Iýul
1-nji iýul, duşenbe
Gepleýşiň. . . bilen wepaly adamlara görelde bol (1 Tim. 4:12).
Geplemek ukyby Hudaýyň beren gymmatly sowgady. Gynansak-da, Şeýtan Iblis şol sowgady nädogry ulanyp, How enäni aldady (1 Mus. 3:1—4). Ilkinji ýalan söz bütin adamzadyň durmuşyny kül etdi. Aýalyny taryplan Adam ata, indi ony günäkärledi (1 Mus. 3:12). Gökdäki Atasyna alkyş aýdan ogul, ony ýazgaryp başlady. Kabyl inisi Habyly öldürdi, hatda Ýehowa ýalan sözledi (1 Mus. 4:9). Şu günlerem hapa, ýalan sözler adaty zada öwrüldi. Hiç hili sögünç söz aýdylmaýan film tapmak gaty kyn. Mekdeplerde, edara-kärhanalarda hapa söz aýtmaýan adamlary geň görýärler. Adamyň beýnisi eşiden zadyny çalt kabul edýär. Eger biz her gün diýen ýaly hapa sözleri eşidip ýörsek, özümizem sögünip başlamagymyz mümkin. Şeýle ýagdaýda biz Ýehowany gynandyrarys. Emma biz ýagşy sözleri aýtsak, gökdäki Atamyzy begendireris. w22.04 sah. 4, abz. 1—3
2-nji iýul, sişenbe
Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz (Mat. 6:24).
Isa baý bolmasa-da, gowy iýip içýärdi (Luka 19:2, 6, 7). Bir gün ol toýa baranda, suwy gowy şeraba öwrüp, ilkinji gudratyny görkezdi (Ýah. 2:10, 11). Isa gowy eşik geýýärdi, hatda ol ölende esgerler eşigini almak üçin bije atdylar (Ýah. 19:23, 24). Ýöne Isa köp baýlyk toplajak bolup hars urmaýardy. Şeýle-de ol Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsak, gerekli zatlary Ýehowanyň ýetirjekdigini aýtdy (Mat. 6:31—33). Dogan-uýalaryň köpüsi Ýehowanyň pul babatda beren maslahatlaryna eýerip, dogry karara geldiler. Sallah dogan Danyýel şeýle gürrüň berýär: «Men ýetginjek wagtym Ýehowa köpräk gulluk etmegi maksat goýdum». Ol baýlyga kowalaşmady, güýjüni, wagtyny we ukyp-başarnygyny Ýehowa gulluk etmek üçin ulandy. Danyýel şeýle diýýär: «Ýehowanyň beren bereketlerini, şu dünýäniň hiç bir baýlygyna çalyşmaryn». w22.05 sah. 21, 22, abz. 6, 7
3-nji iýul, çarşenbe
(Ýehowa) sizi garaňkylykdan ýagtylyga çagyrdy (1 Pet. 2:9).
Biz näçe ýyldan bäri Ýehowa gulluk edýän hem bolsak, imanymyzy berkidip durmaly. Biz her gün Mukaddes Kitaby okasak, edebiýatlarymyzdan yzygiderli şahsy okuw geçirsek, Hudaýyň Sözündäki hakykatyň gadyr-gymmatyny bileris. Mukaddes Kitapdan çuňňur gözleg geçirseňiz peýdasyny görersiňiz. Belki-de, käbirimiz okamagy, öwrenmegi halaýan däldiris. Ýöne Ýehowa hakykaty gözlemegimizi, agtarmagymyzy isleýär (Nak. 2:4—6). Şeýtsek, biz Hudaýyň Sözüne doly düşüneris. Kori dogan Mukaddes Kitaby her gün okaýar we bir aýadyň üstünde oýlanyp, gözleg geçirýär. Ol şeýle diýýär: «Men aýadyň çykgytlaryny, goşmaça aýatlaryny okaýaryn we gowy gözleg geçirýärin... Her gezek gözleg geçirenimde Mukaddes Kitabyň hakykatyna has gowy düşünýärin». Siz Mukaddes Kitaby haçan we nädip okaýarsyňyz? Eger Mukaddes Kitaby okamaga wagt tapyp çuňňur gözleg geçirseňiz, Hudaýyň Sözüniň gadyr-gymmatyny bilýändigiňizi görkezersiňiz (Zeb. 1:1—3). w22.08 sah. 17, abz. 13; sah. 18, abz. 15, 16
4-nji iýul, penşenbe
Ökde ussa kimin onuň ýanyndadym. Her gün onuň guwanjydym, hemişe huzurynda şatlanardym (Nak. 8:30).
Isa pygamber ýer ýüzüne gelende tebigat arkaly Atasy barada şägirtlerine gürrüň berdi. Ýehowa ähli adamlary söýýär. Isa pygamber Dagdaky wagzynda Ýehowanyň ýaradan iki zady hakda gürrüň berýär. Olaryň biri ýer ýüzüni çoýýan Gün, ikinjisi tebigaty janlandyrýan ýagyş. Emma adamlar olara bolaýmaly zat ýaly garaýar. Ýer ýüzünde ýaşaýşyň bolmagy üçin Gün we ýagyş örän zerur. Ýehowa özüne iman etmeýän adamlaryň üstüne Gününi dogurman, ýagmyryny ýagdyrman bilerdi. Emma ol Güni bilen ähli adamlary çoýýar, ýagyş ýagdyryp bereket berýär (Mat. 5:43—45). Isa pygamber Ýehowanyň göreldesine eýerip, ähli adamlary söýmelidigimizi aýtdy. Siz Günüň batyşyny, ýagşyň çisňäp ýagşyny göreniňizde, Ýehowanyň ähli adamlary söýýändigi hakda oýlanyň we hiç kimi ala tutman hoş habary wagyz ediň. w23.03 sah. 17, abz. 9, 10
5-nji iýul, anna
Men. . . juda geň galdym (Ylh. 17:6).
Ýahýa resul nämä haýran galýar? Ýahýa resul «gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň» üstünde ahlaksyz aýalyň oturandygyny görüp aňk-taňk bolýar. Ylham kitabynda şol ahlaksyz aýala «Beýik Wawilon» diýilýär. Ol «ýer ýüzüniň patyşalary bilen ahlaksyzlyk edýär» (Ylh. 17:1—5). «Beýik Wawilon» nämäni aňladýar? Ylham kitabynda onuň «ýer ýüzüniň patyşalary bilen ahlaksyzlyk edýändigi» aýdylýar. Diýmek, ol patyşalary, ýagny syýasy guramalary aňlatmaýar (Ylh. 18:9). Ahlaksyz aýalyň gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň üstünde oturmagy patyşalaryň üstünden agalyk etmek isleýändigini görkezýär. Ahlaksyz aýal Şeýtanyň dünýäsindäki açgöz söwda-satyk guramalaryny hem aňlatmaýar. Sebäbi Ylham kitabynda olar «söwdagärler» hökmünde suratlandyrylýar (Ylh. 18:11, 15, 16). Gadymy Wawilon şäheri ýalan dinleriň merkezidi. Şonuň üçin «Beýik Wawilon» ähli ýalan dinleri aňladýar (Ylh. 17:5, 18). w22.05 sah. 11, abz. 14—16
6-njy iýul, şenbe
Duşmanyňyz Iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir (1 Pet. 5:8).
Şu günler uýalar: «Çagam Ýehowa yhlasly gulluk edermikä?» diýip alada edýärler. Sebäbi çagalary Şeýtanyň aňsatlyk bilen duzaga salýandygyna düşünýärler. Şeýle-de käbir uýalar çagalaryny ýeke özi terbiýeleýär, käbirleriniň bolsa äri Ýehowa iman etmeýär. Maşgalada ene-ataň biri Ýehowa iman etmeýän bolsa, çagany terbiýelemek kyn bolýar. Ene-atanyň ikisi hem mesihçi bolsa-da, çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek aňsat bolmaýar. Ýöne nähili ýagdaý bolsa-da, alada etmäň, Ýehowa sizi ýeke goýmaz! Maşgala okuwyny gyzykly geçirer ýaly tejribeli ene-atalardan maslahat soraň (Nak. 11:14). Ýehowa doga ediň we çagalaryňyzyň duýgusyna, pikirine düşüner ýaly kömek soraň (Nak. 20:5). w22.04 sah. 17, abz. 4, 7; sah. 18, abz. 9
7-nji iýul, ýekşenbe
Doga edip, söýgiňiziň artmagyny, dogry bilimiňiziň köpelmegini we Hudaýyň islegine doly düşünmegiňizi dileýärin (Flp. 1:9).
Isa pygamberi gowy tanasak, Ýehowany ýürekden söýeris. Ýehowa Ogluny öz keşbinde ýaratdy, Isa Atasynyň göreldesine doly eýerýärdi (Ýew. 1:3). Biz Injiliň dört Hoş habaryny okasak, Isa pygamberi gowy tanarys. Eger siz Mukaddes Kitaby her gün okamaýan bolsaňyz, şu günden okap başlamagy maksat goýup bilersiňiz. Isa pygamber barada okanyňyzda, onuň häsiýetleri hakda oýlanyň. Meselem, ol mähirlidi, aladaçyldy, çagalar onuň ýanyna arkaýyn gelip bilýärdi (Mar. 10:13—16). Şägirtleri Halypasyna pikirini aýtmaga çekinmeýärdi (Mat. 16:22). Isa Atasyndan görelde alýardy. Ýehowa mähirli, aladaçyl Hudaý. Şol sebäpli biz Ýehowa arkaýyn ýüregimizi döküp bilýäris. Ol bize käýemeýär, gaýtam söýgi bilen aladamyzy edýär (1 Pet. 5:7). w22.08 sah. 3, abz. 4, 5
8-nji iýul, duşenbe
Ýehowa, sen ýagşy, geçirimli (Zeb. 86:5).
Älem-jahany ýaradan Ýehowa her bir adamy gowy tanaýar. Ol her bir adamyň häsiýetini, niýetini we oý-pikirini bilýär (Zeb. 139:15—17). Ýehowa bikämilligiň adamlara nesilden-nesle geçip gelýändigine düşünýär. Ol adamlaryň başdan geçiren kynçylyklaryny bilýär we ýagdaýyna gowy düşünýär. Şol sebäpli ol adamlara rehimdarlyk bildirýär we toba edýänleri bagyşlaýar (Zeb. 78:39; 103:13, 14). Biz Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygyna şübhelenmän bileris. Allatagala Adam ata arkaly onuň ähli nesline günäniň we ölümiň miras geçendigini bilýär (Rim. 5:12). Şol sebäpli hiç bir adam özüni we başgalary günäniň gulçulygyndan azat edip bilmez (Zeb. 49:7—9). Emma söýgüden doly Ýehowa adamlary günäden halas etmek isleýär. Ýahýa 3:16-da aýdylyşy ýaly, Ýehowa biziň üçin ýeke-täk Ogluny gurban berdi (Mat. 20:28; Rim. 5:19). w22.06 sah. 3, abz. 5, 6
9-njy iýul, sişenbe
Mähirli adam haýyr tapar (Nak. 11:17).
Eýýubyň mysaly arkaly Ýehowa bagyşlaýan adamyň hem bagyşlanjakdygyny görkezdi. Eýýubyň dostlary Alypaz, Bildat we Sapar ony ýazgaryp, ýüregine agyr ýara saldylar. Ýehowa Eýýuba dostlaryny bagyşlap, olar üçin doga-dileg etmegi tabşyrdy. Eýýup gulak asdy, Ýehowa hem oňa bereket berdi (Eýp. 42:8—10). Öýke-kine saglyga zyýan ýetirýär. Ýehowa öýke-kinäniň agyr ýük kimin adamy çökerýändigine düşünýär (Efes. 4:31, 32). Mukaddes Kitapda: «Gahar-gazaba münme» diýip maslahat berilýär (Zeb. 37:8). Şu maslahata eýersek bagtly bolarys, sebäbi öýke-kine adamyň saglygyna zyýan ýetirýär (Nak. 14:30). Zäher içen adam başga birine däl-de, özüne zyýan ýetirýär. Edil şonuň ýaly, öýke-kine saklaýan adam göwnüne degene däl-de, özüne zyýan ýetirýär. Biz göwnümize degen adamy bagyşlasak köp haýyr taparys. Biziň kalbymyz rahat bolar we Ýehowa şatlyk bilen gulluk ederis. w22.06 sah. 10, abz. 9, 10
10-njy iýul, çarşenbe
Iman sowudyny, söýgini geýeliň, gutulyş umydyny hem tuwulga edip geýeliň (1 Sel. 5:8).
Gelejege bolan umydymyz aňymyzy erbet pikirlerden goraýar. Şonuň üçin biz Ýehowa bilen dostlugymyzy gymmat saýýarys (1 Kor. 15:33, 34). Umydymyz edil tuwulga kimin «Ýehowany hiç haçan razy edip bilmerin» diýen pikirden goraýar. Eýýup pygamberiň dosty Alypaz hem şeýle sözleri aýdypdy: «Başy ölümli ynsan, heý-de, päk bolarmy? ...Hudaý perişdelerine-de ynanmaýar, gökler hem nazarynda arassa däldir» (Eýp. 15:14, 15). Bularyň bary ýalandy! Aslynda, Şeýtan ýalan sözleýär. Ol erbet pikirler bilen aňymyzy zäherlese, umydymyzyň üzüljekdigini bilýär. Geliň, Şeýtanyň ýalan sözlerine ynanmalyň. Ýehowanyň bizi ebedi ýaşaýşa mynasyp görýändigine we sylaglajakdygyna hiç haçan şübhelenmäliň (1 Tim. 2:3, 4). w22.10 sah. 25, 26, abz. 8—10
11-nji iýul, penşenbe
Eýýup dili bilen günä etmedi (Eýp. 2:10).
Şeýtan Eýýuby «betbagtçylyklary Ýehowa inderdi» diýip ynandyrmak isledi. Eýýubyň çagalary iň uly agasynyň öýünde myhmançylykda otyrdy. Şonda Şeýtan tüweleý turzup, olaryň oturan öýüni ýykýar we hemmesi ölýär (Eýp. 1:18, 19). Şeýle-de Şeýtan gökden ot ýagdyryp, Eýýubyň çopanlaryny we bütin sürüsini gyrýar (Eýp. 1:16). Belki, Eýýup: «Men Allatagala garşy günä edendirin, şonuň üçin ol tüweleý turzandyr, gökden ot inderendir» diýip pikir edendir. Emma ol Hudaýa dil ýetirmeýär. Eýýup Ýehowanyň ençeme ýyllap beren bereketleri hakda oýlanyp: «Biz hak Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmeli dälmi näme?» diýýär we Ýehowanyň adyna alkyş aýdýar (Eýp. 1:20, 21). w22.06 sah. 21, abz. 7
12-nji iýul, anna
Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener. Emma soňuna çenli çydan halas bolar (Mar. 13:13).
Ýehowanyň Erem bagynda aýdan pygamberliginiň ýerine ýetmegi üçin köp wagt gerekdi. Aýalyň hem, ýylanyň hem nesli döremelidi, olaryň arasynda ýigrenç we duşmançylyk bolmalydy. Pygamberlik barada bilmegiň ýene nähili peýdasy bar? Şeýtanyň golastyndaky adamlar Ýehowanyň wepaly bendelerini yzarlaýar. Isa hem şägirtleriniň yzarlanjakdygyny aýdypdy (Ýah. 17:14). Biz munuň ýerine ýetýändigine soňky 100 ýylda hasam göz ýetirýäris. Isa Mesih 1914-nji ýylda Patyşa bolandan soň Şeýtany gökden ýere zyňdy. Ol indi göge baryp bilmeýär we tizden ýok ediljekdigini bilýär (Ylh. 12:9, 12). Ýöne Şeýtan el gowşuryp oturmaýar. Ol Hudaýyň halkyna gahar-gazap bilen topulýar (Ylh. 12:13, 17). Şeýtanyň golastyndaky adamlar hem Hudaýyň halkyny ýigrenýär. Emma biz Şeýtandan hem, onuň ýaranlaryndan hem gorkmaýarys. Biz Pawlus resulyň: «Hudaý biziň tarapymyzda bolsa, kim garşy çykyp biler?» diýen sözlerine goşulýarys (Rim. 8:31). Biz Ýehowa doly bil baglap bileris. w22.07 sah. 18, abz. 14, 15
13-nji iýul, şenbe
Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde. . . wagyz ediler (Mat. 24:14).
Isa «goşun ýygnan günüň halkyň höwes bilen geler» diýen pygamberligiň ýerine ýetjekdigini bilýärdi (Zeb. 110:3). Şonuň üçin ol dünýäniň dört künjeginde wagyz ediljekdigine ynanýardy. Siz hoş habary yhlasly wagyz edip, şu pygamberligiň ýerine ýetmegine goşant goşýarsyňyz. Şeýle-de siz Isany, «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» goldaýarsyňyz. Hawa, häzir wagyz işi uly depginde alnyp barylýar. Ýöne käbir kynçylyklar hem bolýar. Hoş habary wagyz edýän adamlary yzarlaýarlar. Imandan dänenler, dini we syýasy ýolbaşçylar Ýehowanyň Şaýatlary barada ýalan gep-gürrüňleri ýaýradýarlar. Dogan-garyndaşlarymyz, işdeşlerimiz, klasdaşlarymyz şeýle gep-gürrüňlere ynanyp, bize garşy çykýarlar we imandan dändirjek bolýarlar. Käte üstümize gygyrýarlar, haýbat atýarlar, tussag edýärler, hatda türmä-de basýarlar. w22.07 sah. 8, abz. 1; sah. 9, abz. 5, 6
14-nji iýul, ýekşenbe
Hudaýyň Patyşalygyna girmek üçin köp kynçylyklardan geçmelidiris (Res. 14:22).
Ýehowa biziň Mukaddes Kitaby her gün okap oýlanmagymyzy isleýär. Biz öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulansak, imanymyz hasam berkär we islendik kynçylyga döz gelip Ýehowany razy edip ýaşarys. Ýehowa öwüt-ündewlerine gulak asyp ýaşaýan adamlara mukaddes ruhuny berýär. Biz «Hudaýyň güýji bilen» kynçylyklara döz gelip bileris (2 Kor. 4:7—10). Ýehowa «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly «ruhy iýmiti» wagtly-wagtynda berýär (Mat. 24:45). Ýehowa halkyna biri-birini söýmegi we goldamagy öwredýär (2 Kor. 1:3, 4; 1 Sel. 4:9). Kynçylyklara duş gelenimizde dogan-uýalar bize hemişe kömek etmäge taýyn. w22.08 sah. 12, abz. 12—14
15-nji iýul, duşenbe
Mukaddes ruhuň beren agzybirligini goramaga jan ediň (Efes. 4:3).
Biz dogan-uýalary ýagşy edim-gylymy üçin öwsek, bir-birimiziň göwnümizi galkyndyrarys, hakyky dost we dogan bolarys. Käte imany berk dogan-uýalaryň hem garaýşy tapawutlanyp, arasynda düşünişmezlik döräp biler. Şeýle ýagdaý Pawlus bilen Barnabasyň arasynda hem döräpdi. Olar jana-jan dostdular, ýöne bir meselede olaryň garaýşy tapawutlanýar. Olar wagyz syýahatyna gitjek bolanlarynda Markus sebäpli aralarynda dawa turýar. Barnabas Markusy ýany bilen äkitmek isleýär, emma Pawlus garşy çykýar. Şol sebäpli olaryň arasynda dawa turup, biri saga, biri sola gidýär (Res. 15:37—39). Aýra düşen dostlar ýene-de birleşýär. Pawlus hatynda Barnabas we Markus hakda ýagşy sözleri ýazýar (1 Kor. 9:6; Kol. 4:10). Bizem dogan-uýalar bilen aramyzda düşünişmezlik dörände derrew çözjek bolup jan etmeli we olaryň ýagşy häsiýetleri barada oýlanmaly. Şonda ýygnakda parahatlygyň we agzybirligiň bolmagyna goşant goşarys. w22.08 sah. 22, 23, abz. 10, 11
16-njy iýul, sişenbe
Adamlary ýazgarmaň, şonda sizi-de ýazgarmazlar (Mat. 7:1).
Biz Ýehowanyň dogruçyllyk baradaky kada-kanunlaryna eýermek üçin tagalla etmeli. Biz özümize ýokary baha berip adamlary tankytlamagyň deregine, bütin «ýer ýüzüniň Kazysynyň» Ýehowadygyny ýatda saklamaly (1 Mus. 18:25). Höküm çykarmaga diňe Ýehowanyň haky bar. Geliň, dogruçyl ýaşan Ýusup hakda gürrüň edeliň. Adamlar Ýusuba ýowuz daraşýardylar, emma ol hiç kimi tankytlamaýardy. Agalary ony gul edip satdylar, kakasyna ogluň öldi diýdiler. Birnäçe ýyl geçenden soň Ýusup doganlary bilen görüşdi. Şol wagt ol hökümdardy. Doganlaryndan aryny alyp bilerdi. Olar Ýusupdan gorkup ötünç soradylar. Ýöne ol: «Gorkmaň. Men näme, Hudaýmy?!» diýdi (1 Mus. 37:18—20, 27, 28, 31—35; 50:15—21). Ýusup ähli zady Beýik Kazy Ýehowanyň eline tabşyrdy. w22.08 sah. 30, abz. 18, 19
17-nji iýul, çarşenbe
Eliňden gelse, mätäç adamlara ýagşylyk et (Nak. 3:27).
Allatagalanyň wepaly bendeleriniň doga-dilegine siz arkaly jogap berýändigi barada oýlanyp gördüňizmi? Siz ýaşuly, hyzmatçy, pioner, wagyzçy, ýaş, garry, dogan ýa-da uýa bolsaňyz hem, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bilersiňiz. Köplenç Ýehowa dogan-uýalaryň ýalbaryp edýän dilegine ýaşulular ýa-da wepaly gullukçylary arkaly jogap berýär (Kol. 4:11). Hawa, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolmak we dogan-uýalary goldamak uly hormat! Geliň, dogan-uýalara keselçilik döwri, tebigy betbagtçylykda we yzarlamalarda nädip göwünlik berip biljekdigimize seredeliň. Biz imandaşlarymyza kömek edesimiz gelýär, ýöne özümiz pulsuzlykdan kösenýän bolsak ýa-da maşgala agzalarymyzyň biri kesellän bolsa, muny etmek kyn bolýar. Ýehowa biziň dogan-uýalara elimizde baryny edip kömek edýändigimizi görende örän begenýär (Nak. 19:17). w22.12 sah. 22, abz. 1, 2
18-nji iýul, penşenbe
Size şeýle tabşyryk berýärin: meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem bir-biriňizi söýüň (Ýah. 15:12).
Söýgi häsiýeti ynamdarlygyň gözbaşy. Isa pygamber iki sany wajyp tabşyryk berdi: Ýehowa Hudaýyňy we ýakynyňy söý (Mat. 22:37—39). Ýehowany ýürekden söýsek, Onuň göreldesine eýerip ynamdar adam bolarys. Dogan-uýalary ýürekden söýsek, olaryň syryny hiç kime paş etmeris. Sebäbi biz olary gynandyrjak we ýüregine ýara saljak zatlary aýtmak islemeýäris. Pesgöwünlik häsiýeti hem ynamdar bolmaga kömek edýär. Pesgöwünli mesihçi özüni başgalardan ýokary saýyp, hemme zady bilýän ýaly alyp barmaýar (Flp. 2:3). Ol syr saklamagy talap edýän meseleler barada dogan-uýalaryň ýanynda hiç zat aýtmaýar. Şeýle-de pesgöwünli adam öz pikirini öňe sürmän, Mukaddes Kitap we edebiýatlar esasynda gürrüň edýär. w22.09 sah. 12, abz. 12, 13
19-njy iýul, anna
Hakyky bilim. . . artar (Dan. 12:4).
Perişde Danyýar pygambere «Danyýar» kitabyndaky pygamberlige diňe Hudaýyň halkynyň düşünjekdigini, emma erbetleriň muňa düşünmejekdigini aýtdy (Dan. 12:10). Häzir erbetligi ýigrenýändigiňi we zalym adamlary goldamaýandygyňy subut etmegiň tüýs wagty (Mel. 3:16—18). Ýehowa göwnüne ýaraýan adamlary «eziz halky» edip saýlaýar. Hawa, biziň ählimiz Hudaýyň halkyna goşulmak isleýäris. Biz taryhda hiç haçan gaýtalanmajak döwürde ýaşaýarys. Tizden has tolgundyryjy wakalar bolar. Biz zalymlygyň köki-damary bilen ýok edilişiniň şaýady bolarys. Ýehowa Danyýar pygambere: «Sen... soňky günlerde düşen paýyňy almak üçin turarsyň» diýip wada berdi (Dan. 12:13). Tizden Ýehowanyň wadasynyň ýerine ýetişini gözümiz bilen göreris. Biz Danyýar pygamberiň we aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzyň direljek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şonuň üçin, geliň, ýaşaýyş kitabyndan adymyz öçürilmez ýaly soňky demimize çenli Ýehowa wepaly bolalyň. w22.09 sah. 24, abz. 17; sah. 25, abz. 19, 20
20-nji iýul, şenbe
Seni. . . iberýärin (Hyz. 2:3).
Ýehowa Hyzkyl pygambere: «Seni... halklaryň ýanyna iberýärin» diýdi. Elbetde, bu sözler Hyzkyla teselli berendir. Näme üçin? Sebäbi ol Ýehowanyň Musa we Işaýa pygamberlere ýumuş tabşyranda şeýle sözleri aýdandygyny unutmandy (2 Mus. 3:10; Işa. 6:8). Hyzkyl Ýehowanyň şu iki pygamberi kyn ýagdaýlarda goldaýandygyny bilýärdi. Ýehowa Hyzkyla: «Seni... halklaryň ýanyna iberýärin» diýip, iki sapar aýdýar. Şonda pygamber Ýehowanyň goldajakdygyna has-da ynamly bolandyr. Muny Hyzkylyň birnäçe sapar: «Ýehowa maňa şeýle diýdi» diýen sözlerinden görse bolýar (Hyz. 3:16). Şeýle-de ol: «Ýehowa maňa ýene-de şeýle diýdi» diýip, gaýta-gaýta aýtdy (Hyz. 6:1). Hawa, Hyzkyl pygamber Ýehowanyň goldajakdygyna ýürekden ynanýardy. Hyzkylyň kakasy ruhany bolup gulluk edýärdi. Belki, ol ogluna pygamberleri Ýehowanyň goldandygy barada gürrüň berendir. Meselem, Ýehowa Yshagy, Ýakuby we Ýermeýa pygamberi hemişe goldajakdygyny wada berdi (1 Mus. 26:24; 28:15; Ýer. 1:8). w22.11 sah. 2, abz. 3
21-nji iýul, ýekşenbe
Ebedi ýaşaýşy alyň (Ýah. 17:3).
Adam ata bilen How ene günä edip, bütin adamzat nesline ölümi miras goýdy. Ýöne Ýehowa niýetinden el çekmedi (Işa. 55:11). Ýehowa akýürekli adamlaryň ebedi ýaşap, bagtly ömür sürmegini isleýär. Sebäbi Ýehowa adamlary ebedi ýaşatmagy wada berdi we geçmişde ençeme adamlary direltdi. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ölen adamlary direltjekdigi we gelejekde ebedi ýaşatjakdygy wada berilýär (Res. 24:15; Tit. 1:1, 2). Gadymy döwürde ençeme pygamberler Ýehowanyň wadasyna ýürekden ynanýardylar. Meselem, Eýýup pygamber Ýehowanyň ölen adamlary direltmek isleýändigini we olary göresi gelýändigini aýdýar (Eýp. 14:14, 15). Danyýar pygamber hem: «Toprakda ýatan ençeme adamlar ukudan oýanar... ebedi ýaşaýşa gowşar» diýip ýazdy (Zeb. 37:29; Dan. 12:2, 13). I asyrdaky ýehudylar hem Ýehowanyň ebedi ýaşaýşy berjekdigine iman edýärdiler (Luka 10:25; 18:18). Isa pygamber Ýehowanyň wadasyny berjaý etjekdigi hakda ençeme sapar aýtdy. Dogrudanam, Ýehowanyň ölen adamlary direltjegine şek-şübhe ýok! Ol muny söwer Ogluny direldip subut etdi (Mat. 19:29; 22:31, 32; Luka 18:30; Ýah. 11:25). w22.12 sah. 4, 5, abz. 8, 9
22-nji iýul, duşenbe
Ýehowa, saňa bil baglaýaryn! (Zeb. 31:14)
Söýgüden doly Ýehowa Hudaý biziň bilen dostlaşmak isleýär we bizi ogul-gyzy hasaplaýar (Ýak. 4:8). Ol biziň doga-dileglerimize jogap berýär we kynçylyk başymyza düşende goldaýar. Şeýle-de Ol guramasy arkaly bize tälim berýär we goraýar. Biz Ýehowa bilen dostlaşmak üçin doga-dileg etmeli, her gün Mukaddes Kitaby okamaly we okan aýatlarymyz hakda oýlanmaly. Şonda Ýehowany razy edip ýaşarys we her gün Oňa alkyş aýdarys. Sebäbi Ýehowa şöhraty we hormaty almaga mynasypdyr (Ylh 4:11). Biz Ýehowany näçe gowy tanasak, şonça-da oňa berk iman ederis we guramasyna ýürekden ynanarys. Şeýtan Ýehowa bolan imanymyzy ýuwaş-ýuwaşdan gowşadyp, guramasyna ynamymyzy gaçyrjak bolýar. Emma biz Ýehowa berk iman etmeli we Oňa bil baglamaly. Şonda hak Hudaýdan we guramasyndan ýüz öwürmeris (Zeb. 31:13, 14). w22.11 sah. 14, abz. 1—3
23-nji iýul, sişenbe
Olar öz Hudaýyndan başga hiç bir taňra gulluk-da, sežde-de etmän, ölüm bilen ýüzbe-ýüz durmagy saýladylar (Dan. 3:28).
Asyrlaryň dowamynda Hudaýyň halky azatlykdan mahrum ediljekdigini bilseler-de, ölüm howpy abansa-da Ýehowa we onuň hökümdarlygyna wepaly boldular. Sebäbi olar Ýehowany ýürekden söýýärdiler. Olar üç ýewreý ýigidi ýaly Ýehowa wepaly boldular we imandan dänmediler. Dawut pygamber Hudaýa wepaly bolmagyň wajypdygy barada şeýle diýdi: «Ýehowa halkyny höküm eder. Eý Ýehowa, maňa adyl höküm çykar, dogruçyl, wepaly bolanymy unutma» (Zeb. 7:8). Şeýle-de ol: «Wepadarlygym, dogruçyllygym gorag bolsun» diýdi (Zeb. 25:21). Biz agyr synaglara duş gelsek hem Ýehowa wepaly bolmagy ýüregimize düwmeli. Şonda biz şu sözlere goşularys: «Ýehowa Hudaýa wepaly adam, kanunyny berjaý edýän adam bagtlydyr!» (Zeb. 119:1). w22.10 sah. 17, abz. 18, 19
24-nji iýul, çarşenbe
Hudaýyň. . . ýaradan zatlaryndan. . . häsiýetlerini görüp bolýar (Rim. 1:20).
Eýýup pygamber ýaşan döwründe köp adamlar bilen söhbetdeş bolandyr. Emma onuň hak Alla bilen eden gürrüňdeşligi hiç haçan ýadyndan çykan däldir. Beýik Ýaradan Eýýuby täsin tebigat we janly-jandarlar hakda oýlanmaga höweslendirýär. Şonda Eýýup Ýehowanyň akyl-paýhasyna haýran galýar. Eger Ýehowa haýwanlaryň aladasyny edýän bolsa, wepaly bendesini goldamazmy näme?! (Eýp. 38:39—41; 39:1, 5, 13—16). Hawa, Eýýup pygamber ýaradylan zatlar hakda oýlanyp, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini gördi. Biz janly tebigaty synlap, Allatagalany has gowy tanap bilýäris. Emma muny etmek aňsat däl. Şäherde ýaşaýan adamlaryň tebigaty we janly-jandarlary synlamaga mümkinçiligi bolmaýar. Obada ýaşaýanlaryň bolsa wagty bolmaýar. Tebigaty synlamak üçin wagt tapmak wajyp. w23.03 sah. 15, abz. 1, 2
25-nji iýul, penşenbe
Ätiýaçly adam howpy görüp gizlenýär (Nak. 22:3).
Isa pygamber şägirtlerine soňky günlerde «ýer titremeler» we başga-da tebigy betbagtçylyklar bolar diýipdi (Luka 21:11). Şeýle-de ol kanunsyzlygyň artjakdygy hakda hem aýdypdy. Şu pygamberlik gözümiziň alnynda ýerine ýetýär. Köp adamlar jenaýatçylygyň, zorluk-sütemiň we terrorçylygyň pidasy bolýar (Mat. 24:12). Isa tebigy betbagtçylyk diňe Ýehowa iman etmeýän adamlaryň başyna iner diýmedi. Ýehowanyň wepaly bendeleri hem tebigy betbagtçylykdan ejir çekýärler (Işa. 57:1; 2 Kor. 11:25). Elbetde, Ýehowa bizi kynçylykdan gudrat bilen goramaýar, ýöne döz geler ýaly güýç we kalbymyza parahatlyk berýär. Eger biz öňünden taýýarlansak tebigy betbagtçylyk bolanda aljyramarys we howsala düşmeris. Ýöne taýýarlyk görmek Ýehowa imanymyzyň gowşakdygyny aňladýarmy? Elbetde, ýok! Gaýtam tebigy betbagtçylyga öňünden taýýarlanyp, Ýehowa imanymyzyň berkdigini subut edýäris. Nädip? Hudaýyň Sözünde ätiýaçly bolmak we bolup biläýjek ýagdaýlara öňünden taýýarlanmak maslahat berilýär. w22.12 sah. 18, abz. 9, 10
26-njy iýul, anna
Hudaý sizi halas etmek üçin, meni öňüňizden iberdi (1 Mus. 45:5).
Müsüriň faraony Hudaý tarapyn iki sany gorkunç düýş görýär. Ol düýşleriň manysyny bilmek isleýär. Ýusup faraona düýşleriň manysyny düşündirýär we oňa peýdaly maslahatlary berýär. Faraon Ýehowanyň Ýusuby goldaýandygyna düşünýär we ony tutuş Müsür iline baştutan edip belleýär (1 Mus. 41:38, 41—44). Ýusup baştutan bolan döwri akylly-başly hereket edip, ammarlary galladan doldurýar. Birnäçe ýyldan soň Müsür ilinde açlyk bolýar. Soňra Kenganda-da açlyk güýjeýär. Ol ýerde Ýusubyň kakasy we doganlary ýaşaýardy. Ýusup dogan-garyndaşlaryny açlyk döwri galla bilen üpjün edýär. Şeýlelikde, wada edilen nesil ýitip gitmeýär. Ýehowa Ýusuby goldaýardy we her bir eden işini ugruna edýärdi. Agalary Ýusuba ýamanlyk edip, ony öldürjek bolsalar-da, Ýehowa ony aman saklady we niýetini amala aşyrdy. w23.01 sah. 17, abz. 11, 12
27-nji iýul, şenbe
Ägä boluň! (Luka 21:34)
Erbetlikden ägä bolýan adam Ýehowa bilen dostlugyna zyýan ýetirip biljek ýagdaýlardan gaça durýar we şeýle howplaryň öňüni alýar (Nak. 22:3; Ýahd. 20, 21). Pawlus resulyň aýdan sözleri hem bize erbetlikden gaça durmaga kömek edýär. Ol Efesdäki mesihçilere: «Akylsyz adamlar ýaly däl-de, paýhasly adamlar ýaly ýaşamak üçin her bir ädimiňize ünsli boluň» diýip maslahat berdi (Efes. 5:15, 16). Şeýtan Ýehowa bilen dostlugymyzy bozmak üçin her dürli hileleri gurýar. Şol hilelerden goranmak üçin «Ýehowanyň islegine düşünjek bolmaly» (Efes. 5:17). Käbir meselede özbaşdak karara geler ýaly, bize paýhaslylyk gerek bolýar. Munuň üçin Hudaýyň Sözüni her gün okamaly we oýlanmaly. Şonda Hudaýyň islegine gowy düşüneris. Biz «Mesihiň pikir edişi ýaly pikirlensek», islendik ýagdaýda paýhasly adam bolup bileris (1 Kor. 2:14—16). w23.02 sah. 16, 17, abz. 7—9
28-nji iýul, ýekşenbe
Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünip, pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň (Rim. 12:2).
Siz öýüňizi näçe wagtdan arassalap durýarsyňyz? Belki, täze öýe göçeniňizde, ähli ýerini syryp-süpürip gül pürkülen ýaly edersiňiz. Emma öýüňizi arassalap durmasaňyz näme bolar? Ähli ýerini gum basar. Diýmek, öýüňiz hemişe arassa bolar ýaly ýygy-ýygydan syryp süpürmeli. Edil şonuň ýaly, aňymyzy arassalap täze häsiýetleri geýmek üçin her gün elimizde baryny etmeli. Elbetde, biz suwa çümdürilmezden öň «bedeni we ýüregi hapalaýan her bir zatdan özümizi arassalandyrys» (2 Kor. 7:1). Emma Pawlus resulyň «pikiriňizi hemişe täzeläp duruň» diýen maslahatyny unutmaly däl (Efes. 4:23). Sebäbi Şeýtanyň dünýäsi biziň aňymyzy we ýüregimizi hapalap bilýär. Biz Ýehowa arassa sežde edip biler ýaly pikirlerimizi, häsiýetlerimizi we isleg-arzuwlarymyzy barlap durmaly. w23.01 sah. 8, abz. 1, 2
29-njy iýul, duşenbe
Görse, Hudaýyň ruhy kepderi kimin Isanyň üstüne inip gelýär (Mat. 3:16).
Adamlar Isanyň öwredişine haýran galýardy. Ol Mukaddes Kitabyň köp aýatlaryny ýatdan aýdýardy, ýer ýüzünde gulluk edende hemişe aýatlara salgylanýardy. Halka Mukaddes Kitaby okap berip, ony düşündirýärdi. (Mat. 5:17, 18, 21, 22, 27, 28; Luka 4:16—21). Isa suwa çümdürilip, mukaddes ruh inende, gökdäki ýaşaýşy ýadyna düşen bolmaly. Hatda durmuşynyň iň wajyp pursatlarynda hem, ýagny suwa çümdürilenden soň we ölmezinden öň Isa Mukaddes Kitapdaky aýatlara salgylanypdy (5 Mus. 8:3; Zeb. 31:5; Luka 4:4; 23:46). Isa çaga wagty hem Mukaddes Kitap hakda köp eşidýärdi. Ýusup bilen Merýem maşgalada gürrüňdeş bolanlarynda aýatlary ulanýardy (5 Mus. 6:6, 7). Olar her Sabat güni çagalary bilen sinagoga barýardy (Luka 4:16). Sinagoga baranlarynda Isa ünsli diňleýärdi. w23.02 sah. 8, abz. 1, 2
30-njy iýul, sişenbe
Ýehowa Hudaýyňy. . . söý (Mar. 12:30).
Ýehowa Hudaýy söýmäge ençeme sebäpler bar. Ol «ýaşaýşyň Gözbaşy», «her bir gowy we kämil sowgatlary» Ýehowa berýär (Zeb. 36:9; Ýak. 1:17). Hawa, söýgüden doly we jomart Hudaý Ýehowa bize bol bereketleri berýär.Töleg gurbany Ýehowanyň adamzada beren iň gymmatly sowgady. Näme üçin şeýle diýse bolar? Geliň, Ýehowa bilen Ogly Isanyň arasyndaky dostluk hakda oýlanyp göreliň. Isa pygamber: «Atam meni söýýär» diýdi. Onuň özi hem Atasyny ýürekden söýýärdi (Ýah. 10:17; 14:31). Isa pygamber ýer ýüzüne gelmezden öň, milliardlarça ýyl Atasy bilen eginme-egin işleşdi we olar ýakyn dost boldy (Nak. 8:22, 23, 30). Ýehowa eziz Oglunyň ejir çekip ölüşini görende, Onuň ýüregi gyýym-gyýym bolandyr. Ýehowa adamlary, şol sanda sizi söýýändigi üçin ýeke-täk Ogluny gurban etdi. Şeýdip, ebedi ýaşaýşa ýol açdy (Ýah. 3:16; Gal. 2:20). Allatagalany söýmek üçin şundan uly sebäp ýok bolsa gerek! w23.03 sah. 4, 5, abz. 11—13
31-nji iýul, çarşenbe
Dogry ýolda berk duruň (Ylh. 2:25).
Imandan dänenleriň täsirine düşmeli däl. Isa Pergamdaky ýygnakda gulluk edýän dogan-uýalara käýedi (Ylh. 2:14—16). Sebäbi olaryň käbiri ýygnakda bölünişik döredýärdi. Şeýle-de ol Tiýatiradaky ýygnagy «Şeýtanyň syrlaryna» eýermeýändigi üçin öwdi we olary «dogry ýolda berk durmaga» höweslendirdi (Ylh. 2:24—26). Hawa, ýalan taglymatlara eýerýän dogan-uýalar toba etmelidiler. Biz mundan näme öwrenýäris? Ýehowanyň kada-kanunlaryna garşy gelýän her bir taglymatdan ýüz öwürmeli. Imandan dänenler «Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, şoňa görä ýaşamaýarlar» (2 Tim. 3:5). Biz Mukaddes Kitaby okasak we çuňňur gözleg geçirsek, imandan dänenleriň duzagyna düşmeris (2 Tim. 3:14—17; Ýahd. 3, 4). Edýän seždämiz Ýehowa ýarar ýaly hemişe tagalla etmeli. Eger günä edip, Ýehowany gynandyran bolsak, onda toba edip aýgytly ädimleri ätmeli (Ylh. 2:5, 16; 3:3, 16). w22.05 sah. 4, abz. 9; sah. 5, abz. 11