Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es24 sah. 7—17
  • Ýanwar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýanwar
  • Her günki aýady okalyň — 2024
  • Sözbaşylar
  • 1-nji ýanwar, duşenbe
  • 2-nji ýanwar, sişenbe
  • 3-nji ýanwar, çarşenbe
  • 4-nji ýanwar, penşenbe
  • 5-nji ýanwar, anna
  • 6-njy ýanwar, şenbe
  • 7-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 8-nji ýanwar, duşenbe
  • 9-njy ýanwar, sişenbe
  • 10-njy ýanwar, çarşenbe
  • 11-nji ýanwar, penşenbe
  • 12-nji ýanwar, anna
  • 13-nji ýanwar, şenbe
  • 14-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 15-nji ýanwar, duşenbe
  • 16-njy ýanwar, sişenbe
  • 17-nji ýanwar, çarşenbe
  • 18-nji ýanwar, penşenbe
  • 19-njy ýanwar, anna
  • 20-nji ýanwar, şenbe
  • 21-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 22-nji ýanwar, duşenbe
  • 23-nji ýanwar, sişenbe
  • 24-nji ýanwar, çarşenbe
  • 25-nji ýanwar, penşenbe
  • 26-njy ýanwar, anna
  • 27-nji ýanwar, şenbe
  • 28-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 29-njy ýanwar, duşenbe
  • 30-njy ýanwar, sişenbe
  • 31-nji ýanwar, çarşenbe
Her günki aýady okalyň — 2024
es24 sah. 7—17

Ýanwar

1-nji ýanwar, duşenbe

Ýanyňyza Halypamyza wepaly gulluk edýän eziz oglum Timoteosy iberýärin (1 Kor. 4:17).

Ýehowa näme üçin Timoteosa köp işleri ynandy? Sebäbi ol öz üstünde işläp, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürýärdi (Flp. 2:19—22). Pawlusyň filipililere ýazan hatyndan görnüşi ýaly, Timoteos wepaly, ynamdar, pesgöwünli we yhlasly dogandy. Ol dogan-uýalary söýýärdi we olaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Şol sebäpli Pawlus Timoteosa ynanýardy we kyn ýumuşlary tabşyrýardy. Eger bizem ýagşy häsiýetleri ösdürsek, Ýehowany razy ederis we dogan-uýalara has köp hyzmat edip bileris (Zeb. 25:9; 138:6). Ýehowa doga edip, haýsy häsiýeti ösdürmelidigiňiz hakda oýlanyň. Belki-de, siz dogan-uýalara duýgudaş bolmagy, ýürekden bagyşlamagy we agzybir ýaşamagy maksat edinersiňiz. Şeýle-de dostuňyzdan haýsy häsiýetiň üstünde işlemelidigi hakda maslahat soraň (Nak. 27:6). w22.04 sah. 23, abz. 4, 5

2-nji ýanwar, sişenbe

Goý, her kes öz işini barlasyn (Gal. 6:4).

Şatlyk — Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi (Gal. 5:22). Ýehowa biziň her gün şatlanmagymyzy we bagtly ýaşamagymyzy isleýär. Mukaddes Kitapda: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýilýär (Res. 20:35). Biz adamlara hoş habary wagyz edenimizde we dogan-uýalara kömek edenimizde özümizi bagtly duýýarys. Şu günki aýatda Pawlus resul iki maslahat berýär. Birinjiden, biz Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk etmeli. Şonda özümizi bagtly duýarys (Mat. 22:36—38). Ikinjiden, dogan-uýalar bilen özümizi deňeşdirmeli däl. Ýehowa her bir adama ukyp-başarnyk berdi. Biz bilimimize, ukybymyza we saglygymyza görä, güýjümiziň ýetdiginden Hudaýa gulluk etmeli. Belki, käbir dogan-uýalar ökdelik bilen wagyz edýändir we şägirt taýýarlaýandyr. Biz olaryň öz zehinini we ukybyny Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ulanýandygyna begenmeli. w22.04 sah. 10, abz. 1, 2

3-nji ýanwar, çarşenbe

Gutulyşyňyz golaýlandyr (Luka 21:28).

Ýalan dinler duýdansyz ýok ediler we ähli adamlar aňk-taňk bolar (Ylh. 18:8—10). Beýik Wawilon ýok edilende bütin ýer ýüzi sarsar we köp kynçylyklar dörär, emma Hudaýyň halky begener. Sebäbi şu zalym dünýä ýok ediler we biziň gutulyş günümiz golaýlaşar. Danyýar «hakyky bilimiň hem artjakdygy» hakda pygamberlik etdi. Şu pygamberlik biziň günlerimizde ýerine ýetýär (Dan. 12:4, 9, 10). Muny görmek biziň imanymyzy berkidýär we Mukaddes Kitaba ynamymyzy artdyrýar (Işa. 46:10; 55:11). Biz Mukaddes Kitapdan çuňňur gözleg geçirip imanymyzy has-da berkitmeli we adamlara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmeli. Ýehowa bil baglaýanlar halas bolarlar we «asuda hem parahat ýaşarlar» (Işa. 26:3). w22.07 sah. 6, 7, abz. 16, 17

4-nji ýanwar, penşenbe

Olar patyşalary ýewreýçe Armageddon diýen ýere ýygnadylar (Ylh. 16:16).

Ylham kitabynda gökde Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar edilendigi we Şeýtanyň ýer ýüzüne zyňlandygy hakda pygamberlik edilipdi (Ylh. 12:1—9). Biz şol pygamberligiň ýerine ýetýän döwründe ýaşaýarys. Şeýtan Iblis ýere zyňlandan soňra gökde parahatlyk höküm sürýär. Şeýtan Hudaýa wepaly gulluk edýän adamlary yzarlaýar, sebäbi olar Beýik Biribara jany-teni bilen gulluk edýärler (Ylh. 12:12, 15, 17). Şeýtan bizi gahar-gazap bilen yzarlasa-da, Ýehowa nädip wepaly bolup bileris? (Ylh. 13:10). Munuň üçin Ylham kitabynda ýazylan gelejek hakdaky pygamberlikler barada oýlanmaly. Gelejekde Hudaý duşmanlaryny ýok eder, wepaly bendelerine bol bereket berer. Ylham kitabynyň 1-nji babynyň 1-nji aýadynda pygamberlikleriň «alamat» hökmünde, ýagny göçme manyda düşündiriljekdigi ýazylan (Ylh. 1:1). w22.05 sah. 8, 9, abz. 1—3

5-nji ýanwar, anna

Eý Äjit, soňky günlerde seni halkymyň üstüne çozduraryn. Sen arkaly halklara mukaddes Hudaýdygymy görkezerin. Şonda halklar meniň kimdigimi bilerler (Hyz. 38:16).

Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň berk imanyny görüp, Ýehowanyň duşmanlary gahar atyna atlanar. Şeýlelikde, milletleriň üýşmegi bütin ýer ýüzünde ýaşaýan Hudaýyň halkyna hüjüm eder. Mukaddes Kitapda şol hüjüme Mäjit ýurdundaky Äjidiň hüjümi diýilýär (Hyz. 38:14, 15). Ýehowa halkyna hüjüm edilýändigini görende «gaharym ot bolup tutaşar» diýer (Hyz. 38:18, 21—23). Ylham kitabynyň 19-njy babynda Ýehowanyň halkyny goramak we duşmanlaryny ýok etmek üçin Ogluny iberjekdigi hakda pygamberlik edilen. Hudaýyň Ogly Isa Mesih wepaly perişdeler we 144 000 saýlanan mesihçiler bilen bilelikde söweşe çykar (Ylh. 17:14; 19:11—15). Olar Ýehowa Hudaýa garşy çykan ähli adamlary we guramalary ýok eder (Ylh. 19:19—21). w22.05 sah. 16, 17, abz. 9, 10

6-njy ýanwar, şenbe

Seniň bilen aýalyň arasyna. . . duşmançylyk salaryn (1 Mus. 3:15).

Ilkinji ynsan Adam ata bilen How ene hak Hudaýa garşy günä etdi. Ýöne Ýehowa olaryň nesliniň gowy ýaşamagynyň aladasyny etdi. Şonuň üçin hem 1 Musa 3:15-däki şu pygamberligi aýtdy: «Seniň bilen aýalyň arasyna, seniň nesliň bilen onuň nesliniň arasyna duşmançylyk salaryn. Ol seniň kelläňi mynjyradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň». Ýehowanyň aýdan pygamberligi Mukaddes Kitabyň ilkinji kitabynda ýazylan. Bu pygamberlik Mukaddes Kitabyň beýleki kitaplary bilen berk baglanyşykly. Meselem, kitabyň sahypalaryny birleşdirip bir bitewi kitap edip bolýar. Edil şonuň ýaly, 1 Musa 3:15-däki pygamberlik Mukaddes Kitapdan eriş-argaç bolup geçýär. Pygamberlikde Şeýtany we onuň ýaranlaryny ýok etjek Halasgäriň geljekdigi aýdylýar. Hawa, Ýehowany söýýän adamlara ajaýyp gelejek garaşýar! Mukaddes Kitaby öwrensek, şu pygamberligiň ýerine ýetişine we bize nähili peýdasynyň bardygyna düşüneris. w22.07 sah. 14, abz. 1—3

7-nji ýanwar, ýekşenbe

Ýehowa akyldarlyk berýär (Nak. 2:6).

Çagalaryňyza Ýehowany söýmäge we Onuň bilen dostlaşmaga kömek etmek üçin Beýik Biribardan akyldarlyk soraň (Ýak. 1:5). Iň gowy maslahaty diňe Ýehowa berýär. Näme üçin? Birinjiden, Ýehowa aladaçyl Ata (Zeb. 36:9). Ikinjiden, Onuň maslahatlary hemişe peýdaly (Işa. 48:17). Ene-atalar, Ýehowa size Mukaddes Kitap we oňa esaslanan edebiýatlar arkaly çagalaryňyzy terbiýelemäge kömek edýär (Mat. 24:45). Meselem, siz «Maşgalalara kömek» diýen makalalary okap bilersiňiz. Öň şol makalalar «Oýanyň!» žurnalynda çap edilýärdi. Indi bolsa jw.org saýtyndan okap bilersiňiz. Şeýle-de siz saýtymyzdan çaga terbiýelemäge kömek edýän söhbetdeşlikleri we wideolary görüp bilersiňiz (Nak. 2:4, 5). w22.05 sah. 27, abz. 4, 5

8-nji ýanwar, duşenbe

Ýah, sen günämizi sanan bolsadyň, huzuryňda kim durup bilerdi? (Zeb. 130:3)

Ýehowa örän geçirimli Hudaý. Birinjiden, Ýehowa bagyşlamaga hemişe taýyn. Ikinjiden, ol bizi gowy tanaýar, ýüregimizi görýär, biziň toba edýändigimizi ýa-da etmeýändigimizi bilýär. Üçünjiden, Ýehowa bizi bagyşlandan soň günälerimizi ýatlamaýar. Şeýlelikde, biz özümizi bagtly duýýarys, ynsabymyz arassa we kalbymyz rahat bolýar. Biz bikämillik sebäpli käte günä etmegimiz mümkin. «Mukaddes Kitaba düşünmek» (rus.) kitabynda şeýle diýilýär: «Ýehowa rehimdar Hudaý. Ol wepaly bendeleriniň ejizdigini bilýär. Şol sebäpli bikämil adamlar goýberýän ýalňyşlyklary sebäpli hemişe özlerini günäkärläp ýörmeli däl (Zeb. 103:8—14). Biz Hudaýyň kada-kanunlaryna görä ýaşamak üçin elimizde baryny etsek bagtly bolarys (Flp. 4:4—6; 1 Ýah. 3:19—22)». w22.06 sah. 7, abz. 18, 19

9-njy ýanwar, sişenbe

Meniň adym üçin, sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň öňüne alyp bararlar (Luka 21:12).

Şeýtan adamdan gorkynyň duzagyna düşürmek üçin ýene-de bir usul ulanýar. Käbirimiz yzarlamalara mertlik bilen döz gelýäris. Emma dogan-garyndaşlarymyzyň göwnüni ýykmakdan gorkýarys. Sebäbi biz olary ýürekden söýýäris we Ýehowa iman etmegini isleýäris. Ýöne olar Ýehowa dil ýetirseler we dogan-uýalary äsgermeseler, ýüregimize pyçak sanjylan ýaly bolýar. Olar başda garşy çyksalar-da, soňra Ýehowanyň Şaýady bolýarlar. Emma hemişe beýle bolup durmaýar. Olar bizden öýkeläp ýörseler näme etmeli? Zebur 27:10-daky sözler biziň derdimize derman bolýar. Biz Ýehowanyň söýýändigini unutmasak, dogan-garyndaşlarymyz garşy çyksa-da howsala düşmeris. Ýehowa hem bizi sylagsyz goýmaz. Ol bize güýç-kuwwat, kalbymyza rahatlyk we berk iman berer. w22.06 sah. 16, 17, abz. 11—13

10-njy ýanwar, çarşenbe

Mesih hem siziň üçin horluk çekip, yzyna gyşarnyksyz eýermegiňiz üçin görelde galdyrdy (1 Pet. 2:21).

Isa pygamber ýer ýüzünde wagyz edende, ony hajymelik, arakhor, Şeýtanyň guly, Sabat güni baradaky tabşyrygy bozýan we Hudaýa dil ýetirýän adam hökmünde aýypladylar (Mat. 11:19; 26:65; Luka 11:15; Ýah. 9:16). Emma Isa ýekeje agyz hem erbet söz aýtmady. Adamlar oňa sögse-de gaýtargy bermedi (1 Pet. 2:22, 23). Bizem Isanyň göreldesine eýerip, ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermeli däl. Elbetde, biri üstüňe gygyranda diliňe erk etmek aňsat bolmaýar (Ýak. 3:2). Şeýle ýagdaýda näme etmeli? Öýden-öýe wagyz edeniňizde adamlar üstüňize gygyrsa göwnüňize almaň. Belki, öý eýesiniň aladasy köpdür ýa-da biz biwagt barandyrys. Sem dogan: «Wagyzda biri üstüme gygyrsa, oňa gelejekki dogan hökmünde garaýaryn we onuň hoş habara mätäçdigi hakda oýlanýaryn» diýýär. Biz wagyzda gaharjaň adama duş gelsek, dilimize erk edip mähirli bolmak üçin Ýehowadan kömek sorap, doga etmeli. w22.04 sah. 6, abz. 8, 9

11-nji ýanwar, penşenbe

Hudaýa ýakynlaşyň (Ýak. 4:8).

Çagalara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmegiň iň gowy usuly — Mukaddes Kitapdan okuw geçmek (2 Tim. 3:14—17). Ýöne Hudaýyň Sözünde başga-da gowy usul hakda aýdylýar. Nakyllar kitabynda bir atanyň ogluna beren öwüt-ündewi ýazylan. Ol ogluna ýaradylan zatlardan Ýehowanyň häsiýetlerini öwrenip bolýandygyny we olary hiç haçan unutmaly däldigini aýdýar (Nak. 3:19—21). Ene-atalar, siz çagalaryňyz bilen dynç almagy halaýarsyňyzmy? Eger janly tebigata dynç almaga gitseňiz, çagalaryňyza ýaradylan zatlar arkaly Ýehowany tanamaga kömek edip bilersiňiz (Rim. 1:20). Isa Allatagalanyň ýaradan zatlary arkaly adamlara tälim berdi. Bir gezek ol şägirtlerine: «Gökde uçup ýören gargalara we sährada ösüp oturan çigildemlere serediň» diýdi (Luka 12:24, 27—30). Isa muny aýtmak bilen wajyp bir zady düşündirmek isledi. Eger Ýehowa gargalara her gün iýjegini berýän bolsa, çigildem güllerini owadan geýindirýän bolsa, onda wepaly bendeleriniň iýjegini we geýjegini ýetirmezmi näme?! Elbetde, ýetirer! Sebäbi Ýehowa ýagşylyga baý we jomart Hudaý. w23.03 sah. 20, 21, abz. 1—4

12-nji ýanwar, anna

Meniň adym bilen näme dileseňiz bererin, Atam hem Ogly arkaly şöhratlanar (Ýah. 14:13).

Ýehowa biziň Ogly arkaly edýän dogalarymyzy kabul edýär. Biz Isa pygamber arkaly Ýehowa doga edip bilýändigimize minnetdar bolmaly. Ýehowa Isa pygamberiň töleg gurbany esasynda biziň günälerimizi bagyşlaýar (Rim. 5:1). Mukaddes Kitapda Isanyň «gökdäki Beýik Hudaýyň tagtynyň sag tarapynda oturan baş ruhanymyzdygy» aýdylýar (Ýew. 8:1). Şeýle-de oňa «Atanyň ýanyndaky kömekçimiz» diýilýär (1 Ýah. 2:1). «Baş ruhanymyz biziň kemçiliklerimize düşünýär» we biziň üçin Ýehowa ýalbarýar (Ýew. 4:15; Rim. 8:34). Rehimdar Ogluny baş ruhany edip belländigi üçin Ýehowa minnetdar. Isa pygamber şirin janyny gurban etmedik bolsa, bikämil adamlar Ýehowa doga-dileg edip bilmezdi. Söwer Ogluny gurban berendigi üçin Ýehowa çäksiz minnetdar! w22.07 sah. 23, abz. 10—12

13-nji ýanwar, şenbe

Ynamdar adam syr saklaýar (Nak. 11:13).

Ynamdar adam beren sözünde durýar we syr saklamagy başarýar (Zeb. 15:4). Adamlaram oňa ähli zadyny ynanyp bilýär. Bizem dogan-uýalaryň ynamyny gazanmak isleýäris. Puly sowmak aňsat, gazanmak kyn. Edil şonuň ýaly, ynamdan gaçmak aňsat, ýöne gazanmak kyn. Biz adamlary mejburlap özümize ynandyryp bilmeýäris. Munuň üçin tagalla etmeli. Ýehowa bize gowy görelde görkezdi. Ol ähli işlerinde ynama mynasypdygyny subut etdi (Zeb. 33:4). Bizem Ýehowadan görelde alyp bilýäris (Efes. 5:1). Söýgüden doly we ynama mynasyp adamlardan ybarat bolan maşgalasynyň agzasy edendigi üçin, biz Ýehowa örän minnetdar. Şonuň üçin biz dogan-uýalaryň ynamyny gazanjak bolmaly. Eger biz söýgi, pesgöwünlik, dogruçyllyk we özüňe erk etmeklik ýaly häsiýetleri ösdürsek, ynama mynasyp adamdygymyzy görkezeris. Geliň, Ýehowa Hudaýymyzyň göreldesine eýerip, mundan beýlägem ynamdar adam bolalyň! w22.09 sah. 8, abz. 1, 2; sah. 13, abz. 17

14-nji ýanwar, ýekşenbe

Ýehowa. . . nazar salýar (Zeb. 33:18).

Biz Ýehowanyň halkynyň arasynda bolsak-da, özümizi ýeke duýmagymyz mümkin. Belki-de, biz erbet pikirleri ýeke özümiz ýeňjek bolup göwnüçökgünlige düşýändiris. Ýehowa biziň ýagdaýymyza düşünýär. Geliň, Ylýas pygamber bilen bolan waka hakda gürrüň edeliň. Ýehowa Ylýasy ruhlandyryp, oňa göwünlik berdi. Ýehowa gaýgy-aladasyny aýdar ýaly, Ylýasdan: «Bärde näme işläp ýörsüň?» diýip iki sapar sorady (1 Pat. 19:9, 13). Ýehowa Ylýasy ünsli diňledi we ony hemişe goldaýandygyny, Gudratygüýçli Hudaýdygyny subut etdi. Şeýle-de Ylýasdan başga-da hak Hudaýa sežde edýän adamlaryň bardygyny aýtdy (1 Pat. 19:11, 12, 18). Ýehowa Ylýasa wajyp ýumuşlary tabşyrdy, ýagny ol Hazaýyly Siriýa, Ýehuwy Ysraýyla patyşa bellemelidi. Ol Alyşany hem pygamber bellemelidi (1 Pat. 19:15, 16). Ýehowanyň tabşyran ýumuşlaryny ýerine ýetirip, Ylýas özüni ýeke duýan däldir. Ýehowa pygamberine kömek eder ýaly Alyşany saýlady. w22.08 sah. 8, abz. 3; sah. 9, abz. 5

15-nji ýanwar, duşenbe

Mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň, birek-biregi berkidiň (1 Sel. 5:11).

Siz Ýygnak jaýynyň gurluşygyna ýa-da abatlaýyş işine kömek edip gördüňizmi? Eger şeýle bolsa, täze bina ilkinji sapar ýygnaga baran günüňiz ýadyňyzdan çykýan däldir. Ýygnak jaýynyň açylyş dabarasynda aýdym aýdanyňyzda ýüregiňiz minnetdarlykdan dolup gözüňize ýaş aýlanandyr. Hawa, Ýygnak jaýlary Ýehowany şöhratlandyrýar. Ýöne Ýehowany şöhratlandyrýan başga-da gurluşyk işi bar. Oňa biziň ählimiz gatnaşyp bilýäris. Biz Ýygnak jaýyna gelýän adamlaryň imanyny berkidip ruhlandyrmaly. Pawlus resul 1 Selanikliler 5:11-de «birek-biregi berkidiň» diýdi. Şu günki aýatdaky «berkidiň» diýen grek sözüni «guruň» diýip hem terjime etse bolýar. Pawlus resul dogan-uýalary ruhlandyrmakda ajaýyp görelde görkezdi. Geliň, Pawlus resulyň göreldesine eýereliň (1 Kor. 11:1). w22.08 sah. 20, abz. 1, 2

16-njy ýanwar, sişenbe

Ýehowanyň adyna mynasyp ýaşaň (Kol. 1:10).

Mesihçi her bir ýagdaýda, öýde-de, işde-de halal ýaşamaly. Dogruçyl adam adalaty söýýär. Kimdir birine adalatsyzlyk edilse gahary gelýär. Ol Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerip dogry karara gelýär we halal ýaşap Ony şöhratlandyrýar. Mukaddes Kitapda Ýehowa «dogrulygyň gözbaşy» diýilýär (Ýer. 50:7). Ol ähli zady ýaradan hak Alladyr. Şol sebäpli ýagşy bilen ýaman babatda kanun bermäge diňe Ol haklydyr. Adam ýagşy-ýamany saýgaryp bilmeýär (Nak. 14:12; Işa. 55:8, 9). Emma biz Hudaýyň keşbinde ýaradyldyk, şonuň üçin Onuň dogruçyllyk babatdaky kada-kanunlaryna eýerip bilýäris (1 Mus. 1:27). Hawa, biz gökdäki Atamyz Ýehowany söýsek, Onuň göreldesine eýermäge jan ederis (Efes. 5:1). w22.08 sah. 27, abz. 5, 6

17-nji ýanwar, çarşenbe

Ýehowanyň islegine düşünjek boluň (Efes. 5:17).

Her bir adam başyna düşen kynçylygy derrew çözmek isleýär. Ýöne biz kynçylygy çözjek bolup Ýehowany gynandyrýan işleri etmekden seresap bolmaly (Efes. 5:10—12, 15, 16). Pawlus mesihçileri «dogry, päk, söýgä höweslendirýän, ýagşy... zatlar hakda oýlanmaga» höweslendirdi (Flp. 4:8). Pawlus aýatda dynç alyş barada aýtmady. Emma onuň aýdan sözleri görýän we diňleýän zatlarymyzy ünsli saýlamaga kömek edýär. Meselem, şu soraglar hakda oýlanyp bileris: diňleýän aýdymlarym, görýän filmlerim, okaýan kitaplarym we oýnaýan wideooýunlarym barada näme diýse bolar? Olar dogry, päk, ýagşy işleri etmäge höweslendirýärmi? Şu soraglar bize Ýehowanyň halaýan we ýigrenýän zatlaryny anyklamaga kömek edýär. Biz Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamaly (Zeb. 119:1—3). w22.10 sah. 9, abz. 11, 12

18-nji ýanwar, penşenbe

Isa hemmeleriň ýüregini görýärdi (Ýah. 2:25).

Käbir erbet adamlar ölmezinden öň zalym we erbet işleri etdiler. Olar Ýehowanyň dogruçyllyk babatdaky kada-kanunlary boýunça ýaşamagy öwrenmeli bolarlar. Munuň üçin olara ýörite bilim berler. Uly märeke we direlen dogruçyl adamlar erbetlere okuw geçerler. Olar atlarynyň ýaşaýyş kitabyna ýazylmagy üçin Ýehowa bilen dostlaşyp, Oňa özüni bagyş etmeli bolarlar. Isa Mesih we saýlanan mesihçiler olaryň öwrenen zatlary boýunça ýaşaýandygyna syn ederler (Ylh. 20:4). Eger kimdir biri Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermese, 100 ýaşan hem bolsa dessine ýok ediler (Işa. 65:20). Sebäbi Ýehowa bilen Isa täze dünýäde erbetligiň we zorluk-sütemiň bolmagyna hiç wagt ýol bermez (Işa. 11:9; 60:18; 65:25). w22.09 sah. 17, abz. 11, 12

19-njy ýanwar, anna

Her bir adam ýokary häkimiýetlere tabyn bolmaly (Rim. 13:1).

Aýatdaky «ýokary häkimiýetler» diýen jümle erk-ygtyýarly döwlet işgärlerini aňladýar. Mesihçiler olara tabyn bolmaly, sebäbi olar parahatlygyň bolmagyna we kanunyň berjaý edilmegine gözegçilik edýärler. Käte Hudaýyň halkyny hem goraýarlar (Ylh. 12:16). Biz olara salgyt tölemeli, hormat goýmaly we sylamaly (Rim. 13:7). Hudaý döwlet işgärlerine ygtyýar berendigi üçin, olar hökümdarlyk edýärler. Rim häkimi Pontius Pilatus Isany azat etmäge-de, öldürmäge-de hakynyň bardygyny aýdýar. Isa hem oňa: «Hudaý saňa ygtyýar bermedik bolsa, maňa höküm çykaryp bilmezdiň» diýip jogap berýär (Ýah. 19:11). Şu günler hem döwlet işgärleriniň erk-ygtyýary çäklidir. w22.10 sah. 13, abz. 6

20-nji ýanwar, şenbe

Erbet ýok bolar (Zeb. 37:10).

Dawut patyşa Ýehowanyň ylhamy bilen paýhasly we wepaly patyşanyň döwründe ýurduň gülläp ösjekdigi hakda pygamberlik etdi (Zeb. 37:10, 11, 29). Biz köplenç adamlara Jennet hakda wagyz edenimizde Zebur 37:11-i okap berýäris. Isa pygamber hem Dagdaky wagzynda şu aýada salgylanyp, gelejekde ýerine ýetjekdigini düşündirdi (Mat. 5:5). Ýöne Dawudyň sözleri Süleýman patyşanyň hökümdarlyk eden döwründe-de ýerine ýetdi. Şonda Hudaýyň halky süýt bilen bal akýan ýurtda asuda we parahat ýaşady. Sebäbi Ýehowa: «Kada-kanunlaryma eýerseňiz... ýurduňyza parahatlyk bererin, rahat ýatyp turarsyňyz» diýipdi (3 Mus. 20:24; 26:3, 6). Hudaýyň beren şu wadasy Süleýman patyşanyň döwründe ýerine ýetdi (1 Tar. 22:9; 29:26—28). Zebur 37:10, 11, 29-njy aýatlardaky sözler Süleýman patyşanyň döwründe ýerine ýeten bolsa, onda gelejekde-de hökman ýerine ýeter. w22.12 sah. 10, abz. 8

21-nji ýanwar, ýekşenbe

Akyldarlyga. . . ýapyşanlar. . . bagtly bolar (Nak. 3:18).

Mesihçiler görkezmelere eýerýärler. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Söweşde paýhasly maslahaty diňle, maslahatçy köp bolsa, ýeňiş gazanylar» (Nak. 24:6). Şu maslahata eýermek üçin öz ukyp-başarnygymyza daýanman, guramanyň berýän görkezmelerine eýermeli. Şonda yhlasly wagyz ederis we ökde mugallym bolarys. Biz ýygnak duşuşyklarynda-da ruhlandyryjy nutuklary, gyzykly sahnalary diňleýäris we köp zatlary öwrenýäris. Şeýle-de Ýehowa edebiýatlar we wideolar arkaly adamlara Mukaddes Kitaba düşünmäge kömek edýär. Biz Ýehowanyň berýän esbaplaryny ökdelik bilen ulanýarys. Ýehowanyň Mukaddes Kitap arkaly berýän maslahatlaryna örän minnetdar! Geliň, Onuň maslahatlaryna hemişe eýereliň! (Nak. 3:13—17) w22.10 sah. 23, abz. 18, 19

22-nji ýanwar, duşenbe

Sözleriň dilimde nähili süýji, agzymda baldan hem datly! (Zeb. 119:103)

Adam sagdyn bolmak üçin wagtly-wagtynda iýip-içmeli bolýar. Ruhy taýdan sagdyn bolmak üçin hem her gün Mukaddes Kitaby okamaly we oýlanmaly. Ýehowa biziň Mukaddes Kitaba doly düşünmegimizi isleýär. Munuň üçin näme etmeli? Doga etmeli, okamaly we oýlanmaly. Biz Mukaddes Kitaby okap başlamankak: «Ýehowa, Sözüňe düşünmäge kömek et!» diýip doga edýäris. Soňra Mukaddes Kitaby okaýarys we okan zatlarymyz barada çuňňur oýlanýarys. Şeýle etmegiň nähili peýdasy bar? Biz oýlananymyzda Hudaýyň Sözüne ýüregimiziň töründen orun berýäris we imanymyz berkeýär. Mukaddes Kitaby okamak we oýlanmak örän wajyp. Şonda biziň Patyşalyk baradaky hoş habary yhlasly wagyz etmäge güýç-kuwwatymyz bolar. Gelejekde bolsa höküm habaryny batyrgaýlyk bilen aýdyp bileris. Biz Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri barada oýlananymyzda, Onuň bilen ýakyndan dost bolýarys. w22.11 sah. 6, 7, abz. 16, 17

23-nji ýanwar, sişenbe

Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler (Ýah. 13:35).

Isa pygamber şägirtleriniň biri-birine bolan söýgüsini hemme adamlaryň, şol sanda Ýehowa iman etmeýän adamlaryň hem görjekdigini aýtdy. Hudaýyň halkynyň arasyndaky söýgi haýran galdyrýar. Elbetde, Ýehowanyň Şaýatlary kämil däl (1 Ýah. 1:8). Şol sebäpli dogan-uýalary ýakyndan tanasak, olaryň ýalňyşlaryny görmegimiz mümkin (Rim. 3:23). Gynansak-da, käbirleri dogan-uýalaryň ýalňyşyna aşa köp üns berip, Ýehowa gulluk etmegini goýdular. Isa pygamber şägirtlerini nädip söýdi? Biz Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris? Biz şu soraglar hakda oýlanmaly. Şonda dogan-uýalaryň bikämildigine düşüneris we olary ýürekden söýeris (Efes. 5:2). w23.03 sah. 26, 27, abz. 2—4

24-nji ýanwar, çarşenbe

Wepaly adama senem wepalysyň (Zeb. 18:25).

Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, ýygnakda köp kynçylyklar bolup biler. Şonda Ýehowa wepalylygymyz synalmagy mümkin. Şol sebäpli biz sagdyn pikirlenmeli. Eger dogan-uýalardan biri göwnüňize degse, gaharlanmaň we göwnüňizi giň tutuň. Size temmi berenlerinde öýkelemäň, maslahaty kabul ediň we durmuşda ulanyň. Ýehowanyň guramasynda siziň borjuňyz bilen bagly özgerişlik bolanda ýürekden kabul ediň we doganlaryň görkezmesine tabyn boluň. Görşümiz ýaly, Ýehowa bil baglap, guramasyna ynanyp bilýäris. Munuň üçin rahatlygy saklamaly, dury pikirlenmeli we ýagdaýa Ýehowa ýaly garamaly. Gaýgy-aladamyz barada Ýehowa gürrüň bermeli we özümizi dogan-uýalardan çetde tutmaly däl. Şonda Şeýtan sizi Ýehowadan we guramasyndan aýra salyp bilmez (Ýak. 4:7). w22.11 sah. 24, 25, abz. 14—16

25-nji ýanwar, penşenbe

Bütin dünýädäki doganlary söýüň (1 Pet. 2:17).

Eger tebigy betbagtçylyk siziň golaýyňyzda bolan bolsa, ýaşululardan nädip kömek edip biljekdigiňiz hakda soraň. Belki, siz tebigy betbagtçylykdan ejir çekenleri ýa-da meýletinçileri öýüňize myhman alyp bilersiňiz. Ýa-da olar üçin nahar bişirip, gerek-ýarak zatlaryny eltip berersiňiz. Tebigy betbagtçylyk sizden uzakda bolan bolsa nädip kömek edip bilersiňiz? Ejir çeken dogan-uýalar üçin doga ediň (2 Kor. 1:8—11). Şeýle-de pul sadakasyny berip, olary goldap bilersiňiz (2 Kor. 8:2—5). Eger siziň betbagtçylyk bolan ýerde kömek etmäge mümkinçiligiňiz bolsa, meýletinçi bolup biljekdigiňizi ýaşululara aýdyň. Eger kömegiňiz gerek bolsa, doganlar size tälim berer we betbagtçylygyň bolan ýerine iberer. w22.12 sah. 24, abz. 8; sah. 25, abz. 11, 12

26-njy ýanwar, anna

Siziň başyňyza inen synaglar başgalaryň-da başyna inýändir (1 Kor. 10:13).

Başga bir terjimede şu günki aýat: «Adamlaryň başyna inmedik kynçylyk, siziň hem başyňyza inmez» diýip terjime edilipdir. Pawlus resul şu sözleri Korinfdäki dogan-uýalara ýazypdy. Olar Isa Mesihiň şägirdi bolmazdan öň arakhordylar, azgynçylyk we ahlaksyzlyk edýärdiler (1 Kor. 6:9—11). Korinfdäki mesihçiler suwa çümdürilenden soň hem erbet pikirler we ahlaksyz höwesler bilen göreşmeli bolandyr. Olar saýlanan mesihçi bolsalar-da bikämil adamlardy. Şol sebäpli käte isleseler-de, islemeseler-de erbet höwesler olaryň aňynda oýanandyr. Emma olar göreşmegi bes etmediler. Olaryň göreldesi örän ruhlandyrýar, sebäbi biziň göreşýän erbet pikirlerimizi we höweslerimizi ýeňip geçdiler. «Şonuň üçin... imanda berk bolalyň, sebäbi bütin dünýädäki doganlarymyz hem şeýle kynçylyklary başdan geçirýärler» (1 Pet. 5:9). w23.01 sah. 12, abz. 15

27-nji ýanwar, şenbe

Dünýäde köp kynçylyk çekersiňiz, ýöne mert boluň! Men dünýäni ýeňdim (Ýah. 16:33).

Isa pygamber Atasyna şägirtlerini goramagy haýyş etdi (Ýah. 17:11). Muny bilmek diýseň ruhlandyrýar we güýjümize güýç goşýar, sebäbi Ýehowa duşmanlarymyzdan müň esse güýçli (1 Ýah. 4:4). Ýehowanyň gözünden hiç zat sypmaýar. Eger Oňa doly bil baglasak, kynçylyklara mertlik bilen döz geleris we hiç bir zatdan gorkmarys. Siz Ýehowanyň Şaýadydygyňyzy aýtmaga çekinýärsiňizmi? Adamlaryň gepinden gorkup wagyzçy bolmaga ýa-da suwa çümdürilmäge ýaýdanýarsyňyzmy? Adamdan gorkynyň duzagyna düşmäň! Ýogsam Ýehowany begendirýän işleri edip bilmersiňiz. Size adamdan gorkmazlyga näme kömek eder? Ýehowadan batyrgaýlyk sorap doga ediň. Ýehowanyň dogalaryňyza jogap berşini göreniňizde, imanyňyz berkär we batyrgaý bolarsyňyz (Işa. 41:10, 13). w23.01 sah. 29, abz. 12; sah. 30, abz. 14

28-nji ýanwar, ýekşenbe

Siz. . . okamadyňyzmy? (Mat. 12:3)

Bir gün fariseýler Isanyň şägirtlerini Sabat gününi bozmakda aýyplaýarlar. Şonda Isa olardan hem: «Töwratdan okamadyňyzmy?» diýip soraýar (Mat. 12:1—7). Soňra ol Mukaddes Kitapdan iki sany mysal getirip, Hoşeýa pygamberiň sözlerine salgylanýar. Isanyň aýdan sözleri fariseýleriň Sabat gününiň düýp manysyna düşünmeýändigini we doňýürek bolandyklaryny görkezýärdi. Fariseýler näme üçin okan zadyna eýermeýärdi? Sebäbi olar tekepbirdi we Mukaddes Kitaby adamlaryň kemçiliklerini tapmak üçin okaýardy. Görşümiz ýaly, fariseýler Hudaýyň Sözüni nädogry niýet bilen okandygy üçin, onuň manysyna düşünip bilmediler (Mat. 23:23; Ýah. 5:39, 40). Matta 19:4—6-njy aýatlarda hem Isa fariseýlerden: «Okamadyňyzmy?» diýip sorapdy. Olar ilkinji ynsan maşgalasynyň döreýşi hakda okasa-da, Hudaýyň nika babatdaky garaýşyny inkär edýärdiler. Isanyň sözlerinden görnüşi ýaly, Mukaddes Kitaby dogry niýet bilen okamaly. Biz fariseýlere meňzemeli däl, gaýtam öwrenýän zatlarymyza eýerjek bolmaly. w23.02 sah. 12, abz. 12, 13

29-njy ýanwar, duşenbe

Akylyň seni gorar, parasatlylyk saňa hemaýat berer (Nak. 2:11).

Ýehowanyň ysraýyllara beren kanuny olary öýde ýa-da meýdanda işlände howply ýagdaýlardan goraýardy (2 Mus. 21:28, 29; 5 Mus. 22:8). Mysal üçin, kimdir birini tötänden öldüren adam jogapkärçilige çekilýärdi (5 Mus. 19:4, 5). Hatda dünýä inmedik çaga zyýan ýetiren adama hem temmi berilýärdi (2 Mus. 21:22, 23). Görşümiz ýaly, Ýehowa biziň howply ýagdaýlardan seresap bolmagymyzy isleýär. Bizem öýde we işde howpsuzlygy saklasak, ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýýandygymyzy görkezeris. Biz kesgir zatlary, himiki serişdeleri we däri-dermanlary çagalaryň eliniň ýetmeýän ýerinde goýmaly. Şol zatlar ulanylyp zyňlanda, başgalara zyýan ýetirmez ýaly aladasyny etmeli. Biz açyk ody, gaýnap duran zatlary we elektrik enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmaly däl. Şeýle-de sürüjiler akyl-huşuňa täsir edýän dermanlary atyp, spirtli içgileri içip we gaty ýadaw halda maşyn sürmekden saklanmaly. Maşyn süreniňde telefonda hem gürleşmeli däl, sebäbi jan-saglyk üçin howply. w23.02 sah. 21, 22, abz. 7—9

30-njy ýanwar, sişenbe

Siz Beýik Mugallymy. . . görersiňiz (Işa. 30:20).

Ýehowa sabyrly, mähirli öwredýär, her bir adamyň ýagdaýyna düşünýär we ýagşy häsiýetlerini görýär (Zeb. 130:3). Ol biziň başarmajak zadymyzy talap etmeýär. Hak Alla adamyň beýnisini ýaratdy (Zeb. 139:14). Ol biziň ebedi bilim almagymyzy isleýär. Şonuň üçin häzirden «Hudaýyň sözüni küýsemeli», ýagny höwes bilen okamaly (1 Pet. 2:2). Munuň üçin gowy gün tertibini düzüň we her gün Mukaddes Kitaby okaň (Ýuşa 1:8). Ýehowa tagallaňyza ak pata berer. Siz Mukaddes Kitaby okamagy halarsyňyz we Ýehowa barada köp zatlary bilersiňiz. Siz Mukaddes Kitaby ylymly-bilimli bolmak üçin däl-de, Hudaýy gowy tanamak, Ony söýmek we iman etmek üçin okaýarsyňyz (1 Kor. 8:1—3). Şol sebäpli bilimiňiz näçe artdygyça: «Imanymy berkit» diýip, Hudaýa doga ediň (Luka 17:5). Ýehowa şeýle dogalara hökman jogap berer. w23.03 sah. 10, abz. 11, 13

31-nji ýanwar, çarşenbe

Wagtyňyzy paýhasly ulanyň (Kol. 4:5).

Iýerusalim ýykylýança Isanyň şägirtleri näme etmelidi? Isa olara: «Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde wagyz etmegi» tabşyrdy (Res. 1:6—8). Şägirtler wagyz işine yhlasly gatnaşyp, wagtyny paýhasly ulanýandygyny görkezdiler. Biz erbetlikden ägä bolmak üçin wagtymyzy nämä sarp edýändigimize ünsli bolmaly. Sebäbi biz «garaşylmadyk ýagdaýa» duş gelip bilýäris (Nes. 9:11). «Bu gün göreniň ertir ýok» diýlişi ýaly, her birimiziň duýdansyz ömür tanapymyz kesilip biler. Ýehowanyň islegini ýerine ýetirip onuň bilen dostlugymyzy berkitsek, wagtymyzy paýhasly ulanarys (Ýah. 14:21). Munuň üçin biz «berk we tutanýerli bolup, Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekmeli» (1 Kor. 15:58). Şonda dünýäniň soňy gelse-de, aradan çyksak-da, armanly bolmarys (Mat. 24:13; Rim. 14:8). w23.02 sah. 18, abz. 12—14

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş