«Men seniň kanunyňy nähili söýýärin!»
«Men Seniň kanunyňy nähili söýýärin! Bütin gün oý-pikirim şol hakda» (ZEBUR 119:97).
1, 2. a) 119-njy mezmury ýazan adam nämäni başyndan geçirdi? b) Ol şeýle ýagdaýda özüni nähili alyp bardy we näme üçin?
ZEBURYŇ 119-njy mezmuryny ýazan adam agyr synagy başdan geçiren bolmaly. Hudaýyň kanunyna eýermeýän tekepbir duşmanlar ony masgaraladylar, ol barada ýalan sözläp, töhmet atdylar. Şazadalaram dildüwşüp, ony yzarladylar. Erbetleriň kementleri onuň janyna howp saldy. Şonuň üçin mezmurçy gaýgydan ýaňa uklap bilmeýärdi (Zebur 119:9, 23, 28, 51, 61, 69, 85, 87, 161). Muňa garamazdan, ol Ýehowa: «Men Seniň kanunyňy nähili söýýärin! Bütin gün oý-pikirim şol hakda» diýip, nagma aýdýardy (Zebur 119:97).
2 Mezmurçy Hudaýyň kanunlaryndan nädip teselli we göwünlik tapdyka? Ýehowanyň ony gymmatly saýýandygy ony berkidýärdi. Duşmanlarynyň döredýän kynçylyklaryna garamazdan, Hudaýyň söýgi bilen berýän kanunlarynyň peýdalydygyny hem-de bagtly edýändigini mezmurçy bilýärdi we özüni bagtly duýýardy. Ýehowanyň oňa mähirli garaýandygyna ol göz ýetirdi. Galyberse-de, mezmurçy Hudaýyň kanunyny berjaý edip, duşmanlaryndan akylly çykdy we janyny gorady. Hudaýyň kanunyna gulak asýandygy üçin, onda parahatlyk we arassa ynsap bardy (Zebur 119:1, 9, 65, 93, 98, 165).
3. Näme üçin şu günler mesihçilere Hudaýyň kanuny boýunça ýaşamak aňsat däl?
3 Şu günlerem Hudaýyň gullukçylarynyň käbirleri agyr synaglary başdan geçirýärler. Mezmurçynyňky ýaly janymyza howp awanmasa-da, biz «kyn pursatlar bolýan» günlerde ýaşaýarys. Biziň gündeki iş salyşýan adamlarymyz Hudaýy äsgermezlik edip, olar diňe özüni bilip, gopbamsylygy bilen tapawutlanýarlar. Olaryň maksady diňe baýamak (2 Timoteos 3:1—5). Ýaş mesihçiler ahlak taýdan arassa bolmak üçin hemişe göreşmeli bolýarlar. Şeýle adamlaryň arasynda Hudaýy söýüp, dogry ýolda galmak aňsat däl. Biz özümizi nädip gorap bileris?
4. Mezmurçynyň Hudaýyň kanunlaryny söýendigi nämeden görünýär, mesihçilerem onuň göreldesine eýermelimi?
4 Mezmurça Hudaýyň kanunyny dykgatly öwrenmek üçin wagt sarp etmegi synaglara garşy durmaga kömek etdi. Şeýdip, Hudaýyň kanunlaryna onuň söýgüsi artdy. Dogrudanam, 119-njy mezmuryň her bir aýadynda diýen ýaly, Ýehowanyň kanuny agzalyp geçilýära. Şu günler mesihçiler Musanyň kanuny boýunça ýaşamasa-da, onuň prinsipleri biziň üçin peýdaly (Koloseliler 2:14). Bu prinsipleriň mezmurça teselli berşi ýaly, häzirki döwrüň kynçylyklaryna garşy durýan Hudaýyň gullukçylaryna-da teselli berip biler.
5. Musanyň kanunyndaky haýsy tabşyryklara serederis?
5 Musanyň kanunyndaky Sabat güni, hasylyň galyndysyny ýygnamak we açgözlük baradaky tabşyrygyň imanymyzy nädip berkidip bilýänine, geliň, seredeliň. Olara seredip kanunda nähili prinsipiň bardygyna göz ýetireris. Şonda biziň duşýan kynçylyklarymyzyň hötdesinden gelmek aňsat bolar.
Ruhy zerurlyklary kanagatlandyrmak
6. Adamlaryň nähili zerurlyklary bar?
6 Ynsan aýratyn zerurlyklary bilen ýaradyldy. Mysal üçin, adam sagdyn bolmak üçin iýmeli-içmeli hem-de ýaşara jaýy bolmaly. Şeýle-de ol «ruhy zerurlyklaryny» kanagatlandyrmaly. Ynsan ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmasa, bagtly bolup bilmeýär (Matta 5:3). Ýehowa ynsanyň ýaşaýyş zerurlygynyň wajypdygyny göz öňünde tutup, halkynyň ruhy işlere-de wagtyny sarp eder ýaly, bütin gün iş etmezligi tabşyrdy.
7, 8. a) Musanyň kanuny boýunça Sabat gününiň başga günlerden näme tapawudy bar? b) Sabat gününiň maksady näme?
7 Sabat güni baradaky tabşyryk ruhy işlere wagtyňy sarp etmegiň wajypdygyny görkezýär. Mukaddes Ýazgylarda ilkinji gezek «Sabat» sözi mannany haçan ýygnamalydygy aýdylanda agzalýar. Ysraýyllylara gudratly çöregi hepdäniň alty güni ýygnamalydygy tabşyryldy. Altynjy gün olar iki gün üçin ýygnamalydy, çünki ýedinji gün Ýehowa mannany bermeýärdi. «Ýehowa sabat gününi mukaddes etdi». Şol gün olar öýünde bolmalydy (Çykyş 16:13—30). On tabşyrygyň biri Sabat güni iş etmegi gadagan edýärdi. Bu tabşyrygy ýerine ýetirmeýänlere ölüm jezasy berilýärdi (Çykyş 20:8—11; Sanlar 15:32—36).
8 Sabat güni baradaky kanun Ýehowanyň adamlaryň ruhy we beden saglygynyň aladasyny edýändigini görkezýär. Isa: «Adam Sabat güni üçin däl, eýsem Sabat güni adam üçin döredildi» diýdi (Markus 2:27). Bu ysraýyllylara diňe bir dynç almak däl, eýsem olara Ýaradyjysyna ýakynlaşmaga we oňa söýgüsini bildirmäge mümkinçilik berýärdi (Kanunyň gaýtalanyşy 5:12). Sabat güni diňe ruhy zatlara, ýagny maşgala bilen Ýehowa sežde etmek, Hudaýyň kanunlary barada oýlanmak we doga etmek üçin bagyşlanandy. Sabat güni baradaky tabşyryk ysraýyllylaryň bar wagtyny we güýjüni baýlyga sarp etmekden goraýardy. Ol gün olara Hudaýyň islegini birinji orunda goýmalydygyny ýatladýardy. Isa: «Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» diýen mizemez prinsipi aýdyp, bu barada ýatlatdy (Matta 4:4).
9. Sabat güni baradaky tabşyrykdan mesihçiler näme öwrenip biler?
9 Hudaýyň halkyndan 24 sagada çekýän sabat gününi bellemeklik häzir talap edilmese-de, ol ýöne bir taryhy maglumat hem däl (Koloseliler 2:16). Bu bize ruhy işleri ileri tutmagy ýatlatmaýarmy? Baýlygy we lezzet almagy ruhy zerurlyklardan ileri tutmaly däl (Ýewreýler 4:9,10). Biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Durmuşymda nämäni ileri tutýaryn? Mukaddes Ýazgylary okamagy, doga etmegi, ýygnaga gatnaşmagy hem-de hoş habary wagyz etmegi birinji orunda goýýarynmy? Ýa-da başga zatlary ileri tutýarynmy?» Biz ruhy işleri durmuşymyzda birinji orunda goýsak, hiç zada mätäç bolmajagymyza Ýehowa söz berýär (Matta 6:24—33).
10. Wagtymyzy ruhy işlere sarp etmek näme üçin peýdaly?
10 Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary öwrenen wagtymyz, okaýan zatlarymyz barada çuňňur oýlansak, Ýehowa ýakynlaşmaga kömek eder (Ýakup 4:8). Mundan 40 ýyl öň Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin wagt sarp edip başlan Sýuzan atly uýamyz başda Mukaddes Ýazgylary okamagyň kän bir gyzykly bolmandygyny aýdýar. Onuň üçin bu bir kyn iş ýalydy. Ýöne näçe köp okadygyça oňa gyzykly bolup ugrady. Häzir ol haýsydyr bir sebäbe görä Mukaddes Ýazgylary okap bilmeýän wagtlary bolsa gynanýar. Ol şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylary okamak maňa Ýehowany Ata hökmünde tanamaga kömek edýär. Men oňa bil baglamagy we dogada arkaýyn ýüzlenmegi öwrendim. Ýehowanyň öz gullukçylaryny söýýändigini, aýratynlykda olaryň aladasyny edýändigini görmek bu bir gudrat». Ruhy zerurlyklaryňy yzygiderli kanatlandyrmak uly şatlyk berýär.
Hasylyň galyndysyny ýygnamak baradaky kanun
11. Hasylyň galyndysyny ýygnamak baradaky tabşyrygyň maksady näme?
11 Musanyň kanunynda hasylyň galyndysyny ýygnamak baradaky kanun Hudaýyň halkynyň aladasyny edýändigini görkezýär. Ýehowa ysraýylly daýhanlara meýdandaky hasylyny ýygnanlarynda, yzynda azajygyny galdyrmagy tabşyrdy. Daýhanlar meýdandaky hasylynyň hemmesini, üzümdir zeýtunyň galyndysyny ýygnap almaýardylar. Eger-de bugdaýyň dessesi meýdanda galsa, olar dolanyp almaly däldi. Olary Ýehowa garyplara, gelmişeklere, dul hatynlara we ýetimlere galdyrmagy tabşyrdy. Olar gallanyň galyndysyny ýygnap, agyr zähmet çekseler-de, bu olary zat dilemäge mejbur etmeýärdi (Lewililer 19:9, 10; Kanunyň gaýtalanyşy 24:19—22; Zebur 37:25).
12. Hasylyň galyndysyny ýygnamak baradaky tabşyryk daýhanlara näme etmäge mümkinçilik berýärdi?
12 Hasylyň galyndysyny ýygnamak baradaky kanun, daýhanyň mätäçlere näçe hasyl goýmalydygyny kesgitlemeýärdi. Daýhan meýdanynyň daş töweregindäki orulmadyk bugdaýynyň hataryny näçeräk goýmalydygyny özi çözmelidi. Bu kanun daýhana eli açyklygy öwredýärdi. Şeýle-de daýhana hasyl Berýäne minnetdarlyk bildirmäge mümkinçilik berýärdi, çünki «mätäje rehim edýän bolsa Ony hormatlaýandyr» (Süleýmanyň tymsallary 14:31). Şeýle adamlaryň biri Boazdy. Ol Rutuň dul aýaldygyny bilip, meýdanynda galan gallany ýygnamaga rugsat berdi, şeýdip ol gowy hasyl ýygnady. Ýehowa hem Boazyň jomartlygynyň öwezini doldurdy (Rut 2:15, 16; 4:21, 22; Süleýmanyň tymsallary 19:17).
13. Hasylyň galyndysyny ýygnamak baradaky tabşyrykdan biz näme öwrenip bileris?
13 Hasylyň galyndysyny ýygnamak baradaky kanunyň prinsipi ýatyrylmady. Ýehowa gullukçylaryndan mätäçlere eli açyk bolmagyny isleýär. Biz näçe jomart bolsak, şonça-da bereket alarys. Isa şeýle diýdi: «Beriň, size-de berler. Gujagyňyza basylyp silkelenip, püre-pür, oňat ölçeg bilen berler. Çünki haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler» (Luka 6:38).
14, 15. Biz nähili ýagşy işler edip bileris, bu biziň özümize we kömek edýänlere näme üçin peýdaly?
14 Pawlus resul şeýle maslahat berdi: «hemmelere, ylaýta-da imanlylar içerisine ýagşylyk edeliň» (Galatýalylar 6:10). Şonuň üçin biz kyn ýagdaýa düşen imandaşlarymyza ruhy taýdan kömek etmeli. Ýa-da olara başga kömek gerekdir. Mysal üçin: ýygnaga barmaga, dükandan azyk haryt getirmäge kömek edip bileris. Ýygnagymyzdaky gartaşanlary, kesellileri ýa-da keseli sebäpli öýünden çykyp bilmeýänleri öýüne baryp ruhlandyrsaňyz, ýa-da kömek etseňiz gowy bolmazmy? Eger siz şeýdip, kömek etseňiz, onda Ýehowa mätäçleriň dogasyna siz arkaly jogap bererdi. Ýygnakdaky doganlara kömek etmek biziň borjumyz, şeýle-de hormata mynasyp iş. Imandaşlarymyza tüýs ýürekden söýgimizi bildirsek, şatlyk taparys we Ýehowanyň merhemetini gazanarys (Süleýmanyň tymsallary 15:29).
15 Şeýle-de mesihçiler Hudaýyň niýeti barada adamlara gürrüň berip, wagtyny we güýjüni sarp etmek bilen söýgüsini bildirýärler (Matta 28:19, 20). Adamlara özüni Hudaýa bagyş etmäge kömek edýänler bolsa, Isanyň: «Bermek almakdan bagtlydyr» diýen sözleriniň hakdygyna göz ýetirýärler (Resullaryň işleri 20:35).
Açgözlükden saklan
16, 17. Üçünji tabşyryk nämäni gadagan edýär we näme üçin?
16 Indi Musanyň kanunyndaky açgözlügi gadagan edýän tabşyryga serediliň. Töwratda şeýle diýliýär: «Ýakynyň öýüne göz gyzdyrma. Ýakynyň aýalyna, guluna, gyrnagyna, öküzine, eşegine, we ýakynyň hiç bir zadyna göz gyzdyrma» (Çykyş 20:17). Adamlar ynsanyň ýüregindäkini bilmeýändigi üçin tabşyrygyň ýerine ýetirilýändigini ýa ýetirilmeýändigini bilmeýärler. Şol sebäpli bu tabşyryk ynsanyň çykarýan adalatly höküminden ýokary tutulýar. Bu tabşyryk her bir ysraýyllyny Ýehowanyň öňünde jogapkärli edýärdi, çünki Ol adamlaryň ýüregindäkini bilýär (1 Patyşalar 16:7). Galyberse-de, bu tabşyryk ähli erbet işleriň esasy sebäbini görkezýär (Ýakup 1:14).
17 Açgözlük baradaky tabşyryk Hudaýyň halkyny baýlyga kowalaşmakdan, açgözlükden, hem-de durmuşyndan zeýrenmekden saklaýardy. Şeýle-de bu kanun olary ogurlyk etmekden saklaýardy. Hemişe daş töweregimizdäki adamlarda biziň arzuw edýän zatlarymyz bolar hem-de özümiz bilen deňänimizde üstünlik gazanýan ýaly adamlar bolar. Şonuň ýaly ýagdaýlarda biz pikirimizi dogry ýola gönükdirmesek, biz özümizi bagtsyz duýup, başgalara göriplik ederis. Mukaddes Ýazgylar açgözlüge «ýaramaz pikir» diýýär. Açgöz bolmasak, biziň özümiz üçin ýagşy (Rimliler 1:28—30).
18. Şu günki dünýä adamlary nämä höweslendirýär?
18 Şu günki dünýä baýamaga höweslendirip, açgözlügi goldaýar. Söwda we reklamalar bizi täze zatlary almaga höweslendirýär. Eger bir zady almasak, onda biz bagtly bolmarys diýen pikiri ýygy-ýygydan aňymyzda ornaşdyrýar. Bu isleg Hudaýyň kanunynda ýazgarylýar. Şeýle-de her edip, hesip edip ilkinji bolmak we baýamak islegi ýazgarylýar. Pawlus resul bolsa şeýle diýdi: «Baýajak bolýanlar bolsa synaglaryň duzagyna düşüp, adamlary çöküşe, heläkçilige sokýan ençeme düşnüksiz hem zyýanly höweslere ýolukýandyr. Çünki her hili erbetligiň bir köki pul söýgüsidir. Käbir adamlar munuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, köp sanjylar bilen özlerini gynadylar» (1 Timoteos 6:9, 10).
19, 20. a) Hudaýyň kanunyny söýýänler nämäni gymmat saýýarlar? b) Indiki makalada nämä serederis?
19 Hudaýyň kanunyny söýýänler baýlyga kowalaşmagyň howpludygyna düşünip, özüni ondan goraýar. Meselem, mezmurçy: «Ýüregimi erbet gazanja däl-de, Öz şaýatlyklaryňa tarap ýykgyn etdir. Seniň agzyňdan çykan kanun maňa müňlerçe altyn-kümüşden gowudyr» diýdi (Zebur 119:36, 72). Bu sözleriň hakdygyna düşünsek, paýhasly bolmaga, baýlyga kowalaşmakdan, açgözlükden, we durmuşymyzdan zeýrenmekden gaça durmaga kömek eder. Biziň üçin uly gazanç baýlygyňy köpeltmek däl-de, Hudaýa wepaly bolmakdyr (1 Timoteos 6:6).
20 Gadymy ysraýyllylara berlen Musanyň kanunyndaky prinsipler şu kyn günlerem gymmatly. Biz olary durmuşymyzda ulansak, olaryň gymmatyny bileris, olary söýeris we bagtly bolarys. Kanunda bize sapak bolar ýaly, Hudaýyň gullukçylarynyň durmuşy barada ençeme mysallar bar. Şolaryň käbirine indiki makalada serederis.
a Bu mezmuryň 176 aýadynyň dört aýadyndan başga hemmesi Ýehowanyň tabşyryklarynyň birini, hökümlerini, kanunyny, buýruklaryny, parzlaryny, ýatlatmalaryny, sözlerini we ýollaryny belläp geçýär.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• 119-njy mezmury ýazan adam näme üçin Ýehowanyň kanunyny söýýärdi?
• Sabat güni baradaky tabşyrykdan mesihçiler näme öwrenip biler?
• Hasylyň galyndysyny ýygnamak baradaky kanun näme üçin gymmatly?
• Açgözlük baradaky tabşyryk bizi nädip goraýar?