Awgust
1-nji awgust, sişenbe
Atam, olary bagyşla (Luka 23:34).
Belki-de, Isa şu sözleri elini we aýagyny pürse çüýlän Rim esgerleri hakynda aýdandyr. Isa näçe görgi görse-de, adamlara gaharlanmady ýa-da gargamady (1 Pet. 2:23). Biz Isanyň göreldesine eýerip, biri-birimizi ýürekden bagyşlamaly (Kol. 3:13). Käbir adamlar, hatda dogan-garyndaşlarymyz hem bize doly düşünmän, garşy çykmaklary mümkin. Olaryň töhmet atmaklary, kemsitmekleri, edebiýatlarymyzy ýyrtmaklary ýa-da urup zyýan ýetirmekleri mümkin. Şonda gaharlanmagyň deregine, olaryň ýüregini ýumşatmak we iman etmekleri üçin doga-dileg edip, Ýehowadan kömek soramaly (Mat. 5:44, 45). Käte bize adalatsyzlyk eden adamlary bagyşlamak kyn bolýar. Eger öýke-kinäniň ýüregimizde kök urmagyna ýol bersek, öz-özümize zyýan ýetireris (Zeb. 37:8). Eger biz ýürekden bagyşlasak, öýke-kinäni köki bilen sogrup taşlarys (Efes. 4:31, 32). w21.04 sah. 8, 9, abz. 3, 4
2-nji awgust, çarşenbe
Ençeme gezek... Hudaýyň ýüregini agyrtdylar (Zeb. 78:40).
Siziň dogan-garyndaşlaryňyzdan biri ýygnak gatnaşygyndan kesildimi? Eger şeýle bolsa, ýüregiňize bitmejek ýara salnandyr. Ýehowanyň gökdäki ogullary ondan ýüz öwrende, oňa nähili agyr degendir (Ýahd. 6). Hudaýyň saýlan halky ysraýyllar ençeme sapar gozgalaň turzanda, Onuň ýüregi para-para bolandyr (Zeb. 78:41). Dogan-garyndaşlaryňyz ýygnak gatnaşygyndan kesilende, Ýehowa hem gynanýar. Ol siziň ýagdaýyňyza gowy düşünýär. Ýehowa mähir bilen siziň aladaňyzy eder we ýüregiňize giňlik berer. Käbir ene-atalaryň çagalary Ýehowadan ýüz öwürýär. Şonda ene-atalar özlerini nähili duýýarlar? Olar çagama kömek etmedim diýip, özlerini günäkärleýärler. Bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Men özümi günäkärledim. Gijelerine basyrganyp, gorkunç düýşleri görýärdim». Bir uýamyz bolsa şeýle diýýär: «Oglum ýygnak gatnaşygyndan kesilende, özümi günäkärläp: „Men näme ýalňyşlyk goýberdimkäm?! Wah, ogluma Ýehowany ýürekden söýmäge kömek etmändirin“ diýýärdim». w21.09 sah. 26, abz. 1, 2, 4
3-nji awgust, penşenbe
Olar... sadadygyny we bilimsizdigini görüp, geň galdylar (Res. 4:13).
Käbir adamlar Hudaýyň halky dini mekdeplerde okamaýar, şol sebäpli Mukaddes Kitabyň aýatlaryny düşündirmäge haky ýok diýýär. Ýöne olar gözleg geçirmeli. Isa pygamber hakda ýazan Luka hem gözleg geçiripdi. Ol «bolan wakalaryň ählisini başdan-aýak derňäpdi». Sebäbi ol adamlaryň Isa hakda «öwrenen zatlarynyň dogrudygyna göz ýetirmeklerini isleýärdi» (Luka 1:1—4). Weriýadaky ýehudylar hem Isa hakda eşiden zatlarynyň dogrudygyny anyklamak üçin Mukaddes Kitapdan gözleg geçirdiler (Res. 17:11). Siz hem gözleg-barlag geçiriň. Hudaýyň halkynyň aýdýan hoş habaryny Mukaddes Kitabyňyzdaky aýatlar bilen deňeşdirip görüň. Şeýle-de Ýehowanyň Şaýatlarynyň taryhyny hem öwrenseňiz gowy bolar. Eger şeýtseňiz, Ýehowanyň Şaýatlary hakda aýdylýan gep-gürrüňleri diňlemersiňiz we olaryň hak Hudaýyň halkydygyna göz ýetirersiňiz. w21.05 sah. 3, abz. 7, 8
4-nji awgust, anna
Ýüregiňizi giňden açyň (2 Kor. 6:13).
Siz ýygnagyňyzdaky haýsy dogany ýa-da uýany myhmançylyga çagyryp bilersiňiz? Dogan-garyndaşlary baýramçylyk bellänlerinde, käbir dogan-uýalar özüni ýeke duýmagy mümkin. Belki-de, käbirleri her ýyl ýanýoldaşynyň aradan çykan gününi ýatlap, hasrat çekýändir. Şol gün olary myhmançylyga çagyrsak we gürrüňdeş bolsak goldap bileris. Dogan-uýalaryň kyn gününde hak dosty bolsak, olaryň «ýürekden aladasyny» edip bileris (Flp. 2:20). Käte dürli sebäplere görä özümizi ýeke duýmagymyz mümkin. Ýöne Ýehowanyň ýagdaýymyza düşünýändigini hiç haçan unutmalyň. Ol bizi dogan-uýalar arkaly goldaýar (Mat. 12:48—50). Bizem dogan-uýalara kömek etmek üçin elimizde baryny etsek, Ýehowanyň agzybir maşgalasynyň gadyryny bilýändigimizi görkezeris. Käte özümizi ýeke duýsak-da, Ýehowanyň goldajakdygyny unutmalyň. w21.06 sah. 13, abz. 18—20
5-nji awgust, şenbe
Sizi erbet iş edýänler hökmünde günäkärleýän adamlaryň arasynda ýagşy edim-gylymly boluň. Şonda olar ýagşy işleriňizi görüp... Hudaýy şöhratlandyrarlar (1 Pet. 2:12).
Adamlar diňlemese-de, Isa pygamber yhlasly wagyz edýärdi. Näme üçin? Sebäbi Isa hoş habary entek köp adamlaryň eşitmändigini bilýärdi. Ol Patyşalyk baradaky habary mümkin boldugyndan has köp adamlara wagyz etmek üçin jan edýärdi. Şeýle-de ol hoş habary diňlemedik adamlaryň wagtyň geçmegi bilen seslenjekdigini bilýärdi. Isa ýer ýüzünde üç ýarym ýyl wagyz edende, onuň süýtdeş doganlary iman etmeýärdi (Ýah. 7:5). Ýöne Isa ölümden direlensoň, doganlary onuň şägirdi boldular (Res. 1:14). Biz wagyz edenimizde, kimiň hakykata geljekdigini bilmeýäris. Käbir adamlar köp wagtdan soň, hoş habara seslenýär. Hoş habary diňlemeýän adamlar biziň ýagşy edim-gylymymyzy, yhlasly wagyz edişimizi görüp, ahyry «Hudaýy şöhratlandyrarlar». w21.05 sah. 18, abz. 17, 18
6-njy awgust, ýekşenbe
Ýolda: «Gökdäki Patyşalyk golaýlady» diýip wagyz ediň (Mat. 10:7).
Isa ýer ýüzünde ýaşan döwri şägirtlerine iki wajyp tabşyryk berdi. Olar Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmelidi. Isa şägirtlerine nädip wagyz etmelidigini öwretdi (Luka 8:1). Şeýle-de adamlar hoş habary diňleseler ýa-da diňlemeseler, näme etmelidigini düşündirdi (Luka 9:2—5). Isa pygamber Patyşalyk baradaky hoş habaryň «ähli milletlere wagyz ediljegini» aýtdy (Mat. 24:14; Res. 1:8). Şeýle-de şägirtler adamlara Isanyň ähli tabşyryklaryny berjaý etmegi öwretmelidi. Isa pygamber: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi (Mat. 28:18—20). Ýahýa resul Ylham kitabynda Isanyň biziň şägirt taýýarlamak işine gatnaşmagymyzy isleýändigini ýazdy (Ylh. 22:17). w21.07 sah. 2, 3, abz. 3, 4
7-nji awgust, duşenbe
Geliň, diňe özüni bilýän adam bolmalyň, biri-birimiz bilen bäsleşmäliň, göriplik etmäliň! (Gal. 5:26).
Şu günler adamlar nebsine çapyp, bäsdeşlik edýärler. Meselem, telekeçiler bir-birinden öňe saýlanmak üçin hileli ýollary ulanýarlar. Futbolçylar ýeňiş gazanmak üçin garşydaş toparynyň oýunçylaryna bilgeşleýin şikes ýetirýärler. Käbir ýaşlar ýokary okuw jaýynda okamak üçin synagda soraglaryň jogabyny ogrynça göçürýärler. Ýöne biz şu zatlaryň nädogrudygyna düşünýäris. Sebäbi Mukaddes Kitapda olaryň «ten işlerine» degişlidigi aýdylýar (Gal. 5:19—21). Dogan-uýalar bilmezlikden ýygnakda bäsdeşlik döredip bilermi? Şu sorag hakda oýlanmak wajyp. Sebäbi dogan-uýalaryň arasynda bäsdeşlik bolsa, ýygnakda agzybirlik bolmaz. Mukaddes Kitapda bäsdeşligiň toruna düşmedik hudaýhon adamlaryň mysallary bar. w21.07 sah. 14, abz. 1, 2
8-nji awgust, sişenbe
Ejizleri goldaýan adam bagtlydyr. Ýehowa kyn gününde ýardam eder (Zeb. 41:1).
Wepaly söýgi ruhdan düşen dogan-uýalary goldamaga höweslendirýär. Janaýamaz dogan-uýalar ruhdan düşen imandaşlaryny goldamak üçin elinden gelen kömegi gaýgyrmaýarlar. Sebäbi olar dogan-uýalary söýýärler we olar üçin janyny bermäge taýyn bolýarlar (Nak. 12:25; 24:10). Pawlus resul: «Göwnüçökgünlere göwünlik berip, ejizleri goldamagyňyzy we hemmelere sabyrly bolmagyňyzy ündeýäris» diýdi (1 Sel. 5:14). Ruhdan düşen dogan-uýalara kömek etmegiň iň gowy usuly: ünsli diňlemek we söýgiňi bildirmek. Eger biz Ýehowanyň ogul-gyzlarynyň aladasyny etsek, gökdäki Atamyz bizi sylagsyz goýmaz. Nakyllar 19:17-de: «Garybyň dadyna ýetişýän Ýehowa karz berýär. Alla hem ýagşylygynyň öwezini dolar» diýilýär. w21.11 sah. 10, abz. 11, 12
9-njy awgust, çarşenbe
Ýehowany synaň, goldaw berişini görüň, Hudaýy pena edinýän adam bagtlydyr (Zeb. 34:8).
Gelejekde boljak synaglara taýýarlanmak üçin häzirden näme etmeli? Biz barymyza kaýyl bolmaly we Ýehowa bilen dostlugymyzy birinji orunda goýmaly. Biz Ýehowany gowy tanasak, Mäjit ýurdundaky Äjidiň hüjüminden gorajakdygyna ynamly bolarys. Dawudyň şu günki aýatdaky sözlerinden Ýehowanyň gorajakdygyna we ýeke goýmajakdygyna ynanýandygyny görse bolýar. Ol hemişe Ýehowa bil baglaýardy. Ýehowa-da ony goraýardy we goldaýardy. Dawut ýaş wagty piliştlileriň äpet pälwany bilen göreşende: «Häzir Ýehowa seni elime berer» diýdi (1 Şam. 17:46). Şawul patyşa Dawudy ençeme sapar öldürjek boldy, ýöne Ýehowa ony gorady (1 Şam. 18:12). Dawut ýaş wagty Ýehowanyň goldaw berişini ençeme sapar görüpdi. Şol sebäpli ol Arkadagynyň ýene-de goldajakdygyna şübhelenmeýärdi. w22.01 sah. 6, 7, abz. 14, 15
10-njy awgust, penşenbe
Perişdeler joşup alkyş aýtdy (Eýp. 38:7).
Ýehowa bir işiň başyna baranda, ony howul-hara etmeýär. Ol edýän işinden göwni suw içýänçä zähmet çekip, köp wagtyny sarp edýär. Allatagalanyň elleriniň işi adyny şöhratlandyrýar we adamlara peýda berýär. Geliň, adamlaryň bagtly ýaşamagy üçin, Ýehowanyň Ýer şaryny sünnäläp ýaradandygy barada gürrüň edeliň. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ýeriň «ölçegini» berendigi, «sütünlerini... berkidendigi» we «düýp daşyny... goýandygy» hakda aýdylýar (Eýp. 38:5, 6). Ol ýaradan zatlaryny ýekän-ýekän synlap, örän begendi (1 Mus. 1:10, 12). Allatagalanyň gudratly gollary bilen ýaradan Ýer şaryny görende, perişdeler özüni nähili duýduka? Mukaddes Kitapda: «Perişdeler joşup alkyş aýtdy» diýilýär. Ýehowa älem-jahany müňlerçe ýylyň dowamynda ýaratdy. Ol ýaradan zatlaryndan hoşal bolup: «Ähli zat juda gowy» diýdi (1 Mus. 1:31). w21.08 sah. 9, abz. 6, 7
11-nji awgust, anna
Berekella, wepaly hem ýagşy gul! (Mat. 25:23).
Isa pygamber uzak ýola düşen baý adam hakda gürrüň berýär. Ol gullaryny ýanyna çagyryp, olara iş tabşyrýar. Olaryň ukybyny göz öňünde tutup, birine bäş batman kümüş, beýlekisine iki, üçünjisine bir batman kümüş berýär. Bäş we iki batman kümüş alan gullar arman-ýadaman zähmet çekýärler hem-de iki esse köp gazanç edýärler. Üçünji gul bolsa zähmet çekmän, bir batman kümşüni ýere gömýär. Hojaýyn hem ýalta guluny kowýar. Birinji gul bilen ikinji gul hojaýynyň tabşyran işine yhlasly ýapyşyp, arman-ýadaman zähmet çekdi. Ikinji gul iki esse gazanç edip, hojaýynyna dört batman kümüş getirip berdi. Hojaýyn başarjaň we zähmetsöýer guluny sylaglady. Ol gulundan razy bolup, oňa has köp zatlary ynandy. w21.08 sah. 21, abz. 7; sah. 22, abz. 9, 10
12-nji awgust, şenbe
Men... gögi we ýeri... ýene bir gezek sarsdyraryn (Hag. 2:6).
Ýehowa soňky günlerde ähli adamlara sabyrly garaşýar. Sebäbi ol hiç kimiň heläk bolmagyny islemeýär (2 Pet. 3:9). Ol adamlara toba etmäge mümkinçilik berýär. Emma bir gün Ýehowanyň sabyr käsesiniň doljakdygyny unutmaly däl. Toba etmedik adamlar faraonyň gününe düşer. Hudaý faraona şeýle diýipdi: «Seni we halkyňy elhenç kesele uçradyp, bireýýäm ýok edibem bilerdim. Ýöne saňa güýjümi görkezmek we adymy bütin dünýä tanatmak üçin, seni diri galdyrdym» (2 Mus. 9:15, 16). Hawa, ähli milletler iru-giç Ýehowanyň ýeke-täk hak Hudaýdygyny boýun almaly bolarlar! (Hyz. 38:23). Şu günki aýatdaky sözler faraon ýaly, Ýehowanyň hak Hudaýdygyny boýun almadyk adamlaryň ebedilik ýok ediljekdigini görkezýär. w21.09 sah. 18, 19, abz. 17, 18
13-nji awgust, ýekşenbe
Şatlanýanlar bilen şatlanyň, aglaýanlar bilen aglaň (Rim. 12:15).
Dogan-garyndaşlarymyzyň biri ýygnak gatnaşygyndan kesilse erbet bolýarys. Şonda dogan-uýalaryň biri ýürek ýaraňyza duz sepse näme?! Olaryň ählisi ýagdaýyňyza düşüner öýdüp garaşmaň (Ýak. 3:2). Dogan-uýalaryň ählisi bikämil. Belki, olar sizi ruhlandyrmak üçin gerekli söz tapýan däldir ýa-da özleri hem bilmän ýaraňyza duz sepýändir. Şeýle ýagdaýda Pawlus resulyň şu maslahatyna eýeriň: «Biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň» (Kol. 3:13). Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamyň maşgala agzalaryny eliňizde baryny edip goldaň. Sebäbi olar ruhlandyryjy sözlere we goldawa has-da mätäç bolýarlar (Ýew. 10:24, 25). Käbir dogan-uýalar olar bilen hem gepleşmeýärler. Eger siz hem şeýle etseňiz, olar özlerini ýygnak gatnaşygyndan kesilen ýaly duýarlar. Geliň, ýygnakda şeýle ýagdaýyň bolmagyna ýol bermäliň! Esasan-da, ene-atasy ýygnak gatnaşygyndan kesilen ýaşlary ruhlandyralyň! w21.09 sah. 29, abz. 13, 14; sah. 30, abz. 16
14-nji awgust, duşenbe
Paýhasly adam diňläp, tabşyryga düşünýär (Nak. 1:5).
Garry dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolsaňyz özüňiz hem, olar hem ruhlanar (Rim. 1:12). Siz olaryň gürrüňini diňläp, Ýehowanyň wepaly bendeleriniň aladasyny edýändigine göz ýetirersiňiz. Garry dogan-uýalar hem söýülýändigini we aladasynyň edilýändigini bilip begener. Olar Ýehowanyň beren bereketleri barada joşup gürrüň bererler. Adam garrasa, onuň daşky gözelligi gül kimin solýar, ýöne Ýehowanyň wepaly bendeleriniň içki dünýäsi gün-günden gözelleşýär (1 Sel. 1:2, 3). Sebäbi olar Ýehowa bil baglap, durmuşyny üýtgedýärler we mukaddes ruhuň kömegi bilen ýagşy häsiýetleri ösdürýärler. Garry dogan-uýalary ýakyndan tanasak, hormat goýsak we baý tejribesinden öwrensek, olary gymmatbaha göwher daşy hasaplarys. Ýygnakda agzybirlik höküm sürer ýaly, garrylar hem ýaşlaryň gadyryny bilmeli. w21.09 sah. 7, abz. 15—18
15-nji awgust, sişenbe
Adamlary ýazgarmaň, şonda sizi-de ýazgarmazlar. Siz adamlary nädip ýazgarsaňyz, olar hem sizi şeýdip ýazgararlar (Mat. 7:1, 2).
Biz doňýürek bolmaz ýaly elimizde baryny etmeli we Ýehowanyň göreldesine eýerip, rehimdar bolmaly (Efes. 2:4). Rehimdar adam horluk çekýäniň ýagdaýyna diňe bir gynanmak bilen çäklenmän, oňa ýagşylyk hem edýär. Biz maşgala agzalarymyza, dogan-uýalara we ähli adamlara kömek etmäge taýyn bolmaly. Eger şeýtsek, her bir mümkinçilikden peýdalanyp, rehimdarlyk bildireris. Belki, biz ruhdan düşen adama göwünlik bereris, mätäç adama iýer-içere zat berip, kömek ederis. Ýygnakda dikeldilen adam bilen dostlaşyp, onuň imanyny berkideris. Şeýle-de adamlara göwünlik berýän hoş habary wagyz ederis (Eýp. 29:12, 13; Rim. 10:14, 15; Ýak. 1:27). Geliň, rehimdar bolup, her bir ýagdaýda adamlara kömek etmäge taýyn bolalyň. Şonda «örän rehimdar» Atamyzyň ýüregini şatlandyrarys. w21.10 sah. 13, abz. 20—22
16-njy awgust, çarşenbe
Ýehowa meniň Çopanym, hiç zada mätäç bolmaryn (Zeb. 23:1).
Dawut 23-nji mezmurda aladaçyl Çopan Ýehowanyň beren bereketlerini ýekän-ýekän sanaýar. Ýehowa Dawudy «adyl ýoldan» ýöredýär, ýagşy hem ýaman günde goldaýar. Dawut Ýehowanyň «ýaşyl ýaýlasynda» ýaşasa-da, kynçylyklaryň boljakdygyny bilýärdi. Käte ol ruhdan düşýärdi, özüni «tüm-garaňky jülgeden» ýöreýän ýaly duýýardy. Onuň duşmanlary köp bolsa-da, hiç zatdan gorkmaýardy. Dawut arkadaýanjy Ýehowanyň goldajakdygyny bilýärdi. Ol «Ýehowany agtarýanlar hor bolmaz» diýende Hudaý bilen dostlugyny hiç kimiň we hiç zadyň bozup bilmejekdigini göz öňünde tutdy. Dawut gury çörek iýip ýaşasa-da, özüni bagtly duýýardy. Ol aladaçyl Çopan Ýehowa bil baglaýardy we baryna kaýyl bolup ýaşaýardy. Dawut Hudaýy razy etmegi we onuň penasynda bolmagy ähli zatdan wajyp hasaplaýardy. Onuň sözleri bize baýlyga kowalaşman, barymyza kaýyl bolup ýaşamaga kömek edýär. w22.01 sah. 3, 4, abz. 5—7
17-nji awgust, penşenbe
Hersi zähmetiniň hözirini görer (1 Kor. 3:8).
Gadymy döwürlerde adamlar Ýehowanyň pygamberlerini diňlemediler. Meselem, Nuh pygamber 40-50 ýyllap «dogruçyllyk hakda wagyz edýär» (2 Pet. 2:5). Ol adamlar Hudaýyň habaryny diňlär diýip umyt edendir, emma Ýehowa pygambere wagyz etmegi tabşyrsa-da, adamlaryň diňlejekdigi hakda hiç zat aýtmady. Gaýtam Ýehowa Nuha gämi gurmagy tabşyryp: «Aýalyňy, ogullaryňy, gelinleriňi al-da, gämä gir» diýdi (1 Mus. 6:18). Ýehowa Nuha gäminiň ölçegini aýdanda, pygamber köpleriň Hudaýyň habaryny diňlemejegini bilen bolmaly (1 Mus. 6:15). Hawa, zalym adamlaryň hiç biri Nuhuň habaryny diňlemedi (1 Mus. 7:7). Ýehowa Nuh pygamberiň wagyz edişinden närazy boldumy? Elbetde, ýok! Ýehowa ondan örän hoşaldy, sebäbi ol Hudaýyň ähli tabşyryklaryny ýerine ýetirdi (1 Mus. 6:22). w21.10 sah. 26, 27, abz. 10, 11
18-nji awgust, anna
Men bärden gidenimde, köp zadym bardy, emma Ýehowa yzyma boş getirdi (Rut 1:21).
Rut gaýynenesiniň sözlerini eşidip, özüni nähili duýduka? Ol gaýynenesini goldamak üçin elinde baryny edipdi. Olar ençeme günläp ýol ýöräpdi. Rut gaýynenesi bilen aglapdy, oňa göwünlik beripdi. Rutuň şunça eden ýagşylyklaryna garamazdan, Nagomy: «Ýehowa yzyma boş getirdi» diýdi. Nagomynyň oýlanman aýdan sözleri Rutuň eden bar tagallasyny biderek edip bilerdi. Hatda onuň ýüregine bitmejek ýara-da salyp bilerdi, emma Rut gaýynenesiniň sözlerini göwnüne almady (Rut 1:3—18). Biz hem agyr günleri başdan geçirýän dogan-uýalara kömek etmek üçin jan edýäris. Käte olar oýlanman göwnümize degýän sözleri aýtmaklary mümkin. Emma biz olardan öýkelemeli däl, gaýtam goldamaga hemişe taýýar bolmaly. Şeýle-de Ýehowadan olara göwünlik berer ýaly mümkinçilik döredip bermegini soramaly (Nak. 17:17). Belki, olar kömegimizi kabul etmän biler. Eger biz wepaly söýgini bildirsek, tutanýerli bolarys we elimizden gelen kömegi gaýgyrmarys (Gal. 6:2). w21.11 sah. 11, abz. 17—19
19-njy awgust, şenbe
Ähli zatda mukaddes boluň (1 Pet. 1:15).
Mukaddes Kitapda agzalýan «mukaddes» we «mukaddeslik» sözleri, esasan, ahlak hem-de dini taýdan arassalygy, päkligi aňladýar. Şeýle-de mukaddes Hudaý üçin aýrylyp goýulmagy we oňa bagyş edilmegi aňladýar. Diýmek, ahlak taýdan arassa bolsak, Ýehowa ýaramly sežde etsek we Onuň bilen dostlaşsak mukaddes bolup bileris. Mukaddes Hudaý Ýehowanyň bikämil adamlar bilen dostlaşmak isleýändigi haýran galdyrýar. Ýehowa mukaddes, arassa we päk Hudaýdyr. Muny Ýehowanyň huzurynda hyzmat edýän seraplaryň: «Serkerdebaşy Ýehowa mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir!» diýen sözlerinden bilse bolýar (Işa. 6:3). Hak Hudaýa hyzmat edýän perişdeler hem mukaddesdir. Eger olar mukaddes bolmadyk bolsa, Hudaýyň huzurynda durup bilmezdiler. w21.12 sah. 3, abz. 4, 5
20-nji awgust, ýekşenbe
Akylsyz adamlar ýaly däl-de, paýhasly adamlar ýaly ýaşamak üçin her bir ädimiňize ünsli boluň. Wagtyňyzy paýhasly ulanyň (Efes. 5:15, 16).
Ýaşlaryň köpüsi: «Durmuşymy nämä bagyş etsemkäm?» diýip oýlanýarlar. Olaryň mekdep mugallymlary, Hudaýa iman etmeýän dogan-garyndaşlary ýokary bilim almaga we wezipeli işde işlemäge höweslendirýärler. Şol zatlar ýaşlaryň köp wagtyny alyp biler. Olaryň ene-atasy we imandaşlary bolsa bütin ömrüni Ýehowa bagyş etmäge höweslendirýärler. Ýehowany söýýän ýaşlara durmuşda iň gowy karara gelmäge näme kömek eder? Olar Efesliler 5:15—17-nji aýatlar hakda oýlanyp, özüne şeýle soraglary berip biler: «„Ýehowanyň islegi“ näme? Ýehowany begendirmek üçin nähili karara gelmeli? Wagtymy paýhasly ulanmak üçin haýsy ýoly saýlamaly?» Ýaşlar, biz «erbet günlerde ýaşaýarys». Şeýtanyň zalym dünýäsi tizden ýok ediler. w22.01 sah. 27, abz. 5
21-nji awgust, duşenbe
Aslynda, doganlary oňa iman etmeýärdi (Ýah. 7:5).
Ýakup Isanyň pygamberdigine haçan iman edýär? Isa ölümden direlenden «soňra Ýakuba, ondan soňra ähli resullara görünýär» (1 Kor. 15:7). Ýakup agasy Isanyň ölümden direlendigini görüp haýran galandyr we onuň şägirdi bolandyr. Bir gün resullar Iýerusalimde bolýan jaýynyň ýokarky otagyna çykýarlar. Olar Hudaýdan mukaddes ruh sorap, doga edýärler. Olaryň arasynda Isanyň inisi Ýakup hem bardy (Res. 1:13, 14). Soňra Ýakup ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk edýär (Res. 15:6, 13—22; Gal. 2:9). Ol b. e. 62-nji ýylyndan öň Hudaýyň ylhamy bilen saýlanan mesihçilere hat ýazýar. Ýakubyň hatyndan saýlanan mesihçiler hem, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlar hem köp zatlary öwrenip bilerler (Ýak. 1:1). I asyrda ýaşap geçen taryhçy Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, baş ruhany Ananýas Ýakuba ölüm jezasyny berýär. Ol soňky demine çenli Ýehowa wepaly bolýar. w22.01 sah. 8, abz. 3; sah. 9, abz. 5
22-nji awgust, sişenbe
Alla jan, Alla jan, meni näme üçin terk etdiň? (Mat. 27:46).
Şu günki aýatdan bir zady öwrenýäris: Ýehowa biziň hem imanymyzyň synalmagyna ýol berip biler. Şonuň üçin Isa ýaly soňky demimize çenli Hudaýa wepaly bolmagy ýüregimize düwmeli (Mat. 16:24, 25). Ýöne Ýehowa biziň döz gelip bilmejek synaglarymyza ýol bermez (1 Kor. 10:13). Adamlaryň bize-de adalatsyzlyk etmekleri we azar bermekleri mümkin (1 Pet. 2:19, 20). Unutmaň, adamlar erbetlik edýändigimiz üçin däl-de, dünýäniň işlerine goşulmaýandygymyz we Isanyň şägirdi bolandygymyz üçin garşy çykýarlar (Ýah. 17:14; 1 Pet. 4:15, 16). Isa pygamber Ýehowanyň şeýle synaglara näme üçin ýol berýändigine düşünýärdi. Emma gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlar näme üçin agyr synaglara döz gelmeli bolýandyklaryna düşünmeýärdiler (Hab. 1:3). Ýöne rehimdar we sabyrly Hudaýymyz olary imany gowşak adam hasaplamady, gaýtam olara göwünlik berdi (2 Kor. 1:3, 4). w21.04 sah. 11, abz. 9, 10
23-nji awgust, çarşenbe
Doga-dilegim huzuryňda tütetgi deý bolsun (Zeb. 141:2).
Ýehowa seždämizi kabul eder ýaly, biz ony söýmeli, hormat goýmaly we islegini ýerine ýetirmeli. Biz hak Hudaý Ýehowany söýýäris we diňe Oňa sežde etmelidigine düşünýäris. Şonuň üçin janymyzy aýaman yhlasly gulluk edýäris. Mukaddes Kitapda Hudaýa edýän doga-dileglerimiz tütetgä meňzedilýär. Ysraýyllar ilkibaşda çadyrda, soňra ybadathanada Hudaýa tütetgi ýakýardylar. Tütetginiň hoşboý ysy Ýehowa ýaraýardy. Edil şonuň ýaly, ýürekden edýän dogalarymyz Ýehowa üçin «ýakymly» (Nak. 15:8; 5 Mus. 33:10). Biz dilewar bolmasak-da, sada sözler bilen Hudaýy söýýändigimizi we minnetdardygymyzy aýtsak, ol begener. Ýehowa gaýgy-aladamyzy, umydymyzy we ýürek arzuwlarymyzy aýtmagymyzy isleýär. Doga-dilegimiz Ýehowa ýaraýan «hoşboý ysly tütetgi» bolar ýaly näme etmeli? Biz Hudaýa doga etmezden öň, aýtjak sözlerimiz hakda oýlanmaly. w22.03 sah. 20, abz. 2; sah. 21, abz. 7
24-nji awgust, penşenbe
Siz häzir horluk çekseňiz-de, Halypamyz Isa güýçli perişdeleri bilen gökde peýda bolanda, biziň bilen halas bolarsyňyz (2 Sel. 1:7).
Armageddonda Ýehowanyň kimlere rehim etmelidigini biz çözmeris (Mat. 25:34, 41, 46). Ýehowanyň bellän kazysy Isa Mesih kimleriň halas boljagyny we kimleriň heläk boljagyny çözer. Biz Ýehowanyň çykaran hökümi bilen ylalaşarysmy ýa-da Oňa gulluk etmegimizi bes ederis? Eger biz Ýehowa häzirden bil baglasak, gelejekde çykarjak kararlaryny hem ýürekden goldarys. Göz öňüne getiriň, adamlary ezen, olaryň durmuşyna awy gatan ýalan dinler, söwda we syýasy guramalar ýok edildi. Keselçiligiň, garrylygyň we ölümiň nämedigi ýatdan çykdy. Şeýtan we onuň jynlary müň ýyllyk baglandy (Ylh. 20:2, 3). Olaryň zir-zibile öwren ýer ýüzi bagy-bossanlyga öwrüldi. Şonda biz Ýehowanyň gelen kararlaryny goldandygymyza örän begeneris. w22.02 sah. 6, 7, abz. 16, 17
25-nji awgust, anna
Parahatlyk döredýän adamlar bagtlydyr (Mat. 5:9).
Isa parahatlygy dikeltmek üçin ilkinji ädimi özi ädýärdi we başgalary agzybir ýaşamaga höweslendirýärdi. Ol agzala adamlaryň seždesini Ýehowanyň kabul etmeýändigini aýtdy (Mat. 5:23, 24). Şeýle-de ol şägirtlerine biri-biri bilen dawalaşmaly däldigini gaýta-gaýta düşündirdi (Luka 9:46—48; 22:24—27). Isa pygambere näme üçin parahatlygy döredýän adam diýse bolar? Parahatlygy döredýän adam diňe bir dawa-jenjelden gaça durmaýar. Ol parahatlygy döretmek üçin ilkinji ädimi özi ädýär we dogan-uýalary düşünişmezligi çözmäge höweslendirýär (Flp. 4:2, 3; Ýak. 3:17, 18). Biz şu soraglar hakda oýlanmaly: parahatlygy döretmek üçin näme edip bilerin? Göwnüme degenlerinde öýkeläp ýörýärinmi? Göwnüme degen adam ötünç soraýança garaşýarynmy ýa-da ilkinji ädimi özüm ädýärinmi? w22.03 sah. 10, abz. 10, 11
26-njy awgust, şenbe
Bermek almakdan has bagtly edýär (Res. 20:35).
Mukaddes Kitapda hudaýhon adamlaryň Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda Ýehowa «höwes bilen» gulluk etjekdigi pygamberlik edilen (Zeb. 110:3). Şu pygamberlik biziň günlerimizde ýerine ýetýär. Her ýyl Ýehowanyň Şaýatlary millionlarça sagat wagyz edýärler. Munuň üçin olara hak tölenmeýär. Olar wagtyny, güýjüni gaýgyrman imandaşlarynyň aladasyny edýärler, zerur zatlaryny ýetirip durýarlar, ruhlandyrýarlar we imanyny berkidýärler. Aladaçyl doganlar ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmak, dogan-uýalary ruhlandyrmak we çopançylyk idegini etmek üçin köp wagtyny sarp edýärler. Ýehowanyň Şaýatlary şeýle köp işleri näme üçin edýärler? Olar Ýehowany we adamlary ýürekden söýýärler (Mat. 22:37—39). Isa pygamber adamlara kömek etmek üçin özünden geçmäge taýyndy. Biz onuň göreldesine eýermeli (Rim. 15:1—3). Şonda Isanyň şu günki aýatdaky sözleriniň dogrudygyna göz ýetireris. w22.02 sah. 20, abz. 1, 2
27-nji awgust, ýekşenbe
Işçiniň zähmet hakyny bir günem saklama (3 Mus. 19:13).
Ysraýyllar melleginde işlär ýaly işçileri hakyna tutupdyrlar we günüň ahyrynda zähmet hakyny töläpdirler. Eger ýer eýesi işçileriň hakyny tölemese, olaryň maşgalasy şol gün aç galardy. Şol sebäpli Ýehowa: «Ol gözüni iş hakyna dikip oturandyr, şol gazanjy bilen gün görýändir» diýdi (5 Mus. 24:14, 15; Mat. 20:8). Şu günler işçiler her gün däl-de, aýda bir ýa iki gezek iş hakyny alýarlar. Emma biz 3 Musa 19:13-däki tabşyryga şu günlerem eýerip bileris. Gynansak-da, käbir başlyklar işçileri köp işledip, az hak töleýärler. Olar adamlaryň eklenç üçin az aýlyga-da kaýyl boljagyny bilýärler. Şeýdip, başlyklar biçäre işçileriň hakyny iýýärler. Emma mesihçiler adalatly bolup, işçileriň çeken zähmetiniň hakyny bermeli. w21.12 sah. 10, abz. 9, 10
28-nji awgust, duşenbe
Suwsadym (Ýah. 19:28).
Isany jebir pürsünden asdylar, onuň ysgyn-mydary galmady, damagy gurady. Şonuň üçin hem onuň suw içesi geldi. Isa suw soramagy kiçilik bilmedi. Biz hem onuň göreldesine eýerip bileris. Belki-de, köpümiz dogan-uýalardan kömek soramaga çekinýändiris. Olary alada goýasymyz gelýän däldir. Emma bize kömek gerek wagty dogan-uýalara derrew ýüz tutsak gowy bolar. Meselem, ýarawsyz ýa-da garry imandaşlarymyz bazara ýa-da lukmana gider ýaly, ulagly dogan-uýalardan kömek sorap bilerler. Göwnüçökgünlige düşen dogan-uýalar bolsa ýaşululara, ýygnakdaky ynamdar dostlaryna ýüregini döküp bilerler. Olaryň aýdan «hoş sözleri» janyna melhem bolar (Nak. 12:25). Unutmaň, dogan-uýalar bizi söýýär we «aladaly günümizde» dadymyza ýetişýär (Nak. 17:17). Emma olar biziň içgi dünýämizde nähili harasadyň gopýandygyny bilmeýärler. Şonuň üçin dogan-uýalara derdiňizi aýtmaga çekinmäň we olardan kömek soraň. w21.04 sah. 11, 12, abz. 11, 12
29-njy awgust, sişenbe
Kyn günüňde ruhdan düşseň, göreşmäge güýjüň bolmaz (Nak. 24:10).
Bize durmuşda bolýan garaşylmadyk ýagdaýlara öwrenişmek aňsat bolmaýar. Meselem, uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalaryň borçlary üýtgeýär. Käbirleri bolsa garrylyk sebäpli gowy görýän borjuny goýmaly bolýar. Şeýle ýagdaýlarda biz ruhdan düşýäris. Durmuşymyzda bolýan garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli ruhdan düşmez ýaly näme kömek eder? Biz Ýehowanyň şu günler guramasy arkaly beýik işleri edýändigi we onuň bilen işleşmegiň uly hormatdygy hakda oýlanmaly (1 Kor. 3:9). Ýehowanyň bize bolan söýgüsi hiç haçan sowamaz. Eger siziň hem borjuňyz üýtgese: «Näme üçin? Näme sebäpden?» diýip, özüňizi kösemäň. Siz «geçen günler şu günümden gowy eken» diýmegiň deregine, Hudaýa doga ediň we alýan bereketleriňiz hakda oýlanyň (Nes. 7:10). Geçeni geçdi biliň! Şonda garaşylmadyk ýagdaýlar bolsa-da, şatlygyňyzy ýitirmän, Ýehowa wepaly bolup bilersiňiz. w22.03 sah. 17, abz. 11, 12
30-njy awgust, çarşenbe
Ýehowa, Ýehowa... müňlerçe adama wepaly söýgüsini bildirýän... Hudaýdyr (2 Mus. 34:6, 7).
Mukaddes Kitapda adamlaryň «terbiýe», «bilim», «akyldarlyk», «şerap», «ýag» ýaly zatlary söýýändigi hakda aýdylýar (Nak. 12:1; 21:17; 29:3). Wepaly söýgini bolsa jansyz zatlara däl-de, diňe adamlara bildirip bolýar. Onda Ýehowa her bir adama wepaly söýgüsini bildirýärmi? Ýok. Ýehowa diňe özüne sežde edýän adamlara wepaly söýgüsini bildirýär. Ýehowa dostlaryna wepaly bolýar we olara ajaýyp gelejegi wada berýär. Ol beren wadasynda hökman durar. Ýehowa ähli adamlary söýýär. Isa pygamber Nikodime şeýle diýdi: «Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär» (Ýah. 3:1, 16; Mat. 5:44, 45). w21.11 sah. 2, abz. 3; sah. 3, abz. 6, 7
31-nji awgust, penşenbe
Siz çydamly bolup, janyňyzy halas edersiňiz (Luka 21:19).
Şeýtanyň dünýäsinde kynçylyklar gün-günden köpelýär. Gelejekde ýagdaýlar has-da beterleşer (Mat. 24:21). Biz gaýgy-aladalaryň, kynçylyklaryň ýok boljak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şonda öňki zatlar ýada düşmez, bizi gaýga batyrmaz (Işa. 65:16, 17). Şonuň üçin häzirden çydamly bolmagy öwrenmeli. Isa pygamber: «Siz çydamly bolup, janyňyzy halas edersiňiz» diýdi (Luka 21:19). Kyn ýagdaýlara döz gelýän dogan-uýalar hakda oýlansak, bizem çydamly bolup bileris. Ýehowa Hudaý kyn ýagdaýlarda sabyr edýär, çydaýar. Belki, siz muňa geň galýansyňyz. Ýöne oýlanyp görüň, bütin dünýä Şeýtanyň golastynda, adamlar kynçylyklardan ejir çekýär. Ýehowanyň ähli kynçylyklary bir pursatda aýyrmaga güýji ýetýär, emma sabyrly garaşýar (Rim. 9:22). Ol Şeýtanyň dünýäsini ýok etjek gününe çenli ýer ýüzünde bolýan zatlara çydaýar. w21.07 sah. 8, abz. 2—4