Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es24 sah. 47—57
  • Maý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maý
  • Her günki aýady okalyň — 2024
  • Sözbaşylar
  • 1-nji maý, çarşenbe
  • 2-nji maý, penşenbe
  • 3-nji maý, anna
  • 4-nji maý, şenbe
  • 5-nji maý, ýekşenbe
  • 6-njy maý, duşenbe
  • 7-nji maý, sişenbe
  • 8-nji maý, çarşenbe
  • 9-njy maý, penşenbe
  • 10-njy maý, anna
  • 11-nji maý, şenbe
  • 12-nji maý, ýekşenbe
  • 13-nji maý, duşenbe
  • 14-nji maý, sişenbe
  • 15-nji maý, çarşenbe
  • 16-njy maý, penşenbe
  • 17-nji maý, anna
  • 18-nji maý, şenbe
  • 19-njy maý, ýekşenbe
  • 20-nji maý, duşenbe
  • 21-nji maý, sişenbe
  • 22-nji maý, çarşenbe
  • 23-nji maý, penşenbe
  • 24-nji maý, anna
  • 25-nji maý, şenbe
  • 26-njy maý, ýekşenbe
  • 27-nji maý, duşenbe
  • 28-nji maý, sişenbe
  • 29-njy maý, çarşenbe
  • 30-njy maý, penşenbe
  • 31-nji maý, anna
Her günki aýady okalyň — 2024
es24 sah. 47—57

Maý

1-nji maý, çarşenbe

Şondan soň seretsem, ine, ähli milletden, taýpadan, halkdan we dilden bolan hiç kimiň sanap bilmedik uly märekesini gördüm (Ylh. 7:9).

Ýahýa resul gökde ýaşajak topary görenden soň «uly märekäni» hem görýär. Gökdäki toparyň sany 144 000-di, emma uly märekäniň san-sajagy ýokdy. Uly märeke kim? Ýahýa resul: «Olar uly betbagtçylykdan geçenler, olar eşiklerini Guzynyň gany bilen ýuwup, ap-ak etdiler» diýdi (Ylh. 7:14). Uly betbagtçylykdan sag-aman geçjek uly märeke ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşar (Zeb. 37:9—11, 27—29; Nak. 2:21, 22; Ylh. 7:16, 17). Gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän adamlar Ylham kitabynyň 7-nji babyndaky pygamberligiň ýerine ýetjekdigine ýürekden ynanmaly. Gelejekde saýlanan mesihçiler hem, uly märeke hem Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolandygyna örän begenerler. w22.05 sah. 16, abz. 6, 7

2-nji maý, penşenbe

Ýehowa akyldarlyk berýär (Nak. 2:6).

Siz karara gelmezden öň, Ýehowa doga edip akyldarlyk soraýansyňyz (Ýak. 1:5). Süleýman pygamber: «Iň wajyp zat — akyldarlyk» diýdi (Nak. 4:7). Süleýman ynsan akyldarlygyny däl-de, Ýehowanyň berýän akyldarlygyny göz öňünde tutdy. Hudaýyň akyldarlygy kynçylyklara döz gelmäge kömek edýärmi? Elbetde! Akyldarlykda deňi-taýy bolmadyk iki pygamberiň öwüt-ündewine gulak assak, bizem akyldar bolup bileris. Olaryň biri Süleýman pygamber. Mukaddes Kitapda: «Hudaý Süleýmana çäksiz akyldarlyk, pähim-parasat... berdi» diýilýär (1 Pat. 4:29). Ikinjisi bolsa Isa pygamber (Mat. 12:42). Mukaddes Kitapda ol hakda: «Ýehowanyň ruhy üstüne iner, ol akyl-paýhasly, düşünjeli bolar» diýilýär (Işa. 11:2). w22.05 sah. 20, abz. 1, 2

3-nji maý, anna

Men geljekki nesle güýjüň hakda gürrüň bereýin (Zeb. 71:18).

Maksat goýmak hiç haçan giç däl. Geliň, 75 ýaşly Bewerli uýa hakda gürrüň edeliň. Ol ýarawsyzlyk sebäpli köp ýöräp bilmeýär. Emma ol adamlary Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin geçirilýän ýörite kampaniýa gatnaşmagy ýüregine düwýär. Bewerli uýa öňünde anyk maksat goýýar we maksadyna ýetende örän begenýär. Onuň janaýamazlygy beýleki dogan-uýalary hem yhlasly wagyz etmäge höweslendirýär. Garry dogan-uýalar ýarawsyz bolsalar-da, elinde baryny edip Ýehowa gulluk edýärler. Gökdäki Atamyz olaryň edýän tagallasyny gymmat saýýar (Zeb. 71:17). Dogan-uýalar, öňüňizde maksat goýuň. Ýehowa ýaraýan ýagşy häsiýetleri ösdüriň. Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin täze hünär öwreniň we ukyplaryňyzy artdyryň. Her bir mümkinçilikden peýdalanyp dogan-uýalara hyzmat ediň. Şonda Ýehowa size ak pata berer we «hemmeler siziň ruhy taýdan ösüşiňizi görerler» (1 Tim. 4:15). w22.04 sah. 27, abz. 18, 19

4-nji maý, şenbe

Sen mukaddes kitaplary bäbeklikden bäri bilýärsiň (2 Tim. 3:15).

Ene-atalar, siziň edýän tagallaňyza garamazdan çagalaryňyz Ýehowa gulluk etmek islemeýändigini aýtsa näme? Onda siz: «Menden ene-ata bolmaz» diýip, özüňizi günäkärlemäň. Ýehowa her bir adama, hatda çagalara-da erkinlik berýär. Ol hiç kimi özüne mejburlap gulluk etdirmeýär. Eger çagaňyz Ýehowa gulluk etmegini bes etse, ol bir güni yzyna dolanar diýip umyt edip ýaşaň. Ýiten ogul hakdaky mysaly ýada salyň (Luka 15:11—19, 22—24). Ýaş ýigit hak ýoldan sowulsa-da, yzyna dolanýar. Ene-atalar, Ýehowa size uly jogapkärçilik ynandy. Siz çagalaryňyza Hudaý bilen dostlaşmaga kömek etmeli (Zeb. 78:4—6). Siz güýjüňizi we wagtyňyzy gaýgyrman çagalaryňyzy Ýehowanyň ýolunda terbiýeleýärsiňiz. Berekella! Mundan beýläk hem çagalaryňyza Ýehowany söýmegi we Oňa gulak asmagy öwrediň. Şonda gökdäki Atamyz sizden razy bolar (Efes. 6:4). w22.05 sah. 30, 31, abz. 16—18

5-nji maý, ýekşenbe

Bütin beden özara sazlaşykly birleşýär (Efes. 4:16).

Dogan-uýalaryň her biri ýygnakda agzybirligiň we parahatlygyň bolmagy üçin öz goşandyny goşup bilerler. Geliň, I asyrda ýaşan mesihçiler hakda gürrüň edeliň. Olar dürli borçlary ýerine ýetirýärdi, ukyplary biri-biriniňkiden tapawutlanýardy (1 Kor. 12:4, 7—11). Emma olar agzala däldi, biri-biri bilen bäsdeşlik etmeýärdi. Sebäbi olaryň her biri «Mesihiň bedenini berkitmek üçin» jan edýärdi. Pawlus resul Efesdäki dogan-uýalara: «Her agzanyň kadaly işlemegi bütin bedeniň ösmegine, ýagny söýgüde berkemegine ýardam edýär» diýdi (Efes. 4:1—3, 11, 12). Şu günlerem Pawlus resulyň maslahatyna eýerýän dogan-uýalaryň tagallasy bilen bütin ýer ýüzündäki ýygnaklarda agzybirlik we parahatlyk gülläp ösýär. Geliň, dogan-uýalar bilen özümizi deňeşdirmäliň, gaýtam Isa pygamberiň häsiýetlerinden we eden ýagşylyklaryndan öwreneliň. Eger Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk etsek, Ol ýagşy işlerimizi hiç haçan unutmaz (Ýew. 6:10). Ýehowa ýürekden gulluk etsek, ol bizden razy bolar. w22.04 sah. 14, abz. 15, 16

6-njy maý, duşenbe

Isa Mesih günäkärleri halas etmek üçin dünýä geldi (1 Tim. 1:15).

Günäkäri bagyşlamalymy ýa bagyşlamaly däldigini Ýehowa çözýär. Muny bilmek ýükümizi ýeňledýär. Emma biziň hem bagyşlamaly ýerlerimiz bolýar. Belki, kimdir biri göwnümize degip ýa-da ýüregimize ýara salyp biler. Soňra ol eden ýalňyşyna düşünip ötünç sorar ýa-da ötünç soraman bolan ýagdaýa biparh sereder. Nähili bolaýanda-da, biz öýke-kine saklaman ýürekden bagyşlamaly. Elbetde, göwnüňe degen adamy derrew bagyşlamak aňsat bolmaýar. Biz bagyşlamak üçin tagalla etmeli. 1994-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Günäkäri bagyşlamak onuň erbet işine göz ýummagy aňlatmaýar. Gaýtam biz Ýehowanyň çözmegine garaşýarys. Älem-jahanda iň adalatly Kazy — Ýehowa. Ol öz wagtynda adalatly höküm çykarar». w22.06 sah. 9, abz. 6, 7

7-nji maý, sişenbe

Ýehowa umyt bagla (Zeb. 27:14).

Hudaýyň Sözünde her milletden, taýpadan we halkdan bolan adamlaryň Ýehowa agzybir sežde etjekdigi ýazylan. Hudaýyň şu wadasy biziň günlerimizde ýerine ýetýär we olara «uly märeke» diýilýär (Ylh. 7:9, 10). Olar dünýäniň dört künjeginde ýaşasalar-da, ýaş, garry, aýal, erkek bolsalar-da, agzybir we parahat ýaşaýarlar (Zeb. 133:1; Ýah. 10:16). Olar gelejege bolan umydy hakda ähli adamlara yhlas bilen wagyz edýärler (Mat. 28:19, 20; Ylh. 14:6, 7; 22:17). Eger sizem uly märekä degişli bolsaňyz, Ýehowanyň beren umydy size güýç-kuwwat berýändir. Şeýtan biziň gelejege bolan umydymyzy üzmek isleýär. Ol: «Ýehowa beren sözünde durmaýar» diýip ynandyrjak bolýar. Eger Şeýtanyň şu sözüne ynansak, gorkynyň duzagyna düşeris we Ýehowadan ýüz öwreris. w22.06 sah. 20, 21, abz. 2, 3

8-nji maý, çarşenbe

Şol umyt gämini saklaýan labyr kimindir, janymyzy berk hem ynamly saklaýandyr (Ýew. 6:19).

Gelejege bolan umyt durmuşymyzda «apy-tupan» tursa-da hakykat ýolundan sowulmazlyga kömek edýär. Isa pygamber biziň yzarlanjakdygymyzy aýtdy (Ýah. 15:20). Ýöne Ýehowa umyt baglasak, hemme zada döz gelip bileris. Ýehowanyň berjek bereketleri barada oýlansak, hakykat ýolundan sowulmarys. Geliň, Isa pygambere umydyň ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanda Hudaýa wepaly bolmaga kömek edendigi hakda gürrüň edeliň. Petrus resul Isa pygamberiň gelejege umyt edendigi barada aýtdy. Ol b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Isa pygamber barada «Zebur» kitabyna salgylanyp: «Men umyt edip ýaşaryn. Sen meni mazarda galdyrmarsyň, wepaly guluňy mazarda çüýretmersiň... huzuryňda ýüregimi şatlykdan doldurdyň» diýdi (Res. 2:25—28; Zeb. 16:8—11). Hawa, Isa pygamber gelejege berk umyt edýärdi. Ol Atasynyň ýanyna barjakdygyna ynanýardy (Ýew. 12:2, 3). w22.10 sah. 25, abz. 4, 5

9-njy maý, penşenbe

Biziň ählimiz köp ýalňyşýarys (Ýak. 3:2).

Bir güni Ýakup bilen Ýahýa ejesini Isa pygamberiň ýanyna iberip, gökdäki Patyşalykda hormatly orun bermegini haýyş etdirýärler (Mat. 20:20, 21). Şeýlelikde, Ýakup bilen Ýahýanyň ulumsy we şöhratparaz adamdygy mälim bolýar (Nak. 16:18). Gynansak-da, diňe Ýakup bilen Ýahýa däl, beýleki resullar hem tekepbir boldular. Mukaddes Kitapda: «Beýleki on şägirt muny eşidip, iki dogana gaharlandylar» diýilýär (Mat. 20:24). Göz öňüne getiriň, Ýakup bilen Ýahýa we beýleki resullaryň arasynda uly dawa turýar. Olar biri-biriniň ýüregine ýara saljak sözleri aýdýar. Şägirtleriň arasynda dawa turanda Isa pygamber näme etdi? Ol gaharlanmady, öýkelemedi. Şägirtlerine: «Men özüme has pesgöwünli we biri-birini ýürekden söýýän başga şägirtleri taparyn» diýmedi. Gaýtam Isa akýürekli şägirtlerine sabyrly düşündirdi (Mat. 20:25—28). Isanyň olara bolan söýgüsi asla sowamady. w23.03 sah. 28, 29, abz. 10—13

10-njy maý, anna

Oglum, paýhasly bol, ýüregimi şatlandyr, şonda men töhmet atýana jogap berip bilerin (Nak. 27:11).

Siz köp üstünlikleri gazandyňyz. Mukaddes Kitaby çuňňur öwrendiňiz. Şonda Mukaddes Kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna göz ýetirensiňiz. Siziň Ýehowa bolan söýgiňiz özüňizi Oňa bagyş edip suwa çümdürilmäge höweslendirendir. Siz gelen kararyňyza hiç haçan ökünmersiňiz. Siz özüňizi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilmek üçin köp kynçylyklara döz gelensiňiz. Ýöne ruhy taýdan berkeseňiz hem, dag ýaly kynçylyklary ýeňip geçmeli bolarsyňyz. Sebäbi Şeýtan siziň Ýehowa bolan söýgiňizi sowadyp, Onuň bilen dostlugyňyzy bozmak isleýär (Efes. 4:14). Şeýtana ýol bermäň! Siz her gün Ýehowa beren wadaňyza görä ýaşamak üçin näme edip bilersiňiz? Mukaddes Kitapda: «Ruhy taýdan ösmäge jan ediň» diýilýär (Ýew. 6:1). w22.08 sah. 2, abz. 1, 2

11-nji maý, şenbe

Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryşy ýaly, ene-ataňyza hormat goýuň. Şonda. . . gowy günleri görüp, uzak ýaşarsyňyz (5 Mus. 5:16).

Her bir maşgalanyň öz syry we öz edep-terbiýesi bolýar. Maşgala agzalarynyň ählisi syr saklamagy başarmaly. Meselem, dogan aýalynyň bir häsiýetine üns berýär. Ol aýaly barada başgalara gürrüň berip, onuň üstünden gülermi? Elbetde, ýok! Sebäbi ol aýalyny söýýär we onuň göwnüne degmek islemeýär (Efes. 5:33). Ene-atalar ýetginjek çagalarynyň garaýşyny göz öňünde tutup, sylag-hormat bilen gepleşmeli. Olar çagalarynyň ýalňyşlyklaryny hemmeleriň ýanynda aýdyp utandyrmaly däl (Kol. 3:21). Çagalar hem maşgalada bolýan ýagdaýlary başgalara gürrüň berip ýörmeli däl. Maşgala agzalaryň her biri maşgalasynyň syryny saklamaga jan etse, maşgala ojagynda söýgi we parahatlyk höküm sürer. w22.09 sah. 10, abz. 9

12-nji maý, ýekşenbe

Eýýup, sözüme gulak as, saklan-da. . . oýlan (Eýp. 37:14).

Ýehowa Eýýuba özüniň akyldar Hudaýdygyny we ençeme haýwanlary ýaradandygyny hem-de ýaradan zatlarynyň ýürekden aladasyny edýändigini ýatlatdy (Eýp. 38:1, 2; 39:9, 13, 19, 27; 40:15; 41:1, 2). Ýehowa ýaş ýigit Alyhuw arkaly wepaly bendelerine sylag berýändigini aýdyp, Eýýuba göwünlik berdi. Ýehowa Alyhuw arkaly Eýýubyň garaýşyny hem düzetdi. Alyhuw Eýýuby düşen ýagdaýy barada däl-de, älem-jahanyň eýesi hak Allanyň eden işleri hakda oýlanmaga höweslendirdi. Ýehowa Eýýuba tabşyryk hem berdi. Ol üç dosty üçin doga etmelidi (Eýp. 42:8—10). Ýehowa bize nädip kömek edýär? Ýehowa şu günlerem biziň bilen gepleşýär. Ýöne ýüzbe-ýüz däl-de, Mukaddes Kitap arkaly öwüt-nesihat berýär (Rim. 15:4). w22.08 sah. 11, abz. 10, 11

13-nji maý, duşenbe

Eger doganyň büdreýän bolsa, et iýmedigiň, şerap içmedigiň ýa-da başga zatlary etmedigiň gowudyr (Rim. 14:21).

Rimdäki ýygnakda ýehudy we başga milletli dogan-uýalar gulluk edýärdi. Şol wagt Musanyň kanuny ýatyrylypdy. Haram haýwanyň etinden iýmeli däl diýen kanun hem ýokdy (Mar. 7:19). Käbir ýehudylar islendik haýwanyň etini iýýärdiler, käbirleri bolsa iýmeýärdiler. Şol sebäpli ýygnakda agzalalyk döreýär. Pawlus resul parahat ýaşamagyň wajypdygyny aýtdy (Rim. 14:19, 20). Pawlus imandaşlaryna agzalalyk sebäpli doganlyk söýginiň sowajakdygyny düşündirdi. Onuň özi hem dogan-uýalary büdretjek zatlary etmeýärdi (1 Kor. 9:19—22). Bizem öz pikirimizi öňe sürmän, ýygnakda parahatlygyň bolmagyna goşant goşsak dogan-uýalary ruhlandyryp bileris. w22.08 sah. 22, abz. 7

14-nji maý, sişenbe

Ýehowa. . . halal ýaşamagy ýüregine düweni söýýär (Nak. 15:9).

Adam ýüregine düwen zadyny etmek üçin tagalla edýär. Biz dogruçyl ýaşamagy ýüregimize düwsek, Ýehowanyň kömegi bilen başararys (Zeb. 84:5, 7). Ýehowanyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek kyn däl (1 Ýah. 5:3). Bize her gün Ýehowanyň kada-kanunlary gerek bolýar, sebäbi olar bizi goraýar. Ýadyňyzda bolsa, Pawlus resul söweş ýaraglary barada aýdypdy (Efes. 6:14—18). Ýaraglaryň haýsysy biziň ýüregimizi goraýar? Elbetde, «dogruçyllyk sowudy»! «Dogruçyllyk sowudy» Ýehowanyň kada-kanunlaryny aňladýar. Sowut esgeriň ýüregini goraýar. Edil şonuň ýaly, Ýehowanyň dogruçyllyk baradaky kada-kanunlary biziň oý-pikirlerimizi we göçme manydaky ýüregimizi goraýar. Geliň, dogruçyllyk sowudyny hiç haçan egnimizden çykarmalyň! Şonda ýüregimizi gorap bileris (Nak. 4:23). w22.08 sah. 29, abz. 13, 14

15-nji maý, çarşenbe

Hudaýymyzyň sözi bolsa ebedi galýar (Işa. 40:8).

Mukaddes Kitabyň maslahatlary müňlerçe ýyl bäri wepaly adamlara kömek edip gelýär. Mukaddes Kitaby göçürenler bikämil bolsa-da, olar Hudaýyň Sözüni ünsli göçüripdirler. Töwrat kitaby hakda bir alym şeýle sözleri aýdýar: «Hiç bir gadymy kitap Mukaddes Kitap ýaly dogry göçürilmändi». Mukaddes Kitap gadymy kitap bolsa-da, bikämil adamlar göçürse-de, ony Hudaýyň ýazdyrandygyna ynamly bolup bileris. Ýehowa Hudaý bize «gowy we kämil sowgatlary» berýär (Ýak. 1:17). Mukaddes Kitap hem şol sowgatlaryň biri. Näme üçin şeýle diýse bolýar? Dostumyz köplenç bize gerek zadymyzy sowgat berýär. Sebäbi ol bizi gowy tanaýar. Hudaý hem bizi gowy tanaýandygy üçin Mukaddes Kitaby berdi. Mukaddes Kitaby öwrensek, Ýehowanyň bizi gowy tanaýandygyna göz ýetireris we Ol barada köp zatlary bileris. w23.02 sah. 2, 3, abz. 3, 4

16-njy maý, penşenbe

Ýer ýüzi Ýehowa hakdaky bilimden dolar (Işa. 11:9).

Biziň ählimiz aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzy görjek günümize sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ýehowa hem olary görmek isleýär (Eýp. 14:15). Göz öňüne getiriň, aradan çykan adamlar Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda ölüm ukusyndan oýanýar. Şonda bütin ýer ýüzünde şatlyk-şagalaň bolar. Ady ýaşaýyş kitabyna ýazylan «dogruçyllar» «ýaşamak üçin» direler (Res. 24:15; Ýah. 5:29). Belki, biziň aradan çykan dogan-garyndaşlarymyz ilkinjileriň hatarynda direler. Şeýle-de Ýehowany tanaman ýa-da Oňa wepaly gulluk etmän aradan çykan «erbetler» hem direler, emma olar «höküm edilmek üçin direler». Ýer ýüzünde direljek ähli adamlara okuw geçiler (Işa. 26:9; 61:11). Şonda «ýer ýüzi Ýehowa hakdaky bilimden dolar» (Işa. 11:10). w22.09 sah. 20, abz. 1, 2

17-nji maý, anna

Ol Biribardyr (Dan. 6:26).

Ençeme patyşalar bilelikde Ýehowanyň halkyna garşy aýaga galýar. Şonda Ýehowa Hemmelerden Beýikdigini subut edýär. Meselem, Ol Wada edilen ýurdy halkyna berýär (Ýuşa 11:4—6, 20; 12:1, 7, 24). Ýehowa Hemmelerden Beýikdigini gaýta-gaýta subut etdi. Wawilon patyşasy Nawuhodonosor Ýehowany şöhratlandyrmagyň deregine, şan-şöhratyna we güýç-kuwwatyna buýsanýar. Ýehowa hem onuň akylyny üýtgedýär. Patyşa akylyna aýlananda Allatagala alkyş aýdyp: «Onuň patyşalygy ebedilik patyşalykdyr... Hiç kim ony saklap bilmez» diýýär (Dan. 4:30, 33—35). Mezmurçy: «Hudaýy Ýehowa bolan halk bagtlydyr! Allanyň seçip-saýlan halky bagtlydyr!» diýýär (Zeb. 33:12). Hemmelerden Beýik Ýehowa Hudaýa gulluk etmek uly hormat! w22.10 sah. 15, 16, abz. 13—15

18-nji maý, şenbe

Seniň sözüň hakykatdyr (Zeb. 119:160).

Mukaddes Kitapdaky ýerine ýeten pygamberlikler Hudaýyň gelejek hakda beren wadalaryna ynamymyzy artdyrýar. Mezmurçy Ýehowa: «Men sözüňe umyt edýärin, halas ederiňe garaşýaryn» diýip doga etdi (Zeb. 119:81). Biz onuň sözlerine goşulýarys. Ýehowa Mukaddes Kitap arkaly «ýagty gelejege umyt berýär» (Ýer. 29:11). Biz adamlaryň berýän wadasyna däl-de, Ýehowanyň wadalaryna umyt edýäris. Geliň, Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleri çuňňur öwrenip, Hudaýyň Sözüne ýürekden iman edeliň. Mukaddes Kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyny ýene näme subut edýär? Ondaky maslahatlar adamlara bagtly ýaşamaga kömek edýär (Zeb. 119:66, 138). Meselem, birwagtlar bir-birini söýmeýän we sylamaýan är-aýallar, indi agzybir ýaşaýarlar. Olar çagalaryny söýýärler we ýürekden aladasyny edýärler, sebäbi Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýarlar (Efes. 5:22—29). w23.01 sah. 5, abz. 12, 13

19-njy maý, ýekşenbe

Umyt edip şatlanyň (Rim. 12:12).

Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetýändigini görüp, sizem begenýänsiňiz. Meselem, Isa pygamber Ýehowanyň wepaly bendelerini zada zar etmejekdigini aýtdy (Mat. 6:32, 33). Şeýle-de ol «Gökdäki Ataňyz dileýänlere mukaddes ruhuny berer» diýdi (Luka 11:13). Hawa, Ýehowa beren wadasynda hemişe durýar. Biz Hudaýyň başga-da wadalaryny ýerine ýetirjekdigine ynamly bolup bileris. Ol bizi bagyşlajakdygyny, göwünlik berjekdigini we ruhy taýdan iýmitlendirjekdigini söz berýär (Mat. 6:14; 24:45; 2 Kor. 1:3). Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlansak, umyt edýän zatlarymyzy amala aşyrjakdygyna iman ederis. Bizem umyt edip şatlanýarys, sebäbi Ýehowa beren wadasynda durýar. Mezmurçy: «Ýehowa Hudaýa umyt edýän adam bagtlydyr... Ol hemişe wepalydyr» diýdi (Zeb. 146:5, 6). w22.10 sah. 28, abz. 15, 17

20-nji maý, duşenbe

Ýehowanyň nury saňa ýalkym saçar (Işa. 60:2).

Arassa seždäniň dikeldilmegi baradaky pygamberlik şu günler ýerine ýetýärmi? Elbetde! 1919-njy ýylda millionlarça adamlar ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Wawilonyň ýesirliginden azat boldular. Ýehowa olara wada edilen ýurtdan hem has gowy ýeri ýagny, ruhy jenneti berdi (Işa. 51:3; 66:8). Saýlanan mesihçiler 1919-njy ýyldan bäri ruhy jennetde ýaşaýarlar. Soňra olara ýer ýüzünde ebedi ýaşajak başga goýunlar hem goşuldy (Ýah. 10:16). Ýehowa olara şu günler bol bereket berýär (Işa. 25:6; 65:13). Ruhy jennet bütin ýer şaryny aňladýar. Eger biz arassa seždäni goldasak ruhy jennetde ýaşap bilýäris. w22.11 sah. 11, 12, abz. 12—15

21-nji maý, sişenbe

Ýehowa, sen gadymdan bäri barsyň! Mukaddes Hudaýym, sen hiç haçan ölümi datmarsyň (Hab. 1:12).

Käbir adamlara hak Allanyň «başlangyjynyň we soňunyň» ýokdugy bilen ylalaşmak kyn bolýar (Işa. 40:28). Gadymy döwürlerde ýaşan hudaýhon adam Alyhuw: «Hudaýyň beýikligine ynsan düşünmez, ýaşan ýyllaryny sanap bilmez» diýdi (Eýp. 36:26). Ýöne adamlaryň bir zada akyl ýetirip bilmezligi şol zadyň ýokdugyny aňlatmaýar. Biz elektrik energiýasynyň käbir enjamlary nädip işledýändigine düşünmeýäris, ýöne bu onuň ýokdugyny aňlatmaýar. Edil şonuň ýaly, bize Ýehowanyň ebedilik ýaşaýandygyna doly düşünmek kyn bolýar, emma bu Hudaýyň ebedilik ýaşamaýandygyny aňlatmaýar. Adamlar muňa düşünse-de, düşünmese-de Beýik Ýaradyjymyz ebedilik ýaşaýar (Rim. 11:33—36). Ýehowa älem-jahanda hiç zat, Aý, ýyldyzlar we Gün ýaradylmazyndan öň hem bardy (Ýer. 51:15). w22.12 sah. 2, 3, abz. 3, 4

22-nji maý, çarşenbe

Doga-dilegim huzuryňda tütetgi deý bolsun (Zeb. 141:2).

Aýdaly, wagyzçy sizi Mukaddes Kitap okuwyna çagyrýar we sizden doga etmegi haýyş edýär. Belki, siz okuw geçýäni gowy tanaýan dälsiňiz, şol sebäpli sapagyň soňunda doga etseňiz gowy bolar. Şonda okuw geçýäniň kynçylyklaryny, aladalaryny bilip, şolar hakda Ýehowa doga edip bilersiňiz. Belki-de, doganlar sizden wagyz duşuşygynda ýa-da ýygnakda doga etmegi haýyş ederler. Şonda nämäni unutmaly däl? Ilki bilen, doga-dileg etmegiň maksadyny unutmaly däl. Şeýle-de edýän dogaň maslahat ýa-da bildiriş ýaly bolmaly däl. Ýygnak duşuşygynda aýdym we doga üçin bäş minut berilýär. Esasan-da, ýygnagyň başynda doga edýän dogan uzyn doga etmeli däl (Mat. 6:7). w22.07 sah. 24, abz. 17, 18

23-nji maý, penşenbe

Siz uruş seslerini we uruş baradaky habarlary eşidersiňiz. Seresap boluň, howsala düşäýmäň. Sebäbi şeýle zatlar bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir (Mat. 24:6).

Isa pygamber soňky günlerde «gyrgynçylygyň boljakdygy», ýagny ýokanç keselleriň ýaýrajakdygy hakda pygamberlik etdi (Luka 21:11). Muny bilmek kalbymyzda parahatlygy saklamaga nädip kömek edýär? Şu günler kesel giňden ýaýrasa-da, biz çendenaşa biynjalyk bolmaýarys, sebäbi Halypamyz Isanyň aýdan sözleri jikme-jik ýerine ýetýär. Ol soňky günlerde ýaşaýan wepaly adamlara: «Howsala düşäýmäň!» diýip maslahat beripdi. Keseliň ýaýramagy durmuşyňyzy bütinleý üýtgedip biler. Ýöne hiç zada ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga we şahsy okuwyny geçirmäge päsgel berdirmäň. Dogan-uýalaryň terjimehalyny okaň we wideolary görüň. Şonda olaryň hem kyn ýagdaýlarda Hudaýa wepaly galýandygyna göz ýetirersiňiz (1 Pet. 5:9). w22.12 sah. 17, abz. 4, 6

24-nji maý, anna

Olaryň hemmesi garaşylmadyk ýagdaýa duçar bolýarlar (Nes. 9:11).

Ýakup pygamber ogullarynyň arasyndan Ýusuby eý görýärdi (1 Mus. 37:3, 4). Ýöne agalary inisine göriplik edip, ony ýigrenýärdi. Günlerde bir gün, olar Ýusuby täjirlere gul edip satýarlar. Midýanlaryň kerweni birnäçe günläp ýol söküp, Müsür iline barýar. Täjirler Ýusuby faraonyň köşk emeldary Potifara gul edip satýar. Ýusubyň durmuşy göz açyp-ýumasy salymda çepbe-çöwrülýär. Atasynyň han ogly, ýat ýurtda gul bolýar (1 Mus. 39:1). Bizem ähli adamlar ýaly betbagtçylykdan we ýeter-ýetmezçilikden kösenip ýaşaýarys (1 Kor. 10:13). Üstesine-de, Isa pygamberiň şägirdi bolandygymyz üçin biziň üstümizden gülýärler, kemsidýärler we yzarlaýarlar (2 Tim. 3:12). Ýöne Ýehowanyň Ýusuby goldaýşy ýaly, bize-de kyn günlerde kömek etjegine ynamly bolup bileris. w23.01 sah. 14, 15, abz. 3, 4

25-nji maý, şenbe

Odun bolmasa, ot söner (Nak. 26:20).

Belki, biz: «Göwnüme degen adam bilen hökman düşünişmeli» diýýändiris. Emma ilki bilen şu soraglar hakda oýlansak gowy bolar: «Men bolan ýagdaýa gowy düşünýärinmi? (Nak. 18:13). Ol göwnüme bilgeşleýin degen däldir-ä? (Nes. 7:20). Meniň özüm hem ýalňyşmaýarynmy näme? (Nes. 7:21, 22). Men dogan bilen düşünişjek bolup, ýagdaýy has-da beterleşdirmerinmi?» Şu soraglar hakda oýlansaňyz belli bir netijä gelip bilersiňiz. Belki, doganyňyza bolan söýgi sizi meseläni ulaltman, geçirimli bolmaga höweslendirer. Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň hakyky şägirtleridigini subut edýär. Biziň her birimiz bikämil. Biz dogan-uýalary ýürekden söýsek we olar üçin şirin janymyzdan geçmäge taýyn bolsak, Isa Mesihiň şägirdidigimizi subut ederis. Şonda akýürekli adamlar biziň söýgimizi görüp, hakyky dine goşular we Ýehowa Hudaýa sežde eder. Geliň, Isa pygamberiň şägirtlerine mahsus bolan söýgi häsiýetini hemişe bildireliň! w23.03 sah. 31, abz. 18, 19

26-njy maý, ýekşenbe

Hudaý söýgüdir (1 Ýah. 4:8).

Mukaddes Kitapda Ýehowanyň iň esasy häsiýeti, ýagny söýgüsi hakda aýdylýar. Ýehowa bizi gowy görýändigi üçin Mukaddes Kitaba artykmaç maglumat ýazdyrmady (Ýah. 21:25). Ýehowanyň adamlar bilen mähirli bolmagy, Onuň söýgüsini görkezýär. Ol adamlary erkin edip ýaratdy, şol sebäpli durmuşda bolýan her bir ýagdaý üçin birtopar düzgün goýmady. Gaýtam Mukaddes Kitapdaky wakalary, pygamberlikleri öwrenip, ondaky maslahatlara eýerip, özbaşdak karara gelmegimizi isleýär. Hawa, Mukaddes Kitap Hudaýy söýmäge we Oňa höwes bilen gulak asmaga kömek edýär. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň adamlar bilen ýürekden gyzyklanýandygy aýdylýar. Ol Mukaddes Kitaba «biziňki ýaly» duýgulary bolan adamlaryň wakalaryny ýazdyrdy (Ýak. 5:17). Şol wakalardan biz köp zatlary öwrenýäris. Esasy zat bolsa, Ýehowanyň olaryň ýagdaýyna düşünmeginden «örän mähirli we rehimdar Hudaýdygyna» göz ýetirýäris (Ýak. 5:11). w23.02 sah. 5, 6, abz. 13—15

27-nji maý, duşenbe

Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň (1 Pet. 5:8).

Ylham kitaby şeýle sözler bilen başlanýar: «Hudaý gullaryna tizden boljak zatlary Isa Mesih arkaly äşgär etdi» (Ylh. 1:1). Hawa, soňky günler baradaky pygamberlikler hemmämizi hem gyzyklandyrýar. Biz dünýädäki wakalar hakda gürrüň edenimizde, pygamberlikleri özümizçe düşündirmekden seresap bolmaly. Aýdaly, täzeliklerde syýasy ýolbaşçylaryň bir dawany çözmek üçin parahatlygy dikeltjek bolýandygyny eşidýäris. Şonda biz «1 Selanikliler 5:3-däki pygamberlik ýerine ýetip başlapdyr-ow» diýip, ony özümizçe düşündirmeli däl. Gaýtam bu babatda edebiýatlarymyzda näme öwredýändigini biljek bolmaly. Biz öz pikirimizi öňe sürsek, ýygnakda agzalalyk döräp bilýär. Emma biziň aýdýan sözlerimiz Ýehowanyň guramasynyň çap eden edebiýatlaryna esaslansa, dogan-uýalar bilen «bir pikirde» bolarys we ýygnakda agzybirlik höküm sürer (1 Kor. 1:10; 4:6). w23.02 sah. 16, abz. 4, 5

28-nji maý, sişenbe

Kiçigöwünligiň, hakykatyň we adalatyň hatyrasyna ata çyk. . . sag eliň haýbatly işleri etsin (Zeb. 45:4).

Biz näme üçin Isa Mesihi söýmeli? Isa Mesih kiçigöwünlidi, adalatlydy we hakykaty söýýärdi. Eger bizem adalatly bolsak we hakykaty aýtsak, Isa Mesihi ýürekden söýeris. Ol hakykat we adalat üçin janyndan geçmäge-de taýyndy (Ýah. 18:37). Ol kiçigöwünlidigini nädip subut etdi? Isa Mesih kiçigöwünli bolmakda kämil görelde galdyrdy. Meselem, ol özüni däl-de, hemişe Atasyny şöhratlandyrýardy (Mar. 10:17, 18; Ýah. 5:19). Isa pygamberiň kiçigöwünligi hakda okanyňyzda özüňizi nähili duýýarsyňyz? Siz Hudaýyň Ogluny söýüp, onuň göreldesine eýermek isleýänsiňiz. Isa pygamber näme üçin kiçigöwünlidi? Sebäbi ol kiçigöwünli Hudaý Ýehowany söýýärdi we Onuň göreldesine eýerýärdi (Zeb. 18:35; Ýew. 1:3). Siz Ýehowanyň häsiýetlerini kämil derejede görkezen Isa pygamberiň dosty bolmak isleýärsiňizmi? w23.03 sah. 3, 4, abz. 6, 7

29-njy maý, çarşenbe

Dogruçyllar hem-de erbetler direler (Res. 24:15).

Mukaddes Kitapda «dogruçyllaryň hem-de erbetleriň direljekdigi» barada aýdylýar. «Dogruçyllar» soňky demine çenli Ýehowa wepaly bolan adamlary aňladýar. «Erbetler» bolsa Ýehowanyň dogruçyllyk babatdaky kada-kanunlary boýunça ýaşamadyk adamlary aňladýar. Direljek iki toparyň hem atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylarmy? Olaryň atlary ölmezinden öň ýaşaýyş kitabyna ýazyldy. Olar aradan çykanlaryndan soň atlary ýaşaýyş kitabyndan öçürildimi? Elbetde, ýok! Sebäbi olaryň hemmesi «Hudaý üçin diridir». Ýehowa «ölüleriň däl, dirileriň Hudaýy» (Luka 20:38). Diýmek, dogruçyllar direlende atlary ýaşaýyş kitabynda bolar. Ýöne syýa bilen däl-de, galam bilen ýazylan ýaly bolar (Luka 14:14). w22.09 sah. 16, abz. 9, 10

30-njy maý, penşenbe

Ýehowa Hudaý Erem bagyny bejersin we gözegçilik etsin diýip, adamy şol ýere getirdi (1 Mus. 2:15).

Ýehowa adamlaryň şatlanyp ýaşamagyny isleýär. Ol ilkinji ynsan Adam atany owadan Erem bagynda ýaratdy we oňa Erem bagyna gözegçilik etmegi, giňeltmegi tabşyrdy (1 Mus. 2:8, 9). Adam ata tohumyň ösüşini we onuň pajarlap gül açyşyny görende haýran galandyr. Adam ata owadan Erem bagyna gözegçilik etmegi uly hormat hasaplandyr. Şeýle-de Ýehowa oňa haýwanlara at dakmagy tabşyrýar (1 Mus. 2:19, 20). Elbetde, Ýehowanyň özi haýwanlara at dakyp bilerdi, ýöne şu wajyp işi Adam ata buýurýar. Adam ata haýwanlara at dakmazdan öň, olaryň her biriniň aýratynlygyny, hereketini we daş keşbini ünsli synlandyr. Şu iş Adam ata şatlyk berendir. Şonda ol gökdäki Atasynyň akyl-paýhasyna, gudratyna we ussatlygyna haýran galandyr. w23.03 sah. 15, abz. 3

31-nji maý, anna

Ol ähli patyşalyklary ýok eder, özi bolsa ebedi durar (Dan. 2:44).

Heýkeliň topukdan aşagyny aňladýan Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy iň soňky patyşalyk bolar (Dan. 2:31—33). Armageddon söweşinde Hudaýyň Patyşalygy Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny we ähli ynsan hökümetlerini ýer ýüzünden ýok eder (Ylh. 16:13, 14, 16; 19:19, 20). Biz heýkel hakdaky pygamberligi näme üçin bilmeli? Danyýaryň heýkel hakdaky pygamberligi soňky günlerde ýaşaýandygymyzy subut edýär. Danyýar pygamber 2 500 ýyl mundan öň Wawilondan soň Hudaýyň halkynyň üstünden agalyk etjek dört patyşalygyň geljekdigi hakda aýdýar. Şeýle-de ol iň soňky imperiýa Angliýa-Amerikanyň Isanyň gökde Patyşa bolan döwri hökümdarlyk etjekdigini düşündirýär. Şu pygamberligiň ýerine ýetýändigini görmek bize göwünlik berýär we imanymyzy berkidýär. Tizden Hudaýyň Patyşalygy ähli ynsan hökümetlerini ýok eder we bütin ýer ýüzüniň üstünden höküm sürer. w22.07 sah. 4, abz. 9; sah. 5, abz. 11, 12

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş