Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es24 sah. 118—128
  • Dekabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dekabr
  • Her günki aýady okalyň — 2024
  • Sözbaşylar
  • 1-nji dekabr, ýekşenbe
  • 2-nji dekabr, duşenbe
  • 3-nji dekabr, sişenbe
  • 4-nji dekabr, çarşenbe
  • 5-nji dekabr, penşenbe
  • 6-njy dekabr, anna
  • 7-nji dekabr, şenbe
  • 8-nji dekabr, ýekşenbe
  • 9-njy dekabr, duşenbe
  • 10-njy dekabr, sişenbe
  • 11-nji dekabr, çarşenbe
  • 12-nji dekabr, penşenbe
  • 13-nji dekabr, anna
  • 14-nji dekabr, şenbe
  • 15-nji dekabr, ýekşenbe
  • 16-njy dekabr, duşenbe
  • 17-nji dekabr, sişenbe
  • 18-nji dekabr, çarşenbe
  • 19-njy dekabr, penşenbe
  • 20-nji dekabr, anna
  • 21-nji dekabr, şenbe
  • 22-nji dekabr, ýekşenbe
  • 23-nji dekabr, duşenbe
  • 24-nji dekabr, sişenbe
  • 25-nji dekabr, çarşenbe
  • 26-njy dekabr, penşenbe
  • 27-nji dekabr, anna
  • 28-nji dekabr, şenbe
  • 29-njy dekabr, ýekşenbe
  • 30-njy dekabr, duşenbe
  • 31-nji dekabr, sişenbe
Her günki aýady okalyň — 2024
es24 sah. 118—128

Dekabr

1-nji dekabr, ýekşenbe

Maňa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär? (Res. 8:36)

Efiopiýaly wezir suwa çümdürilmäge taýyndymy? Ol ýehudy dinine uýan bolmaly. Şol sebäpli ol Hudaýa sežde etmek üçin Iýerusalime gelýär (Res. 8:27). Belki, wezir Töwrat kitabyny okap, Ýehowanyň hak Hudaýdygyny bilendir. Emma ol Ýehowany has gowy tanamak isleýärdi. Wezir ýolda Filipusa duşanda, Işaýa pygamberiň golýazmasyny okap otyrdy (Res. 8:28). Ol Hudaýyň Sözüne has çuňňur düşünmek isleýärdi. Şol sebäpli zyýarat etmek üçin Efiopiýadan Iýerusalime gelýär. Filipus wezire köp zatlary düşündirýär we wada edilen Mesihiň Isadygyny aýdýar (Res. 8:34, 35). Onuň Ýehowa we Isa bolan söýgüsi has-da artýar. Wezir suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolmagy ýüregine düwýär. Filipus hem ony suwa çümdürýär. w23.03 sah. 8, 9, abz. 3—6

2-nji dekabr, duşenbe

Sözleriňiz ýakymly bolsun (Kol. 4:6).

Biz ýalan sözlesek Ýehowany razy edip bilmeris, sebäbi ol ýalançy dili ýigrenýär (Nak. 6:16, 17). Şu günler adamlar ýüzüniň ugruna ýalan sözleýärler. Emma biz Ýehowanyň dosty bolmak islesek, hemişe hakykaty aýtmaly (Zeb. 15:1, 2). Belki, biz ýalan sözleýän däldiris, ýöne dogrymyzy aýtmajak bolup, aýlawly geplemekden hem seresap bolmaly. Gybat etmäň (Nak. 25:23; 2 Sel. 3:11). Ýanyňyzda biri gybat etse, ony goldamagyň deregine ruhlandyryjy zatlar hakda gürrüň ediň. Şu günler hapa we sögünç sözler adamlaryň aňyna siňen. Biz Ýehowany razy etmek islesek, aýdýan her bir sözümize ünsli bolmaly. Ol biziň edýän gürrüňlerimizi ünsli diňleýär. Gökdäki Atamyz Ýehowa biziň wagyzda, ýygnakda we öýde hoş sözleri aýtmak üçin edýän tagallamyza ak pata berer. w22.04 sah. 9, abz. 18—20

3-nji dekabr, sişenbe

Ilki bilen Hudaý söýdi, şonuň üçin biz hem söýýäris (1 Ýah. 4:19).

Ýehowanyň we Isa Mesihiň beýik söýgüsi hakda oýlansak, bizem olary ýürekden söýeris (1 Ýah. 4:10). Esasan-da, Isa pygamberiň biziň her birimiz üçin şirin janyny gurban edendigi hakda oýlansak ýüregimiz minnetdarlykdan dolar. Pawlus resul töleg gurbanynyň gadyryny bilýärdi. Ol galatýalylara: «Hudaýyň Ogly... meni söýüp, meniň üçin janyny gurban etdi» diýdi (Gal. 2:20). Töleg gurbanyna iman etsek, älem-jahanyň Eýesi Ýehowa Hudaýyň dosty bolarys (Ýah. 6:44). Allatagala biziň ýagşy häsiýetimizi görüp, hakykatyny açdy. Ol biziň bilen dostlaşmak üçin gymmatly töleg töledi. Muny bilmek göwnümizi göterýär we Ýehowa bilen Isany her gün ýürekden söýmäge höweslendirýär. Biziň her birimiz: «Men olaryň bildiren söýgüsine nädip minnetdar bolup bilerin?» diýen sorag hakda oýlanmaly. Biz Ýehowanyň we Isa Mesihiň söýgüsi hakda oýlansak, ähli adamlary söýeris (2 Kor. 5:14, 15; 6:1, 2). w23.01 sah. 28, abz. 6, 7

4-nji dekabr, çarşenbe

Men milletleriň dilini üýtgedip, olara arassa dilde geplemegi öwrederin (Sep. 3:9).

Mukaddes Kitap «Hudaýa agzybir gulluk etmäge» kömek edýär. Ony köp adamlar okasa-da, diňe pesgöwünli adamlar düşünip bilýär (Luka 10:21). Hawa, Mukaddes Kitaba pesgöwünli adam düşünip, ondaky maslahatlara eýerip bilýär (2 Kor. 3:15, 16). Mukaddes Kitap Ýehowanyň akyldarlygyny görkezýär. Hudaý Mukaddes Kitaby ähli adamzat üçin ýazdyrsa-da, ol her bir adama aýratynlykda bilim we göwünlik berýär (Işa. 30:21). Belki, sizem Mukaddes Kitapdan gözleg geçirip: «Şu aýad-a tüýs meniň üçin ýazylypdyr» diýensiňiz. Elbetde, Mukaddes Kitap ähli adamlar üçin ýazylan hem bolsa, ondaky maslahatlar islendik adama, islendik ýagdaýda kömek edip bilýär. Sebäbi ony akyldarlykda deňi-taýy bolmadyk Ýehowa Hudaýymyz ýazdyrdy (2 Tim. 3:16, 17). w23.02 sah. 4, 5, abz. 8—10

5-nji dekabr, penşenbe

Şol zatlar hakda oýlan, olara bar ünsüňi ber, şonda hemmeler seniň ruhy taýdan ösüşiňi görerler (1 Tim. 4:15).

Biz Ýehowany çyn ýürekden söýýäris we janymyz-tenimiz bilen gulluk etmek isleýäris. Munuň üçin biz öňümizde maksat goýmaly. Meselem, ýagşy häsiýetleri ösdürmeli, Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin ukyplaryňy artdyrmaly we dogan-uýalara ýürekden hyzmat etmeli. Biz söýgüden doly gökdäki Atamyzy razy etmek isleýäris. Ýehowa ogul-gyzlarynyň jany-teni bilen gulluk edýändigini görüp örän begenýär. Şeýle-de biz güýjümizi we wagtymyzy gaýgyrman dogan-uýalara kömek etmek isleýäris (1 Sel. 4:9, 10). Biz Ýehowa näçe ýyl gulluk etsegem, öňümizde maksat goýmaly. w22.04 sah. 22, abz. 1, 2

6-njy dekabr, anna

Olar aýalyň etini iýerler, soňra otda ýakyp, kül ederler (Ylh. 17:16).

Tizden syýasy guramalar Beýik Wawilonyň, ýagny ýalan dinleriň üstüne topular. Şonda uly betbagtçylyk başlar. Şol döwür köp adamlar Ýehowa sežde etmek kararyna gelerlermi? Ýok! Ylham kitabynyň 6-njy babyna görä, olar daga meňzedilýän syýasy we söwda-satyk guramalaryndan pena gözlärler. Şeýdip, olar Hudaýyň gökdäki Patyşalygyna tabyn bolman, Ýehowanyň duşmany bolarlar (Luka 11:23; Ylh. 6:15—17). Uly betbagtçylyk başlanda Ýehowanyň wepaly bendeleri adamlardan düýbünden tapawutlanar. Olar «wagşy haýwany» goldamaýan we Ýehowa sežde edýän ýeke-täk topar bolar (Ylh. 13:14—17). w22.05 sah. 16, abz. 8, 9

7-nji dekabr, şenbe

Ol ýerde ýaşaýanlaryň ählisine: her millete, her taýpa, her dile we her halka ebedi hoş habary yglan edýärdi (Ylh. 14:6).

Hudaýyň halky diňe bir Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmeýär (Mat. 24:14). Olar Ylham 8—10-njy baplarda aýdylýan perişdeleriň işini hem goldaýarlar. Olar perişdeler bilen bilelikde Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolmaýan adamlaryň üstüne injek betbagtçylygy yglan edýärler. Şeýle-de olar Hudaýyň Şeýtanyň dünýäsini ýok etjekdigi baradaky höküm habaryny wagyz edýärler. Şol habar Ylham kitabynda «buz bilen... oda» meňzedilýär (Ylh. 8:7, 13). Adamlar dünýäniň soňunyň golaýdygyna we Ýehowanyň gahar güni gelmänkä durmuşyny üýtgetmelidigine düşünmeli (Sep. 2:2, 3). Höküm habaryny wagyz etmek üçin batyrgaý bolmaly, sebäbi bu habar köp adamlaryň gulagyna hoş ýakmaýar. Biz uly betbagtçylykda soňky höküm habaryny aýdarys. Şol habar adamlar üçin juda elhenç bolar (Ylh. 16:21). w22.05 sah. 6, 7, abz. 18, 19

8-nji dekabr, ýekşenbe

Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý (Mat. 22:37).

Çaga garaşýan bir är-aýal hakda oýlanyň. Olar çaga terbiýesi hakda ençeme nutuklary diňländirler we Mukaddes Kitapdan köp aýatlary okandyrlar. Indi olar ene-ata boldular. Ýehowa olara uly jogapkärçilik ynandy. Şol sebäpli olar çaga terbiýelemek hakdaky aýatlary has-da wajyp hasaplaýarlar. Diýmek, adamyň durmuşy üýtgese, onuň Mukaddes Kitapdaky aýatlara bolan garaýşy hem üýtgeýär. Şol sebäpli Ýehowa biziň Mukaddes Kitaby «ömrümiziň ähli günlerinde okamagymyzy» isleýär (5 Mus. 17:19). Ene-atalar, Ýehowa size uly jogapkärçilik ynandy. Siz çagalaryňyzy Hudaýyň ýolunda terbiýelemeli. Munuň üçin diňe bir Ýehowa hakda bilim bermek ýeterlikli däl. Siz çagalaryňyzyň ýaş kalbynda Hudaýa bolan söýgini ösdürmeli. w22.05 sah. 26, abz. 2, 3

9-njy dekabr, duşenbe

Täze häsiýetleri öwreniň (Kol. 3:10).

Adamyň eden günäsine ökünmegi ýeterlik däl. Şeýle adam toba edýändigini iş ýüzünde görkezmeli. Ýehowanyň bagyşlamagy üçin günä eden adam erbet ýolundan dönmeli. Başgaça aýdanyňda, günäkär erbet işini goýup, Ýehowany razy edip ýaşamaly (Işa. 55:7). Ol garaýşyny üýtgedip, Ýehowanyňky ýaly pikirlenmeli (Rim. 12:2; Efes. 4:23). Erbet işlerini goýmagy we nädogry pikirini üýtgetmegi ýüregine berk düwmeli (Kol. 3:7—9). Ýehowa Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman edýän adamlaryň günälerini bagyşlaýar. Erbet ýoldan dönmek üçin tagalla edýän adamlaryň günälerini Oglunyň gany arkaly ýuwýar (1 Ýah. 1:7). w22.06 sah. 6, abz. 16, 17

10-njy dekabr, sişenbe

Kynçylyklardan gorkma (Ylh. 2:10).

Asyrlarboýy adamlar biri-birine zorluk-sütem edýärler (Nes. 8:9). Meselem, döwlet işgärleri golastyndaky adamlary ezýärler, jenaýatçylar zorluk-sütem edýärler, garagol oglanlar klasdaşlarynyň üstünden gülýärler, doňýürek adamlar aýalyny we çagalaryny urup-ýençýärler. Şol sebäpli adamlaryň bir-birinden gorkup ýaşamagy geň galdyrmaýar. Şeýtan bizi adamdan gorkynyň duzagyna düşürmek üçin näme edýär? Şeýtan bizi adamdan gorkynyň duzagyna düşürip, Hudaýyň kada-kanunlaryny bozdurjak we wagyz etmegi goýdurjak bolýar. Şeýtan şu dünýäniň hökümdary. Şonuň üçin käbir ýurtlarda wagyz işini gadagan edýär we Hudaýyň halkyny yzarlaýar (Luka 21:12). Şeýle-de Ýehowanyň Şaýatlary hakda ýalan gep-gürrüňleri ýaýradýar. Adamlar hem ýalan gürrüňlere ynanyp biziň üstümizden gülýärler we urup-ýençýärler (Mat. 10:36). Biz muňa geň galýarysmy? Elbetde, ýok! Şeýtan şeýle usuly I asyrda hem ökdelik bilen ulanypdy (Res. 5:27, 28, 40). w22.06 sah. 16, abz. 10, 11

11-nji dekabr, çarşenbe

Halka dogruçyllygy öwredýänler ýyldyzlar kimin ebedilik şöhle saçar (Dan. 12:3).

Dogruçyllygy öwrenjeklere kimler degişli? Olara täze dünýäde direljek adamlar, Armageddondan sag-aman geçjekler we täze dünýäde doguljak çagalar degişli. Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda olaryň ählisi kämil bolarlar. Adamyň kämil bolmagy ebedi ýaşajakdygyny aňlatmaýar. Geliň, geçmişe ser salalyň! Ilkinji ynsan Adam ata bilen How ene kämildi. Emma olar ebedi ýaşamak üçin Ýehowa Hudaýa wepalydyklaryny subut etmelidi. Gynansak-da, olar Ýehowa gulak asmadylar (Rim. 5:12). Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda adamlar kämil bolar. Olaryň ählisi Hudaýyň hökümdarlygyny goldarlarmy? Ýa-da Adam ata bilen How ene ýaly Oňa biwepalyk ederler? w22.09 sah. 22, 23, abz. 12—14

12-nji dekabr, penşenbe

Dünýäniň patyşalygy Hudaýymyzyň we onuň Mesihiniň Patyşalygy boldy (Ylh. 11:15).

Dünýäniň ýagdaýy gün-günden erbetleşýär. Maşgala ojagynda söýgi sowaýar. Adamlar zalym, özüni bilýän we gaharjaň. Köp adamlar döwlet işgärlerine ynanmaýarlar. Häzir «soňky günlerde» adamlaryň gylyk-häsiýetleriniň erbetleşjekdigi hakdaky pygamberlik ýerine ýetýär (2 Tim. 3:1—5). Emma biz dünýäniň ýagdaýynyň gowulaşjakdygyna umyt edýäris. Akýürekli adamlar Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigi bilen razylaşsalar gerek! «Soňky günler» baradaky pygamberlik Isa Mesihiň Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy bolandygyny subut edýär. Mukaddes Kitapda Hudaýyň Patyşalygy barada ýene-de köp pygamberlikler ýazylan. Eger biz şol pygamberlikleri jikme-jik öwrensek, dünýäniň soňunyň Ýehowanyň bellän wagtynda geljekdigine ynamly bolup bileris. w22.07 sah. 2, abz. 1, 2

13-nji dekabr, anna

Adamyň akyldarlygy edýän işlerinden görünýär (Mat. 11:19).

Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri ýygnak duşuşyklaryny nädip geçirmelidigi we nädip wagyz etmelidigi barada anyk görkezmeler berildi. Biz gysga wagtyň içinde ýygnak duşuşyklaryny, etrap we welaýat kongreslerini wideoaragatnaşyk arkaly geçirip başladyk. Şeýle-de hat we telefon arkaly wagyz etmegi ýola goýduk. Ýehowa biziň edýän tagallamyza ak pata berdi. Filiallaryň habar bermegine görä, wagyzçylaryň sany artdy we köp gyzykly wakalar boldy. Käbirleri: «Doganlar keselçilik barada çendenaşa alada edýärler» diýmegi mümkin. Ýöne biz berlen görkezmeleriň peýdalydygyna ençeme sapar göz ýetirdik. Ýolbaşçymyz Isanyň söýgi bilen aladamyzy edýändigi hakda oýlansak imanymyz berkär. Biz ertir näme boljagyny bilmeýäris. Emma Ýehowanyň we Ogly Isanyň hemişe goldajakdygyna ynanýarys (Ýew. 13:5, 6). w22.07 sah. 13, abz. 15, 16

14-nji dekabr, şenbe

Hemişe doga-dileg ediň. Ähli zat üçin Hudaýa minnetdarlyk aýdyň, sebäbi Hudaý siziň Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde şeýle etmegiňizi isleýär (1 Sel. 5:17, 18).

Biz Ýehowanyň beren bereketleri üçin müňdebir şükür edýäris. Meselem, biz hoşboý ysly al-elwan gülleri görenimizde göwnümiz galkynýar, näz-nygmatlary iýip hezil edýäris we dostlarymyz bilen dynç alyp şatlanýarys. Ýehowa biziň durmuşdan lezzet alyp ýaşamagymyz üçin ähli şertleri döretdi (Zeb. 104:12—15, 24). Şeýle-de Ol imanymyzy berkitmek üçin bilim berýär we Jennetde ýaşatmak isleýär. Biz Ýehowanyň eden ýagşylyklaryny unutmaz ýaly näme etmeli? Biz Ýehowa näme hakda doga edendigimizi depdere ýazyp goýmaly. Ony wagtal-wagtal okasak, Ýehowanyň nädip jogap berendigine göz ýetireris. Şonda ýüregimiz minnetdarlykdan dolar we Ýehowanyň eden ýagşylyklaryny hiç haçan unutmarys (Kol. 3:15). w22.07 sah. 22, abz. 8, 9

15-nji dekabr, ýekşenbe

Ol Ýehowanyň kanunyny ýürekden söýýär. Gije-gündiz Hudaýyň kanuny hakda oýlanýar (Zeb. 1:2).

Elbetde, Mukaddes Kitaby diňe bir okamak ýeterlik däl, biz öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmaly. Şonda hakykatdanam bagtly bolarys (Ýak. 1:25). Biz öwrenen zatlarymyzy nädip durmuşymyzda ulanyp bileris? Bir dogan gylyk-häsiýetleriň barada oýlanmagy we Ýehowa ýaraýan häsiýetleri ösdürmegi maslahat berýär. Pawlus resul şeýle diýdi: «Biz nähili üstünlik gazanan bolsak, şeýle etmegi dowam edeliň» (Flp. 3:16). Mähriban dogan-uýalar, hakykat ýolundan sowulmazlyk üçin tagalla ediň. Şonda hakykatdanam bagtly bolarsyňyz, Ýehowany we dogan-uýalary begendirersiňiz (Nak. 27:11; 3 Ýah. 4). Geliň, Mukaddes Kitabyň hakykatynyň gadyryny bileliň we öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanalyň. w22.08 sah. 18, 19, abz. 16—18

16-njy dekabr, duşenbe

Hudaýyň sürüsini bakyň (1 Pet. 5:2).

Ýygnak ýaşululary Ýehowa bilen Isany ýürekden söýýändigini nädip subut edip bilerler? Olar Isanyň guzujyklarynyň aladasyny etmeli (1 Pet. 5:1, 2). Geliň, Petrus resul bilen bolan waka hakda gürrüň edeliň. Petrus Halypasyndan üç gezek ýüz öwürdi. Soňra onuň ynsaby ezýet berdi. Petrus Halypasyny söýýändigini subut edesi gelýärdi. Isa pygamber ölüp direlenden soň: «Ýahýanyň ogly Simun, sen meni söýýäňmi?» diýip sorady. Elbetde, Petrus Halypasy üçin janyny bermäge taýyndy. Emma Isa oňa: «Guzularymy bak!» diýdi (Ýah. 21:15—17). Petrus resul ömrüniň ahyryna çenli dogan-uýalaryň aladasyny edip, Halypasyny söýýändigini subut etdi. Ýaşulular Petrus resulyň göreldesine nädip eýerip biler? Olar çopançylyk idegini etmeli we wagyz etmeýän wagyzçylara Ýehowa dolanmaga kömek etmeli (Ezek. 34:11, 12). w23.01 sah. 29, abz. 10, 11

17-nji dekabr, sişenbe

Hudaý beren sözünde durup, siziň döz gelip bilmejek synaglaryňyza ýol bermez (1 Kor. 10:13).

Belki, biz: «Hiç kim meniň ýagdaýyma, duýgularyma we göreşýän kynçylyklaryma düşünmeýär» diýip ruhdan düşýändiris. Emma şeýle pikir etmek örän howply. Sebäbi synaga düşenimizde göreşmegiň deregine: «Men hiç haçan düzelmerin, maňa hiç kim kömek edip bilmez» diýip, gol gowşuryp oturarys. Emma Mukaddes Kitapda: «Hudaý. . . synagda soňuna çenli çydap biler ýaly çykalga-da açar» diýilýär. Erbet höwesleriňiz näçe güýçli bolsa-da, siz özüňize erk edip bilersiňiz. Ýehowa size aldym-berdimli söweşde ýeňiş gazanmaga kömek eder. Biz bikämil adamlar. Şol sebäpli käte aňymyzda erbet pikirler ýa-da höwesler döräp biler. Şeýle ýagdaýda Potifaryň aýalyndan gaçyp giden Ýusubyň göreldesine eýereliň we aýgytly hereket edeliň (1 Mus. 39:12). Şonda erbet pikirleriň guly bolmarys. w23.01 sah. 12, 13, abz. 16, 17

18-nji dekabr, çarşenbe

Sebäbi Hudaý hiç kimi ala tutmaýar (Rim. 2:11).

Ýehowa adalatly Hudaý (5 Mus. 32:4). Adatça, adalatly adam başgalary ala tutmaýar (Res. 10:34, 35). Edil şonuň ýaly, Ýehowa-da hiç kimi ala tutmaýar. Ýehowa dünýäniň soňunda «hakyky bilimiň artjakdygyny» wada berdi (Dan. 12:4). Biz şu pygamberligiň ýerine ýetýändigini gözümiz bilen görýäris. Şu günler Mukaddes Kitap we oňa esaslanan edebiýatlar köp dillere terjime edilýär, çap edilýär we ýaýradylýar. Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitaby bölekleýin ýa-da tutuşlygyna 240-dan gowrak dile terjime edýär we adamlara mugtuna paýlaýar. Şeýdip, millionlarça adamlar dünýäniň soňy gelmänkä «Patyşalyk baradaky hoş habary» eşidýärler (Mat. 24:14). Görşümiz ýaly, söýgüden doly adalatly Hudaýymyz her bir adamyň Mukaddes Kitap arkaly Özi bilen dostlaşmagyny isleýär. w23.02 sah. 5, abz. 11, 12

19-njy dekabr, penşenbe

Şu dünýäniň täsirine düşmäň. . . pikiriňizi. . . üýtgediň (Rim. 12:2).

Siz dogruçyl we halal ýaşamagy gowy görýärsiňizmi? Elbetde, gowy görýänsiňiz. Emma şu zalym dünýäde ýagşyny ýamandan saýgarmak kyn bolup biler (Işa. 5:20). «Dogruçyl» diýende nähili adam göz öňüňize gelýär? Köp adamlar talapkär, özüni ýokary tutýan, tankytçyl adamlary dogruçyl hasaplaýarlar. Emma şeýle häsiýetleri Ýehowa halamaýar. Isa pygamber hem öte dogruçyl we özüni çendenaşa paýhasly hasaplaýan dini ýolbaşçylara käýedi (Nes. 7:16; Luka 16:15). Ýehowany razy edip dogruçyl ýaşaýan adam özüni ýokary tutmaýar. Dogruçyllyk adamyň abraýyny artdyrýan häsiýetleriň biridir. Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýän adama halal ýaşaýar diýse bolar. Mukaddes Kitapda Hudaýyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýan adama dogruçyl diýilýär. w22.08 sah. 26, 27, abz. 3—5

20-nji dekabr, anna

Men size dostlarym diýýärin (Ýah. 15:15).

Geliň, I asyrda bolan wakalar hakda gürrüň edeliň. Şägirtler köp ýalňyşýardy, emma Isa pygamber olara ýürekden ynanýardy (Ýah. 15:16). Ýakup bilen Ýahýa Isa pygamberden: «Patyşalygyňda birimize sag tarapyňda, beýlekimize çep tarapyňda oturmaga rugsat et» diýip haýyş etdiler. Ýöne Isa olara käýemedi, olardan ýüz öwürmedi (Mar. 10:35—40). Bir güni Isa pygamberi tussag edýärler. Şonda şägirtleriň ählisi ony taşlap gaçyp gidýärler (Mat. 26:56). Isa pygamber şägirtleriniň bikämildigine düşünýärdi. Şol sebäpli olara ynanýardy we olary «soňky demine çenli söýdi» (Ýah. 13:1). Isa pygamber ölümden direlenden soň 11 resulyna wajyp ýumuş tabşyrdy. Olara wagyz işine ýolbaşçylyk etmegi we guzujyklarynyň aladasyny etmegi ynandy (Mat. 28:19, 20; Ýah. 21:15—17). Şägirtler Isa pygamberiň ynamyny ödediler we bütin ömrüne Ýehowa wepaly gulluk etdiler. Görşümiz ýaly, Isa pygamber bikämil adamlara ynanyp, biziň üçin gowy görelde galdyrdy. w22.09 sah. 6, abz. 12

21-nji dekabr, şenbe

Ýehowa meniň tarapymda, men gorkmaryn (Zeb. 118:6).

Ýehowanyň bizi söýýändigine, biziň tarapymyzdadygyna ynansak, Şeýtanyň her bir hüjümine garşy durup bileris. 118-nji mezmury ýazan adam köp kynçylyklara duşdy. Oňa han-begler, atly-abraýly adamlar garşy çykdylar (9, 10-njy aýatlar). Ol gaýgy-aladadan ýaňa ruhdan düşýärdi (13-nji aýat). Ýehowa oňa temmi beripdi (18-nji aýat). Emma mezmurçy: «Men gorkmaryn» diýýär. Mezmurçy gökdäki Atasy Ýehowanyň özüni söýýändigini bilýärdi. Ol nähili kynçylyklara duşsa-da, Ýehowanyň goldajakdygyna ynanýardy (Zeb. 118:29). Ýehowa biziň her birimizi söýýär. Eger muňa şübhelenmesek, maşgalamy ekläp bilmerin diýen gorkynyň, adamdan we ölümden gorkynyň duzagyna düşmeris. w22.06 sah. 14, 15, abz. 3, 4

22-nji dekabr, ýekşenbe

Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol Ýehowany razy edip. . . ýaşaýyş täjini alar (Ýak. 1:12).

Biz Ýehowa sežde etmegi birinji ýerde goýmaga jan etmeli. Ýehowa ähli zady Ýaradan Hudaý, şol sebäpli diňe Oňa sežde etmeli (Ylh. 4:11; 14:6, 7). Biz Ýehowa «ruhda we hakykatda» sežde etmeli (Ýah. 4:23, 24). Munuň üçin bize Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi gerek bolýar. Hudaýa nädip sežde etmelidigini Mukaddes Kitapdan bilse bolýar. Biz wagyz işi çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýurtda ýaşasak-da, Ýehowa sežde etmegi birinji orunda goýmaly. Şu günler 100-den gowrak bigünä dogan-uýalar Ýehowa iman edýändigi üçin türmede otyrlar. Emma olar şatlygyny ýitirmeýärler, doga-dileg edýärler, Mukaddes Kitaby okaýarlar, Ýehowa we onuň Patyşalygy hakda wagyz edýärler. Hawa, adamlar sögseler-de, yzarlasalar-da özümizi bagtly duýýarys. Sebäbi Ýehowanyň bizden razydygyny we bereket berjekdigini bilýäris (1 Pet. 4:14). w22.10 sah. 9, abz. 13

23-nji dekabr, duşenbe

vAkyldarlyk hem adamy goraýar (Nes. 7:12).

«Nakyllar» kitabynyň ýazylanyna ençeme asyr geçenem bolsa, Ýehowanyň maslahatlary her birimize peýda berýär. Geliň, «Nakyllar» kitabyndaky iki maslahata seredeliň. Birinji maslahat: şükür edip ýaşaň. Nakyllar 23:4, 5-de şeýle maslahat berilýär: «Baýajak bolup janyňy gynama... Gözüňi baýlyga dikersiň welin, ol gaýyp bolar, bürgüt deý ganat ýaýyp, asmana uçup gider». Baýlar pul gazanmak üçin abraýdan gaçýarlar, dostlaryndan geçýärler, hatda jan-saglygyna zyýan ýetirýärler. Gynansak-da, adam mal-mülküni bir günüň içinde ýitirip bilýär (Nak. 28:20; 1 Tim. 6:9, 10). Ikinji maslahat: oýlanyp gepläň. Biz oýlanman geplesek adamlaryň göwnüne degip bileris. Nakyllar 12:18-de şeýle diýilýär: «Oýlanman aýdylan söz gylyç kimin ýara salýandyr, paýhasly adamyň dili derde dermandyr». Biz gybat edip ýörsek, dogan-uýalaryň arasyndaky agzybirligi bozarys (Nak. 20:19). w22.10 sah. 21, abz. 14; sah. 22, abz. 16, 17

24-nji dekabr, sişenbe

Golýazmany iý. Soňra git-de, ysraýyl halkyna sözümi aýt (Hyz. 3:1).

Hyzkyl wagyz etmeli habaryna özi gowy düşünmelidi. Diňe şonda pygamber yhlasly wagyz edip bilerdi. Pygamber golýazmany iýende: «Golýazma bal ýaly süýjüdi» diýdi (Hyz. 3:3). Näme üçin? Hyzkyl Ýehowanyň wekili bolmagy uly hormat hasaplaýar (Zeb. 19:8—11). Ol Ýehowanyň özüni pygamber edip saýlanyna örän minnetdar bolýar. Ýehowa Hyzkyl pygambere: «Aýdýan sözlerimiň ählisini diňle, olary ýüregiň töründe sakla» diýdi (Hyz. 3:10). Hyzkyl pygamber sürgün edilen halka wagyz etmelidi. Şol sebäpli imanyny berkider ýaly, golýazmada ýazylan zatlary ýatda saklamalydy we olar barada oýlanmalydy (Hyz. 3:11). Hyzkyl pygamber Ýehowanyň tabşyran ýumşuny doly ýerine ýetirmek üçin, aýdýan habaryna gowy düşünmelidi. w22.11 sah. 6, abz. 12—14

25-nji dekabr, çarşenbe

Gulak asmak gurbanlykdan gowudyr (1 Şam. 15:22).

Ýehowanyň guramasynda özgerişlik bolanda, biziň imanymyz synalyp bilner. Ýöne Ýehowanyň guramasynda bolýan özgerişlikleri ýürekden goldaň. Ysraýyllar çölde ýaşaýarka kohatlaryň hormatly borjy bardy. Her gezek ysraýyllar ýola düşende, kohatlar äht sandygyny göterip, halkyň öňünden ýöremelidi (4 Mus. 3:29, 31; 10:33; Ýuşa 3:2—4). Gör, nähili uly hormat! Emma ysraýyllar Wada edilen ýurda girenden soňra olaryň borjy üýtgedi. Indi äht sandygyny başga ýere göçürmek gerek däldi. Käbir kohatlary aýdymçy edip bellediler, käbirleri derwezeban boldy, käbirlerini bolsa ammarlara baştutan edip bellediler (1 Tar. 6:31—33; 26:1, 24). Emma Mukaddes Kitabyň hiç ýerinde olaryň nägile bolandygy ýa-da has jogapkärli borç almak isländigi aýdylmaýar. Biz olaryň göreldesine nädip eýerip bileris? Ýehowanyň guramasynda borjumyz bilen bagly özgerişlik bolanda, ýürekden kabul edeliň. Täze borjumyza yhlasly ýapyşalyň. Unutmaň, Ýehowa borjumyza däl-de, ýüregimize seredip baha berýär. w22.11 sah. 23, abz. 10, 11

26-njy dekabr, penşenbe

Ol türmede oturandygyma utanmady (2 Tim. 1:16).

Onisifor Pawlus resuly gözläp tapdy, goldady we ruhlandyrdy. Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? Biz yzarlanýan doganlary goldamak üçin şirin janymyzdan geçmäge taýýar bolmaly. Sebäbi olar biziň goldawymyza mätäç (Nak. 17:17). Şonuň üçin doganlaryň daýanjy bolalyň, hemişe olara goldaw bereliň! Geliň, Russiýadaky dogan-uýalar hakda gürrüň edeliň. Olar tussag edilen imandaşlaryny goldap, bize gowy görelde görkezýärler. Hatda olar agyr synagy başdan geçirýän dogan-uýalary goldamak üçin kazyýete bardylar. Jogapkär doganlary yzarlasalar, azatlykdan mahrum etseler, biz howsala düşmeli däl, gaýtam olar üçin Ýehowa doga-dileg etmeli we maşgala agzalaryna kömek etmeli. Şonda olary goldaýandygymyzy subut ederis (Res. 12:5; 2 Kor. 1:10, 11). w22.11 sah. 17, abz. 11, 12

27-nji dekabr, anna

Olar maňa köp göwünlik berdiler (Kol. 4:11).

Ýaşulular dogan-uýalaryň imanyny berkitmeli we olara göwünlik bermeli (1 Pet. 5:2). Tebigy betbagtçylyk bolanda ýaşulular ilkinji nobatda dogan-uýalary howpsuz ýere göçürmeli we olaryň iýjek-içjeginiň, geýjeginiň hem-de ýaşar ýaly ýeriniň bolmagynyň aladasyny etmeli. Ýöne käbir dogan-uýalar tebigy betbagtçylykdan birnäçe aý geçen soň hem şol wakany ýatlap ruhdan düşýärler (Ýah. 21:15). Harold dogan filial komitetiniň agzasy bolup gulluk edýär. Ol tebigy betbagtçylykdan ejir çeken dogan-uýalara kömek etdi. Harold şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalara özüne gelmek üçin wagt gerek bolýar. Olar aradan çykan dost-ýarlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň hasratyny çekýärler, weýran bolan öýüni küýseýärler. Şeýle-de olar ölümiň bäri ýanyndan gaýdan pursatlaryny köp wagtlap unudyp bilmeýärler. Şeýle ýatlamalar dogan-uýalaryň güýjüni alyp, ruhdan düşürýär. Bu olaryň imanynyň gowşakdygyny aňlatmaýar. Şeýle duýgular islendik adamda bolup bilýär». Ýaşulular Mukaddes Kitapdaky «aglaýanlar bilen aglaň» diýen maslahata ýürekden eýerýärler (Rim. 12:15). w22.12 sah. 22, abz. 1; sah. 24, 25, abz. 10, 11

28-nji dekabr, şenbe

Mukaddes ruha görä ýaşaň, şonda ten höweslerine eýermersiňiz (Gal. 5:16).

Ýehowa bize erbet pikirleri ýeňer ýaly mukaddes ruhuny berýär. Biz Hudaýyň Sözüni okanymyzda mukaddes ruh aňymyzy we pikirlerimizi täzeleýär. Şeýle-de Ýehowa ýygnak duşuşyklary arkaly mukaddes ruhuny berýär. Ýygnak jaýynda Ýehowany razy edip ýaşamak üçin elinde baryny edýän dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolýarys we biri-birimiziň imanymyzy berkidýäris (Ýew. 10:24, 25; 13:7). Ýehowa ýalbaryp doga etsek, Ol bize ejizliklerimiz we erbet endiklerimiz bilen göreşer ýaly mukaddes ruhuny berer. Elbetde, erbet endiklerimiz we häsiýetlerimiz bir günde aýrylmaz, ýöne Mukaddes Kitaby okasak, ýygnak duşuşyklaryna barsak hem-de Ýehowa ýalbaryp doga etsek, olaryň guly bolmarys. Biz Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmek üçin gün tertibini düzmeli we oňa hemişe eýermeli. Şeýle-de imanyňy berkidýän we ruhlandyrýan zatlar hakda oýlanmaly. w23.01 sah. 11, abz. 13, 14

29-njy dekabr, ýekşenbe

Hiç zada üstümden agalyk etdirmerin (1 Kor. 6:12).

Mukaddes Kitap saglyk kitaby bolmasa-da, onda Ýehowanyň saglyk babatda garaýşy ýazylan. Mysal üçin, Hudaýyň Sözünde «erbet zatlardan gaça duruň» diýilýär (Nes. 11:10). Mukaddes Kitapda iýermenlik we içegenlik ýazgarylýar. Sebäbi şol zatlar biziň saglygymyza zyýan ýetirýär (Nak. 23:20). Ýehowa biziň näme iýip-içýändigimize we näçeräk iýip-içýändigimize ünsli bolmagymyzy isleýär (1 Kor. 9:25). Hudaý bize pikirleniş ukybyny berdi. Biz pikirleniş ukybyny ulanyp jan-saglygymyzy gorap bilýäris (Zeb. 119:99, 100; Nak. 2:11). Aýdaly, siz bir iýmiti gowy görýärsiňiz, ýöne şol iýmit saglygyňyz üçin zyýanly. Eger siz oýlanyp hereket etseňiz, şol iýmitden gaça durarsyňyz. Biz pikirleniş ukybyny ulansak, diňe bir zyýanly zatlardan gaça durman, eýsem, wagtynda ýatyp turarys, beden maşkyny ederis, şahsy arassaçylygy saklarys, öýümizi we daş-töweregimizi tämiz saklarys. w23.02 sah. 21, abz. 6, 7

30-njy dekabr, duşenbe

Okan zatlaryňa nähili düşündiň? (Luka 10:26)

Hudaýyň Sözüni okanymyzda gizlin ýatan ruhy dürdäneleri nädip tapmaly? Bize 2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlar kömek edýär. Üns beren bolsaňyz, aýatda «Mukaddes kitaplaryň ählisi... peýdalydyr» diýilýär. Olar bize öwredýär, käýeýär, dogry ýola getirýär we terbiýeleýär. Birinjiden, Hudaýyň Sözüni okanyňyzda Ýehowa we onuň niýetleri hakda näme öwrenendigiňizi biljek boluň. Soňra okan aýatlaryňyzyň size nädip käýeýändigini, ýagny nädogry garaýşyňyzy we häsiýetleriňizi anyklamaga hem-de üýtgemäge nädip kömek edýändigine düşünjek boluň. Üçünjiden, adamlaryň nädogry garaýşyny düzetmäge, olary dogry ýola salmaga nädip kömek edýändigini biljek boluň. Şeýle-de okan aýatlarymyzyň bizi nädip terbiýeleýändigine, ýagny Ýehowadan görelde alyp, ähli zada onuň gözi bilen seretmäge nädip kömek edýändigine düşünjek boluň. Şu dört ädimi hatda seýrek salgylanýan aýatlarymyzda hem ulanyp bilýäris. Şu maslahatlara eýersek, ruhy dürdäneleri taparys we Mukaddes Kitaba has gowy düşüneris. w23.02 sah. 11, abz. 11

31-nji dekabr, sişenbe

Onuň hökümdarlygy. . . hiç haçan ýok edilmez (Dan. 7:14).

«Danyýar» kitabynda Isanyň ýedi döwürden soň Patyşa boljakdygy ýazylan. Pygamberlik haçan ýerine ýetdi? (Dan. 4:10—17) «Ýedi döwür» 2 520 ýyly öz içine alýar. «Ýedi döwür» b. e. öň 607-nji ýylda başlandy. Şol ýyl wawilonlylar Iýerusalimi basyp aldylar we Ýehowanyň bellän patyşasyny tagtdan agdardylar. Şondan soň Ýehowa «hak eýesi gelýänçä» hiç kimi patyşa bellemedi. «Ýedi döwür» 1914-nji ýylda tamamlandy we şol ýyl Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy edip Isa pygamber bellenildi (Hyz. 21:25—27). «Ýedi döwür» hakdaky pygamberligi näme üçin bilmeli? Şu pygamberlik Ýehowanyň beren wadalaryny öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine ynamymyzy artdyrýar. Hudaýyň Patyşalygy barada aýdylan pygamberlik Ýehowanyň bellän wagtynda ýerine ýetdi. Biz Ýehowanyň aýdan pygamberlikleriniň ählisiniň öz wagtynda ýerine ýetjekdigine şübhelenmän bileris. Hawa, Ýehowanyň güni «gijä galmaz»! (Hab. 2:3) w22.07 sah. 3, abz. 3—5

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş