Iýun
1-nji iýun, şenbe
Tenim gurtlady, gara guma garyldym, endamym iriňli, kesmekli ýaralardan doldy (Eýp. 7:5).
Ýehowa Eýýupdan razydy, ony dosty hasaplaýardy. Ol tüçjar baýdy, agzybir we uly maşgalasy bardy (Eýp. 1:1—5). Gynansak-da, ol bir günüň içinde bar zadyndan mahrum boldy. Başda ol baýlygyny ýitirýär (Eýp. 1:13—17). Soňra çagalarynyň ählisi ölýär. Olar çagalarynyň ölendigini eşidenlerinde dady-perýat edip, ajy hasrat çekendirler. Şol sebäpli Eýýup ýakasyny ýyrtyp, ýüzüni ýere berip ýatýar (Eýp. 1:18—20). Şeýtan Eýýuby agyr kesele uçradýar we at-abraýdan gaçyrýar (Eýp. 2:6—8). Öňler adamlar Eýýuba uly hormat goýup, maslahat soraýardylar. Indi bolsa ony adam sanynda görmeýärler (Eýp. 31:18). Eýýubyň doganlary, dost-ýarlary we gullary ondan ýüz öwürýärler (Eýp. 19:13, 14, 16). w22.06 sah. 21, abz. 5, 6
2-nji iýun, ýekşenbe
Söýgi bilen bedeniň başy Mesihden görelde alalyň (Efes. 4:15).
Biz suwa çümdürilenimizden soň hem Pawlusyň efeslilere beren maslahatyna eýermeli. Pawlus efeslileri «uly adam» bolmaga höweslendirdi (Efes. 4:13). Biz Ýehowany söýýäris, emma söýgimiz sowamaz ýaly jan etmeli. Pawlus resul filipililere: «Söýgiňiziň artmagyny... dileýärin» diýdi (Flp. 1:9). Biz hem Ýehowany ýürekden söýmek üçin «dogry bilim alyp... Hudaýyň islegine düşünmeli». Ýehowanyň häsiýetleri we eden işleri barada oýlansak, Ony has gowy tanarys hem-de ýürekden söýeris. Ýehowanyň bizden nämä garaşýandygyna düşünsek, Ony gynandyrýan işleri etmän, hemişe razy edip ýaşarys. w22.08 sah. 2, 3, abz. 3, 4
3-nji iýun, duşenbe
Isa Mesihden Ýahýa gelen ylham. Hudaý gullaryna tizden boljak zatlary Isa Mesih arkaly äşgär etdi (Ylh. 1:1).
Ylham kitaby ähli adamlar üçin däl-de, ömrüni Ýehowa bagyş eden wepaly adamlar üçin ýazylan. Biz Ylham kitabyndaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegine goşant goşýarys. Ýahýa Ylham kitabyndaky pygamberlikleriň haçan ýerine ýetjekdigini aýtdy. Ol Hudaýyň ylhamy bilen: «Mukaddes ruh meni Halypamyzyň gününe alyp gitdi» diýdi (Ylh. 1:10). Ol şu sözleri b. e. 96-njy ýylynda ýazypdy, ýöne şol wagt «Halypamyzyň güni» gelmändi (Mat. 25:14, 19; Luka 19:12). Mukaddes Kitapdaky pygamberliklere görä, «Halypamyzyň güni» 1914-nji ýylda başlady, sebäbi Isa Mesih gökde patyşalyk tagtynda oturdy. Şondan bäri Ylham kitabynda ýazylan Hudaýyň halky baradaky pygamberlikler ýerine ýetýär. Hawa, biz «Halypamyzyň gününde» ýaşaýarys (Ylh. 1:3). w22.05 sah. 2, abz. 2, 3
4-nji iýun, sişenbe
Wagşy haýwan we ýalan pygamber tutuldy (Ylh. 19:20).
Ýalan pygamber we wagşy haýwan diriligine «kükürt bilen ýanýan ot kölüne zyňyldy». Şu günler Hudaýyň duşmanlary höküm sürseler-de ebedilik ýok ediler. Ylham kitabyndaky pygamberligiň bize nähili degişli ýeri bar? Biz Ýehowa wepaly bolmaly we Onuň Patyşalygyna doly tabyn bolmaly (Ýah. 18:36). Biz bitaraplygy saklamaly we syýasy işlere goşulmaly däl. Elbetde, bitaraplygy saklamak aňsat däl, sebäbi häkimiýetler syýasaty goldamagy talap edýärler. Olar göçme manyda elimize we maňlaýymyza bellik goýmak isleýärler (Ylh. 13:16, 17). Şol belligi kabul eden adamlar Ýehowanyň gaharyny getirerler we ebedi ýaşaýyşdan mahrum bolarlar (Ylh. 14:9, 10; 20:4). Häkimiýetleriň talaby näçe güýçli bolsa-da, geliň, bitarap bolmagy ýüregimize berk düweliň! w22.05 sah. 11, abz. 12, 13
5-nji iýun, çarşenbe
Işine ökde adamy gördüňmi? Ol garamaýak adamlara däl-de, patyşalara hyzmat eder (Nak. 22:29).
Biz hünär öwrenmegi ýa-da ukyplarymyzy artdyrmagy maksat edinmeli. Şeýle etsek, Ýehowa köpräk gulluk edip bileris. Meselem, janaýamaz dogan-uýalar Beýtel binasynyň, Kongresler köşgüniň we Ýygnak jaýynyň gurluşyk işlerine gatnaşýarlar. Olaryň gurluşyk işinden başy çykmasa-da, ökde ussalar bilen eginme-egin işleşip gerekli hünäri öwrendiler. Şu günler dogan-uýalar Ýygnak jaýynyň, Kongresler köşgüniň abatlaýyş işlerine höwes bilen gatnaşýarlar. «Döwürleriň Patyşasy Ýehowa» we «patyşalaryň Patyşasy Isa» şeýle zähmetsöýer dogan-uýalar arkaly beýik işleri ýerine ýetirýärler (1 Tim. 1:17; 6:15). Biz güýç-kuwwatymyz we ukyp-başarnygymyz bilen özümizi däl-de, Allatagalany şöhratlandyrmak isleýäris (Ýah. 8:54). w22.04 sah. 24, abz. 7; sah. 25, abz. 11
6-njy iýun, penşenbe
Pul. . . gorag bolýar (Nes. 7:12).
Süleýman patyşanyň mal-mülki dünýä sygmaýardy, eli uzadan ýerine ýetýärdi (1 Pat. 10:7, 14, 15). Isa pygamber bolsa baý däldi, onuň öýi hem ýokdy (Mat. 8:20). Emma olaryň ikisi hem baýlyga dogry garaýyşda boldular. Mal-mülki Süleýmanyň gözüni gapmady; Isa pygamber baýlygyň ugrunda hars urmady, sebäbi olaryň ikisine-de Ýehowa akyldarlyk beripdi. Süleýman pygamber puluň bolsa gerek-ýarak zatlaryňy satyn alyp bolýandygyny bilýärdi. Käte arzuw edýän zadyňa-da ýetip bolýar. Süleýman tüçjar baý bolsa-da, altyn-kümüşden hem wajyp zadyň bardygyna düşündi. Ol: «At-abraý köp baýlykdan gowudyr» diýdi (Nak. 22:1). Süleýman puluň yşkyna düşýän adamyň bagtsyz bolýandygyny bilýärdi (Nes. 5:10, 12). Şeýle-de ol baýajak bolýan adamyň lapykeç bolýandygyny düşündirip: «Gözüňi baýlyga dikersiň welin, ol gaýyp bolar» diýdi (Nak. 23:4, 5). w22.05 sah. 20, 21, abz. 4, 5
7-nji iýun, anna
Ýehowa kömek etmek üçin sabyrly garaşýar, size rehim etmek üçin ýerinden turar. Ýehowa adalatly Alladyr, Hudaýa umyt edýänleriň ählisi bagtlydyr (Işa. 30:18).
Eger biz alan bereketlerimiz hakda oýlansak, Ýehowa bilen dostlugymyz has-da berkär. Ýehowanyň gelejekde berjek bereketleri hakda oýlansak, Ony ebedi razy edip ýaşamagy ýüregimize düweris. Şu zatlaryň ählisi Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge kömek edýär. Ýehowa zalym dünýäni ýok edende, bizi halas etmek üçin «ýerinden turar». Ýehowanyň «adalatly Alladygyna» ynamly bolup bileris. Ol Şeýtanyň dünýäsini ýok etmek üçin bellän wagtyndan ýekeje gün hem gijä galmaz (Işa. 25:9). Ýehowa hem, biz hem şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Geliň, gol gowşuryp oturmalyň, Ýehowa gaýta-gaýta doga edeliň. Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymyz boýunça ýaşalyň we alan bereketlerimiz hakda oýlanalyň. Şonda Ýehowa bizden razy bolar we kynçylyklara garamazdan şatlanyp ýaşamaga kömek eder. w22.11 sah. 13, abz. 18, 19
8-nji iýun, şenbe
Eneň öwüt-ündewini unutma (Nak. 1:8).
Mukaddes Kitapda Timoteosyň suwa çümdürilişi hakda ýazylmadyk hem bolsa, şol güni onuň ejesi Ewnikanyň begenendigi şübhesiz (Nak. 23:25). Ewnikanyň tagallasy ýerine düşdi. Timoteos Ýehowany we Isa Mesihi söýýändigi üçin aýgytly ädim ätdi. Timoteosyň ene-atasynyň hersi bir dine uýýardy. Onuň kakasy grekdi, ejesi we mamasy ýehudydy (Res. 16:1). Soňra Timoteosyň ejesi bilen mamasy Isa Mesihe iman edýär, emma kakasy mesihçi bolmaýar. Şol döwürler Timoteos ýetginjek ýaşlarynda bolmaly. Şu günlerem Ewnika ýaly maşgalasyny ýürekden söýýän gaýratly uýalar bar. Olar perzentleriniň Ýehowany ýürekden söýüp, Onuň bilen dostlaşmagyny isleýärler. Hak Alla olaryň çagalaryny terbiýelemek üçin edýän tagallasynyň gadyryny bilýär (Nak. 1:8, 9). Ýehowanyň goldawy bilen köp uýalar çagalaryny hakykat ýolunda terbiýelediler. w22.04 sah. 16, abz. 1—3
9-njy iýun, ýekşenbe
Şeýle pikiri olaryň ýüregine Hudaý guýdy (Ylh. 17:17).
Tizden «on patyşa», ýagny syýasy ýolbaşçylar ähli ýalan dinleri ýok eder. Şeýle etmegi «olaryň ýüregine Hudaý guýar» (Ylh. 17:1, 2, 12, 16). Biz Beýik Wawilonyň tizden ýok ediljekdigine näme üçin ynamly bolup bileris? Gadymy Wawilon şäheriniň töwereginden Ýewfrat derýasy akyp geçýärdi. Şol sebäpli ony basyp almak kyndy. «Ylham» kitabynda ýalan dinleriň dünýä imperiýasy bolan Beýik Wawilony goldaýan adamlar «suwa» meňzedilýär (Ylh. 17:15). Ýewfrat derýasynyň gurajakdygy hakdaky pygamberlik ýalan dini goldaýan adamlaryň gün-günden azaljakdygyny aňladýar (Ylh. 16:12). Şu günler köp adamlaryň dinlerden göwni geçip, tesellini başga ýerden gözleýärler. w22.07 sah. 6, abz. 14, 15
10-njy iýun, duşenbe
Kim rehim etmese, höküm çykarylanda, onuň özüne-de rehim edilmez. Hawa, rehimdarlyk hökümden üstün çykýandyr (Ýak. 2:13).
Isa pygamber Ýehowany hyzmatkäriniň köp bergisini geçen patyşa meňzedýär. Emma hyzmatkär özüne ujypsyz bergisi bolan başga hyzmatkäri bagyşlap bilmeýär (Mat. 18:23—35). Isa pygamber şu mysal arkaly birek-biregi bagyşlamak üçin rehimdar Ýehowa Hudaýa minnetdar bolmalydygyny düşündirdi (Zeb. 103:9). Birnäçe ýyl mundan öň çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle ýazylypdyr: «Ýehowa Isa Mesih arkaly günälerimizi bagyşlaýar. Biz biri-birimizi näçe bagyşlasak-da, Ýehowanyň rehimdarlygynyň öwezini dolup bilmeris». Bagyşlaýan adamlaryň günäsi geçiler. Ýehowa rehimdar adamlara rehim eder (Mat. 5:7). Şu barada Isa pygamber şägirtlerine doga etmegi öwredende hem aýdypdy (Mat. 6:14, 15). w22.06 sah. 10, abz. 8, 9
11-nji iýun, sişenbe
Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly bereket alar (1 Mus. 22:18).
Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda Atasynyň häsiýetlerini doly görkezdi. Biz Isa pygamber hakda bilim alyp, Ýehowany ýürekden söýýäris (Ýah. 14:9). Biz her gün Ýehowany razy edip ýaşamagy öwrenýäris. Isa Mesih bize ýygnaklar arkaly görkezme we Hudaý hakda bilim berýär. Şeýle-de Isanyň direlmegi bizi günäden azat edýär. Mukaddes Kitapda: «Isanyň gany... günälerimizi ýuwýar» diýilýär (1 Ýah. 1:7). Häzir ol şöhratly we ölmeýän Patyşa. Tizden ol ýylanyň kellesini mynjyradar (1 Mus. 3:15). Gadyrly dogan-uýalar, Ýehowa doly bil baglalyň, ýan bermäliň! Ol akýürekli adamlary tizden Şeýtanyň zorluk-süteminden azat eder. w22.07 sah. 18, abz. 13; sah. 19, abz. 19
12-nji iýun, çarşenbe
Biz şeýle kynçylyklardan gaçyp bilmeris (1 Sel. 3:3).
Biz goýan maksadymyzy üýtgetmäge taýyn bolmaly, sebäbi durmuşda garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykýar. Meselem, Pawlusyň tagallasy bilen Selanik şäherinde täze ýygnak döredi. Emma ol duşmanlaryň garşylyklary sebäpli Selanik şäherinden gitmeli bolýar (Res. 17:1—5, 10). Eger ol gitmedik bolsa, şäherdäki dogan-uýalary howply ýagdaýa salyp bilerdi. Pawlus garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli maksadyny üýtgetdi, emma ol ýan bermedi. Ol Timoteosy Selanik şäherine iberip, dogan-uýalaryň aladasyny etmegi tabşyrdy (1 Sel. 3:1, 2). Dogan-uýalar muňa örän begenendirler. Biz Pawlus resul bilen bolan wakadan köp zatlary öwrenip bileris. Käte bizem durmuşda bolýan garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli maksadymyza ýetip bilmeýäris (Nes. 9:11). Şonda ruhdan düşmegiň deregine, ýetip boljak maksatlary goýsak gowy bolar. w22.04 sah. 26, abz. 14, 15
13-nji iýun, penşenbe
Synaga çydaýan adam bagtlydyr (Ýak. 1:12).
Ýehowa bize kynçylyksyz durmuşy berjekdigini wada berýär. Geliň, kynçylyk başymyza düşende göwünlik berjek käbir aýatlara seredeliň. Mukaddes Kitapda hiç bir zadyň, hatda kynçylyklaryň hem bizi Ýehowanyň «söýgüsinden aýra salyp bilmejekdigi» aýdylýar (Rim. 8:38, 39). Şeýle-de onda Ýehowa doga-dileg edýänleriň «ählisine ýakyndyr» diýilýär (Zeb. 145:18). Mukaddes Kitapda Ýehowa bil baglasak, synaglara döz gelip bagtly bolup biljekdigimiz hem aýdylýar (1 Kor. 10:13; Ýak. 1:2). Eger biz Ýehowanyň täze dünýäde berjek bereketleri barada oýlansak, häzirki duş gelýän kynçylyklarymyza döz gelmek aňsat bolar (2 Kor. 4:16—18). Ýehowanyň Şeýtany we onuň ýaranlaryny tizden ýok etjekdigini bilmek hasam göwnümizi göterýär (Zeb. 37:10). Siz kynçylyklara döz gelmäge kömek etjek aýatlary ýat tutup bilersiňizmi? w22.08 sah. 11, abz. 11
14-nji iýun, anna
Mynasyp zatlar hakda oýlanyň (Flp. 4:8).
Siziň: «Ýehowanyň kada-kanunlaryna her gün, aýlar-ýyllar eýerip ýaşamak mümkin däl» diýen wagtyňyz boldumy? Ýehowa: «Dogruçyllygyňyz deňiz tolkunlary kimin bolar» diýdi (Işa. 48:18). Aýdaly, siz ägirt uly, aňyrsy-bärsi görünmeýän deňziň kenarynda dursuňyz. Siz ýuwaşjadan kenara urýan tolkunlara syn edýärsiňiz. Şonda siz deňiz bir gün tolkun atmagyny bes eder diýersiňizmi? Elbetde, diýmersiňiz. Sebäbi siz deňziň ýene-de tolkun atjakdygyna ynanýarsyňyz. Deňiz tolkunlarynyň yzy üzülmän kenara urşy ýaly, biz hem her gün dogruçyl we halal ýaşamak üçin jan etmeli. Biz karara gelmezden öň Ýehowanyň nämä garaşýandygyna düşünsek dogry karara gelip bileris. Belki, käte dogry karara gelmek kyn bolup biler, ýöne Ýehowanyň bizi hemişe goldajakdygyny unutmalyň. Ol bize dogruçyl bolmaga we halal ýaşamaga kömek eder (Işa. 40:29—31). w22.08 sah. 30, abz. 15—17
15-nji iýun, şenbe
Müň ýyl tamamlanan badyna, Şeýtan tussaglykdan boşadylar (Ylh. 20:7).
Şeýtan 1 000 ýyldan soň tussaglykdan boşadylar we ähli kämil adamlary Ýehowadan daşlaşdyrmak islär. Şol synag döwri her bir kämil adam Ýehowanyň adyny aklamak isleýändigini we Hökümdarlygyny goldaýandygyny subut etmeli bolarlar (Ylh. 20:8—10). Diňe şondan soň olaryň atlary ýaşaýyş kitabyna syýa bilen ýazylar we hiç haçan öçürilmez. Käbir adamlar Adam ata bilen How ene ýaly Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolman, ondan ýüz öwrerler. Olara näme bolar? Ylham 20:15-de şeýle diýilýär: «Ýaşaýyş kitabyna ady ýazylmadyklar hem ot kölüne zyňyldy». Diýmek, olaryň hemmesi ebedilik ýok ediler. Emma soňky synagda kämil adamlaryň köpüsi Hudaýa wepaly bolarlar. w22.09 sah. 23, 24, abz. 15, 16
16-njy iýun, ýekşenbe
Musanyň tabşyryşy ýaly sünnetlenmeseňiz, halas bolup bilmersiňiz (Res. 15:1).
I asyrda käbir mesihçiler ýehudylaryň gep-gürrüňlerinden çekinip, başga milletli doganlar hem hökman sünnetlenmeli diýýärdiler (Gal. 6:12). Pawlus resul olaryň aýdýany bilen razylaşmady, emma öz garaýşyny hem öňe sürmedi. Ol meseläni çözmek üçin Iýerusalimdäki resullardan we ýaşululardan maslahat sorady (Res. 15:2). Şeýlelikde, Pawlus resul ýygnakda parahatlygy döredip bildi (Res. 15:30, 31). Wajyp meselelerde dogan-uýalar bilen pikirimiz deň gelmese, ýygnakda parahatlygyň bolmagy üçin Ýehowanyň bellän ýaşulularyndan kömek sorap bileris. Şeýle-de Mukaddes Kitapdan we edebiýatlardan gerekli maslahatlary tapyp bileris. Şol maslahatlara eýersek, öz pikirimizi öňe sürmän dogan-uýalar bilen parahat ýaşap bileris. w22.08 sah. 22, abz. 8, 9
17-nji iýun, duşenbe
Hak dost elmydama söýýär (Nak. 17:17).
Dostuňyzyň syryny saklaň. Biz içki syrymyzy dostlarymyza gürrüň berenimizde ýüregimiz giňäp gidýär. Käte syryňy birine gürrüň bermek kyn bolup biler. Esasan-da, dostlaryňa gürrüň beren zatlaryňy başgalardan eşitseň, olara has-da ynamyň gaçar. Emma hak dost syr saklamagy başarýar. Ýaşulular dogan-uýalaryň syryny saklap «ýelden gorag... çabgada pena bolýarlar» (Işa. 32:2). Biz kimdir biriniň syryny biljek bolup, ýaşululara sorag baryny bermeli däl. Sebäbi dogan-uýalar ýaşululary ynamdar adam hasaplaýarlar we syryny hiç kime paş etmejekdigini bilýärler. Ýaşulularyň aýallary hormata mynasyp, sebäbi olar dogan-uýalaryň syryny biljek bolup ärini synaga salmaýarlar. w22.09 sah. 11, abz. 10, 11
18-nji iýun, sişenbe
Men halklaryň arasynda beýgelerin (Zeb. 46:10).
Biz Ýehowanyň wepaly bendelerini «uly betbagtçylykda» halas etjekdigini bilýäris (Mat. 24:21; Dan. 12:1). Mäjit ýurdundaky Äjit, ýagny milletleriň üýşmegi Ýehowanyň wepaly bendelerine topular. Birleşen Milletler Guramasyna degişli 193 döwlet Hudaýyň halkyna garşy aýaga galsa-da, Hemmeden Beýigiň we onuň goşunynyň öňünde durup bilmez. Ýehowa şeýle wada berýär: «Men köp milletleriň öňünde özümi tanadaryn. Meniň şöhratly we mukaddes Hudaýdygymy görerler. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler» (Hyz. 38:14—16, 23). Äjit Hudaýyň halkyna topulanda Armageddon söweşi başlar we Hudaý «ýer ýüzüniň patyşalaryny» ýok eder (Ylh. 16:14, 16; 19:19—21). «Ýer ýüzünde dogruçyl, Hudaýa wepaly adamlar ýaşar» (Nak. 2:21). w22.10 sah. 16, 17, abz. 16, 17
19-njy iýun, çarşenbe
Hudaý ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýär (1 Tim. 2:4).
Mukaddes Kitapda: «Ýehowa bolsa ýüregiň niýetlerini barlaýar» diýilýär (Nak. 16:2). Ýehowa dürli milletli we dürli medeniýetli adamlaryň ählisini söýýär. Ol bizi hem «ýüregimizi giňden açmaga» höweslendirýär (2 Kor. 6:13). Geliň, dogan-uýalary tankytlamagyň deregine, olary ýürekden söýeliň! Biz Ýehowa iman etmeýän adamlary hem tankytlamaly däl. Biz dogan-garyndaşlarymyz barada: «Şul-a, hiç haçan Ýehowa iman etmez» diýmekden seresap bolmaly. Eger şeýle diýsek, olara höküm çykardygymyz bolar. Ýehowa bolsa «hemmeleri toba etmäge çagyrýar» (Res. 17:30). Görşümiz ýaly, özüni dogruçyl hasaplaýan adama däl-de, Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerýän adama dogruçyl diýse bolar. Geliň, hemişe Ýehowanyň dogruçyllyk babatdaky kada-kanunlaryna görä ýaşalyň. Şonda özümizi bagtly duýarys we dogan-uýalara görelde bolarys. w22.08 sah. 31, abz. 20—22
20-nji iýun, penşenbe
Aralarynda pygamberiň bolandygyny bilerler (Hyz. 2:5).
Şu günler biz hoş habary yhlasly wagyz edýäris. Emma käbir adamlar bize garşy çykýar. Gelejekde garşy çykjaklar has-da köpeler (Dan. 11:44; 2 Tim. 3:12; Ylh. 16:21). Ýöne biz Ýehowanyň kömek etjekdigine ynamly bolup bileris. Sebäbi Ýehowa geçmişde wepaly bendelerine ýumuş tabşyranda ýerine ýetirmäge kömek edýärdi. Geliň, Ýehowanyň Hyzkyl pygambere Wawilona sürgün edilen ýehudylara wagyz etmäge kömek edendigi hakda gürrüň edeliň. Hyzkyl nähili adamlara wagyz etdi? Ýehowa olara «özdiýenli», «doňýürek», «gozgalaňçy» halk diýdi. Şeýle-de Ýehowa olary tikenege we içýanlara meňzetdi. Ýöne Ýehowa pygambere: «Sen olardan... gorkma» diýip, gaýta-gaýta aýtdy (Hyz. 2:3—6). Hyzkyl özüne tabşyrylan ýumşy birkemsiz ýerine ýetirdi. Sebäbi 1) ony Ýehowa iberdi, 2) Hudaý ony mukaddes ruhy bilen goldady, 3) Hudaýyň sözi Hyzkylyň imanyny berkitdi. w22.11 sah. 2, abz. 1, 2
21-nji iýun, anna
Ondan iýen günüň hökman ölersiň (1 Mus. 2:17).
Ýehowa janly-jandarlaryň arasyndan diňe ynsanyň ebedi ýaşamagyny isledi. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ynsanyň kalbyna «ebedi ýaşamak islegini guýandygy» ýazylan (Nes. 3:11). Şonuň üçin biziň uzak ömür sürüp bagtly ýaşasymyz gelýär. Şeýle-de Mukaddes Kitapda ölüm duşman bilen deňeşdirilýär (1 Kor. 15:26). Eger biz kesellesek, syrkawlasak däri-derman içmän ýaşaýyşdan umydymyzy üzýärismi? Elbetde, ýok! Gaýtam keselimizden gutulmak üçin lukmana görünýäris we bejergi alýarys. Jan bir süýji zat. Şol sebäpli uzak ýaşamak üçin elimizde baryny edip, howpsuzlyk çärelerini görýäris. Şeýle-de ýaş bolsun, garry bolsun, dogan-garyndaşlarymyz aradan çykanda ýüregimiz para-para bolýar (Ýah. 11:32, 33). Ýaradan hak Alla adamlary ebedi ýaşatmak islemedik bolsa, olaryň kalbyna ebedilik duýgusyny guýmazdy we beýnisini täsin tärde ýaratmazdy. w22.12 sah. 3, abz. 5; sah. 4, abz. 7
22-nji iýun, şenbe
Bütin dünýädäki doganlaryňyz hem şeýle kynçylyklary başdan geçirýär (1 Pet. 5:9).
Şu kyn döwürde dogan-uýalarymyz keselçilikden, ýekelikden ejir çekýärler. Dogan-uýalar bilen habarlaşyp duruň. Belki, ýokanç keseliň ýaraýandygy üçin imandaşlarymyz bilen ýüzbe-ýüz görşüp bilýän däldiris. Biz özümizi Ýahýa resul ýaly duýýandyrys. Ol dosty Gaý bilen görüşmek we saçak başynda oturyp gürrüň etmek isleýärdi (3 Ýah. 13, 14). Ýahýa häzirlikçe dosty bilen görşüp bilmejekdigine düşünýärdi, ýöne ruhdan düşmedi, gaýtam dostuna hat ýazdy. Eger biz dogan-uýalar bilen ýüzbe-ýüz görşüp bilmeýän bolsak, olar bilen habarlaşyp duruň. Ýygnakdaky dostlarymyz bilen habarlaşyp dursak, özümizi ýeke duýmarys we kalbymyz rahat bolar. Käte gaýgy-aladadan ýaňa halys tapdan düşmegimiz mümkin. Şonda ýaşululara ýüz tutsak we olaryň kömegini kabul etsek gowy bolar (Işa. 32:1, 2). w22.12 sah. 17, 18, abz. 6, 7
23-nji iýun, ýekşenbe
Ol Ýusuby äkidip, zyndana taşlady. Şol zyndanda patyşanyň tussaglary saklanýardy (1 Mus. 39:20).
Zebur kitabynda aýdylmagyna görä, Ýusubyň «aýagyna zynjyr baglaýarlar, boýnuna demir halka salýarlar» (Zeb. 105:17, 18). Hawa, Ýusup indi gül ömrüni kül edip, birnäçe ýylyny zyndanda geçirmeli bolýar. Belki, Ýusup ýaly siziň hem gözüňiz kynçylykdan açylýan däldir. Siz aglap Ýehowa doga edensiňiz, emma üýtgeýän zat ýokdur, gaýtam ýagdaýyňyz hasam beterleşýändir. Şeýtanyň dünýäsinde Ýehowa kynçylyklarymyzy we synaglarymyzy gudrat bilen aýyrmaýar (1 Ýah. 5:19). Ýöne Ol biziň çekýän derdimizi görýär we aladamyzy edýär (Mat. 10:29—31; 1 Pet. 5:6, 7). Ýehowa: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn» diýip söz berýär (Ýew. 13:5). Siz: «Mundan artyk çydamok» diýen wagtyňyz Ýehowa dadyňyza ýetişer. w23.01 sah. 16, abz. 7, 8
24-nji iýun, duşenbe
Hudaýymyz. . . doly bagyşlar (Işa. 55:7).
Ýehowa geçirimli Hudaý. Ol toba eden adamy ýürekden bagyşlaýar. Bu bolsa Ýehowanyň söýgä baý Hudaýdygyny ýene bir gezek subut edýär. Geçmişde ysraýyllar Ýehowa garşy gaýta-gaýta günä etdiler. Ýöne olar toba edende, Ýehowa her gezek bagyşlaýardy. I asyrdaky mesihçiler hem Ýehowanyň söýgüden doly Hudaýdygyna göz ýetirdiler. Pawlus mesihçilere ýalňyşyna düşünip, toba eden adamy «ýürekden bagyşlaň we göwünlik beriň» diýip maslahat berdi (2 Kor. 2:6, 7; 1 Kor. 5:1—5). Ýehowa üýtgemeýän Hudaý. Ol şu günlerem toba eden adamy ýürekden kabul edýär. Ýalňyşsagam, Ýehowa bize kömek edýär, düzedýär we dostluk goluny uzadýar. Şeýle geçirimli we rehimdar Hudaýymyzyň bardygyna diýseň begenýäris! (Ýak. 4:8—10). Hudaýyň Sözi Onuň akyldarlygyny, adalatlylygyny we söýgüsini görkezýär. Ýehowa her bir adamyň Mukaddes Kitapdan bilim alyp, Özi bilen dostlaşmagyny isleýär. w23.02 sah. 7, abz. 16, 17
25-nji iýun, sişenbe
Siz pygamberlige ünsli bolup, dogry edýärsiňiz (2 Pet. 1:19).
Biz dünýädäki wakalar arkaly pygamberlikleriň ýerine ýetişini bilesimiz gelýär. Belki, siz hem şol hakda ýygy-ýygydan gürrüň edýänsiňiz. Isa soňky günlerde nähili wakalaryň boljakdygyny öňünden aýtdy (Mat. 24:3—14). Petrus resul hem imanymyz berk bolar ýaly, pygamberlikleriň ýerine ýetişine ünsli bolmagy maslahat berdi (2 Pet. 1:20, 21). Petrusyň aýdan sözleri Mukaddes Kitapdaky pygamberliklere dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Ol «Ýehowanyň geljek gününe bar ünsüňizi beriň» diýdi (2 Pet. 3:11—13). Biz Armageddonyň gününi we sagadyny biljek bolman, gaýtam şol gün gelmänkä, mukaddes ýaşap Hudaýa wepaly bolmaly (Mat. 24:36; Luka 12:40). Hawa, biziň aýdýan sözlerimiz, edýän işlerimiz Hudaýy söýýändigimizi we oňa wepaly bolmak isleýändigimizi görkezmeli. Munuň üçin bolsa, biz erbetlikden ägä bolmaly. w23.02 sah. 16, abz. 4, 6
26-njy iýun, çarşenbe
Meniň. . . başga goýunlarym hem bar. Men olary hem getirmeli (Ýah. 10:16).
«Başga goýunlar» Jennetde ýaşamak üçin käbir ädimleri ätmeli. Meselem, biz Isa Mesihiň saýlanan doganlaryny goldamaly. Halypamyz doganlaryny goldanlara bereket berjekdigini, goldamadyklary bolsa höküm etjekdigini aýdypdy (Mat. 25:31—40). Biz wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine gatnaşsak, saýlanan doganlary goldap bileris (Mat. 28:18—20). Biz: «Käbir häsiýetlerimi Jennetde düzederin» diýip gol gowşuryp oturman, häzirden Hudaýy razy edip ýaşamaly we ýagşy häsiýetleri ösdürmeli. Meselem, biz ýalan sözlemeli däl, halal ýaşamaly we barymyza kaýyl bolmaly. Ýehowa Hudaýa, ýanýoldaşymyza we dogan-uýalara wepaly bomaly. Eger biz şu zalym dünýäde Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagy endik edinsek, onda täze dünýäde aňsat bolar. Şeýle-de wagyz etmek we şägirt taýýarlamak ukyplarymyzy artdyrsak, Jennetde ýaşamaga taýýarlyk görüp bileris. w22.12 sah. 11, 12, abz. 14—16
27-nji iýun, penşenbe
Meni söýýän adamy Atam hem söýer (Ýah. 14:21).
Biz Isany söýýäris, sebäbi ol biziň Patyşamyz. Oňa taý geljek ýokdur! Oňa Ýehowa tälim berdi we hökümdar edip belledi (Işa. 50:4, 5). Isa adamlary şeýle bir güýçli söýýärdi welin, janyny bermäge-de taýyndy (Ýah. 13:1). Isa biziň söýgimize mynasypdyr. Ol hudaýhon adamlara «dostlarym» diýip ýüzlenýär we olaryň söýgüsini iş ýüzünde görkezmegini, ýagny tabşyryklaryny berjaý etmegini isleýär (Ýah. 14:15; 15:14, 15). Ýehowanyň Ogly bilen dostlaşmak uly hormat! Isa kämildi we Atasynyň göreldesine pesgöwünlilik bilen eýerýärdi. Ol ýer ýüzünde ýaşanda açlary doýurdy, hasrat çekýänlere göwünlik berdi we syrkawlary sagaltdy (Mat. 14:14—21). Şu günler Isa bütin ýer ýüzündäki ýygnaklara ýolbaşçylyk edýär (Mat. 23:10). Patyşamyz Isa gulak asýan adamlara gelejekde köp bereketleri berer. Eger siz Isanyň göreldesine eýerseňiz, ony söýýändigiňizi subut edersiňiz. Munuň üçin ömrüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmeli. w23.03 sah. 4, abz. 8, 10
28-nji iýun, anna
Başyňyzy galdyryň, göklere serediň. Olary kim ýaratdy? (Işa. 40:26)
Gök asmanda, ýer ýüzünde we ummanyň jümmüşinde Ýehowanyň sansyz-sajaksyz ýaradan zatlaryny görüp bolýar (Zeb. 104:24, 25). Geliň, Allatagalanyň adamlary täsin edip ýaradandygy hakda oýlanalyň. Ol biziň kalbymyza tebigata bolan söýgini guýdy. Şeýle-de Ýehowa bize bäş sany duýgy berdi. Olar: görüş, eşidiş, syzyş (elläp görmek), tagam biliş we ys alyş. Gudrat diýip şuňa aýdaýsaň! Mukaddes Kitapda ýaradylan zatlary synlap oýlanmagyň ýene bir wajyp sebäbi aýdylýar. Eger biz owadan tebigaty, janly-jandarlary synlasak, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini görüp bilýäris (Rim. 1:20). Siz Beýik Ussanyň älem-jahanda sünnäläp ýaradan zatlaryny synlanyňyzda, onuň çäksiz akyldarlygyna haýran galmaýarsyňyzmy? Ýa-da süýjüden-süýji ir-iýmişleri we näz-nygmatlary iýeniňizde, Beýik Ýaradanyň adamlara bolan söýgüsini görmeýärsiňizmi? Hawa, ýaradylan zatlary synlasak, Ýehowany gowy tanarys we onuň bilen ýakyndan dostlaşarys. w23.03 sah. 16, abz. 4, 5
29-njy iýun, şenbe
Seniň sözüň hakykatdyr (Zeb. 119:160).
Dünýäniň ýagdaýy gün-günden erbetleşýär. Şonuň üçin imanymyzy gowşadýan synaglara duş gelmegimiz mümkin. Käbirleri Mukaddes Kitabyň Hudaýyň Sözüdigine we Ýehowanyň wepaly hem paýhasly hyzmatkär arkaly görkezme berýändigine ynanmaýarlar. Olar bizi hem öz yzlaryna eýertjek bolmagy mümkin. Eger biz Hudaýyň Sözüniň hakykatdygyna ýürekden iman etsek, olaryň toruna düşmeris. Biz «ömrümiziň ahyryna çenli (Hudaýyň) kanunlaryna eýermegi ýüregimize düweris» (Zeb. 119:112). Biz adamlara hakykat barada wagyz etmäge utanmarys, gaýtam olary şol boýunça ýaşamaga höweslendireris (Zeb. 119:46). Şeýle-de iň agyr synaglarda Hudaýa wepaly bolarys we kynçylyklara «şatlyk bilen döz geleris» (Kol. 1:11; Zeb. 119:143, 157). Hudaýyň Sözi bize güýç berýär, bagtly ýaşamaga we hakykat ýolunda ýöremäge kömek edýär. Şeýle-de Hudaýyň Patyşalygynyň astynda eşretli durmuşda ýaşamaga umyt berýär. w23.01 sah. 7, abz. 16, 17
30-njy iýun, ýekşenbe
Size täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem biri-biriňizi söýüň (Ýah. 13:34).
Isa pygamber ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi şägirtleri üçin Atasyna doga edýär we olary «Şeýtandan goramagyny haýyş edýär» (Ýah. 17:15). Onuň derdi başyndan agsa-da, şägirtleriniň aladasyny edip doga edýär. Isa pygamberiň şägirtlerine bildiren söýgüsi haýran galdyrýar! Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, dogan-uýalar üçin doga etmeli. Şonda Ýehowa biziň Isa pygamberiň tabşyrygyna gulak asýandygymyzy we dogan-uýalary söýýändigimizi görer. Biziň edýän doga-dilegimiz dogan-uýalara kömek edýär, sebäbi Mukaddes Kitapda: «Dogruçyl adamyň dilegi güýçli täsir edýär» diýilýär (Ýak. 5:16). Biz her gün imandaşlarymyz üçin doga etmeli. w22.07 sah. 23, 24, abz. 13—15