Sentýabr
1-nji sentýabr, ýekşenbe
Kim Hudaýa sežde edip-de, dilini saklamasa, ol öz-özüni aldaýandyr, seždesi-de biderekdir (Ýak. 1:26).
Adamlar biziň edýän gürrüňimizden Ýehowanyň Şaýadydygymyzy bilýärler. Şeýlelikde, biz «Hudaýa gulluk edýändigimizi» subut edýäris (Mel. 3:18). Geliň, Kimberli uýa hakda gürrüň edeliň. Bir gün Kimberli klasdaşy bilen bilelikde öý işini işleýär. Klasdaşy Kimberliniň gybat etmeýändigine, hapa söz aýtmaýandygyna, diňe gowy zatlar hakda gürrüň edýändigine haýran galýar we Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Ýehowa biziň hoş sözler bilen adamlaryň ýüregine hakykat tohumyny ekýändigimizi görüp örän begenýär. Biz aýdýan sözlerimiz bilen Ýehowany şöhratlandyrmak isleýäris. w22.04 sah. 5, 6, abz. 5—7
2-nji sentýabr, duşenbe
Olar hiç zadyny gaýgyrman Isa hyzmat edýärdiler (Luka 8:3).
Isa pygamber magdalaly Merýemiň içinden ýedi jyny kowup çykarýar. Merýem Isa pygamberiň ýagşylygyna minnetdar bolup, oňa janaýaman hyzmat edýär (Luka 8:1—3). Tizden Isa pygamber ähli adamlaryň ebedi ýaşamagy üçin öz şirin janyny gurban bermelidi (Ýah. 3:16). Merýem Halypasynyň etjek uly ýagşylygyndan bihabar bolsa-da, oňa wepalydy. Duşmanlar Isany jebir pürsünden asanlarynda, Merýem şol ýerdedi. Ol Halypasyna we şol ýerdäki ýakynlaryna goldaw boldy (Ýah. 19:25). Isa ölenden soň Merýem ýanyna iki aýaly alyp, jesedi ýaglamak üçin mazara barýar (Mar. 16:1, 2). Ol ilkinji bolup direlen Isany görýär (Ýah. 20:11—18). w23.01 sah. 27, abz. 4
3-nji sentýabr, sişenbe
Sen ýa sowuk, ýa-da gyzgyn bolsadyň (Ylh. 3:15).
Biz: «Geçmişde Ýehowa üçin köp işleri etdim» diýip, gol gowşuryp oturmaly däl. Belki, biz öňkimiz ýaly Ýehowa köpräk gulluk edip bilýän däldiris. Emma Hudaýa imanymyz gowşamaz ýaly oýa bolmaly we «Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekmeli» (1 Kor. 15:58; Mat. 24:13; Mar. 13:33). Ýehowa yhlasly we ýürekden sežde etmeli. Isa Laodikiýadaky ýygnaga: «Sen ýyly; ne gyzgyn, ne-de sowuk» diýdi. Olar gözgyny we betbagt ýagdaýdady. Olar Ýehowa yhlasly we jany-teni bilen sežde etmelidiler (Ylh. 3:16, 17, 19). Biz mundan näme öwrenýäris? Eger biz yhlasymyzyň gowşandygyny duýsak, onda Ýehowanyň bolluk bilen berýän bereketleri hakda oýlanmaly we ýürekden minnetdar bolmaly (Ylh. 3:18). Biz baýlygyň yzynda hars urmaly däl, ýogsam yhlasymyz gowşap, Ýehowa edýän seždämizi birinji orunda goýup bilmeris. w22.05 sah. 3, 4, abz. 7, 8
4-nji sentýabr, çarşenbe
Ýehowadan gorkýanlar. . . üçin Hudaýyň öňünde ýatlama kitaby ýazyldy (Mel. 3:16).
Müňlerçe ýyl bäri Ýehowa wepaly gulluk eden adamlaryň atlaryny bir kitaba ýazýar. Kitaba ilkinji bolup Habylyň ady ýazyldy (Luka 11:50, 51). Ýehowa Habyldan başlap şu günlere çenli wepaly gulluk eden adamlaryň adyny kitaba goşdy. Mukaddes Kitapda oňa «ýatlama kitaby» we «ýaşaýyş kitaby» diýilýär (Mel. 3:16; Ylh. 3:5; 17:8). Ýaşaýyş kitabyna Ýehowadan gorkýan we adyna hormat goýýan adamlaryň atlary ýazylýar. Olar ebedi ýaşaýşa gowşup bilerler. Bizem adymyzyň ýaşaýyş kitabyna ýazylmagy üçin Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmaly we Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman etmeli (Ýah. 3:16, 36). Hawa, biz gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt etsek-de, ýaşaýyş kitabyna adymyzyň ýazylmagyny isleýäris. w22.09 sah. 14, abz. 1, 2
5-nji sentýabr, penşenbe
Olary aldan Iblis ot we kükürt kölüne zyňyldy (Ylh. 20:10).
Ylham kitabynda «gyzyl reňkli aždarha» hakda aýdylýar (Ylh. 12:3). Aždarha Isa we perişdeler bilen söweşýär (Ylh. 12:7—9). Ol Hudaýyň halkyny yzarlaýar we wagşy haýwana, ýagny syýasy guramalara agalyk etmäge erk-ygtyýar berýär (Ylh. 12:17; 13:4). «Gyzyl reňkli aždarha» kim? Ol «Iblis we Şeýtan diýip atlandyrylýan köne ýylan» (Ylh. 12:9; 20:2). Ol Ýehowanyň ähli duşmanlarynyň serkerdesi. Aždarha näme bolar? Ylham 20:1—3-nji aýatlarda bir perişdäniň aždarhany düýpsüz çuňluga taşlap, 1 000 ýyl baglajakdygy pygamberlik edilen. Şeýtan 1 000 ýyl dolýança adamlary azdyryp bilmez. 1 000 ýyldan soň ol az wagtlyk boşadylar. Soňra Şeýtan bilen jynlar «ot we kükürt kölüne zyňlar» hem-de hemişelik ýok ediler. Biz Şeýtanyň we jynlaryň täsirinden doly azat bolarys. Gör, nähili ajaýyp durmuş! w22.05 sah. 14, abz. 19, 20
6-njy sentýabr, anna
Mätäçlere kömek edip biler ýaly, öz elleri bilen zähmet çekip, ýagşylyk etsin (Efes. 4:28).
Isa pygamber zähmet çekmegi gowy görýärdi. Ol ýaş wagty agaç ussasydy (Mar. 6:3). Ol arman-ýadaman zähmet çekip, ene-atasyna maşgalasyny eklemäge kömek edýärdi. Isa kämil bolansoň işini ussatlyk bilen ederdi. Köp adamlar oňa hojalyk üçin gerek zatlary ýasatmak isländir. Isa işini gowy görýärdi, ýöne ol Ýehowa sežde etmegi hemme zatdan wajyp hasaplaýardy (Ýah. 7:15). Soňra ol ussaçylygyny goýup, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip başlady. Ol adamlara: «Zaýalanýan çöregi däl, zaýalanmaýan, ýagny ebedi ýaşaýyş berýän çöregi almaga jan ediň» diýip maslahat berdi (Ýah. 6:27). Şeýle-de ol Dagdaky wagzynda: «Gökde baýlyk ýygnaň» diýdi (Mat. 6:20). Ýehowanyň berýän akyldarlygy işe dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. w22.05 sah. 22, abz. 9, 10
7-nji sentýabr, şenbe
Ene-ataň begener (Nak. 23:25).
Ewnika ogly Timoteosa gowy görelde boldy. Timoteos ejesiniň Ýehowany ýürekden söýüp, köp ýagşy işleri edýändigini we Hudaýa şatlanyp gulluk edýändigini görýärdi. Şu günler köp uýalar sözi bilen däl-de, edim-gylymy bilen çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etdiler (1 Pet. 3:1, 2). Olar başaran bolsa, sizem başararsyňyz! Ýehowa sežde etmekligi birinji orunda goýuň (5 Mus. 6:5, 6). Uýalar, siz çagalaryňyzyň aladasyny etmek üçin wagtyňyzy, güýjüňizi, puluňyzy we janyňyzy gaýgyrmaýarsyňyz. Çagaňyz ýaraman ýatanda, uzak gije dik oturýarsyňyz. Emma siz näçe işli we ýadaw bolsaňyz-da, Ýehowa sežde etmek üçin wagt tapyň. Hudaýa hemişe doga ediň, Mukaddes Kitaby her gün okaň we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyň. Şonda siziň Hudaýa bolan söýgiňiz hiç haçan sowamaz we maşgalaňyza hem-de dogan-uýalara görelde bolarsyňyz. w22.04 sah. 16, abz. 1; sah. 19, abz. 12, 13
8-nji sentýabr, ýekşenbe
Gullaryň işine seredip, adyl höküm çykar. Päliýaman adamyň günäsini paş edip, etmişine görä almytyny ber, bigünäni bolsa akla (1 Pat. 8:32).
Adamlary höküm etmek — uly jogapkärçilik. Şeýle jogapkärçiligi Ýehowanyň öz boýnuna alandygyna örän begenýäris. Ol Beýik Kazy! (Rim. 14:10—12). Ýehowa ýagşy we ýaman babatdaky kämil kanunyna esaslanyp höküm çykarýar (1 Mus. 18:25). Ýehowa hiç haçan adalatsyzlyk etmeýär! Biz Ýehowanyň bikämilligiň we günäniň ýetiren ähli zyýanyny aýyrjak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ol biziň ýürek ýaralarymyzy doly bitirer. Başymyzdan geçen agyr günler ýadymyzdan çykar (Zeb. 72:12—14; Ylh. 21:3, 4). Biz geçirimli Ýehowa Hudaýyň özünden görelde almak ukyby bilen ýaradandygyna örän begenýäris. w22.06 sah. 13, abz. 18, 19
9-njy sentýabr, duşenbe
Heý-de, ýer ýüzüniň Kazysy adalatsyzlyk edermi?! (1 Mus. 18:25)
Kanuny gowy bilýän kazy adalatly höküm çykarýar. Ýöne nämäniň dogrudygyny we nämäniň nädogrudygyny hiç kim Ýehowa ýaly saýgaryp bilmez. Kazy adalatly höküm çykarmak üçin ýene näme etmeli? Ol ähli subutnamalary we delilleri ýekän-ýekän derňemeli. Ýehowa bolsa ähli zady görýär. Şonuň üçin oňa taý geljek ýok. Ýehowa bikämil kazylardan tapawutlylykda diňe bir görýän we eşidýän zatlaryna görä höküm çykarmaýar (1 Mus. 18:20, 21; Zeb. 90:8). Ol adamlaryň alan terbiýesini, medeniýetini, önüp-ösen ýerini, duýgusyny we oý-pikirini göz öňünde tutýar. Ýehowa adamyň ýüregini görýär we onuň niýetini, isleg-arzuwyny bilýär. Ol şu zatlaryň hemmesini göz öňünde tutup günä eden adamy bagyşlaýar. Hawa, Ýehowa ähli zady görýär (Ýew. 4:13). w22.06 sah. 4, abz. 8, 9
10-njy sentýabr, sişenbe
Adam şirin jany üçin ähli zadyndan geçer (Eýp. 2:4).
Şeýtan şu günlerem bizi Eýýup pygamber ýaly synaýar. Şeýtan «adamlar Hudaýy söýmeýär, olar şirin jany üçin imandan däner» diýjek boldy. Şeýle-de ol «Hudaýam adamlary söýmeýär, olaryň wepaly bolmak üçin edýän tagallasyny gymmat saýmaýar» diýdi. Eger biz Hudaýa umyt baglasak we Şeýtanyň ulanýan usullaryny bilsek, onuň ýalan sözlerine ynanmarys. Biz synaga düşenimizde özümiziň ejiz tarapymyzy görüp bilýäris. Eýýup pygamber hem başdan geçiren kynçylyklary arkaly gowşak taraplaryny bilip öz üstünde işledi. Meselem, ol has-da pesgöwünli bolmagy öwrendi (Eýp. 42:3). Synaglar bize-de gowşak taraplarymyzy görüp öz üstümizde işlemäge kömek edýär. Hawa, biz ejiz taraplarymyzy görsek, ony düzetmek üçin tagalla etmeli. w22.06 sah. 23, abz. 13, 14
11-nji sentýabr, çarşenbe
Ýehowa şeýle diýýär: «Siz meniň şaýatlarym, Meniň saýlan gullarym» (Işa. 43:10).
Ýehowa bizi hem goldajakdygyny aýdýar. Ol: «Suwdan geçeniňde seniň bilen bolaryn. Derýalardan geçeniňde gark bolmarsyň. Lowlaýan otdan geçeniňde ýanmarsyň. Alaw seni ýakmaz» diýýär (Işa. 43:2). Ýehowa şu sözleri «Siz meniň şaýatlarym» diýmezinden öň aýdýar. Bizem wagyz edenimizde suw kimin gark edip barýan kynçylyklara, ot kimin ýakyp-ýandyryp barýan synaglara duş gelýäris. Emma Ýehowa bize kynçylyklara döz gelip, wagyz etmäge kömek edýär (Işa. 41:13). Şu günlerem adamlar hoş habary diňlemeýär. Ýöne adamlaryň diňlemeýändigi gowy wagyz edip bilmeýändigimizi aňlatmaýar. Biziň yhlasly wagyz edýändigimizi görüp Ýehowa guwanýar. Pawlus resul: «Hersi zähmetiniň hözirini görer» diýdi (1 Kor. 3:8; 4:1, 2). w22.11 sah. 4, abz. 5, 6
12-nji sentýabr, penşenbe
Adamlaryň arasynda ýagşy edim-gylymly boluň (1 Pet. 2:12).
Biz şu günler pygamberlikleriň ýerine ýetýändigini gözümiz bilen görýäris. «Ähli halklardan we dillerden» bolan adamlar «arassa dilde geplemegi öwrenýärler» (Zek. 8:23; Sep. 3:9). Şu günler 240 ýurtda 8 000 000-dan gowrak adam Ýehowa gulluk edýär. Her ýyl ýüz müňden gowrak adam özüni Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilýär. Olar öň ahlaksyzdy, zalymdy, milletparazdy we adamlary ala tutýardy. Emma Işaýa 2:4-de pygamberlik edilişi ýaly, olar durmuşyny bütinleý üýtgetdiler we Hudaýa ýaraýan «täze häsiýetleri» ösdürdiler (Kol. 3:8—10). Hawa, biziň her birimiz Ýehowa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge jan etmeli. Şonda ýygnagyň başy Isa Mesihiň göreldesine eýerip, akýürekli adamlara Hudaý bilen dostlaşmaga kömek ederis (Ýah. 13:35). Biz bulary öz güýjümiz bilen däl-de, Isa Mesihiň goldawy bilen başarýarys. w22.07 sah. 9, abz. 7, 8
13-nji sentýabr, anna
Doga-dilegim huzuryňda tütetgi deý bolsun (Zeb. 141:2).
Biz Ýehowa hormat bilen ýüzlenip doga-dileg etmeli. Geliň, Işaýanyň, Hyzkylyň, Danyýaryň we Ýahýanyň gören görnüşleri hakda gürrüň edeliň. Olaryň hemmesi Beýik Patyşa Ýehowanyň şöhratly tagtda oturandygyny gördüler. Meselem, Işaýa pygamber: «Ýehowa beýik we belent tagtda otyr» diýdi (Işa. 6:1—3). Hyzkyl Ýehowanyň gökdäki tagtda oturandygyny görýär we «onuň daş-töwereginde... älemgoşara meňzeş şöhläniň bardygyny» aýdýar (Hyz. 1:26—28). Danyýar pygamber bolsa «Owaldan Bar Bolanyň tagtynda oturandygyny» we «onuň tagtynyň alawlap durandygyny» ýazýar (Dan. 7:9, 10). Ýahýa resul Ýehowanyň tagtda oturandygyny we «tagtyň daş-töwereginde zümerrede meňzeş älemgoşaryň bardygyny» aýdýar (Ylh. 4:2—4). Biz hem şan-şöhratly Ýehowa Hudaý hakda oýlansak, Oňa doga-dileg etmegi uly hormat hasaplarys. w22.07 sah. 20, abz. 3
14-nji sentýabr, şenbe
Adamlaryň hilesine. . . aldanmaň (Efes. 4:14).
Ýaşlar, Şeýtan siziň Ýehowa imanyňyzy gowşatmak isleýär. Ol Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna şübhe döretjek bolýar. Size «älem-jahany Allatagala ýaratmady, ol öz-özünden döredi» diýip öwretmekleri mümkin. Elbetde, çaga wagtyňyz bu barada pikirlenen dälsiňiz. Emma ýaşyňyz ulaldygyça mugallymlaryň ewolýusiýa hakda aýdýanlary dogry bolup görünmegi mümkin. Gynansak-da, olar ähli zady Allatagalanyň ýaradandygyny subut edýän delillere üns bermeýärler. Nakyllar 18:17-de: «Arzyny ilkinji aýdan hakly görünýär» diýilýär. Mugallymlaryň aýdýanlaryna köre-körlük bilen ynanmagyň deregine, Mukaddes Kitapdan we edebiýatlarymyzdan gözleg geçiriň. w22.08 sah. 2, abz. 2; sah. 4, abz. 8
15-nji sentýabr, ýekşenbe
Kanuny. . . okap, gowy oýlan. Şonda paýhasly hereket edersiň, edeniň ugruna bolar (Ýuşa 1:8).
Biz okaýan zadymyza düşünmek isleýäris. Sebäbi düşünmesek durmuşymyzda ulanyp bilmeris. Bir gezek Töwradyň mugallymy Isadan: «Ebedi ýaşaýşy almak üçin näme etmeli?» diýip sorady (Luka 10:25—29). Şonda Isa: «Töwratda näme ýazylgy? Okan zatlaryňa nähili düşündiň?» diýdi. Mugallym kanuna salgylanyp: «Hudaýy we ýakynyňy söýmeli» diýip jogap berdi (3 Mus. 19:18; 5 Mus. 6:5). Soňra ol: «Meniň ýakynym kim?» diýip sorady. Şu sorag mugallymyň okaýan zadyna düşünmeýändigini görkezýär. Şonuň üçinem ol öwrenýän zadyny durmuşynda ulanyp bilmedi. Hawa, Mukaddes Kitaba düşünmek üçin okamazdan öň doga etmeli. Şonda Ýehowa mukaddes ruhy arkaly okaýan zadymyza ünsümizi jemlemäge kömek eder. w23.02 sah. 9, abz. 4, 5
16-njy sentýabr, duşenbe
Hakykat ýolunda ýöräň (3 Ýah. 4).
«Siz hakykaty kimden eşitdiňiz?» Şu soragy size ençeme sapar berendirler. Dogrudanam, dogan-uýalar biri-biri bilen tanşanda, ilki bilen Ýehowany haçan tanandygyny soraýarlar. Biz dogan-uýalaryň berýän gürrüňlerini halaýarys. Özümiz hem olara hoş habary kimden eşidendigimizi höwes bilen gürrüň berýäris (Rim. 1:11). Biz şeýdip biri-birimiziň imanymyzy berkidýäris we hakykat ýolundan ýöremäge kömek edýäris. Şeýlelikde, Ýehowany razy edip bol bereketleri alýarys. Ýehowa — hakykatyň Gözbaşy. Biz ony ýürekden söýýäris. Şonuň üçin Hudaýyň Sözündäki hakykat boýunça ýaşaýarys. Älem-jahanyň eýesi Gudratygüýçli Ýehowa aladaçyl we söýgüden doly Hudaý (1 Pet. 5:7). w22.08 sah. 14, abz. 1, 3
17-nji sentýabr, sişenbe
Mätäçlik çekýän doganlary hem unutmaň (Gal. 2:10).
Pawlus dogan-uýalary «ýagşy işleri etmäge» höweslendirdi (Ýew. 10:24). Pawlus dogan-uýalar üçin janyny bermäge taýyndy. Meselem, Ýahudada açlyk bolanda, Pawlus dogan-uýalaryň gerek-ýarak zatlaryny ýetirdi (Res. 11:27—30). Ol wagyz işine yhlasly gatnaşýardy, ýöne mätäç dogan-uýalara kömek etmäge-de hemişe taýyndy. Pawlusyň jany-teni bilen kömek edýändigini görüp dogan-uýalaryň Ýehowa imany berkändir. Biz Pawlus resulyň göreldesine eýerip, kynçylyga uçran dogan-uýalara wagtymyzy we güýjümizi gaýgyrman kömek etsek, olaryň imanyny berkidip bileris. Şeýle-de bütindünýä wagyz işini goldamak üçin pul sadakasyny berip bileris. Biz her bir mümkinçilikden peýdalanyp dogan-uýalara kömek etsek, Ýehowanyň olary hiç haçan taşlamajakdygyna ynandyryp bileris. w22.08 sah. 23, abz. 14
18-nji sentýabr, çarşenbe
Adamlar pygamberligi hiç haçan öz-özünden aýtmandylar. Olar Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen pygamberlik edýärdiler (2 Pet. 1:21).
Mukaddes Kitapdaky köp pygamberlikler ýerine ýetdi. Olaryň käbiri şol wakadan ýüzlerçe ýyl öň ýazylypdy. Taryha ser salsak, şol pygamberlikleriň jikme-jik ýerine ýetendigini görse bolýar. Biz muňa geň galmaýarys! Sebäbi şol pygamberlikler Mukaddes Kitaba Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan. Geliň, gadymy şäher Wawilon hakda gürrüň edeliň. Işaýa pygamber b. e. öň VIII asyrda Wawilon şäheriniň basylyp alynjakdygy hakda pygamberlik etdi. Hatda ol Wawilony kimiň we nädip basyp aljakdygyny aýtdy (Işa. 44:27—45:2). Işaýa Wawilonyň ýer bilen ýegsan boljakdygy we ol ýerde janly-jemendäniň ýaşamajakdygy hakda hem pygamberlik etdi (Işa. 13:19, 20). B. e. öň 539-njy ýylda Midiýa-Pars goşuny beýik şäher Wawilony ýer bilen ýegsan etdi. Şu günler Wawilon şäheri haraba bolup ýatyr. w23.01 sah. 4, abz. 10
19-njy sentýabr, penşenbe
Mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň (1 Sel. 5:11).
Gökdäki Atamyz Ýehowa özüni tanadýar we bizi ogul-gyzy hökmünde kabul edýär. Dogan-uýalar bilen agzybirlikde Ýehowa gulluk etmek uly hormat (Mar. 10:29, 30). Dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan dogan-uýalar Ýehowany ýürekden söýýärler we Onuň kada-kanunyna görä ýaşaýarlar. Olaryň gepleýşi, medeniýeti we geýnişi dürli-dürli bolsa-da, biri-birlerini ýürekden söýýärler. Olar Ýygnak jaýyna ýa-da Kongresler köşgüne baranlarynda süýtdeş doganlar ýaly salamlaşýarlar. Biz gökdäki Atamyza agzybir gulluk edip, Ony şöhratlandyrýarys. Şeýle-de biz dogan-uýalar bilen agzybir we parahat ýaşaýarys (Zeb. 133:1). Olaryň goldawy bilen biz kynçylyklara döz gelip bilýäris (Rim. 15:1; Gal. 6:2). Şeýle-de olar Ýehowa gulluk etmäge we Onuň bilen dostlaşmaga kömek edýärler (Ýew. 10:23—25). «Ýekäniň çaňy çykmaz» diýlişi ýaly, dogan-uýalar bolmadyk bolsa, ýeke özümize Şeýtanyň dünýäsinde we zalym adamlaryň arasynda Ýehowa wepaly bolmak kyn bolardy. w22.09 sah. 2, 3, abz. 3, 4
20-nji sentýabr, anna
Dilini dişleýän paýhaslydyr (Nak. 10:19).
Interneti ulananymyzda özümize erk etmek kyn bolup biler. Eger seresap bolmasak dogan-uýalaryň syryny älem-jahana jar ederis. Biz özümize erk edip bilmän, syr saklamagy talap edýän maglumatlary internetde paýlaşsak, kimleriň okajakdygyny we nähili kynçylyklaryň dörejekdigini bilmeýäris. Şeýle-de wagyz işi gadagan edilen ýa-da çäklendirilen ýurtlarda polisiýa işgärleri bizi soraga tutanlarynda dilimize erk etmek örän wajyp. Biz mezmurçynyň: «Dilim bilen günä etmez ýaly... dilimi saklaryn» diýen sözlerine eýermäge jan etmeli (Zeb. 39:1). Görşümiz ýaly, maşgalada, dost-ýarlarymyzyň arasynda we ýygnakda ynamdar adam bolmaly. Munuň üçin özüňe erk etmeklik örän wajyp. w22.09 sah. 13, abz. 16
21-nji sentýabr, şenbe
Ýehowanyň kanunyny ýürekden söýýän, gije-gündiz Hudaýyň kanuny hakda oýlanýanlar (bagtlydyr) (Zeb. 1:1, 2).
Hudaýyň Sözüni okaýan adam bagtlydyr. Isa pygamber Hudaýyň Sözüni çörek bilen deňeşdirdi. Ol şeýle diýdi: «Adam diňe bir çörek bilen däl, Ýehowanyň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» (Mat. 4:4). Diýmek, biz Hudaýyň Sözüni her gün okamaly. Mukaddes Kitapda bagtly bolmaga kömek etjek maslahatlar ýazylan. Ol ýerde şeýle wajyp soraglaryň jogaby bar: durmuşyň manysy näme? Hudaý bilen nädip dostlaşmaly? Ol günälerimizi bagyşlar ýaly näme etmeli? Bize nähili gelejek garaşýar? (Ýer. 29:11). Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymyz kalbymyzy şatlykdan doldurýar. Eger kynçylyklar sebäpli ruhdan düşseňiz, Hudaýyň Sözüni okaň we oýlanyň. w22.10 sah. 7, abz. 4—6
22-nji sentýabr, ýekşenbe
Düşünjäňiz. . . uly adamlaryňky ýaly bolsun (1 Kor. 14:20).
Mukaddes Kitap sada bolmazlygy maslahat berýär. Biz Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşasak, paýhasly adam bolarys, köp kynçylyklaryň öňüni alarys we dogry karara geleris. Elbetde, biz Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýandygymyzy barlap durmaly. Meselem, siz Mukaddes Kitaby her gün okap, ýygnaklara yzygiderli gatnaşýarsyňyz. Onda Ýehowa özüňizi bagyş edip suwa çümdürilmäge nämäniň päsgel berýändigi hakda oýlanyp bilersiňiz. Ýa-da suwa çümdürilen bolsaňyz ökde wagyzçy we mugallym bolmak barada pikirlenip bilersiňiz. Siz Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna esaslanyp karara gelýärsiňizmi? Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürýärsiňizmi? Adamlar bilen oňşukly ýaşaýarsyňyzmy? Siz ýene-de nämeleriň üstünde işlemelidigini bilseňiz, Ýehowanyň «tejribesiz adamy paýhasly edýändigi» barada oýlanyň (Zeb. 19:7). w22.10 sah. 20, abz. 8
23-nji sentýabr, duşenbe
Ruh haýsy ugry görkezse, jandarlar şondan gidýärdi (Hyz. 1:20).
Ýehowa Hyzkyla görnüş arkaly ägirt uly güýjüni mälim edýär. Pygamber görnüşde Hudaýyň mukaddes ruhunyň jandarlary we äpet tigirleri ugrukdyrýandygyny görýär (Hyz. 1:21). Hyzkyl gökde bolan zatlary görende gorkudan ýaňa ýere ýüzin ýykyldy (Hyz. 1:28). Ol görnüş barada köp oýlanýar. Şeýlelikde, Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly wagyz etmäge kömek etjekdigine has-da ynamy artýar. Ýehowa Hyzkyla: «Ynsan ogly, ýeriňden tur, seniň bilen gürleşjekdim» diýdi (Hyz. 2:1, 2). Ýehowanyň «mukaddes ruhy» Hyzkyl pygambere ýerinden turmaga güýç-kuwwat berdi. Hudaýyň mukaddes ruhy Hyzkyl pygamberi hemişe goldaýardy (Hyz. 3:22; 8:1; 33:22; 37:1; 40:1). w22.11 sah. 4, abz. 7, 8
24-nji sentýabr, sişenbe
Yzyňyzdan. . . ses eşidersiňiz (Işa. 30:21).
Ýehowa okuwçylary saga-sola sowulmaz ýaly, olaryň yzyndan ýöreýän mugallyma meňzeýär. Şu günler bizem Hudaýyň sesini eşidýäris. Mukaddes Kitabyň ýazylanyna ençeme asyrlar geçdi. Biz ony okanymyzda hamala Ýehowanyň sesini yzymyzdan eşiden ýaly bolýarys (Işa. 51:4). Görşümiz ýaly, Ýehowa halkyna görkezme berýär. Munuň peýdasyna düşünmek üçin aýatdaky iki pikire üns bereliň. Birinjiden, «ine ýol», ikinjiden, «şu ýoldan ýöräň». Biz haýsy ýoldan ýöremelidigini bilip-de, ondan ýöremesek peýdasy bolmaz. Ýehowa Mukaddes Kitaby guramasy arkaly düşündirýär, şoňa görä ýaşamagy we hakyky ýoldan ýöremegi öwredýär. Ýehowa şatlanyp gulluk etmek üçin şu iki ädimi ätmeli. Şonda Ýehowa bize egsilmez bereket berer. w22.11 sah. 11, abz. 10, 11
25-nji sentýabr, çarşenbe
Men gidenimde, araňyza ýyrtyjy möjekler girer (Res. 20:29).
Resullar aradan çykandan soň mesihçiler ýygnagyna ýalan mugallymlar aralaşyp başlady (Mat. 13:24—27, 37—39). Olar öz «yzyna eýertmek üçin hakykaty ýoýdular» (Res. 20:30). Mukaddes Kitapda Mesih janyny «bir gezekde hemişelik gurban berdi» diýilýän hem bolsa, ýalan mugallymlar «töleg gurbany gaýta-gaýta berilmeli» diýip öwredýärler (Ýew. 9:27, 28). Şu günler köp adamlar şol ýalan taglymatlara eýerýärler. Käbir dinlerde adamlar buthana her gün diýen ýaly baryp, Mesihiň ölen gününi belleýärler. Käbir dinlerde Isa Mesihiň ölümi her gün bellenmeýär, olar töleg gurbanyň näme üçin berlendigine-de düşünmeýärler. w23.01 sah. 21, abz. 5
26-njy sentýabr, penşenbe
Ýagşylyk etmegi we başgalar bilen zadyňyzy paýlaşmagy unutmaň (Ýew. 13:16).
Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynda ölen adamlar direler we gulak asýanlar kämil bolar. Ýehowa wepaly bolan dogruçyl adamlar «ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» (Zeb. 37:10, 11, 29). Ahyry «soňky duşman ölüm» ýok ediler (1 Kor. 15:26). Direlişe bolan umyt Mukaddes Kitaba esaslanýar. Şol umyt bize agyr synaglarda Hudaýa wepaly bolmaga kömek edýär. Ýehowa Hudaý we Isa Mesih gulak asýan adamlaryň ählisine ebedi ýaşaýşy sylag bermek isleýär. Emma biz diňe şol sylagy almak üçin däl-de, Ýehowany we Ogly Isany söýýändigimiz üçin gulak asyp ýaşaýarys (2 Kor. 5:14, 15). Şeýle-de olaryň göreldesine eýerýäris we hoş habary yhlasly wagyz edýäris (Rim. 10:13—15). Biz wagtymyzy we güýjümizi gaýgyrman halas ediş işine gatnaşsak, Ýehowa Hudaýyň ebedilik dosty bolarys. w22.12 sah. 7, abz. 15, 16
27-nji sentýabr, anna
Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisi yzarlanar (2 Tim. 3:12).
Yzarlamalar sebäpli kalbymyzda parahatlygy saklamak kyn bolup biler. Yzarlamalar güýçlense, wagyz işi çäklendirilse ýa-da gadagan edilse, biz alada edýäris. Biz: «Meni hem tussag edäýmesinler» diýip howsala düşýäris. Şeýle duýgularyň bolmagy adaty zat, ýöne biz seresap bolmaly. Sebäbi Isa pygamber yzarlamalar sebäpli käbirleriniň imanynyň gowşajakdygyny aýtdy (Ýah. 16:1, 2). Ýöne ol biziň yzarlamalarda wepaly galyp biljegimizi hem aýtdy (Ýah. 15:20; 16:33). Wagyz işi gadagan edilen ýa-da çäklendirilen ýurtda ýaşaýan dogan-uýalara filial we ýaşulular arkaly görkezme berilýär. Şol görkezmeler dogan-uýalary goramak, edebiýatlary wagtly-wagtynda bermek we mümkin boldugyndan köpräk wagyz etmekleri üçin berilýär. Olara eýermek üçin jan ediň (Ýak. 3:17). Şeýle-de syr saklamagy unutmaň! Dogan-uýalaryň maglumatyny hiç kime aýtmaň (Nes. 3:7). w22.12 sah. 20, 21, abz. 14—16
28-nji sentýabr, şenbe
Mundan beýläk-de şeýle yhlasly boluň (Ýew. 6:11).
Isa şu günler hem bütin ýer ýüzünde hoş habaryň wagyz edilmegine gözegçilik edýär. Ol Ýehowanyň guramasy arkaly bize tälim berýär we wagyz üçin gerekli esbaplary berýär (Mat. 28:18—20). Biziň her birimiz şu işe öz goşandymyzy goşup bilýäris. Munuň üçin yhlasly wagyz etmeli, adamlara ökdelik bilen öwretmeli we dünýäniň soňuna çenli oýa bolmaly. Biz Ýewreýler 6:11, 12-nji aýatlardaky maslahata eýersek, «umydymyzy soňuna çenli saklap bileris». Ýehowa Şeýtanyň zalym dünýäsiniň ýok ediljek gününi we sagadyny belläp goýdy. Şol gün gelende Ol Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleri berjaý eder. Käwagt Ýehowanyň güni eglenýän ýaly bolup görünmegi mümkin. Ýöne Ýehowanyň güni «gijä galmaz!» (Hab. 2:3). Şonuň üçin, geliň, «gözlerimizi Ýehowa dikip», «Halasgär Hudaýymyza sabyrly garaşalyň!» (Mik. 7:7). w23.02 sah. 19, abz. 15, 16
29-njy sentýabr, ýekşenbe
Saňa taý geljek ýokdur! (Zeb. 40:5)
Alpinistiň maksady dagyň çür depesine çykmak. Ýöne ol daga çykýan wagty käte durup, tebigatyň gözelligini synlaýar. Edil şonuň ýaly, bizem Ýehowanyň ýagşylyklary hakda oýlanmaly. Munuň üçin her günüň ahyrynda özümize şeýle soraglary berip bileris: «Şu gün Ýehowa meni nädip goldady? Synaglar dowam edýän hem bolsa, Ýehowa maňa döz gelmäge nädip güýç berýär?» Soňra Ýehowanyň size edýän ýagşylyklarynyň iň bolmanda birini görjek boluň. Belki, siz: «Ýehowa Atam, şu kynçylygy, synagy aýraý» diýip doga edensiňiz (Flp. 4:6). Siz Ýehowanyň goldawyny görjek boluň. Ol kyn ýagdaýlarda güýç berjekdigini wada berýär. Geliň, Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryna minnetdar bolalyň! Ol Ýusuby kyn günlerinde goldan bolsa, size-de güýç-kuwwat berer we işiňizi ugruna eder (1 Mus. 41:51, 52). w23.01 sah. 19, abz. 17, 18
30-njy sentýabr, duşenbe
Ýehowanyň geljek gününe. . . bar ünsüňizi beriň (2 Pet. 3:12).
Şu soraglar hakda oýlanyň: «Siz soňky günleriň soňky sagatlarynda ýaşaýandygyňyza ynanýarsyňyzmy? Siz durmuşyňyzda nämäni birinji orunda goýýarsyňyz? Ýehowa sežde etmegimi, ýokary okuw jaýynda okamagymy ýa-da ýokary wezipede işlemegi? Siz Ýehowanyň gerek-ýarak zatlaryňyzy ýetirjekdigine ynanýarsyňyzmy?» Eger siz Ýehowany razy edip ýaşasaňyz, Ol size guwanar we buýsanar (Mat. 6:25—27, 33; Flp. 4:12, 13). Biz içki dünýämizi barlap durmaly we öz üstümizde işlemäge taýyn bolmaly. Pawlus resul mesihçilere: «Özüňizi, imanyňyzy barlap duruň» diýip maslahat berdi (2 Kor. 13:5). Biz Mukaddes Kitaby her gün okamaly, Ýehowanyň isleginiň nämedigine düşünmeli we Ony razy edip ýaşamaly (1 Kor. 2:14—16). w23.01 sah. 9, abz. 5, 6