Noýabr
1-nji noýabr, sişenbe
Diňlemän jogap bermek akmaklyk hem utançdyr (Nak. 18:13).
Biz Ýunus pygamber barada köp zady bilmeýäris. Şol sebäpli Ýunusy Hudaýa gulak asmaýan we bil baglap bolmaýan adam hasaplaýandyrys. Ýehowa Ýunus pygambere Ninewiýa çykaran hökümini yglan etmegi tabşyrýar. Ýöne pygamber gulak asman, gämä münüp, «Ýehowadan gaçyp» gidýär (Ýun. 1:1—3). Siz Ýunusa ýene bir mümkinçilik bererdiňizmi? Ýok, bermeseňiz gerek. Ýöne Ýehowa oňa ýene bir mümkinçilik berdi (Ýun. 3:1, 2). Ýunus pygamberiň doga-dileglerinden nähili adamdygyny bilse bolýar (Ýun. 2:1, 2, 9). Ol Ýehowa ençeme sapar doga edendir. Ýunus gaçyp giden hem bolsa, balygyň garnynda eden dogasyndan onuň pesgöwünlidigi, minnetdardygy we Ýehowa tabyn bolmak isleýändigi görünýär. Hawa, Ýehowanyň Ýunus pygamberiň ýalňyşyny däl-de, ýagşy häsiýetlerini görüp, dilegine jogap berendigi we ýene-de pygamberlik etmäge mümkinçilik berendigi geň galdyrmaýar. Ýygnak ýaşululary hem Ýehowadan görelde alyp, maslahat bermänkä, dogan-uýalary ünsli diňlemeli. w20.04 sah. 15, abz. 4—6
2-nji noýabr, çarşenbe
Pawlus... mukaddes kitaplar barada söhbetdeş boldy. Ol adamlara... düşündirip, subut edýärdi (Res. 17:2, 3).
I asyrdaky mesihçiler Mukaddes Kitabyň taglymatlaryny kabul etdiler we Ýehowanyň mukaddes ruhunyň Hudaýyň Sözüne düşünmäge kömek etjekdigine ynanýardylar. Olar şol taglymatlaryň Mukaddes Kitaba esaslanýandygyna doly göz ýetirdiler (Res. 17:11, 12; Ýew. 5:14). Olaryň imany duýgularyna esaslanmaýardy ýa-da dogan-uýalar bilen gatnaşmagy halaýandyklary üçin, Ýehowa gulluk etmeýärdiler. Hawa, olaryň imany «Hudaý hakdaky... dogry bilime» esaslanýardy (Kol. 1:9, 10). Hudaýyň Sözündäki hakykat hiç haçan üýtgemeýär (Zeb. 119:160). Meselem, dogan-uýalar göwnümize degse-de, agyr günä etse-de ýa-da özümiz kynçylyga duçar bolsak-da, Hudaýyň Sözi üýtgemeýär. Şol sebäpli biz Mukaddes Kitabyň taglymatlaryny gowy bilmeli we olaryň dogrudygyna ynamly bolmaly. Şonda labyryň gämini saklaýşy ýaly, hakykat bilimi hem durmuşda bolýan apy-tupana garamazdan, bize Ýehowa wepaly galmaga kömek edýär. w20.07 sah. 9, abz. 6, 7
3-nji noýabr, penşenbe
Wagyz etmegi we birkemsiz şaýatlyk etmegi Isanyň özi tabşyrdy (Res. 10:42).
Biz saýlanan mesihçileri goldasak, Isa muny özüne edilen ýagşylyk hasaplaýar (Mat. 25:34—40). Saýlanan mesihçileri goldamagyň iň gowy ýoly, Isanyň tabşyran ýumşuny, ýagny şägirt taýýarlamak işini yhlasly ýerine ýetirmeli (Mat. 28:19, 20). Şu günler Mesihiň doganlary «başga goýunlaryň» goldawy bilen bütin dünýäde wagyz edýärler (Ýah. 10:16). Eger sizem «başga goýunlara» degişli bolsaňyz, onda her gezek wagyz edeniňizde, diňe bir saýlanan mesihçileri däl, Isany-da söýýändigiňizi subut edýärsiňiz. Biz Ýehowa bilen Isanyň ýolbaşçylyk edýän işini goldamak üçin zadymyzy gaýgyrmasak, olar bilen ýakyndan dostlaşarys (Luka 16:9). Meselem, guramamyzyň bütin dünýäde alyp barýan işlerini goldamak üçin pul sadakalaryny berip bileris. Pul sadakalary tebigy betbagtçylykdan ejir çekýän dogan-uýalara kömek etmek üçin sarp edilýär. Şeýle-de biz öz ýygnagymyzy we mätäçlik çekýän dogan-uýalary goldamak üçin pul kömegini berip bileris (Nak. 19:17). w20.04 sah. 24, abz. 12, 13
4-nji noýabr, anna
Patyşa ata-babalarynyň Hudaýyna hormat goýmaz... galalaryň taňrysyny şöhratlandyrar (Dan. 11:37, 38).
Danyýar demirgazyk patyşasynyň «ata-babalarynyň Hudaýyna hormat goýmajakdygyny» pygamberlik etdi. Pygamberlik nädip ýerine ýetdi? Sowet Soýuzy dini ýok etmek maksady bilen, dini guramalary we däp-dessurlary ýuwaş-ýuwaşdan gadagan edip başlady. Şeýlelikde, 1918-nji ýyldan başlap, mekdeplerde «Hudaý ýok» diýip öwredip başladylar. Demirgazyk patyşasy «galalaryň taňrysyny» nädip şöhratlandyrdy? Sowet Soýuzy hasam güýjemek üçin, köp mukdarda pul harçlap, goşunyny köpeltdi we müňlerçe ýadro ýaraglaryny öndürdi. Netijede, demirgazyk we günorta patyşasy milliardlarça adamlary gyryp biljek ýaraglary edindiler. Iki patyşa ençeme ýyllaryň dowamynda duşman hem bolsa, demirgazyk patyşasy günorta patyşasyny bir wajyp meselede goldaýar. Olar «weýrançylyk getirýän ýigrenji zady (Birleşen Milletler Guramasyny) dikýärler» (Dan. 11:31). w20.05 sah. 6, abz. 16, 17
5-nji noýabr, şenbe
Doganyň... ýitipdi, (indi) tapyldy (Luka 15:32).
Wagyz etmeýän wagyzçylary gözlemäge kimler gatnaşmaly? Muňa biziň ählimiz, ýagny ýaşulular, pionerler, olaryň dogan-garyndaşlary we beýleki mesihçiler gatnaşyp biler. Siziň dostlaryňyzyň ýa-da dogan-garyndaşlaryňyzyň arasynda ýygnaga gelmegini bes edenler barmy? Siz öýden-öýe ýa-da köpçülik ýerinde wagyz edeniňizde wagyz etmeýän wagyzçylara duşduňyzmy? Eger olar telefon belgisini ýa-da öý salgysyny berse, ýaşululara habar berip bilýändigiňizi aýdyň. Ýygnak ýaşulusy Tomas şeýle gürrüň berýär: «Men ýygnakdaky dogan-uýalardan wagyz etmeýän wagyzçylaryň nirede ýaşaýandygyny bilýäňizmi diýip soraýaryn. Ýa-da olardan häzir ýygnaga gatnamaýan dogan-uýalardan ýadyňyza düşýäni barmy diýip soraýaryn. Soňra men wagyz etmeýän dogan-uýalary ideýärin. Olardan çagalary, dogan-garyndaşlary barada soraýaryn, sebäbi wagyz etmeýän wagyzçylar öň çagalary bilen ýygnaga gelýärdiler. Käbirleriniň çagalary wagyzçy hem bolupdy. Olara-da ýygnaga dolanmaga kömek edesim gelýär». w20.06 sah. 24, abz. 1; sah. 25, abz. 6, 7
6-njy noýabr, ýekşenbe
Men Ýahyň eden işlerini ýatlaryn, gadymy döwür eden gudratlaryny unutmaryn (Zeb. 77:11).
Ýer ýüzündäki ýaradylan janly-jandarlaryň arasynda diňe adamlarda üýtgeşik ukyp bar. Biz geçmişde başdan geçiren ýagdaýlarymyz hakda oýlanyp, sapak edinip bilýäris. Bu bolsa garaýşymyzy we ýaşaýşymyzy üýtgedip, gowy adam bolmaga kömek edýär (1 Kor. 6:9—11; Kol. 3:9, 10). Biz «ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilmek» üçin ynsabymyzy terbiýeläp bilýäris (Ýew. 5:14). Ýehowadan söýmegi, duýgudaşlyk we rehimdarlyk bildirmegi hem-de adalatly bolmagy öwrenip bilýäris. Ýatkeşligi berendigi üçin, Hudaýa minnetdar bolmagyň bir usuly Ýehowanyň bizi goldan we göwünlik beren pursatlaryny ýatlamaly. Şeýtsek, Hudaýyň bizi gelejekde hem goldajakdygyna ynamymyz artar (Zeb. 77:12; 78:4, 7). Hudaýyň beren ýatkeşligi üçin sagbolsun aýtmagyň ýene bir usuly başgalaryň bize eden ýagşylyklaryny ýatlap, olara minnetdar bolmaly. Alymlaryň aýdyşy ýaly, minnetdar adamlar has bagtly bolýarlar. w20.05 sah. 23, abz. 12, 13
7-nji noýabr, duşenbe
Ýehowa Hudaýyňyzyň şöhratly we beýik adyndan gorkuň (5 Mus. 28:58).
Musa Horep dagynda görnüşde Ýehowanyň şöhratyny görýär. Şonda Musanyň özüni nähili duýandygyny göz özüne getiriň! Isa Mesih ýer ýüzüne gelmänkä, hiç bir ynsan şeýle täsin wakany başdan geçirip gören däldir. Musa şonda şeýle sözleri eşitdi: «Ýehowa, Ýehowa rehimdar, mähirli, giň göwünli, wepaly söýgä baý, sözünde durýan, müňlerçe adama wepaly söýgüsini bildirýän, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýan Hudaýdyr» (2 Mus. 33:17—23; 34:5—7). Bu sözleri belki-de, perişde aýdandyr. Soň-soňlaram Musa pygamber Ýehowanyň adyny tutanda şol wakany ýatlandyr. Ýehowanyň ady hakda oýlananymyzda, onuň nähili Hudaýdygy barada hem pikirlenmeli. Onuň güýji, akyldarlygy, adalatlylygy we söýgüsi barada oýlanmaly. Hudaýyň şu we beýleki häsiýetleri barada oýlansak, oňa çuňňur hormat goýarys (Zeb. 77:11—15). w20.06 sah. 8, 9, abz. 3, 4
8-nji noýabr, sişenbe
Öwrenen we iman eden zatlaryňa hemişe eýer (2 Tim. 3:14).
Isa pygamber şägirtleriniň bir-birine bolan söýgüsi bilen tanaljakdygyny aýdypdy (Ýah. 13:34, 35). Emma imanyňy berkitmek üçin diňe söýgi ýeterlikli däl. Biz Hudaýyň halkynyň arasyndaky söýgini halasak-da, imanymyz diňe muňa esaslanmaly däl. Näme üçin? Aýdaly, dogan-uýalaryň biri (belki, ýygnak ýaşulusy ýa-da pioner) agyr günä edýär ýa-da göwnüňize degýär. Başga biri bolsa imandan dänip, Ýehowanyň guramasyna töhmet atýar. Şeýle ýagdaýlar sebäpli imanyňyz gowşap, Ýehowa gulluk etmegiňizi goýarsyňyzmy? Eger imanymyz adamlara bagly bolsa, Ýehowa bilen dostlugymyz bozular we imanymyz gowşar. Şeýle ýagdaýda biziň imanymyzyň, ýagny gurýan jaýymyzyň düýbi berk bolmaz. Elbetde, Ýehowa we onuň halkyna bolan söýgiňiz azda-kände imanyňyzy berkitmäge kömek edýär. Ýöne imanymyzyň hakykatdan-da berk bolmagy üçin Mukaddes Kitaby okap, çuňňur özleşdirmeli. Şonda siz Mukaddes Kitapda Ýehowa barada hakykatyň ýazylandygyna göz ýetirersiňiz (Rim. 12:2). w20.07 sah. 8, abz. 2, 3
9-njy noýabr, çarşenbe
Ejizlere kömek ediň (Res. 20:35).
Ýehowa dolanmak isleýän dogan-uýalary tapmaga perişdeler kömek edýär. Durmuşda bolan köp wakalar munuň şeýledigini subut edýär (Ylh. 14:6). Meselem, Ekwadorda ýaşaýan Silwiýo Ýehowa doga edip: «Ýygnaga dolanmaga kömek et» diýýär. Ol doga edip bolmanka gapysy kakylýar. Gapynyň agzynda iki ýaşuly durdy. Şonda ýaşuly doganlar Silwiýo höwes bilen kömek etdiler. Ruhy taýdan gowşan dogan-uýalara Ýehowa dolanmaga kömek etsek, ýüregimiz şatlykdan dolar. Pioner bolup gulluk edýän Salwador wagyz etmeýän wagyzçylara kömek etmek üçin köp tagalla edýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Käte begenjimden ýaňa gözüme ýaş aýlanýar. Ýehowanyň Şeýtanyň dünýäsinden bir guzujygyny halas edendigi we özi bilen işleşmek hormatyny maňa ynanandygy barada oýlananymda kalbym minnetdarlykdan dolýar». Eger siz wagyz etmegiňizi we ýygnaga gelmegiňizi bes eden bolsaňyz, Ýehowanyň sizi häzirem söýýändigine ynamly bolup bilerisiňiz. Ýehowa size garaşýar. Ol siziň yzyňyza dolanandygyňyzy görüp, örän begener. w20.06 sah. 29, abz. 16—18
10-njy noýabr, penşenbe
Beýik Mugallymy gözüňiz bilen görersiňiz (Işa. 30:20).
Beýik Mugallymymyz Ýehowa Mukaddes Kitapda ýazylan wakalar arkaly bize köp zatlary öwredýär (Işa. 30:21). Biz hudaýhon adamlaryň göreldesinden Ýehowa ýaraýan häsiýetleri öwrenip bilýäris. Ýagşy häsiýetlerini ýitiren adamlardan bolsa sapak edinýäris (Zeb. 37:37; 1 Kor. 10:11). Geliň, Şawul patyşa bilen bolan waka hakda oýlanalyň. Ol örän pespäl ýigitdi. Hemişe öz çägini bilerdi we jogapkärli borçlary almaga ýaýdanardy (1 Şam. 9:21; 10:20—22). Emma Şawul tagta geçenden soňra kem-kemden tekepbir bolup başlaýar. Bir güni onuň Şamuwel pygambere garaşmaga sabyr-takaty ýetmeýär we özüne tabşyrylmadyk işi edýär, ýagny ýakma gurbanlygyny berýär. Netijede, Şawul Ýehowanyň gaharyny getirdi we patyşalyk tagtyny ýitirdi (1 Şam. 13:8—14). Şu wakadan biz tekepbir bolmagyň howpludygyny bildik. w20.08 sah. 10, abz. 10, 11
11-nji noýabr, anna
Halypamyzyň işinde ýolbaşçylyk edýänlere hormat goýuň (1 Sel. 5:12).
Ýehowa jogapkär doganlary Mesih arkaly ýygnaga «bereket hökmünde berdi» (Efes. 4:8). Meselem, olar Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary, olaryň kömekçileri, filial komitetiniň agzalary, etrap gözegçileri, guramanyň mekdep mugallymlary, ýygnak ýaşululary we hyzmatçy doganlar. Ýehowa olary mukaddes ruhy arkaly belleýär we olar dogan-uýalaryň imanyny berkidip, aladasyny edýärler (1 Pet. 5:2, 3). Doganlar Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly dürli-dürli borçlary ýerine ýetirýärler. Adam bedeniniň agzalary, ýagny el ýa-da aýak tutuş bedeni herekete getirýär. Edil şonuň ýaly, mukaddes ruh arkaly bellenen doganlar tutuş ýygnak üçin peýdaly işleri edýärler. Olar at-abraý gazanmak üçin däl-de, dogan-uýalaryň aladasyny etmek üçin gijesini gündiz edip işleýärler (1 Sel. 2:6—8). Biz ýygnagyň diregi hem daýanjy bolan, janyny aýaman gulluk edýän doganlary berendigi üçin Ýehowa minnetdar! w20.08 sah. 21, abz. 5, 6
12-nji noýabr, şenbe
Gidiň-de... şägirt taýýarlaň (Mat. 28:19, 20).
Biz «alaçsyz, hor-homsy ýaşaýan» adamlaryň Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary bilmekleri üçin wagyz edýäris (Mat. 9:36). Mundan başga-da Ýehowa ähli adamlaryň hakykat barada dogry bilim almagyny we olaryň halas bolmagyny isleýär (1 Tim. 2:4). Eger biz hoş habary wagyz edip, adamlary halas edýändigimiz hakda oýlansak, wagyz işine has-da yhlasly gatnaşarys. Biz adamlary halas etmek üçin wagyz edýäris (Rim. 10:13—15; 1 Tim. 4:16). Wagyz etmek üçin bolsa gowy esbaplar gerek we olary dogry ulanmagy başarmaly. Isa şägirtlerine nädip «adam tutýan balykçy» bolmalydygyny öwretdi. Ol nämeleriň gerekdigini, nirede we näme hakda wagyz etmelidigini düşündirdi (Mat. 10:5—7; Luka 10:1—11). Şu günler Ýehowanyň guramasy bizi ökdelik bilen wagyz etmäge kömek edýän ençeme esbaplar bilen üpjün edýär we olary nädip ulanmalydygyny öwredýär. Şu zatlar bize ynamly we ökde mugallym bolmaga kömek edýär (2 Tim. 2:15). w20.09 sah. 4, abz. 6, 7, 10
13-nji noýabr, ýekşenbe
Çagalarymyň hakykat ýolunda ýöreýändigini eşidip, şatlygymyň çägi bolmady (3 Ýah. 4).
Ýahýa resul köp adamlara hakykat ýolunda ýöremäge kömek etdi. Ýahýa olaryň Ýehowa wepaly gulluk edýändigini eşidende, gör, nähili begenendir! Emma olaryň köp kynçylygy bardy. Şol sebäpli Ýahýa olaryň atasy deý, imanlaryny berkitmek üçin janyny gaýgyrman kömek etdi. Biziň hem çagalarymyz, dogan-garyndaşlarymyz ýa-da okuw geçýän adamlarymyz Ýehowa özüni bagyş edip, hakykat ýolunda ýöreýändiklerini görenimizde begenjimiziň çägi bolmaýar (3 Ýah. 3). Ýahýa resul b. e. 98-nji ýylynda Ýehowanyň mukaddes ruhy bilen üç hat ýazdy. Ol hatynda Hudaýa wepaly mesihçilere Isa bolan imanyny berkitmegi we hakykat ýolunda ýöremegi öwüt-nesihat etdi. Ýahýa ýalan mugallymlaryň mesihçileri hakykat ýolundan sowar öýdüp gorkýardy (1 Ýah. 2:18, 19, 26). Olar Hudaýa iman edýäris diýseler-de, kada-kanunlaryny berjaý etmeýärdiler. w20.07 sah. 20, abz. 1—3
14-nji noýabr, duşenbe
Hudaýa-da, maňa-da iman ediň (Ýah. 14:1).
Biz wagyz edýän hoş habarymyza iman edýäris. Şol sebäpli her bir adama wagyz etmek isleýäris. Biz Mukaddes Kitapda ýazylan Hudaýyň wadalaryna ynanýarys (Zeb. 119:42; Işa. 40:8). Biz Hudaýyň Sözündäki pygamberlikleriň şu günler ýerine ýetýändigini görýäris. Şeýle-de adamlar Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýerende, durmuşy düýpgöter özgerýär. Şu zatlar hakda oýlananymyzda, Patyşalyk baradaky hoş habary her bir adama aýtmak isleýäris. Biz hoş habary yglan edýän Ýehowa we gökdäki tagtda oturan Isa Mesihe iman edýäris. Durmuşda kyn ýagdaýlara duşsak-da, Ýehowa bize hemişe pena bolýar we güýç-kuwwat berýär (Zeb. 46:1—3). Isa bolsa Ýehowanyň beren erk-ygtyýary we güýji arkaly gökden wagyz işine ýolbaşçylyk edýär (Mat. 28:18—20). Biz yhlasly wagyz etsek, Ýehowanyň ak pata berjekdigine iman ederis. w20.09 sah. 12, abz. 15—17
15-nji noýabr, sişenbe
Ol maňa ýagşylyk etdi... Ol elinde baryny etdi (Mar. 14:6, 8).
Uýalar käte kyn ýagdaýlarda kimdir biriniň goldawyna we goragyna mätäç bolýarlar (Işa. 1:17). Meselem, dul galan ýa-da ärinden aýrylyşan uýalara erkek adamyň etmeli işlerine kömek edip bileris. Belki, garry uýamyza lukmanlar bilen gepleşmek üçin kömek gerekdir. Ýa-da pioner uýa guramanyň işlerine kömek edip, köp wagyz etmeýändigi üçin käbir dogan-uýalar nägile bolmagy mümkin. Şonda uýa hakda gowy zatlary aýdyp bileris. Geliň, Isa pygamberiň göreldesi hakda gürrüň edeliň. Isa pygamber hudaýhon aýallary goldamaga we goramaga hemişe taýyndy. Meselem, Marta jigisine käýände, Isa Merýemiň tarapyny tutdy (Luka 10:38—42). Şägirtler Merýemiň eden işiniň nädogrudygyny aýdyp ýazgaranlarynda, Isa ony gorady (Mar. 14:3—9). Isa Merýemiň ýagşy niýetini bilip, öwdi. Ol hatda «hoş habar dünýäniň niresinde wagyz edilse», Merýemiň eden ýagşylygy hakda hem aýdylar diýdi. w20.09 sah. 24, abz. 15, 16
16-njy noýabr, çarşenbe
Size ynanylan Hudaýyň sürüsini bakyň. Hudaýyň öňünde mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň (1 Pet. 5:2).
Gowy çopan guzujygyň ýitip biljekdigine düşünýär. Eger guzujyk sürüden azaşsa, çopan oňa ýowuz daraşmaýar. Ýehowanyň hem käbir gullukçylary ondan daşlaşypdy. Geliň, Ýehowanyň olara nähili kömek edendigini bileliň. Ýunus pygamber Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asman, gaçyp gidýär. Ýöne Ýehowa derrew pygamberden ýüz öwürmeýär. Edil gowy çopan ýaly, Ýehowa Ýunusy halas edýär we tabşyran işini ýerine ýetirer ýaly güýç berýär (Ýun. 2:7; 3:1, 2). Soňra Hudaý suwkädini mysal getirip, her bir adamyň janyny gymmat saýýandygyny düşündirýär (Ýun. 4:10, 11). Biz mundan näme öwrenýäris? Ýaşulular wagyz etmeýän wagyzçylardan derrew ýüz öwürmeli däl, gaýtam olaryň näme sebäpden ýygnakdan daşlaşandygyna düşünjek bolmaly. Eger Ýehowanyň guzujyklarynyň biri yzyna dolansa, ýaşulular höwes bilen olaryň aladasyny etmeli. w20.06 sah. 20, 21, abz. 10—12
17-nji noýabr, penşenbe
Olara biraz kömek ediler (Dan. 11:34).
1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, köp ýerlerde ýaşaýan Hudaýyň halkyna «biraz kömek edildi», ýagny biraz wagtlyk azatlyga çykdy. Netijede, Sowet Soýuzyna degişli ýurtlarda Şaýatlar arkaýyn wagyz edip başlady we wagyzçylaryň sany ýüzlerçe müňe ýetdi. Wagtyň geçmegi bilen, Russiýa bilen onuň tarapdarlary demirgazyk patyşasy hökmünde hereket edip başlady. Bir hökümetiň demirgazyk ýa-da günorta patyşasydygyny bilmäge şu üç zat kömek edýär: 1) olar Hudaýyň gullukçylary nirede köp bolsa, şol ýerde höküm sürmeli ýa-da yzarlamaly; 2) olar Ýehowany we onuň halkyny ýigrenýändigini görkezýän işleri etmeli; 3) iki patyşa bir-birine garşy çykmaly. Russiýa we onuň tarapdarlary Hudaýyň halkynyň wagyz işini gadagan edýär we müňlerçe dogan-uýalary yzarlaýar, Ýehowany we onuň halkyny ýigrenýär, günorta patyşasyna, ýagny Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyna garşy gidýär. w20.05 sah. 12, abz. 3, 4
18-nji noýabr, anna
Öwredişiňe hemişe ünsli bol (1 Tim. 4:16).
Öwretmek şägirt taýýarlamak işi bilen berk baglanyşykly bolandygy üçin, biz ökde mugallym bolar ýaly elimizde baryny etmeli. Ýehowanyň Şaýatlary bütin dünýäde millionlarça adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçýärler. Biz Mukaddes Kitabyň hakykat bilimini gowy görýändigimiz üçin köp zatlary gürrüň berip oturýandyrys. Emma «Garawul diňi» ýa-da «Mukaddes Kitaby öwrenmek» duşuşygyny alyp barýan dogan, ýa-da Mukaddes Kitap okuwyny geçirýän wagyzçy köp geplemekden seresap bolmaly. Okuw geçirýän wagyzçy Mukaddes Kitap arkaly öwretmeli. Munuň üçin ol özüne erk etmeli, aýat ýa-da tema hakda bilýän ähli zadyny gürrüň bermeli däl (Ýah. 16:12). Siz suwa çümdürilen wagtyňyz Mukaddes Kitapdan köp zatlary bilýärdiňizmi ýa-da şu wagt bilýärsiňiz? Elbetde, siz diňe esasy taglymatlary bilýärdiňiz, indi bolsa bilimiňiz has-da artdy (Ýew. 6:1). Munuň üçin siz birnäçe ýyl bilim alansyňyz. Şol sebäpli okuw geçýäniňize-de bir günde hemme zady öwretjek bolmaň. w20.10 sah. 14, 15, abz. 2—4
19-njy noýabr, şenbe
Ol agaç ussasy dälmi näme? Ol Merýemiň ogly ahyry (Mar. 6:3).
Ýehowa Isa üçin gowy ene-ata bolar ýaly hudaýhon adamlary saýlady (Mat. 1:18—23; Luka 1:26—38). Mukaddes Kitaby okanymyzda, Merýemiň aýdan sözlerinden Ýehowany jany-teni bilen söýendigini we Sözüne iman edendigini görýäris (Luka 1:46—55). Ýusup hem Ýehowany söýýärdi we razy etmek isleýärdi, Onuň tabşyryklaryny ýürekden ýerine ýetirýärdi (Mat. 1:24). Ýehowa Isa üçin baý maşgaladan ene-ata saýlamady. Isa dünýä inenden soňra Ýusup bilen Merýemiň ybadathana getiren gurbanlygyndan garyp ýaşandygy görünýär (Luka 2:24). Ýusup bilen Merýem örän sada ýaşan bolmaly, sebäbi olaryň azyndan ýedi çagasy bardy (Mat. 13:55, 56). Ýehowa Ogluny käbir howp-hatarlardan gorasa-da, käbir kynçylyklardan goramady (Mat. 2:13—15). Meselem, Isanyň dogan-garyndaşlary, hatda süýtdeş doganlary hem onuň Mesihdigine ynanmadylar (Mar. 3:21; Ýah. 7:5). Şeýle-de Isa kakasy Ýusubyň ölümi sebäpli gaýgy-hasrat çekendir. w20.10 sah. 26, 27, abz. 4—6
20-nji noýabr, ýekşenbe
Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn (Ýew. 13:5).
Siziň başyňyza agyr dert inende: «Dadyma ýetişjek adam ýok ekeni» diýipdiňizmi? Adamlaryň hemmesi diýen ýaly, hatda Ýehowanyň wepaly bendeleri hem özlerini şeýle duýýarlar (1 Pat. 19:14). Eger siz hem şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, Ýehowanyň şu wadasyny unutmaň: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn». Şol sebäpli biz: «Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn» diýip ynamly aýdýarys (Ýew. 13:5, 6). Pawlus resul şu sözleri b. e. 61-nji ýylynda Ýahudadaky dogan-uýalara ýazypdy. Onuň sözleri bize Zebur kitabyndaky sözleri ýatladýar (Zeb. 118:5—7). Mezmurçy ýaly, Pawlus resul hem öz durmuşynda Ýehowanyň elini ençeme sapar gördi. Meselem, ol ýewreýlere hatyny ýazmazyndan iki ýyl öň deňizde apy-tupan turanda halas bolýar (Res. 27:4, 15, 20). Ýehowa şondan öň hem dürli ýollar bilen Pawlusa kömek edipdi. w20.11 sah. 12, abz. 1, 2
21-nji noýabr, duşenbe
«Geçen günler şu günümden gowy eken» diýme (Nes. 7:10).
Geçen günleriň häzirkiden gowy bolandygy hakda oýlanmak näme üçin nädogry? Adam geçen günlerini küýsände, diňe ýagşy zatlaryny ýatlaýar. Geliň, Müsürden çykan ysraýyllar bilen näme bolandygyny bileliň. Olar gulçulykda agyr zähmet çekendigini tiz unudyp, iýen gök önümleri hakda oýlandylar. Olar: «Wah, şu wagt Müsürde mugt iýen balyklarymyz, hyýarlarymyz, garpyzlarymyz, ýaş soganlarymyz, sogan-sarymsaklarymyz bolsady!» diýdiler (4 Mus. 11:5). Emma olar «mugt» iýdilermi? Ýok! Ysraýyllar maňlaý derini döküp, gul bolup ýaşadylar (2 Mus. 1:13, 14; 3:6—9). Ýöne olar çeken azaplaryny unudyp, geçen günlerini küýsäp başladylar. Olar Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryna üns bermediler. Ýehowanyň hem gadyrbilmez ysraýyllara gahary geldi (4 Mus. 11:10). w20.11 sah. 25, abz. 5, 6
22-nji noýabr, sişenbe
Ýehowa ýüregi ýaraly adama ýakyndyr, göwnüçökgünleri halas edýär (Zeb. 34:18).
Adamyň ömri gysga we «jebir-jepadan doludyr» (Eýp. 14:1). Şol sebäpli käte ruhdan düşenimizde geň galmaýarys. Gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlar hem göwnüçökgünlige düşüpdirler. Hatda olar durmuşdan doýup, käbiriniň ölesi gelipdir (1 Pat. 19:2—4; Eýp. 3:1—3, 11; 7:15, 16). Emma olar Ýehowa bil bagladylar. Ýehowa hem olara hemişe göwünlik berdi we goldady. Olaryň galdyran göreldesi Mukaddes Kitaba ýazylan. Sebäbi Ýehowa bize-de göwünlik we öwüt-nesihat bermek isleýär (Rim. 15:4). Ýakubyň ogly Ýusubyň döz gelen kynçylyklary hakda oýlanyp görüň. Öň kakasynyň göz guwanjy bolan ýigit ýalan taňrylara sežde edýän adamyň gapysynda gul bolýar (1 Mus. 37:3, 4, 21—28; 39:1). Günlerde bir gün Potifaryň aýaly: «Ýusup meni zorlajak boldy» diýip, oňa töhmet atýar. Gahardan ýaňa gany depesine uran Potifar hiç zadyň anygyna ýetmän, Ýusubyň el-aýagyny demir gandala salyp, zyndana taşlaýar (1 Mus. 39:14—20; Zeb. 105:17, 18). Elbetde, şeýle zatlar Ýusubyň derdine dert goşandyr! w20.12 sah. 16, 17, abz. 1—4
23-nji noýabr, çarşenbe
Adyň mukaddes bolsun! (Mat. 6:9).
Isa nusgalyk dogasynda ilki bilen näme hakda doga etmelidigini öwretdi. Isanyň sözleri nämäni aňladýar? Mukaddes etmek bir zady arassa, päk etmegi aňladýar. Ýöne kimdir biri: «Hudaýyň adyny mukaddes etmek nämä gerek? Ol öňem mukaddes, päk ahyryn» diýmegi mümkin. Şu soraga jogap bermek üçin, geliň, at diýlende näme göz öňüne tutulýandygyny bileliň. At diýlende diňe kagyza ýazylýan ýa-da dilden aýdylýan söz göz öňünde tutulmaýar. Mukaddes Kitapda: «Ýagşy at gymmatly ýagdan... gowudyr» diýilýär (Nes. 7:1; Nak. 22:1). Adyň ähmiýeti näme üçin şeýle uluka? Sebäbi at diýlende biriniň abraýy we şol adam hakda başgalaryň näme pikir edýändigi göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin adyň kagyza nähili ýazylýandygy ýa-da dilden nähili aýdylýandygy däl-de, şol ady okanda ýa-da eşidende başgalaryň nähili pikir edýändigi wajyp. Adamlar Ýehowa hakda ýalan zatlary aýdyp, ony abraýdan düşürjek bolýarlar. Olar ýer ýüzünde bolýan erbet zatlary görüp, Hudaýy günäkärleýärler, adyny garalamak isleýärler. w20.06 sah. 2, 3, abz. 5—7
24-nji noýabr, penşenbe
Oda-köze düşdüm, eý Ýehowa, haçana çenli çydaýyn? (Zeb. 6:3).
Belki, biz: «Maşgalamy ekläp bilermikäm? Ýarawsyzlyk sebäpli işden çyksam näme?» diýip oýlanýandyrys. Ýa-da «synaglarda Hudaýa wepaly bolup bilmerin» diýip alada edýändiris. Tizden Şeýtanyň golastyndaky adamlar Hudaýyň halkyna hüjüm eder. Biz: «Şol döwür näme ederkäk?» diýip howsala düşýändiris. Käbirimiz: «Şu zatlar hakda alada etmegiň özi bir dogrumyka?» diýip biynjalyk bolýandyrys. Isa Mesih şägirtlerine: «Alada etmäň» diýdi (Mat. 6:25). Isanyň sözleri asla alada etmeli däldigini aňladýarmy? Ýok! Gadymy döwürdäki wepaly adamlaryň käbiri gaýgy-alada etse-de, Ýehowa olardan razydy (1 Pat. 19:4). Isa «alada etmäň» diýip, bize göwünlik bermek isledi. Ol durmuşyň gaýgy-aladalarynyň Hudaýa yhlasly gulluk etmegimize päsgel bermegini islemeýärdi. w21.01 sah. 3, abz. 4, 5
25-nji noýabr, anna
Aýalyň başy erkek (1 Kor. 11:3).
Är aýalynyň we çagalarynyň aladasyny edişi barada Ýehowa we Isa pygambere hasabat bermeli (1 Pet. 3:7). Ýehowa älem-jahanyň Hökümdary. Şol sebäpli perişdeleriň, adamlaryň üstünden kanun çykarmaga we olardan hasabat soramaga haky bar (Işa. 33:22). Isa hem ýygnagyň başy hökmünde kada-kanun goýmaga we dogan-uýalardan hasabat soramaga haklydyr (Gal. 6:2; Kol. 1:18—20). Ýehowa Hudaý we Isa pygamber ýaly, her bir är öz maşgalasy üçin tertip-düzgün goýup bilýär (Rim. 7:2; Efes. 6:4). Ýöne äriň goýan tertip-düzgüni Hudaýyň Sözüne esaslanmaly we onuň çäginden çykmaly däl (Nak. 3:5, 6). Onuň dogan-garyndaşlary we dogan-uýalar üçin tertip-düzgün goýmaga haky ýok (Rim. 14:4). Eger oglan ýa-da gyz maşgalasyndan aýry ýaşaýan bolsa, olar kakasyna hormat goýmaly, ýöne kakasynyň ýolbaşçylygy astynda bolmaýar (Mat. 19:5). w21.02 sah. 2, 3, abz. 3—5
26-njy noýabr, şenbe
Maşgala agzalaryňyzyň aladasyny ediň (1 Tim. 5:8).
Aýalyny we çagalaryny söýýän maşgalabaşy olary eklemek üçin zähmet çekýär. Ýöne ol maşgalasynyň Ýehowa bolan imanyny berkitmegiň hem wajypdygyna düşünýär (Mat. 5:3). Isa jebir pürsünde asylgy durka-da, ejesi Merýemiň aladasyny etdi. Ol ejir çekýänem bolsa, ejesiniň aladasyny etmegi Ýahýa resula tabşyrdy (Ýah. 19:26, 27). Maşgalabaşylaryň köp jogapkärçiligi bar. Olar maşgalasyny eklemek üçin yhlas bilen zähmet çekip, Ýehowany şöhratlandyrýar (Efes. 6:5, 6; Tit. 2:9, 10). Maşgalabaşylaryň ýygnakda-da köp jogapkärçiligi bar. Meselem, çopançylyk idegini edip, dogan-uýalary ruhlandyrýarlar we wagyz işine ýolbaşçylyk edýärler. Şeýle-de maşgala okuwyny yzygiderli geçirýärler. Hawa, olar maşgalasyny ekleýärler, ruhlandyryp durýarlar we Ýehowa imanyny berkidýärler. Maşgalabaşylaryň edýän tagallasyny aýaly we çagalary örän gymmat saýýar (Efes. 5:28, 29; 6:4). w21.01 sah. 12, abz. 15, 17
27-nji noýabr, ýekşenbe
(Gaýratly gelin) öý-içerisine iş tabşyrýar (Nak. 31:27).
Mukaddes Kitapda gaýratly gelin taryplanýar. Ol daň atmanka turýar, öýüň işlerini edýär, «mellekleri... satyn alýar... Söwda edip, peýdasyny görýär» (Nak. 31:15, 16, 18). Är aýalyna «tur otur, kersen getir» diýip, gyrnak hökmünde garamaly däl, gaýtam onuň pikirini diňlemeli we doly ynanmaly (Nak. 31:11, 26). Şonda aýal hem ärine ýürekden tabyn bolar we hormat goýar. Isa paýhasly we ukyply bolsa-da, Ýehowa tabyn bolmagy kiçilik bilmeýärdi (1 Kor. 15:28; Flp. 2:5, 6). Aýallar akylly-başly we başarjaň bolsalar-da, Isa pygamberiň göreldesine eýerip, ärine ýürekden tabyn bolýarlar. Ýehowa aýallara: «Äriňe çuňňur hormat goý» diýip tabşyrdy. Ýehowa tabyn bolýan aýallar şu tabşyrygy ýürekden ýerine ýetirýärler. Ýöne äri Mukaddes Kitapda günä hasaplanýan işleri etdirjek bolanda, aýaly ony goldamaz. w21.02 sah. 11, abz. 14, 15; sah. 12, abz. 19
28-nji noýabr, duşenbe
Kynçylyklar çydamly bolmagy öwredýär (Rim. 5:3).
Hudaýhon adamlaryň Ýehowa bolan söýgüsi yzarlamalara döz gelmäge kömek etdi. I asyrda Mejlisiň agzalary resullara wagyz etmegi gadagan etdiler. Şonda olar Hudaýy söýýändikleri üçin: «Biz adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly» diýdiler (Res. 5:29; 1 Ýah. 5:3). Şu günler hem Hudaýy söýýän adamlar hökümet tarapyndan zalymlyk bilen yzarlansalar-da, imandan dänmeýärler. Olar ruhdan düşmän, Isanyň ady üçin yzarlanýandyklaryna begenýärler (Res. 5:41; Rim. 5:4, 5). Ýehowa Hudaýy tanamak üçin bilim alyp başlanymyzda, dogan-garyndaşlarymyzyň käbiri bize garşy çykmagy mümkin. Belki, olar biziň aladamyzy edip, erbet adamlardan gorajak bolýandyr. Käbirleri bolsa bizi akylyndan azaşan adam hasaplaýandyr (Markus 3:21-i deňeşdiriň). Olaryň bizi urup-ýençmekleri hem mümkin. Hawa, ene-ataň, dogan-garyndaşlaryň garşy çyksa, has-da agyr degýär. Ýöne şeýle ýagdaýlara geň galmaýarys, sebäbi Isa pygamber: «Adamyň duşmany öý-içerisindäkiler bolar» diýdi (Mat. 10:36). w21.03 sah. 21, abz. 6, 7
29-njy noýabr, sişenbe
Her bir adam diňlemäge taýyn bolmaly, geplemäge howlukmaly däl (Ýak. 1:19).
Sizi Mukaddes Kitap okuwyna çagyrsalar, mugallymy we gyzyklanýany ünsli diňläň. Şonda öz wagtynda ruhlandyryjy pikirleri paýlaşyp bilersiňiz. Şeýle-de ünsli bolsaňyz, aşa köp geplemersiňiz, mugallymyň sözüni bölmersiňiz we başga temalar hakda gürrüň etmersiňiz. Ýöne okuwyň dowamynda tema bilen bagly sorag berip bilersiňiz, mysal gürrüň berip ýa-da gysgajyk pikir paýlaşyp bilersiňiz. Käte siz okuwyň dowamynda hiç zat aýdyp bilmändigiňiz üçin biynjalyk bolýansyňyz. Ýöne Mukaddes Kitapdan okuw geçýän bilen ýürekden gyzyklansaňyz we öwseňiz, ösüş etmäge kömek edip bilersiňiz. Okuw geçýäne hakykata gelşiňizi, duş gelen kynçylyklaryňyzy we Ýehowanyň nädip goldaw berendigini aýdyň (Zeb. 78:4, 7). Siziň berjek gürrüňleriňiz onuň imanyny berkider we suwa çümdürilmek üçin gerekli ädimleri ätmäge kömek eder. w21.03 sah. 10, abz. 9, 10
30-njy noýabr, çarşenbe
Ähli halklardan şägirt taýýarlaň (Mat. 28:19).
Wagyz işinde gazanýan üstünliklerimiz üçin şöhrata kim mynasyp? Pawlus resul Korinfdäki ýygnaga ýazan hatynda munuň jogabyny aýtdy: «Men tohum ekdim, Apollos suwardy, ýöne ösdürýän Hudaýdyr. Şonuň üçin tohumy ekene ýa-da suwarana däl-de, ösdürýän Hudaýa alkyş aýtmaly» (1 Kor. 3:6, 7). Pawlus resul ýaly bizem wagyzda gazanan islendik üstünligimiz üçin hemişe Ýehowany şöhratlandyrmaly. Biz Hudaý, Isa we perişdeler bilen işleşmek hormatyny gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bilýäris? (2 Kor. 6:1). Munuň üçin hoş habary yhlasly wagyz etmeli. Biz hakykat tohumyny diňe bir ekmän, ony suwaryp hem durmaly. Adamyň hakykat bilen gyzyklanýandygyny görenimizde, Mukaddes Kitapdan okuwa başlamak üçin ony gaýtadan idemäge jan edýäris. Okuw geçýän adam ruhy taýdan ösüş edende, biz Ýehowanyň şol adamyň ýüregine ekilen tohumy ösdürýändigini, ýagny oňa garaýşyny hem-de pikirini özgertmäge kömek edýändigini görüp, örän begenýäris. w20.05 sah. 30, abz. 14, 16—18