Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es24 sah. 78—88
  • Awgust

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Awgust
  • Her günki aýady okalyň — 2024
  • Sözbaşylar
  • 1-nji awgust, penşenbe
  • 2-nji awgust, anna
  • 3-nji awgust, şenbe
  • 4-nji awgust, ýekşenbe
  • 5-nji awgust, duşenbe
  • 6-njy awgust, sişenbe
  • 7-nji awgust, çarşenbe
  • 8-nji awgust, penşenbe
  • 9-njy awgust, anna
  • 10-njy awgust, şenbe
  • 11-nji awgust, ýekşenbe
  • 12-nji awgust, duşenbe
  • 13-nji awgust, sişenbe
  • 14-nji awgust, çarşenbe
  • 15-nji awgust, penşenbe
  • 16-njy awgust, anna
  • 17-nji awgust, şenbe
  • 18-nji awgust, ýekşenbe
  • 19-njy awgust, duşenbe
  • 20-nji awgust, sişenbe
  • 21-nji awgust, çarşenbe
  • 22-nji awgust, penşenbe
  • 23-nji awgust, anna
  • 24-nji awgust, şenbe
  • 25-nji awgust, ýekşenbe
  • 26-njy awgust, duşenbe
  • 27-nji awgust, sişenbe
  • 28-nji awgust, çarşenbe
  • 29-njy awgust, penşenbe
  • 30-njy awgust, anna
  • 31-nji awgust, şenbe
Her günki aýady okalyň — 2024
es24 sah. 78—88

Awgust

1-nji awgust, penşenbe

Ýehowadan gorkýanlar we ady hakda oýlanýanlar üçin Hudaýyň öňünde ýatlama kitaby ýazyldy (Mel. 3:16).

Hudaýhon adamlar Ýehowa çuňňur hormat goýýar we Onuň ady hakda oýlanýar. Ýehowa olaryň gürrüňini ünsli diňleýär we atlaryny «ýatlama kitabyna» ýazýar. Näme üçin? Sebäbi adamyň edýän gürrüňi onuň ýüregindäkini görkezýär. Isa pygamber: «Adamyň ýüregindäki dilindedir» diýdi (Mat. 12:34). Ol bize ebedi ýaşaýşy sowgat berer. Biz arassa we päk dilde geplemesek, Hudaýa edýän seždämiz biderekdir (Ýak. 1:26). Hudaýy söýmeýän adamlar gödek, gaharjaň we ulumsy bolýar (2 Tim. 3:1—5). Emma biz aýdýan sözlerimiz bilen Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmak isleýäris. Eger biz ýygnakda, wagyzda hoşamaý sözleri aýdyp, öýde bolsa sögünsek we gödek gepleşsek, Ýehowa bizden razy bolmaz (1 Pet. 3:7). w22.04 sah. 5, abz. 4, 5

2-nji awgust, anna

Ahlaksyz aýaly ýigrenip, talarlar hem-de ýalaňaçlarlar. Olar aýalyň etini iýerler, soňra otda ýakyp, kül ederler (Ylh. 17:16).

Hudaý Beýik Wawilony ýok etmegi on şahly wagşy haýwanyň ýüregine guýar. Diýmek, Ýehowa ähli ýalan dinleri ýok etmegi gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň «ýüregine guýar» (Ylh. 18:21—24). Pygamberligiň bize nähili degişli ýeri bar? Biz Beýik Wawilony goldamaly däl, ýagny ýalan dini däp-dessurlary, baýramçylyklary bellemeli däl, jadygöýlik bilen meşgullanmaly däl we ahlaksyz işleri etmeli däl. Biz «Hudaýyň öňünde arassa, päk sežde etmeli» (Ýak. 1:27). Şeýle-de adamlar Beýik Wawilonyň günälerine şärik bolmaz ýaly «ol ýerden çykmaga» kömek etmeli (Ylh. 18:4). w22.05 sah. 11, abz. 17; sah. 14, abz. 18

3-nji awgust, şenbe

Men Ýehowanyň wepaly söýgüsini. . . wasp ederin (Işa. 63:7).

Ene-atalar, her bir mümkinçilikden peýdalanyp çagalaryňyza Ýehowa barada we siziň üçin eden ýagşylyklary hakda aýdyň (5 Mus. 6:6, 7). Esasanam, ene-atasynyň biri Ýehowa iman etmeýän bolsa bu hasam wajyp. Eger siz çagalaryňyz bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçip bilmeýän bolsaňyz Kristina uýanyň göreldesine eýerip bilersiňiz. Ol şeýle diýýär: «Kakasynyň ýanynda Hudaý hakda dil ýaryp bilmeýärdim. Emma men çagalaryma Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek üçin elimden gelenini gaýgyrmaýardym». Uýalar, çagalaryňyza Ýehowanyň guramasy we dogan-uýalar hakda gowy zatlary gürrüň beriň. Ýaşululary tankytlamaň we olaryň gowy häsiýetlerini aýdyp beriň. Şonda çagalaryňyz kyn ýagdaýa düşende ýaşululardan maslahat soramaga çekinmezler. Maşgalaňyzda agzybirlik höküm sürsün. Uýalar, äriňizi we çagalaryňyzy söýýändigiňizi her gün aýdyň. Äriňize hormat goýuň, onuň bilen mähirli gepleşiň we çagalaryňyza-da şeýle etmegi öwrediň. Şonda siziň maşgala ojagyňyzda agzybirlik höküm sürer we çagalaryňyza Ýehowa barada gürrüň berip bilersiňiz (Ýak. 3:18). w22.04 sah. 18, abz. 10, 11

4-nji awgust, ýekşenbe

Men seniň edýän işleriňi bilýärin (Ylh. 3:1).

Isa Efesdäki ýygnagy kynçylyklara döz gelendigi we berk durandygy üçin öwýär. Emma olaryň Ýehowa bolan başdaky söýgüsi sowapdy. Olar Ýehowany razy etmek üçin bütin jany-teni bilen söýmelidiler. Şu günler bizem her dürli kynçylyklara duş gelýäris. Kynçylyklara gözýaş bilen däl-de, şatlyk bilen döz gelmeli. Ýehowa biziň niýetimizi barlaýar we diňe bir näme edýändigimize däl-de, näme üçin edýändigimize-de üns berýär. Biz Ýehowany ýürekden söýsek we minnetdar bolsak, Ol hoşal bolar (Nak. 16:2; Mar. 12:29, 30). Biz hemişe oýa bolmaly. Sardisdäki dogan-uýalar başda Ýehowa yhlasly gulluk edýärdiler. Emma olaryň imany şeýle bir gowşady welin, Isa olara: «Sen diri bolup görünýärsiň, ýöne ölüsiň» diýdi. Isa olara oýa bolmagy maslahat berdi (Ylh. 3:1—3). Elbetde, Ýehowa biziň çeken zähmetimizi ýadyndan çykarmaýar (Ýew. 6:10). w22.05 sah. 3, abz. 6, 7

5-nji awgust, duşenbe

Agyr zähmetiň peýdasy köpdür (Nak. 14:23).

Süleýman pygamber: «Çeken zähmetiň hözirini görmek Hudaýyň sowgadydyr» diýdi (Nes. 5:18, 19). Süleýman ýalta däl-de, zähmetsöýerdi. Ol şäherleri gurýar, jaýlary salýar, üzüm agaçlaryny ekýär, seýilgähleri gurýar we howdanlary gazýar (1 Pat. 9:19; Nes. 2:4—6). Ol şu zatlary etmek üçin der döküp zähmet çekdi we zähmetiniň hözirini görüp begendi. Süleýman bagtly bolmak üçin diňe bir agyr zähmet çekmän, Ýehowanyň islegini hem ýerine ýetirmelidigine düşünýärdi. Meselem, Süleýman Ýehowa sežde ediljek şan-şöhratly ybadathanany gurdy. Gurluşyk ýedi ýyl dowam etdi (1 Pat. 6:38; 9:1). Süleýman köp işleri etdi, ýöne Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmegiň adamy bagtly edýändigine göz ýetirdi. Ol şeýle diýdi: «Ähli zady jemläp aýtsam: hak Hudaýdan gorkmak we tabşyryklaryny berjaý etmek ynsanyň esasy borjudyr» (Nes. 12:13). w22.05 sah. 22, abz. 8

6-njy awgust, sişenbe

Hudaý Mesih arkaly bagyşlaýar (Efes. 4:32).

Mukaddes Kitapda Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygyny subut edýän ençeme wakalar bar. Ýehowanyň Manaşa patyşany bagyşlandygy ýadyňyza düşýärmi? Ol agyr günäleri edýär. Meselem, butlara sežde edýär, çagalaryny ýalan taňrylara gurban berýär. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oýma but dikýär. Mukaddes Kitapda: «Manaşa Ýehowanyň öňünde köp erbet işleri edip, Hudaýyň göwnüne degdi» diýilýär (2 Tar. 33:2—7). Ýöne Manaşa toba edýär. Ýehowa hem ony bagyşlaýar (2 Tar. 33:12, 13). Dawut patyşa-da Ýehowanyň öňünde agyr günäleri etdi. Ol ahlaksyzlyk etdi, bigünä gan dökdi. Emma Dawut patyşa ýürekden toba edýär, Ýehowa hem ony bagyşlaýar (2 Şam. 12:9, 10, 13, 14). Görşümiz ýaly, Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygyna şek-şübhe ýok. w22.06 sah. 3, abz. 7

7-nji awgust, çarşenbe

Sizem sabyrly we dogumly boluň (Ýak. 5:8).

Gelejege umyt edip ýaşamak hemişe aňsat bolmaýar. Käte Hudaýyň wadalaryna sabyrly garaşmak kyn bolýar. Ýöne Hudaý ezelden ebedä çenli bar. Onuň göz öňünde «bir gün müň ýyl ýaly». Hudaýyň wagt hasaplaýşy adamlaryňkydan düýbünden tapawutlanýar (2 Pet. 3:8, 9). Emma biz Allatagalanyň ajaýyp wadalarynyň ýerine ýetmegine garaşanymyzda umydymyzy berk saklamaly. Nädip? (Ýak. 5:7). Ýehowa bilen dostlaşmaly, sebäbi diňe Ol umyt edýän zatlarymyzy amala aşyryp bilýär. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň Özüni «ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidigi» aýdylýar. Görşümiz ýaly, umyt bilen iman berk baglanyşykly (Ýew. 11:1, 6). Ýehowa doly bil baglasak, wadalaryny ýerine ýetirjekdigine ynamly bolup bileris. Olar ebedi ýaşamak umydymyzy has-da berkider. Şeýle-de Ýehowa doga-dileg etmeli we Mukaddes Kitaby okamaly. Elbetde, biz Ýehowany görüp bilmeýäris, ýöne onuň dosty bolup bilýäris. Nädip? Eger oňa doga-dileg etsek, onuň bizi diňlejekdigine şübhelenmän bileris (Ýer. 29:11, 12). w22.10 sah. 26, 27, abz. 11—13

8-nji awgust, penşenbe

Eýýup söze başlady we dünýä inen gününi näletledi (Eýp. 3:1).

Eýýup pygamberiň ýagdaýyny göz öňüne getireliň. Ol agyr dert çekip, kül üstünde otyr (Eýp. 2:8). Çagalaryndan aýra düşüp, onuň gara bagry gan aglaýardy. Eýýup birnäçe günläp agyr dert içinde dymyp oturdy. Dostlarynyň awuly sözleri bolsa, Eýýubyň ýüregine pyçak bolup sanjylýar (Eýp. 2:13). Belki, dostlary Eýýubyň geplemän oturandygyny görüp, ol Beýik Biribardan ýüz öwrendir öýdendirler. Emma olar ýalňyşypdylar. Eýýup dostlarynyň gözüniň garasyna seredip: «Soňky demime çenli wepaly bolaryn!» diýýär (Eýp. 27:5). Eýýup pygamber näme üçin şeýle jogap berdi? Ol çykalgasyz ýagdaýda bolsa-da, Ýehowanyň ähli kynçylyklary aýyrjakdygyna umyt edýärdi. Eýýup ölse-de, Ýehowanyň direltjekdigine ynanýardy (Eýp. 14:13—15). w22.06 sah. 22, abz. 9

9-njy awgust, anna

Siz şeýle doga ediň: «Eý gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun! Patyşalygyň gelsin. . . islegiň amala aşsyn!» (Mat. 6:9, 10).

Älem-jahanyň eýesi, ýeri-gögi ýaradan Allatagala biziň doga-dileglerimizi diňleýär. Biz Ýehowa ene dilimizde islendik wagty we islendik ýerde doga-dileg edip bilýäris. Ol keselhanada agyr ýatan hassalaryň hem, berk diwarly türmede oturan bendeleriniň hem doga-dileglerini diňleýär. Söýgüden doly gökdäki Atamyzyň doga-dileglerimizi diňleýändigine örän minnetdar. Dawut patyşa Ýehowa doga etmegi uly hormat hasaplapdyr. Ol: «Doga-dilegim huzuryňda tütetgi deý bolsun» diýdi (Zeb. 141:1, 2). Şol döwürler ruhanylar hoşboý ysly zatlary gowy garyp, Ýehowa ýaraýan tütetgini ýasapdyrlar (2 Mus. 30:34, 35). Edil şonuň ýaly, Dawut patyşa-da doga-dilegleriniň gökdäki Atasyna ýaramly bolmagyny isläpdir. Biz hem Ýehowanyň göwnüni galkyndyrýan doga-dileg etmeli. w22.07 sah. 20, abz. 1, 2; sah. 21, abz. 4

10-njy awgust, şenbe

Ýehowa şeýle diýýär: «Men ar alaryn, men gaýtargy bererin» (Rim. 12:19).

Ýehowanyň ar almaga haky bar. Ýehowa bize höküm çykarmaga ýa-da ar almaga ygtyýar bermedi (Rim. 12:20, 21). Biz bikämil we garaýşymyz çäkli, şonuň üçin Hudaý ýaly adalatly höküm çykaryp bilmeýäris (Ýew. 4:13). Käte adam bolan ýagdaýy şeýle bir göwnüne alýar welin, sagdyn pikirlenip we dogry karara gelip bilmeýär. Ýakup Hudaýyň ylhamy bilen şeýle sözleri ýazdy: «Gahar Hudaýyň dogruçyllygyna garşydyr» (Ýak. 1:20). Hawa, biz Ýehowanyň öz wagtynda adalaty dikeltjekdigine ynamly bolup bileris. Bagyşlasak adalatly Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezeris. Biz meseläni özümiz çözmän Ýehowanyň eline tabşyrmaly. Näme üçin? Sebäbi diňe Ol bize ýetirilen zyýanyň öwezini dolup biler. Täze dünýäde Ýehowa ähli ýürek ýaralarymyzy bitirer, «öňki zatlar ýadymyza düşmez, bizi gama batyrmaz» (Işa. 65:17). w22.06 sah. 10, 11, abz. 11, 12

11-nji awgust, ýekşenbe

Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener (Mat. 24:9).

Biz yzarlamalara şatlyk bilen döz gelýäris. Sebäbi Ýehowany razy edýändigimize düşünýäris (Mat. 5:11, 12). Şeýle-de wagyz işini Şeýtanyň togtatjak bolýandygyny bilýäris, ýöne elinden hiç zat gelmez. Sebäbi Isa ondan has güýçli. Isanyň goldawy bilen hoş habar dünýäniň dört künjeginde wagyz edilýär! Geliň, käbir subutnamalara seredeliň. Dürli halklara we milletlere hoş habary wagyz etmek aňsat iş däl. Emma Mukaddes Kitapda «her millete, her taýpa, her dile we her halka» hoş habaryň wagyz ediljekdigi pygamberlik edilen (Ylh. 14:6, 7). Şu günler pygamberlik ýerine ýetýär. Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlar jw.org saýtynda 1 000-den gowrak dilde elýeterli. Biz adamlara «Ebedi ýaşaň!» kitabyndan okuw geçýäris. Ol 700-den gowrak dile terjime edilýär. w22.07 sah. 9, abz. 6, 7

12-nji awgust, duşenbe

Maslahatçy köp bolsa, üstünlik gazanylar (Nak. 11:14).

Isa rehimdardy. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Isa märekäni görüp, ýüregi awady, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly alaçsyzdy, hor-homsy ýaşaýardy» (Mat. 9:36). Isa rehimdar Atasy Ýehowanyň göreldesine eýerýärdi. Ol Atasy hakda: «Gökdäki Atam hem pesgöwünli adamlaryň hiç biriniň heläk bolmagyny islemeýär» diýdi (Mat. 18:14). Görşümiz ýaly, Isa pygamberi gowy tanasak, Ýehowany ýürekden söýeris. Ýehowany ýürekden söýmäge imany berk dogan-uýalar hem kömek edip biler. Olar dogry karara gelip, Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýärler. Olar bilen dostlaşyň we başyndan geçiren gyzykly wakalaryny gürrüň bermegini haýyş ediň. Siz wajyp karara gelmänkäňiz, olardan maslahat soraň. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Maslahatçy köp bolsa, üstünlik gazanylar» diýilýär. w22.08 sah. 3, abz. 6, 7

13-nji awgust, sişenbe

Ýehowa dogruçyllara nazar salýar (1 Pet. 3:12).

Dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär. Şol sebäpli bizem kynçylyklara duş geleris. Ýöne Ýehowanyň kömegi bolmasa synaglardan öz güýjümiz bilen üstün çykyp bilmeris. Ýehowanyň nazaryndan hiç zat sypmaýar. Ol biziň düşýän kynçylyklarymyzy görýär we kömek etmek isleýär (Işa. 43:2). Biz Ýehowa doga edip ýüregimizi döküp bilýäris. Mukaddes Kitapdan we edebiýatlardan gerekli maslahatlary alýarys. Dogan-uýalar hem kynçylyklarda goldaýar. Görşümiz ýaly, başymyza kynçylyk düşende Ýehowa dürli ýollar bilen kömek edýär. Biz söýgüden doly, aladaçyl Atamyzyň bardygyna örän begenýäris. Ýehowanyň bize nazar salyp, kynçylyklarda kömek edýändigine örän minnetdar! (Zeb. 33:21). Biz Ýehowanyň öwüt-ündewine gulak asyp, Ony razy edip ýaşamaly. Şonda Ýehowa bize nazar salyp, hemişe penasynda saklar. w22.08 sah. 13, abz. 15, 16

14-nji awgust, çarşenbe

Seniň sözüň hakykatdyr (Zeb. 119:160).

Şu günler köp adamlar ähli zada şübhelenýärler. Olar kime ynanjakdygyny bilmeýärler. Syýasy ýolbaşçylar, alymlar we täjirler öz peýdasyna çapýar. Şeýle-de dini ýolbaşçylaryň aýdýan zady edýän işi bilen deň gelmeýär. Şonuň üçin adamlaryň olardan göwni geçip, sylag-hormat goýasy gelmeýär we Mukaddes Kitaby hem okamak islemeýär. Biz Ýehowanyň hak Hudaýdygyna we adamlara hemişe ýagşylyk isleýändigine doly ynanýarys (Zeb. 31:5; Işa. 48:17). Biz Hudaýyň Sözüniň hakykatdygyna şübhelenmeýäris. Biz Mukaddes Kitaby öwrenýän alymyň şu sözleri bilen doly ylalaşýarys: «Hudaý hiç haçan ýalan sözlemeýär, her bir aýdan sözi ýerine ýetýär. Akýürekli adamlar Hudaýyň sözüne ýürekden ynanýar, sebäbi Onuň hemişe hakykaty aýdýandygyny bilýärler». w23.01 sah. 2, abz. 1, 2

15-nji awgust, penşenbe

Biri-birimize ünsli bolalyň (Ýew. 10:24).

Biz dogan-uýalary ruhlandyrsak we goldasak olaryň Ýehowa bolan imanyny berkideris. Käte dogan-uýalaryň üstünden gülýärler. Käbir dogan-uýalar bolsa keselçilikden, göwnüçökgünlikden ejir çekýärler. Başgalary bolsa dünýäniň soňunyň gelmeýändigi üçin ruhdan düşýärler. Şeýle ýagdaýlar olaryň berk imanyny sarsdyryp biler. I asyrdaky mesihçiler hem şuňa meňzeş kynçylyklary başdan geçiripdiler. Pawlus resul Mukaddes Kitap arkaly dogan-uýalaryň imanyny berkitdi. I asyrda ýaşan mesihçileri ýehudy dinine berk ýapyşýan dogan-garyndaşlary tankytlandyrlar. Belki-de, olar dogan-garyndaşlaryna näme jogap berjegini bilen däldirler. Emma Pawlusyň ýazan haty olaryň imanyny berkitdi (Ýew. 1:5, 6; 2:2, 3; 9:24, 25). Pawlus olara tüýs wagtynda hat ýazdy. Şondan soň olar dogan-garyndaşlaryna iman edýän zatlary barada gürrüň berip başlandyrlar. w22.08 sah. 23, 24, abz. 12—14

16-njy awgust, anna

Ýehowa bil baglaýan, Ýehowa daýanýan adam bereket alsyn! (Ýer. 17:7)

Şu ýalançy dünýäde adamlar biri-birine ynanmaýarlar, sebäbi täjirler, syýasatçylar we dini ýolbaşçylar olaryň ynamyny gaçyrdy. Adamlar dostlaryna, goňşularyna, hatda maşgala agzalaryna-da ynanmaýarlar. Biz muňa geň galmaýarys, «sebäbi şu dünýäniň taňrysy» Şeýtan hem ynama mynasyp däl (2 Kor. 4:4). Adamlar hem onuň göreldesine eýerýärler. Mukaddes Kitapda «soňky günlerde... adamlaryň... biwepa... töhmet atýan... dönük» boljakdygy aýdylýar (2 Tim. 3:1—4). Biz gökdäki Atamyz Ýehowa doly bil baglaýarys. Onuň bizi ýürekden söýýändigine we hiç haçan «terk etmejekdigine» ynanýarys (Zeb. 9:10). Isa pygamber bikämil adamlary günäniň gulçulygyndan azat etmek üçin şirin janyny gurban etdi. Şol sebäpli oňa doly ynanyp bileris (1 Pet. 3:18). Biz Hudaýyň Sözüne-de ynanyp bileris, sebäbi onuň dogry ýoly görkezýändigine durmuşymyzda birnäçe sapar göz ýetirdik (2 Tim. 3:16, 17). w22.09 sah. 2, abz. 1, 2

17-nji awgust, şenbe

Ýehowadan gorkýan, ýollaryndan ýöreýän adam bagtlydyr! (Zeb. 128:1)

Hakyky bagt az salymlyk duýgy däl. Ol adamyň bütin ömrüne dowam edýär. Isa pygamber Dagdaky wagzynda şeýle diýdi: «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr» (Mat. 5:3). Isa adamlaryň Hudaý barada bilim alyp, Oňa sežde etmek üçin ýaradylandygyny bilýärdi. Ýehowa «bagtly Hudaý», oňa sežde edýänler hem bagtly bolup bilýär (1 Tim. 1:11). Adam hemme zat gülala-güllük bolanda bagtly bolýarmy? Elbetde, ýok! Isa Dagdaky wagzynda: «Hasrat çekýän adamlar bagtlydyr... Dogruçyllyk üçin yzarlanýan adamlar bagtlydyr» diýdi (Mat. 5:4, 10, 11). Isa pygamber hakyky bagty nädip tapyp bolýandygyny öwretdi. Hudaý bilen dostlaşýan adam hakykatdan bagtly bolýar (Ýak. 4:8). w22.10 sah. 6, abz. 1—3

18-nji awgust, ýekşenbe

Parasatly adam dilini saklaýar (Nak. 11:12).

Pähim-parasatly adam «dymmagyň öz wagtynyň... geplemegiň öz wagtynyň» bardygyny bilýär (Nes. 3:7). «Dymmak — altyn, geplemek — kümüş» diýlişi ýaly, käte geplemäge garanyňda, dymmak has wajyp bolýar. Geliň, bir tejribeli ýaşuly barada gürrüň edeliň. Başga ýygnagyň ýaşululary köplenç ondan ýygnagynyň meseleleri hakda maslahat soraýarlar. Ol barada öz ýygnagyndaky bir ýaşuly şeýle gürrüň berýär: «Ol başga ýygnaklaryň syr saklamagy talap edýän meseleleri barada hiç kimiň ýanynda, hatda biziň hem ýanymyzda dil ýarmaýar». Öz ýygnagyndaky ýaşulular hem oňa hormat goýýar. Sebäbi onuň dogan-uýalaryň syryny hiç kimiň ýanynda gürrüň etmejekdigini bilýärler. Dogruçyllyk häsiýeti hem ynamdar bolmaga kömek edýär. Biz dogruçyl adama ynanýarys, sebäbi onuň hemişe hakykaty aýtjakdygyny bilýäris (Efes. 4:25; Ýew. 13:18). w22.09 sah. 12, abz. 14, 15

19-njy awgust, duşenbe

Ýehowanyň niýetine päsgel berjek akyldarlyk, parasatlylyk we maslahat ýokdur (Nak. 21:30).

Köp adamlar Ýehowanyň akyldarlygyny diňlemek islemeýärler (Nak. 1:20). Mukaddes Kitapda Ýehowanyň akyldarlygyndan ýüz öwürýän üç topar barada aýdylýar. Olar «sadalar», «ýaňsylaýjylar» we «akmaklar» (Nak. 1:22—25). «Sada adamlar» kim näme diýse ynanyp ýörýärler. Olary aldamak aňsat (Nak. 14:15). Dini we syýasy ýolbaşçylar millionlarça sada adamlary aldaýarlar. Olaryň käbiri özleriniň aldanandyklaryny bilenlerinde ör-gökden gelýärler. Emma Nakyllar 1:22-de agzalýan sada adamlar dini we syýasy ýolbaşçylaryň aldaýandyklaryny bilseler-de olary goldaýarlar (Ýer. 5:31). Olar Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşajak hem bolmaýarlar. Köp sada adamlar hem şeýle pikir edýärler. Geliň, olara meňzemäliň! (Nak. 1:32; 27:12). w22.10 sah. 19, abz. 5—7

20-nji awgust, sişenbe

Ähli ynsan häkimiýetlerine. . . tabyn boluň (1 Pet. 2:13).

Ýehowa guramasy arkaly hem bize görkezmeleri berýär. Ýygnak duşuşyklarynda ýaşululara telefon belgimizi we öý salgymyzy aýtmalydygymyz hakda ýatladylýar. Eger biz şu maslahata eýersek, ýaşulular tebigy betbagtçylyk bolanda dessine kömege ýetişip biler. Şeýle-de bize howpsuz ýere nädip gitmeli, gerekli kömegi nädip almaly, başgalary nädip we haçan goldamalydygy hakda hem görkezmeler berilmegi mümkin. Eger biz görkezmelere eýermesek özümiziň hem, ýaşulularyň hem janyny howp astyna salarys. Sebäbi olar biziň gije-gündiz aladamyzy edýär (Ýew. 13:17). Dogan-uýalaryň köpüsi tebigy betbagtçylyk we raýatlyk uruşlary sebäpli öýüni goýup, başga ýere göçmeli boldy. Ýöne olar täze ýagdaýa tiz öwrenişdiler. Ýygnaga we wagza yhlasly gatnaşyp başladylar. I asyrdaky mesihçiler hem yzarlamalar sebäpli öýüni goýup gitmeli boldular. Emma olar nirä barsalar-da, «Hudaýyň hoş habaryny wagyz edýärdiler» (Res. 8:4). Eger bizem hoş habary yhlasly wagyz etsek, ünsümizi kynçylyklara däl-de, Hudaýyň Patyşalygyna gönükdirip bileris. Netijede, kalbymyz parahat, göwnümiz şat bolar. w22.12 sah. 19, 20, abz. 12, 13

21-nji awgust, çarşenbe

Ýehowa meniň tarapymda, men gorkmaryn (Zeb. 118:6).

Ýehowa her birimizi aýratynlykda söýýär. Isa pygamber şägirtlerini wagza ibermezden öň, olara käbir maslahatlary berýär. Şägirtler adamlardan gorkmaz ýaly, Isa pygamber olara serçeler hakda gürrüň berýär (Mat. 10:29—31). Serçeler Ysraýylda köp duş gelýärdi we bahasy kör-köpüge durýardy. Isa pygamber şägirtlerine: «Olaryň (serçeleriň) ýekejesi ýere gaçaýsa, gökdäki Ataňyz görýändir... Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatly» diýýär. Ol Ýehowanyň her bir şägirdini söýýändigini we yzarlamalardan gorkmaly däldigini aýtdy. Şägirtler oba-oba, şäher-şäher aýlanyp wagyz edenlerinde, serçeleri görendirler. Şonda Halypasynyň aýdanlaryny ýatlandyrlar. Sizem serçeleri göreniňizde, Ýehowanyň her biriňizi söýýändigi we serçelerden has gymmat saýýandygy hakda oýlanyň. Şonda yzarlamalara we garşylyklara mertlik bilen döz gelersiňiz. w23.03 sah. 18, abz. 12

22-nji awgust, penşenbe

Siz sebäpli faraona-da, hyzmatkärlerine-de ýigrenji bolduk. Näme, bizi öldürtjek bolýaňyzmy? (2 Mus. 5:21)

Ýehowa iman edýändigimiz üçin bizi käte işden çykarýarlar ýa-da dogan-garyndaşlarymyz garşy çykýar. Kynçylyklaryň yzy üzülmese, özümizi hiç kime gereksiz duýup, göwnüçökgünlige düşüp bileris. Şeýtan hem pursatdan peýdalanyp, Ýehowa imanymyzy gowşatmak isleýär we guramasyna ynamymyzy gaçyrjak bolýar. Şeýle ýagdaý gadymy döwürde ýaşan käbir ysraýyllar bilen bolupdy. Olar Ýehowanyň Musa bilen Haruny iberendigine we Müsür gulçulygyndan azat etjekdigine ynanýardylar (2 Mus. 4:29—31). Emma olar faraonyň zorluk-sütemine çydaman, Musa bilen Haruna garşy çykýar (2 Mus. 5:19, 20). Olar Allatagalanyň pygamberine garşy çykyp gaty ýalňyşdylar. Siziň hem kynçylyklardan gözüňiz açylmasa, Ýehowa dogada ýüregiňizi döküp, oňa doly bil baglaň. w22.11 sah. 15, abz. 5, 6

23-nji awgust, anna

Size hakykaty aýdýaryn, şeýle bir günler geler, ölen adamlar Hudaýyň Oglunyň sesini eşiderler. Aslynda, şol wagt eýýäm gelendir. Ogly diňläp, gulak asan adamlar ýaşarlar (Ýah. 5:25).

Älem-jahany ýaradan hak Alla ýokdan bar edip, adamlara ýaşaýyş demini berdi. Şonuň üçin biz Onuň ölen adamlary direldip biljekdigine şübhelenmän bileris. Mysal üçin, Ylýas pygamber hak Allanyň gudraty bilen sareptaly dul aýalyň ogluny direldýär (1 Pat. 17:21—23). Alyşa pygamber şunemli aýalyň ogluny ölüm ukusyndan oýarýar (2 Pat. 4:18—20, 34—37). Mukaddes Kitapda direlen adamlar hakda başga-da wakalar bar. Olar Ýehowanyň ölümiň üstünden ýeňiş gazanýan hak Alladygyny subut edýär. Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly ölen adamlary direltdi (Ýah. 11:23—25, 43, 44). Häzir bolsa Isa gökde hökümdarlyk edýär. Atasy Ýehowa oňa «gökde we ýerde ähli ygtyýary» berdi. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly «mazarda ýatanlaryň ählisi onuň (Isanyň) sesini eşidip», ölüm ukusyndan oýanar we ebedi ýaşar. Şeýdip, Hudaýyň ilkibaşdaky niýeti doly amala aşar (Mat. 28:18; Ýah. 5:26—29). w22.12 sah. 5, abz. 10

24-nji awgust, şenbe

Ysraýyl halky seni diňlemez, sebäbi olar meni diňlemek islemeýär (Hyz. 3:7).

Ysraýyl halky Hyzkyldan däl, Ýehowadan ýüz öwürýärdi. Adamlar Hyzkyl pygamberi diňlemese-de, Ýehowa ondan razydy. Sebäbi ol tabşyrylan ýumşy birkemsiz ýerine ýetirýärdi. Ýehowa Hyzkyla: «Olar seni diňlesin, diňlemesin... aralarynda pygamberiň bolandygyny bilerler» diýdi (Hyz. 2:5; 33:33). Elbetde, şu sözler Hyzkyla tabşyrylan ýumşy doly ýerine ýetirmäge güýç-kuwwat berendir. Şu günler Ýehowa bize hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy. Ýehowa: «Siz meniň şaýatlarym» diýýär (Işa. 43:10). Ýehowa barada şaýatlyk etmek uly hormat! Ýehowa Hyzkyl pygambere aýdyşy ýaly, bize-de: «Olardan gorkmaň!» diýýär (Hyz. 2:6). Biz garşy çykýan adamlardan näme üçin gorkmaly däl? Sebäbi bizi Ýehowa iberdi. Ol biziň Arkadagymyz (Işa. 44:8). w22.11 sah. 3, 4, abz. 4, 5

25-nji awgust, ýekşenbe

Ynamdar adam syr saklaýar (Nak. 11:13).

Biz ynama mynasyp ýaşulularyň we ýygnak hyzmatçylarynyň edýän işlerini örän gymmat saýýarys. Wepaly we aladaçyl doganlary berendigi üçin Ýehowa örän minnetdar. Biz nädip ynamdar adam bolup bileris? Biz dogan-uýalary ýürekden söýýäris we olaryň aladasyny edýäris. Emma olaryň durmuşyna goşulmakdan seresap bolmaly. I asyrda käbir mesihçiler «gybat... edýärler we başgalaryň işine goşulyp, gep gezdirýärler» (1 Tim. 5:13). Aýdaly, uýa saglyk ýagdaýy we kynçylyklary barada gürrüň berip, hiç kime aýtmazlygy haýyş edýär. Biz onuň haýyşyny bitirip, syryny saklasak ynamdar adamdygymyzy subut ederis. w22.09 sah. 10, abz. 7, 8

26-njy awgust, duşenbe

Pikiriňizi. . . üýtgediň (Rim. 12:2).

«Pikiriňi üýtgetmek» diýen grek jümlesi «pikiriňi täzelemegi» hem aňladýar. Munuň üçin birki sany gowy häsiýetiňe guwanmak ýeterlikli däl. Biz içki dünýämizi gowy barlamaly. Ýehowa ýaramaýan gylyk-häsiýetlerimiziň bardygyny bilenimizde, ony köki bilen sogrup taşlamaly. Biz diňe bir gezek däl-de, gaýta-gaýta öz üstümizde işlemeli. Biz täze dünýäde kämil bolarys. Şonda her gün Ýehowa ýaraýan zatlary edip, Ony begendireris. Emma şol gün gelýänçä, Ýehowany razy etmek üçin elimizde baryny etmeli. Pawlus resul Rimliler 12:2-de Hudaýyň islegine düşünmek üçin «pikirimizi we häsiýetimizi üýtgetmelidigini» nygtap geçdi. Biz: «Iller şeýdýär, menem şeýtjek» diýmegiň deregine, Hudaýyň bizden nämä garaşýandygyna düşünmeli we şoňa görä ýaşamaly. Sebäbi adamyň etsem-goýsamy, maksat-myrady pikirinden başlanýar. w23.01 sah. 8, 9, abz. 3, 4

27-nji awgust, sişenbe

Gaýgy-aladaňy Ýehowa tabşyr, Ol seniň arkadaýanjyň bolar. Ol dogruçyl adamyň ýykylmagyna hiç haçan ýol bermez (Zeb. 55:22).

Biz Ýusubyň durmuşyndan bolan wakalardan näme öwrenýäris? Ýehowa durmuşymyzda bolýan islendik kynçylygy we synagy gudrat bilen aýyrýarmy? Başymyza inýän ýamanlygy ýagşylyga öwürýärmi? Bize bereket bermek üçin ýörite synagdan geçirýärmi? Ýok, Mukaddes Kitapda beýle öwredilmeýär (Nes. 8:9; 9:11). Emma Ýehowa biziň ýagdaýymyza düşünýär, doga-dileglerimizi eşidýär we mertlik bilen çydamaga güýç berýär (Zeb. 34:15; Işa. 59:1). Ýehowa kyn güne düşen mesihçilere tüýs wagtynda göwünlik berip ruhlandyrýar (2 Kor. 1:3, 4). Dogan-uýalar, Ýehowanyň size-de tüýs wagtynda göwünlik berýändigini duýan bolsaňyz gerek. Biz köplenç agyr günleri başdan geçirenimizde Ýehowanyň goldawyny görüp bilmeýäris. Emma kynçylyklar gutaransoň, Ýehowanyň kömegi bilen döz gelendigimize düşünip galýarys. w23.01 sah. 17, 18, abz. 13—15

28-nji awgust, çarşenbe

Öň bolan, ýöne ýok bolan wagşy haýwan. . . soňra ýok ediler (Ylh. 17:11).

Aýatdaky wagşy haýwan ýedi kelleli wagşy haýwana meňzeýärdi, emma ol gyrmyzy reňklidi. Ylham kitabynda oňa «wagşy haýwanyň şekili» diýilýär we «sekizinji patyşa» hökmünde suratlandyrylýar. Şeýle-de «ol öň bolupdy, ýöne ýok boldy, indi täzeden çykar» diýip pygamberlik edilýär (Ylh. 13:14, 15; 17:3, 8). Ol Birleşen Milletler Guramasyny (BMG) aňladýar. Pygamberlik nädip ýerine ýetdi? Başda Milletler Ligasy döredildi. Ikinji jahan urşunda Milletler Ligasy ýatyryldy. Uruşdan soň ol BMG hökmünde täzeden döredildi. «Gyrmyzy reňkli wagşy haýwan», ýagny BMG bütin ýer ýüzündäki syýasy guramalary goldaýar. Wagşy haýwana meňzedilýän syýasy guramalar adamlary Ýehowa we onuň halkyna garşy öjükdirýär. Olar bütin ýer ýüzüniň patyşalaryny Armageddon söweşine, ýagny «Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde boljak söweşe ýygnarlar» (Ylh. 16:13, 14, 16). w22.05 sah. 10, abz. 10, 11

29-njy awgust, penşenbe

Okan zatlaryňa nähili düşündiň? (Luka 10:26)

Isa ulaldygy saýyn Mukaddes Kitaby özbaşdak okamagy öwrenýär. Şeýdip, Isa Mukaddes Kitaby gowy görüp başlaýar we durmuşynda ulanýar. Muny 12 ýaşynda wagty ybadathanada bolan wakadan görse bolýar. Musanyň kanunyny gowy bilýän mugallymlar «onuň düşünjesine we berýän jogaplaryna haýran galýarlar» (Luka 2:46, 47, 52). Bizem Mukaddes Kitaby her gün okasak, oňa gowy düşüneris. Muny bilmek üçin Isanyň kanunçylara, fariseýlere hem-de saddukeýlere aýdan sözlerine seredeliň. Olar Mukaddes Kitaby köp okaýardylar, ýöne okaýan zatlaryna eýermeýärdiler. Isa Mukaddes Kitaby ünsli okamagyň üç usulyny belläp geçýär. Isanyň aýdan sözleri Mukaddes Kitaby okanymyzda 1) oňa gowy düşünmäge, 2) ruhy dürdäneleri tapmaga, 3) öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmaga kömek eder. w23.02 sah. 8, 9, abz. 2, 3

30-njy awgust, anna

Ätiýaçly adam howpy görüp gizlenýär (Nak. 22:3).

Göze görünýän howplara näz-kereşme etmek, içegenlik, iýermenlik, gödek sözler, erbet göwnaçmalar, pornografiýa we şuňa meňzeş zatlar degişli (Zeb. 101:3). Şeýtan Ýehowa bilen dostlugymyzy gowşatmak üçin her dürli duzaklary gurýar (1 Pet. 5:8). Ol biziň ýüregimizde ýigrenç, tekepbirlik, açgözlük, göriplik, ýalan sözlemek we nägilelik ýaly häsiýetleriň tohumyny ekmek üçin mümkinçilik gözleýär (Gal. 5:19—21). Ýöne howpy görüp öňüni almasak, duşmanyň eken tohumlary ýüregimizde gögerip, Ýehowa bilen dostlugymyza howp salar (Ýak. 1:14, 15). Göze görünmeýän howplaryň biri — ýaman ýaranlar. Biz bir zady ýatdan çykarmaly däl, «Gawun gawundan reňk alar» diýlişi ýaly, kim bilen gatnaşsak, şoňa-da meňzäris (1 Kor. 15:33). Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýan adamlar bilen ýakyndan gatnaşmarys (Luka 21:34; 2 Kor. 6:15). Şonuň üçin, geliň, howply ýagdaýlardan gaça duralyň. w23.02 sah. 16, abz. 7; sah. 17, abz. 10, 11

31-nji awgust, şenbe

Hudaýy söýmek tabşyryklaryny berjaý etmegi aňladýar (1 Ýah. 5:3).

Siz Ýehowany näçe gowy tanadygyňyzça, ony şonça-da ýürekden söýersiňiz. Siz Ýehowa bilen ebedi dost bolup bilersiňiz. Ol her birimize: «Meniň kalbymy şatlandyr» diýýär (Nak. 23:15, 16). Siz Ýehowany razy edýändigiňizi diňe sözde däl-de, iş ýüzünde hem görkezmeli. Siz her gün gelýän kararlaryňyz bilen Ýehowany söýýändigiňizi subut edip bilersiňiz. Ýehowany razy edip ýaşamak, adamyň öňünde goýup biljek iň gowy maksadydyr. Siz Ýehowany söýýändigiňizi nädip subut edip bilersiňiz? Birinjiden, ömrüňizi hak Hudaý Ýehowa bagyş edýändigiňizi aýdyp doga ediň (Zeb. 40:8). Ikinjiden, şeýle wajyp ädim ädendigiňizi subut etmek üçin suwa çümdüriliň. Şol gün iň bagtly günleriňiziň biri bolar we «durmuş kitabyňyzda» täze sahypa açylar. Sebäbi siz mundan beýläk özüňiz üçin däl-de, Allatagala üçin ýaşap başlarsyňyz (Rim. 14:8; 1 Pet. 4:1, 2). Şeýlelikde, siz wajyp ädim ädersiňiz we bagtly durmuşyň bosagasyndan ätlärsiňiz. w23.03 sah. 6, abz. 14, 15

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş