Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 1/6 sah. 26—30
  • «Ýaşar ýaly, ýaşaýşy saýla»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ýaşar ýaly, ýaşaýşy saýla»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ysraýyllylaryň saýlamakda erk-ygtyýary
  • Dogry ýoly nädip saýlamaly
  • «Bu barada gürrüň ber»
  • Ýehowanyň Sözi hemişe ýerine ýetýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Hudaýyň saýlan halkynda doglanlar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 1/6 sah. 26—30

«Ýaşar ýaly, ýaşaýşy saýla»

«Men size ýaşaýyş we ölüm, bereket we nälet hödürleýärin... Ýaşar ýaly, ýaşaýşy saýla» (KANUNYŇ GAÝTALANYŞY 30:19).

1, 2. Näme üçin adam Hudaýyň suratyna görä ýaradyldy diýse bolar?

«SURATYMYZA we meňzeýşimize görä ynsan ýasaly». Hudaýyň bu sözleri Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji kitabynda ýazylan. «Hudaý ynsany öz suratynda ýaratdy; ony Hudaýyň suratynda ýaratdy» (Barlyk 1:26, 27). Ilkinji ýaradylan adam beýleki ýer ýüzünde ýaradylan jandarlardan tapawutlanýardy. Ol Ýaradyja meňzeýärdi, sebäbi Hudaý ýaly oýlanyp bilýärdi we Hudaýyň söýgi, adalatlylyk, akyldarlyk we güýç ýaly häsiýetliri onda-da bardy. Ol gökdäki Atasyna ýaranmaga, we öz peýdasy üçin dogry karara geler ýaly, oňa ynsap hem berlipdi (Rimliler 2:15). Mahlasy, Adam atanyn erk-ygtyýary bardy. Ýehowa ýerdäki ogluna syn edip: «Gaty oňatdygyny gördi» (Barlyk 1:31; Zebur 95:6).

2 Biz hem Adam atanyň nesli bolandygymyz üçin, Hudaýyň suratyna, keşbine görä ýaradyldyk. Onda biz etjek işimizi saýlap bilerismi? Ýehowa köp zady öňünden bilse-de, biziň bilen näme boljakdygyny öňünden kesgitlemeýär. Ol ýerdäki çagalarynyň durmuşynyň ykbala bagly bolmagyny islemeýär. Biz dogry karara geler ýaly, erk-ygtyýarymyzy ulanmagyň wajypdygyna düşünmek üçin, ysraýyl halky baradaky mysala seredeliň (Rimliler 15:4).

Ysraýyllylaryň saýlamakda erk-ygtyýary

3. On tabşyrygyň ilkinjisinde näme diýilýär we wepaly ysraýyllylar Hudaýa gulak asmaklygy nädip saýlady?

3 Ýehowa ysraýyllylara şeýle diýdi: «Men Ýehowa, seni Müsür ýurdundan, gullaryň öýünden çykaran Hudaýyňdyryn» (Kanunyň gaýtalanyşy 5:6) Bu sözleriň hakdygyna hiç hili şübhe ýok, çünki b. e. öň 1513-nji ýylda Ysraýyl halky Hudaýyň gudraty bilen Müsür ýesirliginden azatlyga çykdy. On tabşyrygyň ilkinjisinde Ýehowa Musa arkaly şeýle yglan etdi: «Menden başga sende hiç hili taňry bolmasyn» (Çykyş 20:1, 3). Şonda ysraýyllylar gulak asmaklygy saýlap, oňa wepaly boljakdygyny söz berdiler (Çykyş 20:5; Sanlar 25:11)

4. a) Musa ysraýyllylara nämäni saýlamagy teklip etdi? b) Şu günler bizem nämäni saýlap bileris?

4 Takmynan 40 ýyl geçensoň, Musa pygamber ysraýyllylaryň soňky nesline ýene-de saýlamagy ýatlatdy. Ol şeýle diýdi: «Şu gün size garşy gökleri we ýeri şaýat edip çagyrýaryn: men size ýaşaýyş we ölüm, bereket we nälet hödürleýärin. Özüň we nesliň ýaşar ýaly, ýaşaýşy saýla» (Kanunyň gaýtalanyşy 30:19). Şeýle mümkinçilik bizde-de bar. Biz Hudaýa wepaly gulluk etmegi saýlasak, ebedi ýaşaýşa gowuşarys, gulak asmazlygy saýlasak, soňunda horluk çekeris. Adamlaryň dürli ýoly saýlandygy babatda iki mysala seredeliň.

5, 6. Ýeşuw haýsy ýoly saýlady we soňy näme boldy?

5 B. e. öň 1473-nji ýylda Ýeşuw ysraýyllylary Wada edilen diýara girizdi. Ol ölüminiň öň ýanynda, Ysraýyl halkyna şeýle sözler bilen ýüzlendi: «Siz, Ýehowa Hudaýa gulluk edesiňiz gelmese, şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň. Derýanyň ol ýüzünde ýaşan atalaryňyzyň taňrylaryny saýlaýaňyzmy ýa-da siziň ýaşaýan ýeriňizdäki amorylaryň taňrylaryny». Soňra Ýeşuw özi we maşgalasy barada sözüni jemläp şeýle diýdi: «Ýöne men we meniň öýüm Ýehowa gulluk eder» (Ýeşuw 24:15).

6 Mundan öň Ýehowa Ýeşuwa Hudaýyň Kanunyna gulak asmaklygy tabşyryp, mert we tutanýerli bolmalydygyny aýtdy. Ýeşuw Kanun kitabyny gije-gündiz okasa, üstünlik gazanmalydy (Ýeşuw 1:7, 8). Ol, dogrudan-da, üstünlik gazandy. Ýeşuwyň saýlan ýoly bereket getirdi. Ol: «Ýehowanyň Ysraýyl öýüne beren ýagşy wadalarynyň hiç biride ýerine ýetmän galmady, hemmesi ýerine ýetdi!» diýdi (Ýeşuw 21:45).

7. Işaýanyň günlerinde käbir ysraýyllylar nämäni saýlady we soňy näme boldy?

7 Indi, takmynan 700 ýyl soň Ysraýylda bolan bir waka seredeliň. Şol wagtlar ysraýyllylar ýalan diniň däp-dessurlaryna eýerýärdiler. Mysal üçin, ýylyň soňky güni adamlar dürli nygmatlardan we süýji şerapdan doly saçagyň başynda ýygnanyşýardy. Bu ýöne bir maşgalanyň ýygnanyşmagy däldi. Bu iki ýalan taňryny şöhratlandyrmak üçin geçirilýän dini dabarady. Işaýa pygamber Hudaýyň biwepalylyga bolan garaýşy barada şeýle diýýär: «Ýöne siz, Ýehowany terk edýän, meniň mukaddes dagymy unudýan, Bagt taňrysyna saçak ýazýan, Ykbal taňrysyna garyşyk şeraby guýýan adamlar». Olar ýyllyk hasyly Ýehowanyň berýän berekedi sebäpli däl-de, «Bagt taňrysyny» we «Ykbal taňrysyny» razy edýäni üçin alýandygyna ynanýardylar. Ýehowa olara şeýle diýýär: «Men sizi gylyja bererin, siziň hemmäňiz boýun egersiňiz, öldürlersiňiz, sebäbi men çagyranymda, siz jogap bermediňiz, men aýdanymda, siz gulak asmadyňyz; siz meniň gözüme ýaramaýan erbet zatlary mydama edip ýörsüňiz, maňa ýaramaýan zatlary saýladyňyz» (Işaýa 65:11, 12). Olaryň nädogry ýoly saýlamagy, gyrylmagyna getirdi, hatda Bagt we Ykbal taňrylary olara hiç hili kömek edip bilmedi.

Dogry ýoly nädip saýlamaly

8. Kanunyň gaýtalanyşy 30:20 görä dogry ýoly saýlamak üçin biz nämeler etmeli?

8 Musa pygamber ysraýyllylara ýaşaýyş ýoluny saýlaň diýende, üç sany etmeli zady aýtdy: «Ýehowa Hudaýyňy söý, onuň sesine gulak asyp, oňa wepaly bol» (Kanunyň gaýtalanyşy 30:20). Dogry ýoly saýlap biler ýaly, geliň, şu ädimlere aýratynlykda seredeliň.

9. Biz Ýehowa bolan söýgimizi nädip görkezip bileris?

9 Ýehowa Hudaýy söýmek. Biz Ýehowany söýýändigimiz üçin oňa gulluk etmegi saýladyk. Ysraýyllylar baradaky mysallara ünsli bolsak, ahlaksyzlyga garşy durarys, bu dünýäniň baýlyga kowalaşmak batgasyna batmarys (1 Korintoslylar 10:11; 1 Timoteos 6:6—10). Biz Ýehowa wepaly bolarys we onuň parzlaryny berjaý ederis (Ýeşuw 23:8; Zebur 119:5, 8). Ysraýyllylar Wada edilen diýara girmezinden öň, Musa pygamber olara şeýle diýdi: «Ine, Ýehowa Hudaýymyň maňa buýruşy ýaly, men size onuň hökümlerini we parzlaryny özüňize mülk edinjek diýaryňyzda berjaý etmek üçin düşündirdim. Şolar boýunça ýaşap, olary berjaý ediň, şonda bu ähli parzlar barada eşitjek halklaryň gözüniň öňünde siz akyldar we düşünjeli bolarsyňyz» (Kanunyň gaýtalanyşy 4:5, 6). Şu günlerem durmuşymyzda Hudaýyň islegini ileri tutsak, oňa söýgimizi görkezeris. Eger biz şeýle etmegi saýlasak, hökman bereket alarys (Matta 6:33).

10—12. Nuhuň günlerinde bolan zatlardan biz näme öwrenip bileris?

10 Hudaýyň sesine gulak asmak. Nuh «dogrulyk wagyzçysydy» (2 Petrus 2:5). Aslynda, Tupan bolmazyndan öň, Nuh duýdursa-da, adamlaryň ählisi diýen ýaly «hiç zady bilmeýärdi [oýlanmaýardy, TD]». Soňy näme boldy? «Tupan turup hemmesini äkitdi». Biziň günlerimizde, ýagny «Ynsan Oglunyň geljek [boljak]» döwründe-de, şeýle boljakdygyny Isa duýdurdy. Şu günlerem Hudaýyň habaryna üns bermeýän adamlara, Nuhuň günlerindäki bolan waka gowy duýduryş (Matta 24:39).

11 Şu günler Hudaýyň gullukçylarynyň duýduryşyny ýaňsa alýanlar, olaryň äsgermezlik etmeginiň nämä eltjekdigine düşünmeli. Ýaňsylaýjylar babatda Petrus resul şeýle diýdi: «Olar gökleriň Hudaýyň sözi arkaly gadymdan bäri bardygyndan, ýeriň suw arkaly suwdan döräninden bilgeşleýin gapyldyr. Ýöne ol wagtky dünýä şol suwda hem gark bolup heläklenipdi. Ýöne welin, häzirki gökler, ýer Onuň sözi bilen ot üçin goralyp, höküm gününe, hudaýsyz adamlaryň heläk boljak gününe çenli saklanýar» (2 Petrus 3:3—7).

12 Nuh we onuň maşgalasy bolsa başga ýoly saýlady. «Iman arkaly Nuh entek görülmedik wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Hudaýdan gorkup, içerisiniň gutulmagy üçin bir gämi ýasady». Nuh duýduryşa üns berip, maşgalasyny halas etdi (Ýewreýler 11:7). Geliň, Hudaýyň duýduryşyny çalt eşideliň we onuň sözüni ýerine ýetireliň (Ýakup 1:19, 22—25).

13, 14. a) Näme üçin «Ýehowa wepaly bolmak» wajyp? b) Ýehowa «Küýzegärimiz» bizi özgerder ýaly, näme etmeli?

13 Hudaýa wepaly bolmak. Ýaşar ýaly, ýaşaýşy saýlamak üçin Hudaýy söýmekden we onuň sözüne gulak asmakdan başga-da «Ýehowa wepaly bolmaly», ýagny onuň islegini berjaý etmeli. Isa: «Siz çydamak bilen, janyňyzy halas edersiňiz» diýdi (Luka 21:19). Aslyýetinde, biziň saýlan ýolumyz ýüregimiziň nähilidigini görkezýär. Süleýmanyň tymsallary 28:14-de şeýle diýilýär: «Mydama Hudaýdan gorkýan adam nähili bagtly! Ýüregini gataldýana bolsa bela ýolugar». Müsür patyşasy Faraonyn mysalyndan sapak edinse bolýar. Müsürde bolan her bir on jezadan soň, Hudaýdan gorkmagyň deregine Faraonyň ýüregi gatady. Ýehowa Faraony özdiýenli bolmaga mejbur etmedi, ol oňa saýlamaga ýol berdi. Näme-de bolsa, Hudaýyň islegi amala aşdy. Ýehowanyň Faraona bolan garaýşy babatda Pawlus resul şeýle diýdi: «Men gudratymy sende görkezip, adym bütin ýer ýüzünde yglan bolsun diýip, seni galdyrdym» (Rimliler 9:17).

14 Ysraýyllylar Faraonyň gulçulygyndan azat bolandan bir näçe asyr geçen soň, Işaýa pygamber şeýle yglan etdi: «Ýehowa — sen biziň Atamyz. Biz toýun, sen bolsa Küýzegär; biziň ählimiz seniň elleriň işi» (Işaýa 64:8). Özbaşdak okuw arkaly we Mukaddes Ýazgylary durmuşymyzda ulanyp, bizi özgertmäge Ýehowa ýol bersek, kem-kemden täze ýaradylyşy geýineris. Biz Ýehowa ýürekden ýaranyp, has ýumşak bolýarys, bu bolsa Hudaýa ýakynlaşmaga kömek edýär (Efesliler 4:23, 24; Koloseliler 3:8—10).

«Bu barada gürrüň ber»

15. Kanunyň gaýtalanyşy 4:9-da Musa pygamber ysraýyllylara nähili iki borjy barada ýatlatdy?

15 Ysraýyl halky Wada edilen diýara entek girmänkä, Musa olara şeýle diýdi: «Gözüň bilen gören, bar zatlaryňy unutmaz ýaly, bularyň barysy ömür boýy ýüregiňde galar ýaly, seresap bolup, janyňy gora. Bu barada ogullaryňa we agtyklaryňa gürrüň ber» (Kanunyň gaýtalanyşy 4:8, 9). Hudaýyň berekedini we Wada edilen diýaryny almak bilen, Hudaýyň öňünde ysraýyllylaryň etmeli iki borjy bardy. Olar gözleri bilen gören Ýehowanyň gudratlaryny unutmaly däldi we özünden soňky nesline öwretmelidi. Şu günlerem Hudaýyň halky «ýaşar ýaly, ýaşaýşy saýlamak» üçin şonuň ýaly işleri etmeli. Ýehowanyň biziň üçin nämeler edendigini gözümiz bilen görýärismi?

16, 17. a) Gilead mekdebini gutaranlar wagyz işini nädip goldaýarlar? b)  Wagyz işini yhlasly goldaýanlaryň mysallaryny getir.

16 Wagyz we şägirt taýýarlamak işini Ýehowanyň patalaýandygyny görüp, biz begenýäris. 1943-nji ýylda Gilead Mekdebi açylandan bäri missionerler köp ýurtlarda şägirt taýýarlamak işine baştutanlyk edýärler. Şondan bäri şol mekdebiň ilkinji uçurymlary gartaşan ýaşyna we erbet saglygyna garamazdan, yhlasly wagyz edýärler. Ine, Gilead mekdebini 1944-nji ýylda gutaran Meri Olson atly uýamyz gowy görelde görkezýär. Ilki ol missioner bolup Urugwaýda, soňra Kolumbiýada, häzir bolsa Puerto-Rikode gulluk edýär. Uýamyz Olson gartaşanlygy sebäpli, saglygy onçakly gowy bolmasa-da, yhlasly wagyz edýär. Ol ispan dilini bileni üçin, ýerli wagyzçylar bilen wagza çykar ýaly, her hepdesini planlaşdyrýar.

17 Uýamyz Nensi Porter Gilead mekdebini 1947-nji ýylda gutardy, häzir ol dul galsa-da, Bagam adalarynda yhlasly wagyz edýär. Nensi özi barada gürrüň berip, şeýle diýýär: «Adamlara Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwretmek maňa şatlyk berýära. Şeýle tertip-düzgün ünsümi gulluga gönükdirmäge we durmuşymy durnukly etmäge kömek edýär». Nensi ýaly wepaly gullukçylar geçmişini ýatlap, Ýehowanyň eden zatlaryny unutmaýarlar. Biz barada näme diýse bolar? Biziň ýaşaýan ýerimizde Ýehowanyň wagyz işini patalaýandygyna biz minnetdarmy? (Zebur 68:11).

18. Missionerleriň durmuşy barada okap, biz näme öwrenip bileris?

18 Köp ýyl gulluk eden dogan-uýalarymyz entegem Ýehowa üstünlikli gulluk edýändiklerine biz begenýäris. Olaryň durmuşy barada okap ruhlanýarys, çünki Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna edýän zatlaryny görüp, Ýehowa gulluk etmegi berk ýüregimize düwýäris. Sen «Garawul diňi» žurnalynda şeýle makalalary yzygiderli okap, oýlanýarmyň?

19. Mesihçi ata-eneler «Garawul diňi» žurnalyndaky doganlaryň göreldesini nädip peýdaly ulanyp bilerler?

19 Musa pygamber ysraýyllylara Ýehowanyň eden ähli zatlaryny unutmazlygy we bütin ömrüniň dowamynda ýüreginde saklamagy ýatlatdy. Galyberse-de: «Bu barada ogullaryňa we agtyklaryňa gürrüň ber» diýdi (Kanunyň gaýtalanyşy 4:9). Adamlaryň durmuşy barada okamak täsirli. Ýaşlara bolsa gowy görelde gerek. Durmuşa çykmadyk uýalar «Garawul diňi» žurnalynda çap edilen, Ýehowa wepaly uýalaryň mysallaryndan özlerine sapak edinip bilerler. Dogan-uýalar öz ýurdunda başga dilde gürleýän ýerlerde wagyz edip, gulluk etmegini giňeltdiler. Mesihçi ata-eneler, çagalaryňyz doly wagtly gullugy saýlar ýaly, Gilead mekdebini gutaran missionerleriň we beýleki doganlaryň göreldesine olaryň ünsüni çekseňiz gowy bolmazmy?!

20. Biz «Ýaşaýşy saýlar ýaly» näme etmeli?

20 Biziň her birimiz nädip «ýaşaýşy saýlap» bileris? Ýehowa söýgimizi bildirmek üçin ajaýyp sowgady, erkinligi ulanyp, mümkinçiligimiz barka doly wagtly gulluk eder ýaly, elimizden gelenini etmeli. Çünki, Musa pygamber Ýehowa «ýaşaýyş we uzak ömür berýär» diýdi (Kanunyň gaýtalanyşy 30:19, 20).

a «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 2001-nji ýylyň Oguz (Iýun) aýynyň 1-ne çykan sanynyň 23—27 sah. «Ýürege dert salýan ýitgä garamazdan, şadyýan we minnetdar» diýen makala seret.

Ýadyňyzdamy?

• Saýlamak baradaky mysallardan biz näme öwrenip bileris?

• «Ýaşaýşy saýlasak», biz näme etmeli?

• Biziň nähili iki borjumyz bar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş