Oktýabr
1-nji oktýabr, şenbe
«Ýehowa maslahat berer ýaly, onuň pikirini bilýän barmy?» diýip ýazylgy. Biz bolsa Mesihiň pikir edişi ýaly pikir edýäris (1 Kor. 2:16).
Isany gowy tanasak, onuň pikirlenşi ýaly pikirleneris we göreldesine eýereris. Isa ýaly pikirlensek, dostlugymyzy berkideris. Biz Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris? Meselem, Isa öz bähbidine çapman, adamlara kömek etmek hakda oýlanýardy (Mat. 20:28; Rim. 15:1—3). Şonuň üçin ol adamlary ýürekden bagyşlamaga we janyny gurban etmäge taýyndy. Adamlar Isany ýazgarsa-da, ol öýkelemezdi (Ýah. 1:46, 47). Ol adamlaryň öňki ýalňyşlyklary hakda oýlanyp, nädogry garaýyşda bolmazdy (1 Tim. 1:12—14). Isa: «Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýah. 13:35). Şonuň üçin özüňizden: «Men Isanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalar bilen agzybir bolmak üçin jan edýärinmi?» diýip soraň. w20.04 sah. 22—24, abz. 11
2-nji oktýabr, ýekşenbe
Olar bilelikde meniň adymy wasp ederler (Işa. 29:23).
Häzir ýer ýüzünde köp adamlar Ýehowa töhmet atyp, adyna dil ýetirýärler. Ýöne sizde Ýehowanyň tarapyna geçip, hakykaty aýtmaga, ýagny Ýehowanyň mukaddes, adalatly, ýagşy we söýgüden doly Hudaýdygyny subut etmäge mümkinçilik bar. Siz Hudaýyň hökümdarlygyny goldap bilersiňiz. Munuň üçin adamlara Ýehowanyň adalatly Hökümdardygy we parahat hem-de bagtly ýaşaýşy berjekdigi barada gürrüň bermeli (Zeb. 37:9, 37; 146:5, 6, 10). Adamlara Mukaddes Kitapdaky hakykatlary öwredenimizde, Hudaýyň hökümdarlygy, ýagny Ýehowanyň ähli zadyň üstünden höküm sürmäge hakynyň bardygy hakda aýdýarys. Biz adamlara diňe bir Hudaýyň kanunlaryny öwretmän, Ýehowa Atamyzy söýmegi we wepaly bolmagy öwretmeli. Munuň üçin Ýehowanyň häsiýetlerini we şol ady göterýän Şahsyýetiň nähili Hudaýdygyny düşündirmeli (Işa. 63:7). Biz adamlara şeýdip öwretsek, olar Ýehowany söýerler we wepaly bolmak isleýändikleri üçin gulak asarlar. w20.06 sah. 6, abz. 16; sah. 7, abz. 19
3-nji oktýabr, duşenbe
Ynsana dil berýän kim? ...Men, Ýehowa dälmi? (2 Mus. 4:11).
Adamyň beýnisi örän täsin ýaradylan. Biz ejemiziň göwresindekäk, beýnimiz ýörite bellenen tertip boýunça ösýär we her minutda müňlerçe nerw öýjükleri emele gelýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, uly adamyň beýnisinde 100 milliarda golaý neýron diýip atlandyrylýan ýörite öýjükler bar. Şol öýjükler agramy 1,5 kg bolan beýnimizi emele getirýär. Beýnimiziň ýerine ýetirýän üýtgeşik işleriniň biri hakda oýlanyp görüň. Ýekeje sözi aýtmagymyz üçin beýnimiz dilimizdäki, bokurdagymyzdaky, dodagymyzdaky, äňimizdäki we döşümizdäki ýüze golaý myşsanyň hereket etmelidigi barada habar ýollaýar. Sözleri dogry we açyk aýdyp bilmegimiz üçin şol myşsalar ýörite tertip boýunça hereket edýär. 2019-njy ýylyň ylmy barlaglaryna görä, ýaňy doglan çaga käbir sözleri tanap bilýär. Barlaglaryň netijesinde alymlar biziň gürlemek we dil öwrenmek ukyby bilen ýaradylandygymyza ýene bir gezek göz ýetirdiler. Dogrudanam, geplemek ukybymyz Hudaýyň beren iň uly sowgatlarynyň biri. w20.05 sah. 22, 23, abz. 8, 9
4-nji oktýabr, sişenbe
Ybraýym pygamber... Hudaýyň gurjak we döretjek berk binýatly şäherine garaşýardy (Ýew. 11:10).
Ybraýym pygamber gowy şertleri bolan Ur şäherinden çykyp gaýtdy. Näme üçin? Sebäbi ol «berk binýatly şähere garaşýardy» (Ýew. 11:8—10, 16). Ybraýym pygamberiň garaşýan şäheri Hudaýyň Patyşalygydy. Hudaýyň Patyşalygynda Isa Mesih we 144 000 saýlanan mesihçiler hökümdarlyk eder. Pawlus resul Hudaýyň Patyşalygyny «Biribaryň şäheri gökdäki Iýerusalim» diýip atlandyrdy (Ýew. 12:22; Ylh. 5:8—10; 14:1). Isa şägirtlerine Patyşalygyň gelmegi, gökde bolşy ýaly, ýerde-de Hudaýyň isleginiň amala aşmagy üçin doga etmelidigini öwretdi (Mat. 6:10). Ybraýym pygamber Hudaýyň Patyşalygynyň nähili «şäherdigini» bilýärdimi? Ýok. Sebäbi Patyşalyk ençeme asyrlaryň dowamynda «mukaddes syr» bolup galdy (Efes. 1:8—10; Kol. 1:26, 27). Ýöne Ybraýym pygamber öz nesliniň tagtlarda oturjakdygyny bilýärdi. Sebäbi Ýehowa muny wada beripdi (1 Mus. 17:1, 2, 6). w20.08 sah. 2, 3, abz. 2—4
5-nji oktýabr, çarşenbe
Isa Mesihe... tabyn bolup ýaşaň... imanyňyzda kök urup, berk duruň we oňa berk ýapyşyň (Kol. 2:6, 7).
Biz imandan dänenleriň taglymatlaryna ynanmaly däl. Mesihçiler ýygnagy döräli bäri Iblis köp ýalançy adamlar arkaly Ýehowanyň halkyny aldap, aňyny zäherlejek bolýar. Şonuň üçin biz nämäniň dogrudygyny, nämäniň ýalandygyny bilmäge jan etmeli. Imandan dänen adamlar internet we habar beriş serişdeleri arkaly ýalan maglumatlary ýaýradyp, Ýehowa bolan imanymyzy gowşatmak we dogan-uýalara bolan söýgimizi sowatmak üçin elinde baryny edýärler. Şeýle ýalan zatlaryň kimiň ýaýradýandygyny unutmaň, özüňizi aldatmaň! (1 Ýah. 4:1, 6; Ylh. 12:9). Biz Isa pygambere ynansak we Ýehowanyň niýetini ýerine ýetirmekde wajyp orun eýeleýändigine düşünsek, Şeýtan imanymyzy gowşadyp bilmez. Şeýle-de biz Ýehowanyň diňe «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly guramasyna görkezme berýändigine şübhelenmeli däl (Mat. 24:45—47). Imanymyzy berkitmegiň ýene bir ýoly: Hudaýyň Sözüni yzygiderli okamaly. Şonda biziň imanymyz gowy kök uran agaja meňzär. Pawlus resul şu günki aýatda hem şeýle deňeşdirme getirdi. w20.07 sah. 23, 24, abz. 11, 12
6-njy oktýabr, penşenbe
Adam daş keşbe seredýär, Ýehowa ýürege seredýär (1 Şam. 16:7).
Biz bikämil bolandygymyz üçin adamlaryň daş keşbine seredip höküm çykarýarys (Ýah. 7:24). Adamy gowy tanamak üçin ol barada köp zatlary bilmeli. Geliň, bir mysala seredeliň. Lukman ökde we tejribeli hem bolsa, adamyň daş keşbine seredip keselini doly anyklap bilmez. Munuň üçin lukman hassany ünsli diňlemeli, şonda onuň öň nähili kesele uçrandygyny, keseliň alamatlaryny we häzir özüni nähili duýýandygyny anyklap biler. Belki, ol hassany rentgen barlagyndan geçirer. Eger lukman şeýle etmese, nädogry bejergi bermegi mümkin. Şonuň ýaly bizem dogan-uýalaryň diňe daş keşbine seredip, olary doly tanap bilmeris. Ýöne içgin gyzyklansak nähili adamdygyny bileris. Hawa, biz adamyň oý-pikirini bilmeýäris. Emma elimizde baryny edip, Ýehowanyň göreldesine eýerip bileris. Ol gullukçylarynyň ählisini ünsli diňleýär. Ýehowa olaryň terbiýesini, medeniýetini we ýagdaýyny göz öňünde tutýar, olar bilen bagly ähli zady bilýär hem-de duýgudaşlyk bildirýär. w20.04 sah. 14, 15, abz. 1—3
7-nji oktýabr, anna
Sagdyn düşünjeli boluň (Rim. 12:3).
Biz pesgöwünli bolmaly, sebäbi ulumsy adamlar «sagdyn düşünjeli bolup» bilmeýärler. Ulumsy adamlar köp dawalaşýarlar we diňe özüni bilýärler. Olaryň garaýyşlary, häsiýetleri hem özlerine, hem gatnaşýan adamlaryna zyýan ýetirýär. Eger olar garaýşyny üýtgetmese, Şeýtan aň-düşünjesini küteldip, olary gözli kör eder (2 Kor. 4:4; 11:3). Pesgöwünli adamlar bolsa sagdyn düşünjeli bolýarlar. Olar özüne dogry garaýyşda bolýarlar we adamlaryň özlerine garanyňda köp zatlary başarýandygyna düşünýärler (Flp. 2:3). Şeýle-de olar «Hudaýyň tekepbirlere garşy çykýandygyny, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýändigini» bilýärler (1 Pet. 5:5). Sagdyn düşünjeli adamlar Ýehowanyň duşmany bolmak islemeýärler. Pesgöwünli bolmak üçin Mukaddes Kitapdaky: «Öňki häsiýetleriňizi we köne işleriňizi goýuň... täze häsiýetleri öwreniň» diýen maslahata eýermeli (Kol. 3:9, 10). Munuň üçin biz Isa pygamberi gowy tanamaly we onuň göreldesine eýermäge jan etmeli (1 Pet. 2:21). w20.07 sah. 7, abz. 16, 17
8-nji oktýabr, şenbe
Olar köp bolsa-da, hemmesi bir bedene degişlidir (1 Kor. 12:12).
Ýehowanyň guramasynyň agzasy bolmak uly hormat! Biz dogan-uýalar bilen Ýehowa agzybir sežde edip, şatlyk tapýarys. Ýehowa size ýygnakda nähili orun berdi? Pawlus resul ýygnagy ynsan bedeni, dogan-uýalary bolsa beden agzalary bilen deňeşdirýär (Rim. 12:4—8; 1 Kor. 12:12—27; Efes. 4:16). Pawlusyň getiren mysalyndan Ýehowanyň maşgalasynda her birimiziň wajyp ornumyzyň bardygyny bilýäris. Pawlus: «Beden agzalary köp, ýöne olaryň hersiniň öz ýerine ýetirýän işi bar. Biz köp bolsak-da, Mesih bilen bir bedendiris we bir-birimize baglydyrys» diýdi (Rim. 12:4, 5). Pawlus nämäni göz öňünde tutdy? Ýygnakda her birimiziň öz ornumyz bolsa-da, Ýehowa ählimizi gymmat saýýar. w20.08 sah. 20, abz. 1, 2, 4
9-njy oktýabr, ýekşenbe
Ýehowa: «Nädip?» diýip sorady (1 Pat. 22:21).
Ene-atalar, siz Ýehowa ýaly nädip pesgöwünli bolup bilersiňiz? Meselem, maşgala agzalaryňyz bilen bir işi etmeli bolanyňyzda, çagalaryňyzyň pikirini soraň we olaryň teklibini kabul ediň. Ýehowa bendeleri şübhelenende-de, sabyrly diňleýär. Ybraýym pygamber Ýehowanyň Sodom we Gomorrany ýok etmek kararyna nägilelik bildirende, Ýehowa ony ünsli diňleýär (1 Mus. 18:22—33). Ýadyňyzda bolsa, Ýehowa Ybraýymyň aýalyna garran çagynda oglunyň boljakdygyny aýdanda, Bibisara gülýär. Ýöne Ýehowa oňa gaharlanmaýar (1 Mus. 18:10—14). Gaýtam Bibisara hormat goýýar. Ene-atalar we ýaşulular, siz Ýehowanyň göreldesinden näme öwrenip bilersiňiz? Eger çagalaryňyz ýa-da dogan-uýalar gelen kararyňyz bilen razylaşmasalar näme edersiňiz? Şonda siz öz sözüňizi gögerdersiňizmi ýa-da olaryň pikirini diňlärsiňiz? Ygtyýarly adamlar Ýehowanyň göreldesine eýerseler, maşgala agzalaryna we dogan-uýalara köp peýda getirerler. w20.08 sah. 10, abz. 7—9
10-njy oktýabr, duşenbe
Ejizlikleriň arkaly meniň güýjüm has gowy görünýär (2 Kor. 12:9).
Biz Ýehowanyň Şaýatlaryny tanap başlanymyzda, olaryň kömegini höwes bilen kabul edendiris, sebäbi özümizi ruhy taýdan çaga ýaly duýup, köp zatlary bilmek isleýärdik (1 Kor. 3:1, 2). Indi näme?! Ýehowa ençeme ýyl bäri gulluk edip, köp tejribe toplansyňyz. Indi siz başgalaryň, esasan-da, sizden soň suwa çümdürilenleriň kömegini kabul edesiňiz gelýän däldir. Emma Ýehowanyň şol dogan-uýalar arkaly kömek edýändigini unutmaň (Rim. 1:11, 12). Eger Ýehowanyň güýç-kuwwat bermegini isleýän bolsaňyz, onda dogan-uýalaryň kömegini ýürekden kabul ediň. Üstünlik gazanmak üçin güýç, bilim, at-abraý ýa-da baýlyk gerek däl. Munuň üçin pesgöwünli bolup, Ýehowa bil baglamaly. Biz 1) Ýehowanyň güýjüne daýanmaly, 2) hudaýhon adamlardan görelde almaly we 3) dogan-uýalaryň kömegini kabul etmeli. Şonda biz nähili ejiz bolsak-da, Ýehowa güýç-kuwwat berer! w20.07 sah. 14, abz. 2; sah. 19, abz. 18, 19
11-nji oktýabr, sişenbe
Yhlasly boluň... ýalta bolmaň-da, iman ediň, sabyrly boluň, wadalary miras alan adamlardan görelde alyň (Ýew. 6:11, 12).
Biz Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyza wagyz edenimizde has-da sabyrly bolmaly. Şeýle ýagdaýda Nesihat 3:7-däki: «Dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty» diýen maslahat kömek edýär. Biz dogan-garyndaşlarymyza sözsüz, ýagny ýagşy edim-gylymymyz bilen şaýatlyk edip bilýäris. Emma imanymyz barada gürrüň bermäge-de hemişe taýyn bolmaly (1 Pet. 3:1, 2). Elbetde, biz wagyz we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşmak isleýäris, ýöne hemmelere, dogan-garyndaşlarymyza-da sabyrly bolmagy unutmaly däl. Biz gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlardan we şu günler Ýehowanyň wepaly gullukçylaryndan sabyrly bolmak babatda köp zatlary öwrenýäris. Meselem, Habakuk pygamber zalym adamlaryň ýok edilmegini islese-de, sabyrly garaşýardy. Ol «diwaryň üstüne çykyp», «garawul diňinde garaşjakdygyny» aýtdy (Hab. 2:1). Pawlus resul hem wagyz işini «soňuna çenli berjaý etmek isleýärdi». Emma ol sabyrlylyk bilen «hoş habary birkemsiz wagyz etdi» (Res. 20:24). w20.09 sah. 11, 12, abz. 12—14
12-nji oktýabr, çarşenbe
(Isa) özüni Hudaý bilen deňemedi, häkimiýeti eline geçirmek hakda pikir hem etmedi (Flp. 2:6).
Isa Ýehowanyň ýaradan perişdeleriniň iň beýigi bolsa-da, özüni hiç haçan ýokary tutmandyr. Isa pygamberiň göreldesine eýerip, pesgöwünli dogan-uýalar biri-birini ýürekden söýýärler. Isa Mesihem şägirtleriniň söýgi häsiýeti bilen tanaljakdygyny aýdypdy (Luka 9:48; Ýah. 13:35). Aýdaly, ýygnak ýaşulularynyň bir meseläni dogry çözmeýändigini bilýärsiňiz. Şeýle ýagdaýda näme edersiňiz? Siz nägile bolmagyň deregine, pesgöwünlilik bilen ýaşululary goldaň (Ýew. 13:17). Özüňize şeýle soraglary beriň: «Meni biynjalyk edýän mesele şeýle wajypmy? Ony şu wagt çözmelimi? Şol meselä goşulmaga hakym barmy? Men ýygnagyň agzybirligi hakda alada edýärinmi ýa-da öz abraýymy artdyrjak bolýarynmy?» Ýehowa ukyply adamy däl-de, pesgöwünlini gymmat saýýar; köp işleýän adamyň däl-de, agzybir işleýän adamyň gadyryny bilýär. Geliň, Ýehowa pesgöwünli gulluk etmek üçin jan edeliň! Şonda ýygnakda agzybirligiň has-da berkemegine ýardam ederis (Efes. 4:2, 3). w20.07 sah. 4, 5, abz. 9—11
13-nji oktýabr, penşenbe
Isa: «Gorkmaň! Baryň, doganlaryma aýdyň...» diýdi (Mat. 28:10).
Isa pygamber hudaýhon aýallaryň «hiç zadyny gaýgyrman» eden hyzmatyny gymmat saýýardy (Luka 8:1—3). Isa olara-da wajyp hakykaty düşündirdi. Meselem, Isa özüniň öljegini we soňra direljegini aýtdy (Luka 24:5—8). Ol boljak synaglara resullaryny taýýarlaýşy ýaly, gelin-gyzlary hem taýýarlady (Mar. 9:30—32; 10:32—34). Isany tussag edenlerinde, resullar ony taşlap gaçyp gitdiler. Emma gelin-gyzlaryň käbiri Isa jebir pürsünde ölende-de ýanynda durdular, gaçyp gitmediler (Mat. 26:56; Mar. 15:40, 41). Hudaýhon aýallar ilkinji bolup Isanyň direlendigini gördüler we Isa olara özüniň direlendigini resullaryna habar bermegi tabşyrdy (Mat. 28:5, 9, 10). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost baýramçylygynda şägirtlere mukaddes ruh inýär. Şonda olaryň arasyndaky gelin-gyzlar hem dürli dillerde gepläp, «Allanyň gudratly işleri hakda» gürrüň beren bolmaly (Res. 1:14; 2:2—4, 11). w20.09 sah. 23, abz. 11, 12
14-nji oktýabr, anna
Özüňi alyp barşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol (1 Tim. 4:16).
Şägirt taýýarlamak işi adamlaryň janyny halas edýär. Isa pygamber şeýle tabşyryk berdi: «Gidiň-de... şägirt taýýarlaň. Olary... suwa çümdüriň» (Mat. 28:19, 20). Suwa çümdürilmek wajypmy? Hawa, diňe suwa çümdürilen adam halas bolup bilýär. Şeýle-de ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin Isa pygamberiň janyny töleg gurbany hökmünde berendigine we direlendigine iman etmeli. Şol sebäpli Petrus resul mesihçilere: «Siz suwa çümdürilip, Isa Mesihiň direlmegi bilen halas bolýarsyňyz» diýdi (1 Pet. 3:21). Şeýlelikde, suwa çümdürilip, şägirt bolan adam halas bolup bilýär. Biz şägirt taýýarlamak üçin «ökdelik bilen öwretmeli» (2 Tim. 4:1, 2). Näme üçin? Isa şeýle tabşyryk berdi: «Gidiň-de... şägirt taýýarlaň. Olara... öwrediň». Pawlus resul hem şeýle diýdi: «Şeýle etseň, hem özüňi, hem saňa gulak asýanlary halas edersiň». w20.10 sah. 14, abz. 1, 2
15-nji oktýabr, şenbe
Mundan beýläk adam tutýan balykçy bolarsyň (Luka 5:10).
Petrus «adam tutýan balykçy» bolmagy, ýagny wagyz etmek işini halady. Ol Ýehowanyň goldawy bilen ökdelik bilen wagyz etdi (Res. 2:14, 41). Biz näme üçin yhlasly wagyz edýäris? Sebäbi Ýehowany janymyz-tenimiz bilen söýýäris. Biz Ýehowany ýürekden söýsek, onuň tabşyran işini gorkman ýerine ýetireris. Isa pygamber Petrusy yzyna eýermäge çagyranda: «Gorkma» diýdi (Luka 5:8—11). Elbetde, Petrus kynçylykdan gorkmaýardy, emma başga bir zatdan gorkýardy. Isa gudrat bilen köp balyk tutmaga kömek edende, Petrus özüni onuň şägirdi bolmaga mynasyp görmedi. Siz hem Isa Mesihiň şägirdi bolmaga özüňizi mynasyp görmeýän bolsaňyz, onda Ýehowany, Isany we adamlary ýürekden söýüň. Şonda Isanyň çakylygyny kabul edip, «adam tutýan balykçy» bolmaga gorkmarsyňyz (Mat. 22:37, 39; Ýah. 14:15). w20.09 sah. 3, abz. 4, 5
16-njy oktýabr, ýekşenbe
Şonuň üçin gidiň-de... şägirt taýýarlaň... öwrediň (Mat. 28:19, 20).
Biz «ebedi ýaşamak isleýän» adamlara şatlyk bilen wagyz etmek üçin wagtymyzy, güýjümizi we pulumyzy gaýgyrmarys (Res. 13:48). Şonda biz Isa pygamberiň göreldesine eýereris. Ol: «Meniň çöregim meni ibereniň islegini we tabşyrygyny soňuna çenli berjaý etmekdir» diýdi (Ýah. 4:34; 17:4). Biz hem Ýehowanyň ynanan işini ýürekden we soňuna çenli berjaý etmek isleýäris (Ýah. 20:21). Şu wajyp işe hemmeleriň, wagyz etmeýän dogan-uýalaryň hem gatnaşmagyny isleýäris (Mat. 24:13). Elbetde, Isanyň tabşyran işi aňsat däl. Emma ony ýeke özümiz ýerine ýetirmeýäris. Isa pygamber bizi goldajakdygyny aýtdy. Ýehowa hem bizi goldaýar, sebäbi biz «Hudaýyň işdeşleri» (1 Kor. 3:9). Diýmek, özümize ynanylan işi başararys we adamlara şatlyk bilen kömek ederis. Mundan uly hormat barmy näme?! (Flp. 4:13). w20.11 sah. 7, abz. 19, 20
17-nji oktýabr, duşenbe
Isa ulalyp, akylly-paýhasly boldy, Hudaýy we adamlary razy edýärdi (Luka 2:52).
Ene-atalaryň gelýän kararlary çagalaryna birnäçe ýyllap, hatda bütin ömrüne-de täsir edýär. Ene-atalar ýalňyş karara gelseler, çagalarynyň gül ömrüni kül ederler. Emma dogry karara gelseler, çagalaryna bagtly hem manyly durmuş bererler. Elbetde, çagalaryň özlerem dogry karara gelmeli bolýar. Eger her bir adam gökdäki söýgüden doly Ýehowa sežde etmegi saýlasa, iň gowy karara geler (Zeb. 73:28). Isanyň ene-atasy Ýusup bilen Merýem çagalarynyň Ýehowa wepaly bolup ýetişmegi üçin elinde baryny etdiler. Olar Hudaýa gulluk etmegi durmuşynda birinji orunda goýup, dogry karara geldiler (Luka 2:40, 41, 52). Isa hem dogry karara gelip, Ýehowanyň tabşyran işini doly berjaý etdi (Mat. 4:1—10). Isa mähirli, Hudaýa wepaly we batyrgaý adam bolup ýetişdi. Elbetde, hudaýhon ene-atalar şeýle oglunyň bardygyna hem begenerler, hem buýsanarlar. w20.10 sah. 26, abz. 1, 2
18-nji oktýabr, sişenbe
Gözleriň öňe seretsin (Nak. 4:25).
Geliň, dogan-uýalar bilen bolan wakalary göz öňüne getireliň. Uly ýaşly uýa bagtly günlerini ýatlaýar. Häzir uýanyň durmuşy kyn bolsa-da, ol Ýehowa janaýaman gulluk edýär (1 Kor. 15:58). Uýa her gün özüniň we dogan-garyndaşlarynyň Hudaýyň täze dünýäsinde hezil edip ýaşaýandygyny göz öňüne getirýär. Başga bir uýanyň bolsa imandaşyndan göwni galýar, emma uýa öýke-kine saklap ýörmeýär (Kol. 3:13). Bir dogan öňki eden ýalňyşlaryny ýatlap gynanýar, ýöne Ýehowa wepaly gulluk etmegini goýmaýar (Zeb. 51:10). Şu üç mesihçiniň näme meňzeşligi bar? Olar geçmişde bolan zatlary wagtal-wagtal ýatlasalar-da, geçen günleri bilen ýaşamaýarlar. Olar gelejek hakda oýlanyp, öňe ýöreýärler. Bu näme üçin wajyp? Eger adam hemişe yzyna seretse, öňe tarap ýöremek kyn bolar. Şonuň ýaly bizem geçmişimizi ýatlap ýöresek, Ýehowa bütin ýüregimiz bilen gulluk edip bilmeris (Luka 9:62). w20.11 sah. 24, abz. 1—3
19-njy oktýabr, çarşenbe
Ol Dawuda... göwnüýetmezçilik bilen seretdi (1 Şam. 17:42).
Güýçli pälwan Jalutyň ýanynda Dawut ejiz, güýçsüz görünýärdi. Sebäbi Jalut uzyn boýly, söweş ýaragly, uruş tilsimlerinden başy çykýan pälwandy. Dawut bolsa ýaragsyz, söweşmegi başarmaýan, emelsiz oglanjyk ýaly görünýärdi. Emma Dawut Ýehowanyň güýjüne bil baglaýandygy üçin duşmanyny ýeňip bildi (1 Şam. 17:41—45, 50). Dawut ýene bir kynçylyk bilen göreşmeli boldy. Şonda ol özüni ejiz saýandyr. Ol Ýehowanyň Ysraýyla bellän patyşasyna jany-teni bilen hyzmat edýärdi. Şawul patyşa Dawudy ogly ýaly gowy görerdi, ýöne soňabaka patyşa tekepbir bolup, Dawuda göriplik edip başlady. Patyşa oňa ýamanlyk baryny edýärdi, hatda öldürmegiň küýüne düşüpdi (1 Şam. 18:6—9, 29; 19:9—11). Şawul adalatsyzlyk etse-de, Dawut Ýehowanyň saýlan patyşasyna hemişe hormat goýýardy (1 Şam. 24:6). Ol Ýehowa bil baglaýardy we her bir synaga döz gelmäge güýç berjekdigine ynanýardy (Zeb. 18:1, sözbaşy). w20.07 sah. 17, abz. 11—13
20-nji oktýabr, penşenbe
Dünýäniň soňunda günorta patyşasy onuň (demirgazyk patyşasy) bilen çaknyşar (Dan. 11:40).
Günorta patyşasy bilen demirgazyk patyşasy hakdaky pygamberligiň köp bölegi eýýäm ýerine ýetdi. Şonuň üçin galan böleginiň hem ýerine ýetjekdigine şübhelenmän bileris. Danyýar kitabynyň 11-nji babyndaky pygamberlige düşünmek üçin şuny ýatdan çykarmaly däl: şol pygamberlikde diňe Hudaýyň halkyna gönüden-göni täsir edýän patyşalar we hökümdarlyklar hakda aýdylýar. Ýehowanyň halky bütin ýer ýüzündäki ilatyň kiçijik bir bölegi bolsa-da, olary näme üçin yzarlaýarlar? Sebäbi Şeýtan we onuň golastyndaky dünýä Ýehowa bilen Isa gulluk edýänleri ýok etmek isleýär (1 Mus. 3:15 Ylh. 11:7; 12:17). Ýene bir üns bermeli zadymyz, Danyýaryň aýdan pygamberligi Mukaddes Kitapdaky beýleki pygamberlikler bilen gabat gelmeli. Şol sebäpli biz Hudaýyň Sözündäki beýleki pygamberlikleri gowy öwrensek, Danyýar kitabyndaky pygamberlige dogry düşünip bileris. w20.05 sah. 2, abz. 1, 2
21-nji oktýabr, anna
Ölen adam nädip direler? Bedeni nähili bolar? (1 Kor. 15:35).
Şu günler adam ölenden soň näme bolýandygy hakda dürli-dürli düşünjeler bar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär? Adam ölensoň gara topraga siňip gidýär. Ýöne älem-jahany ýaradan Gudratygüýçli Allatagala ölen adamy direldip bilmezmi?! (1 Mus. 1:1; 2:7). Pawlus resul Hudaýyň gökde höküm sürjek adamlary ynsan bedeninde direltmejekdigini düşündirmek üçin bir mysal aýtdy. Topraga ekilen däneden baldak gögerip çykýar, soňra ösüp, uly agaç bolýar. Pawlus resul şu mysal arkaly Ýaradan Allanyň ölen adamlara «isleýşine görä... beden berýändigini» düşündirdi. Pawlus: «Gökdäki ýaşaýanlaryň bedeni başga, ýerde ýaşaýanlaryň bedeni başga bolýar» diýdi. Ol nämäni göz öňünde tutdy? Ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ynsan bedeni bar, ýöne gökde ýaşaýanlaryň ruhy, ýagny perişdeleriňki ýaly bedeni bar (1 Kor. 15:36—41). w20.12 sah. 10, abz. 7—9
22-nji oktýabr, şenbe
Haçana çenli azap çekerin? Haçana çenli uzakly gün hasrat çekerin (Zeb. 13:2).
Biziň ählimiz gaýgy-alada etmän, asuda we parahat ýaşamak isleýäris. Ýöne käte howsala düşüp, şu günki aýatdaky sözleri ýazan Dawut patyşa ýaly soraglary berýändiris. Biz käbir ýagdaýlary üýtgedip bilmeýändigimiz üçin alada edýäris. Meselem, azyk önümleri, egin-eşikler we ýaşaýyş jaýlary ýyl-ýyldan gymmatlap barýar. Belki-de, klasdaşlarymyz, işdeşlerimiz ahlaksyzlyk etdirjek ýa-da ýalan sözletjek bolýandyr. Şeýle-de jenaýatçylygyň hem öňüni alyp bilýän däldiris. Adamlaryň Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça ýaşamaýandygy üçin kynçylyklar has-da köpelýär. Şu dünýäniň taňrysy Şeýtan mesihçileriň gaýgy-alada batyp, Hudaýa gulluk etmegini islemeýär (Mat. 13:22; 1 Ýah. 5:19). Şol sebäpli ýer ýüzüniň gaýgy-aladadan doludygy geň galdyrmaýar. w21.01 sah. 2, abz. 1, 3
23-nji oktýabr, ýekşenbe
Doganyny ýigrenýän ganhordyr, siz bolsa hiç bir ganhoryň ebedi ýaşamajakdygyny bilýänsiňiz (1 Ýah. 3:15).
Ýahýa resul dogan-uýalary ýigrenmäň diýip maslahat berdi. Eger şu maslahata eýermesek, onda Şeýtana özümizi oýnadarys (1 Ýah. 2:11). I asyryň soňlarynda Şeýtan Hudaýyň halkynyň arasynda bölünişik döretmek we biri-birini ýigrenmekleri üçin elinde baryny etdi. Ýahýanyň ýygnaklara hat ýazan döwri, Şeýtanyň duzagyna düşen Diýotref ýaly adamlar dogan-uýalaryň arasynda bölünişik we agzalalyk döredýärdi (3 Ýah. 9, 10). Ol ýolbaşçylyk maslahatynyň iberen wekillerine hormat goýmaýardy. Olary myhman almak isleýänleri ýygnakdan çykarjak bolýardy. Diýotref örän tekepbir adamdy. Şeýtan şu günlerem Hudaýyň halkynyň arasynda agzalalyk we ýigrenç döretmek üçin elinde baryny edýär. Geliň, hiç haçan Şeýtanyň duzagyna düşmäliň! w21.01 sah. 11, abz. 14
24-nji oktýabr, duşenbe
Olar pygamberlik edip bolanlarynda... wagşy haýwan... olar bilen söweşer, olary ýeňer we öldürer (Ylh. 11:7).
I Jahan urşy döwründe Hudaýyň halky söweşmekden boýun gaçyrandygy üçin, Germaniýa we Beýik Britaniýa hökümeti olary zalymlyk bilen yzarlap başlady. Mundan başga-da ABŞ-da wagyz işine ýolbaşçylyk edýän doganlary türmä basdylar. Şeýdip, Ylham 11:7—10-njy aýatlardaky pygamberlik ýerine ýetdi. 1930-njy ýyllarda we II Jahan urşy döwri demirgazyk patyşasy Hudaýyň halkyna zalymlyk bilen hüjüm etdi. Gitler we onuň ýaranlary Hudaýyň halkyna wagyz etmegi gadagan etdi. Duşmanlar 1 500 töweregi Şaýatlary öldürdiler, müňlerçesini bolsa konslagerlere ugratdylar. Demirgazyk patyşasy «mukaddes ýeri haram edip, her gün berilýän gurbanlygy gadagan etdi». Netijede, Hudaýyň gullukçylary Ýehowanyň adyny arkaýyn şöhratlandyryp bilmeýärdi (Dan. 11:30b, 31a). Hatda Gitler Germaniýadaky Hudaýyň halkyny bütinleý ýok etjekdigini söz berdi. w20.05 sah. 5, 6, abz. 12, 13
25-nji oktýabr, sişenbe
Biri-biriňize doganlyk söýgiňiz bolsun, birek-birege mähirli boluň. Biri-biriňize ilkinji bolup hormat goýuň (Rim. 12:10).
Biz dogan-uýalary ýürekden söýsek, ýygnakda bäsdeşlik bolmaz. Ýonatan bize gowy görelde galdyrdy. Ol Dawudy duşmany ýa-da bäsdeşi hasaplamaýardy (1 Şam. 20:42). Biz hem Ýonatanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetlerine, ukyplaryna göriplik etmän, gaýtam pesgöwünlik bilen olary özümizden ýokary saýmaly (Flp. 2:3). Ýygnakda dogan-uýalaryň gymmatly ornunyň bardygyny unutmaň. Eger pesgöwünli bolsak, Hudaýa wepaly dogan-uýalardan görelde alarys we olaryň ýagşy häsiýetlerine guwanarys (1 Kor. 12:21—25). Dogan-uýalary ýürekden söýsek, Hudaýyň halkynyň arasynda agzybirligiň bolmagyna goşant goşarys. Isa pygamberiň şägirdidigimizi subut ederis we Allatagala bilen dostlaşmaga kömek ederis. Iň esasy zat bolsa, «rehimdar Atamyzy we her dürli ýagdaýda göwünlik berýän Hudaýymyzy» şöhratlandyrarys (2 Kor. 1:3). w21.01 sah. 24, abz. 14; sah. 25, abz. 16
26-njy oktýabr, çarşenbe
Siz dünýäden däl... Şonuň üçin dünýä sizi ýigrenýär (Ýah. 15:19).
Şu günler käbir adamlar Ýehowanyň Şaýatlaryny bilimsiz, ejiz hasaplap, üstlerinden gülýärler we hormat goýmaýarlar. Näme üçin? Sebäbi biz şu dünýädäki adamlaryň garaýşyny goldamaýarys. Biz pesgöwünli, mähirli we sylaşykly bolmaga jan edýäris. Dünýädäki adamlar bolsa tekepbir, gedem, uruşgan adamlary öwüp arşa çykarýarlar. Şeýle-de biz syýasata, harby işlere goşulmaýarys we dünýädäki adamlaryň täsirine düşmeýäris. Şol sebäpli olar bizi ejiz görüp, äsgermeýärler (Rim. 12:2). Şeýtanyň dünýäsi bizi dereksiz hasaplaýar, ýöne Ýehowa biz arkaly ägirt uly işleri edýär. Ýehowa taryhda hiç haçan bolmadyk bütindünýä wagyz işini alyp barýar. Ýehowanyň Şaýatlary edebiýatlaryny ençeme dillere terjime edip, neşir edýärler. Olar Mukaddes Kitap arkaly millionlarça adamlara durmuşyny özgertmäge kömek edýärler. Elbetde, şu işler üçin diňe Ýehowa alkyş aýtmaly! w20.07 sah. 15, abz. 5, 6
27-nji oktýabr, penşenbe
Atamyň tabşyrygyny berjaý edýärin (Ýah. 14:31).
Isa paýhaslydy, ukyplydy, ýöne şonda-da Ýehowa tabyn bolýardy. Ýehowa älem-jahany ýaradanda, Isa ökde ussa kimin kömek etdi (Nak. 8:30; Ýew. 1:2—4). Isa pygamber adamlara ýönekeý mysallar arkaly düşündirýärdi (Ýah. 7:45, 46). Isa ölümden direlip, göge galdy. Soňra Ýehowa oňa «gökde we ýerde ähli ygtyýary» berdi (Mat. 28:18). Isa paýhasly we ukyply bolsa-da, hemişe Ýehowa tabyn bolýardy, sebäbi Atasyny ýürekden söýýärdi. Ýehowa aýalyň mertebesini peseltmek üçin ärine tabyn bolmalydygyny aýtmady. Sebäbi Ýehowa Isa bilen hökümdarlyk etmäge aýallara-da rugsat berdi (Gal. 3:26—29). Ýehowa Ogluna ynanýandygy üçin, ony patyşa edip belledi. Hudaýdan görelde alýan är hem aýalyna doly ynanýar. w21.02 sah. 10, 11, abz. 13, 14
28-nji oktýabr, anna
Biz kynçylyklara çydaýan adamlary bagtly hasaplaýarys (Ýak. 5:11).
Hudaýyň Sözi aýna ýaly kemçiliklerimizi görmäge we gowy häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär (Ýak. 1:23—25). Mukaddes Kitaby okanymyzda özümiziň gaharjaňdygymyza düşünmegimiz mümkin. Biz akyldar Hudaýyň kömegi bilen ýumşak adam bolup bileris. Şonda göwnümize degseler-de, çykalgasyz ýagdaýa düşsek-de özümizi ele alyp, gaharlanmarys. Biz sagdyn pikirlenip, dogry karara geleris (Ýak. 3:13). Hawa, Mukaddes Kitaby her gün okasak, Ýehowanyň akyldarlygyna eýe bolarys. Käbir adamlar tä maňlaýy daşa degýänçä, eden ýalňyşyna düşünmeýärler. Ýöne adamlaryň goýberen ýalňyşyndan sapak edinsek we olaryň ýagşy häsiýetlerine eýersek gowy bolar. Ýakup hem hudaýhon adamlaryň, ýagny Ybraýymyň, Rahawyň, Eýýubyň we Ylýasyň göreldesine eýermegi maslahat berýär (Ýak. 2:21—26; 5:10, 11, 17, 18). Olar kyn ýagdaýlara şatlyk bilen döz geldiler. Ýehowanyň kömegi bilen bizem muny başararys. w21.02 sah. 29, 30, abz. 12, 13
29-njy oktýabr, şenbe
Maslahat bilen maksada ýetilýär, söweşde paýhasly maslahaty diňle (Nak. 20:18).
Gyzyklanýan adama Mukaddes Kitaby düşündirmäge mugallymy, ýagny okuw geçirýän wagyzçy jogapkär. Wagyzçy sizi okuwyna çagyryp biler. Siz okuw geçýäniň mugallymy bolmasaňyz-da, wagyzça kömek etmäge taýyn bolmaly (Nes. 4:9, 10). Şeýle ýagdaýda Mukaddes Kitap okuwy gyzykly geçer ýaly näme edip bilersiňiz? Sapaga gowy taýýarlanyň. Mugallymdan okuw geçýäni barada soraň: «Ol näçe ýaşynda? Nähili maşgalada ulaldy? Onuň bilen haýsy sapagy öwrenýärsiň? Haýsy pikiri düşündirmek isleýärsiň? Sapagyň dowamynda meniň aýtmaly ýa-da aýtmaly däl sözlerim bolup bilermi? Okuw geçýäni ruhlandyrmak üçin men näme edip bilerin?» Elbetde, mugallym okuw geçýän adam barada ähli zady aýtmaz, ýöne nädip kömek edip biljekdigiňizi düşündirer. Missioner bolup gulluk edýän Jasmin şeýle diýýär: «Okuw geçýäniň hakda gürrüň bereniňde, dogan-uýalar onuň bilen ýürekden gyzyklanýarlar we okuwyň dowamynda gerekli pikirleri paýlaşýarlar». w21.03 sah. 9, abz. 5, 6
30-njy oktýabr, ýekşenbe
Bilip goýuň, dünýä sizi ýigrenýär, sebäbi sizden öň meni ýigrendi (Ýah. 15:18).
Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýandygymyz üçin bizi ýigrenýärler. Sebäbi dünýäniň ahlak kadalaryna bolan garaýşy düýbünden üýtgedi. Adamlar ýigrenji ahlaksyzlyga adaty zat ýaly garaýarlar we iki elläp goldaýarlar. Sodom bilen Gomorranyň ilaty azgyn işleri edendigi üçin, Ýehowa olary ýok edipdi (Ýahd. 7). Biz Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýarys we ahlaksyz işleri goldamaýarys. Şonuň üçin adamlar üstümizden gülüp, bizi durmuşdan yza galan hasaplaýarlar (1 Pet. 4:3, 4). Adamlar bizi ýigrenip, kemsidenlerinde Ýehowa wepaly bolmaga näme kömek edýär? Biz Allatagalanyň kömek etjekdigine iman etmeli. Iman galkan kimin «duşmanyň ähli otly oklaryny öçürýär» (Efes. 6:16). Ýöne bize imandan hem has wajyp söýgi häsiýeti gerek. Näme üçin? Sebäbi söýgi «çalt gaharlanmaýar», ähli zada döz gelýär we ähli zada çydaýar (1 Kor. 13:4—7, 13). Ýehowany, imandaşlarymyzy we duşmanlarymyzy söýsek, Ýehowa wepaly gulluk edip bileris. w21.03 sah. 21, abz. 3, 4
31-nji oktýabr, duşenbe
Öýkelek bolma, sebäbi öýke-kine akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar (Nes. 7:9).
Biz käte dogan-uýalary söýýändigimizi görkezmek üçin sabyrly bolmaly. Meselem, olar göwnümize degse, derrew öýkelemän, ýürekden bagyşlamaly. Geliň, Isa pygamberiň ýerdäki ömrüniň ahyrynda bolan waka seredeliň. Ol şägirtlerine ýaşaýşa gowuşmak üçin «bedenimi iýip, ganymy içmelisiňiz» diýdi (Ýah. 6:53—57). Şägirtleriň köpüsi Isanyň sözlerini eşidip ör-gökden geldiler we ony taşlap gitdiler. Ýöne Isanyň wepaly dostlary ondan ýüz öwürmedi. Olaram Isanyň sözlerine geň galdylar, manysyna düşünmediler, ýöne öýkeläp gitmediler. Sebäbi Isa ynanýardylar, aýdýan sözleriniň hakykatdygyny bilýärdiler (Ýah. 6:60, 66—69). Geliň, bizem dostumyzyň aýdan sözi üçin derrew öýkelemäliň, gaýtam düşünişmezligi çözmek üçin dostumyz bilen gürleşeliň (Nak. 18:13; Nes. 7:9). w21.01 sah. 11, abz. 13