Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es23 sah. 67—77
  • Iýul

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iýul
  • Her günki aýady okalyň — 2023
  • Sözbaşylar
  • 1-nji iýul, şenbe
  • 2-nji iýul, ýekşenbe
  • 3-nji iýul, duşenbe
  • 4-nji iýul, sişenbe
  • 5-nji iýul, çarşenbe
  • 6-njy iýul, penşenbe
  • 7-nji iýul, anna
  • 8-nji iýul, şenbe
  • 9-njy iýul, ýekşenbe
  • 10-njy iýul, duşenbe
  • 11-nji iýul, sişenbe
  • 12-nji iýul, çarşenbe
  • 13-nji iýul, penşenbe
  • 14-nji iýul, anna
  • 15-nji iýul, şenbe
  • 16-njy iýul, ýekşenbe
  • 17-nji iýul, duşenbe
  • 18-nji iýul, sişenbe
  • 19-njy iýul, çarşenbe
  • 20-nji iýul, penşenbe
  • 21-nji iýul, anna
  • 22-nji iýul, şenbe
  • 23-nji iýul, ýekşenbe
  • 24-nji iýul, duşenbe
  • 25-nji iýul, sişenbe
  • 26-njy iýul, çarşenbe
  • 27-nji iýul, penşenbe
  • 28-nji iýul, anna
  • 29-njy iýul, şenbe
  • 30-njy iýul, ýekşenbe
  • 31-nji iýul, duşenbe
Her günki aýady okalyň — 2023
es23 sah. 67—77

Iýul

1-nji iýul, şenbe

Terbiýe alan adam dogruçyl bolup, parahat ýaşaýar (Ýew. 12:11).

Ýygnak gatnaşygyndan kesmek — Ýehowanyň ýola goýan çäresi. Onuň söýgi bilen berýän temmisi dogan-uýalara, hatda günäkäre-de peýdaly. Käbirleri: «Ýaşulular ýygnak gatnaşygyndan kesip, nädogry karara geldiler» diýip, olary aýyplamagy mümkin. Emma ýaşululary ýazgarýan adamlar günäkäriň erbet işlerini agzaman, ony «akja jüýje» edýärler. Biziň ähli maglumatlary bilmeýändigimizi unutmalyň. Geliň, düzediş komitetinde gulluk edýän doganlary ýürekden goldalyň! Sebäbi olar Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna gyşarnyksyz eýerip, meseläni çözýärler we Ýehowanyň islegine görä «höküm çykarýarlar» (2 Tar. 19:6). Eger siziň hem maşgala agzalaryňyzdan biri ýygnak gatnaşygyndan kesilse, ýaşulularyň gelen kararyny ýürekden goldaň. Şonda siz oňa Ýehowa dolanmaga kömek edersiňiz. Elizabet uýa şeýle gürrüň berýär: «Oglum Ýehowa dolananda: „Ýaşulular meni ýygnak gatnaşygyndan kesip dogry etdiler. Men şu ýagdaýdan wajyp sapak edindim“ diýdi». w21.09 sah. 28, 29, abz. 11, 12

2-nji iýul, ýekşenbe

Ol garyp dul aýalyň ikije teňňe atandygyny gördi (Luka 21:2).

Geliň, dul aýal barada oýlanyp göreliň. Elbetde, ol Ýehowa has köpräk sadaka bermek isländir. Emma gurbunyň çatdygyndan, barja zadyny sadaka berdi. Isa onuň guta atan teňňesiniň Ýehowa üçin gymmatlydygyny bilýärdi. Biz mundan näme öwrenýäris? Eger biz Ýehowa iň gowy zadymyzy bersek, ýagny bütin ýüregimiz we bütin janymyz bilen gulluk etsek, ony razy ederis (Mat. 22:37; Kol. 3:23). Ýehowa biziň wagtymyzy we güýjümizi gaýgyrman wagyz edýändigimizi, ýygnaklara barýandygymyzy görüp, ýürekden begenýändir. Garyp dul aýal hakdaky wakadan öwrenen zatlaryňyzy durmuşda nädip ulanyp bilersiňiz? Edýän gullugyna kembaha garaýan dogan-uýalar barada oýlanyň. Ýehowanyň olary gymmat saýýandygyny aýdyň. Belki, siz ýarawsyzlygy sebäpli köp wagyz edip bilmeýän we özüni dereksiz duýýan garry uýany tanaýansyňyz. w21.04 sah. 6, abz. 17, 19; sah. 7, abz. 20

3-nji iýul, duşenbe

Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol... wada berlen ýaşaýyş täjini alar (Ýak. 1:12).

Ýehowa zalym dünýäni haçan ýok etmelidigini gowy bilýär. Ýehowa sabyrly Hudaý bolandygy üçin millionlarça adamdan ybarat uly märeke ýygnandy. Olar agzybirlikde Hudaýa sežde edýärler we oňa alkyş aýdýarlar. Olar Ýehowanyň sabyrly bolandygy üçin dünýä indiler, Hudaýy tanadylar we ömrüni Ýehowa bagyş etdiler. Tizden Ýehowa soňuna çenli çydamly bolan millionlarça adamy halas eder. Şonda olar Ýehowanyň sabyrlylygy üçin minnetdar bolarlar. Şeýtan asyrlarboýy Ýehowanyň ýüregini agyrdýar. Emma Ýehowa şonda-da «bagtly Hudaý» (1 Tim. 1:11). Bizem Hudaýyň göreldesine eýersek, kynçylyklara şatlyk bilen döz gelip bileris. Ýehowa tizden adyny mukaddes eder, hökümdarlygyny aklar, ýer ýüzündäki ähli erbetlikleri we horluklary aýrar. Geliň, soňuna çenli çydamagy ýüregimize berk düweliň! Şeýle-de gökdäki Atamyz Ýehowanyň hem kyn ýagdaýlara çydaýandygy hakda oýlanalyň. w21.07 sah. 13, abz. 18, 19

4-nji iýul, sişenbe

Nazaretden hem bir gowy zat çykarmy? (Ýah. 1:46).

I asyrda ýaşan adamlaryň köpüsi Isa pygambere iman etmediler. Olar Isanyň ýaşan şäheri we önüp-ösen maşgalasy sebäpli oňa iman etmediler. Isa garyp agaç ussasynyň ogludy we kiçijik şäherde ýaşaýardy, şol sebäpli adamlaryň oňa göwni ýetmeýärdi. Hatda Natanaýyl hem Isanyň şägirdi bolmanka: «Nazaretden hem bir gowy zat çykarmy?» diýdi. Onuň Mikaý 5:2-däki sözler ýadyna düşendir. Şol aýatda garaşylýan pygamberiň Nazaretden däl-de, Beýtullahamdan çykjakdygy aýdylýar. Işaýa pygamber duşmanlaryň Isanyň «nesil daragty» barada bilmek islemändigini aýdýar (Işa. 53:8). Eger olar şol pygamberlikleri okan bolsadylar, Isanyň Dawut patyşanyň neslinden bolandygyna we Beýtullahamda dünýä inendigine göz ýetirerdiler (Luka 2:4—7). Diýmek, Mikaý 5:2-de pygamberlik edilişi ýaly, Isa Beýtullaham şäherinde dünýä inýär. Onda adamlar näme üçin Isanyň pygamberdigine iman etmeýärler? Olar Mukaddes Kitapdan gözleg geçirmän nädogry netije çykardylar. Şeýlelikde, olar Isanyň pygamberdigine şübhelendiler. w21.05 sah. 2, 3, abz. 4—6

5-nji iýul, çarşenbe

Dogruçyl adam... käýese, onda başyma ýag guýlan ýalydyr (Zeb. 141:5).

Mukaddes Kitapda maslahata gulak asyp, bereket alan adamlar hakda aýdylýar. Olaryň biri Eýýup pygamberdi. Ol Hudaýy razy edip ýaşamak isleýärdi, emma käte ýalňyşýardy. Eýýup başyna inen bela-beterlerden ýaňa halys ýadap, oýlanman gepleýär we durmuşyndan nägile bolýar. Şol sebäpli Alyhuw bilen Ýehowa Eýýuba berk maslahat berýär. Eýýup maslahaty kabul edip: «Men aýdanlaryma ökünýärin, başyma gum we kül sepip, toba edýärin» diýýär (Eýp. 42:3—6, 12—17). Ol pesgöwünli bolandygy üçin özünden ençeme ýaş kiçi Alyhuwyň maslahatyna eýerdi (Eýp. 32:6, 7). Eger pesgöwünli bolsak maslahat bize degişli däl ýaly görünse-de ýa-da maslahaty berýän bizden kiçi bolsa-da, oňa höwes bilen gulak asarys. Biz mukaddes ruhuň miwesini ösdürmek, ökde wagyzçy we mugallym bolmak islesek, berilýän maslahata höwes bilen eýermeli. w22.02 sah. 11, abz. 8; sah. 12, abz. 12

6-njy iýul, penşenbe

Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler (Ýah. 13:35).

Ýygnakda agzybirlik we parahatlyk bolar ýaly, biz bir-birimizi söýmäge borçly. Şonda hiç kim özüni ýeke duýmaz. Biziň mähirli sözlerimiz we edýän ýagşylygymyz dogan-uýalaryň göwnüni galkyndyrar. Maşgala agzalary Ýehowa iman etmeýän dogan-uýalar ýygnakda özüni ýeke duýmaz ýaly näme edip bileris? Ýygnaga täze gelenler bilen dostlaşyň. «Edep salamdan başlanýar» diýlişi ýaly, olar bilen mähirli salamlaşyň (Rim. 15:7). Ýürekden aladasyny ediň. Wagtyň geçmegi bilen, siz olar bilen dostlaşarsyňyz. Ýygnaga täze gelenleri ünsli diňläň we duş gelýän kynçylyklaryna düşünjek boluň. Emma oňaýsyz ýagdaýa saljak soraglary bermäň. Käbirleri duýgularyny we alada goýýan zatlaryny gürrüň berip bilmeýär. Şonuň üçin olary soraga tutmaň, gaýtam ýerlikli soraglary beriň we ünsli diňläň. Meselem: «Ýehowa barada haçan eşitdiňiz?» diýip sorap bilersiňiz. w21.06 sah. 11, abz. 13, 14

7-nji iýul, anna

Olar sesimi eşidip, maňa gulak asarlar. Şonda bir süri, bir çopan bolar (Ýah. 10:16).

Biz Hudaýa agzybirlikde sežde edip bilýändigimize begenýäris. Ählimiz «bir sürä» degişli we biziň «bir çopanymyz» bar. «Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama» kitabynyň 153-nji sahypasynda şeýle diýilýär: «Agzybirligi saklamak üçin, sizem oňa öz goşandyňyzy goşmaga jan etmeli... Biz dogan-uýalara... Ýehowa ýaly garamagy öwrenmeli». Ýehowa biziň ählimizi eziz perzentleri hasaplaýar. Bizem dogan-uýalary ýürekden söýmeli. Ýehowa biziň dogan-uýalary goldamak üçin edýän ähli tagallamyzy gymmat saýýar (Mat. 10:42). Biz imandaşlarymyzy ýürekden söýmeli. Dogan-uýalaryň öňünde «büdredýän daş ýa-da böwet» bolmaly däl (Rim. 14:13). Olary başymyzyň täji hasaplamaly we ýürekden bagyşlamaly. Geliň, dogan-uýalardan öýkelemäliň, «parahat ýaşamak hem-de birek-biregi ruhy taýdan berkitmek üçin elimizde baryny edeliň» (Rim. 14:19). w21.06 sah. 24, abz. 16, 17

8-nji iýul, şenbe

Tohumy... ösdürýän Hudaý (1 Kor. 3:7).

Eger biz Mukaddes Kitaby we edebiýatlarymyzy okap, maslahatlaryny durmuşymyzda ulansak, ýagşy häsiýetleri ösdüreris, Hudaýy ýakyndan tanarys. Isa pygamber Patyşalyk baradaky hoş habary kiçijik tohuma meňzetdi. Şol tohum akýürekli adamlaryň ýüreginde ýuwaş-ýuwaşdan gögerýär. Isa şeýle diýdi: «Daýhan tohumyň nädip ösýänini bilmeýär. Toprak öz-özünden hasyl berýär. Başda baldak ösýär, soňra baş çykýar, ahyrynda dänesi bişip ýetişýär» (Mar. 4:27, 28). Isa pygamber tohumyň ýuwaş-ýuwaşdan ösüşi ýaly, hoş habary kabul eden adamyň hem imany berkeýänçä wagt gerek bolýar diýdi. Biz Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adamlaryň erbet endiklerini taşlap, Ýehowa bilen dostlaşýandygyny görüp begenýäris (Efes. 4:22—24). Emma biz tohumy Ýehowa Hudaýyň ösdürýändigini unutmaly däl. w21.08 sah. 8, 9, abz. 4, 5

9-njy iýul, ýekşenbe

Ýok zadyň arzuwyny edeniňden, bar zatlaryňdan lezzet alanyň ýagşydyr (Nes. 6:9).

«Bar zatlaryndan lezzet alýan» adam başarýan zatlaryny edip şatlyk tapýar. Emma «ýok zadyň arzuwyny edýän» adam elýetmez maksatlary goýup, ruhdan düşýär. Biz mundan näme öwrenýäris? Barymyza kaýyl bolsak we ýetip boljak maksatlary goýsak şatlyk taparys. Adamlaryň käbiri «baryňa kaýyl bolup şatlanyp bolmaýar, sebäbi adamyň göwni köp zat isleýär» diýýärler. Emma biz «bar zatlarymyzdan lezzet alyp» şatlanyp bileris. Muny nädip edip bileris? Isa pygamberiň batman kümüş mysalyny öwreniň (Mat. 25:14—30). Şeýle-de başarýan işleriňizi edip, şatlanyň we şatlygyňyzy artdyrýan işleri ediň. w21.08 sah. 21, abz. 5, 6

10-njy iýul, duşenbe

Men beýik we mukaddes ýerde ýaşaýaryn... Ejizleriň we ezilenleriň ýanynda bolaryn (Işa. 57:15).

Ýehowa «ejizleriň we ezilenleriň» howandarydyr. Biziň ählimiz Ýehowanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalary ruhlandyrmaly we olaryň ýürekden aladasyny etmeli. Ýehowa biziň imandaşlarymyzy ýürekden söýmegimizi we ýagşylyk etmegimizi isleýär (Nak. 19:17). Özüni başgalar bilen deňeşdirýän dogan-uýalara nädip kömek edip bileris? Biz pesgöwünli bolmaly, özümizi öwüp arşa çykarmaly däl. Eger zehinimize, ukyp-başarnygymyza buýsansak, dogan-uýalar göripligiň toruna düşüp biler. Geliň, dogan-uýalary öweliň we ýürekden aladasyny edeliň (1 Pet. 4:10, 11). Isa beýik pygamber bolsa-da, tekepbir däldi. Ol adamlar bilen mähirli gepleşýärdi. Bizem onuň göreldesine eýermeli. Isa «ýumşak we pesgöwünlidi» (Mat. 11:28—30). Ol ýönekeý mysallar arkaly wagyz edýärdi. Onuň berýän gürrüňlerine garyp-pukara adamlar hem düşünýärdi (Luka 10:21). w21.07 sah. 23, abz. 11, 12

11-nji iýul, sişenbe

Soraň... ýaşulularyňyz gürrüň bersin (5 Mus. 32:7).

Garry dogan-uýalaryň hal-ýagdaýyny soraň. Elbetde, olaryň gözi kütelendir, gulagy agralandyr, olar güýç-gurbatdan gaçandyr, emma göwünleri garran däldir. Ýehowanyň öňünde olaryň «ýagşy ady» bar (Nes. 7:1). Allatagalanyň olary göwher daşy hasaplaýandygyny ýatdan çykarmaň. Garrylara hormat goýuň! Alyşadan görelde alyň. Ylýas Alyşa «sen bärde gal» diýip, üç sapar aýtsa-da, Alyşa oňa «ýanyňdan aýrylmaryn» diýýär (2 Pat. 2:2, 4, 6). Garry dogan-uýalar bilen ýürekden gyzyklanyň we ýerlikli soraglary beriň (Nak. 1:5; 20:5; 1 Tim. 5:1, 2). Meselem, şu soraglary berip bilersiňiz: «Ýaş wagtyňyz Ýehowanyň Şaýatlarynyň hakykaty öwredýändigine nädip göz ýetirdiňiz? Durmuşyňyzda bolan haýsy wakalar Ýehowa imanyňyzy has-da berkitdi? Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge näme kömek etdi?» (1 Tim. 6:6—8). Soňra olaryň berýän gürrüňini ünsli diňläň. w21.09 sah. 5, abz. 14; sah. 7, abz. 15

12-nji iýul, çarşenbe

Hudaý niýetine görä kömek etmek üçin, siziň ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer (Flp. 2:13).

Biz yhlasly wagyz etsek we şägirt taýýarlasak, Allatagalany söýýändigimizi subut ederis (1 Ýah. 5:3). Oýlanyp görüň, siziň Ýehowa bolan söýgiňiz öýden-öýe wagyz etmäge höweslendirendir. Başda size aňsat düşen däldir. Ilkinji sapar gapyny kakanyňyzda aljyransyňyz. Ýöne muny Isanyň tabşyrandygyna düşünip, kyn hem bolsa gapyny kakansyňyz. Şeýdip, siz wagyz etmäge ökdeleşensiňiz we çekinmän adamlar bilen gürrüňdeş bolýansyňyz. Emma Mukaddes Kitap okuwyny teklip etmäge ýaýdanýansyňyz. Eger şeýle bolsa, Ýehowadan güýç-kuwwat we batyrgaýlyk soraň. Şonda siz Ýehowanyň kömegi bilen adamlara Mukaddes Kitap okuwyny höwes bilen teklip edersiňiz. w21.07 sah. 3, abz. 7

13-nji iýul, penşenbe

Ol... sag eline ýa-da maňlaýyna bellik goýdurmaga mejbur etdi (Ylh. 13:16).

Gadymy döwürde gullara bellik goýupdyrlar. Olaryň belligine seredip, hojaýynynyň kimdigini bilipdirler. Şonuň ýaly syýasy guramalar göçme manyda adamlaryň maňlaýyna we eline bellik goýmak islärler. Şonda adamlar edýän işleri we oý-pikiri bilen syýasy guramalara degişlidigini hem-de olary goldaýandygyny görkezerler. Biz göçme manydaky belligi maňlaýymyza ýa-da elimize basdyryp, syýasy guramalary goldarysmy? Belligi basdyrmadyk adamlar köp kynçylyga döz gelmeli bolarlar. Ylham kitabynda: «Belligi... alanlardan başga hiç kim ne satyn alyp, ne-de satyp biler» diýilýär (Ylh. 13:17). Emma Hudaýyň wepaly halky şol belligi basdyran adamlara Allatagalanyň nähili jeza berjekdigini gowy bilýär (Ylh. 14:9, 10). Olar özüne şol belligi basdyrman, gaýtam eline «men Ýehowanyňky» diýip ýazarlar (Işa. 44:5). Häzir Ýehowa wepaly bolmagy ýüregiňe düwmegiň tüýs wagty! Şonda Ýehowa begenip, bizi öz ogly we gyzy hasaplar. w21.09 sah. 18, abz. 15, 16

14-nji iýul, anna

Demir demri ýiteldýär, adam hem dostuna gowy täsir edýär (Nak. 27:17).

Yhlasly wagyz etmek üçin bize dogan-uýalaryň kömegi gerek. Pawlus resul Timoteosa ökde mugallym bolmagy öwretdi. Ol Timoteosa dogan-uýalara hem wagyzda ökdeleşmäge kömek etmegi ündedi (1 Kor. 4:17). Bizem Timoteosyň göreldesine eýerip, ökde wagyzçylardan köp zatlary öwrenip bileris. Şeýle-de biz Ýehowa doga-dileg etmeli. Her gezek wagza gitmänkäňiz, Ýehowadan görkezme soraň. Mukaddes ruhuň kömegi bilen almajak galaňyz bolmaz (Zeb. 127:1; Luka 11:13). Ýehowa doga edeniňizde, nähili kömegiň gerekdigini açyk aýdyň. Meselem, Ýehowa dileg edip, hoş habary diňlejek akýürekli adamlara duşurmagyny sorap bilersiňiz. Şeýle-de şahsy okuwyny geçiriň. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşüniň» (Rim. 12:2). Biz Hudaý barada näçe köp öwrensek, şonça-da ynamly wagyz edip bileris. w21.05 sah. 18, abz. 14—16

15-nji iýul, şenbe

Halypamyz üçin çekýän zähmetiňiz biderek däldir (1 Kor. 15:58).

Belki, siz okuw geçýän adama kömek etmek üçin eliňizde baryny edýänsiňiz we onuň üçin Hudaýa doga edýänsiňiz. Emma ol öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanýan däldir. Şol sebäpli mundan beýläk sapak geçmejekdigiňizi aýtmaly bolýansyňyz. Ýa-da siz bir adama hem suwa çümdürilmäge kömek eden dälsiňiz. Belki, siz özüňizi günäkärläp: «Meniň wagyz edişim Ýehowa ýaraýan däldir» diýýänsiňiz. Ýehowa biziň edýän gullugymyzyň gadyryny bilýär. Ol edýän tagallamyzy we çydamlylygymyzy gymmat saýýar. Adamlar aýdýan habarymyzy diňlemese-de, biz yhlasly wagyz etsek we Ýehowany ýürekden söýsek, ony razy ederis. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Siz mukaddeslere häzire çenli hyzmat edip gelýärsiňiz. Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir» (Ýew. 6:10). Biz bir adama hem suwa çümdürilmäge kömek etmedik bolsak-da, Ýehowa biziň edýän tagallamyzy we söýgimizi ýatdan çykarmaýar. Şol sebäpli adamlar aýdýan habarymyzy diňlemese ruhdan düşmäliň. Pawlus resulyň şu günki aýatdaky sözleri sizi hem ruhlandyrsa gerek! w21.10 sah. 25, abz. 4—6

16-njy iýul, ýekşenbe

Atamyň maňa berenleriniň hemmesi ýanyma geler. Men olary hiç haçan kowmaryn (Ýah. 6:37).

Isa şägirtleri bilen mähirli gepleşýärdi, olaryň aladasyny edýärdi. Ol şägirtleriniň ukybynyň we ýagdaýynyň birmeňzeş däldigine düşünýärdi. Muny Isanyň kümüş batman hakdaky mysalyndan bilse bolýar. Hojaýyn «gullarynyň ukybyny göz öňünde tutup, birine bäş batman kümüş, beýlekisine iki, üçünjisine bir batman kümüş berýär». Gullaryň gazanjy biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Ýöne hojaýyn olaryň ikisine-de: «Berekella, wepaly hem ýagşy gul!» diýýär (Mat. 25:14—23). Isa hem şägirtleriniň hemmesiniň şol bir işi ýerine ýetirip bilmejegini bilýärdi we ählisinden şol bir zada garaşmaýardy. Ol şägirtleriniň her biriniň çekýän zähmetiniň gadyryny bilýärdi. Isa pygamber biziň hem mähir bilen aladamyzy edýär. Ol biziň ukybymyzyň we ýagdaýymyzyň dürli-dürlüdigine düşünýär. Güýjümizi gaýgyrman Ýehowa gulluk edýänimizi görüp begenýär. Biz hem Isanyň göreldesine eýermeli. w21.07 sah. 23, abz. 12—14

17-nji iýul, duşenbe

Heý-de, hojaýynyma el galdyrarynmy?! (1 Şam. 24:10).

Dawut patyşa hemişe rehimdardymy? Ýok. Bir gün gadyrbilmez Nabal Dawudy kemsidip, ýigitlerine iýer-içere hiç zat bermän goýberýär. Muny eşidip, Dawut gahar atyna atlanýar we Nabalyň hojalygyndaky ähli «erkek göbeklileri» gyrmagy ýüregine düwýär. Emma Nabalyň çydamly we sabyrly aýaly Abygaýyl aýgytly ädim ädip, Dawudy gan dökmekden saklaýar (1 Şam. 25:9—22, 32—35). Dawut patyşa Nabalyň hojalygyndaky ähli erkek göbeklileri gyrmak isledi, sebäbi onuň gahary gelipdi. Birnäçe ýyldan soň, ol Natan pygamberiň gürrüň beren wakasyndaky baý adamy ölüme höküm etdi. Aslynda, Dawut rehimdar adamdy, emma ol agyr günä edendigi üçin baý adama ýowuz höküm çykardy. Biz mundan näme öwrenýäris? Eger adamyň Ýehowa bilen dostlugy bozulan bolsa, ol başgalary ýazgaryp, ýowuz höküm çykarýar. w21.10 sah. 12, abz. 17, 18; sah. 13, abz. 20

18-nji iýul, sişenbe

Mukaddes boluň, sebäbi men mukaddesdirin (1 Pet. 1:16).

Şu günki aýatdaky maslahat ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlara-da degişli. Aýatda mukaddes Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýersek, mukaddes bolup biljekdigimiz aýdylýar. Eýsem bikämil adamlar mukaddes bolup bilermi? Petrus resul birnäçe gezek ýalňyşsa-da, Ýehowa ony mukaddes hasaplady. Diýmek, biz hem «mukaddes bolup» bileris. Köpler hiç gülmeýän, agras ýüzli, selleli we donly adamlary keramatly, mukaddes hasaplaýarlar. Biz hem şeýle pikir etsek dogry bolarmy? Ýok! Sebäbi Mukaddes Kitapda Ýehowanyň mähirli, şadyýan we «bagtly Hudaýdygy» aýdylýar (1 Tim. 1:11). Şeýle-de Ýehowa sežde edýän adamlara-da «bagtly» halk diýilýär (Zeb. 144:15). Hak Hudaýa sežde edýän adamlar özlerini keramatly we mukaddes görkezjek bolýan adamlardan düýbünden tapawutlanýar. Isa pygamber hem özüni dindar görkezjek bolup, uzyn don geýýän adamlary ýazgardy (Mat. 6:1; Mar. 12:38). Mesihçiler mukaddes bolmak üçin adamlaryň garaýşyna däl-de, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerýärler. Ýehowa Hudaý: «Mukaddes boluň» diýýär. Söýgüden doly we mähirli Hudaýymyz bizden başarmajak zadymyzy talap etmeýär. w21.12 sah. 2, abz. 1, 3

19-njy iýul, çarşenbe

Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň... bilen söý (Mar. 12:30).

Gökdäki Atamyz Ýehowa bize ençeme ýollar bilen ýagşylyk edip, göwnümizi göterýär. Ýöne Ýehowa sežde etmek bizi has-da bagtly edýär. Biz Hudaýy söýýändigimiz üçin tabşyryklaryny berjaý edýäris (1 Ýah. 5:3). Ýehowa bize Isa pygamber arkaly hoş habary wagyz etmegi we şägirt taýýarlamagy tabşyrýar (Mat. 28:19). Şeýle-de ol biziň biri-birimizi ýürekden söýmegimizi isleýär (Ýah. 13:35). Ýehowa şu tabşyryklara gulak asýan adamlary öz perzendi hasaplaýar (Zeb. 15:1, 2). Adamlary söýüň. Söýgi — Ýehowanyň esasy häsiýeti (1 Ýah. 4:8). Biz Hudaýy tanamankak, ol bizi söýdi (1 Ýah. 4:9, 10). Bizem Ýehowanyň göreldesine eýerip, adamlary söýmeli (Efes. 5:1). Munuň üçin entek wagt barka, adamlara wagyz etmeli we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmeli (Mat. 9:36—38). Şonda olar hem Ýehowanyň ogul-gyzlary bolup biler. w21.08 sah. 6, abz. 13, 14

20-nji iýul, penşenbe

Janyny gurban edýän adamyň söýgüsinden güýçli söýgi ýokdur (Ýah. 15:13).

Isa pygamber Ýehowany we adamlary söýýändigi üçin özünden geçmäge taýyndy (Ýah. 14:31). Ol ýer ýüzünde ýaşanda adamlary janyndan eziz görýändigini subut etdi. Käbirleri Isa garşy çyksa-da, ol mähirlidi, adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Hawa, ol adamlary ýürekden söýýärdi. Şonuň üçin Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz edýärdi (Luka 4:43, 44). Isa pygamber günäli adamlaryň ebedi ýaşamagy üçin ejirli ölüme döz geldi we töleg gurbanyny berdi. Biz gökdäki Atamyz Ýehowany söýýändigimiz üçin ömrümizi oňa bagyş etdik we suwa çümdürildik. Şol sebäpli biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowany we adamlary ýürekden söýmeli. Ýahýa resul: «Gözi bilen görýän doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez» diýdi (1 Ýah. 4:20). w22.03 sah. 10, abz. 8, 9

21-nji iýul, anna

Akylsyz adamlar ýaly däl-de, paýhasly adamlar ýaly ýaşamak üçin her bir ädimiňize ünsli boluň. Wagtyňyzy paýhasly ulanyň (Efes. 5:15, 16).

Biz Ýehowany has gowy tanamak üçin wagtymyzy we güýjümizi gaýgyrmaýarys, emma muny etmek aňsat bolmaýar. Biz günüň dowamynda şeýle bir başagaý bolýarys welin, Hudaýa sežde etmek üçin az wagt galýar. Biz günuzyn işleýäris, maşgalamyzyň aladasyny edýäris we başga-da köp zatlara ýetişmeli bolýarys. Şol sebäpli Hudaýa doga etmäge, Mukaddes Kitaby okamaga we oýlanmaga asla wagtymyz galmaýar. Dynç alyş hem köp wagtymyzy alyp bilýär. Göwün açmak üçin saýlan zatlarymyz erbet bolmasa-da, Ýehowa bilen dostlaşmak üçin sarp etjek wagtymyzy alyp biler. Elbetde, wagtal-wagtal dynç almak we göwün açmak peýdaly. Emma dynç almak üçin çendenaşa köp wagt sarp etsek, Hudaýa sežde etmek üçin asla wagt galmaz. Goý, dynç almak üçin sarp edýän wagtymyz Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmäge päsgel bermesin! (Nak. 25:27; 1 Tim. 4:8). w22.01 sah. 26, abz. 2, 3

22-nji iýul, şenbe

Gelmişegi-de öz halkyňyzdan biri ýaly görüp, özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň (3 Mus. 19:34).

Ýehowa ysraýyllara «ýakynyňy söý» diýende, diňe öz milletindäki adamlary gowy görmelidigini göz öňünde tutmandy. 3 Musa 19:33, 34-nji aýatlara görä, ysraýyllar gelmişekleri hem söýmelidi. Olar gelmişekleri ala tutman, öz ildeşi ýaly gowy görmelidi. Meselem, kanuna görä, mellekde galan hoşalary diňe bir ysraýyllaryň däl, gelmişekleriň hem ýygnamaga haky bardy (3 Mus. 19:9, 10). Şu günler biz hem gelmişekleriň ýürekden aladasyny etmeli (Luka 10:30—37). Bütin ýer ýüzünde millionlarça adamlar ýat ýurtda gelmişek we bosgun bolup ýaşaýarlar. Geliň, olaryň mertebesini peseltmäliň, hiç birini ala tutman, ýagşylyk edeliň. w21.12 sah. 12, abz. 16

23-nji iýul, ýekşenbe

Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz (Zeb. 34:10).

Biz häzirden Ýehowanyň goldaw berişini görsek, gelejekde boljak synaglarda kömek etjegine ynamly bolup bileris. Biz hemişe Ýehowa iman etmeli we bil baglamaly. Aýdaly, siz kongrese gatnaşmak üçin başlygyňyzdan rugsat soraýarsyňyz. Ýa-da köpräk wagyz etmek we ýygnak duşuşyklarynyň ählisine gatnaşmak üçin iş grafigiňizi üýtgetmegi haýyş edýärsiňiz. Ýöne başlyk haýyşyňyzy bitirmeýär we siz işden çykmaly bolýarsyňyz. Şeýle ýagdaýda Ýehowanyň sizi taşlamajakdygyna we gerek-ýarak zatlar bilen üpjün etjekdigine iman edersiňizmi? (Ýew. 13:5). Ýehowa wepaly Hudaý, ol wepaly bendelerini terk etmeýär. Muňa uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalar göz ýetirdiler. Biz hiç zatdan gorkmaly däl, sebäbi Ýehowa biziň Arkadagymyz. Eger Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsak, Ýehowa bizi taşlamaz. w22.01 sah. 7, abz. 16, 17

24-nji iýul, duşenbe

Siz adam üçin däl, Ýehowa üçin höküm çykarýaňyz (2 Tar. 19:6).

Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam biziň dostumyz ýa-da dogan-garyndaşymyz bolmasa, ýaşulularyň gelen kararyny goldamak kyn bolmaz. Eger dostumyz ýa-da dogan-garyndaşymyz ýygnak gatnaşygyndan kesilse näme? Şeýle ýagdaýda biz biynjalyk bolup: «Ýaşulular ähli subutnamalara seretdimi? Olar Ýehowanyň isleýşi ýaly karara geldimi?» diýmegimiz mümkin. Ýaşulularyň gelen kararyny goldamaga bize näme kömek eder? Ýygnak gatnaşygyndan kesmek — Ýehowanyň ýola goýan çäresi. Eger toba etmeýän günäkär ýygnak gatnaşygyndan kesilmese, dogan-uýalaryň hem günä etmegine sebäp bolar (Gal. 5:9). Şeýle-de ol eden günäsiniň agyrdygyna düşünmez. Günäkär Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmek, garaýşyny düzetmek we günäli işlerden el çekmek üçin tagalla etmez (Nes. 8:11). Ýaşulular ýygnak gatnaşygyndan kesmek meselesine örän çynlakaý seredýärler. w22.02 sah. 5, 6, abz. 13, 14

25-nji iýul, sişenbe

Ol... epilen gamşy döwmez, sönüp barýan peltäni öçürmez (Mat. 12:20).

Käte mesihçi ýaşulynyň beren maslahaty bilen ylalaşmaýar. Şonda ýaşuly gaharlanmagyň deregine, sabyrly we mähirli bolmaly. Ýaşulular Isa pygamber ýaly duýgudaş we mähirli bolmaly. Olar Hudaýa: «Oňa maslahata düşünmäge we eýermäge kömek et» diýip doga etmeli. Belki, mesihçä maslahatyň näme üçin berlendigine düşünýänçä wagt gerek bolar. Eger ýaşulular sabyrly we mähirli bolsalar, mesihçä maslahata eýermek aňsat bolar. Şeýle-de ýaşulular hemişe Hudaýyň Sözüne esaslanyp maslahat bermeli. Dogan-uýalara diňe bir maslahat bermän, olaryň derdine derman bolup, ýüregini şatlandyrmaly (Nak. 27:9). w22.02 sah. 18, abz. 17, 19

26-njy iýul, çarşenbe

Uzaga çeken tama ýürege dertdir (Nak. 13:12).

Kynçylyga uçranymyzda we erbet endikler bilen göreşenimizde, Ýehowa ýalbaryp doga edýäris. Ýöne käte Ýehowa doga-dileglerimize jogap bermeýän ýaly görünýär. Ol näme üçin derrew jogap bermeýärkä? Ol wepaly bendeleriniň dogalaryndan imanynyň berkdigini görýär (Ýew. 11:6). Ýehowa biziň gol gowşuryp oturman, edýän dogalarymyza görä aýgytly ädimleri ätmegimizi isleýär (1 Ýah. 3:22). Biz erbet endiklerimizi ýeňmek üçin tagalla etmeli. Şeýle-de aňymyza siňen erbet häsiýetleri bir günde üýtgedip bilmejegimize düşünmeli. Isa pygamber doga-dileglerimize derrew jogap almajagymyzy düşündirip, şeýle diýdi: «Gaýta-gaýta diläň, size berler, hemişe agtaryň, taparsyňyz, gapyny gaýta-gaýta kakyň, size açarlar. Sebäbi dilän alar, agtaran tapar, gapyny kakana açarlar» (Mat. 7:7, 8). w21.08 sah. 8, abz. 1; sah. 10, abz. 9, 10

27-nji iýul, penşenbe

Seniň kanunlaryňy şeýle bir söýýärin, gije-gündiz olar hakda oýlanýaryn (Zeb. 119:97).

Allatagala imanyňy berkitmek üçin Mukaddes Kitaby ünsli okap, gözleg geçirmeli (Ýuşa 1:8). Pygamberlikleriň ýerine ýetişine we Mukaddes Kitaby dürli döwürde ýaşan adamlar ýazsa-da, boýdan-başa bir temanyň gürrüň berilýändigine üns beriň. Şonda Allatagalanyň Mukaddes Kitaby ýazdyrandygyna göz ýetirersiňiz we aladaçyl, paýhasly Beýik Biribara iman edersiňiz (2 Tim. 3:14; 2 Pet. 1:21). Mukaddes Kitabyň öwüt-ündewleri her bir adam üçin peýdaly. Meselem, birnäçe asyr mundan öň Mukaddes Kitapda baýlygyň yşkyna düşen adamlaryň «köp görgi görjekdigi» aýdylýar (1 Tim. 6:9, 10; Nak. 28:20; Mat. 6:24). Dogrudanam, Mukaddes Kitapda «bar belanyň körügi pul söýgüsi» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Siz Mukaddes Kitapdan başga-da öwüt-ündewleri tapyp bilersiňiz. Mukaddes Kitapda gyzyldan gymmatly dürdäneleriň bardygyna göz ýetirsek, Allatagalanyň öwüt-ündewine gulak asarys (Ýak. 1:5). Şonda kalbymyz rahat bolup, bagtly ýaşarys (Işa. 48:17, 18). w21.08 sah. 17, 18, abz. 12, 13

28-nji iýul, anna

Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir (Ýew. 6:10).

Garry dogan-uýalar, Ýehowa siziň wepaly gullugyňyzy we ýagşy işleriňizi hiç haçan unutmaz. Siz hoş habary yhlasly wagyz edýärsiňiz. Agyr synaglarda Hudaýa wepaly bolýarsyňyz, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşaýarsyňyz. Siz ýygnakda hormatly borçlary ýerine ýetirdiňiz we ýaşlara tälim berdiňiz. Siz Hudaýyň guramasynda bolýan özgerişliklere derrew öwrenişýärsiňiz. Ýehowa uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalary goldaýarsyňyz we ruhlandyrýarsyňyz. Ýehowa siziň wepalylygyňyzy gymmat saýýar. Ol size: «Wepaly gullarymy taşlamaryn» diýip söz berýär (Zeb. 37:28). Şeýle-de ol: «Saçyňyz agarsa-da, sizi göterip gezerin» diýip wada berýär (Işa. 46:4). Siz: «Indi garradym, men hiç kime gerek däl» diýip pikir etmäň. Ýehowanyň guramasynda siziň wajyp ornuňyz bar. Biz sizi gowy görýäris! w21.09 sah. 3, abz. 4

29-njy iýul, şenbe

Ýehowa-da hudaýhonlara rehimdarlyk edýär (Zeb. 103:13).

Ýehowa akyldar bolandygy üçin rehimdarlyk bildirýär. Mukaddes Kitapda «gökden inýän akyldarlygyň... rehimdardygy, ýagşy işlere baýdygy» aýdylýar (Ýak. 3:17). Ýehowa söýgüden doly Ata hökmünde adamlara rehimdarlyk bildirýär we ýagşylyk edýär (Işa. 49:15). Ol günäli adamlara ebedi ýaşamaga umyt berýär. Ýehowa her bir mümkinçilikden peýdalanyp, bikämil adamlara rehimdarlyk bildirýär. Akyldar Hudaý Ýehowa haýsy ýagdaýlarda rehim etmelidigini gowy bilýär. Emma Ýehowa rehimdarlyk bildirende, günäli işlere göz ýummaýar. Aýdaly, dogan-uýalaryň biri Hudaýyň kada-kanunlaryny bilgeşleýin bozup günä edýär. Ýehowa Pawlus resul arkaly şeýle adam bilen «gatnaşmazlygy» tabşyrdy (1 Kor. 5:11). Günäsine toba etmeýän adam ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Şeýle çäre dogan-uýalary erbetlikden goraýar we olar Ýehowa arassa sežde edip bilýär. w21.10 sah. 9, 10, abz. 7, 8

30-njy iýul, ýekşenbe

Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir (2 Kor. 9:7).

Pul sadakasyny bermek — arassa seždäniň bir bölegi. Ysraýyllar Ýehowanyň huzuryna eli boş gelmeli däldi (5 Mus. 16:16). Olar göwnünden çykaranyny sadaka bermelidiler. Şeýdip, Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryna minnetdardygyny görkezýärdiler. Biz ysraýyllaryň göreldesine nädip eýerip bileris? Ýygnagyň çykdajylaryny ödemek we bütindünýä wagyz işini goldamak üçin pul sadakasyny berip bileris. Pawlus resul şeýle diýdi: «Hudaý ýürekden berlen sadakany kabul edýär, sebäbi Hudaý adamyň güýji ýetmeýän zadyny däl-de, güýji ýetýän zadyny bermegini isleýär» (2 Kor. 8:4, 12). Biz guramanyň işlerini goldamak üçin «ikije teňňe» bersek-de, Ýehowa örän begenýär (Mar. 12:42—44). w22.03 sah. 24, abz. 13

31-nji iýul, duşenbe

Göwnüçökgünlere göwünlik berip, ejizleri goldamagyňyzy we hemmelere sabyrly bolmagyňyzy ündeýäris (1 Sel. 5:14).

Ýaşulular gudrat bilen dogan-uýalaryň ähli kynçylygyny aýryp bilmeýär. Emma Ýehowa ýaşululara halkynyň aladasyny etmegi, ruhlandyrmagy we goramagy tabşyrdy. Ýaşulularyň işi köp bolsa-da, dogan-uýalary goldamak üçin wagt tapmaly. Olar Pawlus resulyň göreldesine eýerip biler. Pawlus dogan-uýalary her bir mümkinçilikden peýdalanyp öwýärdi we ruhlandyrýardy. Ýaşulular onuň göreldesine eýerip, imandaşlarynyň mähir bilen aladasyny etmeli (1 Sel. 2:7). Pawlus dogan-uýalary gowy görýärdi we Ýehowanyň olary söýýändigini aýdýardy. Pawlus olar bilen dostlaşýardy we dynç alýardy (2 Kor. 2:4; Efes. 2:4, 5). Ol özüni biynjalyk edýän ýagdaýlary we goýberýän ýalňyşlaryny aýtmaga çekinmeýärdi (2 Kor. 7:5; 1 Tim. 1:15). Ol diňe bir kynçylyklary hakda gürrüň bermän, dogan-uýalara kömek edýärdi. w22.03 sah. 28, abz. 9, 10

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş