Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es22 sah. 77—87
  • Awgust

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Awgust
  • Her günki aýady okalyň — 2022
  • Sözbaşylar
  • 1-nji awgust, duşenbe
  • 2-nji awgust, sişenbe
  • 3-nji awgust, çarşenbe
  • 4-nji awgust, penşenbe
  • 5-nji awgust, anna
  • 6-njy awgust, şenbe
  • 7-nji awgust, ýekşenbe
  • 8-nji awgust, duşenbe
  • 9-njy awgust, sişenbe
  • 10-njy awgust, çarşenbe
  • 11-nji awgust, penşenbe
  • 12-nji awgust, anna
  • 13-nji awgust, şenbe
  • 14-nji awgust, ýekşenbe
  • 15-nji awgust, duşenbe
  • 16-njy awgust, sişenbe
  • 17-nji awgust, çarşenbe
  • 18-nji awgust, penşenbe
  • 19-njy awgust, anna
  • 20-nji awgust, şenbe
  • 21-nji awgust, ýekşenbe
  • 22-nji awgust, duşenbe
  • 23-nji awgust, sişenbe
  • 24-nji awgust, çarşenbe
  • 25-nji awgust, penşenbe
  • 26-njy awgust, anna
  • 27-nji awgust, şenbe
  • 28-nji awgust, ýekşenbe
  • 29-njy awgust, duşenbe
  • 30-njy awgust, sişenbe
  • 31-nji awgust, çarşenbe
Her günki aýady okalyň — 2022
es22 sah. 77—87

Awgust

1-nji awgust, duşenbe

Mensiz hiç zat edip bilmersiňiz (Ýah. 15:5).

Diňe Isanyň dostlary töleg gurbanyndan peýda alar. Sebäbi Isa «dostlary üçin janyny gurban etjekdigini» aýdypdy (Ýah. 15:13). Gadymy döwürde ýaşap geçen Hudaýa wepaly adamlar gelejekde direler. Olar Isany tanap, ony ýürekden söýerler. Eger olar ebedi ýaşamak isleseler, Isa bilen dostlaşmaly bolarlar (Ýah. 17:3; Res. 24:15; Ýew. 11:8—12, 24—26, 31). Biz Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip we şägirt taýýarlap, Isa bilen işleşmekden köp şatlyk tapýarys. Isa ýerde ýaşanda mugallym hökmünde tanalýardy, ýagny wagyz edip, şägirt taýýarlaýardy. Isa göge dolanansoň hem, ýygnagyň başy hökmünde wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine ýolbaşçylyk edýär. Siz Isany we Atasyny köp adamlara tanatmak üçin eliňizde baryny edýärsiňiz. Isa siziň janaýaman çekýän zähmetiňizi görüp begenýär. Hawa, biz wagyz işini Ýehowanyň we Isanyň kömegi bilen ýerine ýetirip biljekdigimize düşünýäris (Ýah. 15:4). w20.04 sah. 22, abz. 7, 8

2-nji awgust, sişenbe

Iki patyşa saçak başynda oturyp, biri-birine ýalan sözlärler (Dan. 11:27).

Gadymy döwürde Ysraýylyň demirgazygynda ýerleşýän ýurduň patyşasyna «demirgazyk patyşasy», günortasynda ýerleşýän ýurduň patyşasyna «günorta patyşasy» diýlipdir (Dan. 10:14). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününe çenli ysraýyllar Hudaýyň halky hasaplanýardy. Emma şondan soň Ýehowa Isanyň wepaly şägirtlerini öz halky edip saýlandygyny mese-mälim görkezdi. Şonuň üçin Danyýar kitabynyň 11-nji babyndaky pygamberlikleriň köp bölegi hem göni manydaky ysraýyl halkyna däl-de, Mesihiň şägirtlerine degişli (Res. 2:1—4; Rim. 9:6—8; Gal. 6:15, 16). Şeýle-de taryhyň dowamynda birnäçe patyşalar we hökümdarlar demirgazyk hem günorta patyşasy bolupdylar. Emma olaryň arasynda birnäçe meňzeşlik bar. Birinjiden, şol patyşalar Hudaýyň gullukçylary nirede köp bolsa, şol ýerde höküm sürdüler ýa-da yzarladylar. Ikinjiden, olar Hudaýyň halkyna azar berip, hak Hudaý Ýehowany ýigrenýändigini görkezdiler. Üçünjiden, iki patyşa bir-birine garşy çykdylar. w20.05 sah. 2, 3, abz. 3, 4

3-nji awgust, çarşenbe

Men Kim bolaýyn diýsem, Bolýandyryn (2 Mus. 3:14).

Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin kim bolaýyn diýse bolup bilýär. Şeýle-de Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin bikämil gullukçylaryny kim edeýin diýse edip bilýär (Işa. 64:8). Hudaýa niýetini ýerine ýetirmäge hiç zat päsgel berip bilmez (Işa. 46:10, 11). Gökdäki Atamyzyň eden işleri we biz arkaly edýän işleri hakda oýlansak oňa bolan minnetdarlygymyz artar. Meselem, biz Ýehowanyň ýaradan zatlary barada oýlansak, onuň şeýle köp işleri edendigini görüp haýran galarys (Zeb. 8:3, 4). Şeýle-de Ýehowanyň biz arkaly öz niýetini amala aşyrýandygy hakda oýlananymyzda, oňa bolan hormatymyz artýar. Dogrudanam, Allanyň ady deňsiz-taýsyz. Hudaýyň ady gökdäki Atamyzyň häsiýetlerini, şu günlere çenli eden işlerini we gelejekde etjek işlerini öz içine alýar (Zeb. 89:7, 8). w20.06 sah. 9, abz. 6, 7

4-nji awgust, penşenbe

Hudaý... adamlara ýaşaýşy, demi... özi berýär (Res. 17:24, 25).

Kislorod diri janly-jandarlaryň, şol sanda biziňem dem alýan howamyz. Her ýyl ähli janly-jandarlar ýüz milliard tonna kisloroddan dem alýar we kömürturşy gazyny bölüp çykarýar. Emma janly-jandarlar we adamlar näçe dem alsa-da, kislorod gutarmaýar. Şeýle-de ýer zyýanly gaz bolan kömürturşy gazyndan dolmaýar. Nädip beýle bolup bilýär? Sebäbi Ýehowanyň ýaradan uly agaçlaryndan başlap, kiçijik suw otlaryna çenli ählisi kömürturşy gazyny sorup, kislorod bölüp çykarýarlar. Kislorodyň tebigatda aýlanyşy şu günki aýatlardaky sözleriň dogrudygyny subut edýär. Biz täsin Ýer şarymyz we ondaky zerur bolan zatlar üçin Hudaýa minnetdarlygymyzy nädip ösdürip bileris? (Zeb. 115:16). Munuň bir usuly Ýehowanyň ýaradan zatlary barada oýlanmaly. Şonda biz Ýehowanyň edýän ýagşylyklary üçin her gün minnetdar bolarys. Şeýle-de ýaşaýan ýerimizi arassa saklamak bilen, Ýer şary üçin minnetdardygymyzy görkezip bilýäris. w20.05 sah. 22, abz. 5, 7

5-nji awgust, anna

Halklaryň arasynda... masgara edilen adymy hökman aklaryn (Hyz. 36:23).

Ýehowa Erem bagynda ýüze çykan meseläni akyldarlyk, sabyrlylyk we adalatlylyk bilen çözdi hem-de ençeme gezek gudratly güýjüni görkezdi. Iň esasy zat bolsa, Ýehowanyň edýän ähli işlerinden söýgüsi görünýär (1 Ýah. 4:8). Ýehowa adyny aklamak üçin häzirem köp işleri edýär. Şeýtan şu günlerem Hudaýyň adyna töhmet atýar. Ol adamlary aldap, Ýehowanyň güýçli, adalatly, paýhasly we söýgüden doly Hudaýdygyna şübhe döretjek bolýar. Meselem, Şeýtan Ýehowa Ýaradyjy däl diýip, adamlary ynandyrjak bolýar. Hudaýhon adamlary bolsa, Hudaýyň kanunlary adalatsyz we erkinligiňi çäklendirýär diýip aldaýar. Hatda Şeýtan «Ýehowa doňýürek, zalym Hudaý, adamlary dowzah odunda gynaýar» diýip öwredýär. Şeýtanyň ýalanlaryna ynanan adamlar Ýehowanyň adalatly hökümdarlygyna tabyn bolmak islemeýärler. Şeýtan doly ýeňilýänçä, sizi-de Hudaýdan daşlaşdyrmagyny dowam eder. Ol muny başararmy? w20.06 sah. 4, 5, abz. 13—15

6-njy awgust, şenbe

Grek bilen ýehudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, gelmişek bilen medeniýetsiz adamyň, gul bilen azat adamyň arasynda tapawut bolmaz. Ýöne ähli zat we hemmeler Mesihde jemlenendir (Kol. 3:11).

Köp dogan-uýalara daşary ýurt dilini öwrenmek kyn bolýar. Olar şol dilde öz pikirini doly düşündirip bilmeýärler. Ýöne biz olaryň ýalňyş gepleýşine däl-de, edýän tagallasyna üns bersek, Ýehowany söýýändigini we yhlasly wagyz etmek isleýändigini bileris. Dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetlerini görsek, olaryň gadyryny bileris we çuňňur hormat goýarys. Biz olara ene dilimizde suw içen ýaly gepläp bilmeýändikleri üçin «siz bize gerek däl» diýmeris (1 Kor. 12:21). Biz Ýehowanyň ýygnakda hormatly borjy ynanandygyna örän minnetdar. Ýehowa biziň jynsymyza, maşgala ýagdaýymyza, ýaşymyza ýa-da başga dilde gowy gepläp bilmeýändigimize garamazdan, ählimizi gymmat saýýar. Biz hem biri-birimize hormat goýmaly (Rim. 12:4, 5; Kol. 3:10). Geliň, ýygnakdaky ornumyzy gymmat saýalyň we dogan-uýalary ýürekden söýeliň. w20.08 sah. 31, abz. 20—22

7-nji awgust, ýekşenbe

Käbir adamlar bolsa iman etdiler (Res. 17:34).

Afinanyň ilaty butparazdy, ahlaksyzdy we filosofiýa ynanýardy. Olar Pawlus resulyň üstünden gülseler-de, ol ýan bermedi, ruhdan düşmedi. Pawlusyň özi-de öň «Hudaýa dil ýetirýän, halkyny yzarlaýan we gödek adamdy», emma indi mesihçi boldy (1 Tim. 1:13). Isa Pawlusyň öz şägirdi boljagyna ynanýardy, Pawlus hem Afinadaky adamlaryň mesihçi boljagyna umyt edýärdi. Onuň umydy puja çykmady (Res. 9:13—15). I asyrda her dürli adamlar Isanyň şägirtleri boldular. Pawlus Gresiýanyň Korinf şäherinde ýaşaýan mesihçilere hat ýazanda, olaryň käbiri öň jenaýatçydy, ahlaksyz işlerini akyla sygdyryp bolmaýardy. Pawlus şeýle diýdi: «Siziň hem käbiriňiz şeýle işleri edýärdiňiz, emma ýuwlup arassalandyňyz» (1 Kor. 6:9—11). Siz hem şeýle adamlaryň durmuşyny özgerdip, mesihçi boljakdygyna ynanýarsyňyzmy? w20.04 sah. 12, abz. 15, 16

8-nji awgust, duşenbe

Indi besdir... janymy al (1 Pat. 19:4).

Eger biri Ýehowa gulluk etmegiň peýdasy barmyka diýip şübhelenýän bolsa, ýaşulular ony ýazgarmaga howlukmaly däl, gaýtam onuň näme üçin özüni şeýle alyp barýandygyna düşünjek bolmaly. Ýaşulular diňe şondan soň Mukaddes Kitap arkaly ony ruhlandyryp, gerekli kömegi berip biler. Ylýas pygamber şa aýaly Izabelden gaçyp barýardy (1 Pat. 19:1—3). Ol edýän gullugyny biderek hasaplap, ölümini diledi (1 Pat. 19:10). Ýehowa Ylýasy ýazgarmady, gaýtam onuň ýeke däldigine ynandyrdy. Şeýle-de Hudaýyň güýjüne bil baglap bilýändigini we edilmeli işleriň köpdügini aýtdy. Ylýas özüni alada goýýan ýagdaýlar barada aýdanda, Ýehowa ony ünsli diňledi we pygambere täze ýumuş tabşyrdy (1 Pat. 19:11—16, 18). Biz mundan näme öwrenýäris? Biziň ählimiz, esasanam, ýaşulular Ýehowanyň guzujyklarynyň mähir bilen aladasyny etmeli. Eger adam ýüregini döküp, öýke-kinesiniň bardygyny ýa-da Ýehowanyň rehimdarlygyna mynasyp däldigini aýtsa, ýaşulular ony ünsli diňlemeli. Soňra Ýehowanyň ony söýýändigine ynandyrmak üçin jan etmeli. w20.06 sah. 21, 22, abz. 13, 14

9-njy awgust, sişenbe

Hak dost elmydama söýýär (Nak. 17:17).

Ýehowa biziň maşgala agzalarymyz we dost-ýarlarymyz bilen şatlanmagymyzy isleýär (Zeb. 133:1). Isa pygamberiň hem gowy dostlary bardy (Ýah. 15:15). Mukaddes Kitapda hak dostuň elmydama goldajakdygy aýdylýar (Nak. 18:24). Şeýle-de ile-güne goşulman, özüňi çetde tutmagyň zyýanlydygy aýdylýar (Nak. 18:1). Köp adamlar sosial ulgamlarynyň ýekelik duýgusyny ýeňmäge kömek edýändir öýdýärler. Sosial ulgamlary arkaly ençeme adamlar bilen dostlaşyp bolýar diýip pikir edýärler. Emma olary seresaplyk bilen ulanmaly. Geçirilen barlaglara görä, sosial ulgamlaryny çendenaşa köp ulanýan adamlar özüni ýeke duýup, göwnüçökgünlige düşýärler. Näme üçin? Munuň bir sebäbi adamlar öz başyndan geçiren gyzykly wakalary ýazýarlar, özüniň iň owadan suratlaryny we owadan ýerlerde dynç alyp, dost-ýarlary bilen düşen suratlaryny goýýarlar. Olary görýän adamlar özüni bagtsyz duýup, durmuşyny içgysgynç hasaplaýarlar. w20.07 sah. 5, 6, abz. 12, 13

10-njy awgust, çarşenbe

Resullar we ýaşulular... maslahat etmek üçin ýygnanyşdylar (Res. 15:6).

«Garawul diňiniň» 1988-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda çykan sanynda şeýle diýilýär: «Ýaşulular şuny unutmaly däl: Isa Mesih mukaddes ruh arkaly ýaşulular maslahatyndaky her bir dogana dogry karara gelmäge kömek edip bilýär. Olar Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna görä kyn meseleleri çözüp, belli bir karara gelip bilýärler (Res. 15:7—15). Ýehowa mukaddes ruhuny ýaşulular maslahatyndaky doganlaryň diňe birine däl-de, hemmesine berýär». Eger ýaşuly dogan ýaşulular maslahatynyň agzalaryna hormat goýmaýan bolsa, onda hiç kime gezek bermän, diňe özi gepläp oturar. Ol öz sözüni gögerdip, hiç kimi diňlemez. Emma ýaşululara hormat goýýan dogan öz pikirini pesgöwünlilik bilen aýdar. Ol doganlaryň diýýän zatlaryny ünsli diňlär. Esasanam, ýaşuly Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna we «wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň» berýän görkezmesine tabyn bolar (Mat. 24:45—47). Ýaşulular özara maslahat edende mähirli bolsalar we birek-birege hormat goýsalar, Ýehowanyň mukaddes ruhuny alarlar. Şeýdip, olar dogry karara gelerler (Ýak. 3:17, 18). w20.08 sah. 27, abz. 5, 6

11-nji awgust, penşenbe

Ýamanlygy hemişe ýagşylyk bilen ýeňiň (Rim. 12:21).

Pawlus resulyň duşmanlary güýçlüdi. Olaryň buýrugy bilen, Pawlusy urup-ýenjip, türmä basdylar. Pawlusyň dostlary hem duşman boldular. Hatda käbir mesihçiler hem oňa garşy çykdylar (2 Kor. 12:11; Flp. 3:18). Ýöne Pawlus ähli duşmanlaryny ýeňdi. Nädip? Ol nähili garşylyk bolsa-da, wagyz etmegini goýmady. Dogan-uýalar göwnüne degseler-de, Pawlus olary ýigrenmedi. Esasanam, ol ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly galdy (2 Tim. 4:8). Pawlus öz güýjüne däl-de, Ýehowanyň güýjüne daýanyp, kynçylyklara döz gelip bildi. Sizi hem kemsidip, garşy çykýarlarmy? Adamlar garşy çykanlarynda, biz olara Mukaddes Kitap arkaly Ýehowany tanamaga kömek etmeli. Adamlaryň soraglaryna Mukaddes Kitap arkaly jogap beriň, erbetlik edýänlere hormat goýup, mähirli boluň. Siz ähli adamlara, hatda duşmanlaryňyza ýagşylyk etseňiz, Ýehowany tanamaga kömek edersiňiz (Mat. 5:44; 1 Pet. 3:15—17). w20.07 sah. 17, 18, abz. 14, 15

12-nji awgust, anna

Sen pesgöwünlisiň, meni beýgeldýärsiň (2 Şam. 22:36).

Ýehowa pesgöwünli Hudaýmy? Elbetde! Dawut patyşa hem şu günki aýatda Ýehowanyň pesgöwünlidigini aýdýar (Zeb. 18:35). Belki-de, ol şu sözleri ýazanda, Şamuwel pygamberiň Ysraýylyň geljekki patyşasyny saýlamak üçin olara gelen gününi ýatlandyr. Dawut sekiz doganyň iň kiçisi bolsa-da, Ýehowa ony Şawulyň ýerine patyşa edip saýlady (1 Şam. 16:1, 10—13). Dawut bir mezmurçynyň Ýehowany wasp edip, aýdan şu şahyrana sözlerini goldandyr: «Ol egilip, asmana we ýere nazar salýar. Mätäji toprakdan... galdyrýar. Ony töreler bilen... oturdýar» (Zeb. 113:6—8). Ýehowanyň pesgöwünlilik häsiýeti bikämil halky bilen özüni alyp barşyndan görünýär. Ol biziň edýän seždämizi kabul edýär we bizi dosty hasaplaýar (Zeb. 25:14). Adamlar bilen dostlaşmak üçin Ýehowanyň özi ilkinji ädimi ätdi: günälerimiziň ötülmegi üçin Ogluny gurban berdi. Rehimdar we duýgudaş Ýehowa taý geljek barmy näme?! w20.08 sah. 8, abz. 1—3

13-nji awgust, şenbe

Ýehowa... hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär (2 Pet. 3:9).

Ýehowa Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok etjek gününi we sagadyny belledi (Mat. 24:36). Ol sabyrsyzlyk bilen şol güne garaşýar. Elbetde, Ýehowa ölen adamlary hem direltmek isleýär, ýöne ol bellän wagtynda direlder (Eýp. 14:14, 15). Tizden ölen adamlar direlip, ýene-de ýaşap başlarlar (Ýah. 5:28). Biz Ýehowanyň sabyrlylygyna şükür etmeli. Sebäbi sabyrly Ýehowa Hudaý köp adamlara, şol sanda bize-de «toba etmäge» mümkinçilik berýär. Ýehowa ähli ynsanlaryň ebedi ýaşamagyny isleýär. Geliň, Allatagalanyň sabyrlylygyna nädip minnetdar bolmalydygyny bileliň. Biz «ebedi ýaşamak isleýän» adamlary erjellik bilen gözlemeli we Ýehowany söýmegi, oňa gulluk etmegi öwretmeli (Res. 13:48). Şonda olar hem biziň ýaly Ýehowanyň sabyrlylygyna minnetdar bolarlar. w20.08 sah. 18, abz. 17

14-nji awgust, ýekşenbe

Eý Ýehowa, maňa ýollaryňy görkez, ýodalaryňy öwret (Zeb. 25:4).

Biz okuw geçýänlerimiziň diňe bir bilim alman, öwrenen zatlaryny ýüregi bilen kabul etmegini isleýäris. Näme üçin? Sebäbi adamyň ýüregi, ýagny isleg-arzuwlary, duýgulary ony wajyp ädimleri ätmäge höweslendirýär. Isa pygamber hem adamlaryň ýüregine täsir eder ýaly öwredýärdi. Şol sebäpli halk onuň yzyna höwes bilen eýerýärdi (Luka 24:15, 27, 32). Okuw geçýäniňize Ýehowany diri Hudaý, Atasy ýaly görmäge kömek ediň we onuň bilen dostlaşyp bolýandygyny düşündiriň (Zeb. 25:5). Sapak geçeniňizde Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini nygtap geçiň (2 Mus. 34:5, 6; 1 Pet. 5:6, 7). Okuw geçýäniňize Ýehowanyň söýgi, ýagşylyk, duýgudaşlyk ýaly häsiýetleriniň gadyryny bilmäge kömek ediň. Isa pygamber Ýehowa Hudaýy söýmegiň «birinji we iň wajyp tabşyrykdygyny» aýtdy (Mat. 22:37, 38). Okuw geçýäniňize Ýehowany ýürekden söýmegi öwrediň. w20.10 sah. 10, abz. 12

15-nji awgust, duşenbe

Isa Martany, Merýemi we Lazary gowy görýärdi (Ýah. 11:5).

Isa pygamber ähli gelin-gyzlara hormat goýup, olar bilen özüni sylaşykly alyp barýardy (Ýah. 4:27). Isa gökdäki Atasynyň islegini ýerine ýetirýän aýallara uly hormat goýýardy. Ol gelin-gyzlary öz dogany we jigileri ýaly görýärdi. Isa aýallary erkekler bilen deň hatarda tutup, Hudaýyň halkynyň arasynda wajyp orunlarynyň bardygyny aýtdy (Mat. 12:50). Isa uýalaryň hak dostudy. Ýadyňyzda bolsa, Isa Lazar we onuň doganlary Marta, Merýem bilen dostlaşdy. Marta-da, Merýem-de durmuşa çykmadyk bolmaly (Luka 10:38—42). Isa hiç kimi oňaýsyz ýagdaýa salmaýardy, şol sebäpli Marta we Merýem onuň bilen gürrüňdeş bolmagy halaýardy. Merýem şägirtler ýaly Isanyň ýanynda oturmaga utanmaýardy. Marta bolsa Merýemiň kömekleşmändigi üçin nägileligini Isa aýtmaga çekinmedi. Isa olaryň ikisine-de maslahat berdi. Isa olara myhmançylyga barardy, sebäbi olary dogany ýaly gowy görýärdi (Ýah. 12:1—3). Hatda Lazar ölüm ýassygynda ýatyrka, Marta bilen Merýem Isany çagyryp, kömek etmegini haýyş etdiler (Ýah. 11:3). w20.09 sah. 20, abz. 3; sah. 21, abz. 6

16-njy awgust, sişenbe

Olar Hudaýyň Patyşalygy häzir geler öýdýärdiler (Luka 19:11).

Isanyň şägirtleri tizden gökdäki Patyşalyk geler we Rimiň süteminden halas eder diýip umyt edýärdiler. Biz hem Hudaýyň Patyşalygynyň erbetligi ýok edip, adalatly täze dünýäni dikeltmegine garaşýarys (2 Pet. 3:13). Emma biz Ýehowanyň bellän gününe sabyrly garaşmaly. Ýehowa Nuh pygambere gämi gurmaga we «dogruçyllyk hakda wagyz etmäge» ýeterlikli wagt berýär (2 Pet. 2:5; 1 Pet. 3:20). Ýehowa Sodom we Gomorranyň zalym ilatyny ýok etmek kararyna gelýär. Ybraýym pygamber muny eşidende, Ýehowa köp sorag berýär, ol hem sabyrly diňleýär (1 Mus. 18:20—33). Ýehowa biwepa ysraýyl halkyna ençeme asyrlaryň dowamynda sabyrly bolýar (Neh. 9:30, 31). Şu günlerem Allatagalanyň sabyrlydygyny görkezýän subutnama bar: ol her bir toba edýän we halas bolmak isleýän adama özüni tanadýar (2 Pet. 3:9; Ýah. 6:44; 1 Tim. 2:3, 4). Biz wagyz edenimizde we tälim berenimizde sabyrly bolmak bilen Ýehowadan görelde alýarys. w20.09 sah. 10, abz. 8, 9

17-nji awgust, çarşenbe

Dogruçyllar hem⁠-⁠de erbetler direler (Res. 24:15).

Ýehowa ölen adamlary öňki ýatkeşligi we öňki häsiýetleri bilen direlder. Mundan Ýehowanyň haýsy häsiýeti görünýär? Ýehowa sizi söýýändigi üçin pikirleriňizi, duýgularyňyzy, aýdan sözleriňizi we gylyk-häsiýetleriňizi unutmaýar. Şol sebäpli Ýehowa adamy direldende öňki ýatkeşligini, garaýşyny, gylyk-häsiýetlerini üýtgetmän direlder. Dawut patyşa Ýehowanyň her bir adam bilen ýürekden gyzyklanýandygyny bilýärdi (Zeb. 139:1—4). Ýehowanyň adamlary şeýle gowy tanaýandygy size nähili täsir edýär? Ýehowanyň bizi gowy tanaýandygy üçin biynjalyk bolmaly däl. Näme üçin? Ýehowa biziň ählimizi gowy görýär we her birimiziň öz gadyr-gymmatymyz, öz ornumyz bar. Ol biziň durmuşymyzda bolan zatlaryň hiç birini ýatdan çykarmaýar. Biz muňa begenýäris gerek?! Unutmaň, Ýehowa bize kömek etmek üçin her gün ýanymyzda (2 Tar. 16:9). w20.08 sah. 17, abz. 13, 14

18-nji awgust, penşenbe

Düşünje bererin, ýörejek ýoluňy görkezerin (Zeb. 32:8).

Ýehowa öz halkyna höwes bilen tälim berýär. Gökdäki Atamyz biziň Özüni tanamagymyzy, söýmegimizi we ebedi ýaşamagymyzy isleýär. Munuň üçin biz Hudaýyň berýän bilimini almaly (Ýah. 17:3). Ýehowa I asyrda ýygnak arkaly öz halkyna tälim berdi (Kol. 1:9, 10). Tälim bermekde mukaddes ruhuň, ýagny Isanyň wada beren «kömekçisiniň» hem uly ähmiýeti bar (Ýah. 14:16). Şägirtler mukaddes ruhuň kömegi bilen Hudaýyň Sözüne has gowy düşündiler we Isanyň aýdanlaryny hem eden işlerini ýadyna salyp, dört kitap ýazdylar. Bu bilim I asyrdaky mesihçileriň imanyny berkitdi, Ýehowany, Ogluny we bir-birini ýürekden söýmäge kömek etdi. Ýehowa «soňky günlerde» ähli milletli adamlaryň Hudaý barada bilim almak üçin, onuň dagyna ýygnanjakdygyny aýtdy (Işa. 2:2, 3). Biz şu pygamberligiň ýerine ýetýändigini görýäris. w20.10 sah. 24, abz. 14, 15

19-njy awgust, anna

Düşünjeli adam maslahat soraýar (Nak. 1:5).

Dostumyzyň ýagşy niýet bilen berýän maslahatyny kabul etmäge näme päsgel berip biler? Tekepbirlik. Tekepbir adamlar «gulagyna ýakymly zatlary» diňlemegi halaýarlar, «hakykaty diňlemekden» ýüz öwürýärler (2 Tim. 4:3, 4). Olar özüni beýlekilerden has dogruçyl we gowy hasaplap, hiç kimiň maslahatyny diňlemeýärler. Pawlus resul hem: «Eger kimdir biri hiç kim bolup-da, özüni wajyp saýýan bolsa, onda ol özüni aldaýandyr» diýdi (Gal. 6:3). Süleýman patyşa tekepbir adamlar hakda şeýle diýdi: «Maslahata gulak asmaýan, akylsyz, garry patyşadan garyp, paýhasly ýaş ýigit gowudyr» (Nes. 4:13). Geliň, Pawlus köpçüligiň içinde Petrusa düzediş berende, onuň özüni nähili alyp barandygyny ýatlalyň (Gal. 2:11—14). Petrus resul Pawlusyň maslahaty nirede we nädip berendigine has köp üns beren bolsa, ondan öýke-kine edip ýörärdi. Ýöne Petrus paýhasly adamdy. Ol Pawlusy ýigrenip ýörmän, maslahatyny kabul etdi. Hatda biraz wagtdan soň ol Pawlusa «gadyrly... doganym» diýdi (2 Pet. 3:15). w20.11 sah. 21, abz. 9, 11, 12

20-nji awgust, şenbe

Şägirt taýýarlaň... öwrediň (Mat. 28:19, 20).

Okuw geçýäne ruhy taýdan tiz ösmäge näme kömek eder? Elbetde, ýygnak duşuşyklary. Ýygnaklarda berilýän bilim Mukaddes Kitaba çuňňur düşünmäge, imanymyzy berkitmäge we Allatagalany ýürekden söýmäge kömek edýär (Res. 15:30—32). Şeýle-de dogan-uýalar oňa Ýehowany ýürekden söýendigi üçin tabşyryklaryna gulak asyp bilendigini gürrüň berip biler (2 Kor. 7:1; Flp. 4:13). Okuw geçýän Hudaýa wepaly dogan-uýalar bilen tanyşsa, Isanyň Hudaýy we adamlary söýmek baradaky tabşyrygyny nädip berjaý etmelidigine düşüner (Ýah. 13:35; 1 Tim. 4:12). Mukaddes Kitap okuwyny geçýän adam özüniňki ýaly kynçylyklara döz gelen wagyzçylardan köp zatlary öwrenip biler. Ol Isa Mesihiň şägirdi bolmak üçin özgerişikleri etmegiň kyn däldigine göz ýetirer (5 Mus. 30:11). Ýygnakdaky her bir dogan-uýa okuw geçýänlere ruhy taýdan ösmegine goşant goşup bilerler (Mat. 5:16). w20.11 sah. 5, abz. 10—12

21-nji awgust, ýekşenbe

Efesde ýyrtyjy haýwanlar bilen göreşdim (1 Kor. 15:32).

Belki-de, Pawlus resul ýyrtyjy haýwanlar bilen göreşmeli bolandyr (2 Kor. 1:8; 4:10; 11:23). Ýa-da ol özlerini ýyrtyjy haýwan ýaly alyp barýan ýehudylary we başga adamlary göz öňünde tutandyr (Res. 19:26—34; 1 Kor. 16:9). Nähili bolaýanda-da, Pawlus howply ýagdaýlara duçar boldy, ýöne ol gelejege ynamly garady (1 Kor. 15:30, 31; 2 Kor. 4:16—18). Şu günler biz hem kyn we howply döwürde ýaşaýarys. Käbir dogan-uýalar jenaýatçylyk sebäpli ejir çekýär. Käbirleri bolsa uruş gidip duran ýurtlarda ýaşaýarlar. Käbir dogan-uýalar wagyz işiniň çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýerlerinde gulluk edýärler. Olar janyna howp abanýandygyny, azatlykdan mahrum ediljekdigini bilseler-de, Ýehowa gulluk edýärler. Olaryň ählisi mertlik bilen Ýehowa wepaly gulluk edip, biziň üçin gowy görelde bolýarlar. Şu dünýäde olar janyny ýitirseler-de, Ýehowanyň olary täze dünýäde direltjekdigine ýürekden ynanýarlar. w20.12 sah. 9, abz. 3, 4

22-nji awgust, duşenbe

Biz Hudaýyň işdeşleri, siz bolsa onuň mellegi, guran öýi (1 Kor. 3:9).

Belki-de, siz adamlaryň hoş habary diňlemeýändigi ýa-da olary öýünde tapyp bilmeýändigiňiz üçin göwnüçökgünlige düşýänsiňiz. Şeýle ýagdaýlara garamazdan şatlanmaga näme kömek eder? Haçan hem bolsa bir güni adamlaryň hoş habary diňlejekdiklerine umyt ediň. Munuň üçin näme etmeli? Biziň maksadymyz — Ýehowany tanatmak we Patyşalygy barada wagyz etmek. Isa pygamber «ebedi ýaşaýşa eltýän... ýoly» az adamyň tapjakdygyny açyk aýtdy (Mat. 7:13, 14). Biz Ýehowa Hudaý, Isa Mesih we perişdeler bilen eginme-egin işleşýäris (Mat. 28:19, 20; Ylh. 14:6, 7). Ýehowa akýürekli adamlara hakykaty mälim eder (Ýah. 6:44). Şu gün hoş habary diňlemeýän adamlar, belki-de, başga bir güni diňlär. Debbi uýa şeýle gürrüň berýär: «Göwnüçökgünlik Şeýtanyň ökdelik bilen ulanýan ýaraglarynyň biri». Emma Ýehowa Şeýtandan we onuň ähli ýaraglaryndan güýçlüdir. w20.12 sah. 26, abz. 18; sah. 27, abz. 19, 21

23-nji awgust, sişenbe

Mundan beýläk⁠-⁠de birek-biregi söýeliň! Sebäbi söýgi Hudaýdandyr (1 Ýah. 4:7).

Hudaýa wepaly dogan-uýalar gazanç etmek we maşgalasyny eklemek üçin uzakly gün işlemeli bolýarlar. Ýöne olar Hudaýyň halkyny goldamak üçin elinde baryny edýärler. Meselem, olar betbagtçylyk bolan ýerde kömek edýärler, gurluşyk işlerine gatnaşýarlar we bütindünýä wagyz işini goldamak üçin pul sadakalaryny berýärler. Olar şu işleri Hudaýy we ýakynyny söýýändikleri üçin edýärler. Hudaýa wepaly dogan-uýalar ýadaw bolsalar-da, ýygnaklara yzygiderli gatnaşýarlar; biraz aljyrasalar-da jogap berip, biri-birini söýýändigini görkezýärler. Olaryň kynçylyklary bolsa-da, ýygnakdan öň we soň dogan-uýalary ruhlandyrýarlar (Ýew. 10:24, 25). Biz şeýle dogan-uýalaryň edýän ýagşy işlerini görüp örän begenýäris. w21.01 sah. 10, abz. 11

24-nji awgust, çarşenbe

Geliň, diňe özüni bilýän adam bolmalyň (Gal. 5:26).

Tekepbir adamlara başgalary öwmek kyn bolýar, diňe özlerini öwseler halaýarlar. Olar özüni başgalar bilen deňeýärler we bäsdeşlik edýärler. Tekepbirler adama tälim bermegiň we bir işi ynanmagyň deregine: «Çaga iş buýur, yzyndan özüň ýüwür» diýýärler. Olar şöhratparaz we görip bolýarlar. Eger ýüregimizde tekepbirlik häsiýetiniň döreýändigini duýsak, «pikirimizi üýtgetmek» üçin Ýehowadan güýç-kuwwat soramaly. Şonda tekepbirlik ýüregimizde kök urmaz (Rim. 12:2). Ýehowa pesgöwünli bolup, halkyna gowy görelde görkezýär (Zeb. 18:35). Biz onuň göreldesine eýerip, minnetdar bolmaly dälmi näme?! Biz pesgöwünlilik bilen Ýehowa gulluk eden adamlaryň göreldesine eýermek isleýäris. Geliň, hormata mynasyp Ýehowa Hudaýa hemişe alkyş aýdalyň! (Ylh. 4:11). w20.08 sah. 13, abz. 19, 20

25-nji awgust, penşenbe

Maşgala gurýanlarda täze kynçylyklar dörär (1 Kor. 7:28).

Allatagalanyň niýetine görä, maşgalada hiç hili kynçylyk bolmaly däldi. Är-aýal bagtly ýaşamalydy. Gynansak-da, adamlar günäli bolansoň, maşgala ojagy gözgyny ýagdaýda (1 Ýah. 1:8). Mukaddes Kitapda durmuş guranlaryň täze kynçylyklarynyň boljakdygy hem aýdylýar. Ärler maşgalasyny eklemeli, aýalyna we çagalaryna Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmaga kömek etmeli (1 Tim. 5:8). Emma uýalaryň özleri hem imanynyň berk bolmagy üçin tagalla etmeli. Elbetde, uýalara aňsat düşmeýär, sebäbi olar uzakly gün işläp ýadaýarlar. Ýöne şonda-da olar Mukaddes Kitaby okamaga, oýlanmaga we Ýehowa doga etmäge wagt tapmaly. Sebäbi Ýehowa her bir adamyň, äriň hem, aýalyň hem berk imanynyň bolmagyny isleýär (Res. 17:27). Elbetde, aýal bikämil ärine tabyn bolmak üçin tagalla etmeli. Eger aýal Ýehowanyň tabşyrygyna düşünse we ýürekden ýerine ýetirse, ärine tabyn bolmak aňsat bolar. w21.02 sah. 9, abz. 3, 6, 7

26-njy awgust, anna

Imanyňyz synalanda çydamly bolmagy öwrenýärsiňiz (Ýak. 1:3).

Ussalar demri otda gyzdyrýarlar we soňra suwda sowadyp, berk gylyç ýasaýarlar. Edil şonuň ýaly, biz synaglara döz gelsek, Hudaýa bolan imanymyz has-da berkeýär. Ýakup şeýle diýdi: «Siz çydamly bolup, özüňizi gowy terbiýelärsiňiz. Şonda ähli zatda kämil, ýazyksyz bolarsyňyz» (Ýak. 1:4). Synaglarda imanymyzyň berkeýändigini görsek, şatlygymyzyň çägi bolmaz. Ýakup hatynda kynçylyklar sebäpli şatlygymyzyň gaýga öwrülýändigi hakda ýazypdy. Şeýle kynçylyklaryň biri çykalgasyz ýagdaýa düşmek. Biz synaglarda Hudaýa wepaly bolup, ony begendirmek isleýäris. Şeýle-de dogan-uýalary ruhlandyrasymyz gelýär (Ýer. 10:23). Emma çykalgasyz ýagdaýa düşenimizde näme etjegimizi bilmän ruhdan düşýäris. Şonda garşy çykýanlara paýhasly jogap berip, dogry karara gelmek üçin, bize akyldarlyk gerek bolýar. w21.02 sah. 28, abz. 7—9

27-nji awgust, şenbe

Biri-biriňizi ak ýürekden söýüň (1 Pet. 1:22).

Ýehowa wepaly gullukçylaryny ýürekden söýüp, ajaýyp görelde görkezýär. Onuň söýgüsinden hiç kim we hiç zat aýra salyp bilmez (Rim. 8:38, 39). «Ak ýürekden söýmek» diýen jümle birini söýmek üçin tagalla etmegi aňladýar. Käte göwnümize degen dogan-uýalary söýmek kyn bolup biler. Emma biz ak ýürekden «biri-birimizi söýmeli we oňşukly ýaşamaly. Parahatlygy saklap, mukaddes ruhuň beren agzybirligini goramaga jan etmeli» (Efes. 4:1—3). Şonda dogan-uýalaryň ýalňyşlyklaryna üns bermeris we Ýehowanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalary ak ýürekden söýeris (1 Şam. 16:7; Zeb. 130:3). Dogan-uýalary ak ýürekden söýmek käte kyn bolýar. Sebäbi olaryň ýalňyşlyklaryny ýatdan çykaryp bilýän däldiris. Şeýle ýagdaý I asyrda Ewodiýa bilen Sintihiýada hem bolupdy. Pawlus resul olara: «Hudaýa gulluk edip, bir pikirde bolmagy ündeýärin» diýdi (Flp. 4:2, 3). w21.01 sah. 22, abz. 10, 11

28-nji awgust, ýekşenbe

Ýaşlar, size ýüzlenýärin, sebäbi siz gujur-gaýratly, Hudaýyň sözüni ýüregiňizde saklap, Şeýtany ýeňdiňiz (1 Ýah. 2:14).

Ýaşlar, garry dogan-uýalar siziň bilen Ýehowa «agzybir gulluk edip» bilýändigine begenýärler (Sep. 3:9). Siz Ýehowanyň işini yhlasly, hyjuwly we güýjüňizi gaýgyrman ýerine ýetirýärsiňiz. Garry dogan-uýalar size guwanýar. Ýaş doganlar, Ýehowa sizi söýýär we ynanýar. Mukaddes Kitapda soňky günlerde örän köp ýaşlaryň Ýehowa höwes bilen gulluk etjekdigi pygamberlik edilýär (Zeb. 110:1—3). Ýaşlar, Ýehowa siziň söýgiňizi we eliňizde baryny edip gulluk edýändigiňizi görýär. Elbetde, dogan-uýalaryň ynamyny gazanmak üçin wagt gerek bolar. Şonuň üçin sabyrly boluň. Eger ýalňyşsaňyz berlen maslahaty Ýehowanyň öwüt-ündewi hökmünde kabul ediň (Ýew. 12:6). Tabşyrylan islendik işi yhlas bilen ediň. Iň esasy zat bolsa, elmydama Ýehowanyň ýüregini şatlandyryň (Nak. 27:11). w21.03 sah. 7, abz. 17, 18

29-njy awgust, duşenbe

Kyn günüňde ruhdan düşseň, göreşmäge güýjüň bolmaz (Nak. 24:10).

Käte biz öz-özümiz bilen göreşmeli bolýarys, käte daş-töwerekde bolýan kynçylyklar sebäpli göwnüçökgünlige düşýäris. Kimdir biri ejizliginden, keselden kösenýär, kimdir biri goýberen ýalňyşyna ökünýär, käbiri bolsa ýyllar boýy arzuw eden borjuna ýetmän gynanýar. Käbirleri adamlaryň hoş habara seslenmeýändigi üçin göwnüçökgünlige düşýärler. Biz erbet gylyk-häsiýetlerimiz we ejizliklerimiz sebäpli göwnüçökgünlige düşüp bileris. Hatda Ýehowa bizi täze dünýäde ýaşamaga mynasyp görmeýändir öýtmegimiz mümkin. Şeýle pikirler sebäpli biz öz-özümizi günäkärläp bileris. Mukaddes Kitapda adamlaryň «ählisi günä edýär» diýilýär (Rim. 3:23). Ýehowa doňýürek, talapkär, adamlaryň ýagdaýyna düşünmeýän Hudaý däl. Ol aladaçyl, söýgüden doly, sabyrly Hudaýdyr. Ol adamlaryň öz üstünde işleýändigini, goýberen ýalňyşlyklaryny düzetmek üçin jan edýändigini görýär we hemişe olara kömek etmäge taýyn (Rim. 7:18, 19). w20.12 sah. 22, abz. 1—3

30-njy awgust, sişenbe

Doganlar... hemişe şatlanyň, düzeliň (2 Kor. 13:11).

Biziň hemmämiz täze dünýä eltýän ýoldan barýarys. Täze dünýäde söýgüden doly Ýehowa hökümdarlyk eder. Biz şol ýoldan her gün ýöreýäris. Emma Isa pygamber ýoluň insizdigini we ýöremegiň aňsat bolmajakdygyny duýdurdy (Mat. 7:13, 14). Biz bikämil bolandygymyz üçin ýoldan sowlup bileris (Gal. 6:1). Ebedi ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan sowulmaz ýaly, garaýşymyzy we gylyk-häsiýetimizi üýtgetmäge taýyn bolmaly. Pawlus resul hemişe «düzelmegi» öwüt-ündew etdi. Bize öz pikirimize we duýgularymyza düşünmek kyn bolýar. Sebäbi ýüregimiz «hilegär», haýsy ýoldan ýöreýändigimizi saýgaryp bilmeýäris (Ýer. 17:9). Eger biz ýüregimizi diňlesek, «nädogry pikirler» bilen öz-özümizi aldarys (Ýak. 1:22). Şonuň üçin Hudaýyň Sözi arkaly özümizi barlamaly. Mukaddes Kitap bize içki dünýämizi, ýüregimizi, «pikirlerimizi we niýetlerimizi» bilmäge kömek edýär (Ýew. 4:12, 13). w20.11 sah. 18, abz. 1—3

31-nji awgust, çarşenbe

Biri-biriňize ilkinji bolup hormat goýuň (Rim. 12:10).

Pesgöwünli adamyň kalby hemişe şatlykdan doly. Näme üçin? Eger biz öz çägimizi bilsek, adamlaryň berýän her bir kömegini kabul ederis we hemişe minnetdar bolarys. Geliň, heýwere keselli on adam bilen bolan wakany ýatlalyň. Olaryň hiç biri öz derdini özleri bejerip bilmezdi. Isa pygamber olaryň ählisini sagaltdy, emma diňe biri gelip, oňa minnetdarlyk bildirdi. Ol özüni sagaldan Allatagala pesgöwünlilik bilen alkyş aýtdy (Luka 17:11—19). Pesgöwünli adamlar oňşukly ýaşaýarlar, olaryň dost-ýarlary köp bolýar. Näme üçin? Sebäbi olar adamlaryň ýagşy häsiýetlerini görýärler we gowy işlerine üns berýärler. Pesgöwünli adamlar dogan-uýalaryň wagyz işinde gazanýan üstünlikleri üçin begenýärler, ýürekden öwüp, hormat goýýarlar. w20.08 sah. 12, 13, abz. 17, 18

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş