Oktýabr
1-nji oktýabr, sişenbe
Ýygnakda seni wasp ederin (Zeb. 22:22).
Ýygnak duşuşyklarynda aýdym aýdyp we ruhlandyryjy jogaplary berip Ýehowa sežde edýäris. Käbir dogan-uýalar çekinjeň bolýar. Emma olar çekinjeňligini ýeňip, ýygnakda joşup aýdym aýdýarlar we manyly jogaplary berýärler. Siz hem olaryň göreldesine eýerip bilersiňiz. Biz ýygnakda aýdym aýdyp Ýehowany şöhratlandyrýarys. Şonuň üçin ýygnaga taýýarlananyňyzda aýdymlary hem aýdyň we aýdymyň sözleriniň tema bilen nähili baglanyşygynyň bardygy hakda oýlanyň. Käbir dogan-uýalara bolsa ýygnakda jogap bermek kyn bolýar. Şeýle ýagdaýda näme etmeli? Köpräk jogap berjek boluň. Gysgaça, ýönekeý we düşnükli jogaplary taýýarlaň. Ýehowa ýygnakda onuň adyny şöhratlandyrmak üçin edýän tagallaňyzy görüp örän begenýär. w22.04 sah. 7, 8, abz. 12—15
2-nji oktýabr, çarşenbe
Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn (Ýew. 13:6).
«Kömekçim» diýen söz kömek sorap gygyrýan adamyň dadyna ýetişmek üçin ylgap barmagy aňladýar. Göz öňüne getiriň, Ýehowa kynçylykdan kösenýän bendesiniň dadyna ýetişmek üçin ylgap barýar. Hawa, kömekçimiz Ýehowanyň ýykylan bendesini ýerinden galdyrmaga howlugýandygyna ynanyp bileris. Ýehowa ýanymyzda bolsa her bir kynçylyga döz geleris we şatlanyp ýaşarys. Ýehowa bize kynçylyklara döz gelmäge nädip kömek edýär? Şu soraga «Işaýa» kitaby jogap berýär. Sebäbi ondaky pygamberlikleriň köpüsi biziň döwrümize degişli. Işaýanyň Ýehowa barada aýdan sözlerine aňsatlyk bilen düşünip bolýar. Muny «Işaýa» kitabynyň 30-njy baby subut edýär. Şol baby okanymyzda Ýehowanyň halkyna kömek edişi göz öňümizde janlanýar. «Işaýa» kitabynda Ýehowanyň 1) biziň doga-dileglerimizi diňleýändigi, jogap berýändigi, 2) bize görkezme berýändigi we 3) şu günler hem gelejekde bereket berjekdigi hakda ýazylan. w22.11 sah. 8, abz. 2, 3
3-nji oktýabr, penşenbe
Kynçylyklardan gorkma. . . soňky demiňe çenli wepaly bol, men hem saňa ýaşaýyş täjini bererin (Ylh. 2:10).
Geliň, Isanyň Smirnadaky we Filadelfiýadaky ýygnaklara näme maslahat berendigini bileliň. Isa olara synaglardan gorkman Hudaýa wepaly bolsalar, sylag aljakdyklaryny aýtdy (Ylh. 3:10). I asyrdaky mesihçileri yzarlan bolsalar, onda bizi hem yzarlarlar (Mat. 24:9, 13; 2 Kor. 12:10). Ylham kitabynda «Halypamyzyň gününde», ýagny şu günler Hudaýyň halkynyň yzarlanjakdygy barada pygamberlik ýazylan Ylham kitabynyň 12-nji babynda Hudaýyň Patyşalygy berkarar edilensoň, gökde urşuň turandygy barada aýdylýar. Mikaýyl, ýagny Isa Mesih perişdeleri bilen Şeýtana we jynlara garşy söweşdiler (Ylh. 12:7, 8). Netijede, Hudaýyň duşmanlary ýeňildiler we masgara bolup ýer ýüzüne zyňyldylar. Indi olar gahar-gazabyny adamlaryň üstüne pürkýär (Ylh. 12:9, 12). w22.05 sah. 5, abz. 12, 13
4-nji oktýabr, anna
Ýehowa Hudaýymyz adalatsyzlygy. . . ýigrenýär (2 Tar. 19:7).
Ýehowa hemişe adalatly höküm çykarýar. Ol höküm çykaranda adamlary ala tutmaýar we ýüz görmeýär. Ol adamyň boý-syratyna, baýlygyna, at-abraýyna, ukyp-başarnygyna seretmeýär (1 Şam. 16:7; Ýak. 2:1—4). Ýehowa para almaýar we hiç kim ony adalatsyz höküm çykarmaga mejbur edip bilmeýär. Ýehowa ganygyzmalyk edip ýowuz höküm çykarmaýar ýa-da ýüregiýukalyk edip günäli işlere göz ýummaýar (2 Mus. 34:7). Biz ähli zady görýän we bilýän akyldar Ýehowa Hudaýyň adalatly höküm çykarýandygyna şübhelenmän bileris (5 Mus. 32:4). Töwrady ýazan adamlar diňe Ýehowanyň günäkäri doly bagyşlaýandygyna düşünýärdiler. Bir kitapda aýdylmagyna görä, Töwratda «Hudaýyň adamlary bagyşlaýandygy hakda gürrüň edilende ýörite bir söz ulanypdyrlar. Adamlaryň biri-birini bagyşlaýandyklary hakda aýdylanda bolsa şol söz däl-de, başga bir söz ulanylypdyr». Diýmek, diňe Ýehowa toba edýän günäkäri doly bagyşlap bilýär. w22.06 sah. 4, abz. 10, 11
5-nji oktýabr, şenbe
Çagany terbiýeläp, dogry ýola sal, ulalanda hem ondan sowulmaz (Nak. 22:6).
Uýalar, çagalaryňyzy ýeke özüňiz terbiýeleýän bolsaňyz, gaýratyňyz gowşamasyn! Siziň imanyňyzdan diňe bir çagalaryňyz däl, dogan-uýalar hem görelde alýarlar. Siz çagaňyzy Ýehowanyň ýolunda terbiýelemek üçin eliňizde baryny edýänsiňiz. Emma siziň bar tagallaňyz biderek ýaly bolup görünýän bolsa näme edip bilersiňiz? Uýalar, çagaňyz bir günüň içinde Ýehowanyň dosty bolar öýtmäň. Aýdaly, siz miweli agajyň tohumyny ekýärsiňiz. Emma onuň pajarlap ösmegi we miwe bermegi size bagly däl. Ýöne siz wagtly-wagtynda suwaryp dursaňyz, onuň ösmegine goşant goşarsyňyz (Mar. 4:26—29). Edil şonuň ýaly, sizem çagaňyzyň ýüregine hakykat tohumyny ekýärsiňiz. Emma onuň ösjegi ýa-da ösmejegi size bagly däl. Eger siz çagalaryňyzy terbiýelemek üçin janyňyzy gaýgyrmasaňyz, olara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edersiňiz. w22.04 sah. 20, 21, abz. 16, 17
6-njy oktýabr, ýekşenbe
Heläkçilikden öň tekepbirlik, ýykylmakdan öň ulumsylyk gelýär (Nak. 16:18).
Süleýman patyşa Ýehowa wepaly gulluk edýän wagty özüni öwüp arşa çykarmaýardy ýa-da kembaha garamaýardy. Ol mümkinçiliginiň çäklidigine düşünip, Ýehowadan görkezme soraýardy (1 Pat. 3:7—9). Gynansak-da, ol öz beren maslahatyna özi eýermedi. Birnäçe wagtdan ol tekepbirlik edip, Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermeýär. Kanunda: «Patyşanyň ýüregi Hudaýdan daşlaşmaz ýaly, ol özüne köp aýal almasyn» diýilýär (5 Mus. 17:17). Süleýman patyşa kanuny bozup, 700 aýal we 300 gyrnak alýar (1 Pat. 11:1—3). Belki-de, Süleýman özüne göwni ýetip: «Hiç zat bolasy ýok-la» diýip pikir edendir. Şeýlelikde, Süleýman Hudaýa gulak asmady we eli bilen edenini egni bilen çekdi (1 Pat. 11:9—13). w22.05 sah. 23, abz. 12
7-nji oktýabr, duşenbe
Dogruçyl adam iman etse, uzak ýaşar. Eger ol gorkup, yza çekilse, ondan razy bolmaryn (Ýew. 10:38).
Siz kime tabyn bolýarsyňyz? Älemiň hökümdary Ýehowamy ýa-da zalym duşman Şeýtan Iblise? Adamlar şu ikisiniň birini saýlamaly, sebäbi üçünji saýlaw ýok. Siziň gelen kararyňyz bütin ömrüňize täsir eder (Mat. 25:31—33, 46). Uly betbagtçylykda Ýehowa gulak asan adamlar halas bolar, gulak asmadyklar bolsa heläk bolar (Ylh. 7:14; 14:9—11; Hyz. 9:4, 6). Eger siz Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamagy ýüregiňize düwen bolsaňyz, onda paýhasly karara gelipsiňiz. Indi siz adamlara dogry karara gelmäge kömek etmek isleýänsiňiz. Hudaýyň Patyşalygyny goldaýan adamlar bereket alar. Biz Ylham kitabyndaky pygamberliklere düşünsek, Ýehowa soňky demimize çenli wepaly bolarys. Şeýle-de biz adamlara dogry karara gelmäge we şoňa görä ýaşamaga kömek ederis. w22.05 sah. 15, abz. 1, 2
8-nji oktýabr, sişenbe
Her hili ýalan we erbet sözleri aýdanlarynda bagtlysyňyz (Mat. 5:11).
Biz duşmanlarymyzy däl-de, Ýehowany diňlemeli. Eýýup pygamber Ýehowany ünsli diňledi. Allatagala Eýýuba şeýle diýen ýalydy: «Men seniň başyňa inen bela-beterleri bilýärin. Saňa kömek etmäge güýjüm ýetmez öýdýärsiňmi?» Şonda Eýýup pygamber rehimdar Ýehowa minnetdarlyk we pesgöwünlik bilen: «Sen hakda gulagym bilen eşidipdim, indi seni gözüm bilen gördüm» diýdi (Eýp. 42:5). Eýýup pygamber şu sözleri haçan aýtdy? Ol külüň üstünde otyrdy, endam-jany ýarady. Emma Ýehowa Eýýuby eziz görýärdi, ondan örän razydy (Eýp. 42:7, 8). Şu günler adamlar bizi kemsidýärler, üstümizden gülýärler. Olar bizi hem-de Hudaýyň guramasyny abraýdan düşürjek bolýar. Emma Eýýup pygamber bilen bolan wakadan görşümiz ýaly, Ýehowa biziň islendik synagda wepaly boljakdygymyza ynanýar. w22.06 sah. 23, 24, abz. 15, 16
9-njy oktýabr, çarşenbe
Guzynyň toýy başlandy (Ylh. 19:7).
Ylham kitabynda Beýik Wawilon ýok edilende gökde uly şatlygyň boljakdygy aýdylýar (Ylh. 19:1—3). Soňra «Guzynyň toýy» başlanar we gökde has uly şatlyk bolar. Armageddon söweşi başlanmanka 144 000 saýlanan mesihçileriň ählisi gökde jemlener, emma şol wagt «Guzynyň toýy» bolmaz (Ylh. 19:7). «Guzynyň toýy» Armageddon söweşinde Hudaýyň duşmanlary ýok edilenden soň bolar (Zeb. 45:3, 4, 13—17). «Guzynyň toýy» nädip geçiriler? Öýlenjek ýigit bilen gyzyň nikadan geçişi ýaly, Patyşa Isa Mesih bilen gelni, ýagny 144 000-ler göçme manyda nikalaşar. Şeýlelikde, olar ýer ýüzüniň üstünden 1 000 ýyl höküm sürer (Ylh. 20:6). w22.05 sah. 17, abz. 11—13
10-njy oktýabr, penşenbe
Hojaýyn. . . hyzmatkäriň işläp ýörenini görse, hyzmatkäriniň begenjiniň çägi bolmaz (Mat. 24:46).
Isa soňky günlerde Hudaýyň halkynyň aladasyny eder ýaly «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» bellejekdigini öňünden aýdypdy (Mat. 24:45). Baş Ýolbaşçymyz saýlanan mesihçileriň kiçi topary arkaly Hudaýyň halkyna we gyzyklanýan adamlara «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny» berýär. Wepaly hyzmatkär dogan-uýalaryň imanynyň üstünden agalyk etmeýär (2 Kor. 1:24). Sebäbi olar «baştutanyň we serdaryň» Isa Mesihdigine düşünýär (Işa. 55:4). 1919-njy ýyldan bäri «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» gyzyklanýan adamlara Ýehowany tanatmak üçin ençeme edebiýatlary çykarýar. 1921-nji ýylda Mukaddes Kitap esasynda okuw geçiler ýaly «Hudaýyň arfasy» diýen kitap çykaryldy. «Wepaly hem paýhasly hyzmatkär» adamlaryň aladasyny edip döwrebap edebiýatlary çykardy. Siz haýsy kitapdan sapak geçdiňiz? w22.07 sah. 10, abz. 9, 10
11-nji oktýabr, anna
Huzuryňda ebedilik duraryn (Zeb. 41:12).
Ýehowa örän jomart Hudaý. Siz Ýehowa näme berseňiz, Ol ýüz esse edip yzyna gaýtarar (Mar. 10:29, 30). Şu düýbi çüýrük dünýäde Ýehowa size bagtly, manyly ýaşamaga kömek eder we bol bereket berer. Siz gökdäki Ataňyz Ýehowa ebedilik gulluk edersiňiz. Ony has-da ýürekden söýersiňiz. Şeýlelikde, siz Allatagala ýaly ebedi ýaşarsyňyz. Siz ömrüňizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilen günüňiz gökdäki Ataňyza gymmatly sowgat berýärsiňiz. Ýehowa-da size ençeme bereketleri berýär we durmuşyňyzy bagtly pursatlar bilen bezeýär. Hawa, ýerdäki we gökdäki hemme zatlar Ýehowanyňky. Emma siz şonda-da gökdäki Ataňyza gymmatly bir sowgat berip bilersiňiz. Şol sowgat siziň ak ýürekden wepaly edýän gullugyňyzdyr (Eýp. 1:8; 41:11; Nak. 27:11). Ýehowa gulluk etmekden gowy durmuş ýok bolsa gerek. w23.03 sah. 6, abz. 16, 17
12-nji oktýabr, şenbe
Ýaş ýigit nädip halal ýaşap biler? Ol seniň sözüňi her gün berjaý eder (Zeb. 119:9).
Ýetginjek wagtyň jynsy höwesleriň güýçli bolýar. Deň-duşlaryň hem ahlaksyzlyk etmäge höweslendirmegi mümkin. Ýaşlar, Şeýtan sizi ten höwesleriňize ýesir etmek isleýär. Size ahlak taýdan arassa bolmaga näme kömek eder? (1 Sel. 4:3, 4). Ýehowa doga edip duýgularyňyzy açyk aýdyň, Ondan wepaly bolup biler ýaly güýç soraň (Mat. 6:13). Unutmaň, Ýehowa size käýemez, gaýtam kömek eder (Zeb. 103:13, 14). Ýaşlar, gaýgy-aladaňyzy ene-ataňyza gürrüň bermäge çekinmäň. Belki, ähli zady açyk aýtmak aňsat düşmez. Ýöne mertlik bilen aýdyp bilseňiz, egniňizden agyr ýük aýrylan ýaly bolar. Mukaddes Kitaby okap oýlansaňyz we aýatlaryň düýp manysyna düşünseňiz, paýhasly kararlara gelip Ýehowany begendirersiňiz. Ýehowanyň garaýşyna düşünseňiz, durmuşda her bir ýagdaý üçin kada-kanunyň gerek däldigine göz ýetirersiňiz. w22.08 sah. 5, abz. 10—12
13-nji oktýabr, ýekşenbe
Maşgala agzalarynyň aladasyny etmeýän adam imandan dänendir (1 Tim. 5:8).
Maşgalabaşylar maşgalasynyň ýürekden aladasyny edýärler. Belki-de, siz: «Maşgalamy nädip eklärin? Jaýyň kireýni nädip tölärin? Işden çykarsalar, başga iş tapyp bilerinmi?» diýip biynjalyk bolýansyňyz. Ýa-da siz: «Köp gazanç etmesem maşgalamy nädip ekläp bilerin?» diýip alada edýänsiňiz. Şeýtan köpleri gorkynyň duzagyna düşürip Ýehowa bilen dostlugyny bozdy. Şeýtan: «Ýehowa saňa maşgalaňy eklemäge kömek etmeýär. Öz başyňy özüň çara» diýip ynandyrjak bolýar. Eger biz Şeýtanyň ýalan sözüne ynansak «her edip, hesip edip işden çykmajak bolmaly, Mukaddes Kitabyň kada-kanunyny bozsamam, başlygyň göwnüni tapjak bolmaly» diýen pikire uýarys. w22.06 sah. 15, abz. 5, 6
14-nji oktýabr, duşenbe
Şol umyt gämini saklaýan labyr kimindir, janymyzy berk hem ynamly saklaýandyr (Ýew. 6:19).
Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «rehimdar, mähirli, giň göwünli, wepaly söýgä baý, sözünde durýan» Hudaýdygy aýdylýar (2 Mus. 34:6). Şeýle-de Ýehowa adalatly Hudaý (Işa. 61:8). Ol biziň çekýän jebir-jepamyzy görýär we tizden derdimizden gutarar (Ýer. 29:11). Muny bilmek göwnümizi göterýär. Geliň, indi Mukaddes Kitabyň hakykaty boýunça ýaşamagyň ýene bir peýdasy barada gürrüň edeliň. Mukaddes Kitabyň hakykaty gelejege umyt berýär. Labyryň apy-tupanda gämini saklaýşy ýaly, gelejege bolan umyt hem kynçylyklarda ýykylman berk durmaga kömek edýär. Pawlus resul şu günki aýatdaky sözleri gökde ýaşamak üçin saýlanan mesihçilere aýtsa-da, ýer ýüzünde ýaşajaklara-da degişli (Ýah. 3:16). Hawa, gelejege bolan umyt bizi bagtly edýär. w22.08 sah. 14, 15, abz. 3—5
15-nji oktýabr, sişenbe
Gün batýança, gaharyňyz ýatsyn (Efes. 4:26).
Dogan-uýalary söýseňiz we ýüregiňiziň töründen orun berseňiz, olara ynanarsyňyz. 1 Korinfliler 13-nji bapda dogan-uýalary ýürekden söýmek üçin nämeler etmelidigi aýdylýar (1 Kor. 13:4—8). Meselem, 4-nji aýatda «söýgi sabyrlydyr, mähirlidir» diýilýär. Ýehowa günä edýän adamlaryň toba etmegine sabyrly garaşýar. Biz hem Ýehowanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalar göwnümize degseler-de, gaharymyzy getirseler-de sabyrly bolmaly. 5-nji aýatda söýginiň «çalt gaharlanmaýandygy, ýalňyşlaryň hasabyny ýöretmeýändigi» aýdylýar. Biz hem dogan-uýalaryň ýalňyşlaryny barmak büküp sanap ýörmän, Nesihat 7:9-daky «öýkelek bolmaň» diýen maslahata eýermeli. Ýehowa adamlary söýýär we toba eden adamyň günäsini ýatlap ýörmeýär (Zeb. 130:3). Biz hem Ýehowanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalaryň ýalňyşlyklaryna däl-de, gowy häsiýetlerine üns bermeli (Mat. 7:1—5). w22.09 sah. 4, abz. 6, 7
16-njy oktýabr, çarşenbe
Agyr döwür bolar (Dan. 12:1).
«Danyýar» kitabynda soňky günlerde nämeleriň boljakdygy aýdylýar. Meselem, Danyýar 12:1-de Mikaýylyň, ýagny Isa Mesihiň Hudaýyň «halky üçin aýaga galjakdygy» aýdylýar. Şu pygamberlik 1914-nji ýylda Isa Mesih Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy bolanda ýerine ýetip başlady. Danyýar pygamber Isa Hudaýyň «halky üçin aýaga galanda» «halklar döräli bäri, görlüp-eşidilmedik agyr döwrüň boljakdygyny» aýtdy. Şol döwre Matta 24:21-de «uly betbagtçylyk» diýilýär. Isa Mesih Hudaýyň halkyny halas etmek üçin «agyr döwrüň» soňunda, ýagny Armageddonda «aýaga galar». «Ylham» kitabynda Hudaýyň halkyna «uly betbagtçylykdan geçenler» diýilýär (Ylh. 7:9, 14). w22.09 sah. 21, abz. 4, 5
17-nji oktýabr, penşenbe
Kim maňa garşy günä etse, şonuň adyny kitabymdan öçürerin (2 Mus. 32:33).
Ýaşaýyş kitabyna ýazylan atlary öçürip hem bolýar. Göçme manyda Ýehowa atlary galam bilen ýazan ýaly bolýar (Ylh. 3:5). Şol sebäpli biz adymyzyň ýaşaýyş kitabyna syýa bilen ýazylmagy üçin jan etmeli. Isa bilen gökde höküm sürjek saýlananlaryň atlary hem ýaşaýyş kitabyna ýazylan. Pawlus resul filipililere ýazan hatynda olara «ýaşaýyş kitabynda atlary ýazylan... işdeşlerim» diýdi (Flp. 4:3). Ýöne olar ýaşaýyş kitabyndan atlary öçürilmez ýaly soňky möhür basylýança Ýehowa wepaly bolmaly. Sebäbi olaryň atlary ýaşaýyş kitabyna ýer ýüzündäki ýaşaýşy tamamlananda ýa-da uly betbagtçylykdan öň göge alnanda syýa bilen ýazylar (Ylh. 7:3). w22.09 sah. 15, abz. 3; sah. 15, abz. 5, 6
18-nji oktýabr, anna
Hudaýyň sözüni eşidip, berjaý edýänler bagtly! (Luka 11:28)
Aýdaly, biri siziň gowy görýän naharyňyzy bişirýär. Emma siz pikire çümüp ýa-da bir ýere gitmäge howlugyp, nahary çalt-çaltdan iýýärsiňiz. Nahary iýip bolanyňyzdan soňra: «Bäh, naharyň nirä gidenini hem duýmadym. Käşgä howlukman iýen bolsadym, tagamyny duýardym» diýýärsiňiz. Edil şonuň ýaly, Mukaddes Kitaby çalt-çaltdan okasaňyz, «tagamyny duýmarsyňyz». Şol sebäpli Mukaddes Kitaby okanyňyzda gahrymanlary göz öňüne getiriň, sesini eşitjek boluň we okan zatlaryňyz hakda oýlanyň. Mukaddes Kitaby şeýdip okasaňyz bagtly bolarsyňyz. Isa pygamber «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermegi... wepaly hem paýhasly hyzmatkäre» tabşyrdy (Mat. 24:45). Olar edebiýatlary Mukaddes Kitaba esaslanyp taýýarlaýar (1 Sel. 2:13). w22.10 sah. 7, 8, abz. 6—8
19-njy oktýabr, şenbe
Tekepbirleriň kemsitmesinden halys ýadadyk (Zeb. 123:4).
Mukaddes Kitapda soňky günlerde ýaňsylaýjylaryň köpeljekdigi aýdylýar (2 Pet. 3:3, 4). Olar «erbet höweslerine görä ýaşaýarlar» (Ýahd. 7, 17, 18). Ýaňsylaýjylaryň täsirine düşmez ýaly näme etmeli? Hemmelerden nägile bolup ýörýän adamlar bilen gatnaşmaly däl (Zeb. 1:1). Biz imandan dänenleriň aýdýanlaryny diňlemekden we ýazýan zatlaryny okamakdan seresap bolmaly. Eger seresap bolmasak, imanymyz gowşar we Ýehowanyň guramasy arkaly berýän görkezmelerine şübhelenip, nägile bolup başlarys. Şol sebäpli özümize şeýle soraglary bermeli: «Men guramanyň berýän görkezmelerine we täzeçe düşündirişlerine nägile bolýarynmy? Ýolbaşçylyk edýän doganlardan kemçilik gözleýärinmi?» Eger sizde şübhe döräp başlan bolsa, haýal etmän garaýşyňyzy düzediň. Ýehowa hem sizden razy bolar (Nak. 3:34, 35). w22.10 sah. 20, abz. 9, 10
20-nji oktýabr, ýekşenbe
Ysraýyl halky seni diňlemez (Hyz. 3:7).
Ol Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen «boýnuýogyn we doňýürek» halka mertlik bilen wagyz edip bildi. Ýehowa Hyzkyla şeýle diýdi: «Şonuň üçin ýüzüňi edil olaryňky ýaly galňadaryn, maňlaýyňy olaryňky ýaly gaty ederin. Maňlaýyň almaz daşy ýaly bolar, çakmakdaşyndan hem gaty bolar. Olardan gorkma, ýüz-gözünden heder etme» (Hyz. 3:8, 9). Ýehowa pygamberine: «Tekepbir adamlar sebäpli, işden eliňi sowatma. Mert bol!» diýen ýalydy. Soňra Ýehowanyň mukaddes ruhy pygambere görnüş arkaly wagyz etmeli ýerlerini aýan edýär. Hyzkyl: «Ýehowanyň ruhy maňa güýçli täsir etdi» diýdi. Hyzkyla gören görnüşini batyrgaýlyk bilen wagyz edip başlamaga bir hepde wagt gerek boldy (Hyz. 3:14, 15). Hyzkyl görnüşde jülgä gidýär we «Hudaýyň ruhy üstüne inýär» (Hyz. 3:23, 24). Hawa, Hyzkyl indi wagyz etmäge taýyndy. w22.11 sah. 4, 5, abz. 8, 9
21-nji oktýabr, duşenbe
Eý Ýehowa, haçana çenli jogap bermersiň? Haçana çenli perýat edeýin?. . . Zulum-süteme näme üçin seredip durýarsyň? (Hab. 1:2, 3)
Habakuk pygamber köp kynçylyklary başdan geçirdi. Hatda ol Ýehowanyň aladaçyl Hudaýdygyna şübhelenip başlady. Ýehowa Habakuk pygamberiň doga-dilegine jogap berdi (Hab. 2:2, 3). Pygamber Ýehowanyň halkyna ençeme sapar pena bolandygy hakda oýlananda, gaýgysy şatlyga öwrüldi. Habakuk Allatagalanyň islendik ýagdaýda aladasyny etjekdigine we kynçylyklarda goldajakdygyna göz ýetirdi (Hab. 3:17—19). Biz ondan näme öwrenýäris? Kynçylyklardan halys ýadanymyzda Ýehowa doga-dileg edeliň we dert-aladamyzy gürrüň bereliň. Oňa doly bil baglalyň we güýç-kuwwat berjekdigine ýürekden ynanalyň. Ýehowanyň berýän kömegini görenimizde imanymyz has-da berkär. Eger siz hem Ýehowa sežde etmegi birinji orunda goýsaňyz, hiç bir kynçylyk sizi Ondan aýra salyp bilmez (1 Tim. 6:6—8). w22.11 sah. 15, abz. 6, 7
22-nji oktýabr, sişenbe
Saňa söz berýärin, meniň bilen Jennetde bolarsyň (Luka 23:43).
Isa pygamberi ölüme höküm etdiler. Ony iki jenaýatçy bilen pürse çüýlediler (Luka 23:32, 33). Jenaýatçylar ony kemsidip sögýärdiler (Mat. 27:44; Mar. 15:32). Ýöne soňra olaryň biri garaýşyny üýtgedip: «Isa, Patyşa bolanyňda meni ýatla!» diýýär. Isa hem oňa şu günki aýatdaky sözleri aýdýar (Luka 23:39—42). Isa pygamberiň jenaýatça beren wadasy hakda oýlananymyzda ýer ýüzünde boljak Jennet göz öňümize gelýändir. Aslynda, Jennetde durmuş nähili bolar? Muňa düşünmäge Süleýman patyşanyň hökümdarlyk eden döwri kömek edýär. Şol döwür ysraýyl halky bolçulykda, asuda we parahat durmuşda ýaşady. Mukaddes Kitapda Isa pygambere «Süleýmandan-da beýik» diýilýär (Mat. 12:42). Şonuň üçin Isa Mesihiň hökümdarlygynda has bagtly durmuşda ýaşajakdygymyza ynamly bolup bileris. «Başga goýunlar» Jennetde ebedi ýaşarlar, ýöne olar şol durmuşa ýetmek üçin tagalla etmeli (Ýah. 10:16). w22.12 sah. 8, abz. 1; sah. 9, abz. 4
23-nji oktýabr, çarşenbe
Siz kömek sorap ýalbaranyňyzda, Ol rehim eder (Işa. 30:19).
Ýehowa biziň doga-dileglerimizi ünsli diňleýär. Işaýa pygamber: «(Hudaý) sesiňizi eşiden badyna jogap berer» diýdi. Hawa, Ýehowa biziň ýalbaryp edýän doga-dileglerimizi eşidýär we kömek etmek üçin howlugýar. Muny bilmek kynçylyklara şatlyk bilen döz gelmäge kömek edýär. Ýehowa her birimiziň doga-dileglerimizi aýratynlykda diňleýär. Näme üçin şeýle diýse bolar? «Işaýa» kitabynyň 30-njy babynyň ilkinji aýatlarynda Ýehowa tutuş halka ýüzlenýär. Işaýa 30:19-njy aýadynyň asyl nusgasynda «sen» at çalyşma ulanylan. Diýmek, 30-njy babyň 19-njy aýadyny şeýle okasa bolar: «Sen kömek sorap ýalbaranyňda, Ol rehim eder. Sesiňi eşiden badyna jogap berer». Söýgüden doly Ýehowa Hudaý biziň gadyr-gymmatymyzy bilýär we doga-dileglerimizi diňleýär (Zeb. 116:1; Işa. 57:15). w22.11 sah. 9, abz. 5, 6
24-nji oktýabr, penşenbe
Ýylanlar ýaly seresap, kepderiler ýaly sada boluň (Mat. 10:16).
Yzarlamalara garamazdan yhlasly wagyz etseňiz we şägirt taýýarlasaňyz ýürekden şatlanarsyňyz hem-de kalbyňyz rahat bolar. I asyrda-da şägirtlere Isa hakda öwretmegi gadagan etjek boldular. Ýöne olar Hudaýa gulak asyp wagyz etdiler we şatlyk tapdylar (Res. 5:27—29, 41, 42). Elbetde, biz wagyz işi çäklendirilen ýurtlarda seresaplylyk bilen wagyz etmeli bolýarys. Ýöne elimizde baryny etsek, Ýehowany razy ederis we adamlaryň janyny halas edýän hoş habary wagyz ederis. Şu gaýragoýulmasyz iş kalbymyzda parahatlygy saklamaga kömek eder. Dogan-uýalar, geliň, kyn ýagdaýlarda hem parahatlygy saklap biljekdigimize ynamly bolalyň. Diňe Ýehowanyň berýän parahatlygy howsala düşmezlige kömek edýär. Şonuň üçin keselçilik döwri, tebigy betbagtçylykda we yzarlamalarda Ýehowa bil baglalyň. Onuň guramasynyň görkezmelerine ýürekden eýereliň. Ajaýyp gelejege umyt baglalyň. Şeýtsek, «Hudaýyň parahatlygy» biziň bilen bolar (Flp. 4:9). w22.12 sah. 21, abz. 17, 18
25-nji oktýabr, anna
Täze häsiýetleri geýiň (Efes. 4:24).
Biz täze häsiýetleri geýmek üçin jan etmeli. Elbetde, muny etmek aňsat bolmaýar. Sebäbi gahar-gazap, öýke-kine ýaly erbet häsiýetler aňymyza we ganymyza siňen (Efes. 4:31, 32). Mukaddes Kitapda: «Ynsan ýüregi ýaşlygyndan erbetlige ýykgyndyr» diýilýär (1 Mus. 8:21). Biz suwa çümdürilenimizden soň hem erbet häsiýetleri ýüregimizden köki bilen sogrup aýyrmak üçin tagalla etmeli. (Rim. 7:21—23). Erbet häsiýetleriňizi, endikleriňizi aýyrmak üçin Ýehowa doga ediň we jogap berjekdigine ynanyň (1 Ýah. 5:14, 15). Elbetde, Ýehowa siziň erbet häsiýetleriňizi we endikleriňizi gudrat bilen aýyrmaz, ýöne özüňize erk etmäge güýç berer (1 Pet. 5:10). Doga edeniňizden soň gol gowşuryp oturmaň, öz aýagyňyz bilen Şeýtanyň duzagyny basmaň. Erbet pikirleriň ýüregiňizde kök urmagyna ýol bermäň (Flp. 4:8; Kol. 3:2). w23.01 sah. 10, abz. 7, 9, 10
26-njy oktýabr, şenbe
Hudaýy söýýän adam doganyny-da söýmeli (1 Ýah. 4:21).
Biz adamlary ala tutmaýarys, ýagny olaryň milletine, tire-taýpasyna, baý ýa garypdygyna, wezipesine we at-abraýyna seretmezden wagyz ederis. Şeýdip, biz Hudaýyň niýetini ýerine ýetireris. Sebäbi «Hudaý ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýär» (1 Tim. 2:4). Biz Ýehowanyň we Isa Mesihiň söýgüsi hakda oýlansak, dogan-uýalary hem söýeris. Biz imandaşlarymyzy kyn gününde goldamaga taýyn bolmaly. Meselem, dogan-garyndaşlary aradan çykanda teselli bermeli, kesellände halyndan habar almaly we ruhdan düşende göwnüni galkyndyrmaly (2 Kor. 1:3—7; 1 Sel. 5:11, 14). Şeýle-de olar üçin doga-dileg etmeli. Mukaddes Kitapda: «Dogruçyl adamyň dilegi güýçli täsir edýär» diýilýär (Ýak. 5:16). w23.01 sah. 28, 29, abz. 7, 8
27-nji oktýabr, ýekşenbe
Mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň, birek-biregi berkidiň (1 Sel. 5:11).
Jaý ussasy näçe köp zähmet çekse, şonça-da işine ökdeleşýär. Edil şonuň ýaly, dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin jan etsek, biz olaryň daýanjy we guwanjy bolarys. Biz dogan-uýalara kynçylyklara döz gelmäge kömek etmek üçin, Ýehowa wepaly bolan hudaýhon adamlar barada gürrüň bermeli (Ýew. 11:32—35; 12:1). Şeýle-de parahatlygy saklar ýaly garaýşymyz, pikirimiz tapawutlansa-da, olaryň ýagşy häsiýetlerini görjek bolmaly (Efes. 4:3). Olary ruhlandyrmak üçin Mukaddes Kitapdan tapan gymmatly dürdänelerimizi gürrüň bermeli. Şonda ýygnakda parahatlyk bolar we dogan-uýalar Ýehowa şatlyk bilen gulluk ederler. Bizem dogan-uýalaryň imanyny berkitmek we goldamak üçin zähmet çekýändigimize örän begenýäris. Elbetde, gurulýan binalar wagtyň geçmegi bilen könelip ýa-da ýykylyp biler. Ýöne biz dogan-uýalaryň imanyny berkitmek üçin çekýän zähmetimiziň hözirini ebedilik göreris. w22.08 sah. 21, abz. 6; sah. 25, abz. 17, 18
28-nji oktýabr, duşenbe
Ýehowa akyldarlyk berýär, Ol bilimiň we parasatlylygyň gözbaşydyr (Nak. 2:6).
Isa Mukaddes Kitaba düşünmek üçin bir wajyp häsiýetiň, ýagny düşgürligiň gerekdigini aýtdy (Mat. 24:15). Düşgürlik näme? Düşgürlik bir pikiri başga bir pikir bilen baglanyşdyrmagy, olaryň tapawudyny bilmegi we çuň pikirleri tapyp bilmekligi aňladýar. Isa Mukaddes Kitapdaky pygamberliklere düşünmek üçin hem düşgürligiň gerekdigini belläp geçdi. Hawa, düşgürlik Mukaddes Kitabyň her bir aýadyna çuňňur düşünmäge kömek edýär. Düşgürlik häsiýetini ösdürmek üçin Ýehowa doga edip kömek soramaly. Ýöne biz öz tarapymyzdan hem tagalla etmeli. Biz okan zadymyz hakda oýlanmaly we öňki bilýän zatlarymyz bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna düşünjek bolmaly. Okaýan zadymyzyň manysyna düşünsek, ony durmuşymyzda ulanarys (Ýew. 5:14). Hawa, düşgürlik Hudaýyň Sözüne has gowy düşünmäge kömek edýär. w23.02 sah. 10, abz. 7, 8
29-njy oktýabr, sişenbe
Biz ol arkaly ýaşaýarys, hereket edýäris we bardyrys (Res. 17:28).
Göz öňüne getiriň, dostuňyz size maşyn sowgat berýär. Onuň beren maşyny köneje, reňki solan, käbir ýeri bolsa ýemşerlipdir. Ýöne onuň kemçiligi bolsa-da, bahasy birnäçe müň dollar. Siz dostuňyzyň sowgadyna nähili garardyňyz? Elbetde, siz ony gözüňiziň göreji ýaly aýap saklarsyňyz. Şonuň ýaly, Ýaradyjymyz Ýehowa hem bize gymmatly sowgady, ýagny ýaşaýyş sowgadyny berdi. Ýehowanyň biziň üçin ýeke-täk ogluny gurban bermegi her bir adamyň ýaşaýşyny gymmat saýýandygyny görkezýär (Ýah. 3:16). Ýehowa ýaşaýşyň gözbaşy (Zeb. 36:9). Bu babatda Pawlus resul: «Biz ol arkaly ýaşaýarys, hereket edýäris we bardyrys» diýdi (Res. 17:25, 28). Hawa, ýaşaýyş Ýehowanyň gymmatly sowgady. Hudaý söýgi bilen aladamyzy edip, ýaşaýyş üçin ähli gerekli zatlary berýär (Res. 14:15—17). Ýöne ol biziň janymyzy gudrat bilen goramaýar. Gaýtam, her bir adamyň beden we ruhy saglygyny goramak üçin öz tarapyndan tagalla etmegini isleýär (2 Kor. 7:1). w23.02 sah. 20, abz. 1, 2
30-njy oktýabr, çarşenbe
Aýtjak zatlarymy bir kitaba ýazyp goý (Ýer. 30:2).
Mukaddes Kitapdaky maslahatlar durmuşda bolýan kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär we gelejege umyt berýär. Esasy zat bolsa, Mukaddes Kitap arkaly Hudaý öz häsiýetleri hakda gürrüň berýär. Şol häsiýetler barada näçe köp oýlansak, şonça-da Oňa bolan söýgimiz artar, dostlugymyz hasam berkär. Biz Hudaýyň beren gymmatly sowgadyna örän minnetdar! (Zeb. 25:14). Hudaý her bir adama özüni tanatmak isleýär. Geçmişde Ol düýşler, görnüşler, perişdeler arkaly özüni tanadýardy (4 Mus. 12:6; Res. 10:3, 4). Ýöne Hudaý şol düýşleri, görnüşleri we perişdeler arkaly aýdan habaryny ýazdyrmadyk bolsa, biz olary bilmezdik. Şonuň üçinem Ol aýtjak zatlaryny «bir kitaba» ýazdyrdy. Mukaddes Kitapda «Hak Hudaýyň ýoly kämildir» diýilýär. Şol sebäpli Hudaýyň ýazdyran zatlarynyň bize hemişe peýda getirjekdigine ynamly bolup bileris (Zeb. 18:30). w23.02 sah. 2, abz. 1, 2
31-nji oktýabr, penşenbe
Bermek almakdan has bagtly edýändir (Res. 20:35).
Imanyňyzy berkitjek maksatlary goýuň (Efes. 3:16). Meselem, Mukaddes Kitaby her gün okaň we yzygiderli şahsy okuwyny geçiriň (Zeb. 1:2, 3). Ýehowa ýüregiňizi döküp doga ediň. Şeýle-de dynç almak üçin görýän we eşidýän zatlaryňyzy ünsli saýlaň hem-de wagtyňyzy paýhasly ulanyň (Efes. 5:15, 16). Meselem, garry we ýarawsyz dogan-uýalara gerek-ýarak zatlaryny satyn almaga, elektron enjamlaryny ulanmaga kömek edip bilersiňiz. Adamlara ýagşylyk etmegiň iň gowy usuly Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek (Mat. 9:36, 37). Şol sebäpli Ýehowa uzak wagtly gulluk etmegi maksat ediniň. w22.08 sah. 6, abz. 16, 17