Fewral
1-nji fewral, penşenbe
Meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem bir-biriňizi söýüň (Ýah. 15:12).
Isa pygamber şägirtlerniň üýtgeşik söýgi häsiýeti bilen tanaljakdygyny aýtdy. Onuň aýdan söýgi häsiýetine näme üçin üýtgeşik diýse bolar? Muny Isanyň şägirtlerine beren şu tabşyrygyndan bilse bolýar: «Meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem biri-biriňizi söýüň». Isa pygamber näme diýjek boldy? Ol şägirtleriniň biri-birini ýürekden söýmelidigini, gerek bolsa şirin janyndan geçmäge taýyn bolmalydygyny düşündirdi. Mukaddes Kitapda söýgi sözi eriş-argaç bolup geçýär. Köp adamlar şu aýatlary ýatdan bilýär: «Hudaý söýgüdir» (1 Ýah. 4:8); «ýakynyňy özüňi söýüşiň ýaly söý» (Mat. 22:39); «söýgi köp günäleriň üstüni ýapýandyr» (1 Pet. 4:8); «söýgi hiç haçan gutarmaz» (1 Kor. 13:8). Mukaddes Kitabyň şu we beýleki aýatlary biziň ýüregimizde imandaşlarymyza bolan söýginiň alaw ýaly ýanyp durmalydygyny görkezýär. Ýehowa kime mukaddes ruhuny we berekedini berse, olar birek-biregi ýürekden söýer (1 Ýah. 4:7). Ine şonuň üçin hem Isa pygamber şägirtleriniň öz bähbidine çapman, biri-birini ak ýürekden söýmelidigini atdy. Köp adamlar Isa pygamberiň şägirtleriniň söýgi häsiýeti bilen tanalýandygyna göz ýetirdi. w23.03 sah. 27, 28, abz. 5—8
2-nji fewral, anna
Günäleriň bagyşlandy (Luka 7:48).
Aýdaly, siz geçirimli bolmak isleýärsiňiz. Munuň üçin Mukaddes Kitapda başgalary bagyşlan hem bagyşlap bilmedik adamlar hakda okaň we oýlanyň. Isa pygamber geçirimli bolmak babatda ajaýyp görelde galdyrdy (Luka 7:47). Ol şägirtleriniň goýberýän ýalňyşlary hakda däl-de, olaryň gelejekde Hudaý üçin köp işleri edip biljekdigi barada oýlanýardy. Emma fariseýler özlerini has dogruçyl hasaplap, «peşeden pil ýasaýardylar», adamlary äsgermeýärdiler (Luka 18:9). Şeýle wakalary okap: «Men dogan-uýalaryň ýalňyşlyklaryna üns berýärinmi ýa-da gowy häsiýetlerine?» diýip oýlanyň. Eger size dogan-uýalary ýürekden bagyşlamak kyn bolsa, olaryň ýagşy häsiýetleri hakda oýlanyp, bir kagyza ýazyň. Soňra özüňize şeýle sorag beriň: «Isa pygamber ondan öýkeläp ýörerdimi ýa-da bagyşlardy?» Şu usul size geçirimli bolmaga kömek eder. Belki, başda göwnüňize degen dogan-uýany bagyşlamak aňsat bolmaz, emma tagalla etseňiz geçirimli bolmagy öwrenersiňiz. w22.04 sah. 23, abz. 6
3-nji fewral, şenbe
Isa hem perişdesini iberip. . . alamatlaryň üsti bilen gürrüň berdi (Ylh. 1:1).
Ylham kitabynda Hudaýyň duşmanlarynyň wagşy haýwanlara meňzedilýändigi hakda okaýarys. Meselem, deňizden çykan on şahly, ýedi kelleli wagşy haýwan (Ylh. 13:1); aždarha ýaly gepleýän we gökden ýere ot ýagdyrýan başga bir wagşy haýwan (Ylh. 13:11—13); üstünde ahlaksyz aýal oturan gyrmyzy reňkli wagşy haýwan. Şu üç wagşy haýwan Hudaýyň Patyşalygyna köp ýyldan bäri garşy çykyp gelýär. Biz Ylham kitabynda suratlandyrylan Hudaýyň duşmanlarynyň kimdigini bilmeli (Ylh. 17:1, 3). Ylham kitabyndaky alamatlar Mukaddes Kitabyň beýleki kitaplarynda düşündirilýär. w22.05 sah. 8, 9, abz. 3, 4
4-nji fewral, ýekşenbe
Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň. . . bilen söý (Mat. 22:37).
Dogan-uýalaryň käbiri keselçilik ýa-da garrylyk sebäpli Ýehowa köpräk gulluk edip bilmeýändigi üçin ruhdan düşýärler. Siz ýarawsyzlyk ýa-da garrylyk sebäpli ruhdan düşýärsiňizmi? Onda Ýehowanyň sizden güýjüňizden artyk zady talap etmeýändigi hakda oýlanyň. Aýdaly, 80 ýaşly uýa 40 ýyl mundan öň eden işlerini häzir başarmaýandygy üçin ruhdan düşýär. Ol Ýehowa elinde baryny edip gulluk etse-de, «Ýehowa menden razy däl bolmaly» diýip oýlanýar. Ýehowa ondan razy dälmikä? Uýa häzirem 40 ýaşyndaky ýaly Ýehowa jany-teni bilen gulluk edýär. Ýyllaryň geçmegi bilen uýamyzyň güýç-gurbaty gaçsa-da, Ýehowa bolan söýgüsi asla sowamady. Eger Ýehowa ýürekden gulluk etsek, Ol bize: «Berekella!» diýer (Matta 25:20—23-nji aýatlary deňeşdiriň). Biz başarmaýan zatlarymyz hakda oýlansak ruhdan düşeris. Emma güýjümiziň ýetýän zatlaryny etsek, Ýehowa şatlyk bilen gulluk ederis. w22.04 sah. 10, abz. 2; sah. 11, abz. 4—6
5-nji fewral, duşenbe
Men. . . mukaddes şäheri, ýagny Täze Iýerusalimi gördüm (Ylh. 21:2).
Ylham 21-nji bapda 144 000-ler «Täze Iýerusalim» diýip atlandyrylýar we owadan şähere meňzedilýär. Şäheriň düýbi 12 daşdan tutulan we her daşyň ýüzüne «Guzynyň 12 resulynyň ady ýazylan» (Ylh. 21:10—14; Efes. 2:20). «Täze Iýerusalim» beýleki şäherlerden düýbünden tapawutlanýardy. Şäheriň şaýoly sap altyndandy, derwezeleri merjendendi we diwarynyň düýbi gymmatbaha daşlar bilen bezelendi. «Şäher dörtburç şekildedi, uzynlygy ini bilen deňdi» (Ylh. 21:15—21). Emma Ýahýa resul şäherde bir zadyň ýokdugyna üns berýär. Ol şeýle diýýär: «Men şäherde ybadathana görmedim, sebäbi onuň ybadathanasy Gudratygüýçli Hudaý Ýehowa we Guzudy. Şähere Günüň şöhlesi, Aýyň ýagtysy gerek däldi, sebäbi Hudaýyň şöhraty şähere ýagty saçýardy, çyrasy bolsa Guzudy» (Ylh. 21:22, 23). 144 000-lere Hudaýyň huzuryna barmak üçin ybadathana gerek bolmaz (Ýew. 7:27; Ylh. 22:3, 4). w22.05 sah. 17, 18, abz. 14, 15
6-njy fewral, sişenbe
Sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň. Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamaly (Kol. 3:13).
Ýehowa Ýaradan, Kanun çykaryjy we Kazy bolandygy üçin toba edýän günäkärleri bagyşlamaga haklydyr (Zeb. 100:3; Işa. 33:22). Şeýle-de Ol söýgüden doly Ata we ogul-gyzlaryny bagyşlamaga hemişe taýýar (Zeb. 86:5). Işaýa pygamber Ýehowanyň ýürekden bagyşlaýandygy hakda şeýle diýdi: «Günäleriňiz gyzyl mata ýaly bolsa-da, men olary gar ýaly ak ederin» (Işa. 1:18). Biziň ählimiz bikämil. Şol sebäpli käte aýdýan sözlerimiz we edýän işlerimiz bilen dostlarymyzyň göwnüne degip bileris (Ýak. 3:2). Emma biri-birimizi ýürekden bagyşlasak dostlugymyz bozulmaz (Nak. 17:9; 19:11; Mat. 18:21, 22). Ýehowa hem biziň göwnümize degen adamlary ýürekden bagyşlamagymyzy isleýär (Kol. 3:13). Eger biz geçirimli bolsak, Ýehowa hem biziň günälerimizi «doly bagyşlar» (Işa. 55:7). w22.06 sah. 8, abz. 1, 2
7-nji fewral, çarşenbe
Iman ediň, sabyrly boluň, wadalary miras alan adamlardan görelde alyň (Ýew. 6:12).
Biz hudaýhon adamlar bilen özümizi deňeşdirmeli däl-de, olaryň göreldesine eýermeli. Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň «yzyna gyşarnyksyz eýermelidigimiz» aýdylýar (1 Pet. 2:21). Isa kämil bolsa-da, biz onuň häsiýetlerinden we eden ýagşylyklaryndan köp zatlary öwrenip bileris. Eger biz Isa pygamberiň göreldesine eýermek üçin tagalla etsek, Ýehowany razy ederis. Biz bikämil adamlardan hem görelde alyp bileris. Geliň, Dawut patyşa hakda gürrüň edeliň. Ýehowa oňa «göwnüme ýaraýan adam» diýdi (Res. 13:22). Elbetde, Dawudyň hem durmuşynda ýalňyşan ýagdaýlary bolupdy, ýöne ol gowy görelde galdyrdy. Näme üçin şeýle diýse bolar? Ol Ýehowanyň temmisini kabul etdi, özüni aklajak bolmady, eden günäsine toba etdi we maslahata ýürekden eýerdi. Ýehowa hem ony bagyşlady (Zeb. 51:3, 4, 10—12). w22.04 sah. 13, abz. 11, 12
8-nji fewral, penşenbe
Adam şirin jany üçin ähli zadyndan geçer (Eýp. 2:4).
Ölüm — adamzadyň ganym duşmany (1 Kor. 15:25, 26). Biziň her birimiz ölümden gorkýarys, esasanam, özümiz ýa-da dogan-garyndaşlarymyzdan biri agyr kesellese has-da gorkýarys. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa kalbymyza ebedi ýaşamak islegini guýdy (Nes. 3:11). Ölümden gorkmagyň peýdaly taraplary hem bar. Meselem, biz sagdyn bolmak üçin ýokumly iýmitleri iýýäris, beden maşklaryny edýäris, lukmana ýüz tutýarys, bejergi alýarys we janymyza howp salýan zatlary etmeýäris. Jan bir süýji zat. Şeýtan muny gowy bilýär. Şeýtan adam şirin jany üçin Hudaý bilen dostlugyny bozar diýip pikir edýär (Eýp. 2:5). Şeýtan ýalňyşýar! Mukaddes Kitapda Şeýtanyň «ölümiň sebäpkäridigi» aýdylýar (Ýew. 2:14, 15). w22.06 sah. 18, abz. 15, 16
9-njy fewral, anna
Gün batýança, gaharyňyz ýatsyn (Efes. 4:26).
Wagyz işi gadagan edilen ýurtlarda dogan-uýalar kiçi topar bolup ýygnanyşýar. Şeýle ýagdaýda parahatlygy saklamak has-da wajyp. Dogan-uýalar, siz biri-biriňiz bilen däl-de, Şeýtan bilen göreşiň. Başgalaryň ýalňyşyna üns bermäň (Nak. 19:11). Geçirimli boluň, düşünişmezlik dörände derrew çözüň. Başgalara kömek etmek üçin ilkinji ädimi özüňiz ädiň (Tit. 3:14). Andreý doganyň toparyndaky wagyzçylar bir uýamyza kömek edip, biri-birine has-da ýakynlaşdylar. Olar edil bir maşgala ýaly agzybir boldular (Zeb. 133:1). Wagyz işi gadagan edilen ýurtlarda on müňlerçe dogan-uýalar Ýehowa yhlasly gulluk edýär. Käbirleri imany üçin türmede otyr. Biz olar we maşgala agzalary üçin doga etmeli. Şeýle-de olary ruhlandyrmak, jan-saglygy hakda alada etmek we hak-hukugyny goramak üçin janyny howp astyna salýan dogan-uýalar üçin hem doga etmeli (Kol. 4:3, 18). Siziň doga-dilegleriňiziň yzarlanýan dogan-uýalara güýç berýändigini hiç haçan unutmaň! (2 Sel. 3:1, 2; 1 Tim. 2:1, 2). w22.12 sah. 26, 27, abz. 15, 16
10-njy fewral, şenbe
Näme üçin adamlara öwredip, özüň öwrenmeýärsiň? (Rim. 2:21)
Çagalar köplenç ene-atasyndan görelde alýar. Elbetde, ähli ene-atalar bikämil (Rim. 3:23). Muňa garamazdan paýhasly ene-atalar çagalaryna görelde bolmak üçin elinde baryny edýärler. Bir dogan şeýle diýýär: «Çagalar edil suwy özüne siňdirýän pagta ýaly. Çagalara etmeli zatlary aýdyp, özüň etmeseň, olar muny derrew duýarlar we ýüzüňe aýdarlar». Ene-atalar, siziň kalbyňyzda Hudaýa bolan söýgi lowlap ýansa, çagalaryňyz hem Ýehowany söýerler. Ene-atalar çagalaryna Ýehowany söýmäge kömek etmek üçin ýene näme etmeli? 17 ýaşly Endrýu şeýle diýýär: «Ene-atam Hudaýa doga-dileg etmegiň wajypdygyny gaýta-gaýta aýdýardy. Men Hudaýa doga eden hem bolsam, kakam her gün agşam otagyma gelip, meniň bilen ýene-de doga ederdi. Indi men Ýehowany Atam hasaplaýaryn we Oňa arkaýyn doga edip bilýärin». Ene-atalar, siz Ýehowany ýürekden söýseňiz, çagalaryňyza-da Hudaýy söýmäge kömek edersiňiz. w22.05 sah. 28, abz. 7, 8
11-nji fewral, ýekşenbe
Suwa çümdürilmek bilen. . . halas bolýarsyňyz (1 Pet. 3:21).
Suwa çümdürilmek üçin, ilki bilen, ak ýürekden toba etmeli (Res. 2:37, 38). Ak ýürekden toba edýän adam durmuşyny düýpgöter üýtgedýär. Sebäbi ahlaksyzlyk edýän, çilim, neşe çekýän we hapa, sögünç sözleri aýdýan adam Hudaýy razy edip bilmeýär (1 Kor. 6:9, 10; 2 Kor. 7:1; Efes. 4:29). Erbet endikleri taşlamak üçin Mukaddes Kitap okuwyny geçirýän wagyzçydan ýa-da ýygnak ýaşulusyndan kömek soraň. Eger kämillik ýaşyna ýetmedik bolsaňyz, erbet endikleri ýeňmek üçin ene-ataňyzdan kömek soraň. Ýehowa sežde etmegi birinji orunda goýuň. Ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyň we jogap beriň (Ýew. 10:24, 25). Eger wagyzçy bolsaňyz, dogan-uýalar bilen yzygiderli wagza çykyň. w23.03 sah. 10, 11, abz. 14—16
12-nji fewral, duşenbe
Ýehowa Hudaý ýylana: «Eden işiň üçin. . . näletli bolarsyň». . . diýdi (1 Mus. 3:14).
1 Musa 3:14, 15-nji aýatlarda «ýylan» we onuň «nesli» barada aýdylýar. Adaty ýylan Ýehowanyň Erem bagynda aýdan sözlerine düşünip bilmezdi. Ýehowa hem aň-düşünjesiz ýylana beýle höküm çykarmazdy. Onda ol kim bolmaly? Ylham 12:9-da «ýylanyň» Şeýtan Iblisdigi aýdylýar. Adatça, oglanjyk kakasyna meňzemek isleýär. Edil şonuň ýaly, Mukaddes Kitapda käte «nesil» diýlende, biriniň göreldesine eýerip, oňa meňzemek isleýänler göz öňünde tutulýar. Şeýtanyň «nesli» hem Ýehowa Hudaýa we onuň halkyna garşy çykan perişdeleri hem-de adamlary aňladýar. Diýmek, şol nesle Nuhuň günlerinde öz mekanyny taşlap gaýdan perişdeler we Şeýtanyňky ýaly häsiýetleri görkezýän erbet adamlar degişli (1 Mus. 6:1, 2; Ýah. 8:44; 1 Ýah. 5:19; Ýahd. 6). w22.07 sah. 14, 15, abz. 4, 5
13-nji fewral, sişenbe
Iň wajyp zatlara düşüniň (Flp. 1:10).
Pawlus resul dogan-uýalary ýürekden söýýärdi, olaryň ýagdaýyna düşünýärdi we nähili kynçylyklary başdan geçirýändigini bilýärdi. Sebäbi Pawlusyň özi hem köp kynçylyklary başyndan geçirdi. Bir gezek onuň puly gutarýar. Şonuň üçin gün-güzeranyny görmek we bile işleşen ýoldaşlaryny goldamak üçin iş tapmaly bolýar (Res. 20:34). Şol sebäpli ol çadyr tikip başlaýar. Pawlus Korinf şäherine baranda kärdeşleri är-aýal Akila we Priskilla bilen işleşýär. Emma ol «her Sabat güni» ýehudylara we greklere hoş habary wagyz edýär. Onuň ýanyna Silas bilen Timoteos gelende bolsa «Hudaýyň sözüni yhlasly öwredip başlaýar» (Res. 18:2—5). Pawlus der döküp zähmet çekýärdi, ýöne Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýýardy. Ol dogan-uýalary hem şeýle etmäge höweslendirdi. Pawlus maşgalany eklemegiň aňsat däldigini bilýärdi. Şol sebäpli «iň wajyp zatlary» ýatda saklamagy maslahat berdi. w22.08 sah. 20, abz. 3
14-nji fewral, çarşenbe
Patyşalyk baradaky hoş habar ähli milletlere wagyz ediler (Mar. 13:10).
Ýehowa hoş habaryň bütin ýer ýüzünde wagyz edilmegini isleýär (Mar. 13:10; 1 Tim. 2:3, 4). Ol şu wajyp işe gözegçilik etmegi söwer Ogly Isa tabşyrdy. Isa Atasynyň tabşyrygyny kemini goýman ýerine ýetirer we dünýäniň soňuna çenli hoş habaryň bütin ýer ýüzünde wagyz edilmegine ýolbaşçylyk eder (Mat. 24:14). Wagyz işine Isa Mesihiň ýolbaşçylyk edýändigini nireden bilýäris? Isa göge galmazyndan öň şägirtlerine: «Gökde we ýerde ähli ygtyýar maňa berildi» diýdi. Soňra ol sözüni şeýle dowam etdi: «Şonuň üçin gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» (Mat. 28:18, 19). Ýehowa wajyp işe ýolbaşçylyk etmegi Isa tabşyrdy. Isanyň ýolbaşçylygy astynda wagyz işi şu günlerem dowam edýär. w22.07 sah. 8, abz. 1, 3, 4
15-nji fewral, penşenbe
Mazarda ýatanlaryň ählisiniň onuň sesini eşitjek wagty ýetip gelýär. Ýagşy iş edenler ýaşamak üçin. . . direler (Ýah. 5:28, 29).
Ölmänkä ýagşy işleri eden adamlar «ýaşamak üçin direler». Sebäbi olaryň atlary eýýäm ýaşaýyş kitabyna ýazyldy. Ýahýa 5:29-da agzalýan «ýagşy iş eden adamlara» Resullar 24:15-de «dogruçyllar» diýilýär. Rimliler 6:7-de aýdylyşy ýaly, adam ölenden soň «günäden azat bolýar». Emma onuň eden ýagşy işleri hiç haçan unudylmaz (Ýew. 6:10). Şol sebäpli hem onuň ady ýaşaýyş kitabyna ýazylýar. Elbetde, ölümden direljek dogruçyl adamlar atlarynyň hemişelik ýaşaýyş kitabyna ýazylmagy üçin Ýehowa doly wepaly bolmaly. w22.09 sah. 17, abz. 13; sah. 18, abz. 15
16-njy fewral, anna
Ýehowanyň. . . eden işleri ynama mynasypdyr (Zeb. 33:4).
Danyýar pygamber döwürdeşleriniň arasynda iň ynamdar adamlaryň biridi. Bir gün wawilonlylar ysraýyllary sürgün edýärler, Danyýar pygamber hem ýesir düşýär. Ol Wawilonda adamlaryň ynamyny gazanmaly bolýar. Wawilonyň patyşasy Nawuhodonosor düýş görýär. Danyýar Ýehowanyň kömegi bilen düýşi ýorup berýär (Dan. 4:20—22, 25). Birnäçe ýyldan soň Danyýar ynamdar adamdygyny ýene-de subut etdi. Ol köşgüň diwaryna ýazylan pygamberlik sözlerini jikme-jik düşündirdi (Dan. 5:5, 25—29). Dariý patyşa bilen köşk emeldarlary hem Danyýar pygamberiň «akyl-paýhasy bilen tapawutlanýandygyna» göz ýetirdiler. «Danyýar ynamdar we dogruçyl adamdy. Işine sowuk-sala garamaýardy» (Dan. 6:3, 4). Bizem özümize şeýle sorag bermeli: Meni ynamdar adam hökmünde tanaýarlarmy? Ynamdar adam bolsak, Ýehowany şöhratlandyrarys. w22.09 sah. 8, 9, abz. 2—4
17-nji fewral, şenbe
Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň (Efes. 5:1).
Biz Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşasak uzak ömür süreris. Näme üçin? Meselem, sürüji ýol hereketiniň kadalaryna eýermese näme bolar? Adamlaryň janyna howp salar. Ýa-da lukmanlar hassalary lukmançylyk düzgünlerine eýermän bejerseler näme bolar? Elbetde, bigünä adamlar öler. Her bir kada-kanun adamy goraýar. Edil şonuň ýaly, Hudaýyň kada-kanunlary hem bizi goraýar. Ýehowa halal ýaşaýan adamlary sylaglaýar. Ol şeýle wada berýär: «Dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» (Zeb. 37:29). Göz öňüne getiriň, ähli adamlar Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýar, hemmeler bagtly we şadyýan. Bütin ýer ýüzünde agzybirlik we parahatlyk höküm sürýär. Ýehowa siziň hem şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamagyňyzy isleýär. Munuň üçin biz häzirden dogruçyl bolmaly we halal ýaşamaly. w22.08 sah. 27, 28, abz. 6—8
18-nji fewral, ýekşenbe
Ähli zatda sagdyn pikirlen (2 Tim. 4:5).
Kynçylyk başymyza düşende Ýehowa wepaly bolmak we guramasyna ynanmak aňsat bolmaýar. Kynçylygy ýeňmäge näme kömek eder? Biz sagdyn pikirlenmeli, oýa bolmaly we «imanda berk durmaly». Sagdyn pikirlenmek islendik ýagdaýda parahatlygy saklamagy, dury pikirlenmegi we kynçylyga Ýehowa ýaly garamagy aňladýar. Eger sagdyn pikirlensek, duýgularymyzyň ýesiri bolmarys. Belki, ýaşuly bolup gulluk edýän dogan siziň göwnüňize degendir. Aslynda, ol siziň göwnüňize degjek bolan däldir (Rim. 3:23; Ýak. 3:2). Emma onuň aýdan sözleri ýüregiňize pyçak bolup sanjyldy. Siz: «Eger guramanyň bellän doganlary şeýle edýän bolsa, muňa Hudaýyň guramasy diýip bolarmy?» diýip oýlanýarsyňyz. Şeýtanyň bizi duzaga düşürjek bolýandygyny ýadymyzdan çykarmalyň (2 Kor. 2:11). Erbet pikirlere erk etmesek, Ýehowadan ýüz öwrüp, guramasyna ynamymyz gaçyp biler. Şonuň üçin öýkelek bolmaň. w22.11 sah. 20, abz. 1, 3; sah. 21, abz. 4
19-njy fewral, duşenbe
Ýehowa umyt bagla (Zeb. 27:14).
Ýehowa bize edebi ýaşaýşy wada berýär. Käbir adamlar gökde baky ýaşamaga umyt edýärler (1 Kor. 15:50, 53). Köp adamlar bolsa ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. Jennetde adamlar tut ýaly sagdyn bolar we durmuşdan lezzet alyp ýaşarlar (Ylh. 21:3, 4). Hawa, gökde ýa-da ýerde ýaşajak adamlaryň ählisi umydyny gymmat saýmaly. Biz umyt edýän zatlarymyzyň boljakdygyna ynanyp bileris, sebäbi ony Ýehowa wada berýär (Rim. 15:13). Ol hemişe beren sözünde tapylýar (4 Mus. 23:19). Biz Hudaýyň sözünde durýandygyna we wadasyny ýerine ýetirmäge güýjüniň ýetýändigine ynanyp bileris. Gökdäki Atamyz Ýehowa bizi ýürekden söýýär, biz oňa bil baglamaly. Ýehowa bil baglasak, umydymyz berk bolar. Nähili kynçylyk başymyza düşse-de, mertlik bilen döz geleris we şatlygymyzy ýitirmeris. Mukaddes Kitapda umyt labyra we tuwulga meňzedilýär. w22.10 sah. 24, abz. 1—3
20-nji fewral, sişenbe
Olar gozgalaňçy halk. . . Ýehowanyň kanunyna gulak asmaýar (Işa. 30:9).
Işaýa halkyň Ýehowa gulak asmaýandygy üçin başyna bela-beter injekdigi hakda pygamberlik etdi (Işa. 30:5, 17; Ýer. 25:8—11). Şol pygamberlik wawilonlylar ysraýyllary sürgün edende ýerine ýetdi. Sürgün edilenleriň arasynda Hudaýa wepaly adamlar hem bardy. Işaýa pygamber olara Ýehowanyň rehim edip, ýesirlikden azat etjekdigi baradaky habary aýtdy (Işa. 30:18, 19). Allatagala halkyny azat edende pygamberlik ýerine ýetdi. Emma Ýehowa pygamberlik ýerine ýetýänçä sabyrly garaşdy. Ysraýyllar ýesirlikden azat bolup, watanyna gelýänçä 70 ýyl geçdi (Işa. 10:21; Ýer. 29:10). Hawa, ysraýyllar gaýgy-hasratdan däl-de, şatlykdan ýaňa agladylar. w22.11 sah. 9, abz. 4
21-nji fewral, çarşenbe
Dogruçyllyk üçin yzarlanýan adamlar bagtlydyr (Mat. 5:10).
Şu günler käbir ýurtlarda dogan-uýalary I asyrdaky resullar ýaly Isanyň ady hakda wagyz edýändikleri üçin yzarlaýarlar. I asyrda Mejlisiň agzalary resullara «Isanyň ady hakda wagyz etmezligi» gaýta-gaýta tabşyrdylar (Res. 4:18-20; 5:27, 28, 40). Emma olar Isanyň ady hakda wagyz etmegi has ygtyýarly biriniň tabşyrandygyna düşünýärdiler (Res. 10:42). Petrus bilen Ýahýa Mejlisdäki kazylara Hudaýa gulak asyp, Isanyň ady hakda wagyz etjekdiklerini batyrgaýlyk bilen aýtdylar (Res. 5:29). «Şägirtler Isanyň ady üçin masgara bolandyklaryna begenip, Mejlisden çykyp gaýtdylar». Olary gamçylap ursalar-da Hudaýa wepaly boldular we hoş habary yhlasly wagyz etdiler (Res. 5:41, 42). w22.10 sah. 12, 13, abz. 2—4
22-nji fewral, penşenbe
Men. . . Hudaý bilen dostlaşmagy saýladym (Zeb. 73:28).
Hudaýy tanamak üçin Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny bilmeli. Munuň şeýledigini Pawlus resul ýewreýlere ýazan hatynda nygtap geçýär. Ol «esasy taglymaty» bäbejige güýç-kuwwat berýän «süýde» meňzedýär (Ýew. 5:12; 6:1). Emma Pawlus esasy taglymatlar bilen çäklenmän, Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenmegi maslahat berýär. Siz Mukaddes Kitaby okanyňyzda, Ýehowanyň kada-kanunlaryna düşünmek üçin jan edýärsiňizmi? Ýehowanyň häsiýetleri we niýetleri barada gözleg geçirýärsiňizmi? Käbir adamlar okamagy halamaýar. Siz mekdepde kitap okamagy, täze-täze zatlary öwrenmegi halaýardyňyzmy ýa-da kitabyň gatyny hem açasyňyz gelmeýärdi? Eger siz kitap okamagy halamaýan bolsaňyz ruhdan düşmäň. Ýehowa size kömek eder, sebäbi ol iň gowy Mugallym. w23.03 sah. 10, abz. 8—10
23-nji fewral, anna
Ýüregiňize guýlan sözi pesgöwünli kabul ediň, sebäbi ol sizi halas eder (Ýak. 1:21).
Eger biz pesgöwünli bolsak, Hudaýyň sözi ýüregimizde kök urar. Diýmek, Hudaýyň Sözüni gowy niýet bilen okasak, Mukaddes Kitapdaky wakalar bize rehimdarlyk, duýgudaşlyk we söýgi ýaly häsiýetleri ösdürmäge kömek eder. Fariseýler öwrenýän zatlaryny ýürekden kabul etmediler, şol sebäpli bigünä adamlary ýazgarýardylar (Mat. 12:7). Şonuň ýaly biziň hem öwrenýän zatlarymyzy durmuşymyzda ulanýandygymyzy adamlar bilen gatnaşygymyzdan görse bolýar. Munuň üçin özümize şeýle soraglary berip bileris: Men adamlaryň kemçiliklerine üns berýärinmi ýa-da gowy häsiýetlerine? Men tankytçyl, öýkelekmi ýa-da rehimdar, geçirimli adammy? Şeýle soraglar okaýan zatlarymyzyň pikirimize, duýgularymyza we durmuşymyza nähili täsir edýändigini bilmäge kömek eder (1 Tim. 4:12, 15; Ýew. 4:12). w23.02 sah. 12, 13, abz. 13, 14
24-nji fewral, şenbe
Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn. Sag eliňden berk tutup: «Gorkma, saňa kömek ederin!» diýýän Hudaýyňdyryn (Işa. 41:13).
Isa pygamberiň Ýusup atly şägirdi bardy. Ol arimatiýalydy, Mejlisiň agzasydy we atly-abraýly adamdy. Ýahýa resul şeýle diýdi: «Isanyň Ýusup atly şägirdi bardy, ýöne ol ýehudylardan gorkup, muny hiç kime aýtmaýardy» (Ýah. 19:38). Elbetde, Ýusup Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegine garaşýardy, emma Isa iman edýändigini aýtmaga çekinýärdi. Belki-de, ol: «Meni mejlisden çykararlar, abraýdan düşerin» diýip gorkandyr. Ýöne Ýusup bütin ömrüne gorkup ýaşadymy? Mukaddes Kitapda: «Ol batyrgaýlyk bilen Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini sorady» diýilýär (Mar. 15:42, 43). Halypasy ölenden soňra Ýusup imany hakda aýtmaga çekinmeýärdi. Sizde-de adamlardan gorky bolýarmy? w23.01 sah. 30, abz. 13, 14
25-nji fewral, ýekşenbe
Seniň parasatly sözleriňi diňleýän halkyň we huzuryňdaky hyzmatkärleriň nähili bagtly! (1 Pat. 10:8)
Şeba ýurdunyň şa aýaly Süleýman patyşanyň hökümdarlygynda Ysraýylyň gülläp ösýändigini eşidýär. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly, ol halkyň gowy durmuşyny görmek üçin Iýerusalime gelýär (1 Pat. 10:1). Ol Süleýmanyň akyldarlygyna haýran galyp, şu günki aýatdaky sözleri aýtdy. Süleýman patyşanyň döwründe ysraýyllar az wagt parahatlykda ýaşadylar. Ýöne Isa Mesihiň hökümdarlygynda biz ebedi parahatlykda ýaşarys. Isa Mesihiň hökümdarlygy Süleýmanyňkydan has gowy bolar. Sebäbi Süleýman bikämildi, agyr günäleri etdi we Hudaýyň halkyny kösedi. Ýöne Patyşamyz Isa kämil, ol hiç haçan ýalňyşmaýar (Luka 1:32; Ýew. 4:14, 15). Ol hiç haçan günä etmejekdigini we raýatlaryny ezmejekdigini subut etdi. Dogrudanam, Patyşamyz Isa taý geljek ýok! w22.12 sah. 10, 11, abz. 9, 10
26-njy fewral, duşenbe
Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyň we tabyn boluň. Olar gije-gündiz aladaňyzy edýärler (Ýew. 13:17).
Ýaşaýan ýerimizde ýokanç kesel ýaýran bolsa näme etmeli? Biz hökümetiň görkezmesine eýerip, elimizi wagtly-wagtynda ýuwmaly, howpsuz araçägi saklamaly, agyz-burun örtügini dakmaly we köpçülige barmaly däl. Şu maslahatlara eýersek, ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýýandygymyzy görkezeris. Betbagtçylyk bolanda käte dost-ýarlarymyzdan, goňşularymyzdan we täzeliklerden nädogry maglumatlary eşidýändiris. Biz her bir aýdylan söze gulak gabartman, hökümetiň we saglyk guramalarynyň aýdýan ygtybarly maglumatlaryny diňlemeli (Nak. 14:15). Ýolbaşçylyk maslahaty we filiallar hem görkezme bermezden öň belli bir ýagdaý hakda ygtybarly maglumatlary gözleýärler. Diňe şondan soň olar ýygnak duşuşyklary we wagyz işi babatda anyk görkezmeleri berýärler. Şol görkezmelere eýersek, hem özümizi, hem başgalary gorarys. Adamlar hem Ýehowanyň Şaýatlary hakda gowy pikirde bolarlar (1 Pet. 2:12). w23.02 sah. 23, abz. 11, 12
27-nji fewral, sişenbe
Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkmagy öwreniň (5 Mus. 31:13).
Ysraýyllar wada edilen ýurda baranda, ýurduň dürli ýerinde mesgen tutdular. Şonuň üçin olar öňküsi ýaly görşüp bilmeýärdiler. Ýöne Ýehowa ysraýyllara beren kanunlaryny öwrenmek üçin Iýerusalime ýygnanyşmagy tabşyrýar (5 Mus. 31:10—12; Neh. 8:2, 8, 18). Göz öňüne getiriň, ysraýyllar öz doganlaryny görende, gör, nähili begenendir! I asyrdaky mesihçiler ýygnagynda hem dürli milletli we medeniýetli adamlar bardy. Olar Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenmek üçin bile ýygnanyşmagyň wajypdygyna düşünýärdiler. Şonuň üçinem mesihçiler Hudaýyň Sözüni bile öwrenip, Oňa agzybir sežde edýärdiler (Res. 2:42; 8:30, 31). w23.02 sah. 3, abz. 7
28-nji fewral, çarşenbe
Ebedi ýaşaýşy alyň (Ýah. 17:3).
Hak Hudaý Ýehowa wepaly bendelerini söýýär we olardan jyda düşmek islemeýär. Şol sebäpli gökdäki Atamyz ýer ýüzündäki ogul-gyzlaryna «ebedi ýaşaýşy» wada berýär (Rim. 6:23). Hudaýyň şu wadasy hakda oýlansak, Ony ýürekden söýeris we her gün razy edip ýaşamak isläris. Biz Allatagalanyň ebedi ýaşaýyş hakdaky wadasyna ýürekden ynansak agyr synaglarda wepaly bolarys. Duşmanlarymyz bizi öldürjek diýip haýbat atsa-da, imandan dänmeris. Sebäbi Ýehowa wepaly bolup aradan çyksak, Ol bizi direlder we ebedi ýaşaýşy peşgeş berer (Ýah. 5:28, 29; 1 Kor. 15:55—58; Ýew. 2:15). Ýehowa ähli adamlary ebedi ýaşadyp bilýär, sebäbi Ol janly-jandarlara ýaşaýyş beren we ebedi ýaşaýan Hudaýdyr (Zeb. 36:9). Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ebedi Hudaýdygy aýdylýar (Zeb. 90:2; 102:12, 24, 27). w22.12 sah. 2, abz. 1—3
29-njy fewral, penşenbe
Bizi Mesihiň söýgüsinden näme aýra salyp biler? Betbagtçylykmy, kynçylykmy, yzarlamamy? (Rim. 8:35)
Hudaýyň halky her gün dürli kynçylyklara döz gelýär, emma biz muňa geň galmaýarys. Mukaddes Kitapda: «Hudaýyň Patyşalygyna girmek üçin köp kynçylyklardan geçmelidiris» diýilýär (Res. 14:22). Biz kynçylyklary diňe Hudaýyň Patyşalygynyň aýryp biljegine iman edýäris. Ýehowanyň berjek täze dünýäsinde «ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylh. 21:4). Ýehowa mesihçileriň başyna gelýän synaglary aýyrmaýar, emma şol synaglara döz gelmäge güýç berýär. Muny Pawlus resulyň rimlilere ýazan hatyndan görse bolýar. Ol rimli mesihçileriň başyna inen kynçylyklary we synaglary ýekän-ýekän sanap geçýär. Soňra ol sözüni şeýle jemleýär: «Bizi söýýäniň goldawy bilen ählisini ýeňýäris» (Rim. 8:36, 37). Diýmek, Ýehowa synag döwri bize kömek edýän eken, goldaýan eken. w23.01 sah. 14, abz. 1, 2