Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es24 sah. 27—37
  • Mart

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mart
  • Her günki aýady okalyň — 2024
  • Sözbaşylar
  • 1-nji mart, anna
  • 2-nji mart, şenbe
  • 3-nji mart, ýekşenbe
  • 4-nji mart, duşenbe
  • 5-nji mart, sişenbe
  • 6-njy mart, çarşenbe
  • 7-nji mart, penşenbe
  • 8-nji mart, anna
  • 9-njy mart, şenbe
  • 10-njy mart, ýekşenbe
  • 11-nji mart, duşenbe
  • 12-nji mart, sişenbe
  • 13-nji mart, çarşenbe
  • 14-nji mart, penşenbe
  • 15-nji mart, anna
  • 16-njy mart, şenbe
  • 17-nji mart, ýekşenbe
  • 18-nji mart, duşenbe
  • 19-njy mart, sişenbe
  • 20-nji mart, çarşenbe
  • 21-nji mart, penşenbe
  • 22-nji mart, anna
  • 23-nji mart, şenbe
  • ÝATLAMA AGŞAMY
    Gün ýaşandan soň başlanýar
    24-nji mart, ýekşenbe
  • 25-nji mart, duşenbe
  • 26-njy mart, sişenbe
  • 27-nji mart, çarşenbe
  • 28-nji mart, penşenbe
  • 29-njy mart, anna
  • 30-njy mart, şenbe
  • 31-nji mart, ýekşenbe
Her günki aýady okalyň — 2024
es24 sah. 27—37

Mart

1-nji mart, anna

Näme üçin. . . öwünýärsiň? (1 Kor. 4:7)

Petrus resul Hudaýyň ylhamy bilen şeýle diýdi: «Hudaý size ýagşy we jogapkärli hyzmatkärler hökmünde... ýagşylyk edýär. Şonuň üçin alan ukybyňyza görä birek-birege hyzmat ediň» (1 Pet. 4:10). Biz Petrusyň maslahatyna eýersek, dogan-uýalaryň imanyny berkideris. Belki-de, biz: «Dogan-uýalar ukybyma we zehinime göriplik edäýmesin ýa-da ruhdan düşäýmesin» diýip, Ýehowa elimizde baryny edip gulluk edýän däldiris. Biz ukyp-başarnygymyzy at-abraý gazanmak üçin däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ulanmaly (1 Kor. 4:6). Sebäbi bize akyl-paýhasy we zehini Ýehowa berdi. Şonuň üçin ukyplarymyza buýsanyp, men-menlik etmeli däl, gaýtam olary dogan-uýalaryň imanyny berkitmek üçin ulanmaly (Flp. 2:3). Eger biz güýjümizi we zehinimizi Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ulansak, Ony razy ederis hem-de dogan-uýalary özümizden ýokary saýarys. w22.04 sah. 11, 12, abz. 7—9

2-nji mart, şenbe

Gözlerimi aç, kanunyňda ýazylan ajaýyp pikirlere düşüneýin (Zeb. 119:18).

Isa Hudaýyň Sözüni gowy görýärdi, ony höwes bilen öwrenýärdi. Muny Zebur 40:8-däki sözlerden görse bolýar. Ol ýerde: «Eý Hudaýym, islegiňi berjaý edip şatlanýaryn. Kanunyň ganyma siňendir» diýilýär. Hudaýyň sözüne bolan güýçli söýgi, Isa bagtly bolmaga we Ýehowa soňuna çenli wepaly galmaga kömek etdi. Bizem Mukaddes Kitaby höwes bilen öwrensek, häzirden bagtly bolarys we ähli işlerimizde üstünlik gazanarys (Zeb. 1:1—3). Isanyň aýdan sözleri we göreldesi bize Mukaddes Kitaby dykgatly okamaga kömek edýär. Hudaýyň Sözüni okanymyzda doga etsek, howlukman okasak, özümize sorag bersek we gysgaça bellik etsek, oňa gowy düşüneris. Düşgürlik häsiýeti okan zatlarymyz hakda çuňňur oýlanmaga we edebiýatlarymyzdan gözleg geçirmäge kömek edýär. Mukaddes Kitaby dogry niýet bilen okanymyzda öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanyp bilýäris. Geliň, şu maslahatlara eýerip Mukaddes Kitaby dykgatly okalyň we Ýehowa Hudaý bilen dostlugymyzy has-da berkideliň (Zeb. 119:17, 18; Ýak. 4:8). w23.02 sah. 13, abz. 15, 16

3-nji mart, ýekşenbe

Işeňňiriň maksady amala aşýar (Nak. 21:5).

Anyk maksat goýuň we olara ýetmek üçin aýgytly ädimleri ädiň. Size näme kömek eder? Aýdaly, siz ökde mugallym bolmagy maksat goýduňyz. Onda «Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň» broşýurasyndan şahsy okuwyny geçiriň. Belki, size hepdäniň başyndaky duşuşykda ýumuş bilen çykyş etmek tabşyrylar. Ýygnakda çykyş etmeziňizden öň ýaşulularyň birinden ýumşuňyzy diňlemegi we maslahat bermegi haýyş ediň. Ýumşuňyza öňünden taýýarlanyň. Şonda dogan-uýalar siziň yhlasly we jogapkärlidigiňizi görerler (2 Kor. 8:22). Timoteos ökde nutukçy ýa-da mugallym boldumy? Elbetde, Mukaddes Kitapda bu hakda hiç zat aýdylmaýar. Emma biz onuň Pawlus resulyň maslahatyna eýerip, ýygnakdaky borjuny gowy ýerine ýetirendigine şübhelenmän bileris (2 Tim. 3:10). w22.04 sah. 24, 25, abz. 8—11

4-nji mart, duşenbe

Men deňizden on şahly, ýedi kelleli wagşy haýwanyň çykyp gelýänini gördüm (Ylh. 13:1).

Ýedi kelleli wagşy haýwan nämäni aňladýar? Muňa düşünmäge Danyýar kitaby kömek edýär. Danyýar kitabynyň 7-nji babynda dört sany wagşy haýwan hakda gürrüň edilýär. Olaryň birinjisi ýolbarsa, ikinjisi aýa, üçünjisi alajabarsa meňzeýär, dördünjisiniň bolsa on şahy bar. Şu dört wagşy haýwanyň alamatlary Ylham kitabyndaky bir wagşy haýwanda jemlenýär, ýagny ol alajabarsa meňzeýär, aýaklary aýynyňky, agzy bolsa ýolbarsyňky ýaly; onuň on şahy bar. Şeýle-de oňa «ähli taýpalaryň, halklaryň, dilleriň we milletleriň üstünden höküm sürmäge ygtyýar hem berilýär» (Ylh. 13:7). Diýmek, Ylham kitabyndaky wagşy haýwan bir patyşalygy däl-de, adamzat taryhyndaky ähli patyşalyklary aňladýar (Nes. 8:9). Şeýle-de Mukaddes Kitapda onluk san dolulygy aňladýar. w22.05 sah. 9, abz. 6

5-nji mart, sişenbe

Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar (Ylh. 21:4).

Hudaýyň Patyşalygy kimlere bereket berer? Armageddondan sag-aman geçjek adamlar we täze dünýäde doguljak çagalar bereket alarlar. Ylham kitabynyň 20-nji babynda ölen adamlaryň hem direljegi pygamberlik edilýär (Ylh. 20:11—13). Täze dünýäde hem «dogruçyllar», hem «erbetler» direler. Dogruçyllara Hudaýa wepaly bolup ölen adamlar, erbetlere bolsa Hudaýy tanamaga mümkinçiligi bolmadyk adamlar degişli (Res. 24:15; Ýah. 5:28, 29). Hudaýyň Müňýyllyk hökümdarlygynda ähli ölen adamlar direlermi? Ýok! Ýehowa sežde etmäge mümkinçiligi bolan, emma Oňa bilgeşleýin tabyn bolmadyk adamlar Jennetde ebedi ýaşamak üçin direlmez (Mat. 25:46; 2 Sel. 1:9; Ylh. 17:8; 20:15). w22.05 sah. 18, abz. 16, 17

6-njy mart, çarşenbe

Biz nirä gideli? Seniň öwredýän zatlaryň ebedi ýaşaýşa eltýär ahyryn (Ýah. 6:68).

Isa Mesih «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly ýer ýüzünde Hudaýa arassa sežde edýän guramany döretdi (Mat. 24:45). Siz şol guramanyň agzasydygyňyza buýsanýarsyňyzmy? Belki, sizem Petrusyň şu günki aýatdaky Isa Mesihe aýdan sözlerine goşulýansyňyz. Eger biz Ýehowany tanamadyk bolsak, nirelerde bolardyk?! Ýolbaşçymyz Isa Mesih biziň Hudaýa imanymyzy berkitmek üçin hemmetaraplaýyn aladamyzy edýär. Şeýle-de ol bize ökdelik bilen wagyz etmegi öwredýär we Ýehowa ýaraýan «täze häsiýetleri geýmäge» kömek edýär (Efes. 4:24). Baştutanymyz Isa Mesih kyn ýagdaýlarda bize görkezme berýär. Meselem, koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri bütin ýer ýüzündäki adamlar näme edip, näme goýjagyny bilmediler. Emma Isa bize janymyzy goramak üçin gerekli görkezmeleri berdi. w22.07 sah. 12, abz. 13, 14

7-nji mart, penşenbe

Iň wajyp zatlara düşüniň (Flp. 1:10).

Ysraýyllar çagalaryna Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda her gün gürrüň bermelidiler (5 Mus. 6:6, 7). Olar her bir mümkinçilikden peýdalanyp çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmelidiler. Meselem, kakasy ogly bilen ekin ekende ýa-da hasyl ýygnanda günuzyn gürrüňdeş bolup bilýärdi. Ýa-da ejesi gyzyna tikin tikmegi, dokma dokamagy we öýüň beýleki işlerini öwredende, uzakly gün onuň bilen söhbet edip bilýärdi. Şeýdip, olar çagalaryna Ýehowanyň ýagşylyga baý Hudaýdygy we wepaly bendelerine kömek edýändigi hakda gürrüň berýärdiler. Köp ýurtlarda ene-atalar uzakly gün işleýär, çagalar bolsa mekdepde okaýar. Şol sebäpli ene-atalar çagalary bilen gürrüňdeş bolmak üçin ýörite wagt tapmaly bolýar (Efes. 5:15, 16). w22.05 sah. 28, abz. 10, 11

8-nji mart, anna

Siz erbet adamlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? (1 Kor. 6:9)

Agyr günä — Hudaýyň kada-kanunlaryny bozmak. Agyr günä eden mesihçi Ýehowa doga edip ötünç soramaly we ýaşululara bolan ýagdaýy aýtmaly (Zeb. 32:5; Ýak. 5:14). Ýaşulular näme etmeli? Elbetde, adamlaryň günäsini bagyşlamaga diňe Ýehowanyň haky bar. Ol ýazyklary Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly bagyşlaýar. Emma Ýehowa günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesmelimi ýa-da kesmeli däldigini anyklamagy ýaşululara tabşyrdy. Olar Mukaddes Kitaba esaslanyp bolan ýagdaýyň anygyna ýetmeli (1 Kor. 5:12). Şeýle-de ýaşulular şu soraglar hakda oýlanmaly: Ol bilgeşleýin günä etdimi? Günäsini gizledimi? Näçe wagtlap gizläp gezdi? Onuň ýürekden toba edýändigi görünýärmi? Ýehowanyň ony bagyşlandygyny görkezýän subutnamalar barmy? (Res. 3:19). w22.06 sah. 9, abz. 4

9-njy mart, şenbe

Hakykaty. . . söýüň! (Zek. 8:19)

Isa pygamber şägirtlerine adalatly bolmagy ündeýär (Mat. 5:6). Biz Ýehowanyň dogry, ýagşy we halal hasaplaýan işlerini etmeli. Siz hakykaty we dogruçyllygy söýýärsiňizmi? Elbetde, biz muňa asla şübhelenmeýäris. Sebäbi siz ýalan sözlemegi, erbet we haram işleri ýigrenýärsiňiz (Zeb. 119:128, 163). Ýalan sözleýän adamlar şu dünýäniň hökümdary Şeýtanyň yzyna eýerýär (Ýah. 8:44; 12:31). Şeýtan Ýehowanyň mukaddes adyny garalamak isleýär. Ol Erem bagyndan bäri Hudaý hakda ýalan zatlary aýdýar. Şeýtan Iblis: «Ýehowa diňe özüni bilýän Hökümdar. Ol adamlardan gowy zady gizleýär» diýip töhmet atýar (1 Mus. 3:1, 4, 5). Şeýtan şu günler hem hak Hudaý Ýehowa hakda ýalan zatlary aýdyp, adamlaryň aňyny zäherleýär. Hakykaty ýigrenýän adamlar Şeýtanyň duzagyna düşüp, haram we ýigrenji işleri edýär (Rim. 1:25—31). w23.03 sah. 2, abz. 3

10-njy mart, ýekşenbe

Ýehowanyň. . . söýgüsi ebedidir (Zeb. 100:5).

Siz suwa çümdürilmek üçin käbir kynçylyklar bilen göreşmeli bolarsyňyz. Meselem, Ýehowa iman edýändigiňiz üçin dogan-garyndaşlaryňyz we tanyş-bilişleriňiz üstüňizden gülerler, garşy çykarlar ýa-da yzarlarlar (2 Tim. 3:12). Belki, siz erbet endikler bilen göreşmeli bolarsyňyz. Käte özüňize erk edip bilmän, erbet endikleriňizi gaýtalamagyňyz mümkin. Ýa-da maksadyňyza ýetip bilmerin öýdüp, ruhdan düşersiňiz. Şeýle kynçylyklara döz gelmäge näme kömek eder? Elbetde, Ýehowa bolan söýgi! Ýehowany söýmek — iň gerekli häsiýetleriň biri (Nak. 3:3—6). Eger Ýehowany söýsek, islendik kynçylyga döz gelip bileris. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň wepaly söýgä baýdygy aýdylýar. Ýehowanyň halkyna bolan söýgüsi asla sowamaýar, halkyny hiç haçan ýeke goýmaýar. Adamlar Hudaýyň keşbinde ýaradyldy (1 Mus. 1:26). Siz söýgüden doly Hudaýyň göreldesine nädip eýerip bilesiňiz? Hudaýa her gün minnetdar boluň (1 Sel. 5:18). Siz her gün özüňizden: «Şu gün Ýehowa maňa nähili ýagşylyk etdi?» diýip soraň. Soňra Hudaýa doga edip, ýagşylygy üçin minnetdarlyk bildiriň. Ýehowanyň sizi söýýändigi we gadyryňyzy bilýändigi hakda oýlanyň. w23.03 sah. 12, abz. 17—19

11-nji mart, duşenbe

Isa hemmeleriň ýüregini görýärdi (Ýah. 2:25).

Isa pygamber 12 resulyna mähirli bolup, söýgi bilen düzetdi. Dogan-uýalar bikämillik sebäpli ýalňyşanda, biziň gaharymyz gelýärmi? Eger şeýle bolsa, şu soraglar hakda oýlansak gowy bolar: «Men doganyň ýa-da uýanyň goýberen ýalňyşyna näme üçin gaharlandym? Şu ýagdaý meniň haýsy erbet häsiýetimi ýüze çykardy? Belki, ol agyr günleri başdan geçirýän bolaýmasyn? Meniň öýkelemäge sebäbim bolsa-da, ony söýüp ýürekden bagyşlap bilerinmi?» Eger dogan-uýalary ak ýürekden söýsek we olar üçin janymyzdan geçmäge taýyn bolsak, Isa pygamberiň şägirdidigimizi subut ederis. Biz Isa pygamberiň göreldesine eýersek, dogan-uýalaryň ýagdaýyna has gowy düşüneris (Nak. 20:5). Elbetde, biz Isa ýaly adamlaryň ýüregini görüp bilmeýäris, emma göwnümize degen dogan-uýalara sabyrly bolup, olary bagyşlap bilýäris (Efes. 4:1, 2; 1 Pet. 3:8). Dogan-uýalary gowy tanasak geçirimli bolarys. w23.03 sah. 30, abz. 14—16

12-nji mart, sişenbe

Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýy (Luka 20:38).

Käte Şeýtan ýarawsyz dogan-uýalara Hudaýyň kada-kanunlaryny bozdurjak bolmagy mümkin. Belki, lukmanlar ýa-da Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlary olara gan goýbertjek bolar. Ýa-da Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna garşy gelýän başga bir bejergini teklip eder. Biz ölümden gorkmaýan gözsüz batyr däl. Elbetde, ölümden gorkýarys. Ýöne biz aradan çyksak-da, Ýehowanyň direltjekdigine iman edýäris, sebäbi ol bizi söýýär (Rim. 8:37—39). Ýehowa aradan çykan dostlaryny unutmaýar, olary diri hasaplaýar (Luka 20:37). Ol wepaly bendelerini direltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar (Eýp. 14:15). Ýehowa adamlary ebedi ýaşatmak üçin söwer Ogluny gurban berdi (Ýah. 3:16). Ýehowanyň bizi söýýändigine we aladamyzy edýändigine şübhelenmeýäris. Bizi öldürjek bolsalar-da, agyr kesellesek-de, Ýehowadan dänmeris. Gaýtam Ondan güýç, akyldarlyk we kalbymyza rahatlyk sorarys (Zeb. 41:3). w22.06 sah. 18, abz. 16, 17

13-nji mart, çarşenbe

Akyldarlyk köçelerde gygyrýar (Nak. 1:20).

Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr. Mukaddes Hudaýyň bilimi düşünje berýär» (Nak. 9:10). Biz «mukaddes Hudaýyň bilimine» eýersek dogry karara gelip bileris. Munuň üçin Mukaddes Kitaby we edebiýatlary okamaly. Şonda akyldar bolup bileris (Nak. 2:5—7). Diňe Ýehowa bize akyldarlyk berip bilýär (Rim. 16:27). Näme üçin? Birinjiden, Ýehowanyň akyldarlygynyň çägi ýok. Ol ýaradan zatlary barada ähli zady bilýär (Zeb. 104:24). Ikinjiden, Ýehowanyň ýaradan zatlaryndan akyldarlygy görünýär (Rim. 11:33). Üçünjiden, Ýehowanyň berýän maslahatlary akyldar edýär (Nak. 2:10—12). Eger biz akyldar bolmak islesek, Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny bilmeli we olara eýerip ýaşamaly. w22.10 sah. 19, abz. 3, 4

14-nji mart, penşenbe

Şonda gökde uruş turdy. Mikaýyl perişdeleri bilen aždarha garşy, aždarha hem perişdeleri bilen olara garşy söweşdi. Ýöne olar ýeňip bilmediler we gökde olar üçin ýer galmady (Ylh. 12:7, 8).

Ylham 12-nji bapda Şeýtanyň ýeňlendigi we ýer ýüzüne zyňlandygy aýdylýar. Onuň ýeňlenine jany ýanyp bar gaharyny adamlardan çykarýar (Ylh. 12:9—12). Soňky günler hakdaky pygamberligi näme üçin bilmeli? Soňky günlerde dünýäniň ýagdaýy we adamlaryň gylyk-häsiýeti gün-günden erbetleşýär. Şu zatlar Isanyň gökde höküm sürüp başlandygyny subut edýär. Biz şu günler özüni bilýän we zalym adamlary görenimizde ruhdan düşmeýäris, sebäbi Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigine düşünýäris. Dogrudan-da, Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär! (Zeb. 37:1). Armageddon golaýlaşdygyça dünýäniň ýagdaýy has-da erbetleşer (Mar. 13:8; 2 Tim. 3:13). Biz söýgüden doly gökdäki Atamyza örän minnetdar, sebäbi ol kynçylyklaryň näme üçin köpelýändigini düşündirýär. w22.07 sah. 3, 4, abz. 7, 8

15-nji mart, anna

Dogruçyl adamyň dilegi güýçli täsir edýär (Ýak. 5:16).

Biz keselçilikden, tebigy betbagtçylykdan, uruşdan, yzarlamalardan we dürli kynçylyklardan ejir çekýän dogan-uýalarymyz üçin doga etmeli. Şeýle-de janyny aýaman imandaşlaryna kömek edýän dogan-uýalar üçin hem doga-dileg etmeli. Siz kynçylyk çekýän dogan-uýalary tanaýarsyňyzmy? Eger tanaýanyňyz bar bolsa, olaryň her biriniň adyny tutup doga ediň. Şonda olary ýürekden söýýändigiňizi subut edersiňiz. Ýygnakda köp işleri edýän doganlar üçin hem doga etmeli. Biziň edýän dogalarymyz olaryň güýjüne güýç goşar. Pawlus resul şeýle diýdi: «Agzymy açanymda, hoş habaryň mukaddes syry hakda batyrgaý wagyz edip biler ýaly, meniň üçin hem doga ediň» (Efes. 6:19). Şu günler Pawlus resul ýaly janyny aýaman imandaşlarynyň aladasyny edýän doganlar bar. Geliň, olaryň edýän tagallasyna Ýehowanyň ak pata bermegi üçin doga-dileg edeliň. w22.07 sah. 23, 24, abz. 14—16

16-njy mart, şenbe

Gutulyş umydyny hem tuwulga edip geýeliň (1 Sel. 5:8).

Adatça, tuwulga esgeriň kellesini duşmanyň urgularyndan goraýar. Bizem Şeýtan bilen söweşýäris. Ol her dürli synaglar, erbet pikirler bilen aňymyzy zäherlejek bolýar. Tuwulganyň esgeriň kellesini goraýşy ýaly, gelejege bolan umydymyzam Ýehowa wepaly bolmaga kömek edýär. Ýöne umydymyz üzülse, şu dünýäniň keýpi-sapasyna gyzygyp, Hudaýyň berjek ebedi ýaşaýşyndan mahrum bolup bileris. Geliň, Korinf şäherinde ýaşan mesihçiler hakda gürrüň edeliň. Olar Hudaýyň ölen adamlary direltjekdigi baradaky wadasyna ynanman başladylar (1 Kor. 15:12). Pawlus resul şol adamlaryň: «Iýeliň, içeliň, barybir ertir öleris» diýip, gelejege umyt etmeýändiklerini aýtdy (1 Kor. 15:32). Şu günlerem köp adamlar Hudaýyň wadalaryna ynanman keýpi-sapada ýaşaýarlar. Biz bolsa Allatagalanyň wadalaryna umyt edýäris. w22.10 sah. 25, 26, abz. 8, 9

17-nji mart, ýekşenbe

Hemişe doga-dileg ediň (1 Sel. 5:17).

Ýehowa biziň nähili ýagdaýlary başdan geçirýändigimizi görýär. Ol biziň doga edip kömek soramagymyza garaşýar. Ýehowa wepaly bendeleriniň doga-dileglerini höwes bilen diňleýär (Nak. 15:8). Özümizi ýeke duýanymyzda Ýehowa näme barada doga edip bileris? Biz Ýehowa ýüregimizi dökmeli (Zeb. 62:8). Oňa gaýgy-aladalarymyzy, biynjalyk edýän zatlarymyzy gürrüň bermeli (Luka 21:14, 15). Eger erbet pikirler sebäpli göwnüçökgünlige düşýän bolsaňyz Ýehowadan kömek soraň. Ol siziň ýagdaýyňyza düşünjek imany berk dogan-uýalar bilen gepleşmäge kömek eder. Ýehowanyň doga-dilegleriňize nädip jogap berýändigini görjek boluň. Dogan-uýalaryň kömegini kabul ediň. Şonda özüňizi ýeke duýmarsyňyz. w22.08 sah. 10, abz. 6

18-nji mart, duşenbe

Olar Sezaryň kanunlaryna garşy çykýarlar (Res. 17:7).

Selanik şäherindäki täze ýygnak yzarlamalar sebäpli aljyraňňy ýagdaýa düşýär. Adamlar «käbir doganlary şäher ýolbaşçylarynyň ýanyna» eltýärler (Res. 17:6). Dogan-uýalar bütin şäheriň garşy çykýandygyny görüp gorkandyrlar. Dogan-uýalaryň imany gowşap we Ýehowa söýgüsi sowap bilerdi. Ýöne Pawlus el gowşuryp oturmady, olaryň aladasyny etdi. Ol selaniklilere şeýle hat ýazdy: «Ýanyňyza. . . Timoteos dogany iberýäris. Ol size göwünlik berip, imanyňyzy berkider. Şonda kynçylyklar sebäpli hiç kimiň imany gowşamaz» (1 Sel. 3:2, 3). Timoteos Pawlus resulyň Listradaky dogan-uýalaryň imanyny berkidendigini we Ýehowanyň ony goldandygyny gözi bilen görendir. Şol sebäpli Timoteos hem Selanikdäki dogan-uýalara göwünlik berip bilerdi (Res. 14:8, 19—22; Ýew. 12:2). w22.08 sah. 21, abz. 4

19-njy mart, sişenbe

Ol arkaly ýaşaýşa ýol açdy (1 Ýah. 4:9).

1870-nji ýylda Çarlz Teýz Rasseliň ýolbaşçylygynda Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň kiçi topary Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenip başlaýarlar. Olar töleg gurbanyň manysy we Ýatlama agşamynyň geçirilişi barada gözleg geçirýärler. Biz Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň geçiren barlaglary netijesinde köp hakykatlary bildik. Meselem, töleg gurbanynyň nämedigine we nähili peýdasynyň bardygyna düşündik (1 Ýah. 2:1, 2). Mukaddes Kitaba görä, az sanly adamlar gökde baky ýaşar we millionlarça adamlar ýer ýüzünde ebedi ýaşar. Biz Ýehowanyň beýik söýgüsi we Isa Mesihiň töleg gurbany hakda oýlansak, gökdäki Atamyz bilen dostlugymyz hasam berkär (1 Pet. 3:18). Şu günler biz Mukaddes Kitaby öwrenýän doganlaryň göreldesine eýerýäris. Biz Ýatlama agşamyny Isa pygamberiň tabşyryşy ýaly geçirýäris we bu wajyp çärä ähli adamlary hem çagyrýarys. w23.01 sah. 21, abz. 6, 7

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (9-njy nisanda Gün batandan soň bolan wakalar) Markus 14:3—9

20-nji mart, çarşenbe

Adamlar indi özleri üçin däl-de, olaryň hatyrasyna ölüp, soňra direlen üçin ýaşamaly, sebäbi ol hemmeler üçin öldi (2 Kor. 5:15).

Isa adamlara Hudaýyň Patyşalygy we onuň gelejekde eçiljek bereketleri hakda gürrüň berýärdi. Töleg gurbany berilmedik bolsa, biz Ýehowa Hudaý we Isa Mesih bilen dostlaşyp bilmezdik. Töleg gurbanyna iman edýän adamlar ýer ýüzünde ebedi ýaşarlar we aradan çykan dogan-garyndaşlary bilen didarlaşarlar (Ýah. 5:28, 29; Rim. 6:23). Aslynda, biz mynasyp bolmasak-da, Ýehowa töleg gurbanyny berdi. Biz Ýehowanyň ýagşylygynyň öwezini hiç haçan dolup bilmeris (Rim. 5:8, 20, 21). Emma töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy iş ýüzünde görkezip bilýäris. Nädip? Biz Patyşalyk işlerine yhlasly gatnaşmaly. Meselem, biz guramanyň binalarynyň gurluşyk we abatlaýyş işlerine gatnaşyp bileris. w23.01 sah. 26, abz. 3; sah. 27, abz. 5

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (9-njy nisanda bolan wakalar) Markus 11:1—11

21-nji mart, penşenbe

Görsem. . . Guzy we onuň ýanynda 144 000 adam durdy (Ylh. 14:1).

Isa Mesih bilen saýlanan mesihçiler bütin ýer ýüzünde ýaşajak milliardlarça adamlaryň aladasyny eder. Isa Mesih ýaly saýlanan mesihçiler hem patyşalar we ruhanylar bolup höküm sürer (Ylh. 5:10). Musanyň kanunyna görä, ruhanylar halkyň Hudaýa imanyny berkitmelidi we olaryň saglygynyň aladasyny etmelidi. Musanyň kanuny «gelejekki ýagşy zatlaryň... kölegesidi». Şol sebäpli Isa bilen gökde höküm sürjekler hem wepaly adamlara Ýehowa bilen dostlaşmaga we sagdyn bolup, kämillige ýetmäge kömek ederler (Ýew. 10:1). Biz saýlanan mesihçileriň Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary bilen nädip habarlaşjakdygyny bilmeýäris. Ýöne Ýehowanyň ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlara görkezme berjekdigine ynamly bolup bileris (Ylh. 21:3, 4). w22.12 sah. 11, abz. 11—13

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (10-njy nisanda bolan wakalar) Markus 11:12—19

22-nji mart, anna

Halypamyz gelýänçä, onuň ölendigini ýatlaýarsyňyz (1 Kor. 11:26).

Biz Ýatlama agşamyna has köp adam çagyrmak üçin elimizde baryny edýäris. Şu wajyp çärä ilkinji sapar gelýän adamlaryň Ýehowa Hudaýyň we Isa Mesihiň eden ýagşylyklary hakda bilmäge mümkinçiligi bolýar (Ýah. 3:16). Biz Ýatlama agşamynda olaryň eşiden zatlarynyň ýüregine täsir edip, Ýehowanyň Şaýady bolar diýip umyt edýäris. Biz Ýatlama agşamyna köp ýyldan bäri ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaýan dogan-uýalary hem çagyrýarys. Olaryň köpüsi biziň çakylygymyzy kabul edip, Ýatlama agşamyna gelýärler. Bizem olary gujak açyp garşy alýarys we Ýehowanyň olary ýürekden söýýändigini ýatladýarys. Ýatlama agşamynda olar geçmişde Ýehowa wepaly gulluk eden ýyllaryny ýatlap, begenjinden ýaňa gözüne ýaş aýlaýarlar (Zeb. 103:1—4). Dogan-uýalar, adamlar sizi diňlesin, diňlemesin, olary Ýatlama agşamyna çagyryň. Elbetde, Ýehowa üçin adamlaryň sany däl-de, olaryň şirin jany has wajyp (Luka 15:7; 1 Tim. 2:3, 4). w23.01 sah. 20, abz. 1; sah. 22, 23, abz. 9—11

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (11-nji nisanda bolan wakalar) Markus 11:20—12:27, 41—44

23-nji mart, şenbe

Ýehowa hudaýhonlara. . . nazar salýar (Zeb. 33:18).

Ýehowa hemişe halkyny goraýar we olaryň aladasyny edýär. Emma Isa pygamber ýer ýüzündäki ömrüniň soňky gijesi Atasyna ýalbaryp: «Şägirtlerimi gora» diýip doga edýär (Ýah. 17:15, 20). Näme üçin? Sebäbi Isa pygamber şägirtleriniň dürli kynçylyklara, yzarlamalara duçar boljakdygyny bilýärdi. Olar Ýehowanyň kömegi bolmasa, Şeýtanyň synaglaryna döz gelip bilmezdi. Şeýtan Iblis bütin dünýäniň üstünden höküm sürýär we Ýehowanyň halkyna azar baryny berýär. Biziň her gün Ýehowa imanymyz synalýar, ýöne Oňa wepaly bolup bileris. Ýehowa başymyza düşýän kynçylyklary görýär we kömek etmek isleýär. Hawa, Ýehowa halkyna nazar salýar (Zeb. 33:18—20). w22.08 sah. 8, abz. 1, 2

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (12-nji nisanda bolan wakalar) Markus 14:1, 2, 10, 11; Matta 26:1—5, 14—16

ÝATLAMA AGŞAMY
Gün ýaşandan soň başlanýar
24-nji mart, ýekşenbe

Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň (Luka 22:19).

Isa pygamberiň bildiren söýgüsine minnetdar bolmak üçin näme etmeli? Biz Ýatlama agşamy döwri Ýehowa doga edip, töleg gurbany hakda oýlanmaly we köp adamlary Ýatlama agşamyna çagyrmaly. Şeýle-de kynçylyklara garamazdan, Ýatlama agşamyna gatnaşmagy ýüregimize berk düwmeli. Biz Ýatlama agşamynda şeýle soraglaryň jogabyny bilýäris: Näme üçin töleg gurbany gerek? Bir adamyň ölümi nädip ähli adamlaryň günäsini ýuwýar? Çörek we şerap nämäni aňladýar? Olardan kimler dadýar? (Luka 22:19, 20). Ýer ýüzünde Jennetde ýaşajak adamlara nähili bereketler garaşýar? (Işa. 35:5, 6; 65:17, 21—23). Biz Ýehowa örän minnetdar, sebäbi ol bize töleg gurbanyny näme üçin berendigini düşündirýär. w23.01 sah. 20, abz. 2; sah. 21, abz. 4

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (13-nji nisanda bolan wakalar) Markus 14:12—16; Matta 26:17—19 (14-nji nisanda Gün batandan soň bolan wakalar) Markus 14:17—72

25-nji mart, duşenbe

Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň. . . ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär (Ýah. 3:16).

Ýehowa biziň günälerimizi ýuwup, ebedi ýaşatmak üçin söwer Oglunyň şirin janyny gurban berdi (Mat. 20:28). Pawlus resul şeýle diýýär: «Bir adam arkaly ölüm peýda bolan bolsa, bir adam arkaly hem direliş bolar. Adam ata arkaly hemmeleriň ölşi ýaly, Mesih arkaly-da hemmeler ýaşarlar» (1 Kor. 15:21, 22). Isa pygamber şägirtlerine Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi we ýerde-de isleginiň amala aşmagy barada doga etmegi öwretdi (Mat. 6:9, 10). Hudaý bütin ýer ýüzünde adamlaryň ebedi ýaşamagyny isleýär. Şonuň üçin Ýehowa Isany gökdäki Patyşalygyň Patyşasy edip belledi. Şeýle-de Ýehowa gökdäki ýaşaýyş üçin ýer ýüzünden 144 000 wepaly bendesini saýlady. Olar Isa bilen eginme-egin işleşip, Hudaýyň ilkibaşdaky niýetini doly amala aşyrarlar (Ylh. 5:9, 10). w22.12 sah. 5, 6, abz. 11, 12

Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (14-nji nisanda bolan wakalar) Markus 15:1—47

26-njy mart, sişenbe

Bizi. . . Mesihiň söýgüsi höweslendirýär. Adamlar indi özleri üçin. . . ýaşamaly däl (2 Kor. 5:14, 15).

Biziň aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzy göresimiz gelýändir. Olary ýatlanymyzda damagymyz dolýandyr. Emma ýürek ýaralary wagtyň geçmegi bilen bitişýär. Biz olaryň beren öwüt-nesihatyny, ruhlandyryjy gürrüňlerini we eden işlerini ýatlanymyzda ýylgyranymyzy duýman galýarys. Isa pygamber biziň üçin ejir çekip öldi. Şu hakda oýlananymyzda ýüregimiz gam-gussadan dolýar. Esasanam, biz Ýatlama agşamy döwri Halypamyzyň biziň üçin şirin janyny gurban edendigi hakda oýlanmaly (1 Kor. 11:24, 25). Ýöne Isa pygamberiň öwüt-nesihatlaryny we ýagşy işlerini ýatlanymyzda ýüregimiz şatlykdan dolýar. Şeýle-de onuň häzir gökde Patyşa bolup höküm sürýändigi we tizden etjek işleri hakda oýlananymyzda göwnümiz göterilýär. w23.01 sah. 26, abz. 1, 2

Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (15-nji nisanda bolan wakalar) Matta 27:62—66 (16-njy nisanda Gün batandan soň bolan wakalar) Markus 16:1

27-nji mart, çarşenbe

Hudaýyň Patyşalygyny. . . birinji orunda goýuň (Mat. 6:33).

Isa pygamber ölenden soň resullar gaýgy-gama batandyrlar. Resullar Halypasyndan, jana-jan dostundan aýra düşdüler we olaryň gelejege bolan umydy üzüldi (Luka 24:17—21). Isa ölümden direlensoň 40 günläp şägirtleriniň ýanynda boldy. Şonda olaryň gaýgysy şatlyga öwrüldi. Isa olara Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetmeginde uly orun tutýandygyny düşündirdi we olara wajyp ýumuş tabşyrdy (Luka 24:26, 27, 45—48). Biraz wagtdan olar Halypasynyň göge galandygynyň diri şaýady boldular. Resullar Isanyň wajyp ýumşy ýerine ýetirmäge kömek etjekdigini bilenlerinde ýürekden şatlandylar. Şondan soň olar ruhdan düşmän, Ýehowany her gün şöhratlandyrdylar (Luka 24:52, 53; Res. 5:42). Biz resullaryň göreldesine eýermek üçin Patyşalyk işlerini durmuşymyzda birinji orunda goýmaly. Eger şeýle etsek, Ýehowa bize bol bereket berer (Nak. 10:22). w23.01 sah. 30, 31, abz. 15, 16

Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (16-njy nisanda bolan wakalar) Markus 16:2—8

28-nji mart, penşenbe

Topraga-da öwrülersiň (1 Mus. 3:19).

Adam ata bilen How enäniň ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly näme etmeli? Biz Ýehowany gowy tanamaly we Onuň pikirine hem garaýşyna düşünjek bolmaly. Şonda Ýehowany ýürekden söýeris. Geliň, Ýehowany ýürekden söýen Ybraýym pygamber hakda gürrüň edeliň. Ol Ýehowanyň gelen kararyna düşünmese-de gulak asdy we has gowy tanamak üçin jan etdi. Meselem, Allatagala Sodom we Gomorra şäherlerini ýok etjek bolanda, Ybraýym pygamber aladalanyp: «Gowy adamlara erbetler bilen deň jeza berip... ýer ýüzüniň Kazysy adalatsyzlyk edermi?!» diýdi. Ol pesgöwünlilik bilen Ýehowa sorag berdi, Ýehowa hem sabyrlylyk bilen jogap berdi. Ybraýym Ýehowanyň her bir ynsanyň ýüregini görýändigine we gowy adamlary erbetler bilen ýok etmejekdigine düşündi (1 Mus. 18:20—32). w22.08 sah. 28, abz. 9, 10

29-njy mart, anna

Ynamdar adam syr saklaýar (Nak. 11:13).

B. e. öň 455-nji ýylda Iýerusalimiň diwarlary dikeldilenden soň, Nehemýa şähere gözegçilik edip biljek ynamdar adamlary gözleýär. Olaryň arasynda Galanyň baştutany Hananýa hem bardy. Mukaddes Kitapda Hananýanyň ynamdar we Hudaýdan gorkýan adamdygy aýdylýar (Neh. 7:2). Hananýa Ýehowany ýürekden söýýärdi we Ony razy etmek üçin özüne ynanylan işe yhlasly ýapyşýardy. Biz hem Ýehowany ýürekden söýsek we Ony razy etsek ynamdar adamdygymyzy subut ederis. Geliň, Pawlus resulyň ynamdar dosty Tihikus hakda gürrüň edeliň. Pawlus hatynda Tihikusa «Halypamyzyň wepaly guly» diýip, oňa ynanýandygyny görkezýär (Efes. 6:21, 22). Pawlus resul ýazan hatlaryny Efesdäki we Kolosdaky doganlara eltip bermegi Tihikusdan haýyş edýär. Şeýle-de oňa imandaşlaryny ruhlandyrmagy we göwünlik bermegi ynanýar. Şu günler hem Tihikus ýaly biziň aladamyzy edýän doganlaryň bardygyna örän begenýäris (Kol. 4:7—9). w22.09 sah. 9, 10, abz. 5, 6

30-njy mart, şenbe

Söýgi köp günäleriň üstüni ýapýandyr (1 Pet. 4:8).

Ýusup ýat ýurtda 13 ýyllap görgi baryny gördi. Ol: «Ýehowa meni söýmeýär, meni taşlady» diýip, pikir edip bilerdi. Emma Ýusup erbet pikirleriň duzagyna düşmän, kalbynda rahatlygy saklady we sagdyn pikirlendi. Agalaryndan ar almaga mümkinçilik dörese-de, olary bagyşlady (1 Mus. 45:4, 5). Ýusup başyna düşen kynçylyklar barada däl-de, Ýehowanyň nähili Hudaýdygy hakda oýlandy, sagdyn pikirlendi (1 Mus. 50:19—21). Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? Bize adalatsyzlyk edenlerinde «Ýehowa menden ýüz öwürdi» diýip öýkelemegiň deregine, kynçylyklarda goldandygy hakda oýlanalyň. Dogan-uýalary ýürekden söýsek olaryň ýekeje ýalňyşyna däl-de, eden ýagşylyklaryna üns bereris. w22.11 sah. 21, abz. 4

31-nji mart, ýekşenbe

Ähli hökümdarlyklar olara gulluk edip, boýun egerler (Dan. 7:27).

Danyýar pygamberiň gören görnüşi Ýehowanyň ähli ynsan häkimiýetlerinden has beýikdigine düşünmäge kömek edýär. Danyýar dört sany wagşy haýwany görýär. Olar dünýäniň üstünden agalyk eden Wawilony, Midiýa-Pars patyşalygyny, Gresiýany we Rimi aňladýar. Dördünji wagşy haýwandan çykan şah bolsa Angliýa-Amerikany aňladýar (Dan. 7:1—3, 17). Danyýar Ýehowanyň gökdäki tagtynda kazylyk etmek üçin oturandygyny hem görýär (Dan. 7:9, 10). Hudaý ynsan hökümetleriniň erk-ygtyýaryny elinden alar. Ony «ynsan ogluna meňzeş» Isa Mesihe we «Hemmelerden Beýigiň mukaddes halkyna», ýagny 144 000 saýlanan mesihçilere berer. Olaryň hökümdarlygy ebedilik dowam eder (Dan. 7:13, 14, 18). Dogrudan-da, Ýehowa «Hemmelerden Beýik» Hudaý. Danyýar pygamber görnüş görmezinden öň şeýle sözleri aýtdy: «Gögüň Hudaýy... patyşalary tagtdan düşürýär, tagta çykarýar» (Dan. 2:19—21). w22.10 sah. 14, 15, abz. 9—11

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş