Iblise ýol bermäň
«Iblise ýol bermäň» (EFESLILER 4:27).
1. Köp adam Iblisiň bardygyna näme üçin şübhelenýär?
BIR kitabyň aýtmagyna görä, Iblis otdan döränmiş we adamlary erbet işlere iterýärmiş. Hristian dünýäsi bolsa Iblisi şahly, toýnakly we gyzyl eşikli suratlandyryp, elindäki çarşagy bilen günäli adamlary dowzah oduna atýar diýip düşündirýär. Ýöne Mukaddes Ýazgylar beýle öwretmese-de, millionlarça adamlar nädogry düşünje sebäpli Iblisiň bardygyna şübhelenýär ýa-da «Iblis» diýen sözi erbet iş bilen baglanşykly ulanylýar.
2. Mukaddes Ýazgylarda Iblis barada nämeler diýilýär?
2 Mukaddes Ýazgylarda Iblisi gören şaýadyň sözleri getirilýär hem-de beýleki subutnamalar bar. Isa Mesih ony asmanda görüpdi, ýere gelende, onuň bilen gürleşipdi (Eýýup 1:6; Matta 4:4—11). Mukaddes Ýazgylarda onuň başdaky ady aýdylmasa-da, oňa Iblis (töhmetçi) diýilýär, çünki ol Hudaýa töhmet atdy. Oňa Şeýtan (duşman) hem diýilýär, sebäbi ol Hudaýa garşy çykdy. Şeýtan Iblisiň «köne ýylan» diýen ady hem bar, sebäbi ol How enäni aldamak üçin ýylany ulandy (Ylham 12:9; 1 Timoteos 2:14). Şeýle-de oňa «Erbet» diýilýär (Matta 6:13, TD)a.
3. Biz haýsy soraga serederis?
3 Biz Ýehowanyň gullukçylary, şonuň üçin ýalňyz hak Hudaýyň ganym duşmany — Şeýtana meňzäsimiz gelenok. Şoňa görä-de, Pawlusyň «Iblise ýol bermäň» diýen maslahatyna eýermeli (Efesliler 4:27). Eýsem, biz näme üçin Şeýtana eýermeli däl?
Beýik töhmetçä meňzemäň
4. Iblis Hudaýa nädip töhmet atdy?
4 Bu erbet perişde Iblis diýilmäge mynasyp, çünki ol töhmetçi. Sebäbi töhmet — birini ýalan sözler bilen nähak garalamak. Hudaý Adam ata: «Ýagşylyk we ýamanlygy bilme agajyndan iýme; çünki ondan iýen günüň hökman ölersiň» diýdi (Barlyk 2:17). How ene-de muny bilýärdi, emma Iblis ýylan arkaly oňa: «Elbetde ölmersiňiz; Çünki Hudaý ondan iýen günüňiz, şol wagt gözleriňiz açylyp, ýagşyny we ýamany bilip-de, Hudaý ýaly boljakdygyňyzy bilýär» diýdi (Barlyk 3:4, 5). Şeýdip, ol Ýehowa garşy nähak töhmet atdy!
5. Diotrefis atan töhmetine näme üçin jogap bermelidi?
5 Ysraýyllylara: «Iliň içinde töhmetçi bolup ýörme» diýlip tabşyryldy (Lewililer 19:16). Ýahýa resul öz döwrüniň töhmetçileri barada şeýle diýdi: «Men ýygnaga ýazdym, ýöne olaryň arasynda başlyk bolmagy söýýän Diotrefis bizi kabul etmeýär. Munuň üstesine, ol doganlary-da kabul etmeýär, muny etjek bolýanlara hem päsgel berip, olary ýygnakdan kowýar. Şoňa görä-de, eger baraýsam, bize erbet sözler aýdyp, eden işlerini ýadyna salaryn» (3 Ýahýa 9, 10). Diotrefis Ýahýa atan töhmeti üçin jogap bermelidi. Wepaly mesihçileriň hiç biriniň Diotrefise we beýik töhmetçi Iblise meňzäsi gelmese gerek?!
6, 7. Biz näme üçin hiç kime töhmet atmaly däl?
6 Ýehowanyň gullukçylaryna ýygy-ýygydan töhmet atýarlar we olary ýalan sözler bilen aýyplaýarlar. «Baş ruhanylar bilen kanunçylar... ol ýerde durup, Ony [Isany] gaty aýyplaýardylar» (Luka 23:10). Baş ruhany Hananýa we birnäçe adam Pawlusy ýalan sözler bilen aýypladylar (Resullaryň işleri 24:1—8). Mukaddes Ýazgylarda Şeýtana «doganlarymyzyň aýyplaýjysy, olary Hudaýymyzyň öňünde gije-gündiz aýyplaýan» diýilýär (Ylham 12:10). Ol soňky günler ýer ýüzündäki mesh edilen doganlarymyzy ýalan sözler bilen aýyplaýar.
7 Mesihçiler hiç kime töhmet atmak ýa-da hiç kimi ýalan sözler bilen aýyplamak islemeýär. Bir zat bolanda, biz hemme zatdan habarly bolmasak, kimdir birine garşy şaýat bolmaly däl. Musanyň Kanuny boýunça bilgeşleýin ýalan sözleýän şaýada ölüm jezasy berilýärdi (Çykyş 20:16; Kanunyň gaýtalanyşy 19:15—19). Galyberse-de, Ýehowanyň ýigrenýän zatlarynyň biri «ýalan ýagdyrýan galp şaýat» (Süleýmanyň tymsallary 6:16—19). Şonuň üçin biz beýik töhmetçä we ýalan sözleýän aýyplaýja meňzäsimiz gelenok.
Baş Ganhoryň ýoluna düşmäň
8. Iblis nädip «owaldan ganhor» boldy?
8 Iblis — ganhor. Isa: «Ol owaldan ganhordy» diýdi (Ýahýa 8:44). Şeýtan başda Adam atany we How enäni Hudaýdan daşlaşdyryp, ganhor boldy. Ol ilkinji ynsanlary we olaryň neslini ölüme eltdi (Rimliler 5:12). Üns beren bolsaň, bu diňe bir erbetlik däl-de, munuň aňyrsynda şahsyýetiň durandygyny görensiň.
9. 1 Ýahýa 3:15-iň aýtmagyna görä, biz nädip ganhor bolup bileris?
9 Ysraýyllylara berlen on tabşyrygyň birinde «adam öldürme» diýilýär (Kanunyň gaýtalanyşy 5:17). Petrus resul mesihçilere: «Ýöne sizden hiç kim ganhor... bolup görgi görmesin» diýip ýazdy (1 Petrus 4:15). Elbetde, Ýehowanyň gullukçysy hiç kimiň ganyna galmaz. Ýöne biz imandaşymyzy ýigrenip, ölümini islesek, Hudaýyň öňünde şeýle uly günä gazanarys: «Doganyny ýigrenýän kişi ganhordyr, siz hiç bir ganhorda ebedi ýaşaýşyň galmaýanyny bilýänsiňiz» (1 Ýahýa 3:15). Ysraýyllylara: «Ýüregiňde doganyňa garşy ýigrenç bolmasyn» diýildi (Lewililer 19:17). Ganhor Şeýtan ýygnagyň agzybirligini bozmaz ýaly, imandaşymyz bilen düşünişmezlik dörese, geliň, derrew çözeliň (Luka 17:3, 4).
Baş Ýalança garşy duruň
10, 11. Baş Ýalançy Şeýtana garşy durmak üçin biz näme etmeli?
10 Iblis — ýalançy. Isa ol barada şeýle diýdi: «Ol ýalan sözlän mahaly öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasy» (Ýahýa 8:44). Şeýtan How enäni aldady. Onuň tersine, Isa dünýä hakykata güwälik etmek üçin geldi (Ýahýa 18:37). Biz Isanyň şägirtleri hökmünde Iblise garşy dursak, onda hiç kime ýalan sözlemeris we aldamarys. Biz «hakykaty aýtmaly» (Zakarýa 8:16; Efesliler 4:25). Ýehowa — «hakykat Hudaýy» — diňe dogruçyl güwäçilerine ak pata berýär. Erbet adamlar onuň güwäçisi bolup bilmez (Zebur 31:5, 50:16; Işaýa 43:10).
11 Biz Mukaddes Ýazgylardan «hakykat ýoluny» bilip, Şeýtanyň aldawyndan azat bolandygymyza begenýän bolsak, «hakykat ýoluna» ýapyşarys (2 Petrus 2:2; Ýahýa 8:32). Mesihçileriň taglymatlary hem «hoş habaryň hakykatyny» düzýär (Galatýalylar 2:5, 14). Hatda halas bolmak üçin hem «hakykatda gezmeli», ýagny hakykat boýunça ýaşap, «ýalanyň atasyna» garşy durmaly (3 Ýahýa 3, 4, 8).
Dinden ilkinji çykana gaýtawul beriň
12, 13. Dinden çykanlara biz nähili garamaly?
12 Iblis bir wagtlar hakykatdady. Ýöne Isa Iblis barada: «Ol hakykatda durup bilmedi, çünki onda hakykat ýok» diýdi (Ýahýa 8:44). Dinden ilkinji çykan Iblis «hakykat Hudaýyna» garşy gitdi. Irki mesihçileriň käbiri «Şeýtanyň duzagyna düşüp», onuň oljasy boldular: onuň aldawyna düşüp, hakykatdan daşlaşan bolsalar gerek. Şonuň üçin Pawlus olary ruhy taýdan sagaldyp, Şeýtanyň duzagyndan gutarmak isledi. Şonuň üçin ol imandaşy Timoteosa hat ýazyp, şol adamlary ýumşaklyk bilen ýola getirmegi haýyş etdi (2 Timoteos 2:23—26). Dinden çykanlaryň düşünjeleri bilen aldanman, gaýtam, hakykatda berk duralyň.
13 Adam ata bilen How ene Iblise gulak asdylar we onuň aldawyna düşüp, dinden çykdylar. Onda dinden çykanlar bilen gürleşsek, olaryň edebiýatyny okasak ýa-da Internet sahypalaryna seretsek, dogry bolarmy? Eger biz Ýehowany we hakykaty söýsek, bulary etmeris. Biz dinden çykanlary içeri almarys, olara salamam bermeris, çünki bulary edýänler olaryň «erbet işlerine şärik bolýarlar» (2 Ýahýa 9—11). Geliň, «hakykat ýoluny» inkär edip, ýalan mugallymlaryň yzyna düşmäliň, sebäbi olar «heläkleýji bozuk taglymaty girizýärler» ýa-da ýalan sözler bilen ezýän ýalan mugallymlara eýerse, Iblisiň toruna düşüp biler (2 Petrus 2:1—3).
14, 15. Pawlus Efesosdaky ýygnagyň ýaşulularyny we işdeşi Timoteosy näme barada duýdurdy?
14 Pawlus Efesosdaky ýygnagyň ýaşulularyna şeýle diýdi: «Özüňize we Reb Hudaýyň Öz [Isanyň] gany bilen edinen ýygnagyny bakmak üçin, Mukaddes Ruhuň sizi içinde gözegçi edip goýan tutuş sürüsine göz-gulak boluň. Men gidenimden soň, azgyn gurtlaryň araňyza girjegini bilýärin, olar sürini aýamaz. Araňyzdan şägirtleri yzlaryna eýertjek bolup, hakykaty ýoýjak adamlar çykar» (Resullaryň işleri 20:28—30). Wagtyň geçmegi bilen, imandan dänenler peýda bolup, «hakykaty ýoýdular».
15 B. e. 65-nji ýyllarynda Pawlus Timoteosa «hakykat sözüni dogry ulanmagy» maslahat berdi. Ýöne «ýaramaz, boş sözlerden gaça dur. Çünki bulara baş goşýanlar hudaýsyzlykda mundan beýläk-de ilerlärler. Olaryň sözleri rak kimin ýaýrar. Imeneýus bilen Filatus bulardandyr. Olar direlişiň eýýäm bolup geçendigini aýtmak bilen, hakykatdan azaşdylar, indi bolsa käbir adamlaryň imanyny dargadýarlar» diýdi. Imandan dänmeklik başlandy! Ýöne Pawlus: «Emma Hudaýyň berk binasy durandyr» diýdi (2 Timoteos 2:15—19).
16. Dinden ilkinji çykanyň hilelerine garamazdan, Hudaýa we onuň Sözüne wepaly galmaga bize näme kömek edýär?
16 Şeýtan köplenç dinden çykanlary ulanyp, hakyky dini ýoýjak bolsa-da, hiç hili üstünlik gazanmady. 1868-nji ýyllarda Çarlz Teýz Rassell hristian dünýäsiniň buthanasynyň taglymatlaryny dykgatly öwrenip, «olaryň Mukaddes Ýazgylary ýalňyş düşündirýändigine» göz ýetirdi. Rassell birnäçe hakykaty gözleýän adamlar bilen ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Pitsburg şäherinde Mukaddes Ýazgylary öwrenip başladylar. Şondan bäri takmynan 140 ýyl geçensoňam, Ýehowanyň gullukçylarynyň bilimi artýar hem-de Hudaýa we Mukaddes Ýazgylara bolan söýgüsi ösýär. Dinden ilkinji çykanyň hilelerine garamazdan, sadyk hem akylly hyzmatkär bize ruhy taýdan oýa bolmaga, Hudaýa we onuň Sözüne wepaly galmaga kömek edýär (Matta 24:45). Şu günlerem «Hudaýyň berk binasy dur».
Bu dünýäniň hökümdarynyň täsirine düşmäliň
17—19. Haýsy dünýä Şeýtanyň gol astynda we näme üçin biz ony söýmeli däl?
17 Şeýtan bizi duzagyna düşürmek üçin ýene bir usuly ulanýar. Ol bu dünýä — Hudaýdan daşlaşan erbet adamlara bolan söýgini oýarýar. Isa Iblise «bu dünýäniň hökümdary» diýip, soňra: «Onuň men barada ygtyýary ýokdur» diýdi (Ýahýa 14:30). Senem hiç haçan Şeýtanyň täsirine düşme! Biz «bütin dünýäniň bolsa Iblisiň goly astyndadygyna» düşünýäris (1 Ýahýa 5:19). Iblis Isa bir gezek oňa sežde etse, «dünýäniň bütin patyşalyklaryny» berjekdigini aýtdy, şonda Hudaýyň Ogly onuň teklibini çürt-kesik ret etdi (Matta 4:8—10). Şeýtanyň höküm sürýän dünýäsi mesihçileri ýigrenýär (Ýahýa 15:18—21). Şonuň üçin Ýahýa resulyň bize «dünýäni söýmäň» diýenine geň galmaýarys!
18 Ýahýa şeýle ýazdy: «Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň. Biri dünýäni söýýän bolsa, onda Atanyň söýgüsi ýokdur. Çünki dünýäde bolan ähli zatlar, ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi Atadan däl, dünýädendir. Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» (1 Ýahýa 2:15—17). Biz dünýäni söýmeli däl, çünki onuň ýollary Ýehowa Hudaýyň kadalaryna laýyk gelmeýän günäli ten höweslerine eltýär.
19 Eger-de ýüregiňde dünýä söýgi dörese, näme etmeli? Onda, geliň, bu söýgä we ten höweslerine garşy göreşmek üçin doga edip, Hudaýdan kömek diläliň (Galatýalylar 5:16—21). Elbetde, biz «ýamanlygyň ruhy gudratlary», ýagny «dünýäniň häkimiýetleriniň» erbet adamlaryň üstünden höküm sürýändigini ýatda saklasak, biz özümizi «dünýäden çirksiz saklamaga» güýjümizi gaýgyrmarys (Ýakup 1:27; Efesliler 6:11, 12; 2 Korintoslylar 4:4).
20. Näme üçin bize «dünýäden däl» diýse bolar?
20 Isa şägertleri barada: «Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler» diýdi (Ýahýa 17:16). Mesh edilen mesihçiler we olaryň wepaly ýoldaşlary ahlak we ruhy taýdan özlerini arassa saklap, bu dünýä goşulmaýarlar (Ýahýa 15:19; 17:14; Ýakup 4:4). Bu erbet dünýä bizi ýigrenýär, çünki biz olara goşulman «dogrulygy wagyz edýäris» (2 Petrus 2:5). Dogry, biz bu dünýäniň ahlaksyz, zynahor, talaňçy, butparaz, ogry, ýalançy we arakkeş adamlarynyň arasynda ýaşýarys (1 Korintoslylar 5:9—11; 6:9—11; Ylham 21:8). Ýöne biz «bu dünýäniň ruhundan» dem almaýarys, sebäbi günäli ten höwesleriniň täsirine düşemizok (1 Korintoslylar 2:12).
Iblise ýol bermäň
21, 22. Efesliler 4:26, 27-nji aýatlardaky Pawlusyň maslahatyna nädip eýerip bolar?
21 Bize «dünýäniň ruhy» däl-de, Hudaýyň ruhy ýol görkezýär. Hudaýyň ruhy söýgi we özüňe erk etmek ýaly häsiýetleri ösdürmäge ýardam edýär (Galatýalylar 5:22, 23). Şeýtan imanymyzy gowşatjak bolanda, şol häsiýetler bizi goraýar. Iblis biziň «ýamanlyk etmek üçin asla özümizi ýakmagymyzy» isleýär, Hudaýyň ruhy bolsa «gahardan saklanmaga, gazaby taşlamaga» ýardam edýär (Zebur 37:8). Dogry, käwagt gaharlanmaga sebäp bolsa-da, Pawlus bize şeýle maslahat berýär: «Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol bermäň» (Efesliler 4:26, 27).
22 Eger biz gaharlanyp ýöresek, gaharymyz günä eltip biler. Gaharymyzy ýatyryp bilmesek, ýygnakda agzalalygyň döremegine ýa-da bizi erbet işlere itermegine Iblise ýol berýäris. Şonuň üçin agzalalyk dörände, Hudaýyň aýdyşy boýunça doganymyzyň ýanyna derrew baryp çözmeli (Lewililer 19:17, 18; Matta 5:23, 24; 18:15, 16). Geliň, şonuň üçin Hudaýyň ruhunyň öwredişi boýunça ýaşalyň, özümize erk etmegi başaralyň we gaharlanmaga sebäp bolsa-da, hiç haçan duşmançylyga, gazaba we ýigrenje ýol bermäliň.
23. Indiki makalada haýsy soraglara serederis?
23 Biz Iblisiň käbir ýaramaz häsiýetlerine seretdik. Mümkin käbir okyjylary: «Biz Şeýtandan gorkmalymy? Ol mesihçileri näme üçin yzarladýar? Iblisiň aldawyna düşmez ýaly, biz näme etmeli?» diýen soraglar gyzyklandyrýandyr.
a «Garawul diňi» žurnalynyň 2005-nji ýylyň Sanjar aýynyň 15-ne çykan sanynyň «Iblis barmyka?» diýen makalalaryna serediň.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Biz näme üçin hiç kime töhmet atmaly däl?
• 1 Ýahýa 3:15-e laýyklykda, ganhor bolmakdan nädip ägä bolmaly?
• Dinden çykanlara nähili garamaly we näme üçin?
• Biz näme üçin dünýäni söýmeli däl?