Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es22 sah. 67—77
  • Iýul

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iýul
  • Her günki aýady okalyň — 2022
  • Sözbaşylar
  • 1-nji iýul, anna
  • 2-nji iýul, şenbe
  • 3-nji iýul, ýekşenbe
  • 4-nji iýul, duşenbe
  • 5-nji iýul, sişenbe
  • 6-njy iýul, çarşenbe
  • 7-nji iýul, penşenbe
  • 8-nji iýul, anna
  • 9-njy iýul, şenbe
  • 10-njy iýul, ýekşenbe
  • 11-nji iýul, duşenbe
  • 12-nji iýul, sişenbe
  • 13-nji iýul, çarşenbe
  • 14-nji iýul, penşenbe
  • 15-nji iýul, anna
  • 16-njy iýul, şenbe
  • 17-nji iýul, ýekşenbe
  • 18-nji iýul, duşenbe
  • 19-njy iýul, sişenbe
  • 20-nji iýul, çarşenbe
  • 21-nji iýul, penşenbe
  • 22-nji iýul, anna
  • 23-nji iýul, şenbe
  • 24-nji iýul, ýekşenbe
  • 25-nji iýul, duşenbe
  • 26-njy iýul, sişenbe
  • 27-nji iýul, çarşenbe
  • 28-nji iýul, penşenbe
  • 29-njy iýul, anna
  • 30-njy iýul, şenbe
  • 31-nji iýul, ýekşenbe
Her günki aýady okalyň — 2022
es22 sah. 67—77

Iýul

1-nji iýul, anna

Gökde we ýerde ähli ygtyýar maňa berildi (Mat. 28:18).

Ýehowa dogalarymyza jogap berer ýaly, biz Isa bilen dostlaşmaly. Hudaýa doga edenimizde, «Isanyň ady bilen kabul et» diýmek ýeterlikli däl. Biz Ýehowanyň dogalarymyza Isa arkaly jogap berýändigine düşünmeli. Isa resullaryna: «Meniň adym bilen näme dileseňiz bererin» diýdi (Ýah. 14:13). Biziň dogalarymyzy diňe Ýehowa diňleýär we jogap berýär, ýöne ol niýetini amala aşyrmagy Isa tabşyrdy. Ýehowa dogalarymyza jogap bermänkä, ilki bilen, Isanyň tabşyryklaryny ýerine ýetirişimize üns berýär. Meselem, Isa şeýle diýdi: «Siz adamlaryň günäsini bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem sizi bagyşlar. Emma adamlaryň günäsini bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň günäňizi bagyşlamaz» (Mat. 6:14, 15). Diýmek, Ýehowa bilen Isanyň adamlary bagyşlaýşy ýaly, biz hem bagyşlamaly. w20.04 sah. 21, abz. 6

2-nji iýul, şenbe

Ýaradan Biribara sežde etmegiňiz üçin hoş habary wagyz edýäris (Res. 14:15).

Pawlus resul wagyz edende adamlary nämäniň gyzyklandyrýandygyny anyklap, şoňa görä wagyz ederdi. Meselem, Listrada Pawlusy diňlemäge gelen adamlar Mukaddes Kitaby känbir bilmeýärdi. Şol sebäpli Pawlus olara düşünip biläýjek delillerini getirip wagyz etdi. Ol bol hasyl we bagtly ýaşaýyş hakda gürrüň berdi. Şeýle-de diňleýjilerine düşnükli sözleri we mysallary ulanyp wagyz etdi. Ýaşaýan ýeriňizdäki adamlar hakda oýlanyp, olary nämäniň gyzyklandyrýandygyny anyklaň, soňra şoňa görä wagyz ediň. Wagyz etmek isleýän adamyňyza ýa-da onuň öýüne golaýlaşanyňyzda, ony gyzyklandyrýan zady nädip bilse bolar? Ünsli boluň! Belki-de, adam melleginde işleýändir, kitap okaýandyr, ulagyny bejerýändir ýa-da başga işleri edip ýörendir. Eger ýerlikli bolsa, onuň edýän işi barada gürrüňe başlasaňyz gowy bolar (Ýah. 4:7). Şeýle-de adamyň egnindäki eşigine seredip, onuň milletini, kärini ýa-da halaýan sport toparyny bilip bolýar. w20.04 sah. 11, abz. 11, 12

3-nji iýul, ýekşenbe

Gaýgy-aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýär (1 Pet. 5:7).

Käbir dogan-uýalar çendenaşa çekinjeň bolýarlar, käbirleri howsala düşmek keseli bilen göreşýärler. Şol sebäpli ýönekeý ýaly görünýän ýagdaýlar olar üçin uly kynçylyk bolup biler. Olara köpçüligiň arasynda bolmak aňsat düşmese-de, ýygnak duşuşyklaryna we kongrese gelýärler. Nätanyş adam bilen gepleşmek kyn hem bolsa wagyz edýärler. Eger siz hem özüňizi şeýle duýýan bolsaňyz, ýeke däldigiňizi unutmaň. Sebäbi köp dogan-uýalar hem şeýle duýgulary başdan geçirýär. Ýehowa-da siziň edýän tagallaňyzy görüp begenýär. Siz ýan bermän Ýehowa sežde edýärsiňiz, sebäbi Ol size ak pata we güýç berýär (Flp. 4:6, 7). Siz beden we duýgy taýdan ejir çekseňiz-de, Ýehowa gulluk edýärsiňiz. Şol sebäpli Allanyň sizden razydygyna ynamly bolup bilersiňiz. Biziň köpümiz ýarawsyz hem bolsak, çydamly ylgaýarys (2 Kor. 4:16). Hawa, Ýehowanyň kömegi bilen ählimiz pellehana ýeteris! w20.04 sah. 30, 31, abz. 20, 21

4-nji iýul, duşenbe

Hudaý göze görünmese⁠-⁠de, ýaradan zatlaryndan... häsiýetlerini görüp bolýar (Rim. 1:20).

Ýer şarynyň ýaradylyşyny öwrenenimizde, Hudaýyň çuňňur akyldarlygynyň bardygyna göz ýetirýäris (Ýew. 3:4). Ýer şarynda adamlaryň ýaşamagy üçin ähli şertler bar. Şol sebäpli ol beýleki planetalardan üýtgeşik hasaplanýar. Ýer planetasy belli bir manyda uçup barýan uçara meňzeýär. Emma içi adamdan doly uçar bilen Ýer şarynyň arasynda uly tapawut bar. Mysal üçin, uçarda dem aljak howasyny, iýmitini we suwuny adamlaryň özi öndürmeli bolsa, hapalary daşyna zyňyp bolmasa näme bolardy? Elbetde, uçardaky adamlar tiz wagtyň içinde ölerdi. Emma Ýer şarynda milliardlarça adamlar we haýwanlar ýaşaýar. Planetanyň özünde bize zerur bolan howa, iýmit hem-de suw öndürilýär we bu zatlar hiç haçan gutarmaýar. Hapa bolsa kosmosa dökülmeýär; emma şonda-da Ýer şary owadan we onda ýaşaýyş dowam edýär. Bu nädip beýle bolýar? Ýehowa Ýer şaryndaky galyndylaryň peýdaly zatlar üçin ulanar ýaly, ony täsin edip ýaratdy. w20.05 sah. 20, abz. 3, 4

5-nji iýul, sişenbe

Ýok, ýok, ölmersiňiz (1 Mus. 3:4).

Şeýtan Ýehowa ýalançy diýdi. Şeýdip, ol Iblis ýa-da töhmetçi boldy. How ene Şeýtanyň sözlerine ynanyp aldandy (1 Tim. 2:14). How ene Hudaýa däl-de, Şeýtana bil baglady. Şeýdip, ol nädogry karara geldi. How ene Ýehowa gulak asman, gadagan edilen miweden iýdi. Soňra Adam ata hem berdi (1 Mus. 3:6). How ene Şeýtana nädip jogap berip bilerdi? Göz öňüne getiriň, How ene Şeýtana şeýle diýýär: «Men seni tanamok, ýöne Ýehowa Atamy gowy tanaýan. Men Atamy söýýän we bil baglaýan. Ol Adam ata ikimizden hiç zadyny gaýgyrmady. Ýehowa barada erbet zat aýtmaga neneň diliň barýar? Ýanymdan aýryl!» Ýehowa mähriban gyzyndan şeýle sözleri eşiden bolsa, diýseň begenerdi (Nak. 27:11). Ýöne How ene-de, Adam ata-da Ýehowany söýüp, wepaly bolmadylar. Olar gökdäki Atasyny ýürekden söýmeýändikleri üçin, onuň adyny töhmetden gorap bilmediler. w20.06 sah. 4, abz. 10, 11

6-njy iýul, çarşenbe

Hoş habary ýaýradýan zenanlar uly goşundyr (Zeb. 68:11).

Ýehowa janyny aýaman gulluk edýän uýalar öwgä mynasypdyr! Olar guramanyň gurluşyk we abatlaýyş işlerine gatnaşýarlar, tebigy betbagtçylykda kömek edýärler, daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnakdaky dogan-uýalar bilen hyzmatdaşlyk edýärler, edebiýatlary terjime edýärler, Beýtelde meýletin işleýärler, pioner hem-de missioner bolup gulluk edýärler. Şeýle-de uýalar ärlerine ýygnakda we Ýehowanyň guramasynda berlen borçlaryny gowy ýerine ýetirmäge ýardam edýärler. Doganlar «bereket hökmünde» ýygnakda jogapkärli borçlary ýerine ýetirýärler. Emma aýalynyň kömegi bolmasa, olar köp işleri edip bilmezdiler (Efes. 4:8). Paýhasly ýaşulular uýalaryň «uly goşundygyna» we hoş habary ökdelik bilen wagyz edýändigine düşünýärler. Şeýle-de ýaşulular Hudaýa wepaly, ruhy taýdan berk uýalaryň ýaş uýalara kynçylyga düşenlerinde goldaw berip bilýändigine göz ýetirdiler (Tit. 2:3—5). Hawa, uýalar biziň hormatymyza we söýgimize mynasypdyrlar! w20.09 sah. 23, abz. 13, 14

7-nji iýul, penşenbe

Gökdäki Atam hem pesgöwünli adamlaryň hiç biriniň heläk bolmagyny islemeýär (Mat. 18:14).

Ýehowa öň wepaly gulluk eden, ýöne häzir halky bilen gatnaşmaýan gullukçylaryny unutmaýar. Şeýle-de olaryň eden ýagşy işlerini hem ýatdan çykarmaýar (Ýew. 6:10). Işaýa pygamber Ýehowanyň halkyna bolan söýgüsini şeýle ajaýyp sözler bilen suratlandyrýar: «Ol çopan kimin sürüsini bakar. Guzularyny bir ýere jemläp, gujagynda göterer» (Işa. 40:11). Guzujyklarynyň biri sürüden azaşsa, Beýik Çopan Ýehowa özüni nähili duýýar? Isa şägirtlerine Ýehowanyň duýgularyny şeýle düşündirdi: «Siz nähili pikir edýärsiňiz, eger bir adamyň 100 goýny bolup, biri ýitse, 99 goýnuny dagda goýup, ýitenini gözlemäge gitmezmi? Men size diýýärin, eger goýnuny tapsa, onda beýleki 99 goýnuna däl-de, tapan goýnuna has köp begener» (Mat. 18:12, 13). w20.06 sah. 19, 20, abz. 8, 9

8-nji iýul, anna

Kim gözegçi bolmak isleýän bolsa, gowy zady arzuw edýär (1 Tim. 3:1).

Biz Ýehowa gulluk etmegi uly hormat hasaplaýarys (Zeb. 27:4; 84:10). Eger dogan Ýehowanyň guramasynda hormatly borjy ýerine ýetirmek isleýän bolsa, öwgä mynasypdyr. Dogana jogapkärli iş tabşyrylan bolsa, ol özüni ýokary tutmaly däl (Luka 17:7—10). Ol dogan-uýalara pesgöwünlilik bilen hyzmat etmegi maksat edinmeli (2 Kor. 12:15). Mukaddes Kitapda özüni ýokary tutan adamlar hakda aýdylýar. Meselem, Diýotref ulumsylyk edip, ýygnakda «hojaýynsyraýar» (3 Ýah. 9). Uzyýa patyşa gopbamsylyk edip, Ýehowanyň tabşyrmadyk işini etjek bolýar (2 Tar. 26:16—21). Abselim bolsa mekirlik bilen adamlaryň göwnünden turup, patyşa bolmak isleýär (2 Şam. 15:2—6). Şu wakalardan görnüşi ýaly, Ýehowa özüne çendenaşa göwni ýetýän adamlary halamaýar (Nak. 25:27). Ulumsy we şöhratparaz adamlar iru-giç heläkçilige uçraýarlar (Nak. 16:18). w20.07 sah. 4, abz. 7, 8

9-njy iýul, şenbe

Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir (Gal. 6:5).

Käbir dogan-uýalar iş gözläp ýa-da uruş sebäpli daşary ýurda maşgalasy bilen göçýärler. Eger olaryň çagalary mekdepde okaýan bolsa, sapaklar ýerli dilde geçirilýändir. Ene-atalar hem işe girmek üçin ýerli dili öwrenmeli bolýarlar. Eger olaryň göçen ýerinde ene dilinde ýygnak geçirilýän bolsa näme edip bilerler? Olar haýsy ýygnaga barmalydygyny özleri çözmeli. Siz ene diliňizde geçirilýän ýygnaga bararsyňyzmy ýa-da ýerli dilde geçirilýän ýygnaga? Maşgalasynyň haýsy dildäki ýygnaga barmalydygyny maşgalabaşy çözmeli. Şol sebäpli ol ähli maşgala agzalaryna gowy boljak karara gelmeli. Biz maşgalabaşylaryň gelen kararyna hormat goýmaly. Ol nähili karara gelse-de, maşgalasy ýürekden goldamaly, ýygnakdaky dogan-uýalar hem olary mähir bilen garşy almaly (Rim. 15:7). w20.08 sah. 30, abz. 17, 18

10-njy iýul, ýekşenbe

Hudaý dünýäniň... ejiz görýänlerini saýlady (1 Kor. 1:27).

Ýehowa biziň güýjümize, bilimimize, tire-taýpamyza we gazanýan üstünliklerimize seredip, gymmat saýýar we gudratly güýjüni berýär diýip pikir etmeli däl. Ýehowa bulary gymmat saýmaýar. Hudaýyň halkynyň arasynda «paýhasly, güýçli we atly-abraýly» adamlar köp däl (1 Kor. 1:26). Şol sebäpli Ýehowa gulluk etmek üçin bu dünýäde at-abraý gazanmalydyr diýip pikir etmäň. Gaýtam Ýehowanyň güýji bilen her bir işi başaryp biljekdigiňize ynamly boluň. Meselem, ynanýan zatlaryňyza şübhe döredýän adamlardan gorkýan bolsaňyz, imanda berk durmak üçin Ýehowadan batyrgaýlyk diläň (Efes. 6:19, 20). Eger siz keselçilik sebäpli ejir çekýän bolsaňyz, ýagdaýyňyza görä yhlasly wagyz etmek üçin, Ýehowadan güýç soraň. Şonda Ýehowanyň kömek edýändigini görüp, imanyňyz berkär we güýç-kuwwat taparsyňyz. w20.07 sah. 16, abz. 9

11-nji iýul, duşenbe

Hudaýyň Patyşalygyny... hemişe birinji orunda goýuň (Mat. 6:33).

Biz Hudaýyň Patyşalygyny durmuşymyzda birinji orunda goýsak, Ybraýym pygamber ýaly Hudaý üçin köp zadymyzdan geçmäge taýyn bolarys (Mar. 10:28—30; Ýew. 11:8—10). Durmuşyňyz gülala-güllük bolar diýip garaşmaň. Ybraýym pygamber bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, bütin ömrüni Ýehowa gulluk etmäge bagyş eden adamlar hem kynçylykdan gaçyp bilmeýärler (Ýak. 1:2; 1 Pet. 5:9). Şu günler aljak sylagymyz hakda oýlanmaga ençeme sebäpler bar. Dünýäde bolýan wakalar soňky günleriň soňky wagtlarynda ýaşaýandygymyzy açyk-aýdyň görkezýär. Hudaýyň Patyşalygy ýerde höküm sürüp başlanda, biz köp bereketleri alarys. Meselem, biz ölüm sebäpli aýra düşen dogan-garyndaşlarymyzy we dost-ýarlarymyzy göreris. Ýehowa Ybraýym pygamberi imany we sabyrlylygy üçin sylaglar. Ýehowa oňa we bütin maşgalasyna ebedi ýaşaýyş berer. Sizem olary täze dünýäde garşylamak isleýärsiňizmi? Eger Ybraýym ýaly Hudaýyň Patyşalygy üçin köp zadyňyzdan geçmäge taýyn bolsaňyz, kynçylyklara garamazdan imanda berk dursaňyz we Ýehowa sabyrly garaşsaňyz hökman Jennetde ýaşarsyňyz (Mik. 7:7). w20.08 sah. 5, 6, abz. 13, 14; sah. 7, abz. 17

12-nji iýul, sişenbe

Soňky demiňe çenli wepaly bol, men hem saňa ýaşaýyş täjini bererin (Ylh. 2:10).

Duşmanlar bizi öldürse-de, Ýehowanyň direltjekdigini bilýäris. Biz hiç kime we hiç bir zada Ýehowa bilen dostlugymyzy bozmaga ýol bermeris (Rim. 8:35—39). Biz ölümden gorkmaýarys, direlişe umyt edýäris. Şol sebäpli Şeýtanyň gorkuzmak üçin ulanýan ýaragy derde ýaramaz. Direlişe umyt beren akyldar Ýehowa minnetdarlygymyzyň çägi ýok! Ýehowanyň duşmanlary sizi öldürjek diýip gorkuzsalar, Ýehowa wepaly galarsyňyzmy? Onuň direltjekdigine ynanarsyňyzmy? Munuň jogabyny bilmek üçin özüňize şeýle soraglary beriň: «Meniň her gün gelýän kararlarym Ýehowa bil baglaýandygymy görkezýärmi? (Luka 16:10). Ýehowanyň Patyşalygyny goldamak üçin wagtymy, güýjümi we pulumy sarp edýärinmi? Ýehowanyň gerekli zatlar bilen üpjün etjekdigine ynanýarynmy? (Mat. 6:31—33)». Şu soraglara «hawa» diýip jogap berseňiz, onda her bir synaga döz gelip bilersiňiz (Nak. 3:5, 6). w20.08 sah. 17, 18, abz. 15, 16

13-nji iýul, çarşenbe

Hudaýy razy etmek üçin eliňde baryny et, hakykat sözüni dogry öwret, şonda edýän işiňe utanmarsyň (2 Tim. 2:15).

Biz Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen ulanmagy öwrenmeli. Bu babatda bize ýygnak duşuşyklary kömek eder. Eger biz kimdir birine Mukaddes Kitapdaky hakykatyň gymmatlydygyna ynandyrmak islesek, her gün Hudaýyň Sözüni okamaly. Şonda Hudaýyň Sözi biziň imanymyzy berkider. Ýöne munuň üçin diňe bir okamak ýeterlikli däl. Biz okan zatlarymyz hakda oýlansak, edebiýatlarymyzdan barlag geçirsek, Hudaýyň hakykatyna akyl ýetireris (1 Tim. 4:13—15). Şonda biz Hudaýyň Sözi arkaly adamlara hem bilim berip bileris. Biz Mukaddes Kitapdaky aýatlary diňe bir okap bermän, näme aýdylýandygyna düşünmäge we adama nähili degişli ýeriniň bardygyny bilmäge kömek etmeli. Biz Mukaddes Kitaby her gün okasak, ökde mugallym bolup bileris (2 Tim. 3:16, 17). w20.09 sah. 28, abz. 12

14-nji iýul, penşenbe

Ýadap ruhdan düşmez ýaly... (Isa) hakda oýlanalyň (Ýew. 12:3).

Biz wagyz işiniň wajypdygyny unutmaz ýaly, Ýehowanyň bize berýän zatlary hakda oýlanmaly. Meselem, Ýehowa edebiýatlaryň çap edilen we elektron görnüşi, audio-wideo ýazgylary, JW teleýaýlymy arkaly ruhy iýmiti bolluk bilen berýär. Biziň jw.org saýtymyz 1 000-den gowrak dilde çykýar (Mat. 24:45—47). Wagyz işiniň wajypdygyny unutmazlyk üçin Isa pygamberiň göreldesine eýermeli. Ol wagyz edýän hoş habarynyň wajypdygyny unutmaz ýaly ünsüni başga zatlara sowmady (Ýah. 18:37). Meselem, Isa Şeýtanyň teklip eden «patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny» kabul etmedi. Adamlar Isany patyşa etjek bolanlarynda hem razylaşmady (Mat. 4:8, 9; Ýah. 6:15). Ol baýlygyň yşkyna düşmedi we zalym duşmanlardan gorkmady (Luka 9:58; Ýah. 8:59). Biz Pawlus resulyň şu günki aýatdaky maslahatyna eýersek, imanymyz synalanda-da wajyp işi unutmarys. w20.09 sah. 9, 10, abz. 6, 7

15-nji iýul, anna

Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň (1 Kor. 11:1).

Biz ýygnakda zähmetsöýer uýalarymyzyň bardygyna diýseň begenýäris! Olar ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýarlar, wagyz edýärler, Ýygnak jaýlarynyň bejeriş işlerine kömek edýärler we dogan-uýalaryň aladasyny edýärler. Elbetde, uýalar kynçylyklar bilen hem göreşýärler. Käbir uýalar garry ene-atasynyň aladasyny edýär. Käbiri maşgala agzalarynyň garşylygyna çydamaly bolýar. Käbirleri bolsa çagalaryny ýeke terbiýeleýär, olary eklemek üçin agyr zähmet çekýär. Biz näme üçin uýalary goldamaly? Sebäbi şu dünýäde gelin-gyzlara hormat goýulmaýar, mertebesi peseldilýär. Emma Mukaddes Kitapda olary goldamalydygy hakda aýdylýar. Meselem, Pawlus resul Rimde ýaşaýan dogan-uýalara Fibiýa uýany myhman almagy we «gerekli zatlar bilen üpjün etmegi» haýyş edýär (Rim. 16:1, 2). Pawlus gelin-gyzlary äsgermeýän adamlaryň arasynda önüp-ösýär. Emma ol mesihçi bolandan soňra Isa pygamberiň göreldesine eýerip, gelin-gyzlar bilen mähirli gepleşýär we olara uly hormat goýýar. w20.09 sah. 20, abz. 1, 2

16-njy iýul, şenbe

Şägirt taýýarlaň... ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň (Mat. 28:19, 20).

Biz Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlere wagyz etmäge kömek etmek üçin şeýle soraglary berip bileris: «Hudaýyň berýän bilimi durmuşyňyzy nädip özgertdi? Başga adamlar hem hoş habary eşitmelimi? Olara nädip kömek edersiňiz?» (Nak. 3:27; Mat. 9:37, 38). Biz adamlara tälim berenimizde, Isa pygamberiň «ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň» diýen sözlerini ýatdan çykarmaly däl. Şeýle-de ol iň wajyp iki tabşyryk berdi: biz Hudaýy hem adamlary söýmeli (Mat. 22:37—39). Biz Hudaýy we adamlary söýýändigimiz üçin wagyz edýäris we şägirt taýýarlaýarys. Elbetde, okuw geçýänleriň käbiri wagyz etmäge gorkýarlar. Biz olara adamlardan gorkyny kem-kemden ýeňmäge Ýehowanyň ýardam etjekdigine ynanmaga kömek etmeli (Zeb. 18:1—3; Nak. 29:25). w20.11 sah. 3, abz. 6—8

17-nji iýul, ýekşenbe

Siziň üçin hemişe doga edýäris (Kol. 1:9).

Her sapaga taýýarlyk göreniňizde, okuw geçýäniňiz hakda Ýehowa doga-dileg ediň. Mukaddes Kitap arkaly onuň ýüregine täsir eder ýaly Ýehowadan kömek soraň. Siz okuw geçýäniňize suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolmaga kömek etmelidigiňizi unutmaň. Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adam her gün Ýehowany diňlemeli we onuň bilen gürrüňdeş bolmaly. Nädip? Ol Ýehowany diňlemek üçin her gün Mukaddes Kitaby okamaly (Ýuşa 1:8; Zeb. 1:1—3). Her gün doga edip, Ýehowa bilen gürrüňdeş bolmaly. Okuw geçýäniňiz üçin her sapagyň başynda we soňunda ýürekden doga ediň. Ol siziň dogalaryňyzy diňläp, Ýehowa Hudaýa Isa Mesihiň ady bilen doga etmelidigini öwrener (Mat. 6:9; Ýah. 15:16). Okuw geçýäniňiz her gün Mukaddes Kitaby okasa (Ýehowany diňlese) we doga etse (Ýehowa bilen gürrüňdeş bolsa), onuň bilen dostlaşyp biler (Ýak. 4:8). w20.10 sah. 8, abz. 8; sah. 9, abz. 10, 11

18-nji iýul, duşenbe

Parahatlygy saklaň, mukaddes ruhuň beren agzybirligini goramaga jan ediň (Efes. 4:3).

Ýehowanyň guramasy I asyrdaky ýaly, şu günler hem dogan-uýalaryň arasynda tertip-düzgüniň we parahatlygyň bolmagy üçin köp işleri edýär (Res. 16:4, 5). Aýdaly, siz başga ýerdäki ýygnakda «Garawul diňi» duşuşygyna gatnaşýarsyňyz. Şonda siz nädip geçiriler, haýsy makala okalar diýip, ikirjiňlenip durmarsyňyz. Sebäbi ol ýerdäki ýygnak duşuşyklary siziň ýaşaýan ýeriňizdäki ýaly geçirilýär. Şeýle agzybirligi diňe Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen gazanyp bolýar (Sep. 3:9). Siz näme edip bilersiňiz? Özüňize şeýle soraglary beriň: «Men ýygnakda agzybirligiň we parahatlygyň bolmagyna goşant goşýarynmy? Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asýarynmy? Ýygnakda jogapkärli borçlarym bar bolsa, dogan-uýalar maňa doly bil baglap bilerlermi? Men ähli zady wagtynda ýerine ýetirýärinmi? Dogan-uýalara höwes bilen kömek edýärinmi?» (Ýak. 3:17). Eger siz öz üstüňizde işlemeli bolsaňyz, Hudaýdan mukaddes ruhy diläň. Siz mukaddes ruhuň özüňize täsir etmegine ýol berseňiz, ýagşy häsiýetlere eýe bolarsyňyz. Şonda dogan-uýalar sizi has-da söýerler we hormat goýarlar. w20.10 sah. 23, abz. 12, 13

19-njy iýul, sişenbe

Hudaýyň sözüni diňe bir diňlemän, eýsem ýerine ýetiriň (Ýak. 1:22).

Hudaýyň Sözüni ýüz görülýän aýna meňzetse bolýar (Ýak. 1:23—25). Biz öýden çykmankak, her gün aýna seredýäris. Şonda bizi hiç kim görmänkä, daş keşbimizi we üst-başymyzy düzedýäris. Edil şonuň ýaly, Mukaddes Kitaby her gün okasak, nädogry pikirlerimizi düzedip bilýäris. Köp dogan-uýalar ir bilen her günki aýady okamagy endik etdiler. Olar Hudaýyň Sözi arkaly aňyny we ýüregini nädogry garaýyşdan arassalaýarlar. Dogan-uýalar Mukaddes Kitapdan okan maslahatlaryna günüň dowamynda eýermäge jan edýärler. Biz her gün Hudaýyň Sözüni okap, oýlanmak üçin gün tertibini düzmeli. Elbetde, Mukaddes Kitaby okamak aňsat ýaly bolup görünse-de, bu bize ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan sowulman ýöremäge kömek edýän iň ähmiýetli zatlaryň biridir. Hudaýyň Sözi rentgen ýaly ynsanyň gözüne görünmeýän zatlary görkezýär. Emma Mukaddes Kitabyň we Ýehowanyň bellän adamlarynyň maslahatlaryna gulak asmak üçin pesgöwünli bolmaly. w20.11 sah. 18, abz. 3; sah. 20, abz. 8

20-nji iýul, çarşenbe

Ýygnaklar ruhy taýdan berkäp, şägirtleriň sany gün-günden artýardy (Res. 16:5).

I asyrdaky mesihçiler yzarlansalar-da, parahatlyk döwründen peýdalanyp bildiler. Olar şol döwür näme etdiler? Hudaýa wepaly mesihçiler hoş habary yhlasly wagyz edýärdiler. Resullar kitabynda olaryň «Ýehowadan gorkup, onuň ýolundan ýörändikleri» aýdylýar. Olar hoş habary hemişe wagyz edýärdiler, şol sebäpli «şägirtleriň sany gün-günden artýardy». Görşümiz ýaly, parahatlyk döwri mesihçileriň yhlasly wagyz edendikleri üçin, Ýehowa olara bereket berdi (Res. 9:26—31). I asyrdaky şägirtler hoş habary wagyz etmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanýardylar. Meselem, Pawlus resul Efesde köp adamlaryň hoş habary diňleýändiklerini görende, wagyz etmek we şägirt taýýarlamak üçin şäherde galýar (1 Kor. 16:8, 9). Şägirtler öňküden hem yhlasly «hoş habary wagyz etdiler we Ýehowanyň sözüni öwretdiler» (Res. 15:30—35). Munuň netijesi hakda şu günki aýatda aýdylýar. w20.09 sah. 15, 16, abz. 6—8

21-nji iýul, penşenbe

Bir adam arkaly ölüm peýda boldy (1 Kor. 15:21).

Adam ata Hudaýa gulak asman, hem öz başyna, hem nesliniň başyna ölümi satyn aldy. Ýöne Ýehowa Ogluny direldip, ajaýyp gelejege umyt berdi. Pawlus resul şeýle diýdi: «Bir adam (Isa) arkaly hem direliş bolar. Adam ata arkaly hemmeleriň ölşi ýaly, Mesih arkaly-da hemmeler ýaşarlar» (1 Kor. 15:22). Pawlus «Adam ata arkaly hemmeler öldi» diýende, kimleri göz öňünde tutdy? Ol Adam atanyň neslini göz öňünde tutupdy. Adam ata arkaly günä we bikämillik ähli adamlara geçdi, şol sebäpli hemmeler ölýär (Rim. 5:12). Adam ata direlmez. Isa Mesihiň töleg gurbanynyň oňa hiç hili peýdasy bolmaz. Sebäbi ol kämil bolsa-da, Hudaýa gulak asmady. «Ynsan ogly» «geçiler» toparyndaky adamlara nähili höküm çykaran bolsa, Adam ata-da şeýle höküm çykarar, ýagny ol «ebedilik ýok ediler» (Mat. 25:31—33, 46; Ýew. 5:9). w20.12 sah. 5, abz. 13, 14

22-nji iýul, anna

Ýehowa... pesgöwünlilere seredýär (Zeb. 138:6).

Bize jogapkärli borjy bermeseler, Ýehowanyň wepaly perişdelerinden görelde alyp bileris. Bir güni Ýehowa perişdelerinden zalym Ahap patyşanyň niýetini puja çykarmak üçin kimiň gidip biljekdigini soraýar. Allatagala birnäçe perişdeleriň pikirini diňleýär. Soňra bir perişdä Ahap patyşany aldawa salmagy tabşyrýar (1 Pat. 22:19—22). Şonda beýleki perişdeler gynandylarmy? Perişdeleriň biri: «Biderek ýere gelipdirin. Biderek wagtym gitdi» diýdimikä? Ýok! Perişdeler pesgöwünlilik bilen Ýehowany şöhratlandyrmak isleýärler (Ser. 13:16—18; Ylh. 19:10). Ýehowanyň Şaýady bolmak we Patyşalyk barada hoş habary wagyz etmek uly hormat. Ýehowa bizi borjumyza görä söýmeýär. Ol biziň pesgöwünli bolmagymyzy isleýär. Şonda bizi hem Ýehowa, hem doganlar söýerler. Pesgöwünli bolmak üçin Ýehowadan kömek soraň. Mukaddes Kitapda Hudaýa pesgöwünlilik bilen gulluk eden hudaýhon adamlar barada okaň. Dogan-uýalara kömek etmäge taýyn boluň (1 Pet. 5:5). w20.12 sah. 26, abz. 16, 17

23-nji iýul, şenbe

Kelläňize gutulyş tuwulgasyny geýiň, eliňize Hudaýyň sözi bolan ruhuň gylyjyny alyň (Efes. 6:17).

Gutulyş tuwulgasy — Ýehowanyň berýän umydyny aňladýar. Biz Hudaýyň kada-kanunlaryna gulak asýan adamlary sylaglajakdygyna, hatda ölümden direltjekdigine umyt edýäris (1 Sel. 5:8; 1 Tim. 4:10; Tit. 1:1, 2). Gelejege bolan umyt hem biziň oý-pikirimizi goraýar, kyn ýagdaýlarda ruhdan düşmän, Hudaýyň beren wadalary hakda oýlanmaga kömek edýär. Gutulyş tuwulgasyny geýmek üçin Ýehowanyň garaýşyna eýermeli, ýalan baýlyga däl-de, Hudaýa umyt baglamaly (Zeb. 26:2; 104:34; 1 Tim. 6:17). Ruhuň gylyjy — Mukaddes Kitaby aňladýar. Ruhuň gylyjy ähli ýalany paş edýär, ýalan taglymatlardan azat edýär we erbet endikleri ýeňmäge kömek edýär (2 Kor. 10:4, 5; 2 Tim. 3:16, 17; Ýew. 4:12). Ruhuň gylyjyny dogry ulanmagy öwrenmek üçin her gün Mukaddes Kitaby okamaly, çuňňur gözleg geçirmeli we wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň berýän bilimini durmuşymyzda ulanmaly (2 Tim. 2:15). w21.03 sah. 27, abz. 4; sah. 29, abz. 10, 11

24-nji iýul, ýekşenbe

Men Hudaý we Isa barada wagyz edýändigim üçin Patmos adasyna sürgün edildim (Ylh. 1:9).

Ýahýa resul sürgünde wagty hem dogan-uýalary söýýändigini görkezdi. Meselem, ol Ylham kitabyny ýazdy we şol kitaby dogan-uýalara iberip, «tizden boljak zatlary» habar bermek isledi (Ylh. 1:1). Ýahýa Patmos adasyndan boşap gelenden soň, Isanyň ömri we wagzy hakdaky Hoş habary ýazan bolmaly. Şeýle-de dogan-uýalary ruhlandyrmak we berkitmek üçin ýene üç hat ýazdy. Dogrudanam, Ýahýa resul bütin ömrüne janyny aýaman gulluk etdi. Siz onuň göreldesine eýerip, saýlan ýoluňyz bilen adamlary söýýändigiňizi görkezip bilersiňiz. Şeýtanyň dünýäsi özüňi bilip ýaşamaga, bar güýjüňi we wagtyňy sarp edip, at-abraý gazanmaga höweslendirýär. Ýöne janaýamaz wagyzçylar başga ýoly saýlaýar. Olar hoş habary wagyz edip, adamlara Hudaý bilen dostlaşmaga kömek etmek üçin köp wagtyny sarp edýärler. w21.01 sah. 10, abz. 9, 10

25-nji iýul, duşenbe

Ýonatan ony juda gowy gördi (1 Şam. 18:1).

Ýonatan Şawul patyşanyň ogludy. Ol: «Men mirasdüşer, men patyşa bolmaly» diýip, Dawuda göriplik edip bilerdi (1 Şam. 20:31). Ýöne Ýonatan pesgöwünli we hudaýhon adamdy. Ol Ýehowanyň saýlan patyşasy Dawudy ýürekden goldaýardy. Kakasy Dawudy ýigrense-de, Ýonatan dostuna wepaly boldy (1 Şam. 20:32—34). Ol Dawudy duşmany däl-de, dogany hasaplaýardy. Ýonatan ökde ýaýçydy, edermen esgerdi. Il arasynda Ýonatan bilen Şawula «bürgütden çalasyn, arslandan rüstem» diýýärdiler (2 Şam. 1:22, 23). Ýonatan: «Men edermen serkerde, maňa taý gelip biljek ýokdur» diýip öwnüp bilerdi. Ýöne ol Dawuda göriplik we bäsdeşlik etmedi. Ýonatan Dawudyň edermenligine we Ýehowa bilen dostlugyna buýsanýardy. Dawut Jaluty öldürenden soň, Ýonatan dostuny öz janyndan hem eziz gördi. w21.01 sah. 22, abz. 6, 8, 9

26-njy iýul, sişenbe

Aýalyň başy erkek (1 Kor. 11:3).

Dogan-uýalaryň ählisi Isa Mesihe tabyn bolýarlar. Emma uýalar durmuşa çykandan soňra ärine hem tabyn bolýarlar. Uýalara tabyn bolmak aňsat düşýän däldir. Sebäbi Isa pygamberden tapawutlylykda, ärler bikämil we köp ýalňyşlyk goýberýärler. Şol sebäpli durmuşa çykmak isleýän uýalar özüne şeýle soraglary bermeli: «Ol gowy maşgalabaşy bolup bilermi? Ýehowanyň tabşyran işlerini yhlasly ýerine ýetirýärmi? Eger häzir şeýle zatlara sowuk-sala garaýan bolsa, durmuş gurandan soňra gowy maşgalabaşy boljagyny nädip bileýin?» Şeýle-de uýalar şu soraglar hakda oýlansa gowy bolar: «Maşgalamy bagtly etmek üçin mende ýagşy häsiýetler barmy? Men sabyrlymy, jomartmy? Ýehowanyň tabşyran işlerini ýürekden ýerine ýetirýärinmi?» (Nes. 4:9, 12). Uýalar, eger maşgalaňyzy bagtly etmek isleseňiz, onda durmuşa çykmankaňyz şu soraglaryň üstünde çuňňur oýlanyň. Dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan millionlarça uýalar ärine ýürekden tabyn bolýarlar. Biz uýalarymyza buýsanýarys! w21.02 sah. 8, abz. 1, 2

27-nji iýul, çarşenbe

Makedoniýa gelip kömek et (Res. 16:9).

Soňky ýyllarda wagyzçylar köp wagyz etmek üçin daşary ýurt dilini öwrenmegi maksat edindiler. Olar wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek üçin başga ýygnaga geçdiler. Olar Patyşalyk işiniň ilerlemegi üçin şeýle karara geldiler. Daşary ýurt dilinde erkin geplemek üçin olara ençeme ýyl gerek bolýar. Ýöne şonda-da ýygnagyň işlerine köp goşant goşup bilýärler. Olaryň ýagşy häsiýetleri we baý tejribesi dogan-uýalaryň imanyny berkidýär. Biz şeýle janaýamaz dogan-uýalaryň gadyr-gymmatyny bilýäris. Ýaşulular maslahaty ýerli dilde gowy gepläp bilmeýän doganlary-da ýygnak ýaşulusy ýa-da hyzmatçysy edip belläp bilerler. Ýaşulular olaryň ýerli dilde nähili gepläp bilýändigine däl-de, Hudaýyň talaplaryna laýyk gelýändigine görä olara ýygnagyň işlerini tabşyryp bilerler (1 Tim. 3:1—10, 12, 13; Tit. 1:5—9). w20.08 sah. 30, abz. 15, 16

28-nji iýul, penşenbe

Doganlarym, dürli kynçylyklara uçranyňyzda, ählisini şatlyk bilen kabul ediň (Ýak. 1:2).

Köp adamlar: «Janym tut ýaly sag bolsa, baý bolsam, maşgalam agzybir bolsa, men dünýäde iň bagtly we şadyýan adam bolaryn» diýýärler. Ýöne Ýakup hakyky şatlygyň adamyň ýagdaýyna bagly däldigini aýdýar. Şatlyk Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesidir (Gal. 5:22). Mesihçiler nähili kynçylyklara duşsalar-da, Hudaýy razy edýärler we Isa pygamberiň göreldesine eýerip, ýürekden şatlanýarlar (Luka 6:22, 23; Kol. 1:10, 11). Dogan-uýalaryň ýüregindäki şatlygy çyranyň ýalnyna meňzetse bolýar. Gadymy döwürde aýnaly çyralar ulanylypdyr. Çyranyň ähli tarapy ýapyk bolandygy üçin, ýagyş ýa-da şemal ýalny söndürip bilmändir. Şonuň ýaly keselçilik, pulsuzlyk, dogan-garyndaşlarymyzyň garşy çykmagy we üstümizden gülmegi ýüregimizdäki şatlygy söndürip bilmez. Biz näçe köp kynçylyga döz gelsek, ýüregimizdäki şatlyk şonça-da lowlap ýanar. Sebäbi kynçylyklarda biziň imanymyz has-da berkeýär we Isanyň hakyky şägirdidigimizi subut edýäris (Mat. 10:22; 24:9; Ýah. 15:20). Şol sebäpli Ýakup şu günki aýatdaky sözleri ýazdy. w21.02 sah. 28, abz. 6

29-njy iýul, anna

Hoş söz köňli galkyndyrýar (Nak. 12:25).

Mukaddes Kitaby okanyňyzda, Ýehowa bil baglamaga kömek edýän aýatlary tapmagyňyz mümkin. Şonda olary ýazyp alsaňyz, sesli okasaňyz we birnäçe sapar gaýtalasaňyz ýadyňyzda galar. Ýehowa Ýuşa paýhasly hereket eder ýaly, Kanuny gije-gündiz okap oýlanmagy tabşyrýar. Ýuşa şu maslahata eýerip, howsala düşmän batyrgaýlyk bilen Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk etdi (Ýuşa 1:8, 9). Mukaddes Kitapdaky aýatlar bize-de alada goýýan ýagdaýlarda rahatlygy saklamaga kömek edýär (Zeb. 27:1—3; Nak. 3:25, 26). Ýygnak duşuşyklary hem biziň imanymyzy berkidýär, sebäbi nutuklary diňleýäris, ruhlandyryjy jogaplary eşidýäris we dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolýarys (Ýew. 10:24, 25). Biz ýygnakdaky dostumyza içimizi döksek hem ruhlanýarys. w21.01 sah. 6, abz. 15, 16

30-njy iýul, şenbe

Wepaly adamlara görelde bol (1 Tim. 4:12).

Siz suwa çümdürileniňizde berk imanyňyzy we Ýehowa bil baglaýandygyňyzy görkezdiňiz. Ýehowa-da sizi höwes bilen öz halkynyň arasyna goşdy. Şonuň üçin mundan beýlägem Ýehowa bil baglaň. Elbetde, bütin durmuşyňyza täsir etjek karara geleniňizde Ýehowa bil baglamak kyn däldir. Emma ýönekeýje bolup görünýän ýagdaýlarda, ýagny dynç alanyňyzda, iş gözläniňizde ýa-da maksat goýanyňyzda Ýehowa bil baglaýarsyňyzmy? Öz düşünjäňize daýanmaň. Karara gelmezden öň gözleg geçiriň we öwrenen zatlaryňyza eýeriň (Nak. 3:5, 6). Şonda Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyňyz we dogan-uýalaryň hormatyny gazanarsyňyz. Ählimiz günäli bolandygymyz üçin käwagt ýalňyşýarys. Ýöne «ýalňyşmaýan adam ýok» diýip eliňizi sowatmagyň deregine, Ýehowa ýürekden gulluk ediň. w21.03 sah. 5, 6, abz. 14, 15

31-nji iýul, ýekşenbe

Men... ýolbarsyň agzyndan halas boldum (2 Tim. 4:17).

Belki-de, Ýehowa gulluk edýändigiňiz üçin dogan-garyndaşlaryňyz size garşy çykýandyr. Siz wagyz işi çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýurtda ýaşaýansyňyz. Eger şeýle bolsa, onda sizi 2 Timoteos 1:12—16 we 4:6—11, 17—22-nji aýatlar ruhlandyrar. Pawlus resul şu aýatlary türmede otyrka ýazypdy. Mukaddes Kitapdan Pawlus resulyň döz gelen kynçylyklary barada okamazdan öň Ýehowa doga edip, kynçylyklaryňyzy we duýgularyňyzy ýekän-ýekän gürrüň beriň. Şeýle-de özüňize gerekli maslahatlary tapar ýaly Ýehowadan kömek soraň. Ýehowa Pawlusa Isa pygamber hakda wagyz edýändigi üçin yzarlanjakdygyny öňünden aýdypdy (Res. 21:11—13). Hudaý Pawlusy nädip goldady? Ýehowa onuň doga-dilegini eşitdi we güýç-kuwwat berdi. Şeýle-de yhlasly wagyz edendigi üçin sylag berjekdigini aýtdy we wepaly dostlary arkaly goldady. w21.03 sah. 18, abz. 14, 15, 19

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş