Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es22 sah. 88—97
  • Sentýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sentýabr
  • Her günki aýady okalyň — 2022
  • Sözbaşylar
  • 1-nji sentýabr, penşenbe
  • 2-nji sentýabr, anna
  • 3-nji sentýabr, şenbe
  • 4-nji sentýabr, ýekşenbe
  • 5-nji sentýabr, duşenbe
  • 6-njy sentýabr, sişenbe
  • 7-nji sentýabr, çarşenbe
  • 8-nji sentýabr, penşenbe
  • 9-njy sentýabr, anna
  • 10-njy sentýabr, şenbe
  • 11-nji sentýabr, ýekşenbe
  • 12-nji sentýabr, duşenbe
  • 13-nji sentýabr, sişenbe
  • 14-nji sentýabr, çarşenbe
  • 15-nji sentýabr, penşenbe
  • 16-njy sentýabr, anna
  • 17-nji sentýabr, şenbe
  • 18-nji sentýabr, ýekşenbe
  • 19-njy sentýabr, duşenbe
  • 20-nji sentýabr, sişenbe
  • 21-nji sentýabr, çarşenbe
  • 22-nji sentýabr, penşenbe
  • 23-nji sentýabr, anna
  • 24-nji sentýabr, şenbe
  • 25-nji sentýabr, ýekşenbe
  • 26-njy sentýabr, duşenbe
  • 27-nji sentýabr, sişenbe
  • 28-nji sentýabr, çarşenbe
  • 29-njy sentýabr, penşenbe
  • 30-njy sentýabr, anna
Her günki aýady okalyň — 2022
es22 sah. 88—97

Sentýabr

1-nji sentýabr, penşenbe

Şondan soňra her biriniň üstüne ruhumy indererin (Ýow. 2:28).

Petrus Ýoweliň pygamberligine salgylananda, Hudaýyň ylhamy bilen käbir sözlerini üýtgetdi (Res. 2:16, 17). Ol «şondan soňra» diýen jümlä derek, «soňky günler» diýen sözleri aýdýar. Petrus soňky günler diýende Iýerusalim we ybadathana derbi-dagyn edilmeziniň öň ýanyndaky döwri göz öňüne tutupdy. Şonda Hudaý «her bir adamyň üstüne ruhuny dökdi». Mundan görnüşi ýaly, Ýoweliň çekirtgeler hakdaky pygamberligi ýerine ýetenden soň birnäçe wagt geçipdi. I asyrda Hudaýyň ruhy gudrat bilen şägirtleriň üstüne inenden soň köp ýerlere wagyz edilip başlandy. Takmynan b. e. 61-nji ýylynda Pawlus resul koloslylara hat ýazanda: «Hoş habar gök astyndaky ähli adamlara wagyz edildi» diýdi (Kol. 1:23). Pawlus resul «ähli adamlar» diýende, oba-oba we şäher-şäher aýlanyp wagyz eden adamlaryny göz öňüne tutan bolmaly. Hawa, Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen şu günler hem «bütin ýer ýüzünde» wagyz edilýär (Res. 13:47). w20.04 sah. 6, abz. 15, 16

2-nji sentýabr, anna

Goýunlarymy özüm gözläp taparyn, olary özüm bakaryn (Hyz. 34:11).

Ýehowa biziň her birimizi, şol bir sanda sürüden azaşan guzujyklaryny-da söýýär (Mat. 18:12—14). Ýehowa ýiten goýunlaryny gözlejegini we olara ruhy taýdan dikelmäge kömek etjegini wada berýär. Ysraýyllardan bolan çopan ýiten goýnuny gözlemek üçin näme edýän bolsa, Ýehowa-da şeýle etjegini aýdýar (Hyz. 34:12—16). Ilki bilen, çopan köp wagtyny we güýjüni sarp edip, ýiten guzujygyny gözleýär. Tapansoň bolsa, sürä getirýär. Eger guzujyk ýaralanan ýa-da aç bolsa, çopan onuň aladasyny edýär, ýaralaryny saraýar, gujagynda göterýär we iýmitlendirýär. Ýaşulular hem ýygnakdan daşlaşanlara kömek etmek üçin şeýle ädimleri ätmeli, sebäbi Ýehowa ýaşululara öz sürüsini ynandy (1 Pet. 5:2, 3). Ýaşulular olary gözlemeli, ýygnaga dolanmaga kömek etmeli we Ýehowa bilen dostlugyny dikeldip biler ýaly ýürekden aladasyny etmeli. w20.06 sah. 20, abz. 10

3-nji sentýabr, şenbe

Hasyl eýýäm ýetişipdir (Ýah. 4:35).

Isa «hasyl eýýäm ýetişipdir» diýende, yzyna köp adamlaryň eýerjekdigini göz öňünde tutdymy? Ýok. Mukaddes Kitapda Isanyň aýdan sözlerine köp adamlaryň ynanmajakdygy pygamberlik edilýär (Ýah. 12:37, 38). Isa adamlaryň pikirini bilýärdi (Mat. 9:4). Ol az adamyň iman etjekdigini bilse-de, ähli adamlara yhlasly wagyz etdi. Emma biz adamlaryň pikirini bilmeýäris, şonuň üçin ýaşaýan ýerimizdäki adamlar hakykaty kabul etmez diýip, olara höküm çykarmaly däl, gaýtam Isanyň şägirdi hökmünde garamaly. Isanyň aýdan sözüni unutmaň. Hawa, hasyl ýetişdi, oraga taýyn! Adamlar durmuşyny özgerdip, Isanyň şägirdi bolup bilerler. Ýehowa olary gymmatly «dürdäne» hasaplaýar (Hag. 2:7). Eger bizem Ýehowa bilen Isanyňky ýaly garaýyşda bolsak, adamlaryň medeniýetini hem-de gyzyklanýan zatlaryny göz öňünde tutarys. Biz olara ýat adam däl-de, öz doganymyz ýa uýamyz hökmünde gararys. w20.04 sah. 13, abz. 18, 19

4-nji sentýabr, ýekşenbe

Men size dostlarym diýýärin, sebäbi Atamdan eşidenlerimiň ählisini size aýtdym (Ýah. 15:15).

Biz Hudaýyň Sözünden Ýehowany razy etmek üçin Isany söýüp, onuň bilen dostlaşmalydygyny bilýäris. Isa bilen dostlaşmak üçin ony gowy tanamaly. Biz Matta, Markus, Luka we Ýahýa kitaplaryny okasak, Isany gowy tanarys. Isanyň ýerdäki ömri hakda okasak we oýlansak, onuň adamlar bilen özüni mähirli alyp barandygyny bileris. Şonda oňa bolan söýgimiz hem hormatymyz artar. Meselem, ol «hojaýyn» hem bolsa, şägirtlerini «gul» hasaplaman, duýgularyny we pikirlerini gürrüň berýärdi. Isa şägirtleriniň derdini deň çekişýärdi, olar bilen aglaýardy (Ýah. 11:32—36). Onuň aýdan habaryny kabul eden adamlar dosty bolýardy, muňa Isanyň duşmanlary hem göz ýetirýärdi (Mat. 11:19). Isa şägirtleri bilen mähirli gepleşýärdi. Bizem ondan görelde alsak, dogan-uýalar bilen ýakyndan dost bolarys, özümizi bagtly duýarys, şatlanarys we Mesihe bolan söýgimiz hem hormatymyz artar. w20.04 sah. 22, abz. 9, 10

5-nji sentýabr, duşenbe

Günorta patyşasy hem onuň bilen söweşmek üçin uly we güýçli goşun toplar (Dan. 11:25).

1870-nji ýylda Beýik Britaniýa dünýä boýunça iň uly imperiýady we onuň güýçli goşuny bardy. Danyýaryň pygamberliginde şol imperiýa «kiçi şah» hökmünde suratlandyrylyp, «öňündäki üç şahy goparandygy», ýagny Fransiýany, Ispaniýany we Niderlandiýany derbi-dagyn edendigi aýdylýar (Dan. 7:7, 8). Beýik Britaniýa 1917-nji ýyla çenli günorta patyşasy boldy. Şol ýyllar ABŞ iň baý döwletleriň biri bolup, Beýik Britaniýa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip başlady. I Jahan urşy döwründe ABŞ bilen Beýik Britaniýa harby güýçlerini birleşdirdi we Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy peýda boldy. Danyýaryň pygamberlik edişi ýaly, günorta patyşasy «uly we güýçli goşun toplady». Şeýlelikde, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy «günorta patyşasy» boldy we ol soňky günleriň ahyryna çenli höküm sürer. w20.05 sah. 4, abz. 7, 8

6-njy sentýabr, sişenbe

Derýalar akmak üçin ýene⁠-⁠de gözbaşyna dolanýar (Nes. 1:7).

Biziň planetamyz Günden iň gowy aralykda ýerleşýändigi üçin suw ýer ýüzünde suwuklyk görnüşinde bolýar. Eger Ýer şary Güne birazajyk ýakyn bolan bolsa, juda yssy bolardy, ähli suwlar bugaryp, ýer ýüzi takrap galardy. Şeýle-de planetamyz Günden sähel aralyk daşda ýerleşen bolsa, ähli suw doňup, ýer ýüzi uly bir doňaklyga öwrülerdi. Ýehowa Ýer şaryny iň gowy ýerde ýerleşdirendigi üçin, suwuň tebigatda aýlanyşygy ýaşaýşyň bolmagyna kömek edýär. Gün ummandaky we ýeriň üstündäki ähli suwlary gyzdyrýar, soňra şol suwlar bugaryp, buluda öwrülýär. Her ýyl Gün 500 müň kub kilometr (km3) suwy buga öwürýär. Şol suwlar ýagyş ýa gar bolup ýagmazdan öň, 10 gün töweregi atmosferada durýar. Şeýlelikde, ýagan suw yzyna ummana ýa-da derýalara dolanyp, şol hadysa ýene-de gaýtalanýar. Bu zatlar Ýehowanyň akyldar hem-de güýçlüdigini ýene bir gezek subut edýär (Eýp. 36:27, 28). w20.05 sah. 22, abz. 6

7-nji sentýabr, çarşenbe

Üstüňize mukaddes ruh inende, güýjüňize güýç goşular (Res. 1:8).

Isa bizi Hudaýdan mukaddes ruhuny dilemäge höweslendirdi (Luka 11:9, 13). Ýehowa mukaddes ruhy arkaly «güýç» berýär (2 Kor. 4:7). Dogrudan-da, Hudaýyň mukaddes ruhunyň berýän kömegi bilen, biz islendik kynçylygy ýeňip bilýäris. Mukaddes ruh bize Hudaýyň tabşyran hormatly borçlaryny ýerine ýetirmäge kömek edýär. Şeýle-de ol ukypdyr başarnyklarymyzy has-da kämilleşdirýär. Biz gullukdaky her bir üstünligimizi öz güýjümiz bilen däl-de, Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly gazanýandygymyza düşünýäris. Hudaýyň mukaddes ruhuny gymmat saýsak, ýüregimizdäki erbet höwesleri we pikirleri aýyrmak hakda doga ederis (Zeb. 139:23, 24). Eger biz şeýle doga etsek, Ýehowa mukaddes ruhunyň üsti bilen erbet pikirleri we höwesleri anyklamaga kömek eder. Hudaýdan mukaddes ruhuny dilesek, olary aýyrmaga güýç berer. Şeýdip, Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegine mätäçdigimizi görkezeris we mukaddes ruhy gynandyrýan islendik işden gaça durarys (Efes. 4:30). w20.05 sah. 28, 29, abz. 10—12

8-nji sentýabr, penşenbe

Men olara adyňy tanatdym (Ýah. 17:26).

Biz Ýehowanyň adyny goranymyzda Isa pygamberiň göreldesine eýerýäris. Isa adamlara Atasynyň adyny tanatdy, ýöne ol Atasynyň adyny diňe bir tutmak bilen çäklenmän, Ýehowanyň nähili Hudaýdygy barada hem öwretdi. Meselem, fariseýler Ýehowany zalym, talapkär, biperwaý we rehimsiz Hudaý diýip suratlandyrýardylar. Ýöne Isa adamlara Atasynyň paýhasly, sabyrly, söýgüden doly we geçirimli Hudaýdygyny düşündirýärdi. Şeýle-de Isa her gün Atasynyň häsiýetlerine kämil derejede eýerip, adamlara Ýehowanyň nähili Hudaýdygyny öwretdi (Ýah. 14:9). Biz Isanyň göreldesine eýerip, adamlara Ýehowanyň mähirli we söýgüden doly Hudaýdygy barada öwredip bileris. Şonda Şeýtanyň Ýehowa atan töhmetiniň ýalandygyny subut ederis we Hudaýyň adyny aklap, adamlara şol ady mukaddes hasaplamaga kömek ederis. Biz sözlerimiz we edýän işlerimiz bilen Ýehowanyň nähili Hudaýdygyny tanadýarys. Adamlara Hudaý barada hakykaty öwretsek, onuň adyny aklap bileris. w20.06 sah. 6, abz. 17, 18

9-njy sentýabr, anna

Geliň, diňe özüni bilýän adam bolmalyň, biri-birimiz bilen bäsleşmäliň, göriplik etmäliň! (Gal. 5:26).

Sosial ulgamlarynyň peýdaly tarapy hem bar. Meselem, maşgala agzalarymyz we dost-ýarlarymyz bilen habarlaşyp bilýäris. Ýöne käbirleri her dürli suratlary, wideolary goýup, adamlary haýran galdyrmak isleýär. Olar şeýle etmek bilen: «Maňa serediň-ä!» diýýän ýalydyr. Käbirleri bolsa özleriniň ýa-da başga adamlaryň goýýan suratlarynyň aşagynda gödek we edepsiz sözleri ýazýarlar. Emma şeýle zatlar Mukaddes Kitabyň pesgöwünli bolmak we adamlary söýmek hakdaky maslahatyna garşy gelýär (1 Pet. 3:8). Eger siz sosial ulgamlaryny ulanýan bolsaňyz, özüňize şeýle soraglary beriň: «Goýýan suratlarymy, wideolarymy we ýazýan hatlarymy görýänler maňa öwünjeň adam diýmezlermi? Men olarda göriplik döretmerinmi?» Mesihçiler özüni ýokary tutmak we atly-abraýly adam bolmak hakda pikir hem etmeýärler. Olar şu günki aýatdaky maslahata eýerýärler. Biz pesgöwünli bolsak, dünýäde giňden ýaýran ulumsylyk häsiýetini ýeňip bileris (1 Ýah. 2:16). w20.07 sah. 6, abz. 14, 15

10-njy sentýabr, şenbe

Men öň Hudaýa dil ýetirýärdim, halkyny yzarlaýardym we gödek adamdym. Emma maňa rehim edildi, sebäbi şeýle zatlary bilmän edipdim (1 Tim. 1:13).

Pawlus resul Isa Mesihe iman etmänkä, şägirtleri zalymlyk bilen yzarlaýardy (Res. 7:58). Pawlus (öňki ady Sawul) mesihçileri gazap bilen yzarlaýarka, Isa oňa böwet boldy. Pawlus gökden Isanyň sesini eşidýär, gözleri kör bolýar. Indi Pawlus gözüniň görmegi üçin duşmany saýýan adamlaryndan kömek soramalydy. Ol Ananýas şägirdiň kömegini pesgöwünlilik bilen kabul eden badyna görüp başlady (Res. 9:3—9, 17, 18). Soňra Pawlus ýygnakda uly hormata eýe boldy. Ýöne Damaska barýan ýolda Isa pygamberiň aýdan sözlerini hiç haçan unutmady. Pawlus dogan-uýalaryň berýän kömegini pesgöwünlilik bilen kabul edýärdi. Ol dogan-uýalaryň «köp göwünlik berendiklerine» minnetdarlyk bildirdi (Kol. 4:10, 11). w20.07 sah. 18, abz. 16, 17

11-nji sentýabr, ýekşenbe

Ataňyz size Patyşalygy bermek isleýär (Luka 12:32).

Ýehowa Gudratygüýçli Hudaý bolsa-da, gökde höküm sürjeklere jogapkärli borçlary ynanýar. Ol gökdäki Patyşalygyna Isa Mesihi patyşa edip belledi we onuň bilen höküm sürjek 144 000 erkek hem aýallara erk-ygtyýar berdi. Elbetde, Ýehowa Isanyň patyşa we baş ruhany bolmagy üçin tälim berdi (Ýew. 5:8, 9). Şeýle-de ol Isa bilen hökümdarlyk etjeklere-de tälim berýär, emma her bir ädimlerini yzarlap ýörmeýär. Ýehowa olaryň ähli işi başarjakdygyna ynanýar (Ylh. 5:10). Gökdäki Atamyz hiç kimiň kömegine mätäç bolmasa-da, käbir borçlaryny perişdelere we adamlara etmäge rugsat berýär. Biz hem ondan görelde almaly dälmi näme?! Ýehowanyň göreldesine eýerýän maşgalabaşylar, ýygnak ýaşululary ähli zady özleri etjek bolman, başgalara-da ýumuş tabşyrýar we olaryň eden işlerinden kemçilik gözläp ýörmeýär. Eger siz hem Ýehowanyň göreldesine eýerseňiz, ähli işiňize ýetişersiňiz, başgalara tälim berersiňiz we olara özlerini ynamly duýmaga kömek edersiňiz (Işa. 41:10). w20.08 sah. 9, abz. 5, 6

12-nji sentýabr, duşenbe

Ynsan ogly ýiten adamlary gözläp tapmaga we olary halas etmäge geldi (Luka 19:10).

Ýehowa azaşan guzujyklaryna biziň nähili garamagymyzy isleýär? Geliň, Isanyň mysalyna seredeliň. Isa Ýehowanyň ähli guzujyklaryny gymmat saýýandygyny bilýärdi. Şonuň üçin ol «Ysraýylyň ýiten goýunlaryna» Hudaýa dolanmaga kömek etdi (Mat. 15:24). Şeýle-de Isa gowy çopan hökmünde Ýehowanyň guzujyklarynyň hiç birini ýitirmezlik üçin elinde baryny etdi (Ýah. 6:39). Pawlus resul Efesdäki ýygnagyň ýaşulularyny Isanyň göreldesine eýermäge höweslendirip, şeýle diýdi: «Ejizlere kömek etdim, ähli zatda görelde görkezdim. Siz Halypamyz Isanyň: „Bermek almakdan has bagtly edýändir“ diýen sözlerini unutmaly dälsiňiz» (Res. 20:17, 35). Şu günlerem ýaşulularyň şeýle jogapkärçiligi bar. Ispaniýada ýaşaýan Salwador atly ýaşuly şeýle gürrüň berýär: «Ýehowanyň azaşan guzujyklarynyň aladasyny edýändigi hakda oýlanamda, olara elimden gelen kömegi edesim gelýär. Ýehowanyň menden guzujyklarynyň aladasyny etmegime garaşýar». w20.06 sah. 23, abz. 15, 16

13-nji sentýabr, sişenbe

Öňki zatlar geçip gitdi (Ylh. 21:4).

Ýehowa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda doly kämil bolýançak sabyrly garaşar. Şol döwre çenli Ýehowa biziň günälerimizi bagyşlar. Şonuň üçin, geliň, Ýehowadan görelde alyp, adamlaryň gowy häsiýetlerine üns bereliň we sabyrly bolalyň. Ýer ýüzi ýaradylanda Isa bilen perişdeler şatlandylar. Göz öňüne getiriň, Ýehowany söýýän we oňa gulluk edýän kämil adamlar ýer ýüzüni dolduranda gökde, gör, nähili şatlyk bolar! Mesih bilen gökde höküm sürjek adamlar hem ýerdäki ýaşaýyş üçin eden işlerine begenerler (Ylh. 4:4, 9—11; 5:9, 10). Adamlar gynançdan ýaňa däl-de, begençden ýaňa aglarlar, sebäbi ölüm, hasrat we agyry bolmaz. Şol döwür gelýänçä, söýgüden doly, akyldar we sabyrly Atamyzyň göreldesine eýermegi ýüregimize düweliň. Şonda biz nähili kynçylyga uçrasak-da, şatlygymyzy ýitirmeris (Ýak. 1:2—4). Biz ölen adamlary direltmegi wada beren Ýehowa minnetdardyrys! (Res. 24:15). w20.08 sah. 18, 19, abz. 18, 19

14-nji sentýabr, çarşenbe

Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler (Mat. 24:14).

Hudaýyň bize beren gymmatly sowgatlarynyň biri — Mukaddes Kitap. Gökdäki Atamyz bizi güýçli söýýändigi üçin Mukaddes Kitaby ýazdyrdy. Mukaddes Kitap arkaly Ýehowa şeýle wajyp soraglara jogap berýär: «Biz nädip ýaradyldyk? Durmuşyň manysy näme? Bize nähili gelejek garaşýar?» Ýehowa şu soraglaryň jogabyny ýer ýüzündäki ähli çagalarynyň bilmegini isleýär, şol sebäpli asyrlarboýy Mukaddes Kitabyň dürli dillere terjime edilmeginiň aladasyny etdi. Biziň günlerimizde hem Mukaddes Kitap tutuşlygyna ýa-da onuň käbir parçalary 3 000-den gowrak dilde bar. Adamzat taryhynda Mukaddes Kitap iň köp terjime edilen we giňden ýaýran kitap hasaplanýar. Mukaddes Kitaby her gün okap, oýlanyp we ondan öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanyp, minnetdarlygymyzy görkezip bilýäris. Mundan başga-da adamlara Mukaddes Kitapdaky göwünlik beriji habary wagyz edip, Hudaýa minnetdarlygymyzy bildirip bileris (Zeb. 1:1—3; Mat. 28:19, 20). w20.05 sah. 24, 25, abz. 15, 16

15-nji sentýabr, penşenbe

Ýehowanyň sözi üçin uzakly gün kemsidýärler, ýaňsylaýarlar (Ýer. 20:8).

Ýermeýa pygamber yhlasly wagyz edip, bize gowy görelde galdyrdy. Allatagala oňa doňýürek adamlara wagyz etmegi tabşyrdy. Ýermeýa halys ýadap, Ýehowanyň adyndan wagyz etmezligi ýüregine düwýär. Ýöne pygamber dymyp bilmeýär. Näme üçin? Sebäbi «Allanyň sözi» pygamberiň ýüreginde ot kimin tutaşýar welin, ýene-de wagyz edip başlaýar (Ýer. 20:9). Eger biz hem Mukaddes Kitaby her gün okasak we oýlansak, Hudaýyň Sözi ýüregimizde ot bolup tutaşar, wagyz etmekden hiç haçan ýadamarys. Şeýlelikde, biz yhlasly we şatlyk bilen wagyz ederis (Ýer. 15:16). Eger siz hem göwnüçökgünlige düşseňiz, Ýehowadan kömek soraň. Ol siziň goýberýän ýalňyşyňyza, ejizligiňize düşünýär. Ol kesel wagtyňyz size güýç berýär. Siz arzuw edýän borjuňyza ýetip bilmeseňiz-de, adamlar aýdýan hoş habaryňyzy diňlemeseler-de, Ýehowa siziň gadyryňyzy bilýär. Şeýle-de gaýgy-aladalaryňyzy, derdiňizi Ýehowa Hudaýa gürrüň beriň. Ýehowanyň kömegi we goldawy bilen göwnüçökgünligi ýeňip bilersiňiz! w20.12 sah. 27, abz. 20, 21

16-njy sentýabr, anna

Ýaşy uly aýallara ejeň ýaly, ýaşy kiçilere bolsa uýaň ýaly garap, päk ýürekli bol (1 Tim. 5:2).

Käbir uýalaryň diňe ýygnak duşuşyklarynda dogan-uýalar bilen görüşmäge mümkinçiligi bar. Şol sebäpli biz olary güler ýüz bilen garşy almaly, gürrüňdeş bolmaly we göwnüni göterýän sözleri aýtmaly. Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, uýalar üçin wagtymyzy gaýgyrmaly däl (Luka 10:38—42). Meselem, olary myhmançylyga ýa-da dynç almaga çagyryp bileris. Şonda biz uýalary ruhlandyrýan gürrüňleri etmeli (Rim. 1:11, 12). Isa pygamber käbirlerine durmuş gurman ýaşamagyň kyn boljakdygyny bilýärdi. Ýöne ol hakyky bagtyň öýli-işikli ýa-da çaga-çugaly bolmakda däldigini aýtdy (Luka 11:27, 28). Ýehowa gulluk etmegi durmuşynda birinji ýerde goýýan adam hakyky bagta ýetip bilýär (Mat. 19:12). Ýygnak ýaşululary mesihçi uýalary öz ejesi, dogany we jigisi ýaly görmeli. Ýaşulular ýygnak duşuşygyndan öň we soň uýalar bilen gürrüňdeş bolmak üçin wagt tapmaly. w20.09 sah. 21, 22, abz. 7—9

17-nji sentýabr, şenbe

Daýhan hem bol hasyl almak üçin... sabyrly garaşýar. Sizem sabyrly... boluň (Ýak. 5:7, 8).

Ysraýyl ýurdunda oktýabr aýynda ýagan ilkinji ýagyşdan soňra ýere tohum sepilýärdi; aprel aýynyň ahyrynda ýagan ýagyşdan soňra hasyl ýygnalýardy (Mar. 4:28). Biz hem daýhan ýaly sabyrly bolmaly, ýöne käte kyn bolýar. Bikämil adamlar çeken zähmetiniň hözirini tiz görmek isleýärler. Emma ekinden hasyl almak üçin ýeri sürmeli, tohum sepmeli, haşal otlary aýyrmaly we wagtly-wagtynda suwaryp durmaly. Edil şonuň ýaly, şägirt taýýarlamak üçin hem tagalla etmeli. Biz okuw geçýänlerimize ýüreginden «haşal otlary» aýyrmaga, ýagny adamlary ala tutmazlygy we mähirli bolmagy öwretmek üçin köp wagt sarp etmeli. Adamlar biziň aýdýan hoş habarymyzy diňlemeseler-de, sabyrly bolsak ruhdan düşmeris. Ýöne adamlar hoş habary kabul etseler-de, sabyrly bolmagy unutmaly däl. Sebäbi biz okuw geçýän adamlarymyzy ruhy taýdan ösmäge mejbur edip bilmeýäris. Hatda Isanyň şägirtleri hem onuň öwredýän zatlaryna derrew düşünmediler (Ýah. 14:9). Geliň, şuny unutmalyň, biz tohumy eksek-de, suwarsak-da, ösdürýän Hudaýdyr (1 Kor. 3:6). w20.09 sah. 10, 11, abz. 10, 11

18-nji sentýabr, ýekşenbe

Bütin janym bilen Ýehowany wasp ederin. Ýygnakda, dogruçyllaryň öňünde taryplaryn (Zeb. 111:1).

Biziň ählimiz okuw geçýänlerimiziň suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolmagyny arzuw edýäris. Şu wajyp ädimi ätmekleri üçin, olary ýygnak duşuşyklaryna barmaga höweslendirmeli. Wagyzçylar okuw geçýänine tizden-tiz ýygnak duşuşyklaryna barsa, ruhy taýdan çalt ösjekdigini aýtmaly. Şeýle-de oňa sapakda köp zat öwrenişi ýaly, ýygnak duşuşyklarynda hem köp bilim alyp biljekdigini düşündirmeli. Okuw geçýäniňiz bilen Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okap, ýygnaklara gelmegiň wajypdygyny aýdyň. Soňky ýygnakda näme gyzykly zady öwrenendigiňizi höwes bilen gürrüň beriň. Şonda ol hem ýygnak duşuşyklaryna barmak islär. Okuw geçýäniňiz ilkinji gezek ýygnak duşuşygyna baranda, görýän we eşidýän zatlary oňa güýçli täsir eder hem-de başga dinlerden gaty tapawutlanýandygyna göz ýetirer (1 Kor. 14:24, 25). Ol ýygnak duşuşyklarynda dogan-uýalar bilen tanşar we olaryň ýagşy häsiýetlerinden görelde alyp, suwa çümdürilmek islär. w20.10 sah. 10, 11, abz. 14, 15

19-njy sentýabr, duşenbe

Hudaýa... taý geljek mugallym ýokdur (Eýp. 36:22).

Hudaýyň mukaddes ruhy size Mukaddes Kitaby okap, bilen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanmaga kömek edýär. Mezmurçy şeýle doga etdi: «Ýehowa, maňa ýollaryňy öwret, hakykat ýoluňdan ýöräýin. Bütin kalbym bilen senden gorkaýyn» (Zeb. 86:11). Siz hem ondan görelde alyp, Mukaddes Kitaby we Ýehowanyň guramasy arkaly berýän edebiýatlaryny okaň hem-de çuňňur özleşdiriň. Elbetde, siz bilimli bolmagy däl-de, Hudaýyň kada-kanunlaryna ýürekden ynanyp, şoňa görä ýaşamagy maksat edinmeli. Muny etmäge size Ýehowanyň mukaddes ruhy kömek eder. Şeýle-de siz dogan-uýalary ruhlandyryp, olara kömek etmeli (Ýew. 10:24, 25). Näme üçin? Sebäbi biziň hemmämiz Ýehowanyň çagalary. Siz ýygnak duşuşyklarynda gowy jogap bermek we tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirmek üçin, Ýehowadan mukaddes ruhuny diläň. Şonda siz Ýehowanyň we Oglunyň «guzularyny» söýýändigiňizi görkezersiňiz (Ýah. 21:15—17). Geliň, Beýik Mugallym Ýehowany diňläliň we bol saçagyndaky ruhy iýmitlerden doýalyň. w20.10 sah. 24, 25, abz. 15—17

20-nji sentýabr, sişenbe

Şägirtleriň ählisi Isany taşlap, gaçyp gitdiler (Mar. 14:50).

Isa resullary ruhdan düşende näme etdi? Ol direlenden soňra şägirdi bolan käbir aýallara: «Gorkmaň! Baryň, doganlaryma (direlendigimi) aýdyň» diýdi (Mat. 28:10a). Görşümiz ýaly, Isanyň resullaryndan göwni geçmedi. Resullar taşlap gitseler-de, Isa olara «doganlarym» diýdi. Hawa, Ýehowa ýaly, Isa hem rehimdarlyk we geçirimlilik edýär (2 Pat. 13:23). Biz wagyz etmeýän dogan-uýalaryň aladasyny edýäris. Biz olary ýürekden söýýäris, olar biziň dogan-uýalarymyz! Olaryň käbiri onlarça ýyl Ýehowa wepaly gulluk etdiler, olaryň çeken zähmetini hiç haçan unutmarys (Ýew. 6:10). Biz olara hemişe garaşýarys (Luka 15:4—7). Biz wagyz etmeýän we ýygnaga gelmeýän wagyzçylary ýygnak duşuşyklaryna çagyryp bileris. Ýygnaga gelende olary mähirli garşy almaly. w20.11 sah. 6, abz. 14—17

21-nji sentýabr, çarşenbe

Ýazylan zatlaryň çäginden çykmaň (1 Kor. 4:6).

Bir güni Ýakup bilen Ýahýanyň ejesi Isanyň ýanyna gelip, ogullaryna gökdäki Patyşalykda uly orun bermegini haýyş edýär. Isa şol bada: «Sag ýa-da çep tarapymda kimiň oturjagyny men däl, Atam çözýär» diýdi (Mat. 20:20—23). Şeýle diýmek bilen, Isa öz çägini bilýändigini görkezdi. Ol pesgöwünlidi we Ýehowanyň gelen kararyna hiç haçan garşy çykmaýardy (Ýah. 12:49). Biz Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris? Şu günki aýatdaky maslahata eýersek, Isanyň pesgöwünlilik häsiýetinden görelde alarys. Eger kimdir biri maslahat sorasa, biz öz garaýşymyza eýertmekden ýa-da oýlanman maslahat bermekden seresap bolmaly. Biz Mukaddes Kitabyň we edebiýatlarymyzyň esasynda maslahat bermeli. Şonda öz çägimizi bilip, iň gowy maslahaty Gudratygüýçli Hudaýyň berýändigini subut ederis (Ylh. 15:3, 4). w20.08 sah. 11, 12, abz. 14, 15

22-nji sentýabr, penşenbe

Öte dogruçyl bolma, özüňi çendenaşa akyldar hasaplama. Öz-özüňi heläk etmek nämä gerek? (Nes. 7:16).

Siz dostuňyza maslahatyň gerekdigini göreniňizde nämeler hakda oýlanmaly? Maslahat bermezden öň özüňize şeýle sorag beriň: «Men öte dogruçylmy?» «Öte dogruçyl» adam Ýehowanyň kada-kanunlaryna görä däl-de, adamlary öz garaýşyna görä höküm edip, olaryň ýagdaýyna düşünmeýär. Şu zatlaryň üstünde oýlananyňyzdan soňam, dostuňyza düzediş bermeli diýseňiz, oňa eden ýalňyşyny aýdyň we düşünmäge kömek etmek üçin soraglary beriň. Hudaýyň Sözüne esaslanyp maslahat bermelidigiňizi unutmaň. Dostuňyz ýalňyşy üçin size däl-de, Ýehowanyň öňünde jogap berer (Rim. 14:10). Maslahat bereniňizde öz düşünjäňize bil baglaman, Hudaýyň Sözüne eýerip, adamlara duýgudaşlyk bildirýän Isa pygamberden görelde alyň (Nak. 3:5; Mat. 12:20). Näme üçin? Sebäbi biz adamlara duýgudaşlyk bildirsek, Ýehowa hem bize duýgudaşlyk bildirer (Ýak. 2:13). w20.11 sah. 21, abz. 13

23-nji sentýabr, anna

Adamyň daş keşbine seredip höküm çykarmaň, adalatly höküm çykaryň (Ýah. 7:24).

Biri siziň akýagyz ýa garaýagyzdygyňyza, semiz ýa-da hordugyňyza we ýüz-keşbiňize seredip höküm çykarsa halardyňyzmy? Ýok! Ýehowanyň garaýşy ynsanyňky ýaly däl. Hawa, Ýehowa Hudaýyň diňe daş keşbimize görä höküm çykarmaýandygyna örän begenýäris! Meselem, Ýehowa Şamuwele Ýessäniň ogullarynyň birini Ysraýyla patyşa edip bellemelidigini aýdýar. Ýöne Ýessäniň haýsy ogly patyşa bolmalydy? Ýessäniň ogullary gelende, Şamuwel Ýehowanyň görýän zadyny görüp bilmeýär. Ol Ýessäniň uly ogly Alyýaby görüp: «Ine Ýehowanyň saýlany şu bolmaly» diýýär. Alyýap daýaw ýigitdi. Şonuň üçin Şamuwel Ýehowa Alyýaby saýlandyr öýdýär. Emma Ýehowa: «Onuň boý-syratyna, daýawlygyna seretme, men ony saýlamadym» diýýär. Biz mundan näme öwrenip bileris? Ýehowa şeýle diýýär: «Adam daş keşbe seredýär, Ýehowa ýürege seredýär» (1 Şam. 16:1, 6, 7). Bizem adamlara Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaly. w20.04 sah. 14, abz. 1; sah. 15, abz. 3

24-nji sentýabr, şenbe

Başyňyzy galdyryp, ekin meýdanyna serediň, hasyl eýýäm ýetişipdir (Ýah. 4:35).

Isa pygamber al-ýaşyl öwüsýän arpa meýdanynyň içinden ýöräp barýardy (Ýah. 4:3—6). Arpany ormaga ýene dört aý bardy. Isa: «Başyňyzy galdyryp, ekin meýdanyna serediň, hasyl eýýäm ýetişipdir» diýende, şägirtler geň galan bolmaly (Ýah. 4:35, 36). Isa nämäni göz öňünde tutdy? Isa adamlary göz öňünde tutan bolmaly. Muňa düşünmek üçin, geliň, Isanyň şol sözleri haçan aýdandygyny bileliň. Isa samariýaly aýala wagyz edipdi, aýal hem ony ünsli diňläpdi. Ýöne ýehudylar samariýalylar bilen asla gatnaşmaýardylar. Isa şägirtlerine «hasylyň eýýäm ýetişendigi» barada gürrüň berip durka, samariýaly adamlar aýalyň aýdan sözlerini hut Isanyň öz agzyndan eşitmek üçin geldiler (Ýah. 4:9, 39—42). Mukaddes Kitaby öwrenýän bir alym: «Adamlaryň Isanyň ýanyna ylgap gelmegi, hasylyň ýetişendigini görkezýär» diýdi. w20.04 sah. 8, abz. 1, 2

25-nji sentýabr, ýekşenbe

Geliň, biri-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň (Ýew. 10:24).

Ýygnak duşuşyklary ökdelik bilen wagyz etmäge kömek edýär. Meselem, biz ýygnakda okuw esbaplaryny ulanmagy öwrenýäris. Şol sebäpli ýygnakda geçiljek temalara öňünden taýýarlanyň. Ýygnak duşuşygynda aýdylýan pikirleri ünsli diňläň we öwrenen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyň. Şonda «Isa Mesihiň batyr esgeri» bolup bilersiňiz (2 Tim. 2:3). Bizi millionlarça perişdeler goldaýar. Bir perişdäniň 185 000 esgeri öldürendigi hakda oýlanyp görüň (Işa. 37:36). Bizi bolsa perişdeleriň uly goşuny goldaýar. Hiç bir ynsan ýa-da jyn Ýehowanyň goşunynyň öňünde durup bilmez. «Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar» diýlişi ýaly, arkamyzda Ýehowa dursa, hiç kim bizi gorkuzyp bilmez (Ser. 6:16). Klasdaşlaryňyz, işdeşleriňiz ýa-da Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlaryňyz haýbat atyp, sizi gorkuzjak bolsa, arkaňyzda Ýehowanyň durandygy hakda oýlanyň. Siz ýeke däl! Ýehowa gulak asýan adamlary gözüniň göreji ýaly gorar! w21.03 sah. 29, abz. 13, 14

26-njy sentýabr, duşenbe

Ölen adamlar direlmeýän bolsa, onda, geliň, «iýeliň, içeliň, barybir ertir öleris» (1 Kor. 15:32).

Belki-de, Pawlus resul Işaýa 22:13-nji aýada salgylanan bolmaly. Sebäbi gadymy döwürdäki ysraýyllar Hudaýy däl-de, lezzeti söýüp, keýpi-sapada ýaşadylar. Şu günler hem köp adamlar: «Bir günüm — hoş günüm» diýip ýaşaýarlar. Biz Ýehowanyň ölen adamlary direltjekdigine iman edýäris. Ýöne dost-ýarlarymyz imanymyzy gowşadyp biler. Korinfde ýaşaýan dogan-uýalar hem direlişe ynanmaýan adamlar bilen gatnaşmaly däldi. Diýmek, biz hem «bir günüm — hoş günüm» diýip, keýpi-sapada ýaşaýan adamlar bilen gatnaşmaly däl. Eger şeýle adamlar bilen dostlaşsak, Ýehowanyň ýigrenýän işlerine adaty zat ýaly garap başlarys we aňymyzy zäherläris, hatda günäli işlere hem baş goşmagymyz mümkin. Şol sebäpli Pawlus: «Akylyňyza aýlanyp, dogruçyl ýaşaň we günäli işlerden el çekiň» diýip maslahat berdi (1 Kor. 15:33, 34). w20.12 sah. 9, abz. 3, 5, 6

27-nji sentýabr, sişenbe

Her erkegiň başy Mesih, aýalyň başy erkek, Mesihiň başy hem Hudaýdyr (1 Kor. 11:3).

Şu aýatda Ýehowanyň perişdeleriň we adamlaryň aladasyny etmek üçin, baştutanlary belländigi aýdylýar. Baştutan ýolbaşçylyk edýär, ýöne gelýän kararlary üçin jogap hem bermeli. Ýehowa älem-jahany ýaratdy; onuň hökümdarlygynyň çägi ýok. Şol sebäpli perişdeler hem, adamlar hem Ýehowanyň öňünde jogap bermeli (Rim. 14:10; Efes. 3:14, 15). Isa ýygnagyň başy, emma ol dogan-uýalaryň aladasyny edişi hakda Ýehowanyň öňünde hasabat bermeli (1 Kor. 15:27). Är maşgalanyň başy. Erkek adam gowy maşgalabaşy bolmak üçin näme etmeli? Ol Ýehowanyň näme talap edýändigini bilmeli. Şeýle-de Allatagalanyň erkek adamy näme üçin maşgalanyň başy edip goýandygyna düşünmeli. Erkek adam Ýehowanyň we Isa pygamberiň göreldesine eýermegiň wajypdygyna göz ýetirmeli. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa erkek adamy maşgalabaşy edip bellese-de, belli bir çäk goýdy we ol Hudaýyň islegine görä maşgalasynyň aladasyny etmeli (Luka 12:48b). w21.02 sah. 2, abz. 1—3

28-nji sentýabr, çarşenbe

Men, Ýehowa, siziň Hudaýyňyz. Size peýdaly zatlary öwredýärin (Işa. 48:17).

Biz Ýehowanyň göreldesine eýerip, käbir zatlary ýatlamasak peýdaly bolar. Meselem, Ýehowanyň ýatkeşligi kämil bolsa-da, toba edenimizde, ol bizi bagyşlap, etmişimizi ýatlamaýar (Zeb. 25:7; 130:3, 4). Ol biziň hem göwnümize degen adamy bagyşlap, eden etmişini ýatlamazlygymyzy isleýär (Mat. 6:14; Luka 17:3, 4). Täsin sowgat bolan beýnimiz üçin minnetdarlygymyzy görkezmegiň bir usuly, ony dogry ulanmaly, ýagny ony beren Ýehowa hormat goýmaly. Käbir adamlar ýagşy-ýamanyň nämedigini özi çözjek bolup, beýnisini öz bähbitleri üçin ulanýar. Emma Ýehowanyň bizi ýaradandygy üçin öz garaýşymyza däl-de, onuň kada-kanunlaryna eýermek örän paýhasly (Rim. 12:1, 2). Sebäbi Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşanymyzda, kalbymyz rahat bolýar (Işa. 48:18). Biziň esasy maksadymyz Ýaradyjymyzy şöhratlandyrmak we onuň ýüregini şatlandyrmakdyr (Nak. 27:11). w20.05 sah. 23, 24, abz. 13, 14

29-njy sentýabr, penşenbe

Birek-birege mähirli boluň (Rim. 12:10).

Biz dogan-uýalary ak ýürekden söýmek üçin näme etmeli? Dogan-uýalary gowy tanasak, olaryň ýagdaýyna has gowy düşüneris we ýürekden söýeris. Dogan-uýalaryň ýaşy, medeniýeti we alan terbiýesi olar bilen dostlaşmaga päsgel bermeli däl. Ýadyňyzda bolsa, Ýonatan Dawutdan 30 ýaş uly bolsa-da, jana-jan dostdular. Siz garry ýa-da ýaş dogan-uýalar bilen dostlaşýarsyňyzmy? Eger siz dostlaşsaňyz, «bütin dünýädäki doganlary söýýändigiňizi» görkezersiňiz (1 Pet. 2:17). Dogan-uýalary ýürekden söýmek üçin ählisi bilen jana-jan dost bolmalymy? Ýok. Biz olaryň ählisi bilen ýakyn dost bolup bilmesek gerek. Sebäbi biz garaýşymyz, gyzyklanýan zatlarymyz meňzeş adamlar bilen ýakyndan dostlaşýarys. Isa pygamber resullarynyň hemmesini dosty hasaplaýardy, ýöne Ýahýany has gowy görýärdi (Ýah. 13:23; 15:15; 20:2). Ýöne Isa Ýahýany resullaryndan ýokary tutmaýardy (Mar. 10:35—40). w21.01 sah. 23, abz. 12, 13

30-njy sentýabr, anna

Siz başgalara garanyňda, örän hudaýhon adamlar ekeniňiz (Res. 17:22).

Pawlus resul sinagogadaky ýehudylara wagyz edişi ýaly Afinada wagyz etmedi. Ol şäheriň içine aýlanyp, adamlaryň dini däp-dessurlary berjaý edişine üns berýär (Res. 17:23). Soňra Pawlus olaryň ynanýan zatlaryny göz öňünde tutup, Mukaddes Kitapdaky hakykaty gürrüň berýär. Ol adamlaryň garaýşyny göz öňünde tutup, wagyz edip başlady. Afinalylar «nätanyş Hudaý» üçin seždegäh gurupdylar. Şonuň üçin Pawlus olaryň sežde edýän «nätanyş Hudaýy» hakda wagyz edýändigini aýdýar. Afinalylar Mukaddes Kitaby bilmeýärdi, ýöne Pawlus olar Isanyň şägirdi bolmaz diýip pikir etmeýärdi. Ol afinalylara ýetişen hasyl hökmünde garaýardy we olaryň garaýşyny göz öňünde tutup wagyz edýärdi. Pawlus ýaly ünsli boluň. Ýaşaýan ýeriňizdäki adamlaryň ynanýan zatlaryny biljek boluň. Öýüniň daş-töweregindäki zatlara syn edip, öý eýesi barada näme bilse bolar? Onuň ady, egin-eşigi, daş keşbi we aýdýan sözleri uýýan dinini bilmäge nädip kömek edýär? w20.04 sah. 9, 10, abz. 7, 8

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş