Jynlara garşy durmaga bize näme kömek eder?
«Ol [Hudaý] öz mertebelerini saklaman, mesgenlerini terk eden perişdeleri hem ebedi zynjyrlar bilen baglap, tümlük astynda magşar günüň hökümine saklady» (ÝAHUDA 6)
1, 2. Şeýtan Iblis we jynlar barada nähili soraglar ýüze çykýar?
PETRUS resul «hüşgär boluň, oýanyň; ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir» diýip duýdurdy (1 Petrus 5:8). Jynlar barada Pawlus resul bolsa şeýle diýdi: «Men siziň jynlar bilen şärikçilik etmegiňizi islämok. Siz hem Rebbiň käsesinden, hem jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz; siz hem Rebbiň saçagyna, hem jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz» (1 Korintoslylar 10:20, 21).
2 Şeýtan Iblis we jynlar kim? Olar nädip we haçan peýda boldy? Olary Hudaý ýaratdymy? Adamlara edýän täsiri güýçlümi? Olardan özümizi nädip gorap bileris?
Şeýtan Iblis we jynlar nädip peýda boldy?
3. Hudaýyň perişdelerinden biri nädip Şeýtan Iblis boldy?
3 Adamzat taryhynyň başlangyjynda Erem bagynda bir perişde Hudaýa garşy pitne turuzdy. Näme üçin? Ol Ýehowanyň gökdäki guramasynda berlen wezipesiniň gadyryny bilmedi. Adam ata bilen How ene ýaradylanda, olary özüne sežde etdirmek üçin hak Hudaýdan ýüz öwürtdi. Bu perişde Hudaýa garşy pitne turzup, ilkinji adamzady günä iterdi. Şeýdip, ol Şeýtan Iblis boldy. Wagtyň geçmegi bilen başga perişdeler hem onuň tarapyna geçdiler. Nädip? (Barlyk 3:1—6; Rimliler 5:12; Ylham 12:9).
4. Nuhuň tupanyndan öň, pitneçi perişdeler özüni nähili alyp bardylar?
4 Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Nuhuň tupanyndan öň, käbir perişdeler ýer ýüzündäki owadan aýallara üns berdiler. Erbet niýetli «Hudaý ogullary adam gyzlarynyň owadandygyny gördüler we bütin seçenlerinden özlerine aýal aldylar» diýip, Mukaddes Ýazgylarda aýdylýar. Bu gatnaşyk nädogrudy, netijede, olardan ägirt uly adamlar dünýä indi (Barlyk 6:2—4). Bu perişdeler Hudaýa gulak asman Şeýtanyň Ýehowa garşy turzan pitnesine goşuldylar.
5. Ýehowa tupan turzanda pitneçi perişdelere näme boldy?
5 Ýehowa tupan turzanda ägirt pälwanlar we olaryň eneleri heläk boldy. Pitneçi perişdeler bolsa adam tenini taşlap, göge gaýdyp bardylar. Emma olar Hudaýyň öňündäki «mertebelerini» ýitirdiler. Olar «tümlük astynda magşar günüň hökümine saklanýarlar» (Ýahuda 6; 2 Petrus 2:4).
6. Jynlar adamlary nädip aldaýar?
6 Zalym perişdeler özüniň «mertebelerini» ýitirende, arwah-jyn boldular. Şondan bäri olar Şeýtanyň erbet niýetlerini goldaýarlar. Indi jynlar ynsan tenine girip bilmeýär. Emma olar adamlary jynsy azgynlyga iterip bilýär. Şeýle-de jynlar dogalamak, porhanlyk we arwahlaryň araçylary arkaly jadygöýlügiň dürli görnüşlerini ulanyp adamlary aldaýarlar (Kanunyň gaýtalanyşy 18:10—13; 2 Taryhlar 33:6). Zalym perişdeler hem Iblis ýaly ebedilik ýok ediler (Matta 25:41; Ylham 20:10). Şol döwre çenli biz olara bar güýjümiz bilen garşy durmaly. Şonuň üçin Şeýtanyň nähili güýçlüdigine, oňa we onuň jynlaryna nädip garşy durup biljekdigimize seretmek paýhasly bolar.
Şeýtan nähili güýçli?
7. Şeýtan dünýäniň üstünden nähili hökümdarlyk edýär?
7 Bütin taryhyň dowamynda Şeýtan Ýehowa töhmet atýar (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Ol köp adamlara täsirini ýetirdi. 1 Ýahýa 5:19-da «bütin dünýä... iblisiň goly astynda» diýilýär. Şonuň üçin Iblis Isa «dünýäniň bütin patyşalyklarynyň» ygtyýaryny we şöhratyny hödürledi (Luka 4:5—7). Pawlus resul Şeýtan barada şeýle diýdi: «Biziň Hoş Habarymyz perdeli-de bolsa, heläk bolanlar üçin perdelidir. Hudaýyň keşbi bolan Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nury olary ýagtylandyrmasyn diýip, bu dünýäniň taňrysy imansyzlaryň akyllaryny küteldendir» (2 Korintoslylar 4:3, 4). Şeýtan «ýalançy, ýalanyň atasy» bolsa-da, ol «nur perişdesiniň keşbine girýär» (Ýahýa 8:44; 2 Korintoslylar 11:14). Ol ynsan hökümdarlaryň we olara tabyn adamlaryň akyllaryny küteldýär. Ol öz pikirini adamlaryň düşünjesine ornaşdyryp, olary ýalan maglumatlar we dini rowaýatlar arkaly aldaýar.
8. Mukaddes Ýazgylarda Şeýtanyň täsiri barada näme diýilýär?
8 B. e. öň V asyrda Daniýel pygamberiň döwründe Şeýtanyň täsiri we onuň güýji barada aýdylýar. Ýehowa Daniýeliň ýanyna ruhlandyryjy habar bilen bir perişdäni iberende, oňa «Pars patyşalygynyň [ruhy] şazadasy» garşy durýar. «Baş perişde Mikaýyl» kömege gelýänçä, bu wepaly perişdäni ol 21 günläp goýbermän saklaýar. Şeýle-de onda «Grek patyşalygynyň [jyny] şazadasy» barada aýdylýar (Daniýel 10:12, 13, 20). Ylham 13:1, 2-nji aýatlarda Şeýtan «aždarha» diýip atlandyrylyp, syýasy janawara «öz güýjüni, tagtyny we uly ygtyýaryny berdi» diýilýär.
9. Mesihçiler kime garşy göreşýär?
9 Şoňa görä Pawlus resulyň şeýle sözleri ýazandygy geň galdyrmaýar: «Biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr» (Efesliler 6:12). Şu günler jynlar Şeýtan Iblisiň gol astynda göze görünmän ynsan hökümdarlaryny we adamlary genosid etmäge (haýsy-da bolsa bir milleti, jynsy gyrmaga), terrorçylyga, adam öldürmäge iterýär. Geliň, zalym ruhlara nädip garşy durup bolýandygyna seredeliň.
Jynlardan nädip goranyp bileris?
10, 11. Şeýtana, onuň zalym perişdelerine nädip garşy durup bileris?
10 Biz öz akylymyza ýa-da güýjümize daýanyp, Şeýtana, onuň zalym perişdelerine garşy durup bilmeris. Pawlus bize: «Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň» diýip maslahat berýär. Biz kömek üçin Hudaýa ýüzlenmeli. Pawlus dowam edip: «Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň... ýaman günde garşylyk görkezmegi, zerur bolan her zady edeňizden soň, ýeriňizde durmagy başarar ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny ele alyň» (Efesliler 6:10, 11, 13).
11 Pawlus mesihçileri «Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynmaga» iki gezek çagyrýar. «Ähli» diýen söz jynlaryň hüjümine garşy durmak üçin tagalla baryny etmelidigini görkezýär. Jynlara garşy durmak üçin mesihçiler nähili ruhy ýaraglary dakynmaly?
«Ýerimizde durmak» nämäni aňladýar?
12. Mesihçiler hakykat bilen bilini nädip guşamaly?
12 Pawlus şeýle diýýär: «Şeýlelikde, biliňizi hakykat bilen guşap, egniňize dogrulyk sowudyny geýip... ýeriňizde duruň» (Efesliler 6:14, 15). Bu ýerde iki ýarag, ýagny guşak we sowut agzalýar. Esger bilini (bykynyny, gapyrgasyny, garnyny) gorap, agyr gylyjyny götermek üçin guşagyny berk guşamaly. Göçme manyda Mukaddes Ýazgylardaky hakykat bilen berk guşanyp, şol boýunça ýaşamaly. Bizde Mukaddes Ýazgylary okamagyň gün tertibi barmy? Ony bütin maşgalamyz bilen okaýarysmy? Maşgalamyz bilen her günki aýady ara alyp maslahatlaşýarysmy? «Sadyk hem akylly hyzmatkäriň» taýýarlan edebiýatyny okap, düşünjämiz hakykatyň ösüşine görä artýarmy? (Matta 24:45). Şeýle etsek Pawlusyň maslahatyna eýerýändigimizi görkezýäris. Mundan başga-da ruhy taýdan görkezme berýän wideo kassetalar we DVD-ler bar. Hakykatda berk dursak, paýhasly karara gelip, nädogry ýoldan ýöremeris.
13. Göçme manydaky ýüregimizi nädip gorap bileris?
13 Esgeriň sowudy onuň döşüni, ýüregini we beýleki organlaryny goraýar. Mesihçiler Hudaýyň dogrulygyna söýgüsini ösdürip, Ýehowanyň adyl kadalaryny berjaý edip, göçme manydaky ýüregini, ýagny içki şahsyýetini goraýarlar. Göçme manydaky sowut Hudaýyň Sözüniň wajyplygyny pese düşürmekden goraýar. Biz «erbetligi ýigrenip, gowulygy söýýändigimiz» üçin «aýaklarymyzy her hili ýaman ýoldan çekýäris» (Amos 5:15; Zebur 119:101).
14. «Aýaklaryňyza... parahatlyk getirýän Hoş Habary... geýiň» diýen sözler nämäni aňladýar?
14 Rim imperiýasynda ýüzlerçe kilometr ýollary sökmek üçin Rim esgerleriň aýakgaplary berk bolmalydy. «Aýaklaryňyza... parahatlyk getirýän Hoş Habary... geýiň» diýen sözler mesihçiler üçin nämäni aňladýar? (Efesliler 6:15). Bu bir iş etmäge taýyn bolmalydygymyzy aňladýar. Biz her bir amatly pursatda Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmäge taýyn (Rimliler 10:13—15). Gullugymyzda yhlasly bolsak, Şeýtanyň «hilelerinden» gorar (Efesliler 6:11).
15. a) Mesihçileriň iman galkany näme üçin uly bolmaly? b) Imanymyza zyýan ýetirip biljek «otly oklar» nämäni aňladýar?
15 Pawlus şeýle dowam edýär: «Bularyň ählisiniň üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz» (Efesliler 6:16). «Bularyň ählisiniň üstesine-de» diýen sözler asyl nusgada «hemme zatdan öňürti» diýmegi aňladýar we bu ýaragyň wajypdygyny görkezýär. Biziň imanymyzyň gowşak ýeri bolmaly däl. Şonda uly galkan ýaly imanymyz Şeýtanyň «otly oklaryndan» gorar. Bu «oklar» nämäni aňladýar? Ol agyr göwnüňe degmegi, ýalan sözleri, duşmanlaryň hakykaty ýoýmagy we hakykat ýolundan dänenleriň imanymyzy gowşatmagyny aňladýar. Şeýle-de bu «oklar» özüne çekiji dürli zatlary, meselem, täze zatlary satyn almaga bolan güýçli islegi hatda üpjün ýaşaýşyna öwünýän adamlar bilen bäsleşmegi aňladyp biler. Şeýle adamlar kaşaň jaýlary, maşynlary satyn alýarlar we gymmat bahaly şaý-sepleri dakynyp, iň soňky moda boýunça geýinýändigine öwünýärler. Özgeleriň näme edýändigine garamazdan, «otly oklary» gaýtarar ýaly imanymyz berk bolmaly. Biz güýçli imany nädip ösdürip we saklap bileris? (1 Petrus 3:3—5; 1 Ýahýa 2:15—17).
16. Güýçli imany ösdürmäge bize näme kömek eder?
16 Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenip, güýçli doga etsek Hudaýa ýakynlaşmaga kömek eder. Ýehowadan imanymyzy berkitmegini sorap, eden dogamyza görä hereket edip bileris. Mysal üçin, «Garawul diňi» duşuşygynda jogap bermäge öňünden taýýarlanýarysmy? Eger Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary öwrensek, imanymyz güýçli bolar (Ýewreýler 10:38, 39; 11:6).
17. «Gutulyş tuwalgasyny» almak nämäni aňladýar?
17 Pawlus ruhy ýaraglary dakynmaly diýenden soň, şeýle maslahat berýär: «Gutulyş tuwulgasyny, Hudaýyň sözi bolan Ruhuň gylyjyny alyň» (Efesliler 6:17). Tuwalga esgeriň karar kabul edýän merkezi bolan kellesini we beýnisini goraýar. Şonuň ýaly biziň umydymyz akylymyzy goraýar (1 Selanikliler 5:8). Dünýewi maksatlara ýetip, maddy abadançylygy arzuw etmegiň deregine, Isa ýaly pikirimizi Hudaýyň berýän umydyna gönükdirmeli (Ýewreýler 12:2).
18. Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamaga näme üçin sowuk-sala garamaly däl?
18 Hudaýyň Sözi, ýagny Mukaddes Ýazgylardaky habar Şeýtanyň we onuň jynlarynyň täsirinden goramagyň esasy serişdesidir. Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamaga sowuk-sala garamaly däldiginiň ýene bir sebäbi şudur. Hudaýyň Sözündäki çuň bilim bizi Şeýtanyň ýalan sözünden, jynlaryň wagzyndan we hakykatdan dänen adamlaryň zalym hüjüminden goraýar.
«Hemişe... doga ediň»
19, 20. a) Şeýtana we onuň jynlaryna näme garaşýar? b) Bizi ruhy taýdan näme berkidýär?
19 Şeýtanyň, onuň jynlarynyň we zalym dünýäniň ýok ediljek wagty ýakyn. Şeýtan «wagtynyň azlygyny» bilýär. Ol «Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa güwälik edýänler» bilen gazaply uruş alyp barýar (Ylham 12:12, 17). Şonuň üçin Şeýtana we onuň jynlaryna bar güýjümiz bilen garşy durmaly.
20 Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynmaly diýen gerekli maslahata biz örän minnetdar! Pawlus ruhy ýaraglary sanap, soňra şeýle höweslendirýär: «Her hili doga we dileg bilen, hemişe Ruhda doga ediň. Şu maksat bilen bütin mukaddesler üçin ýalbaryp, durnuklylykda hüşgär boluň» (Efesliler 6:18). Doga ruhy taýdan berkidip, hüşgär bolmaga kömek edýär. Geliň, Pawlusyň sözlerini ýürekden kabul edip, hemişe doga edeliň. Şonda biz Şeýtana we onuň jynlaryna garşy durup bileris.
Siz näme öwrendiňiz?
• Şeýtan we onuň jynlary nädip peýda boldy?
• Iblis nähili güýçli?
• Bizi Şeýtandan we onuň jynlaryndan näme goraýar?
• Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynmak nämäni aňladýar?