýun, duşenbe
  • 14-nji iýun, sişenbe
  • 15-nji iýun, çarşenbe
  • 16-njy iýun, penşenbe
  • 17-nji iýun, anna
  • 18-nji iýun, şenbe
  • 19-njy iýun, ýekşenbe
  • 20-nji iýun, duşenbe
  • 21-nji iýun, sişenbe
  • 22-nji iýun, çarşenbe
  • 23-nji iýun, penşenbe
  • 24-nji iýun, anna
  • 25-nji iýun, şenbe
  • 26-njy iýun, ýekşenbe
  • 27-nji iýun, duşenbe
  • 28-nji iýun, sişenbe
  • 29-njy iýun, çarşenbe
  • 30-njy iýun, penşenbe
Her günki aýady okalyň — 2022
es22 sah. 57—67

Iýun

1-nji iýun, çarşenbe

Size diňe bir Hudaýyň hoş habaryny wagyz etmän, eýsem siziň üçin janymyzy bermäge⁠-⁠de taýyndyk (1 Sel. 2:8).

Siz okuw geçýäniňiziň ýürekden aladasyny etmeli. Oňa dogan ýa-da uýa hökmünde garaň. Elbetde, oňa öňki dost-ýarlary bilen gatnaşygyny goýmak we Ýehowa gulluk etmek üçin durmuşyny bütinleý üýtgetmek aňsat düşmez. Okuw geçýäni dogan-uýalar bilen tanyşdyrsak, Isanyň şägirdi bolmaga kömek edýäris. Sebäbi olar okuw geçýäni ruhy we duýgy taýdan goldap bilýärler. Biz okuw geçýän adamyň özüni bütindünýä doganlygyň agzasy ýaly duýmagyny isleýäris. Şeýle-de onuň agzybir we birek-biregi söýýän adamlaryň arasyna goşulmagyna garaşýarys. Şonda oňa Ýehowa sežde etmeýänler bilen gatnaşygyny goýmak aňsat düşer (Nak. 13:20). Öňki dostlary ondan ýüz öwürse-de, Ýehowanyň guramasynda oňa wepaly dostlar garaşýar (Mar. 10:29, 30; 1 Pet. 4:4). w20.10 sah. 17, abz. 10, 11

2-nji iýun, penşenbe

Gökde we ýerde ähli ygtyýar maňa berildi (Mat. 28:18).

Eger biz Ýehowa ýakynlaşmak isleýän bolsak, Isa bilen dost bolmaly. Näme üçin? Munuň iki sebäbi bar. Birinjiden, Isa şägirtlerine: «Atam sizi söýýär, sebäbi siz meni söýýärsiňiz» diýdi (Ýah. 16:27). Şeýle-de ol: «Mensiz hiç kim Atamyň ýanyna baryp bilmez» diýdi (Ýah. 14:6). Isa bilen dostlaşman Ýehowa ýakynlaşmak isleýän adam, edil gapysyz öýe girjek bolýan ýalydyr. Isa «men goýunlar üçin gapydyryn» diýende, şeýle meňzetmäni ulanypdy (Ýah. 10:7). Ikinjiden, Isa Atasynyň häsiýetlerini kämil derejede görkezdi. Ol şägirtlerine: «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýah. 14:9). Şonuň üçin Ýehowany tanar ýaly, biz Isanyň ýerdäki ömri hakda öwrenmeli. Isa hakda näçe köp bilsek, şonça-da oňa bolan söýgimiz artar. Isa bilen ýakyndan dost bolsak, onuň Atasyny ýürekden söýeris. w20.04 sah. 21, abz. 5, 6

3-nji iýun, anna

Men öz ejizliklerime... begenerin. Sebäbi ejiz wagtym güýçlüdirin (2 Kor. 12:10).

Belki, siz ysmaz ýatansyňyz ýa-da maýyplaryň arabasyna ýüpsüz baglanansyňyz. Belki, siziň aýagyňyz agyrýandyr, gözüňiz gowy görýän däldir. Eger şeýle bolsa ýaş we sagdyn «türgenler» bilen ylgap bilersiňizmi? Elbetde! Ençeme garry we ýarawsyz dogan-uýalar ýaşaýyş ýolundan ylgaýarlar. Olar öz güýji bilen ylgamaýarlar. Sebäbi öz öýünde geçýän ýygnak duşuşygyna gatnaşyp, lukmanlara, şepagat uýalaryna, dogan-garyndaşlaryna wagyz edip we şägirt taýýarlap Ýehowadan güýç alýarlar. Eger siz Ýehowa üçin köp zatlary edip bilmeýän bolsaňyz we dünýäň ahyryna çenli çydamaryn öýtseňiz ruhdan düşmäň. Ýehowa berk imanyňyz we çydamlylygyňyz üçin sizi söýýär. Onuň kömegine mätäç wagtyňyz, sizi asla terk etmez (Zeb. 9:10). Ol size has-da ýakynlaşar. w20.04 sah. 29, abz. 16, 17

4-nji iýun, şenbe

Men bulary ähli adamlara hoş habary wagyz etmek üçin we hoş habaryň hatyrasy üçin etdim (1 Kor. 9:23).

Hudaýhon adamlar bilen näme hakda gürrüň edip bilersiňiz? Adamyň dilini tapjak boluň. Belki, ol hak Hudaýa sežde edýändir, Isanyň pygamberdigine we erbetligiň tizden ýok boljagyna ynanýandyr. Şeýle temalar barada gürrüň etseňiz, Mukaddes Kitapdaky habar adamyň ýüregine täsir eder. Adamlar uýýan dininiň her bir öwredýän zadyna ynanýandyr öýtmäň. Şol sebäpli olaryň diňe bir uýýan dinini däl-de, nämä ynanýandygyny hem biljek boluň. Missioner bolup gulluk edýän doganyň aýtmagyna görä, käbirleri üç ýüzli taňra çokunýarys diýseler-de, Ata, Ogul we mukaddes ruhuň üçüsiniň bir Hudaýdygyna ynanmaýarlar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Şu zatlary bilmeklik, adamlaryň dilini tapmaga kömek edýär». Biz hem adamlaryň nämä ynanýandygyny bilmäge jan etsek, Pawlus resulyň göreldesine eýerip, «her kese her zat bolup» bileris (1 Kor. 9:19—22). w20.04 sah. 10, abz. 9, 10

5-nji iýun, ýekşenbe

Şonda... seniň halkyň, Hudaýyň kitabynda ady ýazylan her bir adam halas bolar (Dan. 12:1).

Biz gelejege ynamly garap bilýäris, sebäbi Danyýar pygamber bilen Ýahýa resul Ýehowanyň we Isanyň öz gullukçylaryny uly betbagtçylykda halas etjekdigini aýtdy. Danyýar halas boljak adamlaryň atlarynyň «Hudaýyň kitabyna» ýazyljakdygyny aýdýar. Adymyz şol kitaba ýazylar ýaly näme etmeli? Hudaýyň Guzusy Isa Mesihe iman etmeli (Ýah. 1:29). Özümizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmeli (1 Pet. 3:21). Şeýle-de başgalara Ýehowany tanamaga kömek edip, Hudaýyň Patyşalygyny goldamaly. Häzir Ýehowa we onuň wepaly gullukçylaryndan ybarat guramasyna bil baglamagyň tüýs wagty! Biz häzirden Hudaýyň Patyşalygyny goldamaly. Eger şeýtsek, Hudaýyň Patyşalygy demirgazyk we günorta patyşasyny ýok edende halas bolarys. w20.05 sah. 16, abz. 18, 19

6-njy iýun, duşenbe

Ýehowa, seniň adyň ebedidir! (Zeb. 135:13).

Adam ata bilen How ene Ýehowanyň adyny we ol hakda köp zatlary bilýärdi. Olar Hudaýyň Ýaradyjydygyny we ýaşaýşyň Gözbaşydygyny, ajaýyp Jennet bagyny hem-de kämil ýanýoldaş berendigini bilýärdiler (1 Mus. 1:26—28; 2:18). Ýöne olar Ýehowanyň eden ähli ýagşylyklary barada oýlanmagyny dowam edermi? Şol ady göterýän Şahsyýete bolan söýgüsini we minnetdarlygyny artdyrarmy? Şu soraglaryň jogaby Hudaýyň duşmany olary synanda belli boldy. Şeýtan ýylan arkaly How eneden: «Aýtsana, dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hemmesinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady (1 Mus. 2:16, 17; 3:1). Şol soragyň aňyrsynda zäher ýaly gizlin ýalan ýatyrdy. Aslynda, Hudaý bagdaky agaçlaryň ählisinden iýmäge rugsat beripdi, diňe ýekeje agaçdan iýmäň diýipdi (1 Mus. 2:9). Emma Şeýtan Hudaýy gysganç ýaly edip görkezdi. Şonda How ene: «Hudaý menden bir gowy zady gizleýän bolmaly» diýip pikir etdi. w20.06 sah. 3, abz. 8, 9

7-nji iýun, sişenbe

Sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň (Kol. 3:13).

Käbir mesihçiler dogan-uýalardan öýkeledi. Pawlus resul käte bizde «öýkelemäge sebäbiň» boljakdygyny aýtdy. Bize adalatsyzlyk etmekleri mümkin. Eger ünsli bolmasak, ýüregimizde öýke-kinäniň kök urmagyna ýol berip bileris. Netijede, Ýehowanyň halkyndan daşlaşmagymyz mümkin. Günorta Amerikada ýaşaýan Pablo dogana biri töhmet atyp, günä etmekde aýyplaýar. Şonuň üçin Pablony hormatly borçlaryndan mahrum edýärler. Bolan ýagdaý Pablo nähili täsir etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Meniň örän gaharym geldi. Men ýuwaş-ýuwaşdan ýygnaga gelmegimi bes etdim». Käbir dogan-uýalar bolsa geçmişde Hudaýyň kanunyny bozandygy üçin, özüni Hudaýyň söýgüsine mynasyp görmeýärler. Olaryň ynsaby ezýet berýär. Şeýle mesihçi toba eden hem bolsa, «meniň ýerim Hudaýyň halkynyň arasynda däl» diýip pikir etmegi mümkin. Siz şeýle ýagdaýa düşen dogan-uýalara nähili garaýarsyňyz? w20.06 sah. 19, abz. 6, 7

8-nji iýun, çarşenbe

Ätiýaçly adam howpy görüp gizlenýär (Nak. 22:3).

Biz howply ýagdaýlary öňünden görüp, gaçmaga taýyn bolmaly (Ýew. 5:14). Meselem, biz dynç almak we göwün açmak babatda ünsli bolmaly. Şu günler görkezilýän telegepleşikleriň we filmleriň gahrymanlary ahlaksyzlyk edýärler. Olar Hudaýyň kada-kanunlaryny äsgermeýärler. Şeýdip, olar hem özüne, hem başgalara zyýan ýetirýärler. Şol sebäpli biz Hudaýa bolan söýgimizi kem-kemden sowadýan zatlardan gaça durýarys (Efes. 5:5, 6). Biz imandan dänenleriň ýaýradýan maglumatlarynyň howpludygyna düşünmeli. Olar dogan-uýalara ýa-da Ýehowanyň guramasyna şübhe döretmek isleýärler (1 Tim. 4:1, 7; 2 Tim. 2:16). Imandan dänenleriň ýalan maglumatlary Hudaýa bolan imanymyzy gowşadyp biler. Biz olaryň duzagyna düşmeli däl, sebäbi olar «pikiri zäherlenen we hakykatdan daşlaşan adamlar» (1 Tim. 6:4, 5). Olaryň maksady dogan-uýalaryň arasyna çöp atmak we agzalalyk döretmek. Olar ýalan zatlara ynanmagymyzy we doganlara şübhelenmegimizi isleýärler. w20.09 sah. 28, abz. 13; sah. 29, abz. 15

9-njy iýun, penşenbe

Goý, her kim öz peýdasyny däl⁠-⁠de, başgalaryň peýdasyny gözlesin (1 Kor. 10:24).

Är-aýal biri-birini söýmeli we hormat goýmaly (Efes. 5:33). Mukaddes Kitapda: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýilýär (Res. 20:35). Är-aýala biri-birini söýmäge we hormat goýmaga näme kömek eder? Elbetde, pesgöwünlik häsiýeti. Bu häsiýet köp mesihçi är-aýallara bagtly ýaşamaga kömek edýär. Meselem, Stiwen dogan şeýle gürrüň berýär: «Är-aýal bir pikirde bolsa, eginme-egin işleşip, maşgaladaky kynçylygy aňsatlyk bilen çözüp biler. Şonda siz: „Meniň üçin gowy bolar — diýmegiň deregine — biziň üçin gowy bolar“ diýersiňiz». Stefani hem ärini goldap, şeýle diýýär: «Dawaçyl adam bilen hiç kimiň ýaşasy gelmese gerek?! Düşünişmezlik dörände, onuň sebäbini anyklajak bolýarys. Soňra Ýehowa doga-dileg edýäris, meseläni çözmek üçin edebiýatlardan gözleg geçirýäris we ara alyp maslahatlaşýarys. Biz biri-birimizi günäkärlemän, kynçylygy çözmäge jan edýäris». Maşgalada her kim öz bähbidine çapyp, özüni ýokary tutsa, maşgalasyny bagtly edip bilmez. w20.07 sah. 3, 4, abz. 5, 6

10-njy iýun, anna

Men ýehudy dinine deň-duşlarymdan we ildeşlerimden has berk ýapyşýardym (Gal. 1:14).

Ýehowa gulluk edenimizde, öz güýjümize we ukybymyza daýanmaly däl. Pawlus resul abraýly, ýehudy dini ýolbaşçysy Gamaliýeliň elinde okap, ýokary bilim alypdy (Res. 5:34; 22:3). Adamlar oňa uly hormat goýýardy (Res. 26:4). Emma Pawlus öz güýjüne daýanmaýardy. Ol atly-abraýly edýän zatlaryndan geçendigine gynanmady (Flp. 3:8). Pawlus resul Isa pygamberiň yzyna eýermek üçin köp kynçylyklara döz gelmeli boldy. Ony ildeşleri ýigrenýärdi (Res. 23:12—14). Pawlus Rimiň raýaty bolsa-da, ony urup-ýenjip, türmä basdylar (Res. 16:19—24, 37). Üstesine-de, ol günäli höwesleri bilen göreşmeli bolýardy (Rim. 7:21—25). Emma Pawlus duşmanlary we öz ýalňyşlyklary sebäpli yhlasly wagyz etmegini goýmady. Ol ejizlese-de begenýärdi. Näme üçin? Sebäbi Pawlus ejizlän wagty Hudaýyň gudratly güýji bilen goldaýandygyny görýärdi (2 Kor. 4:7; 12:10). w20.07 sah. 16, abz. 7, 8

11-nji iýun, şenbe

Maňa iman edýän... bulardan hem köp işleri eder (Ýah. 14:12).

Şu günler Patyşalyk baradaky hoş habary has-da köp wagyz etmeli. Isa özi ölenden soň, şägirtleriniň has köp ýerlerde we uzak wagtlap wagyz etjekdiklerini aýtdy. Allatagala Isany direldenden soňra ol gudrat görkezdi: şägirtlerine köp balyk tutmaga kömek etdi. Şonda Isa olara «adam tutýan balykçy» bolmakdan başga wajyp işiň ýokdugyny öwretdi (Ýah. 21:15—17). Ol göge galmanka, şägirtlerine özüniň başlan işiniň diňe Ysraýylda däl-de, bütin ýer ýüzünde ýerine ýetiriljekdigini aýtdy (Res. 1:6—8). Şondan köp ýyl geçensoň, Isa Mesih Ýahýa resula görnüş arkaly «Halypamyzyň gününde» boljak wakalary görkezdi. Ýahýa üýtgeşik bir wakany görýär: «Bir perişde... her millete, her taýpa, her dile we her halka ebedi hoş habary yglan edýärdi» (Ylh. 1:10; 14:6). Görşümiz ýaly, Ýehowa iş tamamlandy diýýänçä, Ol biziň bütin dünýäde wagyz etmegimizi isleýär. w20.09 sah. 9, abz. 5

12-nji iýun, ýekşenbe

Hudaý synanda, Ybraýym... iman edendigi üçin... Yshagy gurban berjek boldy (Ýew. 11:17).

Ybraýymyň maşgalasynda kynçylyk döreýär. Söwer ýary Bibisara önelgesizdi. Olar ençeme ýyllap şu derdi çekmeli boldular. Ahyrsoňy, Bibisara gyrnagy Hajary Ybraýyma aýallyga berip, çaga dogurtmak isleýär. Hajar ogly Ysmaýyla göwreli bolýar we bikesi Bibisarany äsgermän başlaýar. Bibisara gyrnagyna azar ýamanyny berýär welin, Hajar öýden gaçyp gidýär (1 Mus. 16:1—6). Aý aýlanyp, ýyl geçýär. Bibisara göwreli bolup, ogul dogurýar we Ybraýym onuň adyna Yshak dakýar. Ybraýym Ysmaýyly-da, Yshagy-da janyndan eziz görerdi. Emma Ysmaýyl Yshagy kemsidip başlaýar, şonda Ybraýym Ysmaýyl bilen ejesini öýünden kowmaly bolýar (1 Mus. 21:9—14). Günlerde bir gün Ýehowa Ybraýym pygambere Yshak ogluny gurban etmegi tabşyrýar (1 Mus. 22:1, 2; Ýew. 11:17—19). Ol Ysmaýyly öýünden kowanda-da, Yshagy gurban bermeli bolanda-da, Ýehowa ýürekden bil baglaýar. Sebäbi ol Ýehowanyň ogullary babatda beren wadasynyň ýerine ýetjekdigine şübhelenmeýär. w20.08 sah. 4, abz. 9, 10

13-nji iýun, duşenbe

Hudaýyň islegine görä ýaradylan hakyky dogruçyllyga we wepadarlyga esaslanan täze häsiýetleri geýiň (Efes. 4:24).

Direlen adamlaryň Ýehowa ýaraýan häsiýetleri ösdürýändigini we onuň kada-kanunlary boýunça ýaşap, şatlyk tapýandygyny göz öňüňize getiriň. Ýehowa şeýle adamlary Jennetde ebedi ýaşamaga mynasyp görýär. Emma kim durmuşyny özgertmek islemese, ebedi ýaşamaz. Olara Jennetdäki parahatlygy bozmaga rugsat berilmez (Işa. 65:20; Ýah. 5:28, 29). Ýehowanyň Patyşalygynyň raýatlary Nakyllar 10:22-däki: «Ýehowanyň berekedi baý edýär, üstüne dert-alada goşmaýar» diýen sözleri bilen doly razylaşsalar gerek. Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen Ýehowanyň halky ruhy taýdan berkär, ýagny kem-kemden kämil bolup, Isa Mesihe meňzär (Ýah. 13:15—17; Efes. 4:23). Adamlar gün-günden sagdyn bolarlar, ýagşy häsiýetleri ösdürip, agzybir ýaşarlar. Gör, nähili eşretli durmuş bolar! (Eýp. 33:25). w20.08 sah. 17, abz. 11, 12

14-nji iýun, sişenbe

Başgalaryň işine goşulmazlygy... maksat ediniň (1 Sel. 4:11).

Belki-de, käbir dogan-uýalar durmuş gurmazlyk kararyna gelendirler. Käbirleri bolsa durmuş gurmak isleseler-de, özüne mynasyp ýar tapýançalar garaşýandyrlar. Käbirleri ýanýoldaşy aradan çykansoň, ýene-de maşgala gurmak isleýän däldirler. Olardan näme üçin durmuş gurmaýandygyny sorasak ýerlikli bolarmy? Ýa-da olara mynasyp ýar tapmaga kömek etsek dogry bolarmy? Eger sizden kömek soramasalar, durmuş gurmadyk dogana ýa-da uýa ýar tapyp bereýin diýseňiz, olar özüni oňaýsyz duýmazlarmy? (1 Tim. 5:13). Biz dogan-uýalaryň durmuş gurmaýandygyna gynanmaly däl-de, olaryň ýagşy häsiýetlerini we yhlasly wagyz edişlerini gymmat saýmaly. Şonda olar bizden minnetdar bolarlar. Biz hem olara: «Siz maňa gerek däl» diýýän ýaly bolmarys (1 Kor. 12:21). Olar biziň hormat goýýandygymyzy we gadyr-gymmatyny bilýändigimizi duýarlar. w20.08 sah. 29, abz. 10, 14

15-nji iýun, çarşenbe

(Mesih) bir wagtda 500-den gowrak doganlara göründi (1 Kor. 15:6).

Biraz wagtdan soňra Isa Pawlus resula hem görünýär (1 Kor. 15:8). Pawlus (Sawul) Damaska barýarka, Isanyň sesini eşidýär we gökdäki şöhratyny görýär (Res. 9:3—5). Pawlus bilen bolan waka Isanyň hakykatdan-da direlendigini subut edýär (Res. 26:12—15). Pawlusyň beren gürrüňine käbirleri geň galan bolmaly. Sebäbi Pawlus mesihçileri yzarlaýardy. Indi bolsa Isanyň direlendigini gözi bilen gördi we adamlary ynandyrmak üçin köp tagalla etmeli boldy. Pawlus Hudaýyň Isany direlendigini wagyz etmek üçin kynçylyklara döz gelmeli boldy. Ol köp sapar uruldy, türmä basyldy we gämi heläkçiligine uçrady (1 Kor. 15:9—11; 2 Kor. 11:23—27). Pawlus Isanyň direlendigine ynanýardy, hatda hakykaty wagyz etmek üçin ölmäge-de taýyndy. Hawa, Isanyň direlendigini subut edýän wakalar biziň hem imanymyzy berkidýär. Şeýle-de ölen adamlaryň direljekdigine ýürekden umyt edýäris. w20.12 sah. 3, abz. 8—10

16-njy iýun, penşenbe

Hudaýy agtarsaňyz, hökman taparsyňyz (2 Tar. 15:2).

Biz özümize şeýle soragy bermeli: «Men ýygnak duşuşyklaryna hemişe barýarynmy?» Biz ýygnak duşuşyklarynda imanymyzy berkidýäris we dogan-uýalaryň goldawyny duýýarys (Mat. 11:28). Şeýle-de şu soraglar hakda oýlanyň: Mukaddes Kitaby her gün okaýarynmy? Eger siziň maşgalaňyz bolsa, her hepde maşgala okuwyny geçirýärsiňizmi? Eger siz ýeke özüňiz ýaşaýan bolsaňyz, şahsy okuwyna wagt tapýarsyňyzmy? Şeýle-de köpräk wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşýarsyňyzmy? Biz näme üçin şu soraglar hakda oýlanmaly? Mukaddes Kitapda Ýehowanyň biziň ýüregimizi barlaýandygy we her bir oý-pikirimizi bilýändigi aýdylýar. Şol sebäpli biz hem öz-özümizi barlap durmaly (1 Tar. 28:9). Eger maksadymyzy ýa-da garaýşymyzy üýtgetmelidigimize düşünsek, Ýehowadan kömek sorarys. Häzir gelejekde boljak synaglara taýýarlanmagyň tüýs wagty. w20.09 sah. 18, 19, abz. 19, 20

17-nji iýun, anna

Ähli zadyňyzdan geçmeseňiz, şägirdim bolup bilmersiňiz (Luka 14:33).

Isa pygamber şägirdi bolmak üçin näme etmelidigini mysal arkaly düşündirdi. Ol jaý gurjak bolýan adam we söweşjek bolýan bir patyşa hakda gürrüň berdi. Jaý gurmakçy bolýan adam ilki çykdajysyny hasaplap, doly gurup biljekdigine göz ýetirmeli, patyşa bolsa duşmany ýeňmek üçin maslahatlaşmaly (Luka 14:27—32). Edil şonuň ýaly, Isanyň şägirdi bolmak isleýän adam öňünden gowy oýlanmaly. Şol sebäpli biz hem gyzyklanan adamlary Mukaddes Kitap okuwyny her hepde geçmäge höweslendirmeli. Eger siz Mukaddes Kitapdan okuw geçirýän bolsaňyz, her sapaga gowy taýýarlanyň. Okuw geçýäniňiz tema aňsatlyk bilen düşünip, durmuşynda ulanyp biler ýaly nädip öwredip biljekdigiňiz hakda oýlanyň (Neh. 8:8; Nak. 15:28a). w20.10 sah. 7, abz. 5; sah. 8, abz. 7

18-nji iýun, şenbe

Şonuň üçin gidiň-de... şägirt taýýarlaň... ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň (Mat. 28:19, 20).

Isa bize aýdyň görkezme berdi. Biz adamlara onuň tabşyryklaryny öwretmeli. Emma biz bir wajyp zady unutmaly däl. Isa: «Olara ähli tabşyryklarymy öwrediň» diýmedi. Ol: «Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň» diýdi. Biz Isanyň beren görkezmesine eýermek üçin gyzyklanýan adamlara Mukaddes Kitapdan diňe bir sapak geçmän, öwrenen zatlaryny durmuşynda nädip ulanmalydygyny düşündirmeli (Res. 8:31). Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlerimize Hudaýyň bizden näme talap edýändigini düşündirmeli, ýöne munuň bilen çäklenmeli däl. Okuw geçýän adamlara öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmagy öwretmeli (Ýah. 14:15; 1 Ýah. 2:3). Elbetde, biz göreldämiz bilen olara Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýermäge kömek edip bileris. Şonda olar mekdepde-de, işde-de, dynç alanlarynda-da Hudaýy razy ederler. Okuw geçýänlerimiz bilen bilelikde doga edenimizde, Ýehowanyň olara görkezme bermegi üçin mukaddes ruhuny diläp bileris (Ýah. 16:13). w20.11 sah. 2, 3, abz. 3—5

19-njy iýun, ýekşenbe

Aýdan zatlarym goşun ýa⁠-⁠da ynsan güýji bilen däl⁠-⁠de, meniň ruhum bilen amala aşar — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar (Zek. 4:6).

Isanyň şägirtleri kynçylyklara duşdular. Meselem, Mukaddes Kitabyň golýazmalary örän azdy. Şol döwürde häzirki ýaly okuw esbaplary ýokdy. Muňa garamazdan, olar dürli milletli adamlara wagyz etmelidiler. Emma şägirtler adam güýji bilen başaryp bolmaýan işi yhlasly ýerine ýetirdiler. Olar otuz ýylyň içinde «hoş habary gök astyndaky ähli adamlara wagyz etdiler» (Kol. 1:6, 23). Şu günler Ýehowa öz islegini ýerine ýetirer ýaly, halkyna güýç berýär we ýolbaşçylyk etmegini dowam edýär. Esasan-da, ol Mukaddes Kitap arkaly halkyna ýol görkezýär. Biz Hudaýyň Sözünden Isa pygamberiň şägirtlerine öz başlan işini dowam etmegi tabşyrandygyny bilýäris (Mat. 28:19, 20). Ýehowa hiç kimi ala tutmaýar. Ol şeýle diýdi: «Her millete, her taýpa, her dile we her halka ebedi hoş habar yglan ediler» (Ylh. 14:6, 7). Ýehowa Patyşalygy baradaky hoş habaryň ähli adamlara wagyz edilmegini isleýär. w20.10 sah. 21, abz. 6—8

20-nji iýun, duşenbe

Pesgöwünlini halas edýärsiň, gopbamsyny ýigrenip peseldýärsiň (2 Şam. 22:28).

Dawut patyşa «Ýehowanyň kanunyny ýürekden söýýärdi» (Zeb. 1:1—3). Ol Ýehowanyň «pesgöwünlini halas edýändigini, gopbamsyny ýigrenip peseldýändigini» bilýärdi. Şol sebäpli Dawut patyşa Hudaýyň kanunlaryna düşünip, nädogry garaýşyny hemişe düzedýärdi. Ol: «Ýehowa alkyş aýdaryn, sebäbi öwüt-nesihat berýär. Men gijelerine oýlanyp, sapak edinerin» diýip ýazdy (Zeb. 16:7). Biz pesgöwünli bolsak, Hudaýyň Sözüne düşünip, erbetligiň üstünden barmankak, nädogry garaýşymyzy düzederis. Hudaýyň Sözi bize: «Ine ýol! Şu ýoldan ýöräň!» diýip duýduryş berýär. Biz Hudaýyň Sözündäki maslahatlara gulak assak, çepe-de, saga-da sowulman hakykat ýolundan ýöräris (Işa. 30:21). Ýehowa näçe köp gulak assak, şonça-da özümize gowy bolar (Işa. 48:17). Meselem, hiç kimden käýinç eşitmeris, ýüzümiz hem gyzarmaz. Ýehowanyň söýgüden doly Ata hökmünde bizi terbiýeleýändigine düşünenimizde, onuň bilen ýakyn dost bolarys (Ýew. 12:7). w20.11 sah. 20, abz. 6, 7

21-nji iýun, sişenbe

Pawlusyň direliş hakda aýdýanlaryny eşidenlerinde, adamlaryň käbiri üstünden güldüler (Res. 17:32).

Şeýle garaýyş Korinf şäherindäki mesihçilere-de täsir eden bolmaly (1 Kor. 15:12). Käbirleri bolsa direlişe başgaça düşünýärdiler: günäli bolan adam «öli», mesihçi bolan adam «diri». Diýmek, direlişe ynanmaýan adamyň Hudaýa iman etmegi biderekdir. Eger Ýehowa Isany direltmedik bolsa, töleg hem tölenmezdi, adamlar hem günäden azat bolmazdy. Şol sebäpli direlişe iman etmeýän adamyň umydy puçdur (1 Kor. 15:13—19; Ýew. 9:12, 14). Pawlus resul Isanyň direlendigini gözi bilen görensoň: «Mesih ölümden direldi» diýip ýazdy. Gadymy döwürde Allatagala birnäçe ölen adamlary direldipdi, ýöne olar ýene-de öldüler. Isanyň direlişi bolsa düýbünden tapawutlanýardy. Pawlus Isanyň «ölüm ukusyna gidenleriň arasyndan ilkinji miwe bolup direlendigini» aýtdy. Ol ruhy şahsyýet bolup direlen we göge galan ilkinji ynsandy (1 Kor. 15:20; Res. 26:23; 1 Pet. 3:18, 22). w20.12 sah. 5, abz. 11, 12

22-nji iýun, çarşenbe

Olar... resullaryň, ýaşulularyň gelen kararyny aýdyp berýärdiler we olary berjaý etmegi tabşyrýardylar (Res. 16:4).

I asyrda Iýerusalimdäki ýolbaşçylyk maslahaty Hudaýyň halkynyň arasynda tertip-düzgüniň we parahatlygyň bolmagy üçin agzybir işleşýärdi (Res. 2:42). Meselem, b. e. 49-njy ýylynda sünnetlenmek barada mesihçileriň arasynda agzalalyk döreýär. Şonda ýolbaşçylyk maslahaty meseläni çözmek üçin mukaddes ruhuň görkezmesine eýerýär. Eger şu mesele çözülmedik bolsa, wagyz etmäge päsgelçilik dörärdi. Resullar we ýaşulular ýewreý bolsalar-da, däp-dessurlaryň ýa-da sünnetlemegiň tarapdarlarynyň täsirine düşmediler. Olar dogry karara gelmek üçin Hudaýyň Sözüni okap, mukaddes ruhuň görkezmesine eýerdiler (Res. 15:1, 2, 5—20, 28). Şol sebäpli Ýehowa olaryň gelen kararyna ak patasyny berdi, ýygnakda agzybirlik, parahatlyk dikeldildi we wagyz işi dowam etdi (Res. 15:30, 31; 16:5). Şu günler Ýehowanyň halky tertip-düzgüniň we parahatlygyň bolmagy üçin agzybir, eginme-egin işleşýärler. w20.10 sah. 22, 23, abz. 11, 12

23-nji iýun, penşenbe

Hudaý oglum Süleýmany saýlady (1 Tar. 29:1).

Belki-de, biz garrylyk, keselçilik ýa-da başga sebäplere görä jogapkärli borjy ýerine ýetirip bilmeris. Şeýle ýagdaýda bize Dawut patyşanyň galdyran göreldesi kömek eder. Ol Ýehowa üçin ybadathana gurmagy arzuw edýärdi. Emma Allatagala ybadathanany Dawudyň däl-de, oglunyň gurjakdygyny aýtdy. Dawut patyşa muny eşidende iki elläp goldady we ybadathananyň gurluşyk işine gerek-ýarak zatlary, altyn-kümşi jomartlyk bilen berdi. Gör, nähili ajaýyp görelde! (2 Şam. 7:12, 13; 1 Tar. 29:3—5). Fransiýaly Tego dogan ýarawsyzlygy sebäpli ýygnak ýaşulusy bolup gulluk etmegini goýmaly bolýar. Hatda ol öýüň içinde ýönekeýje işleri-de edip bilmeýär. Tego şeýle gürrüň berýär: «Ilki men özümi hiç zady başarmaýan, dereksiz adam duýup, göwnüçökgünlige düşdüm. Emma kem-kemden özümi ele aldym we başaryp bilýän işlerimi edip başladym. Şonda men Ýehowa gulluk etmek üçin elimde baryny edip bilýändigime begendim. Gedeýon bilen 300 esgeri ýadaw bolsalar-da söweşdiler we ýeňiş gazandylar. Men hem gol gowşuryp oturmazlygy ýüregime düwdüm» (Ser. 8:4). w20.12 sah. 25, abz. 14, 15

24-nji iýun, anna

Mundan beýläk⁠-⁠de birek-biregi söýeliň! (1 Ýah. 4:7).

Hoş habarçylar Matta, Markus, Luka — üçüsi bilelikde söýgi barada hoş habarçy Ýahýa ýaly köp agzamaýar. Onuň ýazan kitaplarynda mesihçileriň her bir işi söýgi bilen etmelidigi aýdylýar (1 Ýah. 4:10, 11). Ýahýa resulyň özüne-de adamlary ýürekden söýmek üçin wagt gerek boldy. Ýaş wagty oňa adamlary ýürekden söýmek hemişe aňsat bolmaýardy. Bir gün Isa şägirtleri bilen Samariýanyň üsti bilen Iýerusalime barýardy. Olar Samariýanyň bir obasyna baryp, myhman almagy haýyş edýärler. Emma samariýalylar olary kabul etmeýärler. Şonda Ýahýa Isadan: «Gökden ot ýagdyryp, olary ýok edelimi?» diýip soraýar (Luka 9:52—56). Başga bir ýagdaýda bolsa, Ýahýa bilen Ýakup ejesini Isanyň ýanyna iberýärler. Ol hem Isanyň ýanyna baryp, Patyşalygyňda iki ogluma hormatly ýer ber diýip soraýar. Resullar muny eşidip, Ýakup bilen Ýahýa gaharlanýarlar (Mat. 20:20, 21, 24). Ýahýa köp ýalňyşsa-da, Isa ony söýýärdi (Ýah. 21:7). w21.01 sah. 8, 9, abz. 3, 4

25-nji iýun, şenbe

Mesih... öz göwnünden turjak bolmady (Rim. 15:3).

Älemiň Hökümdary Ýehowanyň edýän her bir işinden adamlary söýýändigi görünýär. Ol adamlaryň bagtly ýaşamagy üçin owadan Ýer şaryny sowgat berdi. Allatagala höwes bilen adamlary günäden azat etmek isleýär. Hatda söwer Ogluny hem gaýgyrmady. Isa hem adamlar üçin janyndan geçmäge taýyndy. Bir gün Isa halys ýadap, dynç almak isledi. Emma uly märekäni görüp ýüregi awady we Hudaý barada wagyz edip başlady (Mar. 6:31—34). Maşgalabaşylar öz bähbidine çapman, paýhasly karara gelýärler. Sebäbi olar Ýehowanyň öňünde jogap bermeli. Maşgalasynyň aladasyny edýän ärler karara gelende öz peýdasyny gözlemän, gowy oýlanýarlar we Ýehowanyň berýän öwüt-ündewine eýerýärler (Nak. 2:6, 7). Şeýdip, olar öz aladasyny däl-de, maşgalasynyň aladasyny edýärler (Flp. 2:4). Ärler Ýehowanyň we Isa pygamberiň göreldesine eýerseler, gowy maşgalabaşy bolup bilerler. w21.02 sah. 7, abz. 19—21

26-njy iýun, ýekşenbe

Asa Ýehowa Hudaýyň öňünde dogry we ýagşy işleri etdi (2 Tar. 14:2).

Asa patyşa pesgöwünlidi, batyrgaýdy. Kakasy Abyýar aradan çykanda, ol örän ýaşdy. Asa batyrgaýlyk bilen tutuş ýurdy butlardan arassalap başlady. Şeýle-de Asa patyşa «ýahuda halkyna ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowany agtaryp, Kanunyny we tabşyryklaryny berjaý etmegi tabşyrdy» (2 Tar. 14:1—7). Biraz wagtdan efiopiýaly Zera bir million esgeri bilen ýahudalaryň üstüne çozýar. Şonda Asa pesgöwünlilik bilen Ýehowadan kömek sorap: «Eý Ýehowa, sen ejize-de, güýçlä-de kömek edip bilýärsiň. Ýehowa, saňa bil baglaýarys, bize kömek et» diýdi. Şu sözlerden görnüşi ýaly, Asa Ýehowanyň öz halkyny halas etjekdigine doly ynanýar. Asa gökdäki Atasyna bil baglaýardy. Ýehowa-da efiopiýalylary derbi-dagyn etdi (2 Tar. 14:8—12). Asa patyşa bir million esgere garşy göreşmek aňsat bolan däldir. Ýöne ol Ýehowa bil baglap, ýeňiş gazandy. w21.03 sah. 5, abz. 12, 13

27-nji iýun, duşenbe

Birek-birege mähirli boluň (Rim. 12:10).

Mukaddes Kitapda biri-birini dogandan hem eziz gören ençeme adamlar hakda ýazylan. Geliň, Ýonatan bilen Dawut hakda gürrüň edeliň. Mukaddes Kitapda: «Ýonatan ony juda gowy gördi. Ýonatan Dawut bilen jana-jan dost boldy» diýilýär (1 Şam. 18:1). Ýehowa Şawula derek Dawudy patyşa saýlapdy. Şonda Şawul gazap atyna atlanyp, Dawudy öldürmek isledi. Ýöne Ýonatan kakasynyň erbet niýetini goldamady, gaýtam Dawut bilen jana-jan dost bolup, hemişe goldajakdygyny wada berdi (1 Şam. 20:42). Ýonatan bilen Dawudyň dostlugyna böwet bolup biljek ýagdaýlar köpdi. Meselem, Ýonatan Dawutdan 30 ýaş uludy. Ol: «Ýaş, tejribesiz adam bilen dost bolup bolarmy?» diýmedi. Ýonatan Dawudyň mertebesini peseltmän, gaýtam oňa hormat goýdy. w21.01 sah. 22, abz. 6, 7

28-nji iýun, sişenbe

Doganlarym, dürli kynçylyklara uçranyňyzda, ählisini şatlyk bilen kabul ediň (Ýak. 1:2).

Isa pygamber resullaryna köp kynçylyklara duş geljekdiklerini we zalymlyk bilen yzarlanjakdyklaryny aýdypdy. Ýöne olaryň şatlanjagyny hem wada berdi (Mat. 10:22, 23; Luka 6:20—23). Isanyň resullary ýaly, bizi hem döwlet işgärleri yzarlaýarlar, dogan-garyndaşlarymyz ýigrenýärler, klasdaşlarymyz we işdeşlerimiz günä etdirjek bolýarlar. Elbetde, şeýle ýagdaýlarda şatlanmak aňsat düşmeýär, ýöne biz şonda-da Isa Mesihiň şägirdi bolandygymyza begenýäris. Käbirleri: «Heý-de, ursalar şatlanyp bolarmy?» diýmekleri mümkin. Ýöne Hudaýyň Sözünde biziň şatlanyp biljekdigimiz aýdylýar. Ýakup kitabynda kyn ýagdaýlarda ruhdan düşmän, şatlanmalydygy barada aýdylýar (Ýak. 1:2, 12). Isa pygamber hem «yzarlanlarynda... bagtlysyňyz» diýdi (Mat. 5:11). Ýakup Hudaýyň ylhamy bilen I asyrdaky mesihçilere hat ýazýar. Onuň haty dogan-uýalara kynçylyklara döz gelip, şatlanmaga kömek eden bolmaly. w21.02 sah. 26, abz. 1, 2; sah. 27, abz. 5

29-njy iýun, çarşenbe

Mukaddes zada dil ýetirýän biderek gürrüňlerden... gaça dur (1 Tim. 6:20).

Timoteosyň ýaşan döwründe käbir mesihçiler «Hudaýyň işdeşi» bolmagyň gadyryny bilmediler. Olaryň arasynda Dimas, Figelus, Hermogen, Himeneý, Isgender bilen Filitus dagylar bardy (1 Tim. 1:19, 20; 2 Tim. 1:15; 2:16—18; 4:10). Aslynda, olaryň ählisi Ýehowa ýürekden iman edýärdi, emma özlerine ynanylan zadyň gadyryny bilmän hakykat ýolundan sowuldylar. Şeýtan Ýehowanyň bize ynanan gymmatly zatlarynyň gadyryny bilmezligimiz üçin näme edýär? Geliň, onuň käbir duzaklary hakda gürrüň edeliň. Şeýtan öz garaýşyny öňe sürýän filmler, telegepleşikler, gazetdir žurnallar we kitaplar arkaly imanymyzy gowşatmak üçin jan edýär. Şeýle-de ol deň-duşlarymyzyň ýa-da yzarlamalaryň üsti bilen bizi gorkuzyp, wagyz etdirmejek bolýar. Ol mekirlik bilen bizi «bilimlisireýänleriň taglymaty», ýagny imandan dänenler arkaly hakykat ýolundan sowmak isleýär. Eger biz seresap bolmasak, özümize ynanylan hakykatyň kem-kemden gadyryny bilmän başlarys (1 Tim. 6:21). w20.09 sah. 27, abz. 6—8

30-njy iýun, penşenbe

Ýehowa perýadymy eşider, Ýehowa dilegime jogap berer (Zeb. 6:9).

Belki, siziň dost-ýarlaryňyz ýa-da dogan-garyndaşlaryňyz tamaňyzy ödän däldir. Eger şeýle bolsa, size Dawut patyşa we ogly Abselim bilen bolan waka kömek eder (2 Şam. 15:5—14, 31; 18:6—14). Dawut bilen Abselim hakdaky wakany okamazdan öň Ýehowa doga edip, duýgularyňyzy we göwnüňize degendikleri hakda ýekän-ýekän gürrüň beriň (Zeb. 6:6—8). Indi Dawut patyşanyň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getireliň. Oňa söwer ogly Abselim we janyny ynanýan dosty Ahytopel dönüklik edýär. Hatda Dawudyň janyna kast etjek boldular. Dawut beýleki wepaly dostlary hem Abselimiň tarapyna geçendir öýdüp, olara şübheli garadymy? Hiç kime janyny ynanman, başyny alyp ýurtdan gaçyp gitdimi? Ýa-da ol lapykeç bolup, el gowşuryp oturdymy? Ýok! Dawut beýle etmedi, gaýtam Ýehowa ýalbaryp, goldamagyny sorady we dostlarynyň kömegini kabul etdi, gelen kararyny derrew ýerine ýetirdi. Ol Ýehowa bil baglaýardy we wepaly dostlaryna ynanýardy. w21.03 sah. 15, abz. 7, 8; sah. 17, abz. 10, 11

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş