Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 1/2 sah. 17—21
  • Ýehowadan sabyrly bolmagy öwren

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowadan sabyrly bolmagy öwren
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň sabyrlylygy barada oýlan
  • Pygamberleriň sabry
  • «Eýýubyň çydamlylygy»
  • «Ýehowanyň güni geler»
  • Ýehowadan we Isadan sabyrly bolmagy öwreniň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sabyrly bolalyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Biz wagyzda sabyrly bolmaly
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Sabyrlylyk çydamly bolmaga kömek edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 1/2 sah. 17—21

Ýehowadan sabyrly bolmagy öwren

«Reb öz wadasyny ýerine ýetirmegi gijikdirýän däldir» (2 PETRUS 3:9).

1. Ýehowa adamlara bahasyna ýetip bolmajak nähili sowgat hödürleýär?

ÝEHOWA bize hiç kimiň hödürläp bilmejek zadyny hödürleýär. Onuň hödürleýän zady örän ajaýyp we gymmatly. Ony satyn alyp ýa-da gazanyp bolmaýar. Ol bize ebedi ýaşaýyş sowgadyny, ýagny ýer ýüzünde baky ýaşaýşy hödürleýär (Ýahýa 3:16). Gör, nähili ajaýyp ýaşaýyş! Bize ejir çekdirýän agzalalyk, sütem, garyplyk, jenaýatçylyk, keselçilik we hatda ölüm ýaly erbetliklerem geçmişde galar. Adamlar söýgi bilen höküm sürýän Hudaýyň Patyşalygynyň golastynda parahat we agzybir ýaşar. Biziň şeýle Jennetde ýaşasymyz gelýär gerek?! (Işaýa 9:6, 7; Ylham 21:4, 5).

2. Ýehowa erbet dünýäni näme üçin henize çenli ýok etmedi?

2 Ýehowa-da ýer ýüzüni Jennete öwürjek wagtyna garaşýar. Bu sözler hak söz, çünki Hudaý dogrulygy hem adalaty söýýär (Zebur 33:5). Ol prinsiplerini äsgermeýän, häkimiýetine tabyn bolmaýan we halkyny yzarlaýan adamlara syn edip lezzet almaýar. Hudaýyň bu erbet dünýäni henize çenli ýok etmeýänliginiň sebäpleri bar. Olaryň biri, Hudaýyň höküm sürmegi bize peýdalymy ýa zyýanly diýen jedelli mesele. Ýehowa bu jedelli meseläni çözende, özüniň ajaýyp häsiýetini — sabyrlylygy görkezýär. Şeýle häsiýet şu günler köp adamlarda ýetmezçilik edýär.

3. a) Ýewreý we grek dilinden terjime edilen «sabyr» diýen söz nämäni aňladýar? b) Biz haýsy soraglara serederis?

3 «Sabyr» diýen grek sözi Mukaddes Ýazgylarda ençeme gezek duş gelýär. Bu sözüň göni manysy «egsilmez ruh» köplenç bolsa «köp sabyrly» ýa-da «sabyr etmek» diýip terjime edilýär. Grek we ýewreý dilinden terjime edilen «sabyr» diýen söz çydamlylygy we gahardan saklanmagy aňladýar. Ýehowanyň sabyrlylygy bize näme üçin peýdaly? Ýehowanyň we onuň wepadar gullukçylarynyň sabryndan hem-de çydamlylygyndan biz näme öwrenip bileris? Ýehowanyň sabrynyň çäklidigini biz nireden bilýäris? Geliň, ol hakda bileliň.

Ýehowanyň sabyrlylygy barada oýlan

4. Ýehowanyň sabyrlylygy babatda Petrus resul näme diýdi?

4 Petrus resul Hudaýyň sabyrlylygy babatda şeýle diýdi: «Eý söýgüli doganlar, bir zady unutmaň: Rebbiň ýanynda bir gün müň ýyl, müň ýyl bir gün ýalydyr. Käbirleriniň gijikme hasap edişi ýaly, Reb Öz wadasyny ýerine ýetirmegi gijikdirýän däldir, Ol biziň üçin sabyr edýändir; çünki Ol hiç kim heläk bolman, hemmeleriň toba gelmegini isleýär» (2 Petrus 3:8, 9). Ýehowanyň sabyrlylygyna düşünmek üçin şu aýatlardaky iki pikire üns beriň.

5. Ýehowa islendik zady edende, wagta nähili seredýär?

5 Birinjiden, Ýehowanyň wagta seredişi biziňkiden tapawutlanýar. Ol ebedi ýaşansoň, biziň müň ýylymyz oňa bir gün ýaly. Onuň wagty çäkli bolmasa-da, islendik meseläni çözende haýal etmeýär. Ýehowa akyldar bolany üçin, her bir zady haçan etmelidigini gowy bilýär we şol wagtyň gelmegine-de garaşýar. Muňa garamazdan, Ýehowa bellän wagtyna garaşyp, gullukçylaryň horluklaryna biparh garaýandyr diýmek nädogry bolardy. Sebäbi ol söýýän we «rehimli» Hudaý (Luka 1:78; 1 Ýahýa 4:8). Ol horluklaryň bolmagyna wagtlaýyn ýol berse-de, onuň ýetirýän zyýanyny bütinleý aýyrmagy we ýok etmegi-de başarýar (Zebur 37:10).

6. Hudaý barada biz nähili netijä gelmeli däl we näme üçin?

6 Esasanam, arzuw edýän zadyňa garaşmak aňsat däl (Süleýmanyň tymsallary 13:12). Şonuň üçin kimdir biri beren sözüni ýerine ýetirmäge howlukmasa, onda başga adamlar ol sözünde duranok diýmekleri mümkin. Hudaý barada bolsa beýle pikir etmek nädogry bolar! Eger biz Hudaýyň sabyrlylygyny gijikme hasaplap, oňa nädogry düşünsek, wagtyň geçmegi bilen şübhelenip, ruhdan düşeris we ruhy taýdan uka gitmegimize sebäp bolar. Iň erbedem biz Petrus resulyň öňden duýduryşy ýaly, iman etmeýän ýaňsylaýjylaryň aldawyna düşüp bileris. Olar ýaňsylap şeýle diýýär: «Rebbiň gelmeginiň wadasy hany? Atalar ölenden bäri hemme zat ýaradylyşyň başlangyjynda bolşy ýaly dur» (2 Petrus 3:4)

7. Ýehowanyň sabyrlylygy, ol adamlaryň toba gelmegini isleýändigi bilen nähili bagly?

7 Ikinjiden, Petrusyň aýtmagyna görä, Ýehowa hemmeleriň toba gelmegini isleýär, şonuň üçinem sabyr edýär. Erbet ýolundan dönmek islemeýänlere Ýehowa jeza berer. Ýöne Hudaý erbet adamlaryň ölmeginden lezzet almaýar. Dogrusy, ol adamlar toba gelse we erbet ýollaryndan dönüp ýaşasalar begenýär (Ezekiýel 33:11). Şonuň üçinem ol sabyr edýär we her bir adamda ýaşamaga mümkinçilik bolar ýaly, bütin ýer ýüzüne hoş habary wagyz etmäge gullukçylaryny ýollaýar.

8. Hudaýyň sabyrlylygy, Ysraýyl halky bilen gatnaşygyndan nähili görünýär?

8 Hudaýyň sabyrlylygy, gadymy Ysraýyl halky bilen gatnaşygyndan hem görünýär. Ol olaryň gulak asmazlygyna asyrlar boýy sabyr etdi. Ol pygamberler arkaly gaýta-gaýta şeýle diýdi: «Bu erbet ýoluňyzdan dönüň, Meniň tabşyryklarymy, parzlarymy, atalaryňyza tabşyran, bendelerim pygamberler arkaly size ýollan kanunym boýunça ýerine ýetiriň». Netijede näme boldy? Gynansak-da, adamlar «gulak asmady» (4 Patyşalar 17:13, 14, MKS).

9. Isanyň sabrylylygynda Atasynyň sabyrlylygy nähili görünýärdi?

9 Ahyrsoňy, Ýehowa ogluny iberdi. Ol bolsa ýehudylary ençeme gezek Hudaý bilen ýaraşmaga çagyrdy. Isanyň sabyrlylygynda Atasynyň sabyrlylygy görünýärdi. Tizden öldüriljekdigini bilip, Isa gynanyp şeýle diýdi: «Eý Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz islemediňiz» (Matta 23:37). Bu sözler jezalandyrmak isleýän ýowuz kazynyň sözlerini däl-de, söýýän we sabyrly dostuň zaryn sözlerini görkezýär. Isa-da gökdäki Atasy ýaly adamlaryň toba gelip, hökümden gutulmagyny isleýärdi. Şonuň üçin käbir adamlar Isanyň aýdanlaryna gulak asyp, b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalime abanan elhenç jezadan gutuldylar (Luka 21:20—22).

10. Hudaýyň sabyr etmeginiň bize nähili peýdasy bar?

10 Eýsem, Hudaýyň sabry haýran galdyrmaýarmy? Adamzadyň gulak asmazlygyna garamazdan, Ýehowa biziň her birimize hem-de millionlarça başga adamlara özi barada bilim almaga mümkinçilik berýär we gutulyşa umyt berýär. Petrus resul imandaş doganlaryna: «Rebbimiziň sabryny gutulyş pursady saýyň» diýip ýazdy (2 Petrus 3:15). Biz Ýehowanyň sabry sebäpli gutulyş ýoluna düşenimiz üçin, oňa minnetdar bolmaly dälmi näme? Eýsem, biz günsaýyn Hudaýa gulluk edip biler ýaly, Ýehowanyň bize mundan beýlägem sabyrly bolmagy barada doga etmeýärismi? (Matta 6:12).

11. Ýehowanyň sabryna düşünmeklik bizi näme höweslendirýär?

11 Ýehowanyň näme üçin sabyr edýändigine düşünsek, gutulyşa garaşmaga kömek eder we ol niýetini ýerine ýetirmäge gijigýär diýmek biziň aňymyza-da gelmez (Ýeremiýanyň agysy 3:26). Biz Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada doga etsek-de, dogamyza haçan jogap bermelidigini Ýehowanyň özüniň gowy bilýändigine ynanýarys. Galyberse-de, Ýehowanyň göreldesi biziň ruhy doganlara we wagyz edýän adamlarymyza sabyrly bolmagymyza höweslendirýär. Bizem hiç bir adamyň heläk bolmagyny däl-de, olaryň toba gelip, biziň bilen bile ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýäris (1 Timoteos 2:3, 4).

Pygamberleriň sabry

12, 13. Ýakup 5:10-a laýyklykda, Işaýa pygamber sabyrlygyny nädip görkezdi?

12 Ýehowanyň sabry barada oýlansak, bu häsiýetiň gadyryny bileris we ony özümizde ösdüreris. Bikämil adamlara sabyrly bolmak aňsat bolmasa-da, ony ösdürmek mümkin. Isanyň şägirdi Ýakup şeýle diýdi: «Eý doganlar, görgüde hem sabyrda Rebbiň adyndan geplän pygamberleri görelde ediniň» (Ýakup 5:10). Başga adamlaryňam biziň kynçylyklarymyza meňzeş kynçylyklara hötde gelendikleri teselli berýär hem-de ruhlandyrýar.

13 Mysal üçin, Hudaýyň ýumşuny ýerine ýetirer ýaly, Işaýa pygambere sabyrly bolmak gerekdi. Bu Ýehowanyň sözlerinden görünýär. Ol şeýle diýdi: «Bar, bu halka aýt: «Gulagyňyz bilen eşidip, düşünmersiňiz; gözleriňiz bilen gözläp, görmersiňiz; Çünki bu halkyň ýüregi gatady, gulaklary agraldy, gözlerini-de ýumdular. Beýle bolmasady, gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşidip, ýürekleri bilen düşünip, Maňa öwrülerdiler, Men-de olara şypa bererdim» (Matta 13:14, 15; Işaýa 6:9, 10). Bu halkyň gulak asmazlygyna garamazdan, Işaýa sabyrlyk bilen Hudaýyň duýduryş habaryny azyndan 46 ýyllap aýtdy! Şonuň ýaly köp adamlar diňlemese-de, hoş habary dyngysyz wagyz etmäge sabyrlylyk bize-de kömek eder.

14, 15. Kynçylygyň we ruhdan düşmegiň hötdesinden gelmäge Ýeremiýa näme kömek etdi?

14 Hawa, pygamberler gulluk edenlerinde, diňe bir adamlaryň gulak asmazlygyna däl, yzarlamalara-da duş gelýärdi. Mysal üçin, Ýeremiýa pygamberiň el-aýagyny daňyp, tussaghana basdylar we guýa taşladylar (Ýeremiýa 20:2; 37:15; 38:6). Ol adamlara ýagşylyk etjek bolup, olaryň elinden ejir çekdi. Emma Ýeremiýa olara gahar edip, ar almakçy bolmady. Ol köp ýyllap şeýle yzarlamalara çydam etdi.

15 Ýeremiýa pygamberi ýaňsylamalardyr yzarlamalar dymmaga mejbur edip bilmedi. Bu zatlar bizi-de dymmaga mejbur edip bilmez. Elbetde, biziň käte ruhdan düşmegimiz ahmal. Ýeremiýa-da ruhdan düşüp, şeýle diýdi: «Ýehowanyň sözi üçin men uzynly gün masgaralanýan we gülki bolýan. Men: «Ol barada agzamaryn, onuň adyndan gaýdyp gürlemerin» diýdim» Soňra näme bolduka? Ýeremiýa wagyz etmegini bes etdimikä? Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Emma onuň sözi süňkümde ornaşyp, ýüregimde ýanýan ot ýalydy, men ony özümde saklamakdan ýadadym we mundan artyk çydap bilmedim» (Ýeremiýa 20:8, 9). Üns beren bolsaňyz, ol adamlaryň ýaňsylamasy barada pikir edende, şatlygyny ýitirdi. Ýöne habaryň gözelligi we ähmiýeti barada oýlananda, ol ýene-de şatlyk tapdy. Mundan başga-da, Ýehowa «gazaply esger kimin» Ýeremiýa bilen bolup, Hudaýyň sözüni yhlasly we batyrlyk bilen aýdar ýaly berkidýärdi (Ýeremiýa 20:11).

16. Hoş habary wagyz edenimizde, nädip şatlyk tapyp bileris?

16 Ýeremiýa gullukdan şatlyk tapýardymy? Elbetde! Ol Ýehowa şeýle diýdi: «Seniň sözleriň tapyldy we men olary iýip başladym. Seniň sözüň maňa begenç we ýüregime şatlyk berdi, sebäbi, eý Ýehowa, maňa seniň adyň dakyldy» (Ýeremiýa 15:16). Ýeremiýa hormatly borjundan, ýagny hak Hudaýy tanatmakdan we onuň sözüni wagyz etmekden şatlyk tapýardy. Bizem şatlanyp bileris. Şeýle-de gökdäki perişdeler ýaly bizem bütin dünýäde köp adamlar hoş habara seslense, toba etse we ebedi ýaşaýşa eltýän ýola düşse şatlanýarys (Luka 15:10).

«Eýýubyň çydamlylygy»

17, 18. Eýýup çydamlylygyny nädip görkezdi we netijede näme boldy?

17 Gadymy pygamberler barada aýdyp, soňra Ýakup resul şeýle diýdi: «Biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygyny eşitdiňiz, Rebbiň işiniň soňuny-da gördüňiz; çünki Reb köp şepagatly hem rehimdardyr» (Ýakup 5:11). Bu ýerde «çydamlylyk» diýlip terjime edilen grek sözi Ýakup 5:10-daky «sabyr» diýen sözüň manysyna meňzeş. Bu iki sözüň tapawudyny görkezip, bir alym şeýle diýdi: «Adamlar bize azar berende, sabyrlylyk gerek, betbagtçylyga uçranymyzda bolsa çydamlylyk gerek».

18 Eýýup köp betbagtçylygy başdan geçiren adam. Ol baýlygyndan mahrum boldy, çagalaryny ýitirdi we agyr kesele sezewar boldy. Şeýle-de Eýýup Ýehowa temmi berýär diýen nähak aýyplamalara döz geldi. Ol dymyp ejir çekmedi. Eýýup düşen ýagdaýyna ah çekdi we hatda özüni Hudaýdan-da dogruçyldyryn öýtdi (Eýýup 35:2). Ýöne şonda-da ol Hudaýa bolan imanyny gowşatman, oňa wepaly galdy. Şeýtanyň aýdan sözlerine garamazdan, ol Hudaýy näletlemedi (Eýýup 1:11, 21). Netijede näme boldy? «Ýehowa Eýýubyň soňky günlerini öňküden-de has köp bereketledi» (Eýýup 42:12). Ýehowa Eýýubyň saglygyny dikeltdi, baýlygyny iki esse artdyrdy we maşgalasyny köpeldip bagtly etdi. Eýýup wepalylygy we çydamlylygy arkaly Ýehowany has gowy tanady.

19. Eýýubyň çydamlylygyndan biz näme öwrenýäris?

19 Eýýubyň çydamlylygyndan biz näme öwrenýäris? Bizem Eýýup ýaly keselden ýa-da başga bir zatdan ejir çekip bileris. Mümkin. biz Ýehowanyň näme üçin şeýle synagy başdan geçirmegimize ýol berýändigine doly düşünýän däldiris. Ýöne biz wepaly galsak, pata aljakdygymyza iman etmeli. Ýehowa özüni agtarýanlary hökman sylaglaýar (Ýewreýler 11:6). Isa: «Soňuna çenli çydan halas bolar» diýdi (Matta 10:22; 24:13).

«Ýehowanyň güni geler»

20. Ýehowanyň gününiň geljekdigine näme üçin ynansa bolar?

20 Ýehowa sabyrly bolsa-da, ol adalatlylygy söýýäni üçin, erbetligiň soňuna çykar. Şeýle-de onuň sabyrlylygy çäkli. Petrus resul: «[Hudaý] gadym dünýä rehim etmedi» diýdi. Nuhy we onuň maşgalasyny halas etse-de, erbet dünýäni tupan bilen ýok etdi. Şeýle-de Ýehowa Sodom we Gomora şäherlerini kül edip, üstlerinden höküm çykardy. Bu hökümleri bilen Ýehowa «hudaýsyz ýaşajaklara nusga» görkezdi. Hawa, «Rebbiň [Ýehowanyň] gününiň... geljekdigine» biz ynanyp bileris (2 Petrus 2:5, 6; 3:10).

21. Biz sabyrlylygymyzy we çydamlylygymyzy nädip görkezip bileris we indiki makalada nämä serederis?

21 Geliň, bizem Ýehowadan sabyrly bolmagy öwrenip, adamlaryň toba gelmegine we gutulmagyna kömek edeliň. Şeýle-de adamlar diňlemese-de, hoş habary sabyrlylyk bilen wagyz edip, pygamberleriň göreldesine eýereliň. Galyberse-de, bizem synagda Eýýup ýaly çydamly bolup, wepaly galsak, Ýehowanyň bolelin bereket eçiljegine ynanyp bileris. Hawa, biz gullukdan şatlyk tapar ýaly sebäp bar, çünki Ýehowa bütin ýer ýüzünde hoş habary wagyz edýänlere jomartlyk bilen ak pata berýär. Muny biz indiki makaladan bileris

Ýadyňyzdamy?

• Ýehowa näme üçin sabyr edýär?

• Pygamberleriň sabryndan näme öwrenýäris?

• Eýýup çydamlylygyny nädip görkezdi we netijede näme boldy?

• Ýehowanyň sabrynyň çäklidigini biz nämeden bilýäris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş