Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es22 sah. 118—128
  • Dekabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dekabr
  • Her günki aýady okalyň — 2022
  • Sözbaşylar
  • 1-nji dekabr, penşenbe
  • 2-nji dekabr, anna
  • 3-nji dekabr, şenbe
  • 4-nji dekabr, ýekşenbe
  • 5-nji dekabr, duşenbe
  • 6-njy dekabr, sişenbe
  • 7-nji dekabr, çarşenbe
  • 8-nji dekabr, penşenbe
  • 9-njy dekabr, anna
  • 10-njy dekabr, şenbe
  • 11-nji dekabr, ýekşenbe
  • 12-nji dekabr, duşenbe
  • 13-nji dekabr, sişenbe
  • 14-nji dekabr, çarşenbe
  • 15-nji dekabr, penşenbe
  • 16-njy dekabr, anna
  • 17-nji dekabr, şenbe
  • 18-nji dekabr, ýekşenbe
  • 19-njy dekabr, duşenbe
  • 20-nji dekabr, sişenbe
  • 21-nji dekabr, çarşenbe
  • 22-nji dekabr, penşenbe
  • 23-nji dekabr, anna
  • 24-nji dekabr, şenbe
  • 25-nji dekabr, ýekşenbe
  • 26-njy dekabr, duşenbe
  • 27-nji dekabr, sişenbe
  • 28-nji dekabr, çarşenbe
  • 29-njy dekabr, penşenbe
  • 30-njy dekabr, anna
  • 31-nji dekabr, şenbe
Her günki aýady okalyň — 2022
es22 sah. 118—128

Dekabr

1-nji dekabr, penşenbe

Şübhelenýän adam ýel bilen eýläk-beýläk çaýkanýan deňiz tolkuny kimindir (Ýak. 1:6).

Käte biz Mukaddes Kitapdaky aýatlara doly düşünýän däldiris ýa-da Ýehowa dogalarymyza isleýşimiz ýaly jogap berýän däldir. Şeýle ýagdaýlarda ýüregimizde şübhe döremegi mümkin. Eger şübhe ýüregimizde kök ursa, imanymyz gowşar we Ýehowa bolan söýgimiz sowar (Ýak. 1:7, 8). Gelejege umydymyz hem bolmaz. Pawlus resul umydy labyra meňzedýär (Ýew. 6:19). Meselem, deňizde apy-tupan turanda, labyr gämini saklaýar. Gämi döwülmeýär, abat galýar. Labyryň zynjyry berk bolsa, onda gämä hiç hili zyýan ýetmez. Posuň zynjyry çüýredişi ýaly, şübhe-de imanymyzy gowşadyp biler. Eger ýüregimizden şübhäni köki bilen sogurmasak, Ýehowa imanymyz gowşar, gelejege umydymyz hem bolmaz. Şübhelenýän adam hiç haçan şatlanyp bilmese gerek. w21.02 sah. 30, abz. 14, 15

2-nji dekabr, anna

Ybraýym Ýehowa iman etdi (Ýak. 2:23).

70 ýaşlaryndan geçen Ybraýym pygamber maşgalasy bilen Ur şäherinden çykyp gaýdýar (1 Mus. 11:31—12:4). Ol 100 ýyla golaý Kengan topragynda çadyrlarda ýaşaýar we göçüp-gonup ýöreýär. Pygamber 175 ýaşap dünýäden ötdi (1 Mus. 25:7). Emma Ybraýym Ýehowanyň wada eden ýurduny öz nesline berendigini görmedi. Ol garaşan «şäherini», ýagny Hudaýyň berkarar eden Patyşalygyny görmedi. Ýöne Mukaddes Kitapda Ybraýym pygamberiň «durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötendigi» aýdylýar (1 Mus. 25:8). Onuň durmuşy gaýgy-aladadan, kynçylykdan doly bolsa-da, Ýehowa berk iman edýärdi we Oňa sabyrly garaşýardy. Pygamber näme üçin çydamly boldy? Sebäbi Ýehowa Ybraýymy bütin ömrüne gorady we dosty boldy (1 Mus. 15:1; Işa. 41:8; Ýak. 2:22). Ybraýym pygamber ýaly, biz hem «berk binýatly şähere» garaşýarys (Ýew. 11:10). Elbetde, biz onuň binýat edilmegine garaşmaýarys. Sebäbi Hudaýyň Patyşalygy 1914-nji ýylda gökde höküm sürüp başlady (Ylh. 12:7—10). Ýöne biz onuň ýer ýüzünde höküm sürüp başlajak gününe garaşýarys. w20.08 sah. 4, 5, abz. 11, 12

3-nji dekabr, şenbe

Ynsanyň oý-pikiri çuň guýy ýalydyr, parasatly adam çekip çykarýar (Nak. 20:5).

Dogan-uýalary ünsli diňlemek üçin pesgöwünli we sabyrly bolmaly. Munuň üç peýdasy bar. Birinjiden, adamlar hakda derrew nädogry netijä gelmeris. Ikinjiden, dogan-uýalaryň duýgularyny, niýetini bilip, has-da duýgudaş bolarys. Üçünjiden, dogana ýa-da uýa özüni tanamaga kömek ederis. Käte bizem duýgularymyzy birine gürrüň berenimizden soň, öz ýagdaýymyza gowy düşünýäris. Käbir dogan-uýalar medeniýeti, alan terbiýesi ýa-da başdan geçiren ýagdaýlary sebäpli duýgusyny gürrüň berip bilmeýär. Olar özüni rahat duýup, ýüregini döker ýaly wagt gerek bolýar. Olar ýüregini dökende duýgularyna düşünip bileris. Eger biz Ýehowa ýaly sabyrly bolsak, dogan-uýalaryň ynamyna girip bileris. Olar duýgusyny gürrüň bermäge taýyn bolanda, bizem ünsli diňlemäge taýyn bolmaly. w20.04 sah. 15, 16, abz. 6, 7

4-nji dekabr, ýekşenbe

Adam tutýan balykçy bolarsyň (Luka 5:10).

Adatça, balyklar süýji suwly we bol iýmitli ýerlerde ýaşaýarlar. Balygy haçan tutmaly? Ýuwaş okeanyň adasynda ýaşaýan dogan bir güni missioner dogany balyk tutmaga çagyrýar. Missioner dogan: «Bolýar, ertir sagat dokuzlara gelerin» diýýär. Şonda balykçy dogan: «Dost jan, ýatana balyk ýok! Ýa ukyny saýla, ýa-da balygy?» diýip jogap berýär. Görşümiz ýaly, balyk tutmagyň hem öz wagty bar. I asyrdaky «adam tutýan balykçylar» wagyz etmek üçin amatly ýeri we wagty bilýärdiler. Meselem, Isanyň şägirtleri ybadathanada, sinagogalarda, öýden-öýe we bazarlarda wagyz edýärdiler (Res. 5:42; 17:17; 18:4). Biz haçan, nirede wagyz etmelidigimizi bilsek we gün tertibimizi üýtgetsek, köp adamlara hoş habary aýdyp bileris (1 Kor. 9:19—23). w20.09 sah. 4, abz. 8, 9

5-nji dekabr, duşenbe

Hakykaty aýdyp, söýgi bilen bedeniň başy Mesihden görelde alalyň we ähli zatda oňa meňzäliň (Efes. 4:15).

Isa Mesih bilen dostlaşmak üçin Ýehowanyň guramasyny goldamaly. Eger biz ýygnakdaky dogan-uýalaryň aladasyny edýän ýaşulular bilen eginme-egin işleşsek, ýygnagyň başy bolan Isa bilen dostlaşarys (Efes. 4:16). Meselem, biz Ýygnak jaýlaryndan doly peýdalanýandygymyza göz ýetirmek isleýäris. Şonuň üçin käbir ýygnaklar birikdirilýär. Netijede, berilýän pul sadakalary tygşytlanylýar. Hawa, käbir wagyzçylar täze ýagdaýa öwrenişmeli bolýarlar. Şol wepaly wagyzçylar öňki ýygnagynda ençeme ýyl gulluk edendir we dogan-uýalar bilen dostlaşandyr. Indi bolsa olardan başga ýygnaga geçmegi haýyş edýärler. Isa şeýle özgerişligi goldaýan wepaly şägirtlerini görüp, gör, nähili begenýändir! w20.04 sah. 24, abz. 14

6-njy dekabr, sişenbe

Günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar (Dan. 11:40).

Demirgazyk patyşasy bilen günorta patyşasy dünýäde iň güýçli döwlet bolmak üçin bir-biri bilen bäsleşmegini dowam edýär. Mysal üçin, II Jahan urşundan soň Sowet Soýuzy we onuň tarapdarlary Ýewropanyň köp bölegine täsirini ýetirip başlady. Günorta patyşasy hem halkara harby guramany döretdi, oňa NATO diýilýär. Günorta patyşasy demirgazyk patyşasy bilen bäsleşip, köp mukdarda pul sarp edip, güýçli harby goşunyny döretdi. Demirgazyk patyşasy günorta patyşasy bilen bäsdeşlik edip, Afrika, Aziýa we Latyn Amerika ýurtlaryny harby taýdan goldady. Soňky ýyllarda Russiýa we onuň tarapdarlary bütin dünýä öz täsirini ýetirýär. Şeýle-de bu patyşalar bir-birine garşy kiber (Internet arkaly) söweşini alyp barýar. Olar biri-birini kompýuter programmalary arkaly ýurduň ykdysadyýetine hem-de syýasatyna zyýan ýetirmekde aýyplaýarlar. Danyýaryň pygamberlik edişi ýaly, demirgazyk patyşasy Hudaýyň halkyna topulmagyny dowam edýär (Dan. 11:41). w20.05 sah. 13, abz. 5, 6

7-nji dekabr, çarşenbe

Goýunlarymy özüm gözläp taparyn, olary özüm bakaryn (Hyz. 34:11).

Ýehowa Işaýa pygamberiň günlerinde şeýle sorag berdi: «Ene emdirýän balasyny unudarmy?» Soňra ol halkyna: «Ene balasyny unutsa-da, men seni hiç haçan unutmaryn» diýdi (Işa. 49:15). Adatça, Hudaý özüni enä meňzetmeýär. Ýöne şu ýerde ol özüni enä meňzedýär. Ýehowa gullukçylaryny güýçli söýýändigini görkezmek üçin enäniň balasyna bolan söýgüsini mysal getirdi. Köp eneler Jasmin uýanyň aýdan sözleri bilen ylalaşýarlar: «Ene çagasyny emdirende, şeýle bir mähirli duýgular döreýär welin, ol hiç haçan öçmeýär». Gullukçylarynyň diňe biri wagyz etmegini we ýygnaga gelmegini bes etse, Ýehowa alada edýär. Şeýle dogan-uýalaryň köpüsi ýygnaga dolandylar. Biz muňa örän begenýäris. Ýehowa özünden daşlaşan ähli gullukçylarynyň yzyna dolanmagyny isleýär, bizem muny isleýäris (1 Pet. 2:25). w20.06 sah. 18, abz. 1—3

8-nji dekabr, penşenbe

Biz... görünmeýän zatlara seredýäris, sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr (2 Kor. 4:18).

Hudaýyň beren sowgatlarynyň käbiri göze görünmeýär. Aslynda, iň uly sowgatlar göze görünmeýär. Isa Dagdaky wagzynda ýerdäki baýlygyň gökde ýygnalýan hazynanyň ýanynda hiç zat bolup galýandygyny aýtdy. Soňra ol şu wajyp hakykaty aýtdy: «Baýlygyňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar» (Mat. 6:19—21). Dogrudanam, biz gymmat saýýan zadymyza ýa-da ýüregimize ýakyn bolan zada ýetmek üçin jan edýäris. Biz gökde baýlyk ýygnamaga tagalla etmeli. Ýöne gökde nädip baýlyk toplap bolýarka? Munuň üçin Hudaýyň öňünde ýagşy at gazanmaly. Isanyň aýdyşy ýaly, şeýle baýlyk hiç haçan zaýalanmaz ýa-da ogurlanmaz. Pawlus resul «bizi... görünmeýän zatlara seretmäge» höweslendirdi (2 Kor. 4:17, 18). Göze görünmeýän sowgatlara Ýehowanyň täze dünýäde berjek bereketleri degişli. Biz göze görünmeýän sowgatlara minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? w20.05 sah. 26, abz. 1, 2

9-njy dekabr, anna

Öwüt-nesihatym ýagyş deý ýagar (5 Mus. 32:2).

Musanyň sözleri gök otlara ýagan ýagyş deý ysraýyl halkyny ruhlandyrdy we berkitdi. Adamlara wagyz edenimizde Musanyň göreldesine nädip eýerip bileris? Biz köpçülik ýerlerinde ýa-da öýden-öýe wagyz edenimizde adamlara Mukaddes Kitapdan Hudaýyň adyny görkezip bileris. Şeýle-de olara owadan suratly edebiýatlarymyzy, gyzykly wideolarymyzy we saýtymyzdan peýdaly maslahatlary görkezip bileris. Şonda biz Ýehowany şöhratlandyrarys. Mekdepde-de, işde-de, dynç alşa gidenimizde-de adamlara mähriban Hudaýymyz we onuň häsiýetleri barada gürrüň bermäge jan etmeli. Adamlara Ýehowanyň adamzat we ýer ýüzi babatdaky ajaýyp niýetini aýtsak, olar ömründe ilkinji gezek Ýehowanyň her birimizi güýçli söýýändigine düşüner. Söýgüden doly Atamyz hakda hakykaty wagyz etsek, onuň adynyň aklanmagyna goşant goşarys. Adamlaryň Hudaý hakda bilýän zatlarynyň ýalandygyna düşünmäge kömek ederis hem-de Mukaddes Kitapdan iň gowy we peýdaly bilimi teklip ederis (Işa. 65:13, 14). w20.06 sah. 10, abz. 8, 9

10-njy dekabr, şenbe

Maňa dolanyň, menem sizi kabul ederin (Mel. 3:7).

Ýehowa dolanmak isleýänlere kömek etmek üçin bize haýsy häsiýetler gerek? Geliň, Isanyň ýiten ogul hakdaky mysalyndan näme öwrenip biljekdigimize seredeliň (Luka 15:17—24). Oglan ahyry akylyna aýlanyp, öýüne dolanýar. Kakasy ogluny gören badyna ylgap barýar-da, bagryna basýar. Şeýdip, ol ogluny örän gowy görýändigini görkezýär, ýöne oglunyň ynsaby ezýet berýär. Ol özüni ogul diýilmegine mynasyp görmeýär. Ogly özüni biynjalyk edýän zatlaryny aýdanda kakasy duýgudaşlyk bilen diňleýär. Soňra oglunyň gelendigine örän begenendigini görkezýär. Kakasy oňa maşgalanyň agzasy ýaly garaýar. Toba eden ogluny gowy görýändigini görkezmek üçin egnine don atýar we toý tutýar. Ýehowa mysaldaky ata meňzeýär. Käbir dogan-uýalar ýygnaga gelmegini we wagyz etmegini bes eden hem bolsa, Ýehowa olary söýýär, yzyna dolanmaklaryny isleýär. Bizem Ýehowanyň göreldesine eýerip, olara yzyna dolanmaga kömek edip bileris. Munuň üçin biz olary söýmeli, sabyrly we duýgudaş bolmaly. w20.06 sah. 25, 26, abz. 8, 9

11-nji dekabr, ýekşenbe

Meniň aýdanlarymy berjaý etseňiz, hakykatdanam, şägirdim bolarsyňyz. Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat hem sizi azat eder (Ýah. 8:31, 32).

Isa käbir adamlaryň hakykaty «şatlyk bilen kabul edip», soňra kynçylyklar sebäpli imanyny gowşadýandygyny aýtdy (Mat. 13:3—6, 20, 21). Mümkin, olar Isa pygamberiň yzyna eýerende, synaglaryň we kynçylyklaryň boljakdygyna düşünen däldir (Mat. 16:24). Olar mesihçi bolsak, gaýgy-aladasyz ýaşarys we ähli kynçylyklarymyzy Allatagala çözüp berer diýip pikir edendirler. Ýöne şu dünýäde hiç kim kynçylykdan gaçyp gutulyp bilmez. Durmuşyň üýtgäp durýandygy üçin käte şatlygymyzy ýitirip bileris (Zeb. 6:6; Nes. 9:11). Muňa garamazdan, dogan-uýalaryň köpüsi hakykat ýolundan ynamly ýöreýärler. Olaryň imany ýönekeýje zatlar üçin yraň atyp durmaýar, hatda dogan-uýalar göwnüne degseler-de, biriniň günä edendigini görseler-de, Hudaýyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşaýarlar (Zeb. 119:165). Olar synaglara we kynçylyklara garamazdan, imanda berk durýarlar (Ýak. 1:2—4). Bizem imanymyzy berkitmeli. w20.07 sah. 8, abz. 1; sah. 9, abz. 4, 5

12-nji dekabr, duşenbe

Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin (Ýak. 1:5).

Mukaddes Kitaby okamazdan öň Ýehowa doga ediň we Ol size gerekli maslahatlary tapmaga kömek eder. Aýdaly, siz Mukaddes Kitapdan kynçylyga döz gelmäge kömek etjek maslahaty gözleýärsiňiz. Şonda ilki bilen Ýehowadan kömek sorap doga etseňiz, gerekli maslahaty tapyp bilersiňiz (Flp. 4:6, 7). Ýehowa ynsany göz öňüne getirmek ukyby bilen ýaratdy. Mukaddes Kitaby okanyňyzda, özüňizi gahrymanlaryň ýerine goýup, göz öňüne getiriň. Olaryň görýän zadyny görmäge we duýýan zadyny duýmaga çalşyň. Soňra okan zatlaryňyz hakda oýlanyň. Oýlanmak okaýan wakaňy durmuşyňda nädip ulanyp biljekdigiň hakda çuňňur pikirlenmegi aňladýar. Oýlanyp okaýan adam pikirleriň baglanyşygyna göz ýetirýär we tema gowy düşünýär. Oýlanyp okasak, Mukaddes Kitaba has gowy düşüneris we Hudaýyň maslahatlaryny durmuşymyzda ulanarys. w21.03 sah. 15, abz. 3—5

13-nji dekabr, sişenbe

Hudaýa... şükür edýärin. Gije-gündiz doga-dileglerimde seni ýatlaýaryn (2 Tim. 1:3).

Pawlus resul geçen günlerini ýatlap, hoş habary wagyz etmedik bolsadym, şeýle agyr günler başyma düşmezdi diýdimi? Aziýadaky dostlary tamasyny ödemände, ol öýkeläp ýördümi? Pawlus beýleki dostlaryna-da ynanman, olardan göwni geçdimi? Ýok! Pawlus beýle etmedi, gaýtam kyn ýagdaýlara döz geldi, dostlaryna ynandy we gelejege bolan umydyny üzmedi. Pawlus tizden öldüriljegini bilýärdi, ýöne ol hemişe Ýehowany şöhratlandyrmagy ýüregine düwdi. Ol dogan-uýalara göwünlik bermek hakda oýlanýardy. Pawlus Ýehowa bil baglaýardy we gije-gündiz doga edýärdi. Ol biwepalyk eden dostlaryndan nägile bolup oturmagyň deregine, wepaly dostlarynyň berýän kömegini kabul edýärdi we olara minnetdarlyk aýdýardy. Şeýle-de Pawlus Mukaddes Kitaby her gün okaýardy (2 Tim. 3:16, 17; 4:13). Esasan-da, ol Ýehowanyň, Isanyň söýýändigini bilýärdi. w21.03 sah. 18, abz. 17, 18

14-nji dekabr, çarşenbe

Haşal otuň sogrulyp, oda taşlanylyşy ýaly, dünýäniň soňunda⁠-⁠da şeýle bolar (Mat. 13:40).

B. e. II asyrynda mesihçiler ýygnagyna has köp ýalan mesihçiler goşulyp başladylar. Olar ýalan taglymatlary öwredip, Hudaýyň Sözündäki hakykatlary gizleýärdiler. II asyrdan tä XIX asyryň ahyryna çenli ýer ýüzünde Hudaýyň halkynyň guramasy ýokdy. Haşal otlary aňladýan ýalan mesihçiler gülläp ösýärdi, şol sebäpli hakyky mesihçileri tanamak has-da kynlaşýardy (Mat. 13:36—43). Muny bilmek näme üçin wajyp? Şol döwür Danyýar 11-nji bapdaky pygamberlikde aýdylýan demirgazyk we günorta patyşalary hüjüm eder ýaly, ýer ýüzünde Hudaýyň halkynyň guramasy ýokdy. Şonuň üçin II asyrdan XIX asyryň ahyryna çenli höküm süren patyşalara demirgazyk we günorta patyşasy diýip bolmaýar. Emma XIX asyryň ahyrynda demirgazyk we günorta patyşasynyň ýene peýda bolandygyny görse bolýar. w20.05 sah. 3, abz. 5

15-nji dekabr, penşenbe

Ýurduma güýçli... halk geldi (Ýow. 1:6).

Ýowel Ysraýyl ýurduny weýran etjek çekirtgeler hakda pygamberlik etdi. Çekirtgeler ähli zady ýalmap-ýuwudyp barýardy (Ýow. 1:4). Biz köp ýyllardan bäri çekirtge sürüsine yhlasly wagyz edýän Ýehowanyň halkydyr öýdýärdik. Sebäbi pygamberlige görä, hiç kim olaryň öňüni alyp bilmeýärdi. Şeýle-de wagyz işi «ýurdy», ýagny dini ýolbaşçylaryň golastyndaky adamlary aljyraňňy ýagdaýa salýar diýip pikir edýärdik. Ýöne Ýowel kitabyndaky pygamberligi tutuşlygyna okasak, oňa dogry düşüneris. Ýehowanyň ýalmap-ýuwudýan çekirtgeler barada: «Demirgazykdan gelenleri (çekirtgeleri) kowaryn» diýen wadasyna üns bereliň (Ýow. 2:20). Eger çekirtgeler Hudaýyň halkyny aňladýan bolsa, onda Ýehowa näme üçin olary kowaryn diýýär? Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň wagyz etmek we şägirt taýýarlamak babatdaky tabşyrygyny ýerine ýetirýär ahyryn! (Hyz. 33:7—9; Mat. 28:19, 20). Aslynda, Ýehowa wepaly halkyny däl-de, olaryň duşmanlaryny kowýar. w20.04 sah. 2, 3, abz. 3—5

16-njy dekabr, anna

Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin (Ýak. 1:5).

Ýehowa dogamyza derrew jogap bermese näme etmeli? Ýehowa gaýta-gaýta dileg etmeli. Ol bizi gaýta-gaýta dileýändigimiz üçin ýazgarmaýar, gaharlanmaýar. Gaýtam Ýehowa jomartlyk bilen akyldarlyk berýär we synaglara döz gelmäge kömek edýär (Zeb. 25:12, 13). Allatagala biziň çykalgasyz ýagdaýa düşendigimizi görýär we göwünlik berip, goldamak isleýär. Biz Ýehowanyň Mukaddes Kitap arkaly akyldarlyk berýändigine örän begenýäris (Nak. 2:6). Eger Hudaýyň Sözüni we oňa esaslanan edebiýatlary okasak, paýhasly karara gelip bileris. Ýöne Mukaddes Kitaby diňe bir okamak ýeterlikli däl. Biz öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmaly. Ýakup: «Hudaýyň sözüni diňe bir diňlemän, eýsem ýerine ýetiriň» diýdi (Ýak. 1:22). Biz Hudaýyň maslahatyna eýersek, parahat ýaşasak, paýhasly we rehimdar bolarys (Ýak. 3:17). Şu häsiýetler synaglara şatlyk bilen döz gelmäge kömek edýär. w21.02 sah. 29, abz. 10, 11

17-nji dekabr, şenbe

Bedeniň her bir agzasy... bütin bedeniň ösmegine... ýardam edýär (Efes. 4:16).

Dogan-uýalar goldasa, okuw geçýän adam suwa çümdürilmek islär. Mukaddes Kitapdan okuw geçýänler Hudaýyň halkynyň arasyna goşular ýaly tutuş ýygnak kömek etmeli. Bir pioner uýa şeýle gürrüň berýär: «„Il-gün edep terezisidir“ diýen atalar sözi bar. Edil şonuň ýaly dogan-uýalaryň ählisi okuw geçýäne kömek etse, ol ruhy taýdan ösüp, suwa çümdüriler». Çaganyň ösüp kemala gelmeginde ene-atasynyň, mugallymlarynyň we il-günüň uly täsiri bar. Olar çaga öwüt-ündew we edep-terbiýe berýärler. Dogan-uýalar hem okuw geçýäni öwseler we görelde bolsalar, ol suwa çümdürilmek islär (Nak. 15:22). Biz okuw geçýäniň ýanyna dogan-uýalary äkitmäge näme üçin ýaýdanmaly däl? Sebäbi onuň ruhy taýdan ösmegine her bir dogan-uýa goşant goşup bilýär. w21.03 sah. 8, abz. 1—3

18-nji dekabr, ýekşenbe

Biz: «Günäli däl» diýýän bolsak, öz-özümizi aldaýarys (1 Ýah. 1:8).

Biziň hiç birimiz — ýaşlaram, garrylaram — ikiýüzli bolup ýaşamaly däl. Ýahýa resul hem hakykat ýolunda ýöräp, hem ahlaksyzlyk edip, ikiýüzli ýaşaýanlary ýazgarýardy (1 Ýah. 1:6). Eger biz Ýehowany razy etmek islesek, onda hemişe onuň islegine görä ýaşamaly. Sebäbi ol biziň edýän ähli işlerimizi aýnada görýän ýaly görýär. Biz edýän günämizi adamlardan gizläp bilsek-de, Ýehowadan gizläp bilmeris, sebäbi ol ähli zady görýär (Ýew. 4:13). Şu dünýädäki adamlar günä işlere biperwaý garaýarlar. Biz olaryň täsirine düşmeli däl. Ýahýanyň döwründäki imandan dänenler bilgeşleýin günä etseňem, Hudaýyň razylygyny gazanyp bolýar diýýärdiler. Şu günler biz hem şeýle garaýyşly adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Olaryň köpüsi Hudaýa ynanýandygyny aýtsalar-da, Ýehowanyň günä hasaplaýan zatlaryny, esasan-da, ahlaksyzlygy onçakly bir erbet hasaplamaýarlar. Olar günäli işlere adaty zat ýaly garap, nähili ýaşamalydygyny her kimiň özi çözmeli diýýärler. w20.07 sah. 22, abz. 7, 8

19-njy dekabr, duşenbe

Biz... iş ýüzünde hem⁠-⁠de hakykatdan söýmelidiris (1 Ýah. 3:18).

Doganlar, siz kömege mätäç bolan uýalary goldamaga we goramaga taýynmysyňyz?! Aýdaly, uýa köplenç ýygnaga gijä galyp gelýär, ýygnak gutaran badyna öýüne gaýdýar we çagalaryny ýygnaga hemişe getirmeýär. Sebäbi onuň äri Ýehowa iman etmeýär. Käbir wagyzçylar: «Uýa dogumlyrak bolsady, äri çagalaryny ýygnaga goýbererdi» diýip, uýany ýazgarýarlar. Aslynda, ol ýygnaga gelmek üçin elinde baryny edýärdi. Emma uýa ärinden birugsat hiç zat edip bilmeýärdi, çagalar bilen bagly meseläni hem çözüp bilmeýärdi. Eger dogan-uýalaryň ýanynda uýany öwüp, edýän tagallasy üçin minnetdar bolsaňyz, gep-gybatyň öňüni alyp bilersiňiz. Ýehowa uýalaryň aladasynyň edilmegini isleýär. Elbetde, ýaşulular hem muny bilýärler (Ýak. 1:27). Şol sebäpli ýaşulular Isa pygamberden görelde alyp, talapkär däl-de, mähirli bolmaga we uýalaryň ýagdaýyna düşünmäge jan etmeli (Mat. 15:22—28). Ýaşulular uýalara kömek etmek üçin mümkinçilik gözleseler, uýalar Ýehowanyň goldawyny we doganlyk söýgini duýarlar. w20.09 sah. 24, 25, abz. 17—19

20-nji dekabr, sişenbe

Hudaý... Nawuhodonosor patyşa soňky günlerde boljak zatlary mälim etdi (Dan. 2:28).

Danyýar pygamber pesgöwünli bolup, hemişe Ýehowadan maslahat soraýar. Bir güni Ýehowa Danyýar pygambere Nawuhodonosor patyşanyň düýşüni ýormaga kömek edýär. Şonda pygamber özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrýar (Dan. 2:26—28). Biz mundan näme öwrenýäris? Belki, dogan-uýalar siziň nutuklaryňyzy ýa-da ökdelik bilen wagyz edişiňizi halaýandyrlar. Şeýle ýagdaýda biz Ýehowany şöhratlandyrmaly. Eger biz pespäl bolsak, ähli zady Ýehowanyň güýji bilen edýändigimizi boýun alarys (Flp. 4:13). Biz Isa pygamberiň hem göreldesine eýerip bileris. Isa hemişe Atasyna bil baglaýardy (Ýah. 5:19, 30). Ol hiç haçan Atasynyň tagtyna göz gyzdyrmarýardy. Filipililer 2:6-da: «Ol... özüni Hudaý bilen deňemedi, häkimiýeti eline geçirmek hakda pikir hem etmedi» diýilýär. Isa Atasyna tabyn bolýardy, öz çägini bilýärdi we Ýehowanyň hökümdarlygyna hormat goýýardy. w20.08 sah. 11, abz. 12, 13

21-nji dekabr, çarşenbe

Baýrak almak üçin ylgaň (1 Kor. 9:24).

Käte ýaşaýyş ýolunda ylgaýanlaryň kynçylyklaryny hiç kim görmeýär ýa-da düşünmeýär. Siz hem agyr kynçylyklary başdan geçirýän bolsaňyz we ýagdaýyňyza hiç kim düşünmeýän bolsa, Mepiboşediň göreldesi sizi ruhlandyrar (2 Şam. 4:4). Ol maýypdy. Şeýle-de Dawut patyşa oňa adalatsyzlyk edipdi. Ýöne Mepiboşet ruhdan düşmedi, gaýtam durmuşynda bolýan gowy zatlary gymmat saýdy. Ol Dawut patyşanyň eden ýagşylyklaryna minnetdardy (2 Şam. 9:6—10). Mepiboşet Dawuda gaharlanmady, patyşanyň adalatsyzlygy hakda däl-de, ýagşylyklary hakda oýlandy. Ol Dawudyň eden işi üçin Ýehowany günäkärlemedi we Hudaýyň bellän patyşasyny goldamagy ýüregine düwdi (2 Şam. 16:1—4; 19:24—30). Ýehowa bize öwüt-nesihat bermek üçin, Mepiboşediň ajaýyp göreldesini Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Rim. 15:4). w20.04 sah. 26, abz. 3; sah. 30, abz. 18, 19

22-nji dekabr, penşenbe

Biz Hudaýyň işdeşleri (1 Kor. 3:9).

Dogan-uýalaryň käbiri missioner, ýörite pioner we pioner bolup hoş habary wagyz edýärler. Olar uzak wagtly gullugy durmuşynda birinji orunda goýdular. Olar baý däl, ýöne Ýehowanyň köp bereketlerine eýe bolýarlar (Mar. 10:29, 30). Biz şeýle dogan-uýalara hormat goýýarys we çekýän zähmetiniň gadyryny bilýäris. Ýehowanyň guramasynda kimler esasy orun tutýar? Jogapkärli doganlarmy? Ýa-da uzak wagtly gulluk edýänler? Elbetde, Ýehowa we dogan-uýalar hoş habary wagyz edýän her bir adama hormat goýýarlar (Rim. 10:15; 1 Kor. 3:6—8). Sebäbi Ýehowanyň guramasynyň esasy maksady adamlara Isa Mesihiň şägirdi bolmaga kömek etmek (Mat. 28:19, 20; 1 Tim. 2:4). Suwa çümdürilen we suwa çümdürilmedik dogan-uýalaryň ählisi şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşýarlar (Mat. 24:14). w20.08 sah. 21, abz. 7, 8

23-nji dekabr, anna

Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn (Mat. 28:20).

Şu günki aýatda aýdylyşy ýaly, Isa bizi kyn günümizde goldaýar. Isanyň beren wadasy bize güýç berýär. Käte biziň başymyza çekip-çydardan agyr günler inýär. Meselem, dogan-garyndaşlarymyzdan biri aradan çykanda, birki gün däl, birnäçe ýyllap gaýgy-hasrat çekýäris. Käbir dogan-uýalar garrylyk ýa-da göwnüçökgünlik sebäpli kyn günleri başdan geçirýärler. Ýöne biz her bir zada döz gelip bileris, sebäbi gaýgy-hasratly günlerimizde-de Isanyň ýanymyzda boljakdygyny bilýäris (Mat. 11:28—30). Hudaýyň Sözünde Ýehowanyň bize perişdeleri arkaly kömek edýändigi aýdylýar (Ýew. 1:7, 14). Meselem, biz «Patyşalyk baradaky hoş habary» «her millete, her taýpa, her dile» wagyz edenimizde, perişdeler bizi goldaýarlar (Mat. 24:13, 14; Ylh. 14:6). w20.11 sah. 13, abz. 6, 7

24-nji dekabr, şenbe

Ynsanyň oý-pikiri çuň guýy ýalydyr, parasatly adam çekip çykarýar (Nak. 20:5).

Biz okuw geçýän adama Hudaýyň Sözünden bilim alýandygyna düşünmäge kömek etmeli (1 Sel. 2:13). Nädip? Okuw geçýän adamy öwrenen zatlary hakda pikirini aýtmaga höweslendiriň. Mukaddes Kitapdan aýat okanyňyzda, özüňiz düşündirmän, onuň pikirini soraň. Hudaýyň Sözüniň oňa nähili peýda berýändigini görmäge kömek ediň. Okaýan aýatlaryna nähili düşünýändigini bilmek üçin soraglary beriň (Luka 10:25—28). Meselem: «Şu aýatdan Ýehowanyň haýsy häsiýetini gördüňiz? Mukaddes Kitapdaky şu maslahatyň nähili peýdasy bar? Siz bilen zadyňyza nähili garaýarsyňyz?». Okuw geçýäne köp bilim almak däl-de, öwrenen zatlaryny gymmat saýmak we durmuşynda ulanmak wajypdyr. Mukaddes Kitap arkaly öwrediň. Ökde mugallym bolmak üçin pesgöwünli bolmaly. w20.10 sah. 15, abz. 5, 6

25-nji dekabr, ýekşenbe

Tohumyňy säher bilen sep, agşama çenli eliň boş durmasyn (Nes. 11:6).

Patyşalyk baradaky wagyz işiniň bellenen wagtda tamamlanjakdygyna şek-şübhe ýokdur. Geliň, Nuh pygamberiň günlerini ýatlalyň. Şonda Ýehowa özüniň wagtyň Hojaýynydygyny subut etdi. Allatagala Tupanyň boljak gününi takmynan 120 ýyl öňünden belledi. Ol onlarça ýyl geçenden soňra Nuha gämi gurmagy tabşyrdy. Belki-de, Nuh 40-50 ýyllap agyr zähmet çekendir. Ol adamlar diňlemese-de, Tupanyň boljakdygyny wagyz etdi we tä Ýehowa gämä gir diýýänçä, gol gowşuryp oturmady. Soňra Ýehowa bellän güni «gäminiň gapysyny ýapdy» (1 Mus. 6:3; 7:1, 2, 16). Ýehowa tizden Patyşalyk baradaky wagyz işiniň tamamlanjakdygyny yglan eder. Soňra ol Şeýtanyň dünýäsini ýok eder we adalatly höküm sürjek täze dünýäni dikelder. Geliň, Nuh pygamberiň we gol gowşuryp oturmadyk Hudaýa wepaly adamlaryň göreldesine eýereliň! Wajyp işi, ýagny wagyz etmegi unutmalyň, sabyrly bolalyň, Ýehowa we wadalaryna ýürekden iman edeliň. w20.09 sah. 13, abz. 18, 19

26-njy dekabr, duşenbe

Ähli zady edepli we tertip-düzgün boýunça ediň (1 Kor. 14:40).

«Baş bolmasa, göwre läş» diýlişi ýaly, baştutan bolmasa, eden-etdilik we agzalalyk höküm sürerdi. Belli bir karara gelmek kyn bolardy, adamlar näme edip, näme goýjagyny bilmezdiler. Allatagala aýallaryň bagtly ýaşamagy üçin ärleri maşgalabaşy edip belledi. Onda näme üçin aýallar bagtly däl? Sebäbi erkek adamlar Ýehowanyň maşgala babatda beren kada-kanunlaryna biparh seredýärler we öz medeniýetine ýa-da däp-dessurlaryna eýerip, ata-babalaryndan görelde alýarlar. Olar öz isleglerini kanagatlandyrmak üçin, aýallaryny kemsidýärler we ezýärler. Ärler dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň ýanynda «heleý guly» bolmajak bolup, aýalynyň mertebesini peseldýärler. Olar aýalyny urup-sögüp, gözüniň oduny alýarlar. Naçar aýal ärini söýmese-de, gorkup ýaşaýar. Şeýle düşünje Ýehowanyň maşgala üçin beren kada-kanunlaryna düýbünden garşy gelýär, sebäbi Ýehowa äriň aýalyny söýüp, mertebesine hormat goýmagyny isleýär (Efes. 5:25, 28). w21.02 sah. 3, abz. 6, 7

27-nji dekabr, sişenbe

Gaýgy-aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýär (1 Pet. 5:7).

Kynçylyklarda alada edýän bolsaňyz Ýehowa doga-dileg ediň. Şonda Ýehowa dilegiňizi eşidip, «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygyny berer» (Flp. 4:6, 7). Ýehowa mukaddes ruhy arkaly kalbyňyzda parahatlygy saklamaga kömek eder (Gal. 5:22). Ýehowa doga edeniňizde ähli gaýgy-aladaňyzy aýdyp, ýüregiňizi döküň. Hudaýa sizi nämäniň biynjalyk edýändigini we özüňizi nähili duýýandygyňyzy gürrüň beriň. Kynçylygy çözmek üçin Ýehowadan akyldarlyk we güýç soraň. Eger eliňizden hiç zat gelmeýän bolsa, howsala düşmez ýaly Ýehowadan kömek soraň. Ýehowa biynjalyk edýän zatlaryňyzy anyk aýtsaňyz, dogalaryňyza jogap alarsyňyz. Ýöne dogalaryňyza derrew jogap almasaňyz ruhdan düşmäň. Ýehowa Hudaý biynjalyk edýän zatlar hakda diňe bir aýtmagyňyzy däl-de, gaýta-gaýta dilemegiňizi hem isleýär (Luka 11:8—10). w21.01 sah. 3, abz. 6, 7

28-nji dekabr, çarşenbe

Isa olara: «Muny hemmeler başarmaz, diňe Hudaýyň kömek edýän adamlary başarar» diýdi (Mat. 19:11).

Ýygnakda durmuş guran dogan-uýalar hem bar, durmuş gurmadyklar hem bar. Biz durmuş gurmadyk dogan-uýalara nähili garamaly? Geliň, Isa pygamber hakda oýlanalyň. Ol ýer ýüzünde ýaşanda öýlenmedi we Ýehowanyň tabşyran işini ýerine ýetirmek üçin wagtyny hem güýjüni gaýgyrmady. Emma Isa şägirtlerine öýlenmäň ýa-da öýleniň diýmedi. Ol käbir mesihçileriň Hudaýa köpräk gulluk etmek üçin durmuş gurmajakdygyny aýtdy (Mat. 19:12, çykgyda serediň). Isa maşgala gurmadyklara hormat goýýardy, olary bagtsyz ýa-da durmuşdan yza galan hasaplamaýardy. Isa ýaly, Pawlus resul hem sallahdy we yhlasly wagyz edýärdi. Emma ol maşgala gurmagyň erbetdigini aýtmady. Pawlus şu meselede her kimiň özüniň karara gelmelidigine düşünýärdi. w20.08 sah. 28, abz. 7, 8

29-njy dekabr, penşenbe

Hudaý söýgüdir (1 Ýah. 4:16).

Ýahýa resul durmuşynda her dürli wakalary başdan geçirdi, uzak ömür sürdi. Şeýle-de ol imanyny gowşadyp biljek köp kynçylyklara-da duş geldi. Ýöne ol Isanyň dogan-uýalary söýüň diýen tabşyrygyna eýermek üçin elinde baryny etdi. Şonuň üçin Ýahýa Ýehowanyň we Isanyň özüni söýýändigine asla şübhelenmeýärdi. Ýahýa olaryň kynçylyklarda güýç berip goldajakdygyna ynanýardy (Ýah. 14:15—17; 15:9, 10). Şeýtan-da, onuň dünýäsi-de Ýahýa resulyň dogan-uýalara söýgüsini sowadyp bilmedi. Ol söýgüsini sözde we iş ýüzünde görkezýärdi. Bizem Ýahýa resul ýaly, hiç kimi söýmeýän Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýarys (1 Ýah. 3:1, 10). Şeýtan biziň dogan-uýalara bolan söýgimizi sowatmak isleýär. Ýöne ol bizi mejbur edip bilmeýär. Şonuň üçin, geliň, dogan-uýalary söýmegi, söýgimizi sözde we iş ýüzünde görkezmegi ýüregimize düweliň. Şeýtsek, Ýehowanyň halkynyň arasynda bolmak bize şatlyk berer. Mundan uly bagt ýok bolsa gerek! (1 Ýah. 4:7). w21.01 sah. 13, abz. 18, 19

30-njy dekabr, anna

Çydamly edýän... Hudaý... ýardam eder (Rim. 15:5).

Bütin dünýä Şeýtanyň golastynda bolandygy üçin durmuş gün-günden kynlaşýar, käte özümizi ejiz duýýarys (2 Tim. 3:1). Emma biz gorkup, çendenaşa alada etmeli däl. Ýehowa biziň nähili kyn ýagdaýlara döz gelýändigimizi bilýär. Ol bize güýç we goldaw bermegi wada berýär (Işa. 41:10, 13). Mukaddes Kitapdaky wakalar biziň güýjümize güýç goşar. Biz Hudaýyň kömegi bilen islendik kynçylyga döz gelip bileris. Saýtymyzdaky wideolary görüň, Mukaddes Kitabyň çeper okalyşyny diňläň we «Olaryň imanyndan görelde alyň» kitabyny okaň. Emma ilki bilen Ýehowa doga ediň we gerekli maslahaty tapmaga, ony durmuşyňyzda ulanmaga kömek eder ýaly güýç soraň. Şeýle-de özüňizi baş gahrymanlaryň ýerine goýuň, hudaýhon adamlaryň kyn ýagdaýlara nädip döz gelendikleri we Ýehowanyň olara nädip kömek edendigi hakda oýlanyň. Soňra bilen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyň. Ýehowanyň sizi goldaýandygy üçin alkyş aýdyň. Siz dogan-uýalary ruhlandyrsaňyz we kömek etseňiz, Ýehowany şöhratlandyrarsyňyz. w21.03 sah. 19, abz. 22, 23

31-nji dekabr, şenbe

Ogullar Ýehowanyň beren mirasydyr (Zeb. 127:3).

Eger siz maşgala guran bolsaňyz we çagaňyzyň bolmagyny isleýän bolsaňyz, onda özüňize şeýle soraglary beriň: «Biz pesgöwünli, berk imanly ene-ata bolup bilerismi? Ýehowa bize eýjejik balajygy terbiýelemegi ynanarmy?» (Zeb. 127:4). Çagaly ene-atalar bolsa şu soraglaryň üstünde oýlanmaly: «Çagalarymyza zähmeti söýmegi öwredýärismi? (Nes. 3:12, 13). Ahlak we beden taýdan abanýan howplardan çagalarymyzy goramak üçin jan edýärismi?» (Nak. 22:3). Elbetde, siz çagalaryňyzyň üstünde ganatyňyzy gerseňiz-de, olary ähli kynçylyklardan gorap bilmersiňiz. Emma siz olara Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýermegi we durmuşda duş geljek kynçylyklara döz gelmegi häzirden öwredip bilersiňiz (Nak. 2:1—6). Meselem, dogan-garyndaşlaryňyzyň biri hakykat ýolundan gitse, çagalaryňyza Mukaddes Kitabyň esasynda näme üçin Ýehowa wepaly galmalydygyny düşündiriň (Zeb. 31:23). Ýa-da garyndaşlaryňyzdan biri aradan çyksa, gaýgy-hasraty ýeňmäge kömek edýän we kalbyňa rahatlyk berýän aýatlary okap beriň (2 Kor. 1:3, 4; 2 Tim. 3:16). w20.10 sah. 27, abz. 7

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş