Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 1/9 sah. 13—16
  • Zebur kitabynyň bäşinji bölüminden peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Zebur kitabynyň bäşinji bölüminden peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWANYŇ MERHEMETI BAGTLY EDÝÄR
  • (Zebur 107:1—119:176)
  • Kynçylyklara garamazdan biz bagtly
  • (Zebur 120:1—145:21)
  • «Rebbe sena ediň!»
  • Zebur kitabynyň birinji bölüminden peýdaly pikirler.
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Zebur kitabynyň üçünji we dördünji bölüminden peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan aýdymlar
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Zebur kitabynyň ikinji bölüminden peýdaly pikirler.
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 1/9 sah. 13—16

Ýehowanyň Sözi diri

Zebur kitabynyň bäşinji bölüminden peýdaly pikirler

BAÝ adam şeýle diýip biler: «Ogullarymyz ýaşlykda timarlanan nahallar kimin össün, gyzlarymyz hem köşgüň haşamly burç daşlary ýaly bolsun. Ammarlarymyz dürli nygmatdan doly... örülerimizde sürülerimiz müňlerçe [bolsun]». Onsoňam, baý adamlar: «Şeýle ýagdaýdaky halk nähili bagtly!» diýip biler. Emma mundan tapawutlylykda mezmurçy bolsa: «Hudaýy Reb bolan halk nähili bagytly!» diýýär (Zebur 144:12—15). Eýsem, başgaça bolup bilermi? Ýehowa — bagtly Hudaý, şonuň üçin oňa sežde edýänler hem bagtly (1 Timoteos 1:11). Bu sözleriň hakykatdygy Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan Zebur kitabyň soňky bölüminden, ýagny 107—150-nji mezmurlaryndan görse bolýar.

Zebur kitabynyň bäşinji bölüminde Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hem-de onuň merhemeti, dogruçyllygy we ýagşylygy beýan edilýär. Hudaýyň häsiýetleri barada näçe köp bilsek, şonçada oňa bolan söýgimiz we gorkymyz artar. Bu bolsa biziň bagtly bolmagymyza ýardam eder. Zebur kitabyň bäşinji bölüminde gör, nähili gymmatly pikirler bar! (Ýewreýler 4:12).

ÝEHOWANYŇ MERHEMETI BAGTLY EDÝÄR

(Zebur 107:1—119:176)

Babyl ýesirliginden gaýdyp gelen ýehudylar: «Olar merhemeti üçin, adam ogullaryna bolan ajaýyp işleri üçin Rebbe şükür etsinler!» diýip, nagma aýdýar (Zebur 107:8, 15, 21, 31). Dawut pygamber Hudaýy şöhratlandyryp: «Hakykatyň bulutlara ýetýändir» diýýär (Zebur 108:4). Indiki mezmurda ol begenç bilen: «Ýa Reb, Hudaýym, maňa ýardam et, merhemetiňe laýyklykda meni gutar» diýýär (Zebur 109:18, 19, 26). 110-njy mezmurda Mesihiň hökümdarlygy barada pygamberlik edilýär. Mezmur 111:10-da: «Rebden gorkmak paýhasyň başlangyjydyr» diýilýär. Indiki 112:1-nji mezmura laýyklykda: «Rebden gorkýan... nähili bagtly!» diýilýär.

113—118-nji mezmurlar Hallel ýa-da «sena edilýän mezmurlar» diýilýär, sebäbi bu jümle «Rebbe sena ediň» ýa-da «Ýehowa sena ediň!» diýip gaýtalanýar. III asyrda ýazylan Mişna atly kitaba görä, bu nagmalar ýehudylaryň Pashada we ýylda üç gezek geçirilýän beýleki baýramçylyklarynda aýdylýardy. 119-njy mezmur Zebur kitabynyň iň uly mezmurlarynyň we baplarynyň biri bolup, Ýehowanyň sözlerini şöhratlandyrýar.

Sowallaryň jogaby:

109:23 — Dawut: «Süýnen kölege kimin geçdim» diýende, nämäni göz öňünde tutdyka? Dawut ölüminiň öň ýanynda şeýle şahyrana sözler bilen duýgusyny aýtdy (Zebur 102:11).

110:1, 2 — «[Dawudyň] Rebbi», Isa Mesih Hudaýyň sagynda oturyp näme etdi? Isa direlip göge galansoň, tä 1914-nji ýylda Patyşa hökmünde tagta geçýänçä, Hudaýyň sagynda garaşdy. Şol wagta çenli Isa mesh edilen mesihçilere wagyz we şägirt taýýarlamak işinde görkezme berip ýolbaşçylyk etdi hem-de olary Patyşalygynda bile höküm sürmäge taýýarlady (Matta 24:14; 28:18—20; Luka 22:28—30).

110:4 — Ýehowa näme diýip «ant içip, dänmez»? Bu ant Ýehowanyň Isa Mesih bilen baglaşan ähtini ýa-da ylalaşygyny aňladýar. Ýehowa Isany Patyşa hem Ruhany edip belledi (Luka 22:29).

113:3 — Ýehowanyň ady nädip «gün dogup, ýaşýança» şöhratlandyrylmalydy? Bu sözler Hudaýy diňe bir topar adamyň her gün şöhratlandyrmagyny aňladanok. Gün gündogarda dogup, günbatarda ýaşýança, onuň şöhleleri bütin ýer şaryny ýagtylandyrýar. Şonuň ýaly Ýehowany hem bütin ýer ýüzünde şöhratlandyrýarlar. Guramaçylykly tagalla edilmese muny edip bolmazdy. Ýehowanyň Güwäçileri hökmünde biz Hudaýy şöhratlandyrmagy hormat saýýarys we Patyşalyk baradaky habary yhlasly wagyz edýäris.

116:15 — «Takwalarynyň ölümi Rebbiň nazarynda [nä derejede] gymmat»? Ýehowa gullukçylaryny şeýle gymmatly saýýar welin, olaryň toparlaýyn ölümini uly ýitgi hasaplaýar. Eger Ýehowa olaryň ölümine ýol beren bolsady, onda duşmanlarynyň özünden güýçlüdigini aňladardy. Galyberse-de, ýer ýüzünde täze dünýäniň düýbüni tutmaga hiç bir adam galmazdy.

119:71 — Muşakgatyň näme ýagşylygy bar? Kynçylyklarda Ýehowa has köp bil baglamagy, ýürekden doga etmegi we Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, şol boýunça ýaşamagy öwrenýäris. Mundan başga-da synaglara garaýşymyz kemçiliklerimizi ýüze çykaryp, olary düzetmäge kömek eder. Eger synaglarda özümizi düzetmesek, ýüregimiziň gatamagyna ýol bereris.

119:96 — «Kämilligiň çäklidigi» näme diýmegi aňladýar? Mezmurçy kämillik barada adamyň garaýşy boýunça aýdýar. Ol kämillik barada adamyň garaýşynyň çäklidigini görkezýän bolmaly. Adamlaryň garaýşyndan tapawutlylykda, Hudaýyň tabşyryklarynyň çägi ýok. Ol durmuşyň ähli çäklerinde görkezme berýär.

119:164 — Hudaýa «günde ýedi gezek sena etmek» nämäni aňladýar? Ýedi san dolulygy aňladýar. Şonuň üçin mezmurçy Ýehowanyň bütinleý şöhrata mynasypdygyny görkezýär.

Biziň üçin sapak:

107:27—31. Armageddon başlanda dünýäniň akyldarlygy «uçar» (Ylham 16:14, 16). Bu akyldarlyk hiç kimi halas edip bilmez. Diňe Ýehowanyň merhemetini şöhratlandyrmak üçin, ony Halasgär hökmünde çagyrýanlar gutular.

109:30, 31; 110:5. Esgeriň gylyçly sag elini çep elindäki galkan doly gorap bilmeýär. Göçme manyda aýdylan bu sözler, Ýehowanyň öz gullukçylary üçin «sagynda durup» söweşýändigini görkezýär. Şeýdip, ol gullukçylaryny gorap, olara kömek edýär. Ýehowa «köp şükür etmäge» gör, nähili ajaýyp mümkinçilik!

113:4—9. Ýehowanyň şeýle «belentdigi» üçin, hatda göklere seredende-de «kiçelmeli» bolýar. Emma ol garyba, mätäje hem-de çagasy bolmaýan aýala rehimdarlyk bildirýär. Älemiň Hökümdary Ýehowa kiçigöwünli we ol gullukçylarynyňam şeýle bolmagyny isleýär (Ýakup 4:6).

114:3—8. Ýehowanyň Gyzyl deňzinde, Iordanda we Sinaý dagynda öz halky üçin eden ajaýyp işleri bize güýçli täsir etmeli. «Ýer» hökmünde görkezilen adamzat Hudaýa hormat goýup, onuň öňünde «titremeli».

119:97—101. Hudaýyň Sözi bize has paýhasly, düşgür we düşünjeli bolmaga kömek edip, ruhy taýdan goraýar.

119:105. Hudaýyň Sözi aýaklarymyza çyra, çünki ol bize kynçylyklara hötde gelmäge kömek edýär. Şeýle-de ýolumyza nurdur, sebäbi Hudaý niýetleri barada öňünden aýdýar.

Kynçylyklara garamazdan biz bagtly

(Zebur 120:1—145:21)

Biz nädip synaglara we kynçylyklara hötde gelip bileris? Bu soraga 120—133-nji mezmurlar jogap berýär. Biz Ýehowanyň kömegi bilen kynçylyklaryň hötdesinden gelip, şatlygymyzy ýitirmeýäris. Bu zyýarat nagmalaryny ysraýyllylar her ýylky baýramçylyklary geçirmek üçin Iýerusalime baranda aýdýardylar.

135-nji we 136-njy mezmurlarda Ýehowanyň özüne ýaraýan ähli zady ýerine ýetirýändigi üçin, ol jansyz butlardan has tapawutlandyrylyp görkezilýär. 136-njy mezmuryň her aýadynyň ikiji bölümi birinji bölümine jogap görnüşinde düzülen. Indiki mezmurda ýesirlikdäki ýehudylaryň Sionda Ýehowa sežde etmegi küýsäp, ýürekden edýän gynanjy beýan edilýär. 138—145-nji mezmurlary Dawut ýazýar. Ol Ýehowa ýürekden şükür edýär. Näme üçin? Dawut: «Men... täsin tärde ýaradylypdyryn» diýýär (Zebur 138:1; 139:14). Indiki bäş mezmurda Dawut zalym adamlardan goramagy, adalatly höküm çykarmagy, yzarlamalardan halas etmegi hem-de görkezme bermegi Hudaýdan dileýär. Ol Ýehowanyň halkynyň bagtlydygyny belläp geçýär (Zebur 144:15). Hudaýyň beýikligini we ýagşylygyny şöhratlandyryp, şeýle diýýär: «Meniň agzym Rebbiň senasyny aýdar; ähli adamzat Onuň mukaddes adyna mydama alkyş eder».

Sowallaryň jogaby:

122:3 — Iýerusalim haýsy manyda «ýygjam şäher»? Beýleki gadymy şäherlerde bolşy ýaly, Iýerusalimde-de jaýlar bir-birine ýakyn gurulýardy. Şäheriň uly bolmandygy üçin ony goramak aňsatdy. Şeýle-de jaýlaryň ýakyn gurulmagy gerek wagtynda ýaşaýjylaryň bir-birini goldap, goramagyna kömek edýärdi. Ysraýylyň 12 taýpasy sežde etmek üçin ýygnananda, bu olaryň ruhy taýdan agzybirdigini görkezýärdi.

123:2 — Näme üçin bu ýerde hyzmatkärleriň gözleri barada aýdylýar? Hyzmatkärler we kenizler hojaýynyň ýa-da bikesiniň eline iki sebäp bilen gözlerini dikip bilýärdiler. Birinjiden, hojaýynyň ýa-da bikesiniň islegine düşünmek üçin, ikinjiden, goranmak we ýaşaýşa gerek zatlary almak üçin seredýärdi. Şonuň ýaly bizem Ýehowanyň islegine düşünmek we onuň razylygyny almak üçin oňa ýüz tutýarys.

131:1 — Dawut Haýsy manyda «janyny ejesiniň gujagynda süýtden kesilen çaga kimin köşeşdirýärdi»? Süýtden kesilen çaganyň ejesiniň elinde köşeşmegi öwrenişi ýaly, Dawut hem ten höweslerini jylawlamagy öwrendi. Nädip? Ol tekepbirlik etmedi, gözleri badyhowalyk bilen garamady we uly işleriň yzynda ylgamady. Ol özüne şöhrat gazanjak bolman, gaýtam, öz çägini bilip, kiçigöwünli alyp bardy. Bizem ylaýta-da ýygnakda haýsydyr bir jogapkärçiligi almak islänimizde, şeýle garaýyşda bolsak paýhasly bolardy.

Biziň üçin sapak:

120:1, 2, 6, 7. Töhmet atmak hem-de hileli sözler adamyň ýüregini agyrdýar. Diýjek sözümize ünsli bolsak, parahatçylygyň tarapdarydygymyzy görkezýäris.

120:3, 4. «Hileli dilli» adama sabyrly bolar ýaly, Ýehowanyň öz wagtynda hemme zady ýerbe-ýer etjekdigini bilmek teselli berýär. Töhmetçi adam «güýçliden» almytyny alar. Olar «otly köze», ýagny Ýehowanyň ýakýan hökümine sezewar bolarlar.

127:1, 2. Ähli zatda Ýehowanyň görkezmesini agtarmaly.

133:1—3. Ýehowanyň halkynyň agzybirligi parahatlyk, dynçlyk berýär we oňat täsir edýär. Biz igenip, dawa edip hem-de nägilelik bildirip agzalalyk döretmeli däl.

137:1, 5, 6. Ýehowa sežde edýän ýehudylar ýesirlikde-de, Siona ýagny Hudaýyň ýer ýüzündäki guramasyna wepalydy. Eýsem, biz barada näme diýip bolar? Ýehowanyň şu günki guramasyna ýakynlaşyp, wepalylygymyzy artdyrýarysmy?

138:2. Ýehowa öz adynyň hatyrasy üçin beren wadasyny ýerine ýetirip, biziň ähli tamalarymyzdan üstün çykyp, öz sözüni hemme beýik atlardan beýgelder. Bize, dogrudanam, ajaýyp gelejek garaşýar.

139:1—6, 15, 16. Ýehowa biziň ýagdaýymyzy, pikirimizi hem-de näme diýjegimizi aýtmankak bilýär. Ol bizi heniz ejemiziň göwresinde düwünçek bolanymyzdan bäri bilýär. Hudaý baradaky bilime oňat düşünmeklik biziň her birimiz üçin «örän ajaýyp». Ýehowa biziň kynçylyklarymyzy diňe bir görmän, eýsem onuň bize nähili täsir edýändigine düşünýändigi, gör, nähili teselli berýär!

139:7-12. Biz nirede bolsagam, hemme ýerde Ýehowa bize güýç berýär.

139:17, 18. Ýehowa baradaky bilim janyňyza hoş ýakýarmy? (Süleýmanyň tymsallary 2:9—11). Eger ýakýan bolsa, biz tükenmez şatlyk taparys. Ýehowanyň pikirleri «çägeden köp». Biz Ol barada hemişe öwrenip bileris.

139:23, 24. Ýehowanyň bizi synap, «erbet ýoldan» ýagny, nädogry pikirlerden, isleglerden we höweslerden gaça durmaga kömek eder ýaly bizde isleg bolmaly.

143:4—7 Biz nädip agyr kynçylyklarda-da çydap bileris? Mezmurçy bize şeýle maslahat berýär: Ýehowanyň eden işleri barada oýlanyň, pikir alşyň we kömek üçin oňa doga ediň

«Rebbe sena ediň!»

Zebur kitabynyň dört bölüminiň her biri Ýehowa sena ediň diýen jümle bilen gutarýar (Zebur 41:13; 72:19, 20; 89:52; 106:48). Ahyrky bölümi-de şeýdip gutarýar. Zebur 150:6-da şeýle diýilýär: «Dem alýan ähli jemende Rebbe sena etsin. Rebbe sena ediň!». Bu Hudaýyň täze dünýäsinde ýerine ýeter.

Şol şatlykly wagta sabyrsyzlyk bilen garaşyp, hak Hudaýy şöhratlandyrmaga we onuň adyna öwgi aýtmaga bizde sebäp bar. Ýehowany bilýändigimiz üçin onuň bilen ýakyn gatnaşykdadygymyz we bagtlydygymyz barada oýlansak, minnetdarlyk bilen ony çyn ýürekden şöhratlandyrmaga bizi höweslendirmezmi?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş