Noýabr
1-nji noýabr, anna
Agzyňyzdan göwne degiji söz çykmasyn, diňe. . . ruhlandyryjy sözleri aýdyň (Efes. 4:29).
Mesihçiler hapa sözleri aýtmaýar. Emma biz başgalary kemsidýän, göwnüne degýän sözleri hem aýtmaly däl. Meselem, bir milleti, tire-taýpany ýaňsylap üstünden gülmegimiz ýa-da birini kemsidip, göwne degiji sözleri aýtmagymyz mümkin. Dogan-uýalary ruhlandyryň. Biz imandaşlarymyzy ýazgarmaly däl, gaýtam olary öwmeli. Ysraýyllar Ýehowa Hudaýa minnetdar bolmagyň deregine, hemişe zeýrenip nägile bolýardylar. On içaly erbet habary aýdanda «ysraýyllaryň bary Musa... igenip başlady» (4 Mus. 13:31—14:4). Görşümiz ýaly, nägilelik ýokanç kesel ýaly tiz ýaýraýar. Geliň, her bir mümkinçilikden peýdalanyp biri-birimizi ýürekden öweliň! w22.04 sah. 8, abz. 16, 17
2-nji noýabr, şenbe
Dünýä inenim bäri goraýan sensiň, ejemiň göwresindekäm Hudaýym sensiň (Zeb. 22:10).
Gadymy döwürde-de, şu günlerem köp ýaşlar Ýehowanyň dosty boldular. Eger çagalaryňyz Ýehowa bilen dostlaşmak üçin bir ädim ätse, Ýehowa olara tarap on ädim äder (1 Kor. 3:6, 7). Çagalaryňyz yhlasly gulluk etmese-de, Ýehowa olary söýýär (Zeb. 11:4). Ýehowa olaryň ýüreginde hakykat tohumynyň çalaja ösüp başlandygyny görse, olara berk imanly adam bolmaga kömek eder (Res. 13:48; 2 Tar. 16:9). Şeýle-de Ýehowa size çagaňyza gerekli wagty ýerlikli sözleri aýtmaga kömek eder (Nak. 15:23). Ýa-da dogan-uýalar arkaly çagaňyza gerekli kömegi berer. Ogul-gyzyňyz ulalandan soň hem Ýehowa olaryň çagalykda sizden eşiden sözlerini ýadyna salar (Ýah. 14:26). Uýalar, siz çagalaryňyzy sözüňiz we göreldäňiz bilen terbiýeläň. Şonda Ýehowa hem olara ruhy taýdan ösmäge kömek eder. w22.04 sah. 21, abz. 18
3-nji noýabr, ýekşenbe
Aždarha. . . gaharlandy (Ylh. 12:17).
Şeýtan gökdäki ornuny elden gidirendigi üçin gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýar. Şeýtanyň Isa güýji ýetmeýär. Şonuň üçin ol Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzündäki wekillerinden, ýagny saýlanan mesihçilerden we «Isa hakda wagyz edýänlerden» ar aljak bolýar (2 Kor. 5:20; Efes. 6:19, 20). 1918-nji ýylda sekiz dogana töhmet atýarlar we uzak möhletli türmä basýarlar. Şeýlelikde, pygamberlikdäki «iki şaýat» göçme manyda öldi. Şonda wagyz işi togtan ýaly boldy. (Ylh. 11:3, 7—11). Ýöne 1919-njy ýylyň martynda olary türmeden boşatdylar we biraz wagtdan akladylar. Doganlar derrew wagyz işini ýola goýdular, emma Şeýtan hem gol gowşuryp oturmady; Hudaýyň halkyna gazaply hüjüm etdi. Ylham kitabynda Şeýtanyň hüjümleri «joşup akýan derýa» bilen deňeşdirilýär (Ylh. 12:15). Şol sebäpli biziň her birimiz «çydamly bolmaly we iman etmeli» (Ylh. 13:10). w22.05 sah. 5, 6, abz. 14—16
4-nji noýabr, duşenbe
Men 144 000 adamyň möhürlenendigini eşitdim (Ylh. 7:4).
Ýahýa resul Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn boljak we ebedi ýaşaýyş sylagyny aljak iki topary görýär. Birinji topar 144 000 adamdan ybarat. Olar Hudaýyň Patyşalygynda Isa Mesih bilen höküm sürmek üçin ýer ýüzünden saýlandy (Ylh. 5:9, 10; 14:3, 4). Ýahýa resul olaryň Isa Mesih bilen bile Sion dagynda durandygyny görýär (Ylh. 14:1). Asyrlarboýy müňlerçe adamlar 144 000-leriň hataryna goşulmak üçin ýer ýüzünden saýlandy (Luka 12:32; Rim. 8:17). Ýahýa resul soňky günlerde şol toparyň az sanlysynyň ýer ýüzünde ýaşajakdygyny aýtdy (Ylh. 12:17). Uly betbagtçylykda saýlanan mesihçiler göge alnar we 144 000-leriň hataryna goşular. Olar Hudaýyň Patyşalygynda Isa Mesih bilen bile hökümdarlyk ederler (Mat. 24:31; Ylh. 5:9, 10). w22.05 sah. 16, abz. 4, 5
5-nji noýabr, sişenbe
Tabşyryklarymy diňläň (Işa. 48:18).
Isa pygamber özüne kembaha garaýan adamlara göwünlik berip: «Siziň bolsa saçyňyz hem sanalgy» diýdi (Mat. 10:30). Şu sözler ruhdan düşen adamyň göwnüni galkyndyrýar. Gökdäki Atamyz bizi söýýär we ýürekden aladamyzy edýär. Şonuň üçin «men Ýehowanyň söýgüsine we ebedi ýaşaýşa mynasyp däl» diýip, Hudaýa derek höküm çykarmalyň. 15 ýyl mundan öň «Garawul diňi» žurnalynda özüňe dogry garaýyşda bolmagyň wajypdygy barada şeýle diýlipdi: «Biz hondanbärsi bolup, tekepbirligiň duzagyna düşmekden ýa-da özümize kembaha garap, göwünçökgünlige düşmekden seresap bolmaly. Biz özümize dogry garaýyşda bolmaly. Munuň üçin diňe bir ýalňyşlarymyzy däl-de, ukyp-başarnygymyzy hem göz öňünde tutmaly». w22.05 sah. 24, 25, abz. 14—16
6-njy noýabr, çarşenbe
Olaryň ählisi-de agzybir bolsun (Ýah. 17:20, 21).
Biz parahatlygy döredýän adam bolsak ýygnagyň agzybirligine goşant goşarys (Mat. 5:9; Rim. 12:18). Eger biz dogan-uýalar bilen oňşukly ýaşasak ruhy jennet has-da gülläp öser. Biz ruhy jennetde ýaşaýanlaryň her birini Ýehowanyň saýlandygyny unutmaly däl (Ýah. 6:44). Ýehowa biziň ruhy jennetiň agzybirligine, parahatlygyna goşant goşýandygymyzy görüp begenýändir (Işa. 26:3; Hag. 2:7). Ýehowa halkyna bol bereket berýär. Biz Onuň berýän bereketlerini almak üçin Mukaddes Kitaby okamaly we çuňňur oýlanmaly. Şonda biz Ýehowa ýaramly häsiýetleri ösdüreris, dogan-uýalary ýürekden söýeris we olaryň aladasyny ederis (Rim. 12:10). w22.11 sah. 12, 13, abz. 16—18
7-nji noýabr, penşenbe
Men halkymyň etmişlerini bagyşlaryn, günälerini ýatlamaryn (Ýer. 31:34).
Ýehowa bizi bagyşlanda özümizi bagtly duýýarys, kalbymyz rahat we ynsabymyz arassa bolýar. Hawa, şeýle duýgulary Ýehowanyň bagyşlan adamlary duýan bolsalar gerek! (Res. 3:19). Ýehowa bagyşlandan soň eden günälerimizi hiç haçan ýatlamaýar we bizi dosty hasaplaýar. Ýehowa adamy bagyşlandan soň günäsini ýatladyp durmaýar, käýemeýär we temmi bermeýär (Işa. 43:25). Mukaddes Kitapda Ýehowa barada şeýle diýilýär: «Gündogaryň günbatardan uzak bolşy ýaly, günälerimizi şonça-da daşlaşdyrýar» (Zeb. 103:12). Ýehowanyň geçirimliligi hakda oýlananymyzda ýürekden minnetdar bolýarys we hormat goýýarys (Zeb. 130:4). Bikämil adamlar dürli-dürli ýalňyşlyklary edýärler. Emma Ýehowa adamy eden günäsine görä bagyşlamaýar. Ol Ýaradan, Kanun çykaryjy we Kazy bolandygy üçin kimleri bagyşlamalydygyny gowy bilýär. w22.06 sah. 5, abz. 12—14
8-nji noýabr, anna
Hudaýa ýakynlaşýan adam onuň bardygyna we ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmeli (Ýew. 11:6).
Ýehowa halkyna ajaýyp gelejegi wada berýär. Tizden ol hasrat çekýänleriň gözýaşlaryny süpürer, syrkawlary sagaldar, ölen adamlary direlder (Ylh. 21:3, 4). Ýehowanyň görkezmesi bilen ýumşak adamlar bütin ýer ýüzüni Jennete öwrerler (Zeb. 37:9—11). Olar Ýehowanyň ýakyn dosty bolarlar. Hawa, biziň ählimiz ajaýyp gelejege umyt edýäris. Biz Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetjegine näme üçin ynamly bolup bileris? Sebäbi Ýehowa hiç haçan sözünden dänmeýär. Biz «Ýehowa umyt baglap» bileris (Zeb. 27:14). Munuň üçin Ýehowa ähli niýetlerini amala aşyrýança, oňa sabyrly we şatlyk bilen garaşmaly (Işa. 55:10, 11). Geliň, Ýehowa wepaly bolmagy ýüregimize düweliň! Şonda gökdäki Atamyz bize hökman sylag berer. w22.06 sah. 20, abz. 1; sah. 25, abz. 18
9-njy noýabr, şenbe
Ataňyz size nämäniň gerekdigini dilemänkäňiz bilýär (Mat. 6:8).
Ýehowa biziň Atamyz, biz Onuň perzentleri. 1 Timoteos 5:8-däki maşgalabaşylara berlen tabşyryga Ýehowanyň özi hem eýerýär. Ýehowanyň bizi we maşgalamyzy söýýändigine ynansak, gerek-ýarak zatlarymyzy ýetirip durjakdygyna şübhelenmeris (Mat. 6:31—33). Ýehowa — jomart Ata. Ol ogul-gyzlarynyň ýürekden aladasyny edýär. Ýehowa Ýeri ýaradanda, diňe bir ýaşaýyş üçin gerek zatlary bermän, adamlaryň lezzet alyp ýaşamagy üçin dürli-dümen ir-iýmişleri ýaratdy (1 Mus. 2:9). Käte biz her günki çöregimizi zordan tapýandyrys. Emma şoňa-da şükür etmeli, sebäbi Ýehowa her günki iýjek-içjegimizi ýetirip durýar (Mat. 6:11). Biziň başdan geçirýän kynçylyklarymyz Ýehowanyň häzir we gelejekde berjek bereketleriniň ýanynda hiç zat bolup galýar (Işa. 65:21, 22). w22.06 sah. 15, abz. 7, 8
10-njy noýabr, ýekşenbe
Agyr nahar ruhy taýdan ösen adamlar üçindir (Ýew. 5:14).
«Ruhy iýmite» diňe gyzyklanýan adamlar däl, biziň ählimiz mätäç. Pawlus resul Ýehowa hakda bilim almagyň «ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilmäge» kömek edýändigini aýtdy. Soňky günlerde ahlak kadalary gün-günden peselýär. Şonuň üçin bize-de Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak aňsat düşmeýär. Biziň imanymyz gowşamaz ýaly, Isa Mesih «ruhy iýmitiň» wagtly-wagtynda berilmeginiň aladasyny etdi. «Ruhy iýmit» Hudaýyň Sözüne, ýagny Mukaddes Kitaba esaslanýar. Isa Mesih ýaly bizem Hudaýyň adyny şöhratlandyrýarys (Ýah. 17:6, 26). Meselem, biz 1931-nji ýyldan bäri Ýehowanyň Şaýatlary diýip tanalýarys. Sebäbi Mukaddes Kitapda Ýehowanyň özi halkyna «siz meniň şaýatlarym» diýip ýüzlenýär. Gökdäki Atamyzyň adyny götermek uly hormat! (Işa. 43:10—12). Ýehowanyň Şaýatlary «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde» hak Hudaýyň adyny dikeltdiler. w22.07 sah. 11, abz. 11, 12
11-nji noýabr, duşenbe
Sözüň aýaklaryma çyra, ýoluma nurdur (Zeb. 119:105).
Mukaddes Kitapda Hudaýyň Patyşalygy barada aýdylýar. Isa Patyşalyk baradaky hakykaty gizlin hazyna bilen deňeşdirdi. Ol şeýle diýdi: «Gökdäki Patyşalyk gizlin ýatan hazyna kimindir. Bir adam ony tapyp, ýene-de gizläp goýýar. Begenjine ähli zadyny satyp, şol mellegi satyn alýar» (Mat. 13:44). Üns beren bolsaňyz, ol adam hazynany gözlemedi, ýöne tapandan soň gadyryny bildi we hiç zada çalyşmady. Näme üçin? Ol hazynanyň gaty gymmatlydygyny bilýärdi. Ýehowa gulluk edip alýan şatlygymyzy hiç bir zat bilen deňäp bolmaz! Biz Hudaýyň Patyşalygynyň golastynda Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýäris. Hawa, «Ýehowanyň adyna mynasyp ýaşamak» we Onuň bilen dostlugymyzy saklamak üçin geçen zatlarymyza ökünmeýäris (Kol. 1:10). w22.08 sah. 15, abz. 8, 9; sah. 17, abz. 12
12-nji noýabr, sişenbe
Men nädip beýle erbet iş edip, Hudaýa garşy günä edeýin?! (1 Mus. 39:9)
Ýusup zyna etmegiň külli günädigini nireden bilýärdi? Musanyň kanunynda: «Zyna etmäň» diýilýär (2 Mus. 20:14). Emma ol kanun Ýusubyň döwründen 200 ýyl soň ýazyldy. Ýusup Ýehowany gowy tanaýardy we onuň ahlaksyzlygy ýigrenýändigini bilýärdi. Meselem, Ýusup Ýehowanyň bir erkegi we bir aýaly ýaradyp, maşgala ojagyny döredendigini bilýärdi. Şeýle-de ol kakasynyň enesi Bibisarany Müsür patyşasyndan we Gerar hanyndan Ýehowanyň gorandygyny eşidipdi. Sebäbi olar Bibisara öýlenmek isläpdiler (1 Mus. 2:24; 12:14—20; 20:2—7). Ýusup şu zatlar hakda oýlanyp, Ýehowanyň nämäni dogry we nämäni nädogry hasaplaýandygyna düşünendir. Ýusup Ýehowany söýýärdi, şol sebäpli dogruçyl bolmak we Ony razy edip ýaşamak isleýärdi. w22.08 sah. 26, abz. 1, 2
13-nji noýabr, çarşenbe
Toprakda ýatan ençeme adamlar ukudan oýanar. Olaryň käbiri ebedi ýaşaýşa gowşar (Dan. 12:2).
Biz öň Danyýar 12:2-däki pygamberlige «ruhy taýdan direliş» diýip düşünýärdik. Emma indi pygamberlikde täze dünýädäki direliş hakda aýdylýandygyna göz ýetirdik. Direliş Armageddon söweşinden soň başlar. Danyýar 12:2-de direljek adamlaryň käbiri «ebedi ýaşaýşa gowuşmaz» diýilýär. Muňa nähili düşünmeli? Direlen adamlar Ýehowa Hudaý we Isa Mesih barada bilim alyp, 1 000 ýylyň dowamynda olary razy etseler ebedi ýaşarlar (Ýah. 17:3). w22.09 sah. 21, abz. 6, 7
14-nji noýabr, penşenbe
Söýgi. . . ähli zada ynanýar (1 Kor. 13:7).
Aýatdaky sözler boş wada berenlere däl-de, özüniň ynamdardygyny subut eden adamlara ynanmalydygyny aňladýar. Dogan-uýalara ynanmak üçin näme etmeli? Olary gowy tanamaly, ýygnakda gürrüňdeş bolmaly we olar bilen wagyz etmeli. Belki-de, siz olara özüňiz barada ähli zady gürrüň bermersiňiz. Emma ynamdar adamdygyna göz ýetireniňizden soňra ýüregiňizi döküp bilersiňiz (Luka 16:10). Dogan-uýalar ynamyňyzy ödemeseler näme? Sabyrly boluň, dostlugyňyzy bozmaň. Bir adamyň ýalňyşy üçin ähli dogan-uýalardan ynamyňyz gaçmasyn. w22.09 sah. 4, abz. 7, 8
15-nji noýabr, anna
Ýehowa. . . ýer ýüzüne syn edýär (2 Tar. 16:9).
Ýaşuly dogan Mikias jogapkär doganlardan öýkeleýär. Olar adalatsyzlyk eden ýaly duýýar. Emma Mikias dogan sagdyn pikirlenip, gaharyna erk edip bildi. Ol: «Ýehowa, mukaddes ruhuň arkaly çydamaga güýç ber» diýip doga etdi. Şeýle-de edebiýatlardan gözleg geçirdi. Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? Eger dogan-uýalardan gaty görseňiz göwnüňizi giň tutuň, gaharlanmaň. Belki, siz ýagdaýy doly bilýän dälsiňiz. Şol sebäpli gaýgy-aladaňyzy Ýehowa gürrüň beriň we imandaşyňyzyň ýagdaýyna düşünip biler ýaly akyldarlyk soraň. Şonda doganyň ýa-da uýanyň erbetlik etmek niýetiniň ýokdugyna göz ýetirip, ony ýürekden bagyşlarsyňyz (Nak. 19:11). Unutmaň, Ýehowa ähli zady görýär! Ol size döz gelip biler ýaly güýç-kuwwat berer (Nes. 5:8). w22.11 sah. 21, abz. 5
16-njy noýabr, şenbe
Ikiýüzlülerden gaça durýaryn (Zeb. 26:4).
Ýehowany söýýän dogan-uýalar bilen dostlaşyň. Şonda siz hem Ýehowany ýürekden söýersiňiz (Nak. 13:20). Ýaşuly dogan Jeýson ýaşlyk ýyllaryny ýatlap şeýle gürrüň berýär: «Men yhlasly wagyz edýän dogan-uýalar bilen dostlaşdym. Meniňem Ýehowa şatlyk bilen gulluk edesim geldi. Şeýle-de men diňe deň-duşlarym bilen däl-de, uly ýaşly dogan-uýalar bilen hem dostlaşmalydygyna düşündim». Ýygnakdaky dogan-uýalaryň hemmesi size hak dost bolup bilermi? Pawlus resul Timoteosa Ýehowa bilen dostlugyny bozjak dogan-uýalar bilen ýakyndan gatnaşmazlygy maslahat berdi (2 Tim. 2:20—22). Ýaşlar, siz Ýehowa bilen dostlaşmak üçin köp tagalla edýärsiňiz. Goý, älem-jahanyň eýesi Ýehowa bilen dostlugyňyzy hiç kim we hiç zat bozmasyn! w22.08 sah. 5, 6, abz. 13—15
17-nji noýabr, ýekşenbe
Akmak adamdan uzakda dur (Nak. 14:7).
Biz Hudaýyň akyldarlygyna eýermeýän akmak adamlara meňzemek islemeýäris. Biz Ýehowany söýýäris we Onuň ahlak kadalaryna eýerip ýaşaýarys. Hudaýa gulak asmagyň we asmazlygyň netijesi hakda oýlananymyzda Ýehowa söýgimiz has-da artýar. Ýehowanyň maslahatlaryna eýermeýän akmak adamlar başyna köp kynçylyklary satyn alýar. Siz Hudaýa gulak asyp nähili bereketleri aldyňyz? (Zeb. 32:8, 10). Ýehowa hemme adamlara akyldarlyk berýär, emma hiç kimi mejburlyk bilen diňletmek islemeýär. Ol akyldarlygyny diňlemedik adamlaryň heläkçilige uçrajakdygyny duýdurýar (Nak. 1:29—32). Olar eli bilen edenini egni bilen çeker. Olar gaýgy-aladadan, kynçylykdan kösenip, iň soňunda heläk bolar. Ýehowa gulak asýan adamlara şeýle wada berýär: «Maňa gulak asan adam asuda ýaşar, betbagtçylyk döwri kalby rahat bolar» (Nak. 1:33). w22.10 sah. 20, 21, abz. 11—13
18-nji noýabr, duşenbe
Ýehowadan gorkýan, ýollaryndan ýöreýän adam bagtlydyr! (Zeb. 128:1)
Ýehowadan gorkýan adam Oňa hormat goýýar we gynandyrýan işleri etmeýär (Nak. 16:6). Ol Ýehowanyň ýagşy-ýaman babatdaky kanunlaryna düşünmek üçin Mukaddes Kitaby her gün okaýar (2 Kor. 7:1). Biz Ýehowanyň ýigrenýän däl-de, halaýan işlerini etsek bagtly bolarys (Zeb. 37:27; 97:10; Rim. 12:9). Biz Ýehowanyň ýagşy-ýaman babatda kada-kanun goýmaga hakynyň bardygyny bilýäris. Ýöne oňa eýermegiň wajypdygyna-da düşünmeli (Rim. 12:2). Biz Hudaýyň kada-kanunlaryny bilmek bilen çäklenmän, olara eýerip ýaşamaly (Nak. 12:28). Şonda Dawut pygamberiň şu sözlerine goşularys: «Sen ýaşaýyş ýoluny öwredersiň. Huzuryňda hemişe şatlansynlar, sagyňda elmydama begensinler» (Zeb. 16:11). w22.10 sah. 8, abz. 9, 10
19-njy noýabr, sişenbe
Ogul hiç zady öz-özünden etmeýär, ol diňe Atasyndan öwrenýän zatlaryny edýär (Ýah. 5:19).
Isa pygamber pesgöwünlidi. Ol ýer ýüzüne gelmänkä ençeme ýyl Ýehowa bilen eginme-egin işleşipdi. «Gökdäki we ýerdäki ähli zatlar» Isa arkaly ýaradyldy (Kol. 1:16). Isa suwa çümdürilip çykan badyna Atasy bilen gökde eden işler ýadyna düşendir (Mat. 3:16; Ýah. 17:5). Emma Isa hiç haçan tekepbirlik etmeýärdi, özüni öwüp arşa çykarmaýardy. Ol şägirtlerine: «Ynsan ogly-da özüne hyzmat etdirmek üçin däl, hyzmat etmek we köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi» diýdi (Mat. 20:28). Şeýle-de ol hiç bir zady öz güýji bilen etmeýändigini boýun alýardy. Gör, nähili pesgöwünli pygamber! Biz onuň göreldesine eýerip bileris. w22.05 sah. 24, abz. 13
20-nji noýabr, çarşenbe
Ýehowa dolanyň (Işa. 55:7).
Ýehowa adamy bagyşlamalymy ýa bagyşlamaly däldigini çözende, onuň bilgeşleýin ýa-da bilmän günä edendigini göz öňünde tutýar. Isa pygamber hem munuň şeýledigini düşündiripdi (Luka 12:47, 48). Bilgeşleýin erbet işleri edýän we Ýehowany gynandyrýan adam agyr günä edýär. Belki, Ýehowa şeýle adamy bagyşlamaz (Mar. 3:29; Ýah. 9:41). Onda Ýehowa bilip günä edýän adamy asla bagyşlamazmy? Ol bagyşlaýar, ýöne ýene bir zady göz öňünde tutýar. Ýehowa günäkäriň ýürekden toba edýändigini göz öňünde tutup bagyşlaýar. Toba etmek pikiriňi, garaýşyňy ýa-da niýetiňi üýtgetmegi aňladýar. Toba edýän adam eden erbet işine ökünýär we Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerip bilmändigine gynanýar. Ol eden günäsinden hem beter Ýehowa bilen dostlugynyň bozulandygyna gynanýar. w22.06 sah. 5, 6, abz. 15—17
21-nji noýabr, penşenbe
Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisi yzarlanar (2 Tim. 3:12).
Ýehowa iman etmeýän adamlar ýalan zatlary ýaýradýarlar we jogapkär doganlara töhmet atýarlar (Zeb. 31:13). Hatda käbir doganlary jenaýatçy hasaplap azatlykdan mahrum edýärler. I asyrda-da şeýle ýagdaý bolupdy. Pawlus resuly günäkärläp tussag edýärler. Pawlus resul Rimde tussaglykda wagty käbir dogan-uýalar ony taşlap gitdiler (2 Tim. 1:8, 15; 2:8, 9). Pawlusyň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň. Ol imandaşlary üçin köp kynçylyklary başdan geçirdi, hatda ölüm bilen ýüzbe-ýüz boldy (Res. 20:18—21; 2 Kor. 1:8). Elbetde, biz goldawa mätäç wagty Pawlusy taşlap giden mesihçilere meňzemeris! Şeýtanyň jogapkär doganlary yzarlamagy geň galdyrmaýar. Ol doganlaryň Ýehowa bolan imanyny gowşadyp, bizi howsala salmak isleýär (1 Pet. 5:8). Geliň, şonuň üçin doganlaryň daýanjy bolalyň (2 Tim. 1:16—18). w22.11 sah. 16, 17, abz. 8—11
22-nji noýabr, anna
Hudaýdan gorkaňokmy? (Luka 23:40)
Toba eden jenaýatçy ýehudy bolan bolmaly. Ýehudylar ýeke-täk hak Hudaýa iman edýärdiler, emma başga milletler köp taňrylara sežde edýärdiler (2 Mus. 20:2, 3; 1 Kor. 8:5, 6). Eger ol başga milletden bolan bolsa ýanyndaky jenaýatça: «Taňrylardan gorkaňokmy?» diýerdi. Şeýle-de Isa pygamber başga milletlere däl-de, «Ysraýylyň ýiten goýunlaryna» wagyz etmäge iberilipdi (Mat. 15:24). Ysraýyllar Allatagalanyň ölen adamlary direltjegini bilýärdi. Jenaýatçynyň sözlerinden görnüşi ýaly, ol Ýehowanyň Isany direltjekdigine we ony patyşa edip bellejekdigine ynanan bolmaly. Şeýle-de ol Hudaýyň özüni hem direltjekdigine umyt eden bolmaly. Jenaýatçy ýehudy bolandygy üçin Ýehowanyň Adam ata bilen How enäni ýer ýüzündäki Jennetde ýaradandygyny bilendir. Şonuň üçin Isa: «Meniň bilen Jennetde bolarsyň» diýende, ol gökde däl-de, ýer ýüzünde ebedi we bagtly ýaşajakdygyna düşünen bolmaly (1 Mus. 2:15). w22.12 sah. 8, 9, abz. 2, 3
23-nji noýabr, şenbe
Olar. . . dyngysyz doga edýärdiler (Res. 1:14).
Ýehowa her bir dogan-uýa mukaddes ruhy arkaly güýç-kuwwat berýär. Sebäbi Şeýtan wagyz işini togtatmak üçin elinde baryny edýär (Ylh. 12:17). Köp adamlar: «Şeýtana garşy durup bolarmy?» diýip pikir edýärler. Elbetde, durup bolar! (Ylh. 12:9—11). Eger biz yhlasly wagyz etsek, Şeýtanyň hüjümlerinden gorkmaýandygymyzy görkezeris. Her sapar wagyz edenimizde ondan üstün çykýarys. Sebäbi Ýehowanyň bizden razydygyny bilýäris we Onuň mukaddes ruhy bize güýç berýär (Mat. 5:10—12; 1 Pet. 4:14). Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen biz kynçylyklara garamazdan yhlasly wagyz edip bilýäris (2 Kor. 4:7—9). Hudaý bize mukaddes ruhuny berer ýaly näme etmeli? Biz Ýehowa ýalbaryp doga etmeli we dogalarymyza jogap berjekdigine şübhelenmeli däl. w22.11 sah. 5, abz. 10, 11
24-nji noýabr, ýekşenbe
Doganlar, tertip-düzgüni bozýanlara duýduryş bermegiňizi, göwnüçökgünlere göwünlik berip, ejizleri goldamagyňyzy we hemmelere sabyrly bolmagyňyzy ündeýäris (1 Sel. 5:14).
Biz dogan-uýalary söýsek parahatlygy saklamak üçin elimizde baryny ederis. Munuň üçin geçirimli Hudaý Ýehowadan görelde almaly. Ol biziň üçin söwer Ogluny gaýgyrmady. Onda biz göwnümize degen dogan-uýalary bagyşlamaly dälmi näme?! Biz Isa pygamberiň aýdan mysalyndaky zalym hyzmatkäre meňzemek islemeýäris. Hojaýyny onuň köp bergisini geçse-de, ol özüne ujypsyzja bergisi bolan hyzmatkäri bagyşlap bilmedi (Mat. 18:23—35). Eger dogan-uýalaryň biri bilen araňyza tow düşen bolsa, onda Ýatlama agşamyndan öň ýaraşmak üçin eliňizde baryny ediň (Mat. 5:23, 24). Şonda Ýehowany we Isany ýürekden söýýändigiňizi subut edersiňiz. w23.01 sah. 29, abz. 8, 9
25-nji noýabr, duşenbe
Garybyň dadyna ýetişýän Ýehowa karz berýär (Nak. 19:17).
Ýaşulular, dogan-uýalaryň ýagdaýyny bilmek üçin ýerlikli soraglary beriň, ýöne oňaýsyz ýagdaýa salmaň (Nak. 20:5). Olaryň azyk önümlerini, däri-dermanlary we başga-da gerek-ýarak zatlaryny almaga ýeterlik puly barmy? Belki, olar işden çykarylandyr, jaýyň kireýni töläp bilýän däldir. Ýa-da olara döwletiň berýän kömegini almaga ýardam etmelidir. Ýehowa her-birimiziň imandaşlarymyza ýagşylyk etmegimizi isleýär (Gal. 6:10). Biz ýarawsyz dogan-uýalara nädip kömek edip bileris? Munuň üçin köp zat etmek gerek däl, ýönekeýje zatlar hem olaryň göwnüni göterip bilýär. Meselem, çagajyklar surat çekip biler, ýaşlar bazardan gerek-ýarak zatlaryny getirip biler. Belki, ýarawsyz dogan-uýalar üçin gyzgynjak nahar bişirip, gapysynyň agzynda goýup gaýdarys. Käbir dogan-uýalar ýaşululara minnetdarlyk hatyny ýazýarlar. Hawa, Ýehowa «bir-birini ruhlandyrýan, birek-biregi berkidýän» dogan-uýalary görüp örän begenýär (1 Sel. 5:11). w22.12 sah. 22, abz. 2; sah. 23, abz. 5, 6
26-njy noýabr, sişenbe
Siz juda ýalňyşýarsyňyz (Mar. 12:27).
Saddukeýler Töwrat kitabyny suw içen ýaly bilýärdiler, ýöne ondaky taglymatlary inkär edýärdiler. Bir gezek olar Isadan direliş hakda soraýarlar. Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz Musanyň kitabyndan ýanyp duran ýandak baradaky wakany okamadyňyzmy? Şonda Hudaý Musa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“ diýipdi» (Mar. 12:18, 26). Saddukeýler Töwrat kitabyny köp okasa-da, Isanyň aýdan sözleri olaryň direliş hakdaky taglymaty gözden salýandygyny görkezýärdi (Luka 20:38). Saddukeýler bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? Biz Mukaddes Kitaby okanymyzda aýatlary içgin öwrenip, durmuşymyzda ulanasymyz gelýär. Şonuň üçin aýatlardaky diňe göze görünýän kanunlary däl-de, gizlin ýatan çuň pikirleri we prinsipleri tapmaga jan edeliň. w23.02 sah. 11, abz. 9, 10
27-nji noýabr, çarşenbe
Bizi uly bulut kimin gurşap alýan şeýle şaýatlar köpdür (Ýew. 12:1).
Şu günki aýatda agzalýan Hudaýyň gullukçylary agyr synaglara döz gelip Ýehowa wepaly boldular (Ýew. 11:36—40). Olaryň Hudaýa wepaly bolmak üçin eden tagallasy biderek bolmady. Olar Allatagalanyň wadalarynyň ýerine ýetendigini görüp bilmeseler-de, oňa ýürekden umyt etdiler. Olar Ýehowanyň razydygyna we beren wadasyny ýerine ýetirjekdigine ynanýardylar (Ýew. 11:4, 5). Bizem olaryň göreldesine eýersek, Ýehowa her gün umyt edip ýaşarys. Dünýäniň ýagdaýy gün-günden erbetleşýär (2 Tim. 3:13). Şeýtan hem Hudaýyň halkyna hüjüm edýär. Gelejekde biz köp synaglara duş gelmegimiz mümkin. Ýöne biz gorkmaýarys, sebäbi Beýik Biribara umyt baglaýarys (1 Tim. 4:10). w22.06 sah. 25, abz. 17, 18
28-nji noýabr, penşenbe
Men ölsem. . . topraga siňsem, saňa alkyş aýdarynmy? (Zeb. 30:9)
Biz Ýehowa bütin janymyz, tenimiz bilen gulluk edesimiz gelýär (Mar. 12:30). Muňa saglygymyzy goramagyň esasy sebäbi diýse bolar (Rim. 12:1). Şonuň üçinem saglygymyza zyýan ýetirjek islendik zatdan gaça durýarys. Ýöne näçe jan etsegem, biz keselçilikden gaçyp gutulyp bilmeýäris. Muňa garamazdan, saglygymyzy goramak üçin elimizde baryny edesimiz gelýär. Sebäbi biz Ýaradyjymyzyň beren ýaşaýyş sowgadyny gymmat saýýarys. Belki-de, garrylyk ýa-da ýarawsyzlyk sebäpli biz köp zat edip bilýän däldiris. Şonuň üçinem özümizi dereksiz duýup ruhdan düşýändiris. Şonda-da biz saglygymyzyň aladasyny etmeli. Näme üçin? Sebäbi bizem Dawut ýaly elimizde baryny edip, Ýehowany şöhratlandyryp bilýäris. Biz gartaşan ýa-da syrkaw bolsagam, Ýehowa edýän her bir tagallamyzy örän gymmat saýýar (Mat. 10:29—31). Biz hatda aradan çyksak hem Ýehowa direltjekdigini söz berýär (Eýp. 14:14, 15). Geliň, şonuň üçin başymyz dik wagty jan-saglygymyzy goramak üçin elimizde baryny edeliň. w23.02 sah. 20, 21, abz. 3—5
29-njy noýabr, anna
Mukaddes ruha dil ýetiren adam hiç haçan bagyşlanmaz (Mar. 3:29).
Başga goýunlardan ybarat uly märekä degişli adamlaryň atlary Armageddondan soňam ýaşaýyş kitabynda bolarmy? Elbetde! (Ylh. 7:14) Isa «dogruçyl adamlaryň ebedi ýaşaýşa gowuşjakdygyny» aýtdy (Mat. 25:46). Emma olar Armageddondan geçen badyna ebedi ýaşaýyş sylagyny almazlar. 1 000 ýylyň dowamynda Isa Mesih olary «ýaşaýyş suwunyň gözbaşyna elter». Olar Isa Mesihiň görkezmesine gulak assalar we soňky synagda Ýehowa wepaly bolsalar, atlary ýaşaýyş kitabyna hemişelik ýazylar (Ylh. 7:16, 17). Emma zalym adamlary aňladýan geçiler Armageddonda ýok ediler. Isa pygamber «olar ebedilik ýok ediler» diýdi (Mat. 25:46). Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen şeýle diýdi: «Halypamyz olary höküm eder. Olar ebedilik jezasyny çekerler» (2 Sel. 1:9; 2 Pet. 2:9). w22.09 sah. 16, abz. 7, 8
30-njy noýabr, şenbe
Her zadyň öz wagty bar (Nes. 3:1).
Ene-atalar çagalary bilen Ýehowanyň ýaradan gözel tebigatynda dynç alsalar, göwün açsalar, oýnasalar maşgalasy agzybir we jebis bolýar. Ýehowa adamlaryň gowy görýän zatlary bilen meşgullanmagy üçin gözel Ýer şaryny ýaratdy. Käbir ene-atalar çagalary bilen tokaýda gezelenç edýärler, daga gidýärler ýa-da kenarda aýlanýarlar. Mähriban ene-atalar, täze dünýä ýetip gelýär! Jennetde siz çagalaryňyz bilen Ýehowanyň ýaradan tebigatyndan lezzet alyp bilersiňiz. Şonda adamlar haýwanlardan gorkmaz, haýwanlar hem adamlardan ürkmez (Işa. 11:6—9). Siz ebedi ýaşarsyňyz we Ýehowanyň ýaradan tebigatyndan lezzet almaga köp wagtyňyz bolar (Zeb. 22:26). Emma çagalaryňyzy tebigata gezelenje alyp gitmek üçin häzirden wagt tapyň, täze dünýä gelýänçä garaşyp oturmaň. Ýaradylan zatlar arkaly olara Ýehowany tanamaga kömek ediň. Şonda çagalaryňyz Dawut patyşanyň şu sözlerine goşular: «Ýehowa, saňa taý geljek barmy? Seniň edýän işleriňi kim edip biler?» (Zeb. 86:8). w23.03 sah. 25, abz. 16, 17