Sentýabr
1-nji sentýabr, anna
Fariseýler bilen saddukeýler... gökden bir alamat görkezmegi soradylar (Mat. 16:1).
I asyrda ýaşan käbir adamlar Isa pygamberiň öwredýän zatlary bilen kanagatlanman, has köp zatlary talap etdiler. Isa alamat görkezmejegini aýdanda, adamlar onuň pygamberdigine şübhelendiler (Mat. 16:4). Mukaddes Kitapda näme aýdylýar? Işaýa pygamber Isa hakynda: «Ol sesini gataltmaz, gygyrmaz, köçede sesi eşidilmez» diýdi (Işa. 42:1, 2). Isa wagyz edende at-abraý gazanjak bolmady. Ol kaşaň ybadathana gurmady, dini ýolbaşçylar ýaly uzyn don geýmedi, dini derejeleri almady, adamlaryň hormat bilen ýüzlenmegini islemedi. Isany höküm çykarmak üçin Hirodesiň ýanyna getirdiler, emma ol janyny halas etmek üçin ýekeje gudrat hem görkezmedi (Luka 23:8—11). Isa ýer ýüzüne gelende käbir gudratlary görkezen hem bolsa, onuň esasy maksady hoş habary wagyz etmekdi. Ol şägirtlerine: «Men... wagyz etmeli, sebäbi şonuň üçin geldim» diýdi (Mar. 1:38). w21.05 sah. 4, abz. 9, 10
2-nji sentýabr, şenbe
Ebedi ýaşaýşy almak üçin, olar sen, ýagny ýeke-täk hak Hudaý we seniň ibereniň Isa Mesih hakda bilim almaly (Ýah. 17:3).
Biz «ebedi ýaşamak isleýän» adamlary tapmak üçin jan etmeli (Res. 13:48). Okuw geçýän adama Mukaddes Kitapdan öwrenýän zatlaryna 1) düşünmäge, 2) iman etmäge we 3) durmuşynda ulanmaga kömek etmeli (Kol. 2:6, 7; 1 Sel. 2:13). Okuw geçýänler ýygnaga gelende, olary gujak açyp garşy almaly we aladasyny etmeli (Ýah. 13:35). Wagyzçy okuw geçýän adamyň aňyna siňen ýalan düşünjeleri we erbet endiklerini ýeňmäge kömek etmek üçin elinde baryny etmeli (2 Kor. 10:4, 5). Okuw geçýän adam aýgytly ädimleri ädip, suwa çümdürilýänçä birnäçe aý gerek bolýar. Ýöne edýän tagallamyz biderek däldir. w21.07 sah. 3, abz. 6
3-nji sentýabr, ýekşenbe
Her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň, gowy zada berk ýapyşyň (1 Sel. 5:21).
Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň hakykaty öwredýändigini we Hudaýa arassa sežde edýän dindigini nireden bilýäris? Pawlus resul hakyky dini tapandygyna berk ynanýardy (1 Sel. 1:5). Emma onuň ynanjy ýöne bir duýga esaslanmaýardy. Pawlus Hudaýyň Sözünden çuňňur gözleg geçirýärdi. Ol: «Mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy» diýdi (2 Tim. 3:16). Pawlus Mukaddes Kitapda Isanyň wada edilen Mesihdigini subut edýän delilleri tapdy. Ýehudy dini ýolbaşçylary bolsa, şol delillere üns hem bermediler. Ikiýüzli dini ýolbaşçylar Hudaýyň kada-kanunlaryny öwredýäris diýseler-de, onuň ýigrenýän işlerini edýärdiler (Tit. 1:16). Olardan tapawutlylykda, Pawlus diňe bir göwnüne ýaraýan taglymatlara däl-de, ählisine iman edýärdi. Ol «Hudaýyň öwüt-nesihatlarynyň» hemmesine eýermäge we adamlara gürrüň bermäge taýyndy (Res. 20:27). w21.10 sah. 18, abz. 1, 2
4-nji sentýabr, duşenbe
Meni iberen Atam getirmese, hiç kim meniň ýanyma gelip bilmez (Ýah. 6:44).
Biz hakykat tohumyny eksek-de, suwarsak-da, Hudaýyň ösdürýändigine düşünýäris (1 Kor. 3:6, 7). Ýehowa her bir adamy gymmatly dürdäne hasaplaýar. Ýehowa bize hormatly iş tabşyrdy. Biz Hudaýyň Ogly Isa bilen eginme-egin işleşip, dünýäniň soňy gelmänkä, halklaryň dürdänelerini ýygnamaly (Hag. 2:7). Biziň wagyz işimizi halas ediş işine meňzetse bolar. Wagyzçylar halas ediş toparyna meňzeýär. Halas edijiler ýertitreme zerarly ýumrulan jaýlaryň astyndan diri galan adamlary gözleýärler. Olaryň diňe käbiri diri adamlary tapsa-da, tutuş topara eden tagallasy üçin minnetdarlyk aýdýarlar. Wagyz işi hakda hem şeýle diýse bolar. Biz Şeýtanyň dünýäsinden näçe adamy halas etjekdigimizi bilmeýäris. Ýehowa islendik wagyzçy arkaly adamlaryň janyny halas edip biler. Boliwiýada ýaşaýan Andreas dogan şeýle diýýär: «Men bir zada göz ýetirdim. Bir adamyň Mukaddes Kitapdan okuw geçip, suwa çümdürilmegi üçin ýygnakdaky ähli dogan-uýalaryň goldawy gerek eken». Geliň, bizem hemişe yhlasly bolalyň! Şonda Ýehowa edýän tagallamyza ak pata berer we şatlyk bilen wagyz ederis. w21.05 sah. 19, abz. 19, 20
5-nji sentýabr, sişenbe
Iblisiň... torundan halas bolarlar (2 Tim. 2:26).
Awçynyň maksady awuny diriligine tutmak ýa-da ony öldürmek. Şol sebäpli ol dürli duzaklary we torlary gurýar. Mukaddes Kitapda hem awçynyň awuny tutmak üçin her dürli duzaklary ulanýandygy aýdylýar (Eýp. 18:8—10). Awçy awuny tutmak üçin ünsli synlap: «Ol nirä gidýär? Näme iýýär? Ony nädip duzaga düşürip bolar?» diýip oýlanýar. Şeýtany hem şeýle awça meňzetse bolar. Ol biziň ädýän her bir ädimimize, isleg-arzuwymyza üns berýär. Ol bizi diriligine ele salmak üçin duzak gurýar. Mukaddes Kitapda Şeýtanyň duzagyna düşen adamlaryň halas bolup biljekdigi aýdylýar. Şeýle-de Şeýtanyň toruna düşmez ýaly näme etmelidigi barada ýekän-ýekän agzalýar. Şeýtan köp adamlary tekepbirligiň we açgözlügiň duzagyna düşürdi. Ol müňlerçe ýylyň dowamynda şu iki duzagy ussatlyk bilen ulanyp gelýär. Şeýtan guş awçysy ýaly bizi duzaga düşürmek ýa-da tora salmak isleýär (Zeb. 91:3). Ýöne biz onuň duzagyna düşmän hem bileris. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi Ýehowa bize Şeýtanyň haýsy ýollar bilen duzak gurýandygyny mälim edýär (2 Kor. 2:11). w21.06 sah. 14, abz. 1, 2
6-njy sentýabr, çarşenbe
Agaran saçlar şöhrat täjidir (Nak. 16:31).
Garry dogan-uýalary göwher daşyna meňzetse bolar. Hudaýyň Sözünde olaryň ak saçy «şöhrat täjine» meňzedilýär (Nak. 20:29). Emma biz olara hormat goýmasak, göwher daşyny saýgarman geçip giden adamlara meňzäris. Garry dogan-uýalaryň gadyryny bilýän ýaşlar gymmatbaha göwher daşyny tapan ýaly bolarlar we olardan köp zatlary öwrenip bilerler. Ýehowa garry dogan-uýalary gözüniň göreji ýaly görüp, ýürekden aladasyny edýär. Allatagala olaryň päk niýetini we ýagşy häsiýetini görüp gadyryny bilýär. Garrylar Ýehowanyň beren bereketlerini we baý durmuş tejribesini ýaşlara gürrüň berseler, Ol örän begener (Eýp. 12:12; Nak. 1:1—4). Hudaý garrylaryň dürli kynçylyklara döz gelýändigini görüp, diýseň guwanýar (Mel. 3:16). Hawa, apy-tupan ýaly synaglar olaryň imanyny sarsdyryp bilmedi. Garrylaryň gelejege bolan umydy gün-günden berkeýär. Olar «garrylyk çagynda» hem Ýehowanyň adyny yglan edýärler (Zeb. 92:12—15). Ýehowa garry dogan-uýalary ýürekden söýýär. w21.09 sah. 2, abz. 2, 3
7-nji sentýabr, penşenbe
Her kes öz işini barlasyn... Şonda edýän işlerinden şatlyk tapar (Gal. 6:4).
Biz hemişe öz niýetimizi barlap durmaly. Munuň üçin şu soraglar hakda oýlanmaly: «Men özüme ýokary baha bermek üçin kimdir biri bilen deňeşdirýärinmi? Hemişe özümi görkezjek bolýarynmy? Ýygnakdaky borçlarymy ökdedigimi görkezmek üçin edýärinmi? Ýa-da Ýehowa iň gowy zadymy bermek üçin edýärinmi?» Mukaddes Kitapda özümizi başgalar bilen deňeşdirmeli däldigi aýdylýar. Näme üçin? Birinjiden, tejribesi az dogan-uýalar bilen özümizi deňeşdirsek, tekepbir bolarys. Ikinjiden, özümizi ökde we başarnykly dogan-uýalar bilen deňeşdirsek, ruhdan düşeris (Rim. 12:3). Ýehowa bizi owadanlygymyz, dile çeperligimiz ýa-da dost-ýarlarymyzyň köplügi üçin saýlamady; Hudaýy ýürekden söýüp, Ogly Isa Mesihe gulak asmaga taýyndygymyz üçin saýlady (Ýah. 6:44; 1 Kor. 1:26—31). w21.07 sah. 14, 15, abz. 3, 4
8-nji sentýabr, anna
Pikiriňizi hemişe täzeläp duruň (Efes. 4:23).
Pikirimizi täzelemek üçin Hudaýa doga-dileg edip, güýç soramaly, Mukaddes Kitaby her gün okamaly we oýlanmaly. Şonda Ýehowa mukaddes ruhuny berer, özümizi dogan-uýalar bilen deňeşdirmez ýaly kömek eder. Eger ýüregimizde göriplik ýa-da tekepbirlik kök uran bolsa, Ýehowa olary köki bilen sogrup taşlamaga kömek eder (2 Tar. 6:29, 30). Ýehowa biziň ýüregimizi görýär. Ol biziň dünýäniň täsirine we bikämillige garşy göreşýändigimizi bilýär. Alla biziň aldym-berdimli söweş alyp barýandygymyzy görüp, söýgüsi bilen çoýýar. Ýehowa bizi enäniň balasyny söýşi ýaly söýýär (Işa. 49:15). Biz Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk etmek üçin her gün göreşýäris. Ýehowa mähirli ene ýaly, biziň her birimizi ýürekden söýýär. Biz muňa diýseň begenýäris! w21.07 sah. 24, 25, abz. 17—19
9-njy sentýabr, şenbe
Şatlanýanlar bilen şatlanyň (Rim. 12:15).
Biz Ýehowanyň tabşyran işlerini ýürekden ýerine ýetirsek şatlygymyza şatlyk goşular. Şol sebäpli yhlasly wagyz ediň we ýygnagyň işlerini ýürekden ýerine ýetiriň (Res. 18:5; Ýew. 10:24, 25). Ýygnak duşuşyklaryna öňünden taýýarlanyň we ruhlandyryjy jogaplary beriň. Hepdäniň başyndaky duşuşykda berilýän ýumuşlara sowuk-sala garaman, gowy taýýarlanyň. Eger ýaşulular bir iş tabşyrsa, wagtynda ýerine ýetirmäge çalşyň. Tabşyrylan işe biperwaý garaman, gaýtam has gowy ýerine ýetirmek üçin jan ediň (Nak. 22:29). Eger siz tabşyrylan işleri yhlasly ýerine ýetirseňiz, Ýehowa bilen dostlugyňyz has-da berkär we ýürekden şatlanarsyňyz (Gal. 6:4). Şeýle-de siziň arzuw edip ýören borjuňyzy başga dogana berseler, göriplik etmersiňiz we onuň şatlygyna goşularsyňyz (Gal. 5:26). w21.08 sah. 22, abz. 11
10-njy sentýabr, ýekşenbe
Gökden inýän akyldarlyk bolsa, ilki bilen päk, soňra parahat, paýhasly we gulak asmaga taýyndyr. Şeýle-de ol rehimdardyr, ýagşy işlere baýdyr, ala tutýan däldir we ikiýüzli däldir (Ýak. 3:17).
Biz tekepbir bolman, pesgöwünlilik bilen Ýehowanyň öwüt-ündewine gulak asmaly. Käbir keseller sebäpli adamyň gany goýalyp, ýüregi haýal urup başlaýar. Edil şonuň ýaly, ulumsylyk häsiýeti hem adamyň ýüregini gatadýar we Ýehowa gulak asmaga päsgel berýär. Isa pygamberde mukaddes ruhuň bardygyny subut edýän deliller bolsa-da, fariseýler tekepbirlik bilen Hudaýyň Ogluny inkär etdiler (Ýah. 12:37—40). Şeýlelikde, olar ebedi ýaşaýyşdan mahrum boldular (Mat. 23:13, 33). Hawa, pesgöwünli bolmak örän wajyp. Pesgöwünli adam Hudaýyň Sözüni her gün okaýar we mukaddes ruhuň ýüregini ýumşatmagyna ýol berýär. Ol Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürýär, hemişe ýagşy zatlar hakda oýlanýar we paýhasly kararlara gelýär. Ýakup pesgöwünli bolandygy üçin Ýehowanyň tälimini kabul edýär we ökde mugallym bolýar. w22.01 sah. 10, abz. 7
11-nji sentýabr, duşenbe
Gaýta-gaýta diläň (Mat. 7:7).
Biz «hemişe doga etsek», gökdäki Atamyzyň dileglerimize jogap berjegine ynamly bolup bileris. Ýehowa käte doga-dileglerimize derrew jogap bermeýär. Emma ol dogalarymyza «öz wagtynda» jogap bermegi wada berýär (1 Pet. 5:6). Şol sebäpli dileglerimize derrew jogap almasak, Ýehowadan nägile bolmalyň. Käbir dogan-uýalar birnäçe ýyl bäri Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi we zalym dünýäniň ýok edilmegi hakda doga-dileg edýärler. Isa pygamber hem şeýle doga etmegi öwredipdi (Mat. 6:10). Eger biz «dünýäniň soňy gelmedi» diýip, Hudaý bilen dostlugymyzy bozsak akmaklyk ederis (Hab. 2:3; Mat. 24:44). Biz Ýehowa iman bilen doga etmeli we sabyrly garaşmaly. Ýehowa Hudaý dünýäni ýok etjek «gününi we sagadyny» belledi. Ol bellän wagtyndan gijä galmaz. Akýürekli adamlary tüýs wagtynda halas eder (Mat. 24:36; 2 Pet. 3:15). w21.08 sah. 10, abz. 10, 11
12-nji sentýabr, sişenbe
Pesgöwünli boluň, başgalary özüňizden ýokary saýyň (Flp. 2:3).
Pesgöwünli garry dogan-uýalar garran çagynda güýç-kuwwatynyň gaçýandygyny boýun alýarlar. Geliň, etrap gözegçileri hakda gürrüň edeliň. Etrap gözegçileri 70 ýaşanda, olara başga borç berilýär. Elbetde, olara aňsat düşmeýär. Olar dogan-uýalara ýürekden hyzmat etmek isleýärler. Emma olar gujur-gaýratly ýaşlaryň kömeginiň gerekdigine düşünýärler. Olar çadyrda gulluk eden lewilerden görelde alýarlar. Lewiler 50 ýaşdan soň çadyrda gulluk etmeli däldiler. Olar tabşyrylan islendik işi şatlyk bilen ýerine ýetirýärdiler we çadyrda gulluk edýän ýaş doganlaryny ýürekden goldaýardylar (4 Mus. 8:25, 26). Şu günlerem etrap gözegçisi bolup gulluk eden garrylar ýygnaklara aýlanyp, dogan-uýalara kömek edip bilmeseler-de, öz ýygnagyndaky imandaşlaryny goldaýarlar. w21.09 sah. 8, 9, abz. 3, 4
13-nji sentýabr, çarşenbe
Kaka, men Hudaýyň we seniň öňüňde günä etdim. Seniň ogluň bolmaga mynasyp däl (Luka 15:21).
Isa pygamber ýiten ogul hakda bir täsirli mysal gürrüň berdi (Luka 15:11—32). Bir ýigit kakasyndan, öýünden bizar bolup «başga ýurda gidýär» we keýp çekip, ähli zadyny ýele sowurýar. Soňra ol ýigit köp kösenýär we ýalňyşandygyna düşünip öýüni küýseýär. Ýigit kakasynyň ýanynda zada zar bolman ýaşan günlerini ýatlaýar. Ahyry ol «akylyna aýlanyp», öýüne dolanmagy we kakasyndan ötünç soramagy ýüregine düwýär, ýöne ol aýgytly ädimleri hem ätmelidi. Mysaldaky ýigit ýürekden toba edendigini iş ýüzünde görkezdi. Şu mysal ýaşululara agyr günä eden adamyň ýürekden toba edýändigini anyklamaga kömek eder. w21.10 sah. 5, abz. 14, 15
14-nji sentýabr, penşenbe
Men... gögi we ýeri... sarsdyraryn (Hag. 2:6).
Soňky sarsgynda nämeler ýok edilmez? Pawlus resul şeýle diýdi: «Biz sarsmajak Patyşalyga eýe bolarys, şonuň üçin mundan beýläk hem. . . gorky we titreme bilen Hudaýa ýaraýan mukaddes gullugy berjaý ederis» (Ýew. 12:28). Soňky sarsgyndan soň diňe Hudaýyň Patyşalygy durar (Zeb. 110:5, 6; Dan. 2:44). Wagt garaşmaz! Saýlaw döwri geldi! Adamlar şu dünýäni saýlarmy ýa-da Hudaýyň Patyşalygyny? Şu dünýäni saýlan adamlar ýok ediler; Hudaýyň Patyşalygyny saýlanlar bolsa ebedi ýaşar (Ýew. 12:25). Biz adamlara wagyz edip, olara iň wajyp karara gelmäge kömek edýäris. Şeýle-de Halypamyz Isanyň şu sözlerini hiç haçan ýatdan çykarmalyň: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň soňy geler» (Mat. 24:14). w21.09 sah. 19, abz. 18—20
15-nji sentýabr, anna
Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn (Ýew. 13:5).
Ýaşulular, dogan-garyndaşlary ýygnak gatnaşygyndan kesilen imandaşlaryňyza göwünlik bermek siziň borjuňyzdyr (1 Sel. 5:14). Olar bilen ýygnak başlamanka ýa-da ýygnak gutarandan soň gürrüňdeş boluň. Olaryň öýüne baryp ruhlandyryň we bile doga ediň. Olar bilen wagyz ediň, maşgala okuwyňyza çagyryň. Ýaşulular çopan hökmünde, Ýehowanyň göwnüçökgünlige düşen «guzujyklaryna» mähirli bolmaly we söýgi bilen aladasyny etmeli (1 Sel. 2:7, 8). Ýehowa «hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Pet. 3:9). Ol agyr günä eden adamlaryň hem janyny gymmat saýýar. Allatagala ähli adamlar, hatda günäkärler üçin hem ýeke-täk Ogluny töleg hökmünde gurban berdi. Ýehowa ýygnak gatnaşygyndan kesilen adama kömek edip, ony yzyna dolamak isleýär. Ol hiç haçan umydyny üzmeýär. Muny Isa pygamberiň ýiten ogul baradaky mysalyndan hem bilse bolýar (Luka 15:11—32). w21.09 sah. 30, 31, abz. 17—19
16-njy sentýabr, şenbe
Siz hem olaryň zähmetiniň hözirini görýärsiňiz (Ýah. 4:38).
Siz ýarawsyzlyk sebäpli öňkiňiz ýaly köp wagyz edip bilmeseňiz-de, şägirt taýýarlamak işine goşandyňyzy goşup şatlanyp bilersiňiz. Geliň, bir waka seredeliň. Amalekler Dawut patyşanyň we nökerleriniň aýallaryny, ogul-gyzlaryny ýesir alýarlar hem-de mal-garasyny talap gidýärler. Dawut bilen nökerleri talaňçylaryň yzyndan kowýarlar. Dawudyň iki ýüz nökeriniň söweşmäge güýç-gurbaty galmansoň, goşda galýarlar. Dawut söweşde ýeňiş gazanansoň, gahrymanlarça söweşen nökerlerine we goşda galan esgerlerine oljany deň paýlap berýär (1 Şam. 30:21—25). Belki, siz hem özüňizi ysgyn-mydary gaçyp goşda galan esgerler ýaly duýýansyňyz. Emma siz eliňizde baryny edip, şägirt taýýarlamak işine gatnaşsaňyz we bir adama ömrüni Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilmäge kömek etseňiz, şatlygyňyzyň çägi bolmaz. Ýehowa biziň päk niýetimize we edýän tagallamyza görä sylag berýär. Şeýle-de ol bize güýjümiziň ýetdiginden hoş habary wagyz edip şatlanmagy öwredýär (Ýah. 14:12). Eger biz ýan bermesek we ruhdan düşmesek, Ýehowany razy ederis. w21.10 sah. 28, abz. 15—17
17-nji sentýabr, ýekşenbe
Güýç-kuwwat ýaşlaryň şöhratydyr (Nak. 20:29).
Garry dogan-uýalar ýaşlygyndaky ýaly Ýehowa gulluk edip bilmeýändigi üçin ruhdan düşýärler. Olar güýç-gurbatdan gaçsa-da, akyldarlygy we baý durmuş tejribesi bilen ýaşlara maksatlaryna ýetmäge hem-de täze borçlary almaga kömek edip bilerler. Garry dogan-uýalar ýaşlara kömek etmek üçin pesgöwünli bolmaly. Pesgöwünli adam başgalaryň özünden has ökde we ukyplydygyny boýun alýar (Flp. 2:3, 4). Pesgöwünli garry doganlar öz diýenini gögertjek bolmaýarlar. Sebäbi olar meseläni Mukaddes Kitap esasynda birnäçe ýol bilen çözüp bolýandygyna düşünýärler (Nes. 7:10). Olar ýaşlardan has tejribeli bolsalar-da, «dünýäniň ýagdaýynyň üýtgäp durýandygyna» düşünýärler we täze şertlere hem-de ýagdaýlara öwrenişýärler (1 Kor. 7:31). w21.09 sah. 8, abz. 1, 3
18-nji sentýabr, duşenbe
Eý Ýehowa, taňrylar içinde barmy saňa taý?! Mukaddes Hudaý barmy seniň deý?! (2 Mus. 15:11).
Ýehowa haram işleri ýigrenýär we halkynyň mukaddes bolmagyny isleýär. Sebäbi Ýehowa Hudaý mukaddesleriň mukaddesidir. Muny baş ruhanynyň sellesindäki altyn maňlaýlyga oýulyp ýazylan «Ýehowa mukaddesdir» diýen sözlerden hem görse bolýar (2 Mus. 28:36—38). Maňlaýlykdaky ýazgy ysraýyllara Ýehowanyň mukaddes Hudaýdygyny ýatladýardy. Onda baş ruhanynyň ýanyna baryp bilmeýän we maňlaýlygy görüp bilmeýän ysraýyllar barada näme diýse bolar?! Olar hiç haçan Ýehowanyň mukaddes Hudaýdygyny bilmezmi? Elbetde, biler! Sebäbi Musanyň kanuny ähli erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň öňünde okalýardy (5 Mus. 31:9—12). Musanyň kanunynda şeýle diýilýär: «Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn... mukaddes boluň, sebäbi men mukaddesdirin... Mukaddes boluň, sebäbi men, Ýehowa mukaddesdirin». Eger siz hem şol ýerde bolan bolsaňyz, şu sözleri eşiderdiňiz (3 Mus. 11:44, 45; 20:7, 26). w21.12 sah. 3, abz. 6, 7
19-njy sentýabr, sişenbe
Alada etmäň (Luka 12:29).
Käbirleri: «Näme iýeris, näme geýeris, nirede ýaşarys?» diýip alada edýärler. Belki, olar garyp ýurtda ýaşaýandyr. Maşgalasyny eklär ýaly ýeterlik gazanyp bilýän däldir. «Müň gaýgy bir iş bitirmez». Şol sebäpli biz Ýehowa bil baglamaly. Eger biz Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsak, Ýehowa bize ähli gerekli zatlary ýetirjegini wada berýär. Ýehowa hiç haçan beren sözünden dänmeýär (Mat. 6:32, 33). Oýlanyp görüň, Ýehowa her gün guşlary iýmitlendirýär, depe-baýyrlary owadan güller bilen bezeýär (5 Mus. 8:4, 15, 16; Zeb. 37:25). Onda Ol biziň aladamyzy etmezmi näme?! (Mat. 6:26—30; Flp. 4:6, 7). Aladaçyl ene-atanyň çagalaryny aç-hor goýmaýşy ýaly, söýgüden doly gökdäki Atamyz Ýehowa hem biziň iýjek-içjegimizi, geýjegimizi ýetirer. w21.12 sah. 17, abz. 4, 5; sah. 18, abz. 8
20-nji sentýabr, çarşenbe
Ýehowa wepaly söýgüsi bilen Ýusuby... goldaýardy (1 Mus. 39:21).
Dogan-uýalaryň biri size garşy agyr günä edipdimi? Ýusubyň ýagdaýy hakda oýlanyp görüň. Agalary ony ýat ýurda gul edip satdylar. Ol Ýehowa ýürekden gulluk etdi. Ýehowa hem Ýusuby sabyrlylygy we çydamlylygy üçin sylaglady. Ýusup doganlaryny ýürekden bagyşlady. «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýlişi ýaly, Hudaý oňa bol bereket berdi (1 Mus. 45:5). Biz hem Ýusubyň göreldesine eýerip, Ýehowa adalaty dikeldýänçä, sabyrly garaşsak we oňa iman etsek göwünlik taparys (Zeb. 7:17; 73:28). Biri size adalatsyzlyk edip, kalbyňyza bitmejek ýara salan bolsa, Allanyň «ýüregi ýaraly adama ýakyndygyny» unutmaň (Zeb. 34:18). Biz sabyrly bolsak we Hudaýa bil baglasak, Ol biziň arkadaýanjymyz bolar (Zeb. 55:22). Ýehowa bütin ýer ýüzüniň Kazysy, hiç zat onuň nazaryndan sypmaýar (1 Pet. 3:12). Siz çykalgasyz ýagdaýa düşeniňizde, Ýehowa sabyrly garaşarsyňyzmy? w21.08 sah. 11, abz. 14; sah. 12, abz. 16
21-nji sentýabr, penşenbe
Ýehowanyň islegine düşünjek boluň (Efes. 5:17).
Ömrüňizi Ýehowa bagyş etmegi we Ony her gün begendirip ýaşamagy ýüregiňize düwüň. Biz wajyp zatlary birinji orunda goýmaly. Käte wagtymyzy paýhasly ulanmak üçin wajyp işleriň arasyndan iň wajybyny saýlamaly bolýarys. Bir gün Isa pygamber Marta bilen Merýemlere myhmançylyga barýar. Marta Isanyň gelenine begenýär we her dürli süýji tagamlary bişirip, saçagyny giňden ýazýar. Merýem bolsa Isanyň ýanynda oturyp, onuň gürrüňlerini diňleýär. Elbetde, Martanyň myhmansöýerligi öwgä mynasyp, emma Merýem Isany diňlemek bilen has «gowusyny saýlady» (Luka 10:38—42). Merýem näme nahar iýendigini unudandyr, emma ol Halypasynyň gürrüňlerini hiç haçan ýatdan çykaran däldir. Merýem Isanyň gürrüňlerini ýere gaçyrman ünsli diňleýärdi. Onuň bilen geçiren her bir minutyny gymmat saýýardy. w22.01 sah. 27, abz. 5, 6
22-nji sentýabr, anna
Gördüňmi, Ahap pälinden gaýtdy (1 Pat. 21:29).
Ahap patyşa pälinden gaýtsa-da, ýürekden toba etmändi. Sebäbi ol ýurtdan butlary ýok etmedi we Ýehowa edilýän arassa seždäni dikeltmedi. Ahap patyşa aradan çykansoň, Ýehowa onuň ýürekden toba etmändigini mälim etdi. Ýehowa Ýehuw pygamber arkaly oňa «ýaman» adam diýdi (2 Tar. 19:1, 2). Eger Ahap ýürekden toba eden bolsa, pygamber oňa ýaman adam diýerdimi? Ol puşman eden ýaly bolup görünse-de, ýürekden toba etmändir. Ahap bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? Ylýas Ahap patyşanyň maşgalasyna injek betbagtçylyk hakda aýdanda, ol puşman edip, pälinden gaýdýar. Ahap patyşa Ýehowanyň öňünde özüni kiçeldip dogry etdi. Ýöne onuň soňky eden işleri ýürekden toba etmändigini görkezdi. Ýürekden toba etmek diňe bir bolan ýagdaýa gynanyp, puşman etmegi aňlatmaýar. w21.10 sah. 3, abz. 4, 5, 7, 8
23-nji sentýabr, şenbe
Patyşalyk baradaky hoş habar... wagyz ediler (Mat. 24:14).
Işaýa Ýehowanyň bellän pygamberidi. Mukaddes Kitapda onuň aýalyna-da «pygamber» diýilýär (Işa. 8:1—4). Olar Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmegi hemişe birinji orunda goýýardylar. Şu günler hem ýaş çatynjalar Işaýanyň we aýalynyň göreldesine eýerseler, Ýehowa elinde baryny edip gulluk etmek islärler. Olar Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleri öwrenseler we olaryň hemişe ýerine ýetýändigine göz ýetirseler, Ýehowa ýürekden bil baglarlar (Tit. 1:2). Şonda olar Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegine goşant goşmak islärler. Meselem, olar Isanyň «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde... wagyz ediler» diýen pygamberligini ýerine ýetirmek üçin yhlasly wagyz ederler. Olar Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigine ynamly bolsalar, Ýehowa janyny aýaman gulluk eder. w21.11 sah. 16, abz. 9, 10
24-nji sentýabr, ýekşenbe
(Isa) şägirdine: «Ine seniň ejeň!» diýdi (Ýah. 19:27).
Isa ejesiniň ýürekden aladasyny edýärdi, sebäbi şol wagt Merýem dul galan bolmaly. Ol mähriban ejesiniň aladasyny etmegi Ýahýa tabşyrýar. Edil şol günden Ýahýa Merýemiň ogly hökmünde aladasyny edip başlaýar. Isa özüni kemala getiren we soňky demine çenli ýanynda bolan ejesini ýürekden söýýärdi. Isa pygamberiň sözlerinden näme öwrenýäris? Bizi dogan-garyndaşlarymyza garanda, dogan-uýalar has köp söýýärler. Belki-de, bize dogan-garyndaşlarymyz garşy çykarlar ýa-da öýden kowarlar. Emma Ýehowa bil baglasak we onuň halky bilen ýakyndan gatnaşsak, Isanyň wada berişi ýaly, biziň «100 esse köp» ogullarymyz, gyzlarymyz, ejelerimiz hem kakalarymyz bolar (Mar. 10:29, 30). Biri-birini we Ýehowany ýürekden söýýän hem-de oňa iman edýän agzybir maşgalanyň agzasy bolmak uly hormat! (Kol. 3:14; 1 Pet. 2:17). w21.04 sah. 9, abz. 7; sah. 11, abz. 8
25-nji sentýabr, duşenbe
Ýagşylyk etmegi we başgalar bilen zadyňyzy paýlaşmagy unutmaň (Ýew. 13:16).
Wepaly söýgi dogan-uýalary janyňdan-da eý görmäge höweslendirýär. Biz gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlardan görelde alýarys. Biz tanamaýan imandaşlarymyza-da wepaly söýgini bildirýäris. Meselem, tebigy betbagtçylyk sebäpli kösenýän imandaşlarymyza derrew kömege ýetişýäris ýa-da ýygnakdaky dogan-uýalar kyn güne düşse, olary goldamak üçin elimizde baryny edýäris. Biz hem Makedoniýadaky mesihçiler ýaly dogan-uýalary janymyzdan-da eý görýäris. Olar imandaşlaryny goldamak üçin «elinde baryny edipdiler, hatda artygy bilen edipdiler» (2 Kor. 8:3). Ýaşulular hem dogan-uýalary imandaşlaryna edýän kömegi üçin öwmeli we minnetdarlyk aýtmaly. Şonda olaryň güýjüne güýç goşular we ýene-de Ýehowa şatlyk bilen gulluk ederler (Işa. 32:1, 2). w21.11 sah. 11, abz. 14; sah. 12, abz. 21
26-njy sentýabr, sişenbe
Akyldaryň sözüni diňle, gulak as (Nak. 22:17).
Biziň ählimize maslahat gerek bolýar. Şol sebäpli käte dost-ýarlarymyzdan maslahat soraýarys. Käte bolsa aladaçyl doganlar bize ýalňyş ädim ätmez ýaly maslahat berýär (Gal. 6:1). Hudaýyň kanunlaryny bozýanlara bolsa, doganlar berk maslahat ýa-da käýinç berýär. Maslahata eýerýän adam hiç haçan ökünmez, hatda janyny halas eder (Nak. 6:23). Şol sebäpli berlen maslahata ýürekden gulak asmaly. Şu günki aýatda: «Akyldaryň sözüni diňle, gulak as» diýilýär. Maslahata eýerýän adam hemme zady bilmeýändigine, özünden has tejribeli we paýhasly dogan-uýalaryň bardygyna düşünýär (Nak. 12:15). Ol pesgöwünli bolup, maslahata gulak asýar. Sebäbi biliminiň we tejribesiniň çäklidigine hem-de maslahatsyz üstünlik gazanyp bilmejekdigine düşünýär. Akyldar patyşa Süleýman: «Maslahatçy köp bolsa, maksada ýetilýär» diýdi (Nak. 15:22). w22.02 sah. 8, abz. 1, 2
27-nji sentýabr, çarşenbe
Günäsini gizleýän üstünlik gazanmaz, günäsini boýun alyp, toba edene rehim ediler (Nak. 28:13).
Ýürekden toba etmek diňe bir eden günäňe gynanmagy ýa-da ökünmegi aňlatmaýar. Ýürekden toba edýän adam pikirini, garaýşyny üýtgedýär. Ol günäli işlerden el çekip, Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşap başlaýar (Hyz. 33:14—16). Günäkär, esasanam, Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmäge jan etmeli. Dostumyzyň agyr günä edendigini bilsek näme etmeli? Eger günäsini gizlesek, oňa zyýan ýetireris. Biz muny kimden gizlesek-de, Ýehowadan gizläp bilmeris (Nak. 5:21, 22). Dostumyzy eden günäsini ýaşululara aýtmaga höweslendirmeli. Eger ol aýtmak islemese, onda özümiz ýaşululara gürrüň bermeli. Şeýtsek, dostumyzy gowy görüp, aladasyny edýändigimizi görkezeris. w21.10 sah. 7, abz. 19—21
28-nji sentýabr, penşenbe
Diňe öz peýdaňyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözläň (Flp. 2:4).
Isa pygamberiň göreldesine biziň ählimiz eýermeli. Mukaddes Kitapda Isanyň «özüni gul edendigi» barada aýdylýar (Flp. 2:7). Hojaýynyna wepaly gul onuň göwnünden turmak üçin arman-ýadaman zähmet çekýär. Bizem gul kimin Ýehowa we dogan-uýalara hyzmat etmek isleýäris. Munuň üçin janaýamaz bolmaly. Şu soraglar hakda oýlanyň: men dogan-uýalara janymy aýaman kömek edýärinmi? Men kongresden öň ýa-da soň arassaçylyk işlerine kömek edýärinmi? Ýygnak jaýynyň bejeriş işlerine höwes bilen gatnaşýarynmy? Belki, siz janaýamaz bolmagyň wajypdygyna düşünýänsiňiz, ýöne känbir höwesiňiz ýokdur. Onda Ýehowa ýüregiňizi döküp doga ediň we janaýamaz bolar ýaly «ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç» berer ýaly ýalbaryň (Flp. 2:13). w22.02 sah. 22, 23, abz. 9—11
29-njy sentýabr, anna
Men sizi ruhlandyraýyn (Mat. 11:28).
Isa adamlar bilen mähirli gepleşýärdi we ýagşylyk edýärdi (Mat. 11:29, 30). Ol ýumşakdy, eglişik etmäge taýyndy. Meselem, finikiýaly aýal Isa pygamberiň ýanyna gelip, gyzyny sagaltmagy haýyş edýär. Isa aýalyň haýyşyny bitirip bilmejegini aýdýar, emma onuň berk imanyny görüp gyzyny sagaldýar (Mat. 15:22—28). Isa dostlary bilen mähirli gepleşýärdi, emma gerek wagty olaryň ýalňyşyny açyk aýdýardy. Bir gün Isa pygamber şägirtleriniň ýanynda Petrusa käýeýär, sebäbi ol oňa Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge päsgel berjek boldy (Mar. 8:32, 33). Isa Petrusy kemsitmek üçin däl-de, düzetmek üçin käýäpdi. Elbetde, Petrus oňaýsyz ýagdaýa düşendir, ýöne wajyp sapak edinendir. Beýleki şägirtler hem Isa pygamberi ýagşy gününde-de, ýaman gününde-de goldamalydygyna düşünendir. Mähirli we ýagşylyk edýän adam dostunyň ýalňyşyny açyk aýdýar. Dostuňyza maslahat bereniňizde Isa pygamberiň göreldesine eýeriň we Mukaddes Kitaba esaslanyň. w22.03 sah. 11, abz. 12, 13
30-njy sentýabr, şenbe
Geliň, Isa arkaly Hudaýa elmydama öwgi gurbanlaryny bereliň, ýagny onuň adyny hemmelere dilimiz bilen wagyz edeliň (Ýew. 13:15).
Wagyz etmek — arassa seždäniň bir bölegi (Zeb. 34:1). Biz Ýehowany şöhratlandyrmak üçin onuň ajaýyp häsiýetleri we gudratly işleri hakda wagyz etmeli. Eger ýüregimiz Hudaýa minnetdarlykdan joşup dursa, hemişe yhlasly wagyz ederis. Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlansak, minnetdarlygymyzyň çägi bolmaz we her bir adama ýagşylyga baý Hudaý Ýehowa hakda wagyz ederis. Şonda «Hudaýa elmydama öwgi gurbanlaryny bereris». Allatagala doga-dileg etmezden öň aýtjak sözlerimiz hakda oýlanyşymyz ýaly, hoş habary wagyz etmezden öň hem adamlara näme gürrüň berjegimiz barada pikirlenmeli. Eger biz Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda joşup, ynam bilen gürrüň bersek, «öwgi gurbanlarymyz» Ýehowanyň göwnünden turar. w22.03 sah. 21, abz. 8