Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es24 sah. 37—47
  • Aprel

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Aprel
  • Her günki aýady okalyň — 2024
  • Sözbaşylar
  • 1-nji aprel, duşenbe
  • 2-nji aprel, sişenbe
  • 3-nji aprel, çarşenbe
  • 4-nji aprel, penşenbe
  • 5-nji aprel, anna
  • 6-njy aprel, şenbe
  • 7-nji aprel, ýekşenbe
  • 8-nji aprel, duşenbe
  • 9-njy aprel, sişenbe
  • 10-njy aprel, çarşenbe
  • 11-nji aprel, penşenbe
  • 12-nji aprel, anna
  • 13-nji aprel, şenbe
  • 14-nji aprel, ýekşenbe
  • 15-nji aprel, duşenbe
  • 16-njy aprel, sişenbe
  • 17-nji aprel, çarşenbe
  • 18-nji aprel, penşenbe
  • 19-njy aprel, anna
  • 20-nji aprel, şenbe
  • 21-nji aprel, ýekşenbe
  • 22-nji aprel, duşenbe
  • 23-nji aprel, sişenbe
  • 24-nji aprel, çarşenbe
  • 25-nji aprel, penşenbe
  • 26-njy aprel, anna
  • 27-nji aprel, şenbe
  • 28-nji aprel, ýekşenbe
  • 29-njy aprel, duşenbe
  • 30-njy aprel, sişenbe
Her günki aýady okalyň — 2024
es24 sah. 37—47

Aprel

1-nji aprel, duşenbe

Imanyňyz synalanda çydamly bolmagy öwrenýärsiňiz (Ýak. 1:3).

Özüňize şeýle soraglary beriň: Men maslahata gulak asýarynmy? Ýalňyşymy boýun alýarynmy ýa-da özümi aklap başlaýaryn? Men başgalary günäkärleýärinmi? Biz Mukaddes Kitapdaky hudaýhon adamlar barada okanymyzda bolsa, özümize şu soragy bersek gowy bolar: «Men onuň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?» Biz garry bolsun, ýaş bolsun ähli dogan-uýalaryň göreldesine eýerip bileris. Geliň, ýygnagymyzdaky dogan-uýalar hakda oýlanyp göreliň. Ýaşlar deň-duşlarynyň täsirine düşmeýär. Käbirleriniň dogan-garyndaşlary garşy çykýar, käbirleri bolsa keselçilikden kösenýär. Belki, biz olaryň haýsydyr bir häsiýetini halaýandyrys we olaryň göreldesine eýermek isleýändiris. Biz olaryň Ýehowa wepaly gulluk edýändigi hakda oýlansak kynçylyklara döz gelip bileris. Imany berk dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşmek uly hormat! (Ýew. 13:7). w22.04 sah. 13, 14, abz. 13, 14

2-nji aprel, sişenbe

Bermek almakdan has bagtly edýändir (Res. 20:35).

Kyn ýagdaýa düşenimizde ýaşulular bizi ünsli diňlänlerinde we göwünlik berenlerinde ýüregimiz giňäp gidýär. Pionerler biziň Mukaddes Kitapdan geçirýän okuwymyza gatnaşyp gerekli maslahatlary berýärler we ökde mugallym bolmaga kömek edýärler. Dogan-uýalar bizi goldap bilýändiklerine begenýärler. Bizem imandaşlarymyza gerekli kömegi bersek özümizi bagtly duýarys. Siz dogan-uýalara hyzmat etmegi maksat goýduňyzmy? Maksadyňyza ýetmek üçin näme etmeli? Belki, siz ýygnakda köp işleri edesim gelýär diýýänsiňiz. Emma anyk maksat goýmasaňyz, maksadyňyz boş arzuw bolup galar. Siz şemaly kowalaýan ýaly şeýle maksada hiç haçan ýetip bilmersiňiz. Şol sebäpli anyk maksat goýuň we goýan maksadyňyzy hem-de oňa ýetmek üçin näme etjekdigiňizi ýazyň. w22.04 sah. 25, abz. 12, 13

3-nji aprel, çarşenbe

Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý (Ýak. 2:8).

Ýehowa şu günler Patyşalygynyň raýatlary edip «uly märekäni» ýygnaýar we olara parahat ýaşamagy öwredýär (Ylh. 7:9, 10). Şu günler dünýäde milletparazlyk, agzalalyk sebäpli tire-taýpalaryň arasynda uruşlar we dawa-jenjel köpelýär. Ýöne uly märeke her milletden, her taýpadan bolsa-da agzybir ýaşaýar. Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, olar «naýzalaryndan oraklar ýasaýar» (Mik. 4:3). Olar eline ýarag alyp uruşmaýar, bigünä adamlaryň ganyna galmaýar. Gaýtam adamlara hak Hudaý we Onuň niýetleri hakda wagyz edip, «hakyky ýaşaýşa» gowuşmaga kömek edýär (1 Tim. 6:19). Olar käte pulsuzlykdan, işsizlikden, ýeter-ýetmezçilikden kösenýär, hatda dogan-garyndaşlary garşy çykýar. Ýöne olar Hudaýyň Patyşalygyny ýürekden goldaýar. Ýehowa Hudaý olary ýeke goýmaýar we zada zar etmeýär (Mat. 6:25, 30—33; Luka 18:29, 30). Hawa, biz Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigine şübhelenmän bileris. Tizden Hudaýyň ilkibaşdaky niýeti amala aşar. w22.12 sah. 6, abz. 13

4-nji aprel, penşenbe

Omyn! Gel, Halypam Isa! (Ylh. 22:20)

Müňýyllyk hökümdarlygyň soňunda ähli adamlar kämillige ýeter. Adamlar günäniň gulçulygyndan azat bolarlar we Adam atadan geçen günäden nam-nyşan galmaz (Rim. 5:12). Hawa, 1 000 ýylyň soňunda ähli adamlar ebedi ýaşarlar (Ylh. 20:5). Şeýtan Isa pygamberi synady, emma ol Hudaýa wepaly bolup imanyndan dänmedi. Müňýyllyk hökümdarlygyň soňunda Şeýtan düýpsüz çuňlukdan boşadylar (Ylh. 20:7). Şonda ol ähli kämil adamlary synar. Adamlar Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolarmy ýa-da Şeýtanyň tarapyna geçer? Gelejekde her bir adam belli bir karara gelmeli bolar. Hudaýa wepaly bolan adamlar doly azatlyga çykarlar we ebedi ýaşaýşy sylag alarlar (Rim. 8:21). Hudaýa garşy çykan adamlar ebedilik ýok ediler (Ylh. 20:8—10). w22.05 sah. 19, abz. 18, 19

5-nji aprel, anna

Sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň (1 Mus. 3:15).

Bu pygamberlik ýehudylar bilen rimliler Hudaýyň Ogluny öldürenlerinde ýerine ýetdi. Olaryň arkasynda Şeýtan durdy (Luka 23:13, 20—24). Adamyň dabany agyrsa, birnäçe günläp ýöräp bilmeýär. Edil şonuň ýaly, Isa Mesih ölende üç günläp mazarda ýatdy (Mat. 16:21). 1 Musa 3:15-däki pygamberligiň ýerine ýetmegi üçin Isa Mesih direlmelidi. Sebäbi pygamberlige görä, nesil ýylanyň kellesini mynjyratmalydy. Hawa, Isa Mesihiň dabany sagaldy, ýagny ölümden direldi. Ýehowa oňa baky ýaşaýşy berdi. Hudaýyň bellän wagtynda Isa Şeýtany ýok eder (Ýew. 2:14). Saýlanan mesihçiler hem ýylanyň neslini, ýagny Hudaýyň duşmanlaryny ýer ýüzünden süpürip taşlar (Ylh. 17:14; 20:4, 10). w22.07 sah. 16, abz. 11, 12

6-njy aprel, şenbe

Paýhasly adam bilen dost bolsaň, paýhasly bolarsyň (Nak. 13:20).

Ene-atalar, çagalaryňyza gowy dostlary tapmaga kömek ediň. Mukaddes Kitapda dostlaryň bize gowy ýa-da erbet täsir edip bilýändigi hakda ýazylan. Ene-atalar, siz çagalaryňyzyň dostlaryny tanaýarsyňyzmy? Çagalaryňyza Ýehowany söýýän adamlar bilen dostlaşmaga nädip kömek edip bilersiňiz? (1 Kor. 15:33). Belki-de, siz maşgala okuwyna imany berk dogan-uýalary çagyrarsyňyz (Zeb. 119:63). Toni atly kaka şeýle diýýär: «Biz köp ýyllaryň dowamynda dürli medeniýetli we ýaşdaky dogan-uýalary myhmançylyga çagyrýardyk. Olar bilen saçak başynda we maşgala okuwynda gürrüňdeş bolýardyk. Ýehowany jany-teni bilen söýýän we Oňa yhlasly gulluk edýän dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmak imanyňy berkidýär. Olaryň yhlasy, janaýamazlygy, berýän gyzykly gürrüňleri çagalarymyzyň ýüregine güýçli täsir etdi we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etdi». w22.05 sah. 29, 30, abz. 14, 15

7-nji aprel, ýekşenbe

Siz gökde baglanan zady ýer ýüzünde baglarsyňyz (Mat. 18:18).

Ýehowa günä eden adama nähili çäre görmelidigini çözýär. Ýaşulular günäkär bilen görşende «gökde çözülen zady ýer ýüzünde» hem çözmäge çalyşýarlar. Düzediş çäresiniň nähili peýdasy bar? Eger günäkär toba etmese, ýygnak gatnaşygyndan kesilýär we ol dogan-uýalara zyýan ýetirip bilmeýär (1 Kor. 5:6, 7, 11—13; Tit. 3:10, 11). Şeýle-de düzediş çäresi günäkäre toba etmäge we Ýehowanyň razylygyny gazanmaga kömek edýär (Luka 5:32). Günäkär ýene-de Ýehowa bilen dostlugyny dikelder ýaly, ýaşulular onuň üçin doga-dileg edýär (Ýak. 5:15). Günäkär eden işine toba etmese, ýaşulular ony ýygnak gatnaşygyndan kesýär. Eger günäkär akylyna aýlansa, ýürekden toba etse we erbet ýolundan dönse, Ýehowa ony bagyşlar (Luka 15:17—24). Ol näçe agyr günä eden hem bolsa, Ýehowa oňa rehim eder (2 Tar. 33:9, 12, 13; 1 Tim. 1:15). w22.06 sah. 9, abz. 5, 6

8-nji aprel, duşenbe

Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň. Duşmanyňyz Iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir (1 Pet. 5:8).

Bütin ýer ýüzünde ýaşaýan dogan-uýalar Ýehowanyň kömegi bilen kynçylyklara we Şeýtanyň synaglaryna mertlik bilen döz gelýärler (1 Pet. 5:9). Siz hem döz gelip bilersiňiz! Ýehowa Isa Mesihe we onuň bilen bile höküm sürjeklere «Iblisiň işlerini ýok etmegi» tabşyrar (1 Ýah. 3:8). Şondan soň Hudaýyň halkyny «hiç kim gorkuzyp bilmez». Olar şatlyk bilen gulluk ederler (Işa. 54:14; Mik. 4:4). Geliň, şol güne çenli gorkynyň duzagyna düşmezlik üçin elimizde baryny edeliň. Biz Ýehowanyň söýýändigine we goraýandygyna ynanmaly. Munuň üçin biz Ýehowanyň gadymy döwürde ýaşan wepaly bendelerine kömek edişi hakda oýlanmaly we dogan-uýalara gürrüň bermeli. Şeýle-de Ýehowanyň agyr synaglarda bize goldaw berendigi hakda oýlanmaly. Hawa, biz Ýehowanyň kömegi bilen hiç zatdan, hiç kimden gorkmarys (Zeb. 34:4). w22.06 sah. 19, abz. 19, 20

9-njy aprel, sişenbe

Daş. . . heýkeliň demir bilen toýun garyşykly topugynyň aşagyna urdy (Dan. 2:34).

Nawuhodonosor patyşa düýşünde beýik heýkel görýär. Heýkeliň topukdan aşagy «demir bilen toýun garyşyklydy». Ol ýer ýüzünde höküm sürjek iň soňky dünýä imperiýasyny aňladýar. Ol Birinji jahan urşunda Beýik Britaniýa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ylalaşyk baglaşmagy bilen döreýär. Danyýaryň pygamberligine görä, soňky imperiýa öňki dünýä şalyklaryndan iki zatda tapawutlanýar. Birinjiden, öňki patyşalyklar heýkeliň altyn we kümüş bölegine meňzedilen bolsa, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy onuň demir bilen toýun garyşykly bölegine meňzedilýär. Toýun halk köpçüligini aňladýar (Dan. 2:43). Adamlar saýlawlara gatnaşyp, gozgalaň turzup, zähmet haklaryny we adam hukuklaryny talap edip, döwlet ýolbaşçylaryna demir ýaly berk bolmaga päsgel berýärler. w22.07 sah. 4, 5, abz. 9, 10

10-njy aprel, çarşenbe

Meniň çöregim meni ibereniň islegini. . . berjaý etmekdir (Ýah. 4:34).

Siz suwa çümdürilmäge ýaýdanýarsyňyzmy? Özüňize «Maňa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?» diýen soragy beriň (Res. 8:36). Isa Ýehowanyň islegini berjaý etmegi çörege meňzetdi. Çörek adamyň jan-saglygy üçin peýdaly. Edil şonuň ýaly, Isa pygamber Hudaýyň tabşyryklarynyň biziň üçin peýdalydygyny bilýärdi. Ýehowa suwa çümdürilmegi tabşyrýar (Res. 2:38). Heý-de, gökdäki Atamyz bizden zyýanly zady talap edermi? Elbetde, ýok! Biz suwa çümdürilmegiň peýdalydygyna şübhelenmän bileris. Eger siz baş aşpeziň naharyny işdämenlik bilen iýýän bolsaňyz, onda näme üçin suwa çümdürilmäge ýaýdanýarsyňyz? Käbirleri: «Men heniz taýýar däl» diýip suwa çümdürilmeýär. Elbetde, ömrüňi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilmek adamyň durmuşynda gelýän iň wajyp kararlarynyň biri. Şonuň üçin şeýle wajyp ädimi ätmezden öň gowy oýlanmaly we taýýarlyk görmeli. w23.03 sah. 7, abz. 18—20

11-nji aprel, penşenbe

«Seniň nesliňe» diýilýär, ýagny köp adam däl-de, bir adam göz öňünde tutulýar (Gal. 3:16).

Isa suwa çümdürilende, Ýehowa ony mukaddes ruhy bilen saýlady. Şonda ol pygamberlikdäki «aýalyň nesli» boldy. Isa ölümden direlensoň, Hudaý oňa «şöhrat we hormat täjini geýdirdi». Şeýle-de «gökde we ýerde ähli ygtyýary» berdi hem-de «Iblisiň işlerini ýok etmegi» tabşyrdy (Ýew. 2:7; Mat. 28:18; 1 Ýah. 3:8). «Aýalyň nesline» diňe bir Isa Mesih degişli däl. Pawlus resul ýehudylara we başga milletlere şeýle diýdi: «Eger Mesihe degişli bolsaňyz, onda siz Ybraýymyň nesli, berlen wada görä mirasdüşer» (Gal. 3:28, 29). Diýmek, Ýehowanyň mukaddes ruhy bilen saýlan adamlary hem «aýalyň nesline» degişli. Hawa, Isa Mesih we 144 000 saýlanan mesihçiler «aýalyň nesli» boldular (Ylh. 14:1). Olaryň ählisi gökdäki Atasy Ýehowanyň göreldesine eýerýärler. w22.07 sah. 16, abz. 8, 9

12-nji aprel, anna

Janymdan doýdum, indi ýaşasym gelenok (Eýp. 7:16).

Biz soňky günlerde ýaşaýandygymyz üçin dürli kynçylyklara we synaglara duçar bolýarys (2 Tim. 3:1). Şeýle ýagdaýlarda özümizi el-aýagymyz ýüpsüz baglanan ýaly duýýarys. Esasanam, kynçylyklar üsti-üstüne bolanda alaçsyzlykdan ýaňa ruhdan düşýäris. Ýöne Ýehowa ähli zady görýär. Biz Onuň kömegi bilen islendik kynçylyga döz gelip bileris. Geliň, indi Eýýup pygamber barada gürrüň edeliň. Eýýubyň mallaryny talaýarlar, gullaryny öldürýärler we ol on çagasyndan jyda düşýär. Bularyň hemmesi bir günüň içinde bolýar (Eýp. 1:13—19). Üstesine-de, onuň «depesinden tä dabanyna çenli agyryly çybanlar çykýar» (Eýp. 2:7). Ýehowa Eýýuby gowy görýärdi, onuň çekýän derdini görýärdi. Şol sebäpli oňa kynçylyklaryna döz gelmäge kömek etdi. w22.08 sah. 11, abz. 8—10

13-nji aprel, şenbe

Ýehowa söýýänini terbiýeleýär (Ýew. 12:6).

Bize temmi berlende agyr degýär. Käte maslahata eýermek kyn bolup biler. Şeýlelikde, biz Ýehowanyň söýýän adamyna terbiýe berýändigini unudarys (Ýew. 12:5, 11). Maslahaty kabul ediň we durmuşda ulanyň. Bir güni Isa pygamber hemme resullaryň öňünde Petrusa käýedi (Mar. 8:33; Luka 22:31—34). Petrus oňaýsyz ýagdaýa düşendir. Emma ol Isa pygambere wepaly boldy. Petrus temmini kabul edip, ýalňyşyndan sapak edindi. Ýehowa-da oňa ýygnakda köp jogapkärli borçlary ynandy we eden işi ugruna boldy (Ýah. 21:15—17; Res. 10:24—33; 1 Pet. 1:1). Bizem temmi berenlerinde özümizi aklaman, düzedişi kabul etsek dogan-uýalar begener, özümize-de peýdaly bolar. Şonda Ýehowa bize guramasynda köp işleri ynanar. w22.11 sah. 21, 22, abz. 6, 7

14-nji aprel, ýekşenbe

Yshagy. . . maňa gurban ber (1 Mus. 22:2).

Ybraýym Ýehowanyň adalatsyz däldigi we zalymlyk etmejekdigi barada oýlanandyr. Pawlus resul Ybraýym hakda: «(Ol)... ogly ölse-de, Hudaýyň direltjekdigine ynanýardy» diýdi (Ýew. 11:17—19). Ýehowa Ybraýym pygambere biliňden önen ýalňyz ogluň Yshagyň neslini deňiz çägesi deý köpelderin diýip wada beripdi. Emma şol wagt Ybraýymyň Yshakdan agtygy ýokdy. Ybraýym pygamber gökdäki Atasyny söýýärdi we Onuň adalatly Hudaýdygyna şübhelenmeýärdi. Ybraýyma ogluny gurban bermek kyn hem bolsa, Ýehowa iman edendigi üçin gulak asdy (1 Mus. 22:1—12). Biz Ybraýym pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris? Ýehowany näçe gowy tanasak, Ony bütin ýüregimiz bilen söýeris we ýakyndan dostlaşarys (Zeb. 73:28). Onuň garaýşyna düşüneris we razy edip ýaşarys (Ýew. 5:14). Biri erbetlik etdirjek bolanda yrylmarys. Biz hiç haçan gökdäki Atamyzy gynandyrjak we dostlugymyzy bozjak zatlary etmeris. w22.08 sah. 28, abz. 11, 12

15-nji aprel, duşenbe

Gaýgy-alada ynsany çökerýär, hoş söz köňli galkyndyrýar (Nak. 12:25).

Pawlus resul Barnabas bilen Listra, Ikoniýa we Antakyýa baryp «ýygnaklarda ýaşululary belledi» (Res. 14:21—23). Ýaşulular dogan-uýalara göwünlik berip ruhlandyrdylar. Şu günlerem ýaşulular olaryň göreldesine eýerýärler. Pawlus dogan-uýalara Ýehowanyň geçmişde wepaly bendelerine kömek edendigini ýatlatdy (Ýew. 12:1). Pawlus şeýle wakalaryň dogan-uýalaryň imanyny berkidýändigini bilýärdi. Sebäbi olar nazaryny «Biribaryň şäherine» dikip, kynçylyklaryna döz geldiler (Ýew. 12:22). Hudaýhon adamlaryň göreldesi bize-de kömek edýär. Siz Ýehowanyň Gedeýona, Baraga, Dawuda we Şamuwele kömek edişi barada okanyňyzda, güýjüňize güýç goşulýandyr (Ýew. 11:32—35). w22.08 sah. 21, abz. 5, 6

16-njy aprel, sişenbe

Olaryň her birine edýän işlerine görä höküm edildi (Ylh. 20:13).

Direljek adamlar ölmänkä eden işlerine görä höküm edilermi? Ýok! Sebäbi adam ölenden soň günäden azat bolýar. Diýmek, olar ölmänkä eden işlerine görä höküm edilmez. Gaýtam täze dünýäde bilim alandan soň «eden işlerine» görä höküm ediler. Hatda Nuh, Şamuwel, Dawut we Danyýar ýaly hudaýhon adamlar hem Isa Mesih barada bilim alyp, töleg gurbanyna iman etmeli bolarlar. Eger dogruçyl adamlar bilim almaly bolsalar, onda erbetler has köp tagalla etmeli bolarlar. Ýehowanyň razylygyny gazanyp bilmedik adamlara näme bolar? Ylham 20:15-de: «Ýaşaýyş kitabyna ady ýazylmadyklar hem ot kölüne zyňyldy» diýilýär. Diýmek, olar ebedilik ýok ediler. Geliň, ýaşaýyş kitabyna adymyzyň ýazylmagy we hiç haçan öçürilmezligi üçin tagalla edeliň! w22.09 sah. 18, 19, abz. 17—19

17-nji aprel, çarşenbe

Hudaýyň we adamlaryň öňünde päk ynsaply bolmaga jan ediň (Res. 24:16).

Biz saglygymyzyň aladasyny edenimizde we bejergi saýlanymyzda Mukaddes Kitap boýunça terbiýelenen ynsabymyza görä karara gelýäris (1 Tim. 3:9). Biz karara gelenimizde we gelen kararymyz hakda başgalar bilen gürrüň edenimizde Filipililer 4:5-däki maslahata eýeresimiz gelýär. Ol ýerde: «Hemmeler sizi paýhasly adam hökmünde tanasyn» diýilýär. Paýhasly bolsak, saglygymyz hakda çendenaşa alada etmeris. Elbetde, dogan-uýalaryň gelýän kararlary biziňkiden tapawutlanmagy mümkin. Muňa garamazdan, biz olaryň gelýän kararyna hormat goýýarys. Sebäbi biz dogan-uýalary gowy görýäris (Rim. 14:10—12). Biz howpsuzlyk çärelerini saklap jan-saglygymyzyň aladasyny etsek, ýaşaýşyň gözbaşy Ýehowa Hudaýymyza minnetdardygymyzy görkezeris (Ylh. 4:11). Ýöne bikämil bolandygymyz üçin islesek-islemesek keselleýäris we betbagtçylyga uçraýarys. Emma Hudaý biziň şeýle ýaşamagymyzy islemeýär. Şonuň üçinem ol adamzada keselsiz we ölümsiz durmuşy, ýagny ebedi ýaşaýşy wada berýär (Ylh. 21:4). Geliň, şol durmuşa ýetýänçäk söýgüden doly gökdäki Hudaýymyza janymyz-tenimiz bilen gulluk edeliň! w23.02 sah. 25, abz. 17, 18

18-nji aprel, penşenbe

Patyşalygyň bölünip, midiýalylara we parslara berildi (Dan. 5:28).

Ýehowa ynsan hökümetlerinden has beýikdigini ençeme sapar subut etdi (Rim. 13:1). Geliň, üç mysala seredeliň. Müsür faraony Hudaýyň halkyny gul etdi we azatlyga çykarmakdan boýun gaçyrdy. Emma Ýehowa halkyny azatlyga çykardy we Müsür faraonyny Gyzyl deňzinde gark etdi (2 Mus. 14:26—28; Zeb. 136:15). Wawilon patyşasy Belşazar meýlis gurap, «özüni gögüň Eýesinden ýokary tutdy» we Ýehowa däl-de, «altyndan, kümüşden... ýasalan taňrylaryna alkyş» aýtdy (Dan. 5:22, 23). Ýehowa ulumsy patyşany tagtdan agdarýar. Belşazar şol gije öldürilýär we patyşalygy Midiýa-Pars şalygynyň eline geçýär (Dan. 5:30, 31). Palestinanyň patyşasy Hirodes Agrippa I Ýakuby öldürdýär we Petrusy öldürmek üçin türmä salýar. Emma Ýehowa Hirodesiň maksadyny puja çykarýar. Ýehowanyň perişdesi oňa «jeza berýär» we Hirodesiň endam-jany gurtlap ölýär (Res. 12:1—5, 21—23). w22.10 sah. 15, abz. 12

19-njy aprel, anna

Menem sizi diňlärin (Ýer. 29:12).

Hudaýyň gadymy döwürde wepaly bendeleriniň aladasyny edişi hakda okanymyzda umydymyz berkeýär. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Öňki ýazylan zatlar hem öwüt-nesihat bermek üçin ýazyldy. Olar umyt berýär, çydamly bolmaga kömek edýär we göwünlik berýär» (Rim. 15:4). Ýehowanyň ýerine ýetiren wadalary hakda oýlanyň. Geliň, Allatagalanyň Ybraýym pygamber bilen Bibisara beren wadasy hakda gürrüň edeliň. Olaryň perzendi ýokdy. Emma Hudaý olaryň garran çagynda oglunyň boljakdygyny wada berdi (1 Mus. 18:10). Ybraýym pygamber Hudaýyň wadasyna nähili garady? Mukaddes Kitapda: «Ybraýym umydyny üzmän köp halklaryň atasy bolup biljekdigine iman etdi» diýilýär (Rim. 4:18). Hawa, Allatagalanyň beren wadasy adamlar üçin mümkin däl ýaly bolsa-da, Ybraýym iman etdi. Ýehowa hem ony sylaglady (Rim. 4:19—21). Mukaddes Kitapdaky wakalar Ýehowa wadalaryny ýerine ýetirmäge hiç zadyň päsgel berip bilmeýändigini görkezýär. w22.10 sah. 27, abz. 13, 14

20-nji aprel, şenbe

Siz Beýik Mugallymy gözüňiz bilen görersiňiz (Işa. 30:20).

Şu pygamberlik ýehudylar ýesirlikden azat bolanda berjaý boldy. Şeýlelikde, Ýehowa olaryň Beýik Mugallymy boldy. Halkyna görkezme berdi we arassa seždäni dikeltmäge kömek etdi. Biz Beýik Mugallym Ýehowa sežde edýändigimize örän begenýäris. Işaýa pygamber aýatda Ýehowany mugallyma, bizi okuwça meňzetdi. Beýik Mugallym bize iki ýol bilen öwredýär. Birinjiden, Işaýa şeýle diýdi: «Siz Beýik Mugallymy gözüňiz bilen görersiňiz». Aýatdan görnüşi ýaly, Ýehowa okuwçylarynyň öňünde durup öwredýän mugallyma meňzedilýär. Biz Beýik Mugallymdan öwrenmegi uly hormat hasaplaýarys. Ýehowa bize nädip öwredýär? Ol bize guramasy arkaly görkezme berýär, ýagny ýygnak duşuşyklary, teleýaýlym we edebiýatlar arkaly öwredýär. Şu zatlar bize kynçylyklara şatlyk bilen döz gelmäge kömek edýär. w22.11 sah. 10, abz. 8, 9

21-nji aprel, ýekşenbe

Dünýäniň soňuny haýsy alamatdan bilse bolar? (Mat. 24:3)

Isa: «Şol güni ýa sagady hiç kim, gökdäki perişdeler-de, Ogul-da bilýän däldir, diňe Ata bilýändir» diýip jogap berdi. Aslynda, şägirtler Iýerusalimiň weýran ediljek wagtyny bilesi gelýärdi. Ýöne Isanyň aýdan sözleri diňe bir I asyra däl-de, biziň günlerimize hem degişlidi. Soňra Isa sözüni dowam edip: «Hüşgär boluň, oýa boluň!» diýip duýdurdy (Mar. 13:32—37). I asyrdaky mesihçiler halas bolmak üçin oýa bolmalydylar. Isa Iýerusalim hakda şeýle sözleri aýdýar: «Siz Iýerusalimiň gabalandygyny görseňiz, onuň tizden harabaçylyga öwrüljekdigini biliň» (Luka 21:20, 21). Şonda şägirtler daglara gaçmalydylar. Isanyň duýduryşyna gulak asan adamlar Rim goşuny Iýerusalimi basyp alanda halas boldy. Biz hem zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýarys. Şonuň üçin oýa bolmaly. w23.02 sah. 14, abz. 1—3

22-nji aprel, duşenbe

Ýehowa. . . hakykatyň Hudaýy (Zeb. 31:5, çykgyt)

Ýehowa halkyna dogruçyl bolmagy we halal ýaşamagy öwredýär. Hudaýyň tälimini kabul edýän adamlaryň kalby rahat we ynsaby arassa bolýar (Nak. 13:5, 6). Siz munuň şeýledigine göz ýetirdiňizmi? Belki-de, Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanyňyzda, Hudaýyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyna düşünensiňiz (Zeb. 77:13). Indi siz Hudaýyň adalatly kada-kanunlary boýunça ýaşamak isleýänsiňiz (Mat. 6:33). Şeýle-de adamlara Hudaý barada hakykaty aýdyp, Şeýtanyň ýalançydygyny subut edesiňiz gelýändir. Siz muny nädip edip bilersiňiz? Siz hakykat boýunça ýaşamagy ýüregiňize düwseňiz, onda ynam bilen: «Men Şeýtanyň ýalan gep-gürrüňlerine däl-de, hakykata ynanýaryn. Men Ýehowany Hökümdarym hasaplaýaryn we Onuň dogry, ýagşy hasaplaýan işlerini etmek isleýärin» diýip bilerseňiz. Siz muny iş ýüzünde nädip görkezip bilersiňiz? Munuň üçin siz Hudaýa doga edip, ömrüňizi Oňa bagyş etmeli. Soňra suwa çümdürilip şeýle aýgytly ädim ädeniňizi subut etmeli. Hawa, hakykaty we dogruçyllygy ýürekden söýseňiz, suwa çümdürilmäge hiç zat päsgel berip bilmez. w23.03 sah. 3, abz. 4, 5

23-nji aprel, sişenbe

Alada etmäň, gorkmaň! (Ýah. 14:27)

Mukaddes Kitapda biziň ynsan düşünjesinden ýokary bolan «Hudaýyň parahatlygyny» aljakdygymyz hakda ýazylan. Ýehowa iman etmeýän adamlar şeýle parahatlygy duýup bilmeýärler. Sebäbi gökdäki Atamyz öz parahatlygyny diňe wepaly gullukçylaryna berýär (Flp. 4:6, 7). Hudaýyň parahatlygy kynçylykdan doly dünýäde kalbymyzda rahatlygy saklamaga kömek edýär. Biz Ýehowany ýürekden söýýän dogan-uýalar bilen agzybir maşgala ýaly parahatlykda ýaşaýarys. Şeýle-de «parahatlyk Hudaýy» Ýehowa bilen dostlugymyz gün-günden berkeýär (1 Sel. 5:23). Eger biz gökdäki Atamyza gulak asyp, ýürekden bil baglasak, Ol bize kyn ýagdaýlarda howsala düşmezlige we çendenaşa alada etmezlige kömek eder. Soňky günlerde dünýäniň köp ýerlerinde keselçilik ýaýraýar, tebigy betbagtçylyk bolýar we Hudaýyň halky hakykat üçin yzarlanýar. Şeýle ýagdaýlarda kalbymyzda rahatlygy saklamak aňsat bolmaýar. Dogan-uýalar Isa pygamberiň şu maslahatyna ýürekden eýerýärler. Olar Ýehowanyň kömegi bilen kyn ýagdaýlarda howsala düşmän, parahatlygy saklaýarlar. w22.12 sah. 16, abz. 1, 2

24-nji aprel, çarşenbe

Mukaddes ruhuň kömegi bilen yhlasly boluň. Ýehowa gul kimin hyzmat ediň (Rim. 12:11).

Durmuşda bolýan käbir ýagdaýlar sebäpli borjumyz üýtgäp biler. Dogan-uýalar, Ýehowa sizi diňe jogapkärli borçlary ýerine ýetirýändigiňiz üçin söýýändir öýtmäň. Siz özüňizi ýygnakda köp işleri edýän dogan-uýalar bilen deňeşdirmäň (Gal. 6:4). Geliň, her bir mümkinçilikden peýdalanyp Ýehowa we dogan-uýalara ýürekden hyzmat edeliň. Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin baryňyza kaýyl bolup ýaşaň, gerekmejek bergi etmäň we öňüňizde maksat goýuň. Käbir maksatlara ýetmek üçin köp wagt gerek bolýar. Belki, siz pioner ýa-da ýygnak hyzmatçysy bolmak isleýänsiňiz. Şeýle maksatlara ýetmek üçin tiz ýetip bolýan maksatlary goýmaly, ýagny kömekçi pioner bolmaly, yhlasly wagyz etmeli we dogan-uýalaryň aladasyny etmeli. Şonda siziň baý tejribäňiz bolar we gelejekde Ýehowa köp işleri ynanar. Şol sebäpli tabşyrylan her bir işi janyňyz-teniňiz bilen ýerine ýetiriň. w22.04 sah. 26, 27, abz. 16, 17

25-nji aprel, penşenbe

Men Ýehowany söýýärin, Ol dogamy diňleýär, perýadyma jogap berýär (Zeb. 116:1).

Ýehowa durmuşymyzda bolýan kynçylyklara döz gelmäge we oňa şatlyk bilen gulluk etmäge kömek edýär. Biz gaýgy-aladadan ýaňa ýadap Ýehowa ýalbaryp doga etsek, Ol bize güýç-kuwwat berýär. Eger kynçylyk gutarmasa, Ýehowa gaýta-gaýta doga etmeli. Sebäbi Ýehowa biziň doga etmegimize garaşýar. Işaýa pygamber: «Eý Ýehowany çagyrýanlar, dymyp durmaň!» diýýär (Işa. 62:7). Diýmek, biz Ýehowa dogalarymyza jogap berýänçä, erjellik bilen dileg etmeli. Işaýa pygamberiň aýdan sözleri Isanyň doga barada aýdanlaryny ýatladýar. Ol mukaddes ruhy gaýta-gaýta soramalydygyny we gaýta-gaýta dilemelidigini aýtdy (Luka 11:8—10, 13). Şeýle-de biz dogry karara gelmek üçin Ýehowadan görkezme sorap bilýäris. w22.11 sah. 8, abz. 1; sah. 9, 10, abz. 6, 7

26-njy aprel, anna

Hudaýyň Patyşalygyna girmek üçin köp kynçylyklardan geçmelidiris (Res. 14:22).

Tebigy betbagtçylyga öňünden taýýarlyk görşüňiz ýaly, yzarlamalara-da öňünden taýýarlanyň. Ýöne heniz bolmadyk kynçylyklar hakda oýlanyp, gorkup oturmaň, ýogsam el-aýagyňyzy ýüpsüz baglarsyňyz. Muňa derek Ýehowa imanyňyzy berkidiň we çagalaryňyza-da gökdäki Atasy bilen dostlaşmaga kömek ediň. Käte gaýgy-aladalar gara bulut kimin üstüňize abansa, Ýehowa ýüregiňizi döküp doga ediň (Zeb. 62:7, 8). Maşgala okuwynda Ýehowanyň Halasgär Hudaýdygy we bizi kyn günlerde ýeke goýmajakdygy hakda gürrüň ediň. Şonda yzarlamalara taýýar bolarsyňyz. Özüňiz hem, çagalaryňyz hem howsala düşmersiňiz we Ýehowa ýürekden bil baglarsyňyz. Hudaýyň berýän parahatlygy biziň aň-düşünjämizi we pikirlerimizi goraýar (Flp. 4:6, 7). Şol parahatlyk keselçilik döwri, tebigy betbagtçylykda we yzarlamalarda kalbymyza giňlik berýär. Ýehowa janaýamaz ýaşulular arkaly hem aladamyzy edýär. Allatagala diňe ýaşulularyň däl, her birimiziň imandaşlarymyzy goldap, gerekli kömegi bermegimizi isleýär. Eger biz häzirden ýüregimizde parahatlygy saklasak, «uly betbagtçylykda» hem howsala düşmeris, Ýehowa ýürekden bil baglarys (Mat. 24:21). w22.12 sah. 27, abz. 17, 18

27-nji aprel, şenbe

Men hudaýhon adamlary däl, günäkärleri çagyrmaga geldim (Mat. 9:13).

Käte biz geçmişde eden günälerimizi ýatlap ruhdan düşýäris. Şeýle ýagdaýda biz töleg gurbanyna iman etsek, özümizi çendenaşa günäkärläp ýörmeris. Ýöne biz bir zady ýatdan çykarmaly däl: Ýehowa Hudaý bilgeşleýin edilen günäleri töleg gurbany arkaly bagyşlamaýar (Ýew. 10:26—31). Eger ýalňyşyp agyr günä edäýsek näme? Biz günämize toba edip, Ýehowadan ötünç sorasak we ýalňyşymyzy gaýtalamasak, gökdäki Atamyzyň doly bagyşlajakdygyna ynamly bolup bileris (Işa. 55:7; Res. 3:19). Isa Mesihiň töleg gurbany islendik agyr günäni ýuwup bilýär we Jennetde ýaşamaga ýol açýar. Jennetde bolsa durmuş içgysgynç bolmaz. Biz köp gyzykly işleri ederis we her dürli milletden bolan adamlar bilen tanşarys. Esasy zat bolsa, biz gökdäki Atamyz Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarys. Onuň eçilýän bereketlerinden lezzet alyp ýaşarys. Biz Ýehowanyň häsiýetlerini we onuň ýaradan zatlaryny öwrenip soňuna çykyp bilmeris. w22.12 sah. 13, abz. 17, 19

28-nji aprel, ýekşenbe

Seniň bilen aýalyň arasyna. . . duşmançylyk salaryn (1 Mus. 3:15).

«Aýal» How ene däl. Pygamberlige görä, aýalyň nesli «ýylanyň kellesini mynjyratmaly». «Ýylan» Şeýtany aňladýar. Elbetde, How enäniň bikämil nesliniň Şeýtany ýok etmäge güýji ýetmez. Onda Şeýtany kim ýok eder? 1 Musa 3:15-de agzalýan «aýalyň» kimdigi barada Mukaddes Kitabyň iň soňky kitabynda ýazylan (Ylh. 12:1, 2, 5, 10). Ol adamzat neslinden bolan aýal maşgalany aňlatmaýar. Ol «aýalyň aýagynyň astynda Aý, başynda 12 ýyldyzly täç bar». Ol üýtgeşik çagany dünýä inderýär. Ol çaga Hudaýyň Patyşalygyny aňladýar. Hudaýyň Patyşalygy gökde höküm sürýär. Diýmek, pygamberlikde agzalýan aýal hem gökde bolmaly. Ol aýal wepaly perişdelerden ybarat bolan Hudaýyň gökdäki guramasyny aňladýar (Gal. 4:26). Mukaddes Kitap bize «aýalyň nesliniň» kimdigine düşünmäge kömek edýär. Ol Ybraýymyň neslinden döremelidi (1 Mus. 22:15—18). w22.07 sah. 15, 16, abz. 6—8

29-njy aprel, duşenbe

Siz. . . ony ynsan sözi hökmünde däl-de, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz (1 Sel. 2:13).

Mukaddes Kitap peýdaly maslahatlara baý kitap. Hudaýyň Sözi adamyň ýüregine güýçli täsir edip, durmuşyny üýtgedýär. Mukaddes Kitabyň ilkinji kitaplaryny ýazan Musa pygamber ysraýyllara: «Aýdýan zatlarym boş söz däldir, siziň ýaşaýşyňyz şoňa bagly» diýdi (5 Mus. 32:47). Ysraýyllar şol sözlere gulak asanda bagtly ýaşaýardylar (Zeb. 1:2, 3). Mukaddes Kitabyň ýazylanyna müňlerçe ýyl geçenem bolsa, onuň maslahatlary şu günlerem peýdaly. Mukaddes Kitabyň maslahatlary adamlaryň haýsy döwürde ýaşaýandygyna garamazdan hemişe peýda getirýär. Mukaddes Kitaby okap oýlansak, Ýaradyjymyz Ýehowa mukaddes ruhy arkaly öz Sözündäki maslahatlary durmuşda ulanmaga kömek eder (Zeb. 119:27; Mel. 3:16; Ýew. 4:12). Ýehowa biziň bagtly bolmagymyzy isleýär. Geliň, Mukaddes Kitaby her gün okamaga jan edeliň. w23.02 sah. 3, abz. 5, 6

30-njy aprel, sişenbe

Ol öňde-soňda görülmedik weýrançylygy getirer (Dan. 8:24).

Ylham kitabynyň 13-nji babynda wagşy haýwanyň ýedinji kellesi, ýagny Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy «ýerden çykan başga bir wagşy haýwan» hökmünde suratlandyrylýar. «Onuň guzynyňky ýaly iki şahy bardy, ýöne ol aždarha ýaly gepleýärdi... Ol uly alamatlar görkezýärdi, hatda bütin adamzadyň gözüniň alnynda gökden ýere ot ýagdyrýardy» (Ylh. 13:11—15). Ylham kitabynyň 16-njy we 19-njy baplarynda şol wagşy haýwana «ýalan pygamber» hem diýilýär (Ylh. 16:13; 19:20). Danyýar Angliýa-Amerika dünýä imperiýasynyň «öňde-soňda görülmedik weýrançylygy getirjekdigini» pygamberlik etdi (Dan. 8:19, 23, 24). Şu pygamberlikler Ikinji jahan urşunda ýerine ýetdi. Uruş Ýaponiýa iki sany atom bombasynyň taşlanmagy bilen tamamlandy. Şol atom bombalaryny Beýik Britaniýa bilen Amerikanyň alymlary ýasadylar. Şeýlelikde, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy göçme manyda «gökden ýere ot ýagdyrdy». w22.05 sah. 10, abz. 9

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş