Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 15/3 sah. 21—25
  • Perişdeler adamlaryň durmuşyna nähili täsir edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Perişdeler adamlaryň durmuşyna nähili täsir edýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Perişdeler nädip peýda boldy?
  • Perişdeler nähili orun tutýar?
  • Mesihiň döwründe perişdeleriň berýän goldawy
  • Perişdeleriň häzirki berýän goldawy
  • Perişdeleriň ýakyn geljekdäki täsir ediji roly
  • Perişdeler — «hyzmatkär ruhlar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Perişdeler kim?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Hudaýyň perişdeleri bize kömek edýär
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Perişde — kömek eder her işde
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 15/3 sah. 21—25

Perişdeler adamlaryň durmuşyna nähili täsir edýär

«Mundan soň uly ygtyýarly başga bir perişdäniň gökden aşak inenini gördüm... Perişde güýçli ses bilen gygyryp şeýle diýdi: “Ýykyldy! Uly Babyl ýykyldy!“» (YLHAM 18:1, 2).

1, 2. Ýehowa islegini amala aşyrmak üçin perişdeleri ulanýandygyny näme görkezýär?

GARTAŞAN Ýahýa resul Patmos adasyna sürgün edilende, oňa pygamberlik görnüş berilýär. Ol «ruhuň» täsiri astynda «Rebbiň gününe» düşüp, ajaýyp wakalary görýär. Ol gün b. e. 1914-nji ýylynda Isa Mesihiň tagta geçeninden, tä Müňýyllyk hökümdarlygyň ahyryna çenli dowam edýär (Ylham 1:10).

2 Ýehowa Hudaý görnüşi Ýahýanyň göni özüne bermän, aýratyn ýol ulandy. Ylham 1:1-de şeýle diýilýär: «Bu Hudaýyň ýakyn wagtda bolmaly zatlary bendelerine görkezmek üçin, Isa Mesihe beren ylhamydyr. Hudaý perişdesini iberip, muny guly Ýahýa aýan etdi». Ýehowa Isa arkaly perişdä tabşyryk berýär, ol «Rebbiň gününde» näme bolmalydygyny Ýahýa habar bermelidi. Şeýle-de Ýahýa «başga bir perişdäniň gökden aşak inenini gördi». Bu perişdä nähili ýumuş tabşyryldy? «Perişde güýçli ses bilen gygyryp şeýle diýdi: «Ýykyldy! Uly Babyl ýykyldy!» (Ylham 18:1, 2). Bu güýçli perişde ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Babylyň ýykylandygy barada yglan etmelidi. Diýmek, Ýehowa islegini amala aşyrmak üçin perişdeleri ulanýandygyna hiç hili şübhe ýok. Hudaýyň isleginde perişdeleriň nähili orun tutýandygyna we biziň durmuşymyza nähili täsir edýändigine jikme-jik seretmezimizden öň, geliň, olaryň nädip peýda bolandygyny bileliň.

Perişdeler nädip peýda boldy?

3. Köp adamlar perişdeler barada nähili nädogry düşünjede?

3 Millionlarça adamlar perişdeleriň bardygyna ynanýarlar. Ýöne perişdeleriň gelip çykyşy barada olaryň köpüsi nädogry düşünjede. Meselem, dindar adamlaryň käbiri dogan-garyndaşymyz ölende, göge Hudaýyň ýanyna gidip, perişde bolýar diýip düşünýärler. Emma Hudaýyň Sözi näme öwredýär? Perişdeler nädip peýda boldy we olar nähili orun tutýar?

4. Mukaddes Ýazgylarda perişdeleriň peýda bolşy barada näme diýilýär?

4 Birinji perişde güýçli we ygtyýarly bolup, baş perişde Mikaýyl diýip atlandyrylýar (Ýahuda 9). Elbetde, bu Isa Mesihdir (1 Selanikliler 4:16). Ençeme ýyl mundan öň, Ýehowa Ýaradyjy hökmünde, ilki bilen, perişde edip Ogluny ýaratdy (Ylham 3:14). Soňra Ýehowa ilkinji Ogly arkaly beýleki perişdeleri ýaratdy (Koloseliler 1:15—17). Perişdeleri ogullary hasaplap, Ýehowa Eýýup ata şeýle sorag berdi: «Men ýeriň düýbüni tutanymda sen niredediň? Eger bilýän bolsaň aýt? ...Onuň burç daşyny kim goýdy? Daň ýyldyzlary begenişip, Hudaýyň ähli ogullary şatlykdan ýaňa gygyryşanda, sen niredediň?» (Eýýup 38:4, 6, 7). Görşümiz ýaly, perişdeleri Hudaý ýaratdy we olar adamlardan has öň peýda boldy.

5. Perişdeleriň guramaçylygy nähili?

5 1 Korintoslylar 14:33-de: «Hudaý tertipsizlik Hudaýy däl-de... parahatlyk Hudaýydyr» diýilýär. Şoňa görä Ýehowanyň ruhy ogullary üç topara bölünýär: 1) seraflar, olar Hudaýyň tagtynyň öňünde gulluk edip, onuň mukaddesligini yglan edýärler we Hudaýyň halkyna ruhy taýdan arassa bolmaga kömek berýärler; 2) kerubiler, olar Ýehowanyň beýikligini tassyklaýarlar; 3) özgeleri bolsa Hudaýyň islegini ýerine ýetirýän perişdelerdir (Zebur 103:20; Işaýa 6:1—3; Ezekiýel 10:3—5; Daniýel 7:10). Bu ruhy ýaradylanlar adamlaryň durmuşyna nähili täsir edýär? (Ylham 5:11).

Perişdeler nähili orun tutýar?

6. Erem bagynda Ýehowa kerubilere nähili tabşyryk berdi?

6 Perişdelere berlen ilkinji tabşyryk barada Barlyk 3:24-de şeýle sözleri okaýarys: «Adamy kowdy we ýaşaýyş agajynyň ýoluny goramak üçin Aden bagynyň gündogarynda Kerubileri we aýlanyp duran ýalynly gylyjy goýdy». Kerubiler Adam ata bilen How ene öýüne, Jennet bagyna girmez ýaly goraýardy. Bu waka adamzat taryhynyň başynda boldy. Şondan bäri perişdeler nähili orun tutýar?

7. «Perişde» sözüniň manysy onuň ýerine ýetirýän ýumuşlarynyň birini bilmäge nädip kömek edýär?

7 Mukaddes Ýazgylarda perişdeler barada takmynan 400 gezek aýdylýar. «Perişde» diýen söz gadymy ýewreý we grek dilinde «habarçy» diýmegi aňladýar. Diýmek, Hudaý adamlar bilen perişdeler arkaly gepleşýär. Makalanyň ilkinji iki abzasynda aýdylyşy ýaly, Ýehowa perişde arkaly Ýahýa resula habaryny ýetirýär.

8, 9. a) Perişdäniň gelmegi Manoahyň we aýalynyň durmuşyna nähili täsir etdi? b) Manoahyň mysalyndan ata-eneler näme öwrenip biler?

8 Hudaý ýer ýüzündäki gullukçylaryny goldamak we ruhlandyrmak üçin hem perişdeleri ulanýar. Meselem, gadymy Ysraýylda kazylar döwründe Manoah we onuň dogurmaýan aýaly çagasynyň bolmagyny isleýärdi. Ýehowa Manoahyň aýalynyň ýanyna perişdesini ýollap, çagasynyň boljakdygyny habar berýär. Biz şeýle sözleri okaýarys: «Ynha, sen göwreli bolup bir ogul dograrsyň. Onuň başyna päki degmesin, çünki ol doglandan Hudaýyň neziri bolar. Ol Ysraýyly filistinleriň elinden halas edip başlar» (Kazylar 13:1—5).

9 Şeýdip, Manoahyň aýaly Şimşon atly ogul dogurýar, ol Mukaddes Ýazgylaryň taryhynda meşhurlyk gazanýar (Kazylar 13:24). Entek çaga dünýä inmänkä, Manoah Hudaýdan perişdäniň dolanmagyny haýyş edip, çaga nädip dogry terbiýe bermelidigini soraýar. Manoah: «Çaga näme etmeli, oňa näme iş etmeli?» diýýär. Ýehowanyň perişdesi näme etmelidigini Manoahyň aýalyna aýdan sözlerini ýene-de gaýtalap aýdýar (Kazylar 13:6—14). Manoah nähili ruhlanandyr! Şu günler perişdeler adamlaryň ýanyna şeýdip gelmeseler-de, mesihçi ata-eneler Manoahdan görelde alyp, çagalaryny Ýehowanyň görkezmesi boýunça terbiýelemäge çalyşýarlar (Efesliler 6:4).

10, 11. a) Elişa we onuň hyzmatkäri Siriýa goşunyny görende, özüni nähili alyp bardylar? b) Biz näme üçin bu waka barada oýlanmaly?

10 Elişa pygamberiň durmuşynda bolan bir waka perişdeleriň nähili kömek berip biljekdigini aýdyň görkezýär. Elişa pygamber şol wagt Ysraýylyň Dotan şäherinde ýaşaýardy. Bir sapar onuň hyzmatkäri irden turup daşara çykanda, atly we arabaly goşunlaryň şäheri gurşap alandygyny görýär. Elişany tutmak üçin Siriýanyň patyşasy güýçli goşun iberýär. Bulary gören Elişanyň hyzmatkäri özüni nähili duýdy? Ol gorkup, howsala düşüp: «Hojaýyn! Indi näme ederis?» diýip gygyrýar. Oňa ýagdaý çykalgasyz ýalydy, emma Elişa jogap berip: «Gorkma, çünki biziň bilen bolýanlar olaryňkydan köpdür» diýýär. Bu sözler nämäni aňladýar? (4 Patyşalar 6:11—16).

11 Elişa gökdäki goşunyň goldamak üçin ýanyndadygyna düşünýärdi. Emma onuň hyzmatkäri hiç zat görmeýär. Şonda «Elişa Hudaýa ýalbaryp: «Ýehowa, onuň gözlerini aç, görsün» diýip doga edýär. Ýehowa hyzmatkäriň gözüni açýar. Şonda ol Elişanyň töweregini gurşap alan daglarda otly atlary we arabalary görýär» (4 Patyşalar 6:17). Hyzmatkär gökdäki güýçli goşuny görýär. Ruhy taýdan düşünjämiz bar bolsa, biz perişdeleriň bardygyna we olaryň ählisi Ýehowanyň, Isa Mesihiň görkezmesi arkaly Hudaýyň halkyna kömek edip, goraýandygyna düşüneris.

Mesihiň döwründe perişdeleriň berýän goldawy

12. Jebraýyl perişde Merýemi nädip rahatlandyrdy?

12 Ysraýylda ýaşaýan Merýem atly gyza nähili goldaw berlendigine seredeliň. Bir gezek ol şeýle habary eşitdi: «Sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň». Hudaýyň iberen Jebraýyl perişdesi bu habary aýtmazyndan öň, oňa şeýle diýdi: «Gorkma, Merýem, sen Hudaýdan merhemet tapdyň» (Luka 1:26, 27, 30, 31). Merýem Hudaýdan merhemet tapandygyny eşidende, gör nähili rahatlanandyr!

13. Perişdeler Isa nädip kömek etdi?

13 Perişdäniň goldaýşy barada ýene bir waka seredeliň. Şeýtan çölde Isany üç gezek synanda, ol oňa garşy durup bildi we şonda «iblis Ony terk edip gitdi. Ine, perişdeler gelip, Oňa hyzmat etdiler» diýip aýdylýar (Matta 4:1—11). Isa ölmezinden öň hem şoňa meňzeş waka boldy. Ol jepaly ýagdaýda dyza çöküp: «Eý Ata! Isleýän bolsaň, bu käsäni Menden geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýip, doga etmäge durdy. Gökden bir perişde Isa görnüp, Ony güýçlendirdi» (Luka 22:42, 43). Şu günler perişdeler bize nädip kömek edýär?

Perişdeleriň häzirki berýän goldawy

14. Biziň günlerimizde Ýehowanyň Güwäçileri nähili yzarlamalara sezewar boldy we netijesi nähili boldy?

14 Ýehowanyň Güwäçileriniň wagyz işiniň şu günki taryhyna seredende, perişdeleriň goldawyny görýärismi? Meselem, Ýehowanyň halky Ikinji Jahan urşy döwründe (1939—1945) we ondan öň, Germaniýada we Günbatar Ýewropada faşistleriň görkezen zulumyna döz geldi. Italiýada, Ispaniýada, Portugaliýada katolikleriň faşistik düzgüninde yzarlamalar has uzaga çekdi. Güwäçiler Sowet Soýuzynda we başga-da sosialistik döwletlerde onlarça ýyllap yzarlamalary başdan geçirdiler. Afrikanyň käbir ýurtlarynda-da Ýehowanyň gullukçylary köp kynçylyk çekdilera. Gruziýada ýaňy ýakynda Hudaýyň halky ýowuz yzarlamalara sezewar boldy. Şeýtan Ýehowanyň Güwäçileriniň işini bes etdirmek üçin ähli güýjüni sarp edýär. Emma muňa garamazdan, olar gurama hökmünde garşylyklara hötde gelip, ruhy taýdan ösmegini dowam edýär. Olaryň synaglara döz gelmeginde perişdeler uly rol oýnady (Zebur 34:7; Daniýel 3:28; 6:22).

15, 16. Bütindünýä wagyz işinde perişdeler Ýehowanyň Güwäçilerini nädip goldaýar?

15 Ýehowanyň Güwäçileri Hudaýyň Patyşalyk baradaky hoş habaryny ýer ýüzünde wagyz etmek we gyzyklanýan adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip, şägirt taýýarlamak işine çynlakaý garaýarlar (Matta 28:19, 20). Emma olar bu tabşyrygy perişdeleriň goldawy bolmasa ýerine ýetirip bilmejekdigini boýun alýarlar. Şonuň üçin olary Ylham 14:6, 7-nji aýatlar ruhlandyrýar. Biz şeýle sözleri okaýarys: «Gögüň ortasynda uçup ýören bir başga perişde gördüm. Bu perişde ýer ýüzünde ýaşaýanlara, her millete we taýpa, her dile we her halka yglan etjek bolup, ebedi Hoş Habary getirýärdi. Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony şöhratlandyryň! Çünki Onuň höküm sagady geldi. Gögi, ýeri, deňzi we suw bulaklaryny Ýaradana sežde ediň!» (Ylham 14:6, 7).

16 Görşümiz ýaly, bütindünýä wagyz işi perişdeleriň goldamagy bilen we olaryň ýolbaşçylygy astynda ýerine ýetirilýär. Ýehowa Güwäçilerini akýürekli adamlara duşurmak üçin perişdeleri ulanýar. Şeýle-de perişdeler arkaly mynasyp adamlary Güwäçilerine duşurýar. Ine, şonuň üçin Ýehowanyň Güwäçileri ruhy taýdan kömege mätäç adamlara köplenç edil wagtynda duşýar, muňa tötänden diýip bolmaz.

Perişdeleriň ýakyn geljekdäki täsir ediji roly

17. Aşurlylara garşy ýekeje perişde çykanda näme boldy?

17 Perişdeleriň ýumşy diňe bir habar ýetirmek ýa-da Ýehowanyň Güwäçilerini goldamak bilen çäklenmeýär. Geçmişde olar arkaly Hudaýyň hökümleri berjaý edildi. Meselem, b. e. öň VIII asyrda Aşur köp sanly goşuny bilen Iýerusalime howp salýar. Ýehowa halkyny nädip gorady? Ol şeýle sözler bilen ynandyrdy: «Men bu şäheri Özüm üçin, gulum Dawut üçin halas ederin we goraryn». Soňra näme bolandygyny Mukaddes Ýazgylar şeýle habar berýär: «Şol gije Hudaýyň perişdesi Aşur goşunyndan ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ir bilen turanda, ölüp ýatan adamlary gördüler» (4 Patyşalar 19:34, 35). Bir perişdäniň güýjüne müňlerçe goşun deň gelip bilmedi!

18, 19. Perişdeler ýakyn geljekde nähili aýratyn roly ýerine ýetirer, bu adamlara nähili täsir eder?

18 Perişdeler ýakyn geljekde Hudaýyň jezasyny ýerine ýetirijiler bolup çykyş ederler. Tizden Isa «oduň ýalnynda güýçli perişdeleri bilen» gelip, «Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary, Özi baradaky Hoş Habara uýmaýanlary jezalar» (2 Selanikliler 1:7, 8). Bu adamlara nähili täsir eder? Hudaýyň Patyşalyk baradaky bütin dünýäde yglan edilýän hoş habara seslenmeýän adamlar heläk bolar. Diňe Ýehowany, onuň dogrulygyny agtarýan pesgöwünli adamlar «Ýehowanyň gazaply gününde... gizlenip» halas bolar (Sefanýa 2:3).

19 Biz Ýehowanyň güýçli perişdelere ýer ýüzündäki gullukçylaryny goldamagy we berkitmegi tabşyrandygyna örän minnetdar. Perişdeleriň Hudaýyň maksadyny ýerine ýetirýändigini bilmegimiz bize hakyky teselli berýär. Emma käbir perişdeler Ýehowa garşy çykyp, Şeýtanyň tarapyna geçdiler. Indiki makalada Şeýtan Iblisiň we onuň jynlarynyň güýçli täsirinden özlerini gorar ýaly, mesihçileriň näme etmelidigine serederis.

a Yzarlamalar barada «Ýehowanyň Güwäçileriniň ýyllyk kitabynda» jikme-jik seredilýär. 1983 (Angola), 1974 we 1999 (Germaniýa), 2006 (Zambiýa), 1978 (Ispaniýa), 1982 (Italiýa), 1999 (Malawi), 1996 (Mozambik), 2004 (Moldowa), 1994 (Polşa), 1983 (Portugaliýa), 2002 (Ukraina) 1972 (Çehoslowakiýa), 2000 (Çeh respublakasy), 1992 (Efiopiýa).

Siz näme öwrendiňiz?

• Perişdeler nädip peýda boldy?

• Mukaddes Ýazgylar döwründe perişdeler arkaly näme edildi?

• Ylham 14:6, 7-nji aýatlara laýyklykda, perişdeler şu günler näme edýär?

• Ýakyn geljekde perişdeler nähili aýratyn roly ýerine ýetirer?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş